Новости
Nusgalyk tagallalar rowaçlanýar

  Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan köpugurly, çuňňur oýlanyşykly daşary syýasatyny dünýäde parahatçylygy we sazlaşykly ösüşi üpjün etmäge gönükdirýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine halkara giňişliginde Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda netijeli döwletara gatnaşyklary ýola goýmagyň, sebitde hakyky dostluga, özara ynanyşmaga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan gatnaşyklary ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde garalýar. 

                                                                   

Häzirki wagtda halkara ulag-aragatnaşyk ýollarynyň strategik taýdan ähmiýetli çatrygynda ýerleşen ýurdumyzyň ulag-üstaşyr kuwwatyny has doly durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi bolmak bilen, häzirki döwürde onuň döwrebap ösdürilmeginde esasy orny eýeleýär. Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň ösüşini täze derejä çykarmaga, halklaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda ulag infrastrukturasyny ösdürmek meselesi hormatly Prezidentimiziň halkara gatnaşyklarynda öňe sürýän esasy strategiki ugurlarynyň biri bolmak bilen, diňe bir ýurt ýa-da sebit möçberinde däl, eýsem, dünýä derejesinde hem hyzmatdaşlygy, durnukly ösüşi, howpsuzlygy, parahatçylygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Watanymyz bu gün Ýewropa bilen Aziýa-Ýuwaş ummany sebitleriniň transkontinental ykdysady köprüsiniň wezipesini ýerine ýetirýär. Şonuň üçinem, Türkmenistan Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça halkara söwda ýollaryny birleşdirýän milli ulag düzümlerini has-da giňeltmek wezipesine uly ähmiýet berýär. Halkara ulag geçelgeleriniň dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülýän şertlerinde ýurdumyzyň çäginde yklymyň möhüm ulag merkezleri döredilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylyk söýüjilik syýasatyndan, dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alnyp, ulag-logistika ulgamlaryny ösdürmek boýunça möhüm halkara başlangyçlar öňe sürülýär we olary üstünlikli amala aşyrmagyň göreldesi görkezilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda durnukly ulag ulgamynyň ösdürilmegi boýunça öňe sürlen degişli Kararnamalaryň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilendigini, şeýle hem 2016-njy ýylda ýurdumyzda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatyň geçirilendigini, soňky ýyllarda ýurdumyzda halkara ähmiýetli awtoulag we demir ýollarynyň, howa menzilleriniň, deňiz portunyň gurlandygyny bellemek gerek. Munuň özi durnukly ykdysady ösüşi goldamakda, halklaryň abadançylygyny ýokarlandyrmakda we halkara hyzmatdaşlygyny hem-de ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmekde möhüm ähmiýetli ädimlerdir.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň kabul eden «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» ulag ulgamynyň we halkara ulag hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny ösdürmek, dünýäniň hem-de sebitiň ulag-logistika ulgamlarynyň talaplary göz öňünde tutulýar. Resminamada Türkmenistanyň ýol-ulag Kodeksini taýýarlamak, ulag babatda halkara guramalar, şol sanda BMG hem-de onuň sebitleýin komissiýalary, şeýle hem beýleki halkara düzümler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy netijeli dowam etdirmek bellenilýär. Mundan başga-da, maksatnamada ýurdumyzyň ulag pudagynyň sanly ulgama geçirilmeginiň çäklerinde BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barmak, geljekde bu ugra eksport we import amallaryny ýerine ýetirýän beýleki döwlet edaralaryny, şol sanda ýurdumyzyň ulag pudagyny baglanyşdyrmak boýunça işleri güýçlendirmek teklip edilýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň tagallalarynyň netijesinde ulag-aragatnaşyk kärhanalarynyň işiniň döwrebap derejede guralmagy, serişdeler hem-de dünýä ülňülerine laýyk gelýän aragatnaşyk enjamlary bilen üpjün edilmegi halka edilýän hyzmatlary ýokary hilli ýola goýmaga uly mümkinçilikleri döredýär. Ähli ulgamlar bilen birlikde, ulag-logistika ulgamynda hem dünýä ähmiýetli döwletli işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! 

                                                                                                           

Möwlam HAÝTGULYÝEW,

                       

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň hünärmeni.

06.08.2022
Berkararlygymyzyň mukaddes sütünleri

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda gadymy türkmen topragynda erkana ýaşaýan halkymyzyň toýlary toýa ulaşýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her bir güni il-ýurt bähbitli beýik işlere, taryhy wakalara, toý-dabaralara beslenýär. 

                                                                   

Eziz Watanymyzda her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni agzybirlikde, ruhubelentlikde, şatlyk-şowhun hem-de uly dabara bilen giňden bellenilip geçilýär. Çünki biziň ajaýyp ýurdumyz ýaşyl Tugumyzyň astynda özüniň täze taryhyny döredip, abadançylygyň hem-de ösüşiň nusgasy bolan döwlet hökmünde berkarar boldy.Konstitusiýamyzyň kabul edilmegi bilen bolsa, berkarar döwletimiziň umumy ykrar edilen demokratik kadalara esaslanýan ygtybarly kanunçylyk binýady döredildi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy biziň üçin goşa mukaddeslik bolup durýar. Esasy Kanunymyz we Döwlet baýdagymyz asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli ýörelgelerimizi özünde jemläp, umumadamzat ruhy gymmatlyklary bilen sazlaşygy emele getirýär. Munuň şeýledigine Döwlet baýdagymyzda haly gölleriniň we bitewüligi hem-de agzybirligi aňladýan bäş ýyldyzyň, ýarym Aýyň şekilleriniň ýerleşdirilmegi aýdyň subutnamadyr. 

                                                                   

Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň kabul edilenine 30 ýyl dolýar, şu geçen döwürde Konstitusiýamyzyň döwrebap derejede kämilleşdirilmegi üçin birnäçe taryhy işler amala aşyryldy. Parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, abadan durmuşyň we bagtyýar ýaşaýşyň hukuk esasyny düzýän Esasy Kanunymyzda ýurdumyzyň her bir raýatynyň konstitusion hukuklary kesgitlenendir we bu kepillikler her bir bagtyýar türkmenistanlynyň beýik geljege bolan ynamyny has-da artdyrýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, raýatlar bilim almaga, saglygy goraýyşdyr şypahana hyzmatlaryndan peýdalanmaga, zähmet çekmäge, hünärini, işiniň görnüşini we iş ýerini saýlap almaga, sagdyn hem howpsuz iş şertlerine, durmuş üpjünçiligine bolan hukuga eýedir. Ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. 

                                                                   

Başymyzyň täjine deňeýän ata Watanymyzyň mukaddes Tugunyň bu günki gün asuda asmanymyzda bagtyýarlygyň nyşany bolup parlaýandygy, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjiliginiň hem-de berkararlygynyň kepili bolup durýandygy buýsanç bilen bellärliklidir. Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy mizemez agzybirligimizi, bitewüligimizi, beýik ynsanperwerlik gymmatlyklaryna, parahatçylyk hem-de döredijilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygymyzy alamatlandyrýar. Parahatçylyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk baradaky milli düşünjelerimizi özünde jemleýän Konstitusiýamyz, dostlugymyzyň we hoşniýetliligimiziň nyşany hökmünde Ýer ýüzünde buýsançly pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň milli guwanjymyzdyr. 

                                                                   

Pederlerimiz «Adam edebinden tanalar, ýurt Tugundan» diýen ajaýyp pähimi döredipdir. Geçmişimize ser salanymyzda, Oguz begleriniň tuglary halallygyň, adyllygyň, ynsanperwerligiň güwäsi bolan bolsa, türkmenleriň dünýäniň iň gadymy halklarynyň biridigine Seljuk soltanlarynyň baýdaklary hem şaýatlyk edýär. 

                                                                   

«Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasynda: «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Türkmenistanyň halkynyň agzybirliginiň we Garaşsyzlygynyň hem-de döwlet Bitaraplygynyň nyşanydyr» diýlip bellenilmegi ýaşyl Tugumyzyň ýurdumyzyň buýsançly nyşanydygyny görkezýär. Asuda döwletimiziň ähli künjeklerinde goşa baýram toý-dabaralara beslenip, ruhubelentlikde bellenip geçilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimizi we eziz watandaşlarymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, mertebesi belent bolsun! Il-ýurt, umumadamzat bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç alsyn! 

                                                                                                           

Allanur GÖKJÄÝEW,

                       

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň  Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.

24.05.2022
Milli Liderimiziň köpugurly syýasaty täze neşirleriň sahypalarynda

Aşgabat, 21-nji ýanwar (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara habar beriş serişdelerine beren interwýulary”, “Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy” hem-de “Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti” atly syýasy kitaplaryň neşir edilmegi mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu kitaplarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredijilikli ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň saýlan netijeli daşary syýasat ugry aýdyň şöhlelendirilýär.

Foruma ylym we bilim ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary hem-de mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahata Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem çagyryldy.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly şygar astynda geçen ýyl Diýarymyzyň daşary döwletler hem-de halkara guramalar bilen üstünlikli köpugurly hyzmatdaşlygynyň, dünýä bileleşiginiň ýurdumyza, halkymyzyň baý medeni mirasyna, medeniýetine hem-de sungatyna barha artýan gyzyklanmasynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Kitaplarda beýan edilýän wakalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn täzeçillik syýasatyny aýdyňlygy bilen açyp görkezýär. Şol syýasatyň netijesinde Türkmenistan bütin dünýäde depginli ösýän, syýasy, ykdysady hem-de ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygyň baş ugruny durmuşa geçirýän döwlet hökmünde giňden tanalýar.

22.01.2022
Baş arçadan başlanan baýram

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda baýramlary baýramlara ulaşýan Watanymyzda 15-nji dekabrda paýtagtymyzdaky «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada dikeldilen ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy boldy. Şol pursat döwletimiziň ähli welaýatlarynda bezelen arçalar hem çarýana älemgoşar şuglasyny saçyp, Täze ýyl baýramçylygynyň şatlyk-şowhunynyň başlanýandygynyň buşlukçysyna öwrüldiler.

Hemmeleriň garaşýan Täze ýyl baýramynyň golaýlamagy bilen, asylly däbe eýerilip, ak mermer paýtagtymyzyň älemgoşar öwüşginli çyralar, dürli reňkli jäjeklerden eşik geýnen arçalar bilen bezelmegi diňe bir çagalaryň däl, eýsem, islendik müçedäki adamlaryň hem kalbyny baýramçylyk joşguny bilen ganatlandyrýar. Aýratynam, Baş arçanyň yşyklarynyň ýakylan güni ak paýtunly gelen Aýazbabadyr agtyjagy Garpamyk, gamyşgulak behişdi bedewlerimize atlanan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň jigitleri, ertekileriňdir multfilmleriň gahrymanlarynyň keşplerine giren çagalar hem-de baýramçylyga mahsus bezelen iki gatly awtobusdaky şadyýan körpeler Täze ýyl dabaralarynyň şowhunyny has-da artdyrdy.

Halk ertekilerimiziň baş gahrymanlarynyň biri bolan akylly Ahmediň saz-söhbedini parahatçylyk senasynyň ýaňlanýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizden çakylyk bilip, jadyly hasasy bilen uzak menzili gysgaldyp gelen Aýazbaba hem-de Garpamyk Baş arça gelmezlerinden öň, golaýda ulanylmaga berlen Aşgabat — Tejen ýokary tizlikli awtoulag ýoluna baryp gördüler. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolan arzyly myhmanlar ýolugra telewizor öndürýän «Tolkun» hojalyk kärhanasyna sowlup, bu ýerde sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri arkaly welaýatlardaky «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde dikeldilen Täze ýyl arçalarynyň töweregindäki şowhuny has-da artdyrdylar. Paýtagtymyzdaky Baş arça gelenlerinde bolsa, Gündogar senenamasynyň nyşanlarynyň lybasyna giren çagajyklaryň goşgularyny diňlänlerinden soň, Aýazbaba özüniň jadyly hasasy bilen arçany yşyklandyrdy.

GDA ýurtlarynyň merkezi şäherleriniň Täze ýyl arçalarynyň arasynda ululygy boýunça indi birnäçe ýyl bäri öňdäki orny eýeläp gelýän göwrümi 16 metre, beýikligi 38,5 metre deň bolan Baş arçanyň yşyklandyrylmagy bilen barha golaýlaýan körpeleriň we köpleriň garaşan Täze ýyl baýramyna badalga berildi. Täze ýylyňyz gutly, düşümli bolsun, eziz watandaşlar!

«Türkmen dünýäsi».

22.12.2021
Bitaraplyk — baky berkararlygyň binýady

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi ýaş türkmen döwletiniň parahat söýüjilikli we ynsanperwer daşary syýasatyna halkara bileleşiginiň beren ýokary bahasydyr. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýasynyň ikinji gezek kabul edilmegi bolsa Türkmenistanyň sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen netijeli daşary syýasatynyň ählumumy ykrar edilmeginiň doly subutnamasydyr. Rezolýusiýada sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkidilmeginde Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň taryhy tejribesi we aýgytlaýjy ähmiýeti, halkara gatnaşyklary ulgamynda dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekdäki hyzmaty ykrar edilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tamamlanyp barýan 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy mähriban Arkadagymyzyň ajaýyp başlangyçlary bilen her bir ýylymyzyň ata Watanymyzy özgerdiji umumadamzat bähbitli ýörelgelere beslenýändigine şaýatlyk edýär.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Ýurdumyzyň BMG-niň düzümlerine agzalyga saýlanmagy hem munuň aýdyň netijesidir. Şeýle-de ýurdumyz BMG-de birnäçe başlangyçlar boýunça çykyş edip, olaryň durmuşa geçirilmegi babatda anyk wezipeleri kesgitleýär. Soňky ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe möhüm ähmiýetli kararnamalaryň kabul edilmegi muny doly tassyklaýar. Olar halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly ekologiýa howpsuzlygyny gazanmak, daşky gurşawy goramak we halkara ulag geçelgelerini döretmek bilen baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň bu ugurdaky başlangyçlary, teklipleri dünýä jemgyýetçiligini gyzyklandyrýar hem-de giň goldawa eýe bolýar. Energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmeginiň howpsuzlygyny üpjün etmek ýurdumyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň biridir.

Türkmenistan dünýäde parahatçylygy üpjün etmek boýunça hem möhüm ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy muny aýdyň görkezýär. Merkez hereket edip gelýän ýyllarynyň dowamynda sebitiň ýurtlary üçin umumy bolan dürli meseleleri çözmekde we olaryň hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda uly tejribe toplady. 2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň orny» atly Rezolýusiýa kabul edildi. Şeýle-de ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda BMG-ä agza döwletleriň ählisi tarapyndan 2021-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem ýurdumyzyň parahatçylyk, ählumumy abadançylyk baradaky başlangyçlarynyň goldanylýandygyny äşgär edýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan dünýä halklarynyň bähbidine gönükdirilen asylly başlangyçlarynyň giňden goldanylýandygynyň ykrarnamasydyr.

Arslan ÇARYÝEW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.

18.12.2021
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzdaky Kabul ediş merkezinde geçirilen baýramçylyk dabarasyna gatnaşdy

12.12.2021. Şu gün ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 26 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan döwlet syýasatyny halkymyzyň bagtyýar durmuşyny berkitmegiň möhüm binýady hökmünde kesgitledi. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Milletler Bileleşigi tarapyndan esaslandyrylan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guralýan giň gerimli çäreler taryhy ähmiýetli wakalara beslendi.

Halkara derejeli çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülen ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän ýurdumyzyň Kabul ediş merkezinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabara guraldy. Oňa Arkadag Prezidentimiziň gatnaşmagy bu ýerde geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäräniň ähmiýetini artdyrdy.

Milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýän we halkara ähmiýetli senä bagyşlanyp geçirilýän dabara ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri gatnaşdylar.

Bu ýerde guralan dabaraly çärä gatnaşyjylaryň hemmesi dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagy, halkara hyzmatdaşlyk, dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselä möhüm üns berýän milli Liderimizi mähirli garşyladylar.

Dabarada döwlet Baştutanymyz çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň başynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe toýlarymyzyň toýlara ulaşýandygyny, bu gün bolsa bir supranyň başynda jem bolup, Türkmenistanyň Bitaraplyk toýunyň toýlanýandygyny belledi.

Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi, onuň mähriban Watanymyz, sebitiň ýurtlary we bütin adamzat üçin ähmiýeti barada näçe aýtsaň hem az. Taryha ser salanyňda, dünýäniň köp döwletlerinde parahatçylygyň, asudalygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegine uly gyzyklanma bildirilýändigi baradaky maglumatlaryň köpdügini bellemek gerek.

Biz häzirki döwrümiziň nyşanlaryny müňýyllyklary aşyp gelýän milli gymmatlyklarymyz bilen baglanyşdyrýarys. Türkmen Bitaraplygynyň milli köklerini yzarlap, türkmençilik ýol-ýörelgeleri, ilimiz, milletimiz, şöhratly taryhymyz dogrusynda oýlananyňda hem aýdara zat örän kändir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, paýtagtymyzda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahat geçirilip, onda geljegiň abadançylygy, ählumumy parahatçylygyň esaslary, türkmen Bitaraplygynyň gazanan tejribesi baradaky garaýyşlar beýan edildi.

Milli Liderimiz taryhda halkymyzyň milli ruhy bitewüliginiň, iň asylly häsiýetleriniň, ýörelgeleriniň, häzirki döwürde dünýä halklarynyň bähbitleri bilen berk baglanyşyklydygyny aýdyp, halkymyza mahsus bolan türkmençilik, ilimiziň milli aýratynlygy, türkmen halkynyň dünýä nusgalyk ýagşy dessurlary, ýörelgeleri döredendigini belledi. Şol bir wagtyň özünde paýhasly halkymyzyň zehininden dörän milli gymmatlyklar dünýä medeniýetiniň ösüşine ägirt uly goşant bolupdyr.

Asyrlaryň dowamynda halkymyzyň dünýä beren gymmatlyklarynyň hatarynda behişdi ahalteke bedewleriniň, ajaýyp, nepis halylaryň, edermen türkmen alabaýlarynyň aýratyn orun eýeleýändigini bellemek gerek.

Milli Liderimiz taryhyň dowamynda we häzirki döwürde halkymyzyň durmuşynda ahalteke bedewlerine möhüm ornuň degişlidigini belläp, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşy gymmatlygy hasaplanylýan ahalteke bedewleriniň Ýer ýüzüniň iň gadymy atlarynyň biridigini, olaryň milli mirasymyzdygyny, köňül buýsanjymyzdygyny belledi.

Ýeri gelende aýtsak, boş wagtlary çeper döredijilik bilen meşgullanýan milli Liderimiz “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” ýaly ajaýyp eserleriniň üsti bilen türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlyklarynyň hatarynda möhüm orun eýeleýän ýelden ýüwrük bedewler barada taryhy we çuň manyly maglumatlary, ahalteke bedewleriniň özboluşly aýratynlyklaryny beýan etdi.

Ahalteke bedewleri owadanlygy, gylyk-häsiýeti, düşbüligi we ýyndamlygy bilen giňden bellidir. Şu ýerde bir zady aýratyn bellemek isleýärin, ol hem ýurdumyzyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary çylşyrymly hem-de örän täsirli çykyşlary bilen dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän abraýly bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeledi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň buýsanjyna we dünýä ýurtlarynyň atşynaslarynyň çuňňur söýgüsine mynasyp bolan ahalteke bedewleriniň ukybynyň köpugurlydygyny aýratyn belledi.

Halkymyzyň «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» diýen pähimi döretmegi pederlerimiziň bedewlere aýratyn sarpa goýandygyny aňladýar. Biziň milli buýsanjymyz, Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi bolan ahalteke bedewi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň hakyky simwolydyr, onuň parahatçylyga we dünýäniň ähli halklary bilen dostluga ymtylyşynyň şaýadydyr diýip, milli Liderimiz belledi hem-de bu asylly garaýyşlaryň Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynda öz beýanyny tapýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň dowamynda türkmen Bitaraplygynyň aýratyn orny barada aýdyp, halkymyzyň bedew atyň üstünde asudalygy, abadançylygy, parahatçylygy gorandygyny, ýelden ýüwrük bedewi bilen dünýä ýaýrandygyny we Zemin içre parahatçylygy berkarar etmek ugrunda tagalla edendigini belledi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, şu ýylyň noýabr aýynda Glazgo şäherinde Şotlandiýanyň maslahatlar merkezinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda hemmeleri biynjalyk edýän global soraglara seredildi. Bu barada bolsa paýtagtymyzda geçirilen halkara maslahatda aýratyn bellenildi. Umuman, ekologik abadançylyk, tebigata aýawly çemeleşmek, ony gorap saklamak dünýäde wajyp meselä öwrüldi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň bu ugurda jogapkärçiligi duýmak bilen, tebigy baýlyklara, janly-jandarlara örän oýlanyşykly çemeleşýändigini aýdyp, halkymyzyň diňe behişdi bedewine, merdana alabaýyna goýýan sarpasynyň muňa anyk mysal bolup durýandygyny nygtady we bu ugurda alnyp barylýan işleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigini nygtady.

Global ekologiýa, dünýäniň haýwanat dünýäsi barada aýdylanda, biziň ýurdumyzda bu ugurda ägirt uly işleriň bitirilýändigini bellemelidiris. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagy başarypdyr.

Pederlerimiziň döreden milli gymmatlyklary, aýratyn-da, edermen türkmen alabaýlary tebigatyň özboluşly aýratynlygy bilen sazlaşykda kemala gelipdir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Alabaýlaryň edermenligi, wepalylygy barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen alabaýy” atly kitabynda anyk maglumatlar beýan edilýär. Milli Liderimiziň ajaýyp eserinde bir edermen alabaýyň birnäçe obany howpdan halas edendigi bilen bagly rowaýatlaryň bardygy hemmelere mälimdir.

Türkmen alabaýlarynyň ýetişdirilişi hem özboluşly sungatdyr. Türkmen halky ýetişdiren jandarlaryna-da özüniň paýhasyny, häsiýetini, tebigylygyny siňdirýär. Şeýle terbiýesi bolansoň, türkmen alabaýy her bir kişiniň niýetini bilýär. Eger gowy niýet bilen gelse, diňe gözi bilen garşylap, ony ugradýar. Eger göwnünde azajyk-da bolsa ýaramaz niýet bolaýsa, onda ol topulmakdanam, ýarmakdanam gaýdanok diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Ylalaşyklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynsanperwerlik, wepadarlyk, edermenlik ýaly häsiýetler ata-babalarymyzdan biziň damarlarymyza, süňňümize, aňyýetimize ornan häsiýetlerdir.

Hormatly Prezidentimiz şunuň ýaly asylly ýörelgeleriň türkmen Bitaraplygynyň özenini düzýändigini, onuň düýp manysynyň bolsa asudalygy, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekden ybaratdygyny belläp, Bitaraplyk derejesine esaslanýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň ýurdumyzda, sebitde we bütin dünýäde giňden wagyz edilmegine zerur ähmiýet berilýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara bileleşik tarapyndan doly goldanylmagy we dünýäniň abraýly halkara guramasy — Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmegi tutuş asyryň, diňe türkmen dünýäsiniň däl, häzirki zaman adamzat dünýäsiniň hem örän uly we möhüm wakasy boldy. Adamzadyň durmuşyny we ýurtlaryň gatnaşygyny guramakda, dogry alyp gitmekde täzelik getiren waka boldy. Güneşli ýurduň mähriban adamlarynyň nurana kalbynyň ýylysy bolup dünýä doldy diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň milletiň erkana we özerkli ýaşaýşynyň kepilidigini belläp, onuň bürgüt hem-de laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaýşyna meňzeşdigini, erkana guşlaryň öz goşa ganatlaryna daýanýandyklaryny, edil şonuň ýaly, Garaşsyzlyk bilen Bitaraplygyň hem türkmen döwletliliginiň goşa ganatydygyny aýratyn nygtady.

Nepis halylar barada aýdanymyzda-da, ene-mamalarymyz bu halylarymyzy sünnäläp dokapdyrlar. Ol örän inçe sungat bolup, halyçylyk däpleri asyrlaryň dowamynda döwürleri we nesilleri baglanyşdyryp, gelin-gyzlarymyzyň yhlasy netijesinde biziň günlerimize gelip ýetipdir we bu sungat häzirki döwürde döwrebap derejede kämilleşdirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, her halyda, iň bir kiçijek halyda hem millionlap çitim bar. Has takygy, halynyň bir inedördül metrinde ýarym milliondan gowrak çitim ýerleşýär. Türkmen gelin-gyzlary dünýäde meşhurlyk gazanan halylary örän sünnäläp, yhlas bilen dokapdyrlar. Sungat derejesine göterilen halyçylyk hünäri inçe döredijiligiň, zehiniň, irginsiz zähmetiň netijesidir. Taryhy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän nepis türkmen halylary inçeligi, reňkleriniň sazlaşygy we özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanypdyr.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” atly çuňňur many-mazmuna eýe bolan ajaýyp kitaplarynda nepisligi, inçeligi, ýüpek ýaly ýumşaklygy, dürli öwüşgini, gözüňi gamaşdyrýan owadanlygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyz barada giňişleýin gürrüň berýär.

Kitaplarda bellenilişi ýaly, özboluşly türkmen halylarynda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary, sungatyna, asylly däp-dessurlaryna bolan egsilmez söýgüsi jemlenendir. Döwlet nyşanlarymyzda türkmen haly gölleriniň ýerleşdirilmegi bolsa ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylygyň nyşanydyr, halkymyzyň rowaçlyklara beslenen şu gününe buýsanjynyň, röwşen geljegine ynamynyň alamatydyr.

Milli Liderimiz ene-mamalarymyzyň eline daragyny alyp, “ýa bisimilla” diýip, haly dokap başlanlarynda, ilki bilen, “topragy” bitirýändiklerini, soňra bolsa «äleme» geçilýändigini, onuň bolsa asman bilen Zemin aralygyny, tutuş adamzadyň dünýäsini, parahatçylygy öz içine alýandygyny belledi. Şunuň aňyrsynda-da uly many bar. Ol ähli asylly tutumlaryň binýadynyň toprakdan başlanýandygyny aňladýar. Men her bir adamda, onuň milletiniň tapawudy ýok, hökman bir zada yrym etmeli diýlen düşünjäniň däl-de, onuň göwnünde ynam bardygyna ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň hala salýan nobatdaky nagşyny “aşyjak” diýip atlandyrýandyklaryny, onuň aňyrsynda bolsa ýagşy niýetiň, ynam-umydyň bardygyny, munuň maşgalada oglanjygyň, geljekki gerçek ýigidiň dünýä inmeginiň arzuwydygyny belledi.

Milli Liderimiz Oguz han atamyzdan başlap, geçmişde meşhur türkmen akyldarlarynyň, syýasatşynaslarynyň, nusgawy şahyrlaryň öz iş alyp baran ugurlary boýunça taryhda öçmejek yz goýandyklaryny belläp, Baýram han, Abdyrahym han-hanan, Jelaleddin Türkmen ýaly köp gerçekleriň milletiň şanyna şan, şöhratyna şöhrat goşandyklaryny aýratyn nygtady. Olaryň bitiren beýik işlerine buýsanylýar, ýaş nesiller olaryň watançylyk ruhunda terbiýelenilýär.

Türkmeniň taryhynda Alp Arslan, Görogly beg ýaly edermen şahslar, Magtymguly Pyragy, Mämmetweli Kemine, Gurbandurdy Zelili, Seýitnazar Seýdi ýaly ajaýyp söz ussatlary halkymyzyň agzybirligi, ýurduň berkararlygy ugrunda akyl-paýhasyň, gaýduwsyzlygyň we çeper sözüň üsti bilen göreşipdirler. Olar halka hyzmat etmegiň, Watana wepalylygyň ajaýyp nusgasyny görkezipdirler diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýunyň uly dabaralara beslenjekdigini, ony bilelikde giňden bellemegiň, nusgawy şahyryň hormatyna uly toý tutmagyň meýilleşdirilendigini nygtady.

Milli Liderimiz Magtymguly Pyragynyň öz döwründe aýdan pelsepe sözleriniň, arzuwlarynyň häzirki döwürde amala aşyrylýandygyny aýdyp, nusgawy şahyryň:

Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň —

diýen arzuwly goşgy setirlerini okady.

Ine, şu gün, biz Magtymguly atamyzyň belläp geçişi ýaly, bir dogan ýaly bir supranyň başynda otyrys. Munuň özi döwletlilikden nyşandyr. Türkmen ilinde «Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýen pähim bar. Hemmämiziň bilelikde şanly senäniň hormatyna guralýan dabaralara gatnaşmagymyz agzybirligiň, parahatçylygyň, durnukly ösüşiň berkarar bolýandygyny görkezýän hakykat dälmi?! — diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň milli şygryýetiniň nurana eýýamynyň parlak ýyldyzydyr. Akyldar şahyr özüniň ajaýyp goşgy setirleri bilen hoşniýetliligi, parahatçylyk söýüjiligi, açyklygy, kalbynyň giňligi bilen dünýä tanadan türkmen halkynyň edebi sütünleriniň biridir. Şeýle hem milli Liderimiz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyryljakdygyny belledi. Bu sene mynasybetli guraljak ähmiýetli çäreler beýik şahyryň ýürege ýakyn şygryýetine, nesiller üçin durmuş ýörelgesine öwrülen ajaýyp eserlerine goýulýan hormatyň nyşany bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň BMG, asla ähli ýurtlar tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip ykrar edilendigini, biziň hem öz gezegimizde bu ýyly “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip yglan edendigimizi belläp, jemlenip barýan ýylda Halkara Bitaraplyk gününiň uly dabaralara beslenýändigini aýtdy.

Milli Liderimiz her bir adamyň şanly senäni mynasyp garşylamak maksady bilen, oňa özboluşly sowgatly gelýändigini aýdyp, özüniň hem bu baýramçylyga bagyşlap täze goşgy ýazandygyny, ony “Ýaşasyn parahat durmuş!” diýip atlandyrandygyny belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz hemmeleri ýene bir gezek Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlap, olara berk jan saglyk, rowaçlyk, maşgala abadançylygyny hem-de Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Bu ýerde guralan dabara Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk derejesiniň berilmeginiň 26 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli taýýarlanan baýramçylyk konserti bilen dowam etdi.

Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary özleriniň belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň pugtalanmagynda möhüm ähmiýeti bolan ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesini hem-de Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işleri wasp etdiler.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamasy dünýäniň abadançylygyna, parahatçylygyň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejede hem-de birek-birege hormat goýmak esasynda guralmagyna gönükdirilen ýörelgeleriň berkarar bolmagyny şertlendirdi.

Gözel paýtagtymyzda “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” ady bilen geçirilen halkara maslahatyň dowamynda kabul edilen çözgütler, gol çekilen resminamalar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň sebit we ählumumy möçberde parahatçylygyň, asudalygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Şanly sene mynasybetli guralýan dabaralaryň aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşmagy türkmen halkynyň döreden asylly ýörelgeleriniň häzirki döwürde rowaçlyklara beslenýändigini aňladýar. Taryhyň dowamynda dünýä ähmiýetli milli gymmatlyklary döreden halkymyz toý-dabaralary ýatda galyjy pursatlara beslemegi özboluşly ýörelgä öwürdi. Munuň özi ýurdumyzda giňden bellenilýän toý-baýramlarda has aýdyňlygy bilen beýan edilýär.

Sungat ussatlarynyň çykyşlary Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guralan dabaranyň many-mazmunyny has-da baýlaşdyryp, halkymyzyň milli Liderimiziň baştutanlygynda bagtyýar durmuşy gurýandygyny, şöhratly pederlerimiziň nurana arzuwlarynyň amala aşýandygyny görkezen pursatlar boldy. Bu ýerde ýaňlanan aýdym-sazlar dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Munuň özi sungat ussatlarynyň ajaýyp zehinlerine berlen ýokary bahadyr.

Baýramçylyk konsertiniň dowamynda abraýly halkara guramalaryň ýanynda Türkmenistana wekilçilik edýänler, daşary ýurtly ilçiler hem-de halkara guramalaryň ýurdumyzda işleýän wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we döredijilik işgärleri çykyş edip, baýramçylyk konsertine gatnaşyjylary we tutuş türkmen halkyny Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutladylar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny has-da dabaralandyrmaga, howpsuzlygyň, durnuklylygyň hem-de ösüşiň binýadyny pugtalandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär.

Aýdym-sazly çykyşlaryň dabara gatnaşyjylaryň gutlag sözleri bilen utgaşmagy bu ýerde guralan baýramçylyk konsertiniň ähmiýetini we derejesini has-da artdyrdy. Mälim bolşy ýaly, özygtyýarly Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesi BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Şunuň bilen baglylykda, her ýylyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni hökmünde giňden bellenilýär.

Häzirki döwürde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty dünýäniň islendik gyzyklanma bildirýän döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek, ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda howpsuzlygy üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri esasy ugur edinýär.

Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça Türkmenistanyň amala aşyrýan işleriniň rowaçlyklara beslenmeginde ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatyna wajyp ornuň degişlidigini bellemek gerek. Türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň, ähmiýetli eserleriniň we özboluşly senetleriniň halkara derejede ykrar edilmegi olaryň tutuş adamzat üçin gymmatlydygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Ajaýyp binada guralan baýramçylyk konsertinde hut şu ýörelgeleriň öz beýanyny tapmagy ýurdumyzda şanly seneleriň hormatyna geçirilýän dabaralaryň özboluşly mazmuna eýedigini hem-de ýatda galyjy, şatlykly pursatlara beslenýändigini aňladýar.

Baýramçylyk konsertiniň dowamynda döwlet işinden boş wagtlary çeper döredijilik bilen meşgullanýan Arkadag Prezidentimiziň döreden aýdymynyň ýaňlanmagy bu ýerde guralan dabaranyň ähmiýetini artdyrdy. Milli sungat eserleriniň naýbaşylarynyň birine öwrülen bu aýdym baýramçylyk konsertine gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Bu ýerde guralan aýdym-sazly çykyşlar, aýratyn-da, “Dünýä dursun parahat!” atly aýdymy dünýäniň birnäçe ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň türkmen dilinde ýerine ýetirmegi Türkmenistanyň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, howpsuzlyk, durnukly ösüş baradaky ajaýyp başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Soňra “Mertebäňiz dünýä dolsun, Arkadag!” atly joşgunly aýdym ýaňlandy. Ol baýramçylyk konsertiniň jemini jemledi. Dabara gatnaşyjylaryň hemmesiniň goşulmagynda ýerine ýetirilen bu aýdym bagtyýar zamana, döredijilikli zähmet hem-de amatly ýaşaýyş ugrunda tagalla edýän Arkadag Prezidentimize halkymyzyň adyndan aýdylan hoşallyk sözleri hökmünde kabul edildi.

Baýramçylyk konserti tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleri ýurdumyzda giňden dabaralandyrylan bu ajaýyp sene bilen ýene-de bir gezek gutlady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasaty dünýä ösüşiniň häzirki zaman mümkinçiliklerini, şol bir wagtyň özünde milli we umumadamzat bähbitlerini esasy ugur edinýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň gelýän myhmana “Gelen — döwlet” diýip ýüzlenýändigini, şeýle hem türkmen ilinde “Myhman — ataňdan uly” diýen paýhasly jümläniň bardygyny, şeýlelikde, myhmanlaryň ornunyň tördedigini belläp, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalara işjeň gatnaşýandyklary üçin halkara guramalaryň wekillerine, daşary ýurtlaryň ilçilerine minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň durmuş-ykdysady ösüşiniň, abadançylygyň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň mizemez binýadydygyny belläp, soňky ýyllarda ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň oňyn netije berýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlag sözüniň ahyrynda hemmelere rowaçlyk arzuw edip, tutuş halkymyzy ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen hem gutlady we bu ýerden ugrady.

www.tdh.gov.tm

15.12.2021
Hoşniýetlilige we ynsanpwerlige esaslanýan gymmatlyk

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bolup geçýän we jemgyýetiň ähli ugurlaryny gurşap alýan ýatdan çykmajak wakalar hem-de düýpli özgertmeler taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýar. Ajaýyp döwürde ýurdumyzy syýasy, ykdysady, ruhy-medeni taýdan täze belentliklere çykarmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak boýunça işler täze many-mazmuna eýe bolýar. Milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, mahlasy, ähli ulgamlarynda giňden ýaýbaňlandyrylan özgertmeler her bir adamyň kalbynda çuňňur kanagatlanma hem-de buýsanç duýgularyny döredýär. Özüniň röwşen geljegini ynamly gurýan Türkmenistan bu günki gün ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly, agzybir, asuda, ýaşaýyş-durmuş taýdan eşretli, parahatçylyk söýüji, ylalaşdyryjy döwlet hökmünde dünýäde doly ykrar edildi.

Türkmen halkynyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan gözbaş alýan hemişelik Bitaraplygymyz ýurdumyzyň daşary syýasatynyň, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge çemeleşmeleriniň esasy bolup, ol Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilendir. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän türkmen döwleti halkara hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge, ählumumy agzybirligiň we howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine goşant goşýar. Türkmenistan bilen dünýäniň ýurtlarynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary täze derejä eýe boldy. Ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin täze mümkinçilikler açyldy. ªunuň bilen baglylykda, ata Watanymyzyň durmuşa geçirýän ynsanperwer işleri döwletimiziň halkara  abraýyny pugtalandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň halkara derejede umumadamzat ähmiýetli, dünýä bähbitli parasatly başlangyçlary öňe sürmegi we onuň dünýä ýüzünde gyzgyn goldaw tapmagy olaryň halklaryň bähbidine gönükdirilendigi bilen baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda öňde goýulýan aýdyň maksatlar, amal edilýän işler hoşniýetli türkmen Bitaraplygynyň rowaçlanýandygynyň kepili bolup durýar. Bu bolsa ýurdumyzyň parasatly we hoşniýetli daşary syýasatynyň dünýä ýüzünde dabaralanýandygyny subut edýär.

Watanymyzyň halkara derejedäki abraýyny belende götermek ugrunda bimöçber işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary hemişe rowaçlyklara beslensin!

Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.




11.12.2021
Türkmen Bitaraplygynyň milli kökleri

Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, döwletimiziň bitaraplyk syýasatynyň özeninde milli ýörelgelerimiz durandyr. Milli Liderimiziň dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň rowaçlanmagy ugrundaky taryhy hyzmatlary, ilkinji nobatda, döwletimiziň şu halkara hukuk derejesine daýanýar. Munuň özi dünýäni parahatçylyk we ösüş nukdaýnazaryndan jebisleşdirýän syýasatdyr. Bu syýasatyň özeninde, hakykatdan-da, halkymyzyň ýaşaýşyň düzgün-kadasyna öwrülen päkize arzuw-umytlary, gowy gylyk-häsiýetleri, kämil dünýägaraýşy, däp-dessurlary durandyr. Hormatly Prezidentimiziň parasat hem zehin siňdirip döreden kitaplarynda, edil şonuň ýaly, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda bular barada düýpli pikir ýöredilýär.

Gahryman Arkadagymyz döwletimiziň bitaraplyk syýasatynyň milli kökleri barada aýdanda, adamlaryň arasynda dörän düşünişmezligi aradan aýyrmagyň esasy ýoly hökmünde ata-babalarymyzyň töwellaçylyk däbini hem ýatlap, ine, şeýle belleýär: «Töwella etmeklik söze, pähime daýanyp, ylalaşyga gelinmegini aňladýar. Töwella etmek bilen uly ýalňyşlyklaryň öňi alynýar, her ýagdaý haýyr işe tarap ugrukdyrylýar. Töwellaçylyk işi iki adamyň arasyndaky ýagdaýdan başlap, uly we has uly meselelere, ýurtlaryň arasyndaky meselelere çenli aralaşyp, ol meseleleri çözmegiň möhüm guraly bolup, halkara diplomatiýa derejelerine çenli ösüp, kämilleşip, hyzmat edip gelendir».

Türkmenistanyň goranmak häsiýetli harby doktrinasy bar. Harby meseledäki bu ýörelgäniň bitaraplyk syýasatymyz bilen gönüden-göni baglanyşyklydygy düşnüklidir. Hormatly Prezidentimiz munuň biziň gadymy milli ýörelgämizdigini, taryhymyzyň has irki döwürlerinde peýda bolandygyny açyp görkezmek bilen şeýle diýýär: «Oguz hanyň parahatçylykly ýörişleri antik döwrüň şöhratly ýazgylaryndaky asly gadymy saklardan bolan meşhur akyldar Anaharsisiň: «Biz ýaraglarymyzy başga biriniň garşysyna ulanmak üçin edinmedik, biz olary gerek bolan ýerinde özümizi goramak üçin edindik» diýen pikirini doly tassyk edýär». Şunuň bilen baglanyşyklylykda, anyk bir adam zehini, duýgy-düşünjesi bilen dörän pikirleriň adamzat durmuşyny bagta tarap alyp gidýän taglymat bolup bilýändigini, olaryň halkyň ýüreginden baky orun alandygyny düşündirýär. Bu babatda has gadymy taryhymyzdan başlap, soňra Orhon-Ýeniseý ýazgylarymyzy, Hoja Ahmet Ýasawynyň, Omar Haýýamyň, Möwlana Jelaletdin Rumynyň, Magtymguly Pyragynyň, ondan soňky söz ussatlarymyzyň eserlerini ýatlaýar. Şu ýagdaýyň müňlerçe ýyllyk taryhymyzy, aňyýetimizi, bütin döredijilik, akyl-parasat dünýämizi bir kökene düzýändigini, ruhy bitewüligimizi ybarat edýändigini nygtaýar. Gahryman Arkadagymyzyň şeýle pikirleri milletiň we adamzadyň durmuşyny, onuň dürli meselelerini her taraplaýyn seljermekde örän özboluşlydyr, sapak alarlykdyr.

Oguz han iň soňky mümkinçilige çenli parahatçylygy saklamagy wesýet edipdir. Onuň nesillerine agzybirlik hakynda aýdanlaryny hemmeler bilýändirler. Şonuň ýaly-da Oguz han: «Gylyjyňyzdan gan dammazdan owal diliňizden parasat aksyn!» diýipdir. Mälik şa: «Parahatçylyk bilen gazanylýan ýeňşiň ýanynda ok-ýaragyň güýji hiç zatdyr» diýipdir. Ol uruş, zorluk bilen däl-de, mähir we parahatçylyk bilen dünýäni boýun egdiripdir. Baýram han: «Parahat we agzybir ýaşamak sungaty bilen deňeşdirilende, uruşda ýeňiş gazanmak sungaty hiç zatdyr» diýipdir. Şükür bagşy gylyç syryp duran dyzmaç ýigitleriň hyzmatyny çäresizlik ýagdaýy üçin goýup, sazy bilen ýola düşüpdir...

Gahryman Arkadagymyz türkmenleriň biziň eýýamymyzdan öňki döwürlerden bäri öňüni alyş diplomatiýasyny ulanandyklaryny aýdýar. Munuň özi döwletiň we halkyň bähbidi üçin zerur bolupdyr. Gan dökülmegine ýol bermezlik, parahatçylyk, ylalaşyk, ynanyşmak üçin zerur bolupdyr. Bu günki dünýäde öňüni alyş diplomatiýasy juda çynlakaý işe öwrüldi. Bu ýurtlar, sebitler, yklymlar üçin, netijede, bütin adamzat üçin möhümdir. Muňa dünýä bileleşigi aýratyn üns berýär. Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň biziň ýurdumyzda — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynda döredilmegi, öz işini üstünlikli dowam etdirmegi, elbetde, halkymyzyň köpasyrlyk taryhy tejribesi bilen, ýurdumyzyň parahatçylygy ileri tutýan döwlet syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ylalaşdyryjy merkez, parahatçylygyň daýanjy hökmünde sebitde we dünýäde möhüm orun eýeläp gelýär.

Bu gün dünýäde döwletiň bitaraplygy baradaky düşünje ozalky wagtlaýyn we adaty häsiýetinden çykyp, düýbünden başga häsiýete — hemişelige, durnukly ýagdaýa eýe bolandyr. Bu biziň döwletimiziň dünýä beren gymmatlygydyr. Ýurdumyz adamzadyň taryhynda ilkinji gezek: şeýle uly syýasaty öňe sürdi — dünýä bileleşigine ykrar etdirdi — gyşarnyksyz alyp barýar. Ikinji bir tarapdan, bitaraplyk syýasaty öz milli bähbitlerimize, şeýle-de dünýä halklarynyň bähbitlerine laýyklykda saýlanyp alnandygyna görä, milli çäklerden çykyp, adamzat üçin taryhy hadysa öwrülendir.

Adamzat adalatyň, ösüşiň hem parahatçylygyň hatyrasyna has kämil ýörelgäniň zerurlykdygy hakynda düýpli pikirlenmäge mejburdyr. Şeýle döwürde ýurdumyzyň bu ýörelgesiniň gymmaty aýratyn uludyr. Şuňa görä, döwlet syýasatynda bitaraplygymyza garaşsyzlygymyz bilen deň derejedäki gymmatlyk hökmünde garalýar. Muny hormatly Prezidentimiziň: «...Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr!» diýen sözleri hem doly tassyklaýar.

Adamzat mydama parahatlygy, erkanalygy isläpdir. Rahat hem bagtly durmuşyň şundadygyna düşünipdir. Emma hiç bir meseläniň çözgüdi arzuw bilen tamamlanmaýar. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, «şeýle ygtybarly ýaşaýşy döretmegiň hem öz ugruny — ýoluny-ýörelgesini tapmaly, tapanyňdan soň hem ony bozman, dogry alyp gitmegi başarmaly». Ýurdumyzyň bitaraplyk syýasatynda bularyň ählisi — kämil düşünjeler hem, bu düşünjeleri durmuşda ulanmagyň kämil ýörelgesi hem, iş ýüzündäki tagallalar hem jemlenendir.

Hormatly Prezidentimiz adamzada aýdyň ýol görkezip bilýän milli ýörelgeleri juda çuňňur, bütin inçeligi bilen yzarlaýar, olar babatda dogry netijeleri öňe sürýär. Halkyň agzybirliginiň gymmaty, halkyň bir jan-ten bolup birleşmegi, bir maksada gulluk etmegi, şeýle halkyň döwletiniň berkdigi, mäkämdigi, bozulmazdygy... Külli adamzadyň agzybirligi, bir Zeminiň ýüzünde dost-dogan bolup ýaşamagy... Bütin adamzat iň dogry, iň kämil ýoldan — agzybirlik, abadanlyk, dostanalyk ýolundan ýörese, onuň durmuşynyň hemişe gowy boljakdygy, rahatlygyň, eşretiň gujagynda ýaşajakdygy baradaky pikiri Gahryman Arkadagymyz, edil deňizden dür çykaran ýaly, milli parasatdan çykarýar. Milli Liderimiz milletiň ruhy, onda-da köp müňýyllyk bitewi ruhy bilen birleşýän pikirleri tapýar. Şeýle pikir-garaýyşlaryň bu günki berkarar döwletimiziň syýasatyny düzmäge gatnaşýandygyny, has dogrusy, döwlet syýasatymyzyň esasynda durandygyny düşündirýär.

Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, ata-babalarymyz geljegiň aladasynyň Zemin halklarynyň ählisi üçin hem umumy aladadygyndan ugur alypdyrlar. Şonuň üçin olar il-uluslar bilen dostlukly gatnaşmaga aýratyn ähmiýet beripdirler. Şeýle garaýyşlar halkara derejeli derwaýys wezipeleriň netijeli çözülmeginde häzirki döwürde hem uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň adamzadyň ösüşi, parahatçylygy bilen baglanyşykly başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldaw tapýandygy, bular boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalar çykarýandygy hem türkmen akyl-parasatynyň adamzat gymmatlygyna öwrülýändigini aýdyň görkezip durandyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary we BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni, 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi ýaly taryhy wakalar hem muňa doly şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda bu ýylyň şygarynyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi hem Gahryman Arkadagymyzyň abadançylyk baradaky başlangyçlary, tagallalary bilen baglanyşyklydyr. Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän we dünýä bileleşigi tarapyndan biragyzdan goldanylýan başlangyçlar, olaryň durmuşa geçirilmegi diňe öz halkymyz üçin däl, dünýä halklary üçin hem örän bähbitlidir. Şu ýerden hem türkmen Lideriniň parasatly syýasatçy, adamzadyň bagty ugrunda ýadawsyz göreşiji hökmündäki işleriniň milli çäklerden çykyp, adamzat gymmatlygyna öwrülýändigine düşünmek mümkindir.

Hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Awazada bolan konsultatiw duşuşygyndaky taryhy çykyşyny ýatlasymyz gelýär. Şonda Gahryman Arkadagymyz: «Biziň bilelikde çözüp bilmejek meselämiz ýokdur» diýipdi. Sebitiň ýurtlarynyň dürli ugurdan örän uly mümkinçiliklere eýedigini nygtapdy. Şol mümkinçiliklerden akylly-başly peýdalanylmagy biziň ýurtlarymyzyň her biriniň abadançylyk, rowaçlyk, ösüş baradaky bähbitlerine laýyk gelýär. Şonuň bilen birlikde munuň özi sebitiň diňe yklymda däl, dünýäde ornuny giňeldýär.

Hawa, Gahryman Arkadagymyz hak aýdýar: biziň bilelikde çözüp bilmejek meselämiz ýokdur! Bu dünýä döwletleri babatda aýdylanda-da örän dogrudyr.

Hormatly Prezidentimiz: «Adamzadyň beýik geljegi parahatçylygyň üpjün edilmegi bilen bina bolýar» diýýär. «Adamzadyň bagty şundadyr — abadan hem rahat durmuşyndadyr» diýýär. «Dünýäde iň adalatly syýasat adamlaryň bähbitleriniň üpjün edilmegine esaslanýan syýasatdyr» diýýär. «Dost bolmak bagtly bolmakda birek-birege goldaw etmäge taýýarlygy aňladýar» diýýär. «Ýurdumyz hernäçe baý hem bolsa, biziň iň uly baýlygymyz halkymyzyň akyl-parasatyndadyr we halkymyzyň köp müňýyllyk beýik tejribesiniň döwre görä ösdürilip, döwlet syýasatynda jemlenmesindedir» diýýär. Hormatly Prezidentimiziň şeýle sözleri durmuşa, döwletlilige düşünmegiň, öz bagtyňy goramagyň hem beýgeltmegiň ýörelgesidir. Gahryman Arkadagymyzyň adamzada ýagşylyk isleýän pikirleri, parasatly başlangyçlary ýurdumyza rowaçlyk, üstünlik, abraý, şan-şöhrat getirýär.

Türkmen bitaraplygynyň milli kökleri, häzirki zaman meseleleriniň aýdyňlaşdyrylmagynda, netijeli çözülmeginde onuň orny barada näçe aýtsaň aýdyp oturmaly. Bu barada bütin geljekde hem kän söhbet ediler. Bu röwşen syýasaty öwrenmek diňe milli derejedäki iş däldir, halkara derejede ähmiýetlidigine görä, adamzadyň hemişe öwrenip, ykbalyna öwrüp ýörmeli işidir.

Gahryman Arkadagly Türkmenistan halkara syýasatda öz sözüni diňletmegi, ykrar etdirmegi başarýan ýurduň belent mertebesine eýedir. Türkmen durmuşynyň özeni bolan dostanalyk, hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik, oňşuklylyk, myhmansöýerlik ýörelgeleri döwlet syýasatynyň özeninde durandyr. Hormatly Prezidentimiz: «Dünýä halklary bilen doganlaşyp, biz özümize dünýäni gala edinýäris» diýýär. «Eger-de dünýäniň ähli ýerinde şu paýhasa uýlup durmuş ýöredilse, onda ýurtlaryň biri-birine ysnyşygy, ynanyşmagy has artardy, biri-biri bilen hyzmatdaşlygy has giňelerdi, adamzat üçin dünýä rahatlyk, abadançylyk, eşret hem bagtyýarlyk galasy bolardy» diýýär.

Akmyrat HOJANYÝAZ.

«Türkmenistan».

09.12.2021
Türkmen Bitaraplygynyň giň mümkinçilikleri

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara giňişlikde sebit, yklym, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak, öňüni alyş diplomatiýasy, derwaýys sebit meseleleri boýunça daşary syýasy başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmegi bolsa türkmen Bitaraplygynyň häzirki zaman şertlerindäki ähmiýetiniň örän uludygyny aýdyň görkezýär. Ýene-de sanlyja günden ýurdumyz bu şanly senäni dünýä bileleşigi bilen bilelikde baýram eder.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan tamamlanyp barýan 2021-nji ýyly dünýä derejesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasynyň mazmunyny taýýarlady hem-de ol gurama agza döwletler tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Dünýä bileleşiginiň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelere ygrarlydygyny tassyklaýan bu Kararnamada parahatçylyga we ynanyşmaga halklaryň arasynda durnukly ösüşi, parahatçylygy, howpsuzlygy, adam hukuklaryny üpjün edýän gymmatlyk hökmünde garamaga çagyryş öz beýanyny tapdy. Tutuş ýylyň dowamynda anyk maksatlary göz öňünde tutýan dürli görnüşli çäreleriň guralmagy ady agzalan resminamada bellenen wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmäge mümkinçilik berdi. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde eden wideoýazgy çykyşynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerindäki çäreleri tamamlamak bilen, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahaty geçirmegiň meýilleşdirilendigini aýdyp, Milletler Bileleşigine agza döwletleridir halkara guramalary bu çärä işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Bu bolsa, öz gezeginde, parahatçylygy, raýdaşlygy we ylalaşygy berkarar etmek maksady bilen, parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek boýunça tagallalarda syýasy gepleşikleriň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, döwletleriň arasynda özara ynamy berkitmek babatda bilelikde pikir alyşmakda uly ähmiýete eýedir.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky taryhy Kararnamasy bilen ykrar edilip, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda guramanyň ähli agza döwletleri tarapyndan ikinji gezek biragyzdan goldanylan Bitaraplyk derejesi geçen çärýek asyrdan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny berkitmegiň we sazlaşykly durmuş-ykdysady ösüşiň kepili bolmak bilen, ýurdumyza halkara gatnaşyklary milli bähbitlere laýyklykda amala aşyrmagyň netijeli ýoluny saýlap almaga mümkinçilik berdi. Diýarymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy sebitde durnuklylygy, netijeli we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň işjeňligini üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Bitaraplygyň binýatlaýyn esaslary BMG-niň Merkezi Aziýa sebitini parahatçylyk we hyzmatdaşlyk zolagyna, yklymlaýyn durnuklylygyň pugta guralyna öwürmäge gönükdirilen strategik esaslaryna laýyk gelýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan BMG-niň agza döwletlerine, Merkezi Aziýada gepleşikler gurallaryny ösdürmek maksady bilen, «Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak» atly Kararnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamak hakyndaky teklip bilen ýüzlendi. Bu täze Kararnamanyň kabul edilmegi şu ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň Jemleýji resminamasynda göz öňünde tutulan halkara başlangyçlary ilerletmekde netijeli hukuk guraly bolup hyzmat eder.

Hormatly Prezidentimiziň «Merkezi Aziýa — Hazar sebiti» atly parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek baradaky teklibi bolsa bu iki sebitde durnuklylygy hem-de abadançylygy pugtalandyrmak meseleleriniň özara aýrylmaz baglanyşyklydygyndan gelip çykýar. Ýewraziýanyň merkezinde, geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly çäkde ýerleşýän Merkezi Aziýa sebiti, uzak geçmişde bolşy ýaly, şu günki günde-de tebigy baýlyklarynyň ägirt uly gorlary, adam mümkinçilikleri, Gündogardan Günbatara uzaýan möhüm söwda ýollary bilen tutuş dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Hazarýaka sebit hem uglewodorod serişdeleriniň iri tebigy çeşmesi, yklym derejesindäki üstaşyr ulag merkezi hökmünde halkara söwdany giňeltmek üçin geljegi uly giňişlikdir. Şunda Merkezi Aziýanyň we Hazar deňzi sebitiniň ykdysady mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy öňe çykýan esasy ugurlaryň biridir.

«Ynsanperwerlik ugrundaky meseleler Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň gün tertibiniň esasy ugurlarynyň biridir» diýmek bilen, milli Liderimiz ýurdumyzyň halkara ynsanperwer ugurly gatnaşyklary giňeltmek üçin ähli tagallalary edýändigini belleýär. Çünki Bitarap Türkmenistanyň içeri syýasatynda bolşy ýaly, daşary syýasy işlerinde-de ynsanperwer gymmatlyklar möhüm orun eýeleýär. Bu, ilkinji nobatda, halkara hukugyň kadalaryny ileri tutmak hem-de adam hukuklaryny goramak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Biziň ýurdumyz halkara ynsanperwer hyzmatdaşlykda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn üns berýär. Çünki bilim hem-de ylym ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni gymmatlyklary wagyz etmek ylmy, bilim we medeni diplomatiýanyň hem möhüm gurallary bolup durýar.

Belli bolşy ýaly, bilim ulgamynyň edaralarynyň halkara guramalar bilen bilelikde amala aşyrýan taslamalary öňdebaryjy pedagogik tejribeleri bilim bermek işine ornaşdyrmaga amatly mümkinçilikleri açýar. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda has işjeň, netijeli häsiýete eýe bolup, bilelikdäki taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň şeýledigini «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynda», «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynda» kesgitlenen wezipelerdir çärelerden-de aýdyň görmek bolýar.

Çaganyň irki ösüşi bilen bagly milli strategiýanyň dowamy bolan «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» hem BMG-niň Çagalar gaznasynyň we guramanyň beýleki ýöriteleşdirilen agentlikleriniň Türkmenistanda hereket edýän wekilhanalary bilen bilelikde işlenip taýýarlanylyp, onda çagalaryň irki ýaşdan başlap kadaly ösüşini gazanmaga, olaryň mekdebe taýýarlykly barmaklaryny üpjün etmäge, bu babatda ata-eneleriňdir bilim işgärleriniň habarlylygyny we sowatlylygyny ýokarlandyrmaga degişli möhüm wezipeler göz öňünde tutulýar. Şunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralaryny döredip, ýurdumyzdaky orta mekdepleriň birnäçesini bu guramanyň Mekdepler bileleşiginiň düzümine girizmegiň meýilleşdirilendigi aýratyn bellärliklidir.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan oňyn Bitaraplygyň esasy ýörelgelerini goldanmak bilen, diňe bir mähriban halkymyzyň bähbitleri üçin däl-de, eýsem, tutuş Ýer ýüzüniň halklarynyň bähbitleri üçin hem işjeň daşary syýasaty alyp barýar. Beýleki döwletleriň çäk bitewüligini we özygtyýarlylygyny hormatlamak, olaryň içerki işlerine goşulmazlyk, döwletara gatnaşyklarda güýç ulanmazlyk, halkara işlerde Birleşen Milletler Guramasynyň çözgütlerini ileri tutmak, ähli ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy, hoşniýetli goňşuçylygy berkitmek ýaly binýatlyk ýörelgelerden ugur alýan türkmen Bitaraplygy sebitde we dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmäge mynasyp goşant goşmak bilen, özüne bildirilen ynamy dolulygyna ödäp gelýär diýip, ynamly aýdyp bileris .

Baýramgül ORAZDURDYÝEWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory, hukuk ylymlarynyň kandidaty.

08.12.2021
Beýik döwri beýik işler bezeýär

Tamamlanyp barýan 2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly tüýs adyna mynasyp ýyl hökmünde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Munuň üçin delil hem kän, ýatlara wakalar hem. Özem tutuş ýyl hemişelik Bitarap Türkmenistanyň öz milli Lideri bilen halkara syýasatda işjeňligini artdyran ýyly boldy.

BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen baky Bitaraplyk hukuk derejämiz bize Garaşsyz döwlet hökmünde halkara syýasatda islendik mesele babatda öz sözümizi, garaýyşlarymyzy, başlangyçlarymyzy emin-erkin aýtmaga mümkinçilik berdi. Hut hemişelik Bitaraplyk derejesi Türkmenistany dünýäde sözi diňlenýän döwletleriň birine öwürdi. Bitaraplyk bu gün täze many-mazmuna, wajyp ähmiýete eýe bolýan, dünýäde öz tarapdarlaryny barha artdyrýan syýasy gural bolmak bilen, onuň şeýlekin görnüşde kämilleşmegi hormatly Prezidentimiziň uzak geljegi nazarlaýan pähim-paýhasy, dünýäde parahatçylygy berkarar etmek ugrunda halkara guramalaryň duşuşyklarynda öňe süren başlangyçlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Elbetde, Türkmenistan bu halkara hukuk derejesine eýe bolýança, Ýer ýüzünde Bitarap döwlet ýok däldi, olar häzirem bar. Emma biziň döwletimiziň saýlap alan daşary syýasat ugry bitaraplyga şeýlekin işjeň, hereketdäki, janlylyk häsiýetini berdi. Indi bütin dünýäde Türkmenistanyň bu daşary syýasat ýoluna hormat goýmak bilen garalýar. Munuň aýdyň subutnamalarynyň biri-de ak mermerli paýtagtymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hereket etmegini görkezmek bolar.

Hormatly Prezidentimiz «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda: «Beýleki döwletleriň syýasy gurluşlarynyň nusgalary düýp manysy boýunça bize gabat gelmeýärdi. Şu sebäpden hem biz köpasyrlyk şöhratly taryhymyzda geçilen ähli tapgyrlarymyzy düýpli seljerdik. Türkmenleriň beýleki halklar bilen gatnaşyk edenlerinde mydama özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerinden ugur alandyklaryna taryh şaýatlyk edýär» diýmek bilen, türkmen Bitaraplygynyň esasynda durýan milli gymmatlyklar barada söz açýar.

Halkymyzyň düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine bolsa geçmişde subutnama köp. Olardan birinde geçen asyryň başlarynda türkmen topragynda bolan daşary ýurtly jahankeşdeleriň biri iki türkmeniň arasynda karz alyş-berişlikde gymmatbaha güwähatyň karz berene däl-de, karz alana berilmegini geň görüp, munuň sebäbini soranda, algydaryň: «Meniň ol kagyz nämäme gerek, bu hat oňa karz alandygyny ýatladyp durmak üçin gerek ahbetin» diýen jogabyny haýran galmak bilen getirýär. Jahankeşde bu wakanyň üsti bilen birek-birege ynanmak, ynanyşmak ýörelgesiniň türkmen halkynyň milli häsiýetidigini nygtaýar.

* * *

Tamamlanyp barýan şanly ýylyň ýatda galyjy wakalary sanardan kän, olaryň her biri aýratyn söhbede mynasyp. Ýylyň dowamynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen möhüm wakalar hakynda öz wagtynda gyzgyny bilen gürrüň edilenem bolsa, geliň, olaryň käbiri barada ýene-de durup geçeliň.

6-njy awgustda Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy boldy. Awaza duşuşygynda orta atylan pikirleriň içinden sebitiň döwletleriniň häzirki ýeňil bolmadyk döwürde hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada çagyryşlar eriş-argaç bolup geçdi.

Şeýle hem şol gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Berkarar» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy geçirildi. Onda edilen çykyşlarda Merkezi Aziýada gender deňligini ösdürmek boýunça syýasatyň durmuşa geçirilmegi, sebitleýin hyzmatdaşlygyň tejribesi barada pikir alşyldy, gazanylan üstünlikler bellenilip geçildi. Şeýle-de sebitiň ýurtlarynyň ykdysady forumy geçirildi. Sebitiň halklarynyň milli önümleriniň halkara sergisi we milli tagamlarynyň halkara festiwaly, sungat ussatlarynyň dabaraly konserti özara utgaşyklylykda sebitiň halklarynyň gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan taryh, medeniýet we sungat, ruhy umumylyklarynyň bu gün täze many-mazmuna eýe bolýandygyny bütin dünýä äşgär etdi.

Şu ýerde ýylyň dowamynda dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň wideoaragatnaşyk arkaly birnäçe halkara derejeli maslahatlara, duşuşyklara gatnaşandygyny bellemek isleýäris. Geliň, olardan käbirlerini ýatlap geçeliň!

22-nji sentýabrda döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisine gatnaşyjylara wideoýüzlenme bilen çykyş etdi. Türkmenistanyň Baştutany BMG-niň çäklerinde özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çagyrmagy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeş) döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmak üçin, Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy we sammitde çuň manyly çykyş etdi.

Şeýle-de geçen noýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda sanly ulgam arkaly çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz goňşy Özbegistana döwlet saparyny amala aşyrdy, saparyň netijeleri boýunça ençeme özara bähbitli resminamalara gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasyna, TASS agentligine hem-de Türkiýäniň döwlet teleradiokompaniýasynyň «TRT World» teleýaýlymyna interwýular berdi, olarda şu ýyl döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny dabaralandyrýan ýurdumyzyň geçen ýoly, gazanylan üstünliklerdir türkmen halkynyň şöhratly taryhy, milli medeniýeti, ruhy-ahlak gymmatlyklary hakynda gürrüň edildi.

Ýurdumyzyň içerki durmuşynda hem birgiden taryhy wakalar bolup geçdi, olar Türkmenistanyň gurýan, döredýän döwletdigini, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde täze iri gurluşyk taslamalaryny amala aşyrmagy üstünlikli dowam edýändigini subut eden wakalar boldy. Olardan hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegini ulanmaga bermek dabarasyny görkezmek bolar. Dünýä ülňülerine gabat gelýän bu iri taslama Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan durmuşa geçirildi. Geljekde bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanyna sepleşmegi ýük awtoulaglaryna Hazardaky Halkara deňiz portuna we şol ýerden deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlaglaryna çykmaga mümkinçilik döreder. Diýmek, bu ýol Bitaraplygyň süňňünden syzylyp çykýan dostluk, parahatçylyk hakynda pikirleriň, ýagty umyt-arzuwlaryň ýoly bolup, sebitleriň halklaryna hem hyzmat eder, dünýäde abadan durmuşyň berkarar bolmagyna goşant goşar. Çünki türkmen ýola aklyk öwüşginini bermek bilen, ony mukaddeslik derejesinde görýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda açylyp ulanmaga berlen täze dokma toplumlary dünýäde ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleri bilen tanalýan kuwwatly türkmen dokma pudagynyň üstüni ýetirdi.

Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda ýurdumyzyň paýtagtynda we sebitlerinde açylyp ulanmaga berlen iri desgalaryň sanynyň 70-i tegelemegi özboluşly simwoliki mana eýedir. Bu tegelek sanyň jemleýjisi 19-njy noýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp, ulanmaga berlen köpugurly işewürlik merkezli kaşaň «Garagum» otelidir. Bu ajaýyp oteliň binagärlik durkunda, içki we daşky bezeglerinde türkmeniň mukaddeslik hökmünde apalap gelen, göwni kimin seleň, arassa hem-de çäksiz Garagum sährasynyň gözellikleri öz beýanyny tapdy. Onuň daşky keşbi turuwbaşdan Garagum sährasynyň aňňat-aňňat depelerini ýadyňa salýar.

«Garagum» oteliniň dabaraly açylyp ulanmaga berilmeginiň yzysüre, ýagny 28-nji noýabrda bu ýerde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň geçirilmegi ajaýyp sazlaşygy özünde jemledi.

Şu ýyl YHG-da başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň paýtagtynda geçiren sammitine Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlary gatnaşdylar. Forumda Gazagystan Respublikasyna Premýer-ministr wekilçilik etdi. Şeýle hem sammite YHG-nyň Baş sekretary gatnaşdy.

Sammitde hormatly Prezidentimiz we Gurama agza döwletleriň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Sebitiň ýurtlarynyň arasynda ulag, energetika, söwda-maýa goýum, sanly ykdysadyýet, telekommunikasiýalar, syýahatçylyk, daşky gurşaw hem-de howanyň üýtgemegi, «ýaşyl» energiýany ösdürmek, owgan halkyna kömek bermek, medeni-ynsanperwer we beýleki wajyp ugurlar boýunça YHG-a agza döwletleriň Baştutanlarynyň çykyşlarynda orta atylan başlangyçlar Aşgabat sammitiniň jemleýji resminamasynda — Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygynda öz beýanyny tapdy.

Öňde duran şanly senäniň — hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygynyň dabaralary tamamlanyp barýan ýylyň jemleýji möhüm wakalary bolar. Olardan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýene bir uly wakasy — 12-nji dekabrda paýtagtymyzda geçiriljek «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahat bar.

Hawa, bu şanly baýramyň deňli-derejeli bellenmegi, elbetde, baky Bitaraplyga, parahatçylygy dörediji, goldaýjy we wagyz ediji, islendik jedelli meseläni diňe parahatçylykly ýollar arkaly çözmek barada işjeň garaýşy öňe sürýän Watanymyza buýsanjyň baýramydyr. Bu şanly sene indi birnäçe ýyl bäri dünýäde Halkara Bitaraplyk güni hökmünde bellenýär.

Biz mähriban Watanymyzyň baky Bitaraplyk hukuk derejesine buýsanmaga, guwanmaga haklydyrys. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatynyň biridir, olaryň beýlekisi, elbetde, mukaddes Garaşsyzlygymyzdyr.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça asylly däp rowaç aldy, ol-da her bir täze ýyla mynasyp at dakmak däbidir. Bu däbiň asyl özeninde şol bir wagtda halkymyzyň, döwletimiziň geljege tarap ümzügini kesgitleýji aýratynlyk şöhlelenýär, şu nukdaýnazardan, ýylyň ady bize haýsy ugur boýunça hereket etmelidigimizi, öňe ymtylyşy salgy berýär.

Halkymyzyň täze ýyly Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen baglanyşdyrmak baradaky arzuw-islegleri nazarda tutulyp, öňde duran 2022-nji ýylyň şygary hökmünde «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrmak teklip edildi.

Bu at özünde çuň many-mazmuny jemleýär, ol, bir tarapdan, halkymyzyň döwlet Baştutanymyza hormat-sarpasyny, söýgüsini alamatlandyrsa, beýleki tarapdan, halk bilen Arkadagymyzyň jebisligi netijesinde täze zähmet üstünlikleriniň hem-de rowaçlyklaryň buşlukçysy bolup ýaňlanýar.

Goý, şeýle-de bolsun!

Hemra HUDAÝGULYÝEW.

«Türkmenistan».




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/48874

02.12.2021
Parahatçylygyň aýdyň beýany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyz dünýäde belent abraýly döwletleriň biridir. Türkmenistan sebitde durnukly ösüşi hem-de howpsuzlygy üpjün etmekde esasy orunlaryň birini eýeleýär. Baky Bitarap Diýarymyz öz saýlap alan daşary syýasaty bilen bedew batly öňe barýar.

Dünýä parahatçylyk nuruny bolluk bilen eçilýän Türkmenistanyň halkara abraýy, dünýä bileleşiginiň durmuşynda tutýan orny, parahatçylygy, ählumumy abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti barha ýokarlanýar. Ýurdumyz bu ugurlara gönükdirilen hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip, halkara gatnaşyklarynyň çäklerini yzygiderli giňeldýär. Adamzadyň parahat, asuda durmuşda bagtyýar ýaşamagyna gönükdirilen möhüm meseleleriň sazlaşykly çözgütleriniň işlenilip taýýarlanylmagyna örän işeňňir gatnaşýar. Şeýle hem özygtyýarly Bitarap döwlet hökmünde sebit hem-de dünýä ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär. Merkezi Aziýa sebitinde syýasy durnuklylygy saklamak we goldamak, hoşniýetli goňşuçylygy, dostlugy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de ösdürmek babatda netijeli işleri durmuşa geçirýär. Sebitiň we dünýäniň ähli döwletleri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyklarynyň, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň gerimini giňeldýär.

Baky Bitarap Türkmenistan beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarynyň mazmunyna we ugruna hormat goýmak ýörelgesine eýerýär. Türkmenistan “Açyk gapylar” syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, hemmeler üçin düşnükli bolan anyk daşary syýasy ugry alyp barýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy sebitde hem-de bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilik berýär. Bu bolsa özara ynanyşmak we düşünişmek üçin tagallalary birleşdirmek, medeni gatnaşyklary ösdürmek, dünýä derejesinde umumy meseleleri çözmek üçin örän möhümdir. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işleriň netijesinde, ylym, bilim, medeniýet, syýahatçylyk we sport ulgamlarynda uly üstünlikler gazanyldy.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Gurmasynyň Baş Assambleýasy 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Munuň özi ýokary derejedäki hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, durnukly ösüşe goldaw berilmegine, parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna hem-de adam hukuklaryna hormat goýulmagyna gönükdirilen çözgütdir. Häzirki döwürde ähli tagallalaryň utgaşdyrylmagy hem-de agzybirlikde hereket edilmegi aýratyn möhüm bolup durýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da ýokarlandyrýan, umumadamzat ähmiýetli ynsanperwer syýasaty durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, beýik işleri rowaç bolsun!

Maýa ÝALKAPOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/46965

17.11.2021
Ählumumy abadançylygyň şuglasy

Gahryman Arkadagymyzyň ählumumy parahatçylygy, ynanyşmagy we asudalygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmak maksady bilen öňe sürýän paýhasly başlangyçlary bütin dünýäde ykrar edilýär.

Hemişelik Bitarap Türkmenistan sebitara hyzmatdaşlygy we hoşniýetli gatnaşyklary hemişe ileri tutýar. Bu ýurdumyzyň daşary syýasatynyň oňyn Bitaraplyk we hoşniýetli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Baky Bitaraplyk her bir türkmenistanly üçin örän mukaddes düşünjedir. Eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyza köptaraply kuwwatyny artdyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Şeýle mümkinçilikleriň döremegi ýurdumyzyň parahatçylyk, ynanyşmak syýasatyny dünýä ýaýmagynyň, halkymyzyň ruhy taýdan galkynmagynyň, ählumumy bähbitler ugrunda giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň ygtybarly binýady bolup durýar. Milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan uly goldawa eýe bolmagy dünýä derejesinde belent abraýdyr.

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşiň möhüm şerti bolup, goňşy we beýleki döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge düýpli itergi berýär. Hormatly Prezidentimiziň

dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, ekologiýa abadançylygyny we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça öňe sürýän işjeň halkara başlangyçlary umumadamzat bähbitlerini nazarlaýar.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, iri halkara guramalary, daşary ýurtlar bilen dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk köprülerini ýola goýan ýurdumyz daşary syýasy strategiýasyny ynanyşmagyň hem-de özara hormat goýmagyň mizemez ýörelgeleri bilen baglanyşdyrýar. Dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan gatnaşyklarda hoşniýetli goňşuçylygyň, birek-biregi hormatlamagyň, doganlygyň asylly ýörelgelerine daýanylýar. Bu mäkäm binýat geljege ynamly garamaga, dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň giň gerimli we uzak möhletleýin hem-de durmuşa ukyply meýilnamalaryny düzmäge mümkinçilik döredýär.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýada hem-de dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmagyň örän möhüm ýagdaýy bolup çykyş edýän açyk, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan doly goldanylýar.

Eziz halkymyzyň abadançylygy, parahat durmuşda päk zähmet çekmegi ugrunda tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Güljeren BABAÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/46004

08.11.2021