Новости
Hakdan berlen beýik ykbal

1991-nji ýylyň sahawatly gelen altyn güýzi türkmen halkyna Garaşsyzlyk atly uly bagty peşgeş berdi. Şol ýyl ata Watanymyz özini Ýer ýüzünde parahatçylyk söýüjilik syýasaty, adamzadyň abadan durmuşyny üpjün etjek giň gerimli taslamalary bilen tutuş dünýäde asudalygy berkarar etmäge hyzmat etjek özygtyýarly döwlet hökmünde ykrar etdi. 2021-nji ýylda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny tutuş agzybir halkymyz bilen bir başa jebisleşip uly ruhubelentlikde giňden belläris. Hawa, şahyryň aýdyşy ýaly, Garaşsyzlyk Hakdan berlen beýik ykbaldyr türkmene.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygy merdana ata-babalarymyzyň päk arzuwlarynyň wysalydyr. Garaşsyzlyk köpasyrlyk milli ruhy gymmatlyklarymyzyň, şeýle hem asylly ynsanperwer dessurlarymyzyň täzeden ýaýbaňlandyrylmagy üçin oňyn şertleri döretdi. Baky Bitarap ýurdumyz özygtyýarly döwlet hökmünde Garaşsyzlygyny berkarar etmekde milletimize gadymy döwürlerden bäri mahsus bolan hakyky demokratik ýörelgelere esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli, oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy. Bu ýol halkymyzy döwletli-döwrana, rowaçlyga, ýurdumyzyň gülläp ösmegine alyp barýan ýol bolup, eziz diýarymyzyň adyny taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazýar. Bu ýoluň her bir menzili taryhy ähmiýetli, syýasy, ykdysady we medeni ösüşleriň aýdyň hem şöhratly wakalaryna beslendi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyz syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda uly üstünlikleri gazandy we döwletimiziň halkara abraýy artdy. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan sebitde ylalaşdyryjy, ýüze çykýan döwletara meseleleri parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar bilen çözmegi teklip edýän döwlet hökmünde giňden tanalýar. Ol umumadamzat bähbidine, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň hem-de ösüşiň hatyrasyna möhüm başlangyçlary öňe sürüp, olary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Garaşsyz Türkmenistanyň dünýäde ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy goramak hem-de pugtalandyrmak, halkara energiýa we ulag ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlyklary ýola goýmak, ynsanperwerlik we adam hukuklary bilen baglanyşykly wajyp meseleleri çözmek, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ugurlar boýunça öňe sürýän teklipleriniň dünýä döwletleri tarapyndan uly gyzyklanma bilen kabul edilýändigi aýdanlarymyza aýdyň şaýatlyk edýär. Bu möhüm başlangyçlaryň ählisi bu gün sebit we dünýä ähmiýetli ykdysady, medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga we işjeňleşdirmäge, durnukly ösüş üçin oňyn şertleri döretmäge gönükdirilendir. Bu günki gün Türkmenistan ykdysady we senagat taýdan ýokary ösüşlere eýe bolýan döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýan ýurda öwrüldi. Bularyň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen miweleridir.

Garaşsyzlygyň giň manysy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has aýdyň ýüze çykýar. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, adalatly syýasaty, türkmen halkynyň bagtyýar, bolelin ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrýan beýik işleri Garaşsyzlygyň diňe bir syýasy, taryhy ähmiýetini däl-de, eýsem, halkyň ýaşaýşynyň hilini özgertmekde, her bir türkmenistanlynyň ruhy baýlygyny gazanmakda hem möhüm ähmiýete eýedir. Garaşsyzlygy berkitmek ugrundaky kuwwatly hereketiň ugrukdyryjysy bolan düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen, Gahryman Arkadagymyz adamlaryň özygtyýarly, eşretli zamanada Garaşsyzlygyň bagtdygyny duýup ýaşamaklaryny gazandy. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde raýatlarymyz berkarar döwletli bolmagyň belent buýsanjyny halkyň hatyrasyna bitirilýän beýik işlerde aýdyň görýärler we türkmeniň döwletlilik ýörelgelerine egsilmez hormat-sarpa goýýarlar.

Garaşsyzlyk halkymyza erkinlik, özbaşdaklyk, bagtyýar geljege mizemez ynam hem-de çäksiz ruhy güýç beren mukaddeslikdir. Hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyzlyk bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak beýik düşünjedir, döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýadydyr. Bu beýik hem-de çuň manyly sözde ata-babalarymyzyň erkin, özygtyýarly, abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamak baradaky iň süýji arzuw-maksatlary, eziz diýarymyzyň şanly geçmişi, şu güni hem-de beýik geljegi jemlenendir» diýip belleýär. Hakykatdan-da Garaşsyzlygyň mähriban watandaşlarymyza beren datly miwesi sanardan has kändir. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes düşünjedir. Taryh üçin gysga döwrüň içinde dünýä döwletleri bilen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýan Türkmenistan ösüşiň demokratik ýoluna gyşarnyksyz eýerýändigini tassyklady. Ýurdumyz kuwwatly hem-de abadan döwlet hökmünde dünýädäki abraýyny has-da berkitdi we ygtybarly, açyk, howpsuzlygy kepillendirýän hyzmatdaşa, parahatçylygyň merkezine öwrüldi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly syýasaty ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny düýpli özgertdi. Ýurdumyzda güýçli depginde alnyp barylýan gurluşyk işleri, ýollaryň abadanlaşdyrylmagy, senagat zawodlarynyň gurulmagy bolsa döwletimiziň ösüşiniň mundan beýläk-de ilerlemegine itergi berdi. Ýurdumyzda milli medeniýeti dikeltmäge we ösdürmäge, ata-babalarymyzdan galan baý medeni mirasy, edebi çeşmelerimizi, halk sazlaryny, bagşyçylyk sungatynyň däplerini, ilimiziň guwanjy hem milli mirasy bolan türkmen halylarynyň, meşhur ahalteke atlarynyň şöhratyny, döwlet we daşary ýurt dillerini, şeýle hem dünýä tejribesini öwrenmäge we has-da giňden ýaýmaga aýratyn üns berilýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyz parahatsöýüji ata-babalarymyzyň päk arzuwlarynyň wysaly bolup, türkmen halkynyň täze taryhynyň başlangyjydyr. Bu beýik döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda zähmetsöýer halkymyza diňe päk we halal zähmet çekip, eşretli zamananyň hözirini görüp ýaşamak galýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen dünýä dolan Türkmenistan döwletimiz mundan beýläk hem ösüşlerden-ösüşlere beslensin! Goý, ýurdumyzyň bedew bady bilen öňe gitmeginde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaç bolsun!

Ýagşymyrat NURYÝEW,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiriniň orunbasary, maýor.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18189

15.01.2021
Eşretli akabanyň höziri

2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna gadam basan Garaşsyz Türkmenistan Watanymyz sebitiň iri energetika döwletine öwrülmek babatda uly ýol geçdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Nebitgaz pudagynda durmuşa geçirilen we amala aşyrylýan iri taslamalar, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň gurluşygy munuň aýdyň mysalydyr. Bu iş iri dünýä döwletleri we abraýly halkara maliýe guramalary tarapyndan goldanylýar.

Täze iri energetika geçirijisi diňe bir Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryny türkmen tebigy gazy bilen üpjün etmäge däl, eýsem, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmeginiň hem möhüm guraly bolmaga gönükdirilendir. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda optiki-süýümli aragatnaşygyň täze ulgamy Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy ugurlary boýunça halkalaýyn kommunikasiýa ulgamyny döretmäge, oňa Hyrat — Akina ulgamyny birikdirmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň we Owganystanyň üstünden geçýän halkara üstaşyr mümkinçilikleri has-da giňeltmäge oňyn şertler dörär.

Ýurdumyzyň dünýäniň iri energetika döwletleriniň biri hökmündäki derejesi tebigy gazyň gorlaryna berlen baha bilen tassyklanyldy. Ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň we beýleki birnäçe iri känleriň açylmagy bilen, Türkmenistan «mawy ýangyjyň» tassyklanan gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeläp, Aziýanyň gaz bazarynyň iri agzasyna öwrüldi.

Hytaý Halk Respublikasy häzirki döwürde türkmen tebigy gazynyň iň iri alyjysy bolup durýar. 2009-njy ýylyň dekabrynda ulanylmaga berlen Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň üç ugry boýunça ýylda 40 milliard kub metre golaý gaz iberilýär. Şunuň bilen birlikde, magistralyň çig mal binýady berkidilýär. Häzirki wagtda bu gaz geçirijiniň gurluşygy anyk netijelere gönükdirilen uzak möhletleýin, netijeli hyzmatdaşlygyň mysaly bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasady bilen nebitgaz pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan dürli görnüşli nebit we gaz önümlerini öndürýän, nebiti hem-de tebigy gazy düýpli gaýtadan işlemek boýunça täze kuwwatlyklary kemala getirmek babatynda uly işler amala aşyrylýar. Muňa 2018-nji ýylda Gyýanly polimer zawodynyň işe girizilmegini mysal getirmek bolar. Mundan başga-da, Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawodyň gurlup, ulanylmaga berilmegi uly waka boldy. Ähli görkezijileri boýunça täsin kärhananyň esasy önümi iň ýokary ekologiýa talaplaryna gabat gelýän ECO-93 görnüşli benzindir.

Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda ýakyn wagtda ýene-de iri taslamalaryň birnäçesini amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Şolaryň hatarynda polipropileniň, pes dykyzlykly polietileniň we beýleki dürli önümleriň önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumlarynyň gurluşyklary bar. Şonuň ýaly-da, Türkmenistandaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Häzirki nebithimiýa pudagynyň öňdebaryjy kärhanalarynyň durkunyň abatlanylmagy we tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagy netijesinde, onuň paýyna ýurdumyzda öndürilýän senagat önümleriniň ep-esli bölegi düşýär.

Milli Liderimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatlarynda hem-de beýleki halkara forumlarda bu ugurdaky meseleler boýunça Türkmenistanyň eýeleýän ýörelgesini ençeme gezek beýan etdi. Mähriban Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň doly goldawyna eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz gurýan we döredýän hem-de ägirt iri taslamalary amala aşyrýan döwlete öwrülip, Ýer ýüzüniň hemmetaraplaýyn depginli ösýän ýurtlarynyň hataryna goşuldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

«Esger».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18133

14.01.2021