Täzelikler
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Kongresiniň wekilleri bilen duşuşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň Daşary işler boýunça komitetiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kiçi komitetiniň başlygy Bill Hýuzenga hem-de onuň orunbasary Sidni Kaý Kamlager-Daw bilen duşuşdy.

ABŞ-nyň Kongresiniň wekilleri belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler hem-de hormatly Prezidentimiziň şu gezekki saparynyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini nygtadylar.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ABŞ bilen syýasy, ykdysady, ynsanperwer ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini aýtdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz şu ýyl Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň “C5+1” formatyndaky hyzmatdaşlygyna 10 ýyl dolýandygyny, bu hyzmatdaşlygyň howpsuzlyk, ykdysady, howa we energetika meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli binýada öwrülendigini nygtady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň gazanylan netijelere ýokary baha berýändigini hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ABŞ-nyň Kongresi bilen özara hyzmatdaşlyga ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ugry hökmünde garaýar. Bu hyzmatdaşlyk kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga, sebit we halkara gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilendir. “Soňky ýyllarda Kongresiň wekilleriniň Türkmenistana saparlary amala aşyryldy hem-de parlamentara hyzmatdaşlygy ilerletmäge ýardam berýän çäreler geçirildi” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň özara düşünişmegi, syýasy dialogy mundan beýläk-de berkitmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň wekiliýetiniň ABŞ-a saparynyň çäklerinde geçirilýän Türkmen-amerikan işewürlik maslahatynyň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň Daşary işler boýunça komitetiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kiçi komitetiniň başlygy Bill Hýuzenga hem-de onuň orunbasary Sidni Kaý Kamlager-Daw özara düşünişmäge, ynanyşmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

(TDH)

08.11.2025
Türkmenistanyň Prezidenti «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň Baş direktory Jon Riz bilen duşuşdy.

Işewür özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz işewüri mähirli mübärekläp, saparyň çäklerinde geçiriljek Türkmen-amerikan işewürlik maslahatynyň kompaniýanyň ýolbaşçysyna türkmen wekilleri bilen geljegi uly taslamalar we maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça pikir alyşmaga oňat mümkinçilik döretjekdigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan sporty we syýahatçylygy ösdürmäge durnukly ösüşiň möhüm ugurlary hökmünde garaýar. Ýurdumyz halkara hil, ekologiýa standartlaryna, innowasiýalara üns bermek bilen, döwrebap sport hem-de syýahatçylyk infrastrukturasyny işjeň ösdürýär.

Işewür Türkmenistanda döredilen ösen sport infrastrukturasynyň ýurtda bu ugra uly ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýändigini, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň ilçisi hökmünde sporty işjeň ilerledýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz “Nicklaus Сompanies” kompaniýasynyň golf infrastrukturasyny taslamalaşdyrmak we ösdürmek ulgamynda dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini aýdyp, Türkmenistan bilen kompaniýanyň arasynda agzalan ulgamda bilelikdäki hereketler üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, kompaniýa tarapyndan Aşgabatda gurlan we halkara standartlara laýyk gelýän döwrebap golf klubunyň taslamasy özara hyzmatdaşlygyň üstünlikli mysaly hökmünde görkezildi. Bu taslama Türkmenistanda golfy ösdürmekde möhüm ädim boldy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň maýa goýumlar üçin amatly şertleri döretmäge uly ähmiýet berýändigine ünsi çekip, ýurdumyzyň kompaniýanyň täze taslamalaryna we tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz “Nicklaus Сompanies” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň ýurdumyzda golf infrastrukturasyny ösdürmäge, sportuň bu görnüşini wagyz etmäge ýardam berjekdigini belläp, Jon Rize alyp barýan işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

(TDH)

08.11.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy

Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy.

Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň geňeşçisi forumy açyp, hormatly Prezidentimiziň şu maslahata gatnaşmagynyň onuň ähmiýetini has-da artdyrýandygyny belledi we munuň üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra Italiýanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň birinji orunbasary Jiorjio Sillä söz berildi. Ol Merkezi Aziýa sebitinde Italiýanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän möhüm strategik ornuny belledi hem-de ýurdumyzyň energetika mümkinçilikleriniň, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça işjeň tagallalarynyň we maýa goýum syýasatynyň italýan kompaniýalarynyň türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmaklary üçin amatly şertleri döredýändigini nygtady.

Soňra çykyş etmek üçin hormatly Prezidentimize söz berildi.

Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, bu möhüm forumda çykyş etmäge çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, italýan kompaniýalarynyň, işewür toparlarynyň ýolbaşçylaryny, ähli foruma gatnaşyjylary mähirli mübärekledi hem-de gatnaşyjylaryň şeýle wekilçilikli düzüminiň Türkmenistana artýan gyzyklanmanyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ymtylmanyň subutnamasy hökmünde kabul edilýändigini belledi.

Göni işewürlik dialogy arkaly türkmen-italýan gatnaşyklarynyň tutuş toplumyna kuwwatly itergi bermegi, dünýäniň geoykdysadyýetinde häzirki zaman meýilleri, bilelikdäki mümkinçiliklerimizi göz öňünde tutýan hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesine çykmak üçin anyk şertleri döretmegi şu günki duşuşygyň esasy maksady hökmünde görýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we munuň üçin şu gün ähli mümkinçilikleriň bardygyna berk ynam bildirdi.

Ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge möhüm ähmiýet bermek bilen, milli ykdysadyýetimizi uzak möhletleýin esasda ösdürmäge täze itergi bermek bu syýasatyň esasy maksatlarynyň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we häzirki wagtda Türkmenistanyň ösüş üçin ileri tutulýan ugurlary we strategik maksatlary barada durup geçdi.

Birinjisi: senagat jemgyýetiniň döredilmegi. Biz ykdysadyýetiň çig mala esaslanýan nusgasyndan senagat nusgasyna geçmek, ýokary tehnologiýaly we ylmy talap edýän önümçilikleri ornaşdyrmak, ýokary goşulan bahaly önümleri öndürmek boýunça döwrebap kärhanalary gurmak, daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän, ýapyk aýlawly “ýaşyl” ykdysadyýeti döretmek arkaly milli ykdysadyýetimizi düýpli özgertmäge girişdik.

Ikinjisi: ykdysadyýeti düzümleýin, şeýle hem geografik taýdan diwersifikasiýalaşdyrmak. Gürrüň täze pudaklary döretmek ýa-da bar bolanlaryny düýpli döwrebaplaşdyrmak barada barýar. Himiýa, dokma senagaty, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, gurluşyk serişdelerini öndürmek ýaly ulgamlarda we birnäçe beýleki ugurlarda oňat netijeler gazanyldy.

Türkmenistan täze daşarky bazarlara çykýar, Ýewropadaky we Aziýadaky hyzmatdaşlar bilen kooperasiýany ösdürýär. Munuň özi döwrebap ulag-logistika infrastrukturasyny döretmegi, ýurdumyzy Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag gatnawlarynyň merkezleriniň birine öwürmegi göz öňünde tutýar. Bu biziň yzygiderli durmuşa geçirýän üçünji strategik maksadymyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň tebigy gazy gaýtadan işlemegi, eksport ugurly ýokary hilli önümleri öndürmek boýunça doly derejeli milli pudagy döretmegi dördünji strategik maksat hökmünde görýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz energiýa serişdeleriniň eksportynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň, şol sanda günbatar ugry boýunça iri turba geçirijileri gurmagyň Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny aýdyp, milli ykdysadyýetimizi düýpli özgertmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýokarda beýan edilen meýilnamalary durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyzyň bu işlerde italýan işewürliginiň hem mynasyp orun almagyny isleýändigini we munuň üçin ähli zerur şertleri döretmäge taýýardygyny tassyklady.

Bellenilişi ýaly, köp ýyllardan bäri italýan işewürleri Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda, myhmanhana ulgamynda iş alyp barýarlar, gurluşyk we söwda ulgamlarynda birnäçe taslamalar amala aşyrylýar. Türkmenistanda 2008-nji ýyldan bäri iş alyp barýan “Eni” öňdebaryjy italýan nebit kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Italýan kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin enjamlary we serişdeleri getirýärler.

Durnukly energetika ulgamynda halkara başlangyçlarymyzyň Italiýa tarapyndan goldanylmagy bu ählumumy meselede iki ýurduň çemeleşmeleriniň ýakyndygyna şaýatlyk edýär. Energetika howpsuzlygyna biz, ilkinji nobatda, energetika akymlarynyň düzümleýin we geografik taýdan diwersifikasiýalaşdyrylmagy diýip düşünýäris. Türkmenistan energiýa serişdelerini günbatar ugry boýunça ugratmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we ýurdumyzyň bu mesele boýunça italýan hyzmatdaşlar bilen içgin dialoga taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz energiýa serişdeleriniň diňe çig malynyň eksporty bilen çäklenmezligini teklip edip, italýan kompaniýalaryny Türkmenistandan Ýewropa ýurtlaryna elektrik energiýasyny ibermek boýunça taslamalary maliýeleşdirmäge we olara gatnaşmaga çagyrdy.

Munuň üçin anyk şertler döredilýär. Hususan-da, Hazaryň türkmen kenarýakasynda kuwwaty 1574 megawat elektrik stansiýasy gurulýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de ýurdumyzyň italýan hyzmatdaşlar bilen Gün we ýel energiýasyny ulanmak boýunça hem işlemäge taýýardygyny aýtdy.

Ulag ulgamynda hem hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Şunda Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda Hazar — Ortaýer deňzi geçelgesini döretmäge aýratyn orun berýäris. Geografik taýdan amatly ýerleşmegi bilen baglylykda, Türkmenistan hem-de Italiýa bu geçelgäni döretmekde esasy orun eýelärler.

Bu logistika ugrunda Hazaryň gündogar kenarýakasy möhüm ähmiýete eýe bolýar. Häzirki wagtda Hazar deňzinde Türkmenistanyň kuwwatly port infrastrukturasy bar we ýurdumyz bu kuwwatlyklaryny günbatar ugry boýunça Hazarüsti ýük daşamalar üçin ulanmak babatda hyzmatdaşlyga taýýardyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň logistika mümkinçilikleriniň ulanylmagynyň Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitlerinde öz orunlaryny pugtalandyrmak isleýän italýan işewür toparlary üçin özüne çekiji bolup biljekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, ulag pudagynda Türkmenistanyň demir ýol ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça italýan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk üçin gowy mümkinçilikler bar.

Dokma senagaty hyzmatdaşlygymyza kuwwatly itergi berjek ulgamlaryň biridir. Şu günki işewürlik maslahatynyň dowamynda bu ulgamda birnäçe resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda “Marzoli”, “Savio”, “Cormatex” we beýleki italýan kompaniýalarynyň enjamlarynyň müňe golaýy ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda üstünlikli ulanylýar. Ýokary hilli türkmen dokma önümleriniň eksportyny giňeltmäge, egin-eşikleri öndürmek boýunça bilelikdäki kärhanalary döretmäge, täze bazarlara çykmaga we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýäris.

Umuman, Türkmenistan öz önümleriniň Italiýa iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmaga, taýýar önümlere aýratyn üns bermek arkaly olaryň görnüşlerini ep-esli giňeltmäge taýýardyr. Elbetde, biziň söwda gatnaşyklarymyz anyk talaplara hem-de isleglere, özara mümkinçiliklerimize, uzak möhletli işewürlik çaklamalaryna esaslanmalydyr. Şunuň bilen birlikde, işewürlik alyşmalarynyň işjeňleşdirilmegini, Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň işewür toparlarynyň we kompaniýalarynyň ýurtlarymyzyň çäginde geçirilýän sergilere, ýarmarkalara gatnaşmagyny, dürli taslamalara gatnaşmak mümkinçiligini öwrenmek üçin telekeçileriň özara saparlarynyň guralmagy möhümdir.

Häzirki wagtda Türkmenistanda bank-maliýe pudagyny hem-de karzlaşdyryş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu ulgamda Italiýanyň maliýe edaralarynyň, ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň, biržalarynyň tejribesine gyzyklanma bildirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Italiýanyň döwlet eksport-karzlaşdyryş agentligi bilen türkmen banklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ýurdumyzyň goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady.

Bank ulgamyndan başga-da, häzirki wagtda Türkmenistan aragatnaşyk, kommunikasiýalar, informatika, kosmonawtika ýaly ýokary tehnologiýaly ulgamlary işjeň ösdürýär. Şunuň bilen birlikde, işiň ähli görnüşlerini, önümçilik we durmuş ulgamlaryny sanlylaşdyrmak, “akylly” şäherleri döretmek boýunça işler alnyp barylýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Türkmenistan Italiýa özüniň ileri tutulýan hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde garaýar we onuň bilen uzak möhletleýin gatnaşyklary ýola goýmagy maksat edinýär. Biz häzirki wagtda hyzmatdaşlyk üçin anyk mümkinçilikleriň açylýandygyny görýäris we ähli ugurlar boýunça giňişleýin dialoga taýýardyrys. Şeýle çemeleşme ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de geljegine, şeýle hem dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň häzirki zaman meýillerine garaýyşlarda özara düşünişýändigimiz bilen şertlendirilendir.

Men şu günki duşuşyga Italiýanyň işewür toparlary bilen ýurdumyzyň arasynda uzak möhletli söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny ýola goýmagyň hem-de pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim hökmünde garaýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Italiýanyň işewür toparlarynyň wekillerini giňişleýin hem-de doly derejeli hyzmatdaşlyga çagyrdy.

Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Türkmen-italýan işewürlik forumyna gatnaşyjylara netijeli iş alyp barmagy arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.

Soňra çykyş etmek üçin italýan kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryna söz berildi. Olar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň şu günki çärä gatnaşmagynyň Italiýanyň işewür jemgyýetçiligi üçin uly mertebedigini, bu günki forumyň geçirilmeginiň bolsa Italiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlykda täze tapgyry alamatlandyrýandygyny bellediler.

“Eni” kompaniýasynyň wekili ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde ýurdumyzyň möhüm ornuny belläp, metan zyňyndylaryny azaltmak we pes uglerodly çözgütleri ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady hem-de wekilçilik edýän kompaniýasynyň Türkmenistanyň energetika strategiýasyny goldaýandygyny aýtdy.

Stefano Pontekorwo “Leonardo S.p.A” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini we giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny işjeň durmuşa geçirýän ýurdumyza Merkezi Aziýa sebitinde esasy strategik hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny belledi.

“Italferr” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Türkmenistanyň öz ulag infrastrukturasyny işjeň ösdürip, sebitde möhüm logistika merkezine öwrülýändigini aýdyp, demir ýol ulagy we logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek üçin Italiýanyň hem-de Türkmenistanyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Italiýa Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň arasynda işgärleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Italiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Italiýanyň Jemgyýetçilik radiotelewideniýe kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Geljekki gümrük hyzmatdaşlygy hakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Italiýanyň Gümrük we monopoliýa agentliginiň arasynda Bilelikdäki Jarnama bar.

Şeýle hem forumyň çäklerinde Türkmenistanyň we Italiýanyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Soňra işewürlik forumy öz işini “Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň ykdysady hyzmatdaşlygy”, “Söwda, dokma we hususy pudaklarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” hem-de “Ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyga ýardam bermek” atly mowzuklaýyn bölümlerde dowam etdi.

Çykyşlarda ýurtlarymyzyň arasynda özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi. Taraplar iki ýurduň hem mümkinçiliklerini ulanyp, özara haryt dolanyşygyny mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Energetika we ulag ýaly möhüm strategik pudaklara aýratyn üns berildi. Foruma gatnaşyjylar nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini bellediler. Şeýle hem ulag-üstaşyr infrastrukturany ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýarlyk beýan edildi.

Forumyň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň wekilleriniň arasynda resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugy bilen «Leonardo-Societa per azioni» kompaniýasynyň arasynda aýan etmezlik hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen «Leonardo-Societa per azioni» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň «Marzoli Machines Textile S.M.L.» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň «Itema S.p.A» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň «MCS dyeing & finishing machinery» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň «Savio Maccine Tessili S.p.A» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen «Pietro Fiorentini S.p.A» italýan kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Şeýle hem forumyň çäklerinde Türkmenistanda öndürilýän önümleriň sergisi guraldy.

Şeýlelikde, Türkmen-italýan işewürlik maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi taraplaryň ýetilen sepgitler bilen çäklenmän, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmaga taýýardyklaryny görkezdi.

(TDH)


Beýleki habarlar
27.10.2025
Türkmenistanyň Prezidenti «Leonardo S.p.A» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa resmi saparynyň çäklerinde «Leonardo S.p.A» kompaniýasynyň başlygy Stefano Pontekorwo bilen duşuşdy.

Stefano Pontekorwo döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiziň Italiýa amala aşyrýan saparynyň dowamynda geçirilen gepleşikleriň netijeleriniň iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem işewür durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösýän Türkmenistanda giň gerimli taslamalaryň amala aşyrylmagyna ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň gatnaşmagynyň uly hormatdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ajaýyp Rim şäherinde duşuşmagynyň özi üçin ýakymlydygyny aýtdy hem-de bu gadymy şäheriň Ýewropanyň taryhy we medeni merkezi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, möhüm syýasy we ykdysady merkezdigini aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Italiýa Türkmenistanyň Ýewropada iň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we giňeldiljekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz saparynyň çäklerinde geçiren gepleşikleriniň iki ýurduň arasyndaky netijeli işewürlik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmakda we giňeltmekde möhüm binýat bolup hyzmat etjekdigini aýtdy.

Biz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygymyzy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýäris. Türkmenistan bilen italýan kompaniýalarynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk bilelikdäki taslamalarda, hususan-da, energetika, ulag, oba hojalygy, şeýle hem ýokary tehnologiýalar we innowasion çözgütler ýaly strategik ugurlarda özüniň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny görkezdi diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.

Işewür döwlet Baştutanymyza netijeli duşuşyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, italiýaly hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärli çemeleşjekdiklerine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we «Leonardo S.p.A.» italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwo Türkmenistanyň hem-de meşhur italýan kompaniýasynyň işewürlik gatnaşyklaryny uzak möhletleýin we özara bähbitlilik esasynda mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

(TDH)

27.10.2025
Türkmenistan — Italiýa: özara hyzmatdaşlygyň ösüşinde täze tapgyr

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Serjio Mattarellanyň arasynda gepleşikler geçirildi

Aşgabat — Rim, 24-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasyna resmi sapar bilen ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alýan we geljege ynamly garaýan üstünlikli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri ýurtlarymyz özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda köpugurly hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýärler.

Türkmen hem-de italýan halklarynyň gatnaşyklarynyň gadymy kökleri bardyr. Beýik Ýüpek ýoly antiki döwürde Türkmenistanyň çäginde ýerleşen Parfiýa imperiýasyny Rim imperiýasy bilen baglanyşdyrypdyr. Marko Polo ýaly meşhur italýan syýahatçylary hem-de söwdagärleri öz eserlerinde türkmen topragy, medeniýeti, däp-dessurlary, meşhur ahalteke atlary we türkmen halylary barada maglumatlary galdyrypdyrlar. Şeýlelikde, häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklar baý taryhy binýada esaslanýar.

Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky syýasy dialog ýokary netijeliligi bilen tapawutlanýar. Ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berýär. 2009-njy, 2015-nji we 2019-njy ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň Italiýa Respublikasyna amala aşyran saparlary, 2014-nji ýylda Italiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana sapary täze taryhy eýýamda türkmen-italýan gatnaşyklarynyň berk binýadyny goýdy.

Abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Italiýa Türkmenistanyň energetika howpsuzlygy, durnukly ulag, daşky gurşawy goramak hem-de parahatçylyk we ynanyşmak meseleleri boýunça BMG-de öňe sürýän köp kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş edýär. Munuň özi ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň gabat gelýändigine ýa-da ýakyndygyna şaýatlyk edýär. Parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryň özara goldanylmagy Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň netijeli halkara hukuga ygrarlydyklaryny görkezýär.

“Merkezi Aziýa — Italiýa” formaty özara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin netijeli platforma bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň bu formatyň sammitine gatnaşmagy ýurdumyzyň Ýewropada esasy hyzmatdaşlaryň biri hökmünde Italiýa möhüm ähmiýet berýändigine şaýatlyk edýär. Hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň köptaraplaýyn formatda ara alnyp maslahatlaşylmagy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň energetika, ulag we infrastruktura ýaly ulgamlarda mümkinçiliklerini has netijeli durmuşa geçirmäge we ykdysadyýetiň pudaklaryna öňdebaryjy italýan tehnologiýalaryny hem-de maýa goýumlaryny çekmäge ýardam berýär.

Italiýa Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki iň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biridir. Ykdysady hyzmatdaşlyk köpugurly häsiýete eýe bolup, özara haryt dolanyşygynyň ýylsaýyn depginli ösüşi bilen tapawutlanýar.

Italýan kompaniýalary öz tejribelerini hem-de ýokary tehnologiýalary ulanyp, ýurdumyzyň energetika ulgamyndaky iri taslamalara işjeň gatnaşýarlar. Tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak we ýokary önümçilik standartlaryny ornaşdyrmak meselelerinde Italiýa ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýar.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýurtlarymyz birek-biregiň özboluşly baý taryhyny hem-de medeni mirasyny öwrenmäge gyzyklanma bildirýärler. Arheologiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlyk iň netijeli ugurlaryň biri bolup durýar. Italýan professorlary hem-de arheologlary köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň çägindäki taryhy ýerlerde gazuw-agtaryş işlerine işjeň gatnaşyp gelýärler. Bu hyzmatdaşlygyň netijesinde edilen açyşlar dünýä ylmyna saldamly goşant goşup, Türkmenistanyň taryhyny we onuň dünýä siwilizasiýalary bilen gatnaşyklaryny has çuňňur öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda türkmen-italýan gatnaşyklary durnukly we hemmetaraplaýyn ösüşiň ýolunda bolup, syýasy dialogy pugtalandyrmaga, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir.

…Birnäçe sagatdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary Italiýanyň Fýumiçino “Leonardo Da Winçi” halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Italiýa Respublikasynyň resmi adamlary, şeýle hem ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy.

Rime saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz “Altare della Patria” ýadygärlik binasynda näbelli esgeriň guburyna gül goýdy.

Ýadygärlik binasynyň öňünde döwlet Baştutanymyzy Italiýa Respublikasynyň goranmak ministri Gwido Krozetto we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Goranmak ministrliginiň serkerdesi Türkmenistanyň Prezidentini garşylamak dabarasynyň başlanýandygyny yglan edýär.

Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlanýar.

Goranmak ministrliginiň serkerdesi Türkmenistanyň Prezidentiniň sapary mynasybetli harby nyzama düzülendigi barada hasabat berýär.

Hormatly Prezidentimiz Italiýanyň Döwlet baýdagyny sarpalaýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz “Altare della Patria” ýadygärlik binasynda näbelli esgeriň guburyna gül çemenini goýdy.

Soňra dostlukly ýurduň goranmak ministri döwlet Baştutanymyzy dabara gatnaşýan Italiýanyň ýokary derejeli harby wekiliýeti bilen tanyşdyrdy.

Dabaranyň ahyrynda iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlandy.

Döwlet Baştutanymyz Italiýanyň goranmak ministri Gwido Krozetto bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Hormatly Prezidentimiziň Italiýanyň azatlygy we garaşsyzlygy üçin janyny gurban eden gahrymanlary sarpalamagy Türkmenistanyň halkynyň dostlukly ýurduň taryhyna we milli gymmatlyklaryna çuňňur hormatynyň aýdyň beýany boldy.

Şeýle hem şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarella bilen duşuşdy.

Duşuşygyň öňüsyrasynda Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň “Kwirinale” köşgünde döwlet Baştutanymyzy resmi garşylamak dabarasy boldy.

“Kwirinale” köşgüniň howlusynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarella mähirli garşylady.

Hormat garawulynyň serkerdesi Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasynyň başlanýandygyny yglan edýär.

Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlandy.

Soňra Hormat garawulynyň serkerdesi Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna resmi sapar bilen gelmegi mynasybetli Hormat garawulynyň nyzama düzülendigi barada hasabat berýär.

Döwlet Baştutanlary Hormat garawulynyň hatarynyň başynda duran Italiýa Respublikasynyň Döwlet baýdagyny sarpalaýarlar.

Soňra döwlet Baştutanlary bilelikde köşgüň içine girýärler we iki ýurduň wekiliýet agzalary bilen tanyşýarlar.

Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň resmi wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşlykdan soňra, iki ýurduň döwlet Baştutanlary bilelikde resmi surata düşdüler.

Resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Prezident Serjio Mattarella belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyga Italiýada ýokary baha berilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Italiýa resmi sapar bilen gelmäge çakylyk hem-de myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Italiýa Respublikasynyň Prezidenti bilen şu duşuşygynyň türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, Prezident Serjio Mattarella türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň iberen mähirli salamyny ýetirdi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany hökmünde Italiýa amala aşyran resmi saparlaryny we onuň dowamynda Serjio Mattarella bilen geçiren duşuşyklaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Dostlukly ýurduň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara dialogyň ýokary derejesini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň halkara derejede hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edip, parahatçylyga, dialoga we durnukly ösüşe ygrarlylygy görkezýändigini belledi hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny yzygiderli goldaýandygy üçin Italiýa minnetdarlyk bildirdi.

— Biz Italiýa Respublikasynyň Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyna ýokary baha berýäris. Biz hem, öz gezegimizde, Italiýa bilen hyzmatdaşlygymyzy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatlarda giňeltmäge gyzyklanma bildirýäris — diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň aprel aýynda geçirilen birinji «Merkezi Aziýa — Italiýa» sammitiniň ähmiýetini belledi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýändigini we bu waka mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda halkara forumyň geçiriljekdigini aýdyp, Prezident Serjio Mattarellany foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Dostlukly ýurduň Prezidenti çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň sebitde durnuklylygy we parahatçylygy pugtalandyrmakda eýeleýän möhüm ornuna Italiýada ýokary baha berilýändigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Prezident Serjio Mattarella Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ugurlaryň giň toplumy boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege we iki ýurduň dostlukly halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna resmi sapary dowam edýär.

25.10.2025
Türkmenistan — Italiýa: özara hyzmatdaşlygyň ösüşinde täze tapgyr

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Serjio Mattarellanyň arasynda gepleşikler geçirildi

Aşgabat — Rim, 24-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasyna resmi sapar bilen ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alýan we geljege ynamly garaýan üstünlikli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri ýurtlarymyz özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda köpugurly hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýärler.

Türkmen hem-de italýan halklarynyň gatnaşyklarynyň gadymy kökleri bardyr. Beýik Ýüpek ýoly antiki döwürde Türkmenistanyň çäginde ýerleşen Parfiýa imperiýasyny Rim imperiýasy bilen baglanyşdyrypdyr. Marko Polo ýaly meşhur italýan syýahatçylary hem-de söwdagärleri öz eserlerinde türkmen topragy, medeniýeti, däp-dessurlary, meşhur ahalteke atlary we türkmen halylary barada maglumatlary galdyrypdyrlar. Şeýlelikde, häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklar baý taryhy binýada esaslanýar.

Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky syýasy dialog ýokary netijeliligi bilen tapawutlanýar. Ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berýär. 2009-njy, 2015-nji we 2019-njy ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň Italiýa Respublikasyna amala aşyran saparlary, 2014-nji ýylda Italiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana sapary täze taryhy eýýamda türkmen-italýan gatnaşyklarynyň berk binýadyny goýdy.

Abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Italiýa Türkmenistanyň energetika howpsuzlygy, durnukly ulag, daşky gurşawy goramak hem-de parahatçylyk we ynanyşmak meseleleri boýunça BMG-de öňe sürýän köp kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş edýär. Munuň özi ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň gabat gelýändigine ýa-da ýakyndygyna şaýatlyk edýär. Parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryň özara goldanylmagy Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň netijeli halkara hukuga ygrarlydyklaryny görkezýär.

“Merkezi Aziýa — Italiýa” formaty özara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin netijeli platforma bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň bu formatyň sammitine gatnaşmagy ýurdumyzyň Ýewropada esasy hyzmatdaşlaryň biri hökmünde Italiýa möhüm ähmiýet berýändigine şaýatlyk edýär. Hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň köptaraplaýyn formatda ara alnyp maslahatlaşylmagy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň energetika, ulag we infrastruktura ýaly ulgamlarda mümkinçiliklerini has netijeli durmuşa geçirmäge we ykdysadyýetiň pudaklaryna öňdebaryjy italýan tehnologiýalaryny hem-de maýa goýumlaryny çekmäge ýardam berýär.

Italiýa Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki iň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biridir. Ykdysady hyzmatdaşlyk köpugurly häsiýete eýe bolup, özara haryt dolanyşygynyň ýylsaýyn depginli ösüşi bilen tapawutlanýar.

Italýan kompaniýalary öz tejribelerini hem-de ýokary tehnologiýalary ulanyp, ýurdumyzyň energetika ulgamyndaky iri taslamalara işjeň gatnaşýarlar. Tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak we ýokary önümçilik standartlaryny ornaşdyrmak meselelerinde Italiýa ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýar.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýurtlarymyz birek-biregiň özboluşly baý taryhyny hem-de medeni mirasyny öwrenmäge gyzyklanma bildirýärler. Arheologiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlyk iň netijeli ugurlaryň biri bolup durýar. Italýan professorlary hem-de arheologlary köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň çägindäki taryhy ýerlerde gazuw-agtaryş işlerine işjeň gatnaşyp gelýärler. Bu hyzmatdaşlygyň netijesinde edilen açyşlar dünýä ylmyna saldamly goşant goşup, Türkmenistanyň taryhyny we onuň dünýä siwilizasiýalary bilen gatnaşyklaryny has çuňňur öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda türkmen-italýan gatnaşyklary durnukly we hemmetaraplaýyn ösüşiň ýolunda bolup, syýasy dialogy pugtalandyrmaga, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir.

…Birnäçe sagatdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary Italiýanyň Fýumiçino “Leonardo Da Winçi” halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Italiýa Respublikasynyň resmi adamlary, şeýle hem ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy.

Rime saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz “Altare della Patria” ýadygärlik binasynda näbelli esgeriň guburyna gül goýdy.

Ýadygärlik binasynyň öňünde döwlet Baştutanymyzy Italiýa Respublikasynyň goranmak ministri Gwido Krozetto we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Goranmak ministrliginiň serkerdesi Türkmenistanyň Prezidentini garşylamak dabarasynyň başlanýandygyny yglan edýär.

Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlanýar.

Goranmak ministrliginiň serkerdesi Türkmenistanyň Prezidentiniň sapary mynasybetli harby nyzama düzülendigi barada hasabat berýär.

Hormatly Prezidentimiz Italiýanyň Döwlet baýdagyny sarpalaýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz “Altare della Patria” ýadygärlik binasynda näbelli esgeriň guburyna gül çemenini goýdy.

Soňra dostlukly ýurduň goranmak ministri döwlet Baştutanymyzy dabara gatnaşýan Italiýanyň ýokary derejeli harby wekiliýeti bilen tanyşdyrdy.

Dabaranyň ahyrynda iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlandy.

Döwlet Baştutanymyz Italiýanyň goranmak ministri Gwido Krozetto bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Hormatly Prezidentimiziň Italiýanyň azatlygy we garaşsyzlygy üçin janyny gurban eden gahrymanlary sarpalamagy Türkmenistanyň halkynyň dostlukly ýurduň taryhyna we milli gymmatlyklaryna çuňňur hormatynyň aýdyň beýany boldy.

Şeýle hem şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarella bilen duşuşdy.

Duşuşygyň öňüsyrasynda Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň “Kwirinale” köşgünde döwlet Baştutanymyzy resmi garşylamak dabarasy boldy.

“Kwirinale” köşgüniň howlusynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarella mähirli garşylady.

Hormat garawulynyň serkerdesi Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasynyň başlanýandygyny yglan edýär.

Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlandy.

Soňra Hormat garawulynyň serkerdesi Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna resmi sapar bilen gelmegi mynasybetli Hormat garawulynyň nyzama düzülendigi barada hasabat berýär.

Döwlet Baştutanlary Hormat garawulynyň hatarynyň başynda duran Italiýa Respublikasynyň Döwlet baýdagyny sarpalaýarlar.

Soňra döwlet Baştutanlary bilelikde köşgüň içine girýärler we iki ýurduň wekiliýet agzalary bilen tanyşýarlar.

Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň resmi wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşlykdan soňra, iki ýurduň döwlet Baştutanlary bilelikde resmi surata düşdüler.

Resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Prezident Serjio Mattarella belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyga Italiýada ýokary baha berilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Italiýa resmi sapar bilen gelmäge çakylyk hem-de myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Italiýa Respublikasynyň Prezidenti bilen şu duşuşygynyň türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, Prezident Serjio Mattarella türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň iberen mähirli salamyny ýetirdi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany hökmünde Italiýa amala aşyran resmi saparlaryny we onuň dowamynda Serjio Mattarella bilen geçiren duşuşyklaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Dostlukly ýurduň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara dialogyň ýokary derejesini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň halkara derejede hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edip, parahatçylyga, dialoga we durnukly ösüşe ygrarlylygy görkezýändigini belledi hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny yzygiderli goldaýandygy üçin Italiýa minnetdarlyk bildirdi.

— Biz Italiýa Respublikasynyň Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyna ýokary baha berýäris. Biz hem, öz gezegimizde, Italiýa bilen hyzmatdaşlygymyzy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatlarda giňeltmäge gyzyklanma bildirýäris — diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň aprel aýynda geçirilen birinji «Merkezi Aziýa — Italiýa» sammitiniň ähmiýetini belledi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýändigini we bu waka mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda halkara forumyň geçiriljekdigini aýdyp, Prezident Serjio Mattarellany foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Dostlukly ýurduň Prezidenti çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň sebitde durnuklylygy we parahatçylygy pugtalandyrmakda eýeleýän möhüm ornuna Italiýada ýokary baha berilýändigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Prezident Serjio Mattarella Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ugurlaryň giň toplumy boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege we iki ýurduň dostlukly halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna resmi sapary dowam edýär.

24.10.2025
Türkmenistanyň Prezidenti «ENOC» hem-de «Dragon Oil» kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Aşgabat, 22-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Emirates National Oil Company (ENOC)» hem-de «Dragon Oil» kompaniýalarynyň başlygy Said Al Taýeri, şeýle hem «Dragon Oil» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Abdulkarim Al Maazmini kabul etdi.

Işewürler bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyklaryny beýan edip, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini, Türkmenistanyň kuwwatly energetika döwleti hökmünde halkara giňişlikde abraýynyň barha artýandygyny bellediler. Şeýle hem olar Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň, wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň hem-de wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdiler.

Işewürler amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen Türkmenistanda iş alyp barmagyň özleri üçin uly hormatdygyny belläp, netijeli işlemäge berýän yzygiderli goldawlary üçin döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmanlaryň saparynyň dowamynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşjakdyklaryny, ýurdumyzda bu ulgamda alnyp barylýan işler, ýetilen sepgitler bilen tanyşjakdyklaryny aýtdy hem-de olaryň geçirjek duşuşyklarynyň nebitgaz pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde, däp bolşy ýaly, birek-birege hormat goýmak we özara düşünişmek esasynda depginli ösdürilýär.

Häzirki wagtda nebitgaz pudagy ýurdumyzyň iň bir depginli ösýän pudaklarynyň biridir. Bu pudagy ösdürmegiň strategiýasy, esasan-da, ýerli çig maly ulanmak arkaly, milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin zerur bolan, şeýle hem eksport ugurly önümleri öndürmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, «Dragon Oil» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň toplanan oňyn tejribesi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini we işewürlik üçin amatly şertleriň döredilýändigini belläp, Türkmenistanyň «Emirates National Oil Company (ENOC)» hem-de «Dragon Oil» kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýola goýlan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, «Emirates National Oil Company (ENOC)» hem-de «Dragon Oil» kompaniýalarynyň başlygy Said Al Taýere we «Dragon Oil» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Abdulkarim Al Maazmä işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

23.10.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 22-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabuny kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, giň gerimli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanda Hindistana wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmunyň we Premýer-ministri Narendra Modiniň hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Bandaru Wilsonbabuny ýokary diplomatik wezipä bellenmegi mynasybetli gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Hindistan Respublikasy bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň we ýakyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär.

Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag, bilim we medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Döwletara gatnaşyklar özara hormat goýmak we birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýar. Bu bolsa, öz gezeginde, ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.

Türkmen-hindi gatnaşyklarynyň gün tertibinde söwda-ykdysady we energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk aýratyn orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, özara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, ilkinji nobatda, energetika we ulag pudaklarynda hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň we onuň bilen ugurdaş ulag geçelgeleriniň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini mundan beýläk-de işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýär. Bu geljegi uly taslamalar sebitde energiýa howpsuzlygyny üpjün eder we gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady ösüşine uly itergi berer.

Medeniýet, bilim we ylym ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk türkmen-hindi gatnaşyklarynyň möhüm bölegidir. Hormatly Prezidentimiz hindi dilini öwrenmäge gyzyklanma bildirýän ýaşlarymyzyň sanynyň barha artýandygyny, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birinde hindi diliniň okadylýandygyny aýdyp, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň iki ýurduň halklaryny ýakynlaşdyrmaga we medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam berýändigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu mähirli kabul edilendigi üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Bandaru Wilsonbabuny Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim.

Jenap Bandaru Wilsonbabunyň ýokary şahsy häsiýetleri özüne ynanylan wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de meniň adymdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Draupadi MURMU,
Hindistan Respublikasynyň Prezidenti.

23.10.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Daewoo» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Aşgabat, 14-nji oktýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini hem-de şunda Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly goşandyny belledi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ähli ugurlar boýunça ösdürilýän koreý-türkmen gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykýar. Koreý kompaniýalary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri iri türkmen bazarynda, hususan-da, nebitgaz toplumynda, himiýa senagatynda netijeli işleri alyp barýarlar. Işewür häzirki wagtda Türkmenistanyň himiýa senagatynyň innowasion ösüşiň aýdyň mysaly bolup durýandygyny aýdyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň bu işe goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady.

Gahryman Arkadagymyz myhmany mähirli mübärekläp, Birleşen Milletler Guramasynyň ozalky Baş sekretary Pan Gi Muna, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň ozalky Başlygy Kim Çžin Pýo, şeýle hem Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ozalky ýolbaşçysy Li Dal Gona iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşan goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de olara mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup, özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýar. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda ykdysady ösüş maksatnamalarynyň, senagat özgertmeleriniň amala aşyrylýandygyna ünsi çekip, şunda ekologiýa ugurly “ýaşyl” taslamalara möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki wagtda gowaça çöpünden “ýaşyl” metanoly öndürmegiň mümkinçilikleriniň öwrenilýändigini aýtdy. Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän gowaça ekologik taýdan arassalygy we bu önümçilige ýaramlylygy bilen tapawutlanýar.

Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanda işewürlik üçin amatly şertleriň döredilýändigini göz öňünde tutup, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze ugurlarda ösdürmek babatda mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunda «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Daewoo» kompaniýasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda täze gurulýan desgalaryň gurluşygynda ekologik kadalaryň berjaý edilmegine, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna, taslamalaryň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.

Işewür Türkmenistanda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juwa alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.

15.10.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

Aşgabat, 13-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullini kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Russiýada Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de myhman Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ulgamda gazanýan üstünlikleriniň, türkmen halkynyň baý taryhynyň, medeniýetiniň özünde uly täsir galdyrandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny mähirli mübärekläp, Russiýanyň ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de myhmanyň şu gezekki saparynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky yzygiderli hökümetara dialogy dowam etdirmekde möhüm ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz myhmana türkmen kärdeşleri bilen gepleşikleri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisini üstünlikli geçirmegi arzuw edip, duşuşyklaryň netijeleriniň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasynda dostluk, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar ähli ugurlarda üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler özara hyzmatdaşlygyň diňe bir ikitaraplaýyn derejede däl, eýsem, köptaraplaýyn formatda hem netijeli ilerledilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Ýurtlarymyzyň BMG-niň we GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy munuň aýdyň mysalydyr. Şunda “Merkezi Aziýa — Russiýa” formatyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudyr. Köp ýyllaryň dowamynda Russiýa Federasiýasy ýurdumyzyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup gelýär. Döwletara gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunda ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ugurlary aýratyn orun eýeleýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullin iki ýurduň hem däp bolan dostlukly döwletara dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

* * *

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen we rus tarapynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary M.Husnulliniň ýolbaşçylygynda Aşgabada sapar bilen gelen wekiliýetiň agzalarynyň türkmen tarapynyň wekilleri bilen duşuşygy iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň maksat edinilýändigini görkezýär.

Taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyny ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şunda ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek, täze özara bähbitli taslamalary amala aşyrmak we bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerden doly derejeli peýdalanmak bilen bagly meselelere aýratyn üns çekildi. Mejlisiň dowamynda türkmen we rus tarapynyň wekilleri şu gezekki duşuşygyň tagallalary birleşdirmek, bilelikdäki strategiýalary işläp taýýarlamak babatda möhüm meýdança bolup durýandygyny bellediler.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin häsiýete eýe bolup, deňhukuklylyk, ynanyşmak, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Ikitaraplaýyn döwletara dialog hyzmatdaşlygyň baý taryhy tejribesine, berk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýar. Syýasy dialog, şol sanda ýokary derejedäki köpugurly hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan we Russiýa diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, köptaraplaýyn formatlarda-da netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Birleşen Milletler Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly ählumumy we sebit guramalarynyň çäklerinde öňe sürülýän halkara başlangyçlaryň hem-de teklipleriň, şol sanda Hazarýaka hyzmatdaşlyk boýunça başlangyçlaryň özara goldanylmagy munuň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ýakynda Täjigistan Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen “Merkezi Aziýa — Russiýa” ikinji sammitine we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine ünsi çekdiler.

Mejlisiň dowamynda ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de hyzmatdaşlygyň geljekki meýilnamalary kesgitlenildi. Iki dostlukly ýurduň wekilleri giň gerimli maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny tassykladylar hem-de netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek babatda anyk tekliplerini beýan etdiler. Netijeli ýagdaýda geçen mejlisiň jemleri boýunça birnäçe resminamalara — Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň 13-nji mejlisiniň Teswirnamasyna, şeýle hem bilim ulgamynda, iki ýurduň haryt-çig mal biržalarynyň arasynda, oba hojalyk we atçylyk pudagynda, gümrük gulluklarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky resminamalara gol çekildi.

Şeýlelikde, nobatdaky türkmen-rus gepleşikleri taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklady. Gazanylan ylalaşyklar boýunça gol çekilen resminamalar anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdiriler. Bu bolsa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň degişli ugurlar boýunça bar bolan uly mümkinçilikleriniň doly derejede durmuşa geçirilmegine ýardam berer.

14.10.2025
Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlary bilen giň gerimli hyzmatdaşlyga ygrarlydyr

Hormatly Prezidentimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Duşenbe — Aşgabat, 10-njy oktýabr (TDH). Şu gün Täjigistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy köptaraplaýyn dialog üçin netijeli meýdança bolup, agza döwletleriň arasynda tejribe alyşmak, tagallalary birleşdirmek we häzirki döwrüň derwaýys meselelerini bilelikde çözmek üçin köpri bolup hyzmat edýär. GDA diňe bir ykdysady birleşik bolman, eýsem, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk üçin hem giňişlikdir. Agza ýurtlar söwda amallaryny ýeňilleşdirmek, infrastrukturany ösdürmek, tehnologiýalary alyşmak boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmenistan deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde bu prosesde aýratyn orny eýeleýär. Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi sebitde ynanyşmagy, durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam berýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy diňe bir ykdysady ösüşe goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem, has durnukly we abadan giňişligi döretmäge-de şert döredýär.

Ykdysady gatnaşyklar GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ulag we logistika ýurtlaryň integrasiýasynda aýratyn orny eýeleýär. Esasy ulag geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan täze ugurlary döretmek üçin infrastrukturasyny işjeň ösdürýär. Ýurdumyzyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasy, şeýle hem täze awtomobil, demir ýollaryň gurulmagy Arkalaşygyň ýurtlaryny Hytaý, Ýakyn Gündogar we Ýewropa döwletleri bilen baglanyşdyrýar. Türkmenistanyň bu ugurdaky tagallalary ykdysady ösüşe itergi bermek bilen bir hatarda, sebitleriň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmaga-da ýardam edýär. GDA-nyň çäklerindäki energetika hyzmatdaşlygy energiýa serişdeleriniň ygtybarly eksport ugurlaryny üpjün etmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan energetika geçelgelerini döretmek boýunça başlangyçlara işjeň gatnaşmak bilen, Gün we ýel elektrik stansiýalary ýaly gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini hem ösdürýär.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk Arkalaşygyň giňişliginde umumy taryhy mirasy gorap saklamaga ýardam berýär. Türkmenistan bilim ulgamynda GDA ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleri bilen talyplary hem-de mugallymlary alyşmak babatda netijeli işleri alyp barýar. Ýurdumyzy bu gurama girýän döwletler bilen däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, taryhy-medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Türkmenistan Arkalaşygyň çäklerinde däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny görkezýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär.

Şu gezekki mejlisiň gün tertibi hem GDA-nyň giňişliginde integrasiýanyň ähli ugurlaryna degişli möhüm meseleleri öz içine alýar. Şolar boýunça degişli çözgütleriň kabul edilmegi özara gatnaşyklaryň gurallaryny kämilleşdirmäge ýardam berer.

...Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilýän ýerine — “Kasri Millat” köşgüne bardy. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady. Sammite gatnaşýan wekiliýet Baştutanlarynyň resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen duşuşyga Azerbaýjan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary gatnaşdylar. Prezident Emomali Rahmon sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Arkalaşygyň giňişliginde özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, dürli ulgamlar boýunça gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak babatda şu günki ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine girizilen meseleleriň ähmiýetini nygtady. Soňra mejlise gatnaşyjylara söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň özüni özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk formaty hökmünde görkezýändigini, Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda daşary syýasy, ykdysady, söwda, ynsanperwer hem-de beýleki ugurlar boýunça netijeli dialogyň alnyp barylýandygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, hökümetara we pudagara duşuşyklaryň gurallary ýola goýuldy, medeni hyzmatdaşlyk ösdürilýär, GDA-nyň beýleki köptaraplaýyn düzümlerdir birleşikleriň işine gatnaşmagy giňeldilýär. Bularyň ählisi halklarymyzyň bähbidine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň guraly hökmünde Arkalaşygyň uly kuwwatynyň bardygyna şaýatlyk edýär. GDA-nyň giňişliginde howpsuzlygyň, durnuklylygyň ygtybarly ulgamyny gorap saklamak bilelikdäki işimiziň möhüm wezipeleriniň biri bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Şunda Türkmenistan ähli agza döwletleriň hoşniýetli goňşuçylygyň, ylalaşygyň we özara düşünişmegiň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy häsiýetnamasy bolmalydygyna gyzyklanma bildirýändiginden ugur alýar. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň çäklerinde syýasy-diplomatik geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmeginiň wajypdygyny bellemek gerek. Olaryň dowamynda netijeli pikir alşylýar. Şeýle duşuşyklar hyzmatdaşlaryň garaýyşlaryny has gowy öwrenmäge we köp halatda özara ylalaşylan çözgütleri işläp taýýarlamaga ýardam berýär. Türkmenistan şeýle geňeşmeleriň ösdürilmegi hem-de häzirki döwrüň wehimlerini nazara almak bilen, olaryň gün tertibine girizilýän meseleleriň giňeldilmegi ugrunda çykyş edýär.

Halkara hukugyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň berjaý edilmegini GDA-nyň daşary syýasy wezipeleriniň esasylarynyň biri diýip hasaplaýarys. Türkmenistan Baş Assambleýanyň şu gezekki sessiýasynda halkara hukugy goramagyň hem-de pugtalandyrmagyň zerurdygyny anyk beýan etdi. Şeýle hem 2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda Baş Assambleýanyň “Birleşen Milletler Guramasy bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamasynyň kabul edilmegi bilen baglylykda, açylýan mümkinçilikleri doly derejede ulanmak zerur diýip hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we GDA ýurtlarynyň daşary syýasat edaralaryna BMG-de bu mesele boýunça ylalaşykly işe girişmegi, geňeşmeler mehanizmini işläp taýýarlamagy we oňa BMG-ä agza döwletleriň mümkin boldugyça köp sanlysyny çekmegi tabşyrmagy teklip etdi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk GDA-nyň çäklerinde tagallalary we mümkinçilikleri birleşdirmek üçin ileri tutulýan ulgam hasaplanýar. Häzirki geoykdysady ýagdaýlarda guramanyň ykdysady, önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak, ony beýleki ýurtlar we birleşikler üçin güýçli hem-de peýdaly hyzmatdaşa öwürmek möhüm wezipedir. Onuň çözülmegi Arkalaşygyň içinde ykdysady gatnaşyklary okgunly ösdürmek bilen bir hatarda, GDA-nyň Ýewraziýadaky ornuny pugtalandyrmaga, iri yklym, sebit we halkara taslamalara uzak möhletleýin esasda gatnaşmaga, döwrebap ulag, energetika infrastrukturasyny, senagat we tehnologik hyzmatdaşlyk guşaklyklary döretmäge mümkinçilik berer. Şunda GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüş Strategiýasy esasy ugur görkeziji bolup durýar. Türkmenistan bu Strategiýa doly derejede durmuşa geçirilmeli, ýurtlarymyzyň syýasy ýolbaşçylary tarapyndan hemişe goldanylmaly we oňa bilelikdäki ösüşiň hem-de hyzmatdaşlygyň strategik wezipesi hökmünde seredilmeli diýip hasaplaýar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga üns çekdi.

Häzirki wagtda Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ulag-logistika ulgamlary döredilýär. Olar GDA-nyň tutuş giňişligini diýen ýaly gurşap alýar. Şeýlelikde, biziň ýurtlarymyz üçin yklymüsti gatnawlaryň esasy merkezleri bolmak, bu taslamalara häzirki zaman ýörelgelerine we ölçeglerine laýyklykda gatnaşmak üçin diňe bir geografik artykmaçlyklaryny däl, eýsem, tejribesini, önümçilik, tehnologik, hyzmat kuwwatlyklaryny ulanmak üçin hem uly mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Ýewraziýada möhüm logistika merkezleri hökmünde Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitine aýratyn ähmiýet berýär. Munuň netijeli ulanylmagy GDA-nyň ähli ýurtlarynyň ykdysady, söwda, maýa goýum, logistika bähbitlerine hem-de zerurlyklaryna laýyk gelýär.

Şu ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda Hazar deňzi mowzugynyň işjeň ara alnyp maslahatlaşylmagy tötänden däldir. Maslahatda Hazar deňziniň üstaşyr-logistika kuwwatynyň ählumumy ähmiýete eýe bolýandygy nygtaldy. Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden Ýewropa we Ýakyn Gündogara, Russiýadan günorta tarapa — Eýrana, Hindistana, Pars aýlagynyň ýurtlaryna gidýän Ýewraziýa gatnawlarynyň esasy ýollary hut Hazar deňzi sebitiniň üstünden geçer. Arkalaşygyň ýurtlary Hazar logistika merkezini döretmäge doly derejede gatnaşmalydyrlar, özara bähbitlilik we ylalaşyk esasynda bu taslamada öz orunlaryny pugtalandyrmalydyrlar diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam etdi hem-de Türkmenistanyň munuň üçin ýardam bermäge, Hazar deňzindäki port infrastrukturasyny umumy bähbitlere ulanmak mümkinçiligini hyzmatdaşlar bilen ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Ýurdumyz özara söwda, Arkalaşygyň ýurtlarynyň gatnaşmagynda senagat, tehnologik zynjyrlary döretmek, bilelikdäki önümçilik taslamalaryny işläp taýýarlamak ýaly hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryna ünsi çekýär. Dünýä bazarlarynda bäsdeşligiň barha artýan şertlerinde biz — GDA döwletlerine ösüşimiziň ygtybarly we uzak möhletleýin kepilliklerini üpjün etmek, taryhy, düzümleýin artykmaçlyklarymyzy ulanmak arkaly hyzmatdaşlygyň berk we netijeli nusgalaryny döretmek zerurdyr. Tehnologiýalar we innowasiýalar GDA-nyň ykdysady ösüşiniň hem-de bäsdeşlige ukyplylygynyň möhüm şerti bolup durýar. Häzirki wagtda bu ugra aýratyn üns bermek, tehnologik hyzmatdaşlyga girişmek, bilim hem-de tejribe alyşmalary yzygiderli esasda ýola goýmak zerur diýip hasaplaýarys. Bu prosesde GDA-nyň çäklerindäki ylmy-tehniki dialoga esasy orun berýäris. Arkalaşygyň degişli düzümlerine GDA-nyň ylmy-tehniki, tehnologik ugurly edaralarynyň ornuny pugtalandyrmaga işjeň ýardam bermegi, olaryň hökümetara we pudagara dialoga gatnaşmagyny hem-de çözgütleri kabul etmegini höweslendirmegi tabşyrmaly diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Däp bolşy ýaly, medeni-ynsanperwer ulgam döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlykda aýratyn orny eýeleýär. Munuň özi birek-birege has gowy düşünmäge, ýurtlarymyzda, jemgyýetçilik aňynda esasy gymmatlyklary, sagdyn ahlak we etiki ýörelgeleri berkarar etmäge ýardam berýär. Arkalaşygyň halklarynyň medeni mirasy jemgyýetçilik, syýasy we durmuş ösüşiniň intellektual hem-de ruhy daýanjydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we Türkmenistanyň GDA ýurtlary bilen medeni, ylym, bilim, sport ulgamlarynda giň gerimli hyzmatdaşlyga berk ygrarlydygyny, şeýle gatnaşyklaryň goldanylmagynyň dowam etdiriljekdigini tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Türkmenistanyň taryhy wakany — ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýändigini aýdyp, GDA ýurtlarynyň döwletimiziň Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň gözbaşynda durandyklaryny, BMG-de, beýleki halkara guramalarda we forumlarda muňa işjeň ýardam berendiklerini nygtady hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Arkalaşygyň döwlet Baştutanlaryny şanly senä bagyşlanyp, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek dabaralara, halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmaga çagyrdy. Siziň bu ähmiýetli çärelere gatnaşmagyňyz olary üstünlikli geçirmäge möhüm goşant goşar hem-de Türkmenistanyň halkynyň ýokary bahasyna mynasyp bolar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona şu ýyl ýurdunyň GDA-da netijeli başlyklyk edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Nikolaýewiç Lebedewe Arkalaşygyň edaralarynyň işini netijeli utgaşdyrýandygy we şu gezekki sammiti geçirmäge uly goşandy üçin minnetdarlyk sözleri beýan edildi.

Soňra 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegiň Türkmenistana geçýändigi hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geljek ýylyň 9-njy oktýabrynda ýurdumyzda geçirmek baradaky çözgütler yglan edildi.

Soňra ýokary derejedäki duşuşyk öz işini giňişleýin düzümde dowam etdi. Täjigistanyň Prezidenti geljek ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegiň Türkmenistana geçýändigini aýdyp, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa söz berdi.

Döwlet Baştutanymyz 2026-njy ýylda GDA-da Türkmenistanyň başlyklyk etmegi baradaky kabul edilen çözgüt üçin minnetdarlyk bildirip, munuň ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistana bildirilen hormatyň we ynamyň nyşany, ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ösüşine goşýan goşandynyň ykrarnamasy hökmünde kabul edilýändigini aýtdy. “Biz bilelikde çözmeli wezipelerimiziň gerimine doly derejede düşünmek bilen, Arkalaşykda başlyklyk wezipesine jogapkärçilikli çemeleşeris. Ýakyn wagtda Türkmenistanyň GDA-daky başlyklygynyň Konsepsiýasy işlenip taýýarlanylar. Onda, biziň pikirimizçe, häzirki wagtda has derwaýys zerurlyklar nazara alnyp, döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň çemeleşmeleri beýan ediler. Resminama diplomatik ýollar arkaly Arkalaşygyň ýurtlaryna öz wagtynda iberiler. Türkmenistanyň bu möhüm wezipä girişmeginiň öňüsyrasynda GDA-nyň mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmek, Arkalaşygyň döwletlerini netijeli ösdürmek, ýurtlarymyzyň halklarynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermegi başlyklyk döwründe öz baş maksadymyz hasaplaýandygymyzy aýtmak isleýärin” diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we Arkalaşygyň binýadyna goýlan ýörelgelerdir maksatlara eýermegiň Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk ediji döwlet hökmünde alyp barjak işiniň möhüm häsiýetnamasy boljakdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz GDA-nyň mundan beýläk-de oňa agza ýurtlaryň hoşmeýilli erkine, deňhukuklylyga we özara hormat goýmaga, her bir ýurduň milli bähbitlerine esaslanýan hyzmatdaşlygynyň möhüm guraly bolup hyzmat etjekdigine berk ynam bildirip, hut şu ýagdaýyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny we gözýetimlerini açmaga ýardam berýändigini, halkara durnuklylygyň, howpsuzlygyň şertleriniň biri hökmünde Arkalaşygyň durmuşa ukyplylygyny üpjün edýändigini belledi hem-de kabul edilen çözgüt we bildirilen ynam üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Emomali Rahmon çykyşy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, başlyklyk döwründe Türkmenistana üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem sammitiň çäklerinde Arkalaşygyň şu ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň netijeleri seljerildi, geljek ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler anyklaşdyryldy, halkara we sebit durmuşynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy. Sammitiň jemleri boýunça birnäçe resminamalar kabul edildi.

Täjigistan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäheriniň Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammitine hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmagy Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi. Ýurdumyz umumy meseleler üçin innowasion çözgütleri teklip edip, Arkalaşykda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde öz ornuny pugtalandyrmagy dowam etdirýär.

11.10.2025
Türkmenistan strategik döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammitine gatnaşdy

Aşgabat — Duşenbe, 9-njy oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Russiýa” ikinji sammitine we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady.

Merkezi Aziýa döwletleri bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk sebit syýasatynyň okgunly ösýän we strategik ähmiýetli ugurlarynyň biridir. Berk taryhy-medeni, ykdysady gatnaşyklara esaslanýan bu hyzmatdaşlyk syýasat, ykdysadyýet, energetika, ulag, ylym-bilim ýaly ulgamlary öz içine alýar. Milli bähbitlere, özara hormat goýmaga esaslanýan deňhukukly we ynanyşykly dialog hyzmatdaşlygyň durnuklylygyny üpjün edýän esasy şert bolup çykyş edýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistan bu formatda oňyn orny eýeleýär.

“Merkezi Aziýa — Russiýa” formaty alty döwletiň tagallalaryny üstünlikli birleşdirmeginiň aýdyň mysaly bolup durýar. 2022-nji ýylda Astanada geçirilen birinji sammit bu dialogyň netijeli häsiýetini hem-de dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny maksat edinýändigini tassyklady. Türkmenistan bu altytaraplaýyn formatyň ösüşine saldamly goşant goşýar. Ýurdumyz berk taryhy binýada, hyzmatdaşlygyň baý tejribesine esaslanýan özara gatnaşyklary ilerletmäge işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2022-nji ýylda Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň geçirilmegi munuň aýdyň mysallarynyň biridir. BMG-niň degişli Kararnamalary bilen berkidilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygy üpjün etmäge möhüm goşant hökmünde garalýar. Bitaraplyk ýörelgeleri Türkmenistana ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen netijeli hyzmatdaş hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berýär we giň halkara hyzmatdaşlyk üçin amatly geosyýasy hem-de geoykdysady şertleri döredýär.

Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar okgunly ösdürilip, strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykaryldy. Munuň özi taraplaryň hyzmatdaşlygy ähli ulgamlarda pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklaýar. Ykdysady hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Russiýanyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biridir. Russiýa sebitiň ýurtlarynyň iri söwda hyzmatdaşydyr. Özara haryt dolanyşygynyň düzüminde çig maldan başga-da, senagat harytlary, oba hojalyk, nebithimiýa, metallurgiýa önümleri agdyklyk edýär. Munuň özi ykdysady hyzmatdaşlygyň köpugurly häsiýetine şaýatlyk edýär.

Möhüm ulag-kommunikasiýa, energetika infrastrukturasyna eýe bolan Merkezi Aziýa ählumumy durnukly ösüşi gazanmak babatda öňdebaryjy sebitleriň birine öwrülýär. Türkmenistan gatnaşyjy ýurtlaryň ägirt uly ykdysady kuwwatyny durmuşa geçirmäge ýardam berýän köpşahaly sebit ulag infrastrukturasyny döretmäge işjeň gatnaşyp, bu ulgamda goňşy döwletler bilen iri taslamalary durmuşa geçirýär. Energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady durnuklylygyny üpjün etmegiň binýatlaýyn esasy bolup durýar. Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen energetika diplomatiýasyny işjeň ilerledýär. “Merkezi Aziýa — Russiýa” formaty tutuş Ýewraziýa yklymynda durnukly ösüşi hem-de abadançylygy üpjün etmekde möhüm orny eýeleýän köpugurly, özara bähbitli strategik hyzmatdaşlygyň mysalydyr. Medeniýetleriň ýakynlygy we taryhy gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.

...Paýtagtymyzdan ugur alan hormatly Prezidentimiziň uçary birnäçe wagtdan soňra, Duşenbe şäheriniň sammite gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Döwlet Baştutanymyzy Täjigistanyň resmi adamlary, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammitiniň geçirilýän ýerine — Kabul edişlikler köşgüne bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon mähirli garşylady. Sammite gatnaşýan döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, “Merkezi Aziýa — Russiýa” formatyndaky ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri hem gatnaşdylar.

Prezident Emomali Rahmon sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip, Täjigistana gelendikleri üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de şu günki ýokary derejedäki duşuşygyň altytaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarjakdygyna ynam bildirdi. Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, ilki bilen, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň döwlet Baştutanlarynyň şu gezekki ikinji duşuşygynyň geçirilmeginiň şeýle formatdaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli esasa geçýändigini görkezýändigini belledi. Munuň özi kanunalaýykdyr. Merkezi Aziýa we Russiýa diňe bir giň geografik giňişligi emele getirmek bilen çäklenmän, eýsem, köpasyrlyk taryhy, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar bilen hem baglanyşandyr. Hut şeýle şertleriň jemi biziň hyzmatdaşlygymyzyň mümkinçiliklerini häzirki wagtda, şeýle hem uzak möhletleýin geljekde ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmek üçin berk esas bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Merkezi Aziýada durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak babatda bilelikdäki işimiz ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de bu ulgamda sebitiň ýurtlarynyň, şeýle-de Russiýanyň baý tejribe toplandyklaryna, daşary syýasat edaralarynyň, beýleki edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geňeşmeleriň yzygiderli geçirilýändigine ünsi çekdi. Häzirki wagtda olaryň gün tertibine täze wehimlerdir howplara garşy tagallalary utgaşdyrmak, şol sanda maglumat we biologik howpsuzlygy, ýurtlarymyzyň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça meseleler girizilýär. Bular örän möhüm bolup, biz olary esas goýujy gymmatlyklarymyza, däplerimize, taryhy tejribä esaslanyp, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda bilelikde çözýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde ýurtlarymyzyň özara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyny, utgaşdyrylmagyny dünýä giňişliginde umumy wezipeleriň esasylarynyň hatarynda görkezdi. Şunda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny goramak, BMG-niň ornuny hem-de abraýyny pugtalandyrmak, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ählumumy howpsuzlygyň arhitekturasyny gorap saklamak meselelerinde bilelikde tagalla etmek zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz halkara gatnaşyklarda özara hormat goýmak dialogynyň medeniýetini, açyklygy we ynanyşmagy gaýtadan dikeltmegiň wajypdygyny belläp, bu wezipeleriň häzirki wagtda çylşyrymly bolandygyna garamazdan, Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Russiýanyň bilelikde bu maksatlary gazanmaga ep-esli täsir edip biljekdigine ynam bildirdi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen Russiýanyň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny hem-de işjeňleşdirilmegini hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hasaplaýar. Soňky ýyllarda ýurtlarymyzyň gatnaşmagynda birnäçe iri taslamalaryň başy başlandy. Ulag ulgamy bu gün aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň çäklerinden geçýän ygtybarly, durnukly, netijeli logistika ulgamynyň döredilmegi bu ugurda bilelikdäki hereketleriň esasy maksadydyr. Türkmenistan Hazar deňziniň gündogar kenarýakasynyň ugry boýunça Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň döredilmeginiň uly mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýar. Bu ulag geçelgesi ähli gatnaşyjylara uly peýda getirer. Şol bir wagtyň özünde oňa iri Ýewraziýa ulag taslamasynyň bir bölegi hökmünde seretmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we Hazar deňziniň üsti arkaly Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Russiýanyň arasynda göni ulag gatnawlaryny ýola goýmak üçin Hazar ulag-logistika merkeziniň ähmiýetine ünsi çekdi. Türkmenistan şu maksatlar üçin Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleriniň ulanylmagyny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada aýdyp, şunda ýurdumyzyň elektroenergetika aýratyn üns berýändigini belledi. Şunda hormatly Prezidentimiz döwletlerimiziň çägi boýunça elektrik energiýasyny ibermek, şeýle hem goňşy ýurtlara we sebitlere, ilkinji nobatda, günorta ugra çykmak meselesine seretmegi teklip etdi. Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak babatda-da has ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardyr. Döwlet Baştutanymyz şu barada aýdyp, ýurtlarymyzyň bilelikde toplan, şeýle-de täze tejribeleriniň, ylmy-tehniki gazananlarynyň esasynda birek-birege teklip edip biljek zatlarynyň bardygyna ynam bildirdi.

Innowasion ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýäris. Munuň özi içerki ösüş we halkara giňişlikde bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak üçin uly ähmiýete eýedir. Russiýanyň tehnologiýalar we innowasiýalar babatda giň halkara kooperasiýa gönükdirilen strategik ugruna ýokary baha berýäris. Biziň formatymyzda hem bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyna ynanýarys. Häzirki wagtda innowasion ösüş Türkmenistan üçin milli ykdysadyýeti we durmuş ulgamyny ösdürmegiň esasy hereketlendiriji güýçleriniň biri bolup çykyş edýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de ýurdumyzyň özara bähbitlilik esasynda senagat pudagyna, oba hojalyk toplumyna, şähergurluşyk, “akylly” şäherleri gurmak ulgamlaryna hyzmatdaşlaryň innowasion mümkinçiliklerini çekmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Ekologik deňagramlylygyň üpjün edilmegi Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň bilelikde köp meseleleri çözmeli ugurlarynyň biridir. Hazar deňziniň suw derejesiniň pese düşmegi, Araly halas etmek, senagatda we oba hojalygynda howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak çäreleri, daşky gurşawa zyňyndylary azaltmak bilen baglanyşykly meseleler hem-de beýlekiler şolaryň hataryndadyr.

Şu ýyl biziň ýurtlarymyz üçin aýratyn many-mazmuna eýedir. Biz Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyny bilelikde belläp geçdik. Bu waka hemişe halklarymyzy we döwletlerimizi birleşdirýän berk binýatdyr. Biz döwletara gatnaşyklarymyzda umumy taryhy mirasymyza, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, deňhukuklylyk taglymlaryna ygrarlylygymyza esaslanýarys, hemişe olaryň mizemez gymmatlyklardygyny tekrarlaýarys. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa bilen Russiýanyň arasynda ynsanperwer, ylym-bilim gatnaşyklarynyň ösdürilmegi möhüm bolup durýar. Bu gatnaşyklar hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrýar, geljek üçin berk esasy döredýär, ýurtlarymyzyň halklarynda, şol sanda ýaşlarda birek-birege hormat goýmagy terbiýeleýär. Biz bu oňyn meýilleri goldamalydyrys we höweslendirmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Türkmenistanyň hyzmatdaşlyga taýýardygyny hem-de “Merkezi Aziýa — Russiýa” ýaly hyzmatdaşlyk formatynyň möhümdigine, onuň uly kuwwatynyň bardygyna berk ynanýandygyny tassyklady.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon döwlet Baştutanymyza çuň manyly çykyşy üçin hoşallyk bildirip, çykyşda beýan edilen teklipleriň ähmiýetini belledi.

Hormatly Prezidentimiziň Täjigistan Respublikasyna iş sapary dowam edýär.

10.10.2025