Akyldara belent sarpa

Taryhda yz goýan belli şahsyýetler halkyň beýikliginiň ölçeg daşlarynyň biridir. Şonuň üçinem umumadamzat derejesindäki şahsyýete öwrülmek söz bilen beýan ederden juda ýokardaky belentlikdir. Dünýä akyldary hökmünde ykrar edilen türkmen danasy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hem özüniň egsilmez gymmatyny şu günlerimizde-de ýitirmeýär.

Dana şahyryň goşgulary ençeme ýyllaryň dowamynda türkmeniň sesi bolup, Ýer ýüzünde ýaňlanyp geldi. Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda — berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna uly sarpa goýýar. «Her bir halkyň beýikligi onuň öňe çykaran, dünýä beren şahsyýetleriniň beýikligine barabar bolýar. Köňülleriň we döwürleriň şahyry, adamzadyň iň gözel, iň tämiz duýgularynyň aýdymçysy Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy beýikligidir. Beýik şahyryň bize goýup giden mirasy özboluşly terbiýe mekdebidir» diýip belleýän Gahryman Arkadagymyz akyldar şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna çäksiz hormat goýýar.

Dana Pyragynyň döredijiligi durmuşyň ähli taraplaryny öz içine alýar. Şahyryň şygyrlary, esasan, watançylyk, gahrymançylyk, öwüt-nesihat, söýgi, dostluk baradaky ynsanperwer pikirleri öňe sürýär. Magtymgulynyň döredijiliginiň türkmen edebiýatynyň ösmegine goşan goşandynyň örän ýokarydygyny görnükli gündogarşynas E.E.Bertelsiň: «Eger belli bir halkyň belli bir döwürdäki mahsus sypatlaryny görkezýändigi üçin edebiýata «nusgawy» edebiýat diýlip at berilmegi türkmen edebiýaty babatda ulanylmakçy bolsa, onda, elbetde, şol at XVIII — XIX asyrlaryň türkmen edebiýatyna berilmelidir. Ol edebiýatyň has aýdyň we mahsus wekili bolsa türkmen halky tarapyndan henize çenli-de örän hormatlanýan şahyr Magtymguly bolupdyr» diýip bellemegi hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Nusgawy edebiýatymyzyň almaz täji bolan Magtymgulynyň eserleri halkymyzyň ruhy baýlygydyr, adamzat üçin gymmatly hazynadyr. Şahyr döredijiliginde hoş sözli, asylly, sada, akylly, hoşgylaw bolmagy, adam gadyryny bilmegi, hemişe oňa hormat goýmagy öwüt-ündew edip, adamlary beýik adamkärçilige çagyrýar.

Hormatly Prezidentimiz nusgawy şahyrlarymyzyň köptaraply döredijiliginiň çuňňur öwrenilmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegi hem asylly däplerden gözbaş alýar. Munuň özi tutuş edebiýatymyza, nusgawy şahyrlarymyza goýulýan belent sarpanyň aýdyň mysalydyr. Magtymguly türkmen halkynyň pähime ýugrulan pikirlerini ajaýyp şygyrlaryna siňdirip, ýürekleriň töründen orun alan söz ussadydyr. Her setiri, her sözi kalbyňa nakyl bolup ornaýan şirin dilli söz ussadymyzyň manysy goýazy dürdäne goşgulary ata Watanyňy, halkyňy söýmekde, birek-birek bilen agzybir ýaşamakda ýol görkeziji şamçyragdyr. Şonuň üçin hem şahyryň goşgularyny wagyz etmek, ýaş nesle öwretmek asylly işleriň biridir, milli terbiýäniň özenidir.

Meýlismyrat SAPAROW,

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň «Maliýe we ykdysadyýet» ylmy-amaly žurnalynyň baş redaktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji.