Türkmen jemgyýetiniň demokratik esaslary pugtalandyrylýar

Möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň — Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň, Geňeşleriň dokuzynjy çagyrylyşyna agzalarynyň saýlawlarynyň gutarnykly netijeleri jemlenildi. Metbugatda Türkmenistanyň Mejlisiniň täze düzüminiň saýlanan deputatlarynyň sanawlary çap edildi. Ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň sanawlary hem çap edilýär. 

                                                                   

Milli parlamentiň düzümine 125 deputat girip, olar bäş ýylyň dowamynda döwletimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmegi üçin kesgitleýji ähmiýete eýe bolan milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň kanunçylyk binýadyny üpjün etmek boýunça wajyp wezipeleri çözerler. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda täze saýlanan deputatlara şahsyýetnamalar gowşuryldy. Şu pursatdan başlap, olar ýurdumyzyň ýokary kanunçylyk edarasynda halkymyzyň doly hukukly wekilleri bolup durýarlar.  

                                                                   

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň düzümine giren deputatlaryň ýokary bilim we hünär derejelerini bellemek gerek. Munuň özi ýurdumyzyň hemişelik hereket edýän kanun çykaryjy edarasyna iň mynasyp dalaşgärleriň saýlanandygyna şaýatlyk edýär. Şolaryň hatarynda ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň we durmuş ulgamynyň hünärmenleri bar. Saýlanan deputatlaryň 41 göterimine golaýynyň 40 ýaşa çenli ýaşlardygy bellärliklidir. Bu bolsa ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna ýaşlaryň çekilýändigini görkezýär. Şeýle hem deputatlaryň 32-si, ýagny olaryň umumy sanynyň 25,6 göterimi zenanlardyr. Munuň özi zenanlaryň türkmen jemgyýetiniň durmuşyndaky ornunyň barha artýandygyny subut edýär. 

                                                                   

Şeýle hem degişli okrug saýlaw toparlarynda halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň täze saýlanan agzalaryna şahsyýetnamalar gowşurylýar. Ýurdumyz boýunça welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatyna 240, etrap we şäher halk maslahatlaryna 960, Geňeşlere 5897 agza saýlandy. 

                                                                   

Häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň demokratik esaslarynyň pugtalandyrylmagy, milli maksatnamalaryň ynsanperwer ýörelgeleriniň we kadalarynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagy, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi alyp barýan syýasatymyzyň ileri tutulýan ugrudyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtaýar. Munuň şeýledigini häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň jebisligini aýdyň görkezen saýlawlar hem tassyklady. Açyklyk we aýanlyk, giň bäsdeşlik, demokratik ýörelgeler esasynda geçirilen saýlawlar türkmen halkynyň tutuş taryhyň dowamynda ygrarly bolan halk häkimiýetlilik däplerini ösdürmegiň ýolundaky täze ädim boldy. 

                                                                   

Dalaşgärler Demokratik partiýa, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Agrar partiýa, şeýle hem raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenildi. Saýlawlara jemi 14 müň 872 dalaşgär gatnaşyp, olaryň 7222-si; syýasy partiýalardan 10 müň 340 dalaşgär hödürlenilip, şolardan 5137-si; raýatlar toparlaryndan 4532 dalaşgär hödürlenilip, olardan 2085-si saýlanyldy. 

                                                                   

Saýlaw möwsüminiň dowamynda ähli dalaşgärlere deň mümkinçilikler, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmäge mümkinçilik üpjün edildi. Ýerine ýetirilen ägirt uly guramaçylyk işleriniň netijesinde, saýlawlar ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçip, halkymyzyň öz raýatlyk borjuna çuňňur düşünýändigini hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleri dolulygyna goldaýandygyny görkezdi. 

                                                                   

Şeýle hem saýlawlaryň geçişine 3 müňe golaý milli we 90-dan gowrak halkara synçynyň syn edendigini bellemek gerek. Synçylar saýlawlaryň we onuň netijelerini jemlemegiň ýokary taýýarlyk hem guramaçylyk derejesine ünsi çekdiler. 

                                                                                                           

(TDH)