Новости
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine

Gadyrly nebitçiler, gazçylar we geologlar! 

                                                                   

Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! 

                                                                   

Nebitgaz pudagy milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagydyr. Ýurdumyzyň mineral-çig mal serişdeler binýady, kuwwatly ýangyç-energetika senagaty we energiýa-ulag üpjünçilik ulgamlary Türkmenistany kuwwatly döwlet hökmünde dünýä tanadýar. 

                                                                   

Şoňa görä-de, nebitgaz senagatyny ösdürmek ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan möhüm ugry bolmagynda galýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatynyň mundan beýläk-de artdyrylmagyna gönükdirilen iri taslamalaryň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Biz nebitgaz toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, täze, häzirki zaman önümçiliklerini döretmegiň hasabyna onuň üpjünçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berýäris. Şu nukdaýnazardan, nebiti, tebigy gazy gaýtadan işläp, ýokary hilli önümleriň täze görnüşlerini öndürmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitledik. 

                                                                   

Nebite we gaza baý täze, önümli ýataklary ýüze çykarmak boýunça gözleg-agtaryş işleriniň geçirilmegine, uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşynyň we gaýtadan işlenilişiniň möçberiniň artdyrylmagyna, türkmen energiýa serişdelerini dünýäniň energetika bazarlaryna çykarmagyň dürli ugurlarynyň döredilmegine, nebitgaz önümçiliginde innowasiýalaryň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Nebitgaz pudagynda işleriň alnyp barlyşynda täze usullary, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny ulanmak bilen, öňde goýlan wezipeleriň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmegine oňaýly täsir edýär. Häzirki wagtda hem öňdebaryjy önümçilikleri döretmek, hereket edýän desgalary toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak hem-de täze tehnologiýalary we ýokary netijeli enjamlary giňden ornaşdyrmak işleri alnyp barylýar. 

                                                                   

Türkmenistanyň başlangyçlary bilen amala aşyrylýan iri energetiki taslamalar halkara derejede möhüm ähmiýete eýe bolýar. Ýurdumyz tarapyndan gaz geçirijileriň gurluşygynyň amala aşyrylmagy sebitde parahatçylygy berkitmäge, ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, müňlerçe iş orunlaryny döretmäge, ýurdumyzda hem-de goňşy we sebitiň döwletlerinde iň häzirki zaman senagat üpjünçilik ulgamlaryny emele getirmäge şert döredýär. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi biziň döwlet syýasatymyzyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. 

                                                                   

Ýurdumyzda nebitgaz senagatynyň täze ugry hasaplanýan gazhimiýa pudagyny ösdürmek döwletimiziň baý uglewodorod serişdelerini peýdaly hem-de netijeli ulanmak babatda öňe sürülýän strategiýalaryň biridir. 

                                                                   

Gaz senagatyna degişli täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebitlerimizi toplumlaýyn senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmek, dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilişini artdyrmak wezipelerini çözmäge gönükdirilendir. Innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly tebigy gazy gaýtadan işläp, ýokary hilli önümleri öndürip, uglewodorod serişdelerini dünýä bazarlaryna dürli ugurlar boýunça çykarmak babatda alnyp barylýan işler örän guwandyryjydyr. 

                                                                   

 Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň we geologiýa pudagynyň zähmetsöýer işgärleri! 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen nebitçileriniň, gazçylarynyň we geologlarynyň gujur-gaýraty, ýadawsyz zähmeti netijesinde uglewodorod serişdeleriniň çig mal ýataklaryny gözlemek, agtarmak, guýulary çuň burawlamak we özleşdirmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze önümleri öndürmek hem-de bu işleriň alnyp barlyşynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda uly işler amala aşyrylýar. 

                                                                   

Ýurdumyzda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahatyň we sergisiniň geçirilmegi, şeýle hem «ADIPEC 2022» atly halkara nebitgaz sergisine gatnaşylmagy munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Geljekde hem nebitgaz senagatynyň we geologiýa pudagynyň işgärleriniň öňde goýlan ähli wezipelere abraý bilen hötde geljekdiklerine berk ynanýaryn. 

                                                                   

 Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitçileri, gazçylary we geologlary! 

                                                                   

Sizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda giňden bellenilip geçilýän hünär baýramyňyz bolan Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, nebitgaz senagatyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde rowaçlyklary arzuw edýärin. 

                                                                                                           

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

14.12.2022
Sebitleri we dünýäniň yklymlaryny birleşdirýän ulag-logistika ulgamy

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň tamamlanmagyna sanaýmaly günleriň galan şu günlerinde agzybir halkymyz Halkara Bitaraplyk gününi, ýagny hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagymyzyň 27 ýyllyk baýramyny taryhyň gatyna altyn harplar bilen ýazyljak wakalara besläp, dabaraly belläp geçdi. Hemişelik Bitaraplyga eýe bolanymyzyň 27 ýylynyň içinde eziz ata Watanymyz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy bilen ýola goýlan ulag ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähli ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmeýär. Bu başlangyçlaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen netijeli çäreler amala aşyrylýar.  

                                                                   

Häzirki zaman ulag ulgamynyň döwletleriň, jemgyýetleriň, tutuş adamzadyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigi jedelsiz hakykatdyr. Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda häzirki döwürde ulag-logistika ulgamynyň sebitleri we dünýäniň yklymlaryny birleşdirýän güýje öwrülýändigini ýöne ýere aýtmady. «Şoňa görä-de, bu mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýarys» diýip, döwlet Baştutanymyz sözüniň üstüni ýetirdi. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, eziz Diýarymyz diňe tebigy baýlyklarynyň ägirt uly gorlary bilen dünýä döwletleriniň ünsüni özüne çekmän, eýsem, Ýewraziýanyň strategik üstaşyr geçelgelerini üpjün etmek üçin döwrebap ulag düzümini amatly peýdalanmaga hem mümkinçilik döredýär. Türkmenistan döwletimiz yklymyň esasy ýollarynyň, Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda ýerleşýär. Eziz Diýarymyzdan birnäçe sebitlere, dünýä ummanyna çykalgalar bar. Döwletimiz tebigy taýdan döredilen bu şertlerden oňaýly peýdalanyp, öz geografik ýagdaýyny agzybir halkymyzyň eşretli durmuşynyň bähbitlerine gönükdirmegi maksat edinýär.  

                                                                   

Şu ýerde bir zady belläp geçsek ýerlikli bolar. Ol hem Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň döwletimiziň ulag ulgamynyň örän möhüm düzüm bölegi bolup durýanlygydyr. Onuň binýadynda ulaglaryň ähli görnüşleri arkaly ýük daşamagy utgaşdyrýan esasy multimodal merkez döredildi. Bulardan başga-da, gojaman Hazaryň kenarynda ýerleşýän bu portuň düzüminde nebit guýulýan parom, ýolagçy we ýük terminallary hem bar.  

                                                                   

Halkara deňiz porty ýurdumyza şeýle hem goňşy döwletlere, Ýewropa ulag-logistiki gatnaşyklaryň giň geriminiň açylmagyna mümkinçilikleri döredýär. Şeýlelikde, bu ugurda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňzinde bar bolan tebigy baýlyklar meselesini hem-de ulag üstaşyr geçelgeleriň ýola goýulmagy dogrusyndaky halkara derejesinde amala aşyrylmaly işler babatda halkara forumlarydyr maslahatlar ýygy-ýygydan geçirilýär.  

                                                                   

Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýän ata Watanymyzda ulag ulgamyndaky özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen meseleler dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe boldy. Bu babatda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen degişli Kararnamalar hem şaýatlyk edýär. Ýurdumyzy ösüşleriň belentliklerine sary alyp barýan, goňşy we dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! 

                                                                                                           

Annamuhammet HÜMMEDOW,

                       

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň başlygy.

14.12.2022
Zähmet üstünlikleri

«Türkmengaz» döwlet konserniniň iri hem-de öňdebaryjy önümçilik düzümleriniň biri bolan «Marygazçykaryş» müdirliginiň gazçylary Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününi guwandyryjy sowgatlar bilen garşy alýar. Olar «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başyndan bäri meýilnamalaýyn tabşyryklaryny 117 göterim berjaý etdiler. Şol öndürilen «mawy ýangyjyň» esasy böleginiň harytlyk gaz hökmünde daşary bazara ugradylýandygyny aýratyn bellemelidiris. «Marygazçykaryş» müdirliginiň gazanan ýokary önümçilik görkezijilerinde gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýelän «Galkynyş» gaz käniniň edermen gazçylarynyň mynasyp paýy bar. Häzir bu gaz ýatagynda önümçilige girizilýän ulanyş gaz guýularynyň sanynyň artmagy bilen ýer astyndan çykarylýan tebigy gazyň möçberi has-da artyp, ol döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň barha pugtalanmagynda möhüm ähmiýete eýedir.  

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe müdirligimiziň gazçylarynyň tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmakda gazanýan guwandyryjy netijeleriniň gözbaşynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek babatda edýän tagallalary durýar. Mary welaýatynyň çägindäki «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmegi bilen bu ýerde gurlan kuwwatly desgalarda ornaşdyrylan iň kämil tehnologiýalar, gazçylar üçin döredilen iş, durmuş şertleri aýdýanlarymyza doly güwä geçýär. 

                                                                   

Gaz känindäki tebigy gazy kükürtden arassalaýan desgalaryň golaýynda gurlan iki sany işçiler şäherçesinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň gaz käninde işleýän zähmetkeşler ýaşaýar. Olar iş ýerlerine ýörite awtobus bilen gatnadylýar. Şäherçelerde döwrebap gurlan iki gatly jaýlarda ýaşamak üçin ähli amatlyklar döredilipdir. 

                                                                   

«Marygazçykaryş» müdirligi hem-de onuň kärdeşler arkalaşygy işçiler şäherçelerinde gazçylaryň gatnaşmaklarynda dürli medeni-köpçülik çärelerini, sport bäsleşiklerini geçirip durýar. Şu günlerde gazçylarymyzyň arasynda bedenterbiýe hem-de sport barha köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Golaýda şäherçeleriň sport meýdançalarynda müdirligimiziň ähli önümçilik kärhanalarynyň türgenler toparlarynyň gatnaşmagynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Ol ýaryşlar özboluşly sport baýramçylygyna öwrüldi. Gazçylardan düzülen türgenler toparlary kiçi futbol, woleýbol, uly tennis, stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça duşuşdylar. Bäsleşikleriň çekeleşikli häsiýete eýe bolmagy toparlaryň ykjam taýýarlyklydygyny görkezdi. Ýeňijiler kärdeşler arkalaşygynyň taýýarlan sowgatlary bilen sylaglanyldy.  

                                                                   

«Marygazçykaryş» müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy möhüm ähmiýetli wezipelere bagyşlanan maslahatlary, duşuşyklary yzygiderli geçirýär. Golaýda ol «Marygazçykaryş» müdirligi bilen bilelikde «Berkarar, bagtyýar ýurdum, sagdyn zähmetiň mekanyny gurduň» atly maslahaty gurady. Maslahata müdirligiň hem-de onuň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň, şeýle hem beýleki önümçilik bölümleriniň ýolbaşçylary, kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzalary, baş hünärmenler, inžener-tehniki işgärler gatnaşdy. Onda zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligiň alnyp barlyşy, şu ugurda öňde duran wajyp wezipeler dogrusynda birin-birin durlup geçildi. 

                                                                                                           

Begmuhammet ATAÝEW,

                       

«Marygazçykaryş» müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

13.12.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat, 12-nji dekabr (TDH). Döredijilik ruhuna beslenen we Watanyna çäksiz buýsanjy bolan halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp günlerinde agzybirlikde Halkara Bitaraplyk gününi we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany kabul etmeginiň 27 ýyllygyny giňden dabaralandyrdy. 

                                                                   

Asylly däbe görä, şu gün esasy baýramçylyk çäreleri paýtagtymyzdaky Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda: “Bütindünýä bileleşigi tarapyndan beýik gymmatlyk hem-de ählumumy taglymat hökmünde ykrar edilen Bitaraplygymyzyň baş maksady adamzadyň we geljegiň bähbitlerine gönükdirilen parahatçylyk, dostluk ýörelgeleri esasynda bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy goramakdyr. Şu nukdaýnazardan, Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşen döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňemegine we dostlukly gatnaşyklaryň ösmegine kuwwatly itergi berdi” diýip belleýär. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň we halklaryň özara düşünişmegi, garaýyşlaryň ýakynlaşmagy, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň netijeli nusgalarynyň taýýarlanmagy babatda täze mümkinçiliklere uly itergi berýär. 

                                                                   

Ir säher bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birinde ýerleşýän beýik binanyň ýanynda aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary, şol sanda “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahata, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň her ýylda geçirilýän dialogynyň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň köp sanly agzalary ýygnandylar. 

                                                                   

Şeýle hem bu ýerde geçirilen dabara Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriňdir pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda işleýän ilçileri, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

 Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy baýramçylyk äheňinde bezelen Bitaraplyk binasynyň öňündäki meýdançada saklandy. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow haly düşelen ýodajyk bilen şöhratly pederlerimiziň gahrymançylykly ýoluny mynasyp dowam etdirýän harby gullukçylar — Hormat garawuly batalýonynyň esgerleriniň hatarynyň düzülen ýerine geldi. 

                                                                   

 Dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy baradaky halkara hukuk derejesiniň we merdana halkymyzyň parahatçylyk, durnukly ösüş baradaky asylly ýörelgeleriniň esasy nyşany bolan belent başly Bitaraplyk binasynyň etegine gül çemenini goýdy. 

                                                                   

27 ýyl mundan ozal Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň taryhy Kararnamany kabul etmegi bilen Türkmenistan örän ähmiýetli halkara-hukuk derejesi bolan hemişelik Bitaraplyk derejesini berkitdi. Ýurdumyz dünýäniň täze taryhynda Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet boldy. Bu waka özüniň ägirt uly taryhy ähmiýeti bilen türkmen döwletiniň häzirki zaman ösüşiniň täze tapgyryny esaslandyrdy. 

                                                                   

2015-nji ýylda hormatly Arkadagymyzyň tagallasy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini ikinji gezek tassyklaýan Kararnamany kabul etmegi döwletimiziň parahatçylyk dörediji ýurt hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Ýurdumyz Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden hoşniýetlilik, ynsanperwerlik we döredijilik syýasatyny Bitaraplyk derejesi bilen utgaşykly alyp barýar. 

                                                                   

Türkmenistanyň Bitaraplygy — munuň özi biziň şu günümiz we geljegimiz, onda halkara gatnaşyklary ösdürmek, syýasy, ykdysady, taryhy, medeni ugurlary öz içine alýan döredijilikli başlangyçlar jemlenýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, parahatçylyk, howpsuzlyk, sagdynlyk, adamlaryň abadan we bagtyýar durmuşy, döredijilik, dünýä halklarynyň dostlugy, ylalaşygy ýaly asylly ýörelgeler bilen utgaşýar. 

                                                                   

Bitaraplyk ýurdumyzyň raýatlarynyň aňynda durnuklylyk, durmuş taýdan abadançylyk we ösüş ýaly düşünjeler bilen berkidilýär. Halkara gatnaşyklar ulgamynda bolsa Bitaraplyk birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda döwletleriň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň esasy nyşany bolup hyzmat edýär. 

 Şu ýylyň 6-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisinde “2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilendigini bellemek ýakymly. Bu wajyp resminama ýurdumyzyň öňe sürýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ählumumy ykrarnama eýe bolýandygyny we Bitaraplyk syýasatynyň häzirki döwürde ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde oňyn orun eýeleýändigini aňladýar. 

                                                                   

Bitaraplyk türkmen döwletine dünýäde iň ýokary parahatçylyk dörediji merkez diýen derejä eýe bolmaga mümkinçilik döretdi. Paýtagtymyzda iri halkara maslahatlaryň we duşuşyklaryň geçirilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Olaryň hatarynda “Dialog — parahatçylygyň kepili” halkara maslahaty bar. Munuň özi Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygyň berkidilmegine goldaw berýän ýurtlaryň biri hökmündäki halkara abraýyny belende göterýär. 

                                                                   

Döredijilikli kuwwata eýe bolmagy Türkmenistanyň Bitaraplygyna mahsus derejedir. Ol täze başlangyçlar, anyk işläp taýýarlamalar arkaly baýlaşdyrylýar we häzirki zamanyň üýtgäp durýan şertlerine uýgunlaşmak ukybyny saklaýar. Onuň parahatçylyk söýüjilik, döredijilik hem-de ynsanperwerlik ugry bolsa üýtgewsizligine galýar. 

                                                                   

Bitaraplyk binasynyň ýanynda guralan dabaralar tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady. 

                                                                   

Şeýle hem şu gün Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden ýaýbaňlandyryldy.

13.12.2022
Kämilligiň gözbaşy

Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary çalt depginde özgerýän jemgyýetiň ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Milli ykdysadyýetiň sanly ulgama geçmegini çaltlandyrmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi we üstünlikli amala aşyrylmagy raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek we täzeçil maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli işler dowam etdirilýär. Bu ugur boýunça ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar. Orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalaryna ýörite sapaklaryň girizilmegi, zerur maddy-tehniki binýadyň üpjün edilmegi sanly ulgamyň ösüşinde uly orna eýedir. Häzirki döwürde bilim ulgamyny ösdürmek bilimiň elýeterliligini we hilini ýokarlandyrmaga, döwrüň häzirki talaplaryna, innowasion ykdysadyýeti ösdürmegiň zerurlyklaryna laýyklykda, bilimiň ähli derejelerinde hünärmenleri taýýarlamaga, şeýle hem zähmet bazaryny ýokary hünär derejeli hünärmenler bilen üpjün etmäge gönükdirilen netijeli işler durmuşa geçirilýär. 

                                                                   

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri çözmekde halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berilýär. Dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda, sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşykly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär. 

                                                                   

Dünýä hojalyk gatnaşyklaryna netijeli goşulyşmagy, özara peýdaly söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi ýurdumyzyň geljekki ösüşlerine itergi berjek möhüm ugurlardyr. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly başlangyçlarynyň netijesinde sanly we ykjam hyzmatlaryň ählumumy elýeterliliginiň üpjün edilmegi, obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamanyň çäklerinde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleriň ýokary depginde alnyp barylmagy Garaşsyz Türkmenistanyň döwrebap ösüşleriniň wajyp şerti bolup durýar. 

                                                                                                           

Berdimyrat ŞIRIMOW,

                       

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.

13.12.2022
Belgiýanyň «Diplomatic world» žurnalynyň prezidenti we esaslandyryjysy Barbara Ditrihiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi

2022-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow bilen Belgiýanyň «Diplomatic world» žurnalynyň prezidenti we esaslandyryjysy Barbara Ditrihiň hem-de bu žurnalyň taslama ýolbaşçysy Alberto Turkstranyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmen tarapyndan  Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarowyň ýolbaşçylygynda ministrligiň wekilleri hem-de Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi  S.Pälwanow gatnaşdylar.

Duşuşygyň esasy maksady tanyşmak we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Duşuşygyň başynda minstr Muhammmetgeldi Serdarow ýurdumyzyň ykdysady ýagdaýy, söwda dolanyşygynyň ösüşi barada gürrüň berdi. 

Belgiýanyň «Diplomatic world» žurnalynyň prezidenti we esaslandyryjysy Barbara Ditrih, öz gözeginde, ýurdumyz bilen Belgiýany arabaglanyşdyrmaga örän şatdygyny aýtdy. Žurnalyň esasy ugrunyň diplomatiýa we ykdysady medeniýet bolup durýandygyny, Ýewropa bilen Merkezi Aziýany baglaşdyrmak esasy maksat edinilýändigini aýtdy. Ýurdumyzda 2022-nji ýylyň 11-nji dekabrynda geçirilen «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahatyna we baýramçylyk konserdine gatnaşyp, dürli ýurtlaryň wekilleriniň çykyşlaryna syn edip, Belgiýa halkyna bu wakalary ýetirmäge örän şatdygyny belläp geçdi. Mundan başga-da, «Diplomatic world» žurnalynyň 21 ýyl bäri çap edilýändigini aýdyp, bu žurnalda ýurtlaryň pozitiw ösüşleriniň görkezilýändigini, bu žurnalyň Ýewropanyň uly döwlet işgärlerine, ýolbaşçylara paýlanylýandygyny hem-de žurnalyň bitarap bolup durýandygyny aýtdy. Žurnalyň Merkezi Aziýa döwletleriň gözelliklerini, ykdysady ösüşlerini görkezmek, şol sanda Türkmenistany hem tanatmak wajyp hasaplanylaýndygyny belledi. 

Şeýle hem, myhmanlar tarapyndan, ýurdumyzyň býujetiniň esasy ugurlary, daşary ýurtlara ýurdumyz barada tanatmak üçin maglumatlary, ýurdumyzyň hususy pudagyny ösdürmek üçin edilýän işleri barada garaýyşlary barada gyzyklanma bildirildi.      

Ministr Muhammetgeldi Serdarow, ýurdumyzyň 2023-nji ýyl üçin döwlet býjetiniň 2022-nji ýylyň 5-nji dekabrynda kabul edilendigi, onda esasan durmuş-ykdysady ösüş ugry bilen bagly saglyk, bilim, medeniýet ugurlaryna serişdeleri göýbermeklik göz öňünde tutulandygy, daşary ýurtlara ýurdumyzyň esasy oba hojalyk, ulag, söwda, taryh, senagat ugurlaryň ösüşleri we mümkinçiliklerini tanatmakda gyzyklanmanyň bardygy, bu maglumatlary diplomatik ýollar arkaly paýlaşmaga taýýardygy, hususy pudagy ösdürmek ugrunda hususy telekeçilere ýardamlaryň we ýeňillikleriň berilýändigi, esasan eksport edilýän harytlaryň önümçiligini ösdürmek we importynyň ornuny tutmak boýunça işleriň geçirilýändigi, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermek barada maglumatlary, şeýle hem tebigy gazy gaýtadan işlemek boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi.

Ilçi S.Pälwanow, bu žurnalda Merkezi Aziýanyň döwletleriniň maglumatlarynyň çap edilendigini göz öňünde tutup, Türkmenistan barada makalanyň çap edilmegini teklip etmek meýilleşdirilýändigini aýtdy.  

Belgiýanyň «Diplomatic world» žurnalynyň prezidenti we esaslandyryjysy Barbara Ditrih, öz gezeginde, ýurdumyzyň Ýewropa döwletleri bilen hyzmatdaşlygynda ähli ýardamlary bermäge hem-de ýurdumyz barada maglumatlary žurnalynda çap etmäge taýýardygyny aýtdy. Bu çap ediljek maglumatlar taýýarlananda, hökmany suratda ýurduň wekilleri bilen hem ylalaşylýandygyny, şeýle hem ýurdy Ýewropada tanatmak üçin gowy mümkinçiligiň boljakdygyny belledi. 

Duşuşyk hoşniýetli ýagdaýda geçdi. 

Duşuşugyň ahyrynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri, zerur şertleri döredip berýänligi, tutuş dünýäde ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýanlygy üçin Arkadagly Serdarymyzyň Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak belent başynyň hemişe aman, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.


Parahat Meretliýew

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet 

ministrliginiň baş hünärmeni

13.12.2022
Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Amatly mümkinçilikleriň ulgamy 

                                                                   

Milli ykdysadyýetimizi häzirki döwrüň ösüşli talaplaryna laýyklykda durnukly ösdürmekde hormatly Prezidentimiz möhüm wezipeleri öňe sürýär. Şolaryň birem sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy derejelere ýetirmekden, elektron senagaty çalt depginlerde ösdürmekden ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde dünýäniň ähli döwletlerinde hereket edýän sanly ykdysadyýete geçilmegi bilen bagly netijeli işlere badalga berýär. Sebäbi innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurdumyzda ýokary depginli ösüşiň gazanylmagyna ýol açýar. 

                                                                   

Halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, beýleki ulgamlarynda bolşy ýaly, bilim ulgamynda bu kämil ugruň ähmiýeti örän uludyr. Sebäbi, sanly ulgamdan netijeli peýdalanylmagy biz, talyplara bilim berlip, hünär öwredilmegini hil taýdan täze derejelere çykarmaga bähbitli şertleri döredýär. Kompýuter we telekommunikasiýa tehnologiýalarynyň kömegi bilen bilim bermekde goşmaça hyzmatlaryň ýola goýulmagyna amatly mümkinçilikler peýda bolýar. Mekdebimizde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna berilýän üns barha ýokarlanyp, bu möhüm meselede giň möçberli işleriň bady artýar. 

                                                                   

 Aşyrmyrat AMANMYRADOW. 

                                                                   

 S. A. Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy. 

                                                                   

 Ätiýaçlandyryş  ulgamyndaky  özgertmeler 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan oýlanyşykly durmuş--ykdysady syýasatyň netijesinde amala aşyrylýan köptaraplaýyn özgertmeleriň oňyn netijeleri aýdyň görünýär. Ätiýaçlandyrylýanlaryň şahsy, emläk we raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edilmegini has-da güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň döwlet ätiýaçlandyryş guramasynda hukuk binýady kämilleşdirilýär, hereket edýän ätiýaçlandyryş görnüşleri döwrebaplaşdyrylýar. Türkmenistanyň döwlet ätiýaçlandyryş guramasy töwekgelçiligiň dürli görnüşinden ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşyp, kämil gurama öwrülmek bilen hyzmatlaryň görnüşlerini barha giňeldýär we ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşandyny goşýar. 

                                                                   

Türkmenistanyň döwlet ätiýaçlandyryş guramasy raýatlara we ýuridiki şahslara hökmany ätiýaçlandyryşyň 6 görnüşini, meýletin ätiýaçlandyryşyň 47 görnüşini hödürleýär. Ätiýaçlandyryş guramasynyň görnüşlerinden ätiýaçlandyryp, şertnama baglaşýan fiziki we ýuridiki şahslar dürli töwekgelçiliklerden, ýüze çykyp biljek dürli hadysalardan goraglydyrlar.Ýolöten etrap döwlet ätiýaçlandyryş guramasy Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda ätiýaçlandyryş ulgamynda ýokary netijeler gazanyp, raýatlara ätiýaçlandyryşyň görnüşlerini hödürläp, baglaşylýan şertnamalaryň ýüze çykyp biljek dürli hadysalardan gorap, olaryň bähbidine tarap hereket etmegi ugrunda netijeli işler geçirýär.  

                                                                   

 Ýazmyrat GAÝYPOW. 

                                                                   

 Ýolöten etrap döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji. 

                                                                   

 Ösüşiň  kämil ugry 

                                                                   

 Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ykdysady syýasaty Garaşsyz, Türkmenistanymyzyň milli ykdysadyýetiniň belent sepgitlere ýetmegine itergi berýär. Halk hojalygymyzyň dürli pudaklarynyň tehnologiki we tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmakda degerli işler durmuşa geçirilýär. Bu meselede sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi oňyn täsirini ýetirýär. Sebäbi, täze ulgam çylşyrymly önümçilik kuwwatlyklaryny dolandyrmakda, beýleki ulgamlary çalt depginlerde ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolýar. 2019-njy ýylyň başynda Türkmenistanda  2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy kabul edildi. Bu resminamada sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň we ösdürmegiň wezipeleri kesgitlenendir. 

                                                                   

Şu Konsepsiýa laýyklykda, sanly bilim ulgamyny şu günüň talabyna laýyk ösdürmekde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze ulgamyň esasynda bilim bermek işini sanlylaşdyrmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýene bir bellemeli zat bolsa, ýokary okuw mekdebimizde talyplara bilim bermek bilen bagly maglumatlaryň täzelenip hem-de täze maglumatlar bilen üstüniň ýetirilip durulmagy ýola goýuldy. Bilim bermekde sanly ulgama geçilmeginiň giň gerime eýe bolmagy bu wajyp wezipäniň oňyn çözgüdine giň ýol açýar. 

                                                                   

 Aziz JUMAKULYÝEW. 

                                                                   

 TDEI-niň talyby.

09.12.2022
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 8-nji dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri baradaky mesele girizildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. 

                                                                   

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew hasabat döwründe geçirilen işler, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen bagly çäreler, şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilen harby-taktiki okuwlaryň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabatyň dowamynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň barşy, Ýaragly Güýçler üçin işgärleri taýýarlamak we durmuş ugurly meseleleri çözmek barada-da aýdyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň raýatlaryny Ýaragly Güýçlerden gullukdan boşatmagyň we harby gulluga çagyrmagyň barşy barada aýdyldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň diňe goranmak häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyny durmuşa geçirmek babatda harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, bu strategik resminamanyň düzgünlerine laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, harby gullukçylaryň hünär derejesi ýokarlandyrylýar, esgerleriň we serkerdeleriň netijeli gulluk etmegi, göwnejaý ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Ýaragly Güýçlerimizi ösdürmek Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny nygtap, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Baş prokuror S.Mälikgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminde şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, milli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ähli ulgamlarda kanunylygyň berk we takyk berjaý edilmegine gözegçilik etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada aýdyldy. 

                                                                   

Soňra Baş prokuror döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň galla kärhanalarynyň işi babatda geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, käbir ýolbaşçylar we işgärler wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, ýygnalan bugdaý hasylyny bikanun eýeläp, döwlete aýratyn uly möçberde zyýan ýetiripdirler. 

                                                                   

Türkmen halky çörege aýratyn sarpa goýýar, ony mukaddeslik hasaplaýar. Şeýle-de bolsa daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen mukaddeslige hyýanat edip, jenaýata ýüz urýan adamlaryň bardygy gynançly ýagdaýdyr. Geçirilen deslapky derňew işlerinde “Balkangallaönümleri” önümçilik birleşiginiň Balkanabat galla önümleri kärhanasynyň direktory wezipesinde köp ýyllaryň dowamynda işlän J.Hojaýewiň wezipe ygtyýarlyklaryny gulluk bähbitleriniň garşysyna hyýanatçylykly peýdalanyp, kärhananyň däne saklaýjy bölüminiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji wezipesinde işlän E.Baýjanow bilen döwletiň emlägini ogurlamak barada deslapdan dilleşip, özleriniň jogapkärçiligindäki galla önümlerini hiç bir resminamasyz, bikanun kärhananyň degirmen bölümine geçirip, olardan un we kepek önümlerini öndürip, kärhananyň hasabyna girdeji etmän, bikanun satypdyrlar. Şeýlelikde, döwlete aýratyn uly möçberde zyýan ýetirilipdir. 

                                                                   

Şeýle hem Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň “Ahalgallaönümleri” önümçilik birleşiginiň Bäherden galla önümleri kärhanasynyň däne saklaýjy bölüminiň müdiri wezipesinde işlän we şol bir wagtyň özünde kärhananyň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiren G.Sähedow wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatçylykly peýdalanyp, bugdaýy bikanun satyp, döwlete aýratyn uly möçberde zyýan ýetiripdir. Ol özüniň eden jenaýatyny ýaşyrmak üçin emele gelen azyklyk bugdaýyň ýetmezçiligini her aýdaky hasabatynda bar diýip ýalandan görkezip, resminamalara göz-görtele galp maglumatlary girizipdir. 

                                                                   

Maglumatlar esasynda şol adamlar wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatçylykly peýdalanyp, ynanylan emlägiň eýelenmegi, harç edilmegi ýaly agyr netijelere getiren etmişler zerarly jenaýat jogapkärçiligine çekildiler. Olar kazyýetiň hökümi bilen 12 ýyl azatlykdan mahrum edildiler. Şeýlelikde, aýyplanýanlaryň gazanan bikanun girdejileri, döwletiň emlägini eýelemekleri netijesinde ýetirilen zyýany ýerinde goýdurmak üçin olaryň haram ýol bilen gazanan serişdeleri, awtoulaglary, ýaşaýyş jaýlary gozgalmasyz edilip, döwletiň haýryna geçirildi. 

                                                                   

Şeýle-de prokuratura edaralary tarapyndan “Türkmenhowaýollary” agentliginiň howa gatnawlarynyň Baş gullugynyň käbir ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, para almaklary bilen baglanyşykly jenaýatçylykly etmişleri ýüze çykaryldy. Hususan-da, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň howa gatnawlarynyň Baş gullugynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji bolup işlän K.Kerimow howa gatnawlarynyň sany çäkli bolan peteklerini müşderileriň adyna berkitmäge öz gulluk ýagdaýy bilen täsirini ýetirip bilýändiginden peýdalanyp, tanyşlary A.Mommadow we Ç.Meredow bilen deslapdan dilleşip, dürli daşarky howa gatnawy boýunça her bir petegi müşderiniň adyna berkidip berendigi üçin, şeýle hem dürli raýatlardan uly möçberde uçar petekleriniň döwlet bahasynyň üstüne para alypdyr. 

                                                                   

Mundan başga-da, K.Kerimow wezipe borçlaryna laýyklykda, uçar peteklerini satyjylar tarapyndan satuwyň düzgünleriniň berjaý etmekleri boýunça işiň talabalaýyk alnyp barylmagyna borçly adam bolandygyna garamazdan, öz işine geleňsiz garap, gözegçiligi gowşadypdyr. Şeýlelikde, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň howa gatnawlarynyň Baş gullugynyň birinji derejeli awiapetekleriň satyjysy J.Goçgorgulyýewanyň raýat T.Artyknyýazow bilen bilelikde uçar petekleriniň döwlet bahasynyň üstüne para hökmünde pul alyp, agyr jenaýatyň amala aşyrylmagyna we raýatlaryň kanuny bähbitleriniň düýpli bozulmagyna ýol berlipdir. 

                                                                   

Ýokarda beýan edilen maglumatlar esasynda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň howa gatnawlarynyň Baş gullugynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolup işlän K.Kerimow eden etmişleri üçin jenaýat jogapkärçiligine çekilip, kazyýetiň hökümi bilen 13 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Uçar peteklerini satýan bölümiň birinji derejeli satyjysy J.Goçgorgulyýewa wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatçylykly peýdalanyp, aýratyn uly möçberde para alandygy üçin, jenaýat jogapkärçiligine çekilip, kazyýetiň hökümi bilen 8 ýyl 3 aý azatlykdan mahrum edildi. 

                                                                   

Şeýle hem jenaýatçylara şärik bolan we jenaýat jogapkärçiligine çekilen raýatlar A.Mommadow we Ç.Meredow kazyýetiň hökümi bilen 12 ýyl, T.Artyknyýazow bolsa 11 ýyl azatlykdan mahrum edildiler. 

                                                                   

Şeýlelikde, aýyplanýanlaryň jenaýatçylykly ýol bilen gazanan bikanun girdejileri, kazyýetiň hökümi bilen, ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak we bikanun baýamagyň närsesi hökmünde döwletiň haýryna geçirildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda döwletimiziň howpsuzlygyny, raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny korrupsiýadan gelip çykýan howplardan goramak, jemgyýetimiziň ýaşaýyş-durmuşynyň ähli ugurlarynda korrupsiýanyň gutarnykly ýok edilmegini gazanmak üçin maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şol bir wagtyň özünde bu ugurdaky işleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik amala aşyrylýar. Çünki korrupsiýa döwletiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini bökdeýär, ilatyň ýaşaýyş-durmuşyna zyýan ýetirýär. 

                                                                   

Şonuň üçin hem korrupsiýa baş goşup, döwletiň we halkyň emlägini ogurlaýan, döwletiň kanuny bähbitlerini düýpli bozýan şular ýaly parahor jenaýatkärlere kanun esasynda berk çäre görler. Olara hiç hili geçirimlilik bolmaz diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy sözüni dowam etdi. Eden jenaýaty bilinmez diýip hiç kim pikir etmesin. Bu ýagdaý hökman ýüze çykarylar we edilen etmiş üçin kanunyň öňünde jogap bermeli bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we halkyň, döwletiň emlägini ogurlamaga, haramlyk bilen gazanç etmäge hiç kimiň hakynyň ýokdugyny nygtady. 

                                                                   

Şunuň bilen birlikde, korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalaryna ýardam edýän sebäpleri we şertleri aradan aýyrmaga, olaryň netijelerini ýok etmäge gönükdirilen anyk çäreleri kesgitlemek boýunça zerur işleri geçirmek babatda görkezme berildi. 

                                                                   

Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly 2022-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, düzgün bozulmalaryň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň awtomobil ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýörite ýol belgilerini täzelemek boýunça görlen anyk çäreler barada habar berildi. 

                                                                   

Içeri işler ministri neşekeşlige we çilimkeşlige garşy göreşmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyp, şu ýylyň 21 — 25-nji noýabrynda BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlarynda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy hem-de oňa degişli meseleler boýunça kömekçi komissiýasy tarapyndan ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde geçirilen nobatdaky 55-nji mejlisiň jemleri, şeýle hem 3-nji dekabrda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan ýörite çäreleriň dowamynda ele salnan neşe serişdelerini we bikanun ýol bilen getirilen temmäki önümlerini ýok etmek boýunça geçirilen çäre barada hasabat berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanda kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmäge gözegçilik etmek bilen bagly görkezmeleri berdi. Düzgün bozulmalaryň öňüni almak, düzümleýin edaralaryň işinde döwrebap usullary we sanly tehnologiýalary ulanmak boýunça netijeli çäreleri görmegiň zerurdygyna aýratyn üns berildi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak hem-de ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek boýunça degişli işleriň geçirilmeginiň wajypdygyny aýdyp, içeri işler ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, kazyýet ulgamyny ösdürmegiň Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ýolbaşçylyk edýän edaralaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylyşynyň barşy, işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak boýunça guralýan çäreler barada habar berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki döwrüň talaplary we döwletimizi ösdürmegiň strategik ugurlary kazyýet-hukuk ulgamynyň kämilleşdirilmegini talap edýär diýip belledi. Bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeler edaranyň işiniň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Mejlisiň dowamynda “Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda” Permana gol çekildi. 

                                                                   

Soňra milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, ýurdumyzda amatly jemgyýetçilik ýagdaýyny üpjün etmek, ýolbaşçylyk edýän edaralarynda döwrebap tehniki serişdeleri ulanmak hem-de işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça maksatnamalaryň çäklerinde görlen çäreler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Türkmenistanlylaryň we jemgyýetiň howpsuzlygyny üpjün etmek, döwletiň özygtyýarlylygyny, konstitusion gurluşyny, çäk bitewüligini pugtalandyrmak ministrligiň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şeýle hem häzirki döwrüň ählumumy howplarynyň ýurdumyza aralaşmagyna ýol bermezlige aýratyn üns bermek, öňde duran wezipeleri çözmek üçin beýleki hukuk goraýjy edaralar bilen ysnyşykly gatnaşyk etmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we milli howpsuzlyk ministrine degişli görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzüminde hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, eziz Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek, serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň dowamynda ýurdumyzyň serhet goşunlarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, eziz Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek boýunça serhet goşunlarynyň ýerine ýetirýän işiniň wajypdygyna ünsi çekdi. Serhetlerimiz goňşy ýurtlaryň ählisi bilen dostluk serhetleri bolmagynda galmalydyr. Döwlet Baştutanymyz serhet galalaryny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagy, edermen Watan goragçylarynyň netijeli gulluk etmegi üçin göwnejaý şertleriň döredilmegini Döwlet serhet gullugynyň işiniň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezip, gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Adalat ministri M.Taganow şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça teklipleriň taýýarlanylyşy, ilata hukuk kömegini bermek we türkmenistanlylaryň hukuk babatdaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hereket edýän kadalaşdyryjy namalary yzygiderli seljermek hem-de häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek esasy talaplaryň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. 

                                                                   

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew 2022-nji ýylyň geçen on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýolbaşçylyk edýän düzüminde Türkmenistanyň serhedinden geçýän, şol sanda üstaşyr ýükleriň artýan akymyny kadalaşdyrmak boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möhüm üstaşyr ulag geçelgeleriniň çatrygy hökmünde ýurdumyzyň soňky ýyllarda Ýewraziýa giňişliginde geostrategik ornunyň artýandygy bilen baglylykda, döwlet gümrük gullugynyň işiniň möçberiniň köpelýändigini belledi. Munuň özi edaranyň işgärlerinden öz üstlerine ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmäge jogapkärli çemeleşmegi talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we gümrük serhedi arkaly harytlaryň we ulag serişdeleriniň geçmeginiň tertibiniň berjaý edilişini, halkara standartlaryň talaplaryna laýyklykda degişli çäreleriň amala aşyrylyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew bu düzümi ösdürmegiň degişli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýylyň başyndan bäri amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem sanly ulgamy we bu babatda öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmagyň hasabyna edaranyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň barşy barada habar berildi. 

                                                                   

Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan migrasiýa syýasaty demokratik, hukuk döwletimiziň Esasy Kanunynda berkidilen ýörelgeler, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda amala aşyrylýar diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy nygtady. Migrasiýa ulgamynda işleriň netijeliligini ýokarlandyrmakda, kanun bozulmalarynyň öňüni almakda we aradan aýyrmakda döwrebap sanly tehnologiýalaryň, maglumat-tehniki serişdeleriň ulanylmagy uly ähmiýete eýe bolýar diýip, döwlet Baştutanymyz gullugyň ýolbaşçysyna öňde goýlan wezipeleriň takyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk ygrarlydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýandygy bellenildi. 

                                                                   

Şu ýörelgelere esaslanmak bilen, Harby doktrinamyz diňe goranmak häsiýetine eýedir. Harby doktrina laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümleri mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdiriler, Watanymyzyň goranyş kuwwaty pugtalandyrylar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Geljekde-de harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk şertlerini gowulandyrmak boýunça netijeli işleriň amala aşyryljakdygyna aýratyn üns çekildi. 

                                                                   

 Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

                                                                   

Mejlisiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, abadançylyk, mähriban halkymyzyň parahat hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

09.12.2022
Döwrebap suw desgasy

Ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa abadançylygyny berjaý etmek hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde başy başlanan we döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen dowam etdirilýän bu syýasatyň durmuşa geçirilmeginde lagym suwlaryny arassalaýjy desgalaryň işe girizilmegi hem-de täzeleriniň gurluşygyna badalga berilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Ekologiýa howpsuzlygynyň talaplary nazarda tutulyp gurulýan lagym suwlaryny arassalaýjy desgalar tebigatyň hapalanmagynyň öňüni almakda hem-de suwy tygşytly ulanmakda juda derwaýys taslama bolup durýar. Lagym suwlary zerur bolan goşundylaryň goşulmagy netijesinde arassalanyp, gaýtadan ulanmaga ýaramly ýagdaýa getirilýär. Şeýle desgalaryň biri-de, ýakynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Arçman geňeşliginde gurlup ulanmaga berildi. Onuň işe girizilmegi geňeşligiň hem-de onuň töweregindäki ýerleriň galyndy suwuny arassalap, tebigata gaýtaryp bermekde, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almakda, şeýle-de ekinleriň dürli görnüşlerini suw bilen üpjün etmekde diýseň ähmiýetlidir.  

                                                                   

Täze açylan desganyň bir gije-gündiziň dowamynda şeýle suwuň 20 müň kub metrini arassalap, ulanmaga ýaramly ýagdaýa getirýändigini nygtamak zerur. Onuň düzümine girýän edara, hlor öndürme, filtrleri dolandyryş, palçygyň suwuny aýryjy, suw arassalaýjy, barlaghana, kompressor, transformator, arassalanan suw binalary, hlor bilen garyşdyrma rezerwuary, ýuwuş suwunyň nasos bekedi, ussahana, ammar ýaly desgalar bu taslamanyň talabalaýyk işlemegi hem-de tebigata gaýtarylyp berilýän lagym suwunyň ulanyş ýaramlylygynyň ýokary bolmagy üçin ähli tagallalaryň edilendigini görkezýär. Onuň gurluşygynyň ýokary derejede alnyp barlandygyny we ähli şertleriň göz öňünde tutulandygy hem aýratyn bellärliklidir. 

                                                                   

Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde welaýat häkimliginiň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy bolan «Mukaddes toprak» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan bu desga Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Türkiýäniň, Daniýanyň Şwesiýanyň, Polşanyň ýokary tehnologiýalary bilen doly üpjün edilen. Bu täze desga «Arçman» şypahanasyndan, Arçman we Keletdag obalaryndan akyp gelýän lagym suwuny ýygnap, arassalap, ony oba hojalyk maksatlary üçin peýdalanmaga mümkinçilik berer.  

                                                                   

Ýurdumyzda suw hojalygyny ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri bolan oba hojalyk önümleriniň käbir görnüşlerini ösdürip ýetişdirmekde az duzlaşan zeýkeş suwlaryny gaýtadan peýdalanmak maksady bilen lagym suwlaryny arassalamagyň tehnologiýasynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi Diýarymyzda ykdysadyýetiň ösmegi, täze tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy, ilat sanynyň we halk hojalygynyň suwa bolan isleginiň artmagyna getirýär. Şeýle döwrebap desgalary gurduryp, halkymyzyň ýaşaýyş durmuş şertlerine uly ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiziň döwletli işleri rowaçlyklara beslensin! 

                                                                                                           

Orazmyrat TOÝLYÝEW,

                       

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

09.12.2022
Türkmenistan — Azerbaýjan: parlamentara gatnaşyklar pugtalandyrylýar

Aşgabat, 7-nji dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Aşgabada sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşygy boldy. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz Azerbaýjanyň parlamentiniň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp hem-de Türkmenistana sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, şu günki duşuşygyň döwletara gatnaşyklaryň, şol sanda parlamentleriň derejesindäki hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna itergi berjekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Häzirki wagtda strategik häsiýete eýe bolan türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň many-mazmuny baýlaşdyrylyp, täze sepgitlere çykaryldy. Ýurtlarymyz ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Söwda-ykdysady ulgamda özara gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. Bu ulgamda iki ýurduň hem ägirt uly kuwwaty bar. Medeni-ynsanperwer ulgamda-da gatnaşyklar işjeňleşdirilýär. Bu ulgamdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. 

                                                                   

Iki doganlyk halklaryň we ýurtlaryň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda parlamentara gatnaşyklara möhüm orun degişlidir, şunda parlament diplomatiýasynyň ilerledilmegine uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, ýaşlar syýasaty, zenanlaryň meseleleri boýunça özara gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarydyr. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy gol çekmäge taýýarlanylan ikitaraplaýyn resminamanyň ähmiýetini nygtady. Bu resminama türkmen-azerbaýjan parlamentara hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam bermäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz şu gezekki duşuşygyň netijeliligine ynam bildirip, iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda dürli ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça mundan beýläk-de tagallalary birleşdirmek üçin ähli zerur mümkinçilikleriň bardygyny belledi. 

                                                                   

Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, doganlyk halklarymyzyň medeni, ruhy umumylygyna esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşan uly şahsy goşandy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Azerbaýjanyň parlamentiniň ýolbaşçysy öz ýurdunyň Türkmenistan bilen däp bolan hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Iki dostlukly döwletiň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklar ony has-da ösdürmäge ýardam berer. 

                                                                   

 Soňra duşuşyk iki ýurduň parlament wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjanyň parlamentiniň ýolbaşçysyny hem-de wekiliýetiň agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, şu gün geçiriljek gepleşikleriň ikitaraplaýyn türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny, şol sanda parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Türkmenistan we Azerbaýjan Respublikasy ähli ugurlarda — syýasatda, ykdysadyýetde, söwda hem-de ynsanperwer ulgamlarda ýokary derejede ýola goýlan döwletara gatnaşyklary ösdürmek üçin bilelikde tagalla edýärler. Biz häzirki döwürde Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary häsiýetlendirýän özara düşünişmegiň, hormat goýmagyň ýokary derejesine uly baha berýäris we onuň gadyryny bilýäris. Gahryman Arkadagymyz şular barada aýtmak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejedäki hyzmatdaşlyga ýardam berýändigini belledi. Muňa yzygiderli geçirilýän duşuşyklar şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti jenap Ilham Aliýew bilen Samarkant şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitiniň çäklerinde şu ýylyň 11-nji noýabrynda geçiren netijeli duşuşygyny mysal hökmünde getirdi. Şunuň bilen birlikde, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň 29-njy iýunda Aşgabatda geçirilen altynjy sammitine gatnaşmagynyň möhümdigi bellenildi. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan wagtyndan bäri geçen 30 ýylyň içinde hyzmatdaşlygyň baý tejribesiniň toplanandygyny nygtady. Bu hyzmatdaşlyk diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl-de, eýsem, abraýly halkara guramalaryň, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde alnyp baryldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan özüniň halkara guramalardaky tekliplerini goldandygy, şol sanda ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 16 Kararnamasyna awtordaş bolandygy üçin azerbaýjan tarapyna minnetdardyr. Şeýle hem türkmen tarapy Durnukly ulag we oňa goşulyşmak boýunça dostlar toparyny döretmek başlangyjyny goldandygy üçin Azerbaýjana hoşallyk bildirýär. Türkmenistan parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary toparyny teklip eden ýurt bolmak bilen, şu topara gatnaşmak baradaky meselä Azerbaýjanyň seretjekdigine umyt edýär. 

                                                                   

Özüniň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanýan döwlet hökmünde Türkmenistan sebitiň ýurtlarynyň parahat we howpsuz gülläp ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen halkara tagallalara işjeň gatnaşýar. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda — 11-nji dekabrda Aşgabat şäherinde «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahatyň geçiriljekdigini belläp, oňa Azerbaýjan Respublikasyndan ýokary derejedäki wekiliýetiň gatnaşjakdygyna ynam bildirdi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam edip, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 28-nji iýulyndaky “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamasyna laýyklykda, 77-nji sessiýanyň dowamynda 2025-nji ýyly «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklip bilen çykyş edýändigini habar berdi. Ýurdumyz azerbaýjan tarapynyň hem bu teklibi goldajakdygyna umyt edýär. 

                                                                   

Öz nobatynda, Türkmenistan hem azerbaýjan tarapynyň halkara giňişlikde öňe sürýän tekliplerini uly hormat bilen goldaýar. Dürli köptaraply düzümlerdäki saýlawlarda Azerbaýjanyň dalaşgärligine goldaw berýär. Şunuň bilen baglylykda, Azerbaýjan Respublikasynyň Goşulyşmazlyk Hereketinde 2019 — 2023-nji ýyllarda üstünlikli başlyklygy aýratyn bellenildi. Bu bolsa ýurduň we onuň ýolbaşçylarynyň uly abraýyny ýene-de bir gezek tassyklaýar. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde täze howplaryň öňünde biz döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň zerurdygy baradaky aýdyň düşünjä daýanýarys. Dünýä syýasatynyň esasy ugurlarynda, hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerine düşünmekde uzak möhletli bähbitleriň umumydygyna göz ýetirýäris. 

                                                                   

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda sebit we ählumumy gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça özara düşünişmek garaýyşlary bar. Munuň özi ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy gorap saklamak we goldamak, halkara terrorçylygyň howplaryna garşy göreşmekdir. Durnukly energetika we ulag hyzmatdaşlygyny, suw howpsuzlygyny, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmegi üpjün etmekdir. Şunuň bilen birlikde, häzirki döwrüň şu we beýleki meseleleri çözülende, sebit babatda hyzmatdaşlygyň köptaraply görnüşleri netijeli bolup durýar. 

                                                                   

Şu meselede Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň üçtaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlyk etmegi örän möhüm we netijeli görünýär. Bu hyzmatdaşlyk köpasyrlyk taryhymyzyň, medeniýetimiziň, ruhy gymmatlyklarymyzyň, maksatlarymyzyň umumylygyna esaslanýar. Dünýä bileleşiginiň jogapkär agzalary hökmünde Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe halkara, sebit meselelerini parahatçylykly, syýasy ýollar bilen çözmegiň tarapdarydyrlar. Özgerýän geoykdysady giňişlik üçin amatly şertleri döretmäge çalyşýarlar diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. Şu maksatlara ýetmek üçin ulag-logistika, energetika, senagat, söwda, beýleki ileri tutulýan ugurlarda ýurtlarymyzyň zerur bolan mümkinçiligi we serişdeleri bar. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy kanun çykaryjy düzümleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň türkmen-azerbaýjan döwletara gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biridigini, parlamentlerimiziň arasynda dostluk toparlarynyň hereket edýändigini belläp, bu ugurdaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegi teklip etdi. Şunda türkmen tarapynyň parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmäge we pugtalandyrmaga zerur bolan kömegi bermäge taýýardygy beýan edildi. 

                                                                   

Syýasy-diplomatik ulgamda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny ösdürmek bilen birlikde, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga hem aýratyn üns berilýär. Iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk yzygiderli ösýär, ony işjeňleşdirmek meýilleri hem bar. Mysal üçin, şu ýylyň on aýynyň netijeleri boýunça özara söwda dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5 essä golaý ýokarlandy. Munuň özi soňky döwürde iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşmeginiň aýdyň netijesidir. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparyna ähmiýetli orun degişlidir. Şu ýylyň 29-njy noýabrynda Baku şäherinde bu toparyň altynjy mejlisi geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, mejlisiň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýurtlarymyzyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek babatda bellenen maksatlara ýetmäge ýardam berjekdigine ynam bildirildi. Ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady görkezijileri artdyrmaga gönükdirilen anyk taslamalary işläp taýýarlamak özara bähbitli hasaplanýar. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda daşarky maýa goýumlar, işewür hyzmatdaşlyk we daşary-ykdysady gatnaşyklar üçin amatly şertler döredilýär. Hususan-da, degişli halkara hukuk kadalaryna laýyklykda, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Bu ugurda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin ýurtlarymyzyň arasynda amatly şertleri döretmekde zerur hukuk goldawyny bermek teklip edildi. 

                                                                   

Şeýle hem Türkmenistan we Azerbaýjan ulag-logistika, energetika, agrosenagat, dokma senagaty ýaly ugurlarda uly mümkinçiliklere eýedirler. Ýurtlarymyz Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda strategik taýdan ähmiýetli geografik çäkde ýerleşýärler. Bu bolsa giň gerimli halkara ulag geçelgelerini döretmegiň taslamalaryny amala aşyrmagy göz öňünde tutanyňda, üstaşyr ulag ulgamynda möhüm we ysnyşykly hyzmatdaşlygy şertlendirýär. 

                                                                   

Häzirki döwürde halkara ähmiýetli örän iri ulag çatrygy hökmünde Hazar sebitiniň orny ýokarlanýar. Şu babatda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň strategik geljegi görünýär. Şunuň bilen birlikde, Hazarýaka döwletleriň arasynda hem, daşarky bazarlara çykmak babatda hem söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň ýollary açylýar. Ulag babatda hyzmatdaşlyk berk hukuk binýadyny talap edýär. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesini üstünlikli hyzmatdaşlygyň mysaly hökmünde getirdi. 

                                                                   

Hazar we Gara deňiz sebitlerini bitewi Hazar deňzi — Gara deňiz ulag geçelgesine birikdirmek ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin, gürrüňsiz, örän giň mümkinçilikleri açýar. Önümçilik we energetika kooperasiýasyny, söwdany, maýa goýumlary amala aşyrmak üçin şert döredýär. Munuň özi diňe Hazar deňzi — Gara deňiz ulag taslamasyna gönüden-göni gatnaşyjy ýurtlar üçin däl-de, eýsem, Aziýanyň we Ýewropanyň beýleki döwletleri üçin hem mümkinçilikleri açýar. Doly bahaly, hemmetaraplaýyn yklymara gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýän iri ykdysady birleşikler üçin hem şert döredýär. 

                                                                   

Ulag ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, Türkmenbaşy (Türkmenistan) we Baku (Azerbaýjan) portlaryny has netijeli ulanmagyň zerurdygy ýüze çykýar. Bu işi awtomobil-parom we demir ýol-parom gatnawlarynyň netijeli usullaryny döretmek arkaly alyp barmaly. Ýurdumyz Baku — Tbilisi — Kars demir ýol ugry boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, ulag hyzmatdaşlygynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek teklip edilýär. 

                                                                   

Energetika pudagynda hyzmatdaşlyk üçin hem iki ýurduň arasynda geljegi uly mümkinçilikler bardyr. Bu ugurda biziň garaýyşlarymyz birmeňzeşdir: Türkmenistan bilen Azerbaýjan energiýa serişdelerini halkara bazarlara, hususan-da, Ýewropa ugruna ibermegiň ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda çykyş edýär. Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde özleşdirmek üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama 2021-nji ýylyň ýanwarynda gol çekilmegi, hakykatdan-da, ajaýyp waka boldy. Bu ýagdaý Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hazar deňzinde energetika babatda hyzmatdaşlyk etmeginde düýbünden täze tapgyr bolup durýar diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. 

                                                                   

Hazar deňzinde ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygyny utgaşdyrmak ony dünýäniň bu sebitinde hoşniýetli goňşuçylyk, ylalaşyklylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk deňzine öwürmegiň esasy şerti bolup durýar. Aýratyn-da, soňky ýyllarda bu ugurda köp işler edildi. Bäş kenarýaka döwletiň ýolbaşçylarynyň 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aktauda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa gol çekmegi iň esasy we kesgitleýji üstünlik boldy. 

                                                                   

Türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny ösdürmekde medeniýet ulgamyndaky özara gatnaşyklara ähmiýetli orun degişlidir. Iki döwletiň ylym we medeniýet ulgamlarynyň wekilleri özara esasda Türkmenistanda hem, Azerbaýjanda hem geçirilýän halkara maslahatlara, sergilere, beýleki çärelere işjeň gatnaşýarlar diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. Iki ýurtda festiwallary we Medeniýet günlerini guramak boýunça hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi, döredijilik, ylmy işgärleriň wekilleriniň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklar ýola goýlan hyzmatdaşlygy baýlaşdyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy amatly şertler bolanda, ýakyn wagtda Medeniýet günlerini guramak üçin açykdygyny tassyklaýar. 

                                                                   

Syýahatçylyk babatda hem hyzmatdaşlyk üçin gowy mümkinçilikler bar. Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň baý taryhy-medeni mirasynyň, özboluşly tebigy desgalarynyň, taryhy ýadygärlikleriniň bolmagy bu ugurda esasy şert bolup hyzmat edýär. Bulara ähli ýerde gyzyklanma bildirilýär. Türkmen tarapy giň ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge üýtgewsiz ýardam berer. Ylalaşylan bilelikdäki meýilnamalar esasynda munuň üçin örän amatly şertleri döreder. Mundan başga-da, ýurtlarymyz Türki medeniýetiň halkara guramasynyň çäklerinde hem işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly» hem-de 2024-nji ýylda gadymy türkmen şäheri Änewi “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýip yglan etmek baradaky çözgütleri kabul etmekde goldandygy üçin azerbaýjan kärdeşlerine minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

Beýik şahyr we filosof Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini baýram etmek Türki Döwletleriň Guramasynyň şu ýylyň 11-nji noýabrynda geçirilen Samarkant sammitiniň Jarnamasynda aýratyn orny eýeledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bu düzümleriň çäklerinde Azerbaýjan bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan edýär. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy dörän mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýewe Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmek barada hemişe uly alada edýändigi, muňa uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny ýetirmek baradaky haýyşyny Azerbaýjan parlamentiniň ýolbaşçysyna aýtdy. Sözüniň ahyrynda hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň azerbaýjan kärdeşine we goňşy döwletiň ähli doganlyk halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. 

                                                                   

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bildirilen myhmansöýerlik üçin öz ýurdunyň wekiliýetiniň adyndan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallygyny beýan edip, şu gezekki saparyň Türkmenistana ilkinji saparydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, şu günki gepleşikleriň döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirildi. Muňa Azerbaýjanda uly ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Nygtalyşy ýaly, şu ýyl ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna beslenýär. Şol ýyllaryň dowamynda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygy iki tarapyň hoşniýetli erkine daýanyp, yzygiderli pugtalandyrylýar. Döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki yzygiderli we ynanyşykly gatnaşyklar munuň şeýle bolmagyna gönüden-göni ýardam berýär. 

                                                                   

Şeýle hem Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy ýurtlarymyzyň abraýly sebit we ählumumy düzümleriň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändiklerini, birek-biregiň halkara başlangyçlaryny goldaýandyklaryny belledi. Iki döwletiň parlamentarileriniň dostlukly azerbaýjan-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýandyklary, bu gatnaşyklaryň depginli ösüşiniň halklarymyzyň taryhynyň, medeniýetiniň, diliniň we ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy bilen şertlendirilýändigi nygtaldy. 

                                                                   

Azerbaýjanyň parlamentiniň ýolbaşçysy azerbaýjan tarapynyň kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini tassyklap, bildirilen myhmansöýerlik üçin Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna ýene-de bir gezek hoşallyk sözlerini aýtdy. Hanym Sahiba Gafarowa Aşgabatda bolmagynyň özünde galdyran täsiri barada aýdyp, ak mermerli türkmen paýtagtynyň gözelligine haýran galandygyny belledi we şäheriň täze keşbiniň kemala getirilmeginde Gahryman Arkadagymyzyň hyzmatyny aýratyn nygtady. 

                                                                   

Giňişleýin düzümdäki duşuşyk tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminama gol çekmek dabarasy boldy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekýärler. 

                                                                   

Soňra dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowany Türkmenistanyň “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” ordeni bilen sylaglamak hakynda Permany okalýar. Dostlukly ýurduň parlamentiniň ýolbaşçysy bu sylaga türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine goşan uly şahsy goşandy üçin mynasyp boldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Azerbaýjanyň parlamentiniň ýolbaşçysyna ýokary sylagy gowşurdy we bu şanly waka bilen gutlap, oňa alyp barýan işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Öz gezeginde, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza bildirilen hormat üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, öz tarapyndan, iki doganlyk ýurduň, olaryň halklarynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna mundan beýläk-de goldaw berjekdigini nygtady. 

                                                                   

Günüň ikinji ýarymynda Azerbaýjanyň parlamentiniň ýolbaşçysy Aşgabadyň günorta böleginde ýerleşýän Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdy. 

                                                                   

Şeýle-de Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördi we bu ýerde dünýä belli milli halyçylyk sungatymyzyň ajaýyp nusgalary bilen tanyşdy. Türkmen halysy ähli döwürlerde-de öz kämil gözelligi we ýokary hili bilen tapawutlanypdyr. Haly dokamagyň köpasyrlyk däpleri aýawly goralyp, nesilden-nesle geçirilýär. 

                                                                   

Hanym Sahiba Gafarowa muzeýiň ýolbaşçylaryna hoşallygyny bildirip, türkmen halyçy zenanlarynyň zehininiň we zähmetsöýerliginiň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygynyň hormatyna resmi kabul edişlik guraldy. Onuň dowamynda sungat ussatlary çykyş etdiler.

08.12.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň başlygyny kabul etdi

Aşgabat, 7-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, sapar bilen Türkmenistana gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowany kabul etdi. 

                                                                   

Myhman ikiçäk duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny hem-de öz kärdeşine we ähli türkmen halkyna tüýs ýürekden bagtyýarlyk, parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Azerbaýjan birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklary yzygiderli giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň parlamentiniň ýolbaşçysyny mübärekläp, dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de şu saparyň çäklerindäki duşuşyklaryň, gepleşikleriň biziň doganlyk döwletlerimiziň arasynda parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak işine ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Şu ýyl ýurtlarymyz diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny bellediler. 

 Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halklaryny köpasyrlyk taryh, däp bolan dostluk, ynanyşmak, özara düşünişmek gatnaşyklary, medeniýetiň we diliň umumylygy birleşdirýär. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk işjeňleşdirildi. 

                                                                   

Azerbaýjanly hyzmatdaşlar bilen gepleşikler hemişe netijeli we dostlukly häsiýeti, aýratyn mähirliligi bilen tapawutlanýar. Şol gepleşiklere çuň many-mazmun, özara düşünişmek, doly ynanyşmak ýagdaýy, şeýle-de belent ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylyk mahsusdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

                                                                   

Duşuşygyň barşynda halkara syýasatyň we sebitara gatnaşyklaryň meseleleri, hususan-da, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça iki döwletiň garaýyşlarynyň ýakyndygy we meňzeşdigi kanagatlanma bilen nygtaldy. Biziň ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn esasda hyzmatdaşlyk etmek bilen çäklenmän, eýsem, BMG, Türki Döwletleriň Guramasy, GDA, ÝHHG, Goşulyşmazlyk Hereketi ýaly abraýly guramalaryň çäklerinde hem gatnaşyk edýärler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ägirt uly serişdeler, ykdysady, ulag-logistika kuwwatyna eýedigini nygtady. Olardan netijeli peýdalanmak diňe bir iki ýurduň halklarynyň däl, eýsem, sebitiň bähbitlerine-de laýyk gelýär. Döwlet Baştutanymyz we Azerbaýjanyň parlamentiniň ýolbaşçysy döwletara gatnaşyklaryň gazanylan derejesine ýokary baha berip, bar bolan kuwwaty, milli bähbitleri, ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini nazara almak arkaly guralýan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. 

                                                                   

Köpugurly hyzmatdaşlygyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýär. Şol gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň üstüni ýetirmelidir, olaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmalydyr we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kanun çykaryjy edaralarynyň hyzmatdaşlygynyň, iki ýurduň parlamentleriniň duşuşyklarynyň, geňeşmeleriniň işjeňleşdirilmeginiň däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirildi. 

                                                                   

Şu gezekki parlament wekiliýetiniň düzümine türkmen-azerbaýjan dostluk toparynyň ähli agzalarynyň diýen ýaly goşulandygy bellärliklidir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Milli Mejlisiniň Başlygynyň şu saparyna türkmen-azerbaýjan parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim hökmünde baha berýändigini nygtap, duşuşygyň ahyrynda Sahiba Gafarowa berk jan saglyk, bagt, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Azerbaýjan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

08.12.2022
Ykdysady strategiýanyň kämil esaslary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde gazanylýan oňyn netijeleriň ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň döredýän amatly şertleriniň esasynda mümkin bolýandygy guwandyryjy ýagdaýdyr. Türkmen Bitaraplygynyň 27 ýyllyk tejribesi halkara hukuk derejesiniň abadan ösüşimizi üpjün edýän şertleriň birine öwrülendigini görkezmek bilen bir hatarda, ol ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen milli maksatnamalary we halkara taslamalary amala aşyrmagyň, ykdysady kuwwatymyzy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmagyň mäkäm binýadyny emele getirýär. 

                                                                   

Bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ykdysadyýeti durnukly ösýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Ykdysady ulgamda ýetilýän sepgitleriň, gazanylýan üstünlikleriň syýasy garaşsyzlygymyzyň, ykdysady taýdan özygtyýarlylygymyzyň, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiziň berýän datly miweleridigi her birimizi buýsandyrýar.  

                                                                   

Türkmenistanyň syýasatda, ykdysadyýetde, ynsanperwer ugurlarda gazanan we gazanýan oňyn netijeleriniň bitaraplyk ýörelgesiniň esasynda mümkin bolandygyny nygtamak zerur. Hususan-da, döwlet berkararlygynyň pugtalandyrylýan häzirki tapgyrynda daşary ykdysady syýasatymyzda öňe sürülýän we durmuşa geçirilýän milli, sebit hem-de dünýä ähmiýetli başlangyçlar ýurdumyzyň bitaraplyk syýasy ugrunyň ykdysady jähetleriniň ýüze çykmagyna getirdi.  

                                                                   

Bitaraplygyň oňyn häsiýeti ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerinde öz aýdyň beýanyny tapýar. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda dünýädäki maliýe-ykdysady çökgünligiň milli ykdysadyýetlere edýän amatsyz täsirine garamazdan, ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ortaça 6 göterimden gowrak derejede üpjün edilmegi, jan başyna düşýän girdejiniň möçberiniň ýylsaýyn artmagy, Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň 75 göterime golaý böleginiň durmuş maksatlaryna gönükdirilmegi özbaşdak ösüş ýolunyň döredýän amatlyklary bolup durýar. Halkyň bähbitleri, isleg-hajatlary ileri tutulýan ýurtda abadançylygyň höküm sürýändigine bu gün mähriban Watanymyzyň mysalynda göz ýetirmek bolýar. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Açyk gapylar» syýasatynyň işjeň häsiýetde alnyp barylmagy ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar ugurlarda halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagyna hem-de ösdürilmegine getirdi. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzda döwrebap ulag infrastrukturasynyň döredilmegi barha ýygjamlaşýan halkara gatnaşyklaryň ösmegine ýardam berýär. Hususan-da, Türkmenistanyň köpugurly daşary syýasat strategiýasynyň amala aşyrylmagy ýurtlary ýakynlaşdyrýan, halklary dostlaşdyrýan ulag gatnawlarynyň artmagyna getirdi. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze ulag ulgamynyň döredilmegi gadymy döwürlerde döwletimiziň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilýändiginiň subutnamasydyr. Netijede, Türkmenistan amatly geografik ýagdaýyny peýdalanmak bilen, mundan beýläk-de halkara ulag taslamalaryny ösdürmekde möhüm orny eýeleýän döwlet hökmünde öz ornuny yzygiderli pugtalandyrýar. 

                                                                   

Barha ählumumylaşýan dünýäde ýurtlaryň arasyndaky özara baglanyşygyň artmagy söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşmegine itergi beren sebäpleriň biridir. Şunuň bilen baglylykda, dünýä bileleşiginde öz ornuny pugtalandyrmak isleýän islendik döwletiň üstaşyr ulag geçelgelerine gyzyklanmalarynyň ýokarlanmagy tebigy ýagdaýdyr.  

                                                                   

Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynda ulag-aragatnaşyk pudagynyň ösüşine aýratyn ähmiýet berilmegi birnäçe sebäpler bilen delillendirilýär: birinjiden, syýasy taýdan özygtyýarly we ykdysady taýdan özbaşdak türkmen döwletiniň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatynyň durmuşa geçirilmegi pudagyň çalt depginlerde ösdürilmeginiň baş şerti bolup durýar. Ikinjiden, munuň özi ýurdumyzyň Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşmegi bilen baglanyşyklydyr. Çünki bu yklymlaryň döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň soňky döwürde işjeň häsiýete eýe bolmagy ýük dolanyşygynyň we ýolagçy gatnadylyşynyň möçberleriniň artmagyna getirdi. Bu ýagdaý täze halkara ulag geçelgeleriniň gurulmagynyň zeruryýetini ýüze çykarýar. Ýurdumyza daşary ýurt maýadarlarynyň serişdelerini çekmek üçin döredilen amatly hukuk şertleri Türkmenistanda halkara ulag taslamalarynyň amala aşyrylmagyny özüne çekiji edýän sebäpleriň ýene-de biridir. Watanymyzda höküm sürýän syýasy durnuklylygyň daşary ýurt maliýe serişdelerini çekmekde ähmiýetli sebäpleriň biri bolup durýandygy-da aýratyn bellärliklidir.  

                                                                   

Häzirki döwürde döwletimiz tarapyndan öňe sürlen milli bähbitleriň köp babatda ählumumy ösüşe degişli iri halkara taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilmegi ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň sebitleýin ösüşi üpjün etmekde amatly şertleri döredýändiginiň subutnamasydyr. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisini gurmak boýunça alnyp barylýan işler Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesiniň dünýäde dabaralanýandygynyň aýdyň görkezijisidir.  

                                                                   

Makroykdysady görkezijileriň gowulanmagynda milli ykdysadyýetimize gönükdirilýän maýa goýum serişdeleriniň ähmiýetiniň örän uludygy aýratyn bellärliklidir. Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen uzak we orta möhletli maksatnamalarda ýurdumyzda maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmagyň netijeli ugurlaryny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» senagat pudagyna hem-de hyzmatlar bazaryny ösdürmek üçin iri maýa goýumlaryny gönükdirmek göz öňünde tutulýar. Bu ýagdaý, ilkinji nobatda, önümçilik ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna köp möçberde maýa serişdeleriniň gönükdiriljekdigini aňlatmak bilen, ol orta möhletde ýurdumyzda importyň ornuny çalyşýan we eksporta niýetlenen önümleriň öndüriljekdigine, ahyrky netijede, ykdysady kuwwatymyzyň has-da pugtalandyryljakdygyna esas döredýär.  

                                                                   

Baky Bitarap Türkmenistan bütin dünýäde, hususan hem, Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki halkara tagallalara işjeň gatnaşýar. Türkmenistan halkara gatnaşyklarda ynanyşmak dialogynyň filosofiýasyny ilerletmek maksady bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen Kararnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň başyny başlady hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli, Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11-nji dekabrynda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahaty guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Döwletimiziň daşary syýasatynyň bu täze filosofik ýörelgesi ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň hem binýatlaýyn ýörelgeleriniň hataryna girip, ol türkmen Bitaraplygynyň ykdysady jähetlerini baýlaşdyrýar.  

                                                                                                           

Baýram TAŇRYBERDIÝEW,

                       

Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory

08.12.2022