Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň her ýylky maslahatynyň çäklerindäki nobatdaky ikitaraplaýyn duşuşyk 2022-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary Merdan Päliwanow we degişli wekiller gatnaşdylar.
Duşuşygyň maksady Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň gelejegi baradaky çaklamalar, ykdysady we maliýe syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem Halkara pul gaznasy (HPG) bilen hyzmatdaşlygyň ugurlary bilen bagly özara pikir alyşmakdan ybarat boldy.
Duşuşygyň başynda, Jihad Azur ýakyn hem orta möhletde COVID-19 pandemiýasynyň hem-de häzirki wagtda dünýädäki çylşyrymly ykdysady ýagdaýlary bilen bagly Türkmenistanyň ykdysadyýetine we maliýe pudagyna ýetirip biljek täsiri barada, şeýle hem hyzmatdaşlygyň mümkin ugurlary barada türkmen tarapynyň garaýyşlary bilen gyzyklandy.
Ministr Muhammetgeldi Serdarow, jenap Jihad Azuryň, jenap Çad Staýnbergiň we onuň kärdeşleriniň ýolbaşçylygynda Halkara Pul Gaznasy bilen işleriň yzygiderli dowam edýändigini we soňky wagtda Halkara Pul Gaznasy bilen birnäçe netijeli we özara bähbitli duşuşyklaryň geçirilendigini belläp geçdi.
Şeýle hem, ministr Muhammetgeldi Serdarow döwlet maliýe dolandyryşy boýunça berýän tehniki kömekleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Mundan başga-da, ýurdumyzyň ykdysady ýagdaýy barada gysgaça gürrüň berdi. Häzirki wagtda dünýädäki çylşyrymly ykdysady ýagdaýlary bilen bagly meseleler hem göz öňünde tutulup, ýurdumyzda azyk hopwsuzlygyny üpjün etmek we ykdysadyýetimizi berkitmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Merdan Päliwanow, Halkara Pul Gaznasynynyň wekillerine berilýän teniki goldawlary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de ýakyn gelejekde milli hasaplar ulgamyny kämilleşdirmek, pul-karz syýasatyny düzgünleşdirmek we halkara standartlara laýyklykda makroykdysady görkezijileri hasaplamak boýunça tehniki goldawlaryň dowam etdiriljekdigine umyt etdi.
Jihad Azur, öz gezeginde, Halkara Pul Gaznasy tarapyndan tehniki goldawlaryň berilmegi dowam etdiriljekdigini aýdyp, Türkmenistanyň tebigy baýlyklara baýdygyny we onuň uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, bu baýlyklaryň halka we ýurduň ykdysadyýetine örän peýdaly bolmagyny gazanmak maksady bilen, býujet reformalaryny geçirmekde we salgyt ulgamyna täzeden seretmekde, HPG-nyň sebitleýin merkeziniň güýji bilen hem ýardamlaryň beriljekdigini nygtady.
Çad Staýnberg, häzirki wagtda dünýädäki çylşyrymly ykdysady ýagdaýlary bilen bagly ýurdumyzyň ykdysadyýetine täsir ýetirilen ýagdaýynda hem degişli ýardamlaryň beriljekdigini, şeýle hem ýurdumyzyň ykdysadyýetine syn bermek we maglumatlary jemlemek boýunça işleriň dowam ediljekdigini aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda HPG-nyň tehniki kömekleriniň wajypdygy bellenilip, degişli ugurlar boýunça ýurdumyzyň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy hem bellenilip geçildi.
Duşuşyk hoşniýetli we özara bähbitli ýagdaýda geçdi.
Duşuşugyň ahyrynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri, zerur şertleri döredip berýänligi, tutuş dünýäde ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýanlygy üçin Arkadagly Serdarymyzyň Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak belent başynyň hemişe aman, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi