«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda eziz Diýarymyzda milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde, elektron senagatyny kämilleşdirmekde, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde netijeli işleriň durmuşa ornaşdyrylýandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Hususan-da, häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz wezipä girişmek dabarasynda: «Biz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagyna geljekde hem ünsi jemläris» diýip belledi. Munuň özi bizi uzak ýyllary nazarlaýan bu maksatnamadan gelip çykýan wezipeleri wagyz etmäge, Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmaga ruhlandyrýar.
Şeýle-de, hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklaryna we edara-kärhanalaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti giňden ornaşdyrmak, innowasion ösüşi çaltlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.
Häzirki wagtda ösüşiň iň döwrebap ugry sanly ulgam bolup durýar. Sanly ulgam ösüşiň giň mümkinçiliklerine eýe bolup, hünärmenler tarapyndan saýlanyp alynýar. Bu ugurda uly işleriň amala aşyrylandygyny hem bellemek gerek. Esasan hem kämil hünärmenler taýýarlanyp, işiň sazlaşykly ýola goýulmagy üpjün edilýär. Bu bolsa sanly ulgamyň geljekde hem dowamly ösdüriljekdigini beýan edýär.
Sanly ulgamyň durmuşa ornaşdyrylýan pudaklarynda ösüşiň tizligi üpjün edilýär, çünki ähli işler tehnologiýalaryň kömegi bilen tiz amala aşyrylýar. Sanlylaşdyrylan enjamlar önümçilikde hem-de bilimde, beýleki pudaklarda möhüm ähmiýete eýedir. Sanly ulgam uzak aralykdan maslahatlary geçirmäge, resminamalary elektron görnüşde dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Şonuň üçin hem häzirki wagtda bu ugra aýratyn ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işleriniň bagtyýar durmuşda ýaşaýan halkymyz tarapyndan gyzgyn goldaw tapýandygyny buýsanç bilen bellemeli. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň belent derejelere çykmagy ugrunda uly işleri amala aşyrýan Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Mekan ORAZGYLYJOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.