Sebitleýin ösüş: giň mümkinçilikler we möhüm wezipeler

Balkan welaýaty:  

                                                                   

 6. Yklymlara uzaýan menziller 

                                                                   

Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2017-nji ýylyň dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşiniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamany kabul etmegi Merkezi Aziýanyň we Hazarýaka sebitleriň ulag-logistika, ykdysady, geosyýasy we beýleki ugurlar boýunça iňňän özüne çekiji bolup durýandygyny ýene-de bir ýola tassyklady. 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň V sammitinde «Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda» Ylalaşyk gazanyldy. Hazarýaka sebitde özara bähbitli hyzmatdaşlygy goldamaga, parahatçylygy, howpsuzlygy we ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen şeýle möhüm ädimler kenarýaka döwletleri ulag-logistika babatda umumy tagallalary birleşdirmäge giň mümkinçilik berýär. Sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm ornuny we aýratynlygyny kesgitleýän şeýle hyzmatdaşlyga bildirilýän gyzyklanma örän ýokary bolmagynda galýar, munuň özüne ýetik sebäbi bar: Merkezi Aziýa döwletleriniň köpüsinde açyk deňiz gatnawlary ýok. Bu ýagdaý sebit döwletlerine Hazar deňziniň portlaryna çykalgany üpjün etmekde Türkmenistanyň ornuny has-da pugtalandyrýar. 2019-njy ýylyň awgustynda ýurdumyzda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumy Ýewraziýanyň «altyn derwezesi» hasaplanýan Türkmenistanyň bütindünýä ulag giňişliginiň möhüm bognuna, iri ulag-logistika merkezine, syýahatçylyk, nebit-gaz, senagat önümçilik zolagyna öwrülýändigini aýdyň görkezdi. Döwletleriň ykdysady we durmuş meselelerine uly ähmiýet berýän Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda şu ýylyň awgust aýynyň 15-16-synda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara forum hem özara hereket etmegiň möhüm ugurlaryny yglan etdi. Forum bilen ugurdaşlykda, Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga berildi. Taslama ýükleri daşamagyň, ýolagçylary gatnatmagyň döwrebap sanly tehnologiýalara esaslanýan sebitara ulgamyny döretmegi, ýükleriň hökman konteýnerlerde daşalmagyny üpjün etmegi hem-de döwlet edaralarynyň resmi taýdan ylalaşylan birnäçe ölçeglerini peýdalanmagy göz öňünde tutýar.  

                                                                   

Türkmenistan ulaglaryň ähli görnüşiniň arabaglanyşygyny berkitmekde düýpli maýalary goýup, has öňräkden uly işleriň başyny başlady. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, onuň düzümindäki parom, ýolagçy hem-de konteýner terminallary, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody, döwrebap ulag-üpjünçilik düzümleri, köpri estakadalary bolan awtomobil we demir ýollary, kenar düzüminiň köp sanly beýleki desgalary bu işleriň aýdyň netijeleridir. Täze badalga alan, başlangyç uzynlygy 250 kilometr, ini 22,5 metr bolan, iki gatnawly, her tarapa iki sany hereket zolagyndan we ýoluň ugrunda ýerleşdiriljek hyzmat ediş desgalaryndan ybarat Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedine çenli bolan awtomobil ýoly, şeýle-de onuň ugrunda umumy uzynlygy 354 metr, ini 21 metr bolan, ikitaraplaýyn gatnawly awtoulag köprüsi Hazar sebitiniň milli we halkara logistika infrastrukturasynyň üstüni ýetirer. Bu sebitde ulag-kommunikasiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, demir ýol, awtomobil, deňiz, howa ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça hem giň möçberli, maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Netijede, Türkmenbaşy şäheri sebit ähmiýetli iri ulag-logistika merkezine öwrüldi. Hususan-da, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň desgalar toplumy ýükleriň ähli görnüşini daşamakda Merkezi Aziýada we Hazarýaka döwletleriň arasynda ygtybarly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ep-esli giňeltmäge oňyn şertleri döredýär hem-de Ýewraziýa yklymynyň beýleki iri bazarlaryna çykmaga amatly logistika ugurlaryny açýar. Munuň özi goňşy döwletleriň durmuş-ykdysady taýdan has-da kuwwatlanmagyna, halkara söwdanyň ösmegine, ýurtlaryň, halklaryň we tutuş sebitleriň abadançylygynyň pugtalanmagyna alyp barýar.  

                                                                   

Balkan welaýatynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän iri ulag-logistika, kommunikasiýa taslamalaryna ýerli hem daşary ýurt lomaý maýa goýumlary gönükdirilýär. Bu ýagdaý sebiti ösdürmegiň çäklerinde syýahatçylyk, söwda-senagat, bank we maliýe-salgyt, gümrük, migrasiýa ýaly ugurlarda düýpli özgertmelere badalga berilmegini şertlendirdi. Olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi halkara hyzmatdaşlygyň doly kadalaşmagyna, bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklaryň ykdysady, geosyýasy, hukuk taýdan netijeli düzgünleşdirilmegine, şonuň ýaly-da sebit ýurtlarynyň içerki sarp ediş bazarlarynda haryt bolçulygynyň pugtalandyrylmagyna, milli pul dolanyşygynyň has-da kadalaşmagyna, serhetýaka zolaklarda ykdysady işjeňligiň düýpli artmagyna ýardam berýär.  

                                                                   

Türkmenistan ulag-üstaşyr ugurdaky çäklendirmeleri, päsgelçilikleri aradan aýyrmak, bu ugurda ösen innowasiýalary peýdalanmak, düýpli özgertmeleri alyp barmak, sebit döwletlerinde durnukly ykdysady ýagdaýy üpjün etmek maksady bilen, hemişelik hereket edýän sebit ygtyýarly edarany döretmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Sebit derejeli bitewi ulag-logistika ulgamyny kemala getirmekde ýükleri daşamagyň, ýolagçylary gatnatmagyň, özara işjeň maglumat alyşmagyň täze döredilen bitewi toruna bu ugurdaky ilkinji ädim hökmünde garalýar. Dünýä ösüşiniň häzirki şertlerinde bu çemeleşme ýokary we durnukly ykdysady ösüşi gazanmagyň bitewi konsepsiýasy hökmünde öňe sürülýär.  

                                                                   

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» kabul edildi. Bu döwürde, halkara ylalaşyklara laýyklykda, bitewi ulag giňişligini döretmek işini tamamlamak, halkara ulag hyzmatlarynyň bazarlarynda üstaşyr gatnawlaryň, multimodal usulda ýük daşamagyň, ýolagçy gatnatmagyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň netijeliligini düýpgöter ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Bu çäreler diňe bir Türkmenistanyň durnukly hem okgunly öňe gitmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň üpjün edilmegine, hyzmatdaş döwletler bilen söwda-ykdysady, ulag-logistika, syýahatçylyk ulgamlary we beýleki köp sanly ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem ýardam eder.  

                                                                   

Sebitde içerki awtomobil ýollaryny, demir ýol halkalaryny gurmak, bar bolanlarynyň durkuny döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylmaly işlere Milli maksatnamada giň orun berilýär. Balkanabat — Jebel — Gözliata — Gyzylgaýa, Balkanabat — Gumdag — Esenguly — Etrek — Magtymguly — Çendir, Balkanabat — Hazar, Serdar — Magtymguly — Daýna, Serdar — Çerkezli — Daşoguz ugurlary boýunça awtomobil, Türkmenbaşy — Gyzylgaýa — Daşoguz (700 km) demir ýollarynyň gurulmagy ilatyň durmuş-ykdysady abadançylygyny has-da pugtalandyrmaga itergi berer. Balkan welaýatynyň geoykdysady mümkinçiligi kuwwatly Türkmenistana kenarýaka sebitiň, şol sanda Ýewropa, Arap, Merkezi, Gündogar Aziýa, Ýuwaş umman döwletleri bilen halkara gatnaşyklary ýola goýmaga we yzygiderli pugtalandyrmaga örän amatly şert döredýär. Şeýle hyzmatdaşlygyň çäklerinde yklymara üstaşyr gatnaw geçelgelerini döretmek geljegi uly başlangyç bolmagynda galýar. Tagallalaryň özara birleşdirilmegi bu meseleleriň üstünlikli çözülmegine alyp barýar. Türkmenistan Hazarýaka hem-de Merkezi Aziýa döwletleri bilen oňyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde ýükleri daşamagyň ýeňilleşdirilen we çeýe hukuk hem-de nyrh syýasatyny alyp barmak, maglumatlary sanly görnüşde alyşmak, migrasiýa, gümrük, salgyt ýaly beýleki ugurdaş edaralaryň arasynda hyzmatdaşlygyň ähli görnüşini arabaglanyşdyrmak bellenildi. Sebit we halkara ähmiýetli forumlaryň netijeleri boýunça kabul edilýän bilelikdäki beýannamalarda ulaglaryň ähli görnüşiniň hemmetaraplaýyn howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, ekologiýa kadalaryny berk berjaý etmek arkaly senagaty, oba hojalygyny, syýahatçylygy, ykdysady işiň beýleki möhüm ugurlaryny has-da ösdürmek ileri tutulýar.  

                                                                   

Ýurdumyz bütindünýä ulag-logistika howpsuzlygyny üpjün etmegiň ählumumy konsepsiýasyny esaslandyrmak başlangyjyny öňe sürýär. Arkadagly Serdarymyzyň döwletli başlangyjy dünýä syýasatşynaslyk nazaryýetinde «Howpsuz ulag diplomatiýasy» diýen ada eýedir. Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçilikleri milli haryt öndürijileriň önümlerini welaýatara, galyberse-de, alysdaky sarp ediş bazarlaryna arzan bahadan daşamaga oňyn amatlyklary döredýär. Diýarymyzda ulag-logistika pudagynyň ösmegi, onuň milli ykdysadyýetiň girdejili bölegine öwrülmegi, jemi içerki önümde tutýan paýynyň barha artmagy bellärliklidir. Şu ýylyň 18-19-njy iýulynda türkmen paýtagtynda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahatyň çäklerinde Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Katar döwletiniň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň işçi komitetiniň üçünji mejlisi we Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran hem-de Täjigistan — Özbegistan —Türkmenistan — Eýran — Türkiýe transmilli geçelgelerini döretmek boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň birinji iş duşuşygy boldy. Täze ykdysady gatnaşyklar bilelikdäki oňyn tagallalary birleşdirmäge, üstaşyr gatnawlarda sanly internet, tebigy, gümrük, salgyt, tarif ýaly kadalary özara utgaşdyrmak arkaly logistikanyň tizligini we düşewüntliligini ýokarlandyrmaga ýardam berer.  

                                                                   

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň çäginde Gündogar — Günbatar, Günorta — Demirgazyk ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgelerinde işler has-da işjeňleşdirilýär. Dürli ugurlar boýunça gämi gatnaw ýollaryny döretmek hakynda gazanylýan ylalaşyklaryň çäklerinde deňiz gämiçiliginiň gerimi giňeldilýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 31-nji martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan bilelikdäki toparyny döretmek hakyndaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, toparyň türkmen bölegi we onuň düzümi tassyklanyldy. Hindistan bilen hindi deňiz terminallaryna barýan Ýewraziýa geçelgelerini döretmek barada ylalaşyk gazanyldy. Döwlet Baştutanymyzyň iýun aýynda Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň çäklerinde ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Onuň yzysüre Eýran Yslam Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde iki döwletiň arasynda ulag boýunça Hökümetara toparyny döretmek barada, 14-15-nji iýulda Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň barşynda iki döwletiň çäginiň üsti bilen Gündogar — Günbatar ugry boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini döretmekde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek hem-de tagallalary utgaşdyrmak boýunça ylalaşyklar gazanyldy.  

                                                                   

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň bir wagtyň özünde gämileriň 17-sine hyzmat etmäge mümkinçiligi bolan duralgalarynyň uzynlygy 1800 metrden geçýär. Ýakyn geljekde türkmen flotunyň gämileri Hazarýaka döwletlerden daşgary Ýewropa, Gara deňiz, Powolžýe, Zakawkazýe, Pars aýlagy, Hindistan döwletlerine we beýleki iri deňiz portlaryna ýükleri daşamaga, ýolagçylary gatnatmaga mümkinçilik alar. Döwletara söwdany ösdürmek boýunça halkara agentlikler bilen gazanylýan ylalaşyklaryň çäklerinde Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan peýdalanýan ýurtlaryň sany köpelýär, ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak hyzmatlarynyň görnüşleri we hili artýar. Halkara deňiz portundaky ownuk ýükler terminalynyň taslama ýyllyk kuwwaty 3 mln tonna, umumy ýükler terminalynyň ýyllyk kuwwaty 4 mln tonna ýüke barabardyr. Bu ýerde howa, awtomobil hem-de demir ýol ulaglary arkaly getirilen üstaşyr ýükleri ugratmaga niýetlenilen konteýner terminalynda göterijilik kuwwaty 5000 tonna bolan gämileriň 3-si gije-gündiziň dowamynda hereket edýär. Umumy geçirijilik kuwwaty 17 mln tonna barabar bolan Halkara deňiz portundan 2021-nji ýylda ýükleri daşamagyň umumy möçberi 11 million 305,3 müň tonna, şol sanda eksporta iberilen ýükleriň möçberi 6 million 580,3 müň tonna, import ýükleriň möçberi 1 million 211,8 müň tonna, üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi bolsa 353,4 müň tonna deň boldy. Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan Eýran Yslam Respublikasynyň Enzeli, Russiýanyň Astrahan, Mahaçkala, Azerbaýjanyň Baku, Gazagystanyň Aktau halkara portlaryna ýolagçylary gatnatmagyň, ýük daşamagynyň möçberi yzygiderli artýar. Gara deňze, Pars aýlagyna çykalgalary ylalaşmak arkaly Gruziýanyň Poti, Batumi portlaryna, Eýranyň Çabahar deňiz terminallaryna ulag hyzmatlary ýola goýlar.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan iri logistika taslamalary dünýäniň söwda-ykdysady gatnaşyklarynda Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşlarynyň sanyny barha artdyrýar. Bu ugurda BMG-niň howandarlygynda sebitara ulag gatnawlaryny ösdürmek boýunça Ýörite maksatnamany işläp taýýarlamak ýaly oňyn başlangyçlar ýurdumyzyň Balkan sebitini halkara derejesinde ulag-logistika, aragatnaşyk-kommunikasiýa düzümine goşmakda strategik wezipe hasaplanýar. Şeýle başlangyçlar ýurdumyzyň Hazarýaka sebitde iri ulag-logistika merkezi hökmündäki ornuny has-da pugtalandyrýar. «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan türkmen önümlerini, çig we ýarym çig mallary ýakyn hem-de uzakdaky ýurtlara ýük gämileridir tankerler arkaly eksport etmegiň ykdysady taýdan amatly ugurlary döredildi. Bu işler Türkmenistanyň dünýäniň iri bazarlaryna çykmagy üçin gün-günden täze gözýetimleri açýar.  

                                                                                                           

Hangeldi GURBANGELDIÝEW,

                       

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň Ykdysady töwekgelçilikleri seljeriş müdirliginiň başlygy.