Новости
Türkmenistan tehnologiýalar asyrynda sanlylaşdyrmak işini çaltlandyrýar

«2021-nji ýylda, takmynan, 4,9 milliard adam ýa-da Ýer ýüzüniň ilatynyň 63 göterimi internetden peýdalandy. Munuň özi 2019-njy ýyldakydan 17 göterim köp bolup, hasaplamalara görä, şu agzalan döwürde 782 million adam internete birikdi...». Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşiginiň (HEB) sanly aragatnaşyk ulgamy boýunça her ýylda çap edilýän ählumumy bahalandyrmasyndan — «Maglumatlar we sanlar» atly neşiriniň 2021-nji ýyldaky goýberilişinden alnan şu maglumatdan görnüşi ýaly, pandemiýa şertlerinde dünýäde internetiň ulanylyşy görnetin ýokarlandy. Bu, gürrüňsiz, aragatnaşygyň şu görnüşiniň adatdan daşary ýagdaýlaryň dowam edýän döwründe iş, okuw, söwda we beýleki möhüm hyzmatlaryňdyr birek-birekden habarly bolmagyň gymmatly çeşmesine öwrülendigi bilen baglydyr. Şundan ugur alyp, tutuş dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistan hem aragatnaşygyň dürli ugurlary, şol sanda sanlylaşdyrmak ulgamy boýunça ýöriteleşdirilen düzüm hasaplanýan Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşigi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn gyzyklanma bildirýär.

Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň 7-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen täze ýyldaky ilkinji mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti has-da ösdürmek maksady bilen, Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşigi bilen anyk ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça täze teklipler hödürlenildi. «Sanly ykdysadyýeti döretmezden, döwletimiziň ösüşini göz öňüne getirmek asla mümkin däldir» diýýän milli Liderimiz bu meseläniň sanlylaşdyrmak babatda döwlet syýasaty bilen baglanyşyklydygyny belläp, degişli halkara düzümiň çäginde özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu ugurda beýan edilen teklipleriň, ilkinji nobatda, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» hem-de «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri amala aşyrmagy tizleşdirmekde ähmiýetli boljakdygyny nygtamak gerek. Çünki sanly ykdysadyýete geçmekde döwlet derejesinde işlenip taýýarlanan maksatnamalardyr strategiýalara esasy ornuň degişli bolşy ýaly, bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk hem örän möhümdir. Şu babatda alnanda, bir ýarym asyrdan gowrak wagt bäri hereket edýän Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşiginiň biziň ýurdumyz üçin maglumat-aragatnaşyk ulgamynda hödürläp biljek mümkinçilikleri köpugurlydyr.

Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşiginiň, esasan, haýsy ugurlarda iş alyp barýandygy, onuň esasy wezipeleri, bu düzüm bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistan üçin bähbitli taraplary barada gyzyklananyňda, onuň 1865-nji ýylda Halkara Telegraf Birleşigi hökmünde esaslandyrylyp, häzirki güne çenli geçen taryhy ýolunda örän köp sanly üýtgeşmeler bilen ýüzbe-ýüz bolandygyna we dünýäniň iň irki halkara guramalarynyň biridigine garamazdan, hemişe ösüş-özgerişdedigine göz ýetirmek bolýar. Bu, elbetde, adamzat durmuşyny barha giňden gurşap alýan aragatnaşyk serişdeleriniň täze görnüşleriniň, şol sanda sanýetmez maglumatlaryň gory bolan internetiň ýüze çykmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hut şoňa görä-de, elektroaragatnaşyk tehnikalarynyň ösüşi nazara alnyp, Halkara Telegraf Birleşigi 1932-nji ýyldan bäri Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşigi diýlip atlandyrylýar. 1947-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň hataryna goşulmagy bolsa guramanyň eýeleýän ornuny has-da berkitdi.

BMG-niň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda iş alyp barýan esasy düzümi bolan Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşigi ählumumy radiospektr we hemra orbitalaryny ýaýratmak, aragatnaşyk serişdeleriniň hem-de tehnologiýalaryň üznüksiz arabaglanyşygyny üpjün edýän tehniki standartlary işläp taýýarlamak, internetiň elýeterli bolmadyk ýerlerinde bu ugurda hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak bilen bagly ugurlary esasy wezipesi hökmünde kesgitledi. Has sada dilde aýtsak, el telefonymyzdan kimdir birine jaň edenimizde, internete girenimizde ýa-da elektron poçta arkaly nämedir bir zat ugradanymyzda, biz Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşiginiň işiniň mümkinçiliklerinden peýdalanýarys. Bu düzüm nirede ýaşaýandygyna, haýsy aragatnaşyk serişdesini ulanýandygyna garamazdan, Ýer ýüzüniň ähli adamlaryny birleşdirmek ideýasyna ygrarlylygy baş maksady hasaplaýar.

Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşigi dünýäniň 193 döwletini, kompaniýalaryňdyr uniwersitetleriň, sebitleýin we halkara guramalaryň, takmynan, 900-sini özünde birleşdirýän ählumumy düzümdir. Onuň çäginde döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin hem uly mümkinçilikler bar. Çünki maglumat-aragatnaşyk serişdelerini we sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak işi iri möçberli maýa goýumlary talap edýär. Hususy pudak bolsa maliýe serişdelerini hödürlemek bilen, ykdysady taýdan girdeji gazanýar, bu bolsa, öz gezeginde, ýurtda alnyp barylýan sanlylaşdyrmak syýasatynyň depginini güýçlendirmäge ýardam berýär.

Elbetde, aragatnaşyk-sosial artykmaçlyklaryndan başga-da, internetiň dürli ugurlarda öz başarnyklaryňy ýüze çykarmak, hünär taýdan kämilleşmek, häzirki zaman jemgyýetiniň gymmatlyklaryny kemala getirmek babatdaky mümkinçilikleriniň çäksizdigi eýýäm hemmä mälim bolan hakykat. Ýöne maglumatlaryň umman ýaly giňişliginde adamlaryňam, jemgyýetiňem, umuman, tutuş döwletiň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi hem örboýuna galýar. Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşiginiň Baş sekretary Çžao Houlin golaýda žurnalistleriň biri bilen söhbetdeşlikde bu meseläniň tehnologiýalar bilen bagly döreýändigini, şoňa görä-de, HEB-niň howpsuzlyk ulgamynda täze ulgamdyr standartlary yzygiderli işläp taýýarlaýandygyny aýtdy. Onuň nygtaýşy ýaly, täze ulgamlar ýeterlik däl, çözgütleriň netijeli bolmagy üçin bu ugurda hukuk düzgünleşdirmesi, elýeterlilik hem-de sosial hyzmatdaşlyk has zerur.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanda maglumat desgalary we eýeçiligiň ähli görnüşinde ulanylýan aragatnaşyk ulgamlary kibergoraglylyga degişli hasaplanýar. Olaryň hataryna döwlet häkimiýet hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň elektron dolanyşygy, elektron döwlet hyzmatlary, elektron söwda, elektron resminama dolanyşygy ulgamlary girýär. Şoňa görä-de, Hökümetiň 7-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşigi bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň Milli kiberhowpsuzlyk strategiýasynyň hem-de Hereketler meýilnamasynyň taslamalaryny taýýarlamagyň teklip edilmegi öz wagtynda öňe sürlen çözgütdir. HEB bilen ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň arasynda olaryň işini kämilleşdirmek meseleleri boýunça yzygiderli maslahatlaşmalary geçirmek, milli kiberhowpsuzlyk türgenleşiklerini guramak we sebit derejesinde geçirilýän kibertürgenleşiklere gatnaşmak, ilatyň arasynda kiberhowpsuzlyk meseleleri boýunça düşündiriş işlerini geçirmek barada aýdylanlar bolsa Diýarymyzda kiberhowpsuzlygy üpjün etmäge toplumlaýyn çemeleşilýändiginiň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy tarapyndan Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşigi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly hödürlenen teklipleri makullady we bu ugurda anyk tabşyryklary berdi. Özara gatnaşyklarda ýakyn geljekde öňde durýan wezipeleriň ählisi bu gurama bilen hyzmatdaşlygyň 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasynda öz beýanyny tapar. Munuň özi öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek arkaly, döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlaryny sanlylaşdyrmak işiniň depginine kuwwatly itergi berer.

Hünärmenler maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny hemmelere elýeterli etmekde we sanly ykdysadyýeti ösdürmekde 4 sany zadyň zerurdygyny öňe sürýärler: infrastruktura, maýa goýumlar, innowasiýalar we sanlylaşdyrma prosesine goşulyşmak. Biziň ýurdumyzda şu zerurlyklaryň ählisi-de bar we bu babatda amal edilýän işler diňe halkyň bähbidine gönükdirilen. Diýmek, biz döwür bilen aýakdaş gadam urýarys.

Aýgül RAHYMOWA.

«Türkmenistan».

12.01.2022
Belent üstünlikleriň aýdyň beýany

Eziz Diýarymyzyň ösüşlerini täze sepgitlere ýetirmekde hormatly Prezidentimiz taýsyz tagallalary edýär. Türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpgöter gowulandyrmaga, ýurdumyzy senagatlaşan döwletleriň hataryna çykarmaga, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalar, beýik işler durmuşa geçirilýär. Milli ykdysadyýetimiz diwersifikasiýalaşdyrmak ýoly bilen ösýär. Agzybirligiň, asudalygyň we abadançylygyň hözirini görüp, sahawatly gelýän ýyllary ýokary zähmet joşgunyna besleýän ulus-ilimiziň maksatlary myrat tapýar.

Halkymyzyň hal-ýagdaýynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna gönükdirilýän işlere ser salanyňda, buýsanjyň goşalanýar. Döwletli gelen ýylymyzy maňlaýymyza sylan günlerimizde hormatly Prezidentimiziň Mary, Lebap welaýatlaryna amala aşyran iş saparyny teleýaýlym arkaly tomaşa eden ildeşlerimiziň buýsançly kalplary şatlykdan dolandyr. Hormatly Prezidentimiziň ýerlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen içgin tanyşmagy, ilatymyzyň hal-ýagdaýy, ýaşaýyş-durmuş derejesi bilen gyzyklanmagy «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatynyň amal bolýandygynyň aýdyň beýanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň Garagum sährasynyň giňişliginde goýundyr düýe sürülerini bakyp ýören çopanlar bilen didarlaşmagy, hal-ahwal soraşmagy, söhbetdeş bolmagy göwün guşuňy arşa göterýär. Munuň özi ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrýan hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň asyrlara barabardygyna mysaldyr.

Bu gün döredijiligiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar, ençeme halkara ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär. Aňyrsyna göz ýetmeýän sähraýy türkmen topragy dermanlyk ot-çöplere, tebigy baýlyklara örän baýdyr. Garagum sährasy tebigy baýlyklaryň, genji-käniň mesgenidir. Ýerasty känleriň özleşdirilmegi hem-de onuň gaýtadan işlenmegi, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Bu gün uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlary özleşdirilýär. Ýangyç-energetika toplumynyň özleşdirilmegi innowasion esasda amala aşyrylyp, oňa sanly ulgamyň mümkinçilikleri girizilýär. Gazylyp alynýan tebigy baýlyklarymyzyň, olary gaýtadan işleýän senagatyň önümçilik kuwwatlyklarynyň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Galkynyş» we «Malaý» gaz känlerinde bolanda işiň depgini bilen gyzyklanyp, geljegi uly pudagy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigi aýratyn bellärliklidir. Nebitgaz senagatyny ösdürmekde uly maýa goýum serişdeleriniň goýberilmegi pudagy ösdürmäge, nebitgaz kärhanalaryny zerur enjamlar bilen üpjün etmäge, geologiýa-gözleg, buraw işlerinde täze gaz känlerini senagat taýdan özleşdirmäge şert döredýär. Tebigy gazdan alynýan polietileniň, polipropileniň senagat maksatly önümler öndürilende çig mal bolup hyzmat edýändigini bellemek bolar.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bar bolan gaz känlerini döwrebaplaşdyrmakda, täze ýüze çykarylýan känleri senagat taýdan özleşdirmekde, «mawy ýangyjyň» eksport ugurlaryny artdyrmakda işler sazlaşykly dowam edýär. Tebigy gazyň çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmakda, bar bolan guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmakda hem-de ösen tehnologiýalary ulanmak arkaly täze känleri özleşdirmekde işler giň gerim bilen ýaýbaňlandyrylýar. Tebigy gazy gaýtadan işlemek, onuň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmeginiň milli ykdysadyýetimizi kuwwatlandyrmak bilen bir hatarda halkara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün edýändigini hormatly Prezidentimiz aýratyn belledi.

Ýurdumyzyň nebitgaz senagaty toplumyny ösdürmek boýunça kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmäge, «Malaý» gaz känini döwrebaplaşdyrmaga, onuň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga bolan tagalla hem ünsden düşmeýär. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde üç esasy wezipäniň durýandygyny, olaryň nebitgaz pudagyny senagatlaşdyrmakdan, içerki sarp edijileri degişli önüm bilen üpjün etmekden hem-de eksport mümkinçiliklerini artdyrmakdan ybaratdygyny nygtaýar.

Türkmenistany durmuş-ykdysady, senagat taýdan ösdürmekde, halkymyzyň hal-ýagdaýyny, durmuş şertlerini düýpgöter gowulandyrmakda hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleri uly ähmiýete eýedir.

Ykdysady taýdan gülläp ösýän ýurdumyzy belent sepgitlere alyp barýan, ýurdy senagatlaşdyrmakda iri taslamalary üstünlikli amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Bagty ÖDEGULYÝEWA, «Mugallymlar gazeti».

12.01.2022
Ykdysady özgertmeler — Halkyň bähbidine

Geçilen menzillere ser salmak, täze ýylda ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etjek ugurlary kesgitlemek oňat däpleriň biri bolup, ol döwletlilikden nyşan. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy tutulan 2021-nji ýyldaky durmuş-ykdysady ösüşde üstünlikler, ýetilen sepgitler her birimizi guwandyrýar. Milli ykdysadyýetimizde gazanylan oňyn netijeler parahatçylykly ösüşiň we özara ynanyşmagyň bar ýerinde rowaçlygyň, abadançylygyň ýar bolýandygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar.

Türkmenistan durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli amala aşyrýan döwletleriň hatarynda tanalýar. Şunda düýp mazmuny adamlaryň abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen bu maksatlar boýunça kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmekde ýurdumyzda alnyp barylýan işler 2021-nji ýylda hem mynasyp dowam etdirildi. Bu barada hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 2021-nji ýylyň 27-nji dekabrdaky jemleýji bilelikdäki mejlisinde giňişleýin durup geçdi.

Häzirki döwürde dünýäde maliýe-ykdysady çökgünligiň dowam etmegi, şeýle-de ýiti ýokanç keseliň ýaýramagy bilen bagly hadysalaryň ýurtlaryň milli ykdysadyýetine belli bir derejede öz ýaramaz täsirini ýetirmegi onuň öňüni almak ýa-da täsirini gowşatmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýynyň durnuklylygyny saklamak bilen bagly meseleleriň ähmiýetini has-da artdyrýar. Daşarky sebäpler bilen şertlendirilen hadysalaryň öz amatsyz täsirini ýetirýän ýagdaýynda hem durnukly ykdysady ösüşiň üpjün edilmegi ýurdumyzda bu ugurda amala aşyrylýan işleriň oňyn häsiýete eýedigini görkezýär. Köpugurly tagallalaryň netijesinde, jemi içerki önümiň ösüşiniň ýokary depginde, ýagny 6,2 göterim möçberde saklanylýandygy ýurdumyzda ykdysady strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň dogry kesgitlenendigini tassyklaýar.

Jemgyýetde özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak üçin berk maddy binýadyň bolmagy zerur şertleriň biridir. Şunda makroykdysady ýagdaý hökmünde jemi içerki önümiň ösüş depgini onuň esasy görkezijisidir. Ýurdumyzda diwersifikasiýa, senagatlaşdyrmak, maýa goýum we döwrebaplaşdyrmak syýasatynyň düýpli alnyp barylmagy bu esasy makroykdysady görkezijiniň ösüş meýline eýe bolmagyny şertlendirýär. Senagatlaşdyrmak syýasaty ýurtda çig mal ugrundan häzirki zaman ýokary tehnologiýaly senagata daýanýan innowasion ugra geçmäge hem giň mümkinçilikleri döredýär. Hut şu wezipelerden ugur alnyp, ýurdumyzda häzirki zaman senagat üpjünçilik ulgamlarynyň emele getirilmegine, gaýtadan işleýän iri kärhanalaryň döredilmegine uly ähmiýet berilýär. Bu, ilkinji nobatda, senagat pudagynyň ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň we eksport mümkinçiliklerini artdyrmagyň netijeli we ygtybarly ugry bolup durýandygy bilen baglanyşyklydyr.

2021-nji ýylda abraýly halkara maliýe düzümleri we iri reýting agentlikleri tarapyndan Türkmenistanyň ykdysadyýetine oňyn baha berildi. Hususan-da, «Fitch Ratings» halkara agentligi tarapyndan Türkmenistana uzak möhletleýin çaklama esaslanýan «B +» derejesi berildi. Ýurdumyza berlen bu dereje daşky üýtgemelere garamazdan, ykdysadyýetimiziň ösüşiniň durnukly häsiýete eýedigini tassyklaýar. Şeýle hem munuň özi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünliklere beslenýän ykdysady syýasatyň alnyp barylýandygynyň hem-de ýurdumyzyň dünýä ýüzünde ygtybarly döwlet hökmünde abraýynyň artýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2021-nji ýylyň 3-nji dekabrynda sanly ulgam arkaly geçen ýylyň 11 aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde «Dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurduň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek hem-de milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2022-nji ýyl üçin Maksatnamanyň» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň kabul edilmegi döwrüň çagyryşlaryna wagtynda seslenmek, milli ykdysady ulgamy daşary amatsyz şertleriň täsirinden goramak ugrunda ädilen ädimleriň ýene-de biridir. Ol dünýä ykdysadyýetinde emele gelen kynçylykly şertlerde milli ykdysadyýetimiziň durnuklylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen gaýragoýulmasyz çäreleriň tutuş toplumyndan ybaratdyr. Ol sanly tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribeleri giňden ornaşdyrmaga, sanly ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösdürmäge itergi berjek ugurlary özünde jemläp, ahyrky netijede, ýurdumyzyň durnukly ösüş nusgasyna geçmegini üpjün etjek düýpli çemeleşme bolup durýar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy hem dabara bilen bellenilip geçildi. Bitaraplyk ýurdumyzyň amala aşyrýan halkara işlerinde berk esas bolup hyzmat edýär. Munuň özi Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny döretmek hem-de hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda alyp barýan işleriniň ähmiýetiniň, ýurdumyzyň dünýä we sebit derejesinde howpsuzlygy üpjün etmäge goşandynyň uludygyna şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly başlangyjy bolsa bu gün halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmegiň jarnamasy, şeýle hem ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň esasy hökmünde öňe çykýar.

Netijede, häzirki wagtda Türkmenistan dünýä bileleşigine ygtybarly ykdysady hyzmatdaşlygyň hem oňyn nusgasyny görkezýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dünýäniň 100-den gowrak döwleti bilen alyp barýan söwda-ykdysady gatnaşyklary hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan daşary ykdysady syýasatyň netijeliligini aýdyň görkezýär. Şol bir wagtda bu oňyn ýagdaý halkara ykdysady giňişlikde ýurdumyzyň tutýan ornunyň yzygiderli pugtalanýandygyny hem alamatlandyrýar. Şunda hususan-da, milli Liderimiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesi ýurdumyzyň daşary syýasy we ykdysady strategiýasynyň binýatlaýyn ýörelgeleriniň biri bolup, ol öz gözbaşyny baky Bitaraplygyň esaslaryndan alyp gaýdýar.

Ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň baş maksady bolup durýar. Şunda ykdysadyýetde bolup geçýän özgertmeleri nazara alyp, ilatyň girdejilerini yzygiderli ýokarlandyrmak arkaly raýatlaryň ýokary ýaşaýyş derejesini üpjün etmäge uly ähmiýet berilýär. Ilatyň maddy üpjünçilik derejesiniň ýokary bolmagy zerur şertleriň biri hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda gol çeken «Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda» Permany hem halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini we durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksadyndan ugur alýar. Geçen ýylyň 13-nji noýabrynda döwlet Baştutanymyz tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny halkyň durmuş taýdan goraglylygynyň hemişe ünsde saklanýandygyny, bu ugurda yzygiderli tagalla edilýändigini görkezýär.

Şanly wakalara, uly ösüşlere beslenen 2021-nji ýylda milli Liderimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda ýetilen sepgitler 2022-nji ýyla badalga bolmak bilen, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň hem eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de halkara abraýyny ýokarlandyrjak, umumadamzat bähbitli işleriň durmuşa geçiriljek ýyly boljakdygyna ynamy has-da pugtalandyrýar.

Baýram TAŇRYBERDIÝEW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory.

11.01.2022
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 10-njy ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda başlanan täze, 2022-nji ýylda sanly ulgam arkaly ilkinji iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, bilim ministri we Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.

Maslahatda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde durmuşa geçirilýän özgertmeleri amala aşyrmak boýunça meselelere garaldy. Şeýle hem ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi, gowaçadan boşan ýerlerde ýeralma, gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek ugrunda görülýän taýýarlyk işleri, güýzlük ak ekinlere agrotehniki kadalara laýyklykda ideg edilişi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna, ilki bilen, wise-premýer Ç.Purçekowy we Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowy çagyrdy.

Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, ak mermerli Aşgabatda ýerine ýetirilýän arassaçylyk we abadançylyk hem-de şäheriň yşyklandyryş ulgamynyň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Soňra wise-premýer Ç.Purçekow ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy, şäherde elektrik energiýasynyň, tebigy gazyň, agyz suwunyň bökdençsiz üpjünçiligini ýola goýmak ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň guralyşy barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda başy başlanan 2022-nji ýylda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşyk işlerine girişmek boýunça görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Olaryň hatarynda paýtagtymyzda gurulmagy göz öňünde tutulýan durmuş ulgamyna degişli desgalar we edara ediş binalary bar.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan arassaçylyk we abadançylyk işleriniň döwrüň talaplaryna laýyk derejede guralmalydygyna ünsi çekip, paýtagtymyzda ýerine ýetirilýän bezeg işlerinde, şäheriň yşyklandyryş ulgamynda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, täzeçil tehnologiýalarynyň netijeli ulanylmalydygyny belledi hem-de bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda şu ýylyň dowamynda gurulmagy meýilleşdirilen dürli maksatly desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagy we gurluşykda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi.

Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew hem-de bilim ministri G.Ataýewa çagyryldy.

Bilim ministri häzirki döwürde mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsüminiň tamamlanmagy bilen mekdepleriň taýýarlyk derejesi, şeýle hem bilim edaralarynyň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamynyň sazlaşykly işini üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň ähli etraplarynda mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş döwründe mekdep mugallymlary üçin amaly-okuw maslahatlary guralyp, olarda okatmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini we derejesini ýokarlandyrmak boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde bilim edaralarynda we çagalar baglarynda alnyp barylýan işleriň täzeçil usulda ýola goýulmalydygyny, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilim-terbiýeli bolmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belläp, mekdep okuwçylarynyň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagynda möhüm ähmiýeti bolan täzeçil usullaryň ulanylmalydygyna ünsi çekdi.

Wise-premýer S.Toýlyýew häzirki döwürde gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde 2021-2022-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň başlanmagyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň dowamynda okuw mekdepleriniň işini döwrebaplaşdyrmak, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere hem-de ministre ýüzlenip, häzirki döwürde ýaşlara berilýän bilimiň derejesiniň we hiliniň talabalaýyk bolmalydygyny, bilim edaralarynyň okuw maksatnamalaryna paýhasly pederlerimiziň döreden asylly ýörelgeleriniň, dünýä nusgalyk däp-dessurlarynyň girizilmegi bilen baglanyşykly teklipleriň taýýarlanylmalydygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ösüp gelýän ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy, olaryň hemmetaraplaýyn bilimli we zehinli bolmagy, ýaşlaryň watansöýüjilik ruhunyň has-da belende galmagy ugrunda zerur tagallalar edilmelidir. Munuň üçin bolsa döwlet derejesinde döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanylmalydyr.

Soňra wise-premýer, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygy S.Toýlyýew ýurdumyzda pandemiýa garşy göreş çäreleriniň hemmetaraplaýyn esasda alnyp barylmagy we bu çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdi.

Wise-premýer Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilýän maglumatlara görä, bütin dünýä howp salýan koronawirusyň “omikron” görnüşiniň ýüze çykarylandygyny we onuň ýurdumyz bilen serhetleşýän goňşy döwletlerde epidemiologik ýagdaýy döredýändigini belläp, häzirki döwürde durnukly epidemiologik-saglyk abadançylygyny mundan beýläk-de gorap saklamak, ýurdumyzyň çägine ýiti ýokanç keselleriň aralaşmagynyň öňüni almak maksady bilen, ulgamlaýyn görnüşde degişli çäreleriň yzygiderli we güýçli depginde dowam etdirilýändigini hem-de möhüm çözgütleriň kabul edilýändigini habar berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, saglygy goraýşyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we ählumumy ýokanja garşy göreşmek işinde dünýäniň ösen tejribesini giňden ulanmak, şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýratyn wajypdygyny belläp, adatdan daşary ýagdaýlar sebäpli emele gelýän töwekgelçilikleriň täsirini peseltmäge, adamlaryň saglygyny goramaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi.

Ýurdumyza ýiti öýken sowuklama ýokanjynyň aralaşmagyna we ýaýramagyna ýol bermezlik maksady bilen, möhüm çözgütler kabul edildi hem-de bu keseliň öňüni almak boýunça öz wagtynda toplumlaýyn çäreler görüldi. Zerur waksinalar satyn alnyp, häzirki döwürde hem ilata sanjym geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz bu meselede arkaýynlaşmaly däldigini aýratyn nygtady. Sebäbi häzirki döwürde sebitde koronawirus ýokanjynyň täze, hususan-da, “omikron» görnüşi ýüze çykaryldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz tomus paslynyň gelmegi bilen keselleriň has-da güýjemek mümkinçiliginiň bardygyny nazarda tutup, bu ýokanjyň ýurdumyza aralaşmagynyň öňüni almak, şeýle ýagdaýlaryň garşysyna göreşmek boýunça häzirki döwürden taýýarlyk çärelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini, zerur bolan sanjym we dermanlyk serişdeleriň üpjünçiligi babatda degişli teklipleriň taýýarlanmalydygyny belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan bu ugurda beýleki döwletler bilen hemişe tejribe alşyp durýar. Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamlaryň saglygyny we ömrüni goramagyň, şeýle hem howpsuzlygyny üpjün etmegiň döwlet syýasatymyzyň esasy maksady bolup durýandygyny belledi we döwletimiziň bu ugurda ähli tagallalary edýändigini, geljekde hem derman serişdeleriniň ätiýaçlyk gorlarynyň üstüni ýetirmek üçin hiç hili serişde gaýgyrmajakdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz dünýä jemgyýetçiligini biynjalyk edýän pandemiýa garşy göreş çäreleriniň häzirki zamanyň ösen tejribelerine laýyklykda toplumlaýyn esasda alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň we bu ugra degişli beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlyk ösdürilmelidir, pandemiýanyň öňüni almak çäreleriniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmegi üpjün edilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi hem-de bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Aýratyn-da, geçirilýän sanjymlaryň oňyn netije bermegi üçin bu çäre adamlaryň ýaşyna görä ýerine ýetirilmelidir we sanjym işleriniň ähmiýeti barada yzygiderli düşündiriş işleri geçirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow şu günler sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginleri, şeýle hem gowaçadan boşan ýerlerde ýeralma, gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, maldarçylygy toplumlaýyn esasda ösdürmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ak ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyk gelmegini üpjün etmek, ýaz-meýdan işlerine ýerleri, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary taýýarlamak meselelerine möhüm ähmiýet bermek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen, gowaçadan boşan ýerleri ýeralma, gök-bakja we beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin taýýarlamak ugrunda alnyp barylýan işler, şeýle hem sebitiň maldarçylyk toplumyny hemmetaraplaýyn esasda ösdürmek ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdi.

Azyk bolçulygyny ýola goýmak, halkymyzy özümizde öndürilýän azyk önümleri bilen üpjün etmek maksady bilen, ekerançylyk meýdanlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak işleri talabalaýyk ýerine ýetirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaçadan boşan ýerleri talabalaýyk taýýarlamak maksady bilen, oba hojalyk tehnikalarynyň we degişli gurallaryň netijeli işledilmelidigini, ýerlerden bol hasyl almak ugrunda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleriniň talabalaýyk derejede alnyp barylmalydygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak, ilaty özümizde öndürilýän gök we bakja ekinleri bilen üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty diňlenildi. Häkim sebitdäki işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaýa ideg etmek işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyk derejede ýerine ýetirmek, gowaçadan boşan ýerlerde ýeralma, gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, welaýatda maldarçylygy hemmetaraplaýyn esasda ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara laýyk derejede ýola goýulmalydygyna ünsi çekip, gowaçadan boşan ýerlerde dürli görnüşli gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek wezipesiniň üstünlikli çözülmegi üçin zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Munuň üçin ýaz ekişine taýýarlyk işlerine hemmetaraplaýyn we ylmyň ýokary gazananlarynyň esasynda taýýarlyk görülmelidir. Şol bir wagtyň özünde welaýatyň ilatynyň durmuş üpjünçiligine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaýa ideg edilişi, gowaçadan boşan ýerlerde ýeralma, gök-bakja we beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, sebitde maldarçylyk pudagyny ösdürmek ugrunda zerur tagallalar edilýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak we halkymyzy özümizde öndürilýän gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek boýunça zerur tagallalaryň edilýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaçadan boşan ýerleri ýeralma, gök-bakja we beýleki ekinleriň ekişine taýýarlamak meselelerine toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi hem-de häkime anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işler, şol sanda bugdaý ekilen meýdanlara ideg edilişi, geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak işleri bilen bir hatarda, gowaçadan boşan ýerlerde ýeralma, gök we bakja ekinlerini, ir-iýmişleri ösdürip ýetişdirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatda maldarçylygy ösdürmek boýunça milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda we Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda aýratyn ähmiýetlidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, azyk bolçulygyny pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek we dürli görnüşli azyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmek barada döwlet tarapyndan netijeli goldaw berilýändigini nygtap, häzirki döwürde bugdaý ekilen meýdanlarda howa şertlerine laýyklykda, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehniki kadalara laýyk derejede ýerine ýetirilýändigini belledi. Ak ekinlere ideg etmekde ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary we gurallary netijeli ulanylýar.

Milli Liderimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň daýhanlarynyň öndürijilikli zähmeti ugrunda döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan kärendeçiler şu ýylda ýurdumyz boýunça jemi 580 müň gektara gowaça ekmegi meýilleşdirýärler. Şol bir wagtyň özünde gowaçadan boşan meýdanlaryň häzirki döwürde 244 müň 411 gektarynda sürüm işleri geçirilip, ýerleri möwsüme taýýarlamak, ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töweregini arassalamak çäreleri dowam edýär. Şeýle hem halkymyzy özümizde öndürilýän ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk önümler bilen üpjün etmek boýunça zerur işleriň geçirilýändigi barada hasabat berildi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, şu ýyl bu ekinleriň meýdanynyň 50 müň 450 gektar artdyrylyp, onuň 106 müň gektara ýetirilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýerleri taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki ekinleriň mukdaryny artdyrmak, şeýlelikde, Diýarymyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak üçin ähli zerur şertleriň bardygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda wise-premýere, welaýatlaryň häkimlerine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Häzir ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler, güýzlük ak ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg etmek bilen bir hatarda, ýaz-meýdan işlerine, gowaçanyň, ýeralmanyň we beýleki ekinleriň ekişine ýerleri, oba hojalyk tehnikalaryny degişli derejede taýýarlamak boýunça ähli zerur tagallalar edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Munuň özi ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak we ilaty özümizde öndürilýän dürli görnüşli gök-bakja önümleri, ýeralma bilen bolelin üpjün etmek meseleleriniň oňyn çözülmeginiň özenidir. Şunuň bilen baglylykda, welaýatlarda ekin meýdanlaryny talabalaýyk ulanmak, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, daýhanlaryň ýokary hilli tohumlar hem-de beýleki zerur serişdeler bilen üpjünçiligini yzygiderli gowulandyrmak meseleleri hemişelik üns merkezinde saklanmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda 2022-nji ýylda meýilleşdirilen oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegi ugrunda zerur tagallalar edilmelidir. Munuň üçin bolsa ýurdumyzda ýokary derejeli mümkinçilikler üpjün edildi.

Hormatly Prezidentimiz möwsümleýin oba hojalyk işleri we Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen bir hatarda, ilatyň durmuş üpjünçiligine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, durmuş düzümine degişli desgalaryň ýyladyş ulgamynyň kadaly işi, elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Döwletimizde alnyp barylýan ähli işler hemişe berk gözegçilikde saklanmalydyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň ykdysady ösüşiniň bähbidine mundan beýläk-de giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmakda uly üstünlikleri arzuw etdi.

11.01.2022
Gurluşyk önümçiliginde

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawody demirgazyk welaýatyň senagat pudagynyň iri düzüm bölekleriniň biri bolup, bu ýerde ýerli gurluşykda giňden ulanylýan dürli ölçegdäki serişdeleriň birnäçe görnüşi öndürilýär. Kärhana geçen ýyl ähli ugurlar boýunça ýokary netijeleri gazanyp, göz öňünde tutulan meýilnamalary artygy bilen berjaý etdi.

Bu öňdebaryjy kärhananyň önümçilik bölümlerinde ýylyň dowamynda 32 müň kub metrden gowrak demir-beton önümleri öndürilip, gurluşyk meýdançalaryna ugradyldy we 103 göterime barabar ösüş depgini üpjün edildi. Beýik döwrümiziň döredijilik kuwwatynyň ruhunda netijeli hereket edýän bu zawodyň durky düýpli täzelendi, önümçilik ulgamlaryna häzirki zaman innowasion enjamlary ornaşdyryldy, täze bölümler işe girizildi. Tehniki-hojalyk işleriniň yzygiderli esasda geçirilmegi kärhanada dünýä ülňülerine gabat gelýän önümleri mukdar taýdan artdyrmaga, olaryň hilini has ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň depginlerini çaltlandyrmak, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny hem-de eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bagtyýarlyk döwri beýik gurluşyklaryň döwrüdir: ýurdumyzyň çar künjeginde binalaryňdyr desgalaryň hatary artýar, şeýdibem Arkadagly zamanamyzyň täze binagärlik keşbi kemala gelýär. Giň gerimde ýaýbaňlandyrylýan gurluşyklarda aglaba ýerli gurluşyk önümleri ulanylýar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýerli önümleriň öndürilişiniň artdyrylmagy gurluşyk bazaryny ýokary hilli senagat harytlary bilen ýeterlik mukdarda üpjün etmäge şert döredýär. Welaýat boýunça alnyp barylýan şeýle işlerde bu zawod ähmiýetli orun eýeleýär.

Kärhanada önümçilik-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň üstüni basyrmakda ulanylýan dürli ölçegdäki örtgüler, aýnagapylaryň çarhawlary, binýatlyk betonlar, demir-beton guýulary, içi boşlaw beton kerpiçleri, köçeleriň jähek daşlary, harytlyk betonlar, iri panelli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna niýetlenen dürli görnüşli önümler gönüden-göni gurluşyk meýdançalaryna ýetirilýär.

Sarp edijileriň gurluşyk serişdeleriniň has täze görnüşlerine bolan islegi artýar, önümleriň hiline talaby hem ýokarlanýar. Şeýle isleg-talaplar nazara alnyp, zawodda gurluşyk bölümi açyldy. Baý iş tejribesi bolan Jepbarberdi Tirkeşowyň ýolbaşçylyk edýän bu bölüminde sarp edijileriň her bir teklibine eserdeň garalýar. Kärhananyň işçi-hünärmenleri welaýat merkezinde dört gatly, 16 hem 32 öýli jaýlaryň birnäçesini gurup, ulanmaga berdiler. Häzirki wagtda olar şäheriň Şagadam, Oguzhan, O.Ärsaryýew köçeleriniň ugrunda dört gatly, köp otagly jaýlaryň 3-siniň gurluşygyny ýokary depginde dowam etdirýärler.

Bu ýerde işçileriň öndürijilikli işlemegi üçin ähli amatlyklar, howpsuz iş hem oňat dynç alyş şertleri döredilýär. Her bir işçiniň saglygyna aýratyn üns berilýär, zähmeti goramak hem tehniki howpsuzlyk okuwlary yzygiderli guralýar. Işçiler degişli tertipde ýörite geýimler, aýakgaplar hem gorag serişdeleri bilen mugt üpjün edilýär. Zawodyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Göwher Sabirowa şeýle çäreleriň işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem şert döredýändigini aýdýar. Netijede, senagat pudagynyň ösüşine saldamly goşant goşýan kärhanada «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başyndan işiň depgini günsaýyn ýokarlanýar.

Amanmyrat SAPAROW.

«Türkmenistan».

11.01.2022
Türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça 8-9-njy ýanwarda Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen duşuşyklar geçirildi.

Türkmenistanyň wekiliýeti Tähran şäheriniň Halkara howa menzilinde gadyrly garşylanyldy. Bu ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Safri ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowy mähirli garşylap, bu gezekki saparyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmeginde ähmiýetli boljakdygyna ynam bildirdi.

Howa menzilinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda möhüm meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy. Şunda ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň zerurdygy, hususan-da, syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň bar bolan ähli mümkinçiliklerini peýdalanmagyň möhümdigi barada aýdyldy.

Iş saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowy Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi kabul etdi. Eýranyň Lideri EYR-nyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylyk söýüjilikli syýasaty alyp barýan Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge we giňeltmäge ygrarlydygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda netijeli gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny has-da işjeňleşdirmek üçin zerur tagallalaryň ediljekdigi nygtaldy we köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň birinji Wise-Prezidenti Mohammad Mohber bilen duşuşdylar. Taraplar ýokary derejedäki gepleşikleriň netijesinde iki ýurduň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykandygyny nygtadylar. Bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda iki döwletiň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar ykdysadyýetleriň pugtalandyrylmagynda, şeýle hem özara düşünişmek esasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. Mundan başga-da beýleki ugurlaryň birnäçesi boýunça gatnaşyklary ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Türkmen wekiliýeti şeýle hem EYR-nyň Wise-Prezidenti Mohsen Rezaýi bilen duşuşyk geçirdi, onuň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar syýasy-diplomatik hem-de netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklara esaslanýan türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini bellediler.

Iş saparynyň dowamynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hosseýn Amir Abdollahiýan bilen duşuşdylar. Iki ýurduň abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň çäklerinde ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ygrarlydygy bellenildi.

Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ählumumy we sebit syýasatynyň möhüm ugurlary boýunça, hususan-da, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek ulgamynda garaýyşlaryň gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini kanagatlanma bilen bellediler. Şeýle hem ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de berkitmegiň möhümdigi bellenildi.

Türkmen wekiliýetiniň Eýranyň ýol we şäher gurluşyk ministri Rostam Gasemi bilen geçirilen duşuşygynda senagat, ulag hem-de kommunikasiýalar ugurlarynda, aýratyn-da, halkara we sebitara awtomobil hem-de demir ýol gatnawlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy.

Türkmen tarapy Eýranyň biziň ýurdumyz üçin esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlaryň biri bolup durýandygyny aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-eýran toparynyň möhüm orny bellenildi, geçen ýylyň oktýabr aýynda Tähran şäherinde bu toparyň 16-njy mejlisi geçirildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Eýranyň nebit ministri Jawad Owji bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ugurlary boýunça gazanylan döwletara ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň ugurlary, şol sanda nebit we gaz, nebiti gaýtadan işlemek ulgamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Taraplar söwda-ykdysady we energetika ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny aýtdylar.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň wekiliýetiniň türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary boýunça geçiren köp sanly duşuşyklary netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny tassyklady. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Seýed Ebrahim Raisiniň birek-birege ynanyşmak esasynda durmuşa geçirýän syýasaty netijesinde bu gatnaşyklar häzirki wagtda deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda barha okgunly häsiýete eýe bolýar.

(TDH)

10.01.2022
Türkmenistanda döwleti mundan beýläk-de ösdürmegiň 30 ýyllyk maksatnamasyny işläp taýýarlamaga girişilýär

Geçen hepdäniň wakalarynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, halk hojalyk toplumyny depginli ösdürmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan strategik maksatnamalarynyň yzygiderli amala aşyrylmagy özüniň aýdyň beýanyny tapdy. Bu maksatnamalar Diýarymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze üstünliklere tarap öňe gitmegine kuwwatly itergidir.

3-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz uçuş wagtynda ýurdumyzda çap edilýän metbugat neşirleriniň mazmuny bilen tanyşdy. Metbugat makalalarynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ilaty “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýen özboluşly mazmunly şygar astynda başlanan ýylda wajyp ýeňişleri gazanmak ugrunda öndürijilikli zähmet çekýär.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uçuşyň dowamynda telefon arkaly Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçysyna “Türkmenhowaýollary” agentliginiň işini kämilleşdirmek, onuň işine dünýäniň ösen tejribesini ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Mary welaýatynyň dolandyryş merkeziniň howa menzilinden dikuçarda tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan iri “Galkynyş” gaz känine tarap ugrady.

Döwlet Baştutanymyza sebitiň geljegi uly känleriniň çyzgylary görkezildi, şeýle hem ulgama daşky gurşawa zyýan ýetirmezden iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmek hem-de ekologik taýdan arassa energiýany işlemekde iň öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak barada habar berildi.

Uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryny öwrenmek hem-de özleşdirmek, ýurdumyzyň gaz pudagynyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, tebigy gazyň daşary ýurt bazarlaryna iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, täze nebit we gaz guýularyny burawlamak, hünärmenleri taýýarlamak meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz maslahatyň jemini jemläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biriniň — ýangyç-energetika toplumynyň işiniň döwletimiziň ykdysady özygtyýarlylygyny pugtalandyrýandygyny, pudakdaky maýa goýum taslamalarynyň bolsa özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, geljegi uly hasaplanylýan “Günorta Mary” meýdançasyny özleşdirmegiň wajypdygy aýratyn nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz geologik-gözleg we buraw işlerini işjeň alyp barmagyň, täze nebitgaz känlerini senagat taýdan özleşdirmegi güýçli depginlerde dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, “Ýaşlar” we “Garaköl” ýataklary bilen bilelikde umumy gorlary 27,4 trillion kub metr hasaplanan “Galkynyş” gaz käniniň tapgyrlaýyn esasda, uzak geljegi nazarlaýan anyk taslamalar arkaly özleşdirilýändigini belledi. Şol bir wagtyň özünde Diýarymyzyň beýleki gaz känleri hem düýpli özleşdirilýär.

Milli Liderimiz iş saparynyň dowamynda Mary welaýatynyň çägindäki öri meýdanlarynyň ýagdaýy bilen tanyşdy hem-de Ýolöten etrabynyň “Azatlyk” daýhan birleşigine degişli çopan goşuna geldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çopany Täze ýyl bilen gutlady hem-de özara söhbetdeşlikde onuň gündelik iş-aladalary, dowarlaryň gyşladylyşy we öňde boljak owlak-guzy möwsümi bilen baglanyşykly işler, netijeli zähmet çekmek üçin döredilýän şertler bilen gyzyklandy.

4-nji ýanwarda Mary welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saparyň jemlerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, sebitiň häkimi gatnaşdylar. Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, welaýatda bar bolan känlerde gazyň çykarylyşyny artdyrmagyň, Türkmenistanyň dünýäniň energetika bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň meselelerine garaldy.

Şunuň bilen baglylykda, gaz senagatynyň desgalaryny döwrebaplaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek, maýa goýumlary özleşdirmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek hem-de önümçiligiň ekologik tarapy barada aýdyldy. Geljegi uly uglewodorod meýdançalarynda geologik-gözleg işlerini geçirmek, bu ulgamyň ylmy-tehnologik kuwwatyny pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem “Galkynyş” gaz käninde “mawy ýangyjy” çykarmak, gaýtadan işlemek we ibermek boýunça ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berip, iň gowy dünýä tejribesiniň öwrenilmelidigine, pudaga öňdebaryjy usullaryň ornaşdyrylmalydygyna hem-de guramaçylykly çemeleşilmelidigine, daşary ýurtlaryň iri ýokary okuw mekdepleri, ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlyk etmek we tejribe alyşmak esasynda hünärmenleriň taýýarlanylmalydygyna ünsi çekdi.

Ýangyç-energetika toplumynyň, şol sanda geologik-gözleg edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, zerur bolan ýagdaýynda önümçilik desgalarynyň durkuny täzelemek hem-de täze taslamalary durmuşa geçirmäge maýa goýumlary çekmek boýunça anyk teklipleri taýýarlamak zerurdyr.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Lebap welaýatyna ugrap, şol ýerdäki “Malaý” gaz känine baryp gördi we bu ýerde ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, “Malaý” gaz känini döwrebaplaşdyrmak, onuň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak bilen bagly meseleler boýunça maslahat geçirdi.

Döwlet Baştutanymyza gaz känleriniň önüm berijiligini artdyrmak boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleri, täze guýulary gözlemegiň we ýüze çykarmagyň netijeleri barada hasabat berildi.

Mary we Lebap welaýatlarynyň çäklerinde täze ýüze çykarylan meýdançalarda ägirt uly möçberde gaz gorlarynyň bardygy çaklanylýar. Şeýle hem türkmen topragynyň gümmez gatlagyndan alynýan tebigy gaz ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýän, ekologik taýdan iň arassa gaz hökmünde ykrar edildi. Bu bolsa dünýä bazarlarynda türkmen tebigy gazyna bolan gyzyklanmanyň artmagyny şertlendirýär. Täze ýüze çykarylan gaz meýdançalarynyň senagat taýdan özleşdirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň gaz gorlarynyň mukdary 126 milliard kub metr artar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde üç esasy wezipäniň durýandygyny, olaryň nebitgaz pudagyny senagatlaşdyrmakdan, içerki sarp edijileri degişli önüm bilen üpjün etmekden hem-de eksport mümkinçiliklerini artdyrmakdan ybaratdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, pudaga häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna, ylym babatda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Soňra milli Liderimiz awtoulagda bu ýerden Garagum sährasynyň jümmüşine tarap ýola düşdi. Ýylyň bu paslynda Garagum sährasynda özboluşlylyk bar. Siňňin ýagan ýagşa ezilen sähranyň ösümlik dünýäsinde özüne çekijilik duýulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýolugra düýe sürüsiniň ýanynda saklandy. Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň “Ýeňiş” daýhan birleşiginiň düýe çopany milli Liderimizi gadyrly garşylady. Döwlet Baştutanymyz düýe çopany bilen salamlaşyp, onuň işi, mallarynyň, öri meýdanlarynyň ýagdaýy hem-de çopanyň maşgala durmuşy bilen gyzyklandy.

Sarwan kärende usulynda işleýändigini, onuň örän bähbitlidigini guwanç bilen aýtdy hem-de ähli oba hojalyk işgärleri, maldarlar üçin döwlet tarapyndan ýeňillikli şertleriň döredilýändigini aýratyn belledi we munuň üçin milli Liderimize hoşallyk bildirdi. Ol düýedarçylykdan döwlet tapandygyny, maşgala agzalary bolup bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýandyklaryny uly buýsanç bilen aýtdy.

5-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna guralan saparyň jemlerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Oňa Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýän Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) wekilleri-de gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, pudaga häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, içerki sarp edijileri degişli önümler bilen doly üpjün etmek, nebitgaz senagatynyň eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, “Malaý” we “Naýyp” gaz känlerine ýanaşyk çäklerde täze känleriň ýüze çykarylandygy hem-de “Malaý” gaz käninde çuňlugy 4 müň metr we “Demirgazyk Derwüş” meýdançasynda çuňlugy 3 müň 200 metr bolan gözleg hem-de barlag guýularyny gazmagyň meýilleşdirilýändigi barada habar berildi.

Bagajanyň kükürtli gazy arassalaýan we suwuklandyrylan gazy öndürýän desgasy doly kuwwatlylygynda işledilende, gaz kondensatynyň, suwuklandyrylan gazyň möçberleriniň artdyrylmagyna, tebigy gazyň bir gije-gündizde 2 million kub metr goşmaça möçberiniň çykarylmagyna garaşylýar.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde, “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilmegi hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, taryh üçin uzak bolmadyk döwrüň içinde türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen çykarmak boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy. Häzirki döwürde hem bu hyzmatdaşlyk oýlanyşykly, işjeň we maksada okgunly alnyp barylýar. Bu ugurda dünýäniň birnäçe döwletleri we iri kompaniýalary bilen netijeli işler ýola goýulýar. Şol hyzmatdaşlaryň arasynda Hytaý Halk Respublikasyna aýratyn möhüm orun berilýär.

Döwlet Baştutanymyz strategik häsiýetli türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň geljekde hem uzak möhletleýin esasda dürli ugurlar boýunça ösdüriljekdigini nygtady. Biziň maksadymyz ýurdumyzyň gymmatly baýlygy bolan uglewodorod serişdelerini Ýer ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmagyň, halklaryň abadan durmuşda ýaşamagynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine ulanmakdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

6-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi. Diplomat HHR-niň Başlygy Si Szinpiniň döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny we Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyny gowşurdy. Şeýle hem milli Liderimize Pekinde 2022-nji ýylyň 4 — 20-nji fewralynda geçiriljek XXIV Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çakylyk haty gowşuryldy.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň köp ýyllaryň dowamynda ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda, şol sanda energetika, ulag we kommunikasiýa, dokma hem-de himiýa senagaty ýaly möhüm ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy.

Nebitgaz pudagy däp bolan ykdysady gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biridir. Onda bilelikdäki wajyp taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi.

Şol bir wagtyň özünde hormatly Prezidentimiz mümkinçilikleriň köpdügine ünsi çekip, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny bilelikde işläp taýýarlamagyň zerurdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetine, şeýle hem onuň kiçi komitetlerine möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy. Bu düzümleriň netijeli işi ykdysady we maýa goýum gatnaşyklarynyň täze ugurlarynyň ýüze çykarylmagyna kömek edýär.

6-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurdumyzdaky wekilhanasynyň wezipä täze bellenen ýolbaşçysy Mohammad Faýýazini kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz we BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanasynyň ýolbaşçysy köpýyllyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

ÝUNISEF-niň wekili Türkmenistanda döwlet derejesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan saglygy goraýyş ulgamyna, aýratyn hem enäniň we çaganyň saglygyny goramaga uly üns berilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň Merkezi Aziýada epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjynyň hem-de Türkmenistanda Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa ylmy-önümçilik merkezini gurmak baradaky çözgüdiniň uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Bu çözgüt Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda beýan edildi.

Şeýle hem saglygy babatda mümkinçiligi çäkli çagalary goldamak boýunça alnyp barylýan işler, milli bilim ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de üstünlikli hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary barada aýdyldy.

7-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň täze ýylda geçiren ilkinji mejlisinde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, döwletimiziň hukuk we demokratik esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin ykdysady, maliýe we bank toplumlarynyň Iş meýilnamalaryny ylalaşmak boýunça görülýän çäreler, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda serhetýaka söwdany ýola goýmak, 2024-nji ýylda Parižde (Fransiýa Respublikasy) geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa hem-de XVII Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak barada maglumatlardyr hasabatlar berildi.

Ýangyç-energetika ulgamyndaky işleriň ýagdaýyna aýratyn üns berildi. Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ekologik taýdan arassalygy bilen has tapawutlanýan we Euro-6 standartlarynyň hil talaplaryna doly laýyk gelýän, A-98 kysymly täze awtoulag benzini öndürilip başlandy.

Niderlandlar Patyşalygynyň “Saybolt” kompaniýasynyň halkara barlaghanasynda geçirilen barlaglaryň netijesinde, bu önüme K5 ekologik talaplarynyň we Euro-6 standartlarynyň kadalaryna laýyk gelýändigi barada kepilnamalar berildi. Häzirki wagtda A-98 kysymly awtoulag benzinini nebit önümleriniň täze görnüşi hökmünde “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan döwlet reýestrine girizmek hem-de laýyklyk sertifikatyny resmileşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz täze tehnologiýalaryň, nou-haularyň hem-de dünýäniň ösen tejribesiniň ornaşdyrylmagy netijesinde, ekologik taýdan arassa täze önümiň çykarylyp başlanandygy baradaky habary kanagatlanma bilen kabul etdi hem-de munuň bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijesidigini aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz türkmen topragynyň örän baý tebigy-çig mal serişdelerinden islegli önümleriň öndürilişiniň yzygiderli depginini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda ösümlikleri goramagyň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň hödürlenen taslamasynyň wajypdygyny belledi. Bu maksatnamanyň çäklerinde amala aşyrylmaly çäreleriň ylmy esaslaryny işläp düzmek, ösümlikleri goramagyň agrotehniki, himiki we biologik usullaryny ulanmagy kämilleşdirmek, ösümlikleri goramagyň serişdelerini synagdan geçirmek we hasaba almak göz öňünde tutulýar. Döwlet Baştutanymyz ony ýene-de bir gezek täzeden seljermegi hem-de degişli düzümler bilen ylalaşmagy tabşyrdy.

Milli Liderimize Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Algap” hususy kärhanasy bilen bilelikde döredilen “Senagattehnologiýalary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň aýna owuntyklaryndan öndüren kompozit armaturasynyň nusgalary görkezildi. Önümiň nusgalyk tapgyryna degişli döwlet edaralaryndan hil, laýyklyk we howpsuzlyk güwänamalary alyndy.

Geljekde paýdarlar jemgyýeti tarapyndan polat görnüşiniň ornuny tutýan dürli ölçegdäki kompozit armaturasynyň önümçiligini has-da giňeltmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, bu pudaklar tarapyndan bazalt çig malyndan kompozit armaturasyny öndürmek boýunça hem guramaçylyk işleri alnyp barylýar.

Döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly kwars çägesinden aýna süýümini we ondan dürli ölçegdäki kompozit gurluşyk armaturasyny öndürmek meýilleşdirilýär.

Milli Liderimiz ýerli çig maldan kompozit gurluşyk armaturasynyň nusgalary bilen tanşyp, ekologiýa taýdan arassalygy, ykdysady taýdan elýeterliligi bilen tapawutlanýan önümçiligiň ýola goýulmagynyň daşary ýurtlardan getirilýän polat armaturanyň möçberini azaltmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berjekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýerli çig maldan täze önümiň synag hökmünde çykarylandygy baradaky habary kanagatlanma bilen kabul edip, ugurdaş edaralar bilen bilelikde kompozit armaturasynyň berkligini synap görmegi hem-de ýokary hiliniň tassyklanan ýagdaýynda, bu işe hususy telekeçileri hem işjeň gatnaşdyryp, onuň giň önümçiligini ýola goýmagy çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Türkmen alabaýyny wasp edýän milli nagyşlary ylmy taýdan öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler mejlisde garalan meseleleriň biri boldy. Slaýdlardan peýdalanmak arkaly gadymy türkmen halylarynyň gölleri hem-de ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geçirilen arheologik işleriň dowamynda tapylan alabaýyň we tazynyň şekilleri görkezildi.

Bellenilişi ýaly, alnyp barylýan işleriň netijeleri türkmen alabaýynyň dünýäde şan-şöhratyny artdyrmaga ýardam berer. Şeýle hem türkmen alabaý itlerini terbiýelemegiň we köpeltmegiň milli aýratynlyklary babatda hödürnamany ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşmak üçin taýýarlanýan maglumatlaryň üstüni ýetirer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasynyň has düýpli öwrenilmegine we aýawly goralyp saklanylmagyna, ýaş nesle geçirilmegine ýardam berýän ylmy-barlaglaryň yzygiderli dowam etdirilmeginiň möhümdigini nygtady hem-de amaly sungatyň bu ugruny öwrenmek üçin ýokary okuw mekdepleriniň, aýratyn-da, ynsanperwer ugurly mekdepleriň okuw maksatnamasyna girizmegi, bu gymmatly mirasy gorap saklamak işlerine alymlary, şeýle hem Milli Geňeşiň agzalaryny çekmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi (HEB) bilen birnäçe anyk ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de 2022-nji ýyl üçin degişli Iş meýilnamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Türkmenistanyň Milli kiberhowpsuzlyk strategiýasynyň hem-de ony amala aşyrmagyň Hereketler meýilnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak teklip edildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň birinji ýarymynda HEB bilen Türkmenistanyň degişli döwlet edaralarynyň arasynda olaryň işini kämilleşdirmek meseleleri boýunça yzygiderli maslahatlaşmalary geçirmek, milli kiberhowpsuzlyk türgenleşiklerini guramak hem-de sebit derejesinde geçirilýän kibertürgenleşiklere gatnaşmak, ilatyň arasynda kiberhowpsuzlyk meseleleri boýunça düşündiriş işlerini geçirmek teklip edildi. Munuň özi ýurdumyzyň Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi tarapyndan dolandyrylýan Global kiberhowpsuzlyk indeksi boýunça tutýan ornuny ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Şunuň bilen baglylykda, “Elektron hökümetiň” ýola goýulmagy milli ykdysadyýetimiziň sanly ulgama geçirilmeginiň esasy ugry bolup durýar. Birleşigiň bu babatda toplan tejribesine esaslanyp, 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde HEB-niň hünärmenleriniň gatnaşmagynda pudagara duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýurdumyzyň degişli hünärmenleri, tehniki işgärleri we talyplary üçin aýratyn okuw maksatnamasyny işläp taýýarlamak teklip edildi. Bu maksatnama halkara maglumat, kommunikasiýa we aragatnaşyk ulgamlarynda dünýä derejesinde toplanan tejribeler bilen tanyşmak we döwletimizde ornaşdyrmak üçin okuw çärelerini öz içine alar.

Milli Liderimiz Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça beýan edilen teklipleri makullap, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz awiasiýa işini ygtyýarlylandyrmak baradaky Düzgünnamany tassyklady hem-de 8-9-njy ýanwarda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetini syýasy we ykdysady meseleler boýunça netijeli gepleşikleri geçirmek üçin, Eýran Yslam Respublikasyna gulluk iş saparyna ibermek baradaky Buýruga gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň jemini jemläp, Hökümetiň agzalarynyň ünsüni öňde duran gaýragoýulmasyz wezipelere çekdi.

Şu ýyl biz köp sanly iri desgalary ulanmaga bermeli. Şolaryň arasynda biziň üçin uly we möhüm bolan Ahal welaýatynyň edara ediş merkezi hem bar. Bu ýerde işler tamamlanyp barýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şoňa görä-de, göz öňünde tutulan işleri bellenen möhletde hem-de ýokary hilli tamamlamak maksady bilen, milli Liderimiz ýüze çykýan soraglara gyssagly seretmek we çözmek üçin, bu ýerde her hepdede maslahat geçirmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy hem-de degişli toparyň düzümi baradaky çözgüdi beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň örän möhüm pudaklarynyň biridigini aýdyp, şoňa görä-de, täze ýyly Mary we Lebap welaýatlaryna iş saparyndan başlandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýakyn wagtda ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryna hem baryp görmegi göz öňünde tutýandygyny belläp, mähriban halkymyzyň bähbidine Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň ägirt uly gorlary bolan uglewodorod serişdelerini özleşdirmek üçin, ähli zerur şertleriň döredilýändigini we geljekde hem dörediljekdigini nygtady.

Milli Liderimiz Derweze sebitindäki gaz krateriniň ýangynyny söndürmek boýunça çäreleri görmegi tabşyrdy. Bu ýerde köp ýyllaryň dowamynda tebigy gazyň uly möçberi ýanyp dur, bu bolsa ekologiýa hem-de golaýyndaky ýaşaýan adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir edýär. Mundan başga-da, eksport edip halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ep-esli möçberde girdeji alyp boljak çig malymyz ýitirilýär.

Döwlet Baştutanymyz bu meseläni çözmäge alymlary, eger gerek bolsa, daşary ýurtly geňeşdarlary hem çekmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýene-de bir uly maksatnamanyň üstünde işlemegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda biz mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny giňden belläp geçdik. Garaşsyzlyk biziň gazanan beýik üstünliklerimiziň binýadydyr. Geçen 30 ýylyň içinde ýurdumyzda örän köp işler bitirildi, taryhy taýdan şu gysga döwürde biz ägirt uly üstünlikleri gazandyk diýip, milli Liderimiz nygtady.

Umuman, biz Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanynda hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň gerimli durmuş, syýasy we ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirdik. Syýasy taýdan durnukly we agzybir jemgyýetimizde mähriban halkymyz öz bellän maksatlaryny ynamly amala aşyrdy diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de şeýlelikde, durnukly syýasy, ykdysady we durmuş taýdan ösüşi gazanmagyň başardandygyny belledi.

Biz döwletimiziň ykbaly, nesillerimiziň geljegi üçin uly jogapkärçilik çekýäris. Şoňa görä-de, indi biziň öňümizde şeýle uly wezipe durýar: biz döwletimizi we onuň institutlaryny geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemelidiris hem-de düzmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz fewral aýynyň başynda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmegi teklip etdi. Mejlisde geljek 30 ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamasyna seretmeli we ony tassyklamaly. Şeýle hem 2021-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerini jemläp, şu ýyl üçin wezipeleri kesgitlemeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli tabşyrygyna laýyklykda, 8-9-njy ýanwarda türkmen wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherine iş saparyny amala aşyrdy we şol ýerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary boýunça duşuşyklary geçirdi.

Umuman, “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda başlanan 2022-nji ýylyň birinji iş hepdesiniň wakalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň dünýä bileleşigi bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmeginiň durnukly ulgamyny kemala getirmäge, milli ykdysadyýetimizi yzygiderli pugtalandyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine durmuşa geçirilýän özgertmelere gönükdirilen syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada hemmetaraplaýyn maglumat berdi.

(TDH)

10.01.2022
Ýyllar üstünliklere beslenýär

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçen 2021-nji ýyl ýurdumyzyň taryhynda her birimiziň kalbymyzda hemişelik galjak şanly wakalara beslenen ýyllaryň biri boldy. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bu ýyly hem syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly, halkyň abadan geljegi üçin gurýan, döredýän, döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrýan ýurt hökmünde uly abraýa eýe boldy. Şunda gazanylan ösüş-özgerişleriň gözbaşynda parasatly, öňdengörüji milli Liderimiziň irginsiz tagallalarynyň durandygyny halkymyz biragyzdan ykrar edýär. Bu hakykat 2022-nji ýylyň şygarynyň bagtyýar raýatlarymyzyň isleg-arzuwlary esasynda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmeginde hem aýdyň görünýär.

Täze ýyla gadam basylan günlerde biz, adatça, tamamlanan ýylda bitirilen işlere ser salyp, geljek üçin anyk maksatlary kesgitleýäris. Bu babatda aýdylanda, 2021-nji ýylyň Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda oňyn netijeleriň gazanylan, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmak, ýurdumyzy dünýäniň ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriniň birine öwürmek, Diýarymyzyň sebitde hem-de halkara giňişlikde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça ägirt uly işleriň amal edilen ýyly hökmünde ýatda galjakdygy ikuçsuzdyr. Bular barada Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň geçen ýylyň 27-nji dekabrynda geçirilen bilelikdäki jemleýji mejlisinde-de, hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna Täze ýyl mynasybetli Gutlagynda-da jikme-jik durlup geçildi.

Ýyllaryň ýyla sepleşip, adamzadyň durmuş senenamasynyň bitewi zynjyryny emele getirýändigine garamazdan, olar aýry-aýry wakalar, hakydalarda ömürlik galýan pursatlar bilen biri-birinden tapawutlanýarlar. Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň şanyna dabaralandyrylan wakalara, döwletli tutumlara beslenmegi türkmen halky üçin 2021-nji ýylyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Şol ýyl milli senenamamyzyň naýbaşy baýramyny — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesini buýsanç bilen belledik. 11-nji dekabrda baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, paýtagtymyzda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahat ýokary derejede geçirildi. Bu bolsa, öz gezeginde, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň şol günlerde döreden «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly goşgusy bu gün Ýer ýüzüniň ähli döwletlerine we halklaryna birek-birege hormat goýmaga, özara ynanyşmak medeniýetini has-da berkitmek ugrunda tagallalary birleşdirmäge çagyryş bolup ýaňlanýar. Golaýda bolsa Gahryman Arkadagymyz ýene bir ajaýyp eserini — çuňňur watançylyga ýugrulan «Jan Watanym Türkmenistan!» atly goşgusyny halkymyza serpaý berdi.

Milli Liderimiz Täze ýyl Gutlagynda: «Nesip bolsa, biz merdana halkymyz bilen el-ele berip işläp, täze ýyly hem yhlasly zähmetimiz arkaly uly üstünliklere besläris. Ata Watanymyza belent buýsanjymyz, geljege berk ynamymyz, aýdyň maksatlarymyz bilen has uly sepgitlere ýeteris» diýip nygtady.

Biz bu aýdylanlaryň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda aýdyň durmuş hakykatyna öwrülýändigine onuň ilkinji günlerinden şaýat bolýarys. Gahryman Arkadagymyzyň Mary we Lebap welaýatlaryna iş saparlary, 7-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň täze ýyldaky ilkinji mejlisinde kabul edilen çözgütler Arkadagly halkymyzyň bagtyýarlygyny, durnukly ösüş ýolundan öňe barýandygyny görkezdi.

Ýeri gelende, sanly ykdysadyýeti, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, Türkmenistanyň Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleriň rowaçlanýandygyny bellemek ýakymlydyr. Bu ugurdaky işler ýurdumyzyň Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi tarapyndan dolandyrylýan Global kiberhowpsuzlyk indeksi boýunça tutýan ornuny ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Goý, ýylymyzyň ajaýyp şygary döwrümize şan berip, ýurdumyzy täze belentliklere ýetirsin!

Azatnepes ANNANEPESOW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.

10.01.2022
Türkmen-hytaý gatnaşyklary: ýaşlar bilen beýik geljege tarap

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Hytaý Halk Respublikasynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli, onlaýn duşuşyk geçirildi. «Dostluk taryhy boýunça ýaşlar maslahaty» ady bilen geçirilen bu duşuşyga Özbegistan, Täjigistan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikalarynyň we Türkmenistanyň Ýaşlar guramalarynyň ýolbaşçylary, işjeň agzalary, Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri hem-de ady agzalan döwletleriň Hytaýdaky ilçileri gatnaşdylar. Çäräniň esasy maksady sebitiň ýaşlarynyň hyzmatdaşlygyny ösdürmekden, medeni alyş-çalyş we telekeçilik innowasiýalarynda ýaşlaryň işjeňligini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan eziz Watanymyz dünýäniň öňdebaryjy döwletleri bilen özara peýdaly, birek-birege ynanyşmak hem hormat goýmak ýörelgelerine daýanýan hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Öz köklerini has uzakdan alyp gaýdyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga hem dostluga esaslanýan türkmen-hytaý gatnaşyklary Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has uly ösüşlere eýe bolýar.

Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşydyr. Biziň döwletlerimizi syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky oňyn gatnaşyklar birleşdirýär. Türkmenistan we Hytaý abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde ählumumy howpsuzlygy, durnuklylygy we üznüksiz ösüşi üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek ýörelgesine ygrarlydyr. Hytaý Halk Respublikasy milli Liderimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlaryny goldaýar, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk derejesine esaslanyp, daşary syýasat boýunça ýöredýän ugruna hormat bilen garaýar.

Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň strategik ugry hasaplanýan ylym-bilim we medeni ulgamlarda ikitaraplaýyn oňyn gatnaşyklar netijeli alnyp barylýar. Hyzmatdaşlygyň ýeten häzirki belent derejesi berk binýada, baý tejribä eýe bolmak bilen, ösüşiň, abadançylygyň hatyrasyna iň gymmatly pikirleri, möhüm başlangyçlary durmuşa geçirmäge, täze mümkinçilikleri herekete girizmäge ukyplydyr. Onlaýn duşuşygyň dowamynda şular barada, şeýle hem ylymda, bilimde, medeniýetde, sungatda, hususyýetçilik ulgamynda ýaşlaryň işjeňligini ýokarlandyrmakda mundan beýläk-de alnyp barylmaly işler hakynda täsirli gürrüň edildi we tejribe alşyldy.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bölüm müdiri.

08.01.2022
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 7-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň täze ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. G.Mämmedowa milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek, döwletimiziň hukuk we demokratik esaslaryny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Mejlisiň iş toparlarynda hormatly Prezidentimiziň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamalara laýyklykda birnäçe kanunlary we kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak dowam edýär. Şolaryň hatarynda notarial işi kadalaşdyrmaga, energiýany rejeli ulanmaga, ýerli öz-özüňi dolandyrylyşy kämilleşdirmäge gönükdirilen kanunlaryň taslamalary hem-de hereket edýän kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly kanunlaryň taslamalary bar.

Döwlet maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, Mejlisiň 2022-nji ýyl üçin kanunçykaryjylyk işiniň meýilnamasy taýýarlanyldy.

Deputatlar döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny, 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýen şygaryny wagyz etmek, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny düşündirmek boýunça işleri amala aşyrýarlar.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew Diýarymyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny yzygiderli ösdürmek, durmuş ugurly döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça Mejlis, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, önümçilik kärhanalaryň hem-de ylmy edaralaryň hünärmenleri bilen bilelikde geçirilýän toplumlaýyn işler barada maglumat berdi.

Milli Liderimiziň baştutanlygynda türkmenistanlylaryň halkymyzyň erk-islegi bilen “Halkyň Arkadagly zamanasy” atlandyrylan şygar astynda geçýän 2022-nji ýyly uly ruhubelentlik bilen garşylandyklary bellenildi. Halk Maslahatynyň agzalary ajaýyp wakalar bilen baglylykda, maslahatlara we duşuşyklara gatnaşdylar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanunçykaryjylyk işini mundan beýläk-de döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny göz öňünde tutmak bilen alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetmiziň ähli pudaklaryny depginli ösdürmegiň we umuman, türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň bähbitlerine kanunçylyk binýadyny geljekde-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz umumy ykrar edilen halkara hukuk resminamalarynyň üstünde düýpli işlemegiň, olary döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, milli kanunçylyk tejribesinde göz öňünde tutmagyň möhümdigini nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, Türkmenistanyň ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny ylalaşmak boýunça çäreler barada hasabat berdi.

Degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işi ýurdumyzda makroykdysady durnuklylygy üpjün etmek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy dowam etmek, ýurdumyzyň, şol sanda sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşini seljermek, maýa goýum syýasatyny kämilleşdirmek hem-de işjeňligi we netijeliligi artdyrmak, maliýe-ykdysady, býujet-salgyt, pul-karz syýasatlary babatda maslahatlary guramak bilen baglanyşykly wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Bank we ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň, maliýe bazarlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, standartlaşdyryş ulgamyny ösdürmäge, milli statistika edaralarynyň işini kämilleşdirmäge, döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmaga, daşary ykdysady işleri ösdürmäge, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, hususy telekeçiligi goldamaga we beýlekilere uly üns berilýär.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji martyndaky Karary bilen tassyklanylan Düzgünnama laýyklykda, Ýokary gözegçilik edarasynyň 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň taslamasy işlenip düzüldi, şol taslama döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşyny gözegçilikde saklamagyň, döwrüň ýagdaýlaryny, sanly ykdysadyýetiň kemala getirilişini, şeýle hem bu ulgamda hereket edýän halkara ölçegleri göz öňünde tutup, orta möhletli geljek üçin pudaklary ösdürmegiň meýilnamalaryna düzedişleri girizmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak işini çaltlandyrmagyň wajypdygyny belläp, bu işleri alyp barmagyň ýurdumyzy ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de telekeçiligi depginli ýokarlandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bularyň ählisiniň türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna oňyn täsir etjekdigini aýdyp, wise-premýere anyk görkezmeler berdi.

Döwlet Baştutanymyz Ýokary gözegçilik edarasynyň 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna ünsi çekip, bu ugurda öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin anyk çäreleri durmuşa geçirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän ýangyç-energetika toplumynda işleriň ýagdaýy, hususan-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebit önümleriniň täze görnüşlerini öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda bu ýerde çig nebiti gaýtadan işlemek hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleri öndürmek boýunça işler alnyp barylýar. Euro-6 standartlarynyň hil talaplaryna doly laýyk gelýän, ekologik taýdan has arassalygy bilen tapawutlanýan täze A-98 kysymly awtoulag benzini öndürilip başlandy.

Wise-premýer Niderlandlar Patyşalygynyň “Saybolt” kompaniýasynyň halkara barlaghanasynda geçirilen barlaglaryň netijesinde bu önümiň K5 ekologik talaplaryň we Euro-6 standartlarynyň kadalaryna laýyk gelýändigi barada kepilnamalaryň berlendigini habar berdi. Häzirki wagtda nebit önümleriniň täze görnüşi hökmünde “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan döwlet reýestrine girizmek hem-de laýyklyk sertifikatyny resmileşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz täze tehnologiýalaryň, nou-haularyň hem-de dünýäniň ösen tejribesiniň ornaşdyrylmagy netijesinde, ekologik taýdan arassa täze önümiň çykarylyp başlanandygy baradaky habary kanagatlanma bilen kabul etdi hem-de munuň bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijesidigini aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz türkmen topragynyň örän baý tebigy-çig mal serişdelerinden islegli önümleriň öndürilişiniň yzygiderli depginini belledi.

Milli Liderimiz Watanymyzyň iri nebitgaz känlerine eýedigini nazarda tutanyňda, ýurdumyzda ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin hemme şertleriň döredilmelidigini nygtady.

Hususan-da, döwlet Baştutanymyz dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmek, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, uly tejribä we kuwwata eýe bolan meşhur daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmek ýaly ugurlara ünsi çekdi hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmek we azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça göz öňünde tutulan wezipeleri amala aşyrmak bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

«Ösümlikleri goramak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ösümlikleri goramagyň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu maksatnamanyň çäklerinde amala aşyrylmaly çäreleriň ylmy esaslaryny işläp düzmek, ösümlikleri goramagyň agrotehniki, himiki we biologik usullaryny ulanmagy kämilleşdirmek, ösümlikleri goramagyň serişdelerini synagdan geçirmek we hasaba almak göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda daşary ýurt hyzmatdaşlar we halkara guramalar bilen ylmyň öňdebaryjy tejribeleri boýunça okuw maslahatlaryny geçirmek meýilleşdirilýär.

Ösümlikleri goramagyň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň taslamasyna laýyklykda, ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasyny kesgitlemek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna ýurdumyzda ösümlikleri kesellerden, zyýankeşlerden, haşal otlardan ygtybarly gorap saklamak we bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek maksady bilen işlenilip taýýarlanylan Türkmenistanda ösümlikleri goramagyň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň degişli taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, soňky ýyllarda obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady, çünki bu toplum ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biri bolmak bilen, ýurdumyzy öňdebaryjy tehnologiýaly senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge ýardam edýär.

Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumyna ýokary netijeli tehnologiýalary we öňdebaryjy ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary işjeň ornaşdyrmagyň möhümdigini nygtap, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet ekologiýa strategiýasynyň mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleriň üpjün edilmegini, tebigy baýlyklary aýawly ulanyp, geljekki nesiller üçin saklanylmagyny, bu ulgamda sebit we halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini kesgitleýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen teklibiň örän wajypdygyny belläp, onuň ýene-de bir gezek seljerilmelidigini we degişli düzümler bilen ylalaşylmalydygyny aýdyp, wise-premýere möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, suw serişdelerini rejeli ulanmak bilen baglanyşykly birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän polat armaturanyň ornuny tutýan kompozit gurluşyk armaturasynyň önümçiligini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň telekeçilerini goldamak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek boýunça toplumyň ministrlikleri tarapyndan degişli işler alnyp barylýar.

Aýna owuntyklaryndan gurluşykda ulanylýan kompozit armaturasyny öndürmek boýunça Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Algap” hususy kärhanasy bilen bilelikde döredilen “Senagattehnologiýalary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde önümiň nusgalyk tapgyry öndürilip, oňa degişli döwlet edaralaryndan hil, laýyklyk we howpsuzlyk güwänamalary alyndy.

Geljekde paýdarlar jemgyýeti tarapyndan polat görnüşiniň ornuny tutýan dürli ölçegdäki kompozit armaturasynyň önümçiligini has-da giňeltmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, bu pudaklar tarapyndan bazalt çig malyndan kompozit armaturasyny öndürmek boýunça hem guramaçylyk işleri alnyp barylýar.

Döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly kwars çägesinden aýna süýümini öndürmek we ondan polat armaturasynyň ýylda 15 müň tonnasynyň ýerini tutýan, dürli ölçegdäki kompozit gurluşyk armaturasyny öndürmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda ýurdumyzyň sarp edijilerini daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümler bilen doly üpjün etmäge ukyply kuwwatly önümçilik binýadyny döretmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz ýerli çig maldan kompozit gurluşyk armaturasynyň nusgalary bilen tanşyp, ekologiýa taýdan arassalygy, ykdysady taýdan elýeterliligi bilen tapawutlanyp, bu önümçiligiň ýola goýulmagynyň daşary ýurtlardan getirilýän polat armaturasynyň möçberini azaltmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berjekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýerli çig maldan täze önümiň synag hökmünde çykarylandygy baradaky habary kanagatlanma bilen kabul edip, ugurdaş edaralar bilen bilelikde kompozit armaturasynyň berkligini synap görmegi hem-de ýokary hiliniň tassyklanan ýagdaýynda, onuň giň önümçiligini ýola goýmagy çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika toplumynda hem-de gurluşyk önümçiliginde bu işi utgaşdyrmak, onuň ylmy esaslandyrmasyny taýýarlamak barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklar berildi.

Milli Liderimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak syýasaty bilen baglylykda, ýurdumyzyň senagatynyň kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmagyň hem-de daşary ýurtlaryň harytlary bilen bäsdeşlige ukyply ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginiň artdyrylmagynyň ähmiýetini nygtap, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary, şol sanda bu işe döwlete dahylsyz ulgamyň wekillerini işjeň çekmek boýunça görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda serhetýaka söwdany ýola goýmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer milli Liderimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, goňşy döwletler, hususan-da, Özbegistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek boýunça çäreleriň görülýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna resmi saparynyň dowamynda 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda gol çekilen serhetýaka Söwda merkezi, özara söwda we maýa goýumlar baradaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi garamagyndaky düzümler bilen bilelikde bu ugurda degişli işleri alyp barýar.

Şol sanda serhetýaka söwda zolagynyň, ugurdaş desgalaryň meýdanyny we ýerleşjek ýeriniň çäklerini kesgitlemek, olary ýerleşdirmegiň çyzgylaryny işläp taýýarlamak, halkara hem-de sebit lomaý söwdasy, harytlaryň geçişi, gözegçiligi baradaky düzgünler hakyndaky Tertibiň taslamalaryny milli kanunçylygymyza laýyklykda işläp düzmek hem-de beýlekiler göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu gün Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan köptaraply gatnaşyklarynyň täze üstünliklere beslenendigini belledi.

Milli Liderimiz ýokary derejedäki duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň, geljegi uly meýilnamalaryň iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy täze sepgitlere çykarmaga gönükdirilendigini nygtady.

Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda özara söwdanyň görnüşlerini giňeltmek hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek wezipeleri durýar. Umuman, bu ulgamda hyzmatdaşlyk ähli babatda yzygiderli ösdürilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, bu babatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň çäklerindäki gatnaşyklara hem-de iki döwletiň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşyklaryna uly ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Özbegistan bilen hyzmatdaşlyga onuň geljegi we häzirki mümkinçiliklerdir iki doganlyk halkyň arasyndaky taryhy gatnaşyklar nazara alnyp, möhüm ähmiýet berilýändigini nygtap, iki döwletiň arasynda serhetýaka söwdasyny ýola goýmak baradaky teklibi makullady hem-de wise-premýere bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa türkmen alabaýyny wasp edýän milli nagyşlary ylmy taýdan öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen alabaýy” diýen kitaby itleriň şu tohumy bilen baglanyşykly taryhy wakalary hem-de milli medeni ýörelgeleri we däp-dessurlary ylmy taýdan yzygiderli öwrenmek üçin kuwwatly çeşme bolup hyzmat edýär.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geçirilen arheologik barlaglaryň netijesinde taryhçylar türkmen alabaýynyň galdyran yzlaryny, şeýle hem onuň gadymy haly göllerindäki şekillerini ýüze çykardylar.

Wise-premýer slaýdlary peýdalanmak bilen, şonuň ýaly gölleriň biziň eýýamymyzdan öňki VII — V müňýyllyklara degişli birnäçesini görkezdi. Şolaryň hatarynda Gökdepe etrabynyň Gökdepe obasynyň töweregindäki gadymy daş asyryna degişli bolan Pessejikdepe ýadygärliginiň diwar bezeginde ýüze çykarylan byçgynyň dişiniň şekilinde setir bolup gidýän öýjagazlary suratlandyrýan “It ýatak” göli bar.

Häzirki wagtda bu gadymy nagşyň Ahal halylarynyň älem zolagynda çitilýändigi sebäpli, ol halkyň arasynda “Älem nagşy” diýlip hem atlandyrylýar. Balkan halylaryndaky gölüň bolsa bürgüdiň dyrnagyna meňzeýändigi sebäpli, ol “Dyrnakgöl” nagşy diýlip atlandyrylýar.

Türkmen alabaýyny wasp edýän ýene-de bir gadymy göl “Güjük yzy” gölüdir. Arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çägindäki IX — XIV asyrlara degişli Şähryslam ýadygärliginde türkmen alabaýynyň penjesiniň yzy ýüze çykaryldy. Gadymy ynanja görä, bu göl ynsanyň saglygyny we onuň öý-ojagyny, mal-mülküni dürli howplardan goraýar. Şol sebäpli, bu göli türkmeniň ak öýüniň gapysynyň iç ýüzünden asylýan eňsi halylarynda görmek bolýar.

Türkmen halylaryny, palaslary, keçeleri we beýleki nepis el işlerini bezeýän iň gadymy nagyşlaryň biri hem “Tazyguýruk” gölüdir. Ol halylaryň gyra nagyşlarynyň biri hökmünde gapynyň içki tarapynda asylýan haly önümleriniň merkezine çitilýän gölleriň gyralaryna jäheklenýär. Ata-babalarymyz bu göl gözden-dilden goraýar diýip hasap edipdirler.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän, IX — XIV asyrlara degişli Şährihaýbar ýadygärliginde türkmen alymlary tarapyndan tazynyň guýrugynyň şekili çekilen şakäsäniň bölegi tapyldy. Munuň özi bu sebitde gadymy döwürlerden bäri türkmen alabaýynyň we awçy tazylarynyň ösdürilip ýetişdirilendigi baradaky çaklamany tassyklaýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň muzeýlerinde türkmenleriň amaly sungatynyň, şeýle hem XIX — XX asyrlara degişli “It ýatak”, “Tazyguýruk”, “Güjük yzy” ýaly gadymy göller çitilen halylaryň we haly önümleriniň gadymy nusgalaryny gorap saklamak, öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Bu ylmy işler türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermäge, itleriň bu tohumynyň galdyran taryhy yzlaryny ylmy taýdan has düýpli öwrenmäge hem-de ýaşlarymyzda milli mirasymyz babatynda düşünjeleriň baýlaşmagyna ýardam berer. Mundan başga-da, täze ylmy maglumatlar türkmen alabaý itlerini terbiýelemegiň we köpeltmegiň milli aýratynlyklary babatda hödürnamany ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşmak üçin taýýarlanýan maglumatlaryň üstüni ýetirer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasynyň has düýpli öwrenilmegine we aýawly goralyp saklanylmagyna hem-de ýaş nesle geçirilmegine ýardam berýän ylmy-barlaglaryň yzygiderli dowam etdirilmeginiň möhümdigini nygtady.

Ene-mamalarymyzyň dokan nepis haly göllerinde türkmen durmuşynyň ähli ugurlary beýan edilýär. Her bir milli nagyşda we gölde ata-babalarymyzyň pähimleri we toplan bilim-düşünjeleri jemlenendir, şoňa görä-de, biz olara hem-de umuman, tutuş taryhymyza sarpa goýmak bilen, özümize galdyrylan gymmatly mirasy geljekki nesillere ýetirmelidiris. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, amaly sungatyň bu ugruny öwrenmek üçin ýokary okuw mekdepleriniň, aýratyn-da, ynsanperwer ugurly mekdepleriň okuw maksatnamasyna girizmegi, bu gymmatly mirasy gorap saklamak işlerine alymlary, şeýle hem Milli Geňeşiň agzalaryny çekmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz türkmen alabaýynyň waspyny ýetirýän maglumatlary giňden wagyz etmek maksady bilen, bu babatda wekilçilikli halkara maslahatynyň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara onuň dowamynda arheologiýa tapyndylary, şeýle hem türkmen alabaýynyň keşbi şekillendirilýän halylaryň we haly önümleriniň nagyşlary hem-de gölleri bilen jemgyýetçiligi tanyşdyrmak barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew 2024-nji ýylda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa hem-de XVII Paralimpiýa oýunlaryna ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamagyň we olaryň gatnaşmagynyň meseleleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldaw bermegi netijesinde, ýurdumyzda ilaty sagdyn durmuş ýörelgesine çekmek, döwlet derejesinde bedenterbiýäni we sporty goldamak, wagyz etmek hem-de ösdürmek, ony dünýä derejesine çykarmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýär.

Gysga döwrüň içinde Türkmenistan dünýä we yklym derejesindäki möhüm halkara ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Milli Liderimiziň sport arkaly parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrýan nusgalyk başlangyçlary bilen Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa geňeşi ýaly iri halkara sport guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Tokio — 2020 Olimpiýa oýunlarynyň tejribesinden ugur alyp, 2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa hem-de XVII Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak we olaryň bu halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmagy, milli ýygyndy toparlary toplumlaýyn esasda taýýarlamak boýunça maksatnamany hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň türgenlerini taýýarlamak we olaryň ussatlygyny kämilleşdirmek hem-de ýokary netije gazanmaklary üçin zerur şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, parahatçylygy we abadançylygy alamatlandyrýan sport toýuna — Parižde geçiriljek Tomusky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda sporty ösdürmek boýunça geçirilýän işleriň wajypdygy bellenildi. Häzirki döwrüň şertlerine laýyklykda, sport parahatçylygyň ilçisi hem-de halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr. Geçen ýylyň ýanwarynda tassyklanan Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasy hem şuňa gönükdirilendir. Bu maksatnamanyň esasy ugry ýokary derejeli türgenleri, ussat tälimçileri we beýleki ugurdaş hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr.

Bu gün dünýä derejesindäki uly ýaryşlarda Türkmenistana mynasyp wekilçilik edýän hem-de ýurdumyzyň sport abraýynyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýan ýaş we zehinli türgenleriň ýeňişleri milli sport ulgamynda özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri makullap, biziň türgenlerimiziň mundan beýläk-de ata Watanymyzyň sport abraýyny mynasyp gorajakdygyna, özleriniň ussatlygy bilen Olimpiýa hereketiniň belent ýörelgelerini berkarar etjekdigine ynam bildirdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de döwlet dolandyryş ulgamyna we milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlaryna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Bu babatda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem-de «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy» ýurdumyzda geçirilýän degişli işleriň anyk maksatlaryny kesgitleýär.

Dünýä derejesinde sanlylaşdyrmak ugrunda öňdebaryjy halkara gurama hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi (HEB) çykyş edýär.

Muňa mysal hökmünde, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň ilkinji “TürkmenÄlem 52oE” aragatnaşyk emeli hemrasynyň älem giňişliginde üstünlikli ýerleşdirilendigini görkezmek bolar.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi bilen birnäçe anyk ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek teklip edilýär.

Hususan-da, kiberhowpsuzlygy berkitmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýändigini nazara almak bilen, Türkmenistanyň Milli kiberhowpsuzlyk strategiýasynyň hem-de Hereketler meýilnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň birinji ýarymynda HEB bilen Türkmenistanyň degişli döwlet edaralarynyň arasynda olaryň işini kämilleşdirmek meseleleri boýunça yzygiderli maslahatlaşmalary geçirmek, milli kiberhowpsuzlyk türgenleşiklerini guramak hem-de sebit derejesinde geçirilýän kibertürgenleşiklere gatnaşmak, ilatyň arasynda kiberhowpsuzlyk meseleleri boýunça düşündiriş işlerini geçirmek teklip edilýär. Munuň özi ýurdumyzyň Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi tarapyndan dolandyrylýan Global kiberhowpsuzlyk indeksi boýunça tutýan ornuny ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Şunuň bilen baglylykda, “Elektron hökümetiň” ýola goýulmagy milli ykdysadyýetimiziň sanly ulgama geçirilmeginiň esasy ugry bolup durýar. Birleşigiň bu babatda toplan tejribesine esaslanyp, 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde HEB-niň hünärmenleriniň gatnaşmagynda pudagara duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär.

2012-nji ýydan bäri dünýä derejesinde sanly ulgam we innowasion tehnologiýalar boýunça bilimi ýokarlandyrmak babatda Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň akademiýasy hem hereket edýär. Akademiýa tarapyndan amala aşyrylýan “Sanly özgeriş merkezleri” taslamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň degişli hünärmenleri, tehniki işgärleri we talyplary üçin aýratyn okuw maksatnamasyny işläp taýýarlamak teklip edilýär. Bu maksatnama halkara maglumat, kommunikasiýa we aragatnaşyk ulgamlarynda dünýä derejesinde toplanan tejribe bilen tanyşmak we döwletimizde ornaşdyrmak üçin okuw çärelerini öz içine alar.

Ýokarda aýdylanlary nazara alyp, wise-premýer, daşary işler ministri Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin 2022-nji ýylyň iş meýilnamasynyň taýýarlanylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu meseläniň örän möhümdigini hem-de sanlylaşdyrmak ulgamynda döwlet syýasaty bilen baglydygyny nygtady.

Innowasion ösüş ýoluna düşen ýurdumyz döwrüň talaplaryna laýyklykda, örän wajyp wezipeleri öz öňünde goýýar. Şolaryň hatarynda öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmak we kiberhowpsuzlygy üpjün etmek wezipeleri bar.

Milli Liderimiz Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça beýan edilen teklipleri makullap, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz 8-9-njy ýanwarda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetini Eýran Yslam Respublikasyna gulluk iş saparyna ibermek baradaky Buýruga gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere, daşary işler ministrine iberdi hem-de şol ýerde syýasy we ykdysady meseleler boýunça netijeli gepleşikleri geçirmek barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzyň adalat edaralarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bu işler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda hukuk ulgamynyň edaralarynyň işini düzgünleşdirmek boýunça öňde goýan wezipelerine laýyklykda, milli kanunçykaryjylyk tejribesi we halkara hukugyň kadalary esasynda geçirilýär.

Mundan başga-da, döwlet edaralaryny, jemgyýetçilik guramalaryny we eýeçiligiň dürli görnüşindäki kärhanalaryny hukuk taýdan goldamak maksady bilen, kanunçylykda bellenen tertipde raýatlardan, edaralardan, guramalardan hem-de kärhanalardan gelip gowuşýan kanunçylygy düşündirmek baradaky ýüztutmalara garalýar.

Häzirki wagtda Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň resmi web-saýty işe girizildi. Gulluk tarapyndan berilýän hukuk hyzmatlarynyň käbirlerini onlaýn görnüşde ýerine ýetirmäge we berilýän hukuk hyzmatlary üçin tölegleri onlaýn görnüşde almaga mümkinçilik berýän elektron programma işlenip taýýarlanyldy hem-de ulanyşa girizildi.

Türkmenistanyň halkara abraýynyň hem-de ykdysady bähbitleriniň ygtybarly goragyny üpjün etmek maksady bilen, halkara hukuk meseleleri boýunça hukukçylary taýýarlamak babatda degişli okuw meýilnamalary yzygiderli esasda kämilleşdirilýär we okuwlar guralýar. Şeýle hem Türkmenistanyň degişli pudak edaralarynyň hünärmenleriniň we hukukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de täze hukuk edebiýatlaryny neşir etmek boýunça häzirki zaman usulyýet gollanmalary işlenip taýýarlanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ugurda mundan beýläk-de işleri alyp barmagyň wajypdygyny nygtady. Adalat ministrliginiň işini kämilleşdirmek boýunça netijeli çäreler görülmelidir, sanly ulgamyň mümkinçiligini giňden ulanmak hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň öňdebaryjy häzirki zaman programmalaryny ornaşdyrmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de bu babatda wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Awiasiýa işini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky» Kararyň taslamasy boýunça hasabat berdi.

“Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, şeýle hem “Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagy kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 29-njy maýynda çykaran Kararyna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Adalat ministrligi bilen bilelikde degişli Düzgünnamanyň taslamasyny taýýarlandygy habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, awiasiýanyň dolandyryş ulgamyna häzirki zaman usullaryny, menejmenti giňden ornaşdyrmak baradaky meselelere ünsi çekdi. Munuň özi häzirki döwrüň anyk ýagdaýlary bilen şertlenendir hem-de öňde goýlan wezipeleri babatda döwlet düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhüm ugrudyr.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz hödürlenen resminama gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly Agentligiň ýolbaşçysyna iberip, onuň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek barada degişli görkezmeleri berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda pudaklary sanly ulgama geçirmek işini çaltlandyrmagyň hem-de ilat üçin radio alyp eşitdiriş ulgamyny gowulandyrmagyň zerurdygyny aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna ýagdaýlary seljermegi we işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýewe berk käýinç yglan edip, degişli Buýruga gol çekdi hem-de resminamany sanly ulgam arkaly agentligiň Baş direktoryna iberdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň jemini jemläp, hökümetiň agzalarynyň ünsüni olaryň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere çekdi.

Şu ýyl biz köp sanly iri desgalary ulanmaga bermeli. Şolaryň arasynda biziň üçin uly we möhüm bolan Ahal welaýatynyň edara ediş merkezi hem bar. Bu ýerde işler tamamlanyp barýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şoňa görä-de, göz öňünde tutulan işleri bellenen möhletde hem-de ýokary hilli tamamlamak maksady bilen, milli Liderimiz ýüze çykýan soraglara gyssagly seretmek we çözmek üçin, bu ýerde her hepdede maslahat geçirmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz toparyň ýolbaşçylygyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Ahal welaýaty boýunça jogapkär edilip bellenen orunbasary Ç.Gylyjowy, toparyň agzalygyna bu ýerde alnyp barylýan işleriň maliýe tarapyna jogap berýän S.Berdimuhamedowy hem-de gurluşyk işlerine jogap berýän Ç.Purçekowy belleýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýüze çykýan soraglary çözmek üçin toparyň agzalarynyň maslahata islendik ýolbaşçyny çagyryp biljekdigini, eger, wagt tapsa, özüniň hem birnäçe maslahatlara gatnaşjakdygyny belläp, indiki hepdeden işe başlamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýangyç-energetika toplumynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň örän möhüm pudaklarynyň biridigini aýdyp, şoňa görä-de, täze ýyly Mary we Lebap welaýatlaryna iş saparyndan başlandygyny belledi. Nebitgaz toplumynyň bu welaýatlarda zähmet çekýän işgärleri, daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, önümçilik maslahatlaryny geçirdik. Nebitgazly täze ýataklary özleşdirmegiň taslamalary bilen tanyşdym diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn wagtda ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryna hem baryp görmegi göz öňünde tutýandygyny belläp, mähriban halkymyzyň bähbidine Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň ägirt uly gorlary bolan uglewodorod serişdelerini özleşdirmek üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini we geljekde hem dörediljekdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ş.Abdrahmanowa ýüzlenip, indi uzak ýyllardan bäri, Derweze sebitinde köp möçberde tebigy gazyň ýanyp durandygyny, bu ýagdaýyň ekologiýa, şeýle hem golaýynda ýaşaýan adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir edýändigini aýtdy.

Galyberse-de, biz eksport edip, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ep-esli möçberde girdeji aljak çig malymyzy ýitirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we wise-premýere alymlary ýygnap, eger gerek bolsa, daşary ýurtly geňeşdarlary hem çekip, bu ýangyny söndürmegiň çözgüdini tapmagy tabşyrdy. Tebigy gazy peýdalanjak ýerimizi bolsa özümiz taparys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýene-de bir uly maksatnamanyň üstünde işlemegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda biz mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny giňden belläp geçdik. Garaşsyzlyk bolsa biziň gazanan beýik üstünliklerimiziň binýadydyr. Geçen otuz ýylyň içinde ýurdumyzda örän köp işler bitirildi, taryhy taýdan şu gysga döwürde biz ägirt uly üstünlikleri gazandyk.

Men häzir garaşsyz ösüşiň geçen 30 ýylynda ýeten sepgitlerimizi gaýtalap durjak däl. Bu soraglara biz ýakynda Halk Maslahatynyň mejlisinde jikme-jik seretdik diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Diňe bir zady aýdaýyn: Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soňky çylşyrymly döwre, geçiren ähli kynçylyklarymyza garamazdan, bize demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşyny döretmek hem-de kämilleşdirmek başartdy diýip, milli Liderimiz belledi. Şu döwürde biz döwlet häkimiýetiniň netijeli gurluşyny döretdik. Ýyllarboýy toplan tejribämize daýanyp, döwlet institutlaryny kämil ýagdaýa getirdik. Milli ykdysadyýetimizi yzygiderli döwrebaplaşdyryp, dünýä bileleşiginde Garaşsyz döwletimiziň tutýan ornuny berkitdik.

Umuman, biz Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanynda hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň gerimli durmuş, syýasy we ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirdik. Syýasy taýdan durnukly we agzybir jemgyýetimizde mähriban halkymyz öz bellän maksatlaryny ynamly amala aşyrdy diýip döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we şeýlelikde, durnukly syýasy, ykdysady we durmuş taýdan ösüşi gazanmagyň başardandygyny belledi.

Biz döwletimiziň ykbaly, nesillerimiziň geljegi üçin uly jogapkärçilik çekýäris. Şoňa görä-de, indi biziň öňümizde şeýle uly wezipe durýar: biz döwletimizi we onuň institutlaryny geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemelidiris hem-de düzmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz fewral aýynyň başynda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmegi teklip etdi. Mejlisde geljek 30 ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň Maksatnamasyna seretmeli we ony tassyklamaly. Şeýle hem 2021-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerini jemläp, şu ýyl üçin wezipeleri kesgitlemeli diýip hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmek bilen bagly ähli işleri umumy utgaşdyrmagy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewe tabşyrdy.

Şeýle hem milli Liderimiz Hökümetiň ähli agzalaryna Halk Maslahatynyň bu mejlisine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

08.01.2022
“Malaý” gaz käni: täze guýular

Milli Liderimiziň Lebap welaýatyna ýakynda bolan iş sapary Garagum sährasynyň jümmüşindäki «Malaý» gaz käninden başlandy. Saparyň ikinji gününde geçirilen iş maslahatynda ýurdumyzyň günorta-gündogar sebitiniň umumy energiýa kuwwatymyza goşandy barada guwandyryjy maglumatlar aýdyldy, ony has-da artdyrmak boýunça anyk wezipeler kesgitlenildi.

Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda «Malaý» gaz käninde geçirilen maslahatda Mary we Lebap welaýatlarynyň çäklerinde täze ýüze çykarylan meýdançalarda ägirt uly möçberde gaz gorlarynyň bardygy baradaky çaklamalar öňe sürüldi. Milli Liderimiz täze ýüze çykarylan gaz känleriniň senagat taýdan özleşdirilmegi netijesinde ýurdumyzyň gaz gorlarynyň mukdarynyň 126 milliard kub metr artmagynyň guwançly ýagdaýdygyny belledi.

Gyşyň örküjindäki bu hoş habar hemmeleriň kalbyna bahar ýakymyny bagyşlady. Ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň «mawy ýangyç» gory diňe iki welaýatyň hasabyna 126 milliard kub metr artar. Bu ummasyz uly baýlyk ahyry! Eýsem, şunça mukdaryň näçe bölegi Lebap welaýatynyň paýyna düşýärkä? Ine, şu sowalyň jogaby bilen gyzyklanyp, «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň geologiýa bölüminiň başlygy Berdi Kutlyýewe ýüz tutduk. Ol bu barada şeýle diýdi:

— Şunça mukdaryň 53 milliard kub metri Lebap welaýatynyň çägindäki meýdançalardyr känlere degişlidir. Has takygy, Gazojak şäheriniň we «Naýyp» gaz käniniň ýakynynda ýerleşýän «Demirgazyk derwüş» meýdançasynda «mawy ýangyjyň» 30 milliard kub metriniň bardygy çaklanylýar. «Malaý» gaz käninde geçirilen täze gözlegleriň netijesinde ýene-de 23 milliard kub metrlik «hazynanyň» üstünden baryldy.

«Demirgazyk derwüşdäki» ilkinji guýyny burawlamak işlerine ýakyn günlerde girişiler. Bu iş «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Ymambabanebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň burawlaýjylaryna ynanyldy. Guýynyň çuňlugy 3200 metre ýeter.

Şeýle hem şu ýylyň dowamynda «Malaýda» ýene iki guýyny burawlamaga girişmek meýilleşdirilýär. Taslama çuňlugy 4000 metre ýetýän guýulary «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasy burawlar.

Täze «mawy ýangyçly» meýdançalaryň ýüze çykarylmagy, olaryň burawlanmagy we önüm alynmagy netijesinde ýyllyk görkezijiler yzygiderli artýar. Muny «Lebapgazçykaryş» müdirliginde alnyp barylýan işlerde hem aýdyň görýäris. Müdirligiň merkezi önümçilik dispetçer gullugynyň başlygy Berdi Berdimetow geçen ýyl meýilnamanyň 134 göterim ýerine ýetirilip, 12 milliard 401 million 104 müň 693 kub metr «mawy ýangyç» alnandygyny aýdýar. Welaýatyň gazçylary degişli döwürde kondensat önümçiligini meýilnamada bellenen 43 müň 59 tonna derek 47 müň 321 tonna ýetirmegiň hötdesinden geldiler.

Ýeri gelende aýtsak, geçen ýyl «Agarguýy» käninde täze guýularyň ikisinden önüm alyndy, täze ýylyň bosagasynda bu ýerde ýene bir guýyny burawlamak işleri tamamlandy.

Netijede, täze guýularyň burawlanmagynyň we olardan bol önüm alynmagynyň ýola goýulmagy bilen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda iş görkezijileri görnetin artar. Bu bolsa türkmen topragyndan gazylyp alynýan «mawy altynyň» Ýer ýüzüne çaýýan ýalkymyny has-da artdyrar.

Agageldi ITALMAZOW.

(Öz habarçymyz). Surata düşüren Merdan ORAZOW

08.01.2022
Maýa goýum syýasaty: täze mümkinçilikler

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda maýa goýum syýasatynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, döwrebaplaşdyrylmagy bilen, milli ykdysadyýetiň, şeýle-de sebitiň we dünýäniň döwletleriniň arasyndaky maliýe-ykdysady hem-de beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklaryň durnukly, sazlaşykly, kadaly ösüşi üpjün edilýär. Her ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy işlenip düzülende, onuň anyk wezipeleri kesgitlenýär, önümçilikde we durmuş ulgamynda meýilleşdirilýän sepgitler anyklanýar. Munuň özi ýurduň makroykdysady görkezijilerini ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga ýardam berýär.

«Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynda» bellenilen baş maksatlara ýetmekde maýa goýum syýasaty aýratyn orun eýeleýär. 2022-nji ýylyň maýa goýum Maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýulmagy meýilleşdirilýän maýa goýumlaryň möçberi 36,1 milliard manada barabar bolar, onuň 60,2 göterimi önümçilik ugruna, 39,8 göterimi bolsa durmuş-medeni maksatlara gönükdiriler. Şeýlelikde, ykdysadyýetiň önümçilik ulgamyna goýulýan maýa goýumlaryň yzygiderli artdyrylmagy ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, milli pulumyzyň kadaly hereketini ýola goýmaga, importyň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmäge, eksporty artdyrmaga, ilatyň iş üpjünçiligini ýokarlandyrmaga, maşgala girdejisini köpeltmäge ähli amatlyklary döreder.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 17-nji dekabrynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda gol çekilen «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakynda Ylalaşygyň gazanylandygy barada habar berildi, şeýle-de esaslandyryjy hökmünde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna çykyş etmäge ygtyýar bermek hakynda resminamanyň taslamasy hödürlendi. Täze düzüme bolsa öz üstüne ýüklenen borçnamalary ýerine ýetirmegi üçin Türkmenistanyň Merkezi bankyndan degişli ygtyýarnamany kanunçylykda bellenen tertipde almak teklip edildi.

Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, düzümiň öňünde durýan wezipeleri anyk kesgitledi, degişli ýolbaşçylara maýa goýum serişdelerini artdyrmak, daşary ýurt maýadarlaryny çekmek we olaryň ygtybarly goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen, degişli kadalaşdyryjy binýady kämilleşdirmek babatda tabşyryk berdi. Resminama laýyklykda, «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjy hökmünde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna esaslyk maýadaky paýy 50 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi. Bu döwlet ähmiýetli çözgüdiň üstünlikli durmuşa geçirilmegi maýa goýum syýasatyny täze derejä çykarar, maýa goýumy maliýeleşdirmegiň ygtybarly çeşmesini emele getirer, ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamynyň maýa goýum işine işjeň gatnaşmagyny, maýa goýumlaryň netijeliligini üpjün eder. Şeýlelikde, işlenip düzülýän we üstünlikli amala aşyrylýan milli, sebit ähmiýetli maýa goýum taslamalary öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetiriler. Bu bolsa Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikde eýeleýän ornuny has-da berkider, abraýyny artdyrar.

Maýa goýum işinde daşary ýurtly iri işewür düzümler we abraýly halkara maliýe guramalary bilen gatnaşyklary ýola goýmak möhüm ähmiýetli çäre hasaplanýar. Bu meseläniň üstünlikli çözülmegi diňe bir maýa goýum taslamalarynyň maliýe mümkinçiligini ýokarlandyrman, eýsem, dünýäniň ösen döwletleriniň baý tejribesini öwrenmäge, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga-da zerur şertleri döredýär. Şu ýerde ýene bir zady nygtamak gerek. Milli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda sanly ykdysadyýete geçmek wajyp çäreleriň hatarynda kesgitlendi. Maýa goýum işiniň sanlylaşdyrylmagy diňe bir bu işe gatnaşýanlara gysga wagtda, az harajatlar bilen zerur maglumatlary toplamaga we degişli çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik döretmän, ony kämil dolandyrmaga, garaşylýan netijeleri gazanmaga hem mümkinçilik berer.

«Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döredilmegi ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işine-de oňyn täsirini ýetirer. Kiçi we orta telekeçiligi, aýratyn-da, döwlet bilen hususy ulgamyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge amatly şertler dörär, telekeçileriň ykdysady ösüşde eýeleýän orny has-da pugtalanar, önümleriň görnüşini köpeltmäge, hilini ýokarlandyrmaga, hyzmatlaryň we ýerine ýetirilýän işleriň gerimini giňeltmäge täze mümkinçilikler dörär, düşewüntlilik artar. Oba ýerlerinde hususy eýeçiligi (fermer hojalyklaryny) ösdürmäge maýa goýumlaryň goýulmagy azyk howpsuzlygyny berkitmek bilen birlikde, ýer-suw, zähmet serişdeleriniň, pul gaznalarynyň rejeli, tygşytly we ýokary netijeli ulanylmagyna esas bolup hyzmat eder. Türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleriniň ýokary hilli, ekologik taýdan arassa we bahalarynyň elýeterli bolmagy önümleriň içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanmagyna, goýulýan maýa goýumlaryň özüni ödemek möhletini gysgaltmaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de telekeçileriň maliýe kuwwatynyň ýokarlanmagy olara uly möçberli, uzak möhlete niýetlenen milli we halkara maýa goýum taslamalaryna işjeň gatnaşmaga ähli amatlyklary döredýär.

Şeýlelikde, täze döredilýän «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýurdumyzyň ösüşini pugtalandyrmaga, «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäni mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge oňyn täsirini ýetirer. Goý, öz halkynyň bagtyýarlygy, röwşen geljegi ugrunda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiziň belent başy aman, ömri uzak bolsun, döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!

Baýramdurdy TAÝHAROW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professory.

07.01.2022