Новости
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Häzirki wagtda türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak üçin ähli mümkinçilikler bar

Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary tamamlandy 

                                                                   

 ABU-DABI, 22-nji noýabr (TDH). Şu gün Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň ikinji gününiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — BAE» işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. 

                                                                   

Ozal habar berlişi ýaly, düýn dostlukly ýurduň paýtagtynda ýokary derejedäki türkmen-emirlikler gepleşikleri geçirildi. Onuň barşynda iki döwletiň we olaryň doganlyk halklarynyň däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy hem-de taraplaryň özara bähbitlilik, deňhukuklylyk esasynda köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy. Bar bolan ägirt uly kuwwaty we özara bähbitleri nazara almak bilen, ýokary derejedäki duşuşygyň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalaryň uly toplumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berer. Bu resminamalar döwletara gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi. 

                                                                   

Şeýle hem şol gün hormatly Prezidentimiz Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaý emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum hem-de BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklarda esasy ugurlaryň ählisi boýunça özara hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, Ýakyn Gündogaryň döwletleri, ilkinji nobatda, arap dünýäsiniň abraýly hem-de ykdysady taýdan ösen ýurdy bolan Birleşen Arap Emirlikleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň we BAE-niň pudaklaýyn ministrlikleriniň, maliýe, işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda yzygiderli geçirilýän gepleşikler ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine özara gyzyklanmanyň ýylsaýyn artýandygyna şaýatlyk edýär. Şol hyzmatdaşlyk bilelikdäki möhüm taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen berkidildi. 

                                                                   

Şu gün geçirilen işewürlik maslahaty hem deňhukuklylyk, özara hormat goýmak esasynda guralan söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilendir. Maslahatyň barşynda açylýan mümkinçilikleri we bilelikdäki üstünlikli işiň köpýyllyk tejribesini nazara alyp, bütin dünýäde meşhur kompaniýalar bilen işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga çemeleşmeler anyklaşdyryldy. 

                                                                   

...Irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni dostlukly ýurduň işewürleri bilen duşuşygyň geçirilýän ýerine — kaşaň «St.Regis Abu Dhabi» myhmanhanasyna tarap ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary söwda boýunça döwlet ministri Tani bin Ahmed Al Zeýudi we BAE-niň Söwda-senagat edaralary federasiýasynyň başlygy Abdulla Al Mazrui mähirli garşylaýarlar. 

                                                                   

Myhmanhananyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan, Türkmenistanda öndürilen dürli görnüşli önümleriň sergisi işewürlik maslahatyna gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Telekeçi zenanlar halkymyzyň buýsanjy we bahasyna ýetip bolmajak medeni gymmatlygy hasaplanýan ajaýyp türkmen halylaryny, gadymy döwrüň we häzirki zamanyň ruhuny özünde jemleýän dürli haly önümlerini görkezdiler. Bu ýerdäki ýurdumyzyň ýokary tehnologiýaly, eksport ugurly dokma önümleri köpdürlüligi bilen haýran galdyrýar. Häzirki wagtda meşhur kärhanalaryň we beýlekileriň «Merw», «Wada», «Ýeňiş», «Mäne» ýaly haryt nyşanly ekologik taýdan arassa pagtadan öndürýän önümleri diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, ýakyndaky we alysdaky ýurtlarda hem meşhurlyga eýe bolup, uly islegden peýdalanýar. 

                                                                   

Soňky ýyllarda döwletimiz «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly önümleri daşarky bazarlarda işjeň ilerletmek üçin netijeli çäreleri durmuşa geçirýär. Türkmenistan bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti döretmek we bazar gatnaşyklaryny ösdürmek ugruna eýerip, telekeçilik işjeňligini, ýurdumyzyň işewür toparlarynyň işjeňligini hemmetaraplaýyn höweslendirýär, kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly hem-de netijeli ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin oňaýly hukuk, ykdysady, maliýe, durmuş şertlerini döredýär. 

                                                                   

Ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde, azyk bolçulygyny üpjün etmekde, senagat kärhanalaryny gurmakda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzyň azyk senagatynyň dürli görnüşli önümleri — miweli içgiler, süýji-köke önümleri we beýlekiler ilat arasynda uly islegden peýdalanýar. Bu önümler hem sergide giňden görkezildi. 

                                                                   

Türkmenistanda ilkinjileriň biri bolup asma petikleriň önümçiligini ýola goýan «Ak bulut» hojalyk jemgyýeti sergide özboluşly diwarlygyny hödürledi. Hojalyk jemgyýetiniň ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleri diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, daşary ýurtlaryň hem sarp edijileriniň uly islegine eýe boldy. Geljekde bu kärhana «akylly» petikleriň we diwar plitalarynyň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu önümleri taýýarlamak üçin tehnologiýalar ulgamyndaky iň täze işläp taýýarlamalar ornaşdyrylar. 

                                                                   

Şeýlelikde, türkmen telekeçileri döwletiň uly goldawyndan ruhlanyp, işiň täze ulgamlaryny, şol sanda elektron senagaty hem özleşdirýärler. Mysal üçin, ýurdumyzda meşhurlyga eýe bolan «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň önümleri ýerleşdirilen diwarlyk serginiň buýsanjyna öwrüldi. Bu hojalyk jemgyýeti öňdebaryjy kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýup, elektron enjamlary öndürmek ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrendi we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň, şol sanda kompýuterleriň, monobloklaryň, smartfonlaryň, routerleriň, smart-telewizorlaryň, sowadyjylaryň we beýlekileriň önümçiligini ýola goýdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy dabaralar otagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň köp sanly wekilleri, ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň we işewür toparlarynyň agzalary şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. 

                                                                   

BAE-niň Söwda-senagat edaralary federasiýasynyň başlygy Abdulla Al Mazrui duşuşygy açyp, belent mertebeli türkmen myhmanyny tüýs ýürekden mübärekläp, dünýäniň okgunly ösýän ýurtlarynyň biriniň Baştutany bilen duşuşmagyň özi we ýygnananlaryň ählisi üçin uly hormatdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan Türkmenistan bilen döwletara gatnaşyklary ösdürmäge, şol sanda deňhukuklylyk, özara bähbitlilik, uzak möhletleýinlik esasynda guralýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi hem-de ýurtda oňaýly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýän BAE-niň işewür toparlarynyň wekillerini özüne çekýär. Nygtalyşy ýaly, Birleşen Arap Emirliklerinde Türkmenistanyň oňyn özgertmeler ýolunda gazanýan üstünliklerini ruhubelentlik bilen kabul edýärler hem-de doganlyk türkmen halkynyň ägirt uly üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýarlar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny işjeň goldaýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Abdulla Al Mazrui belent mertebeli myhmana giň gerimli asylly işinde täze üstünlikleri, ähli türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi. 

                                                                   

 Soňra hormatly Prezidentimize söz berildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny mübärekläp, 2012-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň, şeýle-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen BAE-niň Söwda-senagat edaralarynyň federasiýasynyň arasyndaky işewürlik geňeşiniň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň oňyn görnüşleri bolup durýandygyny nygtady. 

                                                                   

Birleşen Arap Emirliklerini, onuň işewürler toparlaryny biz geljegi uly hyzmatdaşlarymyz hökmünde görýäris. Häzirki döwürde Türkmenistanyň we BAE-niň gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak üçin ähli mümkinçilikler bar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýratyn belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň nebit pudagynda «Dragon Oil» kompaniýasynyň üstünlikli işläp gelýändigini aýdyp, BAE-niň beýleki kompaniýalaryny hem ýurdumyzyň energetika pudagyny, gazhimiýa senagatyny ösdürmäge işjeň gatnaşmaga çagyrdy. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar. Soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda köpugurly ulag ulgamyny kemala getirmek boýunça işler amala aşyrylýar, hususan-da, deňiz ulag ulgamynyň düzümi giňeldilýär, täze awtomobil, howa, demir ýol ulag merkezleriniň we geçelgeleriniň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň arasynda Balkan welaýatynyň Jebel şäherinde Halkara howa menziliniň toplumynyň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirmek hakyndaky karz ylalaşygyna 2021-nji ýylda gol çekilmegine ýokary baha berýäris. Biz ýurdumyzda ulag-üpjünçilik ulgamlarynyň beýleki taslamalaryna hem BAE-den hyzmatdaşlary çekmäge taýýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, 2018-nji ýylda Hazaryň kenarynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gurluşygy tamamlandy. Häzirki döwürde ol kuwwatly, köpugurly deňiz menzili bolup durýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty özüniň häzirki derejesinde Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça halkara ähmiýetli örän iri ulag merkezleriniň biri bolup durýar diýsek, ulaldyp aýtdygymyz bolmaz. Türkmenbaşy portunyň Birleşen Arap Emirlikleriniň çäklerindäki portlar bilen logistik baglanyşygynyň ýola goýulmagynyň bu maksada doly laýyk gelýändigine, BAE-niň portlary dolandyrmaga we logistik hyzmatlara ýöriteleşdirilen kompaniýalary üçin özüne çekiji taslama bolup biljekdigine ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow himiýa senagatynda kooperasiýanyň ýola goýulmagyna uly ähmiýet berilýändigini belläp, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň arasynda Türkmenabat şäherinde garyşyk mineral dökünlerini öndürýän himiýa zawodynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda karz ylalaşygyna gol çekilendigini ýatlatdy we onuň öz doly netijesini berjekdigine, geljegi uly bu pudakda gatnaşyklaryň geriminiň giňeldiljekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Türkmenistan ägirt uly nebitgaz serişdelerine eýe bolan ýurt bolmak bilen bir hatarda, «ýaşyl» energetikany hem ösdürmäge çalyşýar. Şunuň bilen baglylykda, ýöriteleşdirilen IRENA guramasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça tagallalarymyzy goldandygy üçin BAE-niň Hökümetine minnetdarlyk bildirildi. Şeýle-de Türkmenistanyň Hökümetiniň we Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň arasynda ýurdumyzda gibrid elektrik stansiýasynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda karz ylalaşygyna gol çekildi. 

                                                                   

Giň möçberli, ösüşe niýetlenen bilelikdäki taslamalaryň zerur bolan döwrüne ýetendigimize ynanýaryn. Bu taslamalar ykdysady hyzmatdaşlygyň hereketlendiriji güýjüne öwrülip, täze maýa goýumlary çekmek, garyşyk önümçilikleri döretmek, häzirki zaman hyzmatlar ulgamyny emele getirmek üçin täze mümkinçilikleri açyp bilerler. Umuman, bu taslamalar uzak möhletli, strategik, toplumlaýyn türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň başlanmagyna itergi berip bilerler. Biz munuň üçin iň amatly kanunçylyk we guramaçylyk şertlerini döretmäge, maýadarlara salgyt, gümrük, wiza, ätiýaçlandyryş we beýleki ýeňillikler görnüşinde berilýän zerur goldawy üpjün etmäge taýýardyrys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň häzirki döwürde dünýäniň örän iri maliýe merkezleriniň biri hasaplanýandygyny belläp, BAE-niň maliýe ulgamynyň, maliýe-karz edaralarynyň, ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň, biržalarynyň döreýşiniň we hereket edişiniň üstünlikli tejribesine uly gyzyklanmasyny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Dubaýyň Yslam ykdysady ösüş merkeziniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň beýleki bank we maliýe düzümleriniň arasyndaky özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uly umyt edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

                                                                   

Şu babatda Abu-Dabiniň ösüş gaznasy bilen Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň arasynda hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyzda «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» paýdarlar jemgyýetiniň döredilendigi bellenildi. Bu kompaniýa maliýeleşdirmek üçin maýa goýum taslamalaryna seretmäge we olary seçip almaga eýýäm girişdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýeti pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada gürrüň berip, Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň jemi içerki önümiň möçberinde hususy eýeçilikdäki kärhanalaryň paýyny tapgyrlaýyn artdyrmagy göz öňünde tutýandygyna ünsi çekdi. 2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi kuwwatly işewürlik düzümi bolup durýar. Bu birleşme milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ençemesinde işleri amala aşyrýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine BAE-niň telekeçiler bileleşigi bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek, göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin işewürlik binýatlaryny döretmek üçin aýratyn umyt baglaýandygyny nygtap, türkmen hususy telekeçileriniň BAE-däki kärdeşleri bilen uzak möhletleýin gatnaşyklaryny düýpli we hil taýdan giňeltmäge, ýola goýmaga, olaryň üstünlikli tejribesini ulanmaga, häzirki zaman iş dolandyryş usullaryny we çözgütlerini ornaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiziň pikirine görä, iki ýurduň harytlary we hyzmatlary öndürijileriniň özara sergileri geçirmek tejribesini, bilelikdäki işewürlik maslahatlaryny guramagy yzygiderli esasda ýola goýmak bu işiň möhüm bölegi bolup durýar. 

                                                                   

Biziň ýurdumyz islendik netijeli pikirler we teklipler, jogapkärli, ygtybarly hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr. Men bu duşuşyga BAE-niň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin söwda-ykdysady, maýa goýum gatnaşyklaryny ýola goýmagynyň ýolunda möhüm ädim hökmünde garaýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekillerini iki döwletiň hem ägirt uly mümkinçiliklerine laýyk gelýän giň gerimli, özara bähbitli hakyky hyzmatdaşlyga çagyryp, çykyşynyň ahyrynda duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, abadançylyk, işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. 

                                                                   

Türkmenistanyň ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri barada gürrüň berýän ýörite wideoşekiller ýygnananlarda uly gyzyklanma döretdi. Bu wideoşekiller sahnada gurnalan monitorda görkezildi. 

                                                                   

BAE-niň daşary söwda boýunça döwlet ministri münbere çagyrylýar. Tani bin Ahmed Al Zeýudi ýygnananlary mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hut özüniň gatnaşmagynyň iki dostlukly döwletiň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň goldaw bermeginde geçirilýän şu forumyň aýratyn derejä eýedigini görkezýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bu duşuşygyň iki ýurduň işewür düzümleriniň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi. Onuň barşynda türkmen-emirlikler söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary kesgitleniler. 

                                                                   

Tani bin Ahmed Al Zeýudi BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleriniň türkmen tarapy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň resmi saparynyň çäklerinde geçirilýän işewürlik maslahatyna gatnaşyjylaryň örän uly düzüminiň okgunly ösýän Türkmenistana aýratyn gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýändigini nygtady. Şol gyzyklanmalar köp babatda milli ykdysadyýetiň durnukly depgini we okgunly ösüşi bilen şertlendirilendir. 

                                                                   

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy hem özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri açýar. Bu ýagdaý ýurdumyza uzak möhletleýin esasda iri daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin goşmaça höweslendiriş çärelerini döredýär. 

                                                                   

Işewürlik maslahatynyň çäklerinde BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda hem Emirlikleriň iri işewürliginiň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga çalyşýandygy tassyklanyldy. Bellenilişi ýaly, durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistanda maýa goýum işinde hem üstünlikli işlemek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Açyklyk, ynanyşmak ýagdaýynda geçen işewürlik maslahatynyň çäklerinde ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak babatda anyk teklipler beýan edildi. 

                                                                   

Ýygnananlaryň adyndan belent mertebeli myhmana ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi baradaky içgin söhbetdeşligi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi. 

                                                                   

«Türkmenistan — BAE» işewürlik maslahatynyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy forumyň örän netijeli häsiýete eýe bolandygyny tassyklady. 

                                                                   

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen «Abu Dhabi Ports Group» kompaniýasynyň arasynda aýan etmezlik hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen «Abu Dhabi Future Energy Сompany (Masdar)» kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanda umumy gurnalan kuwwaty 100 MW bolan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça taslamalary ösdürmek bilen bagly bilelikde işlemek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Birinji Abu-Dabi bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekilýär. Şeýle-de iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda logistik hyzmatlary etmek we dürli eksport-import amallaryny geçirmek barada ylalaşyklar gazanyldy. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow işewürlik maslahatyna gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, awtoulagda Watan ugrunda wepat bolanlaryň hormatyna bina edilen «Wahat Al Karama» ýadygärlikler toplumyna tarap ugrady. 

                                                                   

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy «Wahat Al Karama» ýadygärlikler toplumynyň merkezi edarasynyň ýolbaşçysy Şeýh Halifa bin Tahnun bin Mohammed Al Nahaýýan mähirli garşylady. Ol belent mertebeli myhmana bu ýadygärlik toplumy barada jikme-jik gürrüň berdi. 

                                                                   

Arap dilinden terjime edilende «Mertebe jülgesi» diýen manyny aňladýan «Wahat Al Karama» ýadygärlikler toplumy Watanyň, halkyň abadançylygy ugrunda şirin janlaryny gurban eden esgerleriň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň, diplomatlaryň, BAE-niň raýatlarynyň hormatyna bina edildi. 

                                                                   

Şeýh Zaýed metjidiniň garşysynda ýerleşýän toplum ýüzüne wepat bolan esgerleriň atlary ýazylan, biri-birine daýanyp duran 31 panelden ybarat binagärlik kompozisiýasydyr. Bu ýadygärlik milletiň bitewülik we jebislik gymmatlyklaryny alamatlandyrmak bilen, birleşen döwlet ugrunda pida bolanlar baradaky hakydany ebedileşdirýän milli-medeni mirasdyr. Bütin kompozisiýany saklap duran ýadygärligiň yzynda uzyn diwarda BAE-niň harby kasamy ýazylan. Alýumin paneller bilen örtülen plitalarda Birleşen Arap Emirlikleriniň Liderleriniň goşgulary we aýdan sözleri ýazylypdyr. Toplumyň çäginde 1200 adam ýerleşýän amfiteatr hem-de uly tegelek howuz gurlupdyr. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçip, ýadygärlige gül dessesini goýýar we Birleşen Arap Emirlikleriniň milli gahrymanlaryny hatyralaýar. 

                                                                   

Soňra belent mertebeli myhman ýadygärlikler toplumynyň Harby şöhrat zalyna çagyrylýar. Zala girilýän ýerde, içerki diwaryň ýokarsynda Gurhandan aýatlar ýazylypdyr. Zalyň içinde aýlaw boýunça diwaryň ýüzüne BAE-niň gahrymanlarynyň atlary ýazylan 2800 sany jetwel goýlupdyr. Olaryň her birinde gahrymanlar baradaky maglumatlar, wepat bolan ýeri hem-de senesi görkezilipdir. 

                                                                   

Zalyň merkezinde Birleşen Arap Emirlikleriniň sanyny alamatlandyrýan aýnadan ýasalan 7 sany panelden ybarat kompozisiýa ýerleşýär. Olaryň her birinde BAE-niň harby kasamynyň ýazgysy bar. Panelleriň daşyndan ýuwaşlyk bilen suw akýar. Munuň özi wagtyň dowamatlylygyny, hiç kimiň we hiç zadyň unudylmaýandygyny alamatlandyrýar. Binanyň üçegi sekiz plitadan ybarat bolup, olaryň ýedisi Birleşen Arap Emirliklerini, sekizinjisi bolsa milli gahrymanlary alamatlandyrýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýadygärlikler toplumynyň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrýar hem-de emirlikler tarapynyň wekilleri bilen surata düşýär. 

                                                                   

Merkezi edaranyň ýolbaşçysy Şeýh Halifa bin Tahnun bin Mohammed Al Nahaýýan ýadygärlik toplumyna gelendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize ýadygärlik toplumy şekillendirilen ýadygärlik şaýyny sowgat berýär. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni Şeýh Zaýed metjidine tarap ugraýar. Bu ýerde belent mertebeli myhmany metjidiň dolandyryş merkeziniň baş müdiri Ýusef Al Obaidli garşylaýar hem-de hormatly Prezidentimizi Birleşen Arap Emirlikleriniň esaslandyryjysy we ilkinji Prezidenti Şeýh Zaýediň aramgähine geçmäge çagyrýar. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Ýusef Al Obaidli aramgähiň içine girýärler hem-de merhumyň guburynyň deňinde ellerini galdyryp, «Al fatyha» (Alham) süresini okaýarlar. Soňra metjidiň din wekili aramgähiň içinde gysga aýat okaýar. Aýat tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz aramgähden çykýar we metjide tarap ugraýar. Ýol ugrunda belent mertebeli myhman metjit baradaky umumy maglumatlar bilen tanyşdyrylýar. 

                                                                   

2007-nji ýylda resmi taýdan açylan Şeýh Zaýed metjidi dünýädäki iň uly alty metjidiň biridir. 2008-nji ýylyň mart aýyndan başlap bu ýerde musulmanlar we beýleki dinleriň wekilleri, şol sanda dünýäniň ähli künjeklerinden syýahatçylar üçin gezelençler guralýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz we Ýusef Al Obaidli metjidiň içinde — merkezinde ýörite bellenen ýere geçip durýarlar. Belent mertebeli myhmana metjide ýazylan, meýdany 5627 inedördül metre ýetýän, agramy 47 tonna barabar bolan dünýädäki iň uly elde dokalan haly we diametri 10 metre, beýikligi 15 metre barabar bolan äpet lýustralar görkezilýär. Şondan soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow metjidiň howlusyna çykýar. Şol ýerde döwlet Baştutanymyza metjidiň gurluş aýratynlyklary barada gürrüň berilýär. 

 Metjit bir wagtyň özünde jemi 40 müň adamy kabul edip bilýär. Esasy namaz okalýan zal 7 müň adama niýetlenendir. Onuň gapdalynda iki sany kiçi zal bolup, olaryň her biri 1500 adam üçin niýetlenip, olaryň ikisi-de diňe aýallar üçin niýetlenendir. Metjidiň dört burçunda beýikligi, takmynan, 107 metre ýetýän 4 sany minara bar. Esasy binanyň daşky hatary gümmezleriň 82-si bilen örtülendir. Olar ak mermer bilen bezelipdir. Metjidiň umumy meýdany 22 müň inedördül metre barabardyr. 

                                                                   

Döwletara gatnaşyklaryň ruhy ulgamynyň ahlak gymmatlyklarynyň umumylygy bilen baglaşan iki dostlukly ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagyna hem-de özara düşünişmegine ýardam edýändigini aýratyn bellemek gerek. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň möçberli işiniň çäklerinde Türkmenistanda şäherleriň, obalaryň bezegine öwrülen köp sanly metjitler guruldy we gurluşyklary dowam etdirilýär. Şunda dini dessurlary berjaý etmegiň we köp sanly dindarlaryň zyýarat edýän ýerine öwrülen bu metjitleriň her biri özüniň özboluşly binagärlik çözgüdi bilen tapawutlanyp, gözelligi babatda görenleri haýran galdyrýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Şeýh Zaýed metjidini synlanyndan soňra, çykalga tarap ugraýar we Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrýar. Bu ýerde belent mertebeli myhmana şu metjit barada gürrüň berýän kitaplar sowgat berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň wekilleri bilen mähirli hoşlaşyp, Abu-Dabiniň Halkara howa menziline ugrady. Şol ýerde Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary söwda boýunça döwlet ministri Tani bin Ahmed Al Zeýudi bilen bolan söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz türkmen wekiliýetiniň mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, ýokary derejedäki gepleşikleriň, ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem-de «Türkmenistan — BAE» işewürlik maslahatynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň däp bolan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

 Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparyny tamamlap, Watanymyza ugrady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabada çenli uçuşy amala aşyryp, paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.

23.11.2022
Işewürligiň mümkinçilikleri

Kiçi we orta telekeçilik üçin ýurdumyzda döredilýän şert-mümkinçilikleriň çäklerinde işewürlige sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilmeginiň düýpli sebäbi bar. Dünýä tejribesinden hem-de gündelik durmuşymyzda sanly tehnologiýalaryň hem işewürler, hem müşderiler üçin örän giň mümkinçilikleri döredýändigini görýäris. Sanly ulgam kiçi we orta telekeçiligiň ösmegi üçin aýratyn ähmiýetlidir. Çünki şeýle häsiýetli işewürlik ýokary derejede merkezleşdirilendigi, çeýeligi we bazaryň özgerişine çalt uýgunlaşmak ukyby bilen tapawutlanýar. Bäsdeşlik göreşiniň ösenligi sebäpli kiçi we orta kärhanalar öz işlerine täzeçillikleri we sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrýar. Şeýle işjeňlik bolsa tutuş ýurtda sanly ykdysadyýetiň ösüş depginine oňyn täsirini ýetirýär. 

                                                                   

Sanly ykdysadyýet kiçi we orta telekeçiligiň has netijeli we çalt depginler bilen ösmegi üçin birnäçe mümkinçilikleri berýär. Şolaryň hatarynda, ilkinji nobatda, internet ulgamy arkaly maglumata ýeňil we çalt eýe bolmak, ýagny kärhanalaryň işini kämilleşdirmäge, önümçiligiň hilini ýokarlandyrmaga, bazaryň islegini öwrenmäge ýardam berýän bilimleri we maglumatlary edinmäge mümkinçiligi bellemek bolar. Şeýle hem sanly ulgam konsalting, hukukçy, hasapçy we beýleki zerur hyzmatlardan uzak aralykdan peýdalanmaga şert döredýär. Bu bolsa telekeçilere öz kärhanasynyň işiniň belli bir bölegini degişli ugurda iş alyp barýan ýörite hünärmenlere tabşyryp, wagtyny we serişdelerini tygşytlamaga kömek edýär. 

                                                                   

Döwür bilen aýakdaş gidýän ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ilata ýokary hilli harytlary we hyzmatlary hödürleýän hususy işewürleriň sany günsaýyn artýar.  

                                                                   

Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilmegi halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk hem gowulandyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrmaga, bütindünýä hojalyk gatnaşyklarynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam eder. 

                                                                                                           

Gyzylgül TOÝÇYÝEWA,

                       

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.

23.11.2022
Bazar — bolçulygyň ölçegi

      Bir zady görüp, köp zada akyl ýetirip bolýan ýer — bazar. Bazar – bolçulygyň ölçegi. Bu ýerdäki azyk-haryt bolçulygyndan we alyjy-satyjy köpçüliginden halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini kesgitläp bolýar. Ýola goýlan ykdysady özgertmeleriň durmuşa eden oňyn täsiri hut şu ýerde açyk-aýdyň bildirýär. Adamzadyň owal-ahyrky ähli taryhynda ýaşaýyş nirede örňäp başlan bolsa, şol ýerde hökman bazaryň söhbedi edilýär.  

                                                                   

Taryhdaky ösen we ýagdaýy gurat döwletleriň ilki göze ilýän aýratynlygy onuň bazarlary bolupdyr. Müňýyllyklaryň taryhyny özünde jemleýän türkmen topragy ençeme ruhy-medeni galkynyşlaryň, syýasy we ykdysady ösüşleriň merkezi bolup geldi. Diýarymyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda, ähli kerwen ýollarynyň çatrygynda ýerleşendigi hem bu ösüşe esasy täsir eden ýagdaýlaryň biridir. Gadymy Köneürgenjiň, Amulyň, Merwiň, Abywerdiň, Nusaýyň, Dehistanyň ady tutulanda, ösen medeni öwüşgünleriň ählisi aňymyzda janlanýar. Dünýä taryhyna siňen islendik gadymy şäher, ilki bilen, bazarlary bilen adygypdyr.  

                                                                   

Gadym döwürlerde bazar diňe bir söwda edilýän ýer bolmak bilen çäklenmändir. Bu ýerde jemgyýetiň ähli gatlagynyň wekilleri – alymlar, taryhçylar, ruhy we maddy gymmatlyklary gözleýjiler, täjirler, söwdegärler, ekerançylar, daýhandyr mülkdarlar bir ýere üýşüpdirler. Hünärmentler, senagat, sungat işgärleri özlerine gerek zatlaryny şu ýerden tapypdyrlar. Täjirler bu ýerde söwda geleşiklerini baglaşypdyrlar. Harytlaryň gymmaty we nyrhy dogrusynda çekeleşipdirler.  

                                                                   

Edil taryhda bolşy ýaly, häzirki döwürde hem bazar adamzat gatnaşyklary üçin ähmiýetli ýerleriň biri bolup durýar. Ýurtda bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegi bu ilatyň ýaşaýyş derejesini has gowulandyrmak üçin ýola goýlan giň mümkinçilikleriň uly tapgyrydyr. Sada hasap bilen göz öňüne getirip göreliň, bu ýerde söwda gatnaşyklarynda bar bolan önüm öndüriji, täjir, dellal, araçy... garaz, hünärleriň ählisi bar. Bu ýagdaý halkyň ykdysady sowatlylyk derejesini görkezýär.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ýola goýan ykdysady özgertmeleriniň ajaýyp miwelerini hut şu ýerde — bazarlarymyzda aýdyň görýäris. Telekeçiler, önüm öndürijiler üçin döredilen mümkinçilikler örän giň. Bazara barsaň, tapylmaýan zat ýok. Dürli-dümen miwelerden, ir-iýmişlerden, önümlerden gözüň dokunýar. Haýsy birini mysal hökmünde alanyňda hem haýry-täsiri juda uly. Türkmen tebigaty juda jomart. Sähel yhlas siňdirseň, zer öndürip bolýar. Bir wagtlar diňe subtropiki ýa-da tropiki ülkelerde ösýändir öýdülýän ösümliklerden häzir giden bakjalyklar, baglyklar peýda boldy. Bazarlardaky önümler hil babatda hem hiç bir ýurduňkydan peslär ýaly däl, gaýta, ýokumlylygy babatda örän artykmaç. Tebigatymyzda güneşiň miwelere tagam we ýokum berýän yssy çogy ýeterlik bar. Bu bolsa her miwäniň, hasylyň jana şypaly, dermanlyk häsiýetini artdyrýar. Önüm öndürijiler, daýhanlar we telekeçiler üçin hem döwlet tarapyndan ähli şertler ýola goýulýar.  

                                                                   

Halkyň isleg-talabynyň ýokarlanmagy we artmagy — ýaşaýyş derejesiniň barha gowulanýandygynyň alamaty. Diýmek, bu zatlaryň ählisi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösýändigini we bu zatlaryň ählisiniň hut ähli halk, ýurt, döwlet üçin edilýändigini subut edýär.  

                                                                                                           

Ymam NAZAROW,

                       

Türkmen döwlet maliýe institutynyň öwreniji mugallymy.

22.11.2022
Özara bähbitli türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri giňeldilýär

Türkmenistanyň Prezidenti bilen BAE-niň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikler 

                                                                   

 Aşgabat — Abu-Dabi, 21-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady. 

                                                                   

 Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. 

                                                                   

Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny yzygiderli amala aşyrmak bilen, dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda arap dünýäsiniň ýurtlary bilen deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Arap Emirlikleri bilen hyzmatdaşlygyň däp bolan dostlukly, netijeli häsiýetini bellemek gerek. Bu hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykaryldy we baýlaşdyryldy. 

                                                                   

Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit hem-de halkara guramalaryň çäklerinde depginli ösdürilýär. Munuň şeýle bolmagyna türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyna mahsus ynanyşykly, özara hormat goýmak esasyndaky ýokary derejedäki dialog ýardam berýär. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine şu gezekki sapary we ýokary derejedäki nobatdaky gepleşikleri döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze, möhüm sahypany açmaga gönükdirilendir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň uçary BAE-niň paýtagty Abu-Dabiniň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyrylypdyr. Belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli düşelen haly ýodajygynyň ugrunda Hormat garawuly nyzama düzüldi. 

                                                                   

Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheil Mohammed Al Mazrui we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. Soňra hormatly Prezidentimiz Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentiniň köşgüne ugraýar. 

                                                                   

Belent mertebeli myhmanyň awtomobil kerweniniň köşk meýdanyna gelmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň hormatyna top atylmalary bilen garşylanyldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan mähirli garşylady. Döwlet Baştutanlary dostlukly salamlaşýarlar. 

                                                                   

Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Hormat garawulynyň esgerleri meýdançadan dabaraly ýöräp geçdiler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan köşge barýarlar. Bu ýerde olar Türkmenistanyň we BAE-niň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasynyň öňüsyrasynda iki ýurduň Hökümet wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşýarlar. 

                                                                   

 Döwlet Baştutanymyz bu waka mynasybetli Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. 

                                                                   

Soňra uly mejlisler zalynda iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümdäki ýokary derejeli ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. 

                                                                   

BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan belent mertebeli myhmany ýene-de bir gezek mübärekläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň saparyna we şu gezekki gepleşiklere döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de ösdürmek babatda uly ähmiýet berilýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, Birleşen Arap Emirliklerinde Bitarap Türkmenistanyň netijeli daşary syýasaty hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň giň ykrarnamasyna eýe bolan döredijilikli başlangyçlary dolulygyna goldanylýar. 

                                                                   

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän özgertmeler ýolunda ýurdumyzyň ýeten sepgitlerine BAE-de tüýs ýürekden guwanylýandygy bellenildi. BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi iň ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, asylly we jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BAE-niň Prezidentine mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyz bu saparynyň Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde Birleşen Arap Emirliklerine ilkinji saparydygyny belläp, şu duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklara degişli meseleleriň giň toplumynyň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny, bu gatnaşyklary iki tarapyň hem mümkinçiligine, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze derejä çykarmak barada pikir alşyljakdygyny nygtady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli hem-de depginli ösýändigini kanagatlanma bilen belledi. Hyzmatdaşlyk edilýän ýyllarda düýpli şertnama-hukuk binýady döredildi, Hökümet we pudaklaýyn derejelerde yzygiderli gatnaşyklar amala aşyrylýar. Türkmenistan hem-de Birleşen Arap Emirlikleri sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerinde özara düşünişýändigini, garaýyşlarynyň meňzeşdigini bildirmek bilen, halkara giňişlikde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýärler. Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki iri halkara düzümlerde birek-birege goldaw bermek asylly däbe öwrüldi. 

 Türkmenistan we Birleşen Arap Emirlikleri tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna eýe bolan, geografik taýdan amatly ýerleşen, depginli ösýän döwletlerdir. Bularyň ählisi söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri açýar. Bu ugurda bar bolan kuwwaty has netijeli peýdalanmakda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitete hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Söwda-senagat edaralary federasiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça döredilen işewürlik geňeşine möhüm orun berilýär. 

                                                                   

Ýangyç-energetika ulgamy häzirki günde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr. Bu ugurda ägirt uly kuwwata eýe bolan Türkmenistan tebigy gazy eksport ediji döwletleriň biridir. Şeýle hem ýurdumyzyň gazhimiýa senagaty ösdürilýär, onuň öndürýän önümleriniň giň görnüşi halkara bazarlara çykarylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz BAE-niň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyga taýýardyr. 

                                                                   

Ulag-logistika ulgamy hem hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň biridir. Bu ugurda iki ýurduň port düzümlerini ulanmak arkaly utgaşdyrylan ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamalary amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikler bar. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda Hazar deňziniň türkmen kenarynda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ulanmaga berildi. Häzirki wagtda bu port öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, halkara derejedäki köpugurly terminaldyr. Onuň kuwwaty Ýakyn we Orta Gündogaryň, Hindi ummanynyň deňiz ugurlary boýunça gatnawlary ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça yklymda iň iri ulag halkasy bolmak mümkinçiligine eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we BAE-niň portlarynyň logistik «baglanyşygynyň» örän uly geljegi bar. 

                                                                   

Oba hojalygy, aragatnaşyk we kommunikasiýalar, gaýtadan işleýän we himiýa senagaty, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm ugurlarynyň hataryndadyr. Şähergurluşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň hem uly geljegi bar. Häzirki günde Türkmenistanda bu ugurda iri taslama — Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygy amala aşyrylyp, bu ugurdaky işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu desgalar toplumy özüniň tehniki we tehnologik häsiýetnamalary boýunça özboluşly hem täsindir, şeýle-de ol düýpgöter täze ölçeglere esaslanýan «akylly» şäheriň nusgasydyr. 

                                                                   

Şeýlelikde, Türkmenistanyň dürli ulgamlarda başyny başlan we durmuşa geçirýän giň gerimli taslamalary türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny, şol sanda maýa goýum işini we netijeli işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. 

                                                                   

Ynsanperwer hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, ylym, bilim, medeniýet we sungat ugurlary boýunça özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi halklarymyzy ýakynlaşdyrmagyň, dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şertidir. Türkmenistanyň we BAE-niň baý taryhy mirasy, özboluşly däp-dessurlary bar. Bu ulgamda tejribe alyşmak, bilelikdäki çäreleri — Medeniýet günlerini, sergileri, döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny guramak medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagyna ýardam berer. 

                                                                   

Sport ugry boýunça hyzmatdaşlyk hem möhümdir. 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirildi. BAE-den hem türgenler gatnaşan bu oýunlar sport ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri açdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly, ynanyşykly, açyklyk ýagdaýynda geçýän şu gezekki duşuşygyň döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirip, netijeli gepleşikler üçin BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana minnetdarlygyny, Birleşen Arap Emirlikleriniň halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi. 

                                                                   

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. 

                                                                   

Resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara gatnaşyklar ministrliginiň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Maksatnamasy; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň arasynda gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk we özara ýardam bermek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak ministrliginiň arasynda oba hojalyk we azyk howpsuzlygy barada hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Kiberhowpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýanyndaky Kiberhowpsuzlyk gullugy bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Kiberhowpsuzlyk geňeşiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýanyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Bilim ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly maliýe maglumatlary alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Maliýe gözegçilik gullugy bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Maliýe aňtawçylygy edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Maliýe ministrliginiň arasynda fiskal we tehniki meseleler boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidentiniň BAE resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edilýär. 

                                                                   

 Soňra ýokary derejedäki ikiçäk duşuşyk geçirildi. 

                                                                   

Türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň kuwwatyny has netijeli peýdalanmak, onuň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen we ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentleri şu gün gol çekilen, döwletara hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetiren resminamalar toplumynyň ähmiýetini nygtadylar. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzyň ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini bellemek gerek. Şunda Türkmenistanda soňky ýyllarda amala aşyrylan birnäçe taslamalara BAE-niň gatnaşandygyny anyk mysal hökmünde getirmek bolar. Birleşen Arap Emirlikleriniň maýa goýum we maliýe edaralary, hususan-da, Abu-Dabiniň ösüş gaznasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Bilim, ylym, medeniýet we sport ulgamlary hem türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarydyr. 

                                                                   

Şeýle-de taraplar sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlary, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow myhmansöýerlik hem-de döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine berýän ünsi üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýany Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhleti diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar. 

                                                                   

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanlary ynanyşykly, dostlukly we şol bir wagtyň özünde işjeň häsiýete eýe bolan, Türkmenistan bilen BAE-niň däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga çalyşýandyklarynyň aýdyň subutnamasyna öwrülen bu gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirdiler. 

                                                                   

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasyna gatnaşyjylar bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdüler. 

                                                                   

Şol gün döwlet Baştutanymyz Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri we Dubaý emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum hem-de BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyklary geçirdi. 

                                                                   

Türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşmagyň barşynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň we olaryň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalaryň uly toplumynyň netijeli hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin esasda mundan beýläk-de ösdürmek, bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmak üçin ygtybarly binýady goýandygy bellenildi. Şunda taraplaryň özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegi, iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky däp bolan dostlukly, ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýän medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi maksat edinýändikleri tassyklanyldy. 

                                                                   

 Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary dowam edýär.

22.11.2022
Logistika — ykdysady kuwwat

Türkmenistan ulag-aragatnaşyk ulgamynyň içerki düzümlerini halkara ülňülere laýyklykda kemala getirmekde uly işleri durmuşa geçirdi. Bu işler häzirki döwürde-de depginli dowam etdirilýär. Ýurdumyzdaky esasy ýollary üstaşyr ulag geçelgelerine birikdirmek, Ýewraziýada yklymlary birleşdirýän şeýle geçelgeleri diwersifikasiýalaşdyrmak, bu babatda ýurdumyzy esasy merkezleriň birine öwürmek, netijede, geografik ýerleşişi taýdan amatly artykmaçlyklary özünde jemleýän döwletimiziň üstaşyr gatnawlarda eýeleýän kesgitleýji ornuny has-da berkitmek bu ugurda öňe sürülýän syýasatyň esasyny emele getirýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarydyr tagallalary netijesinde durmuşa geçirilen sebitdir halkara taslamalar häzirki döwürde diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, sebit döwletleriniň hem ykdysady bähbitleriniň ýokarlanmagyna getirdi. Bu ýagdaý döwletimiziň her bir işde ählumumy bähbitleri-de nazardan salmaýandygyny görkezýär, sebitde ösüşiň gazanylmagynda eýeleýän ornuny berkidýär.  

                                                                   

Türkmenistanyň transmilli geçelgeleri döretmek strategiýasynyň çäginde hem-de giň sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksadyndan ugur alyp, Demirgazyk — Günorta ugry boýunça ulag-aragatnaşyk geçelgesiniň döredilmegi-de ýokarda aýdylanlaryň aýdyň mysalydyr. Bu geçelge Merkezi Aziýa we Ýewropa ýurtlaryna Pars aýlagyna girmäge mümkinçilik berýär. Geljekde bu ugur Hazar deňziniň, Gara deňiz basseýniniň we Baltika sebitlerine girýän üstaşyr geçelgäni-de öz içine alar. Bu bolsa Merkezi Aziýanyň çäkleri arkaly Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky iň amatly gatnawy emele getirer. Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda demir ýol şahasynyň gurulmagy, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegi ýurdumyzyň bu ugurda esasy merkezleriň birine öwrülmegi babatda edilýän işlere mynasyp goşantdyr. Şu we beýleki üstaşyr ulag geçelgeleriniň türki döwletleriň arasynda ýük gatnawlarynyň, şol sanda üstaşyr ýük geçirilişiniň möçberini artdyrmakda, söwda dolanyşygyny giňeltmekde hem-de eksport-import gatnaşyklarynyň deňagramlylygyny üpjün etmekde hem derwaýys orun eýeleýändigini, geljekde munuň ähmiýetiniň has-da artjakdygyny hem nygtamak zerur. Şu barada türki döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän dürli derejelerdäki duşuşyklarda ýörite ylalaşyklaryň gazanylmagy-da möhüm ähmiýetlidir. Ol 11-nji noýabrda geçirilen Samarkant duşuşygynda hem öňe sürlen esasy meseleleriň biri boldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz döwletiň maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitlemekde, bar bolan ägirt uly tebigy serişdeleri, geografik taýdan amatly ýerleşýändigi we üstaşyr mümkinçilikleri babatda Türkmenistanyň dünýä bazarlaryndaky bäsdeşlikdäki artykmaçlyklaryndan ugur alýar. Häzirki zaman ählumumy ykdysady ulgamdaky çylşyrymly ýagdaýlary nazara alyp, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny saklamak we bazarda mynasyp orny eýelemek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şonuň üçin-de döwlet Baştutanymyzyň daşary ykdysady strategiýasynda, esasan, iki ugra aýratyn ähmiýet berilýär. Olaryň biri energiýa howpsuzlygy, ikinjisi üstaşyr ulag geçelgeleridir. Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan syýasatynyň halkara guramalar, esasan-da, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan doly goldaw tapýandygy, şunuň bilen baglanyşykly ýörite halkara çäreleriň geçirilýändigi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Döwletimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän syýasatyň netijesinde ulag-aragatnaşyk toplumynyň ykdysady görkezijileri-de guwandyryjydyr. Milli ulag ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi we kämilleşdirilmegi, bir tarapdan, ykdysadyýetiň durnukly ösüşine saldamly goşant goşsa, ikinji tarapdan, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy ykdysadyýetdäki ornuny barha berkidýär. Başgaça aýdylanda, ýurdumyzyň geosyýasy ýerleşişi, ulag infrastrukturasyny dowamly döwrebaplaşdyrmak syýasaty üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga oňaýly şertleri döredýär. Şonuň üçin-de gürrüňi edilýän pudak öz-özüňi dolandyrmakda, halkyň durmuş üpjünçiligini berkitmekde, ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrmakda döwlet tarapyndan saýlanyp alnan iň dogry hem iň bähbitli ykdysady ugurdyr. Halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň diwersifikasiýalaşdyrylmagy hem-de onuň ýurdumyzdaky bölekleriniň has-da kämilleşdirilmegi diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, sebitde-de önümçilikleriň artmagyna, hususy pudakdaky işjeňligiň ýokarlanmagyna, haryt dolanyşygynda bahalaryň arzanlamagyna, täze mümkinçilikleriň döredilmegine oňyn täsir eder. 

                                                                                                           

Sapar ŞAÝYMOW,

                       

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.

19.11.2022
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 18-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere, şeýle-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň ýörelgelerine hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 12-nji noýabrynda Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň ýigrimi birinji maslahaty geçirildi. Maslahatda “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň, şeýle hem “Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Mejlisiň kararynyň taslamalaryna garaldy. “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanuny Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň garamagyna ugradyldy. 

                                                                   

Şeýle-de ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam etdirilýär. Mejlisiň wekilleri degişli döwlet edaralary bilen bilelikde halkara guramalar tarapyndan guralan hem-de döwlet dolandyryşynyň usulyýetiniň esaslary, adam we ynsanperwer hukuklar babatda halkara borçnamalaryň ýerine ýetirilişi, logistika, ulag düzümlerini ösdürmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly töwekgelçilikleri azaltmak we uýgunlaşma çäreleri bilen baglanyşykly maslahatlara, duşuşyklara gatnaşdylar. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew türkmen jemgyýetiniň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Häzirki wagtda Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ýigriminji we ýigrimi birinji maslahatlarynda kabul edilen Kanunlar boýunça Halk Maslahatynyň degişli komitetlerinde ara alyp maslahatlaşmalar we seljerme işleri geçirilýär. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy we çykyş etdi. Gahryman Arkadagymyzyň sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag, energetika, ekologik abadançylygy berkarar etmek, musulman ýurtlaryndan bolan bosgunlara kömek bermek, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňe süren teklipleri Samarkant sammitine gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn goldanyldy. Özbegistan Respublikasyna saparynyň barşynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglanylmagy hormatly Arkadagymyzyň halkara jemgyýetçilikdäki belent abraý-mertebesiniň aýdyň nyşanydyr. 

                                                                   

12-nji noýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynda iş saparynda bolup, pagtaçylar we gallaçylar bilen duşuşdy, olaryň hal-ýagdaýy, zähmet şertleri bilen gyzyklandy. Şeýle-de hormatly Arkadagymyz “Marygallaönümleri” önümçilik birleşiginiň çörek önümleri kärhanasyna baryp gördi we ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow degişli önümçilik desgalarynyň talabalaýyk ulanylmagyny üpjün etmäge degişli milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu ulgamdaky işi kadalaşdyrýan Türkmenistanyň Kanunyndan ugur alnyp, kadalaşdyryjy hukuk namalary taýýarlanylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýokarda agzalan Kanun esasynda ygtyýarly edara hökmünde bellenen “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan birnäçe resminamalaryň taslamalary taýýarlanyldy. Resminamalaryň taslamalary Adalat ministrligi hem-de degişli ministrlikler, pudak edaralary bilen bellenen tertipde deslapdan ylalaşyldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de okgunly ösmegini üpjün etmek, önümçilik ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň kanunçylygyny yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu işiň yzygiderli, döwrüň talaplaryna laýyklykda, halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak üçin hukuk gurallaryny ulanmak arkaly alnyp barylmalydygyny nygtap, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow “Galkynyş” gaz käninde gaz guýularynyň gurluşygyny tamamlamak hem-de tebigy gazyň goşmaça möçberini çykarmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Geçen ýylyň awgustynda “Galkynyş” gaz käninde adaty gaz guýularyndan aýratyn çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýan täze guýularyň gurluşygyna badalga berildi. Häzirki wagtda meýilleşdirilen işleri bellenen möhletinden öň tamamlamak hem-de guýulary işe girizmek boýunça zerur çäreler görülýär. Täsin “Galkynyş” käniniň täze gaz guýularynda gazyň goşmaça möçberiniň alynmagyna garaşylýar. Bu gaz guýularynyň işe goýberilmegi ýakyn wagtda gazyň her ýylda çykarylýan möçberini artdyrmaga hem-de “Galkynyş” gaz käniniň täze desgalaryny özleşdirmegi taslama kuwwatyna çykarmaga mümkinçilik berer. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň düzümindäki möhüm ornuny nygtady we nebitgaz senagatynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň bu ulgamdaky düýpli özgertmeleriň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz tebigy gazyň çykarylýan möçberini yzygiderli artdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Häzirki wagtda ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça degişli işler geçirilýär, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm işleri dowam edýär. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekişinde oba hojalyk tehnikalary we gurallary netijeli ulanylýar. Ekin meýdanlarynda mineral dökünleri bermek, gögeriş suwuny tutmak işleri sazlaşykly alnyp barylýar. Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti tarapyndan “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny we suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça degişli çäreler görülýär. Şeýle-de şu ýylyň noýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada habar berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizde oba hojalygynyň möhüm orun eýeleýändigini belledi we ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň bellenilen möhletlerde geçirilmegi üçin ähli tagallalary etmegiň zerurdygyny nygtap, wise-premýere bu meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Häzirki wagtda, ekin meýdanlaryny suwarmak maksady bilen, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar, oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak üçin täze suw howdanlary gurlup ulanmaga berilýär, hereket edýän suw howdanlary giňeldilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ýurdumyzda suw hojalygyny ösdürmek boýunça maksadalaýyk işleri amala aşyrýandygyny, bu babatda görülýän çäreleriň suw serişdelerini rejeli ulanmagy, goşmaça suw howdanlaryny döretmegi göz öňünde tutýandygyny, munuň bolsa oba hojalygynda ulanylýan suwuň täze gorlaryny döretmäge mümkinçilik berýändigini nygtap, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işini kämilleşdirmek we netijeliligini ýokarlandyrmak ýaly meseleleri çözmäge örän jogapkärli çemeleşilýändigini aýdyp, wise-premýere şu gaznanyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň nobatdaky mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, hususan-da, 2023-nji ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň sanawynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gurluşyk senagatyny ösdürmek üçin ähli şertler döredildi, täze şähergurluşyk maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ulanmak arkaly önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýaşaýyş jaýlarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglygy goraýyş desgalarynyň ençemesiniň, birnäçe önümçilik maksatly desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, berkarar Watanymyzyň kuwwatynyň hem-de rowaçlygynyň aýdyň nyşanlaryna öwrülýän senagat we medeni-durmuş maksatly täze desgalaryň gurluşygy boýunça işleri depginli dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli düzümleriň ählisi bilen bilelikde geljek ýylda dabaraly ýagdaýda açyljak binalardyr desgalaryň sanawyny ýene-de bir gezek içgin seljermegi we öwrenmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra wise-premýer milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de senagatlaşdyrmak boýunça işleriň çäklerinde görülýän çäreler, hususan-da, gurluşyk senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklary we ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryny zerur bolan ýokary hilli gurluşyk serişdeleridir önümleri bilen ýeterlik derejede üpjün etmek maksady bilen, hereket edýän önümçilikleriň işlerinde zerur bolan serişdeleri satyn almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň senagat ulgamyny toplumlaýyn ösdürmegiň hem-de uly isleg bildirilýän gurluşyk önümleriniň çykarylýan möçberini yzygiderli artdyrmagyň zerurdygyny aýtdy hem-de ugurdaş kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklaryndan has netijeli peýdalanmak üçin ähli şertleriň döredilmeginiň wajypdygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew 29-30-njy noýabrda Aşgabat şäherinde Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisini hem-de onuň çäklerinde işewürlik maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu çärelere, esasan, agajy, plastik we demir önümlerini gaýtadan işleýän senagat pudaklary, oba we suw hojalygy, azyk senagaty, saglygy goraýyş we beýleki pudaklar üçin ýokary tehnologiýaly enjamlary öndürýän maşyngurluşyk kärhanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şeýle-de olara sanly ulgam, elektron programma üpjünçiligi, daşky gurşawy goramak, medeniýet, ylym-bilim ugurlarynda iş alyp barýan kompaniýalar gatnaşar. Forumyň meýdançalarynda türkmen işewürleriniň hem-de Awstriýanyň kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Awstriýa bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Şol gatnaşyklaryň okgunly ösmegi taraplaryň uzak möhletleýin esasda hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýandyklaryny tassyklaýar. Netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň aýdyň görkezijisidir. Awstriýanyň türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge çalyşýan uly işewür toparlaryň wekilleri bilen köpýyllyk ysnyşykly gatnaşyklar munuň anyk subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ýewropanyň bu ýurdy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde netijeli gural hökmünde Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň möhüm ornuny belledi. Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda geçiriljek işewürlik maslahatynyň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirip, wise-premýere bu çäreleri geçirmäge ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Hasabatyň dowamynda wise-premýer käbir pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndaky üýtgeşmeler göz öňünde tutulyp, Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň türkmen böleginiň düzümi babatda degişli işleriň geçirilýändigini habar berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz bu meselä ünsi çekip, olaryň işiniň ähmiýetini nygtady. Bu toparlaryň işi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine ýardam etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu ugurda degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň 28 — 30-njy noýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek “Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwala we maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baý medeni mirasyny düýpli öwrenmek we aýawly saklamak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini belläp, halkara forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra wise-premýer 23 — 25-nji noýabrda Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň geçirilmegine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Medeniýet günleriniň çäklerinde Täjigistanyň häzirki zaman suratkeşleriniň, şekillendiriş sungaty eserleriniň, neşir önümleriniň, milli lybaslarynyň sergisiniň, birnäçe beýleki medeni çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde, beýleki halklar bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda şeýle medeni çäreleriň möhüm ähmiýetini belledi we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Şeýle-de wise-premýer 22-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçiriljek “Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri: öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek tejribesi” atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini öwrenmegiň, bu ugurda amala aşyrylýan ylmy işleriň we barlaglaryň, medeni gymmatlyklarymyzy bütin dünýäde wagyz etmegiň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady hem-de wise-premýere halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow öňümizdäki aýda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara olimpiadalar barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda” hem-de “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda” kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, şeýle-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 5 — 7-nji dekabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde biologiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasyny hem-de 5-nji dekabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ekologiýa dersi boýunça açyk halkara olimpiadany geçirmek meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Halkara ders olimpiadalaryna türkmen talyplary bilen birlikde Russiýanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Rumyniýanyň, Wengriýanyň, Ýaponiýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we beýleki köp sanly döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ugurda geçirilýän işleriň we halkara derejedäki aň-paýhas bäsleşikleriniň yzygiderli guralmagynyň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdi hem-de şeýle çäreleriň diňe bir zehinli türkmen ýaşlaryny ýüze çykarmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam edýändigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra wise-premýer ylymly-bilimli, maksada okgunly, zähmetsöýer, Watana wepaly türkmen ýaşlaryny terbiýelemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek, wagyz-düşündiriş işlerini güýçlendirmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanynda “Arkadagly ýaşlar” atly elektron žurnaly döretmek göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwrebap sanly tehnologiýalary giňden ulanmagyň döwletimizi we jemgyýetimizi okgunly ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlaryny hem-de wezipelerini ýerine ýetirmegiň üstünliklerini kesgitleýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz täze elektron neşiriň döredilmeginiň wajypdygyny we derwaýysdygyny belläp, onuň örän gyzykly, çuň manyly bolmalydygyny, zehinli türkmen ýaşlarynyň geçirýän ylmy barlaglarynyň hem-de innowasion işläp taýýarlamalarynyň ähmiýetini açyp görkezmelidigini nygtady. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň 21-22-nji noýabrda Birleşen Arap Emirliklerine meýilleşdirilen resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, 1995-nji ýylyň oktýabrynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlandygy bellenildi. Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hökümet we daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça hem-de abraýly halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli gatnaşyklar ýola goýuldy. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin uly mümkinçilikler bar. Şunda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki topara möhüm orun degişlidir. Häzirki wagtda Abu-Dabiniň ösüş gaznasy we BAE-niň beýleki maliýe düzümleri bilen bilelikde maýa goýum taslamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda ynsanperwer ulgamdaky, bilim, ylym we medeniýet ugurlaryndaky gatnaşyklar hem işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hormatly Prezidentimiziň öňümizdäki resmi saparynyň maksatnamasy hödürlenildi. Saparyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyna pugta ygrarlydygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belläp, Birleşen Arap Emirlikleri bilen döwletara gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen nygtady. Uly kuwwatyň bolmagy ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýum işini, işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýokary derejede geçiriljek gepleşikler häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we uzak möhletleýin geljegi nazara almak arkaly Birleşen Arap Emirlikleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlemäge, döwletara gatnaşyklary täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, daşary işler ministrine Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapara taýýarlyk görmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Demir ýollaryň we demir ýol ulagynyň beýleki obýektleriniň gorag zolaklarynyň bellenilmeginiň Tertibini tassyklamak hakynda” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde milli ulag we kommunikasiýa pudagynda ulanylýan kadalaşdyryjy hukuk namalary döwrüň talaplaryna laýyk getirilip, yzygiderli kämilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ösdürmek üçin demir ýol düzüminiň döwrebap desgalarynyň kuwwatyndan doly derejede peýdalanmagyň hem-de demir ýol ulagy arkaly daşalýan ýükleriň möçberini mundan beýläk-de artdyrmagyň zerurdygyny aýtdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz otlularyň we ulag serişdeleriniň hereketiniň ýygylygy bilen baglylykda, demir ýollaryň gorag zolaklarynyň dürli sazlaýjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylmalydygyny belledi hem-de degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly iberdi we agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşine gönükdirilen birnäçe meselelere garalandygyny we degişli resminamalaryň kabul edilendigini belledi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

19.11.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygyny kabul etdi

Aşgabat, 18-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopy kabul etdi. 

                                                                   

Ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň aýdan hoşniýetli sözlerini we türkmen halkyna iberen arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Türkiýede ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen doganlyk Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine möhüm ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň parlamentiniň ýolbaşçysyny Aşgabatda görýändigine şatdygyny aýdyp, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigini we sazlaşykly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Prezident Rejep Taýyp Ärdogana iň gowy arzuwlaryny aýdyp, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ýyl-ýyldan täze mazmun bilen üsti ýetirilýän özara bähbitli türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygynyň Aşgabada saparynyň çäklerinde geçiriljek gepleşikleriň we duşuşyklaryň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklara täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyza görkezilen hormat üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy öz tarapyndan iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen parlamentara hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn berkidilmegi ugrunda mundan beýläk-de tagalla etjekdigini nygtady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen we türk halklaryny taryhy kökleriň, medeni, ruhy umumylyklaryň baglanyşdyrýandygyny belledi. Bu bolsa açyklyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda ýola goýulýan döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. Duşuşygyň dowamynda iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna şu ýyl 30 ýyl dolandygy bellenildi. Şu döwrüň dowamynda Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara gatnaşyklar köpugurly häsiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy nygtaldy. 

                                                                   

Parlamentara gatnaşyklar türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar. Şunda kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, duşuşyklaryň we geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmegine aýratyn üns berilýär. Munuň özi hyzmatdaşlygyň häzirki zaman hukuk binýadyny döretmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygynyň ýurdumyza saparynyň bu ugurda möhüm ädime öwrüljekdigi bellenildi. 

                                                                   

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň parlamentiniň ýolbaşçysy Mustafa Şentop dostluk däplerine, taraplaryň hoşniýetli erkine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine, ählumumy abadançylygyň bähbidine has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

19.11.2022
Görnükli netijeler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurt Baştutanymyzyň kabul edýän taryhy Kararlarydyr çözgütlerinde ata Watanymyzyň beýleki sebitleri bilen birlikde Balkan welaýatyny ösdürmäge hem uly üns berilýär. Sebitiň howa we tebigy aýratynlyklary, gazylyp alynýan dürli tebigy baýlyklaradyr magdanlara baý ýataklary we beýleki uly mümkinçilikleri ýurduň ykdysady ösüşine, ilatynyň maddy hal-ýagdaýyny we iş orunlary bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga, ýokary netijeli önümçilik kuwwatlyklaryny döretmäge amatly şertleri döredýär. 

                                                                   

Şundan ugur alyp, welaýatyň etrap-şäherlerinde, oba-şäherçelerinde alnyp barylýan dürli maksatly binalary özümizde öndürilýän ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen ygtybarly üpjün etmekde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Balkanabat şäherindäki Balkan Kän müdirligi hem saldamly işleri bitirýär. Kärhanada «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen ýanwar — oktýabr aýlarynda senagat önümleriniň pul hasabynda 19 million 178 müň manatlyga barabary taýýarlanylyp, bu baradaky meýilnama 111 göterimden geçirilip amal edildi. Şeýle hem şu döwürde bu ýerde 2 million 50 müň manatlyga derek 3 million 41 müň manatlykdan hem gowrak gurluşyk serişdeleri taýýarlanyldy. 

                                                                   

Kärhanada, ylaýta-da, düzüminde demir magdany bolan dag jynsyny, gips daşyny, toýuny, diwara örtülýän materiallary taýýarlamakda has görnükli netijeleriň gazanylandygyny bolsa aýratyn nygtamak gerek. Kämil önümçilik tehnikalary bilen ygtybarly üpjün edilen kärhanada we onuň önümçilik meýdançalarynda öndürilýän gurluşyk materiallary diňe bir Balkan welaýatyna däl, eýsem Diýarymyzyň ähli sebitlerine hem yzygiderli ugradylýar. 

                                                                                                           

Hojaberdi BAÝRAMOW.

                       

«Türkmenistan».

18.11.2022
Ykdysadyýete täzeçe çemeleşmeler

Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ählisinde gyradeň ýokary ösüş derejesi saklanylýar. Mälim bolşy ýaly, ykdysady ösüş bu jemgyýetçilik önüminiň mukdar taýdan köpelmegi we hil taýdan kämilleşmegidir. Bu ösüşleri gazanmakda hem-de yzygiderli berkitmekde baý tebigy gorlara, işjeňligi barha artýan maýa goýum işiniň netijeliligine, çig mal pudagyna degişli bolmadyk ulgamlaryň depginli ösdürilmegine, iri möçberli maýa goýum serişdeleriniň çekilmegine, ýurtda maliýe we durmuş durnuklylygyny saklamaga, şeýle-de milli puluň hümmetiniň durnukly bolmagyny üpjün etmäge aýratyn orun berilýär. 

                                                                   

Gazanylýan ynamly ösüşleriň sarsmaz binýadynda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan ykdysady syýasat durýar. Şeýle oýlanyşykly işlenilip düzülen syýasatyň netijesinde ýurdumyz önümleriň ýokary hili bilen tapawutlanýan, ykdysadyýeti depginli ösýän döwletleriň hataryna ymykly goşulýar. Ykdysady seljermede ulanylýan iki görkeziji, ýagny, jemi önüm we milli girdeji maddy önümçiligiň we hyzmatlaryň sazlaşygynyň gazanylýandygyny görkezýär.  

                                                                   

Ösüşlerimiziň durnuklylygyny saklamakda geçen ýyllarda ykdysady ulgamy düýpli döwrebaplaşdyrmak hem-de maýa goýum işini has-da işjeňleşdirmek, ösüşiň çig mal görnüşinden senagat-innowasiýaly ugruna tapgyrlaýyn geçmekligi üpjün etmek, Türkmenistanyň bütindünýä ykdysady gatnaşyklar ulgamyna has çuň we ynamly aralaşmagyny gazanmak ýaly wezipeleriň oňyn çözülmegi aýratyn uly täsirini ýetirdi. Bu ykdysady syýasat hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli dowam etdirilýär. Ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň hem ornaşdyrylmagy ösüşler üçin giň mümkinçilikleri döredýär.  

                                                                   

Häzirki döwürde ýurdumyzyň oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, pudaga häzirkizaman ylmynyň gazananlarynyň we sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylmagy netijesinde azyk önümleriniň öndürilýän mukdary hem yzygiderli artýar. Oba hojalygynda hasylyň möçberini we hilini ýokarlandyrýan usullary düzüminde toplaýan özgertmeleriň uly toplumynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ilatymyzyň saçaklarynda önüm bolçulygy emele gelýär. Çörek hem-de gök-bakja önümleri, öz topragymyzdan önýän naz- nygmatlaryň dürli görnüşleri alyjylara yzygiderli hödürlenilip dur. Ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen bir hatarda biziň welaýatymyzda azyklyk önümleriň käbir görnüşleriniň ekilen her gektaryndan 80-250 sentnere çenli hasyl alynýar. Munuň şeýledigine welaýatymyzda ýazlyk we güýzlük ýeralmanyň hem-de gök-bakja ekinleriniň beren hasylynyň mysalynda hem göz ýetirýäris. Şu ekinler üçin bölünip berlen 11 müň 670 gektar ekerançylyk meýdanynda bol hasylyň ýygnalmagy bu ugurda tejribeleriň baýlaşandygyny görkezýär. Öndürilen azyklyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň sany hem yzygiderli artýar. Olaryň esasy wezipeleriniň biri ilatymyzy dürli görnüşli, ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmekdir. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň has-da ösmeginde, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda aýratyn ähmiýetlidir. 

                                                                                                           

Begenç MYRADOW,

                       

welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

17.11.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministrini kabul etdi

Aşgabat, 16-njy noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owjini kabul etdi.

 Myhman duşuşmaga wagt tapandygy hem-de söhbetdeşlikde nebitgaz pudagynda döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň salamyny, bagt we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Eýranyň Türkmenistan bilen gatnaşyklarda taryhy we medeni köklere ygrarlydygy tassyklanyldy. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän özara bähbitli sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň netijeli şerti bolup durýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň Baştutanynyň adyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, şu ýyl şanly sene — iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, özara hormat goýmak, ynanyşmak esasynda, iki halkyň ruhy ýakynlygynyň, gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň berk binýadynda guralýan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijesi kanagatlanma bilen bellenildi. 

                                                                   

Netijeli we oňyn ýagdaýda geçen duşuşykda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we myhman iki ýurduň milli ykdysadyýetleri üçin strategik häsiýete eýe bolan ýangyç-energetika pudagynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy bu ulgamyň ösdürilmegine ilkinji derejede ähmiýet berýärler. Ägirt uly serişde we ykdysady kuwwata eýe bolan iki goňşy döwletiň geljekde-de deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerinde däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmegi ugur edinýändigi bellenildi. 

                                                                   

Eýranyň nebit ministri Türkmenistanyň Baştutanynyň alyp barýan energetika syýasatyna hem-de onuň çäklerinde yzygiderli amala aşyrylýan we ýurduň örän baý serişde mümkinçilikleri dünýä bileleşiginiň bähbidine gönükdirilen giň gerimli taslamalaryna ýokary baha berip, goňşy ýurduň netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, tutuş sebitiň durnukly ykdysady ösüşine ýardam berýän ulag, kommunikasiýa, gurluşyk we oba hojalyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. 

                                                                   

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owji soňky ýyllarda täze many-mazmuna eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

17.11.2022
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 16-njy noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Maslahat köşgünde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ilkinji mejlisi boldy. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl bu gaznanyň ýanynda onuň esaslandyryjysy tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Ýaşulular geňeşini döretmek çözgüdi kabul edildi. 

                                                                   

Türkmen halky taryhyň dowamynda özüniň öçmejek ynsanperwer gymmatlyklaryna hem-de asylly ýörelgelerine eýermek bilen, ösüp gelýän ýaş nesiller, olaryň saglygy barada alada edip, ýaşlaryň zähmetsöýerlik hem-de ene topraga çäksiz söýgi ruhunda hemmetaraplaýyn bilimli, terbiýeli şahsyýetler hökmünde kemala gelmegine uly üns beripdir. Täze taryhy eýýamda bu ýörelgeler döwrüň ruhuna laýyk derejede ösdürilýär. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlara we Aşgabat şäherine wekilçilik edýän hormatly ýaşulular bilen hal-ahwal soraşdy, olaryň ýerlerde alyp barýan işleri hem-de ösüp gelýän ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek ugrunda ýerine ýetirilýän giň möçberli işleriň netijeleri bilen gyzyklandy. Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça geçirilýän bu günki duşuşykda Türkmenistanyň Maşgala kodeksi, degişli Kanunlary bilen baglanyşykly meseleleriň hem-de howandarlyga mätäç çagalara ýakyndan ýardam bermek boýunça öňde durýan wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi. 

                                                                   

Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen halky öz geljegi bolan çagalaryna terbiýe bermäge, ýaşlaryň başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldamaga aýratyn üns beripdir. Döwletimizde gurlup ulanmaga berilýän çagalar baglary, orta mekdepler, ähli amatlyklary bolan sport mekdepleri, meýdançalar we çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri mähriban Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesiller üçin niýetlenendir. Çagalary hemmetaraplaýyn alada hem-de mähir bilen gurşap almak milletimize mahsus ýörelgedir diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz ýaşulularyň jemgyýetimizde oňyn ýörelgeleri pugtalandyrmakda, ýaşlaryň halal zähmete we asylly işlere bolan höwesini artdyrmakda möhüm orun eýeleýändiklerini belläp, olaryň bu ugurda alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de netijeli häsiýete eýe bolmagyny arzuw etdi. 

                                                                   

 Soňra mejlise gatnaşýan ýaşuly nesliň wekillerine söz berildi. 

 Ilki bilen, Mary welaýatyna wekilçilik edýän ýaşuly Allaýar Allakow çykyş etdi. Ol häzirki döwürde hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän asylly işleriň oňyn netije berýändigini belledi. Bu günki gün halkymyzyň hemmetaraplaýyn eşretli ýaşaýşy, ýaşlaryň doly derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri we olaryň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna ussatlyk bilen erk edip bilmekleri ugrunda döwlet derejesinde uly işler amala aşyrylýar. Bu bolsa nesilleriň hemmetaraplaýyn bilimli, terbiýeli, Watana, halkymyza, Arkadagly Serdarymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmeklerine giň ýol açýar. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz häzirki döwürde ýaşlar, olaryň sazlaşykly ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň yzygiderli üns merkezinde saklanýandygyny belläp, bu babatda ýaşululara möhüm ornuň degişlidigini aýratyn nygtady we olaryň mundan beýläk-de netijeli iş alyp barjakdyklaryna ynam bildirdi. 

                                                                   

Mary welaýatyna wekilçilik edýän ýaşulularyň ýene biri Allaberdi Çaryýew öz çykyşynda mejlise gatnaşmaga, tutuş halkymyz we jemgyýetimiz üçin ähli meseleler babatda pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde nesil terbiýesine möhüm ähmiýet berilýär. Şeýle hem ol ýurdumyzyň ýaşulularynyň şunuň ýaly asylly işiň has-da ilerlemegine, Diýarymyzda parahatçylykly ösüşiň üpjün edilmegine, iň esasysy bolsa, ýaşlaryň halal zähmete bolan höwesiniň artmagy ugrunda edilýän işlere mynasyp goşant goşýandyklaryny guwanç bilen belledi. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz türkmen halkynyň çaga terbiýesine möhüm ähmiýet berýändigini, şunda döwlet tarapyndan çagalaryň aň-paýhas hem-de döredijilik babatda ukyp-başarnyklaryny doly açyp görkezmekleri üçin zerur şertleriň döredilýändigini belledi. Bu bolsa ýaşlary zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. 

                                                                   

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ilkinji mejlisi Lebap welaýatyna wekilçilik edýän Ereş Talipowyň çykyşy bilen dowam etdi. Ol welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýaşlar bilen ýaşulularyň özara gatnaşyklarynyň aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýaşlara wajyp orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzyň ýaş neslini milletimiziň belent ruhy-ahlak ruhunda terbiýelemek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, ýaşuly nesliň wekilleri wagyz-nesihat işlerine yzygiderli gatnaşýarlar. Bu bolsa kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň baş şertini emele getirýär. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ýaşlarynyň asylly zähmete bolan höwesini artdyrmakda, olaryň arasynda wagyz-nesihat çärelerini geçirmekde işjeňlik görkezýändikleri üçin hormatly ýaşululara minnetdarlyk bildirip, Gahryman Arkadagymyz Lebap welaýatyndan gelen ýaşulularyň ýene biriniň çykyşyny diňledi. 

                                                                   

Lebap welaýatyna wekilçilik edýän Garly Bazarow häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli halky üçin bolşy ýaly, ýaşlaryň bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary we netijeli zähmet çekmekleri ugrunda döwlet tarapyndan zerur goldawlaryň berilýändigi üçin hormatly Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza welaýatyň ýaşulularynyň we ýaşlarynyň adyndan hoşallyk bildirdi. Häzirki döwürde dünýä ylmyna çuňňur aralaşýan türkmen ýaşlary ähli ugurlarda işjeňlik görkezýärler. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli işleriň oňyn netije berýändiginiň aýdyň beýanydyr. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz ýurdumyzyň ýaşlarynyň hemmetaraplaýyn bilim-terbiýeli bolmaklary ugrunda mundan beýläk-de yzygiderli alada etjekdigini aýdyp, hormatly ýaşulularyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaklarynyň bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagynda aýratyn ähmiýetlidigini belledi. 

                                                                   

Daşoguz welaýatyna wekilçilik edýän Toýly Kurbanmetow öz çykyşynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ähli welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýaşulularyny bir ýere jemlän mejlise gatnaşmaga hem-de ýurdumyzyň durmuşynyň has möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Gahryman hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň häzirki döwürde netijeli hereket edýändigi, onuň howandarlyga mätäç çagalara hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi aýratyn bellenilmeli guwançly ýagdaýdyr. Munuň özi ýurdumyzda ynsanperwer ýörelgeleriň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz döwletimiziň howandarlyga mätäç çagalara hemmetaraplaýyn kömek-goldaw bermek işlerine zerur üns berýändigini aýdyp, bu ynsanperwer ýörelgeleriň çaganyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň üpjün edilmeginde aýratyn ähmiýetlidigine ünsi çekdi. 

                                                                   

Daşoguz welaýatyndan gelen Henip Zahyrow Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ilkinji mejlisine gatnaşmagynyň özi üçin uly mertebedigini belläp, bu işleriň türkmen halkynyň döreden asylly ýörelgelerini mundan beýläk-de ösdürmäge uly ýardam berýändigini nygtady. Munuň özi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen asylly ýörelgeleriniň häzirki zamanyň ruhuna kybap derejede dowam etdirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. 

                                                                   

Ösüp gelýän ýaş nesilleri özbaşdak durmuşa taýýarlamakda, olarda ýokary ahlak we watançylyk duýgularyny pugtalandyrmakda hem-de ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde hormatly ýaşulularyň alyp barýan işleriniň zerurdygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow olara mundan beýläk-de alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra Balkan welaýatyna wekilçilik edýän Ýazmyrat Atamyradow häzirki döwürde halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny ösdürmek ugrunda döwlet derejesinde tagalla edilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bu günki mejlisiň dowamynda seredilen meseleler boýunça kabul edilen çözgütler ösüp gelýän ýaş nesilleriň watansöýüjiligini artdyrmakda, olaryň halal zähmete bolan söýgüsini belende götermekde aýratyn ähmiýetli bolar. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz çaga terbiýesiniň türkmen halky üçin aýratyn ähmiýetli we asylly ýörelgä öwrülendigini belläp, bu ugurda zerur bolan işleri üstünlikli alyp barýandyklary üçin hormatly ýaşululara minnetdarlyk bildirdi we Balkan welaýatyna wekilçilik edýän ýene bir mejlise gatnaşyjy ýaşuly Abdyrahman Begjanowa söz berdi. Ol soňky ýyllarda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilim-terbiýeli bolmagy ugrunda döwlet derejesinde alada edilmeginiň guwançly ýagdaýdygyny aýratyn nygtady. Şol bir wagtyň özünde howandarlyga mätäç çagalara ýakyndan ýardam bermek asylly ýörelgä öwrüldi. Munuň özi ýurdumyzyň ähli ilatynyň, şol sanda çagalaryň saglyk ýagdaýynyň yzygiderli üns merkezinde saklanylýandygynyň nobatdaky beýanydyr diýip, hormatly ýaşuly belledi we munuň üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş nesliň saglygyny berkitmek meseleleriniň döwlet tarapyndan ileri tutulýan wezipe hökmünde kesgitlenendigini belläp, bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de netijeli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Soňra Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatyna wekilçilik edýän ýaşulularyň pikirini diňledi. Bu sebitiň wekili Gurbangeldi Aýlyýew ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, obalaryň we şäherleriň bagy-bossanlyga bürelmegi ugrunda edilýän tagallalaryň oňyn netije berýändigini, bu işlere ýurdumyzyň ähli halkynyň, şol sanda ösüp gelýän ýaş nesilleriň işjeň gatnaşýandygyny aýratyn buýsanç bilen nygtady. Munuň özi hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän asylly ýörelgeleriň giň goldawa eýe bolýandygyny görkezýär. Bu bolsa halkymyzyň belent maksatlary nazarlaýan oňyn işlere agzybirlikde gatnaşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki döwürde ekologik meseläniň dünýä ähmiýetli wezipe bolup durýandygyny, onuň üstünlikli çözülmegi ugrunda Türkmenistanda giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny we ol işleriň oňyn netijesini berýändigini aýratyn belledi. 

                                                                   

Ahal welaýatynyň wekili Şaberdi Amansaparow Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ilkinji mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin hormatly Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza mejlise gatnaşýan ýaşulularyň adyndan hoşallyk bildirdi. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän asylly ýörelgeleriň döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändigini görkezýär. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilenine köp wagt geçmändigine garamazdan, şu döwürde öňde goýlan maksatlara ýetmek ugrunda ägirt uly işleriň bitirilendigini belledi. 

                                                                   

 Mejlisiň dowamynda Aşgabat şäheriniň ýaşulularyna hem söz berildi. 

                                                                   

Paýtagtymyza wekilçilik edýän Rejepmämmet Ataýew häzirki döwürde ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini, ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri ugrunda döwlet tarapyndan zerur şertleriň döredilýändigini guwanç bilen belledi. Bu bolsa ýaşlary beýik maksatlara, täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz ýaşlaryň halal zähmet bilen meşgullanmagynyň, olaryň önümçilik pudaklarynda yhlasly işlemeginiň guwandyryjy hakykatdygyny belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Aşgabat şäherine wekilçilik edýän Orazmuhammet Hojatow döwletiň çagalaryň we ýaşlaryň arkasynda sarsmaz gala bolup durýandygyny belläp, onuň ýaşuly nesliň wekilleriniň guwanjyny we buýsanjyny artdyrýandygyny nygtady. Munuň özi ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleriniň täze eýýamda mynasyp dowam etdirilýändiginiň subutnamasydyr. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşlar üçin hemmelere minnetdarlyk bildirip, türkmen halkynyň taryhyň dowamynda ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolandygyny we bu ýagşy dessurlaryň häzirki döwürde netijeli dowam etdirilýändigini belledi. 2021-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň etraplarynyň, şäherleriniň hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman “Tiz kömek” awtoulaglarynyň berilmeginiň, haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary ýerine ýetirmegiň, bejergi üçin çykdajylary hem-de lukmançylyk enjamlaryny satyn almak üçin tölegleri geçirmegiň asylly däbe öwrülmegi munuň aýdyň beýanydyr. 

                                                                   

Haýyr-sahawat gaznasynyň we onuň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň işiniň hukuk taýdan esaslandyrylmagy gaznanyň işine kuwwatly itergi berer. Gahryman Arkadagymyz häzirki döwrüň ýokary tehnologiýalar zamanasydygyny, ýaşlaryň häziriki zaman ylmyndan ussatlyk bilen baş alyp çykmaklary üçin zerur tagallalaryň edilmelidigini, şunda toplanan oňyn tejribä laýyklykda, olaryň terbiýesine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Häzirki döwürde jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine zerur üns berilýär, munuň üçin häzirki zaman sagaldyş-dynç alyş merkezleri, ýokary derejede enjamlaşdyrylan sport mekdepleri, stadionlar, meýdançalar guruldy. Olaryň halkymyz üçin elýeterli bolmagy häzirki günüň möhüm wezipesidir. 

                                                                   

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylmagynyň ekologik abadançylygy üpjün etmekde ähmiýetlidigini belläp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu işe halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň uly höwes bilen gatnaşmagynyň bellärliklidigini nygtady. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz mejlise gatnaşýan ýaşululara ýüzlenip, ýaşlar bilen yzygiderli duşuşyklaryň we söhbetdeşlikleriň oňyn netije berýändigini belledi. Häzirki döwürde halkara görkezijilere laýyk derejede enjamlaşdyrylan çagalar baglaryny, umumybilim berýän mekdepleri gurýarys. Bu bolsa milli ynsanperwer ýörelgeleriň häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylýandygyny görkezýär diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara alyp barýan asylly işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

17.11.2022
Türkmenistanyň ulag-logistika kuwwaty — ählumumy rowaçlygyň bähbidine

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda özüniň içeri we daşary syýasatynda hemişelik bitaraplyk ýörelgelerini esas edinen Türkmenistanyň 1993-nji ýylda «Brýusel Jarnamasyny» goldamak bilen, Ýewropa — Kawkaz — Aziýa ulag geçelgesi (TRACECA) boýunça maksatnamany kabul etmekden gözbaşyny alýan ulag düzümini ösdürmek baradaky meýilnamalary Arkadagly zamanamyzda strategik tutumlara beslendi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň uzak geljegi nazarlaýan parasatly başlangyçlary bilen yglan edilen ulag diplomatiýasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen uly üstünliklere beslenýär. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy diňe ulag diplomatiýasyny ösdürmek bilen baglylykda-da birnäçe resminamalary kabul etdi. Şolaryň hatarynda 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda 66 döwletiň awtordaşlygynda kabul edilen «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde üstaşyr ulag geçelgeleriniň orny»; 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda 85 döwletiň awtordaşlygynda kabul edilen «Durnukly, köpugurly üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda»; 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda 74 döwletiň awtordaşlygynda kabul edilen «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek»; 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen, 48 döwletiň döredijiler bolup çykyş etmeklerinde, guramanyň ähli agza ýurtlarynyň biragyzdan goldamagynda kabul edilen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalar bar. 

                                                                   

2022-nji ýylyň 15-nji martynda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde 62 döwletiň döredijileri bolup çykyş etmeginde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde dünýä nusgalyk tejribesiniň ulag diplomatiýasyndaky öwüşginlerini älem-jahana ýaýdy. Bu halkara resminamalar eýsem, ählumumy bähbitleri we amatly şertleri göz öňünde tutýar. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň umumadamzat bähbitlerine dahylly meseleleri çuň öwrenmek we ol meseleleri diplomatik serişdeler arkaly çözmek başarnygy, dünýä nusgalyk guramaçylyk başarnygy bilen, Türkmenistanda ulag-logistika ulgamynyň maddy mümkinçiliklerini döwrebaplaşdyrmakda çäksiz uly işler bitirildi. 

                                                                   

Türkmen Lideriniň paýhasy bilen 2015-nji ýylyň 3-nji dekabrynda ulanmaga berlen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly, 2016-njy ýylyň noýabrynda dabaraly açylyşy bolan Ymamnazar — Akina transmilli polat ýoly, türkmen demirýolçulary tarapyndan gurlup, 2018-nji ýylyň fewralynda ulanmaga berlen Serhetabat — Turgundy demir ýoly, türkmen böleginiň gurluşygy tamamlanan Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan transmilli demir ýoly, 2017-nji ýylyň 7-nji martynda ulanmaga berlen, Amyderýanyň üstünden geçirilen Türkmenabat — Farap demir ýol we awtomobil köprüleri, 2018-nji ýylyň maýynda ulanyşa girizilen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty, 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda ulanmaga berlen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegi ýaly ýene-de ençeme iri taslamalar Ýewropa, Aziýa — Ýuwaş umman hem-de Günorta Aziýa ykdysady ulgamlaryň özara gatnaşyklarynyň transkontinental ykdysady köprüsi bolup hyzmat edýän ýurdumyzyň ulag pudagynyň üstaşyr geçirijiliginiň anykdan-anyk mysallar arkaly görkezilen mümkinçilikleridir. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ykdysady taýdan has-da kämilleşýän, sebitde parahatçylygy, asudalygy berkarar edýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş-ykdysady ösüşiň milli nusgasy döwletimiziň syýasy bitewüligini we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň üznüksiz ýokarlanmagyny doly üpjün edýär. 

                                                                   

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulýan wezipeleriň we maksatlaryň esasynda, ýurdumyzyň iň döwrebap ulag-üstaşyr logistik düzümini çalt kemala getirmek babatynda, şeýle hem Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça geljek ýyllarda bitiriljek işler hem diňe bir milli ykdysadyýetimiziň däl-de, eýsem, sebitiň we bütin dünýäniň ösüşine-de kuwwatly itergi berer. Geografik taýdan örän amatly — Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit hem-de sebitara ulag ýollarynyň, geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan ägirt uly üstaşyr kuwwata eýe bolar we şol kuwwatdan netijeli peýdalanylar. Dünýä ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak hem-de Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlarynda wajyp ýollary we merkezleri birleşdirýän esasy magistrallar boýunça düzümleri mundan beýläk-de giňeltmek işi bolsa geljegiň möhüm meseleleriniň hatarynda durýar. 

                                                                   

Arkadagly Serdarymyzyň şu ýylyň 8-nji awgustynda ulag düzüminiň ýene bir möhüm desgasynyň — Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşmagy «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi.  

                                                                   

Şu ýylyň 15-16-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesinde geçirilen halkara maslahat Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen 2016-njy ýylda Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda geçen Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatda Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmek babatdaky netijeli işleriň ýene bir mynasyp üstünligi boldy.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň bu maslahatda eden wideoçykyşynda BMG-de ulag ulgamynda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bähbitlerini goramaga gönükdirilen we BMG-niň degişli düzümleri bilen yzygiderli iş alyp barjak ýörite iş toparyny döretmek, şeýle hem Baş Assambleýanyň «Ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ornuny ýokarlandyrmak hakynda» Kararnamasyny işläp taýýarlamaga girişmek boýunça öňe süren teklibi bolsa halkara jemgyýetçilikde durnukly ösüşleri ilerletmäge gönükdirilendir.  

                                                                   

Ýeri gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen döredilen Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi ýurdumyzda awtomobil ýollary pudagyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmekde netijeli işleri alyp barýar.  

                                                                   

Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly ulag düzüminiň döwrebap desgalarynyň — Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze ýolagçy awtomenzilleriniň binalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, olaryň işine ak pata bermegi pudagyň ösüşiniň şanly wakalarynyň nobatdaky dabaralanmasy boldy. 

                                                                   

Golaýda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda Gahryman Arkadagymyz ulag we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi Türkmenistanyň bu guramanyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, munuň özi häzirki döwürde ählumumy ykdysady ösüşiň meýillerini kesgitleýji şert hökmünde çykyş edýär. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz çykyşynda ýurdumyzyň Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ulag geçelgelerini işjeňleşdirmäge, şu ugurlar boýunça energetika ulgamlaryny herekete getirmäge taýýardygyny nygtady.  

                                                                   

Parahat durmuşymyzy, bolelin ýaşaýşymyzy, mukaddes Watanymyzyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşlerini esaslandyryjy milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň 2-nji kitabynda çuň mana ýugrup ýazyşy ýaly: «Dünýäni söküp, yklymlary birikdirýän ýollar nowjuwan Türkmenistanyň üstünden geçýär. Ýollary gadymy Oguz ýurdy birleşdirýär. Ýollar Türkmenistandan dünýäniň çar künjüne sary rowan bolýar. Bu taryhy hakykatyň üçünji müňýyllygyň başky çärýeginde täze röwşe eýe bolandygy dünýä äşgär». 

                                                                   

Goý, ýurdumyzyň ösüşlerini gün-günden belent sepgitlere ýetirýän Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, döwletli tutumlary hemişe rowaç bolsun!  

                                                                                                           

Muhammetrahym ÖWEZOW,

                       

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.

16.11.2022