Täzelikler
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissaryny kabul etdi

Aşgabat, 12-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikelany kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Ýewropa Bileleşiginde ykdysady özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Ýewropa komissaryny mähirli mübärekläp, myhmanyň ýurdumyza amala aşyrýan saparynyň dowamynda ýokary derejeli duşuşyklaryň geçiriljekdigini hem-de onuň sebitde uly portlaryň biri bolan Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp görjekdigini aýtdy we bu saparyň Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmaga, köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Soňky ýyllarda syýasy-diplomatik gatnaşyklar has-da işjeňleşdirilýär. Özara hyzmatdaşlygyň diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem, köptaraplaýyn esasda-da ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.

Ýurdumyzda ylym-bilim, ekologiýa, energetika ulgamlarynda, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek babatda hem Ýewropa Bileleşigi bilen birnäçe taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň geografik taýdan amatly çäkde ýerleşmegi bilen baglylykda, üstaşyr ulag geçelgelerini kämilleşdirmek strategik ähmiýete eýe bolýar. Şunda Türkmenistanda Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça geljegi uly ulag geçelgeleriniň işjeň ösdürilýändigi nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň aýratyn ähmiýetini belläp, onuň uly möçberli ýük akymlarynyň ýoluny we wagtyny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýändigini, Gara deňziň kenarlaryna, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Günorta Aziýa, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryna çykmak üçin amatly şertleri döredýändigini aýtdy we portuň Ýewraziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde ygtybarly köpri boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikela özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

13.03.2025
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gruziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Aşgabat, 7-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu duşuşyk netijeli döwletara dialoga täze itergi bermäge hem-de hyzmatdaşlygyň bar bolan kuwwatyny nazara almak bilen, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, “Açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirip, dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda Gruziýa bilen netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Geçen döwrüň dowamynda özara hyzmatdaşlygyň baý tejribesi toplandy.

Soňky ýyllarda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar türkmen-gruzin gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ygtybarly binýady emele getirdi. Şunuň bilen birlikde, döwletara dialogyň aýrylmaz bölegi hökmünde çykyş edýän parlamentara gatnaşyklar hem pugtalandyrylýar. Türkmenistanyň we Gruziýanyň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini bellemek gerek. Özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan iki ýurt bu mümkinçilikleri iş ýüzünde durmuşa geçirmegi maksat edinýär.

...Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň binasyna geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gruzin Hökümetiniň ýolbaşçysyny mähirli garşylady. Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gruziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Hökümetiniň Başlygyny myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Gruziýanyň ýurdumyzyň dosty we ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Premýer-ministr Irakliý Kobahidzäniň ýurdumyza şu gezekki saparynyň döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk döwletara dialogyň möhüm ugry bolup durýar. Energetika, senagat, saglygy goraýyş ulgamlaryndaky özara gatnaşyklarda oňyn netijeler gazanyldy.

Ulag-logistika pudagy hem hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan “Hazar deňzi — Gara deňiz”, “Lapis Lazuli”, “Ýaşyl” port ýaly taslamalary durmuşa geçirmäge we ösdürmäge gyzyklanma bildirýär. Bu strategik taslamalaryň amala aşyrylmagy Hazar deňziniň we Gara deňziň üsti bilen Aziýadan Ýewropa ýük daşamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, şunlukda, söwda-ykdysady, sebitara gatnaşyklary giňeltmäge ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz häzirki günde ýurtlarymyzyň türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny özara talaplara we mümkinçiliklere laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ýeterlik kuwwata eýediklerini belledi. Şunuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigi aýdyldy. Medeniýet we sungat, ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek hem-de tejribe alyşmak, bilelikdäki çäreleri, sergileridir maslahatlary geçirmek üçin uly mümkinçilikler bar.

Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilikli başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde Gruziýanyň goldawyna ýokary baha berilýändigini nygtady. Şol başlangyçlaryň biri-de 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky teklipdir. Bu teklip BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2024-nji ýylyň 21-nji martynda kabul eden Kararnamasy arkaly berkidildi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan ýokary wekilçilikli forumyň geçiriljekdigini we onuň taryhy sene — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigini belledi hem-de Premýer-ministr Irakliý Kobahidzäni bu ýokary derejeli çärä gatnaşmaga çagyrdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwilä mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Premýer-ministr Irakliý Kobahidze bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Gruziýanyň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy we dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Ol Prezident Mihail Kawelaşwiliniň döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirip, Gruziýanyň Bitarap Türkmenistanyň netijeli syýasatyna ýokary baha berýändigini, sebitde parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryny goldaýandygyny nygtady.

Irakliý Kobahidze syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini belläp, ulag-logistika, energetika pudaklarynda taslamalary durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem şu gün iki ýurduň wekiliýetleriniň duşuşygynda gol çekiljek ikitaraplaýyn resminamalaryň türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny ösdürmäge täze itergi berjekdigi nygtaldy.

Döwletara hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alyşmagyň dowamynda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Premýer-ministr Irakliý Kobahidze Türkmenistanyň we Gruziýanyň deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda alnyp barylýan uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

* * *

Şu gün Gruziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde iki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Olaryň gün tertibine dürli ulgamlardaky özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri girizildi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Bu ulgamda gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, işewür düzümleriň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek, täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň alyp barýan işiniň ähmiýeti bellenildi.

Ulag-kommunikasiýa pudagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Türkmenistan bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýelemek bilen, durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi hökmünde halkara multimodal üstaşyr ulag we logistika infrastrukturasyny döretmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär. Iki ýurduň geografik taýdan amatly ýerleşmegi bu strategik ugurda tagallalary birleşdirmek üçin oňyn mümkinçilikleri açýar. Energetika ulgamy hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugry bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan energiýa serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, sebit we ählumumy derejede energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen iri möçberli taslamalary amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Gruziýa tarapyndan tebigy gaz hem-de energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirildi.

Oba hojalygy we birnäçe beýleki pudaklar-da möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Medeni-ynsanperwer ulgam hem türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, sport babatda gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça netijeli özara hereketleri pugtalandyrmagyň möhümdigi nygtaldy.

Gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk Maksatnamasy; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gruziýanyň Hökümetiniň arasynda gümrük meselelerinde hyzmatdaşlyk we özara administratiw ýardam hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gruziýanyň Hökümetiniň arasynda ösümlikleri goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti we Gruziýanyň Sport ministrliginiň arasynda sport babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Şu gün Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary gruzin kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçirdiler. Olaryň dowamynda dürli pudaklarda özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

* * *

Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze resmi saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy.

Soňra dostlukly ýurduň Hökümet Baştutany Aşgabadyň günorta böleginde ýerleşýän “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumyna bardy. Mälim bolşy ýaly, bu toplum geçen ýylyň maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly açyldy. Köpetdagyň bu ajaýyp künjeginde beýik türkmen şahyrynyň ýadygärligi oturdyldy. Medeni-seýilgäh toplumynda dürli ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleri hem ýerleşdirildi. Munuň özi dana Pyragynyň şygyrlarynda wasp edilýän dost-doganlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň aýdyň beýany bolup durýar.

Premýer-ministr Irakliý Kobahidze görnükli gruzin şahyry Şota Rustaweliniň bu toplumda oturdylan ýadygärligine gül dessesini goýdy.

Gruziýanyň Hökümet Baştutany Türkmen halysynyň milli muzeýine hem baryp gördi. Muzeýde ýurdumyzyň dürli künjeklerinden ýygnalan, gözelligi, nepisligi babatda göreni haýrana goýýan halylar saklanýar. Halkymyzyň bu özboluşly sungaty asyrlaryň dowamynda aýawly saklanyp nesilden-nesle geçirilip gelinýär. Türkmen halyçylyk sungaty dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edilip, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna hem girizildi. Premýer-ministr Irakliý Kobahidze muzeýiň eksponatlary bilen tanşyp, türkmen halyçylarynyň zehininden dörän sungat eserleriniň özünde uly täsir galdyrandygyny belledi.

Gruziýanyň Hökümetiniň Başlygy Türkmenistana resmi saparyny tamamlap, Aşgabatdan ugrady.

08.03.2025
Türkmenistanyň Prezidentiniň Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

Aşgabat, 5-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudaniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi, iki ýurduň dostlukly halklaryny mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar we bu mübärek aýda ediljek doga-dilegleriň Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdiler.

Hormatly Prezidentimiz özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga, ynanyşmaga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini belledi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşide mähirli salamyny beýan etdi.

Dostlukly ýurduň Premýer-ministri hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize Yragyň döwlet Baştutany Abdul Latif Raşidiň mähirli salamyny ýetirdi hem-de ýurtda Türkmenistan bilen dost-doganlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän döwletara gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda türkmen-yrak hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça ösdürilýär. Muňa taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary umumy bolan iki halkyň köpasyrlyk gatnaşyklary binýat bolup hyzmat edýär. Türkmenistan we Yrak Respublikasy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeldýärler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýerýän daşary syýasy ugruny hem-de BMG-niň meýdançasynda, beýleki halkara düzümlerde öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin yrak tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny belläp, Türkmenistanyň Aşgabatda Yrak Respublikasynyň diplomatik wekilhanasynyň açylmagy we onuň netijeli işlemegi üçin ähli amatly şertleri döretmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady. Türkmenistan öz energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek syýasatyna berk eýerýär. Şunuň bilen baglylykda, iki ýyl mundan ozal Türkmenistan bilen Yragyň gaz pudagynda bilelikdäki işlere girişendikleri hem-de her ýyl 10 milliard kub metr türkmen tebigy gazyny goňşy Eýranyň çäginden “swap” usulynda Yraga ibermek boýunça düýpli ylalaşygyň gazanylandygy aýdyldy. Premýer-ministr Mohammed Şiýa Al Sudani Yrak Respublikasynyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklap, munuň üçin zerur işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda halkara forumyň geçiriljekdigini aýtdy we Premýer-ministr Mohammed Şiýa Al Sudanini bu wekilçilikli maslahata gatnaşmaga çagyrdy.

Dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygy çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, bu çärelere gatnaşmagyň özi üçin uly hormat boljakdygyny aýtdy. Şeýle-de ol Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini belledi.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlary boýunça hem pikir alyşdylar.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudani özara bähbitli döwletara dialogyň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

06.03.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Aşgabat, 21-nji fewral (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy.

Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmany myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekledi. Milli Liderimiz we Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan mähirli salamlaşyp, iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Belent mertebeli myhman bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Gahryman Arkadagymyza Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň hem-de ýurduň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň mähirli salamyny, Türkmenistanyň ähli halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de ol türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny ösdürmekde Milli Liderimiziň ägirt uly goşandyny aýratyn nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň Türkmenistana ýygy-ýygydan amala aşyrýan saparlarynyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň örän ýokary derejede alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýändigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Birleşen Arap Emirlikleri bilen döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar hemişe özara hormat goýmak, birek-birege goldaw bermek däplerine esaslanýar. Ýokary derejede amala aşyrylýan saparlaryň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy ony dürli ugurlar boýunça has-da ilerletmek üçin berk binýat bolup durýar. Şeýle hem medeniýet, ylym-bilim, sungat, döredijilik ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, özara Medeniýet günlerini, sergileri yzygiderli geçirmegiň wajypdygy bellenildi.

Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Bu şanly ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy giňden dabaralandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň geçiriljekdigini aýdyp, Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan üçin bu halkara foruma çakylyk hatyny gowşurdy hem-de onuň bu çärä gatnaşmagynyň uly ähmiýetini belledi.

BAE-niň wise-prezidenti Türkmenistanyň BMG-niň meýdançasynda öňe sürýän, parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny Birleşen Arap Emirlikleriniň hemişe goldaýandygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz we BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan birek-birege alyp barýan döwlet işlerinde uly üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdiler.

22.02.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Aşgabat, 21-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň hem-de wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň mähirli salamyny ýetirdi we BAE-de doganlyk Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýany mähirli mübärekläp, Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de dostlukly döwletiň ýokary derejeli wekiliýetiniň ýurdumyza amala aşyrýan saparlaryna hemişe ýokary baha berilýändigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1995-nji ýylda ýola goýuldy. Şondan bäri ikitaraplaýyn gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, maýa goýum, energetika, ulag-logistika, medeni-ynsanperwer ugurlarda yzygiderli ösdürilýär. Ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlar we gepleşikler arkaly syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk has-da pugtalandyrylýar.

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem ilerledilýär. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda dürli ugurlarda özara söwda dolanyşygynyň möçberiniň artýandygy aýdyldy. Hususan-da, ýurtlarymyz energetika, nebitgaz, ulag, oba hojalyk pudaklarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz, energetika, gurluşyk pudaklarynda iri taslamalary durmuşa geçirýär.

Köptaraply hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy we Birleşen Arap Emirlikleriniň halkara giňişlikdäki strategik maksatlary iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşant goşýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjу esasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. “Elbetde, munuň özi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň şanly 30 ýyllygy bilen gabat gelýär” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çakylyk hatyny gowşurdy hem-de onuň bu foruma gatnaşmagynyň ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga uly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

22.02.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

Aşgabat, 10-njy fewral (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Gahryman Arkadagymyz we Prezident Masud Pezeşkian mähirli salamlaşyp, hoşniýetli goňşuçylyga, dost-doganlyga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Milli Liderimiz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan, öz adyndan hem-de Türkmenistanyň ähli halkynyň adyndan Masud Pezeşkiany Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, dostlukly eýran halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Eýranyň döwlet Baştutanyna hormatly Prezidentimiziň mähirli salamyny ýetirdi.

Dostlukly ýurduň Prezidenti hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, Eýranda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda dürli ugurlarda özara gatnaşyklar alnyp barylýar. Ýurtlarymyz ählumumy gün tertibiniň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüş, ekologiýa ýaly möhüm ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de dowam etdirmek teklip edildi. Şu ýyl Türkmenistan üçin şanly wakalara beslenýär. Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy ýurdumyzyň teklibi esasynda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etdi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň başlangyjyny doly goldandygy we bu Kararnamanyň awtordaşlarynyň biri bolup çykyş edendigi üçin eýran tarapyna minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, ýurdumyzyň hem Eýranyň halkara giňişlikdäki işlerine uly hormat goýýandygyny we goldaýandygyny nygtady.

2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumy şu ýylyň iň esasy çäreleriniň biri bolar. Milli Liderimiz forumyň geçiriljek gününde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň belleniljekdigini aýdyp, Prezident Masud Pezeşkiany halkara Liderler forumyna we baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga çagyrdy hem-de onuň bu çärelere gatnaşmagynyň forumyň üstünlikli geçirilmegine uly goşant boljakdygyny nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýakyn wagtda resmi çakylyk hatynyň iberiljekdigini aýdyp, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly babatdaky tagallalaryny Eýranyň hem goldajakdygyna berk ynam bildirip, bu ugurda bilelikdäki çäreleri geçirmek barada maslahatlaşmagy teklip etdi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleriň geçirilmegini goldaýandygyny tassyklap, şu maksat bilen, ýakyn günlerde ýurdumyzyň daşary işler ministrini sapar bilen Eýrana ibermegi teklip etdi. Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn gatnaşyklar baradaky meselä ünsi çekip, geçen ýylyň awgustynda Eýrana amala aşyran iş saparynyň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, soňra oktýabrda Prezident Masud Pezeşkianyň Aşgabada bolan saparynda bu gepleşikleriň dowam etdirilendigini belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-eýran ykdysady hyzmatdaşlygynyň ähmiýetine üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygyny artdyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygy aýdylyp, bu mümkinçilikleri doly ulanmak teklip edildi. Şu nukdaýnazardan, Milli Liderimiz ýakyn wagtda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmegi teklip etdi we onuň gün tertibine Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda energetika, ulag, senagat we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumynyň girizilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Ýurtlarymyz ýangyç-energetika pudagynda köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edýärler diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady hem-de türkmen tebigy gazyny Eýranyň üsti bilen “swap” usuly arkaly Türkiýe Respublikasyna ibermek boýunça “BOTAŞ” kompaniýasy bilen ylalaşyk gazanylandygyny aýtdy. Şunuň bilen bir hatarda, Gahryman Arkadagymyz elektroenergetika pudagyndaky gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mary — Maşat elektrik geçirijisiniň taslamasynyň “Mary” döwlet elektrik bekedinden Eýranyň serhedine çenli aralygyny gurmak barada teklibi berendigine ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, bu babatda eýran tarapy bilen gepleşikler geçirildi we degişli hukuk resminamasyna gol çekildi. Taslamanyň eýran kompaniýalary tarapyndan amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.

Ulag pudagy hem hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan we Eýran Aziýa bilen Ýewropanyň, Hazar deňzi bilen Pars aýlagynyň arasynda geografik taýdan amatly ýerleşýär. Bu bolsa iki döwlet üçin ulag-logistika ulgamynda örän netijeli hyzmatdaşlyga ýol açýar. Şunuň bilen baglylykda, eýran serhedinden Türkmenistanyň Gumdag şäherine çenli çekiljek awtomobil ýolunyň ähmiýeti nygtaldy. Bu taslamany amala aşyrmak üçin degişli Ähtnama gol çekildi. Taslama boýunça eýran kompaniýasy potratçy bolup çykyş edýär. Şoňa görä-de, degişli döwlet edaralaryna, kompaniýalara bu taslamany durmuşa geçirmek üçin tabşyryk bermek teklip edildi.

Gahryman Arkadagymyz suw meselesine ünsi çekip, bu meseläniň sebitimiz üçin örän wajyp ähmiýete eýedigini aýtdy. Men geçen ýylyň dekabrynda Er-Riýad şäherinde geçirilen “Bitewi suw” sammitinde Türkmenistanyň suw meselelerine bolan garaýşyny açyk beýan etdim. Bu meselede üç sany esasy ýörelgä esaslanmak gerek. Birinjiden, halkara hukugyň kadalaryny berjaý etmek; ikinjiden, sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini göz öňünde tutmak; üçünjiden, bu meselä halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň gatnaşmagydyr diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we sebitiň suw meselelerini çözmek üçin Türkmenistan bilen Eýranyň bilelikde iş alyp barmagyny teklip etdi.

Hormatly Arkadagymyz ýene-de bir möhüm meselä — Hazar deňzindäki häzirki ýagdaýlara ünsi çekdi. Ýurtlarymyz bu ugurda ikitaraplaýyn we bäştaraplaýyn esasda hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek teklip edildi. Şu ýylyň 17-18-nji fewralynda Tähranda üçünji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Oňa Türkmenistandan ýokary derejeli wekiliýet gatnaşar diýip, Milli Liderimiz aýtdy we forumyň Hazar deňziniň ykdysady, durmuş, ekologiýa, ynsanperwer meselelerini çözmäge gönükdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýurtlarymyz bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyk saklaýarlar, özara Medeniýet günleri we beýleki çäreler yzygiderli esasda geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu tejribäni mundan beýläk-de dowam etdirmek teklip edildi. Geçen ýyl beýik türkmen şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede giňden bellenildi. Bu şanly sene mynasybetli Eýranda hem bilelikdäki medeni-köpçülikleýin çäreler geçirildi diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we munuň üçin eýran tarapyna ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşler edebiýat we sungat ugurlarynda bilelikdäki işleri işjeňleşdirmegiň, bu babatda iki ýurduň görnükli taryhy, edebi şahsyýetleriniň, tanymal sungat wekilleriniň ömri-döredijiligi hakynda maslahatlary geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtadylar. Şunuň bilen birlikde, ylym-bilim ulgamynda gatnaşyklary giňeltmegiň, hususan-da, tebigy bilimler, ýokary tehnologiýalar babatda tejribe alyşmagyň möhümdigine üns çekildi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, bu söhbetdeşligiň türkmen-eýran gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki dostlukly ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

11.02.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi bilen duşuşygy

Aşgabat, 5-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşima bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Ýaponiýada Türkmenistan bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi we pursatdan peýdalanyp, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň hem-de Premýer-ministri Sigeru Isibanyň Gahryman Arkadagymyza iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Milli Liderimiz myhmany mähirli mübärekläp, Imperator Naruhito hem-de Premýer-ministr Sigeru Isiba berk jan saglyk, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Akihisa Nagaşimanyň ýurdumyza amala aşyrýan saparynyň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga goşant boljakdygyna ynam bildirip, saparyň dowamynda geçiriljek gepleşikleriň netijeli bolmagyny arzuw etdi.

Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edendigini belledi we ýurdumyzyň bu başlangyjyny goldandygy üçin ýapon tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Diýarymyzda ýokary derejeli halkara forumyň geçiriljekdigini aýdyp, ýapon tarapyny bu iri çärä gatnaşmaga çagyrdy.

Myhman döwletara gatnaşyklary ösdürmekde özara saparlaryň möhüm ähmiýetini nygtap, Gahryman Arkadagymyzyň Ýaponiýa amala aşyran saparlaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen-ýapon gatnaşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda işjeň ösdürilýär. Ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, ol yzygiderli, durnukly we uzak möhletleýin häsiýete eýedir. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetine uly orun degişlidir. Geçen ýylyň dekabrynda ýurdumyzda bu komitetiň 15-nji mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlenildi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, mawy ýangyjyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ony gaýtadan işleýän senagaty ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Mälim bolşy ýaly, iri ýapon kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň gaz pudagynda, himiýa senagatynda netijeli iş alyp barýarlar. Ýaponiýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde gurlan önümçilik desgalarynyň önümleri ýurdumyzyň eksportynda uly orun tutýar. Bu önümlere içerki bazarda, şeýle hem daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýär. Gyýanlydaky polimer, Garabogazdaky karbamid, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän senagat toplumlary, “Maryazot” zawody bilelikde üstünlikli amala aşyrylan taslamalaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Akihisa Nagaşima ýapon kompaniýalaryna netijeli işlemek babatda döredilýän mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz häzirki wagtda hem ýurdumyzda ýapon kompaniýalary bilen bilelikde iri taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini aýdyp, Türkmenistanyň bu hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň aprelinde Ýaponiýanyň Osaka şäherinde “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisi geçiriler. Türkmenistan bu sergä gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýörite guramaçylyk topary döredilip, häzirki wagtda degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Milli Liderimiz ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini belledi we pursatdan peýdalanyp, “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitiniň hem-de “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda, halklary ýakynlaşdyrmakda hem-de medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda uly orny eýeleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýapon diliniň öwredilýändigini aýtdy we bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň, özara Medeniýet günlerini geçirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşima netijeli türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

06.02.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 29-njy ýanwar (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň okgunly we yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, soňky ýyllarda onuň köp ulgamlary öz içine alýandygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, gyrgyz Liderine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň salamyny ýetirdi. Prezident Sadyr Žaparow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berip, Gyrgyzystanyň özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de, öz gezeginde, hormatly Prezidentimize mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Ýurtlarymyz halkara giňişlikde ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça, şol sanda dünýäde we sebitde howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, ekologiýa, suw meselesi ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin gyrgyz tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Biz Gyrgyzystanyň şeýle garaýşyna, özara düşünişmäge we ynanyşmaga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyza ýokary baha berýäris diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek barada kabul edilen Kararnamany Gyrgyzystanyň goldandygyny aýratyn belledi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan hem, öz gezeginde, dostlukly ýurduň BMG-niň çägindäki halkara başlangyçlaryny, hususan-da, ekologik meseleler boýunça başlangyçlaryny goldaýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan hyzmatdaşlygyň bu ugruna aýratyn ähmiýet berýär hem-de döwletleriň we halkara guramalaryň bu babatdaky tagallalarynyň, şol sanda buzluklaryň eremegi, dag ösüşi ýaly meseleleriň giň toplumynda tagallalaryň birleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär. Biz bu meseleleri BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly gün tertibine girizmek babatda Gyrgyzystanyň çemeleşmelerini goldaýarys diýip, Milli Liderimiz aýtdy. Türkmenistan sebitde tebigaty we ekologik gurşawy goramaga gönükdirilen çäreleri goldaýar. Munuň özi suw serişdelerini ýurtlarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň bähbidine rejeli hem deňagramly peýdalanmaga mümkinçilik berer.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Er-Riýadda geçirilen “Bitewi suw” sammitinde Türkmenistanyň suw meseleleri boýunça öz garaýyşlaryny beýan edendigini aýdyp, ýurdumyzyň Gyrgyzystan bilen bilelikde bu meseleleri çözmäge işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady. Ekologik deňagramlylyk babatda aýdylanda, ýurdumyzyň ýakynda Gyrgyzystanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Dag barsynyň halkara gününi yglan etmek baradaky Kararnamasyny goldandygyna üns çekildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Munuň özi iri halkara guramanyň çäginde ýurtlarymyzyň arasyndaky özara düşünişmegiň ýokary derejesine şaýatlyk edýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigi bellenildi. Hökümet, diplomatik, pudak edaralary derejesinde yzygiderli gatnaşyklar alnyp barylýar. 2021-nji ýylyň iýunynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistana amala aşyran sapary bilelikdäki hereketlere kuwwatly itergi berdi. Saparyň dowamynda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek barada möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Taraplaryň tagallalary netijesinde bu ylalaşyklar durmuşa geçirilýär. Munuň özi iki ýurduň ykdysady ösüşine uly goşant goşýar, şeýle hem sebitdäki ýagdaýa oňyn täsirini ýetirýär. Gahryman Arkadagymyz iki ýurduň energetika pudagyndaky özara bähbitli, netijeli hyzmatdaşlygyny belläp, türkmen tarapynyň ony mundan beýläk-de ösdürmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady. Söhbetdeşler türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň uly kuwwatynyň bardygyny aýdyp, bu kuwwaty iki ýurduň, tutuş sebitiň ösüşiniň bähbidine durmuşa geçirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýylyň Türkmenistan üçin möhüm wakalara beslenýändigine ünsi çekdi. 2025-nji ýylda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenilýär, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy boýunça bu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2025-nji ýylyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy işlenip taýýarlanyldy. Konsepsiýada Türkmenistanyň ählumumy we sebit ösüşiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarydyr çemeleşmeleri, ýurdumyzda, BMG-niň, beýleki halkara guramalaryň meýdançalarynda geçiriljek iri halkara çäreleriň meýilnamalary beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyz Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçiriljek foruma çagyryp, Sadyr Žaparowyň oňa gatnaşmagynyň bu çäräni üstünlikli geçirmäge möhüm goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Prezident Sadyr Žaparow, öz gezeginde, Milli Liderimizi islendik amatly wagtda Gyrgyz Respublikasyna sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow iki ýurduň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändiklerini belläp, doganlyk halklara parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler.

30.01.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktoryny kabul etdi

Aşgabat, 23-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktory, Sportuň suwdaky görnüşleri boýunça bütindünýä guramasynyň prezidenti Huseýn Al-Musallamy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Türkmenistanyň sporty ösdürmek boýunça tagallalaryna ýokary baha berýändigini belledi. Şeýle hem ol Olimpiýa hereketini ösdürmäge, halkara derejeli türgenleri ýetişdirmäge berýän goldawlary üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktoryny mähirli mübärekläp, onuň saparynyň Türkmenistan bilen bu düzümiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigini belledi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, bu ugurda giň halkara hyzmatdaşlygy alyp barmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan Olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwer ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, sport ulgamynda sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edip, bu babatda anyk çäreleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyz Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, ýöriteleşdirilen federasiýalar we beýleki abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bu bolsa Türkmenistanda sport diplomatiýasynyň giňden goldanylýandygynyň aýdyň güwäsidir. Ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilendigi muňa mysal hökmünde görkezildi.

Şeýle hem 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen her ýylyň 3-nji iýunyny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etmek barada kabul eden Kararnamasynyň ähmiýeti nygtaldy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara sport ýaryşlary arkaly milli medeni hem-de ruhy gymmatlyklarymyz, ajaýyp däp-dessurlarymyz, ykdysady kuwwatymyz, ylym, bilim, sungat ulgamlaryndaky ösüşlerimiz dünýä ýaýylýar.

Söhbetdeşler Türkmenistanda sportuň suwdaky görnüşlerini ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sportuň bu görnüşleri dünýäde giňden ýaýrandyr we jemgyýetde berk bedenli, sagdyn şahsyýetleri ýetişdirmäge ýardam berýär.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge goşýan uly şahsy goşandy hem-de bu ugurda ýurdumyzyň başlangyçlaryna hemişe goldaw berýändigi üçin Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktory, Sportuň suwdaky görnüşleri boýunça bütindünýä guramasynyň prezidenti Huseýn Al-Musallama minnetdarlyk bildirip, oňa berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

24.01.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Buig” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygyna saparynyň çäklerinde «Buig» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy.

Işewür duşuşmaga wagt tapandygy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de amala aşyrylýan giň gerimli taslamalary, ilkinji nobatda, ak mermerli Aşgabadyň binagärlik keşbini özgertmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtady. Şeýle-de ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Milli Liderimiziň Monako saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň Marten Buige salamyny ýetirdi we iri daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýurdumyzyň daşary ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. “Buig” kompaniýasy Türkmenistanyň öňden gelýän hem-de ygtybarly işewür hyzmatdaşy bolup durýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýyl ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýändigini, bu şanly sene mynasybetli möhüm çäreleriň geçiriljekdigini nygtady. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň makullamagynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetine üns çekildi.

Hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň dowamynda Marten Buig ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynda Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylan dünýä ähmiýetli taslamalarda hemişe türkmen halkynyň Milli Lideriniň gymmatly maslahatlaryndan, tekliplerinden ugur alynýandygyny belledi we kompaniýanyň geljegi uly türkmen bazarynda mundan beýläk-de öz ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Gahryman Arkadagymyz fransuz kompaniýasynyň ýurdumyzda durmuşa geçirýän işlerine ýokary baha berip, Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Aşgabat okgunly ösmek hem-de häzirki zaman megapolisine öwrülmek bilen, sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ornuny ynamly pugtalandyrýar. Halk Maslahatynyň Başlygy öňdebaryjy binagärlik, inženerçilik-tehniki pikiriň, milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleriniň sazlaşdyrylmagynyň, bu işlere döredijilikli çemeleşilmeginiň, innowasion tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagynyň, ekologik howpsuzlyk kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm ugrudygyny, şunda bina edilýän desgalaryň ýokary hil derejesiniň, olaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagynyň üýtgewsiz talap bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, Milli Liderimiz Türkmenistanyň sanly ulgam boýunça hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini hem-de “Buig” kompaniýasynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda işewür kompaniýa bildirilýän uly ynam üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, “Buig” kompaniýasynyň geljekde hem öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryna jogapkärli çemeleşjekdigine, taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

(TDH)

22.01.2025
Türkmenistan — Monako: dostlukly gatnaşyklary pugtalandyryp

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygyna sapary

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako saparynyň dowamynda 20-nji ýanwarda Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen duşuşyk geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda amala aşyrýan bu sapary döwletara dialogy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Mälim bolşy, Türkmenistan bilen Monakonyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 2015-nji ýylda ýola goýuldy. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän şu ýylda ýurtlarymyzyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklara 10 ýyl dolýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynda ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine öňe sürýän başlangyçlaryny Monakonyň yzygiderli goldap gelýändigini bellemek gerek.

...Milli Liderimiziň awtoulag kerweni Monakonyň Şazadasynyň köşgüne bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi garşylamak dabarasy boldy. Köşgüň “Hormat garawuly” otagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň hem-de Şagyzy Stefaniýanyň bilelikde ýadygärlik surata düşmek dabarasy boldy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz bilen Şazada Alber II-niň ikiçäk duşuşygy geçirildi.

Alber II türkmen halkynyň Milli Liderini mübärekläp, Monako gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň ählumumy gün tertibiniň meselelerini çözmekde başlangyçly orny eýeleýändigini, munuň bolsa iki ýurduň arasyndaky dialogy özara bähbitlilik we uzak möhletleýinlik esasynda işjeňleşdirmek üçin möhüm şert bolup durýandygyny belledi.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, halkara syýasatyň gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri boýunça pikir alşyp, iki ýurduň özara hyzmatdaşlygyny, şol sanda ony abraýly halkara guramalaryň çäklerinde giňeltmäge ygrarlydygyny tassykladylar. Şeýle hem taraplar ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň, iki ýurduň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, sirk sungaty babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigi bellenildi. Nygtalyşy ýaly, dünýä syýahatçylygynyň Türkmenistana barha artýan gyzyklanmasy nazara alnanda, Monakonyň syýahatçylyk ulgamynda ýeten sepgitleri bu ugurda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge hem-de özara bähbitli tejribe alyşmaga itergi berip biler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Şazada Alber II iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, döwrüň talabyna hem-de dostlukly halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmalydygyny nygtadylar.

Soňra duşuşyk iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II belent mertebeli myhmany hem-de ýurdumyzyň wekiliýetini mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip, sapar bilen gelendigi üçin Gahryman Arkadagymyza ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi hem-de Monakonyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu saparyň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýändigi nygtaldy. Alber II Türkmenistanyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtap, ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilikli syýasatynyň Monakoda goldanylýandygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Şazada Alber II-ä Monako Knýazlygyna gelmäge çakylygy hem-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik we hormat üçin minnetdarlygyny beýan edip, hormatly Prezidentimiziň salamyny, hormat goýýandygy baradaky sözlerini ýetirdi. Gahryman Arkadagymyz 2015-nji ýylyň aprelinde Koreýa Respublikasynda Bütindünýä suw forumynyň çäklerinde Şazada Alber II bilen geçiren duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, onuň örän peýdaly bolup, netijeli pikir alyşmaga mümkinçilik berendigini belledi. Nygtalyşy ýaly, şol duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we ony ösdürmek üçin mümkinçilikler kesgitlenildi. Halk Maslahatynyň Başlygy 2015-nji ýylyň awgustynda Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak baradaky karara gelinmeginiň şol gepleşikleriň möhüm netijeleriniň biri bolandygyny aýtdy.

Şeýlelikde, şu ýyl bu möhüm kararyň kabul edilmegine 10 ýyl dolýar we meniň pikirimçe, bu ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek, iki halkyň bähbidine anyk işler bilen onuň üstüni ýetirmek üçin gowy sebäp bolup durýar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek, täze howplara garşy göreşmek ugrunda bilelikde işlemek babatda mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň dürli ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynda öňe süren halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin Monako Knýazlygyna minnetdarlyk bildirip, munuň ählumumy ösüşiň möhüm meselelerine iki ýurduň garaýyşlarynyň meňzeşdigini görkezýändigini, özara düşünişmäge, hyzmatdaşlygy ilerletmäge ýardam edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyna ünsi çekip, ýurdumyz tarapyndan bu döwürde dünýä syýasatynda parahatçylyk ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyna, dartgynlylygy peseltmek üçin şertleri döretmäge, möhüm meseleleri çözmekde jogapkärli hem-de netijeli çemeleşmelere geçmäge gönükdirilen birnäçe wekilçilikli halkara forumlaryň geçiriljekdigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Şazada Alber II-ni Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan foruma gatnaşmak üçin Aşgabada çagyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu forumyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljekdigine ünsi çekip, türkmen halkynyň gadyrly we hormatly myhmanlarynyň hatarynda Şazada Alber II-ni görmäge şat boljakdygyny aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy bu duşuşygyň birnäçe möhüm ugurlardaky özara hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda amatly pursat hasaplanýandygyny, şolaryň hatarynda daşky gurşawy goramak meselesini aýratyn belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Monakonyň “ýaşyl başlangyjy” durmuşa geçirip, Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň ýolbaşçylygyndaky gaznanyň suw gurşawynda ummanlary we biodürlüligi goramak ugrunda köp işleri durmuşa geçirýändigini nygtady hem-de Türkmenistanyň bütin dünýäde howanyň ýagdaýy boýunça gün tertibiniň şu we beýleki ugurlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmäge taýýardygyny tassyklady.

Hyzmatdaşlygyň ýene bir ugry medeni-ynsanperwer ulgam bolup biler diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi hem-de Şazada zenan Greýsiň gaznasy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň uly geljeginiň bardygyny belledi. Milli Liderimiz söwda-ykdysady ulgam barada aýdyp, hususy telekeçilikde, syýahatçylyk, maliýe babatda uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy hem-de hyzmatdaşlyk we iş gatnaşyklary üçin usullary döretmek mümkinçiligine seretmegi teklip etdi.

Hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi älem giňişligidir. 10 ýyl mundan ozal Monako Knýazlygy «TürkmenÄlem52oE» türkmen emeli hemrasynyň kosmosa çykmagy üçin uçjak ugruny beripdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ikitaraplaýyn şertnamanyň möhletiniň 2030-njy ýylda dolýandygyny aýdyp, oňyn tejribä esaslanyp, ýurdumyzyň hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady. Gahryman Arkadagymyz häzirki wagtda Türkmenistanyň ikinji emeli hemrany döretmegiň üstünde işleýändigini aýtdy we ony älem giňişligine çykarmaga taýýarlamakda bilelikde işlemek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Medeni hyzmatdaşlygyň wajypdygyna we ony ösdürmäge uly üns berýäris. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary şu günler Monte-Karloda dowam edýän halkara sirk sungaty festiwalyna gatnaşýar. Munuň özi Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we ýurdumyzyň bu gatnaşyklary has-da ösdürmäge, täze ugurlar bilen giňeltmäge taýýardygyny nygtap, başga-da özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň bardygyna ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sporty geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitledi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda sporta uly üns berilýär. Ýurdumyzda iri sport çäreleri yzygiderli geçirilýär we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ençeme döwrebap toplumlar, desgalar guruldy. Aşgabat “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edildi. Gahryman Arkadagymyz Şazada Alber II-niň sport hereketiniň we giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň tarapdarydygyny, onuň tagallalary bilen Monako Knýazlygynyň 2025-nji ýylda “Dünýäniň sport paýtagty” diýen hormatly ada eýe bolandygyny nygtady hem-de bu möhüm ugurdaky tagallalary birleşdirmek üçin ýurtlarymyzda bar bolan mümkinçilikleri we tejribäni sporty ösdürmek babatda ulanmagy teklip etdi.

Sözüniň ahyrynda Milli Liderimiz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Monakonyň taryhyna, medeniýetine uly hormat goýýandygyny we halkara syýasat boýunça döredijilikli garaýyşlaryna ýokary baha berýändigini belledi hem-de ýurdumyzyň ýakyn gatnaşyklara, özara bähbitli hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.

Şazada Alber II çuň manyly çykyşy hem-de öňe süren teklipleri üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny beýan edip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Ol ýurtlarymyzyň arasynda gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi hem-de öz ýurdunyň ony täze ugurlar boýunça ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Giňişleýin düzümdäki duşuşyk tamamlanandan soňra, sowgatlary alyşmak dabarasy boldy. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň täze tapgyryna özboluşly badalga bermek bilen, birek-biregiň medeni mirasyna, däp-dessurlaryna gyzyklanma bildirmegiň hem-de özara hormat goýmagyň nyşanyna öwrüldi. Bu dabara beýleki ugurlar bilen bir hatarda, medeni gatnaşyklaryň hem giňeldilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini görkezdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz we Şazada Alber II resmi wekiliýetleriň agzalary bilen tanyşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monakonyň Şazadasynyň köşgüniň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Günüň ikinji ýarymynda Gahryman Arkadagymyz Monakonyň Okeanografiýa muzeýine baryp gördi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri mähirli garşylanyldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, ilki bilen, Okeanografiýa muzeýiniň taryhy, Monako Knýazlygynyň ozalky Şazadasy Alber I-niň okeanografiýa boýunça geçiren taryhy we ylmy işleri bilen tanyşdyryldy.

Monakonyň Okeanografiýa muzeýi 1910-njy ýylda Şazada Alber I tarapyndan döredildi we ol dünýäniň öňdebaryjy okeanografiýa hem biologiýa ugurly muzeýleriniň biri bolup durýar. Muzeý Ortaýer deňziniň kenaryndaky kert gaýada, 85 metr belentlikde ýerleşýär. Onuň içinde dürli ýöriteleşdirilen bölümler bar. Ummanlaryň ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek hem-de goramak bu muzeýiň esasy maksadydyr.

Şazada Alber I öz döwrüniň görnükli alymy bolupdyr. Onuň ylmy-barlag işleri köp ulgamlary, şol sanda okeanografiýany, geografiýany, tebigy ylymlary öz içine alýar. Ol 1889-njy ýylda Monakoda Okeanografiýa stansiýasyny esaslandyrýar. Soňra bu stansiýa deňiz biologiýasyny we okeanografiýany ylmy taýdan öwrenmek üçin merkez bolýar. Şazada Alber deňiz çuňluklaryny öwrenmäge gönükdirilen ekspedisiýalary işjeň goldapdyr we olaryň birnäçesine özi hem gatnaşypdyr.

Soňra Gahryman Arkadagymyza muzeýiň akwarium bölüminde dünýäniň dürli ýerlerinden getirilen balyklar, suwda ýaşaýan beýleki jandarlar we deňiz ösümlikleri barada gürrüň berilýär. Bu ýerde olaryň 6 müňden gowrak görnüşi bar. Deňiz ekoulgamlary bölüminde dürli ekoulgamlar, olaryň birek-birek hem-de daşky gurşaw bilen özara baglanyşygy barada gürrüň berýän eksponatlar ýerleşdirilipdir. Şeýle-de muzeýde birnäçe sergi zallary, şol sanda deňiz ekoulgamlarynyň köpdürlüligi barada maglumat berýän, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi ýaly meselelere bagyşlanan sergi zallary bar. Muzeý ylmy-barlag işlerine işjeň gatnaşyp, deňiz biologiýasyny öwrenmek, deňiz gurşawyny goramak meselelerine aýratyn üns berýär. Bu ýerde ýaş alymlar üçin ummanlaryň haýwanat we ösümlik dünýäsini içgin öwrenmäge gönükdirilen açyk umumy sapaklar, okuw maslahatlary, ussatlyk sapaklary yzygiderli geçirilýär.

...Daşky gurşawy goramak hem-de tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlan we hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň yzygiderli esasda ösdürilmegi ugrunda tagalla edýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan häzirki we geljek nesilleriň bähbidine ählumumy ekologiýa meselelerini, şol sanda Hazar deňzi bilen baglanyşykly meseleleri netijeli çözmek başlangyçlary bilen çykyş edýär. Ýurdumyz bu ugurda parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, milli we umumy bähbitleri nazara almak, sebitde deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek, Hazarýaka döwletleriň köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar bilen baglanyşan halklarynyň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrmak ýörelgelerine esaslanýan syýasaty amala aşyrýar.

Tebigatyň täsinligi bolan Hazar deňzi dünýäde umman gelip çykyşy bolan iň iri içerki suw howdanydyr. Ol biziň günlerimize çenli öz ajaýyp gözelligini, tebigy künjekleriniň köpdürlüligini, baý ösümlik we haýwanat dünýäsini saklap gelen genji-hazynadyr. Hazar deňziniň ösümlik hem haýwanat dünýäsiniň köp görnüşleri endemik, ýagny diňe şol ýere degişli bolup, sebitiň biologik dürlüliginiň gymmatly genofondyny düzýär. Hazar deňziniň sebitinde ýaşaýan halklaryň, tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine tebigatyň beren bu peşgeşini gorap saklamak, ýurdumyzda amala aşyrylýan ekologiýa maksatnamalarynyň hem-de taslamalarynyň esasyny düzýär.

Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenarýaka zolagynyň tebigatyny goramak boýunça çäreleri düzgünleşdirýän birnäçe resminamalara, şol sanda BMG-niň suwda ýüzýän guşlaryň ýaşaýan ýerleri hökmünde halkara ähmiýeti bolan suw-batgalyk ýerler hakynda Konwensiýasyna (Ramsar Konwensiýasy), Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa (Tähran Konwensiýasy) goşulandygyny bellemek gerek. Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň we beýleki iri forumlaryň münberinden beýan eden hem-de daşky gurşawy, şol sanda Hazar deňziniň ekologiýasyny goramagyň ygtybarly ulgamyny döretmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary halkara bileleşigiň giň goldawyna eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu ugurda öňe süren teklipleriniň hatarynda Hazar deňziniň daşky gurşawyny, onuň bioserişdelerini gorap saklamak, birnäçe ekologiýa meselelerini çözmek bilen baglanyşykly wezipeleriň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlyk etmäge halkara meýdança boljak «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek baradaky teklibiň bardygyny nygtamak gerek. Şeýle hem ýurdumyz deňiz gurşawynyň ekologik howpsuzlygyny üpjün etmek, Hazar deňziniň bioserişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak baradaky garaýyşlarynyň, bu ugurda bilelikde işlemegiň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, Hazarda ylmy barlaglary geçirmek hakynda ylalaşygy işläp taýýarlamak başlangyjyny öňe sürdi.

Hazaryň kenarynda dünýä derejesindäki şypahana toplumynyň — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi sebitiň mineral-çig mal, biologiýa, şypahana-dynç alyş, syýahatçylyk mümkinçilikleri peýdalanmaga toplumlaýyn hem-de oýlanyşykly çemeleşmegiň nusgasy bolup hyzmat edýär. Halkara ekologik talaplara laýyk gelmegi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky şypahanalaryň we myhmanhanalaryň, senagat kärhanalarynyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Bu ýerde täze seýilgähleriň, ýaşyl zolaklaryň döredilmegi netijesinde has amatly howa gurşawy emele gelýär.

...Gahryman Arkadagymyz muzeýiň ýolbaşçylaryna işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden Nissa şäheriniň Halkara howa menziline ugrady. Bu ýerde Milli Liderimiz Monte-Karlodaky halkara sirk sungaty festiwalynda çykyş eden «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy.

Hormatly Arkadagymyzyň Monakoda saparda bolýan günlerinde at üstündäki oýunlar topary halkara sirk festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Munuň özi ýurdumyzda Milli Liderimiziň başlangyjy bilen täzeden dikeldilen türkmen sirk sungatynyň dünýä derejesine çykýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyz «Galkynyş» toparynyň agzalaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň dünýä ýurtlary, şol sanda Monako Knýazlygy bilen medeni hyzmatdaşlygy giň gerim bilen ösdürýändigini, milli atçylyk sportuny ösdürmek ugrunda giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Milli Liderimiz Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalyna «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gatnaşmagynyň türkmen halkyny diýseň buýsandyrýandygyny, behişdi bedewlerimiziň ençeme asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ýakyn syrdaşy bolmak bilen, ýurdumyzyň ösüşleriniň beýanyna öwrülendigini aýtdy.

Bellenilişi ýaly, ata-babalarymyzyň «At — myrat», «Atym bar — ganatym bar» diýen parasatly sözleri halkymyzyň bedewlere goýýan hormatyndan nyşandyr. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, olaryň baş sanyny artdyrmak ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary 2007-nji ýylda döredildi. Toparyň işi bu günki günde has-da kämilleşdi. «Galkynyş» toparynyň agzalary ahalteke bedewlerinde çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýärler. At üstünde täsin oýunlary görkezýärler.

Milli Liderimiz bu toparyň ençeme halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, baş baýraklara mynasyp bolandygyny, dünýäniň çar künjünde türkmen tuguny belende göterendigini, dürli ýurtlarda geçirilen halkara sirk festiwallarynda 5 gezek baş baýraga mynasyp bolup, dünýä çempiony diýen belent derejä eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Ynha, bu gün hem Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda türkmen tuguny belentde parladyp, baş baýraga mynasyp bolduňyz. Ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýdyňyz. Siziň geljekde hem halkara bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, milli atçylyk sungatymyzyň şan-şöhratyny beýgeltjekdigiňize berk ynanýaryn diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz «Galkynyş» toparynyň agzalaryny täze ýylyň — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda gazanan uly üstünligi, beýik ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiz tarapyndan 2007-nji ýylda döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysy bolup işlän, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň halk atşynasy, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew toparyň dünýäniň dürli ýurtlarynda çykyş edip, ýeňişleri gazanandygyny hem-de bu ýeňişleriň Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçilikleriniň aýdyň netijesidigini buýsanç bilen belledi.

Nygtalyşy ýaly, “Galkynyş” topary birnäçe ýyllap Monte-Karloda geçirilýän halkara sirk sungaty festiwalyna gatnaşyp, onda ýeňiş gazanmagyň arzuwynda bolupdy. Bu gün bolsa yzygiderli yhlasyň, irginsiz türgenleşigiň netijesinde şol arzuw hasyl boldy hem-de Türkmenistanyň ýaşyl tugy belentde parladyldy. Gahryman Arkadagymyzyň toparyň agzalary bilen duşuşyp, olary gazanan ýeňşi bilen gutlamagy toparyň türgenlerini uly üstünliklere ganatlandyryp, çäksiz buýsanç döretdi.

P.Baýramdurdyýew pursatdan peýdalanyp, toparyň ähli agzalarynyň adyndan Milli Liderimizi hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy gazanylan ýeňiş bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de hoşallyklaryny beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny gazanan ajaýyp ýeňşi bilen ýene-de bir gezek gutlady hem-de olara üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Nissa şäheriniň Halkara howa menzilinden Watanymyza ugrady.

Birnäçe sagatdan soňra, Gahryman Arkadagymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Milli Liderimizi ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.

Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeş bolup, Monako Knýazlygyna amala aşyran saparynyň hem-de onuň dowamynda geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň ähmiýetini belledi. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, bu sapar Ýewropa ýurtlary, şol sanda Monako Knýazlygy bilen gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam eder hem-de Türkmenistanyň we Monakonyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny açar. Gahryman Arkadagymyz şular barada aýtmak bilen, bu saparyň hem-de onuň dowamynda geçirilen gepleşikleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmelidigini aýdyp, bu babatda metbugat wekilleriniň öňünde möhüm wezipeleriň durýandygyny aýratyn nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

(TDH)

22.01.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 7-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stanislaw Çepurnoýy kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny, şeýle-de däp bolan dostlukly döwletara dialoga ygrarlylyk baradaky sözlerini ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz belarus Liderine mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, Stanislaw Çepurnoýy jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Belarusuň doly ygtyýarly wekiliniň öz wezipesini ýerine ýetirýän döwründe ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-belarus gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzyň diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde, halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, GDA-nyň çäklerinde işjeň gatnaşyk edýändikleri kanagatlanma bilen bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, döwletara ynsanperwer hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň hem-de Belarus Respublikasynyň ylym-bilim, sport, medeniýet, sungat ulgamlaryndaky ýakyn hyzmatdaşlygy iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Diplomat döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi we jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edendigi üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, däp bolan türkmen-belarus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmek hem-de iki dostlukly ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

08.01.2025