Новости
Daýhanlaryň zähmeti bilen türkmen topragynyň berekedi artýar

Ýurdumyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi

12-nji noýabrda ýurdumyzda türkmen ekerançylarynyň zehinini we zähmetsöýerligini, mähriban topragymyzyň egsilmez sahawatyny alamatlandyrýan Hasyl toýy giňden bellenildi. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy baýramçylyk çäreleriniň esasy ýaýbaňlandyrylan ýeri boldy. Bu ýerde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ösmegine mynasyp goşant goşan öňdebaryjy kärendeçileri, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri we beýleki hünärmenleri hormatladylar.

Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary we Halk Maslahatynyň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, ähli welaýatlardan hormatly ýaşulular bar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda «ak altynyň» hem-de azyklyk bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Gök, miwe, bakja önümlerini öndürijiler gazanan ýokary netijeleri bilen tapawutlandylar.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mejlisler jaýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça şu ýylda iň ýokary görkezijileri gazanan oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda, olara «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, şeýle hem gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Häzirki döwürde Watanymyz özgertmeleriň we gülläp ösüşiň ýolunda bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Halkymyzyň abadançylygyny, durmuş üpjünçilik şertlerini toplumlaýyn ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaýbaňlandyrylan ägirt uly işleriň netijesinde Türkmenistan dünýäniň okgunly ösýän ýurtlarynyň birine öwrüldi. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagyny täze derejelere çykarmaga aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda bu pudagyň girdejili ugurlaryň birine öwrülmegi üçin iri möçberli çäreler durmuşa geçirilip, iň täze tehnologiýalar, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary, ösen döwletleriň öňdebaryjy tejribeleri giňden ornaşdyrylýar.

Soňky ýyllarda milli ykdysadyýetimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmek, onuň guramaçylyk düzümini kämilleşdirmek boýunça uly işler amala aşyryldy. Pudagyň kanunçylyk-hukuk binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilýär. Oba zähmetkeşleriniň girdejileriniň artmagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi oba ilatynyň rowaçlygynyň, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Kararlaryna laýyklykda, oba hojalyk pudagyny ulgamlaýyn dolandyrmak we onuň işini kämilleşdirmek maksady bilen, däneçilik, ekerançylyk hem-de pagtaçylyk ylmy-barlag institutlary döredildi. Bu işler ýurdumyzyň obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, ony hil taýdan täze derejelere çykarmaga, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder. Şunuň bilen bir hatarda, daýhan birleşikleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Olara bellenen tertipde ekinlere ideg işlerini geçirmek üçin traktorlar, oba hojalyk tehnikalary, enjamlar berilýär. Häzirki döwürde gallany, pagtany, azyklyk gök we miwe önümlerini gaýtadan işleýän döwrebap kärhanalar, maldarçylyk, guşçulyk toplumlary döredilýär. Önüm öndürijiler bilen gaýtadan işleýän kärhanalaryň arasynda netijeli gatnaşyklar ýola goýulýar.

Daýhan birleşiklerine we hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, kärendeçilere ýeňillikli şertlerde bank karzlary berilýär. Daýhanlar tehniki hyzmatlar, mineral dökünler, ýokary hilli tohum, zyýankeşlere garşy ulanylýan himiki serişdeler bilen ýeňillikli bahalarda üpjün edilýär. Tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta iberilýän önümleri öndürmek boýunça uly işler ýerine ýetirilip, bu ugurda kabul edilen döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Bu maksatnamalaryň çäklerinde häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän galla kärhanalary, maldarçylyk toplumlary, ýyladyşhana hojalyklary, et we süýt önümlerini öndürýän kärhanalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, degişli ugurda iň gowy dünýä tejribesiniň öwrenilmegine we ornaşdyrylmagyna, halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Hususan-da, Türkmenistanyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär. Gurama oba hojalygyny daşky gurşawyň täsirlerine uýgunlaşan usullar esasynda ösdürmekden başlap, azyk önümleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamyny kämilleşdirmäge çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde Türkmenistanyň ähli tagallalaryny işjeň goldaýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda azyk howpsuzlygy, ekologik abadançylyk, şol sanda ekologiýa we suw diplomatiýasy boýunça döwletimiz tarapyndan öňe sürlen teklipler halkara jemgyýetçilikde giň goldawa eýe boldy.

...Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň esasy girelgesinde özboluşly bezelen sahnada paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň estrada aýdymçylarynyň, döredijilik toparlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Watanymyzyň ýeten sepgitlerini wasp edýän çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyga gatnaşyjylara we myhmanlara milli tagamlar, pişmedir dürli süýjülikler hödürlenildi.

Açyk asmanyň astynda ýurdumyzyň oba hojalyk we gaýtadan işleýän senagatynyň gazanan üstünliklerini görkezýän sergi guraldy. Oba hojalyk toplumynyň ähli pudaklary, Aşgabat, Arkadag şäherleri hem-de welaýatlarymyz öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Pagtaçylyk we däneçilik, maldarçylyk, azyk, dokma senagaty pudaklarynyň önümleri myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Ýurdumyzyň pagtaçylarynyň üstünliklerine bagyşlanan sergi bölüminde gowaçanyň ak gar ýaly pagta hanalary, çig maly gaýtadan işlemek arkaly alynýan önümleriň görnüşleri bar. Türkmen pagtasynyň diňe bir milli dokma senagaty üçin esasy çig mal bolman, eýsem, daşary ýurtlara eksport edilýän gymmatly önümdigi-de bellärliklidir. Bu ýerde orta süýümli hem-de aýratyn gymmatly inçe süýümli pagtanyň iň gowy görnüşleriniň nusgalary bilen tanyşmak mümkin. Olaryň her biri türkmen seçgiçi alymlarynyň köpýyllyk zähmetiniň netijesidir. Sergide däneçilik pudagyna degişli sergi diwarlygyna aýratyn orun berlipdir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän oba hojalyk özgertmeleriniň hem-de ýurdumyzyň ekerançylarynyň gaýratly zähmeti netijesinde Watanymyzyň galla harmanlary beýgelip, halkymyz azyklyk un we çörek önümleri bilen doly üpjün edilýär. Hususy pudagyň oba hojalygynda gazanan üstünliklerini, suw hojalygynda, atçylyk, maldarçylyk, tebigaty goramak, azyk, gaýtadan işleýän we dokma senagaty ugurlarynda ýetilen belent sepgitleri beýan edýän diwarlyklar dabara gatnaşyjylarda we myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Emeli görnüşdäki özboluşly gowaça we galla meýdanlarynyň ýanynda ekerançylyk ýerlerinde ulanylýan häzirki zaman tehnikalarynyň sergisi ýaýbaňlandyrylypdyr. Bu ýerde daýhanlaryň ýeňil bolmadyk yhlasly zähmetine ýardamçy bolýan kuwwatly kombaýnlar, ekinlere ideg işlerini geçirmekde ulanylýan traktorlar, ýöriteleşdirilen tehnikalardyr enjamlar hatara goýlupdyr. Bu tehnikalaryň kömegi bilen her ýyl bugdaýyň we «ak altynyň» bol hasyly ýetişdirilýär. Döwletimiz tarapyndan obasenagat toplumynyň inženerçilik-tehniki üpjünçilik meselelerini innowasion esasda çözmek bilen, ýokary iş öndürijilikli iň täze tehnikalar yzygiderli satyn alynýar. Munuň özi ekerançylyk işlerini amatly agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmegiň hasabyna oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberini artdyrmak üçin amatly şertleri döredýär. Oba hojalykçylaryň iş öndürijiligi ýokarlanyp, olaryň hünär derejeleri we iş şertleri kämilleşdirilýär.

Ýurdumyzyň welaýatlary hem öz baýramçylyk diwarlyklaryny ýaýbaňlandyryp, olaryň sergi bölümlerinde «ak altynyň» täze hasylyndan doly horjunlar, bugdaý sünbülleri, tamdyrda täze bişirilen çörekler we beýleki milli tagamlar görkezilýär. Uzak bolmadyk ýerde bugdaý, pagta ýükli düýe kerweni görünýär. Bu görnüşler baýramçylyga gelenleri uzak geçmişe alyp gidýär. Irki döwürde uzak ýola rowana bolnanda, şeýle görnüşde dürli ýükleri daşamak ýeke-täk usul bolupdyr. Hatara düzülen ak öýleriň ýanynda gazanlar atarylyp, olarda milli tagamlar taýýarlanylýar. Halk heňleriniň bu görnüşler bilen utgaşmagy dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýýar. Her bir öýüň ýanynda gurnalan sekilerde zenanlar milli tagamlary, süýji nygmatlary taýýarlaýarlar. Zehinli gelin-gyzlar el hünärini görkezip, tahýa tikmek, keşde çekmek, haly dokamak, keçe güllemek ýaly işler bilen meşgullanýarlar.

Milli oýunlary gyzyklanma bilen oýnaýan çagalaryň gapdalynda baş baýrak ugrunda pälwanlar göreş tutýarlar. Gadymy türkmen däbine görä, bu baýrak ýaryşyň ýeňijisine gowşurylýar. Baýramçylyga gatnaşyjylar ahalteke tohum atlaryna, türkmen alabaýlaryna we tazylaryna, aw guşlaryna tomaşa edýärler. Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan ähli çykyşlar halkymyzyň milli dessurlary bilen utgaşyp, şatlykly pursatlara baý boldy.

Teatrlaşdyrylan sahna çykyşlary bilen birlikde, halk we estrada aýdymlary ýerine ýetirilýär. Baýramçylyk dabarasynyň baý döredijilik keşbinde häzirki zaman türkmen sungatynyň özboluşlylygy, onuň žanrlarynyň köpugurlylygy, däp-dessurlaryň dowamatlylygy öz beýanyny tapdy. Eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň rowaçlygy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan asylly işlerinde rowaçlyklar arzuw edildi.

Ýurdumyzyň her bir welaýatynda ähli türkmen toýuna mahsus milli tagamlar we naz-nygmatlar bilen bezelen desterhanlar myhmanlar üçin giňden ýazyldy. Welaýatlaryň sergi diwarlyklarynda külçe, ýagly, etli, süýtli çörekler we beýleki çörek önümleri ýerleşdirilipdir. Bu ýerde häzirki döwürde ýurdumyzyň söwda merkezlerinde hem-de bazarlarynda ilatymyza hödürlenilýän ter miweleriň, gök-bakja önümleriniň, ir-iýmişleriň köp görnüşi görkezilýär.

Ýurdumyzyň ussat heýkeltaraşlarynyň, suratkeşleriniň, zergärleriniň ekerançylaryň zähmetine, mähriban Watanymyza bagyşlan eserleriniň sergisi guraldy.

Soňra baýramçylyk dabaralary atçylyk sport toplumynyň binasynyň öňündäki ýörite gurnalan sahnada dowam etdi.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hasyl toýunyň uly baýram hökmünde döwlet derejesinde giň gerimde bellenilmeginiň çuňňur many-mazmuna eýedigi nygtalýar. Bu baýram ene topraga yhlasyň we söýginiň dabaralanmasydyr. Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan aýdyň nyşandyr.

Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda oba hojalyk işgärleriniň, daýhanlaryň ýokary öndürijilikli işlemekleri, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen baýamaklary üçin ähli şertleriň döredilýändigini nygtady. Oba hojalyk ekinlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösdürip ýetişdirmekde, ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almakda daýhanyň daýanjy bolan ýokary öndürijilikli döwrebap, kuwwatly oba hojalyk tehnikalary, enjamlary we gurallary yzygiderli satyn alynýar. Daýhanlar topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar, ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeler bilen ýeňillikli bahalardan üpjün edilýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylýan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Merdana oba zähmetkeşleri özleri barada döwletimiz tarapyndan yzygiderli edilýän aladany duýup, ýokary ruhubelentlik bilen yhlasly zähmet çekýärler. Olar sahawatly türkmen topragyndan ekinleriň bol hasylyny öndürmek arkaly ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmäge öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy şowhunly el çarpyşmalar bilen mübäreklendi.

Obasenagat toplumynyň işgärleriniň adyndan Arkadagly Serdarymyza 2020-nji ýylda doglan Diýarym atly ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi.

Dabara gatnaşyjylar oba zähmetkeşleri hakynda edýän yzygiderli aladalary, ekerançylaryň netijeli zähmeti üçin döredilýän şertler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, täze zähmet üstünlikleri bilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegine mundan beýläk-de goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Döredijilik toparlary aýdym-sazly çykyşlarynda Watanymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýeten belent sepgitlerini, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda zähmetsöýer halkymyzyň gazanýan üstünliklerini joşgunly wasp etdiler.

Dabara baýramçylyk mynasybetli guralan at çapyşyklary bilen dowam etdi. Asyrlaryň dowamynda türkmen toý-baýramlarynyň hiç biri şolarsyz geçmändir.

Dürli aralyklara çapyşyklaryň jemi 5-si geçirilip, olaryň birinjisinde ýaş çapyksuwarlar ýaryşdylar. Çapuw ýodasynda ýel kimin uçýan ajaýyp ahalteke bedewleriniň çapyşygyna haýran galmazlyk mümkin däl. Çapyksuwar bilen atyň bitewi sazlaşygyny emele getirýän, arzyly maksada ýetmek ugrundaky bilelikdäki tagallany şöhlelendirýän ajaýyp görnüşler hiç bir adamy biparh goýmaýar. Çapyşyklaryň netijeleri boýunça ýeňijilere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan baýraklar gowşuryldy.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýurdumyzyň oba hojalykçylary pudagyň mundan beýläk-de ösdürilmegi boýunça giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigi, türkmen obasynyň galkynmagy, daýhanlaryň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy ugrunda döredýän şertleri üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de oba hojalyk toplumynyň mundan beýläk-de ösmegi üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Hasyl toýy mynasybetli ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde dabaraly maslahatlar we öňdebaryjy oba hojalyk işgärlerini sylaglamak dabaralary, baýramçylyk konsertleri, beýleki medeni-köpçülik çäreleri geçirildi.

***

Şu gün Hasyl toýuna gabatlanyp, Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde ýerleşýän Arkadag şäheriniň golaýyndaky 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athananyň açylyş dabarasy geçirildi.

Dag howasy we mähriban topragymyzyň bu künjeginiň tebigy aýratynlyklary, giň ýaýlalar atlary hem-de taýlary ösdürip ýetişdirmek üçin amatly gurşawy döredýär. Behişdi bedewlere ideg etmek, olary ösdürip ýetişdirmek we seýislemek işleri gadymdan gözbaş alýan milli däplerimiziň esasynda hem-de häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribeleri göz öňünde tutulyp geçirilýär. Munuň özi ýyndamlygy, deňsiz-taýsyz gözelligi bilen tanalýan ahalteke bedewlerimiziň dünýä dolan şöhratyny has-da artdyrmaga ýardam edýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ägirt uly tohumçylyk-seçgiçilik kuwwatlyklaryna eýe bolan atçylyk pudagynda ahalteke bedewleriniň nesil dowamaty babatda täze ylmy usullaryň we çemeleşmeleriň, öňdebaryjy dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagy olaryň ajaýyp genofondynyň aýawly goralyp saklanyljakdygyna, milli, ruhy we taryhy gymmatlyk hökmünde geljek nesillere ýetiriljekdigine güwä geçýär. Ahalteke bedewleriniň asyl mekany bolan ýurdumyzda behişdi bedewleriň baş sanyny artdyrmak, olaryň dünýä ýüzündäki şöhratyny has-da belende götermek, tohumçylyk-seçgi işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler öz oňyn netijesini berýär. Hususan-da, tohumçylyk-seçgi işleriniň ylmy esasda ösdürilmegi bilen, ahalteke bedewleriniň reňk aýratynlyklarynda täze öwüşginleriň emele gelmegine, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanynyň yzygiderli artmagyna amatly şertler döreýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylandygyny bellemek gerek. Bu ýokary okuw mekdebinde türkmen halkynyň ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde toplan köpasyrlyk däplerini dowam etdirjek we täze taryhy eýýamda pudagyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşjak ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar.

Döwlet Baştutanymyz atçylygyň nesil dowamatyny ösdürmäge hem-de halkara derejedäki ugurdaş pudaga goşulyşmagyna, degişli düzümiň kemala getirilmegine aýratyn üns berýär. Şu ýylyň 4-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze gurlan athana gelip, bu ýerde alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdy. Şonda atçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de bu düzümiň döwrebap derejede kämilleşdirilmegine özboluşly goşant goşjak desganyň açylyş dabarasynyň ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýuna gabatlanyp guralmalydygy tabşyryldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň sargydy boýunça bu desgany doly taýýar edip ulanmaga bermek «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasyna ynanyldy.

...Täze, döwrebap athananyň açylyş dabarasy toý-baýrama beslendi. Dabara Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary we Halk Maslahatynyň agzalary, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, şeýle hem daşary döwletleriň ýurdumyzdaky ilçileri gatnaşdylar.

Döredijilik toparlarynyň ruhubelent aýdym-sazly çykyşlary täze desganyň açylyş dabarasyny özboluşly baýramçylyk gurşawyna besledi. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly ýaşulular dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýärler we 600 ahalteke atyna niýetlenen täze athanany açýarlar. Bu ýerde bedewleri ösdürip ýetişdirmek, saklamak we türgenleşik geçirmek, seýisleri, ýokary derejeli çapyksuwarlary taýýarlamak üçin ähli zerur şertler döredilipdir.

Athananyň açylyş dabarasynda çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary esasynda pudagyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, arassa ganly bedewleriň baş sanyny artdyrmak, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy höweslendirmek we işjeňleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Paýtagtymyzda, ýurdumyzyň sebitlerinde ulanmaga berlen deňsiz-taýsyz atçylyk sport toplumlary, ahalteke bedewleriniň dünýäde yzygiderli artýan şöhraty hem-de olary ösdürip ýetişdirmäge, seýislemäge ömrüni bagyşlan adamlara döwlet tarapyndan berilýän giň goldawlar durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň netijesidir.

Täze toplumyň umumy tutýan meýdany 15,4 gektar bolup, onuň çäklerinde birnäçe desga gurlupdyr. Dabara gatnaşyjylaryň täze athana bilen tanyşlygy dolandyryş binasyna baryp görmek bilen başlanýar. Bu ýerde olar hünärmenler üçin niýetlenen otaglary synladylar. Binada mejlisler zaly, işgärler üçin naharhana we zerur bolan beýleki ýerler bar. Täze toplumyň wezipesi atçylygy mundan beýläk-de ösdürmekden, arassa ganly bedewleriň sanyny artdyrmakdan, tohum häsiýetlerini gowulandyrmakdan ybaratdyr.

Açylyş dabarasyna gatnaşyjylar ähli zerur enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen weterinar-sagaldyş merkezindäki bejeriş bölümleri, olarda atlaryň idedilişi bilen tanyşdylar. Soňra dabara gatnaşyjylar toplumyň çägini synlap, athanalara barýarlar. Bu ýerde bedewleri seýislemek üçin meýdançalar bilen birlikde, olary gezdirmek üçin meýdançalar hem bar.

Toplumyň hojalyk bölüminiň düzümine höwür atlaryň 40-sy üçin niýetlenen bir sany, atlaryň 60-sy üçin niýetlenen athanalaryň 2-si, atlaryň 88-sine niýetlenen athanalaryň 5-si we beýleki birnäçe desgalar girýär. Bu ýerde sazlaşykly mikrogurşaw, arassa howa aýlanyşygy göz öňünde tutulyp, bedewleri ösdürip ýetişdirmek, seýislemek, degişli türgenleşikleri geçmek, çapyşyklara taýýarlamak seýisleriň we atbakarlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertler üpjün edilipdir.

Taýlar barada aýdylanda, bu ýerde olar üçin has oňaýly şertler döredilipdir. Olary ösdürip ýetişdirmek üçin öňdebaryjy innowasion usullar, ýöriteleşdirilen enjamlar ulanylýar. Düýn bu ýerde taýçanagyň dünýä inendigini bellemek gerek. Bu waka türkmen atşynaslarynyň şatlygyny we buýsanjyny has-da artdyrdy. Hasyl toýunyň bellenilýän günlerinde taýçanagyň dünýä inmegi ýurdumyzyň durmuşyndaky şanly seneleriň ajaýyp wakalara utgaşýandygynyň nyşany boldy.

Döwrebap athanada üsti ýapyk we açyk ammarlar hem göz öňünde tutulypdyr. Toplumyň durmuş üpjünçiligi inženerçilik-tehniki düzümleri özünde jemleýär. Mundan başga-da, iş tehnikalary, ulag serişdeleri üçin awtoduralga, birnäçe tehniki desgalar gurlupdyr. Binalaryň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga bürelipdir. Athananyň hem-de beýleki desgalaryň gurluşygy ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli, ekologik taýdan howpsuz gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagy esasynda amala aşyryldy.

Dabaranyň dowamynda täze topluma hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan awtoulag serişdeleriniň açarlary gowşuryldy.

Şeýlelikde, gurlup ulanmaga berlen döwrebap athana dünýä ylmynyň we tehnikasynyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylyp, wagtyň geçmegi bilen ol atşynaslygyň möhüm merkezleriniň birine öwrüler.

(TDH)

13.11.2023
Innowasion ösüşiň täze mümkinçilikleri

Ylmyň we tehnologiýalaryň ýyldyrym çaltlygynda ösýän zamanasynda sanly ulgamyň döredýän mümkinçilikleri örän giň hem-de köpdürlidir. 9-10-njy noýabrda paýtagtymyzdaky Söwda senagat edarasynda geçirilen telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisinde hem-de ugurdaş ylmy maslahatda bu hakykat aýdyň beýanyny tapdy. Bizem hyýaly filmlerdäki tehnologiýalary ýada salýan enjamlaryň arasynda sergä gatnaşyjylar bilen söhbetdeş bolup, ýurdumyzyň innowasion ösüşiniň täze mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşdyk.

► Daşary ýurt kompaniýalary Türkmenistan bilen gatnaşyklary has-da ösdürmäge ymtylýar.

Anton ÇŽU,
Hytaý Halk Respublikasynyň «Dahua Technology» döwlet kompaniýasynyň Ýewraziýa sebiti boýunça baş müdiri:

— 2001-nji ýylda esaslandyrylan «Dahua Technology» kompaniýasy maglumat tehnologiýalary bilen baglanyşykly dürli ugurlarda iş alyp barýar. Şolaryň hatarynda wideogözegçilik ulgamlary, IT we tor çözgütleri, robot tehnologiýalary, maglumatlary dolandyrmak ýaly ugurlar bar. Türkmenistanda biz indi 10 ýyldan gowrak wagt bäri ýerli «Nokat kompýuter» hojalyk jemgyýeti bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip gelýäris. Kompaniýamyzyň esasy ýörelgesi has «akylly» durmuşy üpjün etmekden we jemgyýetiň abadançylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Özüm barada aýtsam, laýyk 11 ýyl mundan ozal Türkmenistanda ilkinji gezek işlemek miýesser edipdi. Şondan bäri geçen döwürde Aşgabat tanalmajak derejede özgeripdir. Kompaniýamyzyň Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge mynasyp goşant goşjakdygyna ynanýarys.

► Ýurdumyzda amala aşyrylýan iri taslamalar dünýä belli täze hyzmatdaşlary özüne çekýär.

Gültekin ÝADIGAR,
Ýaponiýanyň «NEC Telecommunication and Information Technology Ltd.»
kompaniýasynyň Türkmenistandaky satuwlar boýunça uly menejeri:

— «NEC» Ýaponiýanyň 125 ýyllyk taryhy bolan tehnologik kompaniýasydyr. Ummanlaryň aşagyndan geçirilýän aragatnaşyk kabellerinden başlap, tä arşdaky emeli hemralara çenli dürli ugurlarda telekommunikasiýalar bilen baglanyşykly çözgütleri hödürleýäris. IT we emeli aň tehnologiýalary ýaly dünýäde meşhurlygy barha artýan tehnologiýalar arkaly Türkmenistanda sanly ulgamy ornaşdyrmakda gazanylýan üstünliklere goşant goşmak üçin ilkinji gezek şu foruma gatnaşmagy özümize mertebe bildik. Türkmenistanda «akylly» şäher, sanly döwlet hyzmatlary, maglumat merkezi ýaly ugurlardaky taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen içgin gyzyklanyp, bu ugurda döwlet we hususy kärhanalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edinýäris. «Türkmentel — 2023» halkara forumynyň netijeli hyzmatdaşlygyň meýdançasy boljakdygyna ynamymyz uly.

► «Sanly çözgüt» innowasion taslamalar bäsleşigi zehinli ýaşlary ýüze çykarýar.

Selimmyrat ORAZMYRADOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň önümçilik proseslerini awtomatlaşdyrmak fakultetiniň talyby:

— Maňa «Türkmentel — 2023» halkara forumynyň çäklerinde guralýan «Sanly çözgüt — 2023» innowasion taslamalar bäsleşigine öý hojalyklaryndaky, edara binalaryndaky, köçeleriň ugrundaky yşyklandyryş ulgamlarynyň işini sazlamaga mümkinçilik berýän «Awtomatlaşdyrylan yşyklandyryş» atly ylmy taslamam bilen baýrakly orna mynasyp bolmak miýesser etdi. Ýörite fotorezistor bilen üpjün edilen ulgam garaňky gatlyşan badyna yşyklandyryşyň awtomatik işledilip, Gün doganda söndürilmegine mümkinçilik berýär. Amatly bahasy bilen tapawutlanýan bu ulgam serişdeleri we işçi güýjüni tygşytlamaga şert döredýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap derejede bilim almagy, hünär öwrenmegi, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

► Täzeçilligi talap edýän döwürde milli kärhanalar hem halkymyza hyzmatlaryň täze görnüşlerini hödürleýär.

Merjen ŞAMYRADOWA,
«Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müşderilere hyzmat ediş bölüminiň operatory:

— Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwür bilen deň gadam urýan ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda uly ösüşler gazanylýar. «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hem ildeşlerimiziň ykjam telefonlarynda «eSIM» — wirtual kart mümkinçiligini işjeňleşdirmegi ýola goýdy. Indi ykjam telefonlaryň ýörite çip ýa-da modul bilen enjamlaşdyrylan görnüşlerinde adaty SIM-kartany oturtmazdan, internetiň kömegi bilen ýörite QR-kody skanirlemek arkaly «eSIM» profilini döredip, aragatnaşyk we internet hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkin. Munuň üçin bary-ýogy birnäçe minut wagt gerek. Ýurdumyzy ähli babatda ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda asylly işleri amala aşyrýan Milli Liderimize we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys!

Ýazga geçiren Ahmet GELDIÝEW,

«Watan».

13.11.2023
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky 16-njy sammitine gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde saparda bolýar.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşygy boldy.

Ikitaraplaýyn görnüşde geçen duşuşygyň barşynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda bilelikdäki hökümetara toparyň işi, iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli esasda geçirilýän geňeşmeler, işewürlik duşuşyklary we dürli forumlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolmagyna ýardam edýär.

Söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn meseleleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, energetika, ulag, oba hojalygy, senagat kooperasiýasy ýaly möhüm ugurlarda bilelikdäki işi dowam etdirmegiň maksat edinilýändigi tassyklanyldy. Suw hojalygy we daşky gurşawy goramak, serhetýaka welaýatlaryň arasynda söwda gatnaşyklary ýola goýmak meselelerine-de aýratyn üns çekildi.

Döwlet Baştutanlary söhbetdeşlikde taraplaryň köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyny, netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini maksat edinýändiklerini kanagatlanma bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan hem-de Özbegistan ikitaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklaryny işjeň ösdürýärler, iri halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Türkmenistan».

Daşkent şäheri.

09.11.2023
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 8-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on aýynda alyp baran işleriniň jemleri, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, olaryň işini kämilleşdirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, Ýaragly Güýçleri ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, degişli döwürde görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagyň we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşynyň barşy barada habar berildi. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň şu ýylyň oktýabr aýynda geçirilen bilelikdäki harby okuw türgenleşigi barada hem hasabat berildi. Bu okuw türgenleşigi goşunlaryň ähli kysymlarynyň, «Türkmen edermen» ýörite maksatly güýçleriniň düzüm birlikleriniň harby gullukçylarynyň ýokary hünär derejesini görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynda kesgitlenen wezipeleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby okuw türgenleşiginiň üstünlikli geçendigini belläp, Milli goşunymyz üçin ýokary hünär derejeli harby gullukçylary taýýarlamagy, harby gullukçylaryň nazaryýet we söweşjeň taýýarlygynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Mähriban halkymyzyň harby däpleri esasynda ýaş esgerleriň we harby talyplaryň arasynda terbiýeçilik işleriniň geçirilmegi, olaryň watançylyk ruhunda terbiýelenmegi bilen bagly meseleler hemişe üns merkezinde bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Baş prokuror S.Mälikgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ähli ulgamlarda kanunylygyň berk berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça amala aşyrylan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine geçirilen barlaglaryň netijeleri barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu edarany ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, kanun bozulmalaryny ýüze çykarmak, aradan aýyrmak we olaryň öňüni almak boýunça işleriň döwrebap usullarynyň işjeň ulanylmagyny üpjün etmek zerurdyr diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Baş prokurora degişli görkezmeler berildi.

Içeri işler ministri M.Hydyrow şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, hususan-da, ýolbaşçylyk edýän düzümlerine sanly ulgamy ornaşdyrmagyň barşy, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini saklamak, ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek, paýtagtymyzda we welaýatlarda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem içeri işler edaralarynyň işgärleriniň netijeli gulluk etmegi, göwnejaý ýaşamagy üçin döredilýän şertler, on aýyň dowamynda ulanmaga berlen degişli desgalar barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ähli ýerlerde ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow bu edaranyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça wezipeleri çözmek üçin degişli çäreleri görmegiň wajypdygyny belläp, içeri işler ministrine birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy. Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysy işgärler düzümini pugtalandyrmak bilen bagly mesele boýunça hasabat berip, hormatly Prezidentimiziň garamagyna kazylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak, olara hünär derejelerini bermek hakynda resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwrüň talaplaryny hem-de bu ulgamda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini nazara almak bilen, kazyýet-hukuk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu ugurda görlen çäreler şu edaranyň üstüne ýüklenen wezipeleriň ýerine ýetirilmeginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekdi we Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, degişli ösüş maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Ýurdumyzda abadançylygy üpjün etmek, ýolbaşçylyk edýän edaralarynda öňdebaryjy tehniki serişdeleri ulanmak boýunça görülýän çäreler barada-da aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Milli howpsuzlyk ministrliginiň işiniň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi. Şolaryň hatarynda türkmenistanlylaryň we jemgyýetiň howpsuzlygyny üpjün etmek, özygtyýarlylygy, konstitusion gurluşy, çäk bitewüligini pugtalandyrmak wezipelerine aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin beýleki hukuk goraýjy edaralar bilen utgaşykly işlemegiň wajypdygyny belläp, ministrligiň ýolbaşçysyna degişli görkezmeleri berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, eziz Watanymyzyň döwlet serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek, serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi we ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz bu düzümiň ýerine ýetirýän wezipesiniň örän wajypdygyna ünsi çekip, Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek meselesiniň ileri tutulýandygyny belledi. Ýurdumyzyň serhetleri ähli goňşy döwletler bilen dost-doganlygyň serhedi bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz gözegçilik edýän düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyny, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda döwrebap usullaryň ulanylmagyny işiň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, gullugyň ýolbaşçysyna degişli görkezmeler berildi.

Adalat ministri M.Taganow 2023-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda amala aşyrylan işleriň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça teklipleriň işlenip taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, raýatlarymyza hukuk kömegini bermek üçin çäreleriň guralyşy barada-da aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, hereket edýän kanunçylyk namalaryny yzygiderli seljermegiň hem-de häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda olara üýtgetmeleri girizmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz türkmenistanlylaryň hukuk ulgamynda düşünjelerini ýokarlandyrmak babatda möhüm çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekip, ministrligiň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, yzygiderli artýan ýük daşamalary kadalaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de bu edarany ösdürmegiň maksatnamasynyň amala aşyrylyşy, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän ýörite okuwlar barada habar berildi.

Soňky ýyllarda Ýewraziýa yklymynda halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň möhüm merkezi hökmünde Türkmenistanyň geostrategik orny barha artýar diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, gümrük serhedi arkaly ýükleriň we ulag serişdeleriniň geçirilişine bildirilýän talaplaryň berjaý edilişini, şol sanda hereket edýän halkara kadalara we milli kanunçylygyň degişli düzgünlerine laýyklykda, amallaryň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamak wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady we gullugyň ýolbaşçysyna anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, işgärleri taýýarlamak boýunça görülýän çäreler, gündelik işde sanly ulgamyň ulanylyşy hem-de bu ulgama öňdebaryjy tejribäniň ornaşdyrylyşy barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, migrasiýa çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, döwrebap tehnologiýalaryň we ýörite maksatnamalaryň has işjeň ulanylmagynyň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz gullugyň ýolbaşçysyna işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň öz öňlerinde goýlan wezipeleri takyk ýerine ýetirmeklerini üpjün etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolan, dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýandygyny nygtady. Watanymyzyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasy şol ýörelgelere esaslanýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümlerini, işini mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdirmek, Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk, iş şertlerini gowulandyrmak babatda mundan beýläk-de toplumlaýyn çäreler görler.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, rowaçlyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

09.11.2023
Innowasion ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan özüniň tebigy baýlyklaryny türkmen halkynyň, şeýle-de beýleki sebitleriň halklarynyň bähbidine gönükdirmäge çalyşýar we bu babatda netijeli işleri amala aşyrýar. Dünýäde uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça öňdäki orunlary eýeleýän ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümçiliklerine ylmyň soňky gazanan tehnologiýalaryny, enjamlaryny ornaşdyrmak hem-de nebitgaz senagatynda ekologik howpsuzlygy üpjün etmek esasy talap bolup durýar. Bu ugurda halkara gatnaşyklar we milli innowasion ykdysadyýeti döretmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk syýasaty barha rowaçlanýar hem-de soňky günlerde has-da işjeňleşen daşary syýasat üstünliklerinde öz beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň sentýabr aýynyň 14-inde Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolan energetika pudagyna üns berip, biziň ýurtlarymyzyň tehniki-tehnologik bähbitleriniň we maksatlarynyň üpjün edilmegine hem-de durmuşa geçirilmegine esas bolýan innowasiýalardyr täze tehnologiýalar ulgamy bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygyny belledi. Bu ýerde garalan soraglar we öňe sürlen teklipler diňe bir biziň ýurdumyz däl, eýsem, bütin sebit üçin örän ähmiýetli çözgütler bilen baglydyr. Şu çözgütleriň derwaýyslygy biziň sebitimiziň ýurtlarynyň bu ugurda uly mümkinçilikleriniň, ýagny innowasion ösüşiň uly kuwwatynyň, ösen ylmy mekdepleriň we tehnologik tejribäniň barlygy bilen kesgitlenýär. Türkmenistanyň Prezidenti şu ýerde bar bolan artykmaçlyklary birleşdirmegiň, tejribe-bilimleri alyşmagy ýola goýmagyň, bilelikde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini öwrenmegiň we ornaşdyrmagyň, innowasion bilimleri ösdürmek üçin oňaýly şertleri döretmegiň, ýaşlaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmegiň wajyplygyny hem bu wezipeleri bilelikde ýerine ýetirmegiň zerurdygyny belläp geçdi.

Hormatly Prezidentimiz bu ugurda öňe sürlen meseleleri çözmekde bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagyň gerekdigini göz öňünde tutup, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmegi teklip edip: «Şeýle geňeş biziň döwletlerimiziň täze tehnologiýalar babatda birleşen strategiýasyny döretmek boýunça esasy merkezi wezipeleri öz üstüne alyp bilerdi, degişli maslahatlar bilen çykyş edip, anyk teklipleri taýýarlap bolardy» diýip, innowasiýalar meselesiniň biziň ýurtlarymyz üçin ähmiýetiniň uludygyny tassyklap, olaryň döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň talaplary bilen kesgitlenýändigini belledi. Türkmenistan döwletiniň Baştutanynyň öňe süren meseleleri häzirki ylmy-tehniki ösüş döwründe sebit ýurtlary we biziň ýurdumyz üçin hem ähmiýetlidir. Şu ýerde bar bolan mümkinçilikleri işjeňleşdirmek döwrüň talaby bolýar.

Bitarap Türkmenistan adamzat ähmiýetli halkara meseleleriň, şol sanda energetika howpsuzlygynyň, ulag düzümini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň netijeli çözgütlerini işläp düzmäge gatnaşýar. Biziň ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Demirgazyk we Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän üstaşyr ulag we energetika geçelgelerini gurmaga hem gatnaşýar. Ýakyn onýyllyklarda biziň ýurdumyz Ýewropada ulag we energetika ulgamlarynyň geçýän esasy ýurtlarynyň birine öwrüler». Şu nukdaýnazardan, milli ykdysadyýetimiziň innowasion häsiýete eýe bolmagy üçin Ýewropa ýurtlary, bu ýerdäki dünýä belli kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk innowasion ösüşiň wajyp şertidir.

Şu nukdaýnazardan, 2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda GFR-iň paýtagty Berlin şäherinde geçen «Merkezi Aziýa — Germaniýa» forumy ähmiýetli boldy. GFR-iň Baştutany Frank Walter Ştaýnmaýer şeýle hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň sebit parahatçylygyny we durnuklylygyny üpjün etmek, Merkezi Aziýanyň häzirki döwrüň dünýä işlerine üstünlikli goşulyşmagy babatda netijeli ulanylyp bilinjekdigine ünsi çekdi. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary bilen bilelikde bu foruma gatnaşan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde eden çykyşynda Türkmenistanyň täze köptaraplaýyn formaty döretmek başlangyçlaryny goldaýandygyny hem-de gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny belläp, energetika meseleleriniň üstünde giňişleýin durup geçdi. Türkmenistanyň tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, bu energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermegiň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny durmuşa geçirýändigini nygtady. Häzirki wagtda ekologiýa taýdan arassa uglerod düzüminiň çäkli bolandygy sebäpli, bu ýangyja dünýäde islegiň örän uludygy, şonuň bilen baglylykda, Ýewropa ugry boýunça türkmen tebigy gazyny ibermek taslamalaryny durmuşa geçirmegiň möhümdigi nygtaldy.

Şunuň bilen baglanyşykly meseleler soňra «Geljegi strategik taýdan bilelikde emele getirmek — Merkezi Aziýa bilen Germaniýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek» mowzugy boýunça geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz bu duşuşykda eden çykyşynda Ýewropa ugrunyň Türkmenistanyň halkara energetika hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde möhüm orun eýeleýändigini we şeýle bolmagynda galýandygyny belläp, şunuň bilen baglylykda Hazar üsti gaz geçirijisini gurmak arkaly Ýewropa ýurtlaryna gaz ibermek boýunça Türkmenistanyň eýeleýän üýtgewsiz garaýşyny tassyklady. Gahryman Arkadagymyz Ýewropanyň aýry-aýry döwletleri hem-de iri halkara kompaniýalary bilen iri halkara energetika taslamalaryny durmuşa geçirmekde işjeň gatnaşyklary dowam etmäge taýýardyrys diýip, biziň ýurdumyzyň hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny aýtdy.

Forumyň çäginde guralan Türkmen-german işewürlik maslahatynda Germaniýanyň dünýä belli kompaniýalary bilen biziň ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşine täze esaslary döretjek ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine garaldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 17 — 19-njy oktýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin şäherinde iş sapary bilen bolanda HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşmagy, «Bir guşak, bir ýol» üçünji halkara forumynda çykyş etmegi, bu saparyň çäklerinde iki döwletiň hökümetleriniň arasynda resminamalara, şol sanda «Tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda» Ylalaşyga gol çekilmegi ähli ugurlarda hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegine esaslary döredýär.

Şu ýerde hut innowasion ykdysadyýetiň esasyny düzýän ylym-bilim ugrunda hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygy bellärliklidir. Hormatly Prezidentimiz: «Dünýäniň fiziki, sanly we biologiki häsiýetli tehnologiýalarynyň utgaşmagyny alamatlandyrýan «dördünji senagat rewolýusiýasy» eýýamy täze pikirleri, täze innowasion önümçilikleri döretmegi talap edýär» diýip, hünärmenleriň täzeçil we netijeli pikir ýöretmä, täzeligi aňlamak başarnygyna eýe bolmalydyklaryny nygtaýar. Gün-günden berkeýän türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy bu jogapkärli wezipäni çözmäge, ýagny iki ýurduň ylym-bilim edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge esaslary döredýär. Şu nukdaýnazardan, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Hytaýyň nebit uniwersitetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň kabul edilmegi ähmiýetlidir. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda häzirki döwürde ýurdumyzyň ösüşiniň wajyp şerti hökmünde: «Milli innowasion önümlerimiziň dünýä standartlaryna laýyk gelmegi üçin mekdep okuwçylaryny, talyplary, aspirantlary çekmegi göz öňünde tutýan düzümler, halkara hyzmatdaşlyga laýyklykda, ylmy-tehniki, ylmy-inženerçilik, dolandyryş hünärmenlerini taýýarlamagy has işjeňleşdirmelidir» diýip, bu ugurdaky işleriň köptaraplylygyna we özboluşlylygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparynda hem ikitaraplaýyn gatnaşyklarda energetika ulgamynyň giň orun tutýandygyna aýratyn üns berildi. Bu ýerde gürrüň türkmen energiýa serişdeleriniň, hususan-da, elektrik energiýasynyň we tebigy gazyň Türkiýä iberilmegi barada barýar. Türkmenistan energiýa serişdelerini öndürýän, üstaşyr geçirýän we sarp edýän taraplaryň bähbitlerini deň derejede göz öňünde tutmak ýörelgesinden ugur alyp, türkiýeli hyzmatdaşlar bilen bu ugurda özara hereketlere açykdyr. Mundan başga-da, türkmen tebigy gazynyň we elektrik energiýasynyň Hazar deňziniň üsti bilen Türkiýä iberilmeginiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2023-nji ýylyň 3-nji noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy sammitinde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde energetika ulgamyny görkezdi. Bellenişi ýaly, Türkmenistan baý nebitgaz gorlaryna eýe bolmak bilen, energiýa göterijileriniň dünýä bazaryna ygtybarly we howpsuz ýagdaýda iberilmegi baradaky syýasaty alyp barýar. Ylaýta-da, türkmen tebigy gazynyň we elektrik energiýasynyň goňşy ýurtlara, sebitiň döwletlerine iberilmegi babatda işler amala aşyrylýar. Bu ugurda Türki Döwletleriň Guramasynyň düzümine girýän ýurtlar bilen ysnyşykly gatnaşyklar alnyp barylýar. Mysal hökmünde aýtsak, häzirki wagtda Türkmenistan goňşy we doganlyk ýurtlar bolan Özbegistana, Azerbaýjana öz tebigy gazyny iberýär. Şol bir wagtyň özünde, türkmen tebigy gazyny Hazar deňziniň üsti bilen Azerbaýjana, Türkiýä we geljekde dünýä bazarlaryna çykarmak üçin mümkinçiliklerimiz bar. «Bu babatda ýakyn wagtda biziň doganlyk ýurtlarymyz bilen ähli zerur bolan meseleleri çözüp, degişli işleri amala aşyrjakdygymyza berk ynanýaryn» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Gazagystan Respublikasynyň döwlet Baştutanynyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşiklerde energetika ulgamynyň döwletara hyzmatdaşlygyň strategik ähmiýetli ugurlarynyň biri bolup durýandygy nygtaldy. Bu ulgamda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň çäklerinde Türkmenistanyň Gazagystana türkmen tebigy gazyny ibermek boýunça ikitaraplaýyn gepleşikleri işjeňleşdirmäge taýýardygy tassyklandy. Şu maksat bilen, ýakyn wagtda iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň, kompaniýalarynyň arasynda duşuşyklary guramagyň maksadalaýyk boljakdygy bellendi.

Halkara derejedäki şeýle ähmiýetli çäreler we olarda kabul edilen çözgütler ýurdumyzyň innowasion ykdysadyýetiniň ösdürilmegi hem-de hyzmatdaş ýurtlar bilen gatnaşyklarynyň täze derejelere çykarylmagy üçin zerur esaslary döredýär.

Baýrammyrat ATAMANOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory, tehniki ylymlaryň doktory.

09.11.2023
TÜRKMENISTANDA MALDARÇYLYK PUDAGYNY ÖSDÜRMEGIŇ MÖHÜM JÄHTLERI

           Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Türkmenistan özüniň ykdysady kuwwatyny yzygiderli berkitmek ugrunda toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň ygtybarly ykdysady binýadyny kemala getirmek we pugtalandyrmak işleri ýurt Garaşsyzlygyny hemmetaraplaýyn berkitmegiň aýrylmaz şerti hökmünde strategik maksatlaryň hatarynda öňe sürülýär. Ýurdumyzyň oba hojalygyny, şol sanda maldarçylyk pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we ösdürmeklik bu ugurdaky işleriň baş ugurlarynyň biridir. Maldarçylyk oba hojalygynyň möhüm we ekerançylyga garanyňda has girdejili pudaklaryndan biri hasaplanylýar. Bu pudak ekerançylyk bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ekerançylykda ekilen ähli ekinleriň galyndy otlary, däneleriniň harpygy oba hojalyk mallaryna iýmlik hökmünde ulanylýar. Maldarçylygyň esasy pudaklaryndan dowardarçylyk, iri şahly maldarçylyk, gylýalçylyk, düýedarçylyk, ýüpekçilik, balaryçylyk, balykçylyk döwletimiz üçin juda häsiýetlidir. Maldarçylyk pudagynyň döwlet-hususy hyzmatdaşlygy çygrynda institusional-hukuk esaslarynyň ösdürilmegi we kämilleşdirilmegi üçin ylmyň soňky gazananlaryny, häzirkizaman usullaryny we tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak meselesi döwlet tarapyndan barha kadalaşdyrylýar. Maldarçylyk önümleri ilata iýmit (et, süýt, ýag, bal, ýumurtga we ş.m.), senagat kärhanalary üçin çig mal (ýüň, deri, gön, mişi, çöpür, guş ýelegi, et­, süýt balyk uny we beýlekiler) bolup hyzmat edýär. Soňky ýyllarda oba hojalygynda maldarçylyk önümleriniň öndürilişi bilen deňeşdirilende ekerançylyk önümleriniň öndürilişiniň depgini has-da artdy. Ýagny 2015-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli hasabat döwründe maldarçylykda 127 göterim  ösüş gazanylan bolsa, ekerançylykdaky ösüş depgini 287 göterime barabar boldy. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, ýurduň maldarçylyk pudagynda hususy hojalyklaryň paýy ortaça 90 göterimden geçdi. Mysal üçin, 2022-nji ýylda mallaryň we guşlaryň baş sany boýunça oba hojalyk kärhanalary bilen  hususy hojalyklaryň paýy deňeşdirilende, gara mallaryň umumy sanynda döwletiň paýy 1,6 göterimini tutýan bolsa, onuň 98,4 göteriminiň hususy tarapyň paýyna degişlidigi görünýär. Has takygy, dowarlaryň baş sany boýunça döwlet sektorynyň paýynyň 8,4 göterime, hususy sektoryň paýynyň 91,6 göterime, düýeleriň baş sany boýunça döwletiň paýynyň 21,7 göterime, hususy pudagyň paýynyň 78,3 göterime, gylýallaryň baş sany boýunça bolsa döwlet eýeçiligindäki mallaryň paýynyň 14,5 göterime, hususyýetçilikde idedilýän gylýallaryň paýynyň 85,5 göterime barabardygyny, şeýle-de guşlaryň baş sany boýunça döwletiň paýy 1,32 göterime deň bolup, hususy tarapyň paýynyň 98,68 göterime ýetendigini bellemek gerek.  Garaşsyzlyk ýyllarynda hususy hojalyklarda saklanylýan mallaryň sanynyň birnäçe esse artmagy maldarçylyk bilen meşgullanýan hususy hojalyklara döwlet tarapyndan berilýän netijeli goldawyň, ilkinji nobatda, ykdysady işiň bu görnüşine salgyt salynmazlygynyň netijesidir. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň köpüsinde, şol sanda Russiýa Federasiýasynda geçirilen ylmy barlaglarda maldarçylyk önümleriniň  bäsdeşlige ukyplylygyny, şol bir wagtda pudagyň maliýe netijeliligini diňe pudagy ýokary hilli ot-iýmlik ekinler bilen üpjün etmegiň esasynda gazanyp boljakdygy bellenilýär. Maldarçylykda süýt öndürmegiň ykdysady netijeliliginde, çykdajylaryň düzüminde ot-iýmligiň paýynyň 60 göterimden gowrakdygyny, mallaryň we guşlaryň diri agramyny ýokarlandyrmak boýunça çykdajylaryň düzüminde ot-iýmligiň paýynyň degişlilikde  75-80 göterimden hem geçýändigini ylmy hasaplamalar görkezýär. Geçirilen ylmy barlaglaryň netijeleri ýylyň dowamynda öndürijilik kuwwatynyň üçden bir bölegini seleksiýa işi we ideg işlerini dogry berjaý etmegiň şertleri tutýan bolsa,  galan iki bölegini mallary ot-iýmlik ekinler bilen üpjün etmek we belok deňagramlylygy kadalarynyň esasynda  iýmitlendirmek işiniň tutýandygyny subut edýär1. Geçen 2021-nji ýylda Türkmenistanda ot-iýmlik ekinleri üçin 26,5 müň gektar ekin meýdany bölünip berildi, şolardan 16,8 müň gektary ýa-da 63,3 göterimi  oba hojalyk kärhanalaryna we 9,7 müň gektary ýa-da 36,7 göterimi bolsa hususy hojalyklara degişlidir. Ozaly bilen ýurdumyzda maldarçylyk pudagy üçin tebigy iýmleriň boldan öndürilmegi hem-de olaryň gaýtadan işlenilen ýagdaýynda rasion boýunça peýdalanylmagy ilaty bolelin, howpsuz azyk önümleri bilen üpjün etmegiň häsiýetli aýratynlygy bolmagynda galýar. Bu ugurda türkmen sähralyklaryny, öri meýdanlary, täsin tebigatly dag-düzlükleri aýawly hem netijeli peýdalanmak boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek agrosenagat pudagynyň esasy wezipesi bolup durýar. Şeýle syýasatyň ýokary derejede durmuşa geçirilmegi, ilki bilen, pudagyň ykdysady netijeliligine, şeýle-de ýurdumyzda günsaýyn artýan et we et önümlerine, ýumurtga, süýt we süýtturşy önümlerine bolan islegiň doly kanagatlandyrylmagyna, olaryň satylyş we satyn alyş nyrhlarynyň elýeter derejede saklanylmagyna oňyn täsirini ýetirýär. 


Türkmenistanyň 2021-nji ýylda hojalyklaryň toparlary boýunça ot-iýmlik ekinleriň hasyllylygy, bir gektardan sentner2






1-nji diagramma

Ýokardaky 1-nji diagrammadan görnüşi ýaly, maldarçylyk pudagyna niýetlenilen ot-iýmlik ekinleriň hasyllylygy hojalyk toparlary boýunça deňeşdirilende, bu görkezijileriň hususy hojalyklarda oba hojalyk kärhanalaryna garanyňda has ýokarydygy ýüze çykýar. Mysal üçin, Türkmenistan boýunça ortaça hasaba alanyňda, siloslyk we gök ot üçin mekgejöwen hem-de bede ýaly köp ýyllyk otlaryň bir gektarynyň hasyllylygy degişlilikde 46,8 we 61,5 sentnere deňdir. Bu hasyllylyk görkeziji, oba hojalyk kärhanalarynda ekilen meýdanyň bir gektarynda degişlilikde 41,7 we 40,2 sentnere hem-de hususy hojalyklar boýunça ekilen meýdanyň bir gektarynda degişlilikde 55,6 we 84,5 sentnere barabardyr. Türkmenistanda maldarçylyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini mundan beýläk-de yzygiderli artdyrmak we mallaryň baş sanyny köpeltmek pudagyň ot-iýmlik binýadynyň ýagdaýyna gönüden-göni bagly bolup durýar. Häzirki döwürde mallary zerur bolan mukdarda ýokary hilli ot-iýmlik binýady bilen üpjün etmek möhüm wezipeleriň biridir. Bu ugurda, bir tarapdan, ot-iýmlerde ýokumly maddalaryň düzümine we konsentrasiýasyna üns berilmeli bolsa, ikinji tarapdan, berilýän ot-iýmlikleriň  mallaryň zerurlyklaryna laýyk gelmegine, ýagny olaryň baş sanynyň köpelmegine we önüm berijilik döwrüne bagly bolmagyna üns berilmeli. Geljekde döwlet derejesinde maldarçylyk pudagyny mundan beýläk-de durnukly we ygtybarly ösdürmek boýunça geçiriljek çärelerde şu aşakdaky işler yzygiderli dowam etdirilmelidir. Olar: ilatyň şahsy kömekçi hojalyklarynda saklanylýan mallaryň döwrebap tehnologiki enjamlar we ýeterlik mukdarda ot-iýmlik binýady bilen üpjün edilmegi; oba ýerlerinde mal bakmak üçin öri meýdanlaryň anyk kesgitlenilmegi we ýeterlik derejede giňeldilmegi; ekin dolanyşygyndaky suwarymly ýerlerde ot-iýmlik ekinleriň paýynyň artdyrylmagy, öri meýdanlaryň zaýalanmagynyň we öndürijilik kuwwatynyň peselmeginiň öňüniň alynmagy; weterinariýa hünärmenleriniň ýörite ugry boýunça işlemeginiň gazanylmagy  hem-de zähmet hakynyň artdyrylmagy we ýurduň içinde öndürilýän maldarçylyk dermanlarynyň sanawynyň giňeldilmegi; suw üpjünçiliginiň ýeterlik derejesiniň gazanylmagy arkaly uzakdaky öri meýdanlaryň öndürijilik kuwwatynyň ýokarlandyrylmagy; maldarçylyk pudagyndaky ylmy açyşlaryň we rasionalizatorçylyk teklipleriň döwlet tarapyndan höweslendirilmegi we ýokary derejeli zootehnik hünärmenleriň öz hünär ugry boýunça işe ýerleşmegine goldaw berilmegidir. Türkmenistanda maldarçylyk pudagyny ösdürmek boýunça geçirilen SWOT seljermesinde ýüze çykan aşakdaky täsirleriň hasaba alynmagy we olary ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň agrosenagat toplumynda hemişe gözegçilikde saklanylmagy pudagyň ykdysady netijeliligini ýokary götermekde hökmany hasaplanylýar:

Içerki gurşawyň güýçli taraplary: heniz ulanylmadyk öri meýdanlaryň ýeterlik derejede bolmagy; adaty öri meýdanlarda çarwadarçylyk medeniýetiniň ýokary derejesi; zerur hasaplanylýan zähmet gorlaryň artykmaçlygy (oba ilatynyň paýynyň ýurduň umumy ilatynyň 53,3 göterimini düzmegi); bäsdeşlige ukyply we köpugurly oba hojalyk önümlerini öndürmäge we ýurduň azyk garaşsyzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýän toprak we howa şertleriniň, maldarçylyga niýetlenilen zolaklaryň agdyklyk etmegi (dag, çöl, düzlük, takyrly örüler); maldarçylyk önümçiliginiň guramaçylyk görnüşlerinde köp gurluşly düzümleriň bolmagy; ýakyn goňşy we sebit ýurtlarda türkmen azyk önümlerine bolan islegiň juda ýokarylygy.

Içerki gurşawyň gowşak taraplary: maldarçylyk pudagynda iş alyp barýan şahsy hojalyklarda kiçi göwrümli önümçiligiň agdyklyk etmegi; maldarçylyk pudagynda söwda gatnaşyklarynyň, gaýtadan işleýän senagatyň we aragatnaşyk, kommunikasiýa hem-de logistika infrastrukturasynyň ýeterlik bolmadyk derejesi; öri meýdanlaryň kem-kemden çölleşmegi; käbir ýyllarda howa şertleriniň ýokary töwekgelçilikleri; suw serişdeleriniň ajamagy we çäkliligi.

Daşky gurşawyň mümkinçilikleri: milli bäsdeşlik artykmaçlyklaryny ösdürmäge esaslanýan doly çykymly maldarçylyk önümçilikleri ýola goýmak; maldarçylyk önümlerini daşarky bazara çykarmak boýunça amatly geografik şertlerden netijeli peýdalanmak; suwarymly ýerleriň ekin meýdanlaryny ulanmak boýunça ykdysady netijeliligi ýokarlandyrmak; ot-iýmlik ekinleriň we öri meýdanlaryň harajatlaryny azaltmak we düşewüntliligini ýokarlandyrmak; maldarçylyk pudagynda daşky gurşawy goramak we ekologik howpsuzlygy üpjün etmek; maldarçylyk pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça amatly şertleri döretmek, kanunçylyk binýadyna gaýtadan seretmek.

Daşky gurşawyň töwekgelçilikleri: global howanyň üýtgemeginiň adaty oba hojalyk tehnologiýalaryna ýaramaz täsiri, Aral deňziniň ýurduň demirgazyk sebitlerine ýetirýän zyýany; dünýä halkara bazarlarynda, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň arasynda bäsdeşligiň ýokarlanmagy; oba we şäher ilatynyň girdejilerindäki we eklençlerindäki aratapawut; şäherleşme we iş orunlary bilen bagly oba ilatynyň paýynyň azalmagy (oba ilaty 2007-nji ýylda 57,4 göterime, 2021-nji ýylda 53,3 göterime deň); dünýäniň maliýe bazarlarynda durnuksyz ýagdaýyň ýüze çykmagy.

Biziň pikirimizçe, Türkmenistanyň maldarçylyk pudagyny ösdürmek bilen bagly geçirilen SWOT seljermesiniň netijeleri döwlet derejesinde  aşakdaky çäreleriň ýerine ýetirilmegini talap edýär: Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda we beýleki pudaklaýyn maksatnamalarda ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulan meýilnamalaýyn işlerdäki maldarçylyk desgalaryň doly gurlup ulanylmaga berilmegini gazanmak; azyk önümlerini satyn almak ukybyny artdyrmak we nyrhlaryny peseltmek boýunça umumy söwda, aýratyn-da, bazar infrastrukturasyny ýeterlik derejede giňeltmek; maldarçylyk pudagyny durnukly ýagdaýda ösdürmek boýunça hususy hojalyklaryň we daşary ýurtly maýadarlaryň gatnaşmagynda uzakmöhletleýin maýa goýum taslamalaryny işläp düzmek we ýerine ýetirmek; howa şertleri bilen bagly ýokary töwekgelçilikleri öňünden çaklamak we ýaramaz hadysalaryň öňüni almak boýunça döwlet goldawyny işläp düzmek; maldarçylykda suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we onuň ulanylyşyny kadalaşdyrmak. Umuman, dünýä tejribesinde maldarçylyk pudagynyň netijeliligi, esasan, mallaryň we guşlaryň önüm berijiligini artdyrmagyň hasabyna ýokarlandyrylýar. Häzirki döwürde biziň şertlerimizde hem şahsy we daýhan hojalyklarynda maldarçylyk önüminiň öndürilişini  artdyrmak üçin döwlet tarapyndan hemme mümkinçilikler döredilýär we maliýe goldawy berilýär. Muňa garamazdan, şahsy hojalyklarda az sanly mal saklaýanlar üçin maldarçylygyň önümçilik binýadyny ýokarlandyrmaga, ýagny tohum mallary, guşlaryň dürli görnüşlerini daşary döwletlerden satyn almaga, olary köpeltmäge, idetmäge niýetlenilen enjamlary, gurallary we serişdeleri (ýöriteleşen awtoulaglary, inkubator, ot-iým ýygyjylary, kerçeýjileri, gurallary, weterinar dermanlary, sanjym serişdeleri we ş.m) satyn almaga gönükdirilen uzak möhletli, ýeňillikli karzlary bermegiň täzeçe usulynyň girizilmegi-de pudagyň maliýe netijeliligine oňyn täsirini ýetirer. Oba hojalygynda düýpli ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça çäreler ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda geçirilýän özgertmelerden düýpli tapawutlanýar. Esasan hem, pudakda düýpli maýa goýumlary we ösen innowasion tehnologiýalary täze açylýan ekerançylyk ýerlerini özleşdirmäge, suw üpjünçiligini gowulandyrmaga, maddy tehniki binýadyny ýokarlandyrmaga gönükdirilýär. Mundan başga-da, oba ýerlerinde täze iş orunlaryny döretmek we oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, agrosenagat toplumyny ösdürmäge gönükdirilen daşary ýurt maýa goýumlaryň möçberi yzygiderli artýar. Aýratyn hem, kabul edilýän uzakmöhletleýin maksatnamalarda oba ýerlerinde maldarçylyk önümlerine esaslanýan dokma we azyk senagaty kärhanalaryny döretmäge uly üns berilýär. Ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň oba hojalykçylar üçin döredýän giň mümkinçiliklerinden  ýerlikli peýdalanyp, halkara tejribesini we innowasion usullary öwrenmek hem-de önümçilige ornaşdyrmak, ikinji derejeli banklaryň maldarçylyk pudagyny üznüksiz maliýeleşdirmek boýunça alyp barýan işlerinde pes göterimli karzlary bermegiň has netijeli we işjeň görnüşlerini ýola goýmak, söwda ulgamynda we logistika infrastrukturasynda sanly tehnologiýalary özleşdirmek maldarçylyk pudagyny ösdürmegiň netijeli guraly boljakdygyny ynamly aýtsa bolar. 


Hangeldi Gurbangeldiýew,

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky 

Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň

 Ykdysady töwekgelçilikleri seljeriş müdirliginiň başlygy
   

08.11.2023
Jem­gy­ýet­çi­lik ösü­şi­niň öz­ger­di­ji güý­ji

Ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­mek hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň alyp bar­ýan dur­muş-yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu ul­gam jem­gy­ýet­çi­lik ösü­şi­niň kuw­wat­ly öz­ger­di­ji güý­ji bol­mak bi­len, ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de ýur­du­myz­da ila­ty el­ýe­ter­li hem-de ýo­ka­ry hil­li bi­lim hyz­mat­la­ry bi­len üp­jün et­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Üstümizdäki ýy­lyň 5-nji okt­ýab­ryn­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra bi­lim eda­ra­la­ry­nyň ýo­ka­ry hü­när­li mu­gal­lym­lar we okuw ki­tap­la­ry bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni sel­je­rip dur­ma­gy, bu ul­ga­ma san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­gy çalt­lan­dyr­ma­gy tab­şyr­dy.

As­lyn­da, is­len­dik oku­wyň hi­li mu­gal­ly­myň hü­när us­sat­ly­gy­na hem-de oý­la­ny­şyk­ly we kä­mil iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan, usu­ly taý­dan äh­mi­ýet­li okuw ki­tap­la­ry­na bag­ly­dyr. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, ýur­du­myz­da şu ýy­lyň ýan­war — iýun aý­la­ryn­da okuw ki­tap­la­ry­nyň, gol­lan­ma­la­ryň, mak­sat­na­ma­la­ryň 1 müň 696-sy ma­kul­la­nyl­dy.

Türk­me­nis­tan dün­ýä­niň yk­dy­sa­dy we se­na­gat taý­dan ösen döw­let­le­ri­niň ha­ta­ry­na ynam­ly go­şul­mak bi­len, bi­lim ul­ga­my­ny äh­li ösüş­le­riň öze­ni hök­mün­de kes­git­le­di. Bu ul­ga­myň ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ril­ýän iri ma­ýa go­ýum­lar Wa­ta­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, bi­lim işi­niň dü­zü­mi­ni çuň­laş­dyr­ma­ga we äh­mi­ýe­ti­ni art­dyr­ma­ga, hä­zir­ki za­man ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän esas­la­ry­ny ke­ma­la ge­tir­mä­ge uly iter­gi ber­ýär.

Ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­myn­da ama­la aşy­ryl­ýan düýp­li öz­gert­me­ler ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­riň ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny do­ly açyp gör­kez­me­gi, hä­zir­ki za­man yl­my­na we saý­lap alan hü­nä­ri­ne ýet­me­gi, ýaş­la­ryň dün­ýä­ga­raý­şy­nyň gi­ňel­me­gi, ylym hem-de dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­ma­gy üçin dö­re­dil­ýän amat­ly şert­ler bi­len ut­gaş­ýar. Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­na ýe­tir­ýän tä­si­ri­niň yl­my taý­dan öw­re­nil­me­gi, şeý­le-de san­ly bi­li­miň esas go­ýu­jy dü­züm bö­lek­le­ri­ni düz­ýän mag­lu­mat-kom­mu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny bi­lim ul­ga­myn­da ulan­ma­gyň hu­kuk esas­la­ry­ny kes­git­le­ýän ka­nun­çy­ly­gyň iş­le­nip taý­ýar­lan­ma­gy örän der­wa­ýys­dyr. Şun­da bi­li­miň mag­lu­mat­laş­dy­ryl­ma­gy, elekt­ron mag­lu­mat-bi­lim gur­şa­wy, elekt­ron bi­lim se­riş­de­le­ri, elekt­ron okuw-usu­ly­ýet top­lu­my, bi­lim kon­ten­ti, oka­ýa­nyň elekt­ron port­fo­lio­sy, elekt­ron okuw, uzak ara­lyk­ly bi­lim teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ýa­ly esa­sy dü­şün­je­le­re äh­mi­ýet­li orun de­giş­li­dir.

Bi­lim ul­ga­myn­da mag­lu­mat-kom­mu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny ulan­mak bi­len bag­ly we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bilen, in­tel­lek­tu­al teh­no­lo­gi­ýa­lar we mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk ýa­ly ugur­la­ryň hü­när­men üp­jün­çi­li­gi­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­ýär.

Al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler san­ly bi­lim ba­bat­da ýaş­la­ryň na­za­ry bi­lim­le­ri­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne we ama­ly en­dik­le­ri­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na, bi­lim ul­ga­myn­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň öz­leş­di­ril­me­gi­ne, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gik tej­ri­be­le­riň öw­re­nil­me­gi­ne usu­ly­ýet taý­dan ýar­dam ber­mä­ge gö­nük­di­ri­lip, bi­lim işin­de in­tel­lek­tu­al teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň mun­dan beý­läk-de ösü­şi­ni üp­jün et­mek, okuw işi­ne tä­ze­çil usul­la­ryň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy­ny ga­zan­mak, bi­lim işi­ni gu­ra­ma­gyň tä­ze we däp bo­lan gör­nüş­le­ri­ni ne­ti­je­li ut­gaş­dyr­mak ýa­ly we­zi­pe­le­re ýar­dam ber­mek­de äh­mi­ýet­li­dir.

Mek­dep ders­le­ri­ni çuň­ňur we hem­me­ta­rap­la­ýyn öw­ren­mek üçin, soň­ky ýyl­lar­da gu­rul­ýan äh­li bi­lim eda­ra­la­ryn­da iň ösen okuw usul­la­ry­ny, hä­zir­ki za­man komp­ýu­ter, in­te­rak­tiw we mul­ti­me­diýa teh­no­lo­gi­ýa­syn­dan peý­da­lan­mak göz öňün­de tu­tu­lan. Bu ýaş­la­ra dün­ýä de­re­je­sin­de bi­lim al­ma­ga, göz­ýe­ti­mi­ni gi­ňelt­mä­ge we yl­myň ga­za­nan­la­ry bi­len ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Okuw-ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri­niň esas­la­ry we usul­la­ry döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar. Bu ugur­da mil­li mak­sat­na­ma­lar, kon­sep­si­ýa­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Okuw me­ýil­na­ma­la­ry we mak­sat­na­ma­la­ry dün­ýä­niň oňyn tej­ri­be­si esa­syn­da kä­mil­leş­di­ril­ýär. Okuw me­ýil­na­ma­la­ryn­da ta­kyk bi­lim­le­re we lo­gi­ki pi­kir­len­mä­ge de­giş­li ders­le­riň pa­ýy art­dy­ryl­ýar. Şun­da ýur­du­my­zyň ta­ry­hy­ny hem-de hal­ky­my­zyň me­de­ni gat­na­şyk­la­ry­ny has iç­gin öw­ret­mek mak­sa­dy bi­len, okat­ma­gyň tä­ze usul­la­ryn­dan peý­da­lan­mak, ýö­ri­te ders­ler­den da­şa­ry gur­nak­la­ryň dö­re­dil­me­gi, ça­ga­la­ryň ýaş aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny göz öňün­de tut­ýan yl­my ki­tap­la­ryň taý­ýar­lan­ma­gy esa­sy we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da kes­git­len­di.

«Türk­me­nis­tan­da 2021 — 2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Döw­let mak­sat­na­ma­sy­na» hem-de bu mak­sat­na­ma­ny ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li çä­re­le­riň Me­ýil­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry hü­när bi­lim eda­ra­la­ry­nyň işi yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär. Döw­le­ti­mi­ziň ol ýa-da beý­le­ki hü­när­le­re bo­lan ze­rur­lyk­la­ry ha­sa­ba al­nyp, ýy­lyň-ýy­ly­na tä­ze ugur­lar gi­ri­zil­ýär. Şun­luk­da, ýo­ka­ry hü­när bi­li­mi­niň yl­my bin­ýa­dy hem pug­ta­lan­dy­ryl­ýar. Ýo­ka­ry hü­när bi­li­mi eda­ra­la­ry­nyň yl­my mer­kez­le­rin­de bi­lim mak­sat­na­ma­la­ry kä­mil­leş­di­ril­ýär, ylym bi­len bi­li­miň ara­bag­la­ny­şy­gy ber­ki­dil­ýär. Ýaş­la­ryň te­bi­gy ze­hi­ni­ni ös­dür­mek we bi­li­me hö­we­si­ni artdyrmak, ola­ra tä­ze, döw­re­bap hü­när­le­ri düýp­li öw­ret­mek mak­sa­dy bi­len, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Ýo­ka­ry hü­när bi­li­mi eda­ra­la­ryn­da yl­my iş­le­riň we bi­lim ber­me­giň ut­ga­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ma­gy­nyň ne­ti­je­sin­de, Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti, Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti, Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti, S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti, Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty, Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty, Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti, Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty, Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty hem-de Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty Hal­ka­ra uni­wer­si­tet­ler as­so­sia­si­ýa­sy­nyň ag­za­ly­gy­na ka­bul edil­di.

Kä­mil bi­lim­li nes­li ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len öz­gert­me­ler üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýär. Mek­dep okuw­çy­la­ry we ta­lyp ýaş­lar hal­ka­ra bäs­le­şik­le­re hem-de in­ter­net olim­pia­da­la­ry­na iş­jeň gat­na­şyp, al­tyn, kü­müş, bü­rünç me­dal­la­ra my­na­syp bol­du­lar. Mil­li bi­lim ul­ga­my­nyň dü­zü­mi­ni we hu­kuk bin­ýa­dy­ny mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mä­ge de­giş­li res­mi­na­ma­lar ka­bul edil­di. Bi­lim ha­kyn­da ka­nun­çy­lyk Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na, Maş­ga­la ko­dek­si­ne, «Bi­lim ha­kyn­da» (re­je­le­nen gör­nü­şi), «Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da» Ka­nun­la­ra hem-de ul­ga­my düz­gün­leş­dir­ýän beý­le­ki ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­na esas­lan­ýar.

Hä­zir­ki za­man bi­lim işi­ni san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan üz­ňe göz öňü­ne ge­tir­mek as­la müm­kin däl. Şo­ňa gö­rä-de, Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­nyň esa­syn­da ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň san­ly bi­lim por­tal­la­ry iş­läp baş­la­dy. Por­tal­lar pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ra we ta­lyp­la­ra giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Olar bi­lim ber­me­giň in­no­wa­si­on usul­la­ryn­dan peý­da­lan­mak, elekt­ron res­mi­na­ma do­la­ny­şy­gy, elekt­ron ki­tap­ha­na hyz­ma­ty, dür­li bäs­le­şik­ler we mas­la­hat­lar ýa­ly amat­lyk­la­ry özün­de jem­le­ýär.

San­ly bi­li­mi ös­dür­me­giň, ýag­ny mag­lu­mat-kom­mu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny bi­lim ul­ga­myn­da ulan­ma­gyň mö­hüm şert­le­ri­niň bi­ri-de bi­lim ojak­la­ry­nyň ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net bi­len üp­jün edil­me­gi bo­lup dur­ýar. Bi­lim eda­ra­la­ryn­da zäh­met çek­ýän pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ryň, ta­lyp ýaş­la­ryň hal­ka­ra mas­la­hat­la­ra, okuw-ama­ly sa­pak­la­ra, dür­li bäs­le­şik­le­re in­ter­net to­ry ar­ka­ly gat­naş­ma­ga müm­kin­çi­lik­le­ri bar.

Aja­ýyp za­ma­na­myz­da ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­gi, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gy baş we­zi­pe hök­mün­de kes­git­län Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun, röw­şen gel­je­gi na­zar­la­ýan tu­tum­ly iş­le­ri he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Ka­ka­gel­di HÜM­MÄ­ÝEW,

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Döw­let gul­lu­gy aka­de­mi­ýa­sy­nyň pro­rek­to­ry

07.11.2023
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 6-njy noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek, daýhanlar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, ekini haşal otlardan arassalamak we beýleki ideg işleri geçirilýär.

Mundan başga-da, häkim welaýatda Hasyl toýuny dabaraly belläp geçmäge taýýarlyk görlüşi, şeýle hem Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, häkime welaýatyň gowaça meýdanlaryndaky pagtany ýitgisiz, iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça işleriň depginlerini güýçlendirmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem häkime ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradowa söz berildi. Häkim, ilki bilen, hormatly Prezidentimize Balkan welaýatynda döwrebap elektrik stansiýasynyň hem-de ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumynyň gurluşygyna, elektrik energiýasyny öndürýän gazturbina desgasynyň işe girizilmegine ak pata berendigi, Balkan welaýat köpugurly hassahanasynyň durkunyň düýpli täzelenip, açylyp ulanyşa berlendigi üçin welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyk bildirdi hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyk arzuw etdi.

Häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatda pagta hasylyny ýygnamak işleri alnyp barylýar. Ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek, tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak üçin degişli ideg işleri, hususan-da, gögeriş we ösüş suwuny tutmak, ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de haşal otlardan arassalamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Şeýle hem häkim ýurdumyzda giňden bellenilýän we halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip, sahawatly türkmen topragyndan öndüren hasylyna buýsanjynyň nyşany bolan Hasyl toýuna taýýarlyk görlüşi hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we häkime pagta hasylyny ýygnamagyň depginleriniň ýokarlandyrylmagyny hem-de onuň iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylmagy meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda anyk görkezmeler berildi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda pagtaçy daýhanlar tarapyndan ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak, döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek hem-de ýygnalan hasyly harmanhanalarda bökdençsiz kabul etmek we pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça zerur işler dowam etdirilýär. Welaýatyň ak ekin meýdanlarynda endigan gögeriş almak üçin ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, ýetişdirilen şaly hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak işleri guramaçylykly dowam etdirilýär.

Şeýle hem häkim welaýatda Hasyl toýuny giňden we guramaçylykly belläp geçmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatda açylyp ulanyşa girizilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini ýokary hilli we guramaçylykly geçirmek boýunça öňde goýlan wezipelere jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz, iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, welaýatyň bugdaý meýdanlaryndaky ideg işlerini, hususan-da, kadaly gögeriş almak boýunça degişli işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirmek, şaly oragyna gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda, Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini belledi we şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär. Ýygym möwsüminde ulanylýan kombaýnlaryň we tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegi üpjün edilýär. Önüm öndürijiler tarapyndan döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär, ýygnalan pagta hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlenilýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda kadaly gögeriş almak üçin degişli ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilýär. Gögeriş we ösüş suwuny tutmak, oba hojalyk tehnikalarynyň kömegi bilen, ekini mineral hem-de organiki dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, ýetişdirilen şaly hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak hem-de Watan harmanyna tabşyryp, talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär.

Häkim ýurdumyzda dabaraly belleniljek Hasyl toýy mynasybetli çäreleri ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hem hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de häkime pagta ýygymynyň depginleriniň güýçlendirilmegini, ýetişdirilen hasylyň iň soňky hanasyna çenli ýygnalyp alynmagyny, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, şeýle-de şaly oragynyň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, häkime Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalardyr desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýygnalan pagta hasyly harmanhanalarda gündelik kabul edilýär we pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlenilýär. Tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Hususan-da, gögeriş suwuny tutmak, meýdanlaryň zerur bolan ýerlerinde haşal otlardan arassalamak işleri geçirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, gant şugundyrynyň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, gündelik ýygnalan hasyly bökdençsiz kabul etmek we gaýtadan işlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Häkim ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli welaýatda geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada-da hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we häkime ýetişdirilen pagta hasylynyň yrýasyz ýygnalyp alynmagyny, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, gant şugundyrynyň hasylynyň ýitgisiz hem gysga möhletde ýygnalyp alynmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky hem-de binalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamak babatda birnäçe görkezmeler berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynda pagtaçy daýhanlarymyz tarapyndan ýetişdirilen hasyly soňky hanasyna çenli ýygnap almak hem-de tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary geçirmek, ýygnalýan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli gaýtadan işlemek boýunça degişli işler dowam etdirilýär. Welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ideg işleri alnyp barylýar, gögeriş alnan ýerlerde haşal otlardan arassalamak boýunça çäreler geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda şaly oragy, Mary welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär.

Mundan başga-da, wise-premýer noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzda giňden bellenilip geçiljek Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmek, oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekdi we bu ugurda alnyp barylýan işler babatda anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenilýän Hasyl toýuny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigi tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

07.11.2023
Sanly tehnologiýalar durmuşymyzda

Ata Watanymyzyň ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň biri hökmündäki ornuny yzygiderli pugtalandyrmak işleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem batly depginler bilen alnyp barylýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde berlen hasabatlardan mälim bolşy ýaly, şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzyň ösüş depgini ýokary netijelere eýe boldy.

Häzirki tehnologiýalar eýýamynda bir bitewi sanly ykdysadyýeti kemala getirmek döwrüň möhüm talaby bolup durýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde hem halk hojalygynyň ähli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak, awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek boýunça toplumlaýyn çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň, durmuş taýdan goraglylygynyň derejesini ýokarlandyrmak, gurmagyň we döretmegiň röwşen ýoly bilen öňe gitmek hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýan belent maksatlarynyň esasyny düzýär. Eziz Diýarymyzyň ösüşiniň häzirki döwürdäki batly gadamlary ýurdumyzyň dünýädäki abraý-mertebesini, şan-şöhratyny artdyrmak bilen bir hatarda, ösüşiň türkmen ýoluny hem-de onuň rowaçlygyny äleme äşgär etdi. Ýetilýän şeýle belent sepgitler bolsa halkymyzy agzybirlikde zähmet çekmäge, döretmäge, ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar.

Aýgözel ÖWEZOWA,

Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

07.11.2023
Milli Liderimiz Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün Türki Döwletleriň Guramasynyň X ýubileý sammitine gatnaşmak üçin Astana iş sapary bilen gelen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.

Gazak Lideriniň «Akorda» köşgünde geçirilen duşuşykda Gahryman Arkadagymyz şu gezekki gepleşikleriň ýurtlarymyzyň özara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin täze itergi bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirip, türkmen-gazak hyzmatdaşlygyny ileri tutulýan ugurlarda mundan beýläk-de işjeňleşdirmek bilen bagly anyk teklipleri beýan etdi. Şunda, hususan-da, iki ýurduň halkara guramalaryň çäginde birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak tejribesini dowam etdirmegiň, söwda-ykdysady, ulag, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň zerurdygy aýratyn nygtaldy.

Milli Liderimiz söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek meselesine ünsi çekip, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda haryt dolanyşygyny artdyrmak hem-de iberilýän harytlaryň sanawyny giňeltmek boýunça iş toparynyň işini güýçlendirmek; Türkmen-gazak işewürler geňeşiniň birinji mejlisini geçirmek; iki döwletiň paýtagtlarynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň     söwda öýlerini açmak mümkinçiligine seretmek; Balkan welaýatynyň we   Mangistau oblastynyň serhedinde serhetýaka söwda merkezini döretmek meselesini öwrenmäge girişmek bilen bagly teklipleri öňe sürdi. Hormatly Arkadagymyz duşuşykda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transkontinental demir ýol gatnawynyň mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn peýdalanmak babatda utgaşdyrylan çäreleri dowam etdirmek, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça Pars aýlagynyň portlaryna çykmak bilen, Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ulag geçelgesini döretmek, Türkmenbaşy we Aktau portlarynyň arasynda    gatnawlary işjeňleşdirmek meselesi barada-da durup geçdi. Şeýle-de Türkmenistanyň Gazagystana türkmen tebigy gazyny ibermek boýunça ikitaraplaýyn gepleşikleri işjeňleşdirmäge taýýardygy tassyklanyp, ýakyn wagtda iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we kompaniýalarynyň arasynda duşuşyklary guramagyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Gahryman Arkadagymyz medeni-ynsanperwer ulgamy hem däp bolan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň möhüm ugry hökmünde görkezip, iki döwletiň görnükli şahsyýetlerine bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmegi teklip etdi. Şunda geljek ýylda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýiniň baýram ediljekdigine ünsi çekip, Milli Liderimiz gazagystanly dostlarymyzy Türkmenistanda we daşary ýurtlarda guraljak çärelere işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

«Türkmenistan»

Astana ş.

03.11.2023
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 2-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, birnäçe resminamalaryň taslamalary, käbir beýleki meseleler girizildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol täze hukuk resminamalarynyň taslamalaryny taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işler, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň ähmiýetini halk köpçüligine düşündirmek ugrunda geçirilýän çäreler barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, daşary ýurtlaryň parlamentleri hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň çäklerinde Ýaponiýa, Täjigistan Respublikasy, Azerbaýjan Respublikasy ýaly döwletleriň, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşyklar geçirildi. Şunuň bilen birlikde, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi. Mundan başga-da, mejlisiň deputatlary we hünärmenleri ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentligi tarapyndan guralan “Parlamentiň işini sanlylaşdyrmak boýunça halkara tejribe we tehnologiýalar” atly okuw maslahatyna, şeýle hem birnäçe beýleki çärelere gatnaşdylar.

Mejlisiň deputatlary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin kanun çykaryjylyk işiniň döwrebap usullarydyr ýörelgeleri barada okuw sapaklary guraldy. Habar berlişi ýaly, deputatlar Garaşsyz Watanymyzyň içeri we daşary syýasatynyň maksatlaryny hem-de wezipelerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň taryhy ähmiýetini wagyz etmek boýunça geçirilýän maslahatlara gatnaşýarlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze kanunlaryň taslamalary işlenip taýýarlanylanda olaryň kämil, döwrebap bolmagyny gazanmagyň möhümdigini aýtdy. Bu kanunlar döwletimiziň alyp barýan netijeli syýasatyny görkezmelidir, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmalydyr. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz bu işleriň ählisini halk köpçüligine düşündirmek çärelerini yzygiderli geçirmegiň zerurdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, döwrebap innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek üçin durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” bellenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň karz edaralarynyň hasaplaşyk-töleg ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan ykjam telefonlar üçin “Sanly kart” programma üpjünçiligi işlenip taýýarlanyldy. Bu programma üpjünçiligi “NFC” we “QR-kod” tehnologiýalaryny ulanmak arkaly galtaşyksyz töleg amallaryny geçirmäge niýetlenendir.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň banklarynda töleg ulgamlary kämilleşdirilýär, nagt däl tölegleriň gerimi giňeýär. «Sanly kart» täze bank hyzmaty hem raýatlaryň ykjam telefonlary bilen töleg amallaryny geçirmeginde netijeli bolar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we wise-premýere harytlar, hyzmatlar üçin hasaplaşyklaryň kämil we döwrebap bolmagyny gazanmagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Toplumyň pudaklarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler, pudagy diwersifikasiýalaşdyrmak, uglewodorod çig malynyň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak, ýurdumyzda we dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän ýokary hilli nebit, gazhimiýa önümlerini öndürmek, şeýle hem olaryň görnüşlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Bellenilişi ýaly, toplumyň kuwwatlyklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy tebigy serişdeleriň rejeli we netijeli ulanylmagyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň senagat, eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen energetika strategiýasyny durmuşa geçirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Täze nebitli-gazly ýataklar açylyp ulanmaga berilýär. Şunuň bilen baglylykda, üznüksiz önümçiligi guramak üçin pudagy kömekçi materiallar, himiki serişdeler we beýleki ätiýaçlyk şaýlary bilen öz wagtynda üpjün etmek möhümdir.

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Ilki bilen, wise-premýer Diýarymyzyň zähmetsöýer ekerançylarynyň geljek ýylyň hasyly üçin jemi 690 müň gektar meýdanda bugdaý ekişini geçirip, bu ugurda bellenen meýilnamany üstünlikli berjaý edendikleri baradaky hoş habary aýtdy hem-de hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmäge berýän hemaýat-goldawlary üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, pagta kabul ediş harmanhanalaryna hem-de pagta arassalaýjy kärhanalara ibermek, çig mal öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek boýunça degişli işler geçirilýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly oragy, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär.

Arkadag we Aşgabat şäherlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda ählihalk bag ekmek dabaralaryny ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işleri görüldi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we watandaşlarymyza ýüzlenip, ýurdumyzda bugdaý ekişiniň üstünlikli tamamlanandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyk geçirmegiň we ekin meýdanlarynda doly gögeriş almagyň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek tabşyryldy.

Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ylmy-barlag institutlaryny döretmek hakynda” Kararyň taslamasyny hödürledi. Resminamada ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we tohumçylyk işini ylmy esasda ulgamlaýyn alyp barmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz tohumçylyk işini ylmy esasda ulgamlaýyn alyp barmagy has-da kämilleşdirmegiň wajypdygyny aýdyp, ylmy-barlag institutlarynyň işiniň döwrebap ýola goýulmagynyň möhümdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ylmy-barlag institutlaryny döretmek hakynda» Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, şol sanda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” himiýa senagatynda täze iri taslamalary durmuşa geçirmek, pudagyň kuwwatyny doly derejede amala aşyrmak, içerki we daşarky bazarlarda isleg bildirilýän ýokary hilli önümleriň öndürilýän görnüşlerini giňeltmek maksady bilen, hereket edýän önümçilikleri kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, “Maryazot” önümçilik birleşiginiň önümhanalaryny döwrebaplaşdyrmak arkaly onuň kuwwatlylygyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, himiýa senagatynyň önümçilik kärhanalarynyň doly taslama kuwwatynda işlemegini üpjün etmegiň, senagat kärhanalarynyň önümçilik ugurlaryny yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Maryazot» önümçilik birleşiginiň birinji ammiak önümçiliginiň durkuny täzelemek we oňa täze enjamlary ornaşdyrmak meselesine degip geçdi. Munuň özi kärhananyň önümçilik taýdan netijeliligini ýokarlandyrmaga, girdejili bolmagyna ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzyň daşary döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 20-nji noýabrynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde Türkmen-german işewürlik maslahatyny hem-de 22-23-nji noýabrda Beýik Britaniýanyň London şäherinde “Türkmenistan — maýa goýum we ösüş” atly forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu forumlaryň dowamynda Türkmenistanyň ykdysady ösüşi we maýa goýum mümkinçilikleri, maglumat tehnologiýalary, ulag, telekommunikasiýa ulgamlarynda ýurdumyzyň infrastrukturasyny ösdürmegiň maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmak, nebitgaz, himiýa we beýleki senagat pudaklaryny, bank, ätiýaçlandyryş pudaklaryny ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, meýilleşdirilýän halkara maslahatlary ýokary derejede geçirmek üçin guramaçylykly taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Berlin şäherinde boljak Türkmen-german işewürlik maslahatynda, şeýle hem London şäherindäki maýa goýum forumynda milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmäge gönükdirilen taslamalara uly orun berilmelidigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” hem-de “Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan çäreleri ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giň gerim bilen geçirilýän sergileriň, maslahatlaryň, işewürlik duşuşyklarynyň möhüm ähmiýetini belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň 14 — 16-njy noýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwala taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu döredijilik forumyna Azerbaýjanyň Döwlet sazly drama teatrynyň, Gazagystanyň drama teatrynyň, Gyrgyz Respublikasynyň sazly drama teatrynyň, Tatarystanyň Döwlet akademiki teatrynyň, Täjigistanyň Döwlet ýaşlar teatrynyň we Özbegistanyň sazly drama teatrynyň wekilleri gatnaşarlar. Festiwalyň açylyş we ýapylyş dabaralary Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda geçiriler. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň teatrlarynyň sahna oýunlaryny görkezmek meýilleşdirilýär.

Wise-premýer forumyň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylary ýörite diplomlar, nyşanlar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglamak dabarasynyň boljakdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyza halkara festiwaly geçirmegiň meýilnamasyny, şeýle hem onuň nyşanynyň, teatr toparlaryna gowşuryljak nyşanyň teklip edilýän taslama görnüşlerini hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä halklarynyň köpugurly medeniýetiniň kämilleşmegine mynasyp goşant goşýandygyny belledi. Ak şäherimiz Aşgabatda geçiriljek «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwal hem dünýä halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we wise-premýere möhüm ähmiýetli bu halkara festiwalyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow şu ýylyň 16 — 18-nji noýabrynda Mary şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu çäre hormatly Prezidentimiziň döwlet Baştutanlarynyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatyndaky birinji sammitiniň barşynda öňe süren başlangyjyna laýyklykda guralar. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Daşary işler ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan bu forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Oňa milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän hünärmenleriň, talyp we meýletinçi ýaşlaryň, şeýle hem HHR-iň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň ýaş wekilleriniň gatnaşmaklaryna garaşylýar.

Forumyň gün tertibine ýurtlaryň we halklaryň arasynda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň täze mazmunly formatyny ýola goýmak, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawyň durnuklylygy, bilim, ylym, innowasiýalar, medeniýet, sungat ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler giriziler. Şunuň bilen birlikde, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakda Türkmenistanyň toplan baý tejribesi öwreniler, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmekde ýaşlaryň orny bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň festiwalyny guramak hem meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzda halkara ähmiýetli çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini belläp, Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda guraljak «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumyň hem ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu forumyň ýaşlar syýasaty babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň anyk ýollaryny kesgitlemekde möhüm ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynam bildirip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol şu ýylyň 31-nji oktýabrynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň merkezi edarasyndan gelip gowşan hoş habar barada aýtdy. Şol gün — Şäherleriň bütindünýä gününde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girzilýändigi babatda ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň çözgüdi yglan edildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň degişli düzüm birlikleri we komitetleri, onuň halkara hünärmenleri bilen bilelikde bu ugurdaky işe 2021-nji ýylda girişdi. Şu geçen ýyllaryň dowamynda halkara jemgyýetçilik Aşgabat şäherini dünýäniň iň gözel, ajaýyp, tehnologik taýdan ösen şäheri hökmünde ykrar etdi. Paýtagtymyzyň häzirki zaman halkara urbanistika kadalary bilen ösýändigi aýratyn bellenilip, oňa ýokarda agzalan hukuk derejesi berildi.

Wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimizi we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny bu syýasy ýeňiş bilen gutlap, döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň merkezi edarasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyna ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Aşgabat şäheri «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizildi. Bu hoş habaryň Şäherleriň bütindünýä gününde gelip gowuşmagynyň hem uly manysy bar.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň binagärlik keşbini has-da özgertmek işleriniň mundan beýläk hem dowam etdiriljekdigini nygtap, aşgabatlylary we ähli türkmenistanlylary ýurdumyzyň ýüregi bolan ak şäherimiz Aşgabat şäheri bilen bagly bu şatlykly waka mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy sammitine gatnaşmak üçin 3-nji noýabrda Gazagystan Respublikasyna boljak iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu sammit Astana şäherinde geçiriler.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda bu gurama synçy hökmünde goşulandygy bellenildi. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy bolup durýar we bu düzümiň işine işjeň gatnaşýar. Häzirki wagtda türkmen tarapynyň Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň birleşigine girmegi bilen bagly degişli işler geçirilýär.

Saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy hem meýilleşdirilýär.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiziň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherine boljak iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk edýär. Bu guramanyň 15-nji sammiti 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirildi. Ýurdumyzyň başlyklyk eden döwründe YHG-nyň giňişliginde söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, energetika, şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen degişli Konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň netijeleri boýunça jemleýji resminama, ýagny Hereketleriň Aşgabat konsensusy kabul edildi.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitini 8-9-njy noýabrda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyna laýyklykda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtap, wise-premýer, daşary işler ministrine ýurdumyzyň wekiliýetiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitlerine gatnaşmagynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2023” atly XVI halkara sergisine we ylmy maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu çäreleri şu ýylyň 9-10-njy noýabrynda Aşgabatda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Bellenilişi ýaly, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, kommunikasiýanyň geljegi, hemra tehnologiýalary, sanly ösüşde döwlet strategiýasy ýaly meseleleri öz içine aljak forumlara ýurdumyzdan we daşary ýurtlardan alymlaryň, bilermenleriň, işewürleriň, halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Halkara ylmy maslahata Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň (ITU), Domen atlary dolandyrmak boýunça korporasiýasynyň (IСANN), Aragatnaşyk boýunça sebitleýin birleşmesiniň, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň hem-de önüm öndüriji we programma üpjünçiligini taýýarlaýan “Nokia”, “Huawei”, “Eastwind”, “NEС” ýaly kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar.

Forumyň dowamynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar, startaplar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen guralan, dürli ugurlar boýunça 317 sany taslama bilen ýaşlaryň gatnaşan “Sanly çözgüt — 2023” atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşigini jemlemek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda täze innowasion, sanly tehnologiýalaryň üstünlikli ornaşdyrylýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2023” atly XVI halkara sergisiniň we onuň çäklerinde geçirilýän ylmy maslahatyň ähmiýetini belläp, agentligiň ýolbaşçysyna forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowa söz berildi. Ol aşgabatlylaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy şanly waka — Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasynyň amala aşyrylmagy netijesinde, Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň biri hökmünde ykrar edildi. ÝUNESKO-nyň 31-nji oktýabrda — Şäherleriň bütindünýä gününde kabul eden çözgüdi hem munuň nobatdaky aýdyň beýanydyr.

Döwlet Baştutanymyz ähli watandaşlarymyzy Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, Aziýanyň merjeni, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän sebit we halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edilen paýtagtymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine mundan beýläk-de uly üns beriljekdigini nygtady.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

03.11.2023
Elektroenergetika pudagynyň kuwwatlylygy artdyrylýar

Şu gün — 3-nji noýabyrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy 1574 megawat bolan elektrik stansiýasynyň düýbüniň tutulyş, şeýle hem sanly ulgam arkaly Mary — Ahal asma elektrik geçirijisiniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze gurlan, elektrik energiýasyny öndürýän iki sany gazturbina desgasynyň açylyş dabaralary boldy.

Mälim bolşy ýaly, 28-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz täze, döwrebap elektrik stansiýasyny gurmak hakynda Karara gol çekdi. Munuň özi ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, ugurdaş düzümi mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň nobatdaky subutnamasydyr.Şoňa görä-de, dabaranyň geçirilen ýerinde baýramçylyk ruhy emele geldi. Oňa ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, welaýatyň il sylagly ýaşululary, bagtyýar ýaşaýjylary gatnaşdylar. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Hormatly Prezidentimiz kuwwatlylygy 1574 megawata deň bolan täze elektrik stansiýasynyň ýurdumyzda gaz we bug dolanyşygynda işlejek iri energiýa desgasy boljakdygyny nygtady hem-de munuň milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny ýokarlandyrmakda örän ähmiýetlidigini belledi. Şeýle hem «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk çykyş edip, bu iri desgany we ony energoulgama birikdirmek üçin gerek bolan elektrik geçiriji ulgamlary gurmagyň özlerine bildirilen uly hormatdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, gurluşyk işleri 2027-nji ýylyň maý aýynda tamamlanyp, bu desga ulanmaga doly taýýar ediler.

Dabara sanly ulgam arkaly Mary we Ahal döwlet elektrik stansiýalarynyň hünärmenleri goşuldylar we olar döwlet Baştutanymyzdan täze elektrik geçirijisini işe girizmäge ak pata bermegi haýyş etdiler. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi netijesinde, Mary — Ahal asma elektrik geçirijisi ulanmaga berildi. Iri desganyň ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energetika ulgamyny kemala getirmegiň taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlandygy aýratyn bellärliklidir.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze gurlan, elektrik energiýasyny öndürýän iki sany gazturbina desgasynyň açylmagyna ak pata berdi. Bu desgalar halkara ölçeglerine laýyklykda gurlup, dabaranyň çäklerinde olara halkara şahadatnamalaryň 3-si gowşuryldy.

Soňra dabaranyň geçirilýän ýerinde sanly ulgam arkaly hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagyna badalga berdi. Belläp geçsek, döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalarynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, bu şäherçede 472 maşgala niýetlenen 4 gatly Gyýanly ýaşaýyş jaý toplumy, 320 orunlyk umumy bilim berýän orta mekdep, 120 orunlyk çagalar bagy, söwda-dynç alyş merkezi gurlup, ulanmaga berler.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde guruljak, kuwwatlylygy 1574 megawat bolan elektrik stansiýasy barada gürrüň berýän wideofilmiň görkezilmegi aýratyn täsirli boldy. Döwlet Baştutanymyz ýadygärlik ýazgysyny ýazyp, bu ýerde il sylagly ýaşulular bilen bilelikde täze elektrik stansiýasynyň düýbüni tutmaga badalga berdi.

Soňra gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer çykyş edip, şanly wakalar mynasybetli hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutlady we Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi belläp bermegini uly hormat bilen haýyş etdi. Hormatly Prezidentimiz bu günki taryhy wakalary nazarda tutup, 3-nji noýabry Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni diýip bellenilse maksada laýyk boljakdygyny aýtdy. Soňra dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, döwlet Baştutanymyz bu ýerden ugrady.

* * *

Soňra Türkmenbaşy şäherindäki Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumyndaky toý zalynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda geçirilen şanly dabaralar mynasybetli toý sadakasy berildi. Onda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi babatda ýagşy dilegler edildi.

Umuman, Berkarar Watanymyzda şeýle döwrebap elektrik stansiýasynyň düýbüniň tutulmagy, ençeme iri desgalaryň açylmagy diňe bir özümizi ygtybarly elektrik energiýasy bilen üpjün etmän, eýsem, bu babatda alyp barýan diwersifikasiýa özgertmelerimiz bilen türkmen energiýasyny goňşy ýurtlara ibermäge taýýardygymyzy görkezýän hakykatdyr.

«Nesil».

Türkmenbaşy ş.

03.11.2023