Habarlar
Hormatly Prezidentimiz «Arkadag» myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

AŞGABAT, 29-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gün-günden gözelleşýän ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde bina edilen kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Şu ýyl bellenilýän şöhratly senä — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp ulanmaga berilýän täze, döwrebap binalar ýakynlaşyp gelýän ähmiýetli sene mynasybetli guralýan dabaralara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýýar.
Döwlet Baştutanymyzyň ulagy paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getiren kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň öňündäki meýdançada saklandy.
Şanly waka mynasybetli bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi ýygnandylar. Dabaranyň myhmanlarynyň hatarynda ýurdumyzda işleýän diplomatik we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary bar.
Hemmeler Türkmenistany ösüşiň täze belentliklerine çykaran ägirt uly özgertmeleriň başyny başlaýjy we ruhlandyryjysy bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy uly joşgun bilen garşyladylar.
Myhmanhana toplumynyň öňündäki meýdançada sungat ussatlarynyň belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Guralan dabara ýurdumyzyň meşhur döredijilik toparlary, görnükli artistler gatnaşyp, özleriniň ajaýyp ýerine ýetirijilik ussatlyklaryny görkezdiler we bu ýerde geçirilýän medeni köpçülikleýin çäräniň joşgunyny has-da artdyrdylar.
Esasy pursat gelip ýetýär: döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen täze binanyň toý bagyny kesýär. Uly dabara beslenen medeni çäreleriň utgaşmagynda “Arkadag” myhmanhanasy açyldy! Şu pursatda dürli reňkli howa şarlary asmana uçurylýar.
Aşgabatda durmuşa geçirilýän giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasy ýurdumyzyň baş şäheriniň Aziýanyň merjeni hökmündäki derejesiniň nobatdaky ykrarnamasyna öwrülýär. Gurluşyklaryň has batlanýan depgini milli ykdysadyýetimiziň barha berkeýän kuwwatyna şaýatlyk edýär. Munuň özi türkmen topragynyň ähli künjeklerinde milli Liderimiziň başlangyjy esasynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär.
Paýtagtymyzyň häzirki zaman binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getiren myhmanhana toplumy Aşgabadyň syýasy, diplomatik, ykdysady, işewürlik merkezi hökmündäki halkara derejesini has aýdyň ýüze çykarmaga gönükdirilendir.
Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasy tarapyndan gurlan “Arkadag” myhmanhanasy özboluşly bezegi, häzirki zaman binagärlik çözgütleri bilen haýran galdyrýar. Myhmanhana toplumy ýarym aýlaw görnüşinde bolup, onuň eýeleýän meýdany 220 müň inedördül metrden gowrakdyr.
14 gatly myhmanhananyň beýikligi — 76,5 metr. Ol uzynlygy 290 metr bolan merkezi binadan we oňa goşulýan iki binadan ybaratdyr. Merkezi bina goşulýan ganat görnüşdäki binalaryň her biriniň uzynlygy 134 metrdir.
Ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan hem-de durmuş we önümçilik maksatly binalaryň birnäçesiniň gurluşygyna gatnaşan “Bouygues Batiment International” kompaniýasynyň ýolbaşçysy milli Liderimiziň ýanynda bolup, binanyň gurluşygynda ulanylan täzeçil usullar, toplumyň binagärlik aýratynlyklary barada gürrüň berdi.
Toplumyň çäginden emeli derýanyň geçmegi bu taslamanyň esasy aýratynlyklarynyň biri bolup durýar. Derýanyň ugrunda dynç almak we gezelenç etmek üçin niýetlenen seýilgäh zolagy gurlupdyr.
Binanyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy, saýaly baglaryň, dürli gülleriň ekilmegi, şeýle hem dury suwly derýanyň geçmegi bilen bu ýerde jana ýakymly howa gurşawy emele geldi. Munuň özi Arkadag Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda paýtagtymyzda ýokary ekologiýa derejesiniň üpjün edilýändiginiň, şunlukda, adam hakdaky aladanyň esasy orunda durýandygynyň aýdyň beýanydyr.
“Ak öý” görnüşinde gurlan milli aşhana bu ýere gelýänleriň aýratyn ünsüni çekýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kaşaň myhmanhananyň içine girip, onuň otaglarynyň abadanlaşdyrylyşy, olarda dynç almak üçin döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy.
Myhmanhanada berkarar döwletimize gelýän myhmanlary milli myhmansöýerlik däpleri esasynda garşylamak üçin döredilen şertler ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelýär. Aýratyn-da, myhmanhananyň zallary milli aýratynlyklar esasynda bezelipdir. Bu ýerde milli sungatyň ajaýyp eserleri, halkymyzyň taryhyna, häzirki döwrüne we asyrlaryň dowamynda döreden dünýä nusgalyk gymmatlyklaryna degişli sungat eserleri myhmanhananyň esasy bezeg aýratynlyklaryny emele getirýär.
Bu ýerde belent mertebeli myhmanlary kabul etmek, olaryň oňat dynç almagy, dürli çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Ýaşaýyş otaglary bilen bir hatarda, maslahat zallary, restoranlar, dükanlar hem-de howuzlar we sport meýdançalary göz öňünde tutuldy.
Bu gün parahatçylygyň dostlukly ýollary Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi — Garaşsyz Türkmenistanyň üstünden geçýär. Bitarap Watanymyzda tutuş dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbidine sebit we halkara gatnaşyklar ösdürilýär.
Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda ulanylmaga berilýän täze toplumlar şanly senäniň hormatyna mynasyp baýramçylyk sowgady bolar. Bu desgalar güýçli depginler bilen ösýän ajaýyp paýtagtymyzyň görküni has-da artdyrar.
Şunuň bilen baglylykda, “Arkadag” myhmanhanasy-da Aşgabadyň beýleki myhmanhana toplumlary ýaly, myhmanlaryna hyzmatyň ýokary derejesini hödürlär. Onuň otaglary gelşikli hem-de oňaýly mebeller bilen üpjün edildi. Otaglaryň bezeg aýratynlyklary, onuň reňk sazlaşygy myhmanlar üçin ýakymly gurşawy döreder. Derejesine garamazdan, otaglaryň hemmesi myhmanhana hyzmatynyň ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelýär hem-de binanyň her gatynyň otaglary biri-birinden ähmiýetli aýratynlygy we göwrümi bilen tapawutlanýar.
Türkmenistanda syýahatçylyk we myhmanhana işewürlik düzümi döredilende, onda ýola goýulýan hyzmatlaryň binýadynda gadymy milli binagärlik ýörelgeleri ulanylýar.
Myhmanhanada adaty otaglar bilen bir hatarda, ýokary derejeli, has amatly otaglar bolup, olaryň bezeg aýratynlyklarynda nusgawy ýörelgeler häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyryldy. Munuň özi otaglaryň amatlylyk derejesini artdyrmak bilen birlikde, olaryň göze gelüwliligini ýokarlandyrýar.
Otaglara nepis halylaryň düşelmegi, diwarlarda türkmen tebigatyna, milli sungatymyza degişli surat eserleriniň goýulmagy myhmanhananyň bezeg işleriniň milli ýörelgelere laýyk gelýändigini görkezýär.
Myhmanhananyň 13-nji gatynda dynç almak we dabaraly çäreleri geçirmek üçin hemme şertler döredilen “Mekan” diýlip atlandyrylan restoran ýerleşýär. Özboluşly nusgawy görnüşli bezeg aýratynlyklary bolan restoranda myhmanlaryň gözel paýtagtymyzy hem-de Köpetdagyň ajaýyp gözelligini synlap bilmekleri üçin ýokary derejeli mümkinçilikler bar.
Mundan başga-da, myhmanhana toplumynda birnäçe restoranlar we çaýhanalar bar. Şeýle hem internet kafe, ýüzüş howzy bolan SPA zolaklary, saunalar, kosmetika otaglary, çagalar üçin niýetlenen oýun otaglary, myhmanhananyň üsti açyk çäklerinde sport meýdançalary myhmanlaryň hyzmatynda bolar.
Bu ýerde dürli derejedäki gepleşikleri geçirmek üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän birnäçe maslahat zallary göz öňünde tutulypdyr. Olaryň üpjünçilik derejesi, häzirki zaman tehnikalary we sanly ulgam bilen enjamlaşdyrylmagy halkara derejedäki çäreleri guramaga mümkinçilik berýär.
Bu gün paýtagtymyz dünýäniň owadan we ýaşamak üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň biri, sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezi hökmünde öz ornuny pugtalandyrdy. Munuň özi daşary ýurtly myhmanlary we syýahatçylary mynasyp garşylamak, iri çäreleri geçirmek üçin ähli şertleri döretmek maksady bilen, ýurdumyzyň myhmanhana işewürlik ulgamyna iň gowy tejribäni hem-de täze işläp düzmeleri çekmegiň zerurdygyny şertlendirýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz myhmanhananyň birinji gatyna düşdi we bu ýerde Hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
...Soňra döwlet Baştutanymyz we dabara gatnaşýanlar myhmanhananyň öňündäki meýdança çykýarlar. Bu ýerde sungat ussatlarynyň konserti boldy.
Belli aýdymçylar we sazandalar, döredijilik toparlary öz çykyşlarynda mähriban Watanymyzy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleri, täze taryhy eýýamyň döredijilik ruhuny we halkymyzyň agzybirlikde, bitewülikde ösüş ýolunda gazanýan ägirt uly üstünliklerini wasp etdiler. Belent ruha beslenen joşgunly tanslar bu ýerde dürli yşyklaryň hem-de sanly tehnologiýalaryň kömegi arkaly guralan özboluşly şekiller bilen utgaşdy. Munuň özi baýramçylyk çäresiniň ýatdan çykmajak pursadyna öwrüldi.
“Türkmeni arşa göteren Arkadag, uzak ýaşa!”, “Köşgi-eýwan gutly bolsun, Arkadag!” we “Arkadag” atly aýdymlar bu ýerde guralan şowhunly çäräniň dabarasyny has-da belende göterdi.
Asylly däbe görä, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly waka mynasybetli guralan feýerwerk täze myhmanhananyň depesinde bu günki dabaralaryň hormatyna altyn öwüşginli agşamyň ajaýyp bezegine öwrüldi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.



https://metbugat.gov.tm/blog?id=2757 

30.06.2021
Myhmansöýer paýtagtymyz täze binalar bilen has-da gözelleşýär

Hormatly Prezidentimiz “Arkadag” myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gün-günden gözelleşýän ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde bina edilen kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Şu ýyl bellenilýän şöhratly senä — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp ulanmaga berilýän täze, döwrebap binalar ýakynlaşyp gelýän ähmiýetli sene mynasybetli guralýan dabaralara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýýar.

Döwlet Baştutanymyzyň ulagy paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getiren kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň öňündäki meýdançada saklandy.

Şanly waka mynasybetli bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi ýygnandylar. Dabaranyň myhmanlarynyň hatarynda ýurdumyzda işleýän diplomatik we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary bar.

Hemmeler Türkmenistany ösüşiň täze belentliklerine çykaran ägirt uly özgertmeleriň başyny başlaýjy we ruhlandyryjysy bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy uly joşgun bilen garşyladylar.

Myhmanhana toplumynyň öňündäki meýdançada sungat ussatlarynyň belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Guralan dabara ýurdumyzyň meşhur döredijilik toparlary, görnükli artistler gatnaşyp, özleriniň ajaýyp ýerine ýetirijilik ussatlyklaryny görkezdiler we bu ýerde geçirilýän medeni köpçülikleýin çäräniň joşgunyny has-da artdyrdylar.

Esasy pursat gelip ýetýär: döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen täze binanyň toý bagyny kesýär. Uly dabara beslenen medeni çäreleriň utgaşmagynda “Arkadag” myhmanhanasy açyldy! Şu pursatda dürli reňkli howa şarlary asmana uçurylýar.

Aşgabatda durmuşa geçirilýän giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasy ýurdumyzyň baş şäheriniň Aziýanyň merjeni hökmündäki derejesiniň nobatdaky ykrarnamasyna öwrülýär. Gurluşyklaryň has batlanýan depgini milli ykdysadyýetimiziň barha berkeýän kuwwatyna şaýatlyk edýär. Munuň özi türkmen topragynyň ähli künjeklerinde milli Liderimiziň başlangyjy esasynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär.

Paýtagtymyzyň häzirki zaman binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getiren myhmanhana toplumy Aşgabadyň syýasy, diplomatik, ykdysady, işewürlik merkezi hökmündäki halkara derejesini has aýdyň ýüze çykarmaga gönükdirilendir.

Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasy tarapyndan gurlan “Arkadag” myhmanhanasy özboluşly bezegi, häzirki zaman binagärlik çözgütleri bilen haýran galdyrýar. Myhmanhana toplumy ýarym aýlaw görnüşinde bolup, onuň eýeleýän meýdany 220 müň inedördül metrden gowrakdyr.

14 gatly myhmanhananyň beýikligi — 76,5 metr. Ol uzynlygy 290 metr bolan merkezi binadan we oňa goşulýan iki binadan ybaratdyr. Merkezi bina goşulýan ganat görnüşdäki binalaryň her biriniň uzynlygy 134 metrdir.

Ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan hem-de durmuş we önümçilik maksatly binalaryň birnäçesiniň gurluşygyna gatnaşan “Bouygues Batiment International” kompaniýasynyň ýolbaşçysy milli Liderimiziň ýanynda bolup, binanyň gurluşygynda ulanylan täzeçil usullar, toplumyň binagärlik aýratynlyklary barada gürrüň berdi.

Toplumyň çäginden emeli derýanyň geçmegi bu taslamanyň esasy aýratynlyklarynyň biri bolup durýar. Derýanyň ugrunda dynç almak we gezelenç etmek üçin niýetlenen seýilgäh zolagy gurlupdyr.

Binanyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy, saýaly baglaryň, dürli gülleriň ekilmegi, şeýle hem dury suwly derýanyň geçmegi bilen bu ýerde jana ýakymly howa gurşawy emele geldi. Munuň özi Arkadag Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda paýtagtymyzda ýokary ekologiýa derejesiniň üpjün edilýändiginiň, şunlukda, adam hakdaky aladanyň esasy orunda durýandygynyň aýdyň beýanydyr.

“Ak öý” görnüşinde gurlan milli aşhana bu ýere gelýänleriň aýratyn ünsüni çekýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kaşaň myhmanhananyň içine girip, onuň otaglarynyň abadanlaşdyrylyşy, olarda dynç almak üçin döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy.

Myhmanhanada berkarar döwletimize gelýän myhmanlary milli myhmansöýerlik däpleri esasynda garşylamak üçin döredilen şertler ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelýär. Aýratyn-da, myhmanhananyň zallary milli aýratynlyklar esasynda bezelipdir. Bu ýerde milli sungatyň ajaýyp eserleri, halkymyzyň taryhyna, häzirki döwrüne we asyrlaryň dowamynda döreden dünýä nusgalyk gymmatlyklaryna degişli sungat eserleri myhmanhananyň esasy bezeg aýratynlyklaryny emele getirýär.

Bu ýerde belent mertebeli myhmanlary kabul etmek, olaryň oňat dynç almagy, dürli çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Ýaşaýyş otaglary bilen bir hatarda, maslahat zallary, restoranlar, dükanlar hem-de howuzlar we sport meýdançalary göz öňünde tutuldy.

Bu gün parahatçylygyň dostlukly ýollary Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi — Garaşsyz Türkmenistanyň üstünden geçýär. Bitarap Watanymyzda tutuş dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbidine sebit we halkara gatnaşyklar ösdürilýär.

Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda ulanylmaga berilýän täze toplumlar şanly senäniň hormatyna mynasyp baýramçylyk sowgady bolar. Bu desgalar güýçli depginler bilen ösýän ajaýyp paýtagtymyzyň görküni has-da artdyrar.

Şunuň bilen baglylykda, “Arkadag” myhmanhanasy-da Aşgabadyň beýleki myhmanhana toplumlary ýaly, myhmanlaryna hyzmatyň ýokary derejesini hödürlär. Onuň otaglary gelşikli hem-de oňaýly mebeller bilen üpjün edildi. Otaglaryň bezeg aýratynlyklary, onuň reňk sazlaşygy myhmanlar üçin ýakymly gurşawy döreder. Derejesine garamazdan, otaglaryň hemmesi myhmanhana hyzmatynyň ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelýär hem-de binanyň her gatynyň otaglary biri-birinden ähmiýetli aýratynlygy we göwrümi bilen tapawutlanýar.

Türkmenistanda syýahatçylyk we myhmanhana işewürlik düzümi döredilende, onda ýola goýulýan hyzmatlaryň binýadynda gadymy milli binagärlik ýörelgeleri ulanylýar.

Myhmanhanada adaty otaglar bilen bir hatarda, ýokary derejeli, has amatly otaglar bolup, olaryň bezeg aýratynlyklarynda nusgawy ýörelgeler häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyryldy. Munuň özi otaglaryň amatlylyk derejesini artdyrmak bilen birlikde, olaryň göze gelüwliligini ýokarlandyrýar.

Otaglara nepis halylaryň düşelmegi, diwarlarda türkmen tebigatyna, milli sungatymyza degişli surat eserleriniň goýulmagy myhmanhananyň bezeg işleriniň milli ýörelgelere laýyk gelýändigini görkezýär.

Myhmanhananyň 13-nji gatynda dynç almak we dabaraly çäreleri geçirmek üçin hemme şertler döredilen “Mekan” diýlip atlandyrylan restoran ýerleşýär. Özboluşly nusgawy görnüşli bezeg aýratynlyklary bolan restoranda myhmanlaryň gözel paýtagtymyzy hem-de Köpetdagyň ajaýyp gözelligini synlap bilmekleri üçin ýokary derejeli mümkinçilikler bar.

Mundan başga-da, myhmanhana toplumynda birnäçe restoranlar we çaýhanalar bar. Şeýle hem internet kafe, ýüzüş howzy bolan SPA zolaklary, saunalar, kosmetika otaglary, çagalar üçin niýetlenen oýun otaglary, myhmanhananyň üsti açyk çäklerinde sport meýdançalary myhmanlaryň hyzmatynda bolar.

Bu ýerde dürli derejedäki gepleşikleri geçirmek üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän birnäçe maslahat zallary göz öňünde tutulypdyr. Olaryň üpjünçilik derejesi, häzirki zaman tehnikalary we sanly ulgam bilen enjamlaşdyrylmagy halkara derejedäki çäreleri guramaga mümkinçilik berýär.

Bu gün paýtagtymyz dünýäniň owadan we ýaşamak üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň biri, sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezi hökmünde öz ornuny pugtalandyrdy. Munuň özi daşary ýurtly myhmanlary we syýahatçylary mynasyp garşylamak, iri çäreleri geçirmek üçin ähli şertleri döretmek maksady bilen, ýurdumyzyň myhmanhana işewürlik ulgamyna iň gowy tejribäni hem-de täze işläp düzmeleri çekmegiň zerurdygyny şertlendirýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz myhmanhananyň birinji gatyna düşdi we bu ýerde Hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

...Soňra döwlet Baştutanymyz we dabara gatnaşýanlar myhmanhananyň öňündäki meýdança çykýarlar. Bu ýerde sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Belli aýdymçylar we sazandalar, döredijilik toparlary öz çykyşlarynda mähriban Watanymyzy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleri, täze taryhy eýýamyň döredijilik ruhuny we halkymyzyň agzybirlikde, bitewülikde ösüş ýolunda gazanýan ägirt uly üstünliklerini wasp etdiler. Belent ruha beslenen joşgunly tanslar bu ýerde dürli yşyklaryň hem-de sanly tehnologiýalaryň kömegi arkaly guralan özboluşly şekiller bilen utgaşdy. Munuň özi baýramçylyk çäresiniň ýatdan çykmajak pursadyna öwrüldi.

“Türkmeni arşa göteren Arkadag, uzak ýaşa!”, “Köşgi-eýwan gutly bolsun, Arkadag!” we “Arkadag” atly aýdymlar bu ýerde guralan şowhunly çäräniň dabarasyny has-da belende göterdi.

Asylly däbe görä, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly waka mynasybetli guralan feýerwerk täze myhmanhananyň depesinde bu günki dabaralaryň hormatyna altyn öwüşginli agşamyň ajaýyp bezegine öwrüldi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/32850?type=feed

30.06.2021
Halkymyzyň Arkadagyna bagyşlanyp geçirilen baýramçylyk konserti

AŞGABAT, 29-njy iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan syýasy-ykdysady we jemgyýetçilik ugurlarynda ösen ýurt hökmünde dünýä özüni tanatdy. Milli Liderimiz “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgeden ugur alyp, ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan täzeçil özgertmeleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzy ynamly ädimler bilen ösüşiň we abadançylygyň ýolundan öňe tarap alyp barýar.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän bu ýylda wajyp sene — mähriban Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy belleniler, maý aýynda bolsa Aşgabadyň 140 ýyllygy dabaraly bellenilip geçildi. Milli Liderimiz ýurdumyzy ösdürmäge hem-de paýtagtymyzyň binagärlik keşbini has-da özgertmäge ägirt uly goşant goşýar.

Hormatly Prezidentimiz häzirki döwrüň görnükli jemgyýetçilik we syýasy işgäri bolup, umumadamzat meselelerini çözmekde işjeňligi hem-de täzeçil çemeleşmeleri bilen halkara jemgyýetçilikde belent abraýa eýedir. “Alkyş Size, şöhrat Size, Arkadag!” baýramçylyk dabarasynyň meýilnamasyny açan “Dünýäň beýik Lideri Siz, Arkadag!” kompozisiýasynda bu mowzuk esasy ýörelgeleriň biri boldy.

Köpetdagyň ajaýyp keşbi, Garaşsyzlyk, Konstitusiýa, Bitaraplyk binalary hem-de gün-günden gözelleşýän paýtagtymyzyň ak mermerli belent ymaratlary bu baýramçylygyň tebigy we özboluşly bezegine öwrüldi.

Konsert meşhur sazandalaryň, halk we estrada aýdymçylarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Tans we halk döredijiligi toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Çykyşlaryň her biri halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza bolan söýgüsini we guwanjyny beýan etdi.

Bu baýramçylyk çäresi türkmen sungatynyň ägirt uly kuwwatyny açyp görkezýän sahna oýunlarynyň we žanrlarynyň dürlüligi bilen tapawutlandy.

Şu şanly günde çykyş etmek artistler üçin olaryň ussatlygynyň we zehinleriniň ykrar edilmeginiň ýokary derejesi boldy. Sungat ussatlarynyň ýürek mähri, açykgöwünliligi we zehini tomaşaçylarda mähirli duýgulary oýardy. Konsertde döwrebap audio-wideo tehnologiýalaryň ulanylmagy bolsa, bu dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden “Bagt nury” aýdymy tomaşaçylar üçin hakyky sowgat boldy. Owadan mukamy, manyly sözleri bilen bu aýdym ýygnananlaryň kalbynda uly orun tapdy, tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary munuň subutnamasyna öwrüldi.

Dabarada gadymy «Küştdepdi» tansy ýerine ýetirildi. Bu tansy ýerine ýetirmek bilen, horeografiýa arkaly mähriban Diýarymyzyň abadançylygy we gülläp ösüşi üçin, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde giň gerimli işleri durmuşa geçirýän milli Liderimiziň daşyna jebislenen ildeşlerimiziň agzybirligi beýan edildi.

Baýramçylyk konsertiniň ahyrynda hemmeleriň gatnaşmagynda “Uzak ýaşa, Arkadag!” atly aýdym ýerine ýetirildi. Bu aýdymyň joşgunly sözleri we sazy halkymyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda gülläp ösýän Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza bolan bagtyýarlyk we buýsanç duýgularyny beýan etdi.

Parahatçylyk, ösüş we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň üstünliklerine bagyşlanan bu aýdymy ýygnananlar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar hem-de “Şöhrat Size, Arkadag!», «Uzak ýaşa, Arkadag!” diýip, joşgun bilen aýtdylar.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/32847

30.06.2021
Arkadagy beren dünýä

(Poema)

Şeýle bir wakalar bolýar. Olar ömürlik ýadyňa ýazylýar, seniň bilen bile ýaşaýar, waspyny hemişelik hasap edýäň, aýdanyňy, gaýtalanyňy az görýäň.

Gahryman Arkadagymyzyň ýüpek ýüreginden gaýdýan dürdäne sözlerini diňlemegiň, oňa düşünmegiň, dünýäsine düşmegiň büs-bütin başgaça ähmiýeti, gymmaty bar.

Ogullyk borjuny aňryýany bilen bitiren Gahryman Arkadagymyzyň kakasy, Watanyň wepaly Ogly Mälikguly agany ýatlap aýdan sözleri, okan goşgulary hiç kimi biparh goýup bilmeýär. Diňläni oýlandyrýar, geçen ýoluna, geljek ýoluna ser saldyrýar. Akyly akyllydan almalydygyna göz ýetirýär adam.

Özümde galan täsirler dogrusynda aýtsam, Mälikguly aganyň ýazan iň soňky goşgusyny gyzy Enegülüň adyndan okanlygymy ömrümiň ajaýyp pursady hasaplaryn.

Gahryman Arkadagymyzyň kakasyna bagyşlap ýazan «Atamyň» atly goşgusyny esger ýigitleriň arasynda ýaňlandyranym az begendirmedi, az tolgundyrmady meni. Ýetirmeli ýeri şoldy. Ýaşlara derwaýys nusgalyk ýol watansöýüjilik duýgusyna alyp barýan aýdyňlygyň alamatydyr, ak ýoludyr.

Umuman, döwletli maşgalanyň, Gahryman Arkadagly ojagyň döredijilige, aýratyn-da, şygyr senedine uly üns goýýanlygy şu meýdana özümiň ömürlik örklenmegime, ugrukmagyma penasyny az ýetiren däldir. Ony unudyp bolmaz, ýok, unudyp bolmaz.


Oňmarsyň sen ony diňläp bir gezek,
Ünsi bolan, üşüge dolan ilgezik,
Atany direldýän ogullar gerek,
Arkadagym, dür dünýäňe döneýin!


O sözleri ilki bilen tapmak kyn,
Gyzygyna, gyzgynyna ýapmak kyn,
Ylahydan inen owaza ýakyn,
Arkadagym, dür dünýäňe döneýin!


Zyban sözün susup alýar akyldan,
Bölünip gaýdýandyr Allaň hakyndan,
Ýöne ýere döremeýär nakyllar,
Arkadagym, dür dünýäňe döneýin!


Edenli, edepli bolan Şa nirde?!
Seretseň, seýrekdir geçmişde, irde,
Älem erkin bersediler eger-de...
Arkadagym, dür dünýäňe döneýin!


Düýpsüz umman durulyga teşnedir,
Ägirtleriň ädimleri keşdedir,
Ol owazy Hudaý janym eşdedir,
Arkadagym, dür dünýäňe döneýin!


Asuda günleriň bagtdan paýam,
Düýş ýaly durmuşly döwrüň serpaýam,
Bar eýlän Baýdagyň asmana ýaýam,
Arkadagym, dür dünýäňe döneýin!


At:a ýaran Ogul Watana ýarar,
Äleme aýagyn atana ýarar,
Şu günün görer ol, uzaga garar,
Arkadagym, dür dünýäňe döneýin!


Enäň mähri siňen Ogul başgadyr,
Göz öňüňe getirerden daşdadyr,
Röwşen mysally Merdiň başdadyr,
Arkadagym, dür dünýäňe döneýin!


Düşbülikdir adamzadyň bezegi,
Zor Zürýatdyr türkmenine bereni,
Halaýandyr il gadyryn bileni,
Arkadagym, dür dünýäňe döneýin!


Dünýä bilen düşünişip barşyň bar,
Asyrlaryň gözýetimne galşyň bar,
Aň-akylyň, kalpda ýerlän Arşyň bar,
Arkadagym, dür dünýäňe döneýin!


Başyň amanlygy saglygmyzadyr,
Gojaman dünýäde barlygmyzadyr,
Ýagşa, Ýaradana ýarlygmyzadyr,
Arkadagym, dür dünýäňe döneýin!


Aňyrdan waspyňa goýlandyr zyban,
Şirindir, şekerdir şireli şirwan,
Dünýe dursun, Sen dur, Sen dur, Mähriban,
Arkadagym, dür dünýäňe döneýin!


Gahryman hem mähriban Arkadagymyzyň şu ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» adyny dakynmagynyň tarapdary bolandygynyň iňňän uly manysy bardyr. Bu ýönelige däl.

Dünýäň ýurtlarynyň, dünýäň halklarynyň gowulykda, bolçulykda, rahatlykda, erkanalykda, bir-birege ynanyp ömür sürmegini arzuwlaýar mähriban Arkadagymyz. Akylly başyň islegi şol, idegi şol. Ýagşylyga, ýaşaýşa çagyrýar.

Kän gaýtalaýanam bolsam, şu bendiň ýeri şu:


Sen danasyň, dürdänesiň, dogrusyň,
Oguzyň kowmusyň, Röwşen dogmusyň,
Watanyň Oglusyň, dünýäň Oglusyň,
Barlygyňda bagtyýar biz, Arkadag!


Ýurda ýarar, ile ýarar, dünýä ýarar Perzent bolup dogulmakdan ýokary durýan näme bar?! Iň uly belentlik şoldur. Ene üçinem, ata üçinem, Özi üçinem buýsanç bu, guwanç.

Gahryman Arkadagym! Ömrüň uzak, görjegiň diňe gowulyk bolsun, alyp barýan ägirt uly işleriň hemişe rowaçlyklara beslensin!


Gowulyk, şowlulyk isleýäň, Dünýäm,
Öz halkyňa, hemem älem halkyna,
Ynsanýet kowmuny bitewi bilýäň,
Hereketiň, adamlygyň hakyna.


Ýazyn, tomsun, gyşyn syryp bir ýana,
Hökümin ýörütse diýýäň baharyň,
Rehimdarlygyň bu janlara, jana,
Sen deý Ägirt küýsegidir jahanyň.


Her kime ýetdirse mahmal deý ýürek,
Ýodalar tapyşar, ýollar biriger,
Çaýkanýan ummany ýörüder kürek,
Gideniň gadyryn biler diriler.


Aýdyň aňyň gaýdýan ýaly guýudan,
Nädip indi bu şygaryň ýadyňa?!
Gursagyňa guýmalykdan guýulan,
Düýplüligiň, dünýäligiň adyňa.


Buýsanjym çäksizdir, zadyň çaky däl,
Aýrylyk aýrylýar jan birigende,
Diýseler ynanman ömre baky däl,
Milletiňi birleşdirdiň bir tende.


Juda manylydyr Sendäki ömür,
Ýurdy gülledip bileniň ýetik.
Haçan görülipdir şeýlekin döwür,
Üzülmez günlere ýylgyrgyn, ýetip.


Özüňe bagly biz, ömrüňe bagly,
Sen ýaşasaň ýaşar, ýaşar türkmeniň.
Çöllüdiris, göllüdiris hem dagly,
Il başyna, döwlet bolup geleniň.


Aýdymlar aýdylýar, göwün galkynýar,
Rahatlykda bu tutumly toýlaryň,
Dogan gelýär, dostdan habar alynýar,
Setire geçip dur oňyn oýlaryň.


Ýurduň ýaşamaga ýaraşykdyr has,
Aladasyn edýänim bar saglygyň.
Ygrara söýenýär ylhamdyr yhlas,
Gadyryn bilýäris eşret çaglaryň.


Armansyzdyr ýyllar at alsa Senden,
Hersiniň özüne jaýdardyr şygar.
Eserlerňe siňen çuňňurlyk çenden,
Sözli dünýäň gutarmasyz gory bar.


Enä bolan söýgi, duýgy başgaçadyr. Her bir ýurduň sarpasy zenanlara goýýan hormaty bilen ölçenýär.

«Iň kämil eser ene hüwdüsidir» diýýän Gahryman Arkadagymyzdan ötürip, eneler barada aýdyp bolmajakdygyny boýnuma alýan.

«Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eseriniň üsti bilen enäniň dünýedigini, dünýäniň özüne düşündirip bilendiginiň özi ýeterlik. Ondan ýokary nädip aýtsa bolar?! Çeper beýan edilen sözler saňa sorag goýanok.

Gahryman Arkadag Ogly türkmene bagyşlan Ogulabat ejäniň her bir ugurdan bize göreldedigi, ýörelgedigi dogrusynda başardygymdan «Bir kürtäniň hakyky rowaýaty» atly poemada aýtmaga synanyşdym. Ol bir aýdylyp goýuljak ýol däl, hemişelik heň, dowamly aýdym. Entek, entek ýazarys, ýazarlar.

Türkmen zenanlarynyň aýratynlyk, tapawut berýän ýeri juda kändir. Giň göwrüme ýugrulan gylykda edebem, edermenligem, edalylygam bezeg berýändir.

Aýa bakyp, ýalkymyň nämedigine, Güne bakyp, güneşiň nämedigine göz ýetirmelidiris. Ene syrly dünýädir. Enäniň güýji, gudraty bilen aýlanýar Zemin, jana gelýär älem.


Mert Ogly Watana bagyşlan Enäň,
Her güni, gündizi ajaýyp senäň.
Taryhyň ýazgysyn bormy bellemän,
Ýürekleň urgusyn ünsde eglemän,

Beýigniň boýuny ölçeýär asman,
Ýylgyrýan ýyldyzlar Aý-Günem galman,
Bäri-bäri däldir ondan ýeten paý,
Messepli mekana atandyr serpaý,

Eneden tapandyr türkmen döwleti,
Ýagtyltdy Ýagşynyň ýagty niýeti,
Dilegne gowuşdyk Ogulabat ejäň,
Şudur mähribandan ýeten derejäň!

Dünýäni gözleme, Özüdir dünýä,
Mähirli meňziňde bagt görünýä,
Hemmäge nusgadyr edepliligi,
Keşdede keşt edýär edenliligi,

Eşret beren günlerine begenç kän,
Tarypyny nädip, men ýetirerkäm?!
Söz älemne eltýän eziz Käbäni,
Nädip agzamajak nepis kürtäni,

Nagşyňda, barşynda ajaýyp ýürek,
Inişi nurana, dünýäsi derek,
Gül ýüzüň ýylgyrsyn, uzak ýaş saňa,
Gülli, gülälekli reýhan ýaz saňa,
Asylly başyňy gorasyn, Taňrym!
Bir däl, müň mertebe edýärin tagzym!

Hormatly Prezidentimiz, Gahryman Arkadagymyz ýurt başyna geçenden türkmen döwletini her bir ugurdan ösdürmegi, özgertmegi maksat edindi. Edil şonuň ýaly, medeniýetem, sungatam, edebiýatam ýokary götermegi şu belentlikler bilen baglanyşdyryp alyp bardy. Ol dünýäň ösen döwletleriniň geliş ýolundaky bar zat. Bu ýerde esasy bir zady bellemek hökmanydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň ykdysadyýetden, syýasatdan, medeniýetden, umuman, ähli ugurdan Özüniň baş çykarýanlygy aýratynlyk berýär. Ol aýry-aýry ynsanlara Alla tarapyn düşýän paýdyr. Oňa esaslanyp, ýurt görlüp-eşidilmedik derejede ösdi. Şeýle bolmasa, medeniýetiň gününi hepdeläp baýram edýän ýer nirede bar?! Ýokdur.

Ýazyjylykdan, alymlykdan, lukmanlykdan habarly bolmak ösüş ýolunyň pajarlamagyna, öňe gitmegine doly itergi berýän bat. Hemem tapylgysyz kuwwat.


Asudalyk adamzadyň geregi,
Gowluga dolaýyp bilse diý seri,
Al-ýaşyl, reňbe-reň gülleň bar ýeri,
Mesaýy, mylaýym günleri eglär.


Her millet özüçe eştdirer heňin,
Suwun tolkundyryp, ýaýýandyr deňzin,
Milli medeniýetiň, sungatyň meňzin,
Şägirtlerin alyp, ussat reňlär.


Aýdymda joş urup, oýnap, ýüwürip,
Namasyn, nagmasyn kalpda ýuguryp,
Seredip, ser salyp, her bir uguryň,
Ösüşin alar-da, dünýäýe deňlär.


Döwüriň owazyn, rowanyn diňle,
O pursat çykylar baglara seýle,
Ýurtlaň aňyrdan gelişi şeýle,
Medeniýeti ösen özün bar eýlär.


Akymynda akyl, kökünde kemal,
Höwes-hyýal berse, ýüzdedir jemal,
Başlary sypasa mylaýym şemal,
Ol ýerde gök öwsen baglar seleňlär.


Zehinler bada-bat göze ilerler,
Barlygyny görkeziban bilerler,
Arkadagym ýaly asyl Inerler,
Mertligin, pertligin Watana peýlär.


Lebap welaýatynda medeniýetiň hepdeläp bellenen baýramly günleriniň dowamynda Kerki şäherinde Gahryman Arkadagymyzyň Şa gadamynyň düşmegini, bu ýerde Halkara howa menziliniň açylmagyny taryhy wakalaryň naýbaşysy hasap etse bolar.

Uçar üstünde ýaş çatynjalara bagt arzuw etmek hyýaly, düýşi ýadyňa salýar.

Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň borçnamalaýyn tabşyrygy berjaý edip, zähmet üstünligini gazanan lebaply gallaçylary gutlamagy döwletlilikden nyşan.

Açyşly günleriň dowamyny ýöretmegi ýürekleriň joşgunyna, ganatlanmagyna gaýratdyr.

«Türkmeniň ak öýüniň» bina edilmegi, ony Gahryman Arkadagymyzyň açyp bermegi, aklyga ak ýol dilemegi, sungat işgärleriniň taýýarlan gyzykly çykyşlaryna tomaşa etmegi göwnümizi diýseň göterdi.


Gapysyn açmagy howa menzilniň,
Bu baýramyň baryş ýolun bezedi.
Hözirini görer il hezilligniň,
Arkadagyň arzuwy-da şeýledi.


Halkyň ykbalyna eşretli zaman,
Şa guwanýar bu agzybir halkyna.
Hyzmat etse bolar, arman-ýadaman,
Geldi döwran bir Oguldan ýalkana.


Jebisligiň bar ýerinde bolçulyk,
Diýýär türkmen: «Agzybire Taňry biýr».
Nurun saçýar göwündäki gowulyk,
Ak öýüňe şükürligi ýatlap gir.


Ýaşaýyşdyr toýlaň bolýan ýerinde,
Hem saglygyň aladasy edilýär.
Halallykdyr şu milletiň serinde,
Dana aýtmyş, diňe öňe ädilýär.


Gahryman Arkadagymyzyň türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyraga goýýan hormatyny biz, şahyrlar özümize diýip bilýäris. Şahyra gadyry kim goýup biler?! Söz aslyny aňyp bilýän, alyp bilýän, aýdyp bilýän. Döredijilige doly düşünýän, ondan baş çykarýan. Şahyryň doglan güni ýyllap bellenilende, dünýe gezendiris.

Ýadymda, şol ýylyň ahyrlarynda Ýaponiýa döwletinde uly baýramy jemläp, şygyr okap duran pursadym. Bagtymyň çägi ýokdy. Şolar ýaly aňda galýan ýatlamalardyr şahyry Watan waspyna, il waspyna, mähriban Arkadag tarypyna ýetirýänem, getirýänem.

Gahryman Arkadagymyzyň türkmeniň medeni mirasynyň dürli ugurly gymmatlyklaryna gadyr goýýanlygy nähili ýakymly!


«Azat il, güzer gözlär men».
Magtymguly Pyragy.


Geldi azat günleriň,
Ynha, giňiş güzeriň,
Saňa bakýar ýüzeriň,
Pyragym!


Saýra Arkadag deýin,
Üste gyrmyz don geýin,
Ýurda mähriban meýil,
Pyragym!


Dünýäň berkararlykdyr,
Rysgal, döwlet baýlykdyr,
Sähraň gülli ýaýlakdyr,
Pyragym!


Tapansyň sen idegňi,
Ünsi aldy islegňi,
Bitirendir dilegňi,
Pyragym!


Döredi Merdiň seniň,
Ýeňledi derdiň seniň,
Arkadag Ogul çeniň,
Pyragym!


Baýramyň uludandyr,
Ak öýüň gurulandyr,
Günleriň durudandyr,
Pyragym!


Diňle, şygyr okaýas,
Öz şygryňam okaýas,
Ýörjek ha:lyň dokaýas,
Pyragym!


Sen guwanyp bilersiň,
Sen buýsanyp bilersiň,
Ýylgyryban gelersiň,
Pyragym!


Gutlaýaryn baýramňy,
Gaýgy-gamy aýranňy,
Aldym seniň baýragňy,
Pyragym!


Rahat, parahat döwletimiziň barlygyna, jebis-agzybir ilimiziň bagtyýarlygyna, Gahryman Arkadagymyzyň hossarlygyna, älem-jahanyň bize ýarlygyna şahyr nädip şygyrly dünýä dolmasyn. Şu şöhratlardyr ýüregiň owazyny dünýä aparýan, watansöýüjilik duýgusyna atarýan. Tarp ýerden hiç zat döremeýär.

Kalby galkyndyrýan, ganatlandyrýan wakalaryň özeninde, gönezliginde Söwer Ogluň, Arkadag Zürýadyň barlygydyr. Görseň göwnüň göterilýär, ylhama dolýaň, goşguly äleme gonýaň. Ol seni ýaşadýar, ýagşylyga, ýagtylyga çagyrýar.

Bilýänsiň ganat deý gerilenligňi,
Il-güne, Watana berilenligňi,
Röwşen mysally Merdanalygňy,
Gahryman Arkadagym!

Ýatlaýaň türkmeniň bar gymmatlygyn,
Ýerlikliden gelen berk ymmatlygyn,
Gojaman äleme hem hyzmatlygyn,
Gahryman Arkadagym!

Gelenligiň ykballaryň ýalkymna,
Getirensiň ili bagtyň galkymna,
Gereklisiň Watanyňa, halkyňa,
Gahryman Arkadagym!

Ömür hasap edýändiris ömrüňi,
Eý görýäris bu bagtyýar döwrüňi,
Jana deňäp söýýändiris Özüňi,
Gahryman Arkadagym!

Günleriňi bezäp bildi bu ýyllar,
Giň dünýäýe deňäp bildi bu ýyllar,
Saňa bakan ýyly ýyllar ýylgyrar,
Gahryman Arkadagym!

San ýokdur bitiren uly işlerňe,
Garaýşyň mylaýym dünýäň illerne,
Asal gonsun eser ýazýan ellerňe,
Gahryman Arkadagym!

Ak öý bagtymyza meňzäp durandyr,
Ony gudrat gören gurbuň gurandyr,
Milletiňe müňläp ýyllar ulandyr,
Gahryman Arkadagym!

Döwrüň bilen, dünýäň bilen dem alýaň,
Reýhanlykdan hem şanlykdan heň alýaň,
Günbe-günden Didäm, Aryşa galýaň,
Gahryman Arkadagym!

Hormatym kän Seni beren dünýäýe,
Ýaşadasyň gelýänligin bilýän-ä,
Bagyşla, ýetmese sözler sünnäýe,
Gahryman Arkadagym!

Dilegmiz Hudaýdan saglygy janyň,
Bereket getirsin altyndan jamyň,
Höwesli, hyjuwly halkyňda halyň,
Gahryman Arkadagym!

Gözel ŞAGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Gahrymany.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/32817

29.06.2021
Türkmenistan — Gyrgyzystan: möhüm hyzmatdaşlygyň täze belentliklerine tarap

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparow bilen gepleşikleri geçirdi

Aşgabat, 28-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Ir bilen dostlukly ýurduň Baştutanynyň ulag kerweni motosiklçiler hormatly eskortynyň ugratmagynda Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Garaşsyzlyk meýdanyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini mähirli garşylady. Iki ýurduň Liderleri birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, ýörite bellenen ýere geçdiler.

Hormat garawuly rotasynyň serkerdesi dabaraly ýagdaýda hasabat berýär. Şol pursatda Gyrgyz Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlandy. Soňra iki ýurduň Liderleri Hormat garawulynyň esgerleriniň öňünden geçýärler hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna sarpa goýýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kärdeşini Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy. Öz nobatynda, Prezident Sadyr Žaparow döwlet Baştutanymyzy Gyrgyzystanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy.

Soňra Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly nyzam bilen Garaşsyzlyk meýdanyndan geçdiler.

Döwlet Baştutanlarynyň awtoulag kerweni hormatly atly nyzamyň ugratmagynda Oguz han adyndaky Köşkler toplumyna tarap ugrady.

Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek çäresi boldy. Soňra milli Liderimiz gyrgyz kärdeşini ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek üçin niýetlenen zala çagyrdy. Bu ýerde ikiçäk görnüşdäki ýokary derejeli gepleşikler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparowy sahawatly türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýdyp, oňa Türkmenistana resmi sapar bilen gelip görmäge iberilen çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz doganlyk Gyrgyzystan bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, belent mertebeli myhmanyň Gyrgyz Respublikasynyň Baştutany hökmünde biziň ýurdumyza guran ilkinji saparynyň örän netijeli boljakdygyna ynam bildirdi.

Bu günki gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açjakdygyny hem-de dostlukly döwletleriň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berjekdigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň ýokary derejesi mahsus bolan döwletara gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde hem-de iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilmegi üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gyrgyz kärdeşine Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen iki gezek berkidilen hemişelik Bitaraplyk derejesine hem-de türkmen tarapynyň ýurdumyzyň ägirt uly parahatçylyk söýüjilik mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen wajyp halkara başlangyçlaryna işjeň goldaw berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Taraplaryň ählumumy Gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça çemeleşmeleriniň ýakynlygy we biri-birine gabat gelmegi halkara giňişligikde iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilmeginiň hem-de sebitde we tutuş dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmeginiň möhüm şertini emele getirýändigi bellenildi.

Prezident Sadyr Žaparow mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagynyň tutuş türkmen halky üçin öwezini dolup bolmajak ýitgi bolandygy sebäpli, ýene bir ýola çuňňur gynanjyny mälim etdi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine geçmek bilen, gyrgyz Lideri birek-birege hormat goýmak we taryhy taýdan hoşniýetli goňşuçylyk hem-de ruhy umumylyk arkaly baglanyşýan iki halkyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejä ýetendigini kanagatlanma bilen nygtady.

Iki doganlyk ýurduň arasynda oňyn gatnaşyklar ýola goýuldy. Şu ýyl olar özüniň döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny baýram edýärler. Şeýle hem iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 29 ýyllygy dabaralandyrylar.

Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, Gyrgyzystanda dostlukly Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden şatlanylýar we ýola goýlan netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirilýär.

Söhbetdeşler dostlukly, birek-birege ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň giň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Olar häzirki döwürde hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetine eýe bolup, ösüşiň täze derejesine çykýar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Sadyr Žaparow deňhukukly, özara bähbitli, uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna ünsi çekip, onuň köpugurly mümkinçilikleriniň netijeli amala aşyrylmagynyň umumy bähbitlere we Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýändigini nygtadylar. Şeýle hem taraplar sebitara we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler Soltan Sanjar zalynda iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň Baştutanyny we onuň ýanynda bolýan wekiliýetiň ähli agzalaryny ýene bir ýola mübärekläp, gyrgyz kärdeşine Türkmenistana resmi sapar bilen gelip görmäge çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Sadyr Žaparowyň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti hökmünde ýurdumyza resmi sapar bilen gelmeginiň bu ýerde geçirilýän duşuşyklaryň ähmiýetini artdyrýar. Gepleşikleriň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýyna baha berilmegi, onuň geljekki ugurlarynyň kesgitlenmegi we bar bolan meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy ähmiýetli bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz öz kärdeşini we Gyrgyzystanyň tutuş halkyny ýurduň täze Konstitusiýasynyň taslamasy boýunça şu ýyl aprel aýynda geçirilen sala salşyklaryň üstünliklere beslenmegi bilen gutlady.

Siziň ýurduňyzyň raýatlary döwletliligi berkitmek, taryhy binýada, köpasyrlyk milli däplere daýanýan oňyn özgertmeleri amala aşyrmak üçin örän jogapkärli we paýhasly çözgütler üçin ses berdi.

Bu ýörelgeleriň bize örän ýakyndygyny we düşnüklidigini bellemek isleýärin. Şeýle umumylyk has-da ýakynlaşmak, iki doganlyk halkyň we döwletleriň işjeň hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin oňyn şertleri döredýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň möhüm binýatlary barada aýdanyňda, ilkinji nobatda, onuň wajyp ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekki ösüşine bolan garaýyşlarda özara düşünişmegi berkitmek we sebitleýin hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek aýratyn ähmiýetlidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň ählumumy gün tertibiniň umumy parahatçylygy, durnuklylygy saklamak, halkara terrorçylygyň wehimlerine garşy durmak, ýaragsyzlanmak, Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak ýaly möhüm ugurlar boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny bellemek gerek.

Şeýle hem iki ýurduň abraýly halkara we sebit düzümleriniň, esasan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ýygjam gatnaşyklary ýola goýýandygy nygtaldy. Biz halkara giňişlikde utgaşykly hereket edýäris, birek-birege goldaw berýäris, bu bolsa özüniň oňyn netijesini berýär hem-de sebitde we tutuş dünýädäki ýagdaýlara oňyn täsirini ýetirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň hyzmatdaşlygy häzirki döwürde Merkezi Aziýa giňişliginde durnukly we oňyn ösüş ýagdaýynyň möhüm şertini emele getirýär. Bu ýerde gürrüň, ilkinji nobatda, iki ýurduň sebitde gapma-garşylyklardan azat ýurtlar hökmünde möhüm orun eýeleýändigi, Aziýada durnuklylygyň uzak möhletleýin ygtybarly gurluşyny kemala getirýändigi, giň halkara hyzmatdaşlyk üçin möhüm şerti döredýändigi barada barýar.

Türkmenistan sebitde bar bolan meseleleriň parahatçylykly serişdeler, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we BMG-niň halkara hukuk kadalaryna hem-de Tertipnamasyna laýyklykda birek-biregiň bähbitlerini nazara almak arkaly çözülmegini esasy ugur edinýär. Şu maksat bilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine ýardam bermegi, gapma-garşylykly ýagdaýlaryň öňüni almagyň netijeli guralyny döretmek, syýasy geňeşmeler görnüşinde sebitara gatnaşyklary giňeltmek boýunça öňe sürülýän başlangyçlary goldamagy möhüm wezipe hasaplaýarys diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň ähmiýeti bellenildi. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, syýasy gatnaşyklaryň şeýle görnüşi bäş döwletiň köpugurly hyzmatdaşlygynda täze tapgyry emele getirer. Ol durnukly ösüş, özara gatnaşyklaryň netijeli guralyny döretmek, Merkezi Aziýanyň syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary üçin özüne çekiji sebit hökmünde dünýä gatnaşyklaryna goşulmagynyň durmuşa ukyply guralyny kemala getirmek wezipeleriniň çözgüdine gönükdirilendir.

Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň ikitaraplaýyn hem-de halkara derejedäki hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary ekologiýa we tebigaty goramak ugry boýunça gatnaşyklardan ybaratdyr.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy durmak, Merkezi Aziýa sebitinde suw serişdelerini aýawly we rejeli peýdalanmak, Aral meselesini çözmek boýunça bilelikde durmuşa geçirilýän çäreleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýlelikde, hereketleriň öňe ilerledilmegi, bilelikde kabul edilýän çözgütleriň durmuşa geçirilmegi, halkara bileleşigiň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň mümkinçilikleriniň doly derejede durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler wajypdyr.

Owgan meselesi biziň ikitaraplaýyn gepleşigimizde möhüm orun eýeleýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Biz Owganystany parahat, gülläp ösýän ýurt, sebitiň ähli döwletleri üçin hoşniýetli goňşy hem-de ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görmek isleýäris. Bu ýurtda ýagdaýyň doly kadalaşdyrylmagy diňe parahatçylykly we syýasy serişdeler arkaly mümkindir.

Häzirki döwürde Owganystandan halkara söweş kontingentini çykarmakda abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ýörite düzümleriň gatnaşmagynda netijeli syýasy-diplomatik gurallary döretmek meselesi öňe çykýar. Bu babatda Türkmenistana we Gyrgyzystana möhüm ornuň degişlidigini bellemek isleýärin. Ýurtlarymyzyň owgan ugry boýunça özara gatnaşyklary, Owganystanda syýasy ýagdaýyň kadalaşdyrylmagy, onuň ykdysadyýetiniň we durmuş düzümleriniň dikeldilmegi, bu ýurduň sebit we dünýä gatnaşyklary ulgamyna giňden goşulmagy boýunça halkara tagallalaryň çäklerinde aýratyn ähmiýetlidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Gönüden-göni ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň giňeldilmegine we hil taýdan ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändigini we Gyrgyzystany ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görýändigini nygtady.

Haryt dolanyşygynda şu ýylda belli bir ösüşiň bardygyna garamazdan, umuman, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk düzüm boýunça bolşy ýaly, gatnaşyklaryň möçberleri boýunça hem ýokary görkeziji däldir diýip, milli Liderimiz nygtady we bu ugurda bar bolan ýagdaýy jikme-jik we hemmetaraplaýyn esasda bilelikde seljerip, doly derejeli gatnaşyklar üçin bar bolan bökdençlikleri ýüze çykarmak we olary aradan aýyrmak, bu ugurdaky mümkinçilikleri doly peýdalanmak üçin onuň geljekki ugurlaryny kesgitlemegiň zerurdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň işine möhüm ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Häzirki döwürde bu toparyň nobatdaky 5-nji mejlisini geçirmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak mejlise taýýarlyk çäresini tizleşdirmek we ony ýakyn wagtda geçirmek üçin jogapkär düzümlere degişli tabşyryklaryň berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Türkmenistanyň Gyrgyzystan bilen senagat ugry, obasenagat toplumynyň, dokma senagatynyň önümleriniň söwdasy, himiýa senagaty, suwuklandyrylan gaz, sintetiki benzin we beýleki harytlaryň dolanyşygy babatda ýola goýulýan hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardygy nygtaldy.

Şeýle hem türkmen we gyrgyz kompaniýalaryny iki ýurduň çäklerinde durmuşa geçirilýän bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga çekmäge döwlet tarapyndan goldaw bermek boýunça teklipler aýdyldy.

Umuman, işewürlik ugry boýunça özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň derejesini has-da artdyrmagy, telekeçileriň arasynda yzygiderli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny, haryt öndürijileriň bilelikdäki sergileriniň guralmagyny zerur hasaplaýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde Bişkek şäherinde Türkmenistanyň söwda merkezini açmak meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny we bu oňyn başlangyja goldaw bermäge hem-de Gyrgyzystanyň Aşgabatda şeýle düzümini döretmegine ýardam etmäge taýýardygyny nygtady.

Milli Liderimiz türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary barada aýdyp, energetika ulgamynyň onuň wajyp ugrudygyny belledi. Hususan-da, gürrüň türkmen tebigy gazyny we elektrik energiýasyny Gyrgyzystana ibermegiň tehniki, guramaçylyk meselelerini we beýleki wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunlukda, üstaşyr ýurt bilen ylalaşyk boýunça zerur bolan ýagdaýynda üçtaraplaýyn bilermenler duşuşygy guramagyň maksadalaýyklygy bellenildi.

Ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Biziň ýurtlarymyzyň bilelikdäki tagallalary kuwwatly we döwrebap düzümi döretmek boýunça baş maksadyň amala aşyrylmagyna gönükdirilmelidir. Ol Aziýa, Ýewropa, Ýakyn Gündogar ulag ulgamlarynyň birleşmegini üpjün eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistan Hazar deňzine çykalgasy bilen ýurtlarymyzy baglaşdyrýan ulag geçelgesi boýunça bilelikdäki işlere taýýardyr.

Döwlet Baştutanymyz 2019-njy ýylyň awgust aýynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynda goňşy ýurtlar, ilkinji nobatda bolsa, Merkezi Aziýa sebitinde Gündogar — Günbatar ugry boýunça ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygynyň möhüm guşaklygyny döretmekde Hazar sebitine möhüm ornuň degişlidigini belledi.

Sebitiň dünýä ummanyna açyk çykalgasy bolmadyk döwletler üçin öz eksport harytlaryny Ýewropa, Russiýa, Kawkaz ýurtlaryna, Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlaryna ibermegini üpjün edýän Hazaryň gündogar deňiz portunyň mümkinçiliklerini doly güýjünde ulanmaklaryny zerur hasaplaýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şunlukda, Türkmenistan Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny amatly şertlerde Gyrgyzystanyň bähbidine ulanmak meselesini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şeýle hem sebit içi ulag gatnaşyklarynyň mümkinçilikleriniň doly güýjünde amala aşyrylmaýandygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda birnäçe taslamalary bilelikde durmuşa geçirmegiň anyk mysallarynyň bardygyny belledi. Ýöne Merkezi Aziýany häzirki zaman, köpugurly we ýokary netijeli ulag geçelgesine öwürmek boýunça ulgamlaýyn işler barada aýdardan entek ir. Şeýle taslamalara örän jogapkärçilikli çemeleşmeli, ulag-üstaşyr geçelgelerini we logistik ulgamy ösdürmek boýunça tagallalary birleşdirmeli.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň örän wajypdygyny aýtdy. Biziň halklarymyzyň özara gatnaşyklarynyň taryhy ýüzýyllyklara uzap gidýär. Taryhçylar, etnograflar, edebiýaty öwrenijiler üçin türkmen-gyrgyz taryhy gatnaşyklarynyň baý mirasyny dikeltmek boýunça bilelikde iş alyp barmak babatda ägirt uly mümkinçilikler açylýar. Iki ýurtda hem festiwallary we Medeniýet günlerini guramak boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmek, döredijilik we ylmy intelligensiýanyň wekilleriniň arasynda yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de 2022-nji ýylda ikitaraplaýyn Medeniýet günlerini geçirmegiň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi.

Gepleşikleriň çäklerinde iki dostlukly ýurduň milli-taryhy sport dessurlaryny dikeltmek işinde hyzmatdaşlygyň wajypdygy bellenildi. Hususan-da, gürrüň Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlaryny yzygiderli geçirmek hakynda boldy. Bu başlangyjy Gyrgyzystan öňe sürdi. Türkmenistan şeýle oýunlara gatnaşmak üçin çakylyga jogap bermäge taýýardyr.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, köp müňýyllyklaryň dowamynda çarwa halklar ajaýyp maddy we ruhy gymmatlyklary döredipdirler, gaýduwsyzlyga, asylly ýörelgelere, ýokary ahlak esaslaryna daýanýan ajaýyp nusgalary we ýörelgeleri dünýä beripdir.

Çarwadarlar ägirt uly giňişliklerde güýçli döwletleri döredipdirler. Olar dünýä taryhyna we adamzadyň medeni ösüşine oňyn täsirini ýetiripdirler. Häzirki döwürde bu taryhy ýörelgeler täze röwüşde dikeldilýär diýip, milli Liderimiz uly buýsanç bilen belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparowa we onuň ýanynda bolýan wekiliýetiň agzalaryna ýüzlenip, ýokary derejede geçirilen şu günki duşuşygyň Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň anyk ugurlar we ýörelgeler arkaly ösdürilýändigini, onuň parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda, söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde bar bolan mümkinçiliklere esaslanýandygyny belledi.

Prezident Sadyr Žaparowyň Türkmenistana bolan ilkinji saparynyň ikitaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitjekdigine, bilelikdäki işi mundan beýläk-de ösdürmek üçin onuň ugurlaryny kesgitlejekdigine we täze many berjekdigine ynam bildirip, döwlet Baştutanymyz Gyrgyz Respublikasynyň resmi wekiliýetiniň ýolbaşçysyna we agzalaryna netijeli gepleşikleriň geçirilendigi, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli zerur tagallalarynyň edilmegine taýýarlyk üçin minnetdarlyk bildirdi.

Soňra dostlukly ýurduň Baştutanyna söz berildi.

Belent mertebeli myhman Türkmenistana resmi sapar bilen gelip görmäge çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, gyrgyz wekiliýetiniň sahawatly türkmen topragynda türkmen doganlary tarapyndan myhmansöýerlik bilen kabul edilendigini aýratyn nygtady.

Prezident Sadyr Žaparow pursatdan peýdalanyp, türkmen halkyny Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, ak mermerli Aşgabadyň 140 ýyllygy bilen gutlady.

Şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň şu ýylyň 28-nji martynda geçirilen saýlawlarynyň guramaçylykly geçirilmegi, onuň Başlyklygyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň saýlanmagy bilen gutlap, munuň ýurduň gülläp ösüşine gönükdirilen syýasatyň türkmen halky tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygyny aňladýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň paýhasly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda Türkmenistanyň häkimiýet edaralarynda kanunçylyk ulgamynyň özgerdilmeginiň ýurduň mundan beýläk-de okgunly ösüşine, Türkmenistanyň doganlyk halkynyň abadançylygynyň bähbidine öňde durýan maksatlaryň amala aşyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Ýurduň sebitde we onuň çäklerinden daşynda parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy goldamaga gönükdirilen ägirt uly goşandyny belläp, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň 2021-nji ýylyň şygary boýunça halkara başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygyny, onuň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilendigini nygtady.

Gyrgyz Respublikasy we Türkmenistan ýakyn dostlardyr, strategik hyzmatdaşlardyr we doganlyk ýurtlardyr diýip, belent mertebeli myhman belledi we Gyrgyzystanda Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerine şatlanylýandygyny nygtady.

Prezident Sadyr Žaparow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösýändigini kanagatlanma bilen nygtady we biziň ýurtlarymyzyň arasynda hiç hili syýasy gapma-garşylyklaryň ýokdugyny aýratyn belledi. Söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça garaýyşlar ýakyndyr we doly gabat gelýändir. Olaryň hatarynda parahatçylyk, howpsuzlyk, täze wehimlere garşy göreşmek ýaly meseleler wajypdyr diýip, gyrgyz Lideri belledi.

BMG, ÝHHG, GDA, YHG, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi ýaly halkara guramalaryň çäklerinde Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasynda ýygjam gatnaşyklar amala aşyrylýar.

Pursatdan peýdalanyp, belent mertebeli myhman türkmen tarapyna Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklygynyň çäklerinde üstünlik arzuw etdi we bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şeýle hem iri halkara guramalaryň we sebit düzümleriniň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň tutuş toplumynyň ösdürilmegine bilelikdäki tagallalaryň gönükdiriljekdigine ynam bildirdi.

Soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň köpasyrlyk taryhyň, däp-dessurlaryň, bilim, medeni-ruhy mirasyň umumylygynyň esasynda ösdürilýändigini aýdyp, Prezident S.Žaparow uzak möhletleýin strategik hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykýandygyny belledi.

Syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça möhüm resminamalary özünde jemleýän ikitaraplaýyn şertnama-hukuk binýadynyň yzygiderli berkidilýändigi bellenildi. Gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady, energetika, bilim, medeniýet, sport we ýaşlar syýasaty ugurlary, daşary syýasat edaralarynyň hyzmatdaşlygy boýunça birnäçe wajyp ikitaraplaýyn resminamalara gol çekiler.

Şeýle hem belent mertebeli myhman Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine we ösdürilmegine gönükdirilen syýasata üýtgewsiz ygrarlydygyny hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerini mundan beýläk-de berkitmek we peýdalanmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Prezident Sadyr Žaparow duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikiçäk duşuşykda netijeli gepleşikleriň geçirilendigini, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy boýunça netijeli pikir alyşmalaryň bolandygyny nygtady.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk gyrgyz-türkmen gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ony işjeňleşdirmek üçin bolsa söwda, energetika, ulag we obasenagat toplumy ýaly ugurlarda ägirt uly mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman geçen, 2020-nji ýylda we şu ýylyň başynda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň okgunly ösendigini belledi.

Ykdysady hyzmatdaşlykda türkmen işewürleriniň Gyrgyzystanyň maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşjakdygyna ynam bildirip, Prezident Sadyr Žaparow munuň üçin ähli zerur şertleriň we mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara gyrgyz-türkmen toparyna möhüm ornuň degişlidigi bellenildi. Bu topar diňe bir öz işini dowam etmek bilen çäklenmän, eýsem, hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmelidir. Şeýle hem syýahatçylyk ulgamynyň geljegi uly ugurlaryň biri bolup durýandygyny belläp, dostlukly döwletiň Baştutany bu ugurda degişli ikitaraplaýyn resminamany taýýarlamagy maksadalaýyk hasaplaýandygyny nygtady.

Ýeňil senagatda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, myhman taraplaryň Gyrgyzystanyň dokma pudagynyň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, türkmen dokma senagatynyň önümleriniň döwrüň synagyndan geçen hil derejesi bilen utgaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.

Iki doganlyk halkyň çuňňur taryhy we ruhy kökleri bolup, olary diliň, medeni däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar. Olaryň saklanmagy, gyrgyz-türkmen ynsanperwer gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagy ähmiýetlidir diýip, goňşy döwletiň Baştutany sözüni dowam etdi. Iki halkyň ruhy ýakynlygyny nazara alyp, onuň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň berkidilmegini we özara gatnaşyklaryň ösdürilmegini şertlendirýändigi bellenildi. Şeýle hem COVID-19 ýokanjy zerarly ýüze çykan ýagdaýy kadalaşdyrmak meselelerini nazara alyp, özara Medeniýet günlerini guramak teklip edildi.

Sözümiň ahyrynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklaryň giň ugry boýunça ösdürilmeginiň wajypdygyny ýene bir gezek bellemek isleýärin. Ýola goýulýan gatnaşyklar Gyrgyz Respublikasynyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär diýip, Sadyr Žaparow belledi.

Pursatdan peýdalanyp, belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy özi üçin islendik amatly pursatda Gyrgyz Respublikasyna resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Bu sapar döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine goşmaça itergi berer diýip, myhman sözüni jemledi.

Giňişleýin düzümdäki türkmen-gyrgyz gepleşikleri tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyna; 2014-nji ýylyň 11-nji noýabryndaky Bedenterbiýe we sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Döwlet bedenterbiýe we sport agentliginiň arasynda Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň arasynda 2021 — 2024-nji ýyllar üçin sport babatda çäreleriň Meýilnamasyna; Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň arasynda ýaşlar syýasaty babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 2014-nji ýylyň 11-nji noýabryndaky Medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň arasynda Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça 2021 — 2023-nji ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasyna; Türkmenistanyň Telewideniýe, radogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň arasynda film öndürmek we teleradiogepleşikler babatda bilelikde hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Ekologiýa we klimat boýunça döwlet komitetiniň arasynda daşky gurşawy goramak boýunça hyzmatdaşlyk etmek babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Energetika we senagat ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Önümçilik kooperasiýasy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021 — 2022-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Raýatlaryň birek-biregiňkä gitmegi hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda Teswirnama; Mary welaýat häkimligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň Çuýsk oblastyndaky ygtyýarly wekiliniň diwanynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen I.Razzakow adyndaky Gyrgyz döwlet tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama alşyldy.

Soňra dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Sadyr Žaparow Bilelikdäki Beýannama öz gollaryny goýdular.

Döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetiren resminamalar toplumy Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň netijeli hyzmatdaşlygy giň ugurlar boýunça işjeň ösdürmäge, gadymy döwürlerden bäri doganlyk halklary baglanyşdyrýan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge ygrarlydyklarynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Soňra iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş etdiler.

Ýokary derejede geçirilen Aşgabat duşuşygynyň jemleri barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň üstünliklere beslenjekdigine ynam bildirdi we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine we onuň ýanynda bolýan wekiliýetiň agzalaryna gepleşikleriň netijeli, açyklyk, birek-birege ynanyşmak we düşünişmek esasynda geçendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Gyrgyzystanyň Baştutany hökmünde hormatly Sadyr Žaparow bilen ikitaraplaýyn görnüşdäki duşuşyk ilkinji gezek geçirilýär. Men bu duşuşygyň biziň ýurtlarymyzyň dürli ugurlarda hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge özara taýýardygymyzy görkezendigini, şeýle hem munuň üçin uly mümkinçilikleriň hem-de kuwwatyň bardygyny doly ynam bilen aýdyp bilerin diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Gepleşikleriň dowamynda ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplar ähli jedelli meseleleriň umumy ykrar edilen halkara hukugyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy esasynda kadalaşdyrylmagyna berk eýerýändigini tassykladylar. Ýaragsyzlanmak, halkara terrorçylyk, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyk, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy ýaly möhüm meseleleri çözmekde ikitaraplaýyn görnüşde we halkara guramalaryň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etmegiň zerurdygy ykrar edildi.

Merkezi Aziýadaky ýagdaýlara aýratyn üns berlendigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyň häzirki wagtda oňyn ösüşiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýändigini nygtady.

Şunda biziň ýurtlarymyzyň eýeleýän orny aýdyňdyr, üýtgewsizdir hem-de durnuklydyr: biz Merkezi Aziýada parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň ygtybarly we netijeli gurallaryny döretmek, sebitiň döwletleriniň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, sebitiň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna netijeli goşulyşmagy ugrunda çykyş edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, sebit hyzmatdaşlygynyň täze görnüşi bolan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşyklarynyň ähmiýeti nygtaldy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow owgan meselesini çözmek babatynda taraplaryň çemeleşmeleriniň meňzeşdigini belledi. Biz Owganystandaky ýagdaýy diňe syýasy serişdeler arkaly, giň umumymilli gepleşikler esasynda kadalaşdyrmagyň mümkindigi baradaky bir pikire geldik. Şunda halkara bileleşigiň, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk döredijilik mümkinçilikleriniň Owganystanda has işjeň we giňden herekete getirilmegini zerur hasaplaýarys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerinden başga-da, durnukly ösüş hem-de onuň düzüm bölekleri — energetika howpsuzlygy, halkara ulag-üstaşyr gatnawlarynyň ösdürilmegi, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly ählumumy Gün tertibiniň örän möhüm ugurlary boýunça tagallalary utgaşdyrmak dowam etdiriler.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Gyrgyzystan bilen energetika we ulag-üstaşyr ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen netijeli başlangyçlara we tekliplere garamaga taýýardygy bellenildi.

Hususan-da, biziň ýurtlarymyz Gündogar — Günbatar ugry boýunça ulag-üstaşyr we logistika hyzmatdaşlygynyň strategik guşagyny kemala getirmek boýunça tagallalaryny utgaşdyrarlar, sebit we dünýä meýdançalarynda, ýöriteleşdirilen halkara guramalarda, maliýe edaralarynda geljekki hyzmatdaşlar bilen işleşerler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleriniň maslahatlaşylandygyny kanagatlanma bilen aýtdy we bu ulgamda iki döwletde bar bolan uly mümkinçiliklere laýyklykda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygy baradaky umumy pikire geldik diýip belledi.

Taraplar özara söwdany giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, senagat bileleşmesinde, hyzmatlar ulgamynda, oba hojalyk pudagynda bilelikdäki giň gerimli taslamalary işläp taýýarlamak üçin maýa goýum syýasatyny işjeňleşdirmek boýunça çäreleri içgin seljermek barada ylalaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigi tassyklanyldy. Bu ugurda hyzmatdaşlygy dowam etmek, döwletleriň ikisinde hem edebiýat, kinematografiýa işgärleriniň, aýdym-saz toparlarynyň gatnaşmagynda çäreleri, sport ýaryşlaryny yzygiderli geçirmek üçin ähli şertleri üpjün etmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň ylym we bilim ulgamlarynda, halklarymyzyň örän baý medeni-taryhy mirasyny gaýtadan dikeltmekde uly mümkinçilikleri bar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistan üçin Gyrgyz Respublikasynyň möhüm we ygtybarly hyzmatdaşdygyny, bu dostlukly ýurt bilen gatnaşyklaryň uzak möhletleýin geljegi nazarlaýandygyny belledi.

Iki tarap hem biziň döwletlerimiziň köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň halklarymyzyň bähbidine amala aşyrylýandygyna, olaryň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigine, sebit we halkara ýagdaýlarynyň durnuklaşdyrylmagyna hem-de ösdürilmegine ýardam edýändigine düşünýärler we ynanýarlar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň öz gatnaşyklarynda baý taryhy tejribä, biziň halklarymyzda emele gelen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine daýanýandyklary nygtaldy.

Biz doganlyk Gyrgyzystanyň gazanýan üstünliklerine buýsanýarys, onuň ýolbaşçylarynyň döwletlilik sütünleriniň berkidilmegine, jemgyýetçilik we syýasy durmuşda oňyn özgertmeleriň geçirilmegine gönükdirilen tagallalary ähmiýetlidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we pursatdan peýdalanyp, öz kärdeşini we onuň üsti bilen Gyrgyzystanyň ähli halkyny ýurduň täze Konstitusiýasynyň taslamasy boýunça şu ýylyň aprel aýynda sala salşyklaryň üstünlikli geçirilendigi bilen ýene bir gezek gutlady.

Geçirilen gepleşikleriň netijelerine çuňňur kanagatlanma bildirip, olaryň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekilendigini belläp, döwlet Baştutanymyz Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine, onuň wekiliýetiniň agzalaryna saparyň dowamynda geçirilen netijeli işler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi, şeýle hem doganlyk ýurduň halkyna parahatçylyk, abadançylyk we ösüş baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Ýokary derejede geçirilen duşuşygyň netijeleri barada aýdyp, Prezident Sadyr Žaparow mähirli kabul edilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi we doganlyk türkmen topragynda dostlukly ýurduň durmuş-ykdysady ösüşinde ýeten derejesi bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Dostlukly we ynanyşmak ýagdaýynda geçen netijeli gepleşikleriň dowamynda gyrgyz-türkmen gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri, syýasy, söwda-ykdysady, ulag-logistik, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky gatnaşyklaryň ösüşiniň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy we sebit hem-de halkara meseleleriniň möhüm ugurlary boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy.

Taraplar köp meseleler boýunça özara düşünişmek pikirine geldiler. Ikitaraplaýyn bähbitler nazara alnyp, degişli ylalaşyklar gazanyldy we oňyn çözmegiň wezipeleri kesgitlenildi.

Biz hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin häsiýete eýedigini tassykladyk we ony pugtalandyrmak hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini doly açmak üçin zerur tagallalary etmäge taýýardygymyzy aýtdyk. Şunda esasy üns möhüm ugurlar boýunça bilelikdäki tagallalarymyzy jemlemegiň has netijeli boljakdygyna çekildi.

Bu ýerde gürrüň söwda-ykdysady, maýa goýum gatnaşyklary, ykdysady, energetika, ulag-logistika, obasenagat toplumlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada boldy diýip, gyrgyz Lideri belledi. Onuň aýtmagyna görä, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny köpugurly esasda ösdürmek, özara söwdany artdyrmak we bilelikdäki kärhanalary açmak, senagat kooperasiýasyny ösdürmek meselelerine möhüm ähmiýet berildi.

Prezident Sadyr Žaparow halkara we sebitara meseleler boýunça birnäçe ugurlar babatda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň bolandygyny nygtady.

Biziň döwletlerimiziň dünýä syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini we ýakyndygyny, birek-biregiň başlangyçlaryna goldaw berýändigimizi bellemek gerek. Şu gün biz öňde boljak çäreler, şol sanda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky geňeş duşuşygy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdyk diýip, belent mertebeli myhman aýtdy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn hukuk binýadyny berkitmek meseleleri barada aýdyp, dostlukly ýurduň Prezidenti duşuşygyň jemleri boýunça söwda-ykdysady, bilim, medeniýet, sport we ýaşlar syýasaty, şeýle hem daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen çözgütleriň kabul edilendigini nygtady.

Doganlyk halklaryň medeni, taryhy, dil umumylyklaryny nazara alyp, medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we sport ugurlarynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ygrarlydygy bellenildi. Şeýle hem häzirki döwürde emele gelen ýagdaýlaryň kadalaşmagy bilen özara Medeniýet günleriniň geçirilmegine aýratyn gyzyklanma bildirildi.

Pursatdan peýdalanyp, gyrgyz Lideri türkmen halkyny Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň üstünlikli geçirilen saýlawlary we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanmagy bilen gutlady. Munuň özi Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine gönükdirilen paýhasly we öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň halk tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Wekiliýetiň agzalaryna we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, Prezident Sadyr Žaparow bu günki geçirilen duşuşygyň ýokary netijelere eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belledi hem-de biziň ýurtlarymyzyň iki halkyň bähbidine ýygjam we köptaraply gatnaşyklara ygrarlydygyny ýene-de bir gezek nygtady.

Şu gün gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynanýaryn. Şunuň bilen baglylykda, biz mundan beýläk-de köp işleri bitirmeli, özara bähbitli, netijeli hyzmatdaşlygy, doganlyk Türkmenistan bilen ähli ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmeli we döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejä çykmagyny gazanmaly. Ýeri gelende aýtsam, Gyrgyzystan Türkmenistana ygtybarly strategik hyzmatdaş hökmünde garaýar diýip, belent mertebeli myhman sözüni jemledi.

Prezident Sadyr Žaparow çykyşynyň ahyrynda mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrylmagyna ýardam berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.

Oguz han Köşkler toplumynyň Resmi kabul edişlikler zalynda belent mertebeli myhmanyň hormatyna döwlet Baştutanymyzyň adyndan resmi günortanlyk nahar berildi. Onuň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary söz sözlediler.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti ýurdumyza bolan iki günlük resmi saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soň, Aşgabadyň Halkara howa menziline bardy we Türkmenistandan ugrady.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/32820?type=feed

29.06.2021
Gah­ry­man Ar­ka­dag­ly ber­ka­rar döw­let

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyz öz berkarar döwletiniň binýadyny berkidýär. Bu iş örän uly taryhy özgertmeleri, ähli ugurdaky döwrebap ösüşleri öz içine alýar. Döwrümiziň beýikligi, taryhy döwürdigi, ilkinji nobatda, şunuň bilen baglanyşyklydyr.

Döwletliligiň türkmeniň üznüksiz ykbalyna öwrülýändigi döwletlilik ýörelgelerini berkitmek, zerur özgertmeleri akylly-başly amala aşyrmak, bagtly ýaşaýşy gazanmak ugrundaky tagallalarda görünýär. Hawa, şol tagallalar milletiň ykbalyny kesgitleýär, döwletimiziň dünýädäki abraýyna abraý goşýar.

Asyrlaryň dowamynda halkymyzyň döwlet gurmak, onuň saýasynda erkana ýaşamak baradaky kämil garaýşy kemala gelipdir. Bular barada Gahryman Arkadagymyzyň parasady siňen eserlerde düýpli gürrüň edilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazanalymyz bäri bitirilen işler müňýyllyklaryň tejribesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýeri gelende aýtsak, bu babatda halkymyzyň külli adamzada nusgalyk ýörelgesi kemala gelipdir. Şol ýörelgä daýanyp, ony ösdürip, milli Liderimiz döwletliligimizi belende göterýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde durmuş rahat hem joşgunly, milli pähim-parasadymyz berkarar döwletimiziň adyndan dünýä ýaýylýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýäde abadan durmuşyň höküm sürýän, agzybir halkyň joşgunly zähmet çekýän, derejeli ýaşaýan ýurdy hökmünde tanalýar.

Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň bütin güýç-kuwwatyny, başarnygyny bir başa jemläp, ýurdy dolandyrýar. Ine, şonuň netijesinde ähli çylşyrymly, mukaddes wezipelere abraý bilen hötde gelinýär. Biz muňa guwanýarys. Biz muňa buýsanýarys. Şu guwanjymyz, buýsanjymyz bilen biz agzybirdiris, jebisdiris, döwletliligimizi berkidýändiris, bagtly durmuşymyzy gazanýandyrys.

Ýurdumyz ägirt uly ruhy hem ykdysady mümkinçiliklere eýe. Biziň döwletimiziň taryh üçin juda gysga döwrüň içinde gazanan belent abraýy şol mümkinçiliklerden akylly-başly peýdalanmagy başarandygy bilen hem baglydyr. Türkmenistan müňýyllygy «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelge bilen başlady. Türkmenistan müňýyllygy görlüp-eşidilmedik taryhy özgertmeler bilen bezeýär. Türkmenistan müňýyllygyň sahypalaryna ösüş arkaly parahatçylyk gazanmagyň altyn sahypalaryny ýazýar. Türkmenistan dünýä bileleşiginiň belent münberlerinden müňýyllyklara hyzmat etjek başlangyçlary — abadançylygyň, hyzmatdaşlygyň, ösüşiň beýik başlangyçlaryny öňe sürýär. Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ýolunda dünýä nusgalyk işleri bitirýär. Türkmenistan dünýä üçin Aziýanyň merkezinde tylla ýüzügiň göwher gaşy bolup lowurdaýar. Biziň ýurdumyzda bir günüň wakasy aýlara, ýyllara nur çaýýar. Biziň ýurdumyzda bitirilýän taryhy işleriň gymmaty asyrlara uzaýar. Şeýdip, taryhy döwrümiz müňýyllygyň ýakyn hem alys giňişliklerini ýagtyldýar.

Ata-babalarymyzyň köpasyrlyk taryhy tejribesi biziň ganymyzda, aňymyzda, ruhumyzda ýaşaýar. Milletiň ýaşamagy, öňe gitmegi üçin taryhy tejribäniň ýitirilmezligi, döwre görä ösdürilmegi, synmaz güýje öwrülmegi zerurdyr. Halkyň parasadyny, güýç-kuwwatyny bir ýere jemleýän, dünýä ykrar etdirýän milli Liderli bolmagyň gymmaty şundadyr. Milli döwletlilik şeýdip kemal tapýandyr.

Halkymyzyň taryhy tejribesinden iňňän netijeli peýdalanmagyň hötdesinden gelýän Gahryman Arkadagymyz eziz Watanymyzy arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna, bagtyýarlygyň mekanyna öwürýär. Dünýä üçin abadançylyk hem ösüş ýollaryny gurýar. Diýarymyzy dünýäniň ösüşlerine öz täsirini ýetirýän, oňa hem ykdysady, hem ruhy taýdan goltgy berýän ýurda öwürýär. Halkymyzyň döredijilik mümkinçiliklerini has doly açmak, herekete getirmek, ösdürmek bilen, munuň adamzat üçin bahasyz baýlykdygy baradaky hakykaty orta çykarýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan işleriň her biri taryhy iş! Öz halkyňa çirksiz söýgüden, pähim-parasatdan hem ýiti zehinden kemal tapýan işler! Biz ol işlere söýgi bilen garap, guwanyp, goşulyp-garylyp, başardygymyzdan goşant goşup ýaşaýarys. Bu taryhy işler geçmişimize buýsanjymyzy artdyrýar, şu günümizi beýgeldýär. Diýmek, ol işler ata-babalarymyzyň jahany haýrana goýýan şöhratyna düşünmäge kömek edýär, şol beýik taryhyň dowamyna öwrülýär. Ol işler geljegimizi hem beýgeldýändir — uzak ýyllara, asyrlara hyzmat etmäge ukyply bolmak bilen, geljekki nesilleriň bagty üçin berk binýat bolup hyzmat edýändir.

Türkmenistan yklymda köpugurly üstaşyr energetika ulgamynyň döredilmeginiň başyny başlady. Şeýlelik bilen, ýurdumyz halkara gatnaşyklarda, dünýäniň ykdysady we energetika hyzmatdaşlygynda täze döwrüň başyny başlady. Bu ugurdaky işler diňe biziň ýurdumyzyň däl, sebitiň we dünýäniň täze ykdysady taryhyny ýazýar. Türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermegiň hem uly geljegi bar. Munuň özi ýurdumyz üçin hem, hyzmatdaş ýurtlarymyz üçin hem strategik ähmiýetli meseledir.

«Sanasaň sogaby bar» diýleni: Türkmenistan ulag-logistika merkezi hökmünde dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň örän möhüm, amatly, ygtybarly çatrygyna öwrülýär. Türkmenistan senagat ýurduna, köpugurly, ösen ykdysadyýetli ýurda öwrülýär. Önümleriň örän köp görnüşlerini öndürýän, öz önümleri bilen dünýä bazaryndaky ornuny barha berkidýän, giňeldýän, ýokary tehnologiýaly, industrial, döwrebap obasenagat toplumy bolan ýurda öwrülýär. Täze ýollar, binalar, desgalar, obalar, şäherler, şäherçeler... — bularyň ählisi durmuşyň öňe gidýändigini görkezýär. Türkmenistan — asudalygyň, abadançylygyň, dostlugyň, hyzmatdaşlygyň ýurdy. Türkmenistan — sagdynlygyň, ruhubelentligiň, syýahatçylygyň, dynç alşyň ýurdy. Türkmenistan — ylmyň, bilimiň, medeniýetiň, sungatyň ýurdy...

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna barýan günlerimiziň wakalary bedew batly ösüşlerimizden, halkymyzyň bagtyýarlygyndan ýene bir ýola habar berýär. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Watanymyzyň dürli künjeklerinde täze binalar, desgalar ulanmaga berilýär. Olaryň her biri baýramçylyk ruhunda, uly dabaralar bilen açylýar. Hasyl ussatlarymyz yzly-yzyna şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý edendikleri baradaky hoş habarlaryny aýdýarlar. Uly wakalaryň şanyna edebiýat, sungat, medeniýet adamlarynyň çykyşlary joşgunly ýaňlanýar.

Bizde guwanmaga, buýsanmaga zat juda kän. Özgerişler, ajaýyp wakalar! Hatda bularyň haýsy birini bijebaşy etjegiňi bilmersiň. Ýöne bir zat belli: bularyň ählisi birleşip, biziň bagtymyzy hasyl edýär. Ählisi birleşip, bizi guwançly, buýsançly, geljege synmaz ynamly edýär.

Şeýle beýik, gaýtalanmajak, taryhy işleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz egsilmezdir. Halkymyzyň ýagşy doga-dileglerine, arzuwlaryna goşulyp, biz hem şeýle diýýäris:

Gahryman hem mähriban Arkadagymyz! Belent başyňyz aman bolsun! Janyňyz sag, ömrüňiz uzak bolsun! Milletimizi hem döwletimizi beýgeldýän, adamzada ýagşylyk eçilýän işleriňiz mundan beýläk-de rowaç bolsun!

«TÜRKMENISTAN»



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/32815

29.06.2021
Ykdysady ösüşleriň ugrunda

Kämilligiň ýolunda

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen ykdysady özgertmeler amala aşyrylýar. Şunda ykdysadyýeti innowasion ýol bilen ösdürmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde döwlet we hususy telekeçiler ysnyşykly iş alyp barýarlar. Ykdysady syýasatyň üýtgäp durýan şertlerinde telekeçilige we işewürlige ygtybarly gorag gerek. Bu ugurda ätiýaçlandyryş möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň maliýe ulgamy hem-de şonuň bilen aýrylmaz baglanyşykda bolan ätiýaçlandyryş işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Ätiýaçlandyryş işi ätiýaçlandyrýanlary maliýe we durmuş babatynda dürli tebigy hadysalardan we tebigy betbagtçylyklardan, ekologiki taýdan zyýanly ýagdaýlarda goramaga gönükdirilendir. Ol “Ätiýaçlandyryş hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakyndaky Düzgünnamanyň esasynda hereket edýär.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň esasy maksady ýurduň maliýe ýagdaýyny berkitmekden, şeýle hem ilatyň we ýurduň edara-kärhanalarynyň ätiýaçlandyryş hyzmatlaryna isleglerini halkara derejesinde bähbitli şertlerde doly kanagatlandyrmakdan ybaratdyr.

Şu günki günde Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň we welaýat, şäher, etrap döwlet ätiýaçlandyryş guramalarynyň hemmesinde täze enjamlara daýanýan programma üpjünçiligi ornaşdyryldy. Munuň özi maglumaty netijeli alyşmaga mümkinçilik berýär. Şeýle programma üpjünçiliginiň esasy artykmaçlygy olarda maglumatlaryň goragynyň üpjün edýändigindedir. Bu ulgamyň ornaşdyrylmagy onlaýn usulynda ätiýaçlandyryş guramalarynyň arasynda maglumat alyş-çalşygyny ýeňilleşdirýär, netijede, wagtyň tygşytlanmagyna we gerekli maglumatyň öz wagtynda ulanylmagyna getirýär.

Aýgül  KAKAGELDIÝEWA.

Türkmengala etrabynyň döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň hünärmeni.

Giň mümkinçilik

Arkadag Prezidentimiziň başda durmagynda täze taryhy eýýamyň ýyllary ykdysady ösüşleriň zamanasy boldy. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeler Garaşsyz döwletimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna oňyn täsirini ýetirdi. Ajap eýýamymyzda telekeçiligi ösdürmekde, bu çygryň täze öndüriji güýç hökmünde öňe çykmagynda uly işler bitirildi.

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz önüm öndürijileriň, öňi bilenem, telekeçileriniň öňünde wajyp wezipeleri goýdy. Bu wezipe daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň we harytlaryň ýerini tutýan önümleriň we harytlaryň öz ýurdumyzda öndürilmegini üpjün etmekden ybaratdyr. Munuň özi ýokary hilli önümleriň we harytlaryň öz ýurdumyzda öndürilmegini ýola goýmagy aňladýar. Şol bir wagtda döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli şeýle möhüm işiň oňyn çözgüdi bilen meşgullanýan hususyýetçilere döwlet tarapyndan salgyt ýeňillikleriniň berilmegi göz öňünde tutuldy.

Garaşsyz döwletimizde hereket edýän kämil salgyt kanunçylygy hususyýetçilere salgyt ýeňilliklerini göz öňünde tutýar. Bu bolsa halk hojalygymyzyň çalt depginlerde ösdürilip, haryt bolçulygyny döretmekde täze mümkinçilikleri açýar.

Berdimyrat DÖWRANOW.

Baýramaly şäher salgyt bölüminiň başlygy.

Ulgamyň uly geljegi

Berkarar zamanamyzda Garaşsyz döwletimizde ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere eýe bolunýar. Gahryman Prezidentimiziň beýik başlangyçlaryndan gözbaş alýan düýpli özgertmeleriň bady artýar. Şeýle tutumly işleriň ýaş nesliň ylym-bilim alyp, hünärli adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak bilen sazlaşykly utgaşdyrylýanlygy guwanjymyza guwanç goşýar.

Döwlet baştutanymyz sanly ykdysadyýeti ösdürmeklige uly üns berip, kämil ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly wajyp wezipeleri öňde goýýar. Bu wezipelerem elektron senagaty ösdürmegiň, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny, innowasiýalary giňden ornaşdyrmagyň zerurlygyny öňe çykarýar. Sanly ulgamyň ylym-bilim ulgamynda ähmiýeti has-da ýokary bolmak bilen, bu babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Täze ulgam ýaşlara bilim bermekde we ony hil taýdan ýokarlandyrmakda giň mümkinçilikleri açýar. Şonuň üçinem ylym-bilimde sanly ulgama geçmek bilen bagly tagallalar gowy netijesinem berýär. Köptaraplaýyn bähbitli bu ulgama geçilmegi bilen okuwçy ýaşlara bilim bermegi gowulandyrmakda bähbitli amatlyklar peýda bolýar.

Täzegül AŞYROWA.

Mary şäherindäki 20-nji orta mekdebiň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/32695

29.06.2021
Rowaç tutumlar bilen

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen soňky ýyllarda dünýä bazaryna çykarylýan bäsdeşlige ukyply milli harytlarymyzyň görnüşlerini artdyrmaga we olary eksport etmek işlerini döwrebap guramaga giň ýol açylýar. Bu bolsa ilkinji nobatda, eziz Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşini üpjün edýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda jemi içerki önümiň öndürilişi görnetin artýar, önümçilik kärhanalarynyň sany köpelýär we önüm öndürilişiniň depgini ýokarlanýar. Eziz Diýarymyzyň ýeten belent sepgitlerinde, gazanan guwandyryjy netijelerinde biziň welaýatymyzyň hem senagat, oba hojalyk kärhanalarynyň, önüm öndürijileriniň aýratyn paýy bar.

Welaýatymyzyň önüm öndürijileri harytlyk önümleriň öndürilişi, ýokary görkezijileriň gazanylmagy ugrunda yzygiderli aladalanýarlar. Zähmetsöýer daýhanlarymyz hem azyk bolçulygyny döretmekde, bazarlarymyzy dürli nygmatlar bilen doldurmakda gaýratly zähmet çekýärler. Olaryň ählisiniň bilelikdäki maksady bolsa ilaty öz topragymyzda öndürilýän önümler bilen doly üpjün etmekden ybaratdyr. Bu ugurda olaryň eýeleýän öňegidişlikleri tutanýerli zähmetiň gaýnap-joşýandygynyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň özleri üçin döredýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanýan zähmetkeşlerimiz bol we ýokary hilli önüm bilen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulandyrylmagyna goşant goşmagy baş maksadyna öwürýärler.

Maksat HANOW,

welaýat «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň sertifikatlaşdyryş bölüminiň döwlet inspektory, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/32758

29.06.2021
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň raýatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi.

Milli Liderimiz iş maslahatynyň gün tertibine geçip, häzirki döwürde dünýäde koronawirus ýokanjynyň indi beýleki görnüşleri bilen keselleýän adamlaryň sanynyň köpelýändigini belledi. Soňra döwlet Baştutanymyz Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň hem-de şu toparyň başlygynyň orunbasary, içeri işler ministriniň orunbasary Ö.Hojanyýazowyň häzirki döwürde ýurdumyzdaky ýagdaý, bu ugurda geçirilýän anyk işler baradaky hasabatlaryny diňledi.

Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy N.Amannepesowa söz berdi. N.Amannepesow şu ýylyň 14-nji maýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Dolandyryş merkeziniň we onuň şahamçalarynyň işi talabalaýyk ýola goýuldy. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça yzygiderli maslahatlar geçirilip, Balkan welaýatynyň bu künjeginde dynç alşy guramak boýunça seljeriş işleri amala aşyryldy diýip, toparyň ýolbaşçysy sözüni dowam etdi.

Ministr Dolandyryş merkezi tarapyndan zolagyň çägindäki desgalarda ýüze çykýan meseleleri dessin çözmek boýunça guramaçylyk işleriniň alnyp barylýandygyny aýdyp, ýurdumyz boýunça saglyk öýleriniň 18-sinde döredilen nokatlarda ilatymyzyň lukmançylyk gözegçiliginden geçirilýändigini, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga isleg bildiren raýatlara ýaşajak myhmanhanasyndan ýollamanama getirenden soňra, olara COVID-19 ýokanjyna garşy öňüni alyş sanjymlarynyň ýerine ýetirilýändigini hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan bellige alynýandygyny habar berdi.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ilatyň arasynda ýüze çykýan soraglara jogap bermek we şol ýerde dynç almagyň tertibi boýunça raýatlaryň arasynda düşündiriş işleri yzygiderli alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkeziniň işini täze tassyklanan düzüme laýyklykda gurap, dowam etmegi tabşyrdy. Bu düzümde alnyp barylýan işler, aýratyn-da, dynç alyş üçin döredilen şertler bilen ilatymyzyň habarly edilişi we olaryň ýerine ýetirilişi yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra milli Liderimiz toparyň başlygynyň orunbasary, içeri işler ministriniň orunbasary Ö.Hojanyýazowa söz berdi. Ol «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkezi tarapyndan amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna girilýän ýerde barlag-gözegçilik nokady döredilip, şol ýerde Türkmenistanyň Içeri işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleri tarapyndan barlag-gözegçilik işleriniň alnyp barylýandygy, dynç almaga gelýän raýatlar üçin ýörite ulag gatnawlarynyň ýola goýlandygy habar berildi.

Häzirki wagtda syýahatçylyk zolagynda jemgyýetçilik tertibini, ýol hereketiniň kadalaryny, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek üçin içeri işler edaralaryndan ýörite topar döredildi. Şeýle hem dynç alýanlar üçin amatly şertleri döretmek, howpsuzlygy, jemgyýetçilik tertibini goramak ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, zolaga girilýän ýerlerde we tutuş zolagyň çäginde, deňiz ýakasynda ýerli içeri işler edaralarynyň işgärleriniň degişli gözegçilik işleriniň yzygiderli ýola goýulmalydygyny belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Iş maslahatynyň dowamynda saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, adatdan daşary toparyň başlygy N.Amannepesow täze, has netijeli waksinalary satyn almak boýunça degişli Kararyň taslamasyny milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz saglyk üçin ýokary netijesi bolan waksinalary satyn almak baradaky teklibi makullady we degişli Karara gol çekip, halkymyzyň saglygyny goramak ugrunda döwletimiziň zerur bolan serişdeleri gaýgyrmajakdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen asylly ýörelgeden ugur alyp, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini, ýurdumyzda waksinalaryň bar bolan gorunyň üstüne gor goşup, täze, has netijeli waksinalaryň 1,5 millionyndan ybarat ätiýaçlyk gorunyň döredilmelidigini aýtdy we bu babatda ministre anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz iş maslahatyny dowam edip, täze koronawirus ýokanjynyň bütin dünýäde giňden ýaýran pandemiýa şertlerinde ýurdumyza bu ýokanjyň aralaşmagynyň öňüni almak hem-de raýatlarymyzyň saglygyny goramak üçin ähli zerur işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Gören çärelerimiziň netijesinde häzire çenli ýurdumyzda bu ýokanç kesel bilen kesellenen ýagdaý ýüze çykarylmady. Ýöne, muňa garamazdan, biz ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny güýçlendirmelidiris. Täze koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy goşmaça göreş çärelerini görmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiz dürli ýokançlaryň ýaýramagynyň öňüni almak we raýatlarymyzyň saglygyny goramak üçin bu ýerde Dolandyryş merkeziniň döredilendigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Dolandyryş merkeziniň işini güýçlendirmek üçin, merkeziň ýolbaşçylaryny çalyşmak barada karara gelendigini aýdyp, bu baradaky hem-de Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň düzümini tassyklamak hakyndaky resminamalara gol çekdi.

Soňra milli Liderimiz saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy N.Amannepesowa ýüzlenip, dynç alyş möwsümi döwründe, ýurdumyzyň gurak howaly zolaga girýändigini nazara alyp, keselleriň ýaýramagyna garşy göreş çäreleriniň kesgitlenen düzgünlere laýyklykda alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi. Şunlukda, degişli aralygyň saklanmagy, agyz-burun örtükleriniň ulanylmagy we şahsy arassaçylyk kadalarynyň berk berjaý edilmegi möhüm talap bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz zolakda deňiz suwunyň we howasynyň bakteriologik barlaglaryny yzygiderli geçirip durmagy, ýurdumyzyň epidemiologik ýagdaýyna gündelik seljeriş işlerini geçirmegi we ony berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz şu toparyň başlygynyň orunbasary, içeri işler ministriniň orunbasary Ö.Hojanyýazowa ýüzlenip, zolakda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, içeri işler edaralarynyň nobatçylyk edýän döwründe bellenen tertipde rugsatnama resmileşdirilen adamlary olaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamasy esasynda zolaga goýbermek, zolak üçin niýetlenen ulaglaryň ýörite duralgalarda durmagyny üpjün etmek hem-de dynç alyş zolagyna girmäge diňe ýöriteleşdirilen ulaglara rugsat bermek meselelerine üns berilmelidir diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli gulluklaryň öňünde goýlan wezipeleriň wajypdygyna ünsi çekip, olary talabalaýyk ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

* * *

Şeýle hem şu gün Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň mejlisi geçirilip, onda döwlet Baştutanymyzyň bu düzümiň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary kesgitlendi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde koronawirus pandemiýasy zerarly dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy nazara alyp, halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça degişli maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralary we degişli düzümler tomus möwsüminde raýatlarymyzyň ýokary derejeli dynç alşyny guramak meselelerine möhüm ähmiýet berýärler.

Mejlisiň dowamynda dynç alyş ýerlerinde degişli sarp ediş-anyklaýyş, zyýansyzlandyryş we beýleki derman serişdeleriniň ýeterlik gorunyň bolmagynyň häzirki döwrüň möhüm talabyna öwrülendigi barada aýdyldy. Şunlukda, kesellerden goramak üçin niýetlenen ýörite gorag serişdeleriniň üpjünçiligi, şahsy arassaçylyk kadalarynyň berk berjaý edilişi bilen baglanyşykly meseleler hemişelik üns merkezinde saklanylýar. Şeýle hem ýokanç keselleri anyklamak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigi barada aýdylyp, bu ugurda barlaghanalaryň üpjünçilik meselelerine möhüm üns berilýändigi nygtaldy.

Mejlisde çykyş edenler türkmenistanlylaryň saglygyny goramak üçin döwlet tarapyndan giň mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýdyp, öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalary gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/32684?type=feed

28.06.2021
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

Aşgabat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, ynsan gylykly bedewleri bilen didarlaşdy.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz şu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli guralan dabaranyň çäklerinde paýtagtymyzyň ilatynyň adyndan milli Liderimize sowgat berlen, Akşäher atly bedew bilen didarlaşdy.

Döwlet Baştutanymyz Akpata bilen Damana atly bedewleriň nesli bolan, 2019-njy ýylda doglan Akşäher bilen birsellem gezim etdi. Şöhratly Eýeberdi Telekäniň nesil ugruna degişli bu bedewiň beden gurluşy, onuň gözelligi ahalteke bedewlerine mahsus görkezijilere doly laýyk gelýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Akşäher atly bedew bilen gezelenji tamamlap, bu ýerde idedilýän Hanbeg atly bedewiň ýanyna geldi. Hanbegler we Okgyz atly bedewleriň neslinden bolan ajaýyp at meşhur Gaplaňyň ugruna degişlidir.

Milli Liderimiz Hanbegi eýerläp, ony çapuw ýodasyna çykardy we bedewi maýdalyna sürdi. Bedewiň hem-de çapyksuwaryň hereketiniň sazlaşygy ynsan bilen bedewiň aýrylmaz ruhy arabaglanyşygyny alamatlandyrýar.

Halkymyzyň buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri milli toý-baýramlaryň baş bezegi bolup durýar. Türkmenistanyň ösüşleriň we beýik ýeňişleriň belentliklerine tarap batly gadamlary bedew badyna meňzedilýär. Ata-babalarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen mukaddes türkmen topragynda ýetişdirilen we ajaýyplygy, syratlylygy hem-de ýyndamlygy bilen şan-şöhrata eýe bolan behişdi bedewler halkymyzyň milli gymmatlygydyr, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň toý-baýramlarynyň gelşigidir.

Häzir ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda atçylygy ösdürmek we ahalteke bedewleriniň tutuş dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak boýunça netijeli çäreler geçirilýär. Atçylyk pudagyny ylmy taýdan ösdürmek, bu ugurdaky amala aşyrylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmek üçin niýetlenen döwrebap atçylyk-sport toplumlaryny gurmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Bu gün Diýarymyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän atçylyk toplumlarynda, aýlawlarda zähmet çekýän ussat seýisler, yhlasly atbakarlar ganatly bedewlerimiziň şöhratly taryhynyň döwrebap derejede dowam etdirilmegine saldamly goşant goşýarlar. Munuň özi milli atşynaslyk däpleriniň gadymy ýörelgeleriniň häzirki zamanyň ruhuna laýyklykda ösdürilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Arassa ganly ahalteke bedewlerini köpeltmäge, bu tohumy kämilleşdirmäge hem-de ajaýyp tohumçylyk häsiýetlerini ösdürmäge ýöriteleşdirilen dürli ýurtlaryň atşynaslarynyň duşuşyklary hem-de özara gatnaşyklary üçin netijeli gurama öwrülen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň giň gerimli işi behişdi bedewleriň tutuş dünýäde şan-şöhratyny artdyrmaga ýardam edýär.

Bu gün ýurdumyzda atçylyk pudagynyň okgunly ösdürilmegine itergi bermäge, at çapyşyklarynda, atly sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlarda, hususan-da, konkur hem-de at üstündäki milli oýunlar boýunça bäsleşiklerde üstünlikli çykyş etmäge ukyply türgenleri taýýarlamaga uly üns berilýär. Bu bolsa milli atşynaslyk däpleriniň döwrebap derejede ösdürilmegini şertlendirýär.

Taryhyň dowamynda at çapyşyklary türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän baýramçylyk dabaralarynyň, şanly toýlaryň ýaraşygydyr. Bu gün pederlerimizden miras galan asylly atşynaslyk ýörelgeleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen döwrebap derejede ösdürilýär.

Asyrlaryň dowamynda türkmen seýisleri ahalteke bedewlerini kämillik derejesine ýetiripdirler we olaryň ajaýyp häsiýetlerini saklapdyrlar. Türkmen bedewleriniň ýüpek ýallary, gelşikli beden gurluşy, ýeňil hereketleri we güýç-kuwwaty yhlasly seýisleriň, halk seçgiçileriniň öz hünärlerini belent derejä ýetirendikleriniň aýdyň netijesidir.

Soňra Hanbeg öňatdy hereketine geçdi.

Bu gün at seýislemegiň milli ýörelgeleri döwrebap derejede ösdürilýär. Ahalteke bedewleriniň gözelligi, paýhasy hem-de özboluşlylygy dünýä atşynaslaryny özüne bendi edýär. Ýüzýyllyklaryň dowamynda ynsan bilen bedewiň arasynda emele gelen ruhy arabaglanyşyk häzirki wagtda türkmen atşynaslygynyň we atçylyk sportunyň ösüşiniň täze tapgyrynyň binýadyny döretdi.

Hormatly Prezidentimiz türkmen atlarynyň taryhynyň we özboluşly gylyk-häsiýetleriniň düýpli öwrenilmelidigini hem-de gadymy seýisçilik ýörelgeleriniň döwrebap ösdürilip, geljek nesillere ýetirilmelidigini aýratyn belleýär. Şoňa görä-de, türkmen seýisleri we atşynaslary behişdi bedewleriň arassa ganly tohumyny saklamak, ady rowaýata öwrülen atlary seýislemek işini kämilleşdirmek boýunça döredilen giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, netijeli işleri durmuşa geçirýärler.

Bu gün tutuş dünýäde meşhur bolan ýelden ýüwrük ahalteke bedewleriniň şöhraty belende galdy. Ata-babalarymyz köp asyrlaryň dowamynda tutanýerli zähmeti, zehini arkaly dünýäniň dürli künjeklerinde meşhur bedewleri kemala getiripdirler hem-de olaryň arassa ganlylygyny saklap gelipdirler.

Behişdi bedewler okgunly ösýän Garaşsyz Watanymyzyň özboluşly nyşanydyr. Ahalteke bedewleriniň dünýä atçylyk sportunda geçen şöhratly ýoluny mynasyp dowam etmek hem-de başarnyklaryny doly açmak üçin täze mümkinçilikler döredilýär. Bedewleriň tebigy gözelligi, çalasynlygy, wepadarlygy, ösen aň-paýhasy hem-de aýratyn başarnyklary köp asyrlaryň dowamynda şahyrlar we suratkeşler üçin ylham çeşmesi boldy.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde bellenilmegi şöhratly pederlerimiziň dünýä beren milli gymmatlyklarynyň ähmiýetiniň ýokarydygyny we oňa ýurdumyzda uly baha berilýändigini alamatlandyrýar.

Ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň watanynda atçylyk pudagynyň we atçylyk sportunyň ösdürilmegi ugrunda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa türkmen bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýynyň hem-de şöhratynyň belende galmagynyň baş şertini emele getirýär. Soňky ýyllarda ahalteke bedewleri halkara derejede geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda atçylyk sportuny ösdürmek boýunça edilýän tagallalaryň oňyn netije berýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Şeýlelikde, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallalary netijesinde asyrlaryň we nesilleriň arabaglanyşygyny özünde jemleýän milli ýörelgeler giňden wagyz edilýär. Bu bolsa nusgalyk derejä göterilen milli ýörelgelerimiziň dowamata atarylmagyna giň ýol açýar.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/32686?type=feed

28.06.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek syýasatyna eýerip hem-de Gyrgyz Respublikasy bilen Türkmenistanyň dostlukly gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, Siziň Alyhezretiňiziň ýanynda jenap Talant Sultanowy Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim.

Jenap T.Sultanowyň ynanç hatyny Size gowşurmagy bilen, ony kabul etmegiňizi hem-de Siziň Alyhezretiňize meniň adymdan we Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň adyndan aýtjaklaryna doly ynanmagyňyzy Siziň Alyhezretiňizden haýyş etmegi özüm üçin uly hormat saýýaryn.

Sadyr ŽAPAROW,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Aşgabat, 26-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Oguz han adyndaky köşkler toplumynda Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Talant Sultanowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Milli Liderimiz duşuşyk geçirilýän ýere barýarka, ýolugra Oguz han adyndaky köşkler toplumynyň abadanlaşdyrylyş derejesi, suw çüwdürimleriniň ýagdaýy, dürli baglara edilýän ideg işleriniň hili bilen gyzyklandy.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda, şeýle hem edara ediş merkezlerinde ekologiýa derejesiniň ýokary halkara ölçeglere kybap gelmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ak mermerli Aşgabadyň bagy-bossanlyga bürenmegi, seýilgähleriň, gök zolaklaryň döredilmegi, olaryň bildirilýän talaplara laýyk derejede saklanmagy bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde saklanýar. Köşkler toplumynyň çägindäki baglara, gök zolaklara ideg etmek, howdanlaryň arassaçylyk derejesi, şol bir wagtyň özünde, daşky gurşawyň ýokary ekologiýa ýagdaýynyň saklanmagy ugrunda zerur tagallalar edilýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz şu ýerde Gyrgyz Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda ilçi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň hoşniýetli sözlerini ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň ýolbaşçy düzümine we halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny aýdyp, Gyrgyzystanyň Baştutanynyň ýurdumyza boljak resmi saparynyň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açjakdygyna, däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, oňa strategik häsiýet bermäge gönükdiriljekdigine ynam bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň arasynda 1992-nji ýylyň oktýabr aýynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Häzir döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýady iki ýurduň dürli ugurlardaky özara gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan resminamalaryň 60-syny özünde jemleýär. Ýokary derejede geçiriljek nobatdaky duşuşygyň jemleri boýunça ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin hukuk binýady pugtalandyrmagy esasy ugur edinýän resminamalaryň toplumy kabul ediler we ol türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlaryny öz içine alar.

Hormatly Prezidentimiz diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň we sebit düzümleriniň çäklerinde sazlaşykly ösdürilýän köpýyllyk gatnaşyklaryň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna gönükdirilen asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine üns berildi. Ikitaraplaýyn artýan gyzyklanmalary we iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň özara baglanyşygyny nazara almak bilen, bu ugurda ägirt uly kuwwatyň bardygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň işi ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir.

Gyrgyz Lideriniň resmi saparynyň çäklerinde Aşgabatda Türkmen-gyrgyz ykdysady forumynyň we Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisiniň geçirilmegi söwda-ykdysady ulgam boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze mümkinçilikleri döreder.

Döwlet Baştutanymyz we ilçi şu ýyllaryň dowamynda iki ýurduň gatnaşyklarynyň ynanyşmak esasynda alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belläp, taraplaryň däp bolan hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmaga, iki dostlukly halkyň has-da ýakynlaşmagyny üpjün edýän täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine hemmetaraplaýyn taýýardygyny nygtadylar.

Iki ýurduň halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça çemeleşmeleriniň we garaýyşlarynyň ýakyndygy dürli ugurlardaky türkmen-gyrgyz özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin amatly ýagdaýy döredýändigi bellenildi. Mälim bolşy ýaly, goňşy ýurtlar Merkezi Aziýada durnuklylygyň we howpsuzlygyň saklanmagy, sebitde gadymy hoşniýetli goňşuçylyk hem-de birek-birege hormat goýmak däpleriniň pugtalandyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy ýurtlar, şol sanda Gyrgyzystan bilen köpugurly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugrudygyny belledi hem-de dostlukly döwletiň täze Baştutany bilen ilkinji duşuşygyň üstünlikli boljakdygyna, doganlyk halklaryň mizemez dostluk gatnaşyklary, medeni we ruhy däpleriň ýakynlygy esasynda ýola goýulýan häzirki döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Gyrgyz Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi T.Sultanow özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumy boýunça netijeli pikir alyşmalar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyny iki doganlyk ýurduň hem-de halklaryň we tutuş sebitiň durnukly ösüşiniň bähbidine laýyk derejede ösdürilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/32685?type=feed

28.06.2021