«Туркменистан – Родина мира и доверия»
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
Новости
Çeper elli halyçylarymyza, ýurdumyzyň ähli halkyna, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli guralýan dabaraly çärelere hem-de Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine gatnaşyjylara

Çeper elli mähriban halyçylar!


Hormatly sergä we dabaraly çärelere gatnaşyjylar!


Sizi milli buýsanjymyz bolan Türkmen halysynyň baýramy hem-de bu baýram mynasybetli guralýan Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXI mejlisiniň we «Gözellik nusgasy — türkmen halysy» atly halkara maslahatyň, şeýle hem söwda toplumynyň sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Asyrlaryň dowamynda sünnälenip, milli aýratynlyklary bilen türkmen durmuşynyň aýrylmaz gymmatlygyna öwrülen halylar öýlerimiziň ýylysy, törlerimiziň bezegi, göwünlerimiziň guwanjy bolmak bilen, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilip, dünýäde ykrar edilen ajaýyp sungat ýadygärligidir.


Eziz watandaşlar!


Gadyrly halyçylar!


Nepisligi, inçeligi, ýüpek ýaly ýumşaklygy, dürli öwüşgini, gözüňi gamaşdyrýan owadanlygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary, sungatyna, asylly däp-dessurlaryna bolan egsilmez söýgüsi jemlenendir. Döwlet nyşanlarymyzda türkmen haly gölleriniň ýerleşdirilmegi bolsa ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylygyň nyşanydyr, halkymyzyň rowaçlyklara beslenen şu gününe buýsanjynyň, röwşen geljegine bolan ynamynyň alamatydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň dünýä meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Ony dünýä ýaýmakda, yzygiderli kämilleşdirmekde, dünýädäki meşhurlygyny mundan beýläk-de belende galdyrmakda uly tagallalar edilýär. Gadymy halylaryň asyl nusgalaryny gözläp tapmak, gorap saklamak we dikeltmek boýunça möhüm işler amala aşyrylýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzda täze, çeper halyçylyk kärhanalarynyň gurlup işe girizilmegi, olarda halyçy gelin-gyzlarymyzyň döredijilikli işlemekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi, ussat halyçylarymyzyň halal zähmetine belent sarpa goýlup, olaryň döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär.


Hormatly haly, dokma we söwda pudaklarynyň işgärleri!


Türkmen halysynyň baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň söwda toplumyna degişli pudaklaryň ösüşine bagyşlanan serginiň geçirilmeginiň öz aýratyn many-mazmuny bardyr. Çünki her biri sungat eserine deňelýän nepis halylarymyzy dünýäde tanatmakda, meşhurlygyny artdyrmakda türkmen topragynda öçmejek yz galdyran gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti uludyr. Häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýoly täzeden dikeldilip, dost-doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýan köpugurly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolýar.

Sarp edijileriň bu ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa we bäsdeşlige ukyply önümlerimize bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak, Türkmenistanda öndürilýän önümleri dünýä bazarlarynda giňden tanatmak we eksport mümkinçiliklerini artdyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän maksatnamalar, amala aşyrylýan uly möçberli işler geljekde hem dowam etdiriler.


Hormatly dabaraly çärelere gatnaşyjylar!


Eziz ildeşler!


«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýyl eziz Diýarymyz üçin taryhy senelere, şanly wakalara baýdyr. Şu ýyl biz Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny giň gerim bilen belleýäris. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramy mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän dabaraly çärelerde berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan ösüşleri, asuda, abadan, bagtyýar durmuşymyzyň waspy hem-de aýdyň geljegi nazarlaýan belent maksatlarymyz öz beýanyny tapýar.

Ýurdumyz taryh üçin uzak bolmadyk döwürde ösen ykdysadyýeti bolan döwletleriň hataryna goşuldy. Dünýäniň köp ýurtlary bilen söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeni ulgamlarda we beýleki ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklar ýola goýuldy. Biziň öňe sürýän her bir başlangyjymyzda Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny mundan beýläk-de artdyrmak maksatlary ileri tutulýar. Hut şonuň üçin hem, şu gün öz işine başlaýan Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXI mejlisiniň we «Gözellik nusgasy — türkmen halysy» atly halkara maslahatyň, şeýle hem söwda toplumynyň ösüşlerine bagyşlanan serginiň ýurdumyzyň dokma senagatyny mundan beýläk-de döwrebap tehnologiýalar esasynda ösdürmekde, içeri we daşary söwdanyň gerimini giňeltmekde, türkmen el halyçylyk sungatyny kämilleşdirmekde hem-de wagyz etmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.


Hormatly adamlar!

Eziz watandaşlar!


Sizi toýlarymyzyň bezegi, ojaklarymyzyň mukaddesliginiň nyşany bolan Türkmen halysynyň baýramy hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXI mejlisiniň we «Gözellik nusgasy — türkmen halysy» atly halkara maslahatyň, şeýle hem söwda toplumynyň ösüşlerine bagyşlanan serginiň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt hem-de maşgala abadançylygyny, işde we durmuşda uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Goý, çeper elli halyçylarymyzyň daraklarynyň sesi berkarar döwletimizde bagtyýar durmuşyň waspy bolup, hemişe batly ýaňlansyn!


Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/declarations/1564?type=official

29.05.2021
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna

Mähriban halkym!


Eziz watandaşlar!


Sizi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni hem-de ak şäherimiz Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllyk şanly baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýik ösüşlere beslenip, tanalmaz derejede özgerýär. Aşgabady dünýäniň gülläp ösýän şäherleriniň birine öwürmek maksady bilen, biz iri möçberli maýa goýumlaryny gönükdirýäris. Dünýä tejribesiniň öňdebaryjy binagärlik däpleri, inženerçilik-tehniki çözgütleri bilen milli binagärlik ugurlary utgaşdyrylýan ak mermerli paýtagtymyzda mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, döwrebap ýaşaýyş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrýarys. Häzirki döwürde biz Aşgabady ösdürmegiň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň çäklerinde ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlaryny, myhmanhanalary, söwda-dynç alyş merkezlerini, seýilgähleri, medeni-durmuş maksatly binalar toplumlaryny yzygiderli gurýarys. Paýtagtymyzy abadanlaşdyrmaga, gözelleşdirmäge, täze seýilgäh zolaklaryny döretmäge, şaýollaryň we köçeleriň durkuny täzelemäge uly ähmiýet berýäris.

Aşgabadyň binagärlik keşbini has-da özgertmek, şäher ilatynyň abadan durmuşy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek, halkyň durmuş taýdan goraglylygyny gowulandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek, şäherde arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek biziň esasy maksadymyzdyr.

Hormatly adamlar!

Gadyrly paýtagtymyzyň ýaşaýjylary!

Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň şöhratly taryhy, baý geçmişi bar. Bu günki günde esaslandyrylanyna 140 ýyl bolan Aşgabat türkmen topragynyň gözel künjeginde — keremli Köpetdag bilen sahawatly Garagum sährasynyň arasyndaky giňişlikde döredi. Bir tarapynda gojaman daglarymyz howalanyp duran, beýleki tarapynda owadan sähramyz ýaýylyp ýatan bu ýerlerde Aşgabat şäheriniň bina edilmegi türkmen halkynyň döwletlilik, berkararlyk babatda köpasyrlyk arzuwlarynyň hasyl bolandygyny aýdyň görkezýär. Şonuň üçin hem biz paýtagtymyza «Aşgabat arzuwlaryň amala aşýan şäheri» diýýäris, gözel Aşgabady perzentlik buýsanjymyz bilen söýýäris. Aşgabat ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň gözbaşydyr. Aşgabat halkymyzyň kalbynyň buýsanjydyr, diliniň senasydyr. Aşgabat ak ýollaryň ýalkymydyr, ak arzuwlaryň hasyl bolmagynyň aýdyň mysalydyr.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň Aşgabadyň 140 ýyllygy bilen gabat gelmegi ýurdumyzyň taryhynda ajaýyp wakadyr. Eziz Watanymyzyň täze taryhy senenamasyna altyn harplar bilen ýazyljak bu şanly seneler ähli raýatlarymyzyň Watana bolan söýgüsini has-da artdyrýar, mähriban halkymyzy il-ýurt bähbitli, döwletli işlere ruhlandyrýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirýän iri möçberli şähergurluşyk-binagärlik maksatnamamyzyň çäklerinde paýtagtymyzda gurlan döwrebap binalaryň birnäçesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Aşgabadyň ak mermerli binalaryň dünýäde iň köp jemlenen ýeri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi bolsa ak şäherimiziň halkara abraýyny has-da belende göterdi. Munuň özi biziň Aşgabady ösdürmek boýunça alyp barýan köpugurly işlerimiziň dünýä bileleşiginde giňden ykrar edilýändiginiň anyk subutnamasydyr.


Eziz watandaşlar!


Aşgabatda häzirki zaman medeniýet edaralarynyň — kitaphanalaryň, kinoteatrlaryň, muzeýleriň, medeniýet merkezleriniň, medeni-dynç alyş maksatly seýilgähleriň, kinokonsert merkezleriniň birnäçesi hereket edýär. Halkara derejedäki maslahatlar, sergiler, konsertler, festiwallar yzygiderli geçirilip, gözel paýtagtymyz dost-doganlygyň, parahatçylygyň mekanyna öwrülýär. Aşgabat şäheriniň Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä federasiýasynyň agzalygyna kabul edilmegi hem türkmen paýtagtynyň dünýä syýahatçylygynda aýratyn orny eýeleýän şäherleriň birine öwrülendigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Biz berkarar Watanymyzyň ýüregi Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek, has-da gözelleşdirmek boýunça alyp barýan işlerimizi geljekde-de üstünlikli dowam etdireris. Paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak ýurdumyzy abadanlaşdyrmakdyr, ak şäherimizi gülledip ösdürmek döwletimizi gülledip ösdürmekdir. Aşgabadyň köçeleri, şaýollary, seýilgähleri, ajaýyp binalary bagtyýarlygyň we abadançylygyň nyşany hökmünde hemişe göwünleri galkyndyrar, beýik işlere ruhlandyrar.


Mähriban halkym!


Eziz watandaşlar!


Sizi Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde giňden bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni hem-de Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllyk şanly baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, täze zähmet üstünliklerini arzuw edýärin.


Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/declarations/1534?type=official

25.05.2021
«Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara köpugurly sergä gatnaşyjylara

Hormatly sergä gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara köpugurly serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenilmegi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin örän guwandyryjy we buýsandyryjy wakalaryň biridir. Baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzda halkara sergini geçirmek hem indi asylly däbe öwrüldi. Bu serginiň halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we özara tejribe alyşmakda ähmiýetiniň örän uly boljakdygyna berk ynanýaryn.

Bu şanly waka mynasybetli geçirilýän halkara sergide ak şäherimiz Aşgabadyň ajaýyp keşbi, gaýtalanmajak gözelligi, ykdysadyýetde, ylym-bilim, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, medeniýet ulgamlarynda we beýleki ugurlarda ýeten belent derejeleri öz beýanyny tapýar. Bu köpugurly sergi ata Watanymyzyň ýüregi hasaplanýan Aşgabadyň şähergurluşyk babatda gazananlaryny dünýä äşgär eder, halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrar. Paýtagtymyzyň has-da gözelleşmegine, dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin iň amatly şäherleriniň birine öwrülmegine uly itergi berer.

Hormatly adamlar!

Gadyrly dostlar!

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda gözel paýtagtymyzyň 140 ýyllygy bellenilýär. Aşgabat taryhy geçmişiň merkezidir. Biz onuň taryhyna, şanly geçmişine hormat goýýarys. Aşgabat şäheri döredileninden bäri onuň durmuşynda ähli ugurlar boýunça özgertmeler boldy, döwrebap, häzirki zaman şäheri kemala geldi. Ähli döwürlerde-de türkmenistanlylar öz paýtagtyny tüýs ýürekden söýüp geldiler we oňa guwandylar, ýubileý ýylynda bolsa buýsanç duýgusy has-da artdy. Aşgabat, onuň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri, täsin binagärligi ilatymyzy hem-de ýurdumyzyň myhmanlaryny haýran galdyrýar. Aşgabat dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin has amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyryp, sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezine öwrüldi.

Biz gözel şäherimizde milli öwüşginli, taryhy hem-de medeni gymmatlyklary özünde jemleýän dürli desgalary döretmek ugrunda köp tagalla etdik we serişde gönükdirdik. Şoňa görä-de, Aşgabadyň keşbi, hakykatdan-da, onuň ýaşaýjylarynyň ýürekden söýgüsiniň janly mysalydyr. Aziýanyň merjen şäheri hökmünde tanalýan paýtagtymyzda bina edilen köp sanly desgalaryň halkara derejede mynasyp ykrarnama eýe bolmagy ak şäherimiziň dünýäniň iň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Munuň şeýledigine Aşgabadyň birnäçe desgalarynyň binagärlik aýratynlygy boýunça Ginnesiň rekordlar kitabynda orun almagy hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly adamlar!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheri Garaşsyz Watanymyzyň ýüregidir. Ol berkarar döwletimiziň at-abraýyny we dünýä bileleşigindäki ornuny görkezýän merkezdir. Aşgabat dünýäniň ýokary medeniýet ulgamy bolan, ykdysady taýdan ösen, iň owadan şäherleriniň biridir.

Biz paýtagtymyzyň häzirki döwürde gazanan üstünliklerine, ajaýyp binagärlik keşbine buýsanýarys. Özboluşly binalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, oklaw ýaly köçelerdir şaýollar, gözel seýilgähler, ajaýyp ýadygärlik toplumlary baş şäherimiziň görküne görk goşýar. Ony Gündogaryň merjen şäherine öwürýär.

Häzirki wagtda gözel paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde ägirt uly işler ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek, onuň çäklerinde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaý toplumlaryny we dürli maksatly binalary, ýol-ulag düzümine degişli desgalary gurmak, binalaryň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmak uzak geljege gönükdirilen şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli gözel paýtagtymyzda ençeme binalar we desgalar dabaraly ýagdaýda açylyp, halkymyzyň bagtyýarlygyny artdyrdy. Şol desgalaryň hatarynda Halk Maslahatynyň Diwany, Maslahatlar merkezi, Kabul ediş merkezi, «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik hem-de «Senagat» paýdarlar-täjirçilik banklary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezi, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumy, beýleki medeni, durmuş maksatly binalar ulanylmaga berildi.

Hormatly adamlar!

Gadyrly myhmanlar!

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilýän sergi bu ýere gelen köp sanly aşgabatlylarda hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrar.

Ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de okgunly ösdürmek we hemmetaraplaýyn abadanlaşdyrmak babatda öňde uly wezipeler durýar. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämiz bilen ak şäherimiz Aşgabadyň dünýä üçin abadançylygyň hem ösüşiň nusgalyk merkezine öwrüljekdigine berk ynanýaryn.

Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara köpugurly serginiň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/declarations/1523?type=official

24.05.2021
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym!


Eziz watandaşlar!


Sizi uly dabara bilen bellenýän halkara baýram — Bütindünýä saglyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Sagdyn ýaşaýyş-durmuş kadalary giňden ornaşdyrylýan Garaşsyz Watanymyzda bu ajaýyp halkara baýrama gabatlanyp geçirilýän medeni-sport çäreleriniň mähriban halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrjakdygyna ynanýaryn.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Bütindünýä saglyk güni parahatçylygy, dostlugy, sporty hem-de ynsanperwerligi rowaçlandyrýan, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da berkidýän şanly wakalara beslenýär. Bahar paslynyň jana şypaly günlerinde bu halkara baýramyň şanyna Aşgabat şäherinde, welaýat we etrap merkezlerinde geçirilýän dürli çäreler agzybir halkymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny belende göterýär. Ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimize buýsanjymyzy has-da artdyrýar.


Eziz halkym!


Ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady kuwwaty, medeni ösüşi halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Şu belent maksatdan ugur alyp, biz «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyza laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet ulgamlarynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrýarys. Halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek, ajaýyp obadyr şäherçeleri, döwrebap senagat toplumlaryny döretmek, telekeçiligi ösdürmek bilen döwletimiziň dünýädäki ornuny yzygiderli berkidýäris.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Bu ugurda milli maksatnamalary, toplumlaýyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýäris. Aýratyn hem beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly, halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri aýratyn ähmiýet berip gelýän däplerini mynasyp dowam etdirýäris.

Gysga döwrüň içinde eziz Diýarymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk-sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, Olimpiýa şäherçesi gurlup, döwrebap sport düzümleri döredildi. Paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde öňdebaryjy, innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglygy goraýyş merkezleri, ýöriteleşdirilen hassahanalar, şypahanalar guruldy. Şu esasda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy sport-saglygy goraýyş ulgamyny döretmek babatda uly ösüşler gazanyldy.

Ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramakda we berkitmekde hemmetaraplaýyn mümkinçilikleri we şertleri üpjün etmek, saglygy goraýşy halkara ölçeglere laýyklykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmynadyr tejribesine esaslanýan kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek maksady bilen, biz golaýda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşini kabul etdik. Bu maksatnama esasynda mähriban halkymyzyň saglyk ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagy we abadançylygynyň ýokarlandyrylmagy, adam ömrüniň ortaça dowamlylygynyň uzaldylmagy ugrundaky işlerimizi yzygiderli dowam ederis, sagdyn durmuş kadalaryny giňden ornaşdyrarys.

Garaşsyz döwletimiz Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolmak bilen, halkara olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine hem mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan öz sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek arkaly dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, «Amul — Hazar 2018» atly halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty parahatçylyk, döredijilik, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Berkarar Watanymyzyň ägirt uly sport mümkinçilikleriniň bardygyny bütin dünýä äşgär etdi.

Aşgabat şäherinde Welotrek boýunça dünýä çempionatyny hem-de Tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň tapgyryny geçirmäge görülýän ýokary derejedäki taýýarlyklar hem biziň sporty ösdürmek boýunça alyp barýan döwlet syýasatymyzyň halkara derejede ykrar edilýändigini aýdyň görkezýär. Bu iri sport çäreleriniň olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine, tutuş dünýä halklarynyň arasynda parahatçylygyň, özara düşünişmegiň, dost-doganlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant boljakdygyna men doly ynanýaryn.


Mähriban halkym!


Eziz watandaşlar!


Sizi Bütindünýä saglyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!


Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/declarations/1242?type=official

07.04.2021
Resmi habar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, şeýle hem ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize we eziz uýalarymyza hormat goýmak baradaky asylly däplerini dowam etdirmek hem-de “Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 1152-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara 2021-nji ýylyň 1 — 6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 (altmyş) manat möçberde pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi.



https://metbugat.gov.tm/blog?id=2404 

01.03.2021
Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini durnukly saklamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2021-nji ýylda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýerine ýetirilmeli işleriň we çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine hem-de beýleki edaralara Meýilnamada göz öňünde tutulan işleriň we çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

***

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine pagta süýüminiň dürli görnüşleriniň bellenilen möçberlerini senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin Dokma senagaty ministrligine degişli bahalardan ýerlemäge ygtyýar berildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däbe öwrülen goňşuçylyk gatnaşyklaryndan we dostlukly hyzmatdaşlykdan ugur alyp, şeýle hem özara hormat goýmak we goldaw bermek ýörelgelerine esaslanyp, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany hökmünde Türkmenistanda öndürilen önümleri bermek maksady bilen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Dokma senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, azyk önümlerini we harytlary Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna muzdsuz bermek tabşyryldy.

(TDH).


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/declarations/1063?type=official

20.02.2021
Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwiden hat geldi. Onda: «Iki ýurduň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary saklamaga we pugtalandyrmaga çalşyp, men jenap Irfan Ahmedi Pakistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim» diýlip bellenilýär.
* * *
16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Irfan Ahmedi kabul etdi, ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň barşynda ykdysadyýetiň köp pudaklarynda, ilkinji nobatda bolsa, ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň giň meseleleri boýunça düýpli pikir alşyldy.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň depginlerini has-da ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama bilen «Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda ýustisiýanyň geňeşçisi Begmyrat Meretdurdyýewiç Begmyradow Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary, Baş müdirligiň müdiri wezipesine bellenildi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20989

18.02.2021
Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Döwlet maksatnamasynyň amala aşyrylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk komiteti döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi üpjün etmäge borçly edildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda Howpsuzlyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-owgan iş toparynyň nobatdaky 6-njy mejlisiniň işine gatnaşmak hem-de Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary 2021-nji ýylyň 8-9-njy ýanwarynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Kabul şäherinde gulluk iş saparynda bolar.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/17858

12.01.2021
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky (Rim şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Babaýewiç Kömekow BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili wezipesine bellenildi.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagyň mazmunyny baýlaşdyrmak we usulyýetini döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy hem-de şu Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

***

Türkmenistanyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:

Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy;

Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy;

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy;

Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020 — 2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy;

Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýa tassyklanyldy.

Degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna ýokarda görkezilen resminamalarda göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasynda döredilen söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparlaryň Türkmen böleginiň işi hakynda Düzgünnama tassyklanyldy.

Türkmenistanyň ministrliklerine we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna şu Düzgünnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

***

“Türkmenistanyň konsullyk gullugynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda çykaran 1886-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky (Hyrat şäheri) konsullygyny Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky (Hyrat şäheri) Baş konsullygyna öwürmek bellenildi.

Daşary işler ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Karar 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girýär.

***

“Türkmenistanyň konsullyk gullugynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda çykaran 1886-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky (Mazary-Şarif şäheri) konsullygyny Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky (Mazary-Şarif şäheri) Baş konsullygyna öwürmek bellenildi.

Daşary işler ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Karar 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girýär.

***

“Diplomatik gulluk hakynda”, “Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň statusy hakynda” we “Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň işini kämilleşdirmek we olaryň öz üstüne ýüklenen wezipelerini netijeli ýerine ýetirmeklerini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Daşary işler ministrliginiň 2021-nji ýyl üçin çykdajylarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalaryny we konsullyk edaralaryny 2021-nji ýylda saklamak üçin çykdajylaryň sanawlary tassyklanyldy.

Daşary işler ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Karar 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girýär.

(TDH).



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/declarations/666?type=official

05.12.2020