Türkmen Bitaraplygynyň milli kökleri

Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, döwletimiziň bitaraplyk syýasatynyň özeninde milli ýörelgelerimiz durandyr. Milli Liderimiziň dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň rowaçlanmagy ugrundaky taryhy hyzmatlary, ilkinji nobatda, döwletimiziň şu halkara hukuk derejesine daýanýar. Munuň özi dünýäni parahatçylyk we ösüş nukdaýnazaryndan jebisleşdirýän syýasatdyr. Bu syýasatyň özeninde, hakykatdan-da, halkymyzyň ýaşaýşyň düzgün-kadasyna öwrülen päkize arzuw-umytlary, gowy gylyk-häsiýetleri, kämil dünýägaraýşy, däp-dessurlary durandyr. Hormatly Prezidentimiziň parasat hem zehin siňdirip döreden kitaplarynda, edil şonuň ýaly, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda bular barada düýpli pikir ýöredilýär.

Gahryman Arkadagymyz döwletimiziň bitaraplyk syýasatynyň milli kökleri barada aýdanda, adamlaryň arasynda dörän düşünişmezligi aradan aýyrmagyň esasy ýoly hökmünde ata-babalarymyzyň töwellaçylyk däbini hem ýatlap, ine, şeýle belleýär: «Töwella etmeklik söze, pähime daýanyp, ylalaşyga gelinmegini aňladýar. Töwella etmek bilen uly ýalňyşlyklaryň öňi alynýar, her ýagdaý haýyr işe tarap ugrukdyrylýar. Töwellaçylyk işi iki adamyň arasyndaky ýagdaýdan başlap, uly we has uly meselelere, ýurtlaryň arasyndaky meselelere çenli aralaşyp, ol meseleleri çözmegiň möhüm guraly bolup, halkara diplomatiýa derejelerine çenli ösüp, kämilleşip, hyzmat edip gelendir».

Türkmenistanyň goranmak häsiýetli harby doktrinasy bar. Harby meseledäki bu ýörelgäniň bitaraplyk syýasatymyz bilen gönüden-göni baglanyşyklydygy düşnüklidir. Hormatly Prezidentimiz munuň biziň gadymy milli ýörelgämizdigini, taryhymyzyň has irki döwürlerinde peýda bolandygyny açyp görkezmek bilen şeýle diýýär: «Oguz hanyň parahatçylykly ýörişleri antik döwrüň şöhratly ýazgylaryndaky asly gadymy saklardan bolan meşhur akyldar Anaharsisiň: «Biz ýaraglarymyzy başga biriniň garşysyna ulanmak üçin edinmedik, biz olary gerek bolan ýerinde özümizi goramak üçin edindik» diýen pikirini doly tassyk edýär». Şunuň bilen baglanyşyklylykda, anyk bir adam zehini, duýgy-düşünjesi bilen dörän pikirleriň adamzat durmuşyny bagta tarap alyp gidýän taglymat bolup bilýändigini, olaryň halkyň ýüreginden baky orun alandygyny düşündirýär. Bu babatda has gadymy taryhymyzdan başlap, soňra Orhon-Ýeniseý ýazgylarymyzy, Hoja Ahmet Ýasawynyň, Omar Haýýamyň, Möwlana Jelaletdin Rumynyň, Magtymguly Pyragynyň, ondan soňky söz ussatlarymyzyň eserlerini ýatlaýar. Şu ýagdaýyň müňlerçe ýyllyk taryhymyzy, aňyýetimizi, bütin döredijilik, akyl-parasat dünýämizi bir kökene düzýändigini, ruhy bitewüligimizi ybarat edýändigini nygtaýar. Gahryman Arkadagymyzyň şeýle pikirleri milletiň we adamzadyň durmuşyny, onuň dürli meselelerini her taraplaýyn seljermekde örän özboluşlydyr, sapak alarlykdyr.

Oguz han iň soňky mümkinçilige çenli parahatçylygy saklamagy wesýet edipdir. Onuň nesillerine agzybirlik hakynda aýdanlaryny hemmeler bilýändirler. Şonuň ýaly-da Oguz han: «Gylyjyňyzdan gan dammazdan owal diliňizden parasat aksyn!» diýipdir. Mälik şa: «Parahatçylyk bilen gazanylýan ýeňşiň ýanynda ok-ýaragyň güýji hiç zatdyr» diýipdir. Ol uruş, zorluk bilen däl-de, mähir we parahatçylyk bilen dünýäni boýun egdiripdir. Baýram han: «Parahat we agzybir ýaşamak sungaty bilen deňeşdirilende, uruşda ýeňiş gazanmak sungaty hiç zatdyr» diýipdir. Şükür bagşy gylyç syryp duran dyzmaç ýigitleriň hyzmatyny çäresizlik ýagdaýy üçin goýup, sazy bilen ýola düşüpdir...

Gahryman Arkadagymyz türkmenleriň biziň eýýamymyzdan öňki döwürlerden bäri öňüni alyş diplomatiýasyny ulanandyklaryny aýdýar. Munuň özi döwletiň we halkyň bähbidi üçin zerur bolupdyr. Gan dökülmegine ýol bermezlik, parahatçylyk, ylalaşyk, ynanyşmak üçin zerur bolupdyr. Bu günki dünýäde öňüni alyş diplomatiýasy juda çynlakaý işe öwrüldi. Bu ýurtlar, sebitler, yklymlar üçin, netijede, bütin adamzat üçin möhümdir. Muňa dünýä bileleşigi aýratyn üns berýär. Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň biziň ýurdumyzda — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynda döredilmegi, öz işini üstünlikli dowam etdirmegi, elbetde, halkymyzyň köpasyrlyk taryhy tejribesi bilen, ýurdumyzyň parahatçylygy ileri tutýan döwlet syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ylalaşdyryjy merkez, parahatçylygyň daýanjy hökmünde sebitde we dünýäde möhüm orun eýeläp gelýär.

Bu gün dünýäde döwletiň bitaraplygy baradaky düşünje ozalky wagtlaýyn we adaty häsiýetinden çykyp, düýbünden başga häsiýete — hemişelige, durnukly ýagdaýa eýe bolandyr. Bu biziň döwletimiziň dünýä beren gymmatlygydyr. Ýurdumyz adamzadyň taryhynda ilkinji gezek: şeýle uly syýasaty öňe sürdi — dünýä bileleşigine ykrar etdirdi — gyşarnyksyz alyp barýar. Ikinji bir tarapdan, bitaraplyk syýasaty öz milli bähbitlerimize, şeýle-de dünýä halklarynyň bähbitlerine laýyklykda saýlanyp alnandygyna görä, milli çäklerden çykyp, adamzat üçin taryhy hadysa öwrülendir.

Adamzat adalatyň, ösüşiň hem parahatçylygyň hatyrasyna has kämil ýörelgäniň zerurlykdygy hakynda düýpli pikirlenmäge mejburdyr. Şeýle döwürde ýurdumyzyň bu ýörelgesiniň gymmaty aýratyn uludyr. Şuňa görä, döwlet syýasatynda bitaraplygymyza garaşsyzlygymyz bilen deň derejedäki gymmatlyk hökmünde garalýar. Muny hormatly Prezidentimiziň: «...Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr!» diýen sözleri hem doly tassyklaýar.

Adamzat mydama parahatlygy, erkanalygy isläpdir. Rahat hem bagtly durmuşyň şundadygyna düşünipdir. Emma hiç bir meseläniň çözgüdi arzuw bilen tamamlanmaýar. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, «şeýle ygtybarly ýaşaýşy döretmegiň hem öz ugruny — ýoluny-ýörelgesini tapmaly, tapanyňdan soň hem ony bozman, dogry alyp gitmegi başarmaly». Ýurdumyzyň bitaraplyk syýasatynda bularyň ählisi — kämil düşünjeler hem, bu düşünjeleri durmuşda ulanmagyň kämil ýörelgesi hem, iş ýüzündäki tagallalar hem jemlenendir.

Hormatly Prezidentimiz adamzada aýdyň ýol görkezip bilýän milli ýörelgeleri juda çuňňur, bütin inçeligi bilen yzarlaýar, olar babatda dogry netijeleri öňe sürýär. Halkyň agzybirliginiň gymmaty, halkyň bir jan-ten bolup birleşmegi, bir maksada gulluk etmegi, şeýle halkyň döwletiniň berkdigi, mäkämdigi, bozulmazdygy... Külli adamzadyň agzybirligi, bir Zeminiň ýüzünde dost-dogan bolup ýaşamagy... Bütin adamzat iň dogry, iň kämil ýoldan — agzybirlik, abadanlyk, dostanalyk ýolundan ýörese, onuň durmuşynyň hemişe gowy boljakdygy, rahatlygyň, eşretiň gujagynda ýaşajakdygy baradaky pikiri Gahryman Arkadagymyz, edil deňizden dür çykaran ýaly, milli parasatdan çykarýar. Milli Liderimiz milletiň ruhy, onda-da köp müňýyllyk bitewi ruhy bilen birleşýän pikirleri tapýar. Şeýle pikir-garaýyşlaryň bu günki berkarar döwletimiziň syýasatyny düzmäge gatnaşýandygyny, has dogrusy, döwlet syýasatymyzyň esasynda durandygyny düşündirýär.

Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, ata-babalarymyz geljegiň aladasynyň Zemin halklarynyň ählisi üçin hem umumy aladadygyndan ugur alypdyrlar. Şonuň üçin olar il-uluslar bilen dostlukly gatnaşmaga aýratyn ähmiýet beripdirler. Şeýle garaýyşlar halkara derejeli derwaýys wezipeleriň netijeli çözülmeginde häzirki döwürde hem uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň adamzadyň ösüşi, parahatçylygy bilen baglanyşykly başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldaw tapýandygy, bular boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalar çykarýandygy hem türkmen akyl-parasatynyň adamzat gymmatlygyna öwrülýändigini aýdyň görkezip durandyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary we BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni, 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi ýaly taryhy wakalar hem muňa doly şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda bu ýylyň şygarynyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi hem Gahryman Arkadagymyzyň abadançylyk baradaky başlangyçlary, tagallalary bilen baglanyşyklydyr. Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän we dünýä bileleşigi tarapyndan biragyzdan goldanylýan başlangyçlar, olaryň durmuşa geçirilmegi diňe öz halkymyz üçin däl, dünýä halklary üçin hem örän bähbitlidir. Şu ýerden hem türkmen Lideriniň parasatly syýasatçy, adamzadyň bagty ugrunda ýadawsyz göreşiji hökmündäki işleriniň milli çäklerden çykyp, adamzat gymmatlygyna öwrülýändigine düşünmek mümkindir.

Hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Awazada bolan konsultatiw duşuşygyndaky taryhy çykyşyny ýatlasymyz gelýär. Şonda Gahryman Arkadagymyz: «Biziň bilelikde çözüp bilmejek meselämiz ýokdur» diýipdi. Sebitiň ýurtlarynyň dürli ugurdan örän uly mümkinçiliklere eýedigini nygtapdy. Şol mümkinçiliklerden akylly-başly peýdalanylmagy biziň ýurtlarymyzyň her biriniň abadançylyk, rowaçlyk, ösüş baradaky bähbitlerine laýyk gelýär. Şonuň bilen birlikde munuň özi sebitiň diňe yklymda däl, dünýäde ornuny giňeldýär.

Hawa, Gahryman Arkadagymyz hak aýdýar: biziň bilelikde çözüp bilmejek meselämiz ýokdur! Bu dünýä döwletleri babatda aýdylanda-da örän dogrudyr.

Hormatly Prezidentimiz: «Adamzadyň beýik geljegi parahatçylygyň üpjün edilmegi bilen bina bolýar» diýýär. «Adamzadyň bagty şundadyr — abadan hem rahat durmuşyndadyr» diýýär. «Dünýäde iň adalatly syýasat adamlaryň bähbitleriniň üpjün edilmegine esaslanýan syýasatdyr» diýýär. «Dost bolmak bagtly bolmakda birek-birege goldaw etmäge taýýarlygy aňladýar» diýýär. «Ýurdumyz hernäçe baý hem bolsa, biziň iň uly baýlygymyz halkymyzyň akyl-parasatyndadyr we halkymyzyň köp müňýyllyk beýik tejribesiniň döwre görä ösdürilip, döwlet syýasatynda jemlenmesindedir» diýýär. Hormatly Prezidentimiziň şeýle sözleri durmuşa, döwletlilige düşünmegiň, öz bagtyňy goramagyň hem beýgeltmegiň ýörelgesidir. Gahryman Arkadagymyzyň adamzada ýagşylyk isleýän pikirleri, parasatly başlangyçlary ýurdumyza rowaçlyk, üstünlik, abraý, şan-şöhrat getirýär.

Türkmen bitaraplygynyň milli kökleri, häzirki zaman meseleleriniň aýdyňlaşdyrylmagynda, netijeli çözülmeginde onuň orny barada näçe aýtsaň aýdyp oturmaly. Bu barada bütin geljekde hem kän söhbet ediler. Bu röwşen syýasaty öwrenmek diňe milli derejedäki iş däldir, halkara derejede ähmiýetlidigine görä, adamzadyň hemişe öwrenip, ykbalyna öwrüp ýörmeli işidir.

Gahryman Arkadagly Türkmenistan halkara syýasatda öz sözüni diňletmegi, ykrar etdirmegi başarýan ýurduň belent mertebesine eýedir. Türkmen durmuşynyň özeni bolan dostanalyk, hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik, oňşuklylyk, myhmansöýerlik ýörelgeleri döwlet syýasatynyň özeninde durandyr. Hormatly Prezidentimiz: «Dünýä halklary bilen doganlaşyp, biz özümize dünýäni gala edinýäris» diýýär. «Eger-de dünýäniň ähli ýerinde şu paýhasa uýlup durmuş ýöredilse, onda ýurtlaryň biri-birine ysnyşygy, ynanyşmagy has artardy, biri-biri bilen hyzmatdaşlygy has giňelerdi, adamzat üçin dünýä rahatlyk, abadançylyk, eşret hem bagtyýarlyk galasy bolardy» diýýär.

Akmyrat HOJANYÝAZ.

«Türkmenistan».