Garaşsyzlyk baky bagta ýetirdi

Müň dokuz ýüz togsan biriň güýz paslynyň ajaýyp gününde gazanylan milli Garaşsyzlygyň türkmen halkyny baky bagta ýetirendigine şu günki erkana ýaşaýşymyz, bagtyýar durmuşymyz, ösüş-özgerişli ajaýyp döwrümiz şaýat. Her bir raýatyň alnyndan Gün bolup dogan, ykbalyna oňyn täsirini ýetiren beýik Garaşsyzlyk milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda uly ösüşleriň gazanylmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gowulandyrylmagyna getirdi. Garaşsyzlygyň ajaýyp miwesi bolan ýurdumyzyň hususy pudagy özbaşdaklygyň, erkinligiň, «öz eliň, öz ýakaň» bolmagyň gadyr-gymmatynyň başgaçadygyny aňryýany bilen subut edip, ýurdumyzyň altyn gaznasyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjiligi, pähim-parasady bilen döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň on bäş ýylyň içinde 28 müňe ýetmegi-de milli ykdysadyýetimizde hususy pudagyň ornunyň düýpli ýokarlanýandygynyň alamatydyr. 

                                                                   

M illi telekeçilikde zenanlaryň orny barada gürrüň edilende, ilki bilen, ýurdumyzyň hususy pudagynda ilkinji bolup haly we haly önümleriniň önümçiligini ýola goýan Orazgül Eýeberdiýewanyň ady tutulýar. Oňa «Işewür zenanlaryň öňbaşçysy» diýsek-de, hakykatdan daş düşmesek gerek. Çünki guramaçy, ukyp-başarnykly, zähmetsöýer halyçy-telekeçiniň iş tejribesi ýurdumyza ýaýrap, türkmen zenanlarynyň ýüzlerçesi onuň yzyna eýerdi. Bu günki gün milli ykdysadyýetimiziň bedew batly ösüşlerine işewür zenanlarymyzyň mynasyp goşandynyň bardygy diýseň buýsandyrýar. Ene-mamalarymyzyň çeper el işlerini dowam etdirip, olaryň nesilden-nesle geçmegine, dünýä ýaýylmagyna uly goşant goşýan işewür zenan Orazgül Eýeberdiýewa bolsa diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, daşary döwletlerde-de giňden tanalýar. Biz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda ussat halypa bilen duşuşyp, onuň bilen işewür zenanlaryň naýbaşy baýrama mynasyp goşantlary dogrusynda söhbetdeş bolduk.  

                                                                   

 — Orazgül halypa, şeýle şatlykly günlerde siziň bilen hemsöhbet bolmak ýakymly. Elbetde, söhbedimizi telekeçi zenanlaryň asylly işlerinden başlasak. Öý-ojagyň aladasy, nesil terbiýesi bilen telekeçilik işini alyp barmak zenanlarymyza nähili başardýarka? 

                                                                   

— Dogry, zenan maşgala üçin bu ýeňil iş däl. Ýöne her bir işde töwekgellik hem höwes gerek. Onsoňam, bir işiň başyna barmazdan, ilki bilen, onuň ugur-ýollaryny hemmetaraplaýyn öwrenmeli. Esasy zat, öz işiň ussady bolmaly. Haly önümçiligi babatda alanyňda, bu işde maňa çagalykdan toplanan tejribäm kömek etdi. Heniz mekdep partasyndakak, aýal doganlarym bilen birlikde sowgatlyk önümlerden başlap, uly göwrümli halylaryň, gör, näçesini dokandyrys. Ýöne haly haryt bolup orta çykanda, ony diňe dokap bilmek ukybyň ýeterlik däl eken. Guramaçylyk ukybyň bolmaly, halyçy gelin-gyzlar bilen düşünişip işlemegi başarmaly. Halynyň çitimi, sykymy, gölleriniň, nagyşlarynyň ýerbe-ýerligi, reňkleriniň sazlaşygy, garaz, hiç bir zady gözden salmaly däl. 

 — Siziň göreldäňiz türkmen halyçylyk sungatynda başga-da guramaçy, ukyply hem başarjaň işewür zenanlaryň döremegine getirdi, şeýlemi? 

                                                                   

— Belki. Häzirki wagtda bu ugurdan baý tejribe toplan halyçy-telekeçileriň arasyndan Ogulhan Rozyýewanyň, Kümüş Täjibaýewanyň, Maýa Orazmyradowanyň, Ogulnabat Çopanowanyň atlaryny agzap biljek. «Mähirli zenan», «Mynasyp», «Zybagözel» ýaly ýurdumyzda giňden tanalýan modalar we tikinçilik öýlerine ýolbaşçylyk edýän zenanlarymyz milli lybaslarymyzyň dürli görnüşlerini halkymyza hödürleýärler. Işewür zenanlarymyz häzirki wagtda çeper el işleri bilen birlikde, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda, oba hojalygynda, azyk we senagat önümlerini öndürmekde, gaýtadan işlemekde hem gujur-gaýratly işleýärler. Bu günki gün «Gerçek» haryt nyşanly ýokary hilli aýakgaplary öndürýän Aýhan Rejepowanyň, 100 gektar meýdanda gök we bakja önümlerini ösdürip ýetişdirýän Ogulşirin Ýazdurdyýewanyň, künji ýagyny öndürýän Göwher Jumaýewanyň, ary balynyň önümçiligi bilen meşgullanýan Maýa Amangulyýewanyň we başga-da onlarça işewür zenanlaryň atlaryny öňdebaryjylaryň hatarynda agzap bolar.  

                                                                   

 — Halypa, hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaşlaryna ynanýar, olaryň ukyp-başarnygyna bil baglaýar. Bu hususy ulgamda işleýän ýaşlar babatda-da şeýle. Milli telekeçilige ýaşlary giňden çekmek, olaryň tekliplerini öwrenip, önümçilige ornaşdyrmak babatda alnyp barylýan işler dogrusynda-da durup geçsek. 

                                                                   

— Bu babatda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan telekeçilikde işlemäge höwesli ýaşlar üçin giň mümkinçilikler, olaryň täze başlangyçlary durmuşa geçirmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda ýaşlar telekeçiligi höweslendirilýär, «ýaşlar kärhanalaryna» uly goldaw berilýär. Häzirki wagtda hereket edýän Telekeçiler mekdebi hem dürli ugurlar babatda işewürlige höwesli ýaşlary taýýarlaýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň binalar toplumynyň gurulmagy bolsa geljekde işewürligiň ýokary bilimli, kämil hünärmenler bilen üpjün edilmegine getirer.  

                                                                   

Telekeçilikde ýaşlaryň orny barada söz açylanda, olaryň täzeçe pikirlenip, oňyn teklipler bilen çykyş edýändiklerini, öňdebaryjy tehnologiýalarda işleýändiklerini bellemeli. «Zybagözel» milli modalar öýüniň ýolbaşçysy Zybagözel Hydyrgulyýewanyň Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň yglan eden «Ýylyň zenany» bäsleşigine gatnaşyp, «Ýylyň telekeçi zenany» diýen ada mynasyp bolandygy, Amandursun Begjanowanyň Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen azyk önümleriniň halkara sergisine «Balam» haryt nyşanly konditer önümleri bilen gatnaşyp, eziz Diýara altyn medallar bilen dolanyp gelendigi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaş telekeçileriň gazanan uly zähmet ýeňişleridir. 

                                                                   

 — Orazgül halypa, siziňem daşary ýurtlarda geçirilen halkara sergilere gatnaşyp, türkmen halyçylyk sungatynyň şan-şöhratynyň dünýä ýaýylmagyna uly goşandyňyz bar. Dünýä halklarynyň milli gymmatlyklarymyza bolan garaýşy barada gürrüň berseňiz.  

                                                                   

— Milli mirasymyza, çeper el işlerine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz türkmen önümleriniň dünýä meşhurlygyny gazanmagyna giň ýol açýarlar. Iş tejribämde halkymyzyň milli buýsanjy bolan nepis türkmen halylary bilen dünýä döwletlerinde geçirilen halkara sergileriň ençemesine gatnaşmak miýesser etdi. Şolardan Saud Arabystanynda geçirilen Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisine, Özbegistan Respublikasynyň Daşkent we Buhara şäherlerinde, Täjigistanda, Russiýa Federasiýasynyň Kazan we Soçi şäherlerinde geçirilen Türkmenistanyň Milli sergilerine gatnaşyp, türkmen halysynyň ajaýyplygyny, owadanlygyny, nepisligini dünýä ýaýmaga giň mümkinçilik döredi. Halkara sergilerinde bolanymyzda, türkmen halylarynyň döreýşine, dokalyşyna, göllerine, nagyşlaryna, çitiminiň syklygyna uly gyzyklanma döreýär. Şonda bize Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat» we «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp eserleri gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär. Milli Liderimiz türkmen halysyna «El bilen döredilen gudrat» diýýär. Älemgoşar öwüşginli halylary synlanyňda, bu hakykata doly göz ýetirýärsiň. Şunuň özem türkmen halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşulmagyna esas bolandyr. 

                                                                   

 — Garaşsyzlyk toýumyza taýýarlaýan sowgatlaryňyz baradaky buýsançly sözleriňiz bilen söhbetdeşligimizi jemlesek. 

                                                                   

— Baş üstüne! Her bir baýrama, toýa sowgatly barmak halkymyzda asylly däpleriň biri. «Pazyryk» halysy diýseň, tanamaýan az-az bolsa gerek. Biz bu gadymy halynyň täze nusgasyny döretdik. Tebigy boýaglara boýalan sap ýüpekden dokalan bu halynyň bir inedördül metrinde bir million bir ýüz müň çitim bar. Bu diýseň syklygy hem nepisligi aňladýar. Şeýle-de gülgüne hem-de ýaşyl reňkli äpet halylary dokap taýýarladyk. Olaryň göllerinde, nagyşlarynda millilik bilen täze döwrüň ruhy sazlaşýar.  

                                                                   

Bize ene-mamalarymyzyň çeper el hünärini dowam etdirip, geljekki nesillere ýetirmäge, milli mirasymyzy dünýä ýaýmaga giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 

                                                                                                           

Söhbetdeş bolan Keýik UMAROWA,

                       

«Zenan kalby»