Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygyny kabul etdi

Aşgabat, 10-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň salamyny ýetirdi we onuň Türkmenistan bilen köpasyrlyk dostluk, ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanan däp bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi baradaky hoşniýetli sözlerini beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli mübärekläp, özüniň türk kärdeşine iň oňat arzuwlaryny aýdyp, türki döwletler bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň hem-de pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda möhüm orny eýeleýändigini belledi. Şu babatda abraýly halkara we sebitleýin guramalaryň, şol sanda geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň synçy hökmünde giren Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär.

Milli Liderimiz döwletara gatnaşyklar baradaky meselä degip geçip, strategik häsiýetli uzak möhletleýin türkmen-türk hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, dost-doganlyk gatnaşyklary esasynda yzygiderli we işjeň ösdürilýän türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň hemişe özara hormat goýmak, doly düşünişmek we birek-birege ýakyndan goldaw bermek tejribesine eýerýändigi kanagatlanma bilen nygtaldy.

Türkiýede milli Liderimiziň alyp barýan köptaraply işlerine, geçirýän giň gerimli özgertmelerine ýokary baha berýärler we goldaýarlar, şol özgertmeler türkmenistanlylaryň durmuşyny düýpli özgertdi hem-de türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, onuň halkara derejedäki abraýynyň artmagyna kuwwatly itergi berdi. Şeýle hem myhman 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlarynyň Türkmenistana hem-de türkmen halkyna abadançylyk getirmegini arzuw etdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym birek-birege berk jan saglyk hem-de işde üstünlikler gazanmak barada päk arzuwlaryny aýdyp, dostluk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

11.03.2022
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Aşgabat, 10-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk işlerine we beýleki birnäçe meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol kanun çykaryjylyk işleri, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk işleri, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni aýanlyk, açyklyk hem-de raýatlaryň erk-islegleriniň erkin beýan edilmegi ýörelgeleri esasynda geçirmek üçin görülýän çäreler barada maglumat berdi.

Taýýarlyk işleri ugurdaş düzümler bilen bilelikde, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Saýlaw kodeksiniň kadalaryna laýyklykda alnyp baryldy. Syýasy partiýalar we jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde, ýerlerde saýlaw kanunçylygyny hem-de bu möhüm çäräniň syýasy ähmiýetini düşündirmek işleri geçirildi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde hem-de Milli Geňeşiň agzalary bilen geçirilen duşuşykda kesgitlenilen wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Möhüm syýasy çärä — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu çäräniň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, ýerli häkimiýet edaralaryna we saýlaw toparlaryna yzygiderli usulyýet kömegi, saýlawçylaryň arasynda wagyz-düşündiriş işleri ýola goýuldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny guramaçylykly geçirmek boýunça ýurdumyzyň maliýe-ykdysady toplumynyň edaralary tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Öňde boljak taryhy ähmiýetli syýasy çäräni maliýeleşdirmek meseleleri hasabatyň özenini düzdi. Häzirki wagtda döwlet Baştutanynyň saýlawlarynyň ýokary derejede geçirilmegi üçin göz öňünde tutulan çykdajylaryň deslapky sanawy düzüldi. Hususan-da, Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän harajatlar saýlaw býulletenlerini çap etmek, welaýat, şäher we etrap saýlaw toparlary üçin gollanmalary taýýarlamak, dalaşgärler baradaky maglumatlary halk köpçüligine ýetirmek, şeýle hem halkara synçylaryň we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň ýurdumyzda bolmagy bilen bagly çykdajylara gönükdirildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzy ösdürmegiň täze tapgyrynda ýaş ýolbaşçylary döwleti dolandyrmak işine çekmek barada kabul edilen degişli taryhy çözgütlere laýyklykda, giň gerimli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň kadalaryna laýyklykda, Prezident saýlawlarynyň geçiriljek güni bolan 12-nji martda ýaşaýan ýerlerinden uzakda işleýän, gatnaw usulynda zähmet çekýän nebitgaz pudagynyň işgärleriniň 7 müňe golaýynyň saýlawlar güni ses bermegine garaşylýar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça ekişine görülýän taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni guramaçylykly geçirmek maksady bilen, welaýatlarda hem-de Aşgabat şäherinde obasenagat toplumyna degişli ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kärhanalarynda saýlaw uçastoklarynyň 19-sy döredilip, şolarda saýlawlara gatnaşmaga we ses bermäge ähli şertler üpjün edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilýän güni ýurdumyzyň söwda merkezlerini hem-de dükanlaryny dürli azyk önümleri bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.

Şeýle hem häzirki wagtda welaýatlarda pagtaçy daýhanlar tarapyndan gowaça ekişine başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy, bu möwsümi bellenen möhletlerde geçirmek, tehnikalara hyzmat etmek üçin hemme zerur guramaçylyk çäreleriniň görlendigi habar berildi.

Wise-premýer gowaça ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermek hem-de ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmek haýyşy bilen döwlet Baştutanymyza ýüzlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak we pudagy toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwletimiz tarapyndan daýhanlarymyzyň oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda öndürilýän pagta senagat pudagymyz üçin gymmatly çig mal bolup durýar hem-de bu pudagyň ösmegine uly ýardam edýär.

Milli Liderimiz gowaça ekişi möwsüminiň hem golaýlap gelýändigini, onuň pagtaçy daýhanlarymyzyň öňünde örän möhüm wezipedigini belläp, ekişi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny, möwsümde geljekki hasylyň düýbüniň tutulýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylda hem edermen pagtaçylarymyzyň ýurdumyzda «ak altynyň» ýokary hasylyny ösdürip ýetişdirjekdigine hem-de uly zähmet üstünliklerini gazanjakdygyna berk ynam bildirdi. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 23-nji martda, Daşoguz welaýatynda 30-njy martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi hem-de hormatly ýaşulularymyzdan gowaça ekişine «Bismilla!» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

“Topraga sepen her bir tohumyňyz müň bolsun, merdana pagtaçy daýhanlar!” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de ýurdumyzyň edermen pagtaçy daýhanlaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ata-babalarymyzyň bize miras goýan daýhançylyk däplerini dowam etdirip, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän gurluşyk we senagat toplumynyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlaryna taýýarlyk görmek boýunça amala aşyran işleri barada hasabat berdi.

Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde tassyklanan tertibe laýyklykda, dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirildi. Bu wajyp syýasy çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin gurluşyk we senagat toplumynyň edara-kärhanalarynda saýlaw uçastoklarynyň 10-sy döredildi. Olar zerur enjamlar we serişdeler, döwrebap kompýuterler hem-de aragatnaşyk ulgamlary, ýörite usulyýet gollanmalary, ses bermek üçin ýörite gutular bilen üpjün edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Wise-premýer Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň hem-de Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalarda, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda saýlaw uçastoklarynyň 364-siniň gurnalandygyny, saýlawlary ýokary derejede geçirmek üçin hemme şertleriň döredilendigini habar berdi.

Raýatlara söwda we beýleki hyzmatlary hödürlemek boýunça çäreler görülýär. Şeýle hem ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti tarapyndan saýlaw uçastoklarynda “akylly” zyýansyzlandyryş geçelgelerini gurnamak boýunça işler alnyp barylýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa medeniýet ulgamynyň edaralary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny ýokary derejede geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Saýlawlar gününde saýlaw uçastoklarynyň ählisinde ýurdumyzyň meşhur aýdymçylarynyň, tanymal bagşy-sazandalarynyň we döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny guramak meýilleşdirilýär.

Prezident saýlawlarynyň geçirilişi baradaky maglumatlar ýurdumyzyň telewideniýesinde we radiosynda göni ýaýlymda halka ýetiriler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary bilen geçýän 2022-nji ýylyň taryhy ähmiýetli wakasyna öwrüljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny ýokary derejede guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlary hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Saýlaw uçastoklarynyň 1826-sy bilim edaralarynda, 65-si sport mekdeplerinde we 3-si saglygy goraýyş edaralarynda döredildi.

Syýasy partiýalardan we jemgyýetçilik birleşiklerinden wekilleriň 2620-si milli synçylar hökmünde bellige alyndy.

Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň çözgütlerine laýyklykda, öňde boljak möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu ugurda hereket edýän milli kanunçylygyň esasynda degişli işler geçirilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň dünýäniň 30 döwletinde ýerleşýän ilçihanalarynda we konsullyklarynda saýlaw uçastoklarynyň 41-si döredildi. Ses berilmegini guramaçylykly geçirmek üçin ähli degişli şertler göz öňünde tutuldy.

Türkmen tarapynyň çakylygy boýunça ýurdumyza Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan synçylar topary geldi. Mundan başga-da, geçiriljek möhüm jemgyýetçilik-syýasy möwsüme Türki Döwletleriň Guramasyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan hem-de birnäçe goňşy ýurtlardan synçylaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň goldaw bermeginde synçylar toparynyň ştaby açyldy. Halkara synçylaryň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde, degişli hukuk kadalary bilen kesgitlenilen saýlawlaryň geçirilişine we saýlawlar güni ses berlişiniň barşyna seljermäni amala aşyrmaga degişli ähli şertler döredildi.

Saýlawlara taýýarlyk görülmegi bilen baglylykda, paýtagtymyzda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň we BMG-niň ugurdaş düzümleriniň ýardam bermeginde duşuşyklar hem-de ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda okuw maslahatlary geçirildi.

12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny beýan etmäge daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem gyzyklanma bildirýärler.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlygyň çäklerinde gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan geçirilýän toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

“Türkmenhowaýollary” we “Türkmenawtoulaglary” agentlikleri tarapyndan ýurdumyzda geçiriljek Prezident saýlawlary bilen baglylykda, türkmen tarapynyň çagyrmagy boýunça paýtagtymyza gelen GDA-nyň synçylar wekilligine hem-de daşary ýurtly myhmanlara ulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça şertleriň üpjün edilendigi habar berildi.

Saýlaw gününde ýolagçy gatnawlarynyň artmagy bilen baglylykda, welaýatlaryň, şäherleriň hem-de etraplaryň ilatyny jemgyýetçilik ulaglary we taksiler bilen üpjün edip, ýolagçylara ýokary hilli hyzmaty hödürlemek boýunça çäreler göz öňünde tutulýar.

Saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişi ýurdumyzyň merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm saýtynda sanly görnüşde onlaýn görkeziler. Göni ýaýlymyň elýeterliligini üpjün etmek maksady bilen, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan saýlaw uçastoklaryna optiki-süýümli kabel çekilip, web-kameralar gurnaldy.

Şeýle hem ýokary hilli simsiz öýjükli aragatnaşyk, internet, teleradioýaýlymlary we beýlekiler bilen üpjün etmek üçin tehniki aragatnaşyk serişdeleriniň barlag-sazlaýyş işleri geçirildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan öňde boljak möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä görülýän taýýarlyk işleri, ony açyklyk, aýanlyk we deňhukuklylyk ýörelgeleri ýagdaýynda geçirmek maksady bilen geçirilýän işler barada hasabat berdi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň sazlaşykly işlemeginde ýurdumyzda asudalygyň we durnuklylygyň saklanmagyna, ähli welaýatlarda we paýtagtymyzda kanunylygyň hem-de hukuk tertibiniň üpjün edilmegine, ähli saýlaw uçastoklarynda ýangyn howpsuzlygy kadalarynyň berjaý edilmegine gönükdirilen anyk çäreler durmuşa geçirilýär.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bu örän möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni ýurdumyzyň Konstitusiýasyna hem-de hereket edýän milli kanunçylyga laýyklykda, demokratik ýörelgeler esasynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin paýtagtymyzda degişli işler ýaýbaňlandyryldy. Aşgabat şäherinde 310 saýlaw uçastogy döredilip, olar zerur enjamlar, serişdeler we degişli gollanmalar bilen üpjün edildi.

Arassaçylyk we öňüni alyş-zyýansyzlandyryş kadalaryny berjaý etmek üçin çäreler toplumy göz öňünde tutuldy. Şeýle hem Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan degişli gulluklar bilen bilelikde paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak hem-de bagy-bossanlyga büremek, arassaçylyk tertip-düzgünini saklamak, şäheriň ähli durmuş ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini, jemgyýetçilik ulaglarynyň sazlaşykly hereketini üpjün etmek maksady bilen, işler alnyp barylýar.

Soňra ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlerine söz berildi. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow şu günler öňde boljak möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny guramaçylykly we talabalaýyk geçirmek maksady bilen welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Saýlawlara taýýarlyk görmek hem-de guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasy taýýarlanyldy. Welaýatyň etraplarynda we Tejen şäheriniň çäklerinde jemi 364 sany saýlaw uçastoklary döredilip, şolaryň 30-sy onlaýn tertipde guraldy.

Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny ýokary guramaçylykly, milli demokratik ýörelgeler esasynda halkara kadalara laýyklykda geçirmek we saýlawçylaryň işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmek boýunça meýilnama esasynda degişli işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Welaýat boýunça döredilen saýlaw uçastoklarynyň 272-si degişli derejede enjamlaşdyrylyp, saýlawlara doly taýýar edildi. Saýlaw uçastoklarynyň 30-synda saýlawlaryň geçirilişine sanly ulgam arkaly syn etmek mümkinçiligi döredildi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny milli demokratik ýörelgeleriň esasynda geçirmek hem-de saýlawçylaryň bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Welaýatyň çäklerinde 523 sany saýlaw uçastogy döredilip, olaryň ählisi bildirilýän talaplara laýyklykda doly enjamlaşdyryldy. Şolaryň 30-synda saýlawlaryň geçirilişine sanly ulgam arkaly gözegçilik etmäge mümkinçilik döredildi. Welaýatda saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreler açyklyk we aýanlyk esasynda guramaçylykly geçirildi.

Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny ýokary guramaçylykly we talabalaýyk geçirmek maksady bilen, degişli meýilnama laýyklykda, zerur işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Welaýat boýunça döredilen saýlaw uçastoklarynyň 559-sy döwrebap zerur enjamlar bilen üpjün edildi. Saýlawlara sanly ulgam arkaly syn etmek üçin hem saýlaw uçastoklarynda zerur şertler döredildi.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny ählitaraplaýyn guramaçylykly, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, aýanlykda, milli demokratik ýörelgeler esasynda geçirmek boýunça meýilnamadan ugur alnyp, degişli işleriň ýerine ýetirilýändigi barada hasabat berdi.

Welaýatda 549 sany saýlaw uçastogy döredilip, olaryň ählisi Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny guramagyň tertibine laýyklykda enjamlaşdyrylyp, taýýar edildi.

Mejlisiň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary jemgyýetçilik-syýasy, taryhy ähmiýetli wakany — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hukuk tertibini üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli düzümlerinde hem-de welaýatlardaky we Aşgabat şäherindäki saýlaw uçastoklarynda nobatçylygy guramak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdiler.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki döwürde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň demokratik kadalary ösdürmegiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny nygtady. Milli Liderimiz jemgyýetimiziň hukuk esaslaryny we demokratik başlangyçlary pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreleriň giň toplumynyň durmuşa geçirilýändigini belläp, ýurdumyzda raýatlarymyza döwlet gullugynda işlemäge, saýlawlarda ses bermäge, döwlet wezipelerine saýlanmaga, ýurduň we dürli derejelerdäki jemgyýetçilik işlerini dolandyrmaga gatnaşmaga hukugy üpjün edýän tertibiň ýola goýlandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmagyň, saýlawlary häzirki döwrüň talaplaryna we halkara kadalara laýyklykda geçirmegiň amala aşyrýan özgertmeler syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biridigini aýtdy.

Häzirki döwürde ýurdumyzda 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlaryna giňden taýýarlyk görülýär. Ses bermek üçin döwletimizde we daşary ýurtlarda 2 600-den hem köp saýlaw uçastogy döredildi. Saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreleriň çäklerinde, syýasy partiýalar we raýatlaryň teklipçi toparlary Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine 9 dalaşgäri hödürledi. Olar welaýatlarda hem-de Aşgabat şäherinde saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirdiler. Bu ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň maksatnamalaýyn çykyşlary teleýaýlymlaryň we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen raýatlarymyza ýetirildi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Mälim bolşy ýaly, şu günler öz okruglarynda ses bermäge mümkinçiligi bolmadyk saýlawçylar üçin deslapdan ses bermek geçirilýär. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy we köp sanly halkara synçylar topary eýýäm ýurdumyzda saýlawlara görülýän taýýarlygy synlamaga girişdiler.

Garaşsyz ýurdumyzyň durmuşynda örän möhüm ähmiýeti bolan Prezident saýlawlary umumy ykrar edilen demokratik kadalar, ata-babalarymyza mahsus milli däp-dessurlarymyz esasynda geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de mejlise gatnaşyjylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer R.Meredowa ýüzlenip, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynyň talabalaýyk işlemegini üpjün etmegi, şeýle hem býulletenleriň öz wagtynda işlenilmegini hem-de maglumatlaryň Merkezi saýlaw toparyna berilmegini gazanmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer S.Toýlyýewe degişli görkezmeleri berdi. Ýurdumyza gelen halkara synçylaryň, uçastok saýlaw toparlarynyň agzalarynyň hem-de saýlaw çäresine gatnaşýan beýleki degişli adamlaryň gyssagly COVID-19 barlagyndan geçirilişine gözegçilik edilmelidir.

Saýlawlar başlamazdan öň saýlaw uçastoklarynda arassaçylyk kadalaryna degişli işler geçirilmelidir. Bu ýerlerde ähli ätiýaçlyk çäreleriniň berk berjaý edilişi barlanmalydyr. Şeýle hem olaryň ählisinde lukmançylyk nokatlarynyň işi ýola goýulmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda arassaçylyk-epidemiologik talaplaryň doly ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde, saýlaw uçastoklarynda jemgyýetçilik tertibiniň we ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň berk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Saýlawlaryň geçirilýän desgalarynda adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça zerur çäreler geçirilmelidir. Ses berilýän wagty hem-de saýlaw toparlarynyň işi tamamlanýança, saýlaw uçastoklarynda şahsy düzümiň nobatçylyk etmegi guralmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezme berdi.

Şunuň bilen bir hatarda, harby adamlary hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini saýlawçylar hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna işjeň gatnaşmaga çekmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer M.Mämmedowa ýüzlenip, saýlawlar gününiň teleradioýaýlymlarda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Halkymyzyň milli däplerine laýyklykda, saýlawlar güni saýlaw uçastoklarynda döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary guralmalydyr. Halkara synçylara ýurdumyzyň medeniýeti, taryhy hem-de milli gymmatlyklary bilen tanyşmaga ýardam edilmelidir.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk görlüşi baradaky maglumatlary ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, ýagny teleradioýaýlymlarda, metbugatda we Internetde yzygiderli berip durmaly diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de watandaşlarymyzy Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna işjeň gatnaşmaga çagyrmagyň zerurdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowa saýlaw uçastoklarynda elektrik abzallarynyň we enjamlarynyň howpsuz işledilmegini üpjün etmek boýunça guramaçylyk-tehniki çäreleri geçirmek tabşyryldy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz saýlaw uçastoklaryna elektrik energiýasynyň bökdençsiz berilmegini, uçastok saýlaw toparlarynyň howpsuz işlemegini, eger zerurlyk ýüze çykanda, olara kömek berilmegini ýerli hünärmenlere tabşyrmak barada görkezme berdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlar güni ilatyň elektrik energiýasy we suw bilen bökdençsiz üpjün edilmegini hem gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerler E.Orazgeldiýewe we Ç.Gylyjowa ýüzlenip, türkmen topragynyň şirin nazy-nygmatlarynyň ýakymly tagamy we hümmeti bilen tapawutlanýandygyny nygtady. Şoňa görä-de, saýlawlar güni saýlaw uçastoklarynyň ýanynda göçme nokatlaryň işi ýola goýlup, halkara synçylara we saýlawa gelen saýlawçylara dürli-dümen tagamlar, şirin miwelerdir şireler we beýleki önümler hödürlenmelidir. Ýerli harytlaryň söwdasy hem guralmalydyr. “Goý, Bitarap ýurdumyzda geçirilýän saýlawlary synlamaga gelen myhmanlar türkmen saçagynyň berekedini we halkymyzyň myhmansöýerligini görsünler” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe halkara synçylary dürli awtoulaglar bilen üpjün etmek, şeýle hem saýlaw güni merkezi saýlaw toparyna we saýlaw uçastoklaryna merkezi saýlaw toparynyň saýtynda sanly ulgam arkaly onlaýn aragatnaşygyny guramakda kömek bermek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz saýlaw güni Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda dürli görnüşli ulaglaryň erkin gatnamagyny üpjün etmegi, döredilen ähli saýlaw uçastoklarynda aragatnaşyk ulgamynyň bökdençsiz işlemegini ýola goýmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, saýlawlaryň talabalaýyk geçirilmegi üçin esasy agramyň we jogapkärçiligiň şolaryň üstüne düşýändigini belledi, şoňa görä-de, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlar gününiň şatlyk-dabara beslenip, uly baýramçylyga öwrülmelidigini aýtdy.

Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň ilaty 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlaryna işjeň gatnaşmalydyr. Saýlaw uçastoklaryna saýlawçylaryň doly gelmegini üpjün etmek, saýlaw toparynyň agzalaryna zerur islendik kömegi bermek, bazarlaryň we dükanlaryň dürli önümler bilen üpjünçiligine seretmek tabşyryldy.

Milli Liderimiz kesgitlenen wezipeler bilen baglylykda, şu ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm wakadygyny nygtady.

Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara bu saýlawy aç-açan, aýdyň, demokratik, bäsdeşlikli, erkin we guramaçylykly ýagdaýda geçirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen bagly meýilleşdirilen işler bolup biläýjek adatdan daşary ýagdaýlara we hadysalara garşy dessin çäre görmäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biz ähli babatda raýatlaryň howpsuzlygynyň we jemgyýetçilik tertibiniň, ýangyna garşy howpsuzlyk çäreleriniň, arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmegini we elbetde, erk-islegiň erkin beýan edilmegini üpjün etmäge borçludyrys diýip nygtady hem-de mejlise gatnaşyjylaryň ählisinden öňde duran saýlawlara doly taýýarlykly ýagdaýda jogapkärçilikli garamagy talap etdi.

Milli Liderimiz şu ýylyň 19-njy martynda bolsa “Oguz han” köşkler toplumynda Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň wezipesine girişmegi mynasybetli dabaraly çäräniň geçiriljekdigini habar berdi. Şu çäreden soň, Kabul ediş merkezinde dabaralar dowam etdiriler diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we hemmelere şu wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlik arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly bilelikdäki mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

11.03.2022
12-nji mart Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlar günüdir

Türkmenistan möhüm wakanyň bosagasynda. Ýurdumyzyň saýlaw uçastoklarynyň ildeşlerimiz üçin öz gapylaryny açmagyna az wagt galdy. Şol gün türkmenistanlylar öz konstitusion hukugyndan peýdalanyp, raýatlyk borjuny berjaý ederler hem-de döwlet Baştutanyny saýlarlar. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary häzirki zaman türkmen jemgyýetinde demokratiýanyň dabaralanmagynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy bolar. Saýlawlar açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda geçirilip, halkymyz ata Watanymyzyň geljegi üçin belent jogapkärçilige düşünmek bilen, iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň 9-syndan iň mynasybyna ses berer.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda TDH habar berlişi ýaly, saýlaw möwsüminde giň gerimli işler amala aşyrylyp, bu işe ähli derejedäki döwlet düzümleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri girişdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk işleri ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga hem-de halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda alnyp baryldy.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli saýlaw uçastoklary ýörite usulyýet gollanmalary, ses bermek üçin ýörite gutular, göçme saýlaw býulletenleri we usulyýet gönükdirijiler bilen üpjün edilip, olar saýlawlary geçirmäge doly taýýardyrlar. Ses bermek üçin otaglarda ýörite kabinalar gurnaldy. Her bir saýlaw uçastogy ygtybarly aragatnaşyk we ulag serişdeleri bilen üpjün edildi.

Uçastok saýlaw toparlary öz wezipelerini ýerine ýetirmäge aýratyn jogapkärçilikli çemeleşdiler. Olaryň düzümine zähmetkeşler toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň abraýly wekilleri girdiler. Işjeňleriň tagallalary bilen ilat arasynda giňden wagyz-düşündiriş işleri geçirildi. Munuň özi saýlawçylaryň işjeňligini has-da artdyrdy. Mundan başga-da, käbir sebäplere görä, saýlawlar güni öz saýlaw uçastogyna gelip bilmeýän raýatlara möhletinden öň ses bermek hukugy berildi. Häzirki wagtda bu ähli saýlawçylaryň sanynyň 7 göterimine golaýdyr. Olaryň dolduran býulletenleri ýörite möhürlenen gutularda sesleri sanamak pursadyna çenli saklanar.

Uçastok toparlarynyň işinde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň ynanylan wekilleri bilen işleri geçirmäge, şol sanda saýlawçylar bilen duşuşyklary guramakda we geçirmekde ýardam bermäge aýratyn orun berildi. Döwlet Baştutany wezipesine dalaşgärleriň duşuşyklarynyň ählisi taraplaryň arasynda ylalaşylan we bellenilen tertibe laýyklykda geçirildi. Şunda dalaşgärleriň ählisine saýlawlaryň öň ýanynda wagyz işlerini geçirmek üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berildi.

Ýurdumyzda geçirilýän saýlawlara dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanma bildirýändigini bellemek gerek. Ozal habar berlişi ýaly, saýlawlara daşary ýurtlardan we birnäçe halkara guramalardan, şol sanda GDA-dan, ŞHG-den, ÝHHG-den we Türki Döwletleriň Guramasyndan synçylar çagyryldy. Olara saýlawlaryň barşyna syn etmek üçin mümkinçilikler döredildi.

Şeýlelikde, 11-nji martda, ýarygije, hereket edýän saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möwsümiň iň möhüm tapgyrlarynyň biri — wagyz ediş tapgyry tamamlanar. 12-nji martda, şenbe güni bolsa sagat 07:00-dan 19:00-a çenli ähli saýlaw uçastoklarynda ses berler we onuň dowamynda türkmen döwletiniň Baştutany saýlanar.

(TDH)

11.03.2022
Ykdysady ösüşiň esasy ugry

Soňky ýyllarda döwletimizde bazar gatnaşyklarynyň çalt depginde ösdürilmegine berk gözegçilik amala aşyrylýar. Şonuň ýaly-da harytlaryň we hyzmatlaryň bahalaryny bazar bahasyna laýyk getirmek üçin giň çäreler toplumy işlenilip düzülendir. Bu ugurda «2023-nji ýyla çenli döwür üçin Türkmenistanda erkin ykdysady zolaklary döretmek» konsepsiýasy-da üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmen ykdysadyýetiniň milli nusgasyna laýyklykda ykdysadyýeti döwlet tarapyndan kadalaşdyrmak bilen bir hatarda ýurtda telekeçiligi ösdürmek üçin döwlet tarapyndan uly salgyt ýeňillikleriniň, banklar tarapyndan uzakmöhletleýin amatly karz serişdeleriniň berilmegi haryt bolçulygynyň kemala gelmegine, raýatlaryň iş bilen üpjünçilik meselesiniň çözülmegine, olaryň girdejileriniň artmagyna we ykdysady işjeňligiň ilerlemegine getirýär. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ykdysady özgertmeleriniň esasynda döwrebap tehnikalaryň yzygiderli satyn alynmagy we täze tehnologiýaly önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurulmagy, ykdysadyýetiň pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagy, innowasion önümçilik düzümleriň döredilmegi, ýurdumyzyň dünýä ykdysady ulgamyna goşulyşmagynyň çuňlaşdyrylmagy uzakmöhletli geljek üçin durnukly ösüşiň berk binýadyny kemala getirmäge giň mümkinçilikleri açýar.

Durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin ýurdumyzda döwlet maksatnamalary we meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» hem-de beýleki döwlet we pudaklaýyn maksatnamalary görkezmek bolar. Bu Maksatnamalar ösen bazar amatlylyklaryna çalt depginde geçmäge, önüm öndürýän pudaklaryň daşary ýurtlara haryt çykarmak mümkinçiliklerini diwersifikasiýalaşdyrmaga, eýeçilik gatnaşyklaryny özgertmäge, ilatyň iş bilen üpjünçilik çygryny giňeltmäge, kiçi we orta telekeçiligi milli ykdysadyýete işjeň çekmäge gönükdirilendir. Önümçiligiň ähli ulgamlarynda haryt öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak harytlaryň we hyzmatlaryň içerki bazarynyň gerimini giňeltmäge we ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamyny pugtalandyrmaga ýardam eder. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan strategik ýörelgeleri esasynda ýurdumyzda durnukly makroykdysady ýagdaýyň saklanylmagyna giň ähmiýet berilmegi ykdysady ösüşiň ýokary depginini üpjün etmek bilen birlikde Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşmagyna şert döredýär.

Bahram KOLDA|OW,

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň welaýat müdirliginiň döwlet sanawyny alyp barýan döwlet bellige alyjysy.

10.03.2022
Fewral — 2022: Milli Liderimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça işler üstünlikli dowam edýär. Şu ýylyň fewral aýynda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça dürli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçirilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki iş duşuşyklary, işewürlik gepleşikleridir maslahatlar, sergiler hem-de beýleki çäreler Türkmenistanyň daşary ýurtlar, abraýly guramalar bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilmegine ýardam etdi.

Milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan daşary syýasat strategiýasynda hyzmatdaş döwletler, aýratyn-da, goňşy ýurtlar bilen hemmetaraplaýyn özara hereketlere uly üns berilýär hem-de möhüm taslamalar we maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda 1-nji fewralda Daşary işler ministrliginde geçirilen Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisini görkezmek bolar. Mejlisde toparyň geçen ýylda amala aşyran işleriniň netijeleri beýan edildi hem-de 2022-nji ýyl üçin çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy, şeýle-de VI Hazar sammitine taýýarlyk we ýokary derejeli bu duşuşykda garalmagy meýilleşdirilen resminamalaryň taslamalaryny işläp düzmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan halkara hukugyň çäginde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegi, Hazarýaka döwletleriňdir olaryň halklarynyň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, özara hereketleri pugtalandyrmak maksady bilen, bu ugurda geljekde-de netijeli işleri dowam etdirmegi göz öňünde tutýar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli guralan dabara fewral aýynyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna iberen Gutlagynda nygtaýşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynda aýratyn orny eýeleýär.

4-nji fewralda türkmen wekiliýetiniň agzalary döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde hytaýly kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdiler.

Pekinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, HHR-iň daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy boldy. Onuň barşynda, ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda hem-de abraýly halkara guramalaryň çäklerinde, şeýle-de “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşinde dostlukly döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar netijeli türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp, daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli işjeňleşdirmegi dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Şol gün Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew dostlukly ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri bilen duşuşdy. Hyzmatdaş ýurduň wekilleri bu ulgamyň dürli ugurlary boýunça bilelikdäki işleri mundan beýläk-de dowam etdirmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Şunda dünýäni gurşap alan howply koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça öňe sürýän başlangyçlaryna ýokary baha berildi, derman senagaty we saglygy goraýyş babatda mundan beýläk-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge meýiller barada aýdyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Hytaýyň birnäçe kompaniýasynyň wekilleri bilen onlaýn duşuşyklary geçirdi. Şunda ulag-aragatnaşyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň koreý dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. 7-nji fewralda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirilen çärä ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary, Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleri, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň koreý diline terjime edilmegi türkmen halkynyň baý medeni mirasy, taglymlary we ahlak ýörelgeleri bilen ýakyndan tanyşmaga, özboluşly däp-dessurlaryna has aýdyň düşünmäge mümkinçilik berer. Milli medeni mirasymyzy öwrenmek, gorap saklamak we giňden wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Şeýle hem şol gün Seul şäherinde Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan “tegelek stol” maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan guralan çärä ýurduň Daşary işler ministrliginiň Ýewraziýa departamentiniň direktorynyň orunbasary, «Merkezi Aziýa — Koreýa» hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň Baş direktorynyň orunbasary, «Merkezi Aziýa — Koreýa» Dostluk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy we dostlukly ýurtda okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini, iki ýurduň halklarynyň bähbidine uly mümkinçilikleriň açylýandygyny bellediler.

Şol gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-Çul bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleriniň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýollan gutlag hatlaryny alyşdylar. Özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan ýokary derejedäki türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň oňyn depginini belläp, taraplar özara bähbitli döwletara gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça has-da giňeltmek babatda pikirlerini aýtdylar.

Şol gün Türkmenistanyň we Gazagystanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik hem geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda hökümetara hereketleriň, hususan-da, Ykdysady, ylmy-tehniki, medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň ugry boýunça gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň möhümdigi nygtaldy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Ysraýyl Döwletiniň syýahatçylyk ministri Ýoel Razwozow bilen telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda lukmançylyk we saglygy goraýyş, oba hojalygy, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi, tehnologiýa, ylym, şonuň ýaly-da, syýahatçylyk, bilim ýaly ugurlarda özara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.

12-nji fewralda Daşary işler ministrliginiň binasynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen taryhy çözgütlere bagyşlanyp geçirilen brifinge ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Ählihalk forumynda möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, geljek üçin wezipeler tassyklanyldy, wajyp resminamalar, şol sanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» tassyklamak hakynda» Karar kabul edildi. Meýilleşdirilen işleri hem-de kabul edilýän maksatnamalary durmuşa geçirmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy ösdürmegiň täze tapgyrynda döwleti dolandyrmakda milli ruhda we döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda terbiýelenen ýaş ýolbaşçylara ýol berilmelidigine ünsi çekip, ýaşlara uly umyt bildirýändigini aýratyn nygtamak gerek.

12-nji fewralda ýurdumyza iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary R.Sklýaryň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar üstaşyr ulag, söwda-ykdysady, oba hojalyk hem-de daşky gurşawy goramak ulgamlarynda türkmen-gazak gatnaşyklaryny has-da giňeltmegiň zerurdygyny bellediler.

R.Sklýaryň wise-premýer Ş.Abdrahmanow hem-de ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Mary welaýatynyň häkimi bilen geçiren gepleşikleriniň dowamynda ýangyç-energetika, senagat ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegine aýratyn üns çekildi. Iki ýurduň döwlet hem-de hususy ulgamyny işjeň çekmek arkaly halkara we sebitleýin awtomobil, demir, deňiz ýollary arkaly ýük daşalyşyny giňeltmek baradaky meselelere aýratyn ähmiýet berildi.

15-nji fewralda Zenanlaryň ýagdaýy baradaky komissiýanyň 66-njy mejlisine taýýarlyk görmek boýunça Merkezi Aziýa döwletleri üçin sanly ulgam arkaly Sebit geňeşmeleri geçirildi. Bu çäre ýurdumyz hem-de Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň ýurtlary üçin “BMG — Zenanlar” düzüminiň sebit edarasy bilen bilelikde guraldy.

Türkmenistan geçen ýylda 2022 — 2024-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Gender deňligi meseleleri we zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edarasynyň (BMG — Zenanlar) Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanyldy. Bu duşuşygyň maksady Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna öňde boljak geňeşmelere taýýarlyk görmekde goldaw bermek hem-de howanyň we daşky gurşawyň üýtgemegi, tebigy betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak babatda ýagdaýy düýbünden üýtgedýän hereketler boýunça tejribe alyşmak, maslahat bermek, onuň geljegine bolan sebit garaýyşlaryny kemala getirmek üçin bilelikde umumy pikirleri ylalaşmakdan ybarat boldy.

16-njy fewralda DIM-de Halkara Zähmet Guramasynyň Zähmet kadalary departamentiniň direktory hanym Korinn Warga bilen onlaýn duşuşyk geçirildi. Taraplar ýurdumyzyň halkara konwensiýalara we köptaraplaýyn ylalaşyklara goşulmagy baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasynyň agzasy bolmak bilen, öz durmuşa geçirýän syýasatynda hemmelere mynasyp zähmet we durmuş adalatlylygy üçin has oňaýly şertleri döretmäge, bu guramanyň düzgünleriniň umumy ykrar edilen kadalaryny hem-de ýörelgelerini milli kanunçylyga ornaşdyrmaga ygrarlydygyny nygtadylar.

17-nji fewralda DIM-niň binasynda BMG-niň ýurdumyzdaky düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hususan-da, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji Filipp Saprykin bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda kabul edilen taryhy çözgütler, şonuň ýaly-da 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlaryna görülýän taýýarlyk ara alyp maslahatlaşmalaryň esasyny düzdi.

Şol gün Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýew bilen geçirilen onlaýn duşuşygyň çäklerinde-de Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görülmegine we onuň geçirilişine gözegçilik etmek boýunça guramanyň synçylar toparyny ibermek bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

17-nji fewralda Daşary işler ministrliginde Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Feýsal bin Farhan Al Saud bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň dowamynda syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy, ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri yzygiderli guramagyň, halkara guramalaryň çäklerindäki döwletara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň ähmiýeti bellenildi.

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary, şeýle-de VI Hazar sammitine taýýarlygyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün Daşary işler ministrliginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili R.Kastberg bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklerine garaldy. ÝHHG tarapyndan saýlaw işini guramakda berilýän ýardamy we bilelikdäki toplanan iş tejribesini nazara almak bilen, 12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn ugry boldy.

18-nji fewralda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe gabatlanyp «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ylmy maslahat geçirildi. Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglanandygy baradaky habary uly ruhubelentlik we buýsanç bilen kabul etdiler hem-de milli Liderimize ýurdumyzyň diplomatik gullugyny kämilleşdirmek meselelerine berýän yzygiderli ünsi üçin hoşallyk bildirdiler.

Hünär baýramy mynasybetli diplomatik gullugyň ýaş işgärlerine hem-de TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň soňky ýylynda okaýan talyplaryna, döwletimiziň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşandyklary üçin, Daşary işler ministrliginiň diplomlaryny gowşurmak dabarasy hem geçirildi.

21-nji fewralda guralan duşuşykda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçene hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpine ýollan haty gowşuryldy. Hatda şu ýylyň 3 — 5-nji fewralynda Pekine bolan saparynyň barşynda Türkmenistanyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik, şeýle-de türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna şahsy goşandy üçin minnetdarlyk sözleri beýan edildi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça 22-nji fewralda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde resmi saparda boldy we döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmegi ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklary geçirdi.

Russiýanyň daşary işler ministri S.Lawrow bilen geçirilen gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de şu ýyl bellenilýän iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň ähmiýeti nygtaldy.

Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Halkara işler boýunça komitetiniň başlygy G.Karasin bilen geçirilen duşuşygyň barşynda parlamentara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň, giňeltmegiň derwaýysdygy bellenildi, 2022-nji ýylyň maýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň geçirilmegi, oňa häzirden taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň GDA gatnaşyjy ýanaşyk ýerleşen döwletler bilen RF-niň serhediniň delimitasiýasy we demarkasiýasy boýunça Ýörite wekili, Hazar deňzi boýunça köptaraplaýyn gepleşiklerde rus wekiliýetiniň ýolbaşçysy M.Petrakow bilen söhbetdeşlikde Hazar deňzi sebitinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, sebiti Ýewraziýada ykdysady, ulag-logistika, energetika, maýa goýum hyzmatdaşlygynyň merkezleriniň birine öwürmegiň zerurdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar şu ýyl Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitiniň aýratyn ähmiýetini bellediler hem-de bu çäräni üstünlikli taýýarlamak, guramaçylykly geçirmek üçin ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi ylalaşdylar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň orunbasary I.Nematow bilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň soňky döwürde ykdysadyýetde, senagat hyzmatdaşlygynda iri göwrümli düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegini güýçlendirmäge gönükdirilen täze hil derejesine eýe bolandygy bellenildi.

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeli boýunça daşary işler ministrleriniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi, şeýle-de Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň sebitleýin howpsuzlyk meseleleri boýunça özara hereketleriniň «Ýol kartasyna», 2022 — 2025-nji ýyllar üçin halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň durmuşa geçirilmeginiň meýilnamasyna, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň meýilnamasyna gol çekildi.

23-nji fewralda Ženewa şäherinde Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisinde, düzümiň döredilmegi hakynda Marrakeş ylalaşygynyň XII maddasyna laýyklykda, Türkmenistana BSG-ä goşulýan ýurt (işjeň synçy) derejesini bermek baradaky çözgüt kabul edildi. Guramanyň tertip-kadalaryna görä, bu derejäniň alynmagy bilen baglylykda, Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy baradaky Iş topary döredildi.

24-nji fewralda BMG-niň Syýasy we parahatçylyk gurujylyk meseleleri boýunça departamentiniň saýlawlaryň geçirilmegine ýardam bermek boýunça bölüminiň direktory Kreýg Jenness bilen sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapy BMG-niň bu düzüminiň saýlawlara bilermenlik goldawynyň berilmegi, zerurlyklara baha bermek boýunça missiýalaryň geçirilmegi, şeýle-de saýlawlara gönüden-göni synçylygyň amala aşyrylmagy babatda dünýäniň dürli künjeklerindäki ähmiýetli tejribesini nygtap, K.Jennesse Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk hakynda habar berdi hem-de bu ugurda bilelikdäki işiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.

Şol gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary boýunça işgärleriň ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny hem-de abadançylygyny goramak işine goşan uly goşantlaryna hormat hökmünde BSGG-niň ýörite nyşanynyň gowşurylmagy mynasybetli dabaraly ýygnak geçirildi. Oňa milli saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylary we işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili hanym Narine Saakýan hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko gatnaşdylar.

Ýygnaga gatnaşyjylar BSGG-niň Ýewropa sebit edarasyna hem-de onuň direktory Hans Klýuga bu ýörite nyşan üçin hoşallyklaryny beýan edip, ilatyň saglygyny goramagyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatynyň baş maksadydygyny bellediler. “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelge bu syýasatyň özenini düzýär.

24-25-nji fewralda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda sanly ulgam arkaly «Gurluşlaýyn dialog» geçirildi. Taraplar halkara giňişlikde, hususan-da, BMG-niň, ÝHHG-niň, ÝB-niň çäklerinde iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň we pugtalandyrylmagynyň zerurdygyny nygtadylar. Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli dürli görnüşli çäreleri geçirmek teklip edildi.

Diplomatlar Eksport karzlaryny kepillendirmek departamenti bilen hyzmatdaşlygyň hem-de türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň çäklerinde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Beýik Britaniýanyň eksporty maliýeleşdirmek düzüminiň teklipleriniň tanyşdyrylyşy hem geçirildi. «Gurluşlaýyn dialogyň» jemleri boýunça iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

25-nji fewralda Daşary işler ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Döwlet habarlar agentligi tarapyndan “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygaryna bagyşlanyp, Türkmenistanyň ösüşi bilen baglylykda, dünýä jemgyýetçiliginde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň orny bilen bagly onlaýn görnüşde halkara mediaforum geçirildi. Çärä TDH-niň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri hem-de Russiýa Federasiýasynyň, Yragyň, Iordaniýanyň, Bahreýniň, Gruziýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Hytaýyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň we Ýaponiýanyň teleradiokompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyşlarda Türkmenistanda milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmekde uly üstünlikleriň gazanylandygy hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak üçin gatnaşyklaryň işjeňleşdirilendigi nygtaldy. Munuň özi ýurdumyzyň durnuklylygy, parahatçylygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, şeýle hem dünýäniň ýurtlary bilen diplomatik gatnaşyklary we sebitde hoşniýetli goňşuçylygy giňeltmäge meýillidigini subut edýär.

26-njy fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Mehmet Muş bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň geljegi uly ugurlaryň ählisi boýunça, hususan-da, söwda-ykdysady, ulag ulgamlarynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşi, şeýle-de iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň ähmiýeti bellenildi.

26-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça “Garagum” myhmanhanasynda “Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň” we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň kabul edilmegine bagyşlanyp brifing geçirildi. Bu maksatnama temmäkä garşy göreşi we gözegçiligi güýçlendirmäge, ilatyň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň temmäkiniň ýaramaz täsirleri barada habarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

27-nji fewralda Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik gullugynyň işgärleri bilen sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşykda 12-nji martda boljak Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Dünýäniň 30 döwletinde ýerleşýän Türkmenistanyň ilçihanalarynda hem-de konsullyk edaralarynda saýlawlara işjeň taýýarlyk görmegiň netijesinde saýlaw uçastoklarynyň 41-siniň döredilendigi nygtaldy.

28-nji fewralda DIM-de hem-de Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda 12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary bilen baglylykda, türkmen tarapynyň çagyrmagy boýunça paýtagtymyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar topary bilen duşuşyklar geçirildi. Topara GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň — Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary Leonid Anfimow ýolbaşçylyk edýär.

Bu jemgyýetçilik-syýasy çärä halkara synçylaryň gatnaşmagynyň wajypdygy barada aýdylyp, olaryň işlemegi üçin saýlaw möwsümine gözegçilik etmek, şol sanda iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň ynanylan adamlary bilen duşuşyklar üçin hemme şertleriň döredilendigi aýratyn nygtaldy. Hususan-da, merkezi saýlaw toparynyň ýardam bermeginde agzalan toparyň zerur guramaçylyk tehnikalary we aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edilen Baş ştaby açyldy.

Şeýlelikde, geçen aýyň wakalary halkara jemgyýetçilikde Türkmenistanyň hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň abraýynyň barha belende göterilýändigini, ählumumy parahatçylygyň, rowaçlygyň we gülläp ösüşiň bähbidine gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilýändigini aýdyňlygy bilen açyp görkezdi.

(TDH)

10.03.2022
Sanly ykdysadyýet — tizlik, amatlylyk

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň ykdysady ulgamlaryna innowasiýalary ornaşdyrmak arkaly öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan ösen senagaty kemala getirmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bu barada milli Liderimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Geljekde ýurdumyzda innowasion häsiýete esaslanýan milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa arkaly ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdiriler» diýip, nygtap geçdi.

Berkarar döwletimizde ykdysadyýetiň pudaklarynyň hukuk binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy, maksatnamalaýyn özgertmeleriň amala aşyrylmagy we bu ugurda maýa goýum işjeňliginiň artdyrylmagy halkymyzyň durmuş-ykdysady ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar. Ýurdumyzyň önümçilik pudaklaryna ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak, elektron senagaty döretmek, adamyň aň-bilim maýasyna we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek häzirki döwrüň derwaýys wezipeleriniň biridir.

Hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» gol çeken Karary durmuş ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna giň ýol açdy. Sanly ykdysadyýet tizlik, amatlylyk, tygşytlylyk düşünjeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Sanly ykdysadyýet önümçilikdäki maglumatlaryň sanlylaşdyrylmagydyr. Ol jemgyýetiň we raýatlaryň zerurlyklaryna görä, ýokary hilli we anyk habarlary, san görkezijilerini almak üçin maglumat giňişliginiň döredilmegini üpjün edýär. Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy ykdysady işleriň ähli görnüşleriniň awtomatlaşdyrylyp, merkezleşdirilen tertipde dolandyrylmagyny üpjün etmekligi maksat edinýär. Umuman, innowasiýalar milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmeklige, ykdysady ösüşiň depgininiň çaltlandyrylmagyna, dünýä hojalygynda eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Perman MYRADOW,

welaýat gümrükhanasynyň «Daşoguzdemirýollary» gümrük nokadynyň uly gözegçisi, maýor.

10.03.2022
Röwşen geljegiň batly gadamlary

Ýurdumyz ähli ulgamlar bilen bir hatarda ykdysady jähetden hem has uly ösüşleri nazarlaýar. Muny «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» hem görmek bolýar. Resminama laýyklykda, göz öňünde tutulan düýpli özgertmeleriň hukuk esasyny döretmek, kanunlary yzygiderli kämilleşdirmek boýunça bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen ençeme möhüm wezipeler ýüze çykýar. Hawa, Garaşsyz döwletimizi ýakyn 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýän Milli maksatnamanyň kabul edilmegi geljekki ösüşli ýollaryň kepili bolar. Munuň özi, aslynda, dünýäniň we ýurduň ösüşinde ykdysadyýetiň barha artýan orny, geljek döwürde bu pudagyň adamzadyň tutuş ösüşindäki ähmiýeti barada oýlanmagymyza uly badalgadyr. Ynsanyýetiň abadançylygyny nazarlaýan ykdysadyýetiň ähmiýeti ähli döwürlerde-de ýokary bolupdy, soňky ýyllarda bolsa munuň özi beýik ösüşleriň kesgitleýji şertine öwrüldi. Ol häzirki zamanyň ösen ykdysadyýetiniň we ýaşaýşyň özara baglanyşykly täsiriniň barha artyp, şeýle mäkäm baglanyşygyň bir kökene düzülendiginiň aýdyň mysaly bolup durýar.

Milli Liderimiz Hökümetiň giňişleýin mejlisindäki taryhy çykyşynda 2021-nji ýylda milli ykdysadyýetiň ýokary ösüş depgini esasynda jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,2 göterime deň bolandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, geçen ýylda ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 104,1 göterim, çykdajy bölegi 99,9 göterim berjaý edildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 31,7 milliard manat möçberinde maýa goýumlar özleşdirilip, olaryň 46,3 göterimi önümçilik, 53,7 göterimi durmuş-medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi. 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 7,7 göterim, bölek söwdanyň möçberi 16,6 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 20,5 göterim artdy. Dünýäde dowam edýän maliýe-ykdysady çökgünlik we koronawirus pandemiýasy şertlerinde şeýle ösüşleriň gazanylmagy häzirki döwürde milli ösüş ýolumyzyň başgalar üçin hem goldanarlyk tejribedigini görkezdi. Munuň özi ýurdumyzyň geçen taryhy ýolunyň geljek 30 ýyllyk meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine özüniň oňaýly täsirini ýetirjekdigine güwä geçýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň pudaklarynyň dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulmagy, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek zerur bolup durýar. Depginli ösýän bazar gatnaşyklary şertlerinde sebitleriň täze üpjünçilik ulgamlary döredilýär. Telekeçilik işiniň netijeliligi ýokarlanýar. Importy çalyşýan önümleri artdyrmak boýunça işler çaltlandyrylýar. Şoňa görä-de, ykdysady we senagat zolaklaryny döretmek, olaryň netijeli işlemegini gazanmak üçin kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek ýaly möhüm ugurlara uly ähmiýet berilýär. Ösüşiň täze şertlerinde ýurdumyzyň sebitleriniň mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine ynam uludyr.

Pälwan NURMEDOW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.

10.03.2022
Milli mirasymyz-egsilmez guwanjymyz

Hormatly Prezidentimiz döwletimizde ylmy, bilimi dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde ösdürmegi, halkymyzyň gadymy we orta asyrlar döwürleriniň örän baý medeni mirasyny giňişleýin çuňňur öwrenmegi, gorap saklamagy, dikeltmegi, wagyz etmegi döwlet derejesindäki möhüm, wajyp wezipeleriň biri edip goýdy. Arkadag Prezidentimiziň tagallalary bilen bu ugurda saldamly işlere badalga berildi. Milli Liderimiziň ýadawsyz aladalary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletiniň syýasy, ykdysady we medeni durmuşyny ösdürmek boýunça öňe süren özgertmelerini, gazanylan ösüşleri hem-de bu ugurda amala aşyrýan düýpli, tutumly işlerini göz öňünde tutup, halkymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň 2022-nji ýylyna “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip adalatly at berdi.

Türkmenler dünýäde iň gadymy halklaryň biridir. Türkmen topragynda emele gelen medeniýetiň, sungatyň, edebi mirasyň ýeke-täk eýesi hem türkmenler hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda medeni mirasy öwrenmeklige uly ähmiýet berilýär. Gadymy we müdimi mirasymyzy dünýä çykarmaklygy baş maksat edip goýan Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan medeni ugry umumadamzat medeni gatnaşyklaryna gönükdirilendir. Türkmen halky tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda döredilen maddy däl medeni mirasymyzyň gymmatlyklarynyň nusgalaryny toplap öwrenmek, gorap saklamak babatynda maksatlaýyn işleri alyp barmaklyk hem-de geljekki nesillere ýetirmek ugrunda ylmy-usulyýet, wagyz-nesihat häsiýetli işleri ýola goýmak, ilatdan toplanylan maglumatlary arhiwleşdirmek, olaryň maglumatlar binýadyny döretmek ugrunda uly işler amala aşyrylýar.

Türkmen halky dünýäniň maddy we medeni gymmatlyklaryna öz mynasyp goşandyny goşan halk. Häzirki döwürde halkymyzyň maddy we maddy däl medeni gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Medeni we ruhy gymmatlyklaryň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi halkymyzyň buýsanç çeşmesidir. Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý ýadygärlikler toplumlary dünýäniň dürli ýurtlarynyň hünärmenlerinde, syýasatçylarynda uly gyzyklanma döredýär. Türkmen halysy, ahalteke bedewi, alabaýy, milli lybaslarymyz, şaý-seplerimiz, nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiligi, dessanlarymyz, mukamlarymyz gaýtalanmajak özboluşlulygy bilen tapawutlanýar. Maddy-medeni mirasymyz bilen birlikde, ruhy mirasymyz, ýagny, türkmen halkynyň asyrlaryň synagyndan geçen halk döredijiligi dünýä medeniýetiniň naýbaşy ýadygärlikleri hasaplanýar. Meşhur “Görogly” şadessanymyzyň, “Küştdepdi” tans sungatymyzyň, türkmen halyçylyk sungatynyň, şeýle-de “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty” atly milli hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Dünýä gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgasyna öwrülen türkmen bedewleri türkmen halky bilen bilelikde taryhyň gatynda uly orun tapypdyr. Ahalteke bedewleriniň edil Oguzhan ýaly, Görogly ýaly janköýer dosty-Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew” atly eserleri milli buýsanjymyz ahalteke bedewleriniň müňýyllyklaryň dowamynda beýik sungat hökmünde kemala gelişi, gylyk-häsiýetleri barada gymmatly maglumatlaryň çeşmesi bolup, türkmen halkynyň buýsançly başyny göge ýetirdi.

Hormatly Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaby şol maglumatlaryň üstüni ýetirip, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny tutuş dünýä ýaýdy. Hormatly Arkadagymyzyň bu kitabynda “...halkymyzyň watançylygynyň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň kemala gelmeginde bedewleriň ornunyň has ýokary bolupdyr diýmek bilen” nesil terbiýesinde ganatly bedewlerimiziň hem ýakyn arabaglanyşygynyň bardygyny belläp geçýär. “Türkmen bedewi adamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegi, gadymdan bäri edebi ýazgylaryň esasy gahrymany bolmagynda galýar”. Hormatly Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly “...biziň ata-babalarymyz ýüwrük bedewlerine atlanyp, dünýä ýol salypdyrlar”. Ata-babalarymyz dünýä medeniýetiniň genji-hazynasy bolan ajaýyp bedewlerimizi oňat seýisläp, nesillerimize galdyrypdyr. Şonuň üçinem Türkmenistan-behişli bedewleriň ýurdy hökmünde ir döwürlerden bäri dünýä belli bolan ýurtdyr.

Hormatly Prezidentimiziň aladalary netijesinde ata-babalarymyzyň asyrlarboýy uly yhlas bilen ösdüren atçylyk sungatynyň halkara derejesine ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikler döredildi. Türkmen halky elmydama bedew atlaryny aýawly saklap, olary mähir we söýgi bilen gurşapdyrlar. “Oguznama” eposyndaky “Saňa at diýmerin, gardaşym diýerin, ýöne sen dogandan hem zyýada” ýaly setirler ýa-da “Ertir tur, ataňy gör, ataňdan soň-atyňy” we “At dosty-ata dosty” ýaly, çuň manyly pähimler türkmenleriň atlaryna “maşgalasynyň bir agzasy” hökmünde garandyklaryna şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”atly kitabynda belleýşi ýaly: “Atda lakam diýen zat bolmandyr, diňe at goýlupdyr. Olaryň nesil daragty hem edil ynsanyňky ýaly-ogul, gyz, agtyk, çowluk diýlip atlandyrylypdyr...”

Bu günki bagtyýarlyk döwrümizde Türkmenistan ýurdumyzyň abraý-mertebesi, şan-şöhraty dünýä dolýar. Türkmenistan ösüşleriň, rowaçlygyň ýurdy hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Munuň şeýle bolmagynda bolsa, hormatly Prezidentimiziň beýik işleri, alyp barýan parasatly syýasaty esas bolýar. Ynsan durmuşyny gözellige öwürýän, medeniýete we sungata uly üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun.

Mergen Annanurow

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş

institutynyň mugallymy

10.03.2022
Döwlet — hususyýetçilik hyzmatdaşlygy: ykdysady ösüşiň çelgileri

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ösdürmek boýunça alyp barýan giň gerimli durnukly strategiýasynyň binýatlyk ugry iň täze tehnologiýalara we innowasiýalara daýanyp, döwrebap diwersifikasiýalaşan häzirki zaman ykdysady gurluşy döretmekden ybarat bolup durýar. Şunda ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň ileri tutulýan ugry hökmünde uzak möhletiň dowamynda depginli durnukly öňe gidişi, ilatyň maddy-hal ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmagy üpjün edýän, önümçilik serişdeleriniň, gurallarynyň üznüksiz kämilleşmegini, döwrebaplaşdyrylmagyny, ýurduň bäsdeşlige ukyplylygyny we howpsuzlygyny ýokarlandyrýan milli ykdysadyýetiň nusgasyny döretmek zerurlygy ýüze çykýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek barada berýän goldaw-hemaýatlarynyň, bimöçber ýardamlarynyň netijesinde ýurdumyzda telekeçilik işi bilen meşgullanýan şahsy taraplaryň sany günsaýyn artýar.

Mysal üçin, 2010-njy ýylyň iň soňky günündäki we 2021-nji ýylyň aýagyndaky Türkmenistan boýunça hereket edýän salgyt hasabynda duran şahsy taraplaryň sanyny deňeşdirip görenimizde, olaryň sany bu döwürde 54463-den 63732-ä ýetdi.

Ýurduň Esasy Kanunynda: «Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär» diýlip bellenilen. Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegiň strategik wezipelerini amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döredildi. Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hukuk, guramaçylyk, emläk, maliýe, maglumat ýaly görnüşlerde döwlet derejesinde hem-de welaýat, Aşgabat şäheri derejelerinde ýola goýuldy. Döwlet häkimiýet dolandyrylyşynyň guramalary hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary kiçi we orta telekeçiligi goldamak, ykdysadyýetiň hususy bölegini kadaly ösdürmek babatynda arabaglanyşykly işleri ýola goýýarlar.

Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça işler yzygiderli, maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi, ýörite maksatnama işlenip düzüldi, amala aşyryldy. Milli, maksatlaýyn, pudaklaýyn we sebitleýin maksatnamalaryň aglabasynda ykdysadyýetiň hususy böleginde görkezijileriň geljekki ösüşi öz beýanyny tapdy.

Şundan ugur alyp, ýurdumyzda hususy eýeçiligiň we telekeçiligiň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Munuň netijesinde ilatyň düzüminde emläk eýeleriniň ösen gatlagy döreýär we kuwwatlanýar, olar ýurduň öndüriji güýçleriniň ösüşine saldamly goşant goşýarlar. Amala aşyrylýan maksatnamalarda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegine uly ähmiýet berilýär, döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygy sözüň doly manysynda alnyp barylýar. Bu bolsa senagatçylar we telekeçiler gatlagynyň günsaýyn artmagyna getirýär. Bu ugur «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» esasy ýörelgesi hökmünde kabul edilen.

Hususy bölegiň ösmegini göz öňünde tutýan maksatnamalarda ýaşaýyş-durmuş binalarynyň, desgalarynyň gurluşyklarynyň döwlet sargydy esasynda bäsleşik şertlerinde ýerine ýetirilmegi, kiçi we orta telekeçiligi maliýeleşdirmegiň ýörite maksatnamalarynyň amal edilmegi, kiçi we orta telekeçilik üçin hünärmenleri taýýarlamak, hünäri ýokarlandyrmak, daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem eksport kuwwatlylygy artdyrmak, importyň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk örän wajyp ähmiýete eýe boldy.

Şeýlelikde, Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň ýeterlik derejede kämil ulgamy hereket edýär: döwlet häkimiýet edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, esasan, hojalygy alyp barmagyň strategik wezipelerini çözýärler, ýerli ýerine ýetiriş häkimiýet edaralary, öz-özüni dolandyryş edaralary olaryň işiniň esasy anyk ugurlaryny kesgitleýärler.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň hususy eýeçiliginde köp sanly hojalyk birlikleri (ýuridik şahslar) lomaý we bölek-satuw söwdasynda, awtomobilleridir, motosiklleri abatlamakda, oba hojalygynda, tokaý hojalygynda, balyk tutmakda; gurluşykda, işläp bejerýän önümçiliklerde, hünärmenlikde, ylmy we tehniki işlerde, ençeme beýleki ugurlarda has giň gerimlerde döredilýär.

Umuman, hususy işewürligiň, şol sanda-da kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi birnäçe maksatlar esasynda alnyp baryldy. Olaryň hatarynda häzirki wagtda bar bolan sarp ediş harytlarynyň importyny ýerli önümler bilen çalyşmak, azyk bazarlarynyň haryt bolçulygyny üpjün etmek, ýerli gurluşyk materiallary senagatyny ösdürmek ýaly ugurlary görkezmek bolar. Käbir ýagdaýlarda kiçi we orta telekeçilik öz önümlerimizi goňşy döwletlerde ýerlemek üçin hem döredildi. Türkmenistanyň şertlerinde hususy bölekde hususy kärhanalary döretmek ilatyň, ilkinji nobatda-da, ýaşlaryň we zenan maşgalalaryň iş üpjünçiligine düýpli täsirini ýetirdi. Munuň mysaly hökmünde Mary welaýatynda soňky ýyllarda döredilen «Eşretli Bagtyýar Zaman» hususy kärhanasyny we «Üç nesle dowamat» hojalyk jemgyýetini görkezmek bolar. Bu agzalan kärhanalarda täze döredilen iş orunlarynda tehniki taýdan ösen döwletleriň enjamlary we tikin maşynlary oturdyldy. Şular ýaly mysallar ýüzlerçedir. Munuň özi ilatyň iş bilen üpjünçiliginde wajyp ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzda hususy eýeçiligi we ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini ösdürmegiň ýene bir wajyp ugry innowasiýa önümçiliklerini döretmek bilen baglanyşyklydyr. «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň alyp barýan işleri bu ugurdaky işlere anyk mysaldyr. Bu hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda täze döreýän pudagyň — elektron senagatynyň önümlerini öndürmäge ýöriteleşdirilendir.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň agrosenagat toplumynda et we et önümlerini, süýt we süýt önümlerini, gök önümleri, bakja önümlerini, miweleri, ir-iýmişleri ter görnüşde-de, gaýtadan işlenip konserwirlenen görnüşde-de öndürmek, ýerlemek babatynda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Aslynda, bazar ykdysadyýetiniň şertlerinde diňe önümleri öndürmek bilen çäklenmän, eýsem, olary amatly ýerlemek hem wajyp ähmiýete eýe bolýar. Bu bolsa öz gezeginde, içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzda öndürilýän önümlere bolan islegi içgin öwrenmegi talap edýär. Dünýä tejribesinde bu ugurda döwrebap maglumat tehnologiýalary, ýagny sanly ykdysadyýet ornaşdyrylýar. Şu jähetden, döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri bolup sanly ulgama çalt depginler bilen geçmek wezipesi çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» bellenen çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi uly ösüşlere getirer.

Parahat MERETLIÝEW,

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň baş hünärmeni.

10.03.2022
Ýurt gar­şy al­syn, mäh­riban ene­ler!

Öňňin Aş­ga­bat­da we ýur­du­my­zyň welaýatlarynda Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­ni my­na­sy­bet­li Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Per­ma­ny bi­len «Ene mäh­ri» di­ýen hor­mat­ly ada my­na­syp bo­lan­la­ra tä­ze öý­le­riň açar­la­ry­ny gow­şu­ryş da­ba­ra­la­ry ge­çi­ril­di.

Aş­ga­bat. Paýtagtymyzyň Büz­me­ýin et­ra­by­nyň Al­tyn asyr kö­çe­si­niň ug­run­da ýer­leş­ýän 4 gat­ly, 32 öý­li ýa­şa­ýyş ja­ýy­nyň giň how­lu­sy toý şat­ly­gy­na bes­len­di. Baý­ram­çy­lyk bi­len ut­ga­şan türk­men toý­la­ryn­da mil­li däp-des­sur­lar ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di, ak öý­ler di­ki­lip, toý ga­zan­la­ry ata­ryl­dy.

Baý­ram­çy­lyk my­na­sy­bet­li tä­ze jaý alan 8 ça­ga­ly ze­nan­la­ryň bi­ri An­na­gö­zel Be­gen­jo­wa­dyr. Bu ag­zy­bir maş­ga­la­da 5 ogul, 3 gyz bar. Ola­ryň tä­ze goň­şu­sy bo­lan Döw­let­my­rat bi­len Säh­ra­gül Gur­ban­my­ra­dow­la­ryň bag­ty­ýar maş­ga­la­syn­da hem 5 ogul, 3 gyz ter­bi­ýe­len­ýär.

Tä­ze jaý­dan paý­ly bo­lan­la­ryň ha­ta­ryn­da Na­tal­ýa Sal­ty­ko­wa, Ogul­ge­rek Aý­mu­ham­me­do­wa hem bar. Ola­ryň ojak­la­ry-da Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­nünde go­şa to­ýa, go­şa şat­ly­ga bes­len­di.

Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Bag­ty­ýar­lyk et­ra­byn­dan öý ho­ja­lyk­çy Ogul­ge­rek Aý­mu­ham­me­do­wa 4 gy­zyň, 4 og­luň ene­si. Onuň bi­len gür­rüň­deş bo­la­ny­myz­da: «Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Şa ser­pa­ýy­ny, üç otag­ly öýüň aça­ry­ny al­mak bag­ty ma­ňa-da ne­sip et­di. Mu­ňa äh­li maş­ga­la­myz bo­lup be­gen­ýä­ris, mil­li Li­de­ri­mi­ze müň ke­ren al­kyş aýd­ýa­rys.

Bi­ze «Ene mäh­ri» di­ýen hor­mat­ly ady da­kyp, Şa ser­pa­ýy­ny ýa­pan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny sag, öm­ri uzak, tu­tum­ly iş­le­ri ro­waç bol­sun!» di­ýip, ýü­rek buý­san­jy­ny paý­laş­dy.

Da­ba­ra tamamlanandan soň­ra, tä­ze öý­ler­de des­ter­han­lar giň­den ýa­zy­lyp, toý sa­da­ka­la­ry be­ril­di.

Rah­man­ber­di GÖK­LE­ŇOW.
«Türk­me­nis­tan».
Su­ra­ta dü­şü­ren Ila­man ÇÜ­RI­ÝEW.

Ahal. Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­nü­niň da­ba­ra­la­ry we­la­ýa­tyň äh­li ýe­rin­de şat­lyk-şow­hu­na bes­lendi. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Per­ma­ny esa­syn­da «Ene mäh­ri» di­ýen hor­mat­ly ada my­na­syp bo­lan köp ça­ga­ly ene­le­ri sy­lag­la­mak esa­sy baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de gö­wün gö­te­ri­ji hä­si­ýe­te eýe bol­dy. Her ýyl­ önüm­çi­lik­de öň­de­ba­ry­jy ze­nan­la­ryň «Ze­nan kal­by» or­de­ni bi­len sy­lag­lan­ma­gy, se­kiz we şon­dan köp ça­ga­ny dün­ýä in­de­ren we ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­di­ren ene­le­re «Ene mäh­ri» di­ýen hor­mat­ly adyň da­kyl­ma­gy ze­nan­la­ra go­ýul­ýan sar­pa­nyň aý­dyň ny­şa­ny­dyr.

Köp ça­ga­ly bag­ty­ýar ene­le­riň bir­nä­çe­si­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň adyn­dan döw­re­bap ýa­şa­ýyş jaý­la­ryn­dan öý­le­riň sow­gat be­ril­me­gi Hal­ka­ra ze­nan­la­r gü­nü­niň şa­ny­na ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­la­ra aý­ra­tyn öwüş­gin çaý­dy. Öý­le­riň açar­la­ry­nyň gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­la­ry ha­ky­ky toý ru­hu­na bes­le­nip, aý­dym-sa­zyň joş­gun­ly owazy­na ulaş­dy. Änew şä­he­ri­niň «Gal­ky­nyş» ýa­şa­ýyş jaý top­lu­myn­da­ky 4 gat­ly döw­re­bap ýa­şa­ýyş ja­ýyn­dan öý sow­gat alan, Ak bug­daý et­ra­byn­dan öý ho­ja­lyk­çy Ak­nur Ho­ja­ýe­wa­nyň şat­ly­gy­nyň çä­gi ýok.

— Ma­ňa «Ene mäh­ri» di­ýen hor­mat­ly at da­kyl­dy. Äh­li amat­lyk­la­ry bo­lan ýa­şa­ýyş ja­ýyn­dan bäş otag­ly öýüň aça­ry gow­şu­ryl­dy. Şu my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len da­ba­ra gat­na­şyp, ju­da tol­gun­dy­ry­jy pur­sat­la­ry baş­dan ge­çir­dim. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz köp ça­ga­ly ene­ler ba­ra­da aý­ra­tyn ala­da edip, ola­ryň dur­muş-ýa­şa­ýyş şert­le­ri­ni bir­jik-de üns­den dü­şür­me­ýär. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne bu gün öz dur­mu­şym­da ýe­ne-de bir ge­zek göz ýe­tir­dim. Se­kiz ça­ga­nyň — bäş gyz, üç ogul per­zen­diň ene­si hök­mün­de özü­miz ba­ra­da ed­ýän bi­möç­ber ala­da­la­ry üçin mil­li Li­de­ri­mi­ze ene ýü­re­gim­den eg­sil­mez al­kyş aýd­ýa­ryn — di­ýip, Ak­nur gel­ne­je ýü­rek buý­san­jy­ny paý­laş­dy.

Aý­do ŞE­KE­ROW.
(Öz ha­bar­çy­myz).

Balkan. We­la­ýa­tyň mer­da­na hem ag­zy­bir ýa­şaý­jy­la­ry Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­ni my­na­sy­bet­li, türk­me­niň ýü­zü­niň tu­wa­gy­na de­ňe­len ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň şa­ny­na gu­ra­lan da­ba­ra­la­ry ju­da be­lent­den tu­tup, ýat­da ga­ly­jy, tä­sir­li çä­re­le­re bes­le­di­ler. Buý­sanç­ly da­ba­ra­lar Bal­kan we­la­ýat hä­kim­li­gi­niň mej­lis­ler za­lyn­da öz my­na­syp baş­lan­gy­jy­ny tap­dy. Bu ýer­de we­la­ýa­tyň et­rap­lar­ydyr şä­her­le­rin­den ge­len, “Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy” ýy­lyn­da «Ene mäh­ri» di­ýen hor­mat­ly ada my­na­syp bo­lan bal­kan­ly ze­nan­la­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň adyn­dan gym­mat ba­ha­ly sow­gat­lar da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şu­ryl­dy. Da­ba­ra­da çy­kyş eden­ler Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň öz­le­ri ba­ra­da, hal­ky­myz ha­kyn­da, esa­san hem, türk­men ze­nan­la­ry ba­ba­tyn­da ed­ýän çäk­siz ala­da­la­ry üçin mil­li Li­de­ri­mi­ze çuň­ňur ho­şal­lyk­la­ry­ny buý­sanç bi­len be­ýan et­di­ler.

We­la­ýat­da “Ene mäh­ri” di­ýen hor­mat­ly ada my­na­syp bo­lan ze­nan­la­ryň bir­nä­çe­si­ne Bal­ka­na­bat şä­he­rin­de tä­ze gur­lan köp gat­ly ýa­şa­ýyş ja­ýyn­dan äh­li amat­lyk­la­ry bo­lan dört otag­ly tä­ze öý­le­riň açar­la­ry­nyň gow­şu­ryl­ma­gy my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­lar hem ýo­ka­ry ru­hu­be­lent­li­ge bes­len­di. “Ene mäh­ri” di­ýen hor­mat­ly adyň eýe­le­ri bo­lan ze­nan­la­ryň öz maş­ga­la­la­ry bi­len tä­ze öý­le­re gö­çüp gel­mek­le­ri­niň şa­ny­na tu­tu­lan da­ba­ra­da döw­re­bap aý­dym-saz­lar belentden ýaňlandy.

— Bi­ziň maş­ga­la­my­za ber­len dört otag­ly tä­ze öý üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za al­ky­şy­my­zyň çä­gi ýok. Bi­ze bolelin we bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­ga, ha­lal zäh­met çek­mä­ge, ça­ga­la­ry­my­zy edep­li-ek­ram­ly, il­ha­lar, ylym­ly-bi­lim­li, wa­tan­çy ne­sil edip ýe­tiş­dir­mä­ge dö­red­ýän äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri, ber­ýän ýe­ňil­lik­le­ri üçin hak Ho­wan­da­ry­my­za tü­ke­nik­siz al­kyş aýd­ýa­rys — diýip, “Ene mäh­ri» di­ýen hor­mat­ly adyň eýe­si Ogul­tu­wak Al­la­ber­di­ýe­wa ýü­rek buý­san­jy­ny be­ýan etdi.

Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­ni my­na­sy­bet­li gün­ba­tar se­bi­tiň mer­ke­zi şä­he­ri Bal­ka­na­bat­da­ky «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­syn­da bo­lan kon­sert­de we­la­ýa­tyň et­rap-şä­her­le­rin­den ge­len sun­gat us­sat­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­tir­mek­le­rin­de ýaň­la­nan aý­dym-saz­lar­da Ga­raş­syz Di­ýa­ry­my­zyň be­dew bat­ly ösüş­le­ri­niň, bag­ty­ýar dur­mu­şy­my­zyň, mäh­rem ene-ma­ma­la­ry­my­zyň, nu­ra­na ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň was­py öz my­na­syp be­ýa­ny­ny tap­dy.

Ho­ja­ber­di BAÝ­RA­MOW.
(Öz ha­bar­çy­myz).
Su­ra­ta dü­şü­ren And­reý PA­KU­LOW.

Daşoguz. Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­ni we­la­ýa­t­da köp ça­ga­ly ene­le­riň hem toý şat­ly­gy­ny artdyran bagt­ly wa­ka­la­ra bes­len­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň adyn­dan bu aja­ýyp baý­ram­çy­lyk my­na­sy­bet­li köp ça­ga­ly ene­ Şem­şat Re­je­po­wa hem tä­ze jaý­dan öý be­ril­di.

Aja­ýyp ba­ha­ra görk ber­ýän toý gü­nün­de döw­let­li maş­ga­la­lar tä­ze jaý­da toý tu­tup, baý­ram­çy­ly­gyň şat­ly­gy­ny art­dyr­dy­lar. «Ene mäh­ri» di­ýen hor­mat­ly at da­ky­lyp, tä­ze jaý­dan öý­li bol­mak bag­ty mi­ýes­ser eden mäh­rem ene­ler maş­ga­la gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak, ene­li­gi we ça­ga­ly­gy go­ra­mak, ila­tyň dur­muş-ýa­şa­ýyş şert­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ba­bat­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryn­da ama­la aşyr­ýan be­ýik iş­le­ri, yzy­gi­der­li ala­da­la­ry üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za al­kyş söz­le­ri­ni aýt­dy­lar.

— Ýaz gül­le­ri ýa­ly bu owa­dan baý­ram­çy­lyk gü­ni äh­li amat­lyk­lary bolan, otag­la­ry uly hem ýag­ty, aş­ha­na­sy göw­nü­miz ýa­ly giň tä­ze öýe gö­çüp gel­dik. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň yn­san­per­wer sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de, bag­ty­ýar­lyk döw­rü­mi­ziň äh­li eş­ret­le­ri­niň hö­zi­ri­ni gö­rüp, bolelinlikde ýa­şa­ýa­rys. Aja­ýyp baý­ram­çy­lyk gü­nün­de döw­let­li sow­gat al­mak, äh­li amat­lyk­la­ry bo­lan tä­ze ja­ýa gö­çüp gel­mek bag­ty mi­ýes­ser et­di. Halkyň durmuş goraglylygy ba­ra­da ir­gin­siz ala­da ed­ýän, aba­dan ýa­şa­mak bag­ty­ny peş­geş ber­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny sag, öm­ri uzak, dur­mu­şa ge­çir­ýän be­ýik iş­le­ri he­mi­şe ro­waç bol­sun! — di­ýip, döw­re­bap jaý­dan öý alan Şem­şat Re­je­po­wa buý­san­jy­ny be­ýan ed­ýär.

Aman­my­rat SA­PA­ROW.
(Öz ha­bar­çy­myz).

Mary. Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­ni bi­ziň köp ça­ga­ly ene­le­ri­miz üçin go­şa baý­ram, go­şa toý bo­lup gel­di. Se­kiz we şon­dan köp ça­ga­ny dün­ýä in­de­rip, ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­di­ren ene­le­re hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Per­ma­ny­na la­ýyk­lyk­da, «Ene mäh­ri» di­ýen hor­mat­ly at be­ril­di. Ola­ryň kä­bi­ri­ne tä­ze ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň açar­la­ry hem gow­şu­ryl­dy.

Tä­ze öý al­mak bag­ty­na eýe bo­lan köp ça­ga­ly maş­ga­la­la­ryň bi­ri-de Mur­gap et­ra­by­nyň Mur­gap şä­he­rin­de ýa­şa­ýan Şem­şat Mom­my­ýe­wa­dyr. Öý bi­ke­si Şem­şa­dyň 5 og­ly, 3 gy­zy bar.

8 per­zen­di dün­ýä in­de­ren mäh­rem ene­le­ri­mi­ziň ýe­ne bi­ri­ne Any­pa Mäm­met­ja­no­wa diý­ýär­ler. Ol Ýo­lö­ten et­ra­by­nyň Döw­let­li ge­ňeş­li­gin­de ýa­şa­ýar. Onuň maş­ga­la­sy­na-da 3 otag­ly döw­re­bap öý sow­gat be­ril­di. Ani­pa hem ýan­ýol­da­şy Dat­hu­da bi­len 6 og­ly, 2 gy­zy ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­ýär.

Biz hem tä­ze ja­ýa gö­çüp ba­ran köp ça­ga­ly maş­ga­la­la­ra «Ýurt gar­şy al­syn!» diý­ýä­ris.

Wel­mu­ham­met GA­LAN­DA­ROW.
(Öz ha­bar­çy­myz).

Le­bap. Toý gününde köp çagaly enelere Şa serpaýlary, goşa-goşadan sowgatlar gowşuryldy. On­da-da ne sow­gat­lar! Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň Per­ma­ny bi­len da­ky­lan hor­mat­ly at we tä­ze ýa­şa­ýyş ja­ýy­nyň aça­ry! Şeý­dip, we­la­ýa­tyň ýa­şaý­jy­la­ry Al­tyn Ho­ja­ku­ly­ýe­wa bi­len Ba­dam­gül Dow­ro­no­wa şu baý­ram­da «Ene mäh­ri» di­ýen hor­mat­ly adyň hem tä­ze öýleriň eýe­si bol­du­lar. 

 Sa­ýat­ly ze­nan Al­tyn Ho­ja­ku­ly­ýe­wa­nyň ýan­ýol­da­şy Kö­mek Gur­ban­dur­dy­ýew bi­len gu­ran bagt­ly maş­ga­la­syn­da­ky il­kin­ji per­zent — Jen­net mun­dan 28 ýyl öň dün­ýä in­di. Ge­çen ýyl bol­sa bag­ty­ýar ene-ata öz­le­ri­niň se­ki­zin­ji per­zen­di­ni — Şa­za­da­jy­gy ele al­dy­lar. Şeý­dip, Kö­mek aga al­ty gy­zyň, iki og­luň bag­ty­ýar ka­ka­sy, Al­tyn gel­ne­je bol­sa hem ola­ryň bag­ty­ýar eje­si, hem aja­ýyp döw­rü­mi­ziň dö­şü­ni hor­mat­ly adyň ny­şa­ny be­ze­ýän bag­ty­ýar ze­na­ny bol­dy. Şeýle-de ozal Sa­ýat et­ra­by­nyň Gy­zy­la­ýak oba­syn­da ýa­şan bu maş­ga­la Türk­me­na­bat şä­he­rin­de sow­gat ber­len üç otag­ly döwrebap öýe gö­çüp gel­di. Al­tyn gel­ne­je baý­ram­çy­lyk sow­ga­dy üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze tüýs ýü­rek­den al­kyş aýd­ýar. 

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ady­na şeý­le al­kyş­ly söz­ler ozal Döw­let­li et­ra­by­nyň Türk­me­nis­tan ge­ňeş­li­gi­niň Ýaş­lyk oba­syn­da ýa­şan, in­di bol­sa iň tä­ze şä­her­çe­le­riň bi­ri bo­lan Köý­ten­dag et­ra­byn­da­ky Gar­lyk şä­her­çe­si­ne gö­çüp ge­len bag­ty­ýar ene Ba­dam­gül Dow­ro­no­wa­nyň di­lin­de hem se­na öw­rül­di. Şol gün Aman Na­si­ro­wyň we onuň ýan­ýol­da­şy Ba­dam­gül Dow­ro­no­wa­nyň maş­ga­la­sy­na hem täze öý sow­gat be­ril­di.

— Şu ýyl bi­ziň üçin ju­da dü­şüm­li bol­dy. Ýy­lyň il­kin­ji gü­nün­den köp ça­ga­ly ene­le­re dö­re­dil­ýän tä­ze ýe­ňil­lik­ler­den peý­da­la­nyp baş­la­dyk. Tä­ze ýa­şa­ýyş ja­ýy­ndan döwrebap öýüň be­ril­me­gi «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­ly­ny maş­ga­la ta­ry­hy­my­zyň iň şan­ly ýy­ly­na öwür­di. Mu­nuň üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­ýä­ris — di­ýip, bag­ty­ýar ene ýü­re­gi­ne syg­ma­dyk şat­ly­gy­ny paý­laş­ýar.

Aga­gel­di ITAL­MA­ZOW.

(Öz ha­bar­çy­myz). Su­ra­ta dü­şü­ren Mer­dan ORA­ZOW.

09.03.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Garaşsyz Watanymyzyň zenanlarynyň abraý-mertebesi elmydama belent bolsun!

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy

Aşgabat, 8-nji mart (TDH). Şu gün Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününe, Garaşsyz Watanymyzyň şöhratly zenanlarynyň hormatyna bagyşlanan dabara geçirildi. Baýramçylyk çäresine ýurdumyzyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly myhmanlaryň hatarynda köp çagaly eneler, zähmet weteranlary, önümçiligiň öňdebaryjylary hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň gelin-gyzlary, alymlar we medeniýet işgärleri, dürli pudaklaryň zähmetkeş zenanlary bar. Şeýle hem ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara düzümleriň zenanlary çagyryldy.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän şu ýylda zenanlaryň ajaýyp baýramyna bagyşlanan dabaraly çäreler aýratyn many-mazmuna eýedir. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, baý milli mirasymyzy aýawly gorap saklamakda we geljekki nesillerimize ýetirmekde zenanlaryň hyzmaty uludyr. Zenanlar dessanlaryň, rowaýatlaryň, gahrymançylykly eposlaryň we söýgi baradaky gazallaryň, kalplarda orun alan halk aýdymlarynyň gahrymanlarydyr. Ussat zergärler gymmat bahaly metallardan we daşlardan şaý-seplerini, joşgun bilen döreden gaýtalanmajak sungat eserlerini zenanlara bagyşlapdyrlar. Zenanlardan ylham alyp döredilenleri sanap geçmek halkyň, ýurduň taryhyny beýan etmegi aňladar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Oguz han” köşkler toplumyndan sanly ulgam arkaly baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylara goşuldy. Munuň özi zenanlarymyzyň belent hormata, söýgä mynasypdygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk çäresine gatnaşyjylary mübärekläp, ýurdumyzda dabarasy uludan tutulyp, giňden bellenýän Halkara zenanlar güni mynasybetli, şu ajaýyp baýram güni ýurdumyzyň ähli zenanlaryny — mähriban enelerimizi, eziz uýalarymyzy we gyzlarymyzy gutlamaga şertiň dörändigine örän şatdygyny belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ata-babalarymyz zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak ýaly milli däplerini müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, mukaddeslik derejesine ýetiripdir.

Mährem enä, wepaly ýanýoldaşa, mähriban uýa bolan aýratyn hormat, maşgalada gaýyn-gelin gatnaşyklarynyň kadalary asyrlardan aşyp, halkymyzyň asylly däpleri hökmünde biziň günlerimize gelipdir.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, eneler ähli döwürde-de türkmen jemgyýetinde aýratyn orun eýeläpdir. Olar maşgala ojagynyň ýylysynyň hem-de jemgyýetiň ahlak esaslarynyň, ruhy we ynsanperwer kadalarynyň gözbaşynda durupdyr. Hakykatdan hem, ynsana ýaşaýşy peşgeş beren ene hemişe-de tagzym edilmeli mukaddeslikdir. Ol Watan, ýurt, toprak bilen deň derejede goýulýandyr. «Ene toprak» diýlen düşünje hem ýöne ýerden dörän däldir. Şahyryň dili bilen aýtsak, biz enäni «dünýäniň görki we durky» hasaplaýarys.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, iň bagtly perişdeler Zemine inip, enä öwrülermiş diýen rowaýatyň bardygyny belläp geçdi. Eneleri begendirmek, razy etmek iň uly bagtdyr. Eneleriň ak patasy, alkyşy ýollaryňy açýan gudrat hasap edilýär. Rowaýatlara görä, gadym eýýamlarda Zemini doňaklyk gurşap alanda, dünýäni halas eden ene mähri bolupdyr.

Türkmen milletiniň bäş müň ýyldan hem aňyrdan gaýdýan taryhynda belli zenan şahsyýetler öçmejek yz galdyrypdyr. Ajaýyp heýkeli Nusaýdan tapylan, Parfiýanyň patyşasy Mitridatyň gyzy Rodoguna, «Güneşiň gyzy», «Asman şalygynyň gyzy» ýaly dabaraly atlar bilen tarypy ýetirilen zenan serkerde Zarina, watansöýüjiligidir mertligi dilleriň senasyna öwrülen, «Gözellik şasy» Tumar şa, Gündogarda ilkinji ylmy akademiýany esaslandyran halyf Al-Mamunyň käbesi Merjen hatyn, Togrul soltanyň aýaly Altynjan hatyn, Beýik Seljuklar döwletiniň soltany Mälik şanyň gyzy Mahmelek hatyn, Soltan Jelaleddin Meňguberdiniň aýaly Melike hatyn, Gutlug Temiriň aýaly Törebeg hanym, Seljuk soltany Gylyç Arslanyň gyzlary Melike Seljuk hatyn we Göwher Nesibe hatyn, söz mülküniň melikeleri hasaplanan Mahesti, Menije we Mähri hatyn ýaly meşhur zenanlaryň öz döwründe bitiren beýik işlerine dünýä haýran galýar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Ine, şolar ýaly meşhur zenanlaryň tagallasy bilen ençeme müňýyllyklaryň dowamynda halkymyzyň maşgala gymmatlyklarynyň mukaddesligi aýawly saklanypdyr. Şol gymmatlyklar bolsa halkymyzda ruhubelentligi hem-de ahlaklylygy, halallygy, sadalygy we zähmetsöýerligi, ynsana sarpa goýmagy terbiýeläp gelipdir.

Çeper elli türkmen zenanlarynyň tagallasy arkaly özüniň nepisligi we gözelligi bilen göreni haýran galdyrýan türkmen halylarydyr ajaýyp keşde-nagyşlary bütin dünýäde ykrar edilen sungat eserleri hökmünde biziň günlerimize ýetirildi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Türkmen zenanlarynyň geçmişde bitiren beýik işleri barada näçe aýtsaňam bärden gaýdýar. Bu işleri entek öwrenmeli, dünýä ýaýmaly diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Bellenilişi ýaly, biz Garaşsyzlyk döwründe ynsanperwerligi, edep-terbiýäni, belent ahlaklylygy wasp edýän Halkara zenanlar gününi täze many-mazmun bilen baýlaşdyryp, uly dabaralara besleýäris. Döwletimiz köp çagaly maşgalalary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak barada aýratyn alada edýär. Her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan köp çagaly eneleri sarpalamak dabarasy geçirilýär. Köp çagaly maşgalalaryň uly toparyna ýokary amatlyklary bolan täze öýleriň açarlary gowşurylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýurdumyzyň zenanlarynyň ählisine, şol sanda pensiýadaky enelere, öý hojalykçy we işleýän zenanlara, talyp gelin-gyzlara, okuwçy hem-de çagalar baglarynda terbiýelenýän körpe gyzlarymyza pul sowgatlaryny gowşurmak indi asylly däbe öwrüldi.

Häzirki döwürde Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistanyň zenanlary ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda yhlasly zähmet çekýärler. Olaryň arasynda başarjaň ýolbaşçylar, alymlar, mugallymlardyr lukmanlar, telekeçiler, deputatlar hem-de diplomatlar bar. Ýöne şol bir wagtda biz olaryň, ilkinji nobatda, aladaçyl enelerdigini, wepaly ýanýoldaşlardygyny, mähirli uýalar we gyzlardygyny, maşgala ojaklarynyň eýeleridigini, edep-ekramyň, wepalylygyň hem-de gözelligiň nusgasy bolup durýandyklaryny ýatdan çykarmaly däldiris diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Zenanlarymyz biziň gazanýan ähli üstünliklerimize, ata Watanymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Geçirýän işlerimizde, jemgyýetde demokratik kadalary, sagdyn durmuş düzgünlerini ornaşdyrmakda, milli däp-dessurlarymyzy aýawly saklamakda hem-de ösdürmekde olaryň aýratyn orny bardyr.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ösüşleri durmuşa geçirmekde, giň gerimli maksatnamalary amala aşyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary, zähmetde, jemgyýetçilik durmuşynda gazanan uly üstünlikleri, eziz Watanymyza wepaly, sagdyn, ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge goşýan asylly goşantlary üçin zenanlarymyz ýokary döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp bolýarlar.

Biz ösüp gelýän nesli terbiýelemäge, jemgyýetiň ruhy esaslaryny pugtalandyrmaga, watançylyk däplerini we umumadamzat gymmatlyklaryny berkarar etmäge, zenanlaryň hukuklarynyň hem-de bähbitleriniň goralmagyna, maşgalany we eneleri goldamaga döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýarys. Döwletimiz bu meselä geljekde hem aýratyn ähmiýet berer. Türkmenistanyň zenanlarynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy we işlemegi üçin mundan beýläk-de ähli zerur şertler dörediler. Ösüp barýan nesil, jemgyýetde ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny gorap saklamak barada hemişe alada ediler. Köp çagaly maşgalalara döwlet tarapyndan berilýän goldaw-kömek yzygiderli artdyrylar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, geçmişde ähli nusgawy şahyrlarymyzyň zenanlarymyzyň gözelligini, dür dökülýän elleriniň çeperligini, edep-ekramyny, wepalylygyny, işeňňirligini taryp edip, goşgy-gazal ýazyp, eser döredendiklerini, türkmen gelin-gyzlarynyň waspyny belentden ýetirendiklerini nygtady we beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:

Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama,
Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa —–

diýen sözlerini mysal getirdi.

Bellenilişi ýaly, mährem eneler, zenanlar ömürlerini halk üçin terbiýeli, düşünjeli perzent ýetişdirmegiň aladasyna bagyş edýärler. Olar milletiň bakylygynyň sütünidir. Hut şonuň üçin hem enäni begendirmek, zenany begendirmek dünýäni begendirmekdir. Enäni sylamak özüňi, bütin dowamatyňy sylamakdyr.

— Abraý-mertebäňiz elmydama belent bolsun! — diýip, döwlet Baştutanymyz arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda mähriban enelerimizi, eziz uýalarymyzy we gyzlarymyzy ajaýyp bahar baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ýurdumyzyň ähli zenanlaryna berk jan saglyk, egsilmez bagt, maşgala ojaklarynyň abadan bolmagyny arzuw etdi.

Dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden gutlaglary üçin hoşallyk bildirildi hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadançylygy ugrundaky beýik maksatlara ýetmekde üstünlikler arzuw edildi.

Bu gün Halkara zenanlar güni mynasybetli arzuwlardyr gutlaglar, nurana, päk duýgular baradaky tüýs ýürekden çykýan sözler, ene mähribanlygy we aladasy, ruhy jomartlyk üçin hoşallyklar beýan edildi.

Dabara gatnaşyjylaryň çykyşlarynda häzirki zaman türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynda zenanlaryň eýeleýän ornunyň barha artýandygy barada aýdyldy. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň Konstitusiýasy we milli kanunçylygymyzyň degişli namalary, şeýle hem ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän aýal-gyzlaryň bilimi, saglygy, olaryň durmuş-jemgyýetçilik derejesi bilen baglanyşykly maksatnamalar zenanlaryň hukuklaryny üpjün etmegiň hem-de goramagyň ygtybarly kepili bolup çykyş edýär.

Türkmenistanda döwletiň hemişelik aladasyny duýýan zenanlaryň kalby hemmetaraplaýyn goldawy, maşgala ojaklaryndaky abadançylygy, saýlap alan ugurlarynda öz başarnyklaryny açyp görkezmäge, öz öňlerinde bilim almagy, ählitaraplaýyn ösmegi, hünär taýdan kämilleşmegi, mynasyp bagtyýar durmuşy üpjün edýän uly geljegiň açylýandygyna düşünip, çagalaryny asuda we abadan ýurtda terbiýeläp ýetişdirmäge döredilen mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk duýgularyndan doludyr.

“Ýadymda” diýen aýdymyň ýerine ýetirilmegi şu günki baýramçylyk dabarasynyň ajaýyp we täsirli pursadyna öwrüldi. Aýdymyň sözleri we sazy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Bu eser dünýäniň ähli gözelligini özünde jemleýän päk söýgini wasp edýär.

Aýdym owadan owazy, ýüreklere aralaşýan sözleri bilen ähli diňleýjileriň kalbynyň töründen orun alyp, örän täsirli duýgulary galdyrdy, munuň şeýledigine hemmeleriň joşgunly el çarpyşmalary şaýatlyk etdi.

Bahar öwüşginleri siňdirilip, baýramçylyk görnüşinde bezelen zalda emele gelen aýratyn mähirlilik pursatlary meşhur estrada artistleriniň çykyşlary bilen dowam etdi. Olar türkmen gelin-gyzlarynyň gözelligini, söýgini, baky juwanlygy hem-de gadymy türkmen topragynyň berekedini wasp edýän ajaýyp milli mukamlary we aýdymlary ýerine ýetirdiler. Görnükli medeniýet işgärleri hormatly ene-mamalarymyzyň, uýalarymyzyň we gyzlarymyzyň adyna mähirli gutlaglarynydyr hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdiler.

Baýramçylyk konsertiniň tutuş maksatnamasyny mähirli we owadan, akylly we asylly, söýýän we söýülýän zenanyň hormatyna sena diýip atlandyrmak bolar.

Watançylyk aýdymlary söýgi mukamlary we gadymy äheňler bilen, halk döredijilik çykyşlary boýunça kompozisiýalar estrada çykyşlary we halk sazlarynyň döwrebap derejede täzeden işlenilen sazlary bilen utgaşdyryldy. Konsert maksatnamasyna döredijiliginde türkmen zenanynyň gözelligini, duýgur ene ýüreginde jemlenen ýagşylygyň we pähim-paýhasyň nury bilen şugla saçýan dünýäni wasp eden meşhur şahyrlaryň sözlerine döredilen eserler hem girizildi.

“Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly aýdym-sazly kompozisiýa baýramçylyk maksatnamasynyň bezegi boldy. Oňa Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary, çagalar aýdym-saz toparlary gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylar bu çykyşy üns bilen diňlediler. Bu ajaýyp sahna oýnunda gözellik, zenan bagty hem-de wepalylyk, kalby päklik, egsilmez ene söýgüsi hem-de mähribanlyk wasp edildi. Bu duýgular bilen zenanyň keşbi aýrylmaz arabaglanyşyklydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýagşylygyň, kiçigöwünliligiň, wepalylygyň, inçeden ajaýyp başarnygyň, gözelligiň we gaýtalanmajak ussatlygyň nusgasyny alamatlandyrýan türkmen zenanynyň abraý-mertebesiniň hemişe belent tutulandygyny nygtaýar. Bu sözlerde zenanlara däp bolan garaýyş beýan edilýär. Ajaýyp gelin-gyzlarymyzyň eýeleýän möhüm orny olaryň gadymdan gelýän asylly häsiýetinde jemlenendir: her bir ene tebigaty boýunça durmuşymyzy söýgi we mähir bilen gurşap, maşgalada, jemgyýetde, döwletde ylalaşygyň bolmagyna ýardam edip, maşgala ojagyny saklap, parahatçylygy üpjün edýär.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen watançylyk aýdymy döwlet Baştutanymyza çäksiz hoşallyk duýgusyna beslendi. Bu aýdymda döwrümiziň beýik gadamlary, döwletli tutumlary wasp edildi.

Soňra sahnada aýdymçylar — tejribeli ussatlar hem-de ýaş ýerine ýetirijiler biri-biriniň yzyndan çykyş etdiler. Olaryň Diýarymyzyň gelin-gyzlaryna bagyşlan aýdymlarynda hormat-sarpa hem-de söýgi, hoşallyk we iň oňat arzuwlar utgaşdy.

Meşhur türkmen aýdymçylarynyň ýerine ýetirmegindäki baýramçylyk çykyşlarynda söýgi we mähir, gelin-gyzlar, tebigatyň gözelligi baradaky aýdymlar dünýäniň dürli dillerinde ýaňlandy.

Ýüreklere täsir eden aýdym-saz eserleri şowhunly çykyşlar bilen utgaşyp, dabara gatnaşyjylary tans etmäge joşdurdy. Kalbyňy tolgundyrýan aýdym-sazly çykyşlar, joşgunly tanslar şowhunly el çarpyşmalaryna hem-de baýramçylyk gutlaglaryna ulaşdy. Aýdym-sazly şüweleň şahyrlara, kompozitorlara we aýdymçylara joşgunly ylham berýän türkmen baharynyň gülleýşini, zenan gözelligini beýan etdi.

Ajaýyp zenanlarymyza bagyşlanan dabaranyň ahyrynda “Diýarymyň owadan, bagtyýar zenanlary” diýen aýdym ýaňlandy. Onda ýene bir gezek ähli enelerimize, uýalarymyza we gyzlarymyza, zenanlaryň ählisine bagtyýarlyk baradaky mähirli arzuw ýaňlandy. Olar dünýämizi sazlaşyklylyk, döredijilik şatlygy hem-de belent maksatlar bilen has-da gözelleşdirýärler.

Konserte gatnaşyjylaryň ählisi bagtyýar ýaşamaga, döredijilikli zähmet çekmäge we ukyp-başarnygyňy ýüze çykarmaga döredilen hemme şertler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Baharyň we zenanlaryň bu ajaýyp baýramçylygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşynyň ruhuna has-da kybap gelýär. Onda döretmegiň hem-de täze durmuşyň şatlygy, ajaýyp oňat başlangyjyň beýany bar. Bular bolsa biziň ynamymyza, güýç-gaýratymyza we iň oňat umytlarymyza hemişe itergi berip geldi.

Şu bahar günlerinde hemme ýerde Diýarymyzyň gelin-gyzlaryna dabaraly we mähirli, resmi we şatlykly gutlaglar ýaňlandy. Olara çeperçilik sergileri, çagalaryň we ýaşlaryň bäsleşikleri, maslahatlardyr durmuş häsiýetli çäreler bagyşlandy. Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çykyşlary paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň esasy sahna meýdançalaryny, konsert zallaryny gurşap aldy.

09.03.2022