1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi ýaş türkmen döwletiniň parahat söýüjilikli we ynsanperwer daşary syýasatyna halkara bileleşiginiň beren ýokary bahasydyr. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýasynyň ikinji gezek kabul edilmegi bolsa Türkmenistanyň sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen netijeli daşary syýasatynyň ählumumy ykrar edilmeginiň doly subutnamasydyr. Rezolýusiýada sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkidilmeginde Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň taryhy tejribesi we aýgytlaýjy ähmiýeti, halkara gatnaşyklary ulgamynda dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekdäki hyzmaty ykrar edilýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tamamlanyp barýan 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy mähriban Arkadagymyzyň ajaýyp başlangyçlary bilen her bir ýylymyzyň ata Watanymyzy özgerdiji umumadamzat bähbitli ýörelgelere beslenýändigine şaýatlyk edýär.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Ýurdumyzyň BMG-niň düzümlerine agzalyga saýlanmagy hem munuň aýdyň netijesidir. Şeýle-de ýurdumyz BMG-de birnäçe başlangyçlar boýunça çykyş edip, olaryň durmuşa geçirilmegi babatda anyk wezipeleri kesgitleýär. Soňky ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe möhüm ähmiýetli kararnamalaryň kabul edilmegi muny doly tassyklaýar. Olar halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly ekologiýa howpsuzlygyny gazanmak, daşky gurşawy goramak we halkara ulag geçelgelerini döretmek bilen baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň bu ugurdaky başlangyçlary, teklipleri dünýä jemgyýetçiligini gyzyklandyrýar hem-de giň goldawa eýe bolýar. Energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmeginiň howpsuzlygyny üpjün etmek ýurdumyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň biridir.
Türkmenistan dünýäde parahatçylygy üpjün etmek boýunça hem möhüm ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy muny aýdyň görkezýär. Merkez hereket edip gelýän ýyllarynyň dowamynda sebitiň ýurtlary üçin umumy bolan dürli meseleleri çözmekde we olaryň hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda uly tejribe toplady. 2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň orny» atly Rezolýusiýa kabul edildi. Şeýle-de ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda BMG-ä agza döwletleriň ählisi tarapyndan 2021-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem ýurdumyzyň parahatçylyk, ählumumy abadançylyk baradaky başlangyçlarynyň goldanylýandygyny äşgär edýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan dünýä halklarynyň bähbidine gönükdirilen asylly başlangyçlarynyň giňden goldanylýandygynyň ykrarnamasydyr.
Arslan ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.