«Akylly» tehnologiýalaryň ýüze çykmagy we olaryň döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryna giňişleýin ornaşdyrylmagy dünýä ykdysadyýetinde ösüşiň täze tapgyrynyň öňüni açdy. Ol, şonuň bilen birlikde-de, içerki we halkara bazarlara çykarylýan harytlaryň arasyndaky bäsdeşligi ýokarlandyrdy. Şeýle ýagdaýyň, ilkinji nobatda, harydyň hiline hem-de görnüş köpdürlüligine oňyn täsir edýändigi öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Şu ýagdaýlardan ugur alnyp, ýurdumyzyň halk hojalygy pudagyna ylmyň iň täze gazananlarynyň toplumlaýyn ornaşdyrylmagy we bu ugurda hususy pudagyň wekilleriniň işjeňlik görkezýändikleri guwandyryjy ýagdaýdyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde hem-de degişli maksatnamalaryňdyr konsepsiýalaryň esasynda häzirki döwürde «akylly» tehnologiýalary, şonuň bilen birlikde-de ekologik taýdan arassa enjamlary milli ykdysadyýete ornaşdyrmak işleri giň gerimde dowam etdirilýär. Şunda ylmy çözgütleriň hemişe üns merkezinde saklanýandygy olaryň netijeliligini artdyrmakda aýratyn wajypdyr.
«Akylly» tehnologiýalary diňe bir gurluşyk pudagynda däl, eýsem, halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda-da giňden ornaşdyrmak üçin döwlet tarapyndan täze mümkinçiliklerdir ýeňillikler berilýär. Şeýle bolansoň hususy pudaga degişli gök we bakja önümlerini ýetişdirýän ýyladyşhanalar häzirki döwürde özleriniň netijeliligi bilen tapawutlanýar. Türkmen telekeçileridir işewürleri tarapyndan ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gurlan ýyladyşhanalar diňe bir gök we bakja önümlerini ýetişdirmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň milli ykdysadyýetiň eksport kuwwatyndaky ornuny artdyrmaga, Diýarymyzda ýerli toprak-howa şertlerine mahsus bolmadyk ekinleri ýyladyşhana şertlerinde ýetişdirmäge, halkymyz üçin täze iş orunlarynyň döremegine hem mümkinçilik berdi.
Içerki bazarda haryt bolçulygyny berkitmek, önümleriň özümizden artan bölegini halkara bazarlara eksport etmek ugrundaky tagallalar döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy esasynda, uzak geljegi nazarlaýar. Şeýle maksat ýurdumyzyň döwlete dahylsyz pudagynyň dürli ugurlarynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmaga itergi berýär.
Mähri JOMMYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň ätiýaçlandyryşyň usulyýeti we ätiýaçlandyryş amallary bölüminiň başlygynyň orunbasary, Aşgabat şäheriniň halk maslahatynyň agzasy.