Golaýda paýtagtymyzda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi üstünlikli geçirildi. Şu günler bolsa onuň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň ähmiýetine bagyşlanan maslahatlar işjeň häsiýete eýe bolýar. Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny ösdürmek babatynda halkara hyzmatdaşlygy» ady bilen guralan maslahatda-da bu möhüm ugurda ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlaryna aýratyn üns çekildi.
Mälim bolşy ýaly, gadymy döwürlerde sebitiň iň möhüm söwda ýollary üstünden geçen Türkmenistana ýedi ýoluň çatrygy hökmünde garalypdyr. Täze taryhy döwürde ýurdumyz Ýewraziýa yklymynyň ähli döwletleriniň we halklarynyň gülläp ösmegi ugrunda özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak üçin ulag ulgamynda öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge çalyşýar. Soňky ýyllarda uly ösüşlere eýe bolýan milli demir ýol pudagy häzirki wagtda ösüşiň täze tapgyryna gadam basýar. Bu babatda şu ýylyň 15 — 19-njy aprelinde Aşgabatda geçirilen Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi we onuň netijeleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy hem möhüm ähmiýete eýe boldy. Maslahata gatnaşyjylar BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan multimodal üstaşyr geçelgeleri döretmäge ýardam bermek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary üpjün etmek ulgamynda Kararnamalaryň kabul edilmeginde Türkmenistanyň başlangyçlaryny we tagallalaryny, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähmiýetini nygtadylar.
Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji ýyllaryndan goňşulary bilen taryhdan gelýän gatnaşyklary dikeltmäge ýardam berjek ulag ýollaryny çekmäge aýratyn üns berdi. Hususan-da, ýurdumyz 1994-nji ýyldan bäri Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agzasy bolmak bilen, milli derejede demir ýol ulagy düzümleriniň sazlaşykly ösdürilmegi, sebit derejesinde utgaşykly ulag syýasatynyň amala aşyrylmagy esasynda halkara üstaşyr ýükleri daşamagyň ugurlaryny giňeltmekde wajyp orny eýeleýär. Türkmenistan GDA ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup öz goňşy döwletlerine tarap demir ýollary çeken döwletdir. Gürrüň Beýik Ýüpek ýolunyň ugruny polat ýollar arkaly kesip geçýän Transaziýa demir ýoly taslamasynyň möhüm halkasy bolan Tejen — Sarahs— Maşat demir ýoly barada barýar. 1996-njy ýylda açylan bu ýoluň Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda, türkmen ykdysadyýetiniň dünýäniň hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşyp başlan döwründe Türkmenistanyň ösüşi üçin giň mümkinçilikleri açandygyny aýratyn nygtamak zerur. Eýranyň demirgazygyny onuň gündogary bilen birleşdirýän Bafk — Bender-Abbas demir ýolunyň 2005-nji ýylda Tejen — Maşat ýoluna seplenmegi esasynda Türkmenistanyň Pars aýlagynyň, Hind ummanynyň sebitindäki döwletler bilen söwda aragatnaşygyna giň ýol açyldy. Bender-Abbas porty ýükleriň we harytlaryň şondan aňryk Indoneziýa, Arap deňzi, Hind ummany ýurtlaryna eltilmegini üpjün edýär.
Gahryman Arkadagymyz 2007-nji ýylyň iýunynda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran ilkinji resmi sapary wagtynda Eýrana Türkmenbaşy — Gürgen aralygynda täze demir ýoly gurmak teklibi bilen ýüzlenipdi. Munuň özi Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň möhüm halkasydyr. Aslynda, Türkmenistanyň dünýä ulag logistikasynda bu möhüm arteriýany döretmegiň gözbaşynda durandygyny bellemek gerek. 2007 — 2014-nji ýyllarda Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň demir ýollaryny birikdiren Uzen — Gyzylgaýa — Bereket — Etrek — Gürgen demir ýol geçelgesi guruldy. Bu bolsa ulag-kommunikasiýa ulgamynda sebitara hyzmatdaşlygyň täze, düýpli taslamasy hökmünde ykrar edildi. Eýsem, täze demir ýoluň, ilkinji nobatda, ony gurujy döwletler üçin ähmiýeti nähili? Bu sowala jogap berlende, ykdysady girdejilerden ozal, halkara giňişlikde Aýlag ýurtlarynyň hem-de Merkezi Aziýa we Hazarýaka sebitiniň dünýäniň geosyýasy we geoykdysady giňişliginde möhüm ähmiýetli çatryga öwrülendigini nazara almak ýerlikli bolar. Bu — meseläniň wajyp syýasy tarapy. Onuň ykdysady tarapy barada aýdylanda bolsa, ol sebitiň döwletlerine Aýlag ýurtlaryna göni çykmak mümkinçiligini döredýär.
Bu demir ýoluň hyzmatyndan peýdalanmaga dünýäniň dürli ýurtlary uly gyzyklanma bildirýärler. Çünki ol iň amatly, ykdysady taýdan bähbitli, onlarça döwlet üçin möhüm üstaşyr ulag ugrudyr. Tutuş Ýewropa, Russiýa, Merkezi Aziýa ýurtlary gysgaldylan ugur arkaly günorta deňizlerine çykmaga mümkinçilik aldylar. Beýleki bir tarapdan, şunuň ýaly mümkinçilik Aýlagyň ýurtlaryna demirgazyk ugur boýunça hem döredi. Bir sözde aýdylanda, taslamanyň ykdysady ähmiýetini, bähbidini wagt bireýýäm subut etdi. Tutuş yklymyň ulag logistikasynda derwaýys orna eýe bolan bu demir ýol boýunça möhüm halkara ýükleriň üstaşyr gatnawy amala aşyrylýar. Bellemeli zat, Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesi boýunça ýükleri daşamak has am atlydyr. Çünki onuň geçýän ugry Sues kanalynyň üsti bilen geçýän ýoldan üç esse gysgadyr.
Türkmenistan halkara we sebitara guramalarynyň meýdançasynda Ýewraziýada köpşahaly halkara ulag geçelgelerini gurmak ugrunda yzygiderli çykyş edip gelýär. Bu babatda ýurdumyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropa — Kawkaz — Aziýa ulag geçelgesiniň hökümetara toparynyň (TRACECA) çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Uzak aralyklara ýük daşamalarda esasy orny eýeleýän demir ýol pudagynyň ösdürilmegi ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaş ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny maksat edinýän Türkmenistanda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň çäk taýdan amatly ýerleşmegini nazara almak bilen, ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça durmuşa geçirýän syýasaty hem bu ugurdaky işlere gönüden-göni ýardam berýär. «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» ulagyň ähli görnüşleriniň maddy-tehniki binýadyny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak, döwrebap ýöriteleşdirilen infrastrukturany döretmek, Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň sebit merkezi hökmündäki ornuny mundan beýläk-de berkitmek bilen bagly strategik ugurlar göz öňünde tutulýar.
Aşgabatda geçirilen DÝHG-niň mejlisinde ýurdumyzyň ulag boýunça 10-dan gowrak halkara konwensiýa gatnaşýandygy, Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirmek başlangyjyny öňe sürendigi bellenildi. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy dürli ýyllarda köptaraplaýyn ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen birnäçe Kararnamalary kabul etdi. Türkmenistanyň halkara demir ýol ulaglaryny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy ykdysady, maglumat, ylmy, tehniki we daşky gurşaw bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde DÝHG-ä agza ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň derwaýys ugurlaryna gönükdirilendir.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Beýik Ýüpek ýolunyň diplomatiýasy ähli babatda iş ýüzünde anyk ugurlara gönükdirilýär we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Häzirki döwürde bu diplomatiýa örän uly ähmiýete eýedir» diýip belleýär. Türkmenistanyň üçünji müňýyllykda täze awtomobil we demir ýollary, deňiz portlaryny, köprüleri gurup, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmegi ugur edinýän strategiýasy bolsa umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýär.
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory.