Habarlar
Hyzmatlaryň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak ugrunda

Bank ulgamynyň depginli ösüşi islendik ýurtda-da ykdysady ösüşiň esasy şerti bolup durýar. «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda bank işjeňligi yzygiderli ýokarlanýar. Ulgama sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň bank ulgamynyň işini kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedigine ünsi çekýär we bu babatda ýerine ýetirilýän işleri üstünlikli dowam etdirmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrýar. 

                                                                   

Pul dolanyşygynyň netijeliligini has-da kämilleşdirmek üçin bank ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak boýunça degişli işler geçirilýär. Ýurdumyzyň banklary tarapyndan iri söwda merkezlerinde hem-de ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň binalarynda bankomatlar, töleg terminallary oturdylýar. Zähmet haklaryny bank kartlary arkaly bermek tejribesi netijeli durmuşa ornaşdyrylýar. Durnukly sanly bank ulgamynyň emele gelmeginiň we dolandyryşyň kem-kemden elektron görnüşe geçmeginiň möhüm şerti hasaplanýan bank kartlary esasy töleg guraly hökmünde köpçülikleýin ulanylýar. 2023-nji ýylyň 1-nji maýy ýagdaýyna görä, ýurdumyzda bank kartlarynyň umumy sanynda «Daýhanbank» DTB-niň we «Türkmenistan» DTB-niň bank kartlarynyň paýy 54,9 göterime barabardyr. Şu ýerde «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň işini-de aýratyn bellemek gerek. Onuň işläp taýýarlan QR-kodlarynyň kömegi bilen töleg usuly ykjam telefonlaryň eýelerine optiki nyşanlary göçürip, nagt däl görnüşde hem-de bank kartlary arkaly islendik harytlar we hyzmatlar üçin hasaplaşyklary geçirmäge mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Sanly ulgama geçmekde söwda toplumyna möhüm orun degişlidir. Häzir ýurdumyzda elektron söwdany ösdürmäge, ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, bu ulgamyň hem netijeli hukuk binýady döredilýär we yzygiderli kämilleşdirilýär. «Alyjylaryň hukuklary hakynda», «Söwda işi hakynda», «Internet ulgamyny ösdürmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek we Türkmenistanda internet hyzmatlaryny etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan Harytlary uzaklykdan (distansion usul bilen) satmagyň Düzgünleri işlenip düzüldi we işe girizildi. Ol elektron söwdanyň işini düzgünleşdirmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Sanlylaşdyrmak bank ulgamyny ösdürmegiň möhüm ugrudyr. Çünki munuň özi hyzmatlary kämilleşdirmek hem-de olaryň görnüşini giňeltmek arkaly ulgamy özgertmäge ýardam edýär. Bu ugurda amala aşyrylýan işler maýa goýum syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, işewürlik işjeňliginiň höweslendirilmegine, durnukly ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Türkmenistanyň karz edaralarynda müşderiler bilen özara gatnaşyklary ösdürmekde döwrebap sanly mümkinçiliklerden yzygiderli peýdalanylýar. Bu edaralar müşderilere toplumlaýyn hyzmat etmegiň döwrebap usullaryny ulanmak arkaly bank işini döwrüň ösýän talaplaryna laýyklykda guraýar. Täze tehnologiýalary bank işewürligine girizmekde maglumatlary goramagyň usullaryny kämilleşdirmek aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy dürli amallar geçirilende harajatlary azaltmaga, müşderilere hyzmat etmegiň usullaryny has-da kämilleşdirmäge we bank ulgamynyň ykdysadyýetde tutýan ornuny berkitmäge mümkinçilik berýär.  

                                                                   

Maliýeleşdirmegiň sanly tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, maýalary dolandyryş we töwekgelçilikleri öňünden duýduryş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, korporatiw dolandyryş ulgamyny kemala getirmek, telekeçilik ulgamyny kämilleşdirmek, banklaryň girdejisini we düşewündini artdyrmak möhüm ugurlar hasaplanýar. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Bu işler 2018 — 2024-nji ýyllarda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýar. Ol telekeçilik düzüminiň, salgyt ulgamynyň esaslarynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallarynyň geçirilmeginiň, ýer böleklerini bermegiň tertibiniň, ýeňillikli karzlaryň ýönekeýleşdirilmeginde, telekeçiler üçin karzlary, gümrük we söwda amallaryny resmileşdirmegiň kadalarynyň ýeňilleşdirilmeginde öz beýanyny tapýar. Ykdysadyýetiň hususy pudagyny döwrebaplaşdyrmak üçin oňa maýa goýum serişdeleriniň barha giňden çekilmegi oňyn netije berýär.  

                                                                   

Ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda we depginli ösüşini üpjün etmekde, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyny gazanmakda bank ulgamynyň durnuklylygy örän wajypdyr. Ýurtda ykdysadyýetiň sazlaşykly hem-de yzygiderli ösüş depginleri ilatyň umumy iş bilen üpjünçiligini, girdejilerini ýokarlandyrmaga, nyrhlary emele getirmegiň durnuklylygyny makroykdysady taýdan deňleşdirmäge gönükdirilendir. «Elektron banking» düzüminiň ösmegi, nagt däl hasaplaşyklaryň mukdarynyň artmagy, banklaryň maýa serişdeleriniň köpelmegi, orta we kiçi telekeçiligi karzlaşdyrmagyň ýokarlanmagy hem-de bank serişdeleriniň täze görnüşleriniň hödürlenmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Soňky döwürde «Altyn asyr», «Milli kart», «Maşgala», «Goýum bank karty» ýaly kartlar dolanyşyga girizildi. «Internet-bank», «Mobil-bank», «Galtaşyksyz töleg» ulgamlary arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň sany artdy. Häzirki wagtda karz edaralarynda nagt däl hasaplaşyklary has-da ösdürmek, pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, hödürlenýän hyzmatlary onlaýn tertipde amala aşyrmak, bank kartlary arkaly tölegleri geçirmek işleriniň gerimi giňeldilýär. Hususan-da, «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlarynyň üsti bilen müşderiler banka barmazdan, dünýäniň islendik künjeginden tölegleri amala aşyryp bilýärler. Mundan başga-da, olara internet arkaly menzilara bank hyzmatlary, bölek satuw we hyzmat ulgamynda QR-kod arkaly hasaplaşyklar hödürlenýär. Ýörite terminallaryň üsti bilen söwda we hyzmat ediş merkezlerinde satyn alnan harytlar, ýerine ýetirilen hyzmatlar, jemagat hyzmatlary (gaz, suw, elektrik energiýasy), Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň degişli hyzmatlary we beýlekiler üçin tölegler geçirilýär. Ilatyň «Visa» we «MasterCard» halkara töleg ulgamlaryndan peýdalanmagy pul dolanyşygynyň ösüşinde nobatdaky möhüm tapgyr boldy.  

                                                                   

Şeýlelikde, hödürlenýän hyzmatlaryň tiz ýerine ýetirilmegi we elýeterli bolmagy bank bilen müşderiniň arasyndaky gatnaşygy hil taýdan täze derejä çykardy. Iň esasysy bolsa, makroykdysady görkezijilere laýyklykda, milli manadymyzyň daşary ýurt pullaryna gatnaşygynyň durnukly bolmagynda galýandygydyr.  

                                                                                                           

Kakageldi HÜMMÄÝEW,

                       

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory.

26.06.2023
Ýüpekçilik — milli ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň biri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda dokma senagatynyň okgunly ösdürilmegi hem-de pudagyň işgärleriniň, şol sanda pile öndürijileriň yhlasly we netijeli zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şu ýyl Türkmenistanyň ýüpekçileri pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa 2-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berildi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň pileçileri Watan harmanyna dokma senagaty üçin gymmatly çig malyň 2 müň 300 tonnadan gowragyny tabşyrdylar. Bu ajaýyp zähmet üstünligi döwlet Baştutanymyzyň oba zähmetkeşleri baradaky edýän hemmetaraplaýyn aladasynyň, obasenagat toplumyny depginli ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň aýdyň netijesidir. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, türkmen topragynda ýüpekçiligiň taryhy asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Ýüpekçiligiň milli däpleri, ajaýyp ýüpek matalary we halylary dokamagyň usullary nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize ýetip gelipdir. Beýik Ýüpek ýoly Gündogardan Günbatara tarap ýaýylyp ýatan düzlükleriň, daglyklardyr çöllükleriň üstünden geçipdir. Bu söwda ýolunyň ady şol wagtlar onda daşalan örän gymmat bahaly harydyň — ýüpegiň ady bilen baglanyşyklydyr. Gadymy Merw dünýäniň ýüpekçilikde ykrar edilen merkezleriniň biri bolupdyr. Bu ýerde eýýäm XII asyrda pile taýýarlamak boýunça kärhanalar hereket edipdir. 

                                                                   

Ata-babalarymyz pile öndürmekde ýokary ussatlyga ýetipdirler. Bu iş sungat derejesine ýetirilip, ýüpekden haly we mata dokamagyň ygtybarly usullary döredilipdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly eserinde ýüpekçiligiň taryhy barada gymmatly maglumatlar getirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Merwiň ýüpekçilik kärhanalarynda hytaýly senetçilerden bu sungatyň tilsimlerini kemsiz ele alan ussatlar işläpdirler. Şäheri suw bilen üpjün edýän Majan we Razik ýaplarynyň boýunda tut agaçlary ösdürilipdir. 

                                                                   

“Pileden çöşlenip alynýan ýüpek sapajyklar näzik, şeýle-de ýokary hilli syk, digir-digir zolakly ýa-da tutuk matanyň ýüzüne çekilen nagyşly ýüpek parçalary, köşgüň, soltanyň ýatýan otagynyň bezeginde peýdalanylýan owadan matalary dokamaga harçlanypdyr. Merwiň ýüpek matalary zer goşulyp dokalan hytaý, hindi parçalary, Wizantiýanyň gyrmyzy matalary bilen bäsleşipdir” diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow öz eserinde belleýär. 

                                                                   

Häzirki döwürde ýüpekçilik ýurdumyzyň dokma senagatynyň geljegi uly pudaklarynyň biri hasaplanýar. Onuň önümlerine içerki we dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär. Obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen toplumlaýyn maksatnamalar bu senediň galkynmagyna itergi berdi. Bu özgertmeler obalarda hil taýdan täze durmuş-ykdysady gatnaşyklary kemala getirmäge, oba hojalyk önümlerini öndürijileri höweslendirmäge, ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilendir. Ýüpek gurçugynyň iň gowy görnüşleriniň ýetişdirilmegi, pudagyň ygtybarly iým binýadynyň döredilmegi ýylsaýyn özüniň oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda tut agaçlarynyň ekilýän meýdanlary giňeldilýär. 

                                                                   

Dokma senagatynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy daşary ýurtlardan gelýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň önümçiligini artdyrmak boýunça strategik wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda 70-e golaý kärhanany özünde jemleýän dokma senagatynyň ýokary tehnologik kuwwaty we ygtybarly çig mal binýady bar. Pudagyň önümçilik düzümleriniň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Aşgabadyň ýüpek fabrigi we Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşigi ýokary hilli ýüpek sapagyny öndürýär. Bu kärhanalarda ýüpek halylary, keteni we ýüpekden beýleki matalary öndürýän täze önümhanalar açyldy. Diýarymyzda öndürilýän ýüpek süýüminiň hasabyna Ruhabadyň panbarhat fabriginiň bökdençsiz işi üpjün edilýär. 

                                                                   

Şeýlelikde, şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý eden ýurdumyzyň ýüpekçileriniň bu üstünligi olaryň zähmetsöýerliginiň we ussatlygynyň, bu pudagy täzeden dikeltmek boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli çäreleriň aýdyň netijesidir. Döredijilikli döwlet syýasaty ajaýyp zamananyň binýadyny goýdy we bu döwürde pederlerimiziň wesýetleri, halkymyzyň milli däpleri häzirki zamanyň ruhy bilen sazlaşykly utgaşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň edermen pileçilerine we ussat ýüpekçilerine iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, ýurdumyzyň oba ýerlerinde telekeçilige goldaw bermek we ony höweslendirmek maksady bilen, ýüpekçiligi ösdürmäge aýratyn üns berilýär. 

                                                                   

«Ýörite nahalhanalarda, birnäçe daýhan birleşiklerinde ýüpek gurçuklarynyň iýmit gory bolan tut agaçlarynyň her ýylda müňlerçe düýp nahaly ösdürilip ýetişdirilýär. Bu bolsa ýüpek gurçuklary üçin esasy iýmit bolan tut ýapraklarynyň möçberini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Tut agaçlarynyň ekin meýdanlarynyň töwereginde oturdylmagy gowaçany we beýleki oba hojalyk ekinlerini gyzgyn ýellerden goramaga, suwaryş akabalarynyň kenarlaryny berkitmäge, daşky gurşawyň ekologik abadançylygyny gowulandyrmaga hem ýardam berýär. Munuň özi ýüpekçiligi pagtaçylyk bilen utgaşdyrmaga, şol bir ýerden goşmaça önüm we girdeji almaga mümkinçilik berýär» diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belleýär. 

                                                                   

Häzirki wagtda ýüpek çig maly ýurdumyzyň eksportynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Daşary ýurtly kompaniýalar ýokary hilli ýüpek süýümine, lukmançylykda, awiasiýa senagatynda we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda ulanylýan tehniki ýüpek önümlerine uly isleg bildirýärler. Ýüpegi gaýtadan işleýän kärhanalaryň önümleri diňe bir ýurdumyzyň dokma pudagynda däl, eýsem, beýleki pudaklarda-da uly islegden peýdalanýar. Soňky ýyllarda hususy kärhanalarda ýüpek el halylarynyň, amaly-haşam sungatynyň, şol sanda milli keşdeçilik sungatynyň önümleriniň önümçiligi barha ýokarlanýar. Bu bolsa, öz gezeginde, ýüpek ýüplüginiň we sapagynyň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyny şertlendirýär. 

                                                                   

Pudagyň ösdürilmegine ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmegi, kärhanalaryň kämil enjamlar bilen üpjün edilmegi netijesinde, ýurdumyzda öndürilýän ýüpek önümleriniň hili ýokarlanýar, görnüşleri artdyrylýar. Bu önümleriň daşary ýurt bazarlaryndaky bäsdeşlige ukyplylygy artýar. 

                                                                   

Ýüpege haly önümçiliginde hem uly isleg bildirilýär. Häzirki wagtda “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalary ajaýyp ýüň we ýüpek halylary öndürip, halkymyzyň baý ruhy mirasynyň gaýtalanmajak nusgalaryny täzeden dikeldýärler. Bu kärhanalar ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artmagyna mynasyp goşant goşýarlar we el halylarynyň dokalýan möçberini artdyrmak bilen, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň olara bolan isleglerini kanagatlandyrýarlar. 

                                                                   

Ýurdumyzda guralýan ýöriteleşdirilen halkara sergiler dokma senagatynyň, şol sanda ýüpekçilik pudagynyň ýeten belent sepgitlerini görkezýär. Bu pudagyň önümleri ýokary dünýä ölçeglerine laýyk gelýär. Bu forumlar hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän, dokma senagatynda we täze tehnologiýalar ulgamynda ýöriteleşen daşary ýurt kompaniýalarynyň ünsüni çekýär. Mundan başga-da, dünýä bazarynda ýurdumyzyň dokma we haly önümleriniň söwdasyny giňden ilerletmek maksady bilen, olar dürli halkara sergilerde görkezilýär. Bu ugurda işleýän kärhanalarda täze önümçilikler döredilip, öndürilýän önümleriň hiline hem uly üns berilýär. Bu önümler ýurdumyzda bildirilýän ekologik talaplara doly laýyk gelýär. 

                                                                   

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen ýüpekçileriniň gazanan zähmet üstünligi pudagyň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga hem-de Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga ýardam berer. 

                                                                                                           

(TDH)

22.06.2023
Aşgabat şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara

Gadyrly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar!
Eziz watandaşlar!
 

                                                                   

Sizi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar, agzybir halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli ýokarlanýar. Garaşsyz Watanymyzda durmuşa geçirilýän iri möçberli taslamalar netijesinde eziz Diýarymyz tanalmaz derejede özgerýär. Türkmenistanyň dünýäde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen asylly başlangyçlary halkara bileleşikde giň goldawa eýe bolýar. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan iri möçberli döwlet maksatnamalary häzirki wagtda üstünlikli dowam etdirilip, taryhy ösüşlerimiz bagtyýar watandaşlarymyzy il-ýurt bähbitli beýik işlere ruhlandyrýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda uly üstünlikleriň gazanylýandygy biziň üçin has-da buýsançlydyr. Medeni ösüşler jemgyýetimiziň bitewüligini berkitmäge, raýatlaryň kalbynda watansöýüjiligi artdyrmaga uly ýardam berýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň dostlukly ýurtlar bilen bilelikde hödürlemeginde türkmen keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň hem-de molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda eziz Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterdi. Bu ajaýyp waka berkarar döwletimiziň ähli raýatlaryny buýsandyryp, halkymyzyň milli gymmatlyklaryna bolan söýgüsini artdyrdy. 

                                                                   

 Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri! 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň hem-de edebiýatymyzyň barha kämilleşýän döwrüdir. Şu ýyl ýurdumyzyň teatr artistleriniň, suratkeşleriniň, bagşy-sazandalarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň halkara bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri medeniýet ulgamynyň ösüşleriniň dünýä derejesinde rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda yzygiderli geçirilýän Medeniýet hepdeligi türkmen medeniýetiniň we sungatynyň özboluşly baýramydyr. Medeniýet we sungat ussatlarynyň, döredijilik işgärleriniň Medeniýet hepdeliginde guralýan joşgunly çykyşlary bagtyýar durmuşymyzyň belent waspyna öwrülýär. 

                                                                   

Paýtagtymyzda geçirilýän Medeniýet hepdeligine medeniýet ulgamynyň işgärleriniň işjeň gatnaşmagy bagtyýar ildeşlerimiziň öz medeni gymmatlyklaryna, baý mirasyna söýgüsini has-da artdyrar. Medeniýet hepdeliginiň çäginde geçiriljek konsertler, sergiler, döredijilik maslahatlary, şygryýet çeper okaýyşlary, sahna oýunlarynyň we kinofilmleriň görkezilişleri häzirki döwürde milli medeniýetimizde, sungatymyzda, edebiýatymyzda ýetilen sepgitleri giňden wagyz etmekde, döredijilik işgärleriniň hünär ussatlygyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Aşgabat şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligi bilen utgaşyklylykda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi bolsa bu iri medeni çäreleriň ähmiýetini has-da artdyrýar. 

                                                                   

 Hormatly medeniýet we sungat işgärleri! 

                                                                   

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän medeni çäreler akyldar şahyrymyzyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmäge, dünýä ýüzünde giňden wagyz etmäge uly ýardam berýär. Aşgabat şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dowamyndaky medeni çäreleriň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny has-da şöhratlandyrmakda aýratyn ähmiýetli boljakdygyna berk ynanýaryn. 

                                                                   

 Gadyrly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar! 

                                                                   

Sizi Aşgabat şäherinde Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu sungat baýramyna gatnaşyjylara berk jan saglyk, uzak ömür we döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin. 

                                                                                                           

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

22.06.2023
Sanly ykdysadyýet — kämil ösüşiň binýady

Ýurdumyzda sanly ulgamyň, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginini barha ýokarlandyrýar. Bu ugurda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi eziz Watanymyzyň pajarlap ösýän döwründe innowasion tehnologiýalaryň önümçiligiň ähli pudaklaryna ornaşdyrylmagyna, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň ösmegine, ýokary tizlikli internet-aragatnaşyk hyzmatlarynyň artmagyna getirýär. Sanly ulgamyň ösüşi internet bilen berk baglanyşykly bolup, ýurdumyzda bu ulgam dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykýar. 

                                                                   

Häzirki wagtda islendik raýatyň howa we demir ýol peteklerini onlaýn görnüşde almaga, degişli tölegleri we ýygymlary bank plastik kartyndan, öýjükli el telefonlaryndan geçirmäge, dürli hyzmatlary öýden çykmazdan amala aşyrmaga mümkinçilikleri bar. Teleradioýaýlymlaryň, metbugat ulgamynyň mümkinçilikleriniň ählisinden internet arkaly peýdalanmak bolýar. Sanly ulgamyň ösdürilmegi önümçiligiň ähli görnüşleriniň awtomatlaşdyrylmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine, halkymyzyň bilim derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Sanly ykdysadyýet önümçiligiň ähli ugurlaryna özüniň oňyn täsirini ýetirmek bilen, işewürlere, raýatlara döwlet hyzmatlaryndan ýeňil hem-de elýeterli peýdalanmaga ähli şertleri döredýär. Şonuň bilen bir hatarda, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň döwrebap ösdürilmegine-de öz täsirini ýetirýär. 

                                                                   

Sanly ykdysadyýet innowasion tehnologiýalaryň esasynda guralan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy bolmak bilen, şol bir wagtyň özünde harajatlaryň tygşytlanylmagynyň, girdejileriň täze çeşmeleriniň ýüze çykmagynyň, ykdysady netijeliligiň we ösüşiň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Ol harytlaryň we pul serişdeleriniň dolanyşygynyň täze tizligi, harytlaryň hem-de hyzmatlaryň ýokary hili, sarp edijiler üçin döredilýän amatlylygyň derejesi bilen tapawutlanýar. 

                                                                   

Häzirki wagtda dünýäniň aglaba ýurtlarynda internet ulgamynyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. Ony ulanyjylaryň sanynyň ýyl-ýyldan artmagy sanly ykdysadyýetiň kämilleşmegi üçin amatly ýagdaýy emele getirýär. Bu bolsa ykdysady ösüşe itergi berýän güýç hasaplanyp, onuň jemgyýetçilik durmuşynda tutýan orny barha pugtalanýar.  

                                                                   

Sanly ulgama geçilmegi milli ykdysadyýetde täze mümkinçilikleriň açylmagyna getirdi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüş depginini tizleşdirmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolýan sanly ykdysadyýetiň kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu ugurda birnäçe kanunlar kabul edilýär. Ulgamda amala aşyrylýan özgertmeler, durmuşa geçirilýän işler halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün edýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda senagat ulgamyny innowasion esasda ösdürmek, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti döretmek ýaly ugurlara uly üns berilýär. Bu bolsa sanly ulgamyň diňe şu gününiň däl-de, eýsem geljeginiň hem ösüşli bolmagyny üpjün edýär. Önümçilige ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, täze mümkinçilikleriň peýda bolmagyna getirýär. Ýurdumyzda raýatlaryň her biriniň sanly ulgamyň ýeňilliklerinden peýdalanmagyna ähli şertleri döredýär. 

                                                                                                           

Saparmyrat HALBAÝEW,

                       

Görogly etrap kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi

22.06.2023
Howandarlyk jebisligi döredýär

 Şu günler ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, welaýatlaryň häkimliklerinde golaýda neşir edilen «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär. Şeýle dabaralar düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Oba hojalyk toplumynda, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimliklerinde ýokary guramaçylykly geçirilip, olara degişli düzümleriň ýolbaşçylarydyr işgärleri, ýaşuly nesliň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar. 

                                                                   

Tanyşdyrylyş dabaralarynda edilen çykyşlarda 2021-nji ýylda Milli Liderimiziň başlangyjy bilen bu gaznanyň döredilmeginiň ýurduň her bir raýatynyň haýyr-sahawat etmegine hem mümkinçilik döredýändigi, şeýle işleriň türkmen jemgyýetinde adalatyň ýazylmadyk kada-kanunlarynyň biridigi aýratyn bellenildi. Çykyş edenler bu asylly başlangyjyň ähli ildeşlerimiz üçin ynsanperwerlige, asylly ýörelgelere çagyryş bolandygyny nygtadylar. Netijede, häzirki wagta çenli gaznanyň hasabyna haýyr-sahawat serişdelerini geçirýänleriň sanynyň barha köpelýändigi has-da buýsançlydyr. Çykyşlarda bu haýyr-sahawat düzüminiň serişdelerine sanlyja ýylyň içinde onlarça çagalarda çylşyrymly operasiýalaryň geçirilmeginiň maliýeleşdirilmeginiň, ene-atasyndan ir jyda düşen ýa-da goldawa mätäç ýaş türkmenistanlylara durmuş, saglygy goraýyş, ruhy kömekleriň berilmeginiň, daşary ýurtlarda dürli sebäplere görä ejir çeken ýaş nesliň wekillerine kömek golunyň uzadylmagynyň Gahryman Arkadagymyzyň bu ynsanperwer başlangyjynyň ajaýyp miwesi bolup, kalplary nurlandyrýandygy hakyndaky gürrüňler öz beýanyny tapdy. 

                                                                   

Täze kitabyň tanyşdyrylyş çärelerinde çykyş edenler, şeýle-de onuň içinde ýerleşdirilen suratlara üns çekip, olarda geçen ýyllaryň dowamynda Milli Liderimiziň başda durmagy bilen gaznanyň işleriniň ýola goýluşynyň, ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda, hususan-da, Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde döredilen amatly şertleriň ýokary derejede açylyp görkezilýändigini bellediler. Nygtalyşy ýaly, türkmen, rus, iňlis dillerinde giň okyjylar köpçüligine niýetlenen, «Gurplulygyň öz şertleri bar», «Beren eliň berekedi artar», «Durmuşyň gymmaty — saglyk», «Hossarlyk — öçmez umyt», «Howandarlyk jebisligi döredýär» atly bölümlerden ybarat bolan neşiriň diliniň çeperçiliginiň, bezelişiniň özboluşlylyklara eýe bolmagy, onda pikirler, maglumatlar bilen birlikde halk aýtgylarynyň, nakyldyr atalar sözleriniň, taryhy şahsyýetleriň durmuşyndan mysallaryň getirilmegi jüpüne düşüpdir. 

                                                                   

Kitapda «Hemaýat etmek özüňden özgelere mähribanlygy eçilmekdir, olaryň depesini göge ýetirjek sowgatlaryny bermek bilen, arzuwlaryny hakykat ýüzünde amala aşyrmakdyr» diýen ýaly ganatly jümleleriň getirilmegi raýatlaryň ýagşylyk etmäge bolan ymtylyşlaryny artdyrmakda, ejize howandarlyk etmegiň nähili belent ynsanperwerlik, ruhy beýiklik bolup durýandygyny düşündirmekde örän ähmiýetlidir. Ýaş nesliň bagtyýarlygy ugrunda iş alyp barýan gaznanyň ýagşy amallarynyň netijesinde derdine şypa tapan çagalaryň hossarlarynyň ýürek sözleriniň kitapda ýerleşdirilmegi bada-bat okyjylaryň ünsüni özüne çekip, olarda şeýle uly möçberli düzümiň işine bolan buýsanjy artdyrýar. Şonuň ýaly-da, Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi barada bu neşirde töwerekleýin maglumat berilmegi, onuň köptaraplaýyn mümkinçilikleriniň tanyşdyrylmagy ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşy ugrunda uly aladalaryň edilýändigini aýdyň görkezýär. 

                                                                   

Tanyşdyrylyş dabaralarynda şeýle ynsanperwer, haýyr-sahawatly işleriň ýola goýulmagyna hemmetaraplaýyn berk binýat döreden we bu ýagşy amallaryň dowam bolmagy üçin ähli zerur şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagy arzuw edildi. 

20.06.2023
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 19-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. 

                                                                   

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatda galla oragy dowam edýär. Şunda degişli düzümler sazlaşykly işledilýär, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Şu ýylyň pagta hasyly üçin welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän galla oragy möwsüminiň ýokary guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we bu ugurdaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak hem-de jogapkärçilikli çemeleşmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek, welaýatyň gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegi babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Häzirki wagtda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça ähli zerur tagallalar edilýär. Şunda bugdaý orýan kombaýnlar, awtoulaglar we galla kabul ediş bölümleri bökdençsiz işledilýär. Bugdaýdan boşan meýdanlarda sürüm işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, sebitiň gowaça meýdanlarynda ideg işleri geçirilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler oba hojalygynda möhüm möwsümiň — galla oragynyň dowam edýändigini belledi hem-de onuň ýokary hilli geçirilmegini berk gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda ýerine ýetirilýän ideg işleriniň, bugdaýdan boşan meýdanlarda sürüm işleriniň agrotehniki möhletlerde alnyp barylmagy babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, welaýatda galla oragy dowam edip, bu işde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Şunuň bilen birlikde, bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini talabalaýyk geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Gowaça meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we galla oragyny ýokary hilli, gysga wagtda tamamlamak, bu işleriň depginlerini güýçlendirmek babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz orakdan boşan meýdanlary sürüp, möwsüme taýýarlamak üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi hem-de bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle-de welaýatyň gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek häkime tabşyryldy. 

                                                                   

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew şu günler welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý meýdanlarynda galla oragy guramaçylykly dowam edýär, orakda ulanylýan kombaýnlaryň, bugdaý daşaýan awtoulaglaryň, galla kabul ediş bölümleriniň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça zerur tagallalar edilýär. Bugdaýdan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Gowaça meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyny we bu wezipäni üstünlikli ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi, galla oragynyň ýokary hilli we guramaçylykly geçirilmegi, bu ugurdaky işleriň depginleriniň güýçlendirilmegi, ähli düzümleriň bökdençsiz işledilmegi babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bugdaýdan boşan meýdanlarda sürüm işleriniň öz wagtynda geçirilmegini, welaýatyň gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. 

                                                                   

 Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda ýerine ýetirilýän oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, sebitde galla oragy gowşamaýan depginlerde dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de galla oragynyň guramaçylykly geçirilmegi we gysga wagtda tamamlanmagy, bu işleriň depginleriniň güýçlendirilmegi, bugdaý hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagy babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz orakdan boşan meýdanlarda sürümiň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, welaýatyň gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmegi häkime tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda ýetişdirilen galla hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda samany ýygnap, sürüm işlerini öz wagtynda geçirmek we ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, bu ugurda ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny netijeli işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bu işler bilen bir hatarda, gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barlyşyna jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigini belledi we galla oragynyň ýokary hilli, bökdençsiz geçirilmegini, bugdaýdan boşan meýdanlaryň sürlüp, möwsüme taýýar edilmegini, gowaça ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, oba hojalygyndaky bu möhüm möwsümi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň zerur talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we bu ugurda alnyp barylýan işlere gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işledilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda birnäçe tabşyryklar berildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

20.06.2023
Ykdysady ösüşde intellektual eýeçiligiň orny

 Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň ylmy-tehniki öňegidişlik hem-de ylym-bilime daýanýan täze ykdysady nusgalaryň döredilmegi bilen berk baglanyşyklydygy aýdyň hakykatdyr. Şunuň bilen birlikde, häzirki döwürde intellektual eýeçiligiň obýektleri dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň hereketlendiriji güýjüne öwrülýär we ylmy işjeňligiň netijesinde döreýän önümleriňdir hyzmatlaryň täze bazarlarynyň kemala gelmegine gönümel täsirini ýetirýär. 

                                                                   

Adam aňynyň döredijilikli zähmetiniň netijesinde edilýän açyşlara we oýlap tapyşlara «intellektual eýeçilik» diýilýär. Sungat eserleri, kompýuter maksatnamalary, täze tehnologiýalar, haryt nyşanlary we täjirçilik maksatly döredilen beýleki serişdeler intellektual eýeçiligiň obýektleriniň mysallarydyr. Intellektual eýeçiligiň ösdürilmegi bazarda mynasyp ornuňy tapmagyň we onda agalyk etmegiň guraly, öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan önümçiligi ýola goýmak arkaly içerki hem-de dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan, bäsdeşlige ukyply, ýokary tehnologik harytlary öndürmegiň we hyzmatlary ýola goýmagyň möhüm şerti bolup durýar.  

                                                                   

Häzirki döwrüň ykdysady hadysalary dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyňy ýokarlandyrmagyň täze şertlerini döretdi. Intellektual maýa şol şertleriň iň esasylarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň bilermenleri tarapyndan geçirilen barlaglar ösen ýurtlarda ylmy-tehniki öňegidişligiň netijeleriniň jemi içerki önümiň 80 göterimine çenli döredilmegine täsirini ýetirip, ykdysady ösüşiň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrülendigini tassyklaýar. Bu hakykat häzirki zaman önümçilik gatnaşyklarynda intellektual maýanyň zähmetden, ýerden ýa-da maliýe üpjünçiliginden-de uly ähmiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynda intellektual maýanyň paýynyň 30-dan 60 göterime çenli ýetip, bu görkezijilere yzygiderli ýokarlanmak häsiýetiniň mahsusdygy bellenilýär. 

                                                                   

Ykdysadyýetiň globallaşma hadysasy, bir tarapdan, söwda-ykdysady gatnaşyklara intellektual eýeçiligiň täze obýektlerini girizýän bolsa, beýleki tarapdan, innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlamagyň kuwwatly guralyna öwrülýän täze bilimleriň döremegini şertlendirýär. Innowasion ykdysadyýetiň ösdürilmegi aň-paýhas işiniň netijelerini durmuşa geçirmek arkaly halk hojalygynyň ylmy-senagat binýadyny düýpli berkitmäge mümkinçilik berýär. Şeýle çemeleşmede intellektual işjeňlik uzak geljekde hojalygy ýöretmegiň oýlanyşykly usullary bilen sazlaşýar. Çünki bu hadysalaryň ikisi-de tebigy baýlyklardan rejeli we oýlanyşykly peýdalanmaga, ykdysady işi kämil derejä çykarmaga hem-de innowasion önümiň durmuşa ornaşdyrylmagyndan mümkingadar ýokary netije almaga gönükdirilendir. Munuň özi bazarda okgunlylygy we işjeňligi artdyryp, oňaýly ykdysady şertleri döredýär. 

                                                                   

Islendik döwletiň dünýäniň ykdysady ulgamyna üstünlikli goşulyşmagy intellektual gorlaryň netijeli peýdalanylmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Jemgyýetiň umumy intellektual maýasy ýurduň innowasion ykdysady ösüş ýolundaky esasy güýçdür. Şu hakykatdan ugur alnyp, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzda intellektual eýeçiligiň kanunçylyk binýadyny berkitmek, ylmy oýlap tapyşlary önümçilige ornaşdyrmak, täze açyşlaryň edilmegini höweslendirmek wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirilýär. Türkmenistanda intellektual eýeçilik hukugy Konstitusiýa esaslanyp, ýurdumyzyň kanunçylygyna laýyklykda, esasan-da, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň degişli bölegindäki hukuk namalary arkaly düzgünleşdirilýär. Türkmenistanyň Raýat kodeksi, «Oýlap tapyşlary hukuk taýdan goramak hakynda», «Senagat nusgalaryny hukuk taýdan goramak hakynda», «Harytlyk nyşanlar, hyzmat nyşanlary we harytlaryň ýerleşýän ýerleriniň atlary hakynda», «Elektron hasaplaýyş maşynlary, integral mikroshemalaryň maglumat binýatlary we tehnologiýalary üçin programmalary, algoritmleri hukuk taýdan goramak hakynda», «Tohumçylygyň ýeten derejesini hukuk taýdan goramak hakynda», «Awtorlyk hukugy we garyşyk hukuklar hakynda» Kanunlar we beýleki kadalaşdyryş namalary ýurdumyzda intellektual eýeçiligi goramagyň kanunçylyk binýadyny emele getirýär. 

                                                                   

Türkmenistanda intellektual eýeçiligiň milli ulgamy otuz ýyldan bäri hereket edip gelýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda intellektual eýeçiligiň obýektlerini goramak işi bilen baglanyşykly döwlet kadalaşdyrylyşy Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň düzüminde döredilen Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan alnyp barylýar. Gullugyň hünärmenleri intellektual eýeçiligiň obýektleriniň hukuk goraglylygy bilen baglanyşykly işleri amala aşyrýar. 

                                                                   

Ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň ösüşine goşant goşjak oýlap tapyşlar, açyşlar döwlet tarapyndan goldanylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, düýpli amaly-ylmy barlaglaryň we önümçiligiň özara baglanyşygyny has-da işjeňleşdirmek maksat edinilýär. Şunuň bilen baglylykda, akademiki, pudaklaýyn we ýokary hünär bilimi edaralarynda milli ykdysadyýetiň innowasion ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen ylmy barlaglar alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz: «Şu günüň ylmy geljegiň tehnologiýalarydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleriniň ylmy açyşlaryna, senagat-innowasion tejribelerine, ylmy-inženerçilik garaýyşlaryna, maglumat-tehnologik barlaglaryna milli ykdysadyýetimiziň sanly düzümlerini ösdürmek hem-de geljegiň tehnologiýalaryny döretmek ugrundaky örän ähmiýetli mümkinçilikler hökmünde garaýarys» diýip belleýär. 

                                                                   

Bazar ykdysadyýetine geçiş şertlerinde ýurdumyzda oýlap tapyşlaryň, edebi we çeper döredijiligiň, şeýle hem täjirçilik maksatly nusgalaryň döredilmeginiň gerimi giňeýär. Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda her ýylda geçirilýän ylmy işler boýunça ýakynda jemi jemlenen bäsleşigine ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan hem-de dürli pudaklarda zähmet çekýän ýaşlaryň müňlerçesiniň gatnaşmagy munuň aýdyň güwäsidir. 

                                                                   

Ýurdumyzda intellektual eýeçiligiň goralmagy internet ulgamyndan saglygy goraýşa çenli köp ugurlary öz içine alýan giň gerimli ylmy-döredijilik işiniň kämilleşmegine itergi berýär. Intellektual kuwwatyň durmuşa geçirilmegi we ylmy innowasiýalaryň halk hojalygynyň pudaklaryna üstünlikli ornaşdyrylmagy milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygynyň artmagynyň we halkyň ýaşaýyş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagynyň esasy şertleriniň biri hökmünde geljekki ösüşlerimiziň binýadyny pugtalandyrýar. 

                                                                                                           

Selimberdi HOJABERDIÝEW,

                       

Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary

20.06.2023
Nebitgaz-himiýa pudagynda täze mümkinçilikler

Türkmenistanyň nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup, ol nebitgaz toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge, dünýäniň energetika ulgamyna sazlaşykly goşulyşmaga, tebigy baýlyklary oýlanyşykly peýdalanmak maksady bilen, täze bir ugry — nebitgaz-himiýa senagatyny döretmäge gönükdirilendir. Bu ulgamda amala aşyrylýan giň möçberli maýa goýum taslamalary diňe ykdysady taýdan bähbitli bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem möhüm ähmiýete eýedir. 

                                                                   

Nebitgaz-himiýa senagatyny ösdürmekde halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk saklamak Türkmenistanyň ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmekde strategik ugur bolup durýar. Önümçilik pudagyna döwlet we daşary ýurt maýalaryny çekmekde yzygiderli işler alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde, nebitgaz pudagynda ileri tutulýan magdan we gaýtadan işleýän pudaklary ösdürmäge uly möçberde maýa goýumlar gönükdirildi. Gazhimiýa pudagynyň ösdürilmegi bilen, sebitde deňi-taýy bolmadyk zawodlaryň ikisi gurlup ulanyşa berildi. 

                                                                   

2018-nji ýylyň oktýabrynda Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça iri gazhimiýa toplumy açyldy. Bu maýa goýum taslamasy koreý we ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan amala aşyryldy. Toplumyň önümçilik kuwwaty ýylda 5 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär. Iň kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan bu kärhanada her ýyl 300 müň tonnadan gowrak polietilen, 70 müň tonnadan gowrak hem polipropilen öndürilýär. Şu önümleri öndürmek üçin tebigy gazyň düzüminden zerur bolan etan, propan ýaly maddalar alynýar. Gazyň galan arassa 4,5 milliard kub metri ýangyç hökmünde gaz geçiriji ulgamlara akdyrylýar. 

                                                                   

Ahal welaýatynyň çäginde 2019-njy ýylyň iýunynda açylan tebigy gazdan benzin öndürýän zawod dünýäde bu ugurda ilkinji zawod hökmünde «Ginnesiň rekordlar kitabyna» girizildi. Şeýle hem bu iri kärhana ABŞ-nyň daşky gurşawy goramak gaznasy tarapyndan «Ekologiýa taýdan arassa» diýen şahadatnama, Şweýsariýanyň Federal tehnologiýa instituty tarapyndan «Innowasion tehnologiýa» ugry boýunça şahadatnama we nyşana eýe boldy. Zawod ýylda 1 milliard 785 million kub metr gazy gaýtadan işläp, ECO-93 kysymly awtomobil ýangyjynyň 600 müň tonnasyny, şeýle hem arassalanan dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasyny we suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasyny öndürmäge ukyplydyr. 

                                                                   

Ýurdumyzyň nebithimiýa pudagynyň ösdürilmegi ykdysadyýetiň diwersifikasiýa ýoly bilen ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy nebiti, gaz kondensatyny gaýtadan işläp, dürli nebit we nebithimiýa önümlerini öndürmek hem-de olary içerki we daşarky bazarlara ýerlemek işlerini alyp barýar. Zawodlar toplumynyň önümçilik desgalarynyň düzümine nebiti ilkinji we ikinji gezek gaýtadan işleýän desgalaryň birnäçesi girýär. Toplumyň ýokary hilli nebit we nebithimiýa önümleri Ýewropa, Aziýa, Ýakyn Gündogar döwletlerine eksport edilýär. Şeýle hem gurluşyk materiallaryny, senagat we durmuş maksatly täze önümleri öndürmek üçin çig mal, ýarym çig mal we gündelik işlerde taýýar önüm hökmünde ulanylýar. Mysal üçin, «Türkmenturba» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti diametri 20 millimetrden 500 millimetre çenli polietilen we polipropilen turbalar öndürýär. Önümçilik üçin çig mal Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan, şeýle hem polietileniň birnäçe görnüşi, şol sanda ýokary basyşlara çydamly turbalary öndürmekde ulanylýan has dykyz polietilen Gyýanlydaky gazhimiýa kärhanasyndan getirilýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» ýerine ýetirmegiň Meýilnamasynyň çäginde ýurdumyzyň nebitgaz-himiýa pudagyny ylmy taýdan kämilleşdirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Bellenip geçilen zawodlardyr kärhanalaryň kadalaşdyryjy resminamalaryny, önümçilikleriniň tehnologik reglamentlerini, ekologik pasportlaryny, önümçilik galyndylaryny gaýtadan işlemegiň ylmy esaslaryny işläp düzmekde, täze tehnologiýalar boýunça ulanylýan çig mallaryň fiziki-himiki häsiýetlerini öwrenmekde we başga-da dürli ylmy-barlag işlerini geçirmekde maksatnamalaýyn işler ýerine ýetirilýär. Nebitgaz-himiýa senagatynyň önümçilikleriniň doly ylmy esaslary öwrenilip, bu ugurda ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem işler ýola goýuldy. 

                                                                   

Himiýa institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda tassyklanan «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan işewürleriň hem-de telekeçileriň islegleridir buýurmalary esasynda ýerli çig mallaryň hasabyna täze önümçilikleri döretmek, olaryň tehnologiýalaryny işläp düzmek, hereket edýän önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak, olarda ulanylýan, daşary ýurtlardan getirilýän çig mallara derek ýerli çig mallary ulanmak boýunça ylmy-barlag, seljerme işleriniň alnyp barylýandygyny hem bellemelidiris. 

                                                                   

Ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Himiýa institutynyň alymlary we tejribeli hünärmenleri her ýylyň 12-nji iýunynda bellenilip geçilýän Ylymlar gününe zähmet üstünlikleri bilen barýarlar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak we kämilleşdirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiz tarapyndan döredilýän mümkinçilikler iňňän uludyr. Ýokary hilli enjamlar ornaşdyrylan barlaghana otaglary döwrüň we ylmyň talabyny doly kanagatlandyrýar. Ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmakda Himiýa institutynyň alymlary tarapyndan ýerine ýetirilýän ylmy-barlag işleriniň ýurdumyzyň nebitgaz-himiýa senagatyny ösdürmäge goşant goşýandygy buýsandyrýar we täze üstünliklere ruhlandyrýar. 

                                                                                                           

Hallymyrat ATAÝEW,

                       

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň direktory, himiýa ylymlarynyň kandidaty.

19.06.2023
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen işler dowam etdiriler

 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ynamly gadamlar bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap barýan ýurdumyzda Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kepili bolan düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. 

                                                                   

12-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmegiň meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy. Häzirki wagtda oba hojalykçylar üçin gyzgalaňly möwsümiň gelendigini belläp, döwlet Baştutanymyz galla oragynyň depgininiň güýçlendirilmegi, oraga gatnaşýan ähli düzümleriň bökdençsiz we sazlaşykly işledilmegi babatda tabşyryklary berdi. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlaryň indiki möwsüme taýýarlanylmagy üçin sürüm işleriniň geçirilmegi möhümdir. Gowaça ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly, öz wagtynda alnyp barylmalydyr. 

                                                                   

Welaýatlaryň häkimlerine ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň hem-de Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy. 

                                                                   

12-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ji Kýu-Tegi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde okgunly ösüşe eýedigi bellenildi, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerindäki netijeli gatnaşyklar köptaraplaýyn esasdaky üstünlikli dialogyň mysalydyr. Soňky ýyllarda köpugurly türkmen-koreý gatnaşyklarynyň üstüni ýetirýän parlamentara hyzmatdaşlyk işjeňleşdirildi. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanyň bu ulgamda esasy hyzmatdaşlarynyň biridigi, bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk we saglygy goraýyş ulgamlarynda özara gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi. 

                                                                   

13-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň günbatar sebitine iş saparyny amala aşyryp, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz Gyzylarbat etrabyndaky “Batly-Gadam” hususy kärhanasynyň ekerançylyk meýdanynyň daýhany, ýolbaşçysy, şeýle hem Gyzylarbat etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatory bilen söhbetdeş bolup, olaryň iş şertleri, bugdaý meýdanlarynyň hasyllylygy we maşgala ýagdaýlary bilen gyzyklandy, obasenagat toplumyna hususyýetçiligiň işjeň çekilmegi netijesinde öndürilýän önümleriň mukdarynyň artýandygyny aýratyn belledi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz daýhanlaryň iş şertleriniň yzygiderli gowulandyryljakdygyny aýtdy. Döwletimiz bu pudaga täze tehnologiýalary we ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmagy dowam etdirer, ekerançylaryň işini ýeňilleşdirmek meseleleri bolsa hemişe üns merkezinde saklanar. 

                                                                   

15-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, “Semena” assosiasiýasynyň prezidenti Iwan Kuzmini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda bar bolan kuwwaty we milli obasenagat toplumynyň öňünde goýlan esasy wezipeleri nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şeýle hem hünär derejesini ýokarlandyrmak we ugurdaş işgärleri taýýarlamak boýunça yzygiderli esasda okuwlary guramak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. 

                                                                   

16-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi we Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Hökümetiň mejlisiniň gün tertibine halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak bilen bagly meseleler girizildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ugurlarda ägirt uly üstünlikleriň gazanylandygyny, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi üçin giň gerimli maksatnamalaryň amala aşyrylandygyny belledi. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär, ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň düzümini gowulandyrmak hem-de depginli ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Munuň aýdyň mysallarynyň biri hökmünde türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda gurluşygyna badalga berlen Arkadag şäherini görkezmek bolar. Ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäherde alnyp barlan işler dünýä ülňülerine laýyk gelýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Arkadag şäheri häzirki zamanyň ýaşamak we işlemek, dynç almak üçin iň amatly, kämil şäherleriniň biri boldy. Arkadag şäheriniň döwletimiz we halkymyz üçin örän möhüm syýasy, ykdysady, durmuş ähmiýetiniň bardygyna üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häzirki zaman tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenler bilen berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen işleriň dowam etdiriljekdigini belledi. 

                                                                   

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň döwlet ähmiýetli ilkinji şäherini ekologik taýdan arassa, dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürmäge, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen Kararlaryň birnäçesine gol çekdi. 

                                                                   

Ýygnananlary we halkymyzy ýetip gelýän mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyz 28-29-30-njy iýunda ýurdumyzda Gurban baýramyny bellemek hakynda Permana, 29-njy iýunda Arkadag şäheriniň açylyşyny ýokary derejede hem-de guramaçylykly geçirmek hakynda Karara gol çekdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisi tamamlanandan soňra, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ýadygärlik ýazgyly gutujygy ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek desgalaryň biriniň düýbüne atdy. Täze guruljak binanyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny oklan döwlet Baştutanymyz, halkymyzyň asylly däbine eýerip, bu beýik başlangyja ak pata berdi. 

                                                                   

Dabaranyň dowamynda şäheriň edara-kärhanalaryna elektrobuslar we elektromobiller, jemagat hojalygynyň tehnikalary hem-de gulluk awtoulaglary sowgat berildi. 

                                                                   

Türkmenistandaky ilkinji “akylly” şäher — Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna girizilendigini bellemelidiris. Munuň özi bu ýerde alnyp barylýan işleriň halkara derejede ykrar edilýändigini tassyklaýar. 

                                                                   

Dabaradan soňra, milli däp-dessurlara eýerilip, toý sadakasy berildi. Çärelere gatnaşanlaryň ählisine “Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy” atly kitap sowgat gowşuryldy. Onda gaznanyň alyp barýan işi baradaky maglumatlar jemlenýär. 

                                                                   

Bu möhüm wakadan birnäçe gün öň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäherde we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy. Iş saparynyň barşynda Gahryman Arkadagymyz halkalaýyn ýoluň abadanlaşdyrylyşy, ýol-ulag düzümleriniň desgalarynyň netijeli hyzmat etmegi üçin döredilen şertler, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň açylyş dabarasyna taýýarlyk meseleleri, täze şäheriň elektrobuslarynyň we elektrotaksileriniň degişli derejede saklanmagy, olara tehniki hyzmatlaryň ýola goýulmagy babatda ähli zerur şertler göz öňünde tutulan ýolagçy ulaglaryň jemlenýän duralgasynyň gurluşy, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň binalarynyň bir bitewi sazlaşygyny emele getirmäge gönükdirilen işler bilen ýakyndan tanyş boldy. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri döwlet ähmiýetli şäheriň açylyşy mynasybetli çäreleriň şatlyk-şowhuna beslenip geçirilmeginiň möhümdigini belledi. Açylyş dabaralary Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça gurlan, ahalteke bedewlerine ählihalk söýgüsiniň nyşanyna öwrülen Akhan atly bedewiň binasynyň ýanynda badalga alar. 

                                                                   

14-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyna iş saparyny amala aşyryp, obasenagat toplumynyň düzümleriniň sazlaşykly işiniň üpjün edilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy. “Bugdaýly tejribe-tohumçylyk” daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanynyň ýanynda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyza iş sapary bilen gelen GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, “Semena” assosiasiýasynyň prezidenti I.Kuzmin bilen duşuşdy. 

                                                                   

Myhman bilen geçirilen söhbetdeşlikde ýurdumyzda obasenagat toplumynyň düzümleriniň işini häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, pudaga ylmyň täze gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine üns berildi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow daýhan birleşiginiň kärendeçisi we mehanizatory bilen gürrüňdeş bolup, olaryň iş şertleri, maşgala durmuşy, ekin meýdanlarynyň ýagdaýy bilen gyzyklandy, daýhanyň haýyşy boýunça kemsiz ýetişen ak bugdaýdan bir desse orup, bugdaý oragyna başlamaga ak pata berdi. 

                                                                   

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde gurnalan bassyrmanyň saýasynda degişli ýolbaşçylar we ýurdumyzda bolýan myhmanlar bilen oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary, hojalygy dolandyrmagyň täzeçil usullary bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. 

                                                                   

Ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissary Kaýrat Abdrahmanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen Mejlisde geçirilen duşuşyk geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda boldy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň arasynda giň ugurlardaky, şol sanda syýasy, ykdysady, ekologiýa we adam ölçegleri boýunça netijeli hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy. ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň ýurdumyza saparynyň çäklerinde Daşary işler ministrliginde, başga-da birnäçe ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda duşuşyklar geçirildi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine 2021 — 2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa geňeşiniň Ýerine ýetiriji komissiýasynyň agzasy hökmünde ýerine ýetiren işleri baradaky hasabat girizildi. 

                                                                   

Şeýle hem ýurdumyzyň bu iri halkara guramanyň düzüminde eýeleýän ornuny berkitmek, halkara ylmy hyzmatdaşlygy giňeltmek, sanly taslamalarda we maglumat alyş-çalşygynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ýaly möhüm meselelere seredildi. 30 ýylyň içinde bilelikde durmuşa geçirilen işleriň, medeni-ynsanperwer ulgamda, taryhy ýadygärlikleri gorap saklamakda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine aýratyn üns çekildi. 

                                                                   

Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Huri bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda ýurdumyz bilen BMG-niň bu iri ýöriteleşdirilen düzüminiň arasyndaky özara gatnaşyklaryň anyk ugurlaryna garaldy. 

                                                                   

Her ýylyň 12-nji iýunynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli paýtagtymyzda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Foruma ýurdumyzyň alymlaryndan başga-da Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Wýetnamyň, Russiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Ýaponiýanyň we beýleki ýurtlaryň ylmy toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. 

                                                                   

Çykyşlar, esasan, nano we himiýa tehnologiýalary, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika ýaly ugurlarda alnyp barylýan ylmy barlaglar barada boldy. Saglygy goraýyş we derman senagaty, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamlarynda işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly meselelere aýratyn ähmiýet berildi. Foruma gatnaşan daşary ýurtly alymlar türkmen kärdeşleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassyklap, milli ösüş maksatnamalarynyň ileri tutulýan ugurlary bilen baglylykda, bu gatnaşyklary ösdürmegiň ýollary barada pikir alyşdylar. 

                                                                   

Ylymlar güni mynasybetli dabaralaryň çäklerinde ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň ylmy işler boýunça bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. 

                                                                   

Geçen hepdede “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza — 2023” atly halkara tans we folklor festiwaly hem-de «Folklor döredijiliginiň we halk tansynyň dessurlary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan çärä halkara guramalaryň, ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Eýrandan, Hindistandan, Gazagystandan, Hytaýdan, Täjigistandan, Russiýadan, Rumyniýadan, Özbegistandan alymlar we hünärmenler, medeniýet işgärleri, sahna ussatlary gatnaşdylar. Medeni forumyň çäklerinde döredijilik duşuşyklary, horeografiýa boýunça ussatlyk sapaklary, döredijilik, tans we folklor toparlarynyň köpöwüşginli çykyşlary guralyp, olarda saz sungatynyň, milli däp-dessurlaryň gaýtalanmajak nusgalary öz beýanyny tapdy. 

                                                                   

Geçen hepde hormatly Prezidentimiz birnäçe resminamalara gol çekdi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Perman, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumynyň taslamasyny düzmek we gurmak hakynda Karar bar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen, 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça “Ýol kartasy” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Ýaponiýanyň Osaka şäherinde 2025-nji ýylda geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek barada “Belli” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. 

                                                                   

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň syýasy, ykdysady ulgamlarda gazanan täze üstünliklerine beslendi. 

                                                                                                           

(TDH)

19.06.2023
Haýyr-sahawat gaznasy hakyndaky täze neşir — ynsanperwerlige we sogaply işlere çagyryş

Mälim bolşy ýaly, 16-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbi tutuldy. Şol dabaranyň öňüsyrasynda geçirilen Hökümetiň giňişleýin göçme mejlisinde döwlet Baştutanymyz «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly kitabyň çapdan çykandygyny habar berdi. Taryhy wakanyň şaýady bolan ildeşlerimiz bu täze neşiriň ilkinji okyjylary boldular. Şu günler ýurdumyzda türkmen, iňlis we rus dillerinde haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri giňişleýin beýan edilýän bu kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary giň gerim alýar. 

                                                                   

«Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik guramalary toplumynyň ýolbaşçylarynyňdyr işgärleriniň gatnaşmagynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalarynyň, Mejlisiň deputatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirildi. Dabaralarda çykyş edenler täze kitabyň sowgat berilmegi mynasybetli Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, bu neşir arkaly ýaş nesliň abadançylygy baradaky aladanyň döwletimiziň hem jemgyýetimiziň ileri tutýan wezipesi bolup durýandygyna aýdyň göz ýetirip bolýandygyny aýratyn nygtadylar. Giň okyjylar köpçüliginde gyzyklanma döretjek täze kitap «Gurplulygyň öz şertleri bar», «Beren eliň berekedi artar», «Durmuşyň gymmatlygy — saglyk», «Hossarlyk — öçmez umyt», «Howandarlyk jebisligi döredýär» atly bölümlerden ybarat bolup, olaryň her biri aýratyn ugra bagyşlanandyr. Çykyş edenler neşiriň elimize gowşan günündäki taryhy wakanyň — Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüniň tutulyş dabarasynyň ähmiýetine üns çekip, munuň döwletimiziň ykdysady kuwwatyny giňden açyp görkezýändigini, ildeşlerimiziň bagtyýar döwrümize buýsanjyny has-da artdyrýandygyny bellediler. 

                                                                   

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde guralan tanyşdyrylyş dabaralarynyň ýene biri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli «Arkadag şäheri — durmuşyň we döredijiligiň amatly gurşawy we kämil şäheri» diýen at bilen geçirilen maslahat bilen utgaşdy. Bu ýerde çykyş edenleriň käbiri täze kitapdaky: «Bagtly bolmak hukugy sözüň doly manysyndaky ruhy ahwaldyr, beýik derejedir. Çünki hyýallary hakykata öwürýän güýji döredýän hem adamlardyr. Hossarlyga almak, mätäje kömek etmek ýörelgeleri adamkärçilige mahsus sypatlar hökmünde ir döwürlerden bäri bellidir. Sebäbi hakyky adam bolmagyň manysy hem mätäje edilýän goldawda, ejize hemaýat goluňy uzatmakda ýüze çykýar» diýen sözleri mysal getirip, onuň her bir ynsanda adamkärçilik duýgusyny artdyrmakda, halkymyzyň gadymdan gelýän ruhy-ahlak ýörelgelerini ösdürmekde örän ähmiýetli neşire öwrüljekdigine ynam bildirdiler. 

                                                                   

«Ejizi goldamak, mätäje hemaýat etmek pederlerimiziň iň naýbaşy adamkärçilik pentleriniň we däpleriniň biridir» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň 2021-nji ýylyň 29-njy martynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakynda taryhy Karara gol çeken pursatlaryndan bäri entek uzak wagt geçmedigem bolsa, bu gaznanyň serişdeleriniň hasabyna geçirilýän netijeli işler nijeme ojaga, howandarlyga, goldawa mätäç nijeme çaganyň kalbyna sahawat nuruny eçildi. Geljegimiz bolan ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kadaly ösüşini üpjün etmek baradaky aladalaryň ählisiniň Milli Liderimiziň alyp barýan ynsanperwer işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyndan ugur alnyp, haýyr-sahawat gaznasyna Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy. Bu gün biziň hemmämiz ýurdumyzda howandarlyk, hemaýat, haýyr, sahawat ýaly durmuşy gözelleşdirýän asylly ýörelgeleriň has-da rowaçlanýandygynyň şaýady bolýarys. Kitabyň «Gurplulygyň öz şertleri bar» diýen bölüminde nygtalyşy ýaly, gaznanyň açylmagy ýurduň her bir raýatynyň haýyr-sahawat etmegine hem mümkinçilik döredýär. Ilatyň agramly böleginiň hossarlyk goluny uzatmaga gurbunyň çatýandygyny görkezýär. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen ilkinji günlerinde işleriň nirede, haýsy ugurlarda alnyp barylmagynyň maksadalaýyk boljakdygy kesgitlenildi. Gaznanyň işi näçe giň gerim aldygyça, haýyr-sahawat edýänleriň sany hem köpeldi. Netijede, howandarlyga mätäç raýatlar özlerine gerekli kömegi alýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän gaznanyň döredilenden bäri geçen gysga döwrüň dowamynda onuň serişdeleriniň hasabyna operasiýalaryň onlarçasynyň geçirilendigini, şolaryň aglabasynyň bolsa doga ýürek kemisliginden ejir çekýän çagalarda ýerine ýetirilen operasiýalardygyny aýratyn nygtamak gerek. Gaznadan howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmäge, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän hem bilim alýan ýaşajyk ildeşlerimiziň bejergi almaklary, lukmançylyk maksatly serişdeleri satyn almaklary üçin pul serişdeleriniň bölünip berilmegi yzygiderli häsiýete eýe boldy. Şu geçen döwrüň içinde hossarsyz çagalara we mätäçlik çekýän maşgalalaryň çagalaryna geçirilen ýürek, bogun, göz operasiýalary maliýeleşdirildi. Geçen ýyl haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Diýarymyzyň welaýatlarynyň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine «Tiz kömek» awtoulaglary sowgat berildi. 

                                                                   

Şu ýylyň dowamynda gaznanyň serişdeleriniň hasabyna doganlyk Türkiýede bolup geçen pajygaly ýertitremede ejir çeken çagalara, şeýle hem Ukrainanyň çagalaryna niýetlenen degişli ýükleriň ugradylmagy bolsa onuň işiniň çäginiň barha giňeýändigini görkezýär. Munuň özi gaznanyň işiniň diňe bir ýurdumyzyň hemaýata mätäç çagalaryna däl, eýsem, zerur bolan halatynda, dünýä ýurtlarynyň ejir çeken çagalaryna hemaýat bermek maksadyny hem öz içine alýandygyny tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyz hem Arkadagly Serdarymyz şunuň ýaly halkara ähmiýetli ynsanperwerlik kömeklerini bermegiň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belleýärler.   

                                                                   

Täze kitapda nygtalyşy ýaly, haýyr-sahawat gaznasy tutuş jemgyýetiň ynsanperwerlikli gatnaşyklaryny alamatlandyrýar. Ejizi goldamak ýeke bir adamyň wezipesi däl, ol tutuş jemgyýetiň, döwletiň wezipesidir. Şoňa görä-de, pederlerimiziň ejize howandarlyk etmek däpleri we kadalary döwlet syýasatymyzda-da öz beýanyny tapýar. Bu gün türkmen jemgyýetinde birek-biregi goldamak ýörelgesi agzybirligiň, raýdaşlygyň binýady bolup, halkymyzy has-da jebisleşdirýär. Biz hem ýurdumyzda haýyr-sogaply işleriň amal edilmegine giň gerim beren Gahryman Arkadagymyzyň, täze taryhy döwürde şol asylly işleriň dowamat-dowam bolmagy ugrunda tagalla edýän Arkadagly Serdarymyzyň döwletli başlangyçlarynyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. 

                                                                                                           

Aýgül RAHYMOWA.

                       

“Türkmenistan”.

19.06.2023
Netijeli işler durmuşa geçirilýär

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek­de, yl­myň ga­za­nan­la­ry­ny önüm­çi­li­ge giň­den or­naş­dyr­mak­da, söw­da-se­na­gat, oba ho­ja­lyk, ulag-ara­gat­na­şyk, ylym-bi­lim we beý­le­ki ul­gam­la­ry in­no­wa­sion esas­da alyp bar­mak­da ne­ti­je­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti san­ly­laş­dyr­mak, bu pu­da­gyň iş­gär­ler kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­mak, döw­let do­lan­dy­ry­şy­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak üçin elekt­ron we yl­my ul­ga­my öz­leş­dir­mek, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň hem-de ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni çek­mek ar­ka­ly pu­dak­la­ry döw­re­bap­laş­dyr­mak me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. 

                                                                   

«Türk­me­nis­tan­da 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­nyň» dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýar. Bu Kon­sep­si­ýa­da ýur­du­my­zy san­ly ul­gam esa­syn­da ös­dür­me­giň mak­sa­dy, we­zi­pe­le­ri we esa­sy ugur­la­ry kes­git­le­nen­dir. Kon­sep­si­ýa­ny ama­la aşyr­ma­gyň çäk­le­rin­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ryn­da eda­ra­la­ryň, kär­ha­na­la­ryň, gu­ra­ma­la­ryň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak we ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny kä­mil­leş­dir­mek, şeý­le hem ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak hem-de tej­ri­be­li mil­li we hal­ka­ra bi­ler­men­le­ri­ni işe çek­mek bo­ýun­ça iş­le­riň ge­çi­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar. Ýur­du­myz­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek hem-de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ry­ny ýe­ke-täk san­ly ul­ga­ma bi­rik­dir­mek, eda­ra­la­ryň, kär­ha­na­la­ryň we gu­ra­ma­la­ryň san­ly ul­ga­ma geç­me­gi bi­len bag­ly iş­ler top­lum­la­ýyn hä­si­ýe­te eýe bo­lup, dür­li ugur­lar bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýar. 

                                                                   

Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa­syn­da yl­ma da­ýan­ýan, dün­ýä ba­za­ryn­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly bo­lan önüm­le­ri ön­dür­mek we­zi­pe­si­ne aý­ra­tyn orun de­giş­li bo­lup, tä­ze bi­lim­le­riň we teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň öz­leş­di­ril­me­gi, şeý­le-de ola­ryň döw­le­tiň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň bäh­bi­di­ne ula­nyl­ma­gy dün­ýä ho­ja­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň tut­ýan or­nu­ny kes­git­le­ýän gör­ke­zi­ji­ler­dir. 

                                                                   

Hä­zir­ki dö­wür­de döw­le­ti­mi­ziň hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len ägirt uly öz­gert­me­le­riň yl­my taý­dan düýp­li esas­lan­dy­ryl­ma­gy wa­jyp bo­lup dur­ýar. Yl­my önüm­çi­lik bi­len berk bag­la­nyş­dyr­mak, önüm­çi­li­ge yl­myň ga­za­nan­la­ry­ny we öň­de­ba­ry­jy dün­ýä tej­ri­be­si­ni giň­den or­naş­dyr­mak esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir. Döw­let dur­mu­şy­nyň äh­li ul­gam­la­ry­nyň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi­niň bin­ýa­dy bo­lan ýo­ka­ry hil­li bi­lim ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni üs­tün­lik­li ös­dür­me­giň mö­hüm dü­züm bö­le­gi­dir. El­bet­de, ýur­du­myz­da dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän hä­zir­ki za­man düýp­li ylym ul­ga­my­ny dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­len yl­my-teh­ni­ki sy­ýa­sat yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li ugur­la­ry­na tä­ze, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we in­no­wa­si­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak­dan, ylym we teh­ni­ka ba­bat­da öň­de du­ran mak­sat­na­ma­la­ry­my­zy üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek­den yba­rat­dyr. 

                                                                   

Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek­de oňa san­ly ul­ga­my giň­den or­naş­dyr­mak şu gü­nüň gaý­ra­go­ýul­ma­syz we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri­dir. Hä­zir­ki za­man mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň iň soň­ky ga­za­nan­la­ry­na esas­lan­ýan ösen yk­dy­sa­dy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek­de bäs­le­şi­ge ukyp­ly san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek ze­rur. Ba­za­ryň bar­ha art­ýan ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän howp­suz, yg­ty­bar­ly we bäs­deş­li­ge ukyp­ly mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň üp­jün­çi­lik ul­ga­my­ny dö­ret­mek ýur­duň san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te üs­tün­lik­li geç­me­gi­niň gi­re­wi bo­lup dur­ýar. 

                                                                   

In­no­wa­sion müm­kin­çi­lik­le­riň art­dy­ryl­ma­gy, il­kin­ji no­bat­da, yl­myň ga­za­nan­la­ry­ny önüm­çi­li­ge or­naş­dyr­ma­ga iter­gi ber­mek bi­len, tä­ze se­na­gat kär­ha­na­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­niň baş şer­ti bo­lup dur­ýar. In­no­wa­sion kär­ha­na­la­ryň dö­re­dil­me­gi di­ňe bir içer­ki ba­za­ryň şeý­le önüm­le­re bo­lan is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­man, eý­sem, je­mi içer­ki önüm­de in­no­wa­sion önüm­le­riň möç­ber­le­ri­niň art­ma­gy­na, ne­ti­je­de, ýur­du­my­zyň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­na hem ýar­dam ber­ýär. Şeý­le hem, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň esa­syn­da dö­re­di­len kär­ha­na­la­ryň sa­ny­nyň art­ma­gy tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ne, ila­tyň iş bi­len üp­jün­çi­lik de­re­je­si­niň go­wu­lan­ma­gy­na öz oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Ýur­du­myz­da şeý­le kär­ha­na­lar, önüm­çi­lik­ler, dü­züm­ler yzy­gi­der­li dö­re­dil­ýär. Bu bol­sa san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň hü­när­men we ylym-bi­lim üp­jün­çi­li­gi­ni ös­dür­mek, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li pu­dak­la­ryn­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry giň­den or­naş­dyr­mak we­zi­pe­le­rini öň ha­ta­ra çy­kar­ýar. Şo­nuň üçin býu­jet ul­ga­myn­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň pa­ýy­ny art­dyr­mak, ýag­ny «san­ly bi­lim», «san­ly sag­ly­gy go­ra­ýyş», «elekt­ron res­mi­na­ma­lar do­la­ny­şy­gy», «elekt­ron gör­nüş­de döw­let hyz­mat­la­ry», «ma­li­ýe iş­le­ri­ni aw­to­mat­laş­dyr­mak — me­ýil­na­ma­laş­dy­ryş we ha­sa­bat­ly­lyk ul­gam­la­ry» ýa­ly ugur­la­ry kä­mil­leş­dir­mek esa­sy we­zi­pe­ler hök­mün­de öňe çyk­ýar. 

                                                                   

Bu­lar­dan baş­ga-da, ýur­du­my­zyň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­ne san­ly ul­gam iş­jeň or­naş­dy­ryl­ýar. Bu gün elekt­ron ne­şir­ler met­bu­gat ne­şir­le­ri bi­len üs­tün­lik­li bäs­deş­lik ed­ýär we bar­ha meş­hur­ly­ga eýe bol­ýar. Hä­zir­ki za­man köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň in­te­rak­tiw we mul­ti­me­dia usul­la­ry­ny ulan­ma­gy ola­ryň ta­pa­wut­ly aý­ra­tyn­ly­gy­dyr. Ýur­du­my­zyň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň oky­jy­lar we ula­ny­jy­lar üçin el­ýe­ter­li bol­ma­gyn­dan baş­ga-da, in­ter­net gi­ňiş­li­gi­niň ul­ga­my hal­ka­ra bi­le­le­şi­giň ýur­du­my­zyň ýe­ten de­re­je­si ba­ra­da mag­lu­mat bi­len üp­jün­çi­li­gi­niň de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. 

                                                                   

Umu­man, ýur­du­myz­da san­ly ul­ga­myň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ry­nyň ösü­şi­ne uly iter­gi ber­ýär. «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­syn­da» göz öňün­de tu­tu­lan we­zi­pe­le­r üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Mu­nuň özi uzak möh­let­le­ýin yk­dy­sa­dy ösü­şi we ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­li­gi ga­zan­ma­ga, ýur­du­my­zyň je­mi içer­ki önü­mi­niň dü­zü­min­de mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň pa­ýy­ny art­dyr­ma­ga, döw­let do­lan­dy­ry­şy­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, esa­sy önüm­çi­lik-yk­dy­sa­dy iş­le­riň äh­li gör­nüş­le­ri­ni aw­to­mat­laş­dyr­ma­ga we mer­kez­leş­di­ri­len ter­tip­de do­lan­dyr­ma­ga, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly pu­dak­lar­da tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mä­ge, şeý­le hem hal­kyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şer­ti­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. 

                                                                                                           

Ga­ýyp­sä­het ORAZ­SÄ­HE­DOW,

                       

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let hu­kuk we de­mok­ra­ti­ýa ins­ti­tu­ty­nyň iş­gä­ri.

14.06.2023
Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatyna iş sapary

Balkan welaýaty, 13-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň günbatar sebitine iş saparyny amala aşyryp, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, ýurdumyzyň Balkan welaýatynda hem oba hojalygy pudagynda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şol özgertmeler bolsa welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. Şunda oba zähmetkeşleriniň netijeli işiniň ýola goýulmagyna zerur üns berilýär. Daýhanlar ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler, döwrebap oba hojalyk tehnikalary bilen doly üpjün edilýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmek meselesine berýän hemişelik ünsi bugdaýyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberleriniň artdyrylmagyna ýardam edýär. 

                                                                   

 Ir bilen hormatly Prezidentimiziň dikuçary paýtagtymyzdan Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyna tarap ugur aldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaýyn işleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagy ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy. Obasenagat toplumynyň düzümleriniň hem-de hyzmat edýän pudaklaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, döwrebaplaşdyrylmagyna, elewatorlaryň, gaýtadan işleýän oba hojalyk kärhanalarynyň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň, suw hojalyk desgalarynyň gurluşygyna maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. 

                                                                   

Bu işler ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berýär. Oba hojalygyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. 

                                                                   

 Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Gyzylarbat etrabyndaky “Batly-Gadam” hususy kärhanasynyň bugdaý meýdanynyň ýanyna gondy. 

                                                                   

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradow we Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew mähirli garşyladylar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen, gözüňi dokundyrýan bugdaý başlarynyň tolkun atýan meýdanlaryny, şeýle hem galla oragyna girişmek üçin bu ýerde hatara düzülen kombaýnlary synlady. 

                                                                   

Ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak, oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek, bu ugurdaky işleri döwrebap usulda guramak we pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmek işleri maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar, olar üçin oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça ýörite ýer gaznalary yzygiderli döredilýär. 

                                                                   

Bulardan başga-da, oba hojalyk önümlerini öndürijilere dünýäde meşhur kompaniýalaryň ýokary öndürijilikli tehnikalarydyr gurallaryny, önümçilik kärhanalary üçin döwrebap enjamlary satyn almaklary hem-de önümçilige öňdebaryjy tejribeleri we tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Oba hojalygynda iş alyp barýan hususy önüm öndürijiler üçin amatly şertleri döretmäge we olary maliýe taýdan goldamaga hem uly ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Obasenagat toplumyndaky özgertmeler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň önüm öndürijilerini hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen çuňňur oýlanyşykly strategiýasynyň aýrylmaz bölegidir. Netijede, türkmen telekeçileri täze ýerleri özleşdirmegiň, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň hasabyna oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin uly tagallalary edýärler. Şeýlelikde, azyk bolçulygy üpjün edilýär hem-de halkymyzyň we her bir maşgalanyň abadançylygy ýokarlandyrylýar. 

 Şu ýyl Balkan welaýatynyň ekerançylyk meýdanlaryna ak bugdaýyň bol hasyl berýän görnüşleri ekildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine berýän goldawy netijesinde, galla oragy möwsüminde “John Deere” we “Сlaas” ýaly meşhur kompaniýalaryň häzirki zaman galla orujy kombaýnlary netijeli ulanylýar. Bu tehnikalar gije-gündizleýin tertipde işledilip, ekerançylara ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamaga ýardam berýär. 

                                                                   

Soňra bu ýerde döwlet Baştutanymyz “Batly-Gadam” hususy kärhanasynyň ekerançylyk meýdanynyň daýhany G.Amanmyradow bilen söhbetdeş boldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz daýhanyň iş şertleri, maşgala ýagdaýy we kärende ýerinde ösdürip ýetişdirýän ekinleriniň görnüşi hem-de galla meýdanlarynyň hasyllylygy bilen gyzyklandy. 

                                                                   

Zähmetsöýer gallaçy topraga yhlas edip öndürijilikli zähmet çekmek, ýerden bol hasyl almak ugrunda döwlet tarapyndan ähli zerur goldawlaryň berilýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol 23 ýyldan bäri daýhançylyk bilen meşgullanýandygyny, şu ýyl 25 gektar meýdandan 112,5 tonna bugdaý hasylyny almagy meýilleşdirýändigini aýtdy.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň kärendeçileri zerur dökün, ýokary hilli tohum bilen üpjün edýändigini, olaryň netijeli zähmet çekmekleri üçin oňaýly şertleri döredýändigini nygtady. Şunuň bilen birlikde, bu asylly işe jogapkärli çemeleşmegiň türkmenleriň öňden gelýän ekerançylyk däbidigi bellenildi. Munuň özi ösüp gelýän nesli terbiýelemekde möhüm orun eýeleýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşant goşýan daýhanlaryň iş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy, pudaga täzeçil tehnologiýalaryň, häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, iň esasysy bolsa, daýhan zähmetiniň höweslendirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň elmydama gözegçilikde saklanjakdygyny aýtdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz daýhana alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlik arzuw etdi we ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine goşýan goşandyna minnetdarlygyň nyşany hökmünde oňa sowgatlaryny gowşurdy. 

                                                                   

Öz nobatynda, ekerançy G.Amanmyradow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ekerançylyk meýdanlaryny netijeli peýdalanmak, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, öndürijilikli zähmet çekmek ugrunda döredilýän şertleriň daýhanlary zähmet ýeňişlerine, täze üstünliklere ruhlandyrýandygyny buýsanç bilen belledi. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz kärendeçiniň haýyşy boýunça “Bismilla” diýip, daýhan yhlasy bilen birkemsiz hasyl toplan bugdaýyň bir dessesini ordy we galla oragyna ak pata berdi hem-de bol hasyl öndürmegi arzuw etdi. 

                                                                   

Şu pursatda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda netijeli işledilýän kuwwatly “John Deere” hem-de “CLAAS” kysymly tehnikalary ussatlyk bilen dolandyrýan mehanizatorlar bereketli hasylyň oragyna girişmäge taýýar bolup durýar. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Balkan welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Gyzylarbat etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatory S.Ödäýew bilen gürrüňdeş bolup, onuň iş şertleri we tejribesi, maşgala ýagdaýy, bugdaý meýdanlarynyň hasyllylygy bilen gyzyklandy. 

                                                                   

Mehanizator döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, döwrebap tehnikalar, oba hojalyk gurallary bilen üpjün etmek ugrundaky tagallalary, netijeli işlemek hem-de ýetişdirilen bol bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almak üçin döredilýän amatly şertler üçin hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň obasenagat toplumynda belent sepgitlere ýetilýändigini nygtady. Döwlet tarapyndan dünýäniň iri önüm öndürijileriniň häzirki zaman oba hojalyk tehnikalarynyň satyn alynmagy daýhanlara ekiş möwsümini gysga möhletde geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu ugurda görülýän çäreler yzygiderli häsiýete eýe bolar. 

                                                                   

 Döwlet Baştutanymyz çekýän asylly zähmetine minnetdarlygyň nyşany hökmünde mehanizatora öz sowgatlaryny gowşurdy. 

                                                                   

Mehanizator öndürijilikli zähmet çekmek ugrunda döredilýän şertleriň täze üstünliklere ruhlandyrýandygyny we mundan beýläk-de halal zähmetini gaýgyrmajakdygyny aýdyp, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi hem-de eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine geljekde-de tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Obasenagat toplumyna gelip gowuşýan galla kombaýnlarynyň enjamlaşdyrylyş derejesiniň, olaryň öndürijilik kuwwatynyň ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelýändigini bellemek gerek. Bu kombaýnlar ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän derejede bolup, olaryň öndürijiligi ýokary görkezijilere eýedir. Sanly ulgam arkaly dolandyrylýan kombaýnlarda mehanizatorlaryň öndürijilikli işiniň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýeti bolan ähli zerur şertler göz öňünde tutulypdyr. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegi, ýetişdirilen hasylyň gysga wagtda we ýokary hilli ýygnalyp alynmagy ugrunda edýän yzygiderli tagallasynyň aýdyň netijesidir. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz galla oragyna girişen kombaýnlaryň sazlaşykly hereketini synlady. Galla meýdanlarynyň aňyrsyna göz ýetmeýän giňişligi daýhanlarymyzyň şu ýylky yhlasynyň ýerine düşendigine şaýatlyk edýär. Altynsow başlaryny şemala ygşyldadyp oturan galla meýdanlary halkymyzyň saçagynyň egsilmez berekediniň nyşany bolup görünýär. 

                                                                   

Ekerançylaryň tutanýerli zähmeti bilen ýetişdirilen bol hasyly ýygnamagyň ýokary depginleri ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek we ilatyň azyk önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak boýunça çäreleriň netijeliliginiň aýdyň görkezijisidir, şeýle hem öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň baş şertidir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtda öňde duran möhüm wezipe galla oragy möwsümini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmekden ybaratdyr. Munuň özi sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen işleriň netijeli bolmagyny üpjün eder. 

                                                                   

Garaşsyz döwletimiziň her bir raýatyna, şol sanda türkmen daýhanyna işlemäge, döretmäge, toprakdan bol hasyl öndürip, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge, halal zähmeti bilen eşretli durmuşda ýaşamaga ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz oba ýerlerinde durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagy, daýhanlaryň öndürijilikli zähmeti we Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda döwletimiziň geljekde-de alada etjekdigini aýtdy hem-de mehanizatora üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz oba hojalygynda netijeli iş alyp barýan “Batly-Gadam” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy A.Amanmämmedow bilen söhbetdeş boldy. Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde obasenagat toplumyna hususyýetçiligiň işjeň çekilmegi netijesinde öndürilýän önümleriň mukdarynyň artýandygyny kanagatlanma bilen belledi we telekeçileriň iş netijeliligini ýokarlandyrmak üçin olara döwletimiz tarapyndan zerur goldawlaryň yzygiderli beriljekdigini nygtady. 

                                                                   

Telekeçi oba hojalygynda işleýän hususy ulgamyň wekilleriniň adyndan bu ulgamy ösdürmäge berýän ünsi hem-de türkmen işewürlerine uly goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Bu ulgamda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň hasabyna daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge hem-de obasenagat toplumynyň eksport kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendir. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de kuwwatlanmagynda, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda has-da möhümdir. 

                                                                   

 Şeýle hem bu ýerde gök, bakja we miwe önümleriniň, dänelik ekinleriň tohumlarynyň, çörek we çörek önümleriniň sergisi guraldy. 

                                                                   

Görkezilýän önümleriň köpdürlüligi türkmen topragynyň bereketliliginiň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň netijesinde ata Watanymyzda ak bugdaýyň, gök-bakja önümleriniň, miweleriň we ir-iýmişleriň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär hem-de halkymyzyň rysgaly, her bir maşgala ojagynyň berekedi bolup saçaklarymyza dolýar. 

                                                                   

Ekerançylaryň ösdürip ýetişdirýän önümleri, esasan-da, galla önümleri ýokary hilli, ýokumlylygy, ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Munuň özi çogly güneşiň astynda türkmen topragynda ýetişýän önümleriň ähli görkezijiler babatda dünýä ölçeglerine laýyk gelýändigini aňladýar. 

                                                                   

 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

14.06.2023