Milli mirasymyzy, ruhy-medeni baýlyklarymyzy öwrenmek we dünýä ýaýmak babatda alnyp barylýan işler taryhy gymmatlyklarymyza söýgiňi, buýsanjyňy has-da artdyrýar. Bagtyýar halkymyz bu gün ýene bir şanly senäni — Türkmen bedewiniň milli baýramyny uludan toýlaýar. Halkyň buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri dünýäde çapuw atlaryň tohumlarynyň arasynda iň naýbaşylaryň biri hasaplanýar.
Ýeri gelende bellesek, atlar eldekileşdirilip başlanandan soň, her bir halk olary dürli maksatlar üçin ulanypdyr. Şoňa laýyklykda hem, atlaryň dürli tohumy emele gelipdir. Häzirki wagtda atlaryň 100-den gowrak tohumy bar. Zonal klimatik alamatlaryna laýyklykda, tokaý, baýyr, dag atlary; niýetlenişine laýyklykda çapuw, ýük atlary; gelip çykyşyna laýyklykda, medeni; geçiş we aborigen atlar ýaly toparlara bölmek bolýar. Türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri çapuw atlarynyň tohumlarynyň arasynda iň owadanlarynyň, naýbaşylarynyň biri hasaplanýar.
Eýsem, bu bedewleriň şeýle gelşikli, ýyndam we ynsan gylykly, düşbi bolmagyna näme itergi berdikä? Bu, ilkinji nobatda, türkmen tebigatynyň, ata-babalarymyzyň maksadaokgunly, döredijilikli hem-de tutanýerli zähmetiniň netijesidir. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» diýen kitabynda bellenip geçilişi ýaly, howsalaly, garaşylmadyk ýagdaýlaryň türkmeniň häsiýetinde hüşgärligi döredişi ýaly, onuň atlarynyň häsiýetinde hem duýgurlygy, hüşgärligi terbiýeläpdir. Howanyň mylaýymlygy, ot-iýmiň bolelin şertlerinde öz ugruna aýlanyp duran durmuş bu atlaryň ýüwrüklige we çakganlyga, duýgurlyga we ýeňil gopup-galmaga, şu esasda nerw ulgamynyň ýokary derejede kämil ösmegine itergi beripdir.
Ahalteke bedewleriniň ýorgalap ýöreýşi, hereketiniň çeýeligi, onuň üstündäki çapyksuwary hiç hili ýadatmaýandygy dünýäniň atşynaslaryny haýran galdyrýar. Behişdi bedewleriň ýorgalap ýöremeginiň aňyrsynda hem türkmen tebigatynyň täsinligi ýatan bolsa nätjek: ürgün çägeli Garagum sährasy ahalteke atlarynda ylla diýersiň, ýere degmän, onuň üstünde ýüzýän ýaly hereket edip, agram salman ýöremek endiginiň kemala gelmegine getiripdir. Bu bolsa at üstündäki çapyksuwara örän rahatlyk beripdir. Dünýä akyldarlarynyň biriniň türkmenler barada: «Olar atyň üstünde pyýada gezmekden köp wagt geçirýärler» diýmegi ýöne ýerden däl bolsa gerek.
Ahalteke bedewleriniň reňkiniň kemala gelmeginde hem türkmen tebigatynyň we oňa Gün şöhlesiniň düşmeginiň aýratyn ähmiýeti bar. Çünki gamyşgulak bedewiň derisiniň astyndan geçýän gan damarlary beýleki tohum atlara görä has gür ýerleşýär. Bu bolsa deriniň iýmitlik maddalar bilen ýeterlik üpjün edilmeginde, deriniň önümi bolan tüýde madda çalşygynyň has güýçli geçip, reňk emele getiriji pigment öýjükleriň işjeň döremegine ýardam berýär. Günüň nurly şöhlesi deride emele gelýän ýag damjalarynyň mukdaryny sazlamak bilen, bedewlere mahsus owadan ak, mele, dor, boz ýaly reňkleriň has öwüşginli bolmagyna getirýär. Şeýle-de bedewleriň reňkiniň emele gelmegine onuň iýýän iýmiti hem uly täsir edipdir. Geçmişde ata-babalarymyzyň beren guşgursak ak bugdaýy ahalteke bedewleriniň eýesine has ýakyn bolmagy bilen birlikde, olaryň syrdam bolmagyna sebäp bolupdyr.
Behişdi bedewlerimiziň beýleki häsiýetleridir daşky görnüş alamatlary halk seçgisiniň netijesidir. Ussat seýisler bolan ata-babalarymyz ahalteke atlarynyň boýunyň uzyn bolmagyny olara iýmiti ýörite gazylan çukurjyklarda bermek bilen, döş kapasasynyň göwnejaý kemala gelmegini, gapyrgalarynyň çeýe we tekizligini taýçanaklaryň arkasyna belli bir agramdaky ýüki dürli görnüşde berkidip, çalt ylgamakda tälim bermek arkaly gazanypdyrlar.
Şeýlelikde, diňe bir çapuw aty däl-de, eýsem, merdana ýigitleriň söweşjeň ýoldaşy kemala getirilipdir. Ahalteke bedewi ýyndamlygy, çydamlylygy bilen duşmany aljyraňňylyga salan bolsa, eýesi ýaralanan ýagdaýynda taşlaman, ony söweş meýdanyndan alyp çykmagy başarypdyr.
Görşümiz ýaly, türkmen halkynyň sünnäläp sungat derejesine göteren, şöhratly geçmişine, şatlykly-hasratly günlerine şaýat bolan, gardaşy hasaplanan bedewlerimiz biologik mümkinçilikleridir beden gurluşy we beden agzalarynyň sazlaşygy boýunça beýleki jandarlardan düýpli tapawutlanýar. Onuň şan-şöhratyny dünýä jar etmekde, geçmiş taryhyny öwrenmekde Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne kitaplarynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu kitaplarda ahalteke bedewiniň gelip çykyşy, atlaryň beýleki tohumlaryndan düýpgöter tapawut edýändigi anyk mysallardyr delilleriň üsti bilen beýan edilýär.
Arkadagly Serdarymyza ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.
Rahym SAPARMYRADOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň zoologiýa kafedrasynyň mugallymy.