Beýik döwri beýik işler bezeýär

Tamamlanyp barýan 2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly tüýs adyna mynasyp ýyl hökmünde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Munuň üçin delil hem kän, ýatlara wakalar hem. Özem tutuş ýyl hemişelik Bitarap Türkmenistanyň öz milli Lideri bilen halkara syýasatda işjeňligini artdyran ýyly boldy.

BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen baky Bitaraplyk hukuk derejämiz bize Garaşsyz döwlet hökmünde halkara syýasatda islendik mesele babatda öz sözümizi, garaýyşlarymyzy, başlangyçlarymyzy emin-erkin aýtmaga mümkinçilik berdi. Hut hemişelik Bitaraplyk derejesi Türkmenistany dünýäde sözi diňlenýän döwletleriň birine öwürdi. Bitaraplyk bu gün täze many-mazmuna, wajyp ähmiýete eýe bolýan, dünýäde öz tarapdarlaryny barha artdyrýan syýasy gural bolmak bilen, onuň şeýlekin görnüşde kämilleşmegi hormatly Prezidentimiziň uzak geljegi nazarlaýan pähim-paýhasy, dünýäde parahatçylygy berkarar etmek ugrunda halkara guramalaryň duşuşyklarynda öňe süren başlangyçlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Elbetde, Türkmenistan bu halkara hukuk derejesine eýe bolýança, Ýer ýüzünde Bitarap döwlet ýok däldi, olar häzirem bar. Emma biziň döwletimiziň saýlap alan daşary syýasat ugry bitaraplyga şeýlekin işjeň, hereketdäki, janlylyk häsiýetini berdi. Indi bütin dünýäde Türkmenistanyň bu daşary syýasat ýoluna hormat goýmak bilen garalýar. Munuň aýdyň subutnamalarynyň biri-de ak mermerli paýtagtymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hereket etmegini görkezmek bolar.

Hormatly Prezidentimiz «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda: «Beýleki döwletleriň syýasy gurluşlarynyň nusgalary düýp manysy boýunça bize gabat gelmeýärdi. Şu sebäpden hem biz köpasyrlyk şöhratly taryhymyzda geçilen ähli tapgyrlarymyzy düýpli seljerdik. Türkmenleriň beýleki halklar bilen gatnaşyk edenlerinde mydama özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerinden ugur alandyklaryna taryh şaýatlyk edýär» diýmek bilen, türkmen Bitaraplygynyň esasynda durýan milli gymmatlyklar barada söz açýar.

Halkymyzyň düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine bolsa geçmişde subutnama köp. Olardan birinde geçen asyryň başlarynda türkmen topragynda bolan daşary ýurtly jahankeşdeleriň biri iki türkmeniň arasynda karz alyş-berişlikde gymmatbaha güwähatyň karz berene däl-de, karz alana berilmegini geň görüp, munuň sebäbini soranda, algydaryň: «Meniň ol kagyz nämäme gerek, bu hat oňa karz alandygyny ýatladyp durmak üçin gerek ahbetin» diýen jogabyny haýran galmak bilen getirýär. Jahankeşde bu wakanyň üsti bilen birek-birege ynanmak, ynanyşmak ýörelgesiniň türkmen halkynyň milli häsiýetidigini nygtaýar.

* * *

Tamamlanyp barýan şanly ýylyň ýatda galyjy wakalary sanardan kän, olaryň her biri aýratyn söhbede mynasyp. Ýylyň dowamynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen möhüm wakalar hakynda öz wagtynda gyzgyny bilen gürrüň edilenem bolsa, geliň, olaryň käbiri barada ýene-de durup geçeliň.

6-njy awgustda Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy boldy. Awaza duşuşygynda orta atylan pikirleriň içinden sebitiň döwletleriniň häzirki ýeňil bolmadyk döwürde hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada çagyryşlar eriş-argaç bolup geçdi.

Şeýle hem şol gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Berkarar» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy geçirildi. Onda edilen çykyşlarda Merkezi Aziýada gender deňligini ösdürmek boýunça syýasatyň durmuşa geçirilmegi, sebitleýin hyzmatdaşlygyň tejribesi barada pikir alşyldy, gazanylan üstünlikler bellenilip geçildi. Şeýle-de sebitiň ýurtlarynyň ykdysady forumy geçirildi. Sebitiň halklarynyň milli önümleriniň halkara sergisi we milli tagamlarynyň halkara festiwaly, sungat ussatlarynyň dabaraly konserti özara utgaşyklylykda sebitiň halklarynyň gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan taryh, medeniýet we sungat, ruhy umumylyklarynyň bu gün täze many-mazmuna eýe bolýandygyny bütin dünýä äşgär etdi.

Şu ýerde ýylyň dowamynda dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň wideoaragatnaşyk arkaly birnäçe halkara derejeli maslahatlara, duşuşyklara gatnaşandygyny bellemek isleýäris. Geliň, olardan käbirlerini ýatlap geçeliň!

22-nji sentýabrda döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisine gatnaşyjylara wideoýüzlenme bilen çykyş etdi. Türkmenistanyň Baştutany BMG-niň çäklerinde özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çagyrmagy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeş) döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmak üçin, Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy we sammitde çuň manyly çykyş etdi.

Şeýle-de geçen noýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda sanly ulgam arkaly çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz goňşy Özbegistana döwlet saparyny amala aşyrdy, saparyň netijeleri boýunça ençeme özara bähbitli resminamalara gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasyna, TASS agentligine hem-de Türkiýäniň döwlet teleradiokompaniýasynyň «TRT World» teleýaýlymyna interwýular berdi, olarda şu ýyl döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny dabaralandyrýan ýurdumyzyň geçen ýoly, gazanylan üstünliklerdir türkmen halkynyň şöhratly taryhy, milli medeniýeti, ruhy-ahlak gymmatlyklary hakynda gürrüň edildi.

Ýurdumyzyň içerki durmuşynda hem birgiden taryhy wakalar bolup geçdi, olar Türkmenistanyň gurýan, döredýän döwletdigini, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde täze iri gurluşyk taslamalaryny amala aşyrmagy üstünlikli dowam edýändigini subut eden wakalar boldy. Olardan hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegini ulanmaga bermek dabarasyny görkezmek bolar. Dünýä ülňülerine gabat gelýän bu iri taslama Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan durmuşa geçirildi. Geljekde bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanyna sepleşmegi ýük awtoulaglaryna Hazardaky Halkara deňiz portuna we şol ýerden deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlaglaryna çykmaga mümkinçilik döreder. Diýmek, bu ýol Bitaraplygyň süňňünden syzylyp çykýan dostluk, parahatçylyk hakynda pikirleriň, ýagty umyt-arzuwlaryň ýoly bolup, sebitleriň halklaryna hem hyzmat eder, dünýäde abadan durmuşyň berkarar bolmagyna goşant goşar. Çünki türkmen ýola aklyk öwüşginini bermek bilen, ony mukaddeslik derejesinde görýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda açylyp ulanmaga berlen täze dokma toplumlary dünýäde ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleri bilen tanalýan kuwwatly türkmen dokma pudagynyň üstüni ýetirdi.

Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda ýurdumyzyň paýtagtynda we sebitlerinde açylyp ulanmaga berlen iri desgalaryň sanynyň 70-i tegelemegi özboluşly simwoliki mana eýedir. Bu tegelek sanyň jemleýjisi 19-njy noýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp, ulanmaga berlen köpugurly işewürlik merkezli kaşaň «Garagum» otelidir. Bu ajaýyp oteliň binagärlik durkunda, içki we daşky bezeglerinde türkmeniň mukaddeslik hökmünde apalap gelen, göwni kimin seleň, arassa hem-de çäksiz Garagum sährasynyň gözellikleri öz beýanyny tapdy. Onuň daşky keşbi turuwbaşdan Garagum sährasynyň aňňat-aňňat depelerini ýadyňa salýar.

«Garagum» oteliniň dabaraly açylyp ulanmaga berilmeginiň yzysüre, ýagny 28-nji noýabrda bu ýerde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň geçirilmegi ajaýyp sazlaşygy özünde jemledi.

Şu ýyl YHG-da başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň paýtagtynda geçiren sammitine Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlary gatnaşdylar. Forumda Gazagystan Respublikasyna Premýer-ministr wekilçilik etdi. Şeýle hem sammite YHG-nyň Baş sekretary gatnaşdy.

Sammitde hormatly Prezidentimiz we Gurama agza döwletleriň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Sebitiň ýurtlarynyň arasynda ulag, energetika, söwda-maýa goýum, sanly ykdysadyýet, telekommunikasiýalar, syýahatçylyk, daşky gurşaw hem-de howanyň üýtgemegi, «ýaşyl» energiýany ösdürmek, owgan halkyna kömek bermek, medeni-ynsanperwer we beýleki wajyp ugurlar boýunça YHG-a agza döwletleriň Baştutanlarynyň çykyşlarynda orta atylan başlangyçlar Aşgabat sammitiniň jemleýji resminamasynda — Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygynda öz beýanyny tapdy.

Öňde duran şanly senäniň — hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygynyň dabaralary tamamlanyp barýan ýylyň jemleýji möhüm wakalary bolar. Olardan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýene bir uly wakasy — 12-nji dekabrda paýtagtymyzda geçiriljek «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahat bar.

Hawa, bu şanly baýramyň deňli-derejeli bellenmegi, elbetde, baky Bitaraplyga, parahatçylygy dörediji, goldaýjy we wagyz ediji, islendik jedelli meseläni diňe parahatçylykly ýollar arkaly çözmek barada işjeň garaýşy öňe sürýän Watanymyza buýsanjyň baýramydyr. Bu şanly sene indi birnäçe ýyl bäri dünýäde Halkara Bitaraplyk güni hökmünde bellenýär.

Biz mähriban Watanymyzyň baky Bitaraplyk hukuk derejesine buýsanmaga, guwanmaga haklydyrys. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatynyň biridir, olaryň beýlekisi, elbetde, mukaddes Garaşsyzlygymyzdyr.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça asylly däp rowaç aldy, ol-da her bir täze ýyla mynasyp at dakmak däbidir. Bu däbiň asyl özeninde şol bir wagtda halkymyzyň, döwletimiziň geljege tarap ümzügini kesgitleýji aýratynlyk şöhlelenýär, şu nukdaýnazardan, ýylyň ady bize haýsy ugur boýunça hereket etmelidigimizi, öňe ymtylyşy salgy berýär.

Halkymyzyň täze ýyly Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen baglanyşdyrmak baradaky arzuw-islegleri nazarda tutulyp, öňde duran 2022-nji ýylyň şygary hökmünde «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrmak teklip edildi.

Bu at özünde çuň many-mazmuny jemleýär, ol, bir tarapdan, halkymyzyň döwlet Baştutanymyza hormat-sarpasyny, söýgüsini alamatlandyrsa, beýleki tarapdan, halk bilen Arkadagymyzyň jebisligi netijesinde täze zähmet üstünlikleriniň hem-de rowaçlyklaryň buşlukçysy bolup ýaňlanýar.

Goý, şeýle-de bolsun!

Hemra HUDAÝGULYÝEW.

«Türkmenistan».




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/48874