Geçen şenbede ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanan maslahatlar geçirildi. Toplumlarda guralan maslahatlara ykdysadyýetimiziň degişli ulgamlarynyň edara-kärhanalarynda we beýleki düzümlerinde ýerine ýetirilen işlere baha berildi, olaryň jemleri jemlendi hem-de öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiziň 5-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň ugurlary barada pikir alşyldy.
Ykdysadyýet — içerki we daşarky şertleriň täsir etmegi netijesinde hemişe özgerişlere sezewar bolýan ulgam. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýete garaşylmadyk we duýdansyz ýagdaýlaryň täsirini peseltmek maksady bilen, maliýe-ykdysady gurallaryň birnäçesi ulanylýar. Döwlet býujeti şeýle gurallaryň biri bolup, ol kesgitli döwür üçin işlenip taýýarlanylýar. Bu maliýe resminamasynda býujetiň girdejileriniň we çykdajylarynyň maddalary öz beýanyny tapýar. Şunda onuň girdeji böleginiň çeşmeleri, şeýle-de çykdajylarynyň gönükdirilýän ugurlary häzirki döwürde ýurtda alnyp barylýan durmuş-ykdysady syýasatyň mazmunyna has içgin göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Ykdysadyýetiň ösüşini býujet arkaly kadalaşdyrmak döwlet kadalaşdyryş işiniň esasy usullarynyň biri bolup, ol durnuklylygy saklamagyň, durmuş meselelerini çözmegiň maliýe esaslaryny emele getirýär. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň 111,7 göterim ýerine ýetirilmegi býujet gatnaşyklarynyň netijesinde merkezleşdirilen tertipde pul serişdelerini toplamagyň çeşmeleri babatda oýlanyşykly çemeleşilendigine şaýatlyk edýär. Bu baş maliýe resminamasynyň girdeji böleginiň, esasan-da, salgytlaryň we tölegleriň dürli görnüşleriniň hasabyna emele getirilýändigi nazara alsak, onda onuň bu düzüm böleginiň, köplenç, peýdadan alynýan salgydyň we goşulan baha üçin alynýan salgydyň hasabyna artandygyny görmek bolýar. Şunda häzirki döwürde salgytlaryň bu görnüşleriniň önüm öndürýän ykdysady subýektler tarapyndan tölenilýändigini bellesek ýerlikli bolar. Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň ýerine ýetirilişiniň bar bolan önümçilik kärhanalarynyň önümleriniň möçberiniň artmagy, şeýle-de täze önümçilik kuwwatlyklarynyň işe girizilmegi netijesinde ýokarlanmagy diňe bir ýurdumyzyň önümçilik kuwwatynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylýandygyny alamatlandyrman, eýsem, häzirki döwürde amala aşyrylýan maliýe-býujet syýasatynyň döwletiň ykdysady strategiýasynda ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenen maksatlardyr wezipelerden ugur alýandygyna, şeýle hem ykdysady ösüşi gazanmaga gönükdirilen maliýe syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.
Mejlisde hasabat döwründe Döwlet býujetiniň çykdajy böleginiň 97,8 göterim ýerine ýetirilendigi bellenildi. Häzirki döwürde döwlet çykdajylarynyň ýokary netijeliligini üpjün etmek wajyp wezipeleriň hatarynda durýar. Bu, esasan, netijeli maliýe guraly hökmünde býujetiň ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine, ony höweslendirmäge, ilatyň durmuş üpjünçilik derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam bermek maksatlaryndan ugur alýandygy bilen baglanyşyklydyr. Şol sebäpli bu serişdelerden netijeli peýdalanylmagy bilen bagly meseleler döwletiň esasy wezipeleriniň biri bolup, ahyrky netijede, ol ýurdumyzda durmuş abadançylygynyň üpjün edilmegine ýardam berýär. Çykdajylar böleginiň ortaça 70 göterimden gowragynyň durmuş maksatlary üçin ulanylmagy bolsa, ýurdumyzda durmuş ugurly ykdysady ösüşiň saklanýandygyny tassyklamak bilen bir hatarda, raýatlarymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek üçin döwlet tarapyndan uly tagallalaryň edilýändigini hem görkezýär.
Depginli ösüşi üpjün etmek üçin berk maddy binýadyň zerurdygy, hususan-da, onuň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hasabyna gazanylýandygy, şeýle-de önümçilik binýadynyň pugtalandyrylmalydygy tejribeden bellidir. Täze önümçilikleri özleşdirmek üçin milli ykdysadyýete dürli çeşmelerden maýa goýum serişdeleriniň çekilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Dokuz aýyň dowamynda düýpli maýa goýumlaryň möçberiniň 13,3 göterim artmagy maksatnamalaýyn ösüşiň oňyn netijeleriniň ýene-de biri bolup, ol 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginden habar berýär. Şu ýyl üçin niýetlenen maýa goýumlaryň umumy möçberinden 66,5 göteriminiň önümçilik ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna gönükdirilmegi ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmagyň baş şerti bolup, ol importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleriň önümçiliginiň geriminiň giňemeginde aýdyň beýanyny tapýar. Mejlisde hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyny taýýarlamak barada beren görkezmeleri täze gymmaty döretmegiň hasabyna ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmagyň logiki dowamy bolup, ol Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetinde tutýan ornunyň mundan beýläk-de pugtalanjakdygyna ynamy artdyrýar.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ykdysady strategiýasynda ýurdumyzyň önümçilik we söwda kuwwatyny artdyrmakda türkmen işewürleriniň mümkinçiliklerini ulanmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň häzirki şertlerinde kiçi we orta telekeçilige ýardam bermek hem-de olary ösdürmek çäreleriniň döwlet syýasatynyň iň möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenilmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Geçen dokuz aýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgininiň 108,8 göterime deň bolmagy ykdysadyýetiň döwlete dahylly däl böleginiň ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde, azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde uly güýç bolup durýandygyny görkezýär.
Häzirki döwürde oba hojalyk pudagynda täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan önümçilikleri ösdürmek döwletiň innowasion syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, innowasiýalara esaslanýan oba hojalyk önümlerini öndürmekde kiçi we orta telekeçilik kärhanalarynyň ähmiýeti barha artýar. Hususy ulgamyň mümkinçilikleri diňe bir milli oba hojalyk ulgamyny ösdürmekde aýdyň beýanyny tapman, eýsem, azygyň eksport binýadynyň ösdürilmeginde-de möhüm orun eýeleýär. Ilki öz ilatyňy azyk önümleri bilen üpjün etmek, soňra galan bölegini daşary ýurtlara eksport etmek ykdysady kanunlaryň biridir. Häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan agrar syýasat oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, bazar şertlerinde onuň netijeli hereket etmegi üçin şertleri döretmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly bolup, oba hojalyk önümçiliginiň öz-özüni üpjün etmek, şeýle-de eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki guramalaryň hereket etmegi üçin deň şertleri üpjün edýän onümçiligiň möçberini höweslendirýän kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň döredilmegine gönükdirilendir.
Şu ýylyň üç çärýeginiň jemleri boýunça Senagatçylar we telekçiler birleşmesi tarapyndan, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen senagat önümleriniň ösüş depgininiň 107,3 göterime deň bolmagy ykdysadyýetiň bu böleginde senagatlaşdyrmak syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginden nyşandyr. Importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleri öndürmekde mümkinçilikleri uly bolan hususyýetçileriň «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgy bilen ekologik taýdan arassa önümleri daşarky bazarlara ýerlemekleri üçin döwlet tarapyndan giň mümkinçilikleriň döredilmegi zähmet bölünişiginde tutýan ornumyzyň has-da pugtalanmagyna ýardam berýän giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar. Mahlasy, ýurdumyzda hususyýetçilik işiniň işjeňleşmegi ýerli çig mal serişdelerinden öndürilýän önümleriň görnüşleriniň we möçberiniň artmagyna getirdi. Bu önümleri daşarky bazarlara çykarmagyň mehanizmleriniň döwrebap derejede kämilleşdirilmegi döwrüň bildirýän talaplarynyň biri bolup, ol bazar gatnaşyklaryny giňden ösdürmäge, şonuň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri milli ykdysadyýetiň senagat pudagyny ösdürmekde täzeçe çemeleşmelere uly orun berilýän döwürdir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan senagat-innowasion syýasaty dokma senagatynyň uly depginde ösdürilmegine itergi berdi. Bu, ilkinji nobatda, çig mallaryň senagat taýdan täzeden işlenilmegi netijesinde goşulan gymmatyň döredilýändigi bilen baglanyşyklydyr. Harytlaryň eksportyny giňeltmek üçin zerur işleri geçirmek, şol sanda taýýar dokma önümleriniň eksportyny artdyrmak hem-de daşary ýurt bazarlarynda bu harytlary giňden ýaýratmak boýunça işleri işjeňleşdirmek döwrüň talaby bolup durýar. Daşary ykdysady işiň işjeňleşmegi bolsa, öz gezeginde, ýurduň ösüşe ukyplylygynyň, milletiň intellektual derejesiniň aýdyň görkezijisidir.
Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.