Täzelikler
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy

Seul — Aşgabat, 16-njy sentýabr (TDH). Şu gün Koreýa döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýyl ýazgysynda taryhy sahypany açýan “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşdy.

Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň ählumumy özgerýän şertlerinde bu sammitiň geçirilmegi Merkezi Aziýa sebitiniň dünýäniň geosyýasy we geoykdysady ulgamynda barha artýan ornuny görkezýär. Ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibi köpugurly hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarmaga gönükdirilen meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar. Döwlet Baştutanlary Ýewraziýa giňişliginde ulag-logistika geçelgelerini diwersifikasiýalaşdyrmak, energetika durnuklylygyny üpjün etmek, senagat kooperasiýasyny giňeltmek, ýokary tehnologiýalary alyşmak, ekologiýa ulgamynda bilelikdäki çäreleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Sebitde ykdysady-energetika merkezleriniň biri we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde çykyş edýän Türkmenistana bu dialogda aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk, açyklyk, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty sebitara integrasiýa kuwwatly itergi berýär. Sammitiň dowamynda döwlet Baştutanlary hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna hemmetaraplaýyn baha berip, özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlärler hem-de bu ugurlary durmuşa geçirmegiň bitewi gurallaryny işläp taýýarlarlar. Ýokary derejeli duşuşygyň netijeleri Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berer.

...Ir bilen hormatly Prezidentimiz sammitiň geçiriljek ýerine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammiti öz işine başlady. Ýokary derejeli duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, döwlet Baştutanlarynyň şu formatda ilkinji gezek bir ýere jemlenendiklerini aýtdy we bu sammitiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyny nygtady.

Soňra çykyş etmek üçin sammite gatnaşyjylara söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda, ilki bilen, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýona bildirilen myhmansöýerlik, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň ýokary guramaçylyk derejesi we bilelikde işlemäge döredilen şertler üçin minnetdarlygyny beýan edip, bu ýokary derejeli duşuşygyň geçirilmegi arkaly Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň binýadynyň goýulýandygyny belledi.

Türkmenistan parahatçylygyň, durnuklylygyň, ynanyşmagyň durnukly ösüşi üpjün edýän hökmany şertlerdiginden ugur alýar. Biziň ýurdumyzyň daşary syýasaty Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýar.

“Türkmenistan şäher ösüşini we infrastrukturasyny, täze talaplardyr meýillere laýyk gelýän häzirki zaman urbanistik gurşawyny döretmegi biziň formatymyzyň çäklerindäki bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ýakynda öňe süren «Akylly» şäherleriň diplomatiýasy» başlangyjyna salgylanmak isleýärin. Bu başlangyç tagallalary birleşdirmegi, tejribe we maglumat alyşmagy, ylmy-tehniki gazananlary bilelikde ornaşdyrmagy, umuman, urbanistikanyň, şäher gurluşygynyň integrirlenen, netijeli nusgalaryny döretmegi göz öňünde tutýar” diýip, döwlet Baştutanymyz çykyşynda nygtady.

Häzirki wagtda senagat, oba hojalygy, ekologiýa, suw meselesi, saglygy goraýyş, hyzmatlar ulgamy, syýahatçylyk möhüm ugurlar bolup durýar. Bu babatda «Ösüşiň we innowasiýalaryň bähbidine Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň geljekki hyzmatdaşlygy» şygary bilen geçiriljek «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» işewürlik sammiti möhüm waka bolar.

“Bilim ulgamynda biz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň bilim edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini, şol sanda iki diplomlylyk maksatnamalaryny ösdürmegi teklip etdik. Şeýle-de ýaşlaryň sanly bilimlerini artdyrmagy, bilelikdäki olimpiadalary, bäsleşikleri we maslahatlary geçirmegi wajyp hasap edýäris. Ylym ulgamynda ýaş alymlaryň bilelikdäki ylmy-barlag, taslama-gözleg işlerini işjeňleşdirmegi, Ýaşlaryň innowasion pikirlerini ösdürmegi we ornaşdyrmagy goldamak institutyny döretmegi teklip edýäris” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, Medeniýet ulgamynda Türkmenistan tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ýaşlarynyň medeniýetara alyşmalarynyň “Ýol kartasy”, şeýle-de «Ýaş zehinler» maksatnamasy teklip edildi. Hormatly Prezidentimiz döwletlerimiziň ýaşlaryny birleşdirýän festiwallary, konsertleri, döredijilik bäsleşiklerini we beýleki çäreleri geçirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny aýdyp, sport hyzmatdaşlygyny, şol sanda hünärmenler alyşmalaryny ösdürmegi, sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmegi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Halkara ýaşlar sport oýunlaryny guramak baradaky meselä seretmegi teklip etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň parlament diplomatiýasynyň ösdürilmegine hökümetara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi, ýurtlarymyzyň arasynda ynanyşmagy berkitmegiň netijeli guraly hökmünde garaýandygyny aýdyp, şu sammitiň gatnaşyklaryň aýratyn ugurlaryndan hyzmatdaşlygyň bitewi we uzak möhletleýin ulgamyny kemala getirmäge geçmek üçin mümkinçilik açýandygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň formata gatnaşýan ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy, deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam etmäge, bu formatyň işjeň agzasy bolmaga taýýardygyny tassyklap, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň halklarymyzyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigine we halkara hyzmatdaşlygyň durnukly, netijeli gurallaryny kemala getirmegiň möhüm şertine öwrülmäge ukyplydygyna berk ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.

Sammitiň dowamynda döwlet Baştutanlary Koreýa Respublikasynyň tehnologiýalaryny çekmek arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çig mal serişdelerini gaýtadan işlemek, tebigy serişdeleriň gorlaryny bilelikde özleşdirmek, senagat kärhanalaryny gurmak, ulag geçelgelerini döretmek, sebitiň ýurtlaryny dünýä bazarlary bilen baglanyşdyrýan logistika ugurlaryny ösdürmek, emeli aň ulgamynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak, döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak, “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak, howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Sammitiň jemleri boýunça «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň Seul Jarnamasy kabul edildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» görnüşindäki işewürler sammitiniň ýörite mejlisine gatnaşdy.

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon işewürler sammitiniň ýörite mejlisini açyp, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýany taryhyň jümmüşine uzap gidýän gadymy gatnaşyklaryň baglanyşdyryp gelýändigini we häzirki wagtda Koreýanyň bu gatnaşyklary mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.

Soňra mejlise gatnaşyjylara söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň başynda hemmeleri Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda netijeli dialog üçin möhüm we abraýly işewürlik meýdançasyna öwrülen işewürlik sammitiniň mejlisinde mähirli mübärekläp, bu işewürlik dialogyna ýurtlarymyzyň arasynda giň ugurlar boýunça doly formatly, yzygiderli, uzak möhletli ykdysady, söwda, maýa goýum hem-de işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmekde wajyp başlangyç nokady hökmünde garaýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz şunda işewürlik jemgyýetçiliginiň uly ornuny belläp, öz zähmeti, zehini bilen ýokary netijeleri gazanan jogapkärli hem-de üstünlikli telekeçileriň diňe bir ösüşe goşant goşman, eýsem, Merkezi Aziýa bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky döwletara hyzmatdaşlygyň täze taslamalaryny we görnüşlerini öňe sürmäge, möhüm kararlary kabul etmekde hökümetlere amaly, usuly taýdan goldaw berjekdiklerine hem ynam bildirdi. Munuň özi ýurtlarymyzyň ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine tarap bilelikde hereket etmegi üçin berk binýady kemala getirmäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň ykdysady, tehnologik kuwwatynyň, şeýle-de olaryň ösüş depgininiň iň batyrgaý we geljegi uly maksatnamalary amala aşyrmak babatda giň mümkinçilikleri açýandygyny aýratyn belläp, Türkmenistanyň bu işlere işjeň gatnaşjakdygyny, işewürlik jemgyýetçiliginiň arasynda göni gatnaşyklary, alyşmalary ösdürmek üçin ähli zerur ýardamy bermäge, hyzmatdaşlyk meýillerinde, başlangyçlarynda işewürlik işjeňligini, özbaşdaklygy hem-de innowasiýalary höweslendirmäge taýýardygyny tassyklady.

Bellenilişi ýaly, Koreýa özüni Merkezi Aziýa döwletleriniň ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaşy hökmünde görkezdi. Türkmenistan bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda koreý kompaniýalarynyň, maliýe institutlarynyň goşýan uly goşandyna ýokary baha berýär. “Koreý kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlarydyr. Olaryň gatnaşmagynda biz dürli ulgamlarda iri we uzak möhletleýin taslamalary durmuşa geçirdik hem-de häzirki wagtda hem durmuşa geçirmegi dowam etdirýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýurtlarymyzyň hem-de olara wekilçilik edýän işewürlik düzümleriniň netijeli hyzmatdaşlyk integrasiýasynyň ýoly bilen hereket edip, yklymdaky hem-de dünýädäki häzirki we geljekki geoykdysady gurluşda mynasyp orun eýelemäge ukyplydygyna ynam bildirdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz şunda Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyna strategik taýdan ileri tutulýan ugur hökmünde garap, oňa aýratyn ähmiýet berýändigini aýtdy hem-de işewür toparlary yklymyň ulag ýollarynyň möhüm çatrygynda ýerleşýän Merkezi Aziýanyň we Koreýanyň geografik taýdan ýerleşişiniň döredýän bähbitlerini hem-de artykmaçlyklaryny işjeň ulanmaga, durnukly ulag geçelgelerini, logistika arabaglanyşygyny döretmäge işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

“Ýaňy «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammiti öz işini tamamlady. Onuň öz wagtynda geçirilendigini we amaly taýdan wajypdygyny belleýäris” diýip hormatly Prezidentimiz nygtady. Sammitiň dowamynda pikir alyşmalaryň özara ynanyşmak ýagdaýynda geçendigini we köpugurly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga bolan umumy maksady tassyklandygyny bellemek gerek.

“Işewürlik sammitiniň netijeleri aýratyn üns berilmäge mynasypdyr. Ol Bilelikdäki Beýannamanyň kabul edilmeginde, hyzmatdaşlygymyza täze itergi berjek hem-de onuň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin berk binýady döretjek ylalaşyklaryň, ähtnamalaryň gol çekilmeginde öz beýanyny tapar” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine hem-de ynanyşmagy berkitmäge, işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge, onuň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýanyň arasynda özara söwdanyň ösmegine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Sözüniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz işewürlik sammitine gatnaşyjylara netijeli işleri, gepleşikleriň üstünlikli geçmegini hem-de hyzmatdaşlygy, özara bähbitli ösüşi pugtalandyrmagyň ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiziň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.

Mejlisiň dowamynda geologiýa, mineral serişdeleri gaýtadan işlemek, energetika ulgamynda, şol sanda “ýaşyl” energetikada bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, öňdebaryjy koreý tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, multimodal ulag geçelgelerini döretmek, sebitiň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň adyndan “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşyjy döwlet Baştutanlarynyň hormatyna resmi agşamlyk nahary berildi.

Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Seul şäheriniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň Hökümet agzalary mähirli garşyladylar. Olar hormatly Prezidentimizi döwlet saparynyň hem-de “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitiniň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar. Hökümet agzalary Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegi we Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň Hormat nyşany bilen sylaglanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary iki ýurduň arasyndaky ynanyşmagyň we özara hormat goýmagyň ýokary derejesini aýdyň görkezdi. Seulda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikler we gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumy dürli ulgamlarda giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmek üçin berk binýady goýdy. Döwlet Baştutanymyzyň “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” formatyndaky ilkinji sammitine gatnaşmagy hem-de däp bolan dostlukly dialogyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy bolsa taraplaryň tutuş sebitiň abadançylygynyň bähbidine uzak möhletli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassyklady.

* * *

“Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” formatyndaky işewürler sammitiniň dowamynda mowzuklaýyn mejlisler hem geçirildi.

Seýrek duş gelýän mineral serişdeleri, energetika we üpjünçilik zynjyrlary ulgamyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan mejlisde Koreýanyň tehnologik standartlaryny, ekologik taýdan arassa usullaryny ornaşdyrmak arkaly tebigy serişdeleriň ýataklaryny bilelikde özleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwdany, maýa goýumlary giňeltmäge bagyşlanan mejlisde taraplar söwda we gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek, Koreýanyň maliýe institutlary arkaly ýörite karzlaşdyryş maksatnamalaryny giňeltmek, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çäginde ýokary tehnologiýaly önümçilikleri ýola goýmak bilen bagly soraglara seretdiler. Senagat desgalary, ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan mejlisde multimodal ulag geçelgelerini ösdürmek, logistika ugurlaryny, şol sanda Hazarüsti ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini ösdürmek, gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak, intellektual eýeçiligi goramak, ýük akymlaryny çaltlandyrmak üçin standartlary özara utgaşdyrmak meseleleri aýratyn üns merkezinde boldy.

* * *

«Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň çäklerinde degişli formatyň senagat ministrleriniň konsultatiw guralynyň ilkinji duşuşygynyň Bilelikdäki Beýannamasy; Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy: geljegiň emeli aňy, ylym we tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk boýunça başlangyjy; Merkezi Aziýanyň döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň howanyň üýtgemegi, energiýa geçirijiligi we howanyň hili babatda başlangyjy kabul edildi hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň arasynda senagat we üpjünçilik zynjyry babatda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji işewürlik sammitiniň Bilelikdäki Beýannamasyna gol çekildi.

* * *

Türkmen wekiliýetiniň Koreýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň senagat ministrleriniň konsultatiw guralynyň birinji duşuşygy, Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy: emeli aň, ylym we tehnologiýa babatynda geljekki hyzmatdaşlyk boýunça ministrler duşuşygy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň tokaý hojalygy we howanyň üýtgemegine garşy göreş babatda hereketler boýunça ministrler forumy geçirildi. Olaryň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alşyldy we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi.

17.09.2026
Türkmenistan we Koreýa döwletara hyzmatdaşlyga täze itergi berýärler

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi

Seul, 15-nji sentýabr (TDH). Şu gün Koreýa döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonuň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz 14-nji sentýabrda döwlet sapary bilen Koreýa Respublikasyna bardy.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz Koreýa Respublikasynyň Milli gahrymanlarynyň ýadygärligine bardy. Bu ýerde Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Hormatly Prezidentimiz Koreýanyň milli gahrymanlaryny hatyralap, ýadygärlige gül desselerini goýdy. Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz koreý halkynyň däp-dessurlaryna hormatyň nyşany hökmünde agaç bölejiklerini içi közli ýörite gutynyň içine atdy. Munuň özi geljek nesilleriň abadan durmuşy üçin şirin janyny pida eden gahrymanlary hatyralamak ýaly türkmen we koreý halklaryna mahsus däpleriň dowamata atarylýandygynyň beýany boldy.

Matam sazy ýaňlanýar. Koreýanyň milli gahrymanlaryny hatyralamak dabarasy tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň «Çhonwade» köşgüne tarap ugrady. Köşgüň öňünde milli koreý lybasyndaky harbylar döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweniniň ýany bilen dabaraly ýörediler. Munuň özi belent mertebeli myhmana goýulýan çuňňur hormatyň nyşanydyr. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon mähirli garşylady. «Çhonwade» köşgünde Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi.

Iki ýurduň Prezidentleri bilelikde bellenen ýere barýarlar. Soňra iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlandy. Döwlet Baştutanlary Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler we Koreýanyň Milli goşunynyň baýdagyny sarpalaýarlar. Prezidentler iki ýurduň Döwlet baýdaklaryny göterip duran çagalary mübärekleýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň, Prezident Li Çže Mýon bolsa ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrylýar. Wekiliýetler bilen tanyşlyk tamamlanandan soňra, iki ýurduň döwlet Baştutanlary «Çhonwade» köşgüniň içine girýärler. Köşgüň eýwanynda döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlar kitabyna ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonuň arasynda ikiçäk duşuşyk geçirildi.

Prezident Li Çže Mýon belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Koreýa Respublikasyna gelendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýän koreý-türkmen gatnaşyklarynyň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi.

Hormatly Prezidentimiz döwlet sapary bilen Koreýa Respublikasyna gelmäge çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, şu saparyň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Koreýanyň Prezidenti Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan edip, koreý-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda türkmen halkynyň Milli Lideriniň ägirt uly goşandyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini aýtdy. Häzirki wagtda Koreýa ýurdumyzyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär.

Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Prezident Li Çže Mýon döwlet Baştutanymyzy ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky döwletara dialogyň özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigini belledi hem-de hormatly Prezidentimiziň şu döwlet saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany alamatlandyrjakdygyna, köpugurly hyzmatdaşlygy ilerletmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Koreý Lideri Türkmenistanyň tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýe bolan, ykdysady taýdan kuwwatly ýurtdugyny aýdyp, Koreýanyň özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, giň möçberli bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi diňe bir senagat kooperasiýasynyň ýokary derejesini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, iki döwletiň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine hem hyzmat edýär.

Koreýanyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, koreý kompaniýalarynyň türkmen bazarynda netijeli işlemegi babatda döredilýän amatly şertler üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Şeýle-de Prezident Li Çže Mýon sebitde çylşyrymly syýasy dartgynlylyk döwründe Koreýa Respublikasynyň raýatlaryny Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirmäge döredilen mümkinçilik hem-de berlen goldaw üçin türkmen tarapyna aýratyn hoşallyk bildirip, bu ynsanperwer çäräniň özara gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetine şaýatlyk edýändigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz döwlet sapary bilen gelmek baradaky çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan minnetdarlyk bildirip, Koreýa Respublikasyna ilkinji döwlet saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýedigini belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz türkmen-koreý gatnaşyklaryny ösdürmekde Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň noýabrynda Koreýa amala aşyran saparynyň aýratyn orun eýeleýändigini aýdyp, şol saparyň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka bolandygyny, häzirki döwürde ýurdumyzyň bu hyzmatdaşlygy täze ugurlar bilen has-da ösdürmegi maksat edinýändigini nygtady.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanyň Bitaraplygyny, halkara başlangyçlaryny goldaýandygyna ýurdumyzyň ýokary baha berýändigini aýdyp, öz nobatynda, Türkmenistanyň hem Koreýanyň dünýä gün tertibiniň wajyp meseleleriniň ençemesi boýunça garaýyşlaryna hormat goýýandygyny belledi. Koreýa Respublikasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen Kararnamalaryny hemişe goldap çykyş etdi. Türkmenistan hem Koreýa Respublikasynyň bu ugurdaky başlangyçlaryna goldaw berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Baş Assambleýa tarapyndan kabul edilen «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamany Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň goldandygy we onuň awtordaşy bolup çykyş edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz geljek ýyl Türkmenistan bilen Koreýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 35 ýyl dolýandygyny, munuň iki halkyň we döwletiň taryhynda möhüm ähmiýetli senedigini hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigine şaýatlyk edýändigini aýdyp, bu şanly senäni iki ýurtda hem giňden bellemegi, ony many-mazmun taýdan baýlaşdyrmagy teklip etdi.

Söwda-ykdysady ulgam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda aýratyn orny eýeleýär. Ýurdumyz koreý kompaniýalarynyň türkmen bazarynda alyp barýan işine ýokary baha berýär. Olaryň gatnaşmagynda strategik taýdan ähmiýetli taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi we bu işler dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda jemgyýetçilik ulaglarynyň esasy bölegini Koreýada öndürilen awtobuslaryň we ýeňil awtoulaglaryň düzýändigini, gämigurluşyk pudagynda koreý kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny, Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň taslamasyny amala aşyrmaga-da koreý kompaniýasynyň gatnaşýandygyny belläp, ýurdumyzyň maýa goýum, söwda, energetika, senagat, himiýa senagaty, demir ýol ulaglary, emeli aň, ylym, tehnologiýalar, suw serişdelerini dolandyrmak, ekologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmekde Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň alyp barýan işiniň ähmiýetini belläp, ulag ulgamynda bilelikdäki işler üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyna ünsi çekdi. Ýurdumyz Koreýa Respublikasyna Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde örän wajyp hyzmatdaş hökmünde garaýar. Häzirki döwürde Türkmenistan Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça hyzmatdaşlary bilen bilelikde üstaşyr ulag, logistika üpjünçilik ulgamlarynyň köpşahaly ugruny döredýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň koreý kompaniýalarynyň bu taslamalara gatnaşmagyny goldaýandygyny aýtdy.

Türkmenistan ynsanperwer ulgamda-da ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ähmiýet berýär. Iki ýurtda hem sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda medeni çäreleri geçirmegiň uly tejribesi toplandy. Özara Medeniýet günleri üstünlikli geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz 16-njy sentýabrda Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň nobatdaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynyň geçiriljekdigini aýdyp, ýurdumyzyň giň gerimli medeni hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini mälim etdi.

Ylym-bilim ulgamy hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Ylmy işler, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar.

Hormatly Prezidentimiz saparyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da giňeltmäge gönükdirilendigini, geçirilen gepleşikleriň bolsa iki döwletiň özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini tassyklaýandygyny aýdyp, türkmen tarapynyň bu saparyň netijelerine ýokary baha berýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz geçirilen netijeli gepleşikler, iki ýurduň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy üçin koreý tarapyna minnetdarlyk bildirip, Prezident Li Çže Mýony geljek ýylda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Koreýanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdi.

Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Şol resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary höweslendirmek we goramak hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gümrük meselelerinde hyzmatdaşlyk etmek we özara ýardam bermek hakynda Ylalaşyk; «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Koreýa Respublikasynyň Söwda, senagat we serişdeler ministrliginiň arasynda himiýa senagatynda we senagat gurluşygynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Koreýa Respublikasynyň Howa, energetika we daşky gurşaw ministrliginiň arasynda suw serişdelerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Gender deňligi we maşgala ministrliginiň arasynda ýaşlar babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Intellektual eýeçilik ministrliginiň arasynda intellektual eýeçilik babatda ählitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýustisiýa ministrliginiň arasynda hukuk we ýustisiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Baş prokuraturasy bilen Koreýa Respublikasynyň Ýokary prokuraturasynyň arasynda transmilli guramaçylykly jenaýatlara garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Koreýa Respublikasynyň Koreýa Gümrük gullugynyň arasynda serhetde intellektual eýeçilik hukugyny goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Koreýa Milli polisiýa agentliginiň arasynda polisiýa hyzmatdaşlygy barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň arasynda infrastruktura babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň arasynda demir ýol ulaglary babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Koreý tokaý gullugynyň arasynda tokaýlary sanly görnüşde dikeltmek we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hormatyna Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonuň adyndan resmi kabul edişlik guraldy.

Günüň ikinji ýarymynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz Songýungwan uniwersitetine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy uniwersitetiň ýolbaşçysy Ýu Ji Bom mähirli garşylady. Soňra hormatly Prezidentimiz we Songýungwan uniwersitetiniň ýolbaşçysy bilelikde bu ýerde ýaýbaňlandyrylan Türkmenistanyň ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda ýeten sepgitlerine, amaly-haşam sungatyna bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýaşlarynyň bilim almaklary, hünär taýdan kämilleşmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ilatyň ylym-bilim derejesiniň ýokary bolmagy, edil saglyk ýaly, her bir ýurduň gymmatly baýlygy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu sergide ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwaty bilen ýakyndan tanyşmak mümkin boldy. Amaly-haşam sungatyna bagyşlanan bölüm sergä aýratyn öwüşgin çaýýar. Bölümde dünýä belli türkmen el halylary, kümüşden ýasalan şaý-sepler hem bar.

Soňra hormatly Prezidentimiz hem-de Ýu Ji Bom uniwersitetiň uly maslahatlar zalyna bardylar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyza Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesini bermek dabarasy geçirildi. Dabaranyň başynda ýygnananlar ilki hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bitiren hyzmatlary bilen tanyşdyryldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda we baý syýasy tejribesi esasynda bütin dünýäde diplomatik gatnaşyklary, halkara hyzmatdaşlygy berkitmek, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Koreýa Respublikasynda döwlet Baştutanymyzyň dolandyrmak başarnyklary esasynda Türkmenistanyň döwlet ösüşini, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, dünýä giňişliginde Türkmenistanyň abraýyny artdyrmak babatda bitiren hyzmatlaryna ýokary baha berilýär.

Hormatly Prezidentimiz 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda döwlet edaralarynda, şol sanda daşary işler, energetika, senagat önümçiligi we ykdysadyýet ýaly giň ugurlarda baý iş tejribesine eýe bolup, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine biragyzdan saýlanyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda sanly ulgama geçmek, senagaty döwrebaplaşdyrmak ýaly wajyp özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem sanly dolandyryş ulgamy, maglumat we kommunikasiýa infrastrukturasy döwrebaplaşdyrylýar, import edilýän önümleriň ornuny tutýan ýerli önümçiligiň ösdürilmegi bilen, milli ykdysadyýet diwersifikasiýalaşdyrylyp, durnukly ösüş üpjün edilýär.

Soňra Songýungwan uniwersitetiniň ýolbaşçysy Ýu Ji Bom çykyş edip, hormatly Prezidentimizi we ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalaryny mähirli mübärekledi hem-de şu dabaranyň ähmiýetini belledi.

Ýu Ji Bom döwlet Baştutanymyza Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmeginiň iki döwletiň arasynda kemala gelen ylmy we dostlukly gatnaşyklaryň aýdyň beýanydygyny aýtdy. Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, baý syýasy tejribesi esasynda Türkmenistan durnukly ösýän döwletleriň hatarynda ornuny berkitdi. Türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny artdyrmak ugrunda uly işler amala aşyryldy. Bu işler 1398-nji ýylda döredilip, 600 ýyldan gowrak taryhy bolan ýokary okuw mekdebiniň esasy ýörelgelerine gabat gelýär. Şunuň bilen baglylykda, Songýungwan uniwersiteti hormatly Prezidentimize syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesini bermek kararyna geldi.

Kararda bellenilişi ýaly, daşary işler, kanun çykaryjylyk, ýerli dolandyryş we ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça giňişleýin tejribesi, Türkmenistanyň döwlet ösüşine ýolbaşçylyk edip, sanly ykdysadyýete geçmek, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly durnukly döwlet ösüşiniň binýadyny goýandygy, şeýle-de Bitarap daşary syýasaty alyp barmak we sebitiň döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça tagalla edip, Merkezi Aziýanyň syýasy durnuklylygyna, ykdysady ösüşine uly goşant goşandygyny göz öňünde tutup, Aspirantura komitetiniň kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesi berildi.

Bu dereje Koreýa Respublikasynyň ylmyna we medeniýetine aýratyn goşandy ýa-da adamzat medeniýetiniň ösüşinde uly hyzmatlary ykrar edilen şahsyýetlere berilýär. 1957-nji ýylda bu derejäniň ilkinji gezek gowşurylyp başlan pursadyndan bäri ol bary-ýogy 101 adama, şol sanda 2015-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa berildi.

Çykyşynyň ahyrynda Ýu Ji Bom hormatly Prezidentimizi syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Soňra hormatly Prezidentimize degişli diplom gowşuryldy. Diplom gowşurylandan soňra, döwlet Baştutanymyz uniwersitetiň ýolbaşçysy hem-de aspirantura fakultetiniň dekany bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdi.

Soňra çykyş etmek üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza söz berildi.

Döwlet Baştutanymyz syýasy ylymlaryň hormatly doktory diýen ýokary adyň berlendigi üçin Songýungwan uniwersitetiniň ýolbaşçylaryna we ähli işgärlerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Koreýanyň örän meşhur hem-de 6 asyrdan hem gowrak taryhy bolan gadymy ýokary okuw mekdepleriniň biriniň ýokary akademik derejesini almagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz bu sylagy Türkmenistana goýulýan ýokary hormatyň, ýurdumyzyň ýeten derejesiniň ykrar edilmeginiň, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň aýdyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýdyp, bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň bu gatnaşyklary ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady.

“Soňky ýyllarda iki döwletiň Hökümetleriniň goldaw bermeginde ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmekde oňyn netijeler gazanyldy. Bu gatnaşyklarda Songýungwan uniwersiteti aýratyn orun eýeleýär. Bu bilim ojagy bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti işjeň hyzmatdaşlyk edýär” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň türkmen hem-de koreý halklarynyň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň täze bilelikdäki bilim başlangyçlaryna uly ähmiýet berýändigini aýdyp, olaryň hatarynda talyplary, mugallymlary, ylmy işgärleri alyşmagy, bilelikdäki bilim maksatnamalarynyň sanynyň artdyrylmagyny belledi. Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz emeli aň, inženerçilik, energetika, sanly tehnologiýalar, senagat menejmenti boýunça hünärmenleri taýýarlamak maksatnamasyny işläp düzmegiň möhümdigini aýdyp, bu başlangyçlary amala aşyrmaga uly halkara abraýy bolan Songýungwan uniwersitetiniň işjeň gatnaşjakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz hormatly doktor diýen akademiki derejäniň berlendigi üçin uniwersitetiň ýolbaşçylaryna ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, onuň talyplaryna, professor-mugallymlaryna we ähli işgärlerine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Dabara tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz hemmeler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimize Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory diýen derejäniň berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň halkara jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysaly boldy.

Hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär.

* * *

Döwlet Baştutanymyzyň Koreýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýet agzalary bilen koreý tarapynyň wekilleriniň arasynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklarda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara gatnaşyklara aýratyn üns bermek bilen, ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ilerletmegiň ýollary barada pikir alyşdylar.

* * *

Saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen «YUHANTECH Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda tehniki hyzmat edişde innowasiýalar we önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi bilen «Hyundai Corporation» kompaniýasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen «LS Cable & System» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen «DAEWOO Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda «Garagum derýasynyň 850 — 1100 km aralygynda hereket edýän suw hojalyk desgalarynyň durkuny täzelemek we täze suw hojalyk desgalaryny gurmak» taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» AGPJ bilen «Yousung Co., Ltd.» kompaniýasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Kanwon milli uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty (Türkmenistan) bilen Ählumumy innowasiýa okuwlary guramasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Koreýa tehnologiýa we bilim uniwersitetiniň (KOREATECH) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Kýung Hi uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Inçhon milli uniwersitetiniň (Koreýa Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi bilen Seul milli uniwersitetiniň Aziýa merkeziniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky bilen Seul milli uniwersitetiniň (Koreýa Respublikasy) arasynda ylmy we akademik hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) bilen «Yonhap» habarlar agentliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Songýungwan uniwersitetiniň (Koreýa Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döwlet medeniýet merkezi bilen Koreýa Respublikasynyň Medeniýet, sport we syýahatçylyk ministrliginiň Aziýa medeniýeti milli merkeziniň arasynda medeni alyş-çalyşda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar

16.09.2026
Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda täze tapgyr

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy

Aşgabat — Seul, 14-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen, şeýle hem “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasyna ugrady.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurda ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Bitarap Türkmenistan ählumumy abadançylyga gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirip, dünýä döwletleri, şol sanda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar okgunly ösdürilip, strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylýar. Soňky ýyllarda ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň netijesinde döwletara dialog oňyn häsiýeti bilen tapawutlanýar.

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Bu gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmakda Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly goşandyny bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň şu döwlet sapary bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlan türkmen-koreý hyzmatdaşlygynda täze sahypany açar.

Ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara guramalaryň çäklerinde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki halkara guramalaryň çäklerinde ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryň özara goldanylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Söwda-ykdysady gatnaşyklar türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup durýar. Şunda ýurdumyz bilen köp ýyllardan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýän iri koreý kompaniýalaryna uly orun degişlidir. Bu kompaniýalaryň gatnaşmagynda milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz, nebithimiýa, gazhimiýa pudaklarynda bilelikdäki giň möçberli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi özara tejribe alyşmaga, öňdebaryjy tehnologiýalary ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ornaşdyrmaga ýardam berýär.

Ulag-logistika ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Ýewraziýanyň çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşýän Türkmenistan hem-de Koreýa Respublikasy üstaşyr geçelgeleri döretmekde tagallalaryny utgaşdyrýarlar. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar, däp bolşy ýaly, halklarymyzyň arasynda dostluk köprüsi bolup hyzmat edýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkezi hereket edýär. Ýurdumyzyň bir ýokary we orta okuw mekdebinde bolsa koreý dili öwredilýär. Ylym-bilim ulgamynda iki ýurduň akademiki toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklar pugtalandyrylýar. Akademiki alyşmalar, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalar amala aşyrylyp, bilim işine döwrebap standartlar, sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň senagat we tehnologik ösüşi üçin işgärler kuwwatyny kemala getirýär.

Ýurtlarymyz ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeň ösdürip, “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berýärler.

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar sebit derejesindäki köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde üstünlikli alnyp barylýar. Bu forum 2007-nji ýylda koreý tarapynyň başlangyjy esasynda iki sebitiň arasynda ynamy berkitmek we hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça hereket etjek köptaraplaýyn konsultatiw meýdança hökmünde döredildi. 2024-nji ýyla çenli bu forumyň işi daşary işler ministrleri derejesindäki mejlisler görnüşinde alnyp baryldy. 2023-nji ýylda Türkmenistan bu forumda başlyklyk etdi. “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy mejlisi Aşgabatda geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşmagy ýurdumyzyň sebit ösüşiniň möhüm meselelerini çözmekde eýeleýän işjeň ornuny aýdyň görkezer.

...Birnäçe sagatdan döwlet Baştutanymyzyň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Seulyň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş howa menziline gelip gondy.

Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň gelmegi mynasybetli hormat topy atyldy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Koreýa Respublikasynyň hem-de ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär.

15.09.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi

Aşgabat, 11-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Kenji Ýamadany kabul etdi.

Kenji Ýamada duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýada Türkmenistan bilen köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň, Premýer-ministri Sanae Takaitiniň hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de ol hormatly Prezidentimiziň “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine, Osaka şäherinde geçirilen “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmak üçin Ýaponiýa amala aşyran saparlarynyň ähmiýetini belledi. Myhman Bütindünýä sergisinde ilkinji bolup Türkmenistanyň Milli gününiň geçirilmeginiň sergide ýurdumyza uly gyzyklanma döredendigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Kenji Ýamadanyň şu saparynyň dowamynda geçirjek duşuşyklarynyň netijeleriniň türkmen-ýapon ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar köpugurly häsiýete eýe bolup, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar. Hormatly Prezidentimiz syýasy-diplomatik gatnaşyklar barada aýdyp, soňky ýyllarda ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlaryň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berýändigini nygtady. Bu gatnaşyklar diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde, ýagny «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde hem üstünlikli ösdürilýär.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýar. Ol ýokary tehnologiýalar, maýa goýumlar ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga, umumy strategik maksatlara esaslanyp, iki ýurduň milli bähbitlerine laýyklykda çalt depginde ösdürilýär. Ýurdumyzda ulag, gazhimiýa, agrosenagat ulgamlarynda iri taslamalary durmuşa geçirmekde Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň baý tejribesi toplandy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda Ýaponiýanyň innowasion tehnologiýalarda hem-de döwrebap inženerçilik ugurlarynda toplan baý tejribesine ýokary baha berilýändigini, ykdysadyýet, söwda we senagat ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge uly gyzyklanma bildirilýändigini aýdyp, özara gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleriň bardygyna ünsi çekdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Kenji Ýamada däp bolan dostlukly türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

12.09.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 9-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Alena Grandy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Fransiýada oňyn Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny üstünlikli durmuşa geçirýän Bitarap Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emmanuel Makronyň döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Fransiýanyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, hanym Alena Grandy Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa bu jogapkärli diplomatik wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Fransiýa Respublikasy Türkmenistanyň Ýewropadaky esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Söhbetdeşler Türkmenistanyň hem-de Fransiýanyň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara düzümleriň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini kanagatlanma bilen bellediler. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiz türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň özara ynanyşmak, hormat goýmak we açyklyk ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Ol diňe bir döwletara derejede çäklenmän, eýsem, iki ýurduň hususy pudaklarynyň ugry boýunça hem işjeň ösdürilýär. Özara ynanyşmagyň gazanylan ýokary derejesi söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek babatda täze gözýetimleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň energetika, ulag-logistika infrastrukturasy, ylym, medeniýet ýaly ugurlarda täze başlangyçlary bilelikde durmuşa geçirmäge taýýardygyny aýtdy.

Medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagynyň dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýändigi nygtaldy.

Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alena Grand Bitarap Türkmenistanda diplomatik wezipäni ýerine ýetirmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, iki ýurduň halklarynyň bähbidine döwletara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, Bitiren hyzmatlary üçin milli ordeniň kawaleri hanym Alena Grandy Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň adymdan ähli beýan etjeklerine doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Size hormat hem-de dostluk baradaky ynandyrmalarymy ýene-de bir gezek beýan edýärin.

Emmanuel MAKRON,
Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti

10.09.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 9-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lýuk Pýer Dewini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistanda Ýewropa Bileleşigine wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koştanyň we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýeniň döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Lýuk Pýer Dewini bu ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de onuň bu wezipede ýurdumyz bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklara möhüm ähmiýet berýär. Bu düzüm ýurdumyzyň wajyp halkara hyzmatdaşlarynyň biri bolup, soňky ýyllarda bu gatnaşyklar özara hormat goýmak, ynanyşmak, umumy bähbitlere esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilýär. Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge, özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmalary işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berýär.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz söwda dolanyşygyny artdyrmak, Ýewropa ýurtlarynyň kompaniýalary bilen işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek, täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Şeýle-de ýurdumyz energetika, ulag-logistika, senagat, oba hojalygy, sanly tehnologiýalar, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär.

Söhbetdeşler ulag-aragatnaşyk ulgamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny aýdyp, Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna çykýan ugurlary we Hazarüsti ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini ösdürmegiň umumy bähbitlere laýyk gelýändigini bellediler. Şunuň bilen birlikde, energetika ulgamynda, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk hem möhüm ugur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bilim, ylym, medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň özara düşünişmegi berkitmäge hyzmat edýändigi nygtaldy.

Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, Ýewropa Bileleşigi jenap Lýuk Pýer Dewini Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledi. Onuň ýokary şahsy häsiýetleri özüne ynanylan wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň ynamyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we Ýewropa Bileleşiginiň adyndan ähli beýan etjeklerine doly ynanmagyňyzy haýyş edýäris.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygymyz baradaky ynandyrmalarymyzy ýene-de bir gezek beýan edýäris.

Antonio KOŞTA,
Ýewropa Geňeşiniň Başlygy.

Ursula fon der LÝAÝEN,
Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy.

10.09.2026
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 4-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Premýer-ministr Nikol Paşinýan Ermenistanda Türkmenistanyň gazanýan ösüşlerine ýokary baha berilýändigini, dostluga we deňhukuklylyga esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özara ynanyşmak, hormat goýmak, açyklyk ýörelgelerine daýanýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasy diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara düzümleriň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.

Dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygy Türkmenistanyň ählumumy ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini belledi hem-de hormatly Prezidentimizi şu ýylyň oktýabr aýynda Ýerewan şäherinde BMG-niň Bioköpdürlülik baradaky Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 17-nji maslahatynyň (COP 17) öň ýanynda geçiriljek Liderleriň sammitine gatnaşmaga çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyz çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, bu çäräniň daşky gurşawy goramak işinde möhüm waka boljakdygyny belledi hem-de Türkmenistanyň oňa işjeň gatnaşjakdygyny tassyklady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu ýyl Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde 9-njy oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň geçiriljekdigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Premýer-ministr Nikol Paşinýany ýene bir gezek bu sammite gatnaşmaga çagyrdy.

Premýer-ministr Nikol Paşinýan çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň sebitde durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasatynyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýandygyny belledi hem-de Ermenistanyň bu sammite işjeň gatnaşjakdygyny aýtdy.

Şeýle hem telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şunda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň möhümdigi bellenildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Premýer-ministr Nikol Paşinýan Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk we jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa abadançylyk arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik ermeni tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi

05.09.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 28-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebejini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Ilçi duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ata Watany Türkmenistanda Türkiýe Respublikasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz Prezident Rejep Taýyp Ärdogana iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Şener Jebejini Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barjak ýokary diplomatik wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan üçin Türkiýe Respublikasy iň ýakyn doganlyk döwlet bolmak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedir. Iki ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklar özara hormat goýmak, birek-birege ynanyşmak esasynda alnyp barylýar. Ýokary döwlet derejesindäki gatnaşyklar, Hökümet wekiliýetleriniň yzygiderli amala aşyrýan özara saparlary we gepleşikler hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly çärelere gatnaşmagynyň ýokary derejede alnyp barylýan döwletara hyzmatdaşlygyň has-da ilerledilmegine täze itergi berendigini nygtady.

Ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn derejede däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Bu babatda halkara syýasatyň we sebit gatnaşyklarynyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri boýunça, hususan-da, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde iki ýurduň garaýyşlarynyň meňzeşdigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Türkiýäniň ýurdumyzyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridigini nygtady. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara topara we işewürlik geňeşine uly orun degişlidir.

Söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasynda medeniýet, ylym, sungat, döredijilik ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň giň gerimde alnyp barylýandygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz diplomatyň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynam bildirdi.

Şener Jebeji bildirilen uly ynam üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, diplomatik wezipesinde iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, Türkiýe bilen Türkmenistanyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yhlasly zähmet çekjekdigine ynandyrdy.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa

Gadyrly dostum!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Şener Jebejini Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň şahsy häsiýetleri we ukyp-başarnyklary öz wezipesini Siziň Alyhezretiňiziň ynamyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi, şeýle hem meniň adymdan we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Size bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna abadançylyk, dostluk baradaky arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Rejep Taýyp ÄRDOGAN,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

29.08.2026
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 25-nji awgust (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Gazagystanyň Prezidenti birek-biregi mähirli mübärekläp, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan uly şahsy goşandy üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlyk bildirip, möhüm syýasy waka — Gazagystan Respublikasynyň Gurultaýynyň ilkinji saýlawlarynyň geçirilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan gutlaglaryny beýan etdi. «Bu saýlawlaryň netijelerine Gazagystanyň halkynyň paýhasly çözgüdi we erk-islegi, Siziň şahsy syýasy ýeňşiňiz hem-de Siziň ýolbaşçylygyňyzda döwletiň syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik durmuşynda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesi hökmünde garaýarys» diýip, Milli Liderimiz aýtdy hem-de gazak halkynyň gadymy, baý taryhy mirasyna, medeni-ruhy gymmatlyklaryna esaslanyp, doganlyk ýurduň mundan beýläk-de döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe gitjekdigine ynam bildirdi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew gutlaglar hem-de hoşniýetli sözler üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi we Türkmenistanyň goldawyna hem-de Milli Liderimiziň Gazagystan üçin taryhy waka — parlament saýlawlaryna şahsy ünsüne ýokary baha berýändigini belledi. Gazagystanyň döwlet Baştutany hormatly Arkadagymyzyň gutlaglarynyň iki doganlyk halkyň arasyndaky hakyky dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň subutnamasydygyny nygtap, saýlawlara gatnaşan türkmenistanly synçylara aýratyn hoşallyk bildirdi. Hususan-da, türkmen synçylarynyň Gazagystan Respublikasynyň Gurultaýynyň saýlawlaryna taýýarlyk döwründe we saýlawlar geçirilende netijeli işländikleri, saýlawlaryň netijelerine milli kanunçylygyň ähli kadalaryna we halkara standartlara laýyklykda dürs baha berendikleri bellenildi.

Kasym-Žomart Tokaýew Gazagystanyň hem-de Türkmenistanyň kanun çykaryjy edaralarynyň mundan beýläk-de ýakyn özara hyzmatdaşlygy ösdürjekdiklerine, gazak-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga öz goşantlaryny goşjakdyklaryna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň köp asyrlaryň dowamynda dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigini belledi. Bu ýörelgeler häzirki döwürde we uzak möhletleýin geljekde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.

Häzirki wagtda türkmen-gazak hyzmatdaşlygy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda giň özara gatnaşyklary öz içine alýar. Bu ugurlaryň her biri boýunça hyzmatdaşlyk gurallary — hökümetara topar, degişli iş toparlary, gazanylan ylalaşyklaryň netijeli durmuşa geçirilmegini üpjün edýän beýleki utgaşdyryjy düzümler üstünlikli hereket edýär. Gahryman Arkadagymyz ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan, özara ynanyşmaga, dostluga esaslanýan açyk we netijeli dialogyň hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň esasy şerti bolup durýandygyny aýratyn belledi. Şeýle hem iki ýurduň ýolbaşçylarynyň duşuşyklarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge täze itergi berip, özara düşünişmegi çuňlaşdyrmaga, strategik çözgütleri işläp taýýarlamaga we bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge ýardam edýändigi aýdyldy.

Türkmenistan bilen Gazagystan halkara syýasy giňişlikde-de ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. Ählumumy we sebit derejesinde giň gerimli we uzak möhletleýin strategiýalary, maksatnamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasatyny, Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki abraýly halkara düzümlerde öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlyk bildirdi.

Gazagystanyň Prezidenti ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýtmak bilen, olaryň strategik hyzmatdaşlyk ruhunda yzygiderli ösdürilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň noýabrynda Gazagystana amala aşyran döwlet saparynyň netijeleriniň bu gatnaşyklara uly itergi berendigine üns çekildi. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew geçen ýylyň dekabrynda paýtagtymyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen halkara forumyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen geçiren duşuşygynyň ähmiýetini belledi.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň Gazagystanda we Türkmenistanda geçirilýän köptaraplaýyn forumlara gatnaşmagynyň ähmiýetini belläp, Gazagystanyň Prezidenti şu ýylyň noýabr aýynyň başynda Astanada geçiriljek «Emeli aň ulgamynda howpsuzlyk» mowzugy boýunça Akaba prosesiniň mejlisine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagyna uly hormat bilen garaşýandygyny ýene-de bir gezek nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri iki ýurduň sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça uly işleri alyp barýandygyny aýdyp, bu ugurda Türkmenistanyň we Gazagystanyň garaýyşlarynyň köp babatda gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini belledi. Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 7 — 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üç möhüm sammiti, hususan-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini we Hazar ekologiýa sammitini geçirmek baradaky Türkmenistanyň tekliplerini goldandygy hem-de bu forumlara gatnaşjakdygyny tassyklandygy üçin Gazagystanyň Prezidentine minnetdarlygyny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana amala aşyrjak saparyna uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Gazagystanyň döwlet Baştutany oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek üç möhüm sammitiň işine gatnaşjakdygyny ýene-de bir gezek tassyklap, Türkmenistanyň XXI asyrda Merkezi Aziýany ösdürmek maksady bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama goşulandygy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew gazak we türkmen halklarynyň umumy medeni-ruhy gymmatlyklara eýedigini belläp, ahalteke atlarynyň özboluşly gözelligini hem-de olaryň Türkmenistanyň beýik milli mirasydygyny aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasy bilen dostlugy we köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady hem-de Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglyk, uzak ömür, döwlet işinde üstünlikleri, Gazagystanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew däp bolan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki ýurduň doganlyk halklaryna rowaçlyk hem-de ösüş arzuw etdiler.

26.08.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 24-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Petra Dahtleri kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Ilçi duşuşmaga wagt tapandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, dürli ulgamlarda uly ösüşleri gazanýan Türkmenistanda Germaniýa wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Germaniýanyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň we Federal Kansleri Fridrih Mersiň döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Bu babatda Germaniýa Türkmenistanyň Ýewropadaky esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz Germaniýa bilen hyzmatdaşlygy özara hormat goýmak, ynanyşmak, deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerini nazara almak esasynda yzygiderli giňeldýär.

Türkmenistan hem-de Germaniýa halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler, BMG-niň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlary özara goldaýarlar. Ýurdumyz GFR bilen halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek meselelerinde-de hyzmatdaşlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyndaky hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýeti bellenildi. Türkmenistan bu formata sebit ösüşi, ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, ulag arabaglanyşygyny giňeltmek, bilelikdäki başlangyçlary ilerletmek üçin möhüm gural hökmünde garaýar.

Iki ýurt söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmegiň wajyp guraly hökmünde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-german iş toparynyň hem-de German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň alyp barýan işiniň orny nygtaldy. Saglygy goraýyş ulgamynda köpýyllyk türkmen-german hyzmatdaşlygy netijeli gatnaşyklaryň nusgalyk mysaly bolup durýar. Onuň çäklerinde türkmen lukmanlary bilen tejribe alyşmak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, iň gowy Ýewropa lukmançylyk tejribesini öwrenmek üçin germaniýaly bilermenler bilen yzygiderli gatnaşyk alnyp barylýar.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga hem uly ähmiýet berilýär. Ol döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup, dostlukly halklarymyzy ýakynlaşdyrmaga hyzmat edýär. Şunda bilim ulgamyndaky gatnaşyklara, hususan-da, ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak, döwrebap bilimleridir tejribäni alyşmak boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir.

Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, däp bolan dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine laýyk gelýän german-türkmen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa

Jenap Prezident!

Men hanym Petra Dahtleri Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň şahsy häsiýetleri, ukyp-başarnyklary öz üstüne ýüklenen wezipäni mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň adymdan hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan ähli beýan etjeklerine doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa gülläp ösüş, abadançylyk arzuw edýärin.

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Frank-Walter ŞTAÝNMAÝER,
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti.

25.08.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 20-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Täjigistanda Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de Sirojiddin Muhriddin Türkmenistan bilen özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň Täjigistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň daşary işler ministrine hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky nobatdaky geňeşmeleriň üstünlikli geçirilmegini arzuw edip, bu duşuşyklaryň taryhy köklere, dostluga, özara hormat goýmaga esaslanýan türkmen-täjik strategik hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny giňeltmäge hem-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn formatlaryň çäklerinde hem hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýärler. Birleşen Milletler Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň, «Merkezi Aziýa +» formatynyň çäklerinde ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlaryň özara goldanylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiz şu ýyl Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Munuň özi sebitde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berer.

Bellenilişi ýaly, iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Şunda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara topary aýratyn orny eýeleýär. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny aýdyp, energetika, ulag we oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyna ünsi çekdi.

Medeni-ynsanperwer ulgam hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolmagynda galýar. Iki ýurduň halklaryny köpasyrlyk dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, taryhy-medeni, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy birleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, bu gatnaşyklaryň geljekde hem özara medeni çäreleri guramak arkaly işjeň ösdüriljekdigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin dostlukly gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

* * *

Şu gün ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumy babatda pikir alşyldy. Şunda taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň guralyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge aýratyn ünsi çekdiler. Geňeşmeleriň netijeleri boýunça taraplar türkmen-täjik gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, netijeli dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027-2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.

21.08.2026
Türkmen-owgan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň taryhynda täze tapgyr

Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

Aşgabat — Mary welaýaty — Aşgabat, 10-njy awgust (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.

Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatyna ugramak üçin Halk Maslahatynyň Diwanyndan paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Milli Liderimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Häzirki wagtda Diýarymyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli işleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagynda möhüm orna eýedir. Ýurdumyz energetika ulgamynda ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet berýär. Tebigy gazyň gorlary boýunça ägirt uly “Galkynyş” gaz käni Watanymyzyň tebigy-serişde binýadynyň wajyp bölegi bolup, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini üpjün etjek esasy gaz gory bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty yzygiderli amala aşyrýar. Türkmenistan bilen goňşy Owganystanyň arasyndaky gatnaşyklar dostlugyň we döredijilikli hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýar. Ýurtlarymyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerinde ulag-logistika, elektroenergetika ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirýärler.

...Gahryman Arkadagymyz birnäçe wagtdan Mary şäheriniň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Mary welaýatynyň häkimi mähirli garşylady.

Soňra Milli Liderimiz Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň “Islim-Çeşme” serhetýaka zolagyna geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerden dost-doganlyk Owganystana iş saparyny amala aşyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Liderini ýurdumyzyň hem-de Owganystanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Bu ýerde hormatly Arkadagymyz goňşy ýurduň ýaş nesliniň wekilleriniň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdi we sowgatlaryny gowşurdy.

Gahryman Arkadagymyz hem-de Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary iki ýurduň wekiliýet agzalary bilen salamlaşdylar. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradaryň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Abdul Gani Baradar belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň owgan we türkmen halklarynyň taryhy kökleriniň ýakynlygyna, medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge goşant goşýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň owgan halkyna berýän yzygiderli ynsanperwerlik kömegi üçin hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de türkmen we owgan halklarynyň doganlyk halklardygyny, Türkmenistanyň Owganystan bilen serhediniň bolsa dostluk serhedidigini nygtady. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp, sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ugrunda çykyş edýändigini belledi hem-de ýurdumyzyň Owganystan bilen iki halkyň abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi hem-de onuň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisi türkmen-owgan hoşniýetli goňşuçylygynyň nyşany hökmünde taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar.

Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar Gahryman Arkadagymyzy mübärekläp, sebitde uly ähmiýete eýe bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşmak we bu ugurda öňde durýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Milli Liderimiziň Owganystana amala aşyrýan saparynyň ähmiýetini belläp, tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Nygtalyşy ýaly, Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Şunda bilelikdäki taslamalara aýratyn orun degişlidir.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, owgan tarapynyň TOPH taslamasyna, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijilerine diňe bir ykdysady nukdaýnazardan däl, eýsem, Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşjak möhüm ädim hökmünde hem garaýandygy bellenildi.

Abdul Gani Baradar bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň Owganystanyň ilaty üçin energiýa çeşmeleri babatda uly ýeňillikleri, täze iş orunlaryny döretjekdigini, owganystanly maýa goýujylara tebigy gazdan elektrik energiýasyny öndürmek üçin amatly maýa goýum şertlerini üpjün etjekdigini aýtdy. Ol TOPH taslamasy bilen baglanyşykly işleri has-da ilerletmek maksady bilen, iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin bilelikdäki guraly döretmegiň zerurdygyny belläp, Owganystanyň gaz pudagynda işlejek hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistanyň tejribesini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Söhbetdeşligiň dowamynda ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada durlup geçildi. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty sebitiň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklara oňyn täsirini ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitara özara baglanyşygyny pugtalandyrmaga-da ýardam berer. Abdul Gani Baradar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, bilelikdäki sergileri, işewürlik maslahatlaryny yzygiderli esasda geçirmegiň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjekdigini aýdyp, netijeli hyzmatdaşlygy we hoşniýetli garaýyşlary üçin Türkmenistana ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz görkezilen myhmansöýerlik üçin öz adyndan hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan owgan tarapyna minnetdarlyk bildirdi hem-de şu gezekki gepleşikleriň netijeleriniň iki halkyň abadançylygynyň bähbidine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ikiçäk düzümde geçirilen duşuşykda dürli ulgamlarda, şol sanda ýangyç-energetika, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy, ulag infrastrukturasy, elektroenergetika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny we bu ugurda möhüm wezipeleriň bardygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan hem-de Owganystan hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýarlar. Gaz pudagy özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ulgamda halkara ähmiýetli düýpli infrastruktura taslamalary amala aşyrylýar. Şunda üstaşyr geçiriji merkez hökmünde Owganystanyň Hyrat welaýatyna möhüm orun degişlidir. Energiýa serişdeleriniň iberilmegi, üstaşyr mümkinçilikleriň ösdürilmegi uzak möhletli energetika dialogy üçin binýady döredip, tutuş sebitiň ykdysady ösüşine ýardam berýär. Şu babatda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ähmiýetini bellemek gerek. Bu transmilli taslama Türkmenistanyň milli ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde wajyp ädimdir hem-de tutuş sebitiň durnukly ösüşine, doganlyk halklaryň abadançylygyna gönükdirilendir.

Elektroenergetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk ugurdaş infrastrukturany döwrebaplaşdyrmaga, goňşy ýurduň sebitlerini elektrik energiýasy bilen yzygiderli üpjün etmäge ýardam berýär. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň taslamalarynyň ähmiýetini nygtamak gerek. Bu taslama sanly hyzmatdaşlygy ösdürmäge, elektron maglumat aragatnaşygyny ýola goýmaga mümkinçilik berer. Şunda Owganystanyň Hyrat welaýatynyň mümkinçiliklerine üns çekildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň tebigy gazyny, elektrik energiýasyny Owganystana ibermegi bilen, bu welaýatda uly senagat zolagyny özleşdirmek işleriniň kuwwatyny artdyrmak boýunça mümkinçilikleriň açylýandygy aýdyldy. Munuň özi täze iş orunlarynyň döredilmeginde, goňşy ýurtda abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm bolup durýar.

Ulag-logistika pudagy Merkezi we Günorta Aziýany baglanyşdyrýan wajyp ulgam bolup durýar. Bellenilişi ýaly, yklymara geçelgeleriň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan durnukly ulag ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň halkara üstaşyr ulag geçelgelerini hem-de logistika merkezlerini döretmek, Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgeleriniň taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmak, hususan-da, Beýik Ýüpek ýoluny täze taryhy şertlerde gaýtadan dikeltmek boýunça başlangyçlary muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, “Lapis Lazuli” halkara ulag geçelgesiniň ähmiýetine üns çekildi. 2017-nji ýylda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgesini döretmek boýunça Aşgabatda bäştaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz bu geçelgäni işjeňleşdirmäge we onuň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnäçe teklibi öňe sürüpdi. Hususan-da, Milli Liderimiz ulag geçelgesine gatnaşyjy ýurtlaryň çäklerinde durnukly ýük akymlaryny emele getirmek hem-de bilelikdäki hereketleri utgaşdyrmak üçin bitewi logistik merkezi döretmegi, ýükleriň ugradylýan, kabul edilýän ýerlerini, şol sanda deňiz menzillerini, demir ýol beketlerini we awtomobil menzillerini ösdürmäge aýratyn üns bermegi, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça hem-de yzyna ýükleri geçirmek üçin bir bitewi nyrh syýasatynyň ýöredilmegini, “Bir penjire” ýörelgesi boýunça gözegçilik ulgamyny girizmek arkaly gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmegi, bu ugruň sanly ulgamdaky atlasyny taýýarlamagy teklip edipdi. Bu multimodal ulag geçelgesi Ylalaşyga gatnaşyjy döwletlere Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar hem-de Gara deňiz, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde netijeli gatnaşyklary berkitmäge, olaryň uly ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap görnüşde gaýtadan dikeltmekde uly ähmiýete eýedir.

Duşuşykda medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçinem giň mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bilim alýan owganystanly talyplaryň sanyny artdyrmak, dürli ugurlar, esasan-da, TOPH taslamasynda, gaz ulgamynda öz işine ussat hünärmenleri taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmek meselelerine seredildi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda owgan talyplary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar. Munuň özi bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň aýdyň nusgasy bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyz bilelikdäki taslamalar barada aýdyp, olary ilerletmek üçin hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-owgan toparyny döretmegi teklip etdi. Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň owgan tarapynyň beýan eden tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýdyp, ýurdumyzyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda çykyş edýändigini tassyklady.

Gepleşikler tamamlanandan soňra, mukaddes Gurhandan aýatlar okaldy. Soňra Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisi boýunça ýerine ýetirilen işler barada taýýarlanan wideoşekiller görkezildi.

Häzirki wagtda bu ägirt uly taslamanyň möhüm tapgyrynyň gurluşygyny üstünlikli tamamlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen satyn alnan ýöriteleşdirilen tehnikalaryň 300-e golaýy işledilýär. Bu ýerde gurluşykçylaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredilýär. Munuň özi gurluşygyň bellenilen möhletde, ýokary hilli ýerine ýetirilmeginde uly ähmiýete eýedir. Türkmen gazçylary Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize döredip berýän mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edýärler.

Soňra «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Owganystanyň «Afghan Gas» döwlet korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Bu resminama iki ýurduň gaz pudagyndaky gatnaşyklarynda täze sahypany açýar. Ähtnama esasynda taraplar Hyrat welaýatynda gaz infrastrukturasyny döretmek, senagat kärhanalary, elektrik stansiýalary we ilaty türkmen gazy bilen üpjün etmek boýunça bilelikde iş alyp barmak barada ylalaşdylar.

Dabara tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri we Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary bilelikde şu günki waka mynasybetli toý sadakasyna gatnaşdylar.

Soňra Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden Mary şäherine bardy. Mary şäheriniň Halkara howa menzilinde Milli Liderimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Şeýlelikde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Munuň özi ähli ugurlarda durnukly ösüşi üpjün edýär.

11.08.2026