Новости
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 17-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Ilçi bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Saud Arabystanynda Türkmenistanyň dürli ugurlarda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Patyşa Salman ben Abdelaziz Al Saudyň we Mirasdüşer Şazada, Premýer-ministr Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saudyň döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de diplomat hormatly Prezidentimizi Ýaponiýa saparynyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz ilçini mähirli mübärekläp, ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda alyp barjak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň ýokary wezipeli ýolbaşçylaryna hem iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Saud Arabystany Patyşalygy bilen däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň we ýakyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Türkmen-saud hyzmatdaşlygy dostlugyň, ynanyşmagyň, birek-birege hormat goýmagyň we deňhukuklylygyň nusgasy bolup durýar. Ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki başlangyçlaryny we tekliplerini işjeň goldaýandygy üçin saud tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň dowamynda özara söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artýandygyny we bu gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk, himiýa senagaty, dokma we oba hojalygy pudaklary Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Şunuň bilen birlikde, medeniýet, ylym, sungat we döredijilik ulgamlarynda hem hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikler bar.

Hormatly Prezidentimiz medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde iki halkyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmek boýunça degişli işleri geçirmegiň zerurdygyny belläp, Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygy bilen däp bolan özara bähbitli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz iki ýurduň we olaryň halklarynyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrä iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda diplomat mähirli kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

17.04.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Arkadag şäheri, 16-njy aprel (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda alnyp barylýan işler geljegimiz bolan çagalaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine, olar üçin ähli zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilýär. Bu ugurda Milli Liderimiziň başyny başlan işleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär.

...Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyna geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy gaznanyň wise-prezidentleri mähirli garşyladylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň edara binasynda gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň we wise-prezidenti R.Bazarowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda häzirki döwürde gazna tarapyndan alnyp barylýan işler we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. R.Bazarow, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory akademiki derejesiniň berilmegi hem-de degişli diplomyň gowşurylmagy mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we Gahryman Arkadagymyzy gutlady. Şeýle-de ol ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli guralan dabaralaryň, şanly senäniň hormatyna halkara forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi barada hasabat berdi.

R.Bazarow şanly sene mynasybetli guralan dabaralara we halkara foruma dünýäniň köp ýurtlaryndan, şol sanda Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Täjigistandan we beýleki döwletlerden wekilleriň, ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň gatnaşandyklaryny we olar bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilendigini habar berdi. Maslahatyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň meýilleri hakynda resminama; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin ýurt boýunça Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwany bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasynda «Ýaşyl» mekdep bilelikdäki Maksatnamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmek babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama we başga-da birnäçe ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna gol çekildi. Munuň özi ýurdumyzda guralýan halkara çärelere dünýä giňişliginde uly gyzyklanma bildirilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. R.Bazarow foruma gatnaşan döwletleriň wekillerinden köp sanly teklipleriň gelip gowşandygyny aýdyp, olarda bu ugur boýunça halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek, türkmen wekiliýetini öz ýurtlarynda kabul etmek ýaly başlangyçlaryň öňe sürülýändigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-prezident Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň agzalarynyň daşary ýurtlara saparlaryny guramak we ilkinji sapary Özbegistan Respublikasyna amala aşyrmak baradaky teklibi öňe sürdi.

Gahryman Arkadagymyz haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň diňe bir öz ýurdumyzyň çagalarynyň abadançylygynyň bähbidine däl, eýsem, dünýä ýurtlarynyň çagalarynyň sagdyn durmuşynyň üpjün edilmegine hem gönükdirilýändigini belläp, “Kyýamat güni goňşudan” diýlişi ýaly, ilkinji saparyň ýakyn goňşymyz bolan Özbegistan Respublikasyna guralmagynyň maksadalaýyk çözgüt boljakdygyna ünsi çekdi. Hyzmatdaşlygyň özara tejribe alyşmak, halkara giňişlikde gaznanyň işini wagyz etmek we bu ugurda amala aşyrylýan çäreleri has-da kämilleşdirmek babatda ähmiýetlidigini nygtap, Milli Liderimiz bu teklibi oňlaýandygyny aýtdy.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa halkymyzyň dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgelerini esasy ugur edinýän gaznanyň alyp barýan işiniň halkara giňişlikde uly goldawa mynasyp bolýandygyny belledi.

Şeýle hem çagalaryň irki ösüşini kadaly ýola goýmak, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek babatdaky işleriň häzirki zaman ylmynyň esasynda durmuşa geçirilmeginiň wajypdygy bellenildi. Şunda degişli ugurlaryň kanunçylyk binýadynyň berkidilmegine möhüm üns berilýär. Gaznanyň wise-prezidenti ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işini häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek we lukmançylyk edaralaryna täzeçil usullary, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly birnäçe teklipleri öňe sürdi. Nygtalyşy ýaly, bu başlangyçlar keselleriň öňüni almakda ähmiýetli bolar.

Lukman Arkadagymyz saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň ösdürilmeginiň “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine baglydygyny aýtdy. Maksatnamanyň esasy wezipesi keselleri bejermek däl-de, olaryň öňüni almakdan ybaratdyr. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Milli Liderimiz gaznanyň “Sagdyn ene bolmasa, sagdyn çaga bolmaz” diýen ýörelgäni esasy ugur edinýändigini belledi. Şunda enäniň we çaganyň saglygyny goramagyň lukmançylyk edaralarynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridigini aýtmak gerek.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän hassahanalara we saglyk merkezlerine dünýäniň iň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän hassalary has netijeli bejermäge niýetlenen häzirki zaman lukmançylyk enjamlary sowgat berildi. Munuň özi Diýarymyzyň ähli ýerlerinde saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi ugrunda döwlet tarapyndan edilýän aladanyň aýdyň netijesidir. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wekilleriniň ýurdumyzyň welaýatlarynda bolup, köpugurly hassahanalarda, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezlerinde alnyp barylýan işler, lukmançylyk edaralarynyň hojalyk işleriniň ýagdaýy hem-de ýerlerde “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşmak üçin saparlarynyň guralmagy babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Munuň özi döwlet derejesinde döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreleriň işjeň ösdürilmeginde we ýurdumyzda sagdyn, berk bedenli nesilleriň kemala gelmeginde ähmiýetli çärä öwrüler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kesgitlenen wezipeleri degişli derejede ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

17.04.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy

Osaka, 14-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.

Endo Toşiaki döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, Ýaponiýa ilkinji sapary bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de şu gezekki saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga täze itergi berjekdigini belledi. Şeýle-de ol Türkmenistanyň öz Milli gününi Bütindünýä sergisinde ilkinjileriň biri bolup geçirmeginiň guwandyryjy wakadygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, parlamentara dostluk toparynyň başlygyna Milli Liderimiziň salamyny ýetirdi we ony “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisiniň dabaraly açylmagy bilen gutlap, serginiň işiniň üstünlikli dowam etmegini arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde Ýaponiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berýär. Häzirki wagtda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli ösdürilýär. Parlamentara hyzmatdaşlyk Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup, häzirki wagtda ol ýurtlaryň we halklaryň arasynda özara ynamy, düşünişmegi berkitmegiň möhüm gurallarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz parlamentara gatnaşyklary berkitmekde Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň alyp barýan işini aýratyn belledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmek ugrunda edýän tagallalary üçin Endo Toşiakä minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ilerletmek üçin bilelikdäki işleri dowam etdirmäge hemişe taýýardygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda netijeli işleýändiklerini, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge uly goşant goşýandyklaryny, iri ýapon kompaniýalarynyň, maliýe institutlarynyň gatnaşmagynda nebitgaz toplumynda, himiýa senagatynda birnäçe iri taslamalaryň durmuşa geçirilendigini we şeýle hyzmatdaşlygyň häzir hem üstünlikli dowam etdirilýändigini belledi.

Endo Toşiaki iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan uly şahsy goşantlary üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

14.04.2025
Türkmenistan Bütindünýä sergisinde ägirt uly kuwwatyny dünýä ýaýýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “EKSPO — 2025” sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy

Osaka — Tokio, 14-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa saparynyň çäklerinde “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, sebit we dünýä derejesinde deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunda dünýäniň ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň “EKSPO — 2025” sergisine gatnaşmagy hem munuň aýdyň güwäsidir.

Bütindünýä “EKSPO” sergisi ýurtlary, kompaniýalary we guramalary öz gazananlary, täze tehnologiýalar, medeniýetler bilen tanyşdyrmak üçin bir ýere jemleýän özboluşly halkara çäredir. Ilkinji Bütindünýä sergisi 1851-nji ýylda Londonda geçirildi. Şondan bäri hem bu gözden geçirilişler tejribe alyşmak, gazanylan üstünlikler bilen tanyşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.

“EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisi Osakadaky Ýumeşima emeli adasynda 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinden 13-nji oktýabryna çenli dowam eder. Uzynlygy 2 kilometre golaý, ini 30 metr, beýikligi 12 metrden 20 metre çenli ýetýän uly halka şekilindäki agaç desga sergi toplumynyň esasy bölegi bolup durýar. Desganyň içinde esasy pawilýonlar, şol sanda milli pawilýonlar, şeýle hem halkara guramalaryň, iri kompaniýalaryň pawilýonlary ýerleşýär. Osaka sergisi “Ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris” diýen esasy mowzukda guralyp, ol “Durmuşy halas etmek”, “Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek”, “Durmuşy birleşdirmek” atly üç kiçi mowzuga bölünýär. Bütindünýä sergisiniň “Durmuşy halas etmek” mowzugynda saglyk, howpsuzlyk, daşky gurşawy goramak meselelerine aýratyn üns berilýär. “Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek” mowzugy tehnologiýalaryň, bilimiň we innowasiýalaryň adamlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge ýetirýän täsiri bilen tanyşdyrýar. “Durmuşy birleşdirmek” mowzugynda bolsa medeniýete, bilelikdäki döredijilige üns berilýär.

Serginiň “Adamzadyň durmuş barlaghanasy” konsepsiýasy bilelikde täze pikirleri döretmek we ählumumy meseleleriň çözgüdini işläp taýýarlamak üçin hyzmatdaşlyk meýdançasyny göz öňünde tutýar. Onda öňdebaryjy tehnologiýalar, şol sanda 5G aragatnaşyk ulgamy, emeli aň, uçýan awtoulaglar, daşky gurşawa zyýansyz infrastrukturalar, terjimeçi robotlar, ylmyňdyr tehnikanyň soňky gazananlary tanyşdyrylar. Bütindünýä sergisiniň çäklerinde howanyň üýtgemegi we azyk howpsuzlygy ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Adam bilen tehnologiýalaryň özara baglanyşygyna aýratyn üns çekiler. Bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, adamlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen täze işläp taýýarlamalar tanyşdyrylar. Wirtual hakykat, emeli aň, robotlaşdyrylan ulgamlar durmuşyň dürli ulgamlaryny özgertmek babatda uly kuwwaty açyp görkezer. Şeýle hem sergide ekologik durnuklylyga möhüm üns berler. Myhmanlar gaýtadan dikeldilýän energetika, galyndylary gaýtadan işlemek, durnukly oba hojalygy ýaly ulgamlarda innowasion çözgütler bilen tanşyp bilerler.

...Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisiniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş binasynyň merkezi girelgesiniň öňüne geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Ýaponiýanyň “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisi boýunça ministri Ito Ýoşitaka, “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisiniň Baş komissary Haneda Koji, Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki mähirli garşyladylar. Binanyň foýesinde döwlet Baştutanymyz “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisiniň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz we Ýaponiýanyň “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisi boýunça ministri dabaranyň geçirilýän ýerine — “Milli günler” binasyna barýarlar. Bu ýerde Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň Döwlet senalary ýaňlanýar, iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyrylýar. Türkmenistanyň şu gezekki Bütindünýä sergisinde ilkinjileriň biri bolup öz Milli gününi geçirýändigini bellemek gerek.

Ýaponiýanyň “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisi boýunça ministri Ito Ýoşitaka dabarany açyp, Türkmenistanyň Milli gününiň dabarasynyň geçirilmegi mynasybetli Ýaponiýanyň Hökümetiniň adyndan gutlaglaryny beýan etdi hem-de serginiň ilkinji Milli gününi Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistan bilen bilelikde bellemegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. “Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýärler” diýip, Ito Ýoşitaka nygtady hem-de Ýaponiýanyň we dünýäniň dürli künjeklerinden gelen adamlaryň Türkmenistanyň pawilýonyna baryp görjekdiklerine hem-de ýurdumyzyň özüne çekijiligi baradaky maglumatlar bilen giňden tanyşjakdyklaryna ynam bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimize söz berilýär. Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, sergä gatnaşyjylara uly üstünlikleri arzuw etdi hem-de döredilen ajaýyp şertler üçin guramaçylara çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisiniň döwletleriň, halkara guramalaryň, ykdysady we maliýe institutlarynyň, işewürleriň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edýändigini, ykdysady, maýa goýum gatnaşyklary üçin netijeli ugurlary, öňdebaryjy ideýalary, tehnologik çözgütleri öňe sürýändigini belledi.

Häzirki Bütindünýä sergisiniň Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýeti bardyr. Bu sergi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi bilen gabat gelýär. Parahatçylyk, ynanyşmak, deňhukuklylyk bütindünýä ykdysady gatnaşyklarynyň esasyny düzmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Türkmenistanyň Milli gününi açmak bilen, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyga, dürli ugurlarda bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.

Bellenilişi ýaly, dünýäniň energetika taýdan öňdebaryjy döwletleriniň biri hökmünde Türkmenistan energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermek üçin iri taslamalary öňe sürýär. Hyzmatdaşlar bilen bilelikde möhüm ähmiýetli taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýar. Türkmenistanyň sergisine gelýänler ýurdumyzyň senagaty, oba hojalygy, dokma, himiýa senagaty, syýahatçylyk pudaklarynda we beýleki ugurlarda ýeten sepgitleri bilen tanşyp bilerler. Bu üstünlikleriň ählisi dürli pudaklarda milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeleriň netijeleridir.

Oýlanyşykly alnyp barylýan daşary ykdysady syýasat döwletimiziň üstünlikli we durnukly ösüşiniň möhüm bölegi bolup durýar. Türkmenistan daşary ykdysady gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Ýurdumyz halkara söwda, maýa goýum we tehnologik işlere gatnaşýar. Osakada geçirilýän şu günki dabara hem Ýaponiýa bilen netijeli hem-de dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýandygymyzy görkezýär diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy hem-de ýurdumyzyň Ýaponiýa uzak möhletli, ygtybarly we durnukly hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň köp sanly işewür toparlarynyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika, gurluşyk, ulag pudaklarynda iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandyklaryny belläp, bu işleri amala aşyrmakda uly tagallalary edýändikleri üçin Ýaponiýanyň Hökümetine we işewürlerine minnetdarlyk bildirdi hem-de hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidiljekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Ýaponiýada Türkmenistanyň milli sergisini görkezmegiň ýurdumyz üçin uly hormatdygyny, şu günki dabaranyň Bütindünýä sergisiniň açylyşynyň ilkinji günlerinde geçirilýändigini aýratyn belläp, Türkmenistanyň milli sergisiniň işewür gatnaşyklary ýola goýjakdygyna, hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna berk ynam bildirdi we hemmeleri “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

Dabarada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Olaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda berkarar Watanymyzyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, baý taryhynyň, asylly däpleriniň waspy ýetirildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz hem-de Ýaponiýanyň resmi adamlary Türkmenistanyň milli pawilýonyna bardylar. Pawilýonyň öňünde medeniýet we sungat ussatlary çykyş edýärler.

Türkmenistanyň pawilýonynyň aýlawly üçburçluk görnüşindäki şekili täzelenişi, durnukly ösüşi alamatlandyrýar. Binanyň üçegi türkmen halkynyň gadymy şaý-sepleriniň biri bolan gülýakadan, daşky görnüşi bolsa Garagum sährasyndan ylham alnyp döredilipdir. Şeýle hem binanyň daşky bezeginde türkmen halysynyň gölleri, ady äleme dolan ahalteke bedewiniň şekili, gözel tebigatymyzyň ajaýyp keşbi öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň milli pawilýony gadymy däp-dessurlaryň we döwrebaplygyň jemlenýän ýeri bolup, haýran galdyryjy görnüşleri bilen myhmanlaryň ünsüni özüne çekýär. Haly gölleri ata-babalarymyzyň şöhratly taryhy barada habar berýän bolsa, Garagum sährasy türkmen tebigatynyň gözelligini we köpdürlüligini beýan edýär. Pawilýonyň gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdeler ulanylypdyr.

Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz milli pawilýonyň toý bagyny kesýär. Hormatly Prezidentimiz we Ýaponiýanyň resmi adamlary binanyň içine geçýärler. Bu ýerde belent mertebeli myhmanlara pawilýon barada giňişleýin maglumat berilýär.

Pawilýon üç gatdan ybarat bolup, onuň döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen birinji gatynda Türkmenistanyň taryhy, medeniýeti, ykdysady ösüşleri we tebigy baýlyklary bilen tanyşdyrýan immersiw görkezme zaly ýerleşýär. Bölümde täze tehnologiýalaryň, multimedia enjamlarynyň giňden ulanylmagy ösüşiň, rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan Türkmenistanyň köpugurly ykdysady hem-de medeni kuwwaty, ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary, geljegi barada aýdyň düşünje we doly maglumat almaga mümkinçilik berýär.

Pawilýon bilen tanyşlyk ýurdumyzyň taryhyny, gözel tebigatyny, milli baýlyklaryny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýeten belent sepgitlerini beýan edýän, 3D animasiýa görnüşinde taýýarlanan wideoşekile tomaşa etmek bilen başlanýar. Soňra hormatly Prezidentimiz we dostlukly ýurduň wekilleri ikinji gata barýarlar we ol ýerde Arkadag şäheriniň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sergi eksponatlary bilen tanyşýarlar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri binagärlik we bezeg babatda häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. “Akylly” şäherde halkara ölçeglere laýyk gelýän toplumlaýyn infrastrukturanyň döredilmegi şäher ýaşaýjylary üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýär. Şäheriň köçelerinde jemgyýetçilik ulagynyň ekologik taýdan arassa görnüşleri — elektrobuslar hem-de elektrotaksiler hereket edýär.

“Akylly” öý tehnologiýalary ulanylyp gurlan döwrebap 5, 7, 9 gatly ýaşaýyş jaýlary, 2 gatly kottejler Arkadag şäheriniň aýratynlygydyr. Öýi dolandyrmagyň intellektual ulgamy internet tory arkaly öýleriň durmuş üpjünçiliginiň, howpsuzlygynyň ähli ugurlarynyň awtomatik we sazlaşykly işini üpjün edýär. Şunuň netijesinde, öýleri, hojalyk işlerini aralykdan, mysal üçin, smartfonyň kömegi bilen dolandyryp bolýar. Täze şäherde optiki-süýümli kommunikasion ulgamyň ornaşdyrylmagy ýokary tizlikli interneti ulanmaga mümkinçilik berdi. Ýokary hilli öýjükli aragatnaşygy üpjün etmek üçin 4G enjamlarynyň toplumy işe girizildi.

Arkadag şäheri adamlaryň ýaşamagy, zähmet çekmekleri, dynç almaklary üçin iň kämil we amatly, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän şäherleriň birine öwrüldi. Häzirki wagtda şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy batly depginler bilen dowam edýär. Taslamanyň çäklerinde azyk harytlaryny, senagat, derman serişdelerini, lukmançylyk önümlerini öndürjek önümçilik hem-de hyzmat ediş desgalary gurulýar. Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlaryny kemala getirmegiň konsepsiýasynyň çäklerinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredildi. Kärhanada saglygy goraýyş ulgamynda gündelik peýdalanylýan lukmançylyk serişdeleriniň görnüşleri, şol sanda ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän pamyklar, dokalmadyk matadan bir gezeklik agyz-burun örtükleri, başgaplar, halatlar, ýorgan-düşek daşlyklary, aýakgap örtükleri, hassahanalar üçin zerur bolan saglyk maksatly serişdeler öndürilýär. Häzirki wagtda kärhana tarapyndan öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak babatda ylmy taýdan esaslandyrylan işler alnyp barylýar.

Gurluşyk-senagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň iň çalt ösýän pudaklarynyň biridir. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen binagärlik desgalary, döwrebap edara ediş binalary, amatly ýaşaýyş jaýlary, iri önümçilik kärhanalary gurlup ulanmaga berilýär. Olaryň gurluşygynda bildirilýän talaplara laýyklykda, ýerli howa şertlerine, ekologik kadalara gabat gelýän ýokary hilli gurluşyk serişdeleri ulanylýar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipelere laýyklykda, içerki bazary ýerli çig malyň esasynda öndürilýän gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Türkmenistanda öndürilýän önümleriň ýokary hilini, bäsdeşlige ukyplylygyny gazanmak maksady bilen, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, döwrebap kärhanalar gurulýar.

Türkmenistany senagatlaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaryň çäklerinde iri senagat kärhanalarydyr desgalar ulanmaga berilýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde dünýä belli önüm öndürijileriň iň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap gaz turbinaly elektrik stansiýalary, elektrik geçiriji ulgamlar, elektrik paýlaýjy beketler gurulýar, paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň, ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik ulgamy täzelenýär.

Soňky ýyllarda energetika senagatynyň önümçilik kuwwatynyň ep-esli artmagy döwletimiziň energetika kuwwatyny pugtalandyrmak bilen birlikde, elektrik energiýasyny goňşy döwletlere eksport etmek mümkinçiliklerini-de düýpli giňeldýär. Durmuşa geçirilýän iri halkara taslamalar, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamynyň çekilmegi hem şu maksatlara gönükdirilendir. Bu taslama tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegine ýurdumyzyň goşan uly goşandy bolar.

Milli himiýa senagatynyň ösdürilmegine-de uly üns berilýär. Pudagy ösdürmegiň strategiýasy ýerli çig mallary netijeli peýdalanmaga, içerki bazarda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri öndürmäge gönükdirilendir. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, pudagy ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilýär.

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň diwarlygynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmen milli halyçylyk sungaty bilen tanyşdyrylýar. Bu sungat halkymyzyň dünýägaraýşyny, taryhyny özünde jemleýär. Nesilden-nesle geçip gelýän ruhy gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak maksady bilen, täze taryhy döwürde dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen gadymy sungatymyzy wagyz etmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymy halyçylyk sungatyny ösdürmäge täze itergi berildi. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, işiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, täze kärhanalar açylýar, olarda netijeli zähmet çekmek üçin ähli şertler döredilýär.

Milli ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösýän pudaklarynyň ýene biri dokma senagatydyr. Onuň ýokary hilli önümlerine içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň düzüminde ýokary tehnologiýaly önümçilik kärhanalaryny döretmek, ýerli çig maldan öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini, möçberini artdyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar. «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanynyň döredilmegi halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän ýurt hökmünde Watanymyzyň abraýyny has-da belende galdyrmaga, onuň eksport kuwwatynyň artmagyna ýardam berýär. Pagta süýüminden ýüplükleri taýýarlaýan, dürli matalary dokaýan, tikinçilik önümlerini öndürýän kärhanalar ykdysadyýetimiziň depginli ösmegine saldamly goşant goşýar. Häzirki döwürde ýokary hilli, ekologik taýdan arassa «Gala», «Ýeňiş», «Goza», «Wada», «Nusaý», «Bedew», «Bürgüt», «Akpamyk», «Merw», «Jeýtun», «Mäne» ýaly haryt nyşanly dokma önümlerine içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär.

Telekeçiligi ösdürmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir. Häzirki döwürde hususy pudagyň öňünde azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak, import edilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak, söwda hyzmatlaryny kämilleşdirmek ýaly wezipeler durýar. Ýurdumyzyň telekeçileri döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhanalarda öndürilen ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň eksportyny yzygiderli artdyrýarlar we halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge mynasyp goşant goşýarlar.

Medeniýet ulgamy hem türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ulgamy döwrebaplaşdyrmak, taryhy we medeni desgalary goramak hem-de aýawly saklamak boýunça toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Döredilen ygtybarly maddy-enjamlaýyn binýat medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işini kämilleşdirmäge ýardam edýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde teatrlar, kitaphanalar, muzeýler, kinoteatrlar, kinokonsert merkezleri, sergi zallary, açyk sahna meýdançalary hereket edýär. Ýaşlaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek, täze zehinleri ýüze çykarmak, olaryň mümkinçiliklerini açmak üçin zerur şertleri döretmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Her ýylda geçirilýän döredijilik bäsleşikleri ýaşlaryň halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak ruhy hazynasyna, baý aýdym-saz medeniýetine gyzyklanmalaryny artdyrýar.

Türkmenistanyň energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna okgunly goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Munuň özi ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň artmagyna ýardam edýär. Diýarymyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmekde ägirt uly “Galkynyş” gaz käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek boýunça iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylan gazy gaýtadan işleýän toplumlar hereket edýär.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy Türkmenistanyň energetika strategiýasyny amala aşyrmakda nobatdaky anyk ädim bolup, ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak, geljegi nazara almak bilen, onuň kuwwatyny artdyrmak, energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarmagyň täze ulgamlaryny döretmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder. Bu iri taslama türkmen tebigy gazynyň Günorta Aziýa ýurtlaryna iberilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitde ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmegiň, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam bermegiň hem esasy şerti bolup durýar.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn we ylmy esasda ösdürmäge, pudagyň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Dünýäniň öňdebaryjy tejribesi milli ekerançylyk däpleri bilen utgaşdyrylyp, önümçilige ornaşdyrylýar. Seçgiçilik, tohumçylyk ugrunda işleýän ylmy edaralar bilen netijeli hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Oba hojalykçy alymlaryň, ugurdaş hünärmenleriň işleri, ekerançylaryň yhlasly zähmeti netijesinde oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygy ýokarlanyp, berkarar döwletimiziň azyk binýady ygtybarly üpjün edilýär.

Häzirki wagtda halkymyzyň baý medeni mirasyny, şol sanda behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmek we seýislemek baradaky köpasyrlyk däplerini aýawly saklamak, öwrenmek, wagyz etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan atçylyk sungatymyza kuwwatly itergi berildi. Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda başyny başlan giň möçberli işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Ajaýyp ahalteke bedewleri okgunly ösýän Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň düýpli özgertmeler ýolunda gazanýan üstünlikleriniň aýdyň nyşanydyr. Behişdi bedewleriň gözelligi, çydamlylygy, asyllylygy, wepalylygy, duýgurlygy, türkmen atşynaslarynyň, seýisleriniň, seçgiçileriniň ýokary ussatlyk derejesi hemmeleri haýran galdyrýar. Ahalteke bedewleriniň watany bolan Türkmenistan bilen atçylyk ulgamynda özara gatnaşyk etmäge gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň sany barha artýar. 2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen we ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işi-de şu maksatlara gönükdirilendir.

Alabaýlar hem ahalteke bedewleridir nepis halylar ýaly, halkymyzyň buýsanjy we şöhratydyr, milli gymmatlygydyr. Milli Liderimiziň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzda türkmen alabaýlarynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, olary gorap saklamak we köpeltmek, bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejede wagyz etmek boýunça giň möçberli çäreler amala aşyrylýar. Alabaýlaryň taryhy gelip çykyşyny, häzirki günlere gelip ýetişini, aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy alabaýlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak, dünýäde giňden wagyz etmek, welaýatlarymyzda we Aşgabat şäherinde gurlan merkezlerde türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek, köpeltmek, tohumçylyk-seçgiçilik işlerini alyp barmak, ýurdumyzda, daşary ýurtlarda türkmen alabaýlarynyň sergilerini, bäsleşiklerini guramak boýunça giň gerimli işleri alyp barýar.

Döwletimiziň ykdysady we tehniki kuwwatyny pugtalandyrmak, aň-paýhas mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine ylym-bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, beýleki ugurdaş düzümlerde düýpli we amaly ylmy barlaglary geçirmek, olaryň gerimini giňeltmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şunda ylmyň, bilimiň, önümçiligiň özara arabaglanyşygyna aýratyn orun berilýär. Ýaşlary ylym bilen meşgullanmaga çekmäge, zehinli alymlaryň täze neslini höweslendirmäge we goldamaga, dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi bilen netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge uly üns berilýär. Pawilýonyň çäginde Türkmenistanyň bilim ulgamynyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrýan diwarlykda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän ajaýyp kitaplara giň orun berlipdir.

Saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda soňky ýyllarda gazanylan uly üstünlikler ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak boýunça amala aşyrylýan işleriň aýdyň beýanydyr. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde soňky ýyllarda ähli welaýatlarymyzda Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk häzirki zaman lukmançylyk merkezleri gurlup, saglygy goraýyş ulgamynyň infrastrukturasy döwrebaplaşdyrylýar. Bularyň ählisi ilata halkara standartlara laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemäge ýardam berýär.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport infrastrukturasy döredilip, iri ugurdaş desgalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Bedenterbiýe-sagaldyş hereketine, ýokary netijeli sporta döwlet tarapyndan goldaw berilmegi bilen, halkara ýaryşlarda Türkmenistana wekilçilik edýän ýaş türgenleriň täze nesli kemala gelýär.

Pawilýonyň ikinji gatynyň merkezinde ýurdumyzyň dermanlyk ösümlikleriniň sergisine aýratyn orun berlipdir. Türkmenistanyň dürli ekoulgamlary özünde jemleýän gaýtalanmajak ösümlik dünýäsi bar. Dermanlyk ösümlikler türkmen tebigatynyň özboluşly aýratynlyklarynyň biridir. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikleriň bejeriş häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär. Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleriniň köpdürlüligi halk lukmançylygynyň baý medeni we taryhy däpleriniň kemala gelmegine ýardam edipdir. Bu ösümlikler diňe bir şypa çeşmesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem nesilden-nesle geçirilip gelinýän medeni mirasyň hem möhüm bölegi bolup durýar. Ekologiýanyň üýtgeýän häzirki şertlerinde bu ösümlikleriň goralyp saklanmagy hem-de öwrenilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolup, lukmançylyk we farmakologiýa üçin täze gözýetimleri açýar.

Maliýe-ykdysadyýet toplumy tarapyndan milli ykdysadyýetimizi ösdürmek hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak, bäsdeşlige ukyplylygyny, innowasion ösüşini ilerletmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bank ulgamyny kämilleşdirmek boýunça döwlet maksatnamasynda kesgitlenen çäreleriň çäklerinde bank amallarynyň täze görnüşlerini girizmek we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, telekeçilik işleriniň dolandyrylyşyny kämilleşdirmek, banklaryň maliýe hasabatlylygyny halkara standartlaryň derejesine çykarmak, ulgamyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça anyk çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ulag-aragatnaşyk pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň logistika mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça hem maksada gönükdirilen işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ulag-kommunikasiýa strategiýasynyň amala aşyrylmagy bilen, ýurdumyz sebit we halkara derejeli möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Türkmenistan gadymy döwürlerden bäri yklymyň söwda ýollarynyň möhüm çatrygynda ýerleşip, halkara ulag ulgamyna goşulyşmaga, deňiz, howa, demir ýol, awtomobil gatnawlaryny öz içine alýan Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgeleriniň döwrebap ulgamynyň döredilmegine möhüm ähmiýet berýär. Munuň özi bu ugurlar boýunça ýolagçylary gatnatmagy, ýükleri daşamagy doly üpjün etmäge mümkinçilik berer. Gatnawlaryň möçberini artdyrmak üçin demir we awtomobil ýollarynyň gurluşygynyň taslamalary amala aşyrylýar. Howa, deňiz ýollarynyň, gury portlaryň döwrebap infrastrukturasy döredilýär. Logistikany sazlaşykly hem-de utgaşykly alyp barmak babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň milli pawilýony bilen tanyşlygyň dowamynda Ýaponiýanyň wekilleri Türkmenistanyň dürli ugurlarda ýeten belent sepgitleriniň Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan çuňňur oýlanyşykly ykdysady strategiýasynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýändiklerini bellediler.

Soňra hormatly Prezidentimiz we dostlukly ýurduň wekilleri türkmen milli tagamlary we bu ýerde gurnalan çaýhanada türkmen çaýynyň taýýarlanylyşy bilen tanyşdylar.

Gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan, özboluşlylygy bilen tapawutlanýan türkmen aşhanasy halkymyzyň baý medeniýetini we taryhyny beýan edýän tagamlaryňdyr däpleriň ajaýyp sazlaşygydyr, bereketli türkmen saçagy bolsa myhmansöýerligiň nyşany bolup durýar. Milli aşhanamyzda gök çaýa aýratyn orun degişlidir. Halkymyz çaý başynda söhbet etmegi adat edinipdir. Bu bolsa adamlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär. Mundan başga-da, gök çaý adam saglygyna berýän peýdasy bilen meşhurdyr. Ol ruhubelentligiň we güýç-kuwwatyň çeşmesi hasaplanýar. Adaty hem-de halk lukmançylygynda gök çaý iýmit siňdiriş ulgamyny gowulandyrmak, bedeniň kesellere garşy durnuklylygyny pugtalandyrmak üçin serişde hökmünde ulanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Çaý — melhem hem ylham” atly kitabynda belleýşi ýaly, çaý içmegi ata-babalarymyz nepesiňi durlamak hasap edipdirler. Çaý içilende adamyň şähdiniň açylyp, onuň on iki süňňüniň ynjalyk tapýandygyna ynanypdyrlar. Sähel ynjalyksyzlygy çaý içip ýeňip bolýandygyna bil baglapdyrlar. Çaý hakyndaky täsin pikirlere, türkmen halk döredijiliginde, edebiýatda ýygy-ýygydan gabat gelinýär. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiziň bu ajaýyp eseriniň ýapon diline hem terjime edilendigini bellemek gerek.

Soňra döwlet Baştutanymyz we Ýaponiýanyň ýokary wezipeli wekilleri Türkmenistanyň milli pawilýonynyň birinji gatyndaky sowgatlyk dükany bilen tanyşýarlar. Onda milli senetçiligimiziň, sungatymyzyň we däp-dessurlarymyzyň özboluşlylygyny beýan edýän dürli önümler ýerleşdirilipdir. Bu önümler sergä gelýän myhmanlara halkymyzyň baý taryhy, senetçiliginiň çeperçilik aýratynlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda öndürilýän şeýle önümler alyjylaryň arasynda uly islegden peýdalanýar. Sergide şeýle dükanyň göz öňünde tutulmagy medeni mirasymyzy gorap saklamaga we giňden wagyz etmäge, bu ugurda ýetilen sepgitler bilen tanyşdyrmaga, medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga, halklary ýakynlaşdyrmaga ýardam berýär.

Türkmenistanyň milli pawilýony bilen tanyşlykdan soňra, hormatly Prezidentimiz Ýaponiýanyň milli pawilýonyna baryp gördi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy pawilýonyň ýolbaşçylary mähirli garşylaýarlar hem-de bu desga barada umumy maglumat berýärler.

Ýaponiýanyň pawilýony ýaşaýşyň üznüksizligini alamatlandyrýan tegelek görnüşinde bolup, ekologik taýdan arassa agaçlardan bina edilipdir. Sergi tamamlanandan soňra, bu agaçlar beýleki binagärlik taslamalarynda ulanylar. Bu bolsa sirkulýasiýanyň möhüm ähmiýetine ünsi çekýär. Pawilýon üç bölümden ybaratdyr. “Geçmiş” atly birinji bölümde Ýaponiýanyň medeniýeti we däp-dessurlary, durmuş filosofiýasy bilen tanyşdyrylýar. “Häzirki döwür” diýlip atlandyrylýan ikinji bölümde Ýaponiýanyň tehnologiýalar, saglygy goraýyş, ulag we energetika ulgamlarynda gazanan üstünlikleri beýan edilýär. “Geljek” atly üçünji bölümde bolsa emeli aň, robototehnika ýaly geljegiň tehnologiýalary bilen tanyşdyrylýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde ýaşaýyş-durmuş şertlerinde sirkulýasiýanyň, şol sanda galyndylaryň gaýtadan işlenilmeginiň ähmiýetine bagyşlanan sergi eksponatlary bilen tanyşdyrylýar. Netijeli sirkulýasiýa we galyndylaryň gaýtadan işlenilmegi häzirki zaman jemgyýetinde möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi diňe bir ekologik taýdan jogapkärçilikli çemeleşme bolmak bilen çäklenmän, eýsem serişdeleri tygşytlamagyň hem wajyp şertidir. Serişdeleriň netijeli peýdalanylmagy we gaýtadan işlenilmegi daşky gurşawa ýetirilýän zyýany azaltmaga, ekologik abadançylygy üpjün etmäge ýardam berýär. Galyndylary gaýtadan işlemegiň döwrebap tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy sirkulýar ykdysadyýet üçin täze mümkinçilikleri açýar hem-de tebigy serişdelere aýawly çemeleşmek medeniýetini kemala getirmäge ýardam berýär. Ýaşaýyş-durmuş şertlerinde sirkulýasiýa bir önümçilikdäki galyndylaryň beýleki bir önümçilikde çig mal hökmünde ulanylmagyny göz öňünde tutýar. Munuň özi tebigata ýetirilýän zyýany azaltmak bilen bir hatarda, täze önümçilikleri döretmek ýaly ykdysady mümkinçilikleri hem açýar. Netijeli sirkulýasiýa durnukly ösüşiň möhüm şerti bolmak bilen, tebigy serişdeleri gorap saklamaga, has sagdyn, sazlaşykly jemgyýeti kemala getirmäge ýardam edýär.

Ýaponiýanyň milli pawilýony bilen tanyşlykdan soňra, hormatly Prezidentimiz pawilýonyň ýolbaşçylary bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Osakanyň Kansai Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Tokio şäherine ugrady. Birnäçe wagtdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Tokionyň Haneda Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.

Hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa sapary dowam edýär.

14.04.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýa sapar bilen ugrady

Aşgabat — Osaka, 13-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Ýaponiýa ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köpugurly gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan bu strategiýa ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrýar.

Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine möhüm ähmiýet berýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Bu günki gün türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda okgunly ösdürilýär. Türkmenistan hem-de Ýaponiýa abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde, «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» formatynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Ýaponiýa ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar.

Döwletara gatnaşyklary ösdürmekde ýokary derejedäki duşuşyklara we özara saparlara möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň 2009-njy, 2013-nji, 2015-nji, 2019-njy we 2022-nji ýyllarda Ýaponiýa amala aşyran saparlarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga we ony many-mazmun taýdan baýlaşdyrmaga ýardam berendigini bellemek gerek. Parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine-de uly ähmiýet berilýär. Munuň özi iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär.

Söwda-ykdysady ulgam Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda senagat, ulag-kommunikasiýa, ýangyç-energetika ulgamlarynda amala aşyrylan bilelikdäki taslamalar ykdysady hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ýardam berdi. «ITOCHU», «Kawasaki Heavy Industries», «Mitsubishi», «Sojits», «Sumitomo», «Toyo Engineering», «Komatsu» ýaly kompaniýalar köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda netijeli iş alyp baryp, özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdi. Şunuň bilen bir hatarda, daşky gurşawy goramak, «ýaşyl» energetika babatdaky taslamalar ýurdumyzyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan milli senagaty we oba hojalyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak üçin öňdebaryjy ýapon tehnologiýalaryna, şol sanda ýapon kompaniýalarynyň awtomatlaşdyrmak, maglumat tehnologiýalary, durnukly ösüş boýunça innowasion çözgütlerine uly gyzyklanma bildirýär.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. Ýurtlarymyz däp bolan ylym-bilim, medeni gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy, ýokary okuw mekdepleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler. Şunda Türkmenistanyň bilim edaralarynyň we Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda ýola goýlan gatnaşyklary bu hyzmatdaşlygyň oňyn mysallarynyň hatarynda görkezmek bolar. Özara Medeniýet günleriniň, konsertleriň, sergileriň, beýleki çäreleriň yzygiderli geçirilmegi iki ýurduň halklaryny ýakynlaşdyrmaga we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär.

...Birnäçe sagatdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary Osakanyň Kansai Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz mähirli garşylanyldy.

Ýaponiýa saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Osaka şäherinde geçirilýän “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşar, şeýle hem ýokary derejedäki ikitaraplaýyn we işewürlik duşuşyklaryny geçirer.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa sapary dowam edýär.

13.04.2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 11-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek, hususan-da, täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň şu ýylyň 12-nji aprelinde geçiriljek nobatdaky maslahatynyň gün tertibi barada aýdyldy. Deputatlar “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýanynyň taslamasyny, “1966-njy ýylyň Ýük markalary hakynda halkara Konwensiýasyna degişli 1988-nji ýylyň Teswirnamasyna goşulmak hakynda”, “Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Administratiw önümçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Awtomobil ulagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçynyň maglumaty diňleniler.

Daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada-da habar berildi. Bellenilişi ýaly, milli parlamentiň deputatlary BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren okuw maslahatlaryna gatnaşdylar. Şeýle hem Mejlisiň wekili BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň durnukly ösüş boýunça sebitleýin forumyna gatnaşmak üçin Ženewa şäherinde iş saparynda boldy. Mundan başga-da, deputatlar döwlet syýasatyny, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri wagyz-nesihat etmek, kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça degişli işleri alyp barýarlar.

Soňra milli parlamentiň ýolbaşçysy Mejlisiň wekiliýetiniň Parlamentara Birleşigiň 150-nji ýubileý assambleýasyna gatnaşmak üçin şu ýylyň 5 — 7-nji aprelinde Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherine amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada maglumat berdi. Saparyň çäklerinde Parlamentara Birleşigiň, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Olarda ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmakda, kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda şeýle duşuşyklaryň ähmiýeti bellenildi.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Parlamentara Birleşigiň “Durmuş ösüşiniň we adalatlylygyň bähbidine parlament hereketi” ady bilen geçirilen 150-nji ýubileý assambleýasynda çykyş etdi. Çykyşda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň möhüm orny bellenildi. Şeýle hem assambleýanyň çäklerinde dürli ugurlarda geçirilen çärelerde türkmen wekiliýetiniň agzalary çykyş etdiler. Mejlisiň ýolbaşçysy Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrmaga beren ählitaraplaýyn goldawlary üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmegiň, kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme foruma görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, forumy şu ýylyň 23-24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar. Oňa gatnaşmaga 30 döwletden 300-e golaý wekil hasaba alyndy we häzirki wagtda hasaba almak işi dowam edýär. Şeýle hem forumyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň gyzyklanma bildirýän daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli pudaklaryny sazlaşykly ösdürmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny aýdyp, wise-premýere Malaýziýada guraljak Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumy ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, bugdaý ýygýan kombaýnlary galla oragy möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýle hem möwsümde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny netijeli işletmek, gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda ilkinji hatarara bejergi işlerini geçirmek babatda zerur çäreler görülýär. Ýeralmanyň, gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, bu önümler bilen ilaty ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, ýazlyk ekinlere ideg etmek işleri, pile öndürmek möwsümi guramaçylykly dowam edýär. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmen bedewiniň milli baýramyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işlerini öz wagtynda geçirmegiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda dowam etdirmegi, häzirki wagtdan başlap galla oragy möwsümine gowy taýýarlyk görmegi, welaýatlarda gowaça ekişini bellenen möhletlerde geçirmegi we tamamlamagy, Türkmen bedewiniň milli baýramyna hem ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän toplumynda, hususan-da, senagat pudagynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, milli senagat pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklary zerur bolan gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek, önümleriň çykarylýan möçberini artdyrmak, hereket edýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, olaryň taslama kuwwatynda işledilmegini gazanmak boýunça Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan zerur işler geçirilýär. Munuň özi içerki bazary ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmäge hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda senagat pudagynyň işini döwrebap alyp barmak, täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Gurluşyklary gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek, önümleriň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek, hereket edýän kärhanalaryň taslama kuwwatynda işledilmegini, olarda meýilnamalaýyn abatlaýyş işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň maýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgen şäherinde Türkmenistanda öndürilen harytlaryň sergisini guramaga görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, iki dostlukly ýurduň arasynda söwda dolanyşygyny has-da artdyrmak hem-de Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleri bilen goňşy ýurduň işewürlerini, sarp edijilerini giňişleýin tanyşdyrmak üçin geçiriljek sergä milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň eksporta niýetlenen harytlary bilen gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça yzygiderli işleriň amala aşyrylýandygyny, Eýran Yslam Respublikasynyň hem ýakyn hyzmatdaşlyk edilýän döwletleriň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gürgen şäherinde Türkmenistanda öndürilen harytlaryň sergisini geçirmek boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin guramaçylyk toparyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün ösüşiň milli ýörelgesine üstünlikli eýerýän ýurt hökmünde dünýäde syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly, parahatçylygy goldaýan döwletleriň birine öwrüldi. Milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, medeniýet ulgamynyň, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini hem döwrüň talabyna laýyk derejede guramaga, medeni mirasymyzy dünýä ýüzünde giňden wagyz etmäge, halkara media giňişligine çykmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylamaga giňden taýýarlyk görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçiriljek döwlet çärelerine gowy taýýarlyk görmek we olary ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda Karara gol çekdi hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa şu ýylyň 22 — 25-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşy geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan iş topary döredilip, ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, häzirki wagtda guramaçylykly işler alnyp barylýar. Sport arkaly parahatçylygy dabaralandyrmakda möhüm waka öwrüljek bu halkara ýaryşa daşary ýurtlardan köp sanly sport wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, türkmen sportuny dünýä derejesinde ösdürmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da ýokarlandyrmak ugrunda netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny, halkara sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşa gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa iş saparyna görülýän taýýarlyk boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, şol sanda Ýaponiýa bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 22-nji aprelinde ýola goýuldy. Geçen döwrüň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ygtybarly şertnama-hukuk binýady döredildi. Şeýle hem yzygiderli parlamentara we hökümetara gatnaşyklar ýola goýuldy. Türkmenistan bilen Ýaponiýa halkara guramalaryň çäklerinde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly döwletiň BMG-niň we beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde ýurdumyzyň başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy bellenildi.

Soňky 15 ýylyň dowamynda durmuşa geçirilen bilelikdäki iri taslamalar hem ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Gazhimiýany, elektroenergetikany, ulag ulgamyny, suw hojalygyny türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan strategik ugurlarynyň hatarynda görkezmek bolar. Türkmenistanyň Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy okgunly ösdürilýär. Türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ulgamlaýyn esasda utgaşdyrmak maksady bilen, iki ýurduň arasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleri işjeň hereket edýär. Ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hem uly ähmiýet berilýär. Bu babatda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi (JICA) Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşy bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde, ýokary okuw mekdeplerinde türkmen ýaşlary ýapon dilini öwrenýärler. Hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa amala aşyrjak iş saparyna taýýarlyk görmegiň barşynda onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli maksatnamany hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary depginde ösdürilýändigini, ýurtlarymyzyň arasynda syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek üçin ähli şertleriň bardygyny aýdyp, wise-premýer, daşary işler ministrine ýakyn wagtda bu dostlukly ýurda boljak iş saparyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara guramalar bilen bilelikde ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň bütin dünýä boýunça awiasiýa işgärlerini okatmagyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmaga, okuw merkezleriniň arasynda hyzmatdaşlyga, tejribe alyşmaga gönükdirilen ýörite maksatnamasynyň çäklerinde zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi ýurdumyzyň howa ulaglary üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamaga, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamakda halkara guramalar bilen ýola goýulýan gatnaşyklary berkitmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhowaýollary» agentliginiň howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň işini kämilleşdirmek bilen bagly teklibi makullap, agentligiň ýolbaşçysyna degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

12.04.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Arkadag şäheri, 9-njy aprel (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Milli Liderimiziň yzygiderli tagallasyndan binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda işler häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäherine barýan ýollaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, ýol ýakalarynda oturdylmagy meýilleşdirilýän heýkelleriň, bezeg serişdeleriniň görnüşlerini kesgitlemek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň sazlaşykly ösüşinde we ony abadanlaşdyrmakda möhüm ähmiýeti bolan işler barada giňişleýin maglumat berýän birnäçe şekil taslamalary bilen tanyşdy. Bu ýerde “Ahalteke atlary” şaýolunyň ugrunda oturdylmagy meýilleşdirilýän bedewleriň şekilleri görkezildi. Şekil taslamalary barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabat berdi. Häzirki zaman talaplaryna laýyklykda abadanlaşdyrylýan şaýoluň ugrunda ady rowaýata öwrülen bedewleriň heýkelleri oturdylar. Olary döwrebap binagärlik çözgütlerini özünde jemleýän binýatlaryň üstünde oturtmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, heýkeliň binýadynda bedewleriň taryhyna, gelip çykyşyna degişli ýazgylar ýerleşdiriler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy paýhasly pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryna aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Munuň özi ýaş nesillerde halkymyzyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewlerine bolan söýginiň has-da artmagyny şertlendirer.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň dowamynda D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu tapgyrda meýilleşdirilen gurluşyklara ýerli gurluşyk kompaniýalarynyň we hususy kärhanalaryň 50-den gowragy gatnaşýar. Şol bir wagtyň özünde Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň binalarynyň gurluşygynda ýerli hem-de daşary ýurtlaryň dünýä belli kompaniýalarynyň 5-si işleýär. Şeýle-de D.Orazow Ýaponiýa we Koreýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrmaga hem-de şol ýurtlarda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň binalarynyň enjamlaşdyrylyşyna gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalar bilen ylalaşyklary degişli resminamalar arkaly berkitmäge döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, halkara maliýe guramalarynyň Arkadag şäheri bilen hyzmatdaşlyk etmäge bolan gyzyklanmalary barha artýar. Häzirki wagtda şäherde Gün panelleri arkaly gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden elektrik energiýasyny öndürmek maksady bilen, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, suw serişdelerini gaýtadan işlemek üçin niýetlenen taslamalara grant goldawyny bermek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, Arkadag şäherinde guruljak döwrebap awtomenziliň we ikinji tapgyrda bina ediljek ýokary tehnologiýaly önümçilik toplumlarynyň gurluşygyna grant goldawy görnüşinde maliýe serişdelerini gönükdirmäge gyzyklanma bildirilýändigi aýdyldy.

Gahryman Arkadagymyz şähergurluşyk maksatnamasyna laýyklykda, gurluşyk we bezeg işlerinde milli binagärlik ýörelgelerine, serişdeleriň berkligine, uzak möhletleýinligine zerur üns bermegi tabşyrdy. Munuň özi alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesinde bolmagynda aýratyn ähmiýetlidir. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik toplumlary bilen bir hatarda durmuş maksatly binalaryň gurluşyklarynyň hem dowam edýändigini belläp, desgalaryň taslamalary taýýarlananda, ilkinji nobatda, olaryň bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşmagynyň, ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagynyň, şäheriň ekologik derejesiniň saklanmagynyň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigine ünsi çekdi. Binalaryň gurluşygynyň, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşynyň ugurdaş düzümlere degişli desgalar bilen sazlaşygynyň üpjün edilmeginiň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini aýdyp, Milli Liderimiz bu babatda birnäçe maslahatlaryny berdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikinji tapgyrda önümçilik desgalarynda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň depgininiň ýokarlandyrylmagy, ýerli çig mallardan öndüriljek önümleriň dünýä bazarlaryna eksport edilmegi barada-da birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde şäheriň çäklerinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän toplumlaýyn taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle-de häkim Monako Knýazlygynda iş saparynda bolup, ikitaraplaýyn şäherara gatnaşyklary ýola goýmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi. G.Mämmedowa hasabatyny dowam edip, ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna guraljak dabaralaryň, halkara çäreleriň Arkadag şäherinde geçirilmeginiň şäheriň ýaşaýjylary üçin uly hormatdygyny belläp, bu babatda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, şanly senäniň hormatyna ýurdumyzyň atşynaslar toparyna täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylmagy meýilleşdirilýär.

Hormatly Arkadagymyz milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň täze şäherde geçirilmeginde çuňňur manynyň bardygyny aýtdy. Çünki ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda şanly senäniň hormatyna dabaralaryň guralmagy halkymyzyň “At agynan ýerde toý bolar” diýen paýhasly jümlesine doly kybap gelýär. Şunda Milli Liderimiz ähli meýilleşdirilen halkara çäreleriň, dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny jemläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir gününiň şanly wakalara, zähmet ýeňişlerine beslenýändigini aýdyp, baýramçylyk mynasybetli meýilleşdirilen işlerde üstünlikleri arzuw etdi.

Hajy Arkadagymyzyň hepdäniň çarşenbe güni täze şäherde metjidiň gurulýan ýerine gelip, onuň şekil taslamalary bilen tanyşmagy paýhasly pederlerimiziň ýagşy dessurlarynyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň ýene bir güwäsi boldy. Türkmenistanyň müftüsi Ý.Hojagulyýew we Ahal welaýatynyň ymamy R.Gurbanmyradow Milli Liderimize täze metjitde alnyp barylýan işler barada maglumat berdiler.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde we paýtagtymyzda häzirki zaman binagärlik talaplaryna doly laýyk gelýän döwrebap metjitler gurlup ulanmaga berildi. Türkmençilikde “Allanyň öýi” hasaplanýan metjitleriň bina edilmegi ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan haýyr işleriň häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýändigini görkezýär.

Metjitleriň binalar toplumynyň çäginde sadaka bermek we beýleki däp-dessurlary berjaý etmek üçin ugurdaş desgalar hem gurulýar. Şol bir wagtyň özünde haýyr-sahawatyň, ýagşy işleriň amal bolýan mekany hasaplanýan metjitleriň özboluşly binagärlik çözgütlerine eýe bolmagyna, olaryň gurluşygynda ýokary hilli gurluşyk, bezeg serişdeleriniň ulanylmagyna zerur üns berilýär. Şunda olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy-da möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir. Metjitleriň daşky görnüşinde bolşy ýaly, içki timarlaýyş işlerinde-de ýokary hilli serişdeler peýdalanylýar. Keramatly Gurhanyň sürelerini beýan edýän ýazgylar olaryň esasy bezegleri bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzda raýatlaryň dini dessurlary erkin ýerine ýetirmekleri üçin döwlet derejesinde alada edilýändiginiň mysalydyr. Şoňa görä, din wekilleri asyrlar aşyp gelýän ýagşy däp-dessurlaryň türkmençilik ýoly bilen dowam etdirilmegi babatda yzygiderli alada edilýändigi üçin hajy Arkadagymyza we Arkadagly hajy Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarlar.

Welaýatlarda, Aşgabat şäherinde hereket edýän metjitlerde tutuş adamzat bähbitli sogap işleriň rowaçlyklara beslenmegi barada dilegler edilýär. Arkadag şäherinde gurulýan nurana metjit hem şeýle sahawatly ýörelgeleriň dowamata atarylmagynda möhüm orny eýelär.

...Soňra Arkadag şäherinde täze gurulýan metjidiň bezeg aýratynlyklaryna we onda ulanylýan serişdelere degişli maglumatlar beýan edildi. Bellenilişi ýaly, metjidiň içinde birbada 30 müň adam namaza durup biler ýaly mümkinçilik dörediler. Şol sanda bu ýerde birbada 5 müň zenana niýetlenen ýeriň göz öňünde tutulandygy aýdyldy.

Häzirki döwürde ýurdumyzda türkmençilik däplerini dowam etdirmek, Gurban we Oraza baýramlaryny degişli derejede bellemek babatda zerur tagallalar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, ýurdumyzda üç günläp mukaddes Gurban baýramy bellenilýär. Türkmenistanyň müftüsi şol günlerde haj parzyny berjaý etmäge isleg bildirýän watandaşlarymyzyň ýüzlerçesini Mekgä we Medinä ugratmak, bu ugur boýunça howa gatnawlaryny ýola goýmak babatda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin hajy Arkadagymyza hem-de Arkadagly hajy Serdarymyza din wekilleriniň we ähli halkymyzyň adyndan hoşallyk bildirdi. Nygtalyşy ýaly, şu günler hem Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetinde haj parzyny berjaý etmek üçin zyýarata gitmäge isleg bildirýän ildeşlerimizi Mekge-Medinä ugratmak boýunça degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Şeýlelikde, bu işleriň çözgüdine toplumlaýyn esasda çemeleşilýär.

Hajy Arkadagymyz türkmençilikde ýol çekmegiň, köpri, metjit gurmagyň sogap iş hasaplanýandygyny belläp, bu babatda alnyp barylýan işleriň milli ýörelgelere laýyk gelmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini aýtdy. “Haýyr-sahawatyň hasabyna bina edilýän metjitleriň türkmen topragynyň mukaddes künjeklerinde gurulmagynda çuňňur many bar. Arkadag şäherinde gurulýan metjit hem türkmençilik ýolunyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Ol ýagşy dessurlary haýyr işler bilen utgaşdyrmak, asyrlar aşyp gelýän mukaddeslikleri sarpalamak ýaly däplerimiziň rowaçlanýandygyny görkezýär” diýip, Milli Liderimiz nygtady. Mukaddes toprakda gadymy hem-de häzirki zaman binagärlik däplerine laýyk gelýän täze metjidiň ulanmaga berilmeginiň parz işleriň dowamat-dowamdygynyň güwäsidigini belläp, hajy Arkadagymyz din wekillerine mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn hemaýat beriljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň müftüsi Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi we ýurdumyzyň rowaçlygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly hajy Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, haýyr işleriň üstünliklere beslenmegini Beýik Biribardan dileg etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

09.04.2025
Bütindünýä saglyk güni — belent ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyrýan baýram

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Aşgabat, 7-nji aprel (TDH). Şu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä bileleşigi bilen bilelikde Bütindünýä saglyk gününi giňden baýram etdi. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şanly baýramlaryň milli senenamasynda mynasyp orun alan we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýan Bütindünýä saglyk güni türkmenistanlylaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezmek bilen, olary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň oňyn netijesidir. Halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek bu syýasatyň ileri tutulýan wezipesidir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş, sport hereketini höweslendirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Saglygyň we sportuň biri-biri bilen berk baglanyşykly düşünjeler hökmünde kabul edilmegi munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir. Bedenterbiýe, sport bilen yzygiderli meşgullanýan döwlet Baştutanymyz dürli sport çärelerine gatnaşyp, hemmelere görelde bolýar. Mälim bolşy ýaly, şeýle çäreleri guramak başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň bu asylly başlangyjy Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär.

Ine, şu gün hem hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Ýöriş Aşgabadyň günorta böleginde — Köpetdagyň ajaýyp dag etegi boýunça uzaýan Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde badalga aldy. Aşgabadyň we onuň töwerekleriniň tebigy gözelliklerini gorap saklamak babatda alnyp barylýan netijeli işler esasynda bu ajaýyp künjekde jana şypaly howa gurşawy emele geldi. Munuň özi bu özboluşly pyýada ýodasyny paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň işjeň dynç almak üçin iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwürdi.

Ir bilen bu ýere Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar. Sport çäresine gatnaşyjylaryň hatarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiň wekilleri, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri hem bar. Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebiň hem-de umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylary, welosport boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleri, talyplar, jemgyýetçilik wekilleri hem bu asylly çärä gatnaşýarlar.

Hemmeler uly ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mübärekleýärler. Ýurdumyzyň sungat ussatlary Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ajaýyp aýdym-sazly çykyşlary taýýarlapdyrlar.

Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň hatarynyň öňüni çekdi. Hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, dabara gatnaşyjylaryň ählisi Saglyk ýolunyň ýanyndan ak mermerli Aşgabadyň giň şaýollary boýunça uzaýan ugur bilen sazlaşykly hereket edip başladylar.

...Ýurdumyzda geçirilmegi asylly däbe öwrülen welosipedli ýörişler dünýä ýurtlarynda baýramçylyk günlerinde dürli durmuş, ekologik taslamalary we başlangyçlaryny goldamak maksady bilen guralýan jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň giňden ýaýran görnüşleriniň biridir. Türkmenistanda hem her ýylda guralýan şeýle ýörişlere gatnaşýan ýaşlaryň, şol sanda uly ýaşly adamlaryň sany barha artýar.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň paýtagtynda we sebitlerinde bedenterbiýe, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredildi. Bu möhüm ulgamyň ösdürilmegi ynsan saglygyny berkitmegiň, dürli keselleriň öňüni almagyň, adamlaryň beden we ruhy taýdan kämilleşmeginiň, durmuş derejesiniň ýokarlanmagynyň, sazlaşykly ösýän ýaş nesilleri kemala getirmegiň aýrylmaz şerti bolup durýar. “Saglyk” Döwlet maksatnamasy we beýleki ugurdaş maksatnamalardyr taslamalar yzygiderli amala aşyrylyp, degişli düzümiň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Diýarymyzyň çar künjeginde ýokary halkara ölçegleriň ähli talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş, bejeriş-şypahana, sport düzümleriniň desgalary guruldy we gurluşyklary dowam edýär. Täze Arkadag şäherinde bolsa innowasion lukmançylyk klasteri kemala gelýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan türgenleşikleri geçirmek, sport ussatlaryny, degişli düzümiň ýokary derejeli hünärmenlerini taýýarlamak, sebit we dünýä derejesindäki ýaryşlary guramak üçin ägirt uly tejribä hem-de mümkinçiliklere eýedir. Muňa anyk mysal hökmünde paýtagtymyzdaky köpugurly Olimpiýa şäherçesini görkezmek bolar. Onuň degişli desgalarynda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, ondan soňky ýyllarda bolsa beýleki birnäçe iri halkara ýaryşlar üstünlikli geçirildi. Döwrebap sport desgalarynyň toplumy Arkadag şäherinde hem guruldy. Bedenterbiýe we sport, şol sanda sportuň suwdaky görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ajaýyp mümkinçilikler Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa türkmen kenarynda ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda-da göz öňünde tutulandyr. Ýerli howa şertleri üçin adaty bolmadyk gyşky sport görnüşlerine, hususan-da, ýaş türkmenistanlylaryň häzirki wagtda uly höwes bilen özleşdirýän figuralaýyn typmagyň we hokkeýiň ösüşine-de täze itergi berildi.

Döwletimiziň özleri hakynda edýän aladalaryna, berýän goldawlaryna mynasyp jogap hökmünde türgenlerimiz abraýly halkara ýaryşlara gatnaşyp, ajaýyp netijeleri gazanýarlar hem-de täze baýraklar bilen Watanymyzyň sport üstünlikleriniň üstüni ýetirýärler. Bularyň ählisi Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki abraýyny has-da belende götermäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn başlangyçlaryny ilerletmäge, Olimpiýa hereketiniň ynsanperwerlik, parahatçylyk döredijilik ýaly maksatlaryny goldamaga amatly şertleri döredýär. Sport diplomatiýasyny we onuň mümkinçiliklerini herekete getirmegiň ýollary Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda hem öz beýanyny tapdy. Mälim bolşy ýaly, degişli Kararnama 2024-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda biragyzdan kabul edildi. Konsepsiýa laýyklykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenýän şu ýylda sport ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça çäreleri alyp barmak, halkara sport ýaryşlaryny, şol sanda ýurdumyzyň başlangyjy bilen öňe sürlen BMG-niň oýunlaryny guramak göz öňünde tutulýar.

Welosport barada aýdylanda, ol sportuň Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen we dünýäde giňden ýaýran görnüşleriniň biridir. Biziň ýurdumyzda hem uly meşhurlyga eýe bolan welosiped sportunyň özboluşly taryhy bar. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan häzirki wagtda sportuň bu görnüşi boýunça halkara ýaryşlary geçirmek üçin ähli mümkinçiliklere eýedir.

Türkmenistanlylaryň arasynda-da welosipedi ulag serişdesi hökmünde hem-de wagty peýdaly geçirmek maksady bilen ulanýanlaryň sany barha artýar. Şunuň bilen birlikde, welosiped ulagyň ekologik taýdan iň arassa görnüşi hasaplanýar. Ony gezelençlerde we syýahatlarda ýa-da sport ulagy hökmünde ulanmak bilen, adamlar diňe bir saglygyny berkitmän, eýsem, daşky gurşawa aýawly we jogapkärçilikli çemeleşýändiklerini hem görkezýärler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ähli durmuş-ykdysady, pudaklaýyn maksatnamalaryň, gurluşyk taslamalarynyň ekologik ugur bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny nygtamak zerurdyr.

Halkymyzyň tebigata aýawly çemeleşmek boýunça asyrlaryň dowamynda kemala getiren parasatly ýol-ýörelgeleri häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan, ylmy taýdan esaslandyrylan uzak möhletli strategiýada öz beýanyny tapýar. Hususan-da, Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli her ýylda geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek çäreleri esasynda Watanymyzda tokaý zolaklarynyň, seýilgähleriň çäkleri barha giňeýär. Munuň özi ýerli howa şertlerine, umumylykda bolsa ekologik ýagdaýa oňyn täsirini ýetirýär.

...Köpçülikleýin welosipedli ýörişiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewe ýurdumyzda ekologik abadançylygy mundan beýläk-de gowulandyrmak hem-de tokaý zolaklaryny yzygiderli giňeltmek maksady bilen toplumlaýyn we uzak möhletleýin wezipeleri öz içine alýan Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işleriň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedowa bolsa paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, onuň ekologik abadançylygyny üpjün etmek, bagy-bossanlyga büremek, şäheriň ýaşaýjylarynyň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary üçin amatly şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi.

Saglygy goraýyş, sport we ekologiýa ulgamlaryna degişli möhüm wezipeleri çözmekde jogapkärçilikli orny eýeleýän Türkmenistan bu babatda Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, beýleki abraýly halkara we sebit guramalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Hususan-da, ýurdumyzyň welosiped sürmek medeniýetini ösdürmek boýunça teklipleri dünýä giňişliginde uly goldawa mynasyp bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji we 2022-nji ýyllarda kabul edilen Kararnamalar munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir. Şeýle hem Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy, Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak baradaky başlangyjy ýurdumyzyň ekologiýa babatda hyzmatdaşlyga jogapkärli we uzak möhletleýin esasda çemeleşýändiginiň anyk mysalydyr.

Welosipediň ähmiýeti baradaky gürrüňe dolanyp, onuň artykmaçlyklary hakynda hem nygtamak möhümdir. Ähli ýaşdaky adamlar üçin elýeterli bolan welosipedi dolandyrmak örän ýeňil bolup, ol bedeni sagdyn, ykjam saklamak üçin ajaýyp türgenleşik serişdesidir. Welosipedde gezim etmek adam bedeninde deňagramlylygy saklamaga, onuň çeýeligini ýokarlandyrmaga, kesellere durnuklylygyny berkitmäge, dürli keselleriň döräp bilmek ähtimallygyny azaltmaga ýardam edýär. Şeýle-de welosipedli gezelençler daşky gurşawyň tebigy gözelliklerini synlap, olardan lezzet almaga mümkinçilik berýär. Arassa howada geçirilen wagt göwnüňi göterip, süňňüňe güýç-kuwwat eçilýär. Munuň özi adamyň ruhy hal-ýagdaýyna, umumy pikirleniş ukyplaryna oňyn täsirini ýetirip, iş öndürijiligini ýokarlandyrýar, döredijilik bilen meşgullanmaga ruhlandyrýar.

Umuman, welosport hem-de welosipedli gezelençler ruhubelentligiň, saglygy berkitmegiň, maşgala bolup wagtyňy hoş geçirmegiň çeşmesidir. Bu gyzykly güýmenje bilen meşgullanýanlaryň we onuň bilen baglanyşykly geçirilýän sport çärelerine gatnaşýan ýaşlaryň sany barha artýar. Welosiped aglaba wagtyny okuw bilen geçirýän ýaş nesil üçin sagdyn we işjeň durmuş ýörelgelerine eýermegiň netijeli usulydyr. Bilim işiniň internete we sanly ulgamlara, interaktiw-multimedia tehnologiýalaryna geçýän zamanynda bilim alýan ýaşlar köp wagtyny kompýuteriň öňünde geçirýärler. Şeýle ýagdaýda yzygiderli welosipedli gezelençler ajaýyp maşk hem-de sagdyn dynç almagyň bir görnüşi bolup hyzmat edýär. Bularyň ählisi ýaş nesilleriň beden saglygynyň pugtalanmagyna, aň-paýhas işjeňliginiň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Welosipedde gezim etmek çagalaryň sagdyn ösüşine-de oňyn täsirini ýetirýär. Ol çagalaryň durmuşa uýgunlaşmagyna, bilelikde gezelenç edip, ondan galan täsirleri paýlaşyp biljek täze dostlary tapynmaklaryna şert döredýär.

Türkmenistanda çagalaryň saglygyny berkitmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Hususan-da, döwlet goldawyna mätäç ýaşajyk raýatlarymyz uly üns-alada bilen gurşalýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bu babatda giň gerimli işleri alyp barýandygy bellenilmäge mynasypdyr.

...Hormatly Prezidentimiziň başyny çekýän welosipedli ýörişe gatnaşýanlaryň hatary paýtagtymyzyň ajaýyp ýollary — Arçabil we Bitarap Türkmenistan şaýollary boýunça hereketini dowam etdi. Ýaz paslynyň säheriniň jana tenekar arassa howasy, ýaşyl begrese bürenen Köpetdagyň gözellikleri şähdiňi açyp, ýatdan çykmajak duýgulary bagyşlaýar. “Aziýanyň merjen şäheri” diýlip atlandyrylýan, dünýäniň ýaşamak üçin iň amatly we gözel şäherleriniň biri bolan Aşgabadyň ajaýyp binagärlik keşbi welosipedli ýörişe gatnaşýanlaryň ruhuny belende göterýär.

Güllere beslenen seýilgählerdir seýilbaglar Aşgabadyň iň gözel we özboluşly künjekleridir. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň maýynda paýtagtymyzyň günorta böleginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ägirt uly ýadygärligi oturdylan “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu waka mynasybetli geçirilen dabaralar döredijilik mirasy bütindünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen görnükli söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy. Dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekilleri bolan meşhur ýazyjy-şahyrlaryň, akyldarlardyr sazandalaryň heýkelleriniň hatary toplumyň gaýtalanmajak binagärlik düzümini emele getirýär. Munuň özi häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň goşgularynda wasp edilýän dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň has-da dabaralanýandygyny alamatlandyrýar.

...Welosipedli ýörişiň geçýän ýolunda döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp kompozisiýalar ýaýbaňlandyryldy. Ýörişiň dowamynda hormatly Prezidentimiz işjeň we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde ildeşlerimize görelde bolup, hemişe bolşy ýaly, ýokary beden hem-de sport taýýarlygyny görkezdi.

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş şäheriň merkezi böleginde — Ruhyýet köşgüniň ýanynda tamamlandy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde welosipedli ýörişe gatnaşyjylara ýüzlenip, halk köpçüligini, aýratyn-da, ýaşlary mundan beýläk-de bedenterbiýe, sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek boýunça toplumlaýyn işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Şunda hormatly Prezidentimiz sporty ösdürmegiň beden taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly ýaş nesilleri kemala getirmegiň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň agzalary ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutladylar.

Soňra hormatly Prezidentimiz sport-sagaldyş çäresine gatnaşanlara berk jan saglyk, üstünlik arzuw edip, hemmeler bilen mähirli hoşlaşdy hem-de bu ýerden ugrady.

Şeýlelikde, şu gün paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýöriş halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ynsanperwer gymmatlyklara, durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna, saýlap alan döredijilik ýoluna ygrarlydygynyň nobatdaky güwäsi boldy.

* * *

Şu gün Bütindünýä saglyk güni mynasybetli diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi. Bu ajaýyp baýram mynasybetli 1 — 7-nji aprel aralygynda Diýarymyzyň çar künjeginde dürli çäreler guraldy. Mowzuklaýyn maslahatlar, “tegelek stol” duşuşyklary, sergiler, okuw sapaklary, bedenterbiýe-sagaldyş, medeni çärelerdir dabaralar, sport ýaryşlary şolaryň hataryndadyr.

07.04.2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 5-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň üç aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berildi. Ol şu ýylyň birinji çärýeginde gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 0,3 göterime, gurluşykda 3,8 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 11,1 göterime, söwdada 9,9 göterime, oba hojalygynda 4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,8 göterime deň boldy. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,6 göterim artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Geçen ýylyň döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 12,3 göterim, daşary söwda dolanyşygy 2,9 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102 göterim, çykdajy bölegi 97,7 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haklary, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,2 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17 göterim ýokarlandy. Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geçen üç aýda gazanylan üstünliklere esaslanyp, geljekde-de jemi içerki önümiň ösüşini durnukly saklamagyň, önümçilik pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça degişli çäreleri geçirmegi dowam etdirmegiň, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda 2025-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 107,1 göterim ýerine ýetirildi. Nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 107,1 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 102 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,8 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100,1 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100,4 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmekde 117,9 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Şeýle hem hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 104,8 göterim boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça degişli işleri dowam etdirmegiň, olaryň eksport edilýän möçberini yzygiderli artdyrmagyň wajypdygyny aýtdy. Toplumyň önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak, ýurdumyzyň çägindäki meýdançalarda gözleg-barlag guýularyny burawlamak işlerini yzygiderli dowam etdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda şu ýylyň geçen üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 124,2 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 147,7 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 102,2 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 132,5 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 140,1 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 129,7 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 101,1 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 101,4 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 102,6 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,4 göterime deň boldy. Hasabat döwründe oba hojalyk pudagy boýunça maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 262,9 göterim ýerine ýetirildi. Häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Ýeralma we gök-bakja ekinlerine ideg işleri bilen bir hatarda, welaýatlarda pile öndürijileri ýüpek gurçugynyň tohumlary bilen üpjün etmek çäreleri hem guramaçylykly dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň möçberini artdyrmagy we hilini gowulandyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda talabalaýyk alyp barmagy, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumynda 2025-nji ýylyň ilkinji üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 115,9 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça meýilnama 112,8 göterime deň boldy. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we işleriň meýilnamasy 120,5 göterim, Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň hem-de işleriň meýilnamasy 104,4 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkeziji “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça 127,1 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 109,5 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça işleriň meýilnamasy 108,1 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumy boýunça öndürilýän önümleriň möçberini has-da artdyrmak üçin degişli işleri dowam etdirmegiň, elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da kämilleşdirmegiň, önümçilige täze, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, täze kärhanalary işe girizmek, önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak boýunça zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 113 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 101,2 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 114,2 göterim üpjün edildi, şol sanda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 142,9 göterime, nah matalaryňky 150,9 göterime, taýýar tikin we örülen önümleriňki 104,3 göterime, gön önümleriniňki 140,4 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 105,1 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 72 birža söwdasy geçirilip, olarda 6 müň 878 şertnama hasaba alyndy. Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 102,1 göterime barabar boldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,1 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 104,3 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda toplumynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin sanly ykdysadyýeti we elektron söwdany ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda azyk önümleriniň hem-de beýleki zerur harytlaryň üpjünçiligini üns merkezinde saklamak, dokma kärhanalarynda öndürilýän dokma önümleriniň görnüşlerini we möçberini artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmek, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň işini kämilleşdirmekde halkara tejribeden ugur almak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy, şeýle hem medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralary mynasybetli dürli çäreler, aýdym-sazly çykyşlar geçirildi. Yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenildi. Halkara hyzmatdaşlyk babatda-da dürli çäreler geçirilip, olarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň many-mazmuny giňden beýan edildi. Şeýle hem kitaphanalar, muzeýler, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli ösdürmek, medeni mirasymyzy öwrenmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri dikeltmek işlerini dowam etdirmek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň geçen üç aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe ylymly-bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Şu ýylyň birinji çärýeginde mekdep okuwçylary we talyp ýaşlar halkara ders hem-de internet bäsleşiklerinde jemi 55 medala mynasyp boldular. Şunuň bilen birlikde, “Dil — hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi” atly halkara okuw-usuly maslahat, dersler boýunça internet olimpiadalary geçirildi. Şu ýylyň birinji çärýeginde ylmyň ugurlary boýunça aspirantura we doktorantura kabul etmek, alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba almak bilen bagly işler guramaçylykly alnyp baryldy. “Parahatçylyk we ynanyşmak dünýäde ekologiýa abadançylygyny gorap saklamagyň ygtybarly binýadydyr” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Ýanwar — mart aýlarynda bejeriş-öňüni alyş edaralarynda keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak babatda meýilnamalaýyn işler alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Gaznanyň hasabyna saglygy dikeldilen çagalara, olaryň hossarlaryna Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar dabaraly gowşuryldy. Hasabat döwründe bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, türgenleri Olimpiýa oýunlaryna, iri halkara ýaryşlara taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi. Milli ýygyndy toparlaryň türgenleri medallaryň birnäçesini gazandylar. Şunuň bilen birlikde, Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat hem-de dabaraly çäreler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport ulgamlarynda netijeli işleri alyp barmagyň, ýokary hem-de orta mekdepleriň işinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň möhümdigini belledi. Mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň arasynda halkara bäsleşikleri we olimpiadalary geçirmegi dowam etdirmek, saglygy goraýyş ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek, ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi üçin degişli işleri geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine iş saparynyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 3-4-nji aprelinde Samarkant şäherinde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammit geçirildi. Bu ýokary derejeli duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, maýa goýum gatnaşyklary, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak, “ýaşyl” ykdysadyýeti, ulag we sanly arabaglanyşygy ösdürmek, bilim hem-de beýleki durmuş ulgamlarynda bilelikdäki tagallalary berkitmek bilen bagly meselelere seredildi. Şunda sammitiň gün tertibiniň şu ýylyň 27-nji martynda Aşgabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji duşuşygynda işlenip taýýarlanandygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz sammitde çykyş edip, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy barada durup geçdi. Sammitiň netijeleri boýunça Bilelikdäki Jarnama hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Hökümetleriniň we Ýewropa Komissiýasynyň arasynda örän wajyp çig mallar ulgamynda meýiller hakynda Beýannama kabul edildi.

4-nji aprelde «Merkezi Aziýa ählumumy howa meseleleriniň öňünde: bilelikdäki abadançylyk üçin jebislik» atly halkara forumyň geçirilendigi aýdyldy. Forumda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasy, Pariž ylalaşygy we ekologiýa, daşky gurşawy goramakda beýleki halkara resminamalar babatda alyp barýan işleri barada beýannama bilen çykyş etdi.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň birinji çärýeginde Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny, öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen degişli işler geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, ýanwar aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygyna sapary amala aşyrandygy bellenildi. Fewral aýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany ýurdumyza iş sapary bilen geldi. Mart aýynda Gruziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary boldy.

Hasabat döwründe daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana, ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary netijeli özara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 178-si geçirildi. Şeýle hem ýurdumyzda daşary ýurtlaryň, halkara guramalaryň wekilleri bilen resmi gepleşiklerdir duşuşyklar geçirildi. Şu güne çenli halkara resminamalaryň 31-sine gol çekildi. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli amala aşyrylýar, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirilýär. Ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça hem netijeli çäreler görülýär. Ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup, bu babatda-da degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýandygyny, ýurdumyzyň dünýäniň ähli döwletleri we halkara guramalar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä we sebit döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary ilerletmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 118,4 göterime deň boldy. Şu ýylyň birinji çärýeginde awtomobil, demir ýol, howa, deňiz, derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 104,3 göterim, ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy 101,4 göterim ýerine ýetirildi.

Geçen üç aýda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 107,1 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 110,4 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 126,5 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 125,5 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 122 göterime deň boldy. Şeýle hem “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ulag-kommunikasiýa pudagynyň işini döwrüň talabyna laýyk guramak üçin degişli işleri alyp barmagyň, ulagyň ähli görnüşleri bilen ýolagçy we ýük dolanyşygyny ösdürmegiň, halkara üstaşyr ulag mümkinçiligini doly ulanmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belläp, agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini, jemi içerki önümiň ösüşiniň hasabat döwründe 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda iri senagat, durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşyklarynyň dowam etdirilýändigini belläp, ykdysadyýetiň pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek babatda işleriň ýerine ýetirilişini hemişe berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 7-nji aprelde Diýarymyzda Bütindünýä saglyk gününiň giňden bellenilip geçiljekdigini, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylýandygyny, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hormatly Prezidentimizi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy Bütindünýä saglyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

05.04.2025
Se­bi­ta­ra go­şu­lyş­mak — Ýew­ra­zi­ýa gi­ňiş­li­gin­de hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­me­giň esa­sy şer­ti

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti «Mer­ke­zi Azi­ýa — Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi» gör­nü­şin­dä­ki bi­rin­ji sam­mi­te gat­naş­dy

Sa­mar­kant, 4-nji ap­rel (TDH). Şu gün Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­syn­da iş sa­pa­ryn­da bol­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow «Mer­ke­zi Azi­ýa — Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi» gör­nü­şin­dä­ki bi­rin­ji sam­mi­te gat­naş­dy.

Türk­me­nis­tan bi­len Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk deň­hu­kuk­ly­lyk, bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak, öza­ra bäh­bit­li­lik ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da ös­dü­ril­ýär. Bu bol­sa uzak möh­let­li gat­na­şyk­lar üçin esas bo­lup hyz­mat ed­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň kö­pu­gur­ly hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Ýur­du­myz ÝB bi­len sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da üs­tün­lik­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. Bu dü­züm bi­len ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len mak­sat­na­ma­la­ry we tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek­de ne­ti­je­li gat­na­şyk­lar al­nyp ba­ryl­ýar. Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi, üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­ni iş­jeň­leş­dir­mek, ener­ge­ti­ka, ylym-bi­lim, se­bit howp­suz­ly­gy, suw se­riş­de­le­rin­den re­je­li peý­da­lan­mak hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da­dyr. Azi­ýa bi­len Ýew­ro­pa­ny bir­leş­dir­ýän söw­da ýol­la­ry­nyň çat­ry­gyn­da ýer­leş­ýän Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry soň­ky ýyl­lar­da ma­ýa go­ýum­lar üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip, da­şa­ry yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­ny gi­ňeld­ýär­ler. Mu­nuň özi se­bi­tiň dün­ýä ho­ja­lyk gat­na­şyk­la­ry ul­ga­my­na iş­jeň go­şu­ly­şyp, äh­lu­mu­my yk­dy­sa­dy­ýe­tiň mö­hüm bö­le­gi­ne öw­rül­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär.

Se­bi­ta­ra dia­lo­gyň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi, bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ryň sa­ny­nyň ýyl­sa­ýyn art­ma­gy we ta­rap­la­ryň öza­ra gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mä­ge yg­rar­ly­ly­gy hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. “Mer­ke­zi Azi­ýa — Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi” for­ma­ty se­bi­tiň ösü­şi­ne, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bi­len gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ip, öz ne­ti­je­li­li­gi­ni gör­kez­di. Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri bi­len ÝB-niň ara­syn­da­ky köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len şu ge­zek­ki sam­mi­tiň gün ter­ti­bi­ne söw­da-yk­dy­sa­dy, ma­ýa go­ýum gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­mek, “ýa­şyl” ener­ge­ti­ka­ny, “ýa­şyl” yk­dy­sa­dy­ýe­ti iler­let­mek, ulag we san­ly ara­gat­na­şy­gy go­wu­lan­dyr­mak, me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler gi­ri­zil­di.

Ir bi­len hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň aw­tou­lag ker­we­ni sam­mi­tiň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne — Kong­res mer­ke­zi­ne ta­rap ug­ra­dy. Mer­ke­ziň eý­wa­nyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew mä­hir­li gar­şy­la­dy.

Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň baş­lyk­lyk et­me­gin­de Sa­mar­kant şä­he­rin­de ge­çi­ri­lýän “Mer­ke­zi Azi­ýa — Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi” gör­nü­şin­dä­ki ýo­ka­ry de­re­je­li bi­rin­ji sam­mi­te Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Sa­dyr Ža­pa­row, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Emo­ma­li Rah­mon, Ýew­ro­pa Ge­ňe­şi­niň Baş­ly­gy An­to­nio Koş­ta, Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň Baş­ly­gy ha­nym Ur­su­la fon der Lýa­ýen, Ýew­ro­pa­nyň ma­ýa go­ýum ban­ky­nyň ýol­baş­çy­sy ha­nym Nad­ýa Kal­win­ýo, Ýew­ro­pa­nyň tä­ze­le­niş we ösüş ban­ky­nyň ýol­baş­çy­sy ha­nym Odil Re­no-Bas­so hem gat­naş­dy­lar.

Däp bo­lan bi­le­lik­dä­ki su­ra­ta düş­mek da­ba­ra­syn­dan soň­ra, be­lent mer­te­be­li myh­man­lar Kong­res mer­ke­zi­niň uly mej­lis­ler za­ly­na bar­dy­lar. Bu ýer­de “Mer­ke­zi Azi­ýa — Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi” gör­nü­şin­dä­ki bi­rin­ji sam­mi­tiň mej­li­si ge­çi­ril­di. Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew ýo­ka­ry de­re­je­li du­şu­şy­gy açyp, mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ry ýe­ne-de bir ge­zek mü­bä­rek­le­di we “Mer­ke­zi Azi­ýa — Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi” sam­mi­ti­ni ga­dy­my Sa­mar­kant şä­he­rin­de ge­çir­mek ba­ra­da Öz­be­gis­ta­nyň baş­lan­gy­jy­ny gol­dan­dyk­la­ry üçin hem­me­le­re ho­şal­lyk bil­dir­di. Şeý­le-de öz­bek Li­de­ri çy­ky­şy­nyň do­wa­myn­da Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň ýa­kyn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len no­bat­da­ky du­şu­şy­gy­nyň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di.

Soň­ra sam­mi­te gat­na­şy­jy­la­ra söz be­ril­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow sam­mi­te gat­na­şy­jy­la­ry mä­hir­li mü­bä­rek­läp, açyk gö­wün­li­li­gi, myh­man­sö­ýer­li­gi we iş­le­mä­ge dö­re­di­len şert­ler üçin Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­we min­net­dar­lyk bil­dir­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şu gün­ki du­şu­şy­gyň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti­ne ünsi çekip, Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň hem-de Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki şeý­le du­şu­şyk­da il­kin­ji ge­zek gep­le­şik­le­ri ge­çir­ýän­di­gi­ni belledi. Mu­nuň özi öz­bo­luş­ly wa­ka­dyr. Bi­ziň pi­ki­ri­miz­çe, bu gat­na­şy­jy­la­ryň hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­ma­gyň, ýa­kyn­laş­ma­ga we gat­na­şyk­la­ryň berk usul­la­ry­ny dö­ret­me­giň ze­rur­dy­gy­na dü­şün­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy we ara alyp mas­la­hat­laş­ma­la­ryň gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak­da, öza­ra dü­şü­niş­me­gi hem-de anyk yla­la­şyk­la­ry ga­zan­mak­da mö­hüm tap­gyr bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.

Türk­me­nis­tan bi­le­lik­dä­ki işiň örän mö­hüm we­zi­pe­le­ri­niň ara­syn­da se­bit pa­ra­hat­çy­ly­gy­ny, howp­suz­ly­gy­ny hem-de dur­nuk­ly­ly­gy­ny ga­zan­ma­ga we sak­la­ma­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. Biz hä­zir­ki şert­ler­de Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry bi­len Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ara­syn­da­ky sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik hyz­mat­daş­lyk se­bit­dä­ki we goň­şy ýurt­lar­da­ky umu­my ýag­daý­la­ra ne­ti­je­li tä­sir et­mä­ge ukyp­ly di­ýip pi­kir ed­ýä­ris. Bu ugur­da dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň, oza­ly bi­len, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ta­gal­la­la­ry­na ýar­dam ber­me­li di­ýip ha­sap­la­ýa­rys.

Ga­ra­ýyş­la­ryň umu­my­ly­gyn­dan ugur alyp, Mer­ke­zi Azi­ýa­ny pa­ra­hat­, yk­dy­sa­dy taý­dan özü­ne çe­ki­ji, geo­sy­ýa­sy da­wa­la­ra we gap­ma-gar­şy­lyk­la­ra go­şul­ma­ýan dur­nuk­ly se­bit hök­mün­de gör­ýä­ris di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sö­zü­ni do­wam et­di hem-de Türk­me­nis­ta­nyň öz Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na we hal­ka­ra borç­na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, şu mak­sat­la­ra ýet­mek üçin iş alyp bar­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 21-nji mart­da 67 döw­le­tiň aw­tor­daş­ly­gyn­da «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy» at­ly Ka­rar­na­ma­ny bi­ra­gyz­dan ka­bul eden­di­gi­ne ün­si çe­kip, bu res­mi­na­ma­ny gol­dan­dyk­la­ry üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di. Şeý­le-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz Ow­ga­nys­tan­da­ky ýag­da­ýy düz­gün­leş­dir­me­giň se­bit­de we bü­tin dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Mer­ke­zi Azi­ýa bi­len Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ara­syn­da­ky yk­dy­sa­dy­ýet­de we ma­ýa go­ýum­lar­da, ener­ge­ti­ka, ulag, söw­da pu­dak­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne ýo­ka­ry ba­ha be­ril­ýän­di­gi­ni, bu­la­ryň ile­ri tu­tul­ýan ugur­lar ha­sap­lan­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, Türk­me­nis­ta­nyň Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bi­len ne­ti­je­li ener­go­dia­lo­gy tä­ze de­re­je­de ýo­la goý­ma­ga ça­lyş­ýan­dy­gy­ny we bu ugur­da iş ýü­zün­dä­ki ädim­le­ri ät­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň «ýa­şyl» ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak ug­run­da çy­kyş ed­ýän­di­gi­ni, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­me­giň kuw­wa­ty­ny art­dyr­ýan­dy­gy­ny we ony Ýew­ro­pa iber­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny bel­läp, elekt­rik ul­gam­lar çäk­le­rin­den geç­ýän döw­let­le­riň bir­le­şen ta­gal­la­sy bo­lan­da, bu tas­la­ma­nyň ýa­kyn wagt­da öza­ra bäh­bit­li­lik esa­syn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­ta­nyň ýel we Gün ener­gi­ýa­sy­ny peý­da­lan­mak­da hem ýew­ro­pa­ly hyz­mat­daş­lar bi­len iş­le­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny, wo­do­rod ener­ge­ti­ka­sy ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­me­giň müm­kin­çi­li­gi­ne se­ret­mek üçin hem açyk­dy­gy­ny aýt­dy.

Ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa pu­dak­la­ry-da stra­te­gik ugur­lar­dyr. Gün­do­gar — Gün­ba­tar hem-de Gün­ba­tar — Gün­do­gar ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­gam­la­ry­ny dö­ret­mek mu­nuň esa­sy bö­le­gi bo­lup dur­ýar. Bu me­se­le­de Ha­za­rüs­ti ug­ra uly orun ber­ýä­ris. Türk­me­nis­ta­nyň Ha­zar deň­zi­niň ke­na­ryn­da­ky Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň kuw­wa­ty­ny, şeý­le hem ýur­du­myz­da­ky ýol ul­gam­la­ry­ny şu tas­la­ma üçin ulan­ma­ga taý­ýar­dy­gy­my­zy aýt­mak is­le­ýä­rin.

Kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­ga­myn­da-da Ha­zar deň­zi­niň düý­bün­den ka­bel­le­ri ge­çir­mek ze­rur­ly­gyn­dan we müm­kin­çi­li­gin­den ugur al­ýa­rys. Umu­man, Türk­me­nis­tan Ha­zar deň­zin­de su­was­ty üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy­ny ke­nar­ýa­ka döw­let­le­riň yk­dy­sa­dy ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýär hem-de bäh­bit­le­ri we peý­da­ny deň­hu­kuk­ly ha­sa­ba al­mak esa­syn­da Ýew­ra­zi­ýa se­bi­tin­de ener­ge­ti­ka, yk­dy­sa­dy, ulag dur­nuk­ly­ly­gy­ny üp­jün et­me­giň mö­hüm şer­ti di­ýip ha­sap­la­ýar.

Umu­man al­nan­da, se­bit­de üp­jün­çi­lik tas­la­ma­lar top­lu­my­na Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ma­ýa go­ýum taý­dan tä­sir­li gat­naş­ma­gy­nyň örän wag­tyn­da ädi­len ädim bol­jak­dy­gy­na ynan­ýa­ryn di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz nyg­ta­dy we ýur­du­my­zyň Ýew­ro­pa bi­len söw­da­ny has-da gi­ňelt­mek üçin hem açyk­dy­gy­ny, ma­ýa­dar­la­ra do­ly amat­ly şert­le­ri dö­ret­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny aýt­dy we Ýew­ro­pa­nyň kom­pa­ni­ýa­la­ry­ny türk­men ba­za­ryn­da iş­le­mä­ge ça­gyr­dy. Şun­da türk­men ta­ra­py Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ha­ryt­la­ry ibe­ri­ji­le­ri we aly­jy­la­ry gol­da­ma­gyň mak­sat­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­mak müm­kin­çi­li­gi­ne se­ret­me­gi tek­lip ed­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­ta­nyň me­de­ni-yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge we gi­ňelt­mä­ge hem yg­rar­ly­dy­gy­na ün­si çe­kip, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň köp ýyl­lar­dan bä­ri Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de dur­mu­şa ge­çir­ýän bi­lim tas­la­ma­la­ry­nyň we mak­sat­na­ma­la­ry­nyň ne­ti­je­li­di­gi­ni min­net­dar­lyk bi­len bel­le­di. Şo­la­ryň ara­syn­da “TACIS-TEM­PUS”, “ERAS­MUS-MUN­DUS”, “DA­RYA” ýa­ly giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­lar bar. Hu­su­san-da, Türk­me­nis­tan­da “ERAS­MUS-MUN­DUS” we “ERAS­MUS+” mak­sat­na­ma­la­ry­nyň çäk­le­rin­de ma­gistr mak­sat­na­ma­la­ry, bi­lim ul­ga­myn­da san­ly­laş­dyr­mak, dur­nuk­ly ösü­şi we aka­de­mi­ki yk­jam­ly­gy gol­da­mak bo­ýun­ça 40-dan gow­rak tas­la­ma ama­la aşy­ryl­dy di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy we bu işi ös­dür­mek­de, hyz­mat­daş­ly­gyň ta­lap­la­ry­na, is­leg­le­ri­ne jo­gap ber­mek bi­len, hü­när­ment bi­li­mi ba­bat­da bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­ny iş­läp taý­ýar­la­mak müm­kin­çi­li­gi­ne se­ret­me­gi tek­lip et­di. Mu­nuň özi ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly kär­ha­na­lar­da iş­le­ýän ýo­ka­ry hü­när­li teh­ni­ki iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak ba­bat­da örän mö­hüm­dir.

Şeý­le-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ryh, ar­heo­lo­gi­ýa, et­nog­ra­fi­ýa, me­de­ni-ta­ry­hy mi­ra­syň ýa­dy­gär­lik­le­ri­ni go­rap sak­la­mak bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki yl­my-bar­lag tas­la­ma­la­ry­ny iş­jeň­leş­dir­me­gi tek­lip edip, sy­ýa­hat­çy­lyk alyş­ma­la­ry­nyň, eko­lo­gi­ýa we et­nog­ra­fi­ýa sy­ýa­hat­çy­ly­gy­nyň bel­li bir mak­sat­ly bi­le­lik­dä­ki mak­sat­na­ma­la­ry­ny taý­ýar­la­ma­gyň hem gel­je­gi­niň ulu­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­ta­nyň «Mer­ke­zi Azi­ýa — Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi» gör­nü­şin­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gy do­wam et­dir­mä­ge we iş­jeň­leş­dir­mä­ge ça­lyş­ýan­dy­gy­ny we bu oňyn hem-de äh­mi­ýet­li işe sal­dam­ly go­şant goş­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.

Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze çuň ma­ny-maz­mun­ly çy­ky­şy, be­ýan eden anyk tek­lip­le­ri hem-de öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da­ky oňyn ga­ra­ýyş­la­ry üçin ho­şal­lyk bil­dir­di.

Sam­mi­te gat­na­şy­jy­lar hyz­mat­daş­ly­gy yzy­gi­der­li esas­da ýo­la goý­ma­gyň we ony anyk mak­sat­la­ra gö­nük­dir­me­giň, öza­ra gat­na­şyk­la­ryň tä­ze gu­ral­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň, söw­da-yk­dy­sa­dy, ener­ge­ti­ka, ulag-ara­gat­na­şyk, “ýa­şyl” ener­ge­ti­ka, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ýa­ly ugur­lar­da se­bi­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy has-da iş­jeň­leş­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­läp, ma­ýa go­ýum hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­mek, bi­le­lik­dä­ki inf­rast­ruk­tu­ra tas­la­ma­la­ry­ny ama­la aşyr­mak, in­no­wa­si­ýa­la­ry, san­ly çöz­güt­le­ri gol­da­mak bo­ýun­ça anyk yla­la­şyk­la­ryň ga­za­nyl­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di­ler.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň “Mer­ke­zi Azi­ýa — Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi” gör­nü­şin­dä­ki bi­rin­ji sam­mi­te gat­naş­ma­gy Türk­me­nis­ta­nyň äh­li gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ýurt­lar bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge yg­rar­ly­dy­gy­nyň no­bat­da­ky be­ýa­ny bol­dy. Şeý­le­lik­de, bu ýo­ka­ry de­re­je­li du­şu­şy­gyň ne­ti­je­le­ri Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry bi­len Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ara­syn­da söw­da-yk­dy­sa­dy, ma­ýa go­ýum, ulag, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da­ky gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­makda we bu ugur­da bi­le­lik­dä­ki stra­te­gi­ýa­la­ry iş­läp taý­ýar­la­makda mö­hüm ähmiýete eýe bolar.

04.04.2025
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Samarkant, 3-nji aprel (TDH). Şu gün “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Iki goňşy döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz taryhy Samarkant şäherinde Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşýandygyna örän şatdygyny belläp, “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» sammitine gatnaşmaga çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi we meýilleşdirilen ähli çäreleriň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi hem-de ýurdumyzyň wekiliýetiniň mähirli kabul edilendigi, görkezilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Özbegistan Respublikasy biziň hakyky dostumyz we ýakyn goňşymyz bolup durýar. Bu ýurt bilen dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz özbek kärdeşine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew döwlet Baştutanymyza Samarkanda gelmäge hem-de “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki ýokary derejeli birinji duşuşyga gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Milli Liderimize mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de şunda döwletara dialogyň netijeli häsiýete eýedigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler häzirki wagtda ynanyşmagyň we özara goldawyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň dürli ugurlarda, şol sanda oba hojalygynda, elektrik energetikasynda, nebitgaz toplumynda, himiýa senagatynda we beýleki pudaklarda okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Ulag we energetika geçelgelerini döretmäge, sebitara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmäge degişli möhüm meseleleri çözmek babatda alnyp barylýan bilelikdäki işlere aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu sammitiň Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda has netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýolunda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirildi. Şeýle hem soňky döwürde iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşendigi bellenildi.

Mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletara dialogy ösdürmäge uly şahsy goşandy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary däp bolan türkmen-özbek dostlukly gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we giňeldiljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

03.04.2025
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýewropa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy

Samarkant, 3-nji aprel (TDH). Şu gün «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz hem-de Ýewropa Geňeşiniň Başlygy sammitiň çäklerinde duşuşmaga hem-de özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ulag-kommunikasiýa ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, bu duşuşygyň ÝB bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary has-da giňeltmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyz bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklar syýasy-diplomatik ugurda has işjeň häsiýeti bilen tapawutlanýar. «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr. Ýewropa Geňeşiniň Başlygy ýakynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Aşgabatda geçirilen duşuşygynyň ähmiýetini belläp, ýokary derejeli bu çäreleriň iki sebitiň arasyndaky köpugurly, uzak möhletli hyzmatdaşlygy yzygiderli ilerletmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleriniň mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň sebit üçin möhüm ähmiýeti nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň sebitiň ýurtlary hem-de abraýly halkara guramalar bilen bilelikde geljegi uly Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ulag geçelgelerini işjeň ösdürýändigini belläp, şol geçelgeleriň Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde ygtybarly köpri boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabatlanyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumynyň geçiriljekdigini aýtdy we Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koştany bu foruma gatnaşmaga çagyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini aýdyp, ýurdumyzyň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

03.04.2025