Новости
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi

Aşgabat, 31-nji oktýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi. Mejlise Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köp sanly ýaşlar gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 24-nji sentýabrda geçirilen taryhy mejlisinden soňra alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem geljek üçin wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri mejlisiň gün tertibini yglan edip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy K.Babaýewe söz berdi. Ol ählihalk forumynyň jemleri boýunça ýerine ýetirilen işler baradaky hasabat bilen çykyş etdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde türkmenistanlylaryň agzybirligini, jebisligini berkitmek, döwlet ähmiýetli meseleleri jemgyýetçilik wekilleri bilen maslahatlaşyp çözmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy sazlaşykly ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak wezipeleriniň degişli derejede amala aşyrylmagy zähmetsöýer halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrdy.

Şeýle hem umumymilli forumda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň Mejlisi we beýleki döwlet edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde alyp barýan işleri barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň taryhy-syýasy ähmiýeti, onuň ýurdumyzyň durmuşynda eýeleýän orny barada döwlet edaralarynda, okuw jaýlarynda maslahatlar geçirilýär we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyşlar guralýar.

Gahryman Arkadagymyz hukuk medeniýetini kämilleşdirmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli dowam etdirilmelidigini belläp, ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Bu ugurdaky işler täze taryhy döwrüň ruhuna we talabyna laýyk derejede dowam etdirilmelidir.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow bilim-ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi. Hasabatda bilimli, giň gözýetimli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak üçin amala aşyrylýan çäreler, şeýle hem öňde durýan wezipeler barada aýdyldy.

Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ýokarda agzalan ulgamlary hem kämilleşdirmäge, dolandyryş düzümlerini, degişli kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Şunda milli we dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini işjeň özleşdirmek, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we bu ugurda alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmek boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren asylly başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda häzirki zaman ylmynyň we tehnologiýalarynyň gazananlaryny ornaşdyrmak, dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ylymly-bilimli, sagdyn nesilleri terbiýelemek, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny kämilleşdirmek, bilim ojaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini nygtady.

Lukman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasy adamlaryň saglygyny goramak, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligini artdyrmak, keselleriň öňüni almak, paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we welaýatlarda halkara talaplara laýyk gelýän keselleri anyklaýyş-bejeriş merkezlerini, hassahanalary, şypahanalary, derman serişdelerini öndürýän kärhanalary gurmak meselelerini öz içine alýar. Şeýle hem wise-premýer Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalaryň we bejergileriň geçirilendigini, bu işleriň netijeli dowam etdirilýändigini aýtdy.

Parahatçylygyň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda Olimpiýa hereketini, ýokary netijeli sporty we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça döwlet derejesinde işleriň geçirilýändigini belläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin bilelikdäki tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy. Wise-premýer Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýokarda agzalan ulgamlary ösdürmek barada edýän aladalary üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek, ylym ulgamyny yzygiderli ösdürmek we oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Ýaş türkmenistanlylary ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmegiň, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmagyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekip, alym Arkadagymyz bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ýaşlaryň saýlap alan hünärine eýe bolmaklary we ähli ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri ugrunda zerur mümkinçilikleriň döredilýändigini belläp, bu ugurda bar bolan şertlerden netijeli peýdalanmak ugrunda ähli tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Şunda ýaşlaryň durmuşyň islendik ugurlaryndan baş alyp çykmaklary üçin olara berilýän bilim-terbiýe döwrebap bolmalydyr. Her bir mugallym ösüp gelýän ýaş nesillere bilim-terbiýe bermek işine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmelidir. Munuň özi bilimli, maksada okgunly, durnukly ýaş nesli kemala getirmäge mümkinçilik berer.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýewe söz berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň önüm öndürijilerine döwlet derejesinde berilýän goldawlaryň netijesinde içerki sarp edijileri Türkmenistanda öndürilýän önümler bilen üpjün etmek, söwdanyň medeniýetini ýokarlandyrmak, bu ugurda telekeçileriň işjeňligini artdyrmak ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şunuň bilen baglylykda, çörek, et önümleriniň, towuk etiniň, ýumurtganyň, süýt we süýt önümleriniň, pagta ýagynyň, süýji-köke, gök-bakja önümleriniň, miwe suwlarynyň, alkogolsyz içgileriň öndürilýän möçberi artdyrylýar.

Şeýle hem hususy önüm öndürijileriň ýurdumyzyň eksport ulgamynyň artmagyna mynasyp goşant goşýandygyny belläp, wise-premýer bu işleri mundan beýläk-de ösdürmek, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak ugrunda maksatnamalaýyn işleriň yzygiderli dowam etdirilýändigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza telekeçilige döwlet derejesinde goldaw berilýändigi, söwda ulgamyny kämilleşdirmek meselelerine uly üns gönükdirilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň berkidilmeginiň, dürli görnüşli önümleriň bolçulygynyň döredilmeginiň, içerki sarp edijileriň gündelik durmuşda ulanylýan harytlar bilen üpjün edilmeginiň möhüm talapdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda öndürilýän önümleriň bolçulygynyň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir. Şol bir wagtyň özünde, söwdanyň medeniýeti ýokarlandyrylmalydyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde dünýäde guş etine bolan isleg yzygiderli artýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bu önümi artdyrmak üçin zerur çäreleri görmek wajypdyr.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň işini ösdürmek, bu ugurda ýurdumyzyň oňyn başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan bu ulgamda halkara gün tertibiniň meselelerini netijeli çözmekde möhüm orun eýeleýän ýurda öwrüldi. Ýurdumyzyň köpugurly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňe sürýän teklipleri dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzda üstaşyr ulag geçelgeleriniň işiniň kämilleşdirilmegine uly üns berilýär. Şeýlelikde, dürli ugurlar boýunça halkara ulag geçelgeleri işjeňleşdirilýär.

Transkontinental ulag geçelgelerini ösdürmekde Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna möhüm ornuň degişlidigini belläp, agentligiň ýolbaşçysy bu babatda degişli işleriň yzygiderli dowam etdirilmeginiň halkara ugurlar boýunça ýük daşamalaryň we ýolagçy gatnatmagyň möçberini artdyrmaga giň mümkinçilikleri açjakdygyny aýtdy. Şeýlelikde, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça utgaşykly görnüşdäki ulag-logistika düzüminiň köptaraply ulgamy döredilýär. Şeýle hem bu babatda bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek, häzirki zaman ulag düzümlerini netijeli we doly kuwwatynda ulanmak ugrunda toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygy barada giňişleýin maglumat berildi.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýalar toplumynyň ähli düzümleriniň öňünde anyk wezipeleriň kesgitlenendigini, olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny belledi. Şunda üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini doly güýjünde peýdalanmak bilen bir hatarda, aragatnaşyk ulgamynyň işini kämilleşdirmek meselelerine-de aýratyn ähmiýet berilmelidir. Bu barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek, şunda internet ulgamynyň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek meseleleriniň ähmiýetlidigini aýdyp, bu ugurda durmuşa geçirilýän işleri üstünlikli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we raýatlaryň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ozal berlen tabşyryga laýyklykda, ýaşlaryň söweşjeň taýýarlygy bilen bir hatarda, olaryň hünär eýeleri bolmaklary ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde, goşunlara kabul edilýän esgerleri harby gulluga dabaraly ýagdaýda ugratmak, harby gulluk möhletini tamamlan esgerleri ätiýaja goýbermek çäreleri ýörite meýilnama esasynda amala aşyrylýar. Ýaş esgerleriň arasynda merdana pederlerimiziň edermenlik, watansöýüjilik we batyrlyk ýaly häsiýetleriniň mysalynda wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda ýörite duşuşyklar guralýar.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri ýaşlaryň döwrebap derejede gulluk etmekleri, amatly dynç alşy we ýaş serkerdeleriň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulandyrylmagy ugrunda alada edilýändigi üçin ähli harby gullukçylaryň adyndan türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerleri harby gullukdan boşatmak we ýaş raýatlary harby gulluga çagyrmak çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigine ünsi çekip, bu işleriň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyny we oňa örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri ýaşlaryň mähriban halkymyza, eziz Watanymyza ak ýürekden wepaly gulluk etmekleri, olaryň mukaddes harby borçlaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri ugrunda ähli zerur tagallalary etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz şu günki mejlisde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde Garaşsyz döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jeminiň jemlenendigini belledi. Şeýle hem döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, täze taryhy döwürde öňümizde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow demokratik ýörelgeleriň türkmen halkynyň asylly däp-dessurlarynyň biridigini, onuň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýandygyny belläp, wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak däbiniň gadymy döwürlerden bäri gelýändigini nygtady. Häzirki döwürde bu ýörelgeler ösüşiň özenine, ileri tutulýan wezipeleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Olarda milli özboluşlylyk aýdyň beýanyny tapýar. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýlişi ýaly, bu ýörelge müňlerçe ýyl bäri türkmen halkynyň durmuşynda dowam edip gelýän demokratik ýörelgeleriň biridir diýip, hormatly Arkadagymyz belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow gün tertibine girizilen meselelere seredilendigini aýdyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini tamamlady we oňa gatnaşanlaryň ählisine işde üstünlikleri, öňde goýlan wezipeleri çözmäge mynasyp goşant goşmagy arzuw etdi.

01.11.2023
Döwletliligiň nyşany

Adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine uly täsirini ýetiren oýlap tapyşlaryň hatarynda pul möhüm orny eýeleýär. Ol diňe bir aýratyn alnan adamyň däl, eýsem, tutuş jemgyýetiň we döwletiň durmuşynda-da wajyp hasaplanýan dolanyşyk serişdesidir. Şeýle hem pul birligi döwletliligiň esasy nyşanlarynyň biri bolup, ýurduň syýasy hem-de ykdysady kuwwatynyň derejesini görkezýär. Garaşsyz Türkmenistan hem 30 ýyl mundan ozal milli pul birligini — manady ulanyşa girizmek bilen, döwlet özygtyýarlylygynyň binýadyny has-da berkitdi.

Taryha nazar aýlanyňda, puluň döremegi adamlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň güýçlenmegine, söwdanyň, bank işiniň, telekeçiligiň ösmegine, önümçiligiň giňemegine, harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşleriniň artmagyna güýçli itergi berendigi görünýär. Eziz Watanymyzdaky taryhy ýadygärliklerde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işlerinde gymmat bahaly metallardan ýasalan teňňeleriň ençemesiniň ýüze çykarylmagy bolsa türkmen topragynyň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hökmünde tutuş yklymda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösmeginde möhüm orny eýeländigini tassyklaýar.

1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda, ýurdumyzda kabul edilen Kanuna laýyklykda, ýeke-täk kanuny töleg we hasaplaşyk serişdesi hökmünde türkmen manady hem-de onuň bölek şaýylyklary bolan teňňe dolanyşyga girizildi. Şondan soňky geçen üç onýyllyga barabar döwürde halkymyzyň ynamyny gazanyp, durnuklylygyny saklap gelýär. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli maliýe syýasatynyň netijesinde, milli manadyň durnuklylygyny saklamak, kadaly hereketini ýola goýmak, goraglylygyny üpjün edip, satyn alyş ukybyny ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Ýeňillikli salgyt syýasatynyň ýöredilmegi we ilata pes göterimli karzlaryň berilmegi eýeçiligiň dürli görnüşlerinde täze düzümleri, iş orunlaryny döretmäge, kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmaga, importuň ornuny tutmaga hem-de eksporta niýetlenen önümleriň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmaga, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmaga, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary barha ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýar. Şeýle hem ýurdumyzyň bank ulgamy tarapyndan nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň giňeldilmegine, milli töleg ulgamynyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna, karz edaralarynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar.

«Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen, «Internetbank», «Mobil-bank», «Halkbank terminal», «QR-kod», elektron söwda ýaly onlaýn bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak we kämilleşdirmek işlerine maýa goýum serişdeleri yzygiderli goýulýar. Ildeşlerimiz «Altyn asyr», «Millikart», «Maşgala», «Milli VISA», «Goýum bank karty», «Overdraft karty» ýaly bank kartlaryny peýdalanmak arkaly dürli görnüşli nagt däl hasaplaşyklaryň giň mümkinçiliklerinden peýdalanýarlar. Ýurdumyzda elektron söwda hyzmatlarynyň we onlaýn hasaplaşyklaryň gerimi giňeýär. Şoňa görä-de, elektron usulda täjirçilik işini alyp barýan telekeçileriň sany barha artýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda amala aşyrylýan maliýe syýasaty halkymyzyň abadançylygyny hem-de rowaçlygyny, milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösdürilmegini maksat edinýär. Şol maksatlaryň myrat tapmagy ugrunda ýadawsyz aladalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Batyr GUTLYMYRADOW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.

31.10.2023
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 30-njy oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda pagta hasylyny ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Ýygnalyp alnan pagta hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlenilýär. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatyň ekin meýdanlarynda bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar, kadaly gögeriş almak boýunça zerur işler geçirilýär. Sebitde ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi we pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak, bugdaý ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde tamamlamak işlerini berk gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga beriljek medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär. Watan harmanyna tabşyrylan hasyl üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyklar geçirilýär. Ýygnalan hasyl pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlenilýär. Şeýle hem welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Netijede, kadaly gögeriş alynýar.

Welaýatda ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmelidigine ünsi çekdi hem-de ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnamagyň depginleriniň güýçlendirilmegini, bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde tamamlanylmagyny üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini hem-de ýakynda welaýatda açylyp ulanmaga beriljek, düýbi tutuljak binalaryň we desgalaryň açylyş dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilişini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak, önüm öndürijiler bilen Watan harmanyna tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işler dowam edýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda kadaly gögeriş almak üçin zerur işler alnyp barylýar. Ýetişdirilen şaly hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak işleri guramaçylykly dowam edýär.

Mundan başga-da, welaýatda ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek üçin alnyp barylýan taýýarlyk işleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we welaýatda pagta ýygymynyň depginini ýokarlandyrmak, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmek, şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almak işlerini berk gözegçilikde saklamak babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Şu günler welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär, gögeriş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.

Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda ýetişdirilen hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly döwlet harmanyna tabşyryp, kada laýyk saklamak boýunça degişli işler dowam edýär. Şeýle hem häkim ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de welaýatda ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz, iň soňky hanasyna çenli ýygnalyp alynmagyny, bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde tamamlanmagyny, şaly oragynyň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen pagta hasylyny gysga möhletde, ýitgisiz ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna tabşyrmak, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek, tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Bugdaý ekişi meýilnama laýyklykda alnyp barylýar, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.

Gant şugundyry ekilen meýdanlarda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, gündelik ýygnalan hasyly bökdençsiz kabul etmek we gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada öňde goýan wezipelerine laýyklykda, welaýatda ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görlüşi hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Häkim hasabatynyň dowamynda Baýramaly etrabynda durky täzelenen we iň kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan 301 orunlyk hassahananyň açylyşyna ak pata berendigi üçin hormatly Prezidentimize welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini bellenen möhletlerde tamamlamak, ekiş geçirilen ýerlerde ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirmek, gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almaga gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamak babatda birnäçe görkezmeler berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatlarda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de ýetişdirilen hasyly ýygnap almak boýunça möwsümleýin işler dowam edýär. Bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar, ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak üçin gögeriş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Pagtaçy daýhanlar tarapyndan tabşyrylýan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.

Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly oragynyň, Mary welaýatynda bolsa ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak işleriniň dowam edýändigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi hem-de bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde tamamlanmagyny, ekiş geçirilen ýerlerde kadaly gögeriş almak üçin zerur işleriň ýerine ýetirilmegini, ýetişdirilen pagta hasylynyň iň soňky hanasyna çenli ýygnalyp alynmagyny gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda oba hojalygynda jogapkärli möwsümiň dowam edýändigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de bugdaý ekişiniň bellenen möhletlerde tamamlanylmagy, ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagy, pagta hasylynyň iň soňky hanasyna çenli ýygnalmagy babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleriniň görülmegini tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

31.10.2023
Kuwwatly ykdysadyýet — döwletiň daýanjy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen ykdysadyýeti köpugurly ösdürilýär. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, ähli ulgamlara sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Döwlet syýasatynda ykdysadyýetimiziň innowasion üpjünçiligini ýokarlandyrmaklyga möhüm wezipe hökmünde garalýar.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda ileri tutulýan strategik ugurlaryň biridir. Döwletimizde degişli ugry kemala getirmek üçin giň möçberli maýa goýumlar gönükdirilip, daşary ýurtlarda öndürilen ýokary hilli, iň kämil innowasiýalar giňden ornaşdyrylýar. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça taryhy çözgütler kabul edilýär. Munuň özi durmuşa geçirilýän işleriň döwrebap, özara sazlaşykly hem-de utgaşykly ýerine ýetirilmegine, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegine ýardam berýär. Muňa şu ýylyň dokuz aýynyň dowamynda maksatnamalaýyn özgertmeler esasynda jemi içerki önümiň 6,3 göterim möçberde durnukly ösüşiniň üpjün edilmegi aýdyň şaýatlyk edýär.

Ykdysadyýeti bedew bady bilen ösýän ata Watanymyz häzirki güne çenli sanly ulgamy ornaşdyrmak we ösdürmek babatda giň tejribe toplady. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasynda başy başlanan sanly özgertmeler döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde üstünlikli dowam etdirilýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Halk hojalygyna we durmuşymyzyň ähli ugurlaryna döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işler dowam etdirilýär. Şeýle-de «Bir penjire» awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamy görnüşinde döwlet hyzmatlar portaly döredilip, onda maglumat hyzmatlary bilen birlikde döwlet edaralarynyň internet saýtlary ýerleşdirildi.

«Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy örän anyk maksatlary we wezipeleri öz içine alýar. Onda jemi içerki önümde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň tutýan ornuny artdyrmak, sanly aragatnaşyk babatda welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň bütin dünýäde ykdysady taýdan ösen kuwwatly senagat döwleti hökmünde ykrar edilmegine ýardam edýär.

Jeren HUDAÝBERDIÝEWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.

31.10.2023
Ykdysady ösüşleriň ýoly bilen

Döwrebap tehnologiýalar hereketde

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ykdysadyýetimiziň elektroenergetika pudagyny çalt depginlerde ösdürmek rowaç alýar. Pudagyň önümçilik kuwwaty häzirki zaman tehnologiýalarynyň hasabyna döwrebaplaşdyrylýar. Arassa energiýa çeşmesi bolan elektrik energiýasynyň öndürilişi düýpli ýokarlandy. Elektrik energiýasy bilen diňe bir içerki sarp edijileriň ýylsaýyn ösýän islegini doly kanagatlandyrmakdan başga-da, türkmen energiýasyny daşary ýurtlara eksport etmegiň giň mümkinçiliklerine ýol açyldy.

Elektroenergetika pudagyndaky düýpli özgertmeleriň oňyn täsirine türkmen energetikasynyň öňbaşçysy bolan Mary DES-iniň çäginde bitirilen işlerde-de göz ýetirmek bolýar. Bu ýerde täze tehnologiýaly gazturbina we utgaşykly dolandyrylýan elektrik stansiýalary işe girizildi. Geljekki energetikleri taýýarlamakda bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeler şu möhüm wezipä özüniň täsirini ýetirýär. Biz şeýle jogapkärçilikden ugur alyp, işine ökde hünärmenler bolup ýetişmekde ähli tagallalary edýäris.

Serdar ANNAÝEW.

TDEI-niň talyby.

Döwrüň talaby

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda rowaç alýan düýpli özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşine ýardam edýär. Işe girizilýän täze tehnologiýaly kärhanalar milli ykdysadyýetimiziň çalt depginlerde ösdürilmeginde uly ähmiýete eýe bolup, amala aşyrylýan özgertmeleriň oňyn täsiri ýurdumyzyň maliýe ulgamynda-da aýdyň duýulýar.

Şeýle öňegidişlikler Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda has-da äşgär ýüze çykýar. Garaşsyz döwletimiziň maliýe-ykdysady ulgamlarynda üstünlikli amal edilýän düýpli özgertmeler orta hünär okuw mekdebimiziň talyplaryna bildirilýän talaby ýokarlandyrýar. Sebäbi, bu günki günde ýokarda ady agzalan ulgamlara ornaşdyrylýan kämil tehnologiýalary, çylşyrymly tilsimatlary, täze usullary düýpli özleşdirmek zerurlygyny öňe çykarýar. Şonuň üçinem biz ösüşli döwrümiziň talaplaryndan ugur alyp, mugallymlarymyzyň öwredýänlerini ykjam ele almaga, ýokary taýýarlykly hünärmenler bolup ýetişmäge çalyşýarys.

Ejebaý AŞIROWA.

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ösüşli ertirimiz

Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän oýlanyşykly ykdysady syýasaty ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň rowaçlanmagyna itergi berýär. Öňdebaryjy tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklarynyň ulanmaga berilmegi bilen ýokary görkezijiler gazanylýar. Dünýä tejribesinde uly orna eýe bolan sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda tutumly işleriň bady artýar. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ösüşinde täze belentliklere çykmagynda möhüm ädimdir.

Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagynyň ähli ugurlar bilen birlikde, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda ýokary netijeleriň gazanylmagynda ähmiýeti juda uludyr. Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri ýaş nesle bilim bermekde bähbitli şertlere ýol açýar. Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Mekdepleriň kämil kompýuterler, multimediýa tehnologiýalary, tehniki serişdeler bilen üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagy ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde täze mümkinçilikleri döretdi. Informatika dersi boýunça mugallym bolanym üçin şeýle mümkinçilikleriň bähbidine gündelik iş tejribämde doly göz ýetirýärin. Şonuň üçinem men okuwçylara bilim bermekde geçýän sapaklarymda kämil tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmaga çalyşýaryn. Her bir dersiň gyzyklylygy, özüne çekijiligi mugallymyň ukyp-başarnygyna bagly bolýar. Men şu ýörelgeden ugur alyp, her bir sapagymyň täsirli bolmagy ugrunda aladalanýaryn. Multimediýa tehnologiýalaryndan, tehniki serişdelerden, okuw-görkezme esbaplaryndan netijeli peýdalanmagym işimiň netijeliligine oňyn täsirini ýetirýär. Ýaş nesliň şu günki ösen tehnologiýalaryň çylşyrymly syrlaryny ykjam ele almaklary ugrunda ähli tagallalary edýärin. Çünki, ylym we tehnika ösüşli geljek ylym-bilimden başarnygy ýetik ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge borçly edýär. Biz şu borç duýgusyndan ugur alýarys.

Akmuhammet BEKMYRADOW.

Türkmengala etrabyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp, öwredýän ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň informatika mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

Pudagyň kuwwaty ýokarlanýar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oýlanyşykly ykdysady syýasaty netijesinde halk hojalygymyzyň ähli pudaklarynda ýokary netijelere eýe bolunýar. Bu guwançly ýagdaý ýurdumyzyň öňdebaryjy elektroenergetika pudagynda has-da aýdyň duýulýar. Bu iri pudaga kämil tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklarynyň ornaşdyrylmagy bilen arassa energiýa çeşmesi bolan elektrik togunyň öndürilişi düýpli artdyryldy. Elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara eksport edilişiniň möçberleri ýokarlanýar.

Ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň çäklerinde durmuşa geçirilen iri taslamalar bu gün özüniň gowy netijesini berýär. Şu Konsepsiýa laýyklykda, welaýatymyzda-da Mary DES-iniň senagat zolagynda täze elektrik stansiýalaryň ikisi gurlup, ulanylmaga berildi. Olaryň biri Mary DES-iniň çäginde kuwwaty 149,2 megawat bolan täze gazturbina elektrik stansiýasydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermeginde 2018-nji ýylda Mary DES-iniň senagat zolagynda kuwwaty 1574 megawata deň bolan utgaşykly dolandyrylýan elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi elektroenergetika pudagynyň çalt depginlerde ösdürilmeginde iňňän uly ähmiýete eýe bolupdy. Biz talyplara bilim berip, hünär öwredenimizde şu günüň ýokary talabyndan ugur alýarys. Geljekki energetikleriň çylşyrymly tehnologiýaly önümçiligiň inçe syrlaryny ykjam ele almaklary ugrunda ähli tagallalary edýäris.

Atajan ILLIÝEW.

TDEI-niň mugallymy.

30.10.2023
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 28-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

Häzirki wagtda Raýat kodeksiniň täze beýanyny, milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, gidrometeorologiýa işi bilen baglanyşykly we başga-da birnäçe kanunlara döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgetmeleridir goşmaçalary girizmek taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Deputatlaryň bilim we hünär derejelerini ýokarlandyrmak, kanun çykaryjylyk işiniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek, dostlukly ýurtlar bilen ýola goýlan parlamentara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Mejlisiň wekilleri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda boldular, Almaty şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly halkara maslahatyna, Astana şäherinde geçirilen Merkezi Aziýada maşgala gatnaşyklary babatdaky kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça sebitleýin okuw maslahatyna hem-de Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky parlamentara dostluk toparynyň Tähran şäherinde geçirilen mejlisine, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň wekilhanasynyň we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna gatnaşdylar.

Watanymyzyň içeri we daşary syýasatynyň maksatlaryny hem-de wezipelerini halkymyza düşündirmek boýunça alnyp barylýan işler barada-da habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň “Fitch Ratings” halkara agentligi bilen hyzmatdaşlygynyň dowam etdirilmegine gönükdirilen degişli ylalaşygy baglaşmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, karz derejesini kesgitleýän abraýly agentlikler bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak daşary ýurtlardan çekilýän maýa goýumlaryň möçberiniň artdyrylmagyna, karz beriş şertleriniň ýönekeýleşdirilmegine hem-de tutuşlygyna Türkmenistanyň daşary ykdysady işiniň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň halkara agentlikler bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmelidigini belledi hem-de “Fitch Ratings” agentligi tarapyndan Türkmenistana berlen halkara derejeleriň ýurdumyzyň halkara maliýe abraýyny has-da ýokarlandyrýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz şundan ugur alyp, halkara agentlikler bilen zerur işleri yzygiderli alyp barmak babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ýangyç-energetika toplumynyň düzüm böleklerinde, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet konserniniň önümçilik desgalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. Şu maksatlar bilen, meýilnama laýyklykda, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň tehnologik enjamlaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de bu kärhananyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça degişli çäreler geçirilýär. Şeýle-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda innowasion tehnologiýalar esasynda gurlan elektrik energiýasyny öndürýän täze desgalary ulanmaga bermek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işjeňliginiň ýokarlandyrylmalydygyna, zawodyň degişli desgalaryna häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gurlan elektrik energiýasyny öndürýän iki sany gaz turbina desgasynyň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmek boýunça zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, şeýle hem ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişi dowam edýär. Bugdaý ekilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnamak guramaçylykly geçirilýär. Ýygnalan hasyl pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlenilýär.

Döwlet harmanyna tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly oragy, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär. Mundan başga-da, wise-premýer ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, täze tokaý zolaklaryny döretmek, Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda güýzki bag ekmek möwsümine görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde Arkadag we Aşgabat şäherlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda ählihalk bag ekmek dabaralaryny guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hususan-da, bag nahallaryny, olaryň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek hem-de ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnamak boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Daşky gurşaw bilen bagly meseleler Türkmenistanyň syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar hem-de ýurdumyz halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda bu ugurda köp sanly başlangyçlar bilen çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda geljek hepdede — 4-nji noýabrda nobatdaky ýaşyl ekologiýa çäresiniň, ýagny ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljekdigini aýdyp, bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, ugurdaş düzümi mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şu maksatlar bilen, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde guruljak kuwwatlylygy 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň düýbüni tutmaga, şeýle hem ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energetika ulgamyny kemala getirmegiň taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan Mary — Ahal asma elektrik geçirijisini ulanmaga bermäge taýýarlyk görülýär.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada-da aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde 472 maşgala niýetlenen 4 gatly Gyýanly ýaşaýyş jaý toplumynyň, 320 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň, 120 orunlyk çagalar bagynyň, söwda-dynç alyş merkeziniň gurluşyk işlerine başlamaga taýýarlyk görülýär. Bu taslama döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Balkan welaýatynda ulanmaga beriljek desgalaryň açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görmegiň, şeýle hem täze, döwrebap elektrik stansiýasynyň we medeni-durmuş maksatly binalaryň düýbüni tutmak dabaralaryny ýokary guramaçylykly geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi hem-de Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny görkezýän bu taryhy wakalaryň bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam etjekdigini belledi.

Kuwwatlylygy 1574 megawata deň bolan täze elektrik stansiýasy ýurdumyzda gaz we bug dolanyşygynda işlejek iri energiýa desgasydyr. Berkarar Watanymyzda şeýle döwrebap elektrik stansiýasynyň gurulmagy diňe bir özümizi ygtybarly elektrik energiýasy bilen üpjün etmän, eýsem, bu babatda alyp barýan diwersifikasiýa özgertmelerimiz bilen goňşy ýurtlara, sebite, gerek bolsa, beýleki ýurtlara hem ibermäge taýýardygymyzy ýene-de bir gezek görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde täze, döwrebap elektrik stansiýasyny gurmak hakynda Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygyny artdyrmaga we eksport kuwwatyny giňeltmäge gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi. Şunda Döwlet haryt-çig mal biržasynda Türkmenistanyň önümlerini sanly birža söwdalarynyň üsti bilen ýerlemekde halkara maglumat ulgamlaryndan peýdalanylýandygy we degişli şertnamany baglaşmagyň teklip edilýändigi barada aýdyldy. Munuň özi birža hyzmatlaryny dessin amala aşyrmaga, daşary ýurtly täze müşderileri çekmäge, daşary söwda amallaryny ýönekeýleşdirmäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan şertnama baglaşmak meselesini öwrenmegi we şu esasda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürip, birža söwdalaryny geçirmek işini kämilleşdirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Soňra wise-premýer ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligine degişli senagat kärhanalaryny, olary dolandyrmak ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu ulgamda guramaçylyk-hukuk kadalaşdyrylyşyny döwrüň ýagdaýlaryna laýyk getirmek boýunça meseleleriň netijeli çözülmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň noýabr aýynda meýilleşdirilen esasy çäreleriň hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralarynyň tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, noýabr aýynyň dowamynda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini we aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemleniler hem-de “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly uniwersiada, sport ýaryşlary, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar, häzirki zaman koreý sazlarynyň konserti, koreý kinofilmleriniň görkezilişi guralar.

Önümçilik we medeni-durmuş maksatly täze desgalary açmak we olaryň düýbüni tutmak dabaralary-da guralar. Şunuň bilen birlikde, ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Noýabr aýynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň fransuz we german sazandalary bilen bilelikdäki konserti, “Ýaşlar” atly kinofilmiň ilkinji görkezilişi, Hasyl toýy mynasybetli dabaralar, “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly IV halkara teatr festiwaly geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, noýabr aýynda meýilleşdirilýän medeni çärelerde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler, halkymyzyň belent watançylyk ruhy öz beýanyny tapmalydyr diýip aýtdy hem-de wise-premýere olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmegiň, gullugyň kärhanalarynyň önümçiliginiň bökdençsiz we kadaly işini üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekdi hem-de degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow “Arçman” şypahanasynyň täze binalar toplumyny gurmak meseleleri boýunça hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserlerinde “Arçman” şypahanasynyň taryhy hem-de onuň melhemlik häsiýetleri baradaky gymmatly maglumatlara aýratyn orun berilýär. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek üçin talabalaýyk işler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen çuň manyly pähimden ugur alyp, keseli bejermeli däl-de, onuň öňüni almalydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, raýatlaryň saglygyny berkitmekde döwrebap şypahanalaryň uly ornunyň bardygy nygtaldy. “Arçman” şypahanasy ýurdumyzdaky baýry şypahanalaryň biri bolmak bilen, ol ýerde saglygyny dikeltmäge barýan adamlaryň sany ýylsaýyn artýar. Şonuň üçin bu şypahananyň durkuny düýpli täzelemek, has-da döwrebaplaşdyrmak zerur bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, bu resminamanyň ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow, ilki bilen, ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy Türkmen alabaýynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de saparyň jemleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu sapar strategik häsiýetli türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna kuwwatly itergi berdi. Hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjy Mustafa Kemal Atatürküň aramgähine we Ankara şäherinde ýerleşýän “Türkmenistan” seýilgähindäki Magtymguly Pyragynyň heýkeline gül goýmak dabaralaryna gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň merkezi edara binasynda geçirilen Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu foruma iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary bilen bir hatarda, Türkiýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň we işewür düzümleriniň wekilleriniň 700-e golaýy gatnaşdy. Forumyň çäklerinde türkmen hem-de türk işewürleriniň arasynda jemi 15 duşuşyk geçirilip, şertnamalardyr ylalaşyklaryň 14-sine gol çekildi.

Ikiçäk görnüşde we giňişleýin düzümde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlara seljerme berlip, türkmen-türk hyzmatdaşlygyny yzygiderli berkitmek, täze derejä çykarmak boýunça uzak geljege gönükdirilen anyk teklipler öňe sürüldi. Döwlet Baştutanymyzyň resmi saparynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň mundan beýläk-de berkidilmegine gönükdirilen hökümetara we pudagara resminamalaryň 13-sine gol çekildi. Mundan başga-da, saparyň barşynda iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň arasynda energetika, ulag, söwda, daşky gurşawy goramak, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş we beýleki ugurlar boýunça 20-den gowrak ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Wise-premýer, daşary işler ministriniň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň beýan eden başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, syýasy ugurda türkmen-türk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin anyk çäreleri özünde jemleýän “Ýol kartasyny” ýakyn wagtda işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem şu ýylyň dekabr aýynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisini we Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek bilen bagly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şol bir wagtda, iki döwletiň degişli ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan 2024-nji ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni, ylmy-okuw çäreleriniň senenamasyny taýýarlamagyň üstünde işlenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkiýe Respublikasy biziň ýakyn hyzmatdaşymyz bolup durýar. Doganlyk döwlete bolan saparyň dowamynda birnäçe resminamalara gol çekildi. Uly maksatly ylalaşyklar gazanyldy. Bularyň ählisi ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge iki tarapyň hem uly isleg bildirýändigini doly tassyklady. Bu bolsa iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklarda aýratyn ähmiýetli wakadyr diýip, dostlukly ýurda amala aşyrylan bu saparyň aýratyn ähmiýetini belledi.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň we onuň kiçi komitetleriniň nobatdaky mejlislerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda komitetiň altynjy mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda, hususanda, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, ulag we logistika, howpsuzlyk, ynsanperwer ugur, energetika hyzmatdaşlygy boýunça kiçi komitetleriň altysynyň mejlislerini geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda Hytaý bilen strategik häsiýete eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini belledi. Häzirki tapgyrda döwrüň ýagdaýlaryny hasaba almak bilen, ägirt uly kuwwata eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi, şeýle hem Hyzmatdaşlyk boýunça komitetiň we onuň kiçi komitetleriniň alyp barýan işleri köp babatda netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hödürlenen resminamany makullap, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri 2023-nji ýylda Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriljek bu forumyň 16-njy mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, türkmen tarapynyň guramagynda şu ýylyň dowamynda köptaraplaýyn onlaýn maslahatlaryň we “tegelek stol” duşuşyklarynyň 4-si geçirildi. Şeýle hem öňde boljak çäre barada giňişleýin maglumat berildi. Hususan-da, forumyň çäklerinde ulag we logistika, saglygy goraýyş, lukmançylyk, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýasy, bilim-ylym, syýahatçylyk ugurlaryna degişli 6 sany mejlisi geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem ministrler derejesinde ikitaraplaýyn duşuşyklary guramak göz öňünde tutulýar. Forumyň netijesi boýunça Jemleýji resminama kabul ediler.

Bu forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ýaş telekeçileriniň işewürlik forumynyň, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” işewürler geňeşiniň dördünji mejlisiniň we “Türkmenistan — Koreýa Respublikasy” işewürler geňeşiniň bäşinji mejlisiniň geçirilmegi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň gazananlaryna bagyşlanan sergileriň guralmagy göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Koreýa Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Deňhukuklylyk, özara bähbitlilik, hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklar häzirki wagtda işjeň ösdürilýär hem-de hil taýdan täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň wajyp ornuna üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa ýurtlary bilen uzak möhletleýin esasda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtap, öňde boljak çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda halkara üstaşyr ulag geçelgelerinden netijeli peýdalanmak, milli ulag ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak hem-de üstaşyr geçirilýän ýükleriň möçberini artdyrmak, ýük gatnawlaryny işjeňleşdirmek, logistikany ösdürmek, ulaglaryň ähli görnüşinde ýolagçy we ýük gatnawlary ulgamynda hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça zerur işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa toplumyny döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň ýaýbaňlandyrylandygyny, bu ugurda amala aşyrylýan çäreleriň halkymyzyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam edýändigini, halkara hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ygtybarly üstaşyr ulag gatnawlaryny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada-da aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna üstaşyr gatnawlaryň möçberini mundan beýläk-de artdyrmak we çäklerini giňeltmek boýunça tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna, ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, hemmeleri ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady.

Türkmen alabaýy merdana halkymyzyň genji-hazynasydyr we asyrlardan gözbaş alýan milli mirasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan itşynaslyk sungatyny kämilleşdirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Watanymyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy bilen ýene-de biri gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Mejlisde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

30.10.2023
Dünýä nusgalyk ösüşler

Guwanjymyz, buýsanjymyz bolan Türkmenistan döwletimiz okgunly ykdysady ösüş ýolundan ynamly öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz parahatçylygy, halk bähbitli işleri esasy ugur hökmünde ileri tutýar. Şonuň üçin hem halk, umumadamzat bähbitli beýik işler we düýpli özgertmeler Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini Arkadagly Gahryman Serdarymyz mynasyp dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti ösýär, dürli pudaklarda sanly ulgamyň mümkinçilikleri has-da ýokarlanýar. Munuň özi bolsa işleriň has-da ýokary derejede alnyp barylmagyna, döwrebap mümkinçilikleriň ýola goýulmagyna şert döredýär. Işlenilip taýýarlanylan we durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalary, sanlylaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň ösüşini üpjün edýär.

Eziz Diýarymyzda durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen möhüm ähmiýetli işler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ýolunda ähli pudaklar sazlaşykly ösüş ýoluna düşüp, täze önümçilik kuwwatlyklary emele geldi. Täze taryhy döwürde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilip, iň döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde sanly ulgamyň mümkinçilikleri dürli pudaklarda özüniň oňat netijesini berýär. Munuň özi ähli pudaklaryň tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň köpugurly kuwwatynyň artmagyna ýardam edýär.

Milli ykdysadyýeti ösdürmekde kämil, bilimli hünärmenleriň aýratyn ornunyň bardygyny bellemek gerek. Çünki önümçilige öňdebaryjy usullar we netijeli tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Ykdysadyýetimizde senagatlaşdyrma-innowasion özgertmeler çalt depginlerde alnyp barylýar. Ulgamlary toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmakda, maliýe we durmuş durnuklylygyny üpjün etmekde, ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmekde sanly tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň amala aşyrýan işleri bellenilmäge mynasypdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň durnukly ösüşini gazanmak babatda dünýä nusgalyk beýik işler amala aşyrylýar, ösüşler gazanylýar.

Hormatly Prezidentimiz eziz halkymyzyň abadançylygy barada hemmetaraplaýyn alada edýär, ähli özgertmeler hut şu maksatlara gönükdirilendir. Hut şonuň üçin hem adamlaryň abadan durmuşy, döredijilikli işlemekleri üçin ähli şertler döredilýär. Şeýle il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Myrat TÄÇMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.

30.10.2023
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-türk işewürlik maslahatyndaky ÇYKYŞY

(Ankara şäheri, 2023-nji ýylyň 26-njy oktýabry)

Hormatly işewür toparlaryň wekilleri!
Gadyrly dostlar!

Ilki bilen, hemmäňizi tüýs ýürekden mübärekleýärin hem-de şu günki işewürlik maslahatynyň guralandygy üçin Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşigine, Daşary ykdysady gatnaşyklar guramasyna minnetdarlyk bildirmek isleýärin.

Biz iki ýurduň işewür adamlarynyň duşuşyklaryny yzygiderli geçirip, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlarynydyr mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýarys. Şu duşuşykda hem netijeli gepleşiklerimizi dowam etdirmegi maksadalaýyk hasaplaýarys. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hereketlerimize hil taýdan täze itergi berjek, mundan soňra ediljek bilelikdäki işler boýunça anyk meselelere seretmäge ýardam etjek pikir alyşmalaryň boljakdygyna ynanýaryn.

Işewürlik maslahatymyza gatnaşýanlaryň hemmesine sagbolsun aýdýaryn. Araňyzda uzak ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda netijeli işleri alyp baran kompaniýalaryň wekillerini hem görmek bizi begendirýär.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Garaşsyzlyk ýyllarynda türk kompaniýalary Türkmenistanda kiçi, orta we iri ýüzlerçe taslamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşdylar. Şunuň bilen birlikde, häzirki tapgyrda Türkmenistanda dürli senagat pudaklarynda, medeni-durmuş ugurlarynda giň möçberli taslamalaryň meýilleşdirilýändigini bellemek gerek. Olar innowasiýalara we ýokary tilsimatlara esaslanýan inženerçilik pikirlerini, baý tehniki tejribeleri, ussatlygy talap edýär. Şonuň üçin biz agzalan taslamalary, aýratyn-da, döwrebap “akylly” şäher ýörelgelerine laýyklykda bina ediljek “Aşgabat-siti” konsepsiýasyny we Arkadag şäherinde guruljak senagat klasterini bilelikde işlemek üçin Türkiýäniň işewür toparlaryny Türkmenistana çagyrýarys.

Türkmenistan daşary ýurtlar bilen maýa goýumlar babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet berýär. Bu ýerde esasy maksat ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri energetika we infrastruktura taslamalaryna daşary ýurt maýalaryny çekmekden ybarat bolup durýar. Şeýlelikde, biziň öňümizde işlemek üçin giň meýdança açylýar. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki maýa goýum gaznasyny hem-de maýa goýumlar boýunça bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip edýäris. Şol bir wagtda, türk maýadarlarynyň we senagatçylarynyň ýurdumyzda alyp barýan işlerini maliýe taýdan düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkiýäniň käbir uly banklarynyň Türkmenistanda şahamçasyny açmak meselesine seretmegi hem makul görýäris.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzda energetika ulgamy giň orun tutýar. Bu ýerde gürrüň türkmen energiýa serişdeleriniň, hususan-da, elektrik energiýasynyň we tebigy gazyň Türkiýä iberilmegi barada barýar. Türkmenistan energiýa serişdelerini öndürýän, üstaşyr geçirýän we sarp edýän taraplaryň bähbitlerini deň derejede göz öňünde tutmak ýörelgesinden ugur alyp, türkiýeli hyzmatdaşlar bilen bu ugurda özara hereketlere açykdyr.

Ulag-kommunikasiýa pudagy möhüm we geljegi uly ugurlaryň biri bolup durýar. Häzirki döwürde biziň ýurdumyzda täze ulag desgalarynyň, awtomobil we demir ýol geçelgeleriniň giň gerimli gurluşyk işleri alnyp barylýar, howa, deňiz menzilleriniň durky täzelenýär. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň ulag edaralarynyň, assosiasiýalarynyň, kompaniýalarynyň arasynda yzygiderli esasda iş duşuşyklaryny geçirmegi teklip edýäris. Mundan başga-da, ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, işleri utgaşdyrmak we sazlaşykly alyp barmak maksady bilen, döwlet ulag edaralarynyň hem-de hususy ulag-logistika kompaniýalarynyň gatnaşmaklarynda bilelikdäki ulag-logistika merkezini döretmegi maksadalaýyk hasaplaýarys.

Häzirki döwürde oba hojalygy pudagy ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň hatarynda orun alýar. Biziň esasy wezipämiz ýurtlarymyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekden we bu ugurda halkara tagallalara goşant goşmakdan ybarat bolup durýar. Şol sebäpli biz Türkmenistanda oba hojalygy we agrosenagat pudagyna köp mukdarda maýa goýýarys, onuň maddy-tehniki binýadyny yzygiderli kämilleşdirýäris. Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, tohumçylyk we seçgiçilik ulgamyny ösdürmek, täze tilsimatlary önümçilige ornaşdyrmak babatda Türkiýe bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi we tejribe alyşmagy teklip edýäris. Bu ugurlarda ýöriteleşen türk kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardygymyzy beýan edýäris.

Bu gün tutuş dünýä howanyň üýtgemegi we beýleki ekologik wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Şeýle şertlerde suw hojalygy pudagynyň ähmiýeti yzygiderli artýar. Biz ýurtda suw üpjünçilik hem-de suw paýlama ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmagy meýilleşdirýäris. Bu derwaýys pudakda sebit we halkara hyzmatdaşlyga ähmiýet berýäris. Şunuň bilen baglylykda, suw serişdelerini rejeli ulanmak we suw tygşytlaýjy tilsimatlary ornaşdyrmak babatda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak baş wezipelerimiziň biri bolup durýar. Galyberse-de, anyk taslamalar hökmünde Garagum derýasynyň hanasynyň hem-de ýan kanallarynyň infrastrukturasynyň täzelenmegi we giňeldilmegi ýaly taslamalar barada bellemek bolar. Bu ugurlarda hem degişli türk kompaniýalary bilen ysnyşykly hereketleri alyp barmaga taýýardygymyzy nygtamak isleýäris.

Senagat pudagynyň ösüşi we önümçilik kooperasiýasy milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan bir bölegi bolup durýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de ösdürmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Häzirki şertlerde ykdysadyýetiň ösmeginde ylmyň we tehnikanyň orny gün-günden ýokarlanýar. Şunlukda, ýurtlarymyzyň täze talaplara laýyk ösmegi we döwür bilen aýakdaş gitmegi möhüm bolup durýar. Şu derwaýys wezipeden ugur alyp, ylym-tehnika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip edýäris. Onuň çäklerinde iki ýurduň maglumat tilsimatlary pudagynda ýöriteleşen kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy zerur hasaplaýarys. Bu ugurlarda bilelikdäki işleri alyp barmaga türkmen tarapynyň taýýardygyny beýan edýäris.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Umuman, türkmen tarapy Türkiýe bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýär. Bu günki duşuşykda öňümizde duran uly wezipeler we hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri barada maslahat edýäris. Biz iki tarap üçin hem bähbitli bolan netijeli pikirleridir teklipleri hoşallyk bilen kabul etmäge taýýardyrys. Ýurtlarymyzyň, hususan-da, işewür toparlarymyzyň bu meselelere tagalla bilen çemeleşjekdiklerine ynanýaryn. Ara alyp maslahatlaşmalary şu ýylyň 6 — 8-nji dekabrynda Türkmenistanda guraljak Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisiniň çäklerinde hem dowam etdirmek bolar. Şol sebäpli nobatdaky Türkmen-türk işewürlik maslahatyny Aşgabatda geçirmegi teklip edýärin.

Duşuşygyň ýokary derejede guralandygy we siziň öňüňizde çykyş etmäge mümkinçilik döredilendigi üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirýärin. Iş maslahatynyň üstünlikli geçmegini, oňa gatnaşýanlaryň hemmesine berk jan saglyk, abadançylyk we uly üstünlikleri arzuw edýärin.

27.10.2023
Türkmenistan — Türkiýe: söwda-ykdysady gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmagyň ugry bilen

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi

Ankara — Aşgabat, 26-njy oktýabr (TDH). Şu gün Ankara şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn döwlet Baştutanymyz dostlukly döwlete resmi sapar bilen geldi.

Şu gezekki ýokary derejedäki duşuşyk iki doganlyk halkyň taryhyň dowamynda emele gelen umumylygyna daýanýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň we ösdürilmeginiň ýolunda möhüm wakadyr. Taraplaryň hoşniýetli erk-islegi, bar bolan ägirt uly kuwwaty köpýyllyk özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mazmunyny baýlaşdyrmak, ony häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, hil taýdan täze derejä çykarmak üçin giň mümkinçilikleri şertlendirýär.

Şu gün ýokary derejedäki gepleşikleriň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjy we ýurduň ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürküň aramgähine (Anytkabir) bardy hem-de bu ýerde gül goýmak çäresine gatnaşdy.

Bu özboluşly desga baýryň üstünde ýerleşip, gönüburçluk şekilinde we sütünler bilen gurşalan görnüşde bina edilipdir. Mawzoleýe tarap «Şir ýoly» diýlip atlandyrylýan ýoda uzap, onuň iki tarapynda daşdan ýasalan ýolbars şekilleriniň 12-si oturdylypdyr. Desganyň içinde Hormat zaly ýerleşip, onda Mustafa Kemal Atatürküň aramgähi bar. Şeýle hem ýadygärlik toplumynyň çäginde Dabara meýdançasy we Parahatçylyk seýilgähi bar.

Atatürküň aramgähiniň merkezi girelgesiniň öňünde belent mertebeli myhmany türk tarapynyň resmi adamlary garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň görnükli syýasy we döwlet işgäriniň baky aram tapan ýerine gül dessesini goýup, bir minutlap dymmak bilen ony hatyralady.

Mawzoleýiň çäginde döwlet Baştutanymyz bilen çärä gatnaşyjylar bilelikde ýadygärlik surata düşdüler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni Atatürküň aramgähinden Ankaranyň iň gözel we döwrebap seýilgäh toplumy bolan «Dikmen Wadisinde» ýerleşýän «Türkmenistan» seýilgähine tarap ugrady. Bu seýilgähde türkmen edebiýatynyň görnükli nusgawy wekili, Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkeli oturdylandyr.

Bu ýerde merkezi girelgäniň öňünde belent mertebeli myhmany türk tarapynyň resmi wekilleri mähirli garşyladylar. Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine barýan ýoluň ugrunda Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy uly ruhubelentlik bilen mübäreklediler.

Mälim bolşy ýaly, bu seýilgäh we onuň çäginde bina edilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi 2012-nji ýylda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna bolan resmi saparynyň barşynda dabaraly açylypdy. Şonda iki dostlukly döwletiň Liderleriniň gatnaşmagynda geçirilen dabara türkmen-türk gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka bolup, halklarymyzy baglanyşdyrýan dostlugyň we doganlygyň mizemezliginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Bu gün birnäçe asyr geçenden soň hem hiç wagt gymmatyny ýitirmejek umumadamzat gymmatlyklaryny wasp edýän Magtymgulynyň şahyrana döredijiligi dünýäniň ähli künjeginde ýaşaýan adamlaryň ýüreginde düşünişmegi we hoşniýetliligi oýarýar. Beýik söz ussadynyň dünýäniň dürli halklarynyň dillerine terjime edilen goşgulary Türkiýede uly meşhurlyga eýe bolup, bu ýerde onuň goşgular ýygyndylary, zehinli şahyra bagyşlanan ylmy-barlag işleri neşir edildi.

Döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk, dünýä mirasynyň bolsa aýrylmaz bölegi hasaplanýan, 2024-nji ýylda doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede giňden belleniljek Magtymguly Pyraga belent sarpa goýmak bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýadygärligiň etegine ajaýyp gül dessesini goýdy.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň merkezi edara binasyna tarap ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Belent mertebeli myhmany Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu hem-de senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyr mähirli garşyladylar.

Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň merkezi edara binasynyň zalynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly döwletiň wekilleri bilen bilelikde Türkmenistanda öndürilen önümleriň sergisi bilen tanyşdy.

Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylda Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň merkezi edarasyna baryp gören wagtynda düşürilen fotosuratlar görkezildi. Şol wagt Gahryman Arkadagymyza bu birleşigiň ýanynda döredilen Ykdysadyýet we tehnologiýalar uniwersitetiniň Hormatly doktory diýen ady dakmak dabarasynyň geçirilendigini bellemek gerek. Bu fotosuratlar türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň häzirki zaman taryhyna özboluşly syýahatdyr.

Şeýle hem sergide dokma senagaty kärhanalarynyň önümleri: çagalar we ulular üçin egin-eşikleriň, matalaryň dürli görnüşleri, sowgatlyk toplumlar, ajaýyp türkmen el halylary, ýurdumyzyň telekeçileriniň önümleri görkezildi.

Forumyň öň ýanynda çaý başynda geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türk tarapynyň wekilleri ýyl-ýyldan hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan döwletara gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.

Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu belent mertebeli myhmana işewürlik forumyna gatnaşýandygy üçin hoşallyk bildirip, türk hyzmatdaşlaryň Türkmenistanyň Baştutany bilen duşuşygy uly ruhubelentlik bilen kabul edendiklerini nygtady. Şunda netijeli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýan möhüm ähmiýetli maksatnamalaryň we taslamalaryň başyny başlan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşandygy aýratyn bellenildi.

Nygtalyşy ýaly, Türkiýäniň işewür düzümleri üçin Türkmenistanda iş alyp barmak uly hormatdyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza türk kompaniýalarynyň geljegi uly türkmen bazarynda işlemäge hem-de tutuşlygyna ikitaraplaýyn işewürlik gatnaşyklarynyň ösdürilmegine berýän hemmetaraplaýyn goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.

Soňra Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu ýygnananlara ýüzlenip, şu gezekki işewürlik duşuşygyna Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynyň özi we ähli kärdeşleri üçin uly mertebedigini aýdyp, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa söz berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlary mähirli mübärekläp, şu günki işewürlik maslahatynyň guralandygy üçin Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşigine, Daşary ykdysady gatnaşyklar guramasyna minnetdarlyk bildirdi we yzygiderli geçirilýän şeýle duşuşyklarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlarynyňdyr mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu duşuşykda hem netijeli gepleşikleri dowam etdirmegiň maksadalaýykdygy barada aýdyp, onuň dowamynda ikitaraplaýyn hereketlere hil taýdan täze itergi berjek, mundan soňra ediljek bilelikdäki işler boýunça anyk meselelere seretmäge ýardam etjek pikir alyşmalaryň boljakdygyna ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow işewürlik maslahatyna gatnaşýandyklary üçin türkiýeli hyzmatdaşlara minnetdarlyk bildirip, ýygnananlaryň arasynda uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda netijeli işleri alyp baran kompaniýalaryň wekilleriniň hem bardygyny belledi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda türk kompaniýalary Türkmenistanda kiçi, orta we iri ýüzlerçe taslamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşdylar. Şunuň bilen birlikde, häzirki tapgyrda Türkmenistanda dürli senagat pudaklarynda, medeni-durmuş ugurlarynda giň möçberli taslamalaryň meýilleşdirilýändigini bellemek gerek. Olar innowasiýalara we ýokary tilsimatlara esaslanýan inženerçilik pikirlerini, baý tehniki tejribeleri, ussatlygy talap edýär. Şonuň üçin biziň ýurdumyz agzalan taslamalary, aýratyn-da, döwrebap “akylly” şäher ýörelgelerine laýyklykda bina ediljek “Aşgabat-siti” konsepsiýasyny we Arkadag şäherinde guruljak senagat klasterini bilelikde işlemek üçin Türkiýäniň işewür toparlaryny Türkmenistana çagyrdy.

Türkmenistan daşary ýurtlar bilen maýa goýumlar babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet berýär. Bu ýerde esasy maksat ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri energetika we infrastruktura taslamalaryna daşary ýurt maýalaryny çekmekden ybarat bolup durýar. Şeýlelikde, biziň öňümizde işlemek üçin giň meýdança açylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki maýa goýum gaznasyny hem-de maýa goýumlar boýunça bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip etdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz türk maýadarlarynyň, senagatçylarynyň ýurdumyzda alyp barýan işlerini maliýe taýdan düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkiýäniň käbir iri banklarynyň Türkmenistanda şahamçalaryny açmak meselesine seretmek barada aýtdy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda energetika ulgamy giň orun tutýar. Bu ýerde gürrüň türkmen energiýa serişdeleriniň, hususan-da, elektrik energiýasynyň we tebigy gazyň Türkiýä iberilmegi barada barýar. Türkmenistan energiýa serişdelerini öndürýän, üstaşyr geçirýän we sarp edýän taraplaryň bähbitlerini deň derejede göz öňünde tutmak ýörelgesinden ugur alyp, türkiýeli hyzmatdaşlar bilen bu ugurda özara hereketlere açykdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Ulag-kommunikasiýa pudagy möhüm we geljegi uly ugurlaryň biri bolup durýar. Häzirki döwürde biziň ýurdumyzda täze ulag desgalarynyň, awtomobil we demir ýol geçelgeleriniň giň gerimli gurluşyk işleri alnyp barylýar, howa, deňiz menzilleriniň durky täzelenýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz iki ýurduň ulag edaralarynyň, assosiasiýalarynyň, kompaniýalarynyň arasynda yzygiderli esasda iş duşuşyklaryny geçirmegi teklip etdi. Şunuň bilen birlikde, ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, işleri utgaşdyrmak we sazlaşykly alyp barmak maksady bilen, döwlet ulag edaralarynyň, hususy ulag-logistika kompaniýalarynyň gatnaşmaklarynda bilelikdäki ulag-logistika merkezini döretmek maksadalaýyk hasaplanýar.

Oba hojalygyny ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezmek bilen, hormatly Prezidentimiz biziň esasy wezipämiziň ýurtlarymyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekden we bu ugurda halkara tagallalara goşant goşmakdan ybaratdygyny belledi. Şonuň üçin-de Türkmenistanda oba hojalygy we agrosenagat pudagyna köp mukdarda maýa goýlup, onuň maddy-tehniki binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, tohumçylyk we seçgiçilik ulgamyny ösdürmek, täze tilsimatlary önümçilige ornaşdyrmak babatda Türkiýe bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we tejribe alyşmak boýunça teklibini öňe sürdi. Türkmenistan bu ugurlarda ýöriteleşen türk kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardyr.

Çykyşynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu gün tutuş dünýäniň howanyň üýtgemegi we beýleki ekologik wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny nygtady. Şeýle şertlerde suw hojalygy pudagynyň ähmiýeti yzygiderli artýar. Ýurdumyz suw üpjünçilik hem-de suw paýlama ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmagy meýilleşdirmek bilen, bu derwaýys pudakda sebit we halkara hyzmatdaşlyga ähmiýet berýär. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz suw serişdelerini rejeli ulanmak we suw tygşytlaýjy tilsimatlary ornaşdyrmak babatda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagy baş wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şunda anyk taslamalar hökmünde Garagum derýasynyň hanasynyň hem-de ýan kanallarynyň infrastrukturasynyň täzelenmegi we giňeldilmegi bellenildi. Bu ugurlarda degişli türk kompaniýalary bilen ysnyşykly hereketleri alyp barmaga taýýarlyk beýan edildi.

Senagat pudagynyň ösüşi we önümçilik kooperasiýasy milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan bir bölegi bolup durýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de ösdürmek boýunça Türkmenistanda degişli işler geçirilýär. Şular barada durup geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki zaman şertlerinde ykdysadyýetiň ösmeginde ylym we tehnikanyň ornunyň gün-günden ýokarlanýandygyny nygtady. Şunlukda, ýurtlarymyzyň täze talaplara laýyk ösmegi, döwür bilen aýakdaş gitmegi möhüm bolup durýar. Şu derwaýys wezipeden ugur alyp, döwlet Baştutanymyz ylym-tehnika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdi. Munuň çäklerinde iki ýurduň maglumat tilsimatlary pudagynda ýöriteleşen kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak zerur hasaplanýar. Bu ugurlarda bilelikdäki işleri alyp barmaga türkmen tarapy taýýardyr.

Umuman, türkmen tarapy Türkiýe bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýär. Bu günki duşuşykda öňümizde duran uly wezipeler we hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri barada maslahat edýäris. Biz iki tarap üçin hem bähbitli bolan netijeli pikirleri we teklipleri hoşallyk bilen kabul etmäge taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de ýurtlarymyzyň, hususan-da, işewür toparlarymyzyň bu meselelere tagalla bilen çemeleşjekdiklerine ynam bildirdi. Ara alyp maslahatlaşmalary şu ýylyň 6 — 8-nji dekabrynda Türkmenistanda guraljak Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisiniň çäklerinde-de dowam etdirip boljakdygyny nygtap, döwlet Baştutanymyz nobatdaky Türkmen-türk işewürlik maslahatyny Aşgabatda geçirmegi teklip etdi.

Duşuşygyň ýokary derejede guralandygy we onda çykyş etmäge mümkinçilik döredilendigi üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlaryň hemmesine berk jan saglyk, abadançylyk, uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi hem-de ýygnananlaryň ählisinde uly gyzyklanma döretdi.

Soňra çykyş eden Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz şu günki işewürlik forumyna Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň gatnaşmagynyň ikitaraplaýyn işewürlik gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, onuň geriminiň giňeldilmegine täze itergi berjekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň işewür toparlarynyň ýurdumyzda dürli ulgamlarda, şol sanda energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika pudaklarynda amala aşyrylýan giň gerimli düzümleýin taslamalara, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna, beýleki möhüm ähmiýetli taslamalara gatnaşmaga ýokary gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi.

Jenap Jewdet Ýylmaz many-mazmunly çykyşy hem-de türkiýeli işewürleri geljekde-de bilelikde işlemäge çagyrandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu gün geçiriljek ýokary derejedäki gepleşikleriň ähmiýetini belledi. Türkiýäniň wise-prezidenti döwlet Baştutanlarynyň Ankarada boljak duşuşygynyň netijeleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirip, hormatly Prezidentimize asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Türkiýe Respublikasynyň senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyr çykyş edip, şu gezekki işewürlik forumyna gatnaşandygy we mazmunly çykyşy üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Çykyşda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenilip, anyk teklipler beýan edildi. Nygtalyşy ýaly, Türkiýede doganlyk Türkmenistan bilen däp bolan özara bähbitli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi üçin giň mümkinçilikleri açýan toplumlaýyn ykdysady strategiýanyň durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berilýär.

Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu, öz gezeginde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, ony hil taýdan täze derejä ýetirmäge berýän ünsi üçin çuňňur hoşallyk bildirdi. Şunda dostlukly döwletiň işewür toparlarynyň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine, bilelikdäki täze taslamalaryň amala aşyrylmagyna gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi.

Türkiýeli hyzmatdaşlaryň biziň ýurdumyz bilen netijeli özara gatnaşyklary ösdürmäge, ikitaraplaýyn işewürlik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga üýtgewsiz ygrarlydygy «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygyň çykyşynda hem tassyklanyldy.

Forumyň açylyş dabarasynyň ahyrynda Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Ankarada geçirilýän bilelikdäki işewürlik duşuşygyna gatnaşandygy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ähli gatnaşyjylaryň adyndan iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Soňra Türkmen-türk işewürlik maslahaty iki ýurduň degişli döwlet we işewürlik düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda dowam etdi. Onda bar bolan kuwwaty we uzak möhletleýin geljegi göz öňünde tutup hem-de hormatly Prezidentimiziň öňe süren tekliplerinden ugur alyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň jemleri boýunça türkmen we türk telekeçileriniň arasynda dürli ulgamlarda, şol sanda gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, obasenagat toplumy, azyk senagaty pudagy, ugurdaş enjamlary satyn almak babatda birnäçe resminamalara gol çekildi.

Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň kabulhanasyna — «Aksaraý» köşgüne barýar. Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy.

Köşgüň öňündäki meýdançada iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy. Hormat garawulynyň atly esgerleriniň ugratmagynda döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy «Aksaraý» köşgüne tarap ugraýar.

Merkezi girelgäniň öňünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Prezident Rejep Taýyp Ärdogan mähirli garşylady. Iki ýurduň Liderleri dostlarça salamlaşyp, ýörite taýýarlanan ýere geçýärler.

Saz orkestriniň ýerine ýetirmeginde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanyp, Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde baş egip, Hormat garawulynyň öňünden geçýärler.

Dostlukly döwletiň Baştutany belent mertebeli myhmany Türkiýe Respublikasynyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdogany ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Türkiýe Respublikasynyň Baştutany belent mertebeli myhmany «Aksaraý» köşgüne çagyrýar. Bu ýerde ikiçäk görnüşde ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mähirli mübärekläp, öz ýurdunda Türkmenistanyň Baştutanynyň şu gezekki saparyna mizemez dost-doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýan döwletara dialogyň taryhyndaky möhüm waka hökmünde garalýandygyny nygtady.

Türk Lideri Türkiýäniň ýurdumyz bilen giň möçberli strategik hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklap, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmegine goşan ägirt uly goşandyny belledi hem-de Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy hem-de görkezilen mähirli myhmansöýerlik üçin, şeýle hem Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň yzygiderli ösmegi ugrundaky uly tagallalary üçin Prezident Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk Liderine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özüniň döwlet Baştutany hökmünde Türkiýe Respublikasyna amala aşyrýan ilkinji resmi saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda netijeli boljakdygyna ynanýandygyny belledi. Bu gezekki saparyň Türkiýe Respublikasynyň döredilmeginiň 100 ýyllyk ýubileýiniň belleniljek gününiň öňüsyrasynda bolmagynyň uly many-mazmuna eýedigini belläp, döwlet Baştutanymyz Prezident Rejep Taýyp Ärdogany bu şanly baýram bilen gutlady hem-de berk jan saglyk, abadançylyk, doganlyk türk halkyna bolsa täze ýüzýyllykda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklarymyz häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we talaplaryny hasaba almak bilen, yzygiderli, ulgamlaýyn esasda berkidilýär. Türkmenistan bilen Türkiýäniň halkara syýasatda ysnyşykly gatnaşyk saklaýandygyny bellemek gerek. Döwletlerimiz işjeň sebit we halkara meselelerde köp babatda birmeňzeş ýa-da biri-birine ýakyn garaýyşlary beýan edýärler. Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar etmek bilen, onuň halkara işlere işjeň goşulyşmagy, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk derejesiniň dünýä ýüzünde kabul edilmegi we pugtalanmagy babatda ýardam etdi. Türkmenistan hem halkara bileleşik tarapyndan Türkiýäniň teklipleri esasynda kabul edilýän dürli başlangyçlaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýar.

Biziň ýurtlarymyz söwda-ykdysady ugurda özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlygy alyp barýarlar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşyklaryň ileri tutulýan bu ulgamyny, hususan-da, energetika, ulag, maýa goýumlar, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlary mundan beýläk-de ösdürmäge, hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini işe girizmäge, söwda dolanyşygyny deňagramly görnüşde ýokarlandyrmaga türkmen tarapynyň taýýardygyny beýan etdi.

Medeni-ynsanperwer ugurda netijeli özara hereketleriň bardygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz halklarymyzyň bilelikdäki medeni mirasynyň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň we asylly däp-dessurlarynyň dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigini belledi. Türkmenistan bu gatnaşyklary, ylaýta-da, medeniýet, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport ugurlarynda mundan beýläk-de ösdürmegi we täze derejä çykarmagy ugur edinýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna ilkinji resmi saparynyň döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna baha bermek hem-de onuň geljekde okgunly ösdürilmegi babatda täze mümkinçilikleri açjakdygyna ýene-de bir gezek ynam bildirdi.

Özara düşünişmek we oňyn ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan hyzmatdaşlygyň häzirki tapgyryndaky hem-de geljekki meýilnamalar bilen baglanyşykly möhüm ugurlaryny anyklaşdyryp, Türkmenistanyň we Türkiýäniň uly mümkinçiliklerini doly herekete getirmek arkaly netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge özara gyzyklanmany tassykladylar. Duşuşygyň çäklerinde taraplar gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit syýasatynyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça-da pikir alyşdylar.

Soňra sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdogana Gardaş atly türkmen alabaýyny sowgat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, eýesine wepaly, batyr alabaýlar asyrlaryň dowamynda halkymyzyň wepaly dosty hem-de hemrasy, ygtybarly goragçysy, kömekçisi bolupdyr. Häzirki günde alabaýlar halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan köpasyrlyk türkmen-türk dostlugynyň däplerine ygrarlylygyň özboluşly nyşany bolan bu ajaýyp sowgat üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi.

Pursatdan peýdalanyp, öz gezeginde, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hem hormatly Prezidentimize anadoly kangal tohumly iki sany ajaýyp güjüjegi sowgat berdi.

Döwlet Baştutanymyz sowgat üçin türk Liderine minnetdarlyk bildirdi hem-de bu sowgada mizemez türkmen-türk dostlugynyň nyşany hökmünde garaýandygyny belledi.

Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşlerde okgunly ösdürilýän döwletara gatnaşyklara ýokary baha berdi. Bellenilişi ýaly, onuň ösdürilmeginde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem uly goşandy bardyr. Häzirki wagtda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň asylly başlangyçlary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan döredijilikli içeri we daşary syýasatynda öz mynasyp dowamyny tapýar.

Türkiýe Respublikasynyň Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, şu günki ýokary derejedäki gepleşikler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigini tassyklaýar. Bu gepleşikleriň gün tertibine özara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumy girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi sapar bilen gelmäge çakylyk hem-de görkezilen mähirli myhmansöýerlik we döredilen amatly şertler üçin Prezident Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirip, ýene-de birnäçe günden belleniljek Türkiýäniň milli baýramy — Respublikanyň döredilmeginiň 100 ýyllyk ýubileýi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de türk kärdeşine, doganlyk ýurduň ähli halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik ugry barada aýdyp, ýurtlarymyzyň Birleşen Milletler Guramasynda, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynda, Türki Döwletleriň Guramasynda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda we beýleki düzümlerde netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini belledi. Türkmenistan we Türkiýe halkara syýasatyň möhüm meseleleri babatda birmeňzeş ýa-da ýakyn garaýyşlary beýan etmek bilen, dünýä ösüşiniň gaýragoýulmasyz ugurlary boýunça birek-biregiň teklipdir başlangyçlaryny goldamak arkaly hyzmatdaşlygyň uly tejribesini topladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam edip, Birleşen Milletler Guramasynyň aýratyn ornuny nygtady hem-de Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Milletler Bileleşiginiň kadalarynyň we ýörelgeleriniň esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny taýýarlamak baradaky başlangyç bilen çykyş edendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, birinjiden, dawaly ýagdaýlara, hususan-da, ýüze çykyp başlan tapgyrynda olara ýol bermezlik üçin öňüni alyş çäresini ulanmak; ikinjiden, Bitaraplygyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak; üçünjiden, ynanyşmaga esaslanýan dialog medeniýetini dikeltmek möhüm bolup durýar. Bu teklibi iş ýüzünde amala aşyrmakda Türkmenistan türk tarapynyň hem goldawyna garaşýar.

Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine geçip, bu babatda iki ýurduň giň mümkinçiliklere eýedigini belledi hem-de söwda, energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat, oba hojalygy, ýokary tilsimatlar, önümçilik kooperasiýasy, telekeçilik gatnaşyklary we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy. Bu babatda türkmen tarapy öňümizdäki döwürde gatnaşyklary giňeltmäge we anyk taslamalar bilen baýlaşdyrmaga taýýardyr.

Hormatly Prezidentimiz energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň iki ýurt üçin hem bähbitlidigini, munuň üçin zerur şertnama-hukuk binýadynyň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tebigy gazynyň we elektrik energiýasynyň Türkiýä iberilmegi ugrunda bilelikde işlemek meselesine seretmek teklip edildi. Şunda türkmen elektrik energiýasyny üçünji ýurtlaryň çäklerinden üstaşyr geçirmek arkaly Türkiýä ibermek meselesine seretmek teklip edilýär. Şeýlelikde, ýakyn wagtda Hazar deňziniň türkmen kenarynda kuwwatlylygy 1574 megawata deň bolan täze elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň başlamagy bilen, bu babatda mümkinçilikler dörär. Biz bu taslamany hem türk doganlarymyz bilen bilelikde durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ýene birnäçe günden Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda möhüm halkara ähmiýete eýe bolan bu energetika desgasynyň düýbüni tutmak dabarasy geçiriler.

Ulag we logistika pudagy bilelikdäki işlerimiziň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu pudakda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ulag ýollarynyň we geçelgeleriniň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagy zerur hasaplaýarys. Biziň pikirimizçe, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe we Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar, şeýle hem Hazar deňzi — Gara deňiz ulag geçelgeleri giň mümkinçilikleri açýar. Hususan-da, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň hem-de Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň infrastruktura mümkinçiliklerini has netijeli ulanmak mümkindir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda Türkiýe bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigini nygtap, däp bolan esasy ugurlar bilen bir hatarda, maýa goýumlar, gaz we himiýa senagaty, obasenagat toplumy, daşky gurşawy goramak, täze tilsimatlar, syýahatçylyk, işewürlik gatnaşyklary babatda we beýleki möhüm pudaklarda özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň maksadalaýykdygyny aýtdy. Häzirki döwürde Türkmenistanda dürli senagat pudaklarynda, medeni-durmuş ugurlarynda giň möçberli iri taslamalaryň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär. Olar innowasiýalara we ýokary tehnologiýalara esaslanýan inženerçilik pikirlerini, baý tehniki tejribeleri, ussatlygy talap edýär.

Medeniýet, ylym, bilim we beýleki pudaklardaky hyzmatdaşlyga-da uly orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiz şular barada aýtmak bilen, halklarymyzyň umumy medeni mirasynyň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň we birmeňzeş däp-dessurlarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalanmagy üçin berk esas bolup hyzmat edýändigini ýene-de bir gezek nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogany özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Döwlet Baştutanymyz köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirip, türk kärdeşine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýokary döwlet wezipesinde täze döwürde-de uly üstünlikleri, Türkiýäniň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Giňeldilen düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Hususan-da, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň (TOBB) arasynda Türkmenistan — Türkiýe söwda we senagat edarasynyň forumyny (TTCCI) döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda audio-wideo önümlerini bilelikde öndürmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Türkiýe Respublikasynyň Kiçi we orta kärhanalary ösdürmek we goldaw bermek baradaky guramasynyň arasynda Hereketleriň meýilnamasyna; Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Adam serişdeleri edarasynyň arasynda adam serişdelerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki düzgünleşdiriş, standartlaşdyrmak, laýyklyga baha bermek, akkreditirlemek we metrologiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet arhiw müdirliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Kommunikasiýalar müdirliginiň arasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Ýokary okuw guramasynyň müdiriýetiniň arasynda ýokary okuw bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň arasynda ulag we maglumat tehnologiýalarynda ylmy-barlag işleri babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ösümlikleri goramak we ösümlikleriň karantini hakynda hyzmatdaşlyk Ylalaşygyna; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet babatda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ýaşlar we sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça 2024 — 2026-njy ýyllarda ýaşlar syýasaty babatda hyzmatdaşlyk hakynda Hereketler meýilnamasyna; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda meteorologiýa babatda hyzmatdaşlyk Ylalaşygyna gol çekildi.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti gepleşikleriň netijelerini teswirläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de Türkmenistanyň wekiliýetini Ankarada kabul etmäge örän şatdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, häzirki saparyň Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet Baştutany hökmünde Türkiýe Respublikasyna amala aşyrýan ilkinji resmi saparydygy bellenildi.

Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň nygtaýşy ýaly, dilimiziň, taryhymyzyň, medeniýetimiziň umumylygyna hem-de özara bähbitlere, deňhukuklylyga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Bu günki geçirilen gepleşiklerde döwletara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Energetika, ulag, söwda, daşky gurşawy goramak, oba hojalygy, ýaşlar we sport syýasaty, arhiw işi, bilim, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamlaryna degişli birnäçe resminamalara gol çekildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm başlangyçlary öňe sürýär diýip, türk Lideri aýtdy.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan gepleşikleriň gün tertibine girizilen meseleler boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň meňzeşdigini belläp, Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynda synçy derejesine eýe bolmagynyň türk hyzmatdaşlary guwandyrýandygyny nygtady.

Gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklara möhüm orun berildi. Türk kompaniýalarynyň Türkmenistanda taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagy yzygiderli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşanydyr. Şu günki geçirilen Türkmen-türk işewürlik maslahaty hem bu ugurdaky gatnaşyklarymyzyň ösdürilmegine täze itergi bermäge gönükdirilendir diýip, Prezident Rejep Taýyp Ärdogan belledi.

Türkiýe Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji döwlet hökmünde hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine guwanýar diýip, dostlukly döwletiň Baştutany nygtady.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentine hem-de wekiliýet agzalaryna netijeli gepleşikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary derejede geçirilen şu günki duşuşygyň netijelerini beýan etmek bilen, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, öz adyndan hem-de Türkmenistanyň halkynyň adyndan ýene-de birnäçe günden bellenilip geçiljek Türkiýäniň milli baýramy — Respublikanyň 100 ýyllyk ýubileýi bilen türk tarapyny tüýs ýürekden gutlady we abadançylyk arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Türkiýä amala aşyrylýan saparyň çäklerinde şu gün geçirilen gepleşikler dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda örän netijeli häsiýete eýe boldy. Hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, özara gyzyklanma bildirilýän möhüm sebit we halkara meseleler boýunça pikir alşyldy. Dostluk, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan, strategik häsiýete eýe bolan türkmen-türk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga özara taýýarlyk tassyklanyldy.

Duşuşyklaryň dowamynda sebit we halkara syýasatyň gün tertibinde möhüm orun eýeleýän meselelere, hususan-da, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer häsiýetiniň ýokarlandyrylmagy ýaly mowzuklara üns berdik diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki tagallalary güýçlendirmegiň wajypdygy bellenildi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklar babatda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy. Gepleşiklerde iki ýurduň haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň möhümdigi bellenildi, şeýle hem bu ugurda bar bolan uly mümkinçilikler, olary herekete geçirmegiň ýollary barada pikir alşyldy. Mundan başga-da, türkmen tebigy gazynyň we elektrik energiýasynyň Hazar deňziniň üsti bilen Türkiýä iberilmeginiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, iki ýurduň arasynda söwdany ösdürmekde üstaşyr ýük daşamalar ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm orny tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bar bolan ulag geçelgeleriniň, hususan-da, Hazarüsti hem-de Hazar deňzi — Gara deňiz ulag geçelgeleriniň işjeňligini ýokarlandyrmagyň we täze ugurlary döretmegiň özara bähbitli boljakdygy nygtaldy. Ulag pudagynda bilelikdäki hereketleriň has netijeliligini üpjün etmek üçin zerur işleri amala aşyrmak barada ylalaşyk gazanyldy. Şeýle hem senagatyň dürli pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, hususan-da, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän iri taslamalara türk kompaniýalarynyň gatnaşmaklary bilen bagly meselelere garaldy.

Duşuşykda doganlyk halklarymyzyň umumy medeni mirasynyň we ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň özara bähbitli, deňhukukly gatnaşyklary ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigi aýratyn bellenip geçildi. Şundan ugur alyp, köpasyrlyk gatnaşyklary gorap saklamak hem-de pugtalandyrmak üçin medeniýet, bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardygymyz mälim edildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň has-da ösmegine ýardam berjek möhüm resminamalara gol çekildi. Olar döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenmesiniň ahyrynda gazanylan ylalaşyklaryň we gol çekilen resminamalaryň köpugurly türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze itergi berjekdigine hem-de doganlyk ýurtlarymyzyň bähbitlerine, abadançylygyna hyzmat etjekdigine berk ynam bildirdi.

Metbugat maslahaty tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde ýadygärlik surata düşdüler.

Belent mertebeli myhmanyň hormatyna Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti resmi agşamlyk naharyny berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Ankara şäheriniň «Esenboga» Halkara howa menziline bardylar. Munuň özi döwletara gatnaşyklaryň däp bolan dostluk we ynanyşmak häsiýetine eýediginiň aýdyň beýany boldy.

Howa menzilinde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlary geçirilen gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirip, birek-birek bilen mähirli hoşlaşdylar hem-de iki doganlyk halka rowaçlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerden Watanymyza ugrady.

Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.

Şeýle hem bu ýerde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkiýä resmi saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady. Şunda Ankarada geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyň taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklara, taraplaryň hoşmeýilli erkine hem-de strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara dialogy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ýolunda täze, möhüm ädimi alamatlandyrjakdygyna ynam bildirildi.

***

Hormatly Prezidentimiziň Türkiýä resmi saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary türk kärdeşleri bilen Ankarada ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Olarda söwda-ykdysady ulgamy, senagat, şol sanda dokma senagaty, energetika, gurluşyk pudagy, ulag we kommunikasiýa, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, telekeçilik ulgamy boýunça gatnaşyklarda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ynsanperwer ulgamda, şol sanda bilim, ylym, medeniýet, arhiw işi, saglygy goraýyş, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ugurlarynda däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça pikir alşyldy.

Duşuşyklaryň barşynda taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy nygtaldy. Şunda gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginde, işewürlik gatnaşyklarynyň utgaşdyrylmagynda, dürli ugurlarda özara bähbitli hereketleri ösdürmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň işiniň möhüm ähmiýeti bellenildi.

Ankarada ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdylar.

Bilim ulgamy türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň, umuman, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ynsanperwer ulgamdaky özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýaşlarymyza daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary we dürli hünärleri öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurdaky däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmak meseleleri hemişe ýokary derejede geçirilýän ikitaraplaýyn gepleşikleriň gün tertibine girizilýär.

Talyplar özleri baradaky alada jogap edip, saýlap alan hünärlerini ele almak, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmek, okuwlaryny tamamlanlaryndan soňra alan bilimlerini iş tejribesinde üstünlikli ulanmak, Watanymyzyň gülläp ösmegine, onuň halkara abraýynyň has-da belende galdyrylmagyna, türkmen we türk halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Duşuşygyň dowamynda talyplara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitaby gowşuryldy. Gahryman Arkadagymyzyň bu edebi-filosofik eseri türkmenistanlylar, hususan-da, ýaş nesil üçin durmuşda we işde ruhy gollanma bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik maksatlaryna ýetmäge ruhlandyrýar.

27.10.2023
Ankarada türkmen-türk gepleşikleri geçirildi

Şu gün günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Bu duşuşygyň dostlukly ýurduň milli baýramynyň — Respublikanyň döredilmeginiň 100 ýyllygynyň bellenilýän günlerine gabat gelmegi özboluşly mana eýedir.

«Aksaraý» köşgüniň öňündäki meýdançada belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasyndan soňra, Türkmenistanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň ikiçäk duşuşygy geçirildi. Dostlukly ýurduň Lideriniň iş otagynda iki halka mahsus açyklyk, birek-birege düşünişmek, özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, häzirki ýagdaýlary we geljegi nazara almak bilen, onuň esasy ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

Duşuşygyň dowamynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow hem-de Rejep Taýyp Ärdogan özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, halkara gün tertibiniň gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri babatda pikir alyşdylar. Döwlet Baştutanymyz syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ulgamlary, energetika, ulag-logistika pudaklaryny, medeni-ynsanperwer ulgamy bilelikdäki işiň möhüm ugurlary hökmünde görkezip, anyk teklipleri beýan etdi. Hususan-da, bu ýerde gürrüň ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek bilen baglylykda, türkmen tarapynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe süren degişli başlangyjyny amala aşyrmak, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, Hazar deňziniň üsti bilen türkmen tebigy gazyny we elektrik energiýasyny Türkiýä ibermek ugrunda bilelikde tagalla etmek, ulag ýollarynyňdyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmak, iki ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda medeni çäreleri geçirmek tejribesini dowam etdirmek ýaly wajyp meseleler barada barýar.

Gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Şeýle-de iki döwletiň Baştutanlary ýokary derejeli duşuşygyň netijeleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

«Türkmenistan»

Ankara ş.

27.10.2023
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 23-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatyň ekin meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär, tabşyrylan hasyl üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Ýygnalan hasyl pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlenilýär. Şunuň bilen birlikde, bugdaý ekişi dowam edýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmagy öz wagtynda tamamlamak, kadaly gögeriş almak boýunça zerur işler geçirilýär.

Welaýatyň bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny gyş möwsümine doly taýýar etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim welaýatda Türkmen alabaýynyň baýramyna görülýän taýýarlyk hem-de şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmegi, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamagy berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga beriljek dürli maksatly desgalarda gurluşyk işlerini talabalaýyk alyp barmak babatda anyk görkezmeler berildi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Şu günler sebitde ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär. Önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý ekişi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilip, gögeriş suwy tutulýar.

Welaýatda ýyladyş ulgamlaryny gyş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirildi. Şunuň bilen birlikde, häkim ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek çäreler, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan binalarda we desgalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmelidigini aýtdy hem-de pagta hasylyny ýygnap almak işleriniň depgininiň güýçlendirilmegini, bugdaý ekişiniň öz wagtynda tamamlanmagyny berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda açylyp ulanmaga beriljek medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Pagta öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Ýygnalan hasyl pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlenilýär. Mundan başga-da, welaýatyň ekin meýdanlarynda bugdaý ekişi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şeýle hem şu günler ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär.

Welaýatyň bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik düzümleriniň binalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary işe girizildi. Şunuň bilen birlikde, sebitde Türkmen alabaýynyň baýramyny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetini belledi we möwsümde öňde goýlan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek, hususan-da, welaýatda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak, şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almak işlerini berk gözegçilikde saklamak babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi tabşyryldy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitiň oba hojalyk meýdanlarynda dowam edýän işler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny öz wagtynda ýygnap almak üçin zerur çäreler görülýär, tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar geçirilýär. Pagta hasyly degişli kärhanalarda gaýtadan işlenilýär we arassalanylýar. Şeýle hem bugdaý ekişini öz wagtynda tamamlamak, gögeriş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda ýetişdirilen hasyly ýygnamak işleri alnyp barylýar.

Welaýatyň bilim we medeniýet edaralarynyň desgalarynyň, dolandyryş hem-de jemgyýetçilik ulgamlarynyň binalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary kadaly işledilýär. Mundan başga-da, welaýatda Türkmen alabaýynyň baýramyna görülýän taýýarlyk hem-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, sebitde açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de welaýatda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak, şaly hasylynyň ýygymyny guramaçylykly geçirmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda sebitde pagta ýygymy dowam edýär. Pagtaçy kärendeçiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, ýygnalan hasyl pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlenilýär. Şeýle hem bugdaý ekişini bellenen möhletlerde tamamlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar. Mundan başga-da, gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär.

Welaýatdaky binalaryň we desgalaryň, hususan-da, bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik edaralarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen bir hatarda, häkim her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramyny guramaçylykly geçirmek hem-de şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga beriljek medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň guramaçylykly hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we pagta ýygymynyň depginini ýokarlandyrmak, bugdaý ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda öz wagtynda tamamlamak, gant şugundyrynyň hasylynyň ýygymyny ýokary hilli geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň talabalaýyk dowam etdirilmegini gözegçilikde saklamak babatda birnäçe görkezmeler berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatlarda pagta ýygymy dowam edýär. Tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýygnalan hasyl pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlenilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişi guramaçylykly dowam edýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar.

Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly oragy, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda dowam edýän pagta ýygymy möwsüminiň depginini güýçlendirmegi, bugdaý ekişini bellenen möhletlerde tamamlamagy, ideg işlerini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimlerine ilatymyzyň ýylylyk, elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilişini, şu ýyl sebitlerde açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň we binalaryň açylyş dabaralarynyň, her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli guraljak dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işlere toplumlaýyn we jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy hem-de birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

24.10.2023