Hormatly Prezidentimiz ýakynda — 10-njy dekabrda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de käbir beýleki ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Döwlet Baştutanymyzyň mejlisde milli ykdysadyýetimizi ösdürmek bilen baglanyşykly öňe süren başlangyjy we degişli ýolbaşçylara beren tabşyryklary ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu barada: «Daşary ýurtlardaky ilçihanalarymyzyň we wekilhanalarymyzyň düzümini tejribeli halkara derejeli ykdysatçylar bilen berkitmegi teklip edýärin. Olary zerur serişdeler bilen üpjün etmeli. Olaryň bolýan ýurtlarynda we sebitlerinde ykdysady ugur boýunça geçirilýän çärelere işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilikleri göz öňünde tutmaly» diýmek bilen, dünýä ykdysadyýetiniň ösen tejribelerini öwrenmegi hem-de olary milli ykdysadyýetimize ornaşdyrmagy maslahat berdi. Şunda ykdysady diplomatiýanyň milli nusgasyny kämilleşdirmek we ony has işjeň ýagdaýa getirmek, bu babatda ýurdumyzyň bitaraplyk hukuk derejesinden ýerlikli peýdalanmak esasy maksatlaryň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirýän bitaraplyk syýasaty diňe sebitde däl, eýsem, Ýer ýüzünde hem ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durmuş-ykdysady ösüşi kepillendirýär. Halkara jemgyýetçilik milli Liderimiziň ynsanperwer garaýyşlarynyň, täze başlangyçlarynyň häzirki hem geljekki nesiller, tutuş adamzat üçin örän möhümdigini ykrar edýär.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň başlangyçlarynyň hem-de ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine işeňňir gatnaşmagy we daşary syýasatda gazanýan üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň çuň many-mazmunly hem uzak geljegi nazarlaýan daşary syýasy ugrunyň halkara derejede barha giň goldawa eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär.
Türkmenistan özüniň anyk işleri bilen sebitde ýagdaýy durnuklylaşdyrmaga we sebitara hyzmatdaşlyga saldamly goşandyny goşmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny tassyklaýar. Ýurdumyzyň syýasy durnuklylygy we ýokary ykdysady ösüş depgini Türkmenistana halkara gepleşikleri we maslahatlary geçirmek üçin oňyn mümkinçilik berdi.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry bu halkara guramanyň düzümleri bilen mundan beýläk-de işjeň gatnaşyklary ýola goýmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna iki gezek saýlanylmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Halkara hyzmatdaşlykda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, dünýäniň ýurtlary bilen syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli giňeldýär. Ýer ýüzünde parahatçylygy, ynanyşmagy we ösüşi üpjün etmek üçin tagallalary birleşdirmäge öz goşandyny goşýar.
Türkmenistan nebit-gaz gorlary boýunça dünýäniň baý döwletleriniň hatarynda durýar. Ýewraziýa yklymynda düýbünden täze ýangyç-energetika düzüminiň taslamasy, ýagny Ýewraziýa yklymynda syýasy we ykdysady durnuklylygy üpjün etjek Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy şu jähetden örän möhümdir. Bu iri halkara taslama bitaraplyk syýasatynyň ösüş ýörelgesiniň yzygiderli we ygtybarly häsiýete eýedigini görkezýär.
Transmilli gaz geçiriji Owganystanyň we onuň ugrundaky ýurtlaryň ilatynyň iş bilen üpjünçiligine, umuman, durmuş-ykdysady ýagdaýynyň gowulanmagy üçin şertleri döreder. Mundan başga-da, Türkmenistandan Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak, owgan ykdysadyýeti üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde milli hünärmenleri taýýarlamak, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugurlary boýunça elektrik energiýasyny ibermek we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň ýaly ynsanperwer çäreler Merkezi Aziýada, hususan-da, goňşy döwletimiz Owganystanda syýasy, ykdysady we durmuş ýagdaýynyň kadalaşmagyna, asudalygyň durnukly bolmagyna ýardam berer.
Bitaraplyk derejesinden, hoşniýetli ýörelgesinden ugur alýan özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyk Garaşsyz ýurdumyzda beýik özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, intellektual taýdan ösüşini üpjün etmek üçin ajaýyp şertleri döretmäge mümkinçilik berdi.
Türkmenistanyň ykdysady ösüşi deňagramlylygy we bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Ýurduň durnukly ösmeginde onuň maliýe-bank ulgamy möhüm orun eýeleýär, bu ulgam pul dolanyşygynyň deňeçerligini üpjün etmäge, milli puluň satyn alyjylyk ukybyny saklamaga we döwletiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini gazanmaga gönükdirilendir. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin onuň pugta kadalaşdyryjy hukuk binýady döredildi hem-de yzygiderli kämilleşdirilýär. Ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek milli Liderimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan özgertmeler syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Şol strategiýa diňe bir durnukly ösüşi däl, eýsem, dünýäniň degişli ýagdaýyna uýgunlaşmagyny, daşarky ýagdaýlar bilen şertlendirilen töwekgelçilikleriň azaldylmagyny üpjün edýär.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda ulag-logistika infrastrukturasynyň döredilmegi «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» ugurlary boýunça ulag-aragatnaşyk merkezleriniň birine öwrülmegine amatly şertleri döretdi. Şonuň bilen birlikde dünýäniň köp döwletleri bilen işjeň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmäge giň ýol açyldy.
Durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde dünýäniň ösen döwletleri bilen işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmaga aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzda kabul edilen kanunlaryň halkara talaplara laýyk getirilmegi, ykdysady amatlyklaryň döredilmegi ýurdumyzyň maýa goýum syýasatynyň barha özüne çekijiligini ýokarlandyrýar.
Häzirki döwürde oba hojalygyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär we bu ugurda ýokary netijeler gazanylýar. Ýurtda azyk bolçulygy döredilýär, ilat ýylyň dowamynda elýeterli bahadan, ekologik taýdan arassa oba hojalyk önümleri bilen üpjün edilýär we onuň belli bir bölegi daşary ýurtlara eksport edilýär. 2020-nji ýylda Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasyna synçy hökmünde goşuldy we söwda syýasatyny kämilleşdirmäge, ony halkara talaplara laýyk getirmäge başlady. Bu bolsa Diýarymyzda ykdysady ösüşiň durnuklylygyny saklamaga ýardam eder.
Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi üçin parahat durmuşy, geljege ynamy berkidýär. Çünki hut asuda, durnukly ýagdaý döredijilikli zähmete, ýokary depginli ösüşe binýat döredýär, munuň özi ýurdumyzyň ösen döwletleriň hataryna goşulmagyna giň ýol açýar.
Baýramdurdy TAÝHAROW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professory.
Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýol-ulag geçelgelerini gurmak baradaky il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işler ýyl-ýyldan rowaçlyklara beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly ýylynda amala aşyrylan beýik işleriň biri-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanylmaga berilmegidir. Bu taryhy waka bagtyýar halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.
Milli Liderimiz il-ulsumyzyň gadymyýetden köňlüne kök uran ynamy bolan «ýol» diýen mukaddesligiň gurulmagyna we onuň halkymyzyň eşretli durmuşyna eriş-argaç bolup goşulmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Şu nukdaýnazardan seredenimizde, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly gurluşy, amatlylygy, wagt taýdan gysgalygy, durmuş hyzmaty taýdan üpjünçiligi boýunça-da uly ähmiýete eýedir. Bu halkara ýolunyň gurlup, ulanmaga berlen Aşgabat — Tejen böleginiň ugrundaky binalardyr desgalary, tehniki enjamlary we serişdeleri ýakyndan synlan ýa-da bu ýoly öz ulagy bilen geçen her bir ynsan ýoluň döwrebaplygyna anyk göz ýetirýär.
Ýoluň gyrasynda bina edilen «Kerwensaraý» söwda merkeziniň bir özi-de, ýolagçylaryň medeniýetli dynç almaklary üçin göz öňünde tutulan ajaýyp mümkinçilikdir. Şeýle-de bu ýoluň ugrundaky dürli tehniki hyzmatlar sürüjileriň barjak menziline bökdençsiz ýetmekleri üçin amatly şertleri döredýär. Ulag üçin ähli gerekli ätiýaçlyk şaýlaryny bu ýerdäki dükanlardan tapmak mümkindir.
Bir zady aýratyn bellemek gerek, ol hem ýoluň ugrunda döwrebap elektron töleg terminallarynyň, wideogözegçilik enjamlarynyň, tizlik ölçeýjileriň, aragatnaşyk nokatlarynyň, Gün batareýaly yşyklandyryş sütünleriniň oturdylmagydyr. Gün batareýaly yşyklandyryş sütünleriniň ulanylmagy, Gün energiýasyndan peýdalanmagyň häzirki zaman ylmy usullarynyň ýurdumyzda giňden ornaşdyrylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Yşyklandyryşyň bu tygşytly we döwrebap usuly ýoluň doly yşyklandyrylmagyny üpjün etmek bilen birlikde, ol energiýa çeşmesiniň arzan hem-de yzygiderli akymyny emele getirýär. Ulaglaryň islendik görnüşi üçin hyzmat etmäge ukyply ýangyç guýujy beketlerde işler awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylýar.
Ýurdumyzda şeýle döwrebap ýollary gurduryp, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze giňişliklerine ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Merjen POSYKOWA,
Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.
Berkarar döwletimizde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ykdysady taýdan ösýän, dünýä giňişliginde mynasyp orna eýe bolan ýurtlaryň hataryna goşuldy. Häzirki wagtda döwrebap aragatnaşyk serişdeleri, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary uly ähmiýete eýe bolup, olar köp babatda döwletiň we jemgyýetiň ösüşini kesgitleýär.
Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, Türkmenistanda sanly ulgama geçmek işleri uly gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Döwrüň öňdebaryjy ylmy-tehniki gazananlary önümçilige giňden ornaşdyrylýar. Milli ykdysadyýetiň döwlete dahylly we dahylsyz önümçilikleri döwrebap elektron ulgama tapgyrlaýyn esasda birikdirilýär. Netijede, sanly önümçilikli täze pudaklar döreýär. Ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagy önümçilik, söwda we hyzmatlar ulgamyndaky kärhanalara adam zähmetini ýeňilleşdirmek bilen bir hatarda, raýatlarymyza wagt we baha taýdan amatly teklipleri hödürlemäge mümkinçilik berýär. Tizligi, amatlylygy, döwrebaplygy bilen tapawutlanýan sanly ulgamyň ýene bir aýratynlygy, ol bize köp zatlary hiç ýere gitmesizden ýerine ýetirmegimize ýardam edýändigidir. Mysal üçin, sanly ulgamyň kömegi bilen dürli kitaplary elektron nusgada çalt tapmak we okamak, ylmy maslahatlary geçirmek, işewür duşuşyklary guramak mümkin. Şeýle mümkinçilikleriň döredilmegi bolsa, ähli ugurlardaky ösüşi çaltlandyrýar hem-de durmuşa geçirilýän işleriň netijeliliginiň artmagyna oňyn täsir edýär.
Mundan başga-da, bilim ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmakda hem ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden peýdalanylýar. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, bilim bermegiň usullaryny has-da ösdürmek maksady bilen bu ulgamy halkara ülňülerine laýyklykda sanlylaşdyrmak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şeýle hem ylmyň öňdebaryjy gazananlary we okatmagyň kämil usullary giňden ornaşdyrylýar. Şu maksat bilen ýörite bilim portallary döredilip, ýaşlaryň sanly ulgamdan peýdalanmaklaryna giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi bolsa häzirki döwürde sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň döwletimiz tarapyndan işjeň peýdalanylýandygyna şaýatlyk edýär.
Biz — ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmagymyza giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda maliýe we ykdysadyýeti, bilim ulgamyny ösdürmekde il bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleri elmydama üstünliklere beslensin!
Roza SAHATOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.
Aşgabat, 12-nji dekabr (TDH). Şu gün türkmenistanlylar Halkara Bitaraplyk gününi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamasyny kabul etmeginiň 26 ýyllygyny belleýärler. Bu şanly baýram mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Baş şäherimizde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda halkymyzyň belent binýatlaýyn ýörelgeleriniň — parahatçylyk söýüjiligiň, hoşmeýilliligiň hem-de ynsanperwerligiň dabaralanmagynyň nyşanyna öwrülen Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkyna Gutlagynda belleýşi ýaly, biziň alyp barýan parahatçylyk we ynanyşmak syýasatymyz halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýadydyr. Türkmenistan gysga taryhy döwrüň içinde dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostluk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda, halkara bileleşigiň tagallalaryny utgaşdyrmakda gymmatly tejribe toplady.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gutlagynda: “Garaşsyz ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Şoňa görä-de, 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk güni hökmünde giňden bellenilýär. Biziň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, howanyň üýtgemegi netijesinde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly tekliplerimiz, daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek ugrundaky başlangyçlarymyz dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp boldy” diýip nygtady.
Paýtagtymyzyň gözel künjeginde, Köpetdagyň eteginde ýerleşýän ajaýyp binanyň ýanynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, wise-premýerler, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçileri, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler ýygnandylar. Dabara “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” ady bilen geçirilen halkara maslahata gatnaşyjylar hormatly myhmanlar hökmünde çagyryldy.
Milli Liderimiziň awtoulagy Bitaraplyk binasynyň öňündäki baýramçylyk lybasyna beslenen meýdança gelýär. Ýygnananlar Türkmenistanyň häzirki döwürde okgunly ösüşini üpjün edýän hem-de Diýarymyzyň halkara derejedäki at-abraýyny belende göterýän täzeçil, öňdengörüjilikli syýasaty hem-de parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary amala aşyrýan döwlet Baştutanymyzy mähirli garşylaýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzama düzülen ýodasyndan ýöräp geçdi.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Milli Liderimiz özygtyýarly döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesiniň ýörelgeleriniň bakylygynyň hem-de mizemezliginiň nyşany hökmünde bina edilen belent Bitaraplyk binasynyň öňüne gül dessesini goýdy.
Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, dabaraly çärä gatnaşyjylar hem gül desselerini goýdular.
Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk derejesi halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik hem-de açyklyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyna halkara derejede ýokary baha berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem türkmen Bitaraplygynyň ykrar edilmegi bilen, diňe bir biziň ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş halkara bileleşigiň durmuşynda täze döwür başlandy. Munuň özi dünýä diplomatiýasynyň taryhynda täze ädim boldy.
Bitaraplygyň binýatlaýyn ýörelgeleri bolan parahatçylyk söýüjilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetine hem-de däp-dessurlaryna hormat goýmak Türkmenistanyň daşary syýasatynda we diplomatiýasynda hil taýdan täze many-mazmuna eýe boldy. Häzirki döwürde ýurdumyz türkmen Bitaraplygynyň BMG-niň ýörelgelerine hem-de maksatlaryna laýyk gelýändigini, onuň sebitde halkara parahatçylyk döredijilik tagallalaryny amala aşyrmakdaky netijeliligini iş ýüzünde subut edýär.
Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýörelgesine esaslanmak bilen, ýokary ösüş derejeli ýurtlaryň hataryna okgunly goşulmak üçin özüniň geosyýasy, geoykdysady, serişde hem-de adam mümkinçiliklerini ulanmak arkaly döwletara gatnaşyklary yzygiderli giňeldýär. Aýry-aýry döwletler hem-de halkara guramalar bilen köp görnüşli hyzmatdaşlygyň çäkleriniň işjeň giňeldilmegi netijesinde ýurdumyzyň daşary syýasaty Milletler Bileleşiginiň goldawyna eýe boldy.
2020-nji we 2021-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi munuň nobatdaky güwäsi boldy.
Türkmenistan parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek üçin ýurdumyzyň mundan beýläk-de durnukly ösüşiň sebit hem-de ählumumy işine hemmetaraplaýyn ýardam etmek, Müňýyllygyň maksatlaryna ýetmek, halkara gün tertibiniň ilkinji nobatdaky meselelerini çözmek üçin köpugurly hyzmatdaşlygyň netijeli ýollaryny döretmek baradaky meýlini tassyklaýan täze ýörelgeleri we teklipleri yzygiderli öňe sürýär. “2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama şeýle başlangyçlaryň biri boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 10-njy dekabrda ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem beýleki birnäçe ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçirilen giňişleýin mejlisinde bu barada aýdyp, Türkmenistan şu ýylyň döredijilikli başlangyçlara, anyk many-mazmuna, hakyky hereketlere esaslanýan çärelere baý bolmagy üçin ähli tagallalary etdi diýip nygtady. Bu işler gatnaşyklaryň esaslaryny we görnüşlerini döretmäge, olaryň netijeliligini gazanmaga, bar bolan soraglary we wehimleri bilelikde, birek-birege hormat goýmak esasynda, sazlaşykly çözmek üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.
Türkmen döwleti Bitaraplyk derejesine eýermek bilen, şu geçen ýyllaryň dowamynda dünýäniň ýurtlary, iri halkara we sebit guramalary bilen gatnaşyklary işjeň pugtalandyrdy. Bu köpugurly hyzmatdaşlygyň çäkleri syýasy-ykdysady hem-de ynsanperwer-medeni ulgamlarda anyk many-mazmuna eýe bolup, yzygiderli giňeldilýär.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara tamamlanandan soň, çärä gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
...Adamzadyň belent ynsanperwer däpleriniň dabaralanmagy parahatçylyk söýüjilik, özara düşünişmek hem-de dostluk ýörelgelerine çuňňur sarpa goýýan halkymyzyň mizemez garaýyşlarydyr. Hut şonuň üçin hem şu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan baýramçylyk çäreleri dabaraly, ruhubelent ýagdaýda geçdi.