Hoşniýetlilige we ynsanpwerlige esaslanýan gymmatlyk

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bolup geçýän we jemgyýetiň ähli ugurlaryny gurşap alýan ýatdan çykmajak wakalar hem-de düýpli özgertmeler taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýar. Ajaýyp döwürde ýurdumyzy syýasy, ykdysady, ruhy-medeni taýdan täze belentliklere çykarmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak boýunça işler täze many-mazmuna eýe bolýar. Milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, mahlasy, ähli ulgamlarynda giňden ýaýbaňlandyrylan özgertmeler her bir adamyň kalbynda çuňňur kanagatlanma hem-de buýsanç duýgularyny döredýär. Özüniň röwşen geljegini ynamly gurýan Türkmenistan bu günki gün ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly, agzybir, asuda, ýaşaýyş-durmuş taýdan eşretli, parahatçylyk söýüji, ylalaşdyryjy döwlet hökmünde dünýäde doly ykrar edildi.

Türkmen halkynyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan gözbaş alýan hemişelik Bitaraplygymyz ýurdumyzyň daşary syýasatynyň, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge çemeleşmeleriniň esasy bolup, ol Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilendir. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän türkmen döwleti halkara hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge, ählumumy agzybirligiň we howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine goşant goşýar. Türkmenistan bilen dünýäniň ýurtlarynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary täze derejä eýe boldy. Ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin täze mümkinçilikler açyldy. ªunuň bilen baglylykda, ata Watanymyzyň durmuşa geçirýän ynsanperwer işleri döwletimiziň halkara  abraýyny pugtalandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň halkara derejede umumadamzat ähmiýetli, dünýä bähbitli parasatly başlangyçlary öňe sürmegi we onuň dünýä ýüzünde gyzgyn goldaw tapmagy olaryň halklaryň bähbidine gönükdirilendigi bilen baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda öňde goýulýan aýdyň maksatlar, amal edilýän işler hoşniýetli türkmen Bitaraplygynyň rowaçlanýandygynyň kepili bolup durýar. Bu bolsa ýurdumyzyň parasatly we hoşniýetli daşary syýasatynyň dünýä ýüzünde dabaralanýandygyny subut edýär.

Watanymyzyň halkara derejedäki abraýyny belende götermek ugrunda bimöçber işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary hemişe rowaçlyklara beslensin!

Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.