Täzelikler
Umumy abadançylygyň bähbidine dialog

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Italiýa» sammitine gatnaşdy

Aşgabat — Astana — Aşgabat, 30-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Ýurdumyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan, parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukuklylyga esaslanýan daşary syýasy strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Dünýäniň gyzyklanma bildirýän ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlyk bu strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmagy munuň aýdyň güwäsidir.

Häzirki wagtda Italiýa bilen Türkmenistanyň arasynda syýasy-diplomatik gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de beýleki halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Italiýa Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen köp sanly Kararnamalaryň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Şunuň bilen birlikde, Italiýa Türkmenistanyň Ýewropada möhüm söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy ösüş depgini bilen tapawutlanýar. Iri italýan kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda netijeli iş alyp barýarlar.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk türkmen-italýan gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär. Iki ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda dürli medeni çäreler yzygiderli geçirilýär.

Tebigy serişdeleriň baý gorlaryna, depginli ösýän ykdysadyýete eýe bolan we geografiýa taýdan amatly ýerleşen Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk taraplara öz mümkinçiliklerini has netijeli durmuşa geçirmäge ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, bu hyzmatdaşlygyň sebitiň ýurtlaryna öňdebaryjy tehnologiýalara, maýa goýumlara we senagat, energetika hem-de infrastruktura ulgamlaryndaky tejribä ýol açýandygyny bellemek gerek.

«Ýaşyl» ykdysadyýet, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, durnukly ösüş we sanlylaşdyrmak ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu görnüşdäki dialog durnukly ykdysady ösüş we medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri açyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli guraly bolup durýar hem-de ählumumy derejede ynanyşmagy pugtalandyrmaga we umumy bähbitleri ilerletmäge ýardam berýär.

...Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe wagtdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde «Merkezi Aziýa — Italiýa» sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy.

Soňra hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni ýokary derejeli duşuşygyň geçirilýän ýerine — «Garaşsyzlyk» köşgüne bardy.

Köşgüň eýwanynda döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady.

Sammitiň öňüsyrasynda bu ýerde hormatly Prezidentimiz Italiýanyň Premýer-ministri hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, wekiliýet Baştutanlary mejlisler zalyna bardylar. Bu ýerde «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammit geçirildi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen sammitiň işine Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Jorja Meloni, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew belent mertebeli myhmanlary mübärekläp, şu günki sammitiň işine gatnaşýandyklary we şu görnüşdäki hyzmatdaşlygy goldaýandyklary üçin hoşallyk bildirdi. Gazagystanyň döwlet Baştutany sammitde söwda, maýa goýumlary, energetika, ekologiýa, ulag, logistika, ylym-bilim ýaly ulgamlara degişli möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýdyp, munuň netijesinde anyk çözgütleriň kabul ediljekdigine ynam bildirdi.

Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, foruma çakylygy hem-de myhmansöýerlik we işlemäge döredilen şertler üçin Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammiti geçirmek baradaky başlangyjy üçin Italiýa Respublikasynyň Ministrler Geňeşiniň Başlygy Jorja Melonä minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz bu duşuşygyň Merkezi Aziýa döwletleriniň we Italiýanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirip, geljegi uly bolan bu görnüşiň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýändigini we ony ösdürmäge goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Merkezi Aziýa döwletleri sebitiň durnukly we depginli ösüşini üpjün etmek üçin şertleri döretmek maksady bilen, öz aralarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Astanada 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda geçen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça gol çekilen Bilelikdäki Beýannama we «Merkezi Aziýa — 2040» atly sebit kooperasiýasynyň Konsepsiýasy oňa şaýatlyk edýär. Olar uzak möhletli döwür üçin Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Sebit hyzmatdaşlygynyň häzirki döwürdäki has möhüm ugurlarynyň hatarynda syýasat we howpsuzlyk, ykdysadyýet, ulag, howa, suw serişdeleri ulgamyndaky özara hyzmatdaşlygy bellemek bolar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz howpsuzlyk ulgamyna ünsi çekip, Türkmenistanyň bu möhüm ugra onuň bitewüligi we bölünmez häsiýeti nukdaýnazaryndan seredýändigini aýtdy hem-de munuň halkara gatnaşyklaryň dünýä gurluşynda düýpli öňe gitmeleriň häzirki döwründe aýratyn möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, biz durnukly howpsuzlygy üpjün etmegiň ýeke-täk hemmetaraplaýyn usulynyň Birleşen Milletler Guramasy ulgamy bolup durýandygyna ynanýarys. Şu garaýyşdan ugur alyp, Türkmenistan 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklip bilen çykyş etdi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2024-nji ýylyň mart aýyndaky Kararnamasy bilen makullanan bu başlangyjy goldan taraplaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Bitaraplygyň mümkinçiliklerini ulanmaga aýratyn üns bermegi möhüm hasaplaýandygyny aýdyp, Bitaraplygyň öňüni alyş diplomatiýasynyň düzüm böleklerini we işjeň parahatçylyk döredijilik işini öz içine alýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp halkara forumyň geçiriljekdigini, onda dünýä gurluşy, Ýer ýüzüniň döwletleri bilen syýasy dialogyň medeniýetini ösdürmek, ynanyşmak gatnaşyklaryny berkitmek babatda esasy meselelere serediljekdigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, sammite gatnaşýan döwlet we hökümet Baştutanlarynyň ählisini bu foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz sebit howpsuzlygy baradaky meselä geçip, Owganystandaky ýagdaýa aýratyn üns çekdi we Türkmenistanyň bu ýurduň häzirki häkimiýetleri bilen halkara dialogy ýola goýmak boýunça netijeli işleri geçirmegi dowam etmegi möhüm hasaplaýandygyny aýtdy hem-de durnukly we ykdysady taýdan ösýän Owganystanyň bütin halkara bileleşigiň bähbitlerine laýyk gelýändigine ýurdumyzyň ynanýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamy, owgan ugry boýunça demir ýollaryň gurluşygy ýaly iri sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň mundan beýläk-de zerur tagallalary etjekdigi, şeýle hem owgan halkyna ynsanperwer kömegi bermek boýunça tagallalaryň işjeňleşdirilmegini zerur hasaplaýandygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerine ünsi çekip, energetika, ulag, senagat, maliýe we hususy pudaklary özara hyzmatdaşlygyň däp bolan möhüm ugurlarynyň hatarynda, sanly ulgam, «ýaşyl» tehnologiýalar we emeli aň ýaly ulgamlary bolsa hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň hatarynda belledi.

Hormatly Prezidentimiz energetika meselesini aýratyn belläp, Türkmenistanyň tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, ony halkara bazarlara ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek syýasatyny durmuşa geçirýändigini hem-de türkmen tebigy gazyny Ýewropa ugruna çykarmaga gönükdirilen taslamalara möhüm ähmiýet berýändigini belledi.

Wodorod energetikasy bilelikdäki işiň ýene-de bir geljegi uly bolan ugry hökmünde bellenildi. Mälim bolşy ýaly, tebigy gaz ýakyn onýyllyklarda wodorody almagyň esasy çeşmesi bolup galar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýurdumyzyň bu ugurda italiýaly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz ulag özara baglanyşygy baradaky meselä geçip, Türkmenistanyň Aziýa — Ýewropa ugry boýunça hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hazar sebitiniň üstünden geçýän «Orta geçelge» Ýewropa taslamasynyň geljegi uly taslamalaryň biridigine ünsi çekdi.

Hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri-de ekologiýa we howa bolup durýar. Bar bolan senagat kuwwatlyklarynyň energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, sebitde suwdan rejeli peýdalanmak, «ýaşyl» we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşiniň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna öwrülip biler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Howa tehnologiýalarynyň sebit merkezini döretmek boýunça başlangyjy öňe sürendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa bilen Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň medeni-taryhy ugruna ünsi çekip, bu köpugurly hyzmatdaşlygyň tejribesiniň iki müň ýyldan gowrak wagta uzalyp gidýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, Gadymy Rim bilen Parfiýa şalygynyň arasyndaky gatnaşyklar hem taryhda uly yz galdyrdy. Parfiýanyň paýtagtlarynyň biri häzirki Türkmenistanyň paýtagtynyň golaýynda ýerleşen Nusaý şäheri bolupdyr. Şeýle hem XIII asyrda Merkezi Aziýa gelen we hakykatda biziň sebitimizi beýleki Ýewropa ýurtlary üçin açan wenesiýaly Marko Polonyň işleri uly taryhy gymmatlyga eýedir.

Hormatly Prezidentimiz Beýik Ýüpek ýolunyň gülläp ösen döwründe Hytaýyň Sianyndan gaýdyp, Rime we Wenesiýa çenli baran bu ýoluň Merkezi Aziýanyň çäginden geçendigini aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, biziň halklarymyzyň şeýle özboluşly taryhy mirasynyň aýawly saklanylmaga we doly öwrenilmäge degişlidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda eýýäm otuz ýyldan gowrak wagt bäri italiýaly arheologlaryň netijeli işleýändiklerini hem-de özara ylmy hyzmatdaşlyk işine möhüm goşant goşýandyklaryny uly kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz türkmen tarapynyň Rimde «Medeniýetleriň gülläp ösüşi: bürünç zamanyndaky Margiana we Parfiýa şalygy. Türkmenistandaky arheologik açyşlar» atly arheologik sergini guramagy maksat edinýändigini belläp, bu serginiň halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna örän uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Bilim ulgamy hyzmatdaşlygyň ýene-de bir geljegi uly bolan ugry hökmünde bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky we akademiki hyzmatdaşlygy goldaýandygyny tassyklady hem-de Türkmenistanda italýan dilini öwrenmäge, italýan medeniýetine we sungatyna uly gyzyklanma bildirilýändigini aýdyp, bu işe mundan beýläk-de ýardam ediljekdigini belledi.

Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Italiýa Respublikasy bilen hemmetaraplaýyn özara hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn derejede hem, «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşiniň çäklerinde hem mundan beýläk-de berkitmäge we giňeltmäge eýerýändigini ýene-de bir gezek tassyklady.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hormatly Prezidentimize çuň many-mazmunly çykyşy we beýan eden anyk teklipleri hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk baradaky oňyn garaýyşlary üçin hoşallyk bildirdi.

Sammitde çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa gadymy döwürlerden bäri Gündogar bilen Günbatary birleşdirýän köpri bolmak bilen, sebitara dialogy ösdürmekde möhüm orny eýeleýär. Häzirki wagtda sebitimiz hoşniýetli goňşuçylyk we ählumumy ösüş ýörelgelerine berk ygrarly bolup, halkara gatnaşyklaryň möhüm agzasy hökmünde öz ornuny yzygiderli pugtalandyrýar.

Açyk we netijeli häsiýetde geçen dialogyň dowamynda sammite gatnaşyjylar Merkezi Aziýa döwletleri bilen Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyp, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň, maýa goýumlary çekmegiň, telekeçiligi goldamagyň, energetika, suw serişdeleri, durnukly oba hojalygy, saglygy goraýyş we ulag arabaglanyşygy ýaly ulgamlarda netijeli çözgütleri işläp taýýarlamak üçin tejribe alyşmagyň möhümdigini bellediler hem-de «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşiniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdiler.

«Merkezi Aziýa — Italiýa» birinji sammitiniň jemleri boýunça Bilelikdäki Jarnama kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.

Birnäçe wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Şeýlelikde, «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki sammit sebitiň ýurtlary bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy we halkara dialogy ösdürmekde möhüm tapgyr boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu sammite gatnaşmagy Türkmenistanyň durnukly ösüşiň we abadançylygyň bähbidine köptaraply halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.

* * *

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Ortaýer deňzini we Gündogary öwreniş halkara assosiasiýasynyň (Italiýa) arasynda arheologiýa barlaglary babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygy; şeýle hem Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Turiniň Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynda gazuw-agtaryş işleri we arheologiýa barlaglary boýunça merkeziniň (Italiýa) arasynda arheologik barlaglar babatynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek hakynda Ylalaşygy özara alyşmak dabarasy boldy. Munuň özi iki ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda yzygiderli ösdürilýän gatnaşyklaryň täze derejä çykarylýandygynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi.

31.05.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Astana, 30-njy maý (TDH). Şu gün «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki sammite gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Jorja Meloni bilen duşuşdy.

Hormatly Prezidentimiz we Premýer-ministr Jorja Meloni birek-biregi mähirli mübärekläp, bu duşuşygyň türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýewropa ýurtlary, şol sanda Italiýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge we pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany hökmünde Italiýa amala aşyran resmi saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Italiýa tarapyndan öňe sürlen «Merkezi Aziýa — Italiýa» formatynyň ýurtlarymyzyň arasynda berk özara gatnaşyklary ýola goýmagyň netijeli usuly hökmünde möhüm ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň onuň üstünlikli ösdürilmegine goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady.

Premýer-ministr Jorja Meloni iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli we uzak möhletleýin esasda ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyz halkara giňişlikde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Bitaraplygyna we halkara başlangyçlaryna berýän yzygiderli goldawy üçin italýan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, halkara düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiriljek halkara forumyň ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli meýilleşdirilýän çäreleriň esasylarynyň biri boljakdygyny aýtdy we Premýer-ministr Jorja Melonini bu foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Premýer-ministr çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga goşýan goşandyna ýokary baha berdi hem-de Türkmenistanyň bu ugurda öňe sürýän başlangyçlaryny Italiýanyň goldaýandygyny we goldamagyny dowam etjekdigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk nebitgaz pudagynda, ulag, dokma senagaty ulgamlarynda we işewür düzümleriň ugry boýunça yzygiderli ösdürilýär. Özara haryt dolanyşygynyň ýylsaýyn artmagy munuň aýdyň güwäsidir.

Döwlet Baştutanymyz energetika we himiýa senagaty, demir ýol üpjünçilik ulgamlarynda, ekologiýa, oba we suw hojalygy ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň italýan tarapynyň tekliplerine garamaga taýýardygyny belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ulgamlaşdyrmak maksady bilen, hökümetara topary ýa-da işewürlik geňeşi görnüşinde bilelikdäki mehanizmi döretmegi teklip etdi.

Premýer-ministr Jorja Meloni döwlet Baştutanymyzyň tekliplerini goldap, Italiýanyň bu ugurdaky hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan etdi.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw we orta mekdeplerinde italýan diliniň öwredilmegi, köp ýyllaryň dowamynda arheologiýa babatda özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi munuň aýdyň mysallarydyr.

Söhbetdeşligiň barşynda dostlukly ýurduň Premýer-ministri hormatly Prezidentimizi özi üçin islendik amatly wagtda Italiýa sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Jorja Meloni birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa mundan beýläk-de parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler.

31.05.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Astana, 30-njy maý (TDH). Şu gün Gazagystan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.

Dostlukly ýurduň Baştutany hormatly Prezidentimizi mähirli mübärekläp, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistan bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryna we köpugurly hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmaga çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, bu ýokary derejedäki duşuşygyň we onuň çäklerinde kabul ediljek çözgütleriň sebitiň ýurtlary bilen Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de ýakynda Türküstan şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyza bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan etdi.

Dostlukly ýurduň Prezidenti sammite gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýokary derejesini belledi.

Şeýle hem Prezident Kasym-Žomart Tokaýew türkmen halkynyň Milli Lideriniň şu ýylyň aprel aýynda Gazagystana amala aşyran dostlukly saparynyň gazak-türkmen gatnaşyklaryny täze derejä çykarandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşler sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri, hususan-da, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, durnukly energetikany we ulag ulgamyny üpjün etmek, suw serişdelerini peýdalanmak, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ýaly meselelerde Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmegi bilen baglylykda, Türkmenistanda goňşy ýurtlaryň gatnaşmagynda birnäçe iri çäreleriň geçiriljekdigini aýtdy. Şu ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara forum olaryň iň esasysy bolar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentini «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana çagyrdy.

Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyzyň iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde birek-biregi goldamagy asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin Gazagystan tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Öz gezeginde, Türkmenistan hem Gazagystanyň halkara giňişlikde öňe sürýän tekliplerini goldaýar.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri boýunça pikir alyşmagyň dowamynda söwda, energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi.

Söhbetdeşler özara haryt dolanyşygynyň netijeli häsiýetini belläp, söwda ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin iki ýurduň hem uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtadylar.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär. Iki ýurtda festiwallaryň we Medeniýet günleriniň geçirilmegi, döredijilik we ylmy işgärleriň yzygiderli gatnaşyklary medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam berýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew şu gezekki duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga täze itergi berjekdigine ynam bildirip, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

31.05.2025
Gahryman Arkadagymyz bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 19-njy maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz hem-de wise-prezident Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan mähirli salamlaşyp, dost-doganlyga esaslanýan hem-de yzygiderli ösdürilýän türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri söhbetdeşligiň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny beýan etdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana, wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma mähirli salamyny ýetirmegini haýyş etdi.

Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan, öz gezeginde, Gahryman Arkadagymyzyň iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki şahsy goşandyny belledi hem-de BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň, wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa salamyny ýetirdi. Şeýle-de wise-prezident mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar hemişe özara hormat goýmak we birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýar. Gahryman Arkadagymyz iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny, söwda dolanyşygynyň görkezijileriniň ýylsaýyn artmagynyň munuň aýdyň mysalydygyny belledi. Köp ýyllaryň dowamynda BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesi toplandy diýip, Milli Liderimiz aýtdy hem-de ýakynda iki sany ykdysady ähmiýetli resminama — «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň hem-de BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama, şeýle-de «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama gol çekilendigine ünsi çekip, munuň özara bähbitli türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynam bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda iki dostlukly ýurduň halklarynyň bähbidine gönükdirilen we geljekde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki birnäçe taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Wise-prezident Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan gazanylan bu möhüm ylalaşyklaryň iki doganlyk ýurduň arasynda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, ýangyç-energetika pudagynda okgunly ösdürilýän hyzmatdaşlygyň aýdyň beýanydygyny belledi we Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan birek-birege berk jan saglyk, döwlet işlerinde üstünlikleri, iki dostlukly ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

20.05.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisini kabul etdi

Arkadag şäheri, 27-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilýän pursatlarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzuny kabul etdi.

Myhman türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyzy we Gahryman Arkadagymyzy, ähli türkmen halkyny Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli gutlady. Sahawatly toprakda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary ganatly bedewlere bolan ählihalk söýgüsiniň aýdyň nyşanydyr. Žoel Buzu şu ajaýyp mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimize Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň hem-de Şagyzy Stefaniýanyň iberen mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-ä we Şagyzy Stefaniýa mähirli salamyny, olara berk jan saglyk, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini Žoel Buzudan haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisini kabul edýändigine şatdygyny aýtdy. Ahalteke bedewleri dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary şu ýylyň ýanwarynda Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda uly üstünlik gazandy. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýandygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda jenap Žoel Buzu Türkmenistan bilen sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygyny aýdyp, ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň Monako Knýazlygyna amala aşyran saparynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Myhman bu saparyň örän netijeli geçendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, saparyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň netijeleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzu dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen özara gatnaşyklary, hususan-da, sport ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň özleri üçin uly hormatdygyny aýratyn nygtady.

Myhman tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylaryna hormatly Prezidentimiziň aýdan salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirjekdigine ynandyrdy.

28.04.2025
Umumy geljegiň bähbidine netijeli döwletara we sebit hyzmatdaşlygy ilerledilýär

Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistan Respublikasyna dostlukly sapary

Samarkant — Aşgabat, 23-24-nji aprel (TDH). Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna iki günlük dostlukly sapary amala aşyrdy.

Häzirki wagtda Türkmenistan we Özbegistan diňe bir özara bähbitlere däl, eýsem, tutuş sebitiň abadançylygynyň, rowaçlygynyň maksatlaryna hem laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň goňşy döwlete şu gezekki saparynyň netijeleri, şeýle hem Özbegistanyň Baştutany bilen geçirilen gepleşikler bar bolan uly mümkinçiliklerden has doly peýdalanmagy nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam eder.

...Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Samarkant şäheriniň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Prezident Şawkat Mirziýoýew garşylady. Bu ýerde düşelen haly ýodajygyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Myhmansöýerligiň asylly däplerine eýerilip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hormat-sarpa bildirildi. Gahryman Arkadagymyzyň we Özbek Lideriniň bilelikdäki awtoulag kerweni Samarkant şäheriniň Hazrati Hizir taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna ugrady.

Mälim bolşy ýaly, Samarkant Gündogaryň gadymy däplerini we häzirki döwrüň ýörelgelerini özünde jemleýär. Gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen bu şäheriň binagärlik we arheologik ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäklerinden hem geçen bu meşhur ýol asyrlaryň dowamynda Aziýa bilen Ýewropanyň, Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orny eýeläpdir. Şunuň bilen birlikde, Beýik Ýüpek ýoly döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň, halklaryň medeniýetleriniň özara baýlaşmagy üçin köpri bolup hyzmat etdi.

Samarkant türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine saldamly goşant goşan beýik döwlet we jemgyýetçilik işgäri, Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Islam Karimowyň hem dogduk şäheri bolup durýar. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar halklarymyzyň köpasyrlyk dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýar. Biziň halklarymyz ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerini dowam etdirýärler. Şunda Islam Karimowyň Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy hökmünde türkmen halkynyň uly hormat-sarpasyna mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Goňşy ýurduň ilkinji Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine amala aşyran işleri dostlukly döwletiň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ol 2016-njy ýylyň 3-nji sentýabrynda Samarkantdaky Hazrati Hizir taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynyň çäginde jaýlanyldy. Prezident Şawkat Mirziýoýewiň başlangyjy boýunça bu ýerde ilkinji Prezidentiň aramgähi gurlup, ol 2018-nji ýylyň ýanwarynda açyldy.

Bu ýadygärlikler toplumynyň gurluşygy ÝUNESKO bilen bilelikde amala aşyryldy. Taslamada bütindünýä medeni mirasynyň desgalarynyň biri bolan, XIX asyryň başlarynda gurlan Hazrati Hizir metjidi bilen sazlaşyk göz öňünde tutuldy. Bu desga gadymy medrese we aramgähler bilen birlikde, Samarkandyň iň gözel ýerleriniň biri hasaplanýar. Metjit beýik diňde ýerleşip, onuň eýwanlar toplumyndan, belent minarasyndan beýleki ajaýyplyklara — Bibi-Hanym, Şahi-Zinda ýaly binalara, Afrosiaba gözel görnüş açylýar.

Gahryman Arkadagymyz we Prezident Şawkat Mirziýoýew aramgähe bardylar hem-de Özbegistanyň ajaýyp syýasy-döwlet işgärini hatyralap, gül desselerini goýdular. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we doganlyk ýurduň Baştutany ýörite bellenen ýere bardylar. Ol ýerde musulman dessurlaryna laýyklykda, ymam mukaddes Gurhandan aýatlary okady.

Soňra Milli Liderimiz Özbegistanyň Prezidenti bilen bilelikde “Silk Road Samarkand” halkara merkezindäki “Baky şäheriň” syýahatçylyk meýdançasyna bardylar. Bu merkez 2022-nji ýylyň sentýabrynda açyldy.

Mälim bolşy ýaly, baý milli mirasy aýawly saklamak, öwrenmek we wagyz etmek Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna ägirt uly goşant goşan türkmen we özbek halklarynyň täsin taryhy-binagärlik ýadygärlikleri, özboluşly däp-dessurlary biziň ýurtlarymyzyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklarydyr. Iki döwletiň arheologik ýadygärlikleriniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaýyň Parfiýa galalary ýaly bütin dünýäde meşhur taryhy desgalaryny, şeýle hem Özbegistanyň Hywa, Buhara, Samarkant, Şahrisabz, Günbatar Týan-Şan ýaly taryhy merkezlerini görkezmek bolar.

Türkmen halkynyň täsin milli baýlyklary barada aýdylanda, “Görogly” dessançylyk sungatynyň, “Küştdepdi” aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň, ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini bellemek gerek. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan syýasy ugruny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda beýleki desgalary, halkymyzyň maddy we maddy däl medeniýetiniň gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň degişli sanawlaryna girizmäge hödürlemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýä ýurtlary bilen ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna şu gezekki dostlukly saparyny Samarkant şäherine amala aşyrmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki iki doganlyk halkyň medeniýetleriniň, milli däp-dessurlarynyň umumylygy, gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary döwletara dialogy çuňlaşdyrmak, onuň many-mazmunyny baýlaşdyrmak, medeni alyşmalary giňeltmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.

Gahryman Arkadagymyz özbek Lideri bilen bilelikde umumy meýdany 17 gektardan gowrak bolan ägirt uly toplumyň desgalary bilen tanyşdylar. Bu toplum Samarkant, Buhara, Fergana, Daşkent, Hywa ýaly gadymy şäherleriň we beýlekileriň özboluşly sazlaşygy bolup durýar. Bu ýerde köp sanly myhmanlar we syýahatçylar Özbegistanyň welaýatlarynyň, şu sebitde ýaşaýan halklaryň taryhy, däp-dessurlary bilen tanşyp bilýärler. Toplumyň darajyk köçelerinde suratkeşleriň, senetçileriň, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň dükanlary ýerleşýär. Gadymy kitaplarda beýan edilen hakyky öýler we täsin meýdançalar “Baky şäherdäki” pawilýonlaryň nusgasy bolup hyzmat edýär. Topluma gelýänler pöwrize reňkli gümmezli, diwarlary täsin bezelen köşkli we başy göge direýän binalary synlap, ajaýyp Gündogar ertekisine aralaşmaga mümkinçilik alýarlar. Şunuň bilen birlikde, bu ýere gelýänler ýurduň dürli sebitleriniň milli tagamlaryny dadyp, gyzykly şüweleňlere şaýat bolýarlar. Olar syýahatçylyk toplumynyň çäginden çykman, diňe bir Samarkandyň däl, eýsem, Buharanyň, Fergananyň, Daşkendiň, Horezmiň, Kaşgaderýanyň we Surhanderýanyň, Garagalpagystanyň köçelerinde gaýybana gezelenç edip bilýärler.

Hormatly Arkadagymyz özbek halkynyň baý medeni mirasyny açyp görkezýän gymmatlyklar, senetçilik, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň nusgalary, binagärlik desgalarynyň aýratynlyklary bilen tanşyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe hem-de özbek tarapynyň wekillerine gezelenjiň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Dostlukly saparyň ikinji gününde — 24-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň awtoulag kerweni Samarkant şäherindäki Kongres merkezine tarap ugrady. Esasy girelgäniň öňünde belent mertebeli myhmany Özbegistanyň Baştutany mähirli garşylady. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň resmi wekiliýetiniň, dostlukly ýurduň Baştutany bolsa Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyryldy. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Prezident Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler syýasy, ykdysady we söwda ulgamlarynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ýurtlarymyzyň bilelikde tagalla edýändiklerini kanagatlanma bilen bellediler. Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Baştutany netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekip, energetika, ulag, oba hojalygy, senagat taýdan goşulyşmak, ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny nygtadylar. Soňra giňişleýin düzümdäki duşuşyk geçirildi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli türkmen myhmanyny we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalaryny Samarkantda mähirli mübärekläp, Gahryman Arkadagymyza Özbegistana dostlukly sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi.

Goňşy döwletiň Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan edip, döwlet Baştutanymyzy golaýda Ýaponiýa amala aşyran üstünlikli sapary hem-de Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory alymlyk derejesiniň berilmegi bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, munuň özi diňe bir Türkmenistana däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa hem hormat-sarpanyň nyşanydyr.

Prezident Şawkat Mirziýoýew Özbegistanda Türkmenistanyň Prezidentiniň saparyna taýýarlyk görülýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň rowaçlygyna we halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen syýasat amala aşyrylýar. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Özbegistanda Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine begenýärler. Pursatdan peýdalanyp, dostlukly ýurduň Baştutany Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň, şeýle hem “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi bilen ýene-de bir gezek gutlady.

Häzirki wagtda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky köptaraply hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär. Goňşy ýurtlary doganlyk we köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Biziň döwletlerimiz birek-biregi goldap, halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Goňşy ýurduň Lideri sözüniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistan Respublikasyna şu gezekki saparynyň netijeleriniň ähli ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklaryň ilerledilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz doganlyk ýurduň Baştutanyny ýene-de bir gezek mübärekläp, Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşmaga örän şatdygyny aýtdy we mähirli kabul edendigi, myhmansöýerligi üçin oňa minnetdarlyk bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistanyň Liderine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Gahryman Arkadagymyz şu gezekki saparyň Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirip, şu gün ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny hem-de sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri boýunça pikir alşyljakdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda döwletara dialog ýokary derejede ösdürilýär. Bu işde iki ýurduň ýolbaşçylarynyň ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklary kesgitleýji orny eýeleýär. Özara saparlaryň asylly däbi şu ýyl hem dowam etdirildi diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 3-4-nji aprelinde Samarkanda iş saparyny amala aşyrandygyny belledi. Bu baradaky gürrüňiň dowamynda Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň şu ýylyň 5-nji maýynda “Merkezi Aziýa — Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi” strategik dialogynyň ikinji sammitine gatnaşmak üçin Samarkanda, 6-7-nji sentýabrda bolsa Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Daşkent şäherine barjakdygy nygtaldy.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl biziň döwletimiz dünýä bileleşigi bilen bilelikde, ilkinji nobatda, goňşy ýurtlaryň gatnaşmagynda iri halkara çäreleriň birnäçesini geçirýär. Gahryman Arkadagymyz Prezident Şawkat Mirziýoýewe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşjakdygyny tassyklandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy özbek Liderini şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça geçiriljek halkara foruma hem gatnaşmaga çagyrdy.

Bellenilişi ýaly, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyk nusgalyk bolup durýar. Şunda Milli Liderimiz özbek tarapyna Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany goldandygy we awtordaşy bolandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklar meselesine degip geçip, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Işewür toparlaryň ugry boýunça gatnaşyklaryň ilerledilmegi hem möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisini, üçünji sebitara forumy we milli haryt öndürijileriň sergisini guramagyň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň — söwda merkeziniň döredilmegi söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam eder diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Onuň gurluşygy “Daşoguz — Şabat” barlag-geçiriş nokady sebitinde giň gerimde alnyp barylýar. Bu merkeziň şu ýyl ulanmaga berilmegi özara söwdany ilerletmek üçin täze mümkinçilikleri açar.

Energetika ulgamy döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Soňky ýyllarda bu ulgamda, aýratyn-da, gaz pudagynda bilelikde işlemegiň netijesinde hil taýdan täze derejä çykyldy diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri kanagatlanma bilen belledi.

Himiýa senagaty pudagyndaky hyzmatdaşlyk hem üns berilmäge mynasypdyr diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we özara gatnaşyklaryň ýokary derejededigini hem-de Türkmenistanyň bu pudakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen täze taslamalary amala aşyrmaga taýýardygyny nygtady.

Gahryman Arkadagymyz ulag ulgamyny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezip, türkmen tarapynyň bar bolan üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek we täzelerini döretmek boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmagy teklip edýändigini aýtdy. Türkmen tarapynyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny has netijeli ulanmak meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny ýene-de bir gezek bellemek isleýärin diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Aziýa — Ýewropa ugry boýunça üstaşyr ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiligiň bardygyny aýdyp, şu kuwwatdan has netijeli peýdalanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda türkmen-özbek serhedinde “Farap — Olot” ulag-logistika merkezini döretmek hem-de bu işe dünýäniň iri ulag kompaniýalaryny, halkara maliýe institutlaryny çekmek meselesine garamak teklip edildi.

Bellenilişi ýaly, medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar hem möhüm ähmiýete eýedir. Medeniýet we sungat ulgamynyň wekilleri biziň ýurtlarymyzda geçirilýän halkara çärelere yzygiderli gatnaşýarlar. Mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz Prezident Şawkat Mirziýoýewe beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen halkara foruma gatnaşandygy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen birlikde, Özbegistanda söz ussadynyň şanly senesini giňden bellemek, şol sanda Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysyny özbek dilinde neşir etmek barada dostlukly döwletiň Baştutany tarapyndan kabul edilen çözgüdiň ähmiýeti nygtaldy.

Sözüniň ahyrynda Milli Liderimiz Prezident Şawkat Mirziýoýewe myhmansöýerlik hem-de mähirli kabul edilendigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, hemmelere berk jan saglyk, üstünlik, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

Goňşy ýurduň Baştutany Gahryman Arkadagymyza çykyşy, beýan eden teklipleri üçin hoşallyk bildirip, Özbegistanyň iki doganlyk ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine Türkmenistan bilen giň gerimli strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýandygyny tassyklady.

Ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.

Prezident Şawkat Mirziýoýewiň gol çeken Permany okalýar. Resminama laýyklykda, Özbegistan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky berk dostluk gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylygy we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmekde, söwdada, senagatda, ulag ulgamynda, energetikada, oba hojalygynda, ylymda, bilimde, sportda, ynsanperwer ulgamda köptaraply we uzak möhletli hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmekde bitiren ägirt uly taryhy hyzmatlary, doganlyk halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna, jebisleşmegine, gadymy taryhy, milli gymmatlyklary, däp-dessurlary aýawly saklamaga, medeniýet we sungat ugurlarynda gatnaşyklary ilerletmäge, ählumumy durnuklylygy, özara ynanyşmak ýagdaýyny, sebitde hyzmatdaşlygy we ylalaşyklylygy berkitmäge goşan ägirt uly goşandy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň “Ýokary derejeli dostluk” ordeni bilen sylaglanylýar.

Prezident Şawkat Mirziýoýew Gahryman Arkadagymyza Özbegistana sapary amala aşyrandygy üçin hoşallyk bildirdi. Şu gezekki duşuşygyň taryhy Samarkant şäherinde geçirilýändigi bellärliklidir. Bu şäher Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýär.

Şu iki günüň dowamynda meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Olar boýunça çözgütler kabul edildi. Bu gün, hakykatdan-da, biziň üçin taryhy gündür. Size, ýurdumyzyň ýakyn dostuna Özbegistanyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak meniň üçin uly hormatdyr. Munuň özi iki doganlyk ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylygy, strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda köpmilletli özbek halkynyň Siziň beýik hyzmatlaryňyza taryhy hormat-sarpasynyň nyşanydyr. Özbegistanda Sizi ajaýyp döwlet işgäri, Milli Lider hem-de gülläp ösýän Türkmenistanyň binagäri hökmünde tanaýarlar hem-de uly sarpa goýýarlar diýip, Özbegistanyň döwlet Baştutany aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, ägirt uly üstünlikleriň ählisi, giň gerimli özgertmeler we Türkmenistanyň halkara giňişlikde abraýynyň ýokarlanmagy türkmen halkynyň Milli Lideriniň ady bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen birlikde, Gahryman Arkadagyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň ýurduň oňyn Bitaraplygyny pugtalandyrmakda, syýasy we durmuş-ykdysady özgertmeler syýasatyny durmuşa geçirmekde haýran galdyryjy üstünlikleri gazanandygyna üns çekildi.

Halkyň abadançylygy yzygiderli ýokarlanýar, iň esasysy bolsa, adamlaryň ertirki güne ynamy artýar. Biz ýakyn goňşular hökmünde Türkmenistanyň bu üstünliklerine begenýäris. Siz köptaraply işiňiz hem-de gymmatly eserleriňiz bilen dünýä jemgyýetçiliginde uly abraýa eýe bolduňyz diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew belledi. Özbek Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryna ünsi çekdi. Şunda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky teklibiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Bu teklip Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp boldy. Şu ýylyň ahyrynda Aşgabadyň bu möhüm waka bagyşlanan ählumumy sammiti kabul etjekdigi bellärliklidir. Häzirki wagtda Siziň asylly işiňizi we syýasy ugruňyzy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mynasyp dowam etdirýär diýip, dostlukly ýurduň Baştutany aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna sapary bolar. Onuň maksatnamasy möhüm ähmiýetli wakalara baýdygy bilen tapawutlanar. Biz Özbegistanda Siziň köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge we biziň ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň ýakynlaşmagyna uly şahsy goşandyňyzy aýratyn hoşallyk bilen belleýäris diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew sözüni dowam etdi. Hakykatdan-da, Siz öz kitaplaryňyzda ykbalyň ilkibaşda türkmenlere gurmagy, döretmegi, ösmegi, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagy, olary jebisleşdirmegi, parahatçylygy aýawly saklamagy, adamlaryň mertebesine hormat goýmagy salgy berendigine ünsi çekýärsiňiz. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň şahsy goldawy esasynda 2017-nji ýylda ýurtlarymyzyň strategik hyzmatdaşlygynyň ygtybarly binýady goýuldy. Döwletara gatnaşyklaryň netijeleri häzirki wagtda ýokary, nusgalyk derejä çykaryldy diýip, özbek Lideri nygtady.

Bu günki gün iki ýurduň parlamentleriniň, Hökümetleriniň, sebitleriniň, işewürliginiň, jemgyýetçiliginiň, intelligensiýasynyň we ýaşlarynyň derejesinde gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändigi, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň maksatnamalarynyň we taslamalarynyň durmuşa geçirilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Haryt dolanyşygynyň görkezijileri munuň aýdyň mysalydyr. Soňky ýyllarda bu görkeziji birnäçe esse artdy we 1 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy. Bu gün ony 2 milliarda ýetirmek barada ylalaşyldy. Şunuň bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyzyň geljekde bu görkezijini 5 milliarda çenli ýetirmegi teklip edendigi aýdyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň halklarymyzyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga hemişe üns berýändigi aýratyn bellenildi. Geçen ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçirilen giň gerimli çäreler munuň aýdyň mysalydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň paýtagtynda dürli döwürleriň we halklaryň dünýä belli akyldarlarynyň, şahyrlarynyň, şol sanda beýik Alyşir Nowaýynyň heýkelleri oturdylan täsin medeni-seýilgäh toplumy döredildi. Şeýle hem geçen ýyl Magtymguly Pyragynyň özbek dilinde neşir edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy, türkmen halkynyň beýik ogluna bagyşlanan bilelikdäki çeper filmiň ilkinji görkezilişi boldy. Şunuň bilen birlikde, Milli Liderimiziň ylmy işleriniň köp böleginiň özbek diline terjime edilendigi bellenildi. Ata-babalarymyzyň ruhy mirasy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň täzeçil ylmy barlaglary şol eserleriň esasyny düzýär. Aýratyn-da, Siziň “Hakyda göwheri” atly täze kitabyňyz mende ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Bu kitap adamlar, hususan-da, ýaş nesil üçin pähim-paýhasyň, ruhubelentligiň gymmatly çeşmesi bolup durýar diýip, dostlukly döwletiň Baştutany aýtdy we bu ajaýyp eseriň giň okyjylar köpçüliginiň ünsüni çekýändigini nygtady. Häzirki wagtda bu eser özbek diline terjime edildi we eýýäm Özbegistanyň kitaphanalarynda goýuldy.

Özbek Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglanylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk, üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Soňra sylaglamak dabarasy boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bildirilen hormat-sarpa — “Ýokary derejeli dostluk” ordeni bilen sylaglandygy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň aýdyň subutnamasy bolup durýan bu çäräniň taryhy ähmiýetini nygtady.

Prezident Şawkat Mirziýoýew öz çykyşynda Gündogaryň beýik akyldary, ajaýyp türkmen şahyry Magtymguly Pyragy barada aýtdy. Akyldar şahyr öz eserlerinde halklaryň arasyndaky dost-doganlygy wasp edipdir diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi we onuň “Türkmeniň” atly goşgusyndaky “Tireler gardaşdyr, urug ýarydyr...” diýen jümlesini mysal getirdi. Şunuň bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyz beýik şahyr Alyşir Nowaýynyň döredijiliginiň ähmiýetini belledi. Ol öz goşgularynda: “Dostluk — wepalylyk” diýip ýazypdyr.

Biziň halklarymyz asyrlaryň dowamynda kemala gelen, nesillerden-nesillere geçirilip gelinýän baý medeni we ruhy mirasa eýedir. Häzirki wagtda şöhratly ata-babalarymyzyň döwürleriň hem-de nesilleriň arasyndaky arabaglanyşygy saklamakda möhüm orny eýeleýän asylly däpleri mynasyp dowam etdirilýär. Munuň özi halklarymyza mahsus bolan ula hormat goýmak, kiçini sylamak ýaly ýörelgelerde öz beýanyny tapýar. Men hormatly il ýaşululary bilen iki elläp salamlaşýaryn, bu hormat-sarpanyň we birek-birege hormatyň alamatydyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Gadymdan gelýän däplerden ugur alyp, her bir adam öz ömründe hökmany suratda asylly işleri amala aşyrmalydyr. Şoňa görä-de, köpri gurmak, ýol çekmek ýaly halk üçin bähbitli bir işi bitirmek sogap hasaplanýar. Gahryman Arkadagymyz çykyşynda özbek Lideriniň filosofiýasyny ýatlap, onuň dünýä gelen her bir adamyň bir haýyrly iş bitirmelidigi baradaky manysyna ünsi çekdi. Şawkat Miromonowiçiň bu filosofiýasy nusga alarlyk ýörelgedir. Onda dostluk, özara hormat goýmak ýaly düşünjeler öz beýanyny tapýar.

Şawkat Mirziýoýew döwlet Baştutany wezipesine girişen ilkinji günlerinde doganlyk goňşy ýurtlara saparlary amala aşyrdy. Munuň özi umumy taryhy we medeniýeti bolan halklaryň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmekde möhüm ädim boldy. Özbegistanyň Prezidentiniň öz ilkinji daşary ýurt saparyny Türkmenistana amala aşyrandygy bellärliklidir. Saparyň çäklerinde Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Islam Karimowyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy boldy. Türkmenlerde hem, özbeklerde hem “Ölüsini sylan beg bolar” diýen paýhasly jümle bar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we bu ýörelgä eýermekde özbek Lideriniň görelde görkezýändigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistana amala aşyran saparynyň barşynda Prezident Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda ýurdumyzda gurlan awtomobil ýolunyň we köprüsiniň açylyş dabarasy boldy.

Biziň ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda köpri we ýol gurmagy asylly iş hasaplandyklary tötänden däldir. Şeýle desgalaryň üsti bilen gatnaşyklar ýola goýulýar. Haryt alyşmalary amala aşyrylýar, medeniýetler özara baýlaşýar. Şunuň bilen birlikde, munuň özi halklaryň birek-birege ýakynlaşmagyna hem giň mümkinçilikleri açýar. Bu bolsa häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Mundan başga-da, sebitleýin infrastruktura desgalaryny gurmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň artmagyna, iň esasysy bolsa, halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam edýär. Umuman, munuň özi adamlaryň bähbidine asylly başlangyçlaryň dabaralanmagyna ýardam berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri köp ýyllaryň dowamynda Şawkat Mirziýoýewi oňat tanaýandygyny we Özbegistan Respublikasynda ençeme gezek saparda bolandygyny belledi. Bu saparlaryň her biriniň dowamynda biz bag nahallaryny oturdýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Bag bakylygyň nyşanydyr. Bag ekmek biziň halklarymyzyň milli ýörelgelerine laýyk gelýän asylly iş hasaplanýar. Çünki bag köklerini topraga çuňňur aralaşdyryp, barha berkeýär. Men bu sylagy — “Ýokary derejeli dostluk” ordenini türkmen halkyna özbek halkyndan sylag hökmünde kabul edýärin diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we doganlyk halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrunda ähli tagallalaryny, bilimini we durmuş tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Hormatly Arkadagymyz Prezident Şawkat Mirziýoýewiň filosofiýasynyň çuň manylydygyny we onuň dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendigini ýene-de bir gezek belläp, özbek Lideriniň parasatly ýolbaşçy bolmak bilen, halkara giňişlikde uly abraýa eýe bolandygyny nygtady. Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň adyndan Özbegistanyň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi we oňa berk jan saglyk, döwlet işinde uly üstünlikleri, goňşy ýurduň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Soňra dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzy Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy — “Ýokary derejeli dostluk” ordeni bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwletara dialogy ösdürmäge, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan ägirt uly goşandy bellenildi. Nygtalyşy ýaly, hoşniýetli goňşuçylyk, özara ynanyşmak, açyklyk, birek-birege hormat goýmak hemişe türkmen-özbek gatnaşyklarynyň tapawutly aýratynlygy bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Iki doganlyk döwleti taryhyň dowamynda emele gelen medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, asylly däpler baglanyşdyrýar. Bu däpler häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri we dostlukly döwletiň Baştutany Kongres merkeziniň Hormatly myhmanlar seýilgähinde iki ýurduň doganlyk halklarynyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagynyň we dostlugynyň pugtalandyrylmagynyň nyşany hökmünde bag nahalyny oturtdylar.

Soňra Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Lideri “EKSPO” sergiler merkeziniň binasyna baryp, bu ýerde “Wagtyň salgymlary” atly sergi bilen tanyşdylar.

Sergide adamzat siwilizasiýasynyň ösüşiniň tapgyrlary beýan edilýär. Bu ekspozisiýa Özbegistanyň Döwlet sungat muzeýiniň, Amaly-haşam sungaty muzeýiniň, Taryh muzeýiniň, Samarkandyň Taryh muzeýiniň, Termez şäheriniň Arheologiýa muzeýiniň, Horezmiň Taryh muzeýiniň gymmatlyklaryndan ybaratdyr. Görkezilýän gymmatlyklar biziň eýýamymyzdan öňki XV asyrdan häzirki güne çenli döwri öz içine alýar. Bu ýerde adamzat tarapyndan daşyň ýüzünde döredilen sungat eserlerinden başlap, misden ýasalan zergärçilik we ýüpekden taýýarlanan önümlere çenli muzeý gymmatlyklaryny görmek bolýar. Serginiň esasy maksady wagtyň taryha, siwilizasiýalara we eýýamlara täsirini görkezmekden ybaratdyr. Aýratyn-da, onuň täsin bezegi haýran galdyrýar. Sergi zalynyň ýokarsyna seredip, adam özüni galaktikada — ýyldyzlaryň arasynda ýaly duýýar. Taryh boýunça bu özboluşly gezelençde sergä gelýänleriň öňünde täsin görnüş açylýar. Bu künjek ussalaryň we döredijileriň, suratkeşlerdir senetçileriň, şahyrlaryň şäheridir. Sergide goýlan gadymy şaý-sepler, elde ýasalan önümler, matalardyr beýleki gymmatlyklar uly gyzyklanma döredýär.

Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly saparynyň maksatnamasynda bu sergä baryp görmegiň göz öňünde tutulmagy tötänden däldir. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmek, aýawly saklamak we wagyz etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Gadymy siwilizasiýalaryň, medeniýetleriň mekany bolan türkmen topragyny “açyk asmanyň astyndaky muzeý” diýip atlandyrýarlar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky köptaraply işe uly üns bermegi bilen, türkmen we meşhur daşary ýurt alymlarynyň gatnaşmagynda giň gerimli arheologik barlaglar geçirilýär.

Türkmenistanyň çäginde dünýä ähmiýetli açyşlar amala aşyryldy. Gadymy Marguş we onuň paýtagty Goňurdepe şolaryň iň meşhurlarynyň hataryndadyr. Muzeýleriň gaznalarynyň üsti arheologik ekspedisiýalaryň işleýän döwründe tapylan hem-de içgin öwrenilmegi talap edilýän gadymy tapyndylar bilen yzygiderli ýetirilýär. Häzirki güne çenli Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň üçüsi — Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaýyň Parfiýa galalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmen topragynda ýerleşýän täsin ýadygärlikleriň beýlekilerini hem bu abraýly sanawa goşmak üçin ähli mümkinçilikler bar.

Iki doganlyk ýurduň taryhyna nazar salmak bilen, olarda umumylygyň köpdügini görmek bolýar. Ençeme asyrlaryň dowamynda biziň halklarymyz özboluşly baý medeniýeti döredipdirler. Halk döredijiliginde, senetçilikde, şekillendiriş sungatynyň ýadygärliklerinde, milli lybaslarda, ylymda, bilimde, binagärlikde, şäher gurluşygynda hem meňzeşlikler äşgär görünýär. Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäkleri siwilizasiýalaryň dörän ýeri bolup, Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm merkezine öwrülipdir. Köp sanly gadymy binagärlik desgalary, çeperçilik hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleri türkmen we özbek halklarynyň geçen taryhy ýolunyň beýikdigine şaýatlyk edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri gyzykly we çuň manyly gezelenç üçin minnetdarlyk bildirip, muzeýleriň hem-de şeýle sergileriň möhüm ornuny belledi. Öz nobatynda, gezelenç mahalynda Gahryman Arkadagymyzyň ýanynda bolan serginiň ýolbaşçylary belent mertebeli myhmana muzeýe gelip görendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Şawkat Mirziýoýewiň bilelikdäki awtoulag kerweni Samarkant şäheriniň Halkara howa menziline bardy.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz we özbek Lideri mähirli hoşlaşyp, iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, umumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassykladylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistan Respublikasyna dostlukly saparyny tamamlap, Watanymyza ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini resmi adamlar garşyladylar.

Umuman, Gahryman Arkadagymyzyň goňşy ýurtlara dostlukly saparlary doganlyk halklaryň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna, taryhy gymmatlyklaryň we däp-dessurlaryň baýlaşmagyna, hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam eder. Şunuň bilen birlikde, geçirilen gepleşikleriň netijeleri özara bähbitli sebit hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegine täze itergi berer, şeýle-de ählumumy derejede durnuklylygy we okgunly ösüşi üpjün etmäge goşant bolar.

25.04.2025
Umumy geljegiň bähbidine netijeli döwletara we sebit hyzmatdaşlygy ilerledilýär

Gahryman Arkadagymyzyň Gyrgyz Respublikasyna dostlukly sapary

Çolpon-Ata, 22-23-nji aprel (TDH). Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasyna iki günlük dostlukly sapary amala aşyrdy.

Mälim bolşy ýaly, ýakyn goňşy döwletler bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmek Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli halkara dialogy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary uzak möhletli strategik hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykdy. Halkara we sebit syýasatynyň derwaýys meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakynlygy dürli derejede döwletara dialogy işjeňleşdirmek üçin amatly şertleri döredýär. Häzirki wagtda Türkmenistan we Gyrgyz Respublikasy Merkezi Aziýada durnuklylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak, özara düşünişmek, ynanyşmak, hormat goýmak däplerini berkitmek ugrunda çykyş edýärler.

...Gazagystanyň Türküstan şäherinden ugur alan türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary biraz wagtdan soňra, iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Yssyk-köl Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem-de beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Türkmen we gyrgyz halklaryny köpasyrlyk taryhyň hem-de ruhy kökleriň umumylygy, diliň, medeni däpleriň meňzeşligi baglanyşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurtlaryň arasyndaky döwletara hyzmatdaşlykda ynsanperwer gatnaşyklara möhüm ornuň degişlidigini bellemek gerek. Iki ýurduň medeniýet, sungat, edebiýat we kinematografiýa işgärleriniň gatnaşmagynda dürli dabaralaryň, sport çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Ylym-bilim ulgamynda uly mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistan we Gyrgyz Respublikasy iki ýurduň halklarynyň baý taryhy-medeni mirasyny dikeltmekde-de tagallalary birleşdirýärler.

...Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň bilelikdäki awtoulag kerweni Çingiz Aýtmatow adyndaky “Ruh-Ordo” medeniýet merkezine geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmanlar mähirli garşylanyldy we merkez barada giňişleýin maglumat berildi.

Mälim bolşy ýaly, 2002-nji ýylda esaslandyrylan “Ruh-Ordo” medeniýet merkezi açyk asmanyň astyndaky muzeýi ýatladýar. Bu merkez Yssyk-kölüň demirgazyk kenarynda ýerleşýän Çolpon-Ata şäheriniň iň gelim-gidimli ýerleriniň biridir. Häzirki wagtda şäher arassa kenary we ösen syýahatçylyk infrastrukturasy bilen meşhurdyr. “Ruh-Ordo” medeniýet merkezi bu şypahana zolagynyň merjeni hasaplanýar. Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinden gelýän jahankeşdeleriň zyýarat edýän ýerine öwrülen toplumyň çäginde esasy dünýä dinlerine bagyşlanan 5 sany dini bina gurlupdyr. Bu ýerde gyrgyz halkynyň we dünýä taryhynyň, ylmynyň, edebiýatynyň, sungatynyň meşhur wekilleriniň heýkelleri ýerleşdirilipdir. 2008-nji ýylda “Ruh-Ordo” medeniýet merkezine belli gyrgyz ýazyjysy we jemgyýetçilik işgäri Çingiz Aýtmatowyň ady dakyldy. Bu ýerde ýazyjynyň öý muzeýi hem-de onuň eserleri esasynda döredilen birnäçe heýkeller bar.

Söz ussatlaryny sarpalamak iki halkyň däplerinde möhüm orny eýeleýär. Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzyň günorta künjeginde “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy beýik söz ussadynyň döredijiligine goýulýan hormatyň aýdyň nyşany boldy. Diňe bir Gündogar edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň ösmegine-de uly goşant goşan ussat şahyryň sarpasy belentde tutulýar. Söz ussadynyň pikirleri, giň filosofik garaýyşlary häzirki türkmen jemgyýetiniň ruhy binýady bolmak bilen, umumadamzat gymmatlygyna öwrüldi.

Aşgabatdaky “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, ýazyjy-şahyrlarynyň, şol sanda gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň hem heýkeliniň oturdylandygy bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň aýdyň beýanydyr. Paýtagtymyzdaky bu toplum hem-de Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherindäki “Ruh-Ordo” medeniýet merkezi iki halkyň beýik şahsyýetlere goýýan uly sarpasynyň nyşanydyr. Olarda şygryýet agşamlary, döredijilik duşuşyklary, aýdym-sazly çykyşlar yzygiderli guralýar.

“Ruh-Ordo” medeniýet merkezi diňe bir täsin binagärlik ýadygärlikleri bilen däl, eýsem, kölüň kenaryndaky özboluşly gaýyk duralgasy bilen hem meşhurdyr. Bu ýerde dünýäniň dört tarapyny, şeýle-de ýylyň dört paslyny alamatlandyrýan dört sany täsin desga ýerleşýär. Seýilgäh zolagynyň çäginde sergi zallary-da bar. Olaryň gymmatlyklary gadymy çarwa durmuşynyň taryhyny aýdyňlyk bilen görkezýär hem-de gyrgyz halkynyň halk döredijiliginiň meşhur eseri bolan “Manas” eposy barada gürrüň berýär.

Çingiz Aýtmatow adyndaky “Ruh-Ordo” medeniýet merkeziniň gymmatlyklary bilen tanyşlykdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow hemmeler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugradylar.

Soňra Gahryman Arkadagymyz we Prezident Sadyr Žaparow bilelikde Yssyk-kölüň ajaýyp kenarynda gezelenç etdiler. Tebigatyň gözel görnüşi, kenarýakasynyň ýakymly howa gurşawy ynsanyň ruhuny götermek bilen, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Munuň özi adamlaryň saglygyny berkitmekde, ruhubelentlik duýgusyny oýarmakda tebigatyň ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň mysalydyr.

Gezelenjiň dowamynda iki ýurduň arasynda syýahatçylyk pudagynda-da gatnaşyklary ösdürmegiň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi.

Dostlukly saparyň ikinji gününde — 23-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy boldy. Bu duşuşyk uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berer.

Irden Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň bilelikdäki awtoulag kerweni “Ala-Arça” döwlet kabulhanasynyň maslahatlar binasyna bardy. Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy myhmansöýer gyrgyz topragynda ýene-de bir gezek mähirli mübärekledi. Bu künjekdäki täsin şäher Yssyk-kölüň örän arassa suwlary bilen aýratyn sazlaşyk döredýär. Munuň özi gyrgyz halkynyň açyklygynyň, myhmansöýerliginiň we baý däp-dessurlarynyň nyşany bolup durýar.

Gyrgyz Lideri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigini aýratyn nygtap, Gahryman Arkadagymyzyň şu saparynyň halklarymyzyň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Şunda Sadyr Žaparow 2024-nji ýylda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmagynyň çäklerinde geçirilen duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Dostlukly döwletiň Baştutany Gyrgyz Respublikasynyň adyndan Gahryman Arkadagymyzy hem-de doganlyk türkmen halkyny Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek giň gerimli baýramçylyklar bilen gutlady.

Pursatdan peýdalanyp, Prezident Sadyr Žaparow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny we Gyrgyz Respublikasyna sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz dostlukly ýurda sapar bilen gelmäge çakylygy hem-de myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, şu gezekki duşuşyga ýurtlarymyzyň arasyndaky okgunly ösýän syýasy dialogyň dowamy hökmünde garaýandygyny belledi. Milli Liderimiz Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşandy üçin Prezident Sadyr Žaparowa minnetdarlyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy syýasy-diplomatik ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde görkezip, ýokary derejedäki saparlaryň we duşuşyklaryň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň esasy şerti hökmünde çykyş edýändigini belledi.

Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edendigini aýdyp, şu ýyl Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen, ilkinji nobatda, sebit ýurtlarynyň gatnaşmagynda iri halkara çäreleriň birnäçesini geçirýändigini nygtady. Şunda 12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda guraljak halkara forum aýratyn ähmiýete eýe bolar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Sadyr Žaparowyň bu forumyň işine gatnaşmagyna umyt bildirildi.

Biziň ýurtlarymyz halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleriniň ençemesi boýunça bitewi ýa-da ýakyn garaýyşlar bilen çykyş edýärler diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygyny, halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryny hemişe goldaýandygy üçin gyrgyz tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2025-nji ýylyň 21-nji martynda kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany goldandygy we awtordaş bolup çykyş edendigi üçin hem gyrgyz tarapyna minnetdarlygyny beýan etdi. Munuň özi Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýyna degişli Kararnamalaryň (1995-nji we 2015-nji ýyllaryň Kararnamalaryndan soňra) üçünjisidir. Biz mundan beýläk-de siziň halkara ähmiýetli, dag meselesine degişli teklipleriňizi ilerletmek boýunça tagallalaryňyzy goldarys. Şunuň bilen baglylykda, 24-25-nji aprelde Bişkekde geçiriljek “Durnukly ösüşiň bähbidine ählumumy dag dialogy” atly halkara maslahata ýurdumyzyň degişli wekiliýetiniň gatnaşjakdygyny aýtmak isleýärin diýip, Milli Liderimiz belledi we bu maslahatyň 2027-nji ýylda geçiriljek “Bişkek+25” ikinji ählumumy Bişkek dag sammitine taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyryna öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Biz Merkezi Aziýada parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerinde bilelikdäki hereketleri utgaşdyrmagyň zerurdygyny nygtaýarys. Şunda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň ähmiýetini bellemek gerek diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň awgustynda Astanada geçirilen altynjy konsultatiw duşuşykda kabul edilen sebit integrasiýasyny ösdürmegiň “Merkezi Aziýa — 2040” konsepsiýasynyň hem-de 2025 — 2027-nji ýyllarda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça “Ýol kartasynyň” wajypdygy nygtaldy.

Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň awgust aýynyň başynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň başlyklyk etmeginde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça halkara maslahatyň geçiriljekdigini aýtdy we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini oňa gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dostlukly döwletiň Baştutanyny Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan transkontinental demir ýolunyň gurluşygy boýunça giň gerimli taslamanyň durmuşa geçirilip başlanmagy bilen gutlap, üstaşyr ulag geçelgelerini mundan beýläk-de ösdürmek babatda bilelikdäki işiň wajypdygyny belledi hem-de logistika boýunça ýerli merkezi döretmegi teklip etdi. Ulag ulgamy biziň hyzmatdaşlygymyzda wajyp orny eýeleýär. Biz sebitimiziň ulag-logistika ulgamynda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny görýäris. Şoňa görä-de, Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar üstaşyr ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmagy zerur hasaplaýarys. Şunuň bilen baglylykda, Pars aýlagyndaky we Hazar deňzindäki portlara çykmak arkaly Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan ugry strategik taýdan möhüm ädim bolup durýar. Biz Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň infrastruktura mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin özara kabul ederlikli şertleri döretmäge taýýardyrys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Taraplaryň tagallalary bilen ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-gyrgyz topary döredildi. Onuň ilkinji mejlisi şu ýylyň 28 — 30-njy aprelinde Bişkek şäherinde geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda has netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça teklipler beýan edildi. Munuň özi döwletlerimiziň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegine ýardam eder.

Şeýle hem ýurtlarymyzyň ösmegine uly goşant goşan ajaýyp şahsyýetlere bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmek teklip edildi. Biz Gyrgyz Respublikasynyň milli toparlaryny Türkmenistanda geçirilýän dürli ýaryşlara hem-de okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna gatnaşmaga uly höwes bilen çagyrýarys. Munuň özi sport gatnaşyklaryny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, biziň halklarymyzyň arasyndaky dostlugyň we hyzmatdaşlygyň hem nyşanyna öwrüler diýip, Milli Liderimiz belledi.

Sözüniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň, hemişe bolşy ýaly, Gyrgyz Respublikasy bilen özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin açyk bolmagynda galýandygyny nygtady.

Gyrgyz Lideri Türkmenistanyň ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygyny alyp barmaga jogapkärçilikli çemeleşýändigi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, Milli Liderimiziň beýan eden başlangyçlarynyň ählisini goldaýandygyny aýtdy.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti gyrgyz milli ak öýüne baryp gördüler.

Türkmenlerde bolşy ýaly, gyrgyzlarda hem ak öýe aýratyn sarpa goýulýar. Ol diňe bir däp bolan ýaşalýan öý bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ençeme asyrlyk medeniýetiň hem möhüm bölegi hasaplanýar. Ol öý-ojagy, maşgalany, halkyň durmuş ýörelgelerini alamatlandyrýar. Sökülýän, bir ýerden başga bir ýere aňsatlyk bilen göçürilýän ak öý gyşyna ýylylygy, tomsuna bolsa salkyn howany üpjün edýär. Öýüň görnüşi asman giňişliginiň şekilini ýatladýar. Ak öýüň tüýnüginiň Gyrgyz Respublikasynyň Döwlet baýdagynda şekillendirilmegi hem tötänden däldir. Bir söz bilen aýdylanda, ak öý geçmişi we häzirki döwri baglanyşdyryp, taryhyň sahypalaryna aralaşmaga, gadymy çarwadarlaryň baý medeniýetiniň, sungatynyň, däp-dessurlarynyň gözbaşlaryna has oňat düşünmäge mümkinçilik berýär.

Ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna uly sarpa goýulýan Türkmenistanda hem ak öýler ähli baýramçylyklaryň aýratyn bezegi bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda “Türkmeniň ak öýi” binalary gurlup, olar köpçülikleýin dabaralaryň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Türkmen-gyrgyz dostluk gatnaşyklaryny hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ägirt uly şahsy goşant goşan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hormat-sarpanyň nyşany hökmünde gymmatly sowgatlar — milli gyrgyz ak öýi hem-de häzirki wagtda aýawly saklanylýan we kämilleşdirilýän senetçilik sungatynyň ösýändigine şaýatlyk edýän sowgatlyk önümler, şeýle-de Han atly bedew sowgat berildi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň bilelikdäki awtoulag kerweni Çolpon-Ata şäheriniň atçylyk toplumyna tarap ugrady.

Atçylyk toplumyna barýan ýoluň ugrunda dostlukly ýurduň sungat ussatlary aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Olarda taryh we medeniýet babatda umumylyklary bolan halklaryň milli däpleri, häzirki döwürde üstünlikli ösdürilýän dost-doganlyk gatnaşyklary wasp edildi. Gyrgyz halkynyň gadymy durmuşyny, däp-dessurlaryny beýan edýän görnüşler iki dostlukly halkyň umumy medeniýete eýediginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

10 müň adama niýetlenen bu toplum Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinden 270 kilometr uzaklykda ýerleşýär we 25 gektar meýdany eýeleýär. Toplum 2014-nji ýylda Çarwadarlaryň birinji bütindünýä oýunlaryndan soňra guruldy. Çarwadarlar siwilizasiýasynyň medeniýetini dikeltmek we aýawly saklamak üçin Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň başlangyjy bilen Merkezi Aziýanyň halklarynyň milli sport görnüşleri boýunça bu iri halkara sport ýaryşlarynyň geçirilmegi häzirki wagtda asylly däbe öwrülip, dürli ýurtlaryň halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Belent mertebeli myhmana milli gyrgyz at üstündäki oýunlar — Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen “žorgo”, “gök-böri” we “salburun” oýunlary görkezildi.

Türkmen halkynda bolşy ýaly, Gyrgyz Respublikasynda hem at çapyşyklary sportuň iň gyzykly we çekeleşikli görnüşleriniň biri bolmagynda galýar. Ençeme asyr mundan öň bolşy ýaly, häzirki wagtda-da at çapyşyklary ählihalk dabaralarynyň, baýramçylyklaryň bezegi bolup durýar. Gyrgyzlarda Aziýa halklarynyň köpüsiniň arasynda giňden ýaýran “gök-böri” atly gadymy atly sport oýny hem aýratyn meşhurlykdan peýdalanýar. Çarwadarlaryň aw awlamak, sürini ýyrtyjy haýwanlardan, ilkinji nobatda, möjeklerden goramak däplerinden elguşlary we tazylary ulanmak arkaly toparlaýyn aw etmek ýüze çykdy. Bu aw “salburun” diýlip atlandyrylýar. Ýaryşa gatnaşyjylar öz çalasynlygyny, atyň üstünde ýaýdan ok atmak ussatlygyny görkezýärler.

Merkezi Aziýa sebitiniň ähli halklary, şol sanda türkmenler hem müňýyllyklaryň dowamynda edermen ýigitleriň ýoldaşy bolan bedewlere aýratyn sarpa goýýarlar. Behişdi bedewleriň muşdagy we ajaýyp çapyksuwar, atly sportuň wagyzçysy bolup durýan Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen täze taryhy döwürde ahalteke bedewleri okgunly ösýän Türkmenistanyň esasy nyşanyna öwrüldi. Milli Liderimiz öz birnäçe ajaýyp kitaplaryny, şol sanda “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly eserlerini döwürleriň hem-de nesilleriň arabaglanyşygynyň nyşanyna öwrülen ýelden ýyndam bedewlere bagyşlady. Bu kitaplar daşary ýurt dilleriniň ençemesine terjime edilip, giň dünýä jemgyýetçiliginiň gymmatly gollanmasyna öwrüldi hem-de Ýer ýüzünde ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmakda möhüm orny eýeledi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda gadymy atçylyk sungatyny dikeltmek we ösdürmek boýunça maksada okgunly işler alnyp barylýar. Zähmetsöýer seýisler beýik ata-babalarymyzyň iň gowy däplerini dowam etdirip, deňsiz-taýsyz tohumyň arassalygyny saklamak we ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak babatda giň gerimli işleri amala aşyrýarlar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda döwrebap atçylyk sport toplumlary we merkezleri guruldy. Olarda atçylygy ösdürmek üçin ähli şertler döredildi. Milli at üstündäki oýunlar, atly sportuň dürli görnüşleri, şol sanda konkur okgunly ösüşe eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça konkur ilkinji gezek 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýaryşlarynyň maksatnamasyna girizildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, 2007-nji ýylda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary döredildi. Häzirki wagtda bu topar diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäginden daşarda hem meşhurdyr. Ol dünýäniň dürli künjeklerinde çykyş edip, abraýly halkara sylaglaryň ençemesine, şol sanda şu ýylyň ýanwarynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldular. Ganatly bedewlerimiziň Ýer ýüzündäki şan-şöhratyny mundan beýläk-de artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenilýär. Bu baýramçylyga gabatlanyp dürli halkara bäsleşikler, şol sanda ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi guralýar.

Gahryman Arkadagymyz atçylygyň gadymy däpleriniň umumylygyny belläp, gyrgyz atşynaslaryny golaýlaşyp gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän günlerinde Arkadag şäherine gelmäge çagyrdy. Bu ýerde Halkara atçylyk akademiýasy, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki, atçylyk toplumy guruldy. Olar sebitdäki bu ilkinji “akylly” şäheriň binagärlik toplumynyň özboluşly bezegine öwrüldi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz we dostlukly ýurduň Baştutany atçylyk toplumynyň ähli işgärlerine minnetdarlyk bildirip, bu ýerden ugradylar.

Gyrgyz Respublikasyna dostlukly saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparow bilen bilelikde Yssyk-köl Halkara howa menziline bardy we şol ýerden uçarda Özbegistanyň Samarkant şäherine ugrady.

24.04.2025
Umumy geljegiň bähbidine netijeli döwletara we sebit hyzmatdaşlygy ilerledilýär

Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystan Respublikasyna dostlukly sapary tamamlandy

Türküstan, 22-nji aprel (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna dostlukly sapary tamamlandy.

Ozal habar berlişi ýaly, saparyň ilkinji gününde Gahryman Arkadagymyz Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen bilelikde Hazret Sultan milli muzeý-goraghanasyna we onuň düzümine girýän Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähine, “Etnoaul” milli medeni toplumyna, “Turkistan Visit Centre” syýahatçylyk-maglumat merkezine, “Karavansaray Turkistan” syýahatçylyk toplumyna baryp gördi.

Ynsanperwer gatnaşyklar türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar. Munuň özi doganlyk halklaryň taryhyň dowamynda emele gelen medeni we ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy bilen şertlendirilendir. Ýokary derejedäki saparlaryň hem-de duşuşyklaryň barşynda bu meselä uly üns berilýär. Şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi ähli ugurlar boýunça netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge ýardam edýär.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl ýurdumyzda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenildi. Bu şanly senä gabatlanyp, 2024-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forum geçirildi. Oňa birnäçe ýurtdan döwlet Baştutanlary, şol sanda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew hem gatnaşdy. Dünýäniň köp ýurtlarynda beýik şahyra bagyşlanyp geçirilen çäreler Gazagystanda-da guraldy.

...Şu gün — saparynyň ikinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy boldy.

Gazagystanyň Baştutany türkmen halkynyň Milli Liderini mähirli mübärekläp, belent mertebeli myhmana Gazagystan Respublikasyna gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi we bu sapara sabyrsyzlyk bilen garaşylandygyny hem-de onuň öz wagtynda amala aşyrylandygyny nygtady. Goňşy ýurduň Lideriniň belleýşi ýaly, Gazagystanda Gahryman Arkadagy ajaýyp döwlet işgäri hökmünde tanaýarlar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýola goýan strategik ugry esasynda häzirki wagtda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan öňe tarap ynamly hereket edip, öz ösüşinde haýran galdyryjy netijeleri gazanýar.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy bilen gutlap, Gazagystanyň türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu şahsy başlangyjyny ruhubelentlik bilen goldandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda berkidilen bu çözgüt Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň ýokarydygyna, ýurdumyzyň parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak bilen bagly tagallalarynyň diňe bir biziň sebitimizde däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda-da aýratyn ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

Gazagystanyň Baştutany Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp, 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çakylygy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, bu çakylygy höwes bilen kabul edendigini hem-de türkmen paýtagtyna sapary amala aşyrmaga meýillidigini nygtady. Şu ýylyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabat gelýändiginiň çuňňur manysy bardyr diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy. Şeýle-de ol geçen ýylyň oktýabrynda Türkmenistana bolan resmi saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Gazagystanyň Lideri ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigine ünsi çekip, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza Aşgabatda görnükli gazak döredijilik işgärleriniň — Kurmangazynyň we Abaýyň ýadygärlikleriniň açylandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Goňşy ýurduň Lideri mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa şu ýyl Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary bilen gelmek baradaky çakylygyny beýan etdi. Bu sapar özara doganlyk gatnaşyklaryna goşmaça itergi berer.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik, Türkmenistanyň wekiliýetiniň gadymy Türküstan şäherinde bolmagy üçin amatly şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystan Respublikasynyň Baştutanyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirip, geçen ýyllaryň dowamynda dürli ugurlar boýunça ygtybarly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belledi. Şeýle-de Milli Liderimiz iki ýurduň arasynda sebit we ählumumy gün tertibiniň parahatçylygy, durnuklylygy saklamaga hem-de pugtalandyrmaga, durnukly energetikany, ulag baglanyşygyny üpjün etmäge, suw serişdelerini rejeli peýdalanmaga, daşky gurşawy goramaga we howanyň üýtgemegine degişli möhüm meseleler boýunça özara düşünişmek ýagdaýynyň bardygyny aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasy ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl Türkmenistan dünýä bileleşigi bilen bilelikde, ilkinji nobatda, goňşy ýurtlaryň gatnaşmagynda iri halkara çäreleriň birnäçesini geçirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe 12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara foruma gatnaşmagyny tassyklandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Gazagystanyň Baştutanynyň bu çärä gatnaşmagy forumyň işine hem-de netijelerine saldamly goşant bolar we onuň ähmiýetini has-da artdyrar.

Gahryman Arkadagymyz dünýäniň syýasy giňişliginde hyzmatdaşlyk etmek meselesine geçip, iki ýurduň iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde birek-biregi özara goldamagynyň asylly däbe öwrülendigini nygtady. Pursatdan peýdalanyp, Milli Liderimiz 2025-nji ýylyň 21-nji martynda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany goldandygy we awtordaş bolup çykyş edendigi üçin gazak tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Munuň özi Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine degişli Kararnamalaryň üçünjisidir. Biziň ýurdumyz hem Gazagystanyň halkara giňişlikde öňe sürýän tekliplerini, şol sanda goňşy döwletiň dürli köptaraplaýyn düzümlere saýlanylmagy meseleleri boýunça tekliplerini uly hormat bilen goldaýar.

Gahryman Arkadagymyz söwda-ykdysady ulgamda türkmen-gazak hyzmatdaşlygy meselesine geçip, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň oňyn ösýändigini aýtdy we şunda bu görkezijini mundan beýläk-de artdyrmak babatda mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Biziň ýurtlarymyzyň ägirt uly kuwwaty bar, özara söwdanyň, maýa goýumlaryň möçberlerini artdyrmak, energetika, ulag, aragatnaşyk ulgamlarynda, senagatyň dürli pudaklarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin ondan netijeli peýdalanmak möhümdir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Energetika ulgamy hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, geçen ýylyň tomsunda Astanada nebitgaz pudagynda bilelikdäki işleri geçirmek baradaky möhüm ähmiýetli ylalaşyk gazanyldy. Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabada bolan saparynyň barşynda iki ýurduň iri ugurdaş düzümleriniň arasynda resminamalaryň birnäçesine gol çekilmegi bu ylalaşyklary durmuşa geçirmekde möhüm ädim boldy. Milli Liderimiz Türkmenistanyň olary amala aşyrmaga taýýardygyny tassyklap, “Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky tapgyryny özleşdirmek we türkmen tebigy gazyny Gazagystana ibermek taslamasyny ilerletmek boýunça işi utgaşdyrmak maksady bilen döredilen bilelikdäki iş toparyna degişli tabşyryklary bermegiň zerurdygyny aýtdy. Elektrik energiýasyny ibermek energetikanyň geljegi uly ugurlarynyň ýene biri bolup durýar. Bu babatda hem Türkmenistan gazagystanly hyzmatdaşlary bilen ysnyşykly, netijeli işlemäge taýýardygyny beýan edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ulag-kommunikasiýa pudagyny hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Gahryman Arkadagymyz mundan beýläk-de amatly üstaşyr ulag şertlerini döretmek maksady bilen, Hazar deňzinde Türkmenbaşy, Aktau we Kuryk portlarynyň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meselelerine garamagy teklip etdi. Şeýle-de awtomobil we demir ýol ulaglary arkaly ýük daşamalaryň oňyn ösýändigi nygtaldy. Hususan-da, şunda Demirgazyk — Günorta geçelgesiniň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ulgamlaýyn işi dowam etdirmegiň maksadalaýykdygyna üns çekildi. Türkmenistan — Gazagystan işewürler geňeşiniň işini ilerletmek we onuň mejlislerini yzygiderli geçirmek netijeli hasaplanýar. Geňeşiň nobatdaky mejlisi 2025-nji ýylyň martynda Aşgabatda geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini nygtap, Türkmenistanyň we Gazagystanyň wekilleriniň biziň ýurtlarymyzda geçirilýän halkara maslahatlara, sergilere, beýleki çärelere işjeň gatnaşýandyklaryny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri geçen ýyl Astanada we Aşgabatda özara Medeniýet günleriniň geçirilendigini aýdyp, bu asylly däbi dowam etdirmegi teklip etdi.

Hormatly Arkadagymyz sözüniň ahyrynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, goňşy ýurduň doganlyk halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň bilelikdäki awtoulag kerweni “SPK TURKISTAN” senagat parkyna tarap ugrady.

Mälim bolşy ýaly, bu iri senagat meýdançasy sebitleýin maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilýän ýeri bolup durýar. Senagat parkyny döretmegiň maksady sazlaşykly önümçilik gurşawyny döretmekden, ykdysadyýetiň hususy böleginiň kuwwatyndan netijeli peýdalanmakdan ybaratdyr. Iki tapgyrda amala aşyrylýan “SPK TURKISTAN” taslamasynda senagat desgalaryny, dolandyryş-durmuş toplumyny we beýleki degişli binalary gurmak göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda bu ýerde dürli pudaklarda ýöriteleşdirilen kärhanalaryň birnäçesi ýerleşýär.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew senagat parkyna baryp, bu ýerde öndürilýän dürli önümler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýän sergi bilen tanyşdylar. Açyk meýdançada ýeňil awtoulaglar, traktorlar, kombaýnlar, awtobuslar, şeýle hem olaryň ätiýaçlyk şaýlary görkezildi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we Gazagystan Respublikasynyň Baştutany ykdysadyýetiň dürli pudaklary, şol sanda gurluşyk, oba hojalygy, ulag pudaklary üçin niýetlenen senagat önümleriniň nusgalarynyň, gaýtadan işleýän senagatyň harytlarynyň, kompýuter we durmuş tehnikasynyň görkezilýän sergi bölümine bardylar. Hormatly Arkadagymyza we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine mowzuklaýyn wideoşekiller hem görkezildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we senagatlaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän strategiýada kuwwatly innowasion senagat ulgamyny döretmäge, bar bolan baý çig mal binýadyndan netijeli peýdalanmaga, öndürilýän ýokary hilli önümleriň görnüşlerini artdyrmaga, olaryň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şoňa görä, nebitgaz toplumynyň, oba hojalygynyň, azyk we ýeňil senagatynyň, gurluşyk senagatynyň, beýleki pudaklaryň ugurdaş infrastrukturasy ösdürilýär, täze kärhanalar döredilip, hereket edýänleri döwrebaplaşdyrylýar, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär.

Ýurdumyzda telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamaga we höweslendirmäge hem aýratyn üns berilýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan işler häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler ykdysadyýete döwrebap bazar gurallaryny ornaşdyrmaga, jemi içerki önümde hususy pudagyň paýyny artdyrmaga, kiçi we orta telekeçiligiň netijeli işlemegi üçin amatly şertleri üpjün etmäge, şol sanda degişli kanunçylyk-hukuk binýadyny döretmäge gönükdirilendir. Şunlukda, türkmen telekeçileri dürli pudaklarda netijeli zähmet çekip, ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleri, maksatnamalary we taslamalary amala aşyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleriň öndürilişini artdyrmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça möhüm wezipeleri çözmäge mynasyp goşant goşýarlar. Şu ýylyň martynda Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli serginiň hem-de “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly halkara forumyň geçirilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Innowasiýalara tarap ugur almak, ylmy-tehniki ösüş, öňdebaryjy, şol sanda “ýaşyl” tehnologiýalar, sanly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, işiň görnüşlerini giňeltmek — bularyň ählisi ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekillerine mahsusdyr. Agzalan gözden geçirilişiň ekspozisiýasy-da munuň şeýledigine doly şaýatlyk etdi. Bu sergi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz böleginiň gazananlaryny giňden açyp görkezdi.

Täze taryhy döwürde hususy kärhanalar dürli ulgamlarda, obasenagat toplumynda, azyk we gaýtadan işleýän pudaklarda, gurluşykda, gurluşyk serişdelerini öndürmekde, durmuş himiýasynda, halkyň sarp edýän dürli harytlaryny öndürmekde netijeli işleýärler. Döwrebap elektron önümleriň önümçiligi hem ýola goýuldy. Ýurdumyzyň telekeçileri hyzmatlar ulgamynda, şol sanda ulag-logistika ulgamynda-da işjeň hereket edýärler. Şunuň bilen birlikde, olar milli bezeg we amaly-haşam sungatynyň, halyçylygyň, keşdeçiligiň, zergärçiligiň, keramiki hem-de sowgatlyk önümleri öndürmegiň özboluşly däplerini aýawly saklamaga we dowam etdirmäge uly goşant goşýarlar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň sanynyň ep-esli artmagy, telekeçilik başlangyçlarynyň işjeňleşmegi ýurdumyzyň bu ugurdaky öňdengörüjilikli syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygynyň güwäsidir. Munuň şeýledigini köp sanly milli haryt nyşanlary-da tassyklaýar. Häzirki wagtda olar daşary ýurtlarda hem meşhurdyr. Türkmenistanda ägirt uly ykdysady kuwwatyň, amatly maýa goýum ýagdaýynyň we ygtybarly hukuk binýadynyň bolmagy türkmen bazarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin özüne çekijiligini şertlendirip, halkara hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri döredýär. 18-nji martda Aşgabatda geçirilen halkara forum pikir we tejribe alyşmak, telekeçilik ugry boýunça özara gatnaşyklaryň geljegini, netijeli döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdança öwrüldi. Türkmenistanyň hususy pudagynyň wekilleriniň we daşary ýurtlaryň, şol sanda Gazagystanyň kompaniýalarynyň arasynda forumyň netijeleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň ýurdumyza gyzyklanmasynyň artýandygyny nobatdaky gezek tassyklady.

...Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Gazagystanyň Prezidenti bilelikde Türküstan şäheriniň Hazret Sultan Halkara howa menziline geldiler. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew birek-birek bilen mähirli hoşlaşyp, iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, umumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassykladylar.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow uçarda dostlukly sapar bilen Gyrgyz Respublikasyna ugrady.

23.04.2025
Türkmenistan — Gazagystan: medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystan Respublikasyna dostlukly sapary başlandy

Aşgabat — Türküstan, 21-nji aprel (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirip, sebit we ählumumy derejede köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýär. Şunda Merkezi Aziýa döwletleri, şol sanda Gazagystan bilen däp bolan gatnaşyklar nusgalyk häsiýete eýedir. Sebitiň ýurtlarynyň halklary bilen türkmen halkyny medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, taryhyň dowamynda emele gelen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.

Gazagystan Türkmenistanyň wagtyň synagyndan geçen möhüm hyzmatdaşydyr. Iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik ýörelgelerine laýyklykda ýola goýulýar. Ýurtlarymyz soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Türkmenistan we Gazagystan ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek bilen, halklarymyzyň gadymdan gelýän doganlyk, birek-birege hormat goýmak, döwletlerimiziň parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik däplerine ygrarlylyk ýörelgelerinden ugur alýarlar.

...Birnäçe wagtdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň uçary Türküstan şäheriniň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Hazret Sultan Halkara howa menziline gelip gondy. Haly ýodajygynyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Gazagystan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türküstan şäherindäki Hazret Sultan milli muzeý-goraghanasyna baryp gördi.

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk umumy taryhy, medeniýeti we däp-dessurlary bolan iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Ýurtlarymyz dürli ulgamlarda, şol sanda ylym, bilim, medeniýet, sungat we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürýärler. Yzygiderli geçirilýän dürli medeni çäreler, özara Medeniýet günleri, sergiler, festiwallardyr konsertler doganlyk halklarymyzy has-da ýakynlaşdyrmaga ýardam berýär. Medeni mirasy gorap saklamak babatdaky bilelikdäki işler hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Iki döwletiň baý taryhy mirasy bar we bu ugurdaky bilelikdäki tagallalar dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrýar. Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk syýahatçylyk ulgamyny-da öz içine alýar. Şunda ýurtlarymyzyň taryhy we medeni ýadygärlikleri bilen tanyşdyrýan syýahatçylyk ugurlarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

...Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň bilelikdäki awtoulag kerweni Hazret Sultan milli muzeý-goraghanasyna gelýär. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly ýurduň Baştutany mähirli garşylanyldy we Türküstan şäheriniň taryhy barada gürrüň berildi.

Türküstan Gazagystanyň günortasynda ýerleşýän iň gadymy şäherleriň biridir. Bu gadymy şäher alymlaryň, şahyrlardyr filosoflaryň mekany bolupdyr. Bu ýerde Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähi hem ýerleşýär. Türküstanyň medeni mirasy köpdürli we köptaraplydyr. Bu şäher öz däp-dessurlary, senetçilik sungaty bilen meşhurdyr. Ýerli senetçiler gadymdan gelýän tärlerdir usullar bilen dürli küýzegärlik, haly we dokma önümlerini taýýarlaýarlar. Türküstan nesilden-nesle geçirilip gelinýän aýdym-saz däpleri bilen hem bellidir.

Ýeri gelende, türkmen topragynda hem Goňurdepe, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe, Jeýtun we Änew ýaly dünýäniň ilkinji ekerançylyk medeniýeti bolan ýadygärlikleriň bardygyny bellemek gerek. “Nusaý”, “Köneürgenç”, “Gadymy Merw”, “Gadymy Dehistan”, “Kerki”, “Abiwerd”, “Köne Sarahs”, “Gökdepe galasy” döwlet taryhy-medeni goraghanalary bolsa ýurdumyzyň taryhyny öwrenmek üçin özboluşly muzeýlerdir. Türkmen toparagynda Merkezi Aziýada iň belent ymaratlaryň biri bolan Gutlug Temiriň minarasy, Soltan Alaeddin Tekeşiň, Törebeg hanymyň, Nejmeddin Kubranyň, Il Arslanyň, Pirýar Weliniň, Seýit Ahmediň aramgähleri we orta asyr binagärliginiň beýleki ýadygärlikleri bar. Olar şekillendiriş sungatynyň ýokary kämillik derejesi bilen tapawutlanýar, milli binagärligiň müňýyllyklara uzaýan ýörelgeleriniň dowamatlylygyny äşgär edýär. Arheologlardyr syýahatçylaryň ünsüni çekýän gadymy şäherleriň hatarynda Gadymy Nusaý aýratyn orny eýeleýär. Türkmenleriň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda guran Parfiýa döwleti irki döwürleriň beýik döwletleriniň biri hökmünde alty asyrlap özbaşdaklygyny saklapdyr.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda milli taryhy-medeni mirasy öwrenmek we aýawly saklamak boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär. Türkmen halky ösen sungaty, nusgawy ýörelgeleri, gaýtalanmajak medeni mirasy bilen dünýäde giňden tanalýar. Ýurdumyzda milli medeniýet ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, milli mirasyň gymmatlyklaryny öwrenmek we gorap saklamak, dünýä ýaýmak boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar.

...Milli muzeý-goraghanasy bilen tanyşlygyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew, ilki bilen, Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähine barýarlar. Aramgähiň içinde Türkmenistanyň we Gazagystanyň müftüleri Gurhandan aýat okaýarlar hem-de doga-dileg edýärler.

Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähi Türküstan şäherinde (ozalky Ýassy obasy) ýerleşip, gümmezler bilen bezelen, ini 46,5 metr, uzynlygy 65,5 metr bolan gönüburçluk şekilindäki ägirt uly binadyr. Onuň daşky diwarlarynyň galyňlygy 2 metre, merkezi zalyň diwarynyň galyňlygy bolsa 3 metre deňdir. Aramgähde dürli otaglardyr zallaryň 36-sy bar. Diwarlary mawy plita bilen örtülen merkezi zalda diametri 2,45 metre, agramy 2 tonna golaý ägirt uly gazan ýerleşýär. Bu gazanda juma namazyna gelen adamlar üçin nahar taýýarlanypdyr. Şeýle hem bu ýerde Teýmirleňiň aramgähe beren sowgady — bürünçden ýasalan çyra bar.

Desganyň içinde Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähi, onuň hüjresi, Uly köşk, Kiçi köşk, Kiçi metjit, kitaphana, guýy we naharhana ýaly binalar ýerleşýär. Aramgähiň töweregindäki meýdança Hazret Sultan milli muzeý-goraghanasynyň çägine degişli. Aramgäh orta asyr binagärlik sungatyna degişlidir. Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähi 1385 — 1405-nji ýyllarda emir Timuryň (Teýmirleň) buýrugy boýunça gurlupdyr. Binanyň gurluşygynda öz döwrüniň öňdebaryjy binagärlik çözgütleri ulanylypdyr.

Milli Liderimiziň “Ömrümiň manysy” atly ajaýyp kitabynda belleýşi ýaly, «Medinede — Muhammet, Türküstanda — Hoja Ahmet» diýlip, belent mertebä eýe bolan ussat, ýasawylyk mekdebini esaslandyran, müňlerçe talyp ýetişdiren Hoja Ahmet Ýasawy türkmeniň orta asyr sopuçylyk edebiýatynyň başyny çekýär. «Türküstan piri» diýlip atlandyrylyp, mertebeli sopular tarapyndan uly hormata mynasyp bolan Hoja Ahmet Ýasawy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin türki halklaryň arasynda-da örän meşhurdyr. Gahryman Arkadagymyz bu eserinde Hoja Ahmet Ýasawynyň töweregine ýüzlerçe müridi, talyplary ýygnap, bu uly akymyň ýasawylyk ugruny esaslandyrandygyny nygtaýar. Dini-ahlaky hikmet görnüşindäki şygyrlarynda Ýasawy hem, soňra onuň ýoluny mynasyp dowam etdiriji derwüş-sopular hem täze pikirleri, Allatagala bolan söýgüsini, duýgusyny halkyň düşünip, aňlap biljek dilinde we derejesinde beýan edipdirler. Şonuň üçin-de, adamlar bu sopuçylyk akymyny çalt hem ýitilik bilen ýürekden kabul edipdirler. Hoja Ahmet Ýasawydan soňra onuň şägirtleri, müritleri bu ýoly uzak wagtlap dowam etdiripdirler.

Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda Hoja Ahmet Ýasawynyň adynyň duş gelmegi Pyragynyň bu beýik şahsyýetiň döredijiligine uly sarpa goýandygyny görkezýär. Üç asyryň geçendigine garamazdan, häzirki wagtda Magtymgulynyň şygyrlary täze röwüşde ýaňlanýar we Türkmenistanyň çäklerinden has uzaklarda-da barha meşhurlyga eýe bolýar. Magtymgulynyň goşgulary Watana söýginiň, ynsanperwerligiň, parahatçylygyň, dost-doganlygyň, dürli medeniýetleriň we halklaryň arasynda özara ynanyşmagyň, hormat goýmagyň senasyna öwrüldi. Şahyryň goşgularyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgeleri Türkmenistanyň Bitaraplygynyň hem mazmunyny emele getirýär. Häzirki wagtda Magtymgulynyň döredijiligi halkara derejede dost-doganlygy pugtalandyrmaga hyzmat edýär.

...Soňra Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly ýurduň döwlet Baştutany “Etnoaul” milli medeni toplumyna baryp görýärler. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi gazak milli döredijilik topary mähirli garşylaýar. Toplumyň wekili gazak ak öýi, gazak halkynyň gadymy döwürlerde ulanan öý hojalyk esbaplary, haly önümleri we beýlekiler bilen tanyşdyrýar.

“Etnoaul” milli medeni toplumy “Kazanat” aýlawynyň çäginde 2 müň 500 inedördül metr meýdany tutýar. Toplumyň ähli ekspozisiýasy 30 sany ak öýde ýerleşdirilip, bu ýere gelýänleri gazak halkynyň baý taryhy, medeniýeti, sungaty, däp-dessurlary bilen tanyşdyrýar. Aýlawda adaty atly sport çäreleri bilen birlikde, gadymy çarwadarlaryň milli sport görnüşleri boýunça ýaryşlar hem geçirilýär. “Etnoaulda” saz we teatr sungaty festiwallary, suratkeşleriň, amaly-haşam sungatynyň wekilleriniň ussatlyk sapaklary, senetçilik we çeperçilik sergileri, köp sanly beýleki medeni çäreler geçirilýär. Toplum Hazret Sultan milli muzeý-goraghanasynyň düzümine girip, Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähiniň golaýynda ýerleşýär. Toplumyň ekspozisiýasy esasy iki bölege bölünýär we olaryň her biri çarwadarlaryň medeniýetiniň, durmuşynyň möhüm ugurlaryny açyp görkezýär. Bu ýerdäki ak öýlerde çarwadarlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen tanşyp bolýan bolsa, orta asyr äheňinde ýerine ýetirilen senetçiler köçesindäki saman palçykdan ýasalan ussahanalarda çarwadarlaryň halyçylyk, zergärçilik, küýzegärçilik ýaly senetçiligi beýan edilýär.

Şeýle-de bu ýerde milli aşhananyň tagamlary taýýarlanylýar, medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda konsertler, şüweleňler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň gurlandygyny bellemek gerek. Özboluşly binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýan bu binalarda köpçülikleýin baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Ak öý türkmen halkynyň aňynda dünýä gurluşynyň özboluşly nyşanyny janlandyrýar. Günüň tegelekligini esas edinen ak öý durmuşyň bakylygyny, paýhasyň we ruhy başlangyçlaryň dowamatlylygyny alamatlandyrýar. Ak öý agzybirligi, halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, ynsanperwerligi hem özünde jemleýär.

“Etnoaul” milli medeni toplumy bilen tanyşlykdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de Prezident Kasym-Žomart Tokaýew “Turkistan Visit Centre” syýahatçylyk-maglumat merkezine ugradylar. Ýol ugrunda Milli Liderimiz hem-de dostlukly ýurduň döwlet Baştutany ýadygärlik surata düşdüler.

Syýahatçylyk-maglumat merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türküstan şäheri barada wideoşekile tomaşa edip, taryhy eksponatlar bilen tanyşdylar.

Döwrebap äheňde gurlan bu merkez Türküstanyň binagärlik keşbi bilen sazlaşykly utgaşýar. Desganyň bezeginde milli binagärlik däpleri we häzirki zaman gurluşyk tehnologiýalary öz beýanyny tapýar. Merkezdäki maglumat diwarlyklary, multimedia enjamlary taryhy ýadygärlikler, medeni çäreler, syýahatçylyk ugurlary barada giňişleýin maglumat berýär. Şeýle-de ol dürli hyzmatlary, şol sanda gezelençleri, dürli çäreleri guramak boýunça hyzmatlary hödürleýär. Bu ýerde ýerli senetçileriň ýasan sowgatlyk önümlerini-de satyn almak bolýar.

Bilim işi syýahatçylyk-maglumat merkeziniň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Merkez Türküstanyň taryhyna we medeniýetine bagyşlanan dürli ussatlyk sapaklaryny, okuwlardyr sergileri guraýar. Bu ýere gelýän myhmanlara sebitiň gadymy däp-dessurlary, senetçiligi, sungaty barada maglumat almaga, interaktiw çärelere gatnaşmaga mümkinçilik döredilýär. Mundan başga-da, merkez ýerli mekdepler we uniwersitetler bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar hem-de ýaşlara öz ülkesiniň taryhyny, medeniýetini öwrenmek üçin amatly şertleri döredýär. Bu bolsa ýaşlarda medeni mirasa gyzyklanmany kemala getirmäge ýardam edýär. Merkezde işleýän ýolbeletler myhmanlara her bir desga barada dürli dillerde giňişleýin maglumat berýärler hem-de gezelençleriň täsirli geçmegine goşant goşýarlar. Merkez sebitiň özboluşly medeni mirasyny gorap saklamaga, syýahatçylygy ösdürmäge ýardam berýär.

Soňra Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly ýurduň Prezidenti “Karavansaray Turkistan” syýahatçylyk toplumyna baryp görýärler.

“Karavansaray Turkistan” Gündogar ertekisi äheňinde gurlan syýahatçylyk toplumydyr. Bu ýerde myhmanlar Türküstanyň taryhy, senetçiligi, medeniýeti, sportuň milli görnüşleri bilen tanşyp bilýärler. Toplumyň çäginde 115 otagly döwrebap myhmanhana ýerleşýär.

Toplumdaky söwda-dynç alyş merkezlerinde dürli attraksionlar, şol sanda tomaşaçylary ertekiler dünýäsine gaýybana syýahata äkidýän 3D tehnologiýaly attraksionlar hereket edýär. Özboluşly binagärlik äheňinde ýerine ýetirilen söwda zolaklarynda dünýä belli brendleriň dükanlary ýerleşýär. Dürli konsepsiýaly myhmanhana, söwda zolaklary, guralýan medeni çäreler daşary ýurtly syýahatçylary özüne çekýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda hem syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini bellemek gerek. Hazaryň türkmen kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli işleriň aýdyň netijesidir.

Hazaryň ekologik taýdan arassa kenarynda ýerleşen dünýä derejeli deňiz dynç alyş zolagy syýahatçylyk we dynç alyş ulgamyny ösdürmekde Türkmenistanyň gazananlarynyň aýdyň nyşany hasaplanýar. Ajaýyp myhmanhanalar, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri, kottej şäherçeleri, seýilgäh-dynç alyş toplumlary we hyzmatlaryň ýokary derejesi Awazany köp sanly türkmenistanlylar, şeýle-de daşary ýurtly myhmanlar üçin özüne çekýän merkeze, maşgala bolup dynç almak üçin ajaýyp ýere, aýratyn-da, tomus dynç alyş möwsüminde gözel künjege öwürýär.

Amatly howa şertleri, Hazar deňziniň kenarýakasynyň baý şypahana kuwwaty, iň döwrebap tehnologiýalardan, innowasiýalardan, öňdebaryjy binagärlik hem-de inženerçilik-tehniki pikirlerden ugur alynmagy, öňde goýlan maksatlara ýetmek babatda oýlanyşykly çemeleşmeler Türkmenistanyň “deňiz merjenini” halkara syýahatçylygyň, şypahana-dynç alşyň hem-de sportuň ykrar edilen merkezine öwürýär.

Hazret Sultan milli muzeý-goraghanasy bilen tanyşlykdan soňra, Gahryman Arkadagymyz hem-de Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hemmeler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugradylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna sapary dowam edýär.

22.04.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 17-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Ilçi bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Saud Arabystanynda Türkmenistanyň dürli ugurlarda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Patyşa Salman ben Abdelaziz Al Saudyň we Mirasdüşer Şazada, Premýer-ministr Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saudyň döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de diplomat hormatly Prezidentimizi Ýaponiýa saparynyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz ilçini mähirli mübärekläp, ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda alyp barjak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň ýokary wezipeli ýolbaşçylaryna hem iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Saud Arabystany Patyşalygy bilen däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň we ýakyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Türkmen-saud hyzmatdaşlygy dostlugyň, ynanyşmagyň, birek-birege hormat goýmagyň we deňhukuklylygyň nusgasy bolup durýar. Ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki başlangyçlaryny we tekliplerini işjeň goldaýandygy üçin saud tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň dowamynda özara söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artýandygyny we bu gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk, himiýa senagaty, dokma we oba hojalygy pudaklary Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Şunuň bilen birlikde, medeniýet, ylym, sungat we döredijilik ulgamlarynda hem hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikler bar.

Hormatly Prezidentimiz medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde iki halkyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmek boýunça degişli işleri geçirmegiň zerurdygyny belläp, Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygy bilen däp bolan özara bähbitli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz iki ýurduň we olaryň halklarynyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrä iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda diplomat mähirli kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

17.04.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy

Osaka, 14-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.

Endo Toşiaki döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, Ýaponiýa ilkinji sapary bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de şu gezekki saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga täze itergi berjekdigini belledi. Şeýle-de ol Türkmenistanyň öz Milli gününi Bütindünýä sergisinde ilkinjileriň biri bolup geçirmeginiň guwandyryjy wakadygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, parlamentara dostluk toparynyň başlygyna Milli Liderimiziň salamyny ýetirdi we ony “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisiniň dabaraly açylmagy bilen gutlap, serginiň işiniň üstünlikli dowam etmegini arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde Ýaponiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berýär. Häzirki wagtda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli ösdürilýär. Parlamentara hyzmatdaşlyk Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup, häzirki wagtda ol ýurtlaryň we halklaryň arasynda özara ynamy, düşünişmegi berkitmegiň möhüm gurallarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz parlamentara gatnaşyklary berkitmekde Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň alyp barýan işini aýratyn belledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmek ugrunda edýän tagallalary üçin Endo Toşiakä minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ilerletmek üçin bilelikdäki işleri dowam etdirmäge hemişe taýýardygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda netijeli işleýändiklerini, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge uly goşant goşýandyklaryny, iri ýapon kompaniýalarynyň, maliýe institutlarynyň gatnaşmagynda nebitgaz toplumynda, himiýa senagatynda birnäçe iri taslamalaryň durmuşa geçirilendigini we şeýle hyzmatdaşlygyň häzir hem üstünlikli dowam etdirilýändigini belledi.

Endo Toşiaki iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan uly şahsy goşantlary üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

14.04.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýa sapar bilen ugrady

Aşgabat — Osaka, 13-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Ýaponiýa ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köpugurly gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan bu strategiýa ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrýar.

Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine möhüm ähmiýet berýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Bu günki gün türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda okgunly ösdürilýär. Türkmenistan hem-de Ýaponiýa abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde, «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» formatynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Ýaponiýa ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar.

Döwletara gatnaşyklary ösdürmekde ýokary derejedäki duşuşyklara we özara saparlara möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň 2009-njy, 2013-nji, 2015-nji, 2019-njy we 2022-nji ýyllarda Ýaponiýa amala aşyran saparlarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga we ony many-mazmun taýdan baýlaşdyrmaga ýardam berendigini bellemek gerek. Parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine-de uly ähmiýet berilýär. Munuň özi iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär.

Söwda-ykdysady ulgam Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda senagat, ulag-kommunikasiýa, ýangyç-energetika ulgamlarynda amala aşyrylan bilelikdäki taslamalar ykdysady hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ýardam berdi. «ITOCHU», «Kawasaki Heavy Industries», «Mitsubishi», «Sojits», «Sumitomo», «Toyo Engineering», «Komatsu» ýaly kompaniýalar köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda netijeli iş alyp baryp, özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdi. Şunuň bilen bir hatarda, daşky gurşawy goramak, «ýaşyl» energetika babatdaky taslamalar ýurdumyzyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan milli senagaty we oba hojalyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak üçin öňdebaryjy ýapon tehnologiýalaryna, şol sanda ýapon kompaniýalarynyň awtomatlaşdyrmak, maglumat tehnologiýalary, durnukly ösüş boýunça innowasion çözgütlerine uly gyzyklanma bildirýär.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. Ýurtlarymyz däp bolan ylym-bilim, medeni gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy, ýokary okuw mekdepleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler. Şunda Türkmenistanyň bilim edaralarynyň we Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda ýola goýlan gatnaşyklary bu hyzmatdaşlygyň oňyn mysallarynyň hatarynda görkezmek bolar. Özara Medeniýet günleriniň, konsertleriň, sergileriň, beýleki çäreleriň yzygiderli geçirilmegi iki ýurduň halklaryny ýakynlaşdyrmaga we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär.

...Birnäçe sagatdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary Osakanyň Kansai Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz mähirli garşylanyldy.

Ýaponiýa saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Osaka şäherinde geçirilýän “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşar, şeýle hem ýokary derejedäki ikitaraplaýyn we işewürlik duşuşyklaryny geçirer.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa sapary dowam edýär.

13.04.2025