Täzelikler
Türkmenistan — Amerikanyň Birleşen Ştatlary: ygtybarly häsiýete eýe bolan gatnaşyklar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary

...Gahryman Arkadagymyz Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gelende, dostlukly ýurduň Halkara howa menzilinde mähirli garşylanyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurda amala aşyran saparynyň çäklerinde «Nicklaus Companies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz we kompaniýanyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri bilen duşuşdy. Onda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Jon Riz türkmen halkynyň Milli Liderini ABŞ-da görýändigine örän şatdygyny nygtap, özüniň Türkmenistana amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Aşgabadyň binagärlik keşbiniň özünde oňyn täsirleri galdyrandygyny nygtady.

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanda ýokary netijeli sportuň, dynç alyş ulgamynyň we syýahatçylygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Munuň özi ýurdumyzda ählumumy durnukly ösüşiň strategik ugry hasaplanýar. Şunda Türkmenistanda sportuň hem-de syýahatçylygyň häzirki zaman düzüminiň döredilendigi bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurlan golf meýdançalarynyň görnüşleri görkezildi. Nygtalyşy ýaly, sporty we dynç alşy özünde jemleýän golf meýdançalary ekologik ýagdaýyň durnukly saklanmagynda, bu ugur boýunça täzeçil çözgütleriň kabul edilmeginde wajyp şert hökmünde ykrar edilendir.

Milli Liderimiz dünýäde öňdebaryjy hasaplanýan “Nicklaus Companies” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň toplanandygyny, Arkadag şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap golf meýdançalarynyň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Aşgabatda gurlan golf meýdançasynyň şäher ilatynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolandygyny aýdyp, hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň şeýle merkezleriň gurulmagy bilen bagly meseleler babatda hyzmatdaş kompaniýanyň tekliplerini öwrenmäge taýýardygyna ünsi çekdi.

Saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýan kompaniýanyň ýolbaşçysy dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hem-de halkara gatnaşyklary ösdürmek üçin degişli kanunçylyk binýady üpjün edilen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň özleri üçin uly hormatdygyny nygtady. Şeýle-de Jon Riz Milli Liderimizi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, Arkadag şäherinde gurulmagy möhüm hasaplanýan birnäçe taslamalar bilen tanyşmaga çagyrdy.

Gahryman Arkadagymyz taslamalar bilen içgin tanşyp, Arkadag şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda golf meýdançalarynyň gurulmagynyň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde köpçülikleýin bina edilýän durmuş maksatly desgalaryň üstüni ýetirjekdigini belledi hem-de “Nicklaus Companies” kompaniýasy bilen netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Jon Riz Türkmenistanda golf sportunyň ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilmeginiň örän guwandyryjy ýagdaýdygyny nygtap, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ykdysady taýdan kuwwatly ýurduň dürli künjeklerinde golf meýdançalaryny gurmak baradaky teklipleri hödürlemäge we desgalaryň gurluşygyna girişmek üçin zerur taýýarlyk işini alyp barmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy taslamalar bilen tanyşlykdan soňra, “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy.

Erik Stýuart Gahryman Arkadagymyzy ABŞ-da görýändigine şatdygyny aýdyp, amerikan işewür toparlarynyň uly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini belledi.

Milli Liderimiz häzirki döwürde Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda dürli ugurlar boýunça gatnaşyklaryň ösdürilýändigini, şunda iki ýurduň işewür düzümleriniň bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklaryny belledi we birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekdi.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenendigi bellenildi. Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň we ABŞ-nyň işewür düzümleriniň arasynda geljegi uly ugurlar boýunça gatnaşyklary ilerletmekde wajyp ähmiýeti bolan duşuşyklary yzygiderli guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berer. Nygtalyşy ýaly, köp ýyllaryň dowamynda “Boeing”, “General Electric”, “John Deere”, “Case” “Nicklaus Companies” ýaly iri amerikan kompaniýalary Türkmenistanda möhüm taslamalary durmuşa geçirýärler. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz birnäçe ýyllaryň dowamynda iki ýurduň işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy. “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory iki ýurduň ykdysady düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmak we ösdürmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda Milli Liderimiz hem-de Erik Stýuart birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, özara bähbitli, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ilerlediljekdigine ynam bildirdiler.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Panther” milli golf klubuna bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy hem-de golf klubunyň wekilleri meýdançalaryň gurluş aýratynlyklary, onuň özboluşly şertleri barada gürrüň berdiler. Bellenilişi ýaly, dünýäniň köp ýurtlarynda bolşy ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda-da golf bilen köpçülikleýin meşgullanmak üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär.

Milli Liderimiz meýdançalaryň abadanlaşdyrylyşy, hil derejesi bilen tanşyp, Aşgabatda hereket edýän golf meýdançasynyň ýaşlaryň söýgüli künjegine öwrülendigini aýtdy. Ýurdumyzda golf meýdançalarynyň sanyny artdyrmagyň meýilleşdirilýändigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu ugurda oňyn tejribe toplan amerikan hünärmenleri bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirilýändigini belledi.

Golf klubunyň wekilleri türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşmagyň we bilelikdäki golf ýaryşlaryny geçirmegiň özleri üçin hormat boljakdygyny nygtadylar.

Gahryman Arkadagymyz “Sandhill Crane Golf Club” okuw-türgenleşik merkezi bilen tanyşdy. 1992-nji ýylda açylan bu merkez häzirki wagtda gelim-gidimli ýerleriň biri bolup durýar. Bu ýerde dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän dokma senagatyna degişli önümleriň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Onda arassa nah ýüplüklerden taýýarlanan sport lybaslarynyň dürli görnüşleri görkezildi. Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda öndürilen, “Türkmenistanda öndürildi” nyşanly harytlara möhüm orun berildi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň arassalygy, ekologik derejesi bilen ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýän önümleri dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän harytlar hökmünde ykrar edilýär.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu toplumyň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.

Merkezde türgenleşik işleri sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly geçirilýär. Şeýle-de ol tebigy aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyz merkeziň mümkinçiliklerine ýokary baha berdi we bu ugurda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe boljakdygyny belledi. “Golf sporty häzirki wagtda dünýäde meşhur sport görnüşleriniň biri bolup durýar. Bu sporta ýaşlaryň arasynda gyzyklanmalar barha artýar. Ýurdumyzda golf sportuny ösdürmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär” diýip, Milli Liderimiz nygtady. Şeýle hem bu ugur boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemegiň wajypdygyny aýdyp, hormatly Arkadagymyz ekologik abadançylygyň möhüm şertleriniň biri bolan golf meýdançalarynyň köpçülikleýin gurulmagynyň adamlaryň, şol sanda ýaşlaryň saglygynyň berkidilmeginde aýratyn orun eýeleýändigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasynda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, golf sporty boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin wagtyň synagyndan geçen netijeli gural hökmünde golf meýdançalarynyň ähmiýetine üns berildi.

Gahryman Arkadagymyz golf klubunyň wekillerine üstünlikleri arzuw etdi we olara netijeli duşuşyk üçin minnetdarlyk bildirip, bu ýerden ugrady.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri “La Victoria” atçylyk toplumyna bardy. Bu toplum atşynaslar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlaryndan, athanalardan, türgenleşik meýdançasyndan, suw çüwdürimli kölden we beýleki ugurdaş desgalardan ybarat. Onda athanada saklanýan atlar üçin ýataklar, atlaryň seýislenilýän ýerleri, ýapyk manež, at eýerlerini we beýleki esbaplaryny saklamaga niýetlenen otaglar bar. Şeýle hem açyk meýdanda atlary suwa ýakmak üçin ýer döredilipdir.

Hormatly Arkadagymyz atçylyk toplumynyň bedewleri, olaryň saklanyş şertleri bilen tanşyp, bu ýerde atlary bäsleşiklere taýýarlamaga niýetlenen mümkinçilikler, seýisleriň iş tertibi bilen gyzyklandy. Bu iri toplumda atçylyk sporty boýunça bäsleşikleri guramak, atçylyk sportunyň konkur görnüşi boýunça halkara ýaryşlary geçirmek üçin ähli zerur şertler bar. Bu ýerde konkur boýunça halkara bäsleşikler birnäçe aýlap dowam edýär. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň arasynda atçylyk sporty boýunça ýygjam gatnaşyklary ösdürmek babatda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunda türkmenistanly we ABŞ-ly atşynaslaryň, atçylyk sporty bilen meşgullanýanlaryň arasynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek ähmiýetli bolar.

Gahryman Arkadagymyz atçylyk toplumynyň wekilleriniň özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça teklipleriniň öwreniljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde ýurduň tanymal syýasatşynaslary, işewürleri bilen duşuşdy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy işewürler Stiw Winn, Aýzek Perlmutter, “Oxbow Group” kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Wilýam Koh mähirli garşyladylar.

Milli Liderimiz häzirki döwürde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykýandygyny, köp sanly amerikan kompaniýalarynyň türkmen bazarynda netijeli iş alyp barýandyklaryny, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Duşuşygyň dowamynda ozaldan gelýän özara hereketleri pugtalandyrmagyň möhümdigine aýratyn üns berildi.

Işewürler işjeň ýagdaýda geçen duşuşyk üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan edip, geljekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy alyp barmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň “John Deere Walldorf International GmbH” kompaniýasynyň Baş direktory, GDA we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň oba hojalygy ugry boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýko bilen duşuşygy boldy.

Çaba Leýko bu duşuşygyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady. Şeýle hem ol Gahryman Arkadagymyza Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi hem-de bu saparyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlykda oba hojalygy boýunça gatnaşyklara möhüm ornuň degişlidigini belledi. Şeýle hem oba hojalygynyň milli ykdysadyýetimiziň wajyp pudaklarynyň biridigi, azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň bolsa halkymyzyň abadançylygy bilen gönüden-göni baglydygy aýdylyp, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygy nygtaldy. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň yzygiderli goldaw bermegi esasynda ýurdumyzda obasenagat toplumynyň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär. Bu toplumyň işine öňdebaryjy tehnologiýalar, dünýäniň iň gowy tejribesi ornaşdyrylýar. Daýhanlara döwrebap tehnikalar satyn alnyp berilýär.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, “John Deere” kompaniýasy bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň uzak möhletli häsiýete eýedigine üns berildi. Bu kompaniýa obasenagat ulgamynda Türkmenistanyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Işjeň gatnaşyklaryň 30 ýyldan gowrak döwrüniň içinde kompaniýanyň Türkmenistana iberýän dürli görnüşli oba hojalyk tehnikalarynyň sanynyň artmagy hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Obasenagat toplumy üçin niýetlenen “John Deere” kysymly ýöriteleşdirilen tehnikalar ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde netijeli işledilýär.

Türkmenistan üçin ýokary bilimli ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys ugurlarynyň biridir. Bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdirilmegi üçin uly mümkinçilikler bar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda bu kompaniýanyň kuwwatly tehnikalarynyň müňlerçesi ulanylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we “John Deere” kompaniýasynyň netijeli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy. Bellenilişi ýaly, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hyzmatdaşlyk has-da işjeň häsiýete eýe bolar.

Duşuşygyň ahyrynda Çaba Leýko Gahryman Arkadagymyza netijeli söhbetdeşlik hem-de kompaniýa bildirilýän ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, “John Deere” kompaniýasynyň öz hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow saparynyň çäklerinde “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz bilen duşuşyp, gepleşikleriň dowamynda maslahatlaşylan meseleler, gazanylan ylalaşyklar we kesgitlenen wezipeler barada pikir alyşdy.

Jon Riz Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň ýokary derejede geçendigini hem-de onuň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolandygyny aýratyn nygtady. Bellenilişi ýaly, ABŞ-nyň işewür düzümleriniň wekilleri bu saparyň netijelerine ýokary baha berdiler.

Milli Liderimiz amerikan kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalarynyň ähmiýetlidigine ünsi çekip, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine daýanýan daşary syýasaty alyp barýandygyny, şunda Türkmenistanyň özara bähbitli, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi. Pikir alyşmalaryň dowamynda geçirilen duşuşyklaryň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary ýokary derejede ýerine ýetirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda we Arkadag şäherinde golf meýdançalarynyň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigini aýdyp, bu babatda özara tejribe alyşmagyň meselelerine ünsi çekdi.

Jon Riz Milli Liderimiz bilen bolan duşuşykdan soňra, Türkmenistanda golf meýdançasyny gurmagyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işleriň geçirilendigini habar berdi. Bellenilişi ýaly, Hazar deňziniň kenarynda guruljak golf toplumy sportuň bu görnüşine höwes edýän ýaşlar üçin niýetlenen iki sany meýdançany öz içine alar. Olaryň birinde özara bäsleşikleri guramak mümkinçiligi üpjün ediler. Bu meýdançada golf klubunyň agzalary dürli türgenleşikleri geçirip bilerler we onda halkara ýaryşlary guramak babatda mümkinçilikler dörediler. Kaşaň myhmanhanalary, şypahanany, ajaýyp akwoparky özünde jemleýän gözel Awazanyň çäginde golf meýdançalarynyň gurulmagy bu künjegiň Merkezi Aziýada ähmiýetli şypahana zolagy hökmündäki derejesini has-da pugtalandyrar.

Duşuşygyň dowamynda Arkadag şäheriniň tebigy aýratynlyklarynyň golf meýdançasyny gurmak üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýändigi bellenildi. Munuň özi bu ugur boýunça gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejesine çykmagyny üpjün eder. Mälim bolşy ýaly, “Nicklaus Companies” kompaniýasy 50 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda dünýä derejeli golf meýdançalarynyň 450-den gowragyny gurdy. Olar ABŞ-nyň ştatlarynyň 40-synda, ýurtlaryň 50-sinde işjeň hereket edýär. Munuň özi dünýäde golf sportunyň ösdürilmegine goşulan mynasyp goşantdyr. Türkmenistanda bu görnüşiň işjeň ösdürilmegi ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki sport abraýyny has-da belende göterer.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda ýokary netijeli sportuň, dynç alyş ulgamynyň we syýahatçylygyň ösdürilmeginiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Duşuşygyň ahyrynda Milli Liderimiz we Jon Riz geçirilen duşuşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolandygyny aýdyp, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler hem-de bu duşuşygyň täze başlangyçlara badalga bolandygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparyny tamamlap, dostlukly ýurduň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden ugrady. Birnäçe sagatdan Gahryman Arkadagymyz Germaniýa Federatiw Respublikasyna bardy we bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahaty hormatly Prezidentimiziň 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şeýle hem behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek maksady bilen gol çeken Karary esasynda geçirildi. Onda 2026-njy ýylda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar 2026-njy ýyl üçin möhüm maksatlary özünde jemleýär. Çünki ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri Watanymyzyň döredijilik kuwwatynyň, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadamlarynyň, halkymyzyň tutanýerli zähmetiniň nyşanydyr. Gündogar müçenamasynda ýylky ýyly güýç-kuwwaty, asyllylygy, öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin tutanýerli erki aňladýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy toý-baýramlaryň bezegine öwrülen bedewleriň halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigini aýdyp, pederlerimiziň, ussat seýisleriň tagallasy bilen dünýäde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleriniň ösdürilip ýetişdirilýändigini belledi. Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň döredijilik zehininiň we tebigat bilen sazlaşygynyň ýokary nusgasydyr. Halkymyzyň milli buýsanjydyr. Şoňa görä-de, halkymyz «At — myrat», «At agynan ýerde toý bolar», «Aty baryň ganaty bar» diýmek bilen, öz behişdi bedewlerine uly sarpa goýýar.

Iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Rejepow türkmen-german gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk dürli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýär. Germaniýa Türkmenistanyň Ýewropa sebitinde esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ýewropa ýurtlary bilen özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Şeýle hem ilçi behişdi bedewlerimizi wagyz etmek, ahalteke atlarymyzyň geçiriljek halkara ýaryşlara gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz 2026-njy ýylyň 11 — 23-nji awgusty aralygynda Germaniýanyň Aahen şäherinde geçiriljek «FEI World Championship 2026» çempionatyna, sentýabrda Niderlandlar Patyşalygynda boljak ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşigine, Fransiýada, Beýik Britaniýada geçiriljek at bilen bagly çärelere gatnaşmagy gazanmagyň we olara ýokary derejede taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi. “Häzirki döwürde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanmaga berlen atçylyk toplumlary, aýlawlar, ahalteke bedewleriniň arassa ganlylygyny gorap saklamak, olaryň baş sanyny artdyrmak, bedewleri çapyşyklara taýýarlamak ugrunda alnyp barylýan işler ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýär” diýip, Milli Liderimiz nygtady.

Iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy öňde boljak çäreleriň ýokary guramaçylykda geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygyny aýtdy. Munuň özi mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny belleýän Türkmenistanyň dünýäniň syýasy giňişligindäki abraýynyň mundan beýläk-de belende galmagyny, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň has-da artmagyny üpjün eder. Şu maksat bilen, ähli meýilleşdirilen çäreleriň anyk maksatnamalarynyň taýýarlanylmalydygyny, her bir çäräniň döwrebap derejede geçirilmelidigini aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu babatda degişli düzümleriň bilelikdäki tagallalarynyň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi.

Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden Watanymyza ugrady. Birnäçe sagatdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy.

Umuman, Milli Liderimiziň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran sapary netijeli we işjeň geçen duşuşyklara, gepleşiklere baý boldy. Munuň özi Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar üçin açykdygynyň aýdyň güwäsidir. Bu saparyň jemleri Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda täze möhüm sahypany açar.

(TDH)

23.02.2026
Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktoryny kabul etdi

Aşgabat, 16-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti edarasynyň direktory Hans Klýugäni kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň parahatçylyk, raýdaşlyk we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, BSGG hem-de BMG bilen hyzmatdaşlykda saglygy goraýyş diplomatiýasyny berkitmek boýunça yzygiderli tagallalary üçin döwlet Baştutanymyza Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň «Saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we diplomatiýany öňe sürmekde goşan goşandy üçin» atly ýörite sylagyny gowşurdy. Şeýle-de ol Arkadagly Gahryman Serdarymyzy 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi hem-de bu ýylyň Arkalaşygyň giňişliginde “Saglygy goramagyň ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, bu sylagy ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işlere we gazanylýan netijelere Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan berilýän ýokary bahanyň ykrarnamasy hökmünde kabul edýändigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Hans Klýugäniň Türkmenistana saparynyň dowamynda gatnaşjak «Bütindünýä saglygy goraýyş çygrynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog» atly okuw maslahatynyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak we pikir alyşmak üçin möhüm mümkinçilik boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň döwlet syýasatynda ilatyň saglygyny goramak esasy wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn kämilleşdirmek boýunça giň gerimli özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, keselleriň öňüni almak, olary ýüze çykarmak we bejermek boýunça netijeli işler ýola goýulýar. Ýurdumyzda öňdebaryjy innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman saglyk öýleri, ýöriteleşdirilen hassahanalar, Arkadag lukmançylyk klasteri gurulýar.

Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn iýmitlenmek, temmäkä garşy göreşmek boýunça işler hem üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ugurda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy ýurdumyzyň ygtybarly we uzak möhletleýin hyzmatdaşy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýola goýlan oňyn tejribeden ugur alyp, türkmen tarapynyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti edarasynyň direktory Hans Klýuge birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

17.02.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi

Aşgabat, 10-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýän hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Ömer Bolat ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň sebitde parahatçylygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetini belläp, Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň geçen ýylyň dekabrynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen wekilçilikli foruma gatnaşmagynyň iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklary täze derejä çykarmaga ýardam berendigini aýtdy. Şeýle hem myhman Türkmenistanyň ykdysadyýetde gazanýan üstünliklerine ýokary baha berip, her gezek ýurdumyza sapar bilen gelende hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli syýasatyň dürli ugurlardaky oňyn netijeleriniň şaýady bolýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň söwda ministrini mähirli mübärekläp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň Aşgabatdaky sergisiniň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän bu sergi iki ýurduň özara bähbitli işewürlik hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösmegine itergi berýän möhüm çäreleriň biridir. Hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistan üçin iň ýakyn doganlyk döwletleriň biridigini belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýedigini, onuň hemişe özara hormat goýmaga we birek-birege goldaw bermäge esaslanýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, iki ýurduň Hökümet wekiliýetleriniň ýygy-ýygydan amala aşyrýan özara saparlary we gepleşikleri döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna uly goşant goşýar. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini, ýurdumyzyň dürli ugurlarda täze tehnologiýalary, ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga hem-de ykdysadyýetimizi yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berýändigini belledi. Köp ýyllaryň dowamynda Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlary eýeläp gelýär. Özara haryt dolanyşygynyň ýylsaýyn artmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Ikitaraplaýyn esasda geçirilýän sergiler netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde wajyp gural bolup hyzmat edýär. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 2 — 5-nji iýuly aralygynda Stambul şäherinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi üstünlikli geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda geçirilýän Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň netijeleriniň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmaga ýardam berjekdigine, türk kompaniýalary bilen işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge, maýa goýumlary işjeň çekmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Myhman Türkiýede Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini aýdyp, Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini ýokary derejede geçirmäge beren goldawlary üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça türk tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge we netijeli başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolat ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

11.02.2026
Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili bilen duşuşygy

Aşgabat, 23-nji ýanwar (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Serjio Gor bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny beýan edip, ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy hem-de hormatly Prezidentimiz bilen bolan duşuşygynyň özara gatnaşyklary has-da ilerletmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Serjio Gor paýtagtymyzyň binagärlik keşbiniň özünde ýakymly täsirleri galdyrandygyny belledi.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň ABŞ bilen dürli ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň möhüm strategik hyzmatdaşlarynyň biridir. Ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklar soňky ýyllaryň dowamynda özara hormat goýmak we düşünişmek ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň noýabrynda «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatynda geçirilen sammite gatnaşmak üçin Waşington şäherine amala aşyran saparynyň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, ynanyşmak, düşünişmek ýörelgelerine esaslanyp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýar.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Serjio Gor birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

24.01.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wekillerini kabul etdi

Aşgabat, 23-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň goşun ministri Deniýel Driskolly hem-de ABŞ-nyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Serjio Gory kabul etdi.

Myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyklaryny beýan edip, ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ABŞ bilen syýasy, ykdysady, ynsanperwer ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz geçen ýylyň noýabrynda «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşmak üçin Waşington şäherine amala aşyran saparyny we onuň çäklerinde Prezident Donald Tramp bilen geçiren duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, bu formatdaky hyzmatdaşlyk howpsuzlyk, ykdysady, howa we energetika meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli binýada öwrüldi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, ynanyşmak, düşünişmek ýörelgelerine esaslanyp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýar. Söhbetdeşler syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň meselelerine degip geçip, soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda işjeň syýasy dialogyň alnyp barylýandygyna ünsi çekdiler. Bu bolsa durnukly ösüşi, howpsuzlygy üpjün etmek, howanyň üýtgemegi ýaly ählumumy meseleler boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berýär.

Söwda-ykdysady ulgam iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda möhüm taslamalary durmuşa geçirmekde iri amerikan kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, bu işde Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň uly goşandy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň goşun ministri Deniýel Driskoll we ABŞ-nyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Serjio Gor özara düşünişmäge, ynanyşmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

24.01.2026
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 30-njy dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň başynda Gahryman Arkadagymyz we Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy birek-biregi ýetip gelýän täze — 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň halklaryna bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler. Milli Liderimiz telefon arkaly söhbetdeşligi geçirmek başlangyjy üçin Walentina Matwiýenko minnetdarlyk bildirip, Täze ýylyň öňüsyrasyndaky bu söhbetdeşlige berk özara dostlugyň nyşany hem-de iň gowy arzuwlary beýan etmek üçin mümkinçilik hökmünde garaýandygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylda türkmen-rus gatnaşyklary netijeli häsiýete eýe boldy we möhüm wakalara beslendi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli dabaralara hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna amala aşyran saparlarynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Bu saparlar Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylygyň, dostlugyň, strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylýandygyny, ýurtlarymyzyň umumy taryhy mirasa, halklarymyz tarapyndan häzirki döwürde aýawly saklanýan we baýlaşdyrylýan gymmatlyklara, däp-dessurlara ygrarlydygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňiş mynasybetli «Hatyra otlusy» başlangyjynyň Türkmenistanda goldanandygyny, oňa ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň gatnaşandygyny aýtdy hem-de bu möhüm çäräniň guramaçylygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda Russiýanyň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga berýän ünsüne, döwletimiziň bitarap daşary syýasy ugruna, ählumumy durnuklylygy berkitmäge, döwletara gatnaşyklarda parahatçylyk, ynanyşmak, özara hormat goýmak dialogynyň filosofiýasyny ilerletmekdäki tagallalaryna berýän goldawyna ýokary baha berilýändigini aýtdy. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan halkara foruma hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza amala aşyran sapary munuň aýdyň beýany boldy. Munuň özi ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara gün tertibiniň çäklerinde mundan beýläk-de ýakyn we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny, BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň esasynda halkara howpsuzlygyň arhitekturasyny pugtalandyrmaga bilelikde goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady.

Gahryman Arkadagymyz şu ýyl Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň hem yzygiderli ösdürilendigini belledi. Şunda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýetiniň 2025-nji ýylyň oktýabrynda Moskwa amala aşyran saparynyň ähmiýetine üns çekildi. Ýurdumyzyň parlamentiniň ýolbaşçysynyň RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly goşant boldy. Şunuň bilen bir hatarda, bu duşuşyk iki tarapyň hem bu gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýändigini tassyklamak bilen, mundan beýläk-de bilelikde iş alyp barmak, parlament tejribesini alyşmak üçin täze mümkinçilikleri açdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň «Modanyň Arkalaşygy» atly IV halkara forumyň işine gatnaşmak üçin Sankt-Peterburg şäherine amala aşyran saparynyň iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim bolandygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik we forumyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň geljek ýylda-da Russiýa bilen ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk ruhunda köpugurly we ulgamlaýyn häsiýete eýe bolan özara gatnaşyklary, köptaraplaýyn formatlaryň çäklerindäki dialogy dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň çözgüdine laýyklykda, Arkalaşygyň sammitiniň 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanda geçiriljekdigini aýtdy. Türkmen tarapy bu sammiti iri halkara forumlary geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmegi göz öňünde tutýar.

Şeýle-de Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde zenanlaryň dialogyny, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisini, demografiýa meseleleri boýunça maslahaty geçirmäge taýýarlyk görmegiň möhümdigi nygtaldy. Gahryman Arkadagymyz ozalky duşuşyklaryň netijelerinden görnüşi ýaly, şeýle formatlarda özara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň hem-de baýlaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy hem-de türkmen tarapynyň bu çäreleri geçirmek boýunça guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Milli Liderimiz döredijilikli, netijeli, özara hormat goýmak häsiýetine eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we ynanyşmagyň Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň binýadyny emele getirýändigini aýratyn nygtady hem-de döwletara hyzmatdaşlygy ýokary derejä ýetirmekde Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň uly hyzmatynyň bardygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Walentina Matwiýenko türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmäge goşandy we tagallalary netijesinde Türkmenistanda uly abraýdan peýdalanýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz Federasiýa Geňeşiniň Başlygyna hut öz adyndan, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri geljek ýylda Walentina Matwiýenkonyň ýolbaşçylygynda Federasiýa Geňeşiniň işiniň has-da netijeli boljakdygyna, Russiýanyň bähbidine we onuň halkara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hyzmat etjekdigine, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostluga we özara gatnaşyklara täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz geljek ýylda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen gepleşikleriň geçiriljekdigine we olaryň netijeleriniň türkmen-rus gatnaşyklaryny täze derejelere çykarjakdygyna ynanýandygyny aýtdy.

RF-niň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyza hoşniýetli sözler we iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek babatda alyp barýan işine beren ýokary bahasy üçin hoşallyk bildirdi hem-de Russiýanyň iki döwletiň halklarynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny tassyklady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko birek-biregi ýetip gelýän täze — 2026-njy ýyl bilen ýene-de bir gezek gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

31.12.2025
Hoşniýetli goňşuçylyk we ynanyşmak dialogyny ilerledip

Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary tamamlandy

Sankt-Peterburg — Aşgabat, 22-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşdy.

Hemişelik Bitarap Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň çäklerinde giň möçberli energetika we logistika taslamalaryny durmuşa geçirip, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Ýurdumyz GDA-nyň giňişliginde ulag-kommunikasiýa arabaglanyşygyna aýratyn üns berýär. Bütindünýä durnukly ulag gününi yglan etmek baradaky başlangyjy öňe süren ýurt hökmünde Türkmenistan Arkalaşygyň ýurtlarynyň çäklerinden geçýän Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ulag geçelgelerini ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Türkmenistanyň Hazar deňzi sebitini kuwwatly ulag merkezine öwürmek boýunça başlangyçlary dostlukly döwletleriň arasynda söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, harytlary Günorta Aziýanyň we Ýewropanyň bazarlaryna çykarmaga ýardam berýär.

Ynsanperwer we ekologiýa ulgamlary hem Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki gün tertibinde möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyz Aral meselesini çözmäge işjeň gatnaşyp, «ýaşyl» diplomatiýa, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak bilen bagly başlangyçlary öňe sürýär. Türkmenistanyň şäherleriniň birnäçe gezek «Arkalaşygyň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bolsa Türkmenistanyň özara hormat goýmak, umumy taryhy mirasy gorap saklamak arkaly halklaryň arasyndaky dostlugy pugtalandyrýandygyny, medeniýetara dialoga açykdygyny görkezýär.

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak we köpasyrlyk dostluk ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy dabaraly bellenilýän 2025-nji ýylda ikitaraplaýyn dialog hil taýdan täze derejä çykaryldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak maksady bilen, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň ýurdumyza amala aşyran sapary iki ýurduň hem özara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny tassyklan ähmiýetli waka boldy.

Söwda-ykdysady ulgam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň binýady bolup çykyş edýär. Häzirki wagtda özara haryt dolanyşygynyň yzygiderli artmagy munuň aýdyň mysalydyr. Ulag-logistika hyzmatdaşlygy hem strategik ähmiýete eýe. Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň ugrunda ýerleşýän ýurdumyz bu günki gün Ýewraziýanyň üstaşyr ulag merkezine öwrülýär. Demir ýol infrastrukturasyny ösdürmek, logistikany sanlylaşdyrmak, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny giňeltmek boýunça bilelikdäki tagallalar GDA ýurtlaryna Hind ummany we Pars aýlagy ýurtlarynyň bazarlaryna çykmaga mümkinçilik berýär. Bu hyzmatdaşlyk sebitiň geografik artykmaçlyklaryny ykdysady abadançylygyň anyk guralyna öwürýär. Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk iki ýurduň halklaryny birleşdirýän köpri bolup hyzmat edýär. Şunda ylym we bilim ulgamlaryna aýratyn orun degişlidir.

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky syýasy hyzmatdaşlyk ynanyşmagyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Russiýa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli goldap, onuň Merkezi Aziýada durnuklylygy pugtalandyrmagyň esasy şerti hökmünde eýeleýän möhüm ornuny ykrar edýär.

...Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygynyň geçirilýän ýerine — Döwlet “Ermitaž” muzeýine geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady. Sammitiň öňüsyrasynda oňa gatnaşýan döwlet Baştutanlary «Ermitaž» muzeýine aýlanyp gördüler.

Döwlet Baştutanlary, ilki bilen, muzeýiň birinji gatynda ýerleşýän «Altyn hazyna» zalyna baryp gördüler. Bu ýerde antik döwrüň zergärleriniň ýasan altyn şaý-sepleri görkezilýär. Şolaryň hatarynda gadymy skif halkyna degişli bolan iki müň ýyllyk altyn önümler nepisligi bilen haýran galdyrýar. Ikinji gatda ýerleşýän Orta Aziýa zalynda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy bilen tanyşmak bolýar. Ekspozisiýa asyrlaryň dowamynda medeniýetleriň arasynda kemala gelen gatnaşyklar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Gadymy döwürlerde ýurtlary we halklary birleşdiren Beýik Ýüpek ýoly diňe bir özara bähbitli söwda gatnaşyklaryny alyp barmakda däl, eýsem, medeni dialogy yzygiderli ösdürmekde hem özboluşly köpri bolup hyzmat edipdir. Bu söwda ýolunyň merkezinde ýerleşýän türkmen topragy Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyrypdyr. Ýükli kerwenler ýurdumyzyň üstünden Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlaryna geçipdirler. Bu ýoluň ugrunda ýerleşýän Merw, Köneürgenç, Nusaý ýaly şäherler möhüm ylmy we medeni merkezler bolupdyr.

Soňra dostlukly ýurtlaryň Liderleri Beýik Britaniýanyň we Fransiýanyň sungaty bilen tanyşdyrýan zallara aýlanyp gördüler. Bu ýerde Günbataryň meşhur suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň eserleri bilen tanyşmak bolýar.

Soňra döwlet Baştutanlary «Leonardo da Winçi» zalyna baryp gördüler. Bu ýerde Ýewropanyň Gaýtadan döreýiş döwrüniň beýik ussadynyň 20-den gowrak eseri saklanýar. Bu sungat eserleri çeperçilik ussatlygy we çuňňur many-mazmuny bilen tapawutlanýar.

Muzeý bilen tanyşlyk tamamlanandan soňra, GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygy geçirildi. RF-niň Prezidenti Wladimir Putin duşuşygy açyp, oňa gatnaşyjylary ýene-de bir gezek mähirli mübärekledi hem-de resmi däl sammite gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga gelmäge çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere hoşallyk bildirdi.

Sammitiň dowamynda şu ýyl Arkalaşygyň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň netijelerine syn berildi, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de geljek üçin wezipeler kesgitlenildi. Ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn görkezijileri kanagatlanma bilen bellenildi. Şeýle hem sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Prezident Wladimir Putin 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegi mynasybetli döwlet Baştutanymyzy gutlady we üstünlikleri arzuw etdi.

Arkalaşygyň ýurtlarynyň hoşmeýilli erke, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydyklary nygtaldy. Şu gezekki duşuşyk hem GDA ýurtlarynyň netijeli hyzmatdaşlygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze derejä çykarmagy maksat edinýändikleriniň güwäsidir. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, GDA gatnaşyjy ýurtlaryň ähli raýatlaryna ýetip gelýän Täze ýyl baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Bu ýerde belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň adyndan resmi däl günortanlyk nahary berildi. Şeýle hem döwlet Baştutanlary “Ermitaž” muzeýinde konserte tomaşa etdiler.

Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sankt-Peterburg şäheriniň «Pulkowo» Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşmagy ýurdumyzyň açyk we özara hormat goýmak dialogyna ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň beýany boldy. Resmi däl görnüşde geçen sammit tamamlanyp barýan ýylyň jemlerini jemlemek bilen bir hatarda, dürli ulgamlarda bilelikdäki täze başlangyçlar üçin binýat goýmaga hem mümkinçilik berdi. GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde Türkmenistan üçin şeýle meýdança sebitde parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary ilerletmekde möhüm gural bolup durýar.

23.12.2025
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

Tokio, 20-nji dekabr (TDH). Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti bilen duşuşdy.

Premýer-ministr Sanae Takaiti döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, Ýaponiýa sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de bu duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky dostluk, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem ol Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň okgunly häsiýetini belläp, şunda yzygiderli amala aşyrylýan ýokary derejedäki saparlara aýratyn ornuň degişlidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz çakylyk we bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Sanae Takaitini Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine saýlanylmagy bilen ýene-de bir gezek gutlady we alyp barýan döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi we pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň Premýer-ministrini “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisiniň üstünlikli geçmegi bilen hem tüýs ýürekden gutlady.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Ýaponiýa bilen köpugurly, uzak möhletleýin gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Bu gatnaşyklar özara hormat goýmaga, ynanyşmaga, açyklyga esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hyzmatdaşlygyň häzirki ýeten derejesine ýokary baha berýändigini we türkmen-ýapon dialogyny ileri tutulýan ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar netijeli ösdürilýär. Türkmenistan we Ýaponiýa diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl-de, eýsem, halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler hem-de parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça birek-biregiň başlangyçlaryny yzygiderli goldaýarlar. Soňky ýyllarda parlamentara gatnaşyklar hem işjeňleşdirilýär. Parlamentara dostluk toparlarynyň döredilmegi döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda wajyp ädime öwrüldi.

Söwda-ykdysady ugur türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegidir. Tebigy gaz, energetika we ulag ulgamynda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalar munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Ýaponiýa şu gezekki iş saparynyň dowamynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz öňdebaryjy ýapon kompaniýalary bilen bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesine esaslanyp, ýurdumyzyň bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini aýtdy.

Medeni-ynsanperwer ugur hem türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär. Şunda ylym-bilim, sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga, medeni alyşmalara aýratyn üns berilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk netijeli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler bu ugurdaky gatnaşyklary uzak möhletleýin esasda mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygyny bellediler.

Premýer-ministr Sanae Takaiti Ýaponiýanyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna ýokary baha berýändigini we ýurdumyza Merkezi Aziýada durnuklylygy, abadançylygy üpjün etmekde möhüm orun eýeleýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny aýtdy we pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilelikdäki tagallalaryň netijesinde Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaitiniň arasynda geçirilen ýokary derejeli duşuşygyň netijesi boýunça bilelikdäki Metbugat Beýanaty kabul edildi.

22.12.2025
Türkmenistan «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň çäklerindäki strategik hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş sapary tamamlandy

Tokio — Aşgabat, 20-nji dekabr (TDH). Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşdy. Bu dialogyň esasy maksady sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek we dünýä jemgyýetçiligi bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak arkaly Merkezi Aziýada durnukly ösüşe ýardam bermekden ybaratdyr.

Türkmenistan “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” formatyna diňe bir diplomatik duşuşyklar üçin meýdança hökmünde däl, eýsem, halkara gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirmek babatda-da netijeli gural hökmünde garaýar. Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly ýurdumyz dialogyň çäklerinde özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy ileri tutýar. 2017-nji ýylda Aşgabatda bu dialoga agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatynyň geçirilmegi Türkmenistanyň sebitiň ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň bähbitlerini umumy maksatlaryň daşyna jemläp bilýändigini görkezdi. Ýurdumyz dialogyň çäklerinde bu hyzmatdaşlyga anyk ykdysady mazmun bermäge çalyşýar. Diýarymyzda öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda iri gazhimiýa senagat kärhanalarynyň gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Döwletimiz formatyň çäklerinde Merkezi Aziýany dünýä bazarlary bilen baglanyşdyrýan durnukly ulag-logistika geçelgelerini döretmek başlangyjyny işjeň ilerledýär. Durnukly infrastruktura Ýewraziýa yklymynda ykdysady ösüşiň esasy şerti hökmünde garaýan Ýaponiýa ýurdumyzyň bu başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar. Dialog boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki döwri ekologiýa we “ýaşyl” energetika ýaly ählumumy meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga geçmek bilen tapawutlanýar. Türkmenistan daşky gurşawa goýberilýän zyňyndylary azaltmak üçin ýapon innowasiýalaryny ornaşdyrmagy teklip edip, karbonsyzlaşdyrmak boýunça sebit “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamaga netijeli gatnaşýar.

“Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň ilkinji sammitiniň geçirilmegi bu formatyň ösüşinde taryhy pursat boldy. Hormatly Prezidentimiziň bu ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmagy Türkmenistanyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy milli we sebit derejesindäki strategik taslamalara öwürmäge ukyply ýurt hökmünde dialogda eýeleýän möhüm ornuny tassyklady.

...Sammitiň geçirilýän ýerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti mähirli garşylady. Döwlet Baştutanymyz hem-de dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygy bilelikde surata düşdüler. Wekiliýet Baştutanlarynyň sammite gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammiti geçirildi.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri ýokary derejeli duşuşygy açyp, çakylygy kabul edip gelendikleri üçin sammite gatnaşyjylara hoşallyk bildirdi we Ýaponiýanyň dialogyň şu formatyny döretmek boýunça başlangyjy öňe sürmek bilen, durnukly we gülläp ösýän sebit hökmünde Merkezi Aziýanyň möhüm ornuny ykrar edýändigini belledi. Şeýle hem ol Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ýaponiýanyň esasy hyzmatdaşlary bolup durýandygyny nygtady.

Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda bildirilen myhmansöýerlik üçin Ýaponiýanyň Hökümetine minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistanyň şu günki duşuşyga häzirki ählumumy geoykdysady we syýasy ýagdaýlary, dünýä ösüşiniň merkezi hökmünde Aziýanyň barha artýan ornuny nazara alyp, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýaponiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklary hil we many-mazmun taýdan täzelemek üçin möhüm tapgyr hökmünde garaýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz şeýle ýagdaýda we täze meýilleridir şertleri göz öňünde tutup, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyrylmagynyň tebigy proses bolup durýandygyny belläp, şu sammitiň geçirilmeginiň ýurtlarymyzyň özara gatnaşyklary uzak möhletleýin esasda ýola goýmaga, dialogyň işjeň gatnaşyjylary bolmaga taýýardyklarynyň aýdyň subutnamasydygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz bu gün Tokioda bilelikde Merkezi Aziýa bilen Ýaponiýanyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň binýadynyň goýulýandygyny, birek-biregi has gowy tanamak we ýakynlaşmak, ynanyşmak, açyklyk ýagdaýyny berkarar etmek üçin şertleriň döredilýändigini nygtap, bu ýörelgeleriň kesgitleýji ýörelgeler boljakdygyna, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyga oňyn täsir etjekdigine, bilelikdäki giň möçberli başlangyçlary we taslamalary amala aşyrmaga ýardam berjekdigine pugta ynam bildirdi. Biz “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň sammitiniň yzygiderli esasda geçiriljekdigine umyt edýäris. Döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň hut şeýle formaty we derejesi bilelikdäki mümkinçilikleri has netijeli ulanmaga, zerur netijäni gazanmaga mümkinçilik berer diýip hasaplaýaryn. Türkmenistan dialog boýunça hyzmatdaşlar bilen döredijilikli iş alyp barmaga taýýardyr. “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammiti, hakykatdan-da, ýurtlarymyzyň gatnaşyklarynyň taryhynda aýratyn orny eýeleýär. Biziň döwletlerimiz ilkinji gezek ýokary derejede bilelikde ýygnanyşyp, uzak möhletleýin, durnukly hem-de köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga umumy gyzyklanmalary tassykladylar. Türkmenistan üçin gatnaşyklaryň şeýle formaty uly ähmiýetli şert, daşary syýasat we ykdysady strategiýanyň aýrylmaz bölegi bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Bu strategiýada Ýaponiýa dünýä ykdysadyýetiniň öňdebaryjylarynyň biri we halkara bileleşigiň ählumumy ýagdaýlaryň ösüşine möhüm goşant goşýan abraýly hem-de ygtybarly agzasy hökmünde mynasyp orun eýeleýär.

Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegi, hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň açylmagy hem-de iş ýüzünde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýär. Ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda ýapon işewürliginiň sebitiň ösdürilmegine işjeň gatnaşmagy hyzmatdaşlygyň, gürrüňsiz, ileri tutulýan ugry hasap edilýär.

Indi köp ýyllaryň dowamynda biziň ýurdumyz “Mitsubishi”, “Kawasaki”, “Sumitomo”, “Toyo”, “Sojitz”, “Komatsu”, “Toyota” ýaly meşhur ýapon kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edip, gaz pudagy, himiýa senagaty, elektroenergetika, ulag, suw hojalygy ýaly strategik taýdan ähmiýetli ulgamlarda iri we uzak möhletleýin taslamalary durmuşa geçirýär. Türkmenistanda Ýaponiýa bilen ýetilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hem-de işewürlik hyzmatdaşlygynyň ýola goýlan mehanizmleriniň derejesine ýokary baha berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Bu hyzmatdaşlyk netijelidigini we özara bähbitlidigini görkezdi. Energetika, senagat ulgamynda bilelikdäki iri taslamalaryň amala aşyrylmagy hem munuň aýdyň güwäsidir. Bu taslamalar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň gerimini we mümkinçiliklerini açyp görkezýär.

Merkezi Aziýa ýurtlary Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin uly serişdelere eýedirler. Biziň umumy wezipämiz dialoga gatnaşyjylaryň ählisiniň güýçli taraplaryny doly herekete getirmek bilen, hakykatdan-da, möhüm ähmiýetli we strategik ugurlarda tagallalarymyzy birleşdirmekden ybaratdyr. “Ýaşyl” geçiş şeýle ugurlaryň biridir. Türkmenistan Ýaponiýanyň “ýaşyl” energetika we durnukly ösüş ulgamyndaky başlangyçlaryna uly gyzyklanma bilen garaýar. Dünýäde energiýa serişdelerine baý bolan iri ýurtlaryň biri hökmünde bu ulgamda hyzmatdaşlyk biziň üçin ägirt uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistan energiýa tygşytlaýjy, metan zyňyndylaryny azaltmak, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini we beýleki ugurlaryny ornaşdyrmak syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Wodorod energetikasy aýratyn üns berilmegini talap edýän meseledir. Wodorodyň geljegiň energiýasydygyna düşünip, biz häzirden ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny öwrenmäge girişdik. Sukuba uniwersiteti hem-de onuň degişli düzümleri biziň bu ugurdaky hyzmatdaşymyzdyr. Umuman, biz “ýaşyl” energetika, energiýa tygşytlaýjy, ekologik taýdan arassa önümçilik ulgamynda baý tejribä we ýokary tehnologiýalara eýe bolan Ýaponiýa bilen ýakyn hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýäris diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüniň üstüni ýetirdi.

Nygtalyşy ýaly, dialogyň çäklerinde durnukly ösüşi üpjün etmekde ählumumy tagallalaryň bölegi hökmünde Merkezi Aziýada “ýaşyl” geçişiň umumy çemeleşmelerini işläp taýýarlamak maksadalaýyk hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, “ýaşyl” diplomatiýanyň — halkara giňişlikde bilelikdäki jogapkärçilige esaslanýan hem-de geljegiň bähbidine alnyp barylýan işlerde hyzmatdaşlyk nusgalarynyň ilerledilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda howanyň üýtgemegi bilen bagly, şol sanda sebitde ýöriteleşdirilen merkezleriň, hususan-da, BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň döredilmegi baradaky başlangyçlary goldamak boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi möhüm hasaplanýar. Bu meselede Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyk uly ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyz özara baglanyşyk barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň ulag we üstaşyr baglanyşygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini belledi. Biz hyzmatdaşlygyň adalatly, inklýuziw ýörelgeleriniň kemala getirilmeginiň zerurdygyndan ugur alýarys. Şunda täze ugurlar ozal hereket edýänleriniň ýerini tutman, olaryň üstüni ýetirýär. Biziň ýurdumyz Ýewropany, Ýakyn Gündogary hem-de Aziýa — Ýuwaş umman sebitini birleşdirýän multimodal ulag taslamalaryny işjeň durmuşa geçirýär. Öz maliýe we maddy serişdelerimizi bu taslamalara gönükdirýäris. Mysal üçin, Türkmenistan birnäçe daşary ýurt kompaniýalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda, öz serişdeleriniň hasabyna Hazaryň kenarynda häzirki zaman Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda täze howa menzilleriniň, Türkmenistany goňşy ýurtlar bolan Gazagystan, Eýran, Owganystan bilen birleşdirýän täze demir ýollaryň gurluşygyny we olaryň ulanmaga berilmegini üpjün etdi. Özbegistanyň we Gazagystanyň çäklerine çenli uzaýan awtomobil ýollarynyň gurluşygy işjeň alnyp barylýar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Bellenilişi ýaly, adam mümkinçiliklerini ösdürmek möhüm ugur bolup durýar. Merkezi Aziýa ýaş we okgunly ösýän, bilim, ylym, tehnologiýalar, ynsanperwer alyşmalar ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan ilatyň jemlenen sebitidir. Türkmenistan Ýaponiýa bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň talyplarynyň we mekdep okuwçylarynyň müňlerçesi häzirki wagtda ýapon dilini öwrenýärler. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň, talyplaryň we akademiki toparlaryň gatnaşyklaryny üpjün etmek maksady bilen, “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” ýaşlar forumyny döretmek başlangyjy bilen çykyş edýäris. Şeýle hem “Merkezi Aziýanyň we Ýaponiýanyň zenanlarynyň dialogy” atly hemişelik hereket edýän platformany döretmegi teklip edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýurtlarymyzyň zenanlarynyň giň ugurlar boýunça ýakyn hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň bu teklibiň baş maksadydygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman şertlerinde açyk we oňyn halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ornuny nygtap, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly senesine bagyşlanyp, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen iri halkara forumyň ähmiýetini belledi. Bu forum häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda parahatçylygy, ynanyşmagy we dialogy pugtalandyrmak ýaly wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin abraýly halkara meýdança öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, bu foruma işjeň gatnaşan “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň gatnaşyjylaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistan Bitarap döwlet bolmak bilen, ähli halkara meseleleriň diňe parahatçylykly ýollar arkaly, BMG-niň Tertipnamasyna hem-de halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda çözülmelidiginden ugur alýar. Halkara hukugy ileri tutmak ýörelgelerini berjaý etmek, halkara hukuk binýadyny mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak, şeýle hem BMG-niň konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň, beýleki köptaraplaýyn resminamalaryň iş ýüzünde berjaý edilmeginiň netijeliligini ýokarlandyrmak esasy şert bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we sammite gatnaşyjylardan 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky Türkmenistanyň başlangyjyny goldamagy haýyş etdi.

Aziýada ynanyşmagy pugtalandyrmak hem-de BMG-niň Tertipnamasynyň kadalary we ýörelgeleri esasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly şertleri döretmek ileri tutulýan ugurlaryň ýene biridir. Şeýle hem Türkmenistan ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk, ýadro synaglarynyň ähli görnüşlerini gadagan etmek, ýaragsyzlanmak tertibini üpjün etmek ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýär. Bu ugurlarda hyzmatdaşlyga ählumumy howpsuzlyga, strategik durnuklylyga möhüm goşant hökmünde garaýarys diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi.

“Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammiti hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Türkmenistanyň ýurtlarymyzyň arasynda ynanyşmagy, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam bermäge hem-de bu formatyň işjeň gatnaşyjysy bolmaga taýýardygyny tassyklady. Sözüniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň halklarymyzyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigine hem-de halkara hyzmatdaşlygyň durnukly we netijeli gurallaryny kemala getirmegiň möhüm şerti bolup durýandygyna ynam bildirdi.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri çuň manyly çykyşy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, beýan edilen teklipleriň möhüm ähmiýetini belledi.

Sammite gatnaşyjylar energiýa serişdelerini ibermegiň durnukly zynjyrlaryny pugtalandyrmak, Hazarüsti halkara ulag geçelgesini ösdürmek, senagat we beýleki ulgamlara emeli aňy ornaşdyrmak, Merkezi Aziýada wodorod energetikasy tehnologiýalaryna maýa goýumlary çekmek, medeni we akademiki alyşmalary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň jemleri boýunça «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň sammitiniň Tokio Jarnamasy hem-de ykdysadyýet we energetika babatda ministrler derejesindäki Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

Şol gün wekiliýet Baştutanlary “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň işewürlik maslahatynyň plenar mejlisine hem gatnaşdylar. Plenar mejlisde Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti çakylygy kabul edip, sammite gatnaşandyklary üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlaryna hoşallyk bildirip, duşuşygyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Soňra plenar mejlisiň dowamynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalary yglan etmek dabarasy boldy. Dabaradan soňra, Ýaponiýanyň Premýer-ministri we Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary resminamalary alşan wekiller bilen ýadygärlik surata düşdüler we ol ýerden ugradylar.

Işewürlik maslahatynyň dowamynda “Ýaşyl” energetika we durnuklylyk”, “Sanly özgertmeler we özara baglanyşyk”, “Maliýe, adam serişdeleri we jemgyýetçilik ulgamynyň işewürligi ösdürmekde eýeleýän orny” atly mowzuklaýyn mejlisler geçirildi. Foruma türkmen tarapyndan ýurdumyzyň degişli döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň giň wekilçilikli düzümi gatnaşdy.

Ýaponiýa iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Tokio şäheriniň Haneda Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Watanymyza ugrady.

...Birnäçe sagatdan döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.

Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň Ýaponiýa amala aşyran iş sapary we “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berjek möhüm waka boldy. Saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen resminamalaryň toplumy bolsa ýakyn geljekde giň möçberli täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin berk binýady goýdy.

* * *

Hormatly Prezidentimiziň iş saparynyň dowamynda ýurdumyzyň wekiliýet agzalary Ýaponiýanyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

22.12.2025
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy bilen duşuşygy

Tokio, 19-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy Fukuşiro Nukaga bilen duşuşdy.

Fukuşiro Nukaga belent mertebeli myhman bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, Türkmenistanyň strategik taýdan ähmiýetli Merkezi Aziýa sebitinde Ýaponiýanyň esasy hyzmatdaşy bolup durýandygyny aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ynanyşmaga we özara hormat goýmaga esaslanýan türkmen-ýapon parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde şu gezekki duşuşygyň ähmiýetini belledi.

Nygtalyşy ýaly, soňky ýyllarda türkmen-ýapon parlamentara hyzmatdaşlygy durnukly, yzygiderli häsiýete eýe bolup, hil taýdan täze derejä çykaryldy. Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň arasynda dostluk toparlary hereket edýär. Bu toparlar kanun çykaryjylyk işinde we ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary ýola goýmak, pikir alyşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, parlament diplomatiýasynyň häzirki döwürde barha artýan ähmiýetini nazara almak bilen, parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygyna üns çekildi.

Fukuşiro Nukaga hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň aprelinde Ýaponiýa amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy we “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonynyň ilkinji bolup açylandygyny we onuň serginiň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri bolandygyny belledi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy Fukuşiro Nukaga Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.

20.12.2025
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy

Tokio, 19-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.

Endo Toşiaki belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, soňky ýyllarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň yzygiderli syýasy dialogyň netijesinde täze derejä çykandygyny belledi hem-de döwlet Baştutanymyzyň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle-de ol Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideriniň ägirt uly goşandyny belledi we pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi.

Endo Toşiaki hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň aprelinde Ýaponiýa amala aşyran saparynyň dowamynda geçiren duşuşyklaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýdyp, “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonynyň uly üns çekendigini we serginiň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri bolandygyny belledi. Ol pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýandygyny, Türkmenistanyň onuň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini belledi.

Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Şunda parlament diplomatiýasyna möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz parlamentara gatnaşyklaryň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Parlamentara dostluk toparlarynyň yzygiderli duşuşyklary kanun çykaryjylyk edaralarynyň arasyndaky işjeň we netijeli özara hereketleriň aýdyň mysalydyr.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň esasy guraly hökmünde parlament diplomatiýasynyň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň sentýabrynda Ýaponiýa amala aşyran saparynyň dowamynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň parlamentara forumyny geçirmek barada öňe süren başlangyjynyň ähmiýetine üns çekildi. Hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn gatnaşyklarda durnukly, uzak möhletleýin, özara bähbitli häsiýete eýe bolan ykdysady hyzmatdaşlyga uly ornuň degişlidigini aýdyp, ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine goşýan goşandyny belledi. Şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgama, hususan-da, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ugurlaryna möhüm orun degişlidir.

Endo Toşiaki Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygyň köpugurly döwletara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin ygtybarly hukuk we syýasy binýady üpjün edýändigini aýdyp, parlamentara dostluk toparlarynyň alyp barýan işiniň kanun çykaryjylyk ulgamynda öňdebaryjy tejribäni alyşmak bilen bir hatarda, ykdysady taslamalary, medeni-ynsanperwer başlangyçlary durmuşa geçirmäge, halkara giňişlikde tagallalary utgaşdyrmaga hem ýardam berýändigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki däp bolan dostlukly türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

20.12.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşdy

Tokio, 19-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen işewürlik duşuşygy boldy. Duşuşyga ýapon tarapyndan «Sumitomo Corporation», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.», «Muroosystems Corporation», «ITOCHU Corporation», «Tokyo Boeki Eurasia Limited», «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.», «Mitsubishi Corporation», «ARGONAVT Corporation» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, “Çalyk Holding”, “Gap Inşaat” kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Şeýle işewürlik duşuşyklary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda ýeten sepgitleri we maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. Daşary ýurtly gatnaşyjylar üçin bolsa ol öz taslamalarydyr teklipleri bilen tanyşdyrmak üçin oňat mümkinçilikdir. Bu forumlar milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna maýa goýumlary çekmäge, işewürligi ösdürmäge, geljegi uly taslamalaryň binýadyny goýmaga ýardam berýär. Häzirki wagtda iri ýapon kompaniýalary Türkmenistanda netijeli işleri alyp barýarlar. Olar köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda giň gerimli taslamalary durmuşa geçirip, özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdiler. Şunda gaz we nebithimiýa, ulag-kommunikasiýa, oba hojalygy, öňdebaryjy tehnologiýalar ýaly ulgamlar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup durýar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy, «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji wise-prezidenti duşuşygy açyp, duşuşmaga wagt tapandygy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we bu duşuşygyň iki dostlukly ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge möhüm itergi boljakdygyna ynam bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa söz berildi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň wagtyň synagyndan geçen ygtybarly hyzmatdaşlaryny — öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny we wekillerini tüýs ýürekden mübärekläp, bu kompaniýalar bilen Türkmenistany köpýyllyk netijeli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň baglanyşdyrýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, bu duşuşygy geçirmek baradaky başlangyjy, türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekde ony ösdürmegiň ýollaryny giňişleýin ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlygyny bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ýapon kompaniýalary bilen ýola goýlan hem-de netijeliligini görkezen gatnaşyklary yzygiderli giňeltmegini dowam etdirýär. Şol bir wagtda biz täze, has giň gerimli we uzak geljegi nazarlaýan maksatlara ýetmegi ugur edinýäris. Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin, durnukly, köpugurly häsiýete eýedir. Ol hemişe özara hormat goýmak, ynanyşmak hem-de bähbitlilik ýörelgeleri esasynda alnyp baryldy we dowam etdirilýär.

Türkmenistan üçin Ýaponiýa ýokary tehnologiýaly ösüşiň, ykdysadyýete innowasion esasda çemeleşmegiň, senagat ösüşi bilen ekologik jogapkärçiligiň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň nusgasy bolup durýar. Ýapon kompaniýalarynyň ylym, senagat, önümçilik işlerini dolandyrmak, korporatiw menejment ulgamynda ýeten sepgitleri biziň üçin milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmakda hem-de onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda möhüm nusga bolup hyzmat edýär. Türkmenistan ykdysadyýetiniň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagynyň zerurdygyna düşünmek bilen, öz tagallalaryny birnäçe ileri tutulýan wezipelere gönükdirdi. Şolaryň hatarynda ösüşiň innowasion strategiýalaryny ornaşdyrmak, senagatlaşdyrmagy çaltlaşdyrmak, “ýaşyl” geçiş, energetika pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak, milli we halkara ulag-logistika arabaglanyşygy ösdürmek ýaly wezipeler bar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de bu ugurlaryň her biri boýunça ýapon kompaniýalarynyň işjeň gatnaşmagy üçin hakyky we özara bähbitli mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz çykyşynda iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan işlerine ýokary baha berdi. Nygtalyşy ýaly, “ITOCHU”, “Kawasaki”, “Mitsubishi”, “Sojitz”, “Toyo”, “Mitsui”, “Sumitomo”, “Komatsu”, “Toyota” we beýleki birnäçe kompaniýalar türkmen ykdysadyýetiniň ösüşine uly goşant goşdular we goşant goşmagyny dowam etdirýärler. Olaryň energetika, mineral serişdeleri gazyp almak pudagynda, himiýa senagaty, ulag, obasenagat toplumynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagy netijeli we jogapkärçilikli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr.

Soňky ýyllarda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda häzirki zaman iri senagat desgalary ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda Marydaky we Garabogazdaky ammiak hem-de karbamid önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumlaryny, Gyýanlydaky polimer zawodyny, Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawody, Çärjew etrabyndaky gazturbinaly elektrik stansiýasyny görkezmek bolar. Bu taslamalar diňe bir ykdysady däl, eýsem, strategik ähmiýete hem eýe bolup, ýurdumyzyň senagat kuwwatyny tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmaga hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam edýär. Bilelikdäki işlerimiziň netijeleri häzirki wagtda geljege has ynamly garamaga mümkinçilik berýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we Türkmenistanyň ýapon işewürler jemgyýetçiligine uzak möhletleýin maýa goýumlar, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri teklip etmäge taýýardygyny tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz energetika, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini, ulag we logistika ulgamlaryny, ýokary tehnologiýaly we ekologiýa ugurly önümçilikleri, suw serişdelerini dolandyrmak, infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak ýaly ulgamlary ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezip, ýurdumyzyň türkmen bazarynda ýapon tehnologiýalaryny we önümlerini, ilkinji nobatda, maşyngurluşyk, elektronika, himiýa senagaty önümlerini işjeň ilerletmäge taýýardygyny nygtady. Şol bir wagtda Türkmenistan suw serişdelerini tygşytlamak, suwy arassalamak, önümçilik galyndylaryny dolandyrmak, “ýaşyl” we wodorod energetikasy ulgamlarynda öňdebaryjy ýapon tehnologiýalaryny hem-de tejribesini çekmäge gyzyklanma bildirýär.

Mälim bolşy ýaly, aprel aýynda geçiren duşuşygymyzyň dowamynda biz sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň möhümdigi baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşypdyk. Häzirki wagtda Türkmenistanda bu ugra aýratyn üns berilýär. Biz senagat infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, galyndylaryň gaýtadan işlenilmegini ösdürmek hem-de serişdeleri rejeli peýdalanmak kadalaryny ornaşdyrmak ugrunda iş alyp barýarys. Biziň “Mitsubishi”, “Toyota”, “Mitsui”, “Sumitomo” ýaly ýapon kompaniýalarynyň bu ulgamda öňdebaryjy çözgütleri we tehnologiýalary bilen oňat tanyşlygymyz bar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de ýapon kompaniýalaryna birnäçe anyk başlangyçlara garamagy teklip etdi.

Hususan-da, hormatly Prezidentimiz ýapon kompaniýalaryna galyndylary saýpallamagyň, gaýtadan işlemegiň we ikinji gezek peýdalanmagyň hasabyna olaryň ýörite bellenilen meýdançalara iberilýän möçberini mümkin boldugyça azaltmak maksady bilen, durmuş we gurluşyk galyndylaryny gaýtadan işlemek boýunça döwrebap zawodyň gurluşygynyň taslamasyny işläp düzmegi teklip etdi. Şeýle-de hapa suwlary senagatda we jemagat hojalygynda gaýtadan peýdalanmaga mümkinçilik berjek derejä çenli arassalamagyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen taslamany amala aşyrmak maksadalaýyk hasaplanýar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň daşky gurşawda plastik galyndylaryň möçberini azaltmak hem-de polietileni ikinji gezek ulanmaga ibermek üçin plastik çüýşeleri gaýtadan işlemek boýunça kiçi zawodlaryň taslamasyny öwrenmäge taýýardygyny tassyklady. Şular bilen birlikde, metal, plastik we elektron elementleri özünde jemleýän howply we uzak wagtlap dargamaýan galyndylaryň möçberini azaltmak maksady bilen, durmuş tehnikasyny gaýtadan işlemek boýunça kiçi zawodyň taslamasyny durmuşa geçirmek mümkinçiligini öwrenmek teklip edildi.

Hyzmatdaşlyk ýyllarynda toplanan tejribe biziň gatnaşyklarymyzyň ynanyşmak we ygtybarlylyk derejesiniň örän ýokarydygyny görkezdi. Muňa döwletara gatnaşyklaryň dostlukly häsiýeti, birek-biregiň bähbitlerine özara düşünmek we hormat goýmak ýörelgeleri ýardam berdi diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge üýtgewsiz ygrarlydygyny, geljekde-de ýapon işewürlerine ýurdumyzda uzak möhletleýin esasda iş alyp barmaga hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady.

Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz şu günki duşuşygyň iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýän täze bilelikdäki başlangyçlary we taslamalary durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene bir möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.

Işewürler hormatly Prezidentimize wagt tapyp, şu duşuşyga gatnaşandygy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda beýan eden teklipleriniň möhüm ähmiýetini bellediler we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny aýtdylar. Şeýle-de olar hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň aprelinde Ýaponiýa amala aşyran saparynyň, onuň çäginde geçirilen duşuşygyň ähmiýetine ünsi çekdiler.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan syýasatda, ykdysadyýetde we durmuş ulgamynda uly ösüşleri gazandy. Işewür toparlaryň wekilleri ýurdumyzda häzirki wagtda senagat ulgamyny ösdürmäge, infrastrukturany döwrebaplaşdyrmaga, sirkulýar ykdysadyýete geçmäge, galyndylary gaýtadan işlemäge uly üns berilýändigini, munuň bolsa Türkmenistanda daşky gurşawy goramak meselesine jogapkärçilikli çemeleşmäniň aýdyň mysaly bolup durýandygyny nygtadylar we ýapon kompaniýalarynyň bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi bilen «Sumitomo Corporation» kompaniýasynyň (Ýaponiýa) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Sumitomo Corporation Europe Limited» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen «Mitsubishi Corporation Machinery, Inc.» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň arasynda maglumatlary alyşmak we hyzmatdaşlyk arkaly Türkmenistanda emeli aňy we sanly tehnologiýalary netijeli ulanmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen «Sony Middle East and Africa FZE» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen «Mizuho Bank, Ltd.» bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Tohoku uniwersitetiniň Inženerçilik mekdebiniň (Ýaponiýa) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Tohoku uniwersitetiniň Inženerçilik mekdebiniň (Ýaponiýa) arasynda talyplary alyşmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Hirosaki uniwersitetiniň Ylym we tehnologiýalar boýunça ýokary mekdebiniň (Ýaponiýa) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň arasynda Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň tehniki hyzmatlaryny amala aşyrmak möhletini uzaltmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen konsorsiumyň düzümine girýän «Toyo Engineering Corporation» (Ýaponiýa) we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tijaret A.Ş.» (Türkiýe) kompaniýalarynyň arasynda Türkmenistanyň Balkan welaýatyndaky Gyýanlydaky polimer zawodynyň önümçiligini ygtybarly ýola goýmak işleriniň ikinji tapgyry boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa), «Gap Inşaat Ýatirim ve Diş Tijaret Anonim Şirketi» (Türkiýe) we «Mitsubishi Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumy doly taýýar edip gurmak taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Şeýlelikde, şu günki duşuşyk we gol çekilen resminamalar özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda alnyp barylýan türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge kuwwatly itergi berer.

* * *

Şu gün Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň hormatyna Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaitiniň adyndan resmi agşamlyk nahary berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş sapary dowam edýär.

20.12.2025