Täzelikler
Durmuşyň ähli ulgamlaryny özgertmek — döwlet syýasatynyň baş maksady

Geçen hepdäniň wakalary Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Bu strategiýa ýurdumyzy innowasion esasda ösdürmäge, döwlet tarapyndan ilata berilýän goldawyň ýokary derejesini üpjün etmäge, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende götermäge gönükdirilendir.

28-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, hasyly kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň güýjünden netijeli peýdalanylýar. Şunuň bilen birlikde, bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Şeýle-de medeni-durmuş, jemgyýetçilik binalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek üçin görülýän çäreler, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli alnyp barylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, ýetişdirilen «ak altynyň» hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ýygymyň depginini güýçlendirmek, bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli çäreleri görmegiň zerurdygy nygtaldy. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda tabşyryklar berildi.

30-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz we RF-niň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri barada pikir alyşdylar. Şunda dostluk, ynanyşmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus gatnaşyklarynyň häzirki döwürde ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi. Syýasy dialog yzygiderli pugtalandyrylýar, işjeň parlamentara hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasynda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy.

Söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi. Taraplar ynsanperwer, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş ugurlary boýunça alnyp barylýan gatnaşyklara aýratyn ünsi çekdiler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň hem özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigi tassyklanyldy.

1-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Şolaryň hatarynda milli parlamentiň kanun çykaryjylyk işi we parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleler bar. «Guwlyduz» kombinatynyň önümçiligini giňeltmek, Dokma senagaty ministrliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, güýzki bag ekmek möwsümine, Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi. Şunuň bilen bir hatarda, ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreler barada-da aýdyldy.

8 — 17-nji noýabr aralygynda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryş; 13 — 15-nji noýabr aralygynda paýtagtymyzda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwal geçiriler. Onuň dowamynda kinematograflaryň duşuşygy, festiwala gatnaşýan ýurtlaryň kinofilmleriniň görkezilişi, talyplar üçin ussatlyk sapaklary bolar. 14 — 16-njy noýabr aralygynda «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergi hem-de ylmy maslahat guralar. Forumyň çäklerinde «Poçta ulgamyndaky sanly geçiş» atly okuw maslahatyny geçirmek we «Sanly çözgüt — 2024» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşiginiň jemini jemlemek meýilleşdirilýär. 27-nji noýabrda paýtagtymyzda ýurdumyz bilen «VISA» amerikan kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara işewürlik forumy geçiriler. Onuň gün tertibine bu kompaniýa bilen strategik hyzmatdaşlygy hem-de halkara töleg ulgamynyň täze tehnologiýalaryny we innowasiýalary özleşdirmäge degişli meseleler giriziler.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Guwlyduz» kombinatynyň çäginde ýokary hilli duzlary öndürýän täze önümhanany, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça taýýarlanan teklipleri goldap, degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ählumumy metan borçnamasynda bellenen wezipeleri we maksatlary ýerine ýetirmek maksady bilen, 2025-2026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça «Ýol kartasynyň» we ony durmuşa geçirmek üçin göz öňünde tutulan çäreler toplumynyň taslamalary hödürlenildi. Bu resminama 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça maksatlaryny ýene-de bir gezek tassyklamaga, dünýä jemgyýetçiliginiň bu ugurdaky umumy tagallalaryna goşant goşmaga gönükdirilendir.

«Ýol kartasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen, metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça dürli halkara guramalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Sekretariaty, degişli ýöriteleşdirilen edaralary, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, beýleki halkara düzümler bilen ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barmak meýilleşdirilýär. «Ýol kartasyny» iş ýüzünde amala aşyrmak üçin metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça 2025-2026-njy ýyllarda çäreler toplumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa dürli halkara guramalar bilen bilelikde ylmy-amaly maslahatlary, «tegelek stol» duşuşyklaryny, okuw sapaklaryny we beýleki çäreleri geçirmek, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek babatda daşary ýurtly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek ýaly çäreleri öz içine alýar. Şunda innowasion we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ugurdaş gazy gaýtadan işlemek hem-de ulanmak boýunça tehniki-ykdysady esaslandyrmalary taýýarlamak meselesine aýratyn üns çekiler.

2-nji noýabrda ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi. Çäräniň dowamynda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň türgenlerini we tälimçilerini sylaglamak dabarasy boldy. Olara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Şeýle-de Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleriniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Saglyk ýoluny ylgap geçmek boýunça guralan ýaryşyň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 6-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi. Bu resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasatynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky beýany boldy. Maslahatda nygtalyşy ýaly, Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan ýurdumyz ilatyň saglygyny goramak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, sport diplomatiýasynyň adamlary jebisleşdiriji mümkinçiliklerini parahatçylygy, abadançylygy berkitmegiň bähbidine netijeli peýdalanmak babatda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary, beýleki halkara düzümler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Bitarap Türkmenistanyň işjeň durmuşa geçirýän medeni diplomatiýasy dünýäniň we sebitiň ýurtlary bilen köpugurly gatnaşyklary giňeltmäge ýardam edýär. Paýtagtymyzda geçirilen Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleri hem munuň aýdyň güwäsidir. Döredijilik çäresine gatnaşyjylar Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ermeni halkynyň özboluşly medeniýeti, häzirki zaman sungaty, şol sanda kino sungaty bilen giňden tanyşdyrdylar. Bellenilişi ýaly, türkmen we ermeni halklaryny taryhy taýdan şertlendirilen hem-de häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ynsanperwer ugruny düzýän köp umumylyklar baglanyşdyrýar. Iki ýurduň alymlarynyň, medeniýet işgärleriniň özara gatnaşyklarynyň çäklerinde halklarymyzyň baý taryhyny, medeniýetini öwrenmek boýunça köp ýyllardan bäri bilelikdäki işler amala aşyrylýar.

«Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynda türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmen manady ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň nyşanydyr» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň gün tertibine milli manadyň dolanyşyga girizilmegi netijesinde ýurdumyzda gazanylýan ykdysady üstünlikler, milli pul-karz syýasatynyň durmuşa geçirilişi, bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy arkaly döwrebap bank hyzmatlarynyň ýola goýulmagy, elektron tölegler ulgamynyň kämilleşdirilmegi, halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlyk ýaly meseleler girizildi. Çäräniň çäginde «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň eýwanynda sergi ýaýbaňlandyryldy. Onda Garaşsyzlyk ýyllarynda gymmat bahaly metallardan ýasalan ýadygärlik teňňeler, milli şaý-sepler görkezildi.

Ýurdumyzda ilkinji gezek bellenilen Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara sergi, onuň çäklerinde «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat geçirildi. Giň gerimli serginiň baş maksady gurluşyk, senagat önümçiligi, energetika we himiýa senagaty, ýol gurluşygy ulgamynda ýurdumyzyň gazananlary, dünýä belli kompaniýalaryň hödürleýän ýöriteleşdirilen enjamlary, öňdebaryjy tehnologiýalarydyr hyzmatlary bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.

Foruma gatnaşyjylaryň çykyşlarynda Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna eýe bolmak, «Açyk gapylar» syýasatyny işjeň durmuşa geçirmek bilen, ykdysady gatnaşyklaryň gerimini ynamly giňeldýändigi, özara bähbitlilik ýörelgesi esasynda netijeli dialogy ýola goýmaga hemmetaraplaýyn taýýardygy bellenildi.

Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň hünär baýramyna bagyşlanyp, ýurdumyzda täze elektrik desgalarynyň açylyş dabaralary boldy. Şol gün Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda güýjenmesi 220 kilowat bolan «Etrek» elektrik bekedi, paýtagtymyzda bolsa güýjenmesi 110 kilowat bolan «Bagyr» elektrik bekedi açylyp ulanmaga berildi. Soňky ýyllarda pudakda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň sarp edijileriniň elektrik energiýasyna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga şert döredýän ygtybarly energetika kuwwatlyklary döredildi. Bu bolsa türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara eksport edilýän möçberini artdyrmaga hem mümkinçilik berýär.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda dünýäniň kuwwatly we durnukly ösýän ýurtlarynyň hataryna goşulan, parahatçylyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgelerine eýerýän ata Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygynyň nobatdaky beýany boldy. Adam hakyndaky alada bolsa durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş maksadydyr.

(TDH)


Beýleki habarlar
06.11.2024
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 4-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň ekerançylyk meýdanlaryndaky pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, möwsümde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatda bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş we ösüş suwy tutulýar, gögeriş alnan ýerlerde agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Welaýatda ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, bag nahallaryny, olaryň ekiljek ýerlerini taýýarlamak işleri dowam edýär. Sebitiň çägindäki medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim welaýatda Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu ugurda ulanylýan oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul edilýär. Welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi ýokary hilli geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatyň çägindäki bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek babatda degişli işler ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli welaýatda geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere görülýän taýýarlyk işleri, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen pagta hasylynyň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnalyp alynmagynyň, bugdaý ekişiniň ýokary hilli, agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de häkime anyk görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen Maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewiň welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitde pagta ýygymy dowam edip, şunda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär, ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul edilýär. Welaýatda bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barlyp, ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş alynýar. Ýetişdirilen şalynyň bol hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Häzirki wagtda welaýatda ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şeýle-de sebitdäki medeni-durmuş maksatly binalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek babatda görülýän çäreler barada aýdyldy. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzda her ýyl giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça meýdanlaryndaky pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamagyň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça işler dowam edýär. Ýygnalan hasyly pagta kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek, talabalaýyk ýerleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Sebitde bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak üçin agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatda ýetişdirilen şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, döwlet harmanyna tabşyrmak, bökdençsiz kabul etmek babatda zerur çäreler görülýär. Ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem welaýatyň çägindäki edara-kärhanalarda, medeni-durmuş maksatly binalarda, ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. Mundan başga-da, häkim welaýatda Hasyl toýuny ýokary derejede geçirmäge görülýän taýýarlyk, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda şu günler dowam edýän möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we welaýatda ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde pagta ýygymy dowam edip, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek, ýygym möwsüminde ulanylýan kombaýnlary, awtoulaglary, beýleki tehnikalary doly güýjünde işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek, ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak üçin degişli işler geçirilýär. Häzirki wagtda welaýatda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär, ýygnalan hasyly kabul ediş nokatlarynda bökdençsiz kabul etmek, talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär. Sebitde ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görülýär. Welaýatdaky bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik binalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim welaýatda Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, pagta hasylynyň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnalyp alynmagy, bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegi üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Diýarymyzda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler geçirilýär. Ýygnalan hasyl pagta kabul ediş harmanhanalarynda we pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul edilýär. Bu işlerde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary, awtoulaglar netijeli işledilýär. Geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak boýunça degişli işler geçirilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda ideg işleriniň çäklerinde gögeriş we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bu işleriň ýokary hilli, guramaçylykly alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, bugdaý ekişiniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň bol galla hasylyny ösdürip ýetişdirmäge ýardam etjekdigini aýtdy hem-de welaýatlarda bugdaý ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde, talaplara laýyklykda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda ýetişdirilen pagtany iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin geçirilýän işlere berk gözegçilik etmegi, ýygym möwsüminde kombaýnlaryň, tehnikalaryň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň doly güýjünde, netijeli işledilmegini gazanmagy, pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň pagta, geljek ýylyň bugdaý hasyly boýunça ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şalynyň, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny doly ýygnap almak üçin degişli işleri geçirmegi, ählihalk bag ekmek dabarasyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Hasyl toýunyň hem ýetip gelýändigini belläp, daýhan zähmetiniň baýramy bolan bu toýa görülýän taýýarlyk işlerini berk gözegçilikde saklamak babatda görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz sowuk günleriň başlanandygyna ünsi çekip, welaýatlarda bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmegi, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

05.11.2024
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 1-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, döwrüň talaplaryna laýyklykda, milli hukuk ulgamyny kämilleşdirmek babatda degişli çäreler görülýär, ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşini kesgitleýän täze kanunlar işlenip taýýarlanylýar. Hereket edýän kanunçylyk namalaryny halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, döwrüň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. Şeýle hem daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen özara gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Hususan-da, Mejlisiň wekilleri Türkmenistan — Türkiýe parlamentara dostluk toparynyň duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen, Türkiýe Respublikasynda iş saparynda boldular. Saparyň dowamynda geçirilen duşuşyklarda toparyň işiniň kämilleşdirilmegi, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi, parlamentler derejesinde duşuşyklardyr maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi barada pikir alşyldy. Mejlisiň wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň guramagynda geçirilen Merkezi Aziýa we Ýuwaş ummanyň ada döwletleriniň parlamentleriniň deputatlarynyň maslahatynyň çäginde geçirilen «Ylalaşygy çuňlaşdyrmak we ösüş üçin bilelikdäki tagallalar» atly okuw maslahatyna gatnaşandygy habar berildi.

Mejlisiň deputatlary döwlet syýasatynyň, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň we medeni mirasynyň ähmiýetini wagyz etmek, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça guralýan çärelere gatnaşýarlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylygynyň döwrüň talabyna görä kämilleşdirilmelidigini belledi. Munuň özi döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmäge we ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de pugtalandyrmaga mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berildi. Ilki bilen, wise-premýer döwlet Baştutanymyzy hem-de Gahryman Arkadagymyzy milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, ähli halkymyza we bank ulgamynyň işgärlerine iberen Gutlagy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra ol «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişi, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu ulgamda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak we tejribe alyşmak üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer şu ýylyň 27-nji noýabrynda paýtagtymyzda ýurdumyz bilen «VISA» amerikan kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara işewürlik forumyny geçirmek meselesi barada habar berdi. Onuň gün tertibine bu kompaniýa bilen strategik hyzmatdaşlygy hem-de halkara töleg ulgamynyň täze tehnologiýalaryny we innowasiýalary özleşdirmek bilen bagly meseleler giriziler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda halkara guramalar we daşary döwletler bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, tejribe alyşmaga möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda Türkmenistan bilen bu kompaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara işewürlik forumyny geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow «Türkmennebit» döwlet konserniniň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, konserniň işgärleri üçin Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde 4 sany 4 gatly, 40 öýli ýaşaýyş jaýyny gurmagyň göz öňünde tutulýandygy aýdyldy. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň yzygiderli gurulýandygyny belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda işleriň alnyp barlyşy hem-de welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ekin meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak işi dowam edýär. Ýetişdirilen pagta hasylyny, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny, Mary welaýatynda gant şugundyryny ýygnap almak boýunça işler geçirilýär. Häzirki wagtda welaýatlarda güýzlük ekilen azyklyk ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, olary sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, bu önümler bilen bazarlary üpjün etmek üçin degişli çäreler görülýär. Ýurdumyzda mallaryň baş sanyny we olardan alynýan önümleriň möçberini artdyrmak boýunça işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda mallar üçin ot-iýmleri taýýarlamak, ýorunja, arpa ideg etmek boýunça zerur çäreler dowam edýär.

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek maksady bilen, güýzki bag ekmek möwsümine başlamak, şu ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bereketli türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk çärelerini giňden ýaýbaňlandyrmak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň, tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan bugdaý ekişini guramaçylykly jemlemegiň, ýurdumyzda ýetişdirilen pagta we şaly hasylyny, gant şugundyryny ýygnap almak işlerini talabalaýyk geçirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz mallaryň baş sanyny artdyrmak boýunça yzygiderli işleri geçirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen, güýzki bag ekmek möwsümine gowy taýýarlyk görmegiň, Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk çärelerini hem ýokary derejede geçirmegiň zerurdygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan ýerli çig maly netijeli peýdalanmak, «Guwlyduz» kombinatynyň önümçiligini giňeltmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Ilki bilen, wise-premýer Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy toplumyň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.

Soňra wise-premýer hasabatyny dowam etdi. Bellenilişi ýaly, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän hem-de bäsdeşlige ukyply duzlaryň dürli görnüşlerini çykarmak boýunça döwrebap önümçilikleri ýola goýmak, geljekde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynda ýerli çig maldan halkara talaplara laýyk gelýän, lukmançylyk duzuny öndürmekde zerur bolan çig mallary öndürmek üçin ony ekologik taýdan arassa, ýokary hilli duz bilen üpjün etmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan, ekologik taýdan arassa ýokary hilli duzlaryň dürli görnüşlerini öndürmek üçin döwrebap önümçilikleri ýola goýmagy dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Guwlyduz» kombinatynyň çäginde ýokary hilli duzlary öndürýän täze önümhanany gurmak boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Dokma senagaty ministrliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ministrligiň garamagyndaky kärhanalarda degişli tehnikalaryň, hususan-da, awtoulaglaryň bökdençsiz işledilmegi üçin netijeli çäreleriň görülýändigi hakynda aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak baradaky taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň 13 — 15-nji noýabry aralygynda paýtagtymyzda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, halkara kinofestiwalyň açylyş we ýapylyş, baýraklaryň gowşurylyş dabaralaryny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirmek göz öňünde tutulýar. «Aşgabat» myhmanhanasynda TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň kinematograflarynyň duşuşygyny geçirmek, «Aşgabat» kinoteatrynda, «Türkmenistan» we «Watan» kinokonsert merkezlerinde festiwala gatnaşýan ýurtlaryň kinofilmleriniň görkezilmegi, Türkmen döwlet medeniýet institutynda bolsa daşary ýurtly kinematograflaryň we artistleriň talyplar üçin ussatlyk sapaklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Daşary ýurtly myhmanlar üçin paýtagtymyzdaky we onuň etegindäki ajaýyp ýerlere gezelençler guralar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, türki halklaryň köpdürli medeniýetiniň wagyz edilmegine, ruhy taýdan has-da ýakynlaşmagyna ýardam berýän çäreleriň möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere «Gorkut ata» halkara kinofestiwalyna gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa şu ýylyň 8 — 17-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda geçiriljek tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşa görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan iş topary döredilip, onuň ýerine ýetirmeli çäreleriniň meýilnamasy tassyklanyldy. Häzirki wagtda Diýarymyzda geçirilen iri halkara sport çärelerinde toplanan tejribelerden ugur alyp, ýaryşy ýokary derejede, guramaçylykly geçirmek bilen bagly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ýaryşa Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Pakistanyň, Eýranyň, Iordaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Malaýziýanyň we Gonkongyň, umumylykda, 12 döwletiň 70 sany türgeniniň, şeýle hem sport wekiliýetleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Halkara ýaryşda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere ýadygärlik sowgatlaryň, Halkara Tennis federasiýasynyň medallarynyň we şahadatnamalarynyň gowşurylmagy göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sporty ösdürmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny artdyrmak üçin netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, dürli derejedäki sport ýaryşlaryny geçirmek babatda ähli zerur şertleriň döredilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça halkara ýaryşy geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Ählumumy metan borçnamasyny ýerine ýetirmek bilen bagly Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, howanyň üýtgemegi bilen bagly ählumumy gün tertibinde durýan meseleler babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şoňa görä, metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça dünýä bileleşigi bilen özara hyzmatdaşlyk baradaky başlangyja aýratyn üns çekildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2023-nji ýylyň 30-njy noýabry — 12-nji dekabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (COP28) Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Şundan ugur alnyp, 2025-2026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça «Ýol kartasynyň» taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu resminama 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça maksatlaryny ýene-de bir gezek tassyklamaga, dünýä jemgyýetçiliginiň bu ugurdaky umumy tagallalaryna goşant goşmaga gönükdirilendir. «Ýol kartasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen, metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça dürli halkara guramalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Sekretariaty, degişli ýöriteleşdirilen edaralary, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, beýleki halkara düzümler bilen ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistan BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasynyň çäginde döredilen “MARS” atly sanly platformanyň işine işjeň gatnaşmaga hem uly ähmiýet berýär. «Ýol kartasyny» iş ýüzünde amala aşyrmak üçin metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça 2025-2026-njy ýyllarda çäreler toplumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Hususan-da, dürli halkara guramalar bilen bilelikde ylmy-amaly maslahatlary, «tegelek stol» duşuşyklaryny, okuw sapaklaryny we beýleki çäreleri geçirmek, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek babatda daşary ýurtly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, innowasion we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ugurdaş gazy gaýtadan işlemek hem-de ulanmak boýunça tehniki-ykdysady esaslandyrmalary taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Milli we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde metan zyňyndylaryny azaltmak babatda Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreler barada maglumatlary ýaýratmak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýokarda agzalan «Ýol kartasynyň» we ony durmuşa geçirmek üçin göz öňünde tutulan çäreler toplumynyň taslamalary hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça halkara derejede öňde goýlan wezipeleri berjaý etmäge jogapkärçilikli çemeleşýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň geljekde hem metanyň zyňyndylaryny azaltmak babatda ählumumy çärelere goşýan goşandyny artdyrjakdygyny, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar hem-de halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini aýdyp, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň 14 — 16-njy noýabry aralygynda «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergini hem-de ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, foruma birnäçe halkara guramalaryň, önüm öndüriji we programma üpjünçiligini taýýarlaýan kompaniýalaryň 150-den gowragynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, halkara sergä bolsa daşary ýurt we ýerli kompaniýalaryň 60-dan köpüsiniň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu kompaniýalar sergide sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlyk, maglumat goraglylygy, telekommunikasiýa, maglumat we kompýuter tilsimatlary, hemra aragatnaşyk ulgamynyň enjamlary, öýjükli aragatnaşygyň 5G ülňüleri ýaly ugurlarda gazanylanlar bilen tanyşdyrarlar. Şeýle hem forumyň çäklerinde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi we Bütindünýä poçta birleşigi bilen bilelikde «Poçta ulgamyndaky sanly geçiş» atly okuw maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Çäräniň çäklerinde «Sanly çözgüt — 2024» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşiginiň jemi jemlener we onuň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak işleriniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergi we ylmy maslahat hem öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we agentligiň ýolbaşçysyna halkara ähmiýetli çärelere gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 3-nji noýabrda ýurdumyzda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününiň giňden bellenilip geçiljekdigini aýtdy. Gurluşyk we senagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Toplumyň işgärleri ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz hemmeleri gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň hünär baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

02.11.2024
Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine döredijilik we hyzmatdaşlyk ýoly bilen

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistany bedew bady bilen ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirip, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça netijeli çäreleri amala aşyrýar, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär.

21-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan wezipeleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin degişli çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz hyzmat ediji edara-kärhanalar bilen ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnamak işlerine berk gözegçilik etmek, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň ýygymyny başlamaga gowy taýýarlyk görmek babatda aýratyn tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere gowy taýýarlyk görmegi, bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik edaralarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmegi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

23-24-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy we Kazan şäherinde geçirilen «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz sammitdäki çykyşynda halkara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini berkarar etmek boýunça birnäçe başlangyçlary öňe sürdi.

Hormatly Prezidentimiz gapma-garşylykly ýagdaýlaryň öňüni almak, olary döredýän sebäpleri aradan aýyrmak üçin Bitaraplygyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallarynyň ulanylmagynyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm bölegidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki ýagdaýlarda Bitaraplygyň esasy ýörelgeleriniň örän zerurdygyna hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň goldamagynda ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek işinde anyk peýda getirmäge ukyplydygyna ynam bildirildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň halkara strategiýasy häzirki döwrüň geoykdysady gatnaşyklaryna, häzirki zamanyň wajyp meselelerini çözmäge işjeň gatnaşmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge, ekologiýa, azyk howpsuzlygy babatda çylşyrymly ýagdaýlary aradan aýyrmaga, ýurtlaryň we halklaryň energiýa çeşmelerine, arassa suwa, howa elýeterliliginiň deňhukukly, adalatly we ygtybarly ýollaryny döretmäge esaslanýar. Muňa döwletimiz işjeň, jogapkärçilikli çemeleşýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we Türkmenistanyň ykdysadyýet, energetika, durnukly ulag ulgamlaryndaky başlangyçlaryna ünsi çekdi. Hususan-da, gürrüň Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmegiň ählumumy Çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Durnukly ulag birikmesiniň ählumumy atlasyny, Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek barada barýar.

Saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Tatarystanyň Baştutany taryhyň dowamynda kemala gelen dostlukly gatnaşyklara esaslanýan we ähli ugurlar boýunça işjeň ösdürilýän tatar-türkmen hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýetini hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideriniň saldamly goşandyny nygtady.

Duşuşykda hormatly Prezidentimizi Tatarystan Respublikasynyň «Duslyk» ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy. Döwlet Baştutanymyz bildirilen hormat-sarpa üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu sylagyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň synmazlygynyň ýene-de bir nyşanyna öwrüljekdigini belledi.

24-nji oktýabrda XVI BRICS sammitiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşler ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysy döwrüň wajyp meselelerini çözmekde başlangyçly çykyş edýändigi hem-de BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýandygy üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek işinde guramanyň möhüm hyzmatdaşy bolandygyny we şeýle bolmagynda-da galýandygyny nygtady.

25-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe meseleleri girizildi. Mejlise türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Gahryman Arkadagymyz mejlisde syýasy taýdan örän ähmiýetli we çuň mazmunly çykyş etdi. Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň çäklerinde Türkmenistanyň ýokary derejedäki ornuny belläp, “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnama boýunça pikirini paýlaşdy we halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenlerimizi sylaglamak dabarasyny geçirmek baradaky teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. Sentýabr aýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine hem-de ýakynda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma taýýarlyk görmek, bu çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk babatda köp işleriň alnyp barlandygy bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideriniň awgust aýynda zähmet rugsadyny almandygy sebäpli, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 1-nji noýabryndan başlap zähmet rugsadyna çykmagy bilen bagly meseläni goldady.

Ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, «Türkmennebit» döwlet konserniniň pudaklaýyn desgalarynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, geologiýa-gözleg işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça amala aşyrylýan işleri mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan beýleki meseleleriň hatarynda görkezmek bolar. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şu ýylyň 20-21-nji noýabrynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde özbek harytlarynyň milli sergisini hem-de Ikinji türkmen-özbek sebitara forumyny geçirmek baradaky teklip hödürlenildi. Mundan başga-da, şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň Tertibi barada hasabat berildi.

Mejlisde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri hakynda-da aýdyldy. Şunda Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede durmuşa geçirmekde ulgamlaýyn çemeleşmeleri we oňyn tejribeleri ornaşdyrmak maksady bilen, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy we ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudak edaralary bilen bilelikde taýýarlanylan «2024 — 2026-njy ýyllarda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky «Ýol kartasyna» garamak teklip edildi. Bu resminamanyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde birnäçe çäreleri guramak meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilendigini nygtady. Bu barada Gahryman Arkadagymyz hem durup geçdi. Şunuň bilen baglylykda, bu möhüm ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli 2-nji noýabrda hemmeleriň bilelikde sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, Saglyk ýolundan geçmegi teklip edildi. Şeýle-de bu çärede ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarda gowy netije gazanyp, ýaşyl tugumyzy belentde parladan türgenlerimizi sylaglamak dabarasy geçiriler.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasyndan gelip gowşan hoş habara ünsi çekdi. 24-nji oktýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Gurama agza ýurtlaryň köpüsi hem-de sebitdäki ähli ýurtlar bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu hoş habar Türkmenistanyň dünýäde «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýandygynyň güwäsi bolup durýar.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyny geçirmek, «Türkmennebit» döwlet konserniniň we Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň gaz turbina desgalarynyň, Türkmenistanda hereket edýän beýleki gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de berkitmekde daşary ýurt kompaniýalary bilen degişli şertnamalary baglaşmak hakynda Kararlara gol çekdi. Geçen hepdede gol çekilen resminamalaryň hatarynda Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakynda Karar, Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň nobatdaky ýyllyk maslahatyna we ugurdaş çärelere gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalaryny Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waşington şäherine gulluk iş saparyna ibermek hakynda Buýruk hem bar.

Hepdäniň wakalaryna syny dowam etmek bilen, Söwda-senagat edarasynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň guramagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahatyň we serginiň geçirilendigini bellemek gerek. Çäräniň baş maksady energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek boýunça sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdan, dünýäniň energetika bazaryndaky täze meýillere göz aýlamakdan we Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybarat boldy.

Sergi uglewodorod çig malyny gözläp tapmak, çykarmak, ibermek we saklamak ulgamyny üpjün etmek, çuň burawlamak, ozal hereket edýän turba geçirijileri döwrebaplaşdyrmak, täzelerini gurmak, nebiti we gazy gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary artdyrmak, guýularyň öndürijiligini ýokarlandyrmak babatda hyzmatlaryň giň toplumyny özünde jemledi. Maslahatda energetika bazarlarynyň ösüşindäki ählumumy ýagdaýlar, hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek boýunça ozaldan bar bolan nebit we gaz känlerini işläp taýýarlamak, täzelerinde gazyp almak işini işjeňleşdirmek, energetiki geçiş, innowasion tehnologiýalaryň hem-de adam maýasynyň eýeleýän orny, energetiki geçişde az uglerodly ýangyçdan peýdalanmak, metanyň, uglerodyň dioksidiniň zyňyndylaryny azaltmak, gazy ýer astynda saklamak we geotermal energiýa ýaly möhüm meselelere garaldy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan energiýa serişdelerini uly möçberde eksport edijileriň biri bolmak bilen, olary ibermegiň durnukly halkara ulgamlarynyň kemala getirilmegi ugrunda çykyş edýär.

Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary guraldy. Duşuşyklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň strategik ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçen hepdäniň ýekşenbe gününde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu waka bagyşlanyp, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi geçirildi. Foruma sanly ulgam arkaly daşary ýurtly itşynaslar hem gatnaşdylar.

Çykyşlarda müňlerçe ýyllaryň dowamynda türkmen halkynyň wepaly hemrasy hasaplanýan alabaýlaryň diňe bir kömekçi, goragçy bolman, eýsem, dost hem syrdaş bolup, nusgalyk batyrlyk we çäksiz wepadarlyk görkezendikleri bellenildi. Şeýle häsiýetleri bilen ynsanyň hemrasy bolan alabaýlar halkymyzyň medeniýetinde, sungatynda, edebiýatynda we halk döredijiliginde mynasyp orun eýeläp, umumadamzat mirasyna hem öwrüldi. Nygtalyşy ýaly, alabaýlaryň özboluşly aýratynlyklaryny, gylyk-häsiýetini hem-de wepadarlygyny dünýä giňden ýaýmak möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, alabaýlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak, dünýäde giňden wagyz etmek, welaýatlarymyzda we Aşgabat şäherinde gurlan merkezlerde türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek hem-de köpeltmek, ylma esaslanýan tohumçylyk-seçgiçilik işlerini alyp barmak, ýurdumyzda, daşary ýurtlarda türkmen alabaýlarynyň sergilerini, bäsleşiklerini guramak Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň öňünde durýan esasy wezipelerdir.

Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň iň gowy kinologlaryna «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlar dakyldy, assosiasiýanyň täze agzalaryna bolsa agzalyk şahadatnamalary gowşuryldy. Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň toplumynda «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligi bilen netijeli dialogy ösdürmäge, eziz Diýarymyzyň gülläp ösüşiniň berk binýadyny kemala getirmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga, baý medeni mirasymyzy aýawly saklamaga gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýany boldy.

(TDH)

30.10.2024
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 28-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işler geçirilýär. Ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul edilýär. Welaýatda geljek ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin bugdaý ekişi dowam edýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Şeýle hem häkim welaýatyň çägindäki edara-kärhanalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek boýunça görülýän çäreler, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we guramaçylykly alnyp barylmagynyň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalarda bellenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek, möwsümde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Welaýatda bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin degişli çäreler görülýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy öz wagtynda tutulýar. Şeýle hem häkim welaýatdaky edara-kärhanalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek boýunça görülýän çäreler, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi hem-de bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewiň welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitde pagta ýygymy guramaçylykly dowam edip, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Möwsümde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilip, ýygnalan hasyl harmanhanalarda bökdençsiz kabul edilýär. Bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek babatda zerur işler geçirilýär. Ekiş geçirilen ýerlerde kadaly gögeriş alynýar. Welaýatda şaly hasylyny ýygnap almak, şaly oragynyň depginini güýçlendirmek boýunça çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim welaýatdaky medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek boýunça görülýän çäreler, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bu ugurdaky işleriň depginlerini güýçlendirmek, bugdaý ekişini talabalaýyk geçirmek babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitiň pagtaçy daýhanlary tarapyndan ýetişdirilen “ak altynyň” hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, hasyly pagta kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek we talabalaýyk ýerleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Möwsümde oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, kadaly gögeriş almak üçin agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda gögeriş suwy tutulýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, sebitde ýetişdirilen şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, döwlet harmanyna tabşyrmak hem-de bökdençsiz kabul etmek babatda zerur işler geçirilýär. Şeýle-de häkim welaýatdaky bilim, medeniýet, jemgyýetçilik edaralarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny bökdençsiz işletmek üçin görülýän çäreler, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän işleriň ýokary hilli we guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, häzirki wagtda welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ýygymda ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini ýokary hilli geçirmek babatda zerur işler alnyp barylýar. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy öz wagtynda tutulyp, kadaly gögeriş alynýar. Welaýatda gant şugundyrynyň hasylynyň ýygymyna girişildi. Mundan başga-da, häkim welaýatyň çägindäki medeni-durmuş, jemgyýetçilik binalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek boýunça ýerine ýetirilýän işler, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini talabalaýyk geçirmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, hasyly kabul ediş harmanhanalarynda we pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bu işlerde ulanylýan kombaýnlar, awtoulaglar doly güýjünde işledilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak hem-de gögeriş alnan meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny ýygnap almak, kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek we talabalaýyk saklamak babatda işler dowam edýär. Mary welaýatynda gant şugundyry ekilen meýdanlarda ideg işleri tamamlanyp, häzirki wagtda hasyly ýygnap almaga girişildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ähmiýetini belledi we häzirki wagtda pudakda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň talabalaýyk alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzir ýurdumyzyň oba hojalygynda örän jogapkärli döwür bolan pagta ýygymy möwsüminiň dowam edýändigini, şoňa görä-de, ýygymyň depginini has-da güýçlendirmegiň, pagta hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur bolan ähli işleri talabalaýyk geçirmegiň möhümdigini belledi we welaýatlarda ýygymda kombaýnlaryň, tehnikalaryň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, pagta kabul ediş harmanhanalarynyň doly güýjünde we netijeli işledilmegini üpjün etmegi, şu işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda bugdaý ekişiniň hem güýçli depginde alnyp barylýandygyna ünsi çekip, ekişiň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmeginiň bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmäge, ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam etjekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda bugdaý ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy, ekişde tehnikalaryň we gurallaryň doly güýjünde, netijeli işledilmegini gazanmagy, gögeriş suwuny tutmak işleriniň talabalaýyk, öz wagtynda geçirilmegini, bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş alynmagyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda hyzmat ediji edara-kärhanalar bilen 2024-nji ýylyň pagta hasyly hem-de 2025-nji ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly hasylynyň, Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň talabalaýyk ýygnalyp alynmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz gyş möwsüminiň golaýlap gelýändigine ünsi çekip, welaýatlarda bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik edaralarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmegi, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýylda meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

29.10.2024
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 25-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Mejlise türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Mejlisiň başynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berdi.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, şu günki geçirilýän Ministrler Kabinetiniň mejlisine ýüzlenmäge mümkinçilik berendigi üçin Arkadagly Serdarymyza minnetdarlygyny bildirdi.

Milli Liderimiz hormatly Prezidentimize hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, düýn — 24-nji oktýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagyna 79 ýyl bolandygyny, döwlet Baştutanymyzyň bu abraýly halkara guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşmagynyň, ony guramanyň güni bilen gutlamagynyň ählimiz üçin uly mertebe bolup durýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri dünýäde hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilen Garaşsyz Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen BRICS sammitinde eden çykyşynyň hem munuň aýdyň güwäsi bolup durýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz, Siziň belläp geçişiňiz ýaly, dünýäniň strategik sebitleriniň biri bolan Merkezi Aziýa häzirki günde depginli ösüşleri gazanýar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Sebitiň ýurtlary Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Ýurdumyzda hem Durnukly ösüş maksatlary boýunça edilen işler kän. Ýagny ykdysadyýeti, ekologiýany, hususyýetçiligi, ylmy-intellektual başlangyçlary ösdürmek ugrunda köp işler ýerine ýetirilýär. Geljekde hem bu ugurda degişli çäreler alnyp barlar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. Gahryman Arkadagymyz, öz gezeginde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça çäreleri berk gözegçilikde saklajakdygyna ynandyryp, bu möhüm çäreleri amala aşyrmakda hemmelere uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam edip, häzirki wagtda eziz Watanymyzda sport ulgamyny ösdürmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny, Türkmenistanyň diňe bir iri halkara ýaryşlara gatnaşmak bilen çäklenmän, sebit we dünýä derejeli ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrülendigini kanagatlanma bilen belledi. Şu ýylyň 6-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi. BMG-ä agza ýurtlaryň biziň bu başlangyjymyzy goldamagy, 87 ýurduň oňa awtordaş bolmagy biziň üçin örän uly abraýdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Çözgüdine laýyklykda, şu ýyl Aşgabat şäheri «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi. Bularyň ählisi Garaşsyz ýurdumyzda sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere berlen ýokary bahadyr.

Möhüm ähmiýetli Kararnama kabul edilenden soň hem biziň türgenlerimiz köp sanly halkara ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelediler. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň tuguny al-asmanda parladyp, ýurdumyzyň sport abraýyny belende göterdiler. Bu bolsa ýurdumyzyň sport syýasatynyň gowy netijeleri berýändigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, Daşary işler ministrligi bilen bilelikde halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenlerimizi sylaglamak dabarasyny geçirmek baradaky teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýylsaýyn özgerýän Diýarymyzda döwlet we halkara derejedäki dürli çäreleriň, toý-baýramlaryň giňden bellenilip geçilýändigini, sentýabr aýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary derejede geçirilendigini, ýakynda bolsa dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berlen, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň guralandygyny aýtdy. Türkmenistanyň Halk Maslahaty bu çärelere taýýarlyk görmek we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk tarapdan köp işleri alyp bardy diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi hem-de Halk Maslahatynyň mejlisine we halkara çärelere taýýarlyk görmek bilen bagly awgust aýynda zähmet rugsadyny almandygy sebäpli, 1-nji noýabrdan zähmet rugsadynyň öwezini dolmak barada hormatly Prezidentimize ýüzlendi.

Döwlet Baştutanymyz Gahryman Arkadagymyzyň belläp geçen ähli meseleleriniň, aýratyn-da, ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlary boýunça öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmegiň möhüm ähmiýete eýedigini belledi. “Ýaş türgenlerimiz halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň abraýyny belende göterýärler. Biz mundan beýläk hem olar üçin ähli şertleri dörederis” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 1-nji noýabryndan başlap zähmet rugsadyna çykmagy bilen bagly meseläni hem goldady.

Milli Liderimiz döwlet Baştutanymyza döredýän mümkinçilikleri üçin minnetdarlygyny bildirip, hemmelere ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini dowam edip, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, administratiw hukuk bozulmalary, raýatlaryň zähmet gatnaşyklaryny döwrebaplaşdyrmak, salgytlar, awtomobil ulagy bilen baglanyşykly we beýleki hereket edýän kanunlara üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizmek boýunça işler dowam etdirilýär. Daşary ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek üçin Mejlisiň wekilleri ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde BMG-niň Ilat gaznasynyň guran maslahatyna, Bütindünýä Söwda Guramasynyň geçiren okuw sapagyna gatnaşdylar. Şeýle hem Mejlisiň wekilleri Parlamentara Birleşigiň 149-njy Assambleýasyna gatnaşmak maksady bilen, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde iş saparynda boldular. Deputatlaryň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda durmuşa geçirilýän beýik işleriň taryhy ähmiýetini wagyz etmek, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça guralýan çärelere gatnaşýandyklary we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýändikleri barada hem aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mejlisiň deputatlarynyň ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşini kesgitleýän kanunlary işläp taýýarlamalydyklaryny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan şu ýylyň 1-nji noýabrynda “Türkmen manady — ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň nyşany” atly ylmy-amaly maslahaty geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Maslahatyň gün tertibine milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi netijesinde ýurdumyzyň gazanan ykdysady üstünlikleri, milli pul-karz syýasatynyň durmuşa geçirilişi, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly döwrebap bank hyzmatlaryny hödürlemek, elektron tölegler ulgamyny kämilleşdirmek, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek bilen baglanyşykly meseleler giriziler. Foruma ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş we bank edaralarynyň, ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşarlar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahata gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, pudaklaýyn desgalaryň infrastrukturasyny kämilleşdirmek, geologiýa-gözleg işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, döwlet konsernini ýöriteleşdirilen tehnikalar, hususan-da, nebitgaz guýularyny burawlamakda, özleşdirmekde we düýpli abatlamakda ulanylýan serişdeler bilen üpjün etmek boýunça zerur işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak üçin «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli kämilleşdirip durmagyň zerurdygyny belledi hem-de ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi we ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberip, resminamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda işleriň alnyp barlyşy hem-de welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Wise-premýer, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli oba hojalyk toplumynyň işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra wise-premýer hasabatyny dowam etdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekişi dowam edýär, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Pagta hasylyny, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak boýunça degişli işler dowam etdirilýär. Häzirki wagtda welaýatlarda güýzlük ekilen azyklyk ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, olary sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, bu önümler bilen bazarlarymyzy üpjün etmek babatda degişli işler geçirilýär.

Ýurdumyzda mallaryň baş sanyny we olardan alynýan önümleriň möçberini artdyrmak maksady bilen, maldarçylyk hojalyklarynda mallar üçin ot-iýmleri taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak üçin suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak işleri geçirilýär. Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek, ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, häzirki wagtda ýurdumyzda güýzki bag ekmek möwsümine taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegiň, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň, bugdaý ekişini bellenen möhletlerde we talabalaýyk alyp barmagyň, munuň üçin oba hojalyk tehnikalaryny netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmegi dowam etdirmegiň, beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde-de netijeli işleri alyp barmagyň, ýurdumyzda güýzki bag ekmek möwsümine gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýekşenbe güni Türkmen alabaýynyň baýramynyň giňden bellenilip geçiljekdigini, türkmen alabaýynyň merdana halkymyzyň gadymdan gelýän milli buýsanjydygyny belledi hem-de hemmeleri Türkmen alabaýynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň gaz turbina desgalarynyň kadaly işlemegini üpjün etmek hem-de zerur bolan abatlaýyş-tehniki işleri geçirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmegiň hemişe üns merkezinde saklanylýandygyny, türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi hem-de resminamany sanly ulgam arkaly iberip, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, degişli resminamalara laýyklykda, Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäginde özara sergileri hem-de ýurdumyzda Ikinji türkmen-özbek sebitara forumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bellenen çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýylyň 15-16-njy iýulynda Daşkent şäherinde “Türkmenistanda öndürilen” atly ýurdumyzyň harytlarynyň milli sergisi geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şu ýylyň 20-21-nji noýabrynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde özbek harytlarynyň milli sergisini hem-de Ikinji türkmen-özbek sebitara forumyny geçirmek baradaky teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanyp, goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini, bu ugurda Özbegistan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz noýabr aýynda Türkmenabat şäherinde Özbegistan Respublikasynyň milli sergisini we Ikinji sebitara forumy geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň noýabr aýynyň dowamynda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, sergileri we aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemini jemlemek, talyplardyr okuwçylaryň arasynda “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly uniwersiadanyň we spartakiadanyň sport ýaryşlaryny geçirmek meýilleşdirilýär.

3-nji noýabrda ýurdumyzda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni giňden belleniler. Şu mynasybetli birnäçe baýramçylyk dabaralaryny, şol sanda medeni çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. 10-njy noýabrda bolsa Hasyl toýy mynasybetli giň gerimli çäreleri we dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. Şu ýylyň 13 — 15-nji noýabry aralygynda paýtagtymyzda “Gorkut ata” halkara kinofestiwaly geçiriler. Şeýle hem 14 — 16-njy noýabrda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2024” atly halkara sergisini we ylmy maslahaty geçirmek, “Sanly çözgüt — 2024” atly innowasion taslamalaryň bäsleşiginiň jemini jemlemek göz öňünde tutulýar.

Wise-premýer şu ýylyň noýabr aýynda başga-da birnäçe möhüm ähmiýetli çäreleriň, şol sanda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklar we şanly seneler bilen bagly noýabr aýynda geçiriljek esasy çärelere gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ulanmaga berilýän desgalaryň açylyş dabaralaryny ýokary derejede geçirmegiň, Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni, Hasyl toýy mynasybetli çärelere gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, Hytaý Halk Respublikasy bilen köpugurly gatnaşyklar, hususan-da, ylmy-tehnologik hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Munuň özi ylym ulgamyny kämilleşdirmek hem-de bu ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Forumyň gün tertibine ylmy barlaglaryň netijelerini önümçilige işjeň ornaşdyrmak, halkara ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek bilen bagly meseleler giriziler. Şeýle hem forumda nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlar boýunça türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň giň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň dünýä döwletleri, şol sanda Hytaý Halk Respublikasy bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyny geçirmek hakynda» Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we bu möhüm çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol sözüniň başynda Hökümetiň agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Duslyk” ordeni bilen sylaglanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň şu günki mejlisine syýasy taýdan örän ähmiýetli we manyly çykyşy bilen gatnaşandygy bellenildi. Hormatly Arkadagymyzyň bu mejlise gatnaşmagy hemmämiz üçin uly hormatdyr we uly jogapkärçilikdir diýip, wise-premýer, daşary işler ministri aýtdy. Gahryman Arkadagymyz BMG-niň çäklerinde Türkmenistanyň ýokary derejedäki ornuny belläp, “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnama boýunça esasy pikirini paýlaşdy we bu babatda öz tekliplerini beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýete eýedigini nygtap, hormatly Prezidentimizi Birleşen Milletler Guramasynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän başlangyçlary BMG-niň çäklerinde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilýän Kararnamalarda öz beýanyny tapýar.

Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow şu gün BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar barada aýtdy. 2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň köpüsi we sebitdäki hemme ýurtlar bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatynyň aýdyň nyşany bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň bu daşary syýasy üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlady we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Mälim bolşy ýaly, bu geňeş döwlet Baştutanymyzyň goldaw bermeginde 2024-nji ýylyň martynda döredildi. Şu ýyl onuň mejlisleriniň ikisi geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna noýabr aýynda geňeşiň nobatdaky mejlisini geçirmek we onuň gün tertibi baradaky teklipler hödürlenildi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama laýyklykda, Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň meýilnamasynyň deslapky taslamasy işlenip düzüldi we ony öňümizdäki mejlisde ara alyp maslahatlaşmak teklip edilýär. Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede durmuşa geçirmekde ulgamlaýyn çemeleşmeleri we oňyn tejribeleri ornaşdyrmak maksady bilen, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy we ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudak edaralary bilen bilelikde taýýarlanylan «2024 — 2026-njy ýyllarda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky «Ýol kartasyna» garamak teklip edilýär. Bu resminamanyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde birnäçe çäreleri guramak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Ýurdumyz bu abraýly gurama bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge aýratyn üns berýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Bu Kararnama bilen bagly ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz geňeşiň nobatdaky mejlisini geçirmek hem-de mejlisde degişli çäreler boýunça soraglary ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly teklibi goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gury ýük gämileriniň ýokary depginde alnyp barylýan gurluşygy netijesinde bu ugurda ýerli hünärmenler taýýarlanylyp, zawodda dünýäniň iň döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrylýar we zawodyň awtomatlaşdyrylan enjamlary işe girizilýär. Şunuň bilen birlikde, zawodyň has netijeli işlemegi üçin onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, bu ýerde täze enjamlary öndürmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda gury ýük gämileriniň gurluşygyna badalga berilmeginiň milli senagatyň täze ugruny ösdürmekde möhüm ädim bolandygyny aýtdy. Munuň özi ýükleriň möçberini yzygiderli artdyrmaga, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işini kämilleşdirmäge itergi berýär. Şunda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna hem aýratyn orun degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz bu döwrebap zawodyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça taýýarlanan teklipleri goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu möhüm ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli 2-nji noýabrda sport çäresini geçirmegi, hemmeleriň bilelikde jemgyýet bolup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, Saglyk ýolundan geçmegini teklip etdi. “Bu çärede ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarda gowy netije gazanyp, ýaşyl tugumyzy belentde parladan türgenlerimizi gazanan sport üstünlikleri bilen gutlalyň, mynasyp bolan sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşuralyň!” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny aýtdy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu hoş habar hormatly Arkadagymyzyň belläp geçişi ýaly, Türkmenistanyň dünýäde «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýandygynyň güwäsi bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň köpüsiniň biziň bu başlangyjymyzy goldamagy, sebitdäki hemme ýurtlaryň oňa awtordaş bolup çykyş etmegi biziň üçin uly abraýdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we teklibi biragyzdan goldan ähli ýurtlara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz hemmeleri «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

26.10.2024
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 21-nji oktýabr. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi.

Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde pagta ýygymy guramaçylykly dowam edip, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Bugdaý ekişini ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Häzirki wagtda welaýatyň çägindäki edara-kärhanalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlary işe girizilip, olaryň kadaly işlemegini üpjün etmek babatda degişli işler geçirilýär. Şeýle hem häkim welaýatda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlaryndaky pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek bilen baglanyşykly işleriň ýokary guramaçylyk derejesinde ýerine ýetirilmelidigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda pagta ýygymy möwsüminiň depginini güýçlendirmek, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak, pagta arassalaýjy kärhanada we kabul ediş harmanhanalarynda hasyly kabul etmek, pagtany daşamakda ulanylýan tehnikalaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça degişli edara-kärhanalar bilen bilelikde geçirilýän çäreler barada habar berildi. Welaýatda dowam edýän bugdaý ekişini ýokary hilli geçirmek maksady bilen, bu ugurda ulanylýan oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilip, ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak üçin gögeriş suwy öz wagtynda tutulýar. Häzirki wagtda sebitdäki edara-kärhanalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary möwsümleýin işe girizilip, olar elektrik energiýasy, tebigy gaz we suw bilen bökdençsiz üpjün edilýär. Häkim öňde boljak şanly seneler, hususan-da, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada-da hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetini belledi hem-de pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini ýokary hilli geçirmek barada häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewiň welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak, bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň güýjünden netijeli peýdalanmak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatda bugdaý ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Bugdaý ekilmeli meýdanlarda tagt suwuny tutmak işi doly geçirilip, ekiş geçirilen ýerlerde endigan gögeriş alynýar. Sebitde ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak boýunça degişli işler dowam edýär. Howanyň sowamagy bilen baglylykda, welaýatdaky medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary işe girizilip, olaryň bökdençsiz işledilmegi üpjün edilýär. Mundan başga-da, häkim Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli welaýatda guraljak medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, ýygym möwsümine gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly binalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, şu günler sebitde ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, kabul ediş harmanhanalaryna tabşyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Möwsümde oba hojalyk tehnikalary we gurallary netijeli işledilýär. Welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, gögeriş suwuny tutmak işleri öz wagtynda alnyp barylýar. Ýetişdirilen şaly hasylyny gysga wagtda ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmak üçin zerur işler geçirilýär. Welaýatyň çägindäki bilim we medeniýet, jemgyýetçilik edaralarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary işe girizilip, olaryň kadaly işledilmegini üpjün etmek babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda dabaraly bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini hem gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, hasyly ýitgisiz ýygnap almak, ony kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatda bugdaý ekişini talabalaýyk geçirmek, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak hem-de kadaly gögeriş almak üçin zerur çäreler ýola goýulýar. Sebitde gant şugundyrynyň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak işlerine-de taýýarlyk görülýär. Welaýatda ýyladyş möwsümine girişilip, medeni-durmuş we jemgyýetçilik binalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim welaýatda Türkmen alabaýynyň baýramyny guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygy pudagynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, sebitde şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda berjaý edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler Diýarymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, hasyly kabul ediş harmanhanalarynda we pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň, awtoulaglaryň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan bugdaý meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek boýunça işler dowam edýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamaga taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan wezipeleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de bu işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda jogapkärli möwsümiň — pagta ýygymynyň dowam edýändigine ünsi çekdi hem-de ýygymyň depginini güýçlendirmegiň, hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur işleri geçirmegiň, ýygymda kombaýnlaryň, tehnikalaryň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmagyň möhümdigini belledi. Bu işleriň öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmegi köp zähmet siňdirilip ýetişdirilen hasyly zaýasyz ýygnap almagy, pudakda özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmagy üpjün eder.

Hormatly Prezidentimiz bugdaý ekişiniň hem dowam edýändigine ünsi çekip, ekiş möwsüminiň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmeginiň bugdaýyň bol hasylyny almaga, azyk howpsuzlygyny berkitmäge ýardam etjekdigini belledi we geljek ýylyň hasyly üçin welaýatlarda bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlere laýyklykda alnyp barylmagyna berk gözegçilik etmek, ekişde ulanylýan tehnikalaryň netijeli işledilmegini üpjün etmek, bugdaýa gögeriş suwuny tutmak işlerini öz wagtynda geçirmek hem-de kadaly gögeriş alynmagyny üpjün etmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda hyzmat ediji edara-kärhanalar bilen ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda we talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ösdürilip ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnamak işlerine berk gözegçilik etmegi, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň ýygymyny başlamaga gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz gyş paslynyň golaýlap gelýändigine ünsi çekip, welaýatlardaky bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere gowy taýýarlyk görmegi, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýylda meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

22.10.2024
Parahatçylyk döredijilikli syýasat we halkyň tutanýerli zähmeti — üstünlikleriň gözbaşy

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary öz beýanyny tapdy. Şol syýasatyň baş maksady ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmakdan, parahatçylyk döredijilik ýoluna ygrarlylykdan, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyzyň 14-nji oktýabrda geçiren iş maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmegiň, maldarçylyk hojalyklarynda gyş pasly üçin zerur möçberde ot-iým taýýarlamagyň, mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamagyň möhüm ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Hormatly Prezidentimiz güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinleri bilen içerki bazarlarymyzy doly üpjün etmek babatda zerur çäreleriň görülmegini tabşyrdy. Şeýle-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegini, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň hilini gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

18-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işi, parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak, dokma senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek, demir ýol ulagy pudagynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly meseleler bar. Hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenistanyň Döwlet etalon merkeziniň hem-de “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň barlaghanalaryny halkara ölçeglere laýyklykda akkreditasiýadan geçirmek baradaky teklip hödürlenildi. Şeýle-de Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda nah ýüplük, nah we tüýjümek matalary, taýýar tikin önümlerini öndürýän dokma toplumynyň gurluşygyny amala aşyrmak boýunça teklip hödürlenildi. Munuň özi importyň ornuny tutýan ýokary hilli, ekologik taýdan arassa dokma önümlerini öndürmäge, olary eksport etmäge hem-de täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz demir ýol ulagy pudagynyň işini halkara derejede kämilleşdirmäge gönükdirilen teklibi goldady.

Mejlisde ýakynda geçiriljek dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi. Şu ýylyň 23 — 25-nji oktýabry aralygynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024” atly XXIX halkara maslahaty we sergini geçirmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi baýram etmegiň çäklerinde ugurdaş halkara sergi we maslahat geçiriler. Şunuň bilen bir hatarda, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda “Bäherden” keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabaralaryna taýýarlyk görülýär. Şu ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli çäreler guralar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň degişli Buýrugyna laýyklykda, Aşgabatda “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigiň hem-de türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça bäsleşikleriň geçiriljekdigini bellemek gerek. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň noýabr-dekabr aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde birnäçe halkara ylmy-amaly maslahatlar geçiriler.

Şu ýylyň 15 — 17-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Pakistan Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn meseleleriň biri boldy. Türkmen tarapynyň çykyşynda ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda, maýa goýum işi ŞHG bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, hususy pudagyň ugry boýunça, aýratyn-da, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Işewürler geňeşiniň arasynda göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak teklip edildi.

Iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýeti Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistanyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif bilen duşuşygynda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň giň toplumyna garaldy. Şeýle hem saparyň dowamynda ýurdumyzyň wekiliýeti Pakistanyň energetika ministri bilen gepleşikleri geçirdi. Dostlukly ýurduň bilim ministri bilen geçirilen duşuşygyň çäklerinde bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň gerimini giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Döwlet Baştutanymyz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen ýurdumyzy däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny belläp, bu düzüm bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda” Karara gol çekdi.

14-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşligini geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar. Özbegistanyň Prezidenti Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen ýokary wekilçilikli foruma gatnaşmak baradaky çakylyk hem-de “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglanandygy üçin hoşallyk bildirdi we Aşgabatda geçirilen halkara maslahatyň halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýtdy.

Söhbetdeşligiň barşynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa, oba hojalyk pudaklaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, geljekde amala aşyryljak bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Mejlisinde ýurdumyzyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi. Onuň netijeleri boýunça Bilelikdäki Jarnama kabul edildi. Bu çäräniň çäklerinde geçirilen türkmen-koreý geňeşme maslahatynyň ikinji mejlisinde dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen baglylykda, parlament diplomatiýasyny ulanmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar, parlamentara dostluk toparlarynyň duşuşyklary geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi. Oňa ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dünýäniň habar beriş serişdeleri ýokary wekilçilikli forumyň işi, onda beýan edilen pikirler, forumyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar barada giňişleýin maglumatlary berdi. Döwlet Baştutanymyzyň forumdaky çykyşyndan bölekler millionlarça okyjysy bolan iri habarlar agentlikleriniň sahypalarynda çap edildi. Iri sebit neşirleri milli habarlar agentlikleriniň maglumatlaryna salgylanmak bilen, duşuşyga gatnaşyjylaryň medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýetini aýratyn nygtandyklaryny habar berdiler. Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri wekilçilikli halkara forumyň sebit hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine oňyn täsirini belläp, özara gatnaşyklaryň köpýyllyk tejribesiniň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini tassykladylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda guralan Magtymguly Pyragynyň özbek we gyrgyz dillerine terjime edilen goşgular ýygyndylarynyň tanyşdyrylyş dabaralary halklarymyzyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň nobatdaky beýany boldy.

Aşgabatda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary S.Ziýozodanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet paýtagtymyza geldi. Mejlisde söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny öz içine alýan meseleleriň giň toplumy, energetika pudagy, ulag-logistika, oba hojalygy, senagat, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine laýyklykda, geňeşiň geçen ýylyň sentýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde geçirilen 36-njy mejlisinde kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilişi, GDA agza döwletleriň 2022 — 2024-nji ýyllarda durmuş-zähmet pudagynda hyzmatdaşlygynyň netijeleri hem-de geljek üçin göz öňünde tutulýan wezipeler, Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlarda durmuş-zähmet pudagyndaky ýagdaýlar barada maglumatlar diňlenildi.

Başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistan durmuş ugurly syýasaty amala aşyrmakda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdy. Bu syýasat adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip yglan edýän ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň esasy düzgünlerine berk eýermek esasynda alnyp barylýar. Maslahat beriş geňeşiniň agzalary görülýän çäreleriň utgaşdyrylýandygyny, uzak möhletli, üstünlikli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin berk hukuk binýadynyň we syýasy erkiň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler. Munuň özi täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär.

Türkmen oba hojalyk institutynda «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly halkara ylmy-taslama bäsleşigi geçirildi. Sanly ulgam arkaly guralan zehin bäsleşiginiň baş maksady BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary bilen baglylykda, oba hojalygy pudagynda ýüze çykýan möhüm meseleleri öwrenmek we çözmek üçin talyplaryň ylmy garaýyşlaryny, ukyp-başarnyklaryny, döredijilikli çemeleşmelerini ösdürmekden ybarat boldy. Işler oba hojalyk taslamalary, maglumat tehnologiýalary taslamalary we işewürlik taslamalary boýunça üç ugra bölündi. Bäsleşige Russiýa Federasiýasyndan, Belarusdan, Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Ýaponiýadan, Botswanadan, Germaniýadan 26 sany ýokary okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Taslamalaryň 100-si bolsa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 16-synda bilim alýan talyplara degişlidir.

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň maksatnamasy giň gerimli çäreleri öz içine aldy. Onuň çäklerinde Adygeýiň «Nalmes» halk tanslary döwlet akademiki ansamblynyň çykyşlary, P.I.Çaýkowskiniň we S.W.Rahmaninowyň eserleriniň nusgawy saz konserti, fotosuratçylaryň işleriniň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Russiýaly sungat işgärleri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçylary üçin ussatlyk sapagyny geçdiler.

Milli “Ak bugdaý” muzeýinde öz işini ýurdumyzyň gadymy ýadygärliklerini öwrenmäge bagyşlan meşhur alymlar, arheologlar, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýeleri Wadim Massonyň we Wiktor Sarianidiniň doglan günleriniň 95 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistan — gadymy siwilizasiýalaryň ojagy” atly halkara ylmy duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň guramagynda geçirilen foruma türkmen we rus alymlary gatnaşdylar. Italiýanyň, Çehiýa Respublikasynyň alymlary oňa sanly ulgam arkaly goşuldylar.

Paýtagtymyzda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwaly geçirildi. Bu çäre şu ýylda gadymy Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraldy. Öz iň gowy sahna oýunlary bilen çykyş eden artistleri, suratkeşleri we ýazyjylary bir ýere jemlän bu döredijilik çäresi türki dilli halklaryň arasynda medeni gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga, gurama agza ýurtlaryň sungat ussatlarynyň arasynda döredijilik alyşmalary üçin meýdança döretmäge gönükdirildi.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga, berk ykdysady, ruhy we durmuş binýady bolan döwlet hökmünde ýurdumyzyň içerki ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen syýasatyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

21.10.2024
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 18-nji oktýabr. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli kanunçylyk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny taýýarlamak, hereket edýän birnäçe ugurdaş kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy habar berildi.

14-nji oktýabrda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň geçirilendigi, onuň netijeleri boýunça Bilelikdäki Jarnamanyň kabul edilendigi barada aýdyldy. Bu çäräniň çäklerinde türkmen-koreý geňeşme maslahatynyň ikinji mejlisi geçirilip, onda dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen baglylykda, parlament diplomatiýasyny ulanmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmagyň möhümdigi bellenildi. Şeýle hem birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Mälim bolşy ýaly, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” parlamentara forumyny döretmek we türkmen-koreý geňeşme maslahatyny geçirmek başlangyjyny Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow öňe sürüpdi. Mundan başga-da, Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy, Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň, parlamentara dostluk toparlarynyň duşuşyklarynyň geçirilendigi habar berildi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy pursatdan peýdalanyp, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň üstünlikli geçirilmegi babatda beren goldawlary üçin hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Mejlisiň deputatlary giň jemgyýetçilige döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny düşündirmek, milli mirasymyzy wagyz etmek, hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumyň ähmiýetini düşündirmek boýunça çärelere gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek hem-de parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň Döwlet etalon merkeziniň hem-de “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň barlaghanalarynyň işini halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdirmek hem-de akkreditasiýadan geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugurdaky çäreler standartlaşdyrmak ulgamyndaky işleri döwrüň talabyna laýyklykda alyp barmaga, ugurdaş maddy-enjamlaýyn binýady mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga, bu düzümleriň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hereket edýän barlaghanalary talabalaýyk işletmegiň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz degişli synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow şu ýylyň 23 — 25-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024” atly XXIX halkara maslahata we sergä görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu çärä gatnaşmak üçin köp sanly daşary ýurtly kompaniýalary, ýurdumyzyň kärhanalarydyr telekeçileri hasaba alyndy. Halkara sergiň işine Türkmenistanyň Hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, daşary ýurt we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Ýyl-ýyldan bu çäräniň geriminiň giňemegi dürli ýurtlaryň işewür toparlarynyň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalarynyň artýandygyny görkezýär. Halkara maslahat “Ählumumy energetika bazarynda täze depginler we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi” atly plenar mejlisden we alty sany bölümçeden ybarat bolar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahatyň we serginiň her ýyl geçirilýändigini, bu çäräniň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, nebitgaz pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ugurlary barada pikir alyşmaga ýardam berýändigini belledi we forumy ýokary derejede guramagy wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda işleriň barşy hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň geçirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaý ekişi dowam edýär. Ekişde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallaryň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Dowam edýän pagta ýygymy möwsüminiň çäklerinde ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, kabul ediş harmanhanalarynda kabul etmek, pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük ekilen azyklyk ekinleriň hasylyny ýygnap almak, sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek hem-de bu önümler bilen bazarlarymyzy üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny ýygnamaga, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ýygymyna başlamaga taýýarlyk görülýär. Şeýle hem wise-premýer Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekip, bugdaý ekiş möwsümini talabalaýyk alyp barmak, bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak, pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek, ýygnalýan hasyly kabul etmek, gaýtadan işlemek boýunça degişli işleri alyp barmagy wise-premýere tabşyrdy. Şeýle-de oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmek babatda tabşyryk berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek möhüm çärelere, hususan-da, “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024” atly halkara sergä hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geçiriljek halkara sergi we maslahat ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda, senagat önümçiliginde, energetika, himiýa pudagynda, ýol gurluşygynda gazananlary bilen tanyşmaga ýardam berer. Bu möhüm çäreleriň çäklerinde gurluşyk-senagat toplumynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň duşuşyklary meýilleşdirilýär. Munuň özi täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga, özara tejribe alyşmaga ýardam berer. Şeýle hem Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda “Bäherden” keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabaralaryna taýýarlyk görülýändigi habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek halkara sergä we maslahata, Gyzylarbat etrabynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň, Bäherden etrabynda «Bäherden» keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzyň dokma senagaty pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Dokma senagaty ministrligi tarapyndan Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda nah ýüplük, nah we tüýjümek matalary, taýýar tikin önümlerini öndürýän dokma toplumyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu täze toplumyň gurulmagy importyň ornuny tutýan ýokary hilli, ekologik taýdan arassa dokma önümlerini öndürmäge, olary eksport etmäge, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna toplumyň gurluşygyny amala aşyrmak boýunça teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dokma senagatyny ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzda döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan kärhanalaryň yzygiderli işe girizilýändigini, olarda öndürilýän ýokary hilli dokma önümleriniň içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Dokma senagaty ministrligi tarapyndan Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda dokma toplumyny gurmak baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa “Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynyň taslamasy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu bäsleşik türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge uly goşant goşýan zehinli döredijilik işgärlerini ýüze çykarmaga we olaryň iň ussatlaryny saýlap-seçmäge ýardam berýär. Bäsleşigiň çäklerinde “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigini, “Çalsana, bagşy!”, “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiklerini yglan etmek meýilleşdirilýär. “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşigini ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli, 2025-nji ýylyň sentýabrynda jemlemek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň milli medeniýetimizi ösdürmekde, medeni mirasymyzy öwrenmekde, ýaş zehinleri ýüze çykarmakda, kämil eserleriň döremeginde möhüm ähmiýetini belledi. Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu möhüm bäsleşigi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa şu ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara ylmy-amaly maslahatlar barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň dünýäniň ylym-bilim giňişligindäki orny has-da pugtalandyrylýar.

“Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda”, bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 25 — 30-njy noýabry aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahaty; 5-6-njy dekabrda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty; 19-njy dekabrda Türkmen oba hojalyk institutynda sanly ulgam arkaly “Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.

Olara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary, alymlary bilen bir hatarda, Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Awstriýanyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Belarusuň, Malaýziýanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň zehinli ýaşlarynyň, alymlarynyň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Bu maslahatlaryň geçirilmegi ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, milli ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösýän pudaklary boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda uly ähmiýete eýe bolar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, kämil hünärmenleri taýýarlamakda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigine, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýän ylmy-amaly maslahatlaryň yzygiderli guralýandygyna ünsi çekdi we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Türkmen oba hojalyk institutynda geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahatlary guramaçylykly geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi wise-premýere tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyzy beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň üstünlikli geçirilmegi bilen Hökümet agzalarynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga, ýokary ynsanperwer gymmatlyklara esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde forumyň ähmiýeti bellenildi. Çärä dünýäniň 24 ýurdundan wekilleriň, şol sanda döwlet Baştutanlary derejesindäki 10 wekiliýetiň, halkara guramalaryň 8-siniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy munuň aýdyň güwäsidir. Forumy şöhlelendirmek üçin daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 200-den gowragy Aşgabada geldi.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň 15 — 17-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Sebitiň döwletleri, halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şolaryň hatarynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyny hem görkezmek bolar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ŞHG-niň sammitlerine we beýleki duşuşyklaryna hormatly myhman hökmünde gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň wekiliýeti ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Yslamabat şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu sapar Pakistanyň Hökümetiniň çakylygy we döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça amala aşyryldy.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň wekiliýeti 16-njy oktýabrda agzalan mejlise gatnaşdy. Türkmen tarapynyň çykyşynda ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi ŞHG bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, hususy pudagyň ugry boýunça, aýratyn-da, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Işewürler geňeşiniň arasynda göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak teklip edildi.

Iş saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistanyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif bilen duşuşygynda döwletara hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyna garaldy. Şeýle hem saparyň dowamynda Pakistanyň energetika ministri bilen gepleşikler geçirildi. Dostlukly ýurduň bilim ministri bilen duşuşygyň çäklerinde bilim ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we berkitmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen ýurdumyzy däp bolan dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny belläp, wise-premýer, daşary işler ministrine bu düzüm bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» demir ýol ulagy pudagyny döwrebaplaşdyrmak, elektrikleşdirmek, dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de hünärmenleri taýýarlamak işleri göz öňünde tutulyp, bu ugurda zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kabul edilen maksatnama esasynda ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagyny döwrebaplaşdyrmagyň, elektrikleşdirmegiň, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak arkaly hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny, bu ugurda halkara tejribäni ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz pudagyň işini halkara derejede kämilleşdirmäge gönükdirilen teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýakynda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň ýokary derejede guralandygy üçin hemmelere minnetdarlyk bildirdi we forumyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Häzirki wagtda akyldar şahyrymyzyň ýubileýi bilen bagly çäreler dowam edýär. Ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, ýazyjy-şahyrlary bu ugurda uly işleri bitirýärler diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýylyň ahyrynda olaryň zähmetine mynasyp baha berlip, öz zähmeti bilen tapawutlanan raýatlaryň hem dabaraly ýagdaýda sylaglanyljakdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

19.10.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Biz parahatçylygyň we adamzadyň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine öz goşandymyzy goşmaga taýýardyrys

Geçen hepde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine, Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli dabaralara hem-de beýleki möhüm wakalara beslendi. Munuň özi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýany boldy.

7-8-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz sammitde çykyş edip, şu ýylyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy üçin esasy ileri tutulýan ugurlary we wezipeleri durmuşa geçirmegiň nyşany astynda geçýändigini belledi. Munuň özi howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmakdan, ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakdan, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz halkara giňişlikde BMG-niň tutýan ornuny has-da berkitmegiň, bu işde gurama agza döwletlere goldaw bermegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Baş Assambleýa tarapyndan kabul edilen Kararnama laýyklykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geljek ýylda çäreleriň geçirilmegini bilelikdäki işiň möhüm bölegi diýip hasaplaýandygyny aýtdy. Mundan başga-da, dünýäniň dürli künjeklerinde çylşyrymly ýagdaýlaryň bolup geçýän häzirki döwründe esasy wezipäniň GDA halklary üçin möhüm ähmiýete eýe bolan, taryhyň dowamynda kemala gelen gatnaşyklaryň we umumy gymmatlyklaryň esasynda hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak däplerini gorap saklamakdan ybaratdygy nygtaldy.

Sammitiň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda 2025-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek baradaky çözgüt bar. Geljek ýyl guramada Täjigistan Respublikasy başlyklyk eder. Russiýa Federasiýasy we Türkmenistan bolsa bilelikde başlyklyk edijiniň borçlaryny ýerine ýetirer.

10-njy oktýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Taraplar energetika, ulag-logistika, oba hojalygy, maşyn gurluşygy, himiýa we dokma senagaty pudaklarynda hem-de beýleki ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi ýaly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň meselelerine hem aýratyn üns çekildi. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek ara alnyp maslahatlaşylan ýene bir ugur boldy.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyna, şol sanda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda dostlugy pugtalandyrmak we köptaraply strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekildi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Aşgabada resmi saparynyň paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşykdan başlanandygyny bellemek gerek. Onda dürli ugurlarda, şol sanda abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Resmi garşylamak dabarasy tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri we Gazagystanyň Prezidenti Aşgabat şäherindäki «Laçyn» seýilgähinde bina edilen meşhur gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Dostlukly ýurduň Baştutanynyň saparyna gabatlanyp, Türkmenistanda Gazagystanyň Medeniýet günleri geçirildi.

11-nji oktýabrda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forum geçirildi. Ol beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmegiň maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi. Bu maksatnama ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda guralan köp sanly dabaraly çäreleri öz içine aldy. Maslahatyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy.

Ýokary derejeli foruma Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar. Şeýle-de myhmanlaryň hatarynda Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Hökümet agzalary, tanymal alymlar, medeniýet işgärleri, diplomatlar bar.

Döwlet Baştutanymyz çykyşynda türkmen halkynyň ruhy we medeni gymmatlyklarynyň ähmiýeti barada aýdyp, Magtymguly Pyragynyň öz garaýyşlary bilen dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynda hemişelik orun alandygyny belledi. Magtymgulynyň baý mazmunly beýik mirasy türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasyny kesgitledi. Onuň parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk we ähli halklara hormat goýmak baradaky düýpli pikirleri beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Biz parahatçylygyň we adamzadyň sazlaşykly ösüşiniň bähbidine öz goşandymyzy goşmaga hemişe taýýardyrys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Forumda şahyryň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmegiň, halklaryň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanlary bilen, ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmekde we wagyz etmekde bitiren hyzmatlary üçin maslahata gatnaşan daşary ýurt Liderleri Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy. Şeýle hormata Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hem mynasyp boldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow telefon arkaly söhbetdeşlikde dostlukly ýurduň Baştutanyna bu şanly waka mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi. Şeýle hem söhbetdeşler döwletara gatnaşyklaryň uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýedigini, halklarymyzyň dil, medeniýet, ruhy taýdan umumylygynyň onuň yzygiderli ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirýändigini bellediler.

Hormatly Prezidentimiziň Ermenistan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidentleri bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle-de sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza Magtymgulynyň ermeni diline terjime edilen neşirini sowgat berdi. Şol günüň ertesi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly myhmanlary “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglanylmaklary bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de olar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alyşdy. Prezident Şawkat Mirziýoýew dostlugyň we aýratyn hormatyň nyşany hökmünde Gahryman Arkadagymyza özbek diline terjime edilen “Magtymguly” atly kitaby sowgat berdi. Milli Liderimiz ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh, Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany, Tatarystanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti bilen hem duşuşdy.

12-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Mongoliýanyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Gepleşikleriň jemleri boýunça milli bähbitleri we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini nazara almak bilen, köpugurly döwletara dialogy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekildi.

Şeýle-de paýtagtymyzda Türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi. Ol ýurtlarymyzyň arasyndaky işewürlik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine, söwda, ykdysadyýet, önümçilik, saglygy goraýyş, ulag-logistika, oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirildi.

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirilen Türkmenistanyň we Mongoliýanyň artistleriniň bilelikdäki konserti iki halkyň medeniýetlerini özara baýlaşdyrmak, bu ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açdy.

7-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäheriň gurluşygynyň nobatdaky tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy, binalaryň bezeg aýratynlyklary baradaky hasabaty diňledi hem-de iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň çäklerinde bu ulgamyň täze ugurdaş binalarynyň açylmagy asylly däbe öwrüldi. Şu ýyl hem Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda birnäçe binalaryň — diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde-de iri lukmançylyk merkezleri bolan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralary boldy. Täze merkezlere gowşurylan degişli güwänamalar olaryň öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylyşynyň we dünýä ölçeglerine laýyk gelýändiginiň ykrarnamasydyr. Mundan başga-da, Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Mary şäherinde welaýat we şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze edara binasy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi.

Täze lukmançylyk desgalarynyň ählisine hormatly Prezidentimiziň adyndan ulag serişdeleri sowgat berildi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyna bagyşlanyp, «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi hem-de onuň çäklerinde ylmy maslahat geçirildi. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň XVI jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Milli Liderimiz paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde gurlan «Kalbyň şypasy» atly binanyň hem-de Arçabil şaýolundan başlap, Halkara kardiologiýa merkezine barýan durky täzelenen şaýoluň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu ýerdäki durky täzelenen köçä saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-german gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan goşandy üçin “Arkadag” medaly bilen sylaglanan belli germaniýaly kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Hans Maýsneriň ady dakyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda tapawutlanan işgärleri, şol sanda saglygy goraýyş, ynsanperwerlik, haýyr-sahawat işleriniň ösüşine, meýletinçilik hereketine uly goşant goşan daşary ýurt raýatlaryny sylaglamak dabarasy boldy.

10-njy oktýabrda Arkadag şäherinde VI Wena baly geçirildi. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyz gutlag sözünde Wena balynyň Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm wakalaryň biridigini nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Berger bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda onuň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşýan uly goşandyny belledi we medeniýet ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini aýtdy.

Geçen hepdede Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamany gowşurmak dabarasy geçirildi. Munuň özi türkmen halkynyň behişdi bedewleriň şan-şöhratyny belende götermekde asyrlaryň dowamynda emele getiren gymmatlyklarynyň häzirki döwürde bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Şeýlelikde, geçen hepde möhüm wakalara beslenip, Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk we ynanyşmak taglymlary dabaralanýan, asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan baý medeni mirasyny we ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklan berkarar türkmen döwleti baradaky arzuwlarynyň häzirki döwürde hasyl bolandygynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň mizemez binýadyny emele getirýän parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgeleri bolsa umumadamzat gymmatlyklary hökmünde medeniýetleriň özara baýlaşmagy, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, köpugurly hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmegi üçin ygtybarly köpri bolup hyzmat edýär.

16.10.2024
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 14-nji oktýabr. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi.

Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýygym möwsüminde oba hojalyk tehnikalary, kabul ediş harmanhanalary, pagta arassalaýjy kärhanalar netijeli işledilýär. Welaýatda bugdaý ekişi agrotehniki möhletlerde dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda endigan gögeriş alynýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki azyklyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Maldarçylyk hojalyklarynda gyş pasly üçin ot-iýmleri taýýarlamak, mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly bökdençsiz kabul etmek we talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Bugdaý ekişini ýokary hilli, agrotehniki möhletlerde geçirmek, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak üçin zerur çäreler görülýär. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Maldarçylyk hojalyklarynda gyş pasly üçin ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek, mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetini belledi hem-de welaýatda bugdaý ekişiniň ýokary hilli geçirilmegini, ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini hem gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewiň welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur çäreler görülýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegine aýratyn üns berilýär. Welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş alynýar. Ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylmagynyň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak barada öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, şu günler welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Möwsümde oba hojalyk tehnikalaryny, pagta kabul ediş harmanhanalaryny, pagta arassalaýjy kärhanalary bökdençsiz işletmek ugrunda zerur çäreler görülýär. Sebitde bugdaý ekişi dowam edip, ekiş möwsüminde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak işleri öz wagtynda alnyp barylýar. Welaýatyň güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ýetişdirilen ekinleriň hasylyny ýygnap almak işleri guramaçylykly dowam edýär. Sebitde ýetişdirilen şaly hasylyny gysga wagtda ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmak üçin zerur işler geçirilýär. Maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň baş sanyny artdyrmak, olary talabalaýyk idetmek, gyş paslynda ýyly we dok saklamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekdi we bu işleriň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegi babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işlerini hem gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçilikleriniň netijesinde welaýatda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işler geçirilýär. Ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek we talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Sebitde geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak, kadaly gögeriş almak üçin zerur çäreler görülýär. Güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Gant şugundyry ekilen meýdanlarda ideg işleri bilen bir hatarda, ýetişdirilen hasyly ýygnap almaga taýýarlyk görülýär. Maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň baş sanyny we olardan alynýan önümleriň möçberini artdyrmak, gyş pasly üçin ätiýaçlyk ot-iým gorlaryny, mallaryň gyşladyljak ýerlerini möwsüme taýýarlamak babatda degişli işler geçirilýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, bugdaý ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda kesgitläp, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalarda bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu ugurda welaýatda alnyp barylýan işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Diýarymyzda ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda ýygnap almak, ýygnalan hasyly kabul ediş kärhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Möwsümde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Welaýatlarda bugdaý ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmek maksady bilen, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar.

Hormatly Prezidentimiziň ilaty ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, sebitlerde güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň, miweleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly oragy dowam edip, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almaga taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzyň maldarçylyk hojalyklarynda gyş paslyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde ätiýaçlyk ot-iýmleri taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary guramaçylykly geçirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda jogapkärli möwsümiň — pagta ýygymy möwsüminiň dowam edýändigine ünsi çekdi we ýygymyň depginini güýçlendirmegi, hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur işleri geçirmegi, ýygymda kombaýnlaryň we tehnikalaryň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmagy tabşyrdy. Bu işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi köp zähmet siňdirilip ýetişdirilen hasyly zaýasyz ýygnap almagy, pudakda özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmagy üpjün eder.

Hormatly Prezidentimiz bugdaý ekişiniň hem dowam edýändigine ünsi çekip, bugdaýyň bol hasylyny almagyň, şeýlelikde, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmegiň, halkymyzyň saçagynyň berekedini artdyrmagyň ekiş möwsüminiň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmegine köp derejede baglydygyny belledi we geljek ýylyň hasyly üçin welaýatlarda bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde alnyp barylmagyna berk gözegçilik etmegi, ekişde ulanylýan tehnikalaryň netijeli işledilmegini üpjün etmegi, bugdaýa tagt we gögeriş suwuny wagtynda tutmagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz welaýatlarda güýzlük ýeralmany, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerini ýitgisiz ýygnap almak üçin hem ähli zerur işleri geçirmegi, bu önümler bilen içerki bazarlarymyzyň doly üpjün edilişini aýratyn gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz gyş paslynyň golaýlap gelýändigini belläp, maldarçylyk hojalyklarynda zerur möçberde ot-iým taýýarlamak hem-de mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

15.10.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň toýy bu gün dünýäniň toýuna öwrüldi

Aşgabat, 11-nji oktýabr. Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi.

Söwda-senagat edarasynda geçirilen ýokary derejeli foruma gatnaşmak üçin Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurdumyza geldiler. Myhmanlaryň hatarynda Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy, ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň başlygy, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Hökümet agzalary, alymlar, medeniýet işgärleri, diplomatlar hem bar. Bu forum beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününi baýram etmegiň maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär. Bu maksatnama ýurdumyzda, şeýle-de daşary ýurtlarda guralan köp sanly dabaraly çäreler girizildi. Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmek, Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny, söz ussadynyň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmek halkara forumyň esasy maksadydyr.

Akyldar şahyryň ömür we döredijilik ýoluny çuňňur öwrenmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan işler abraýly halkara guramalaryň, dünýä ýurtlarynyň uly goldawyna eýe boldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi, şahyryň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Şeýle hem Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Bularyň ählisi beýik türkmen söz ussadyna goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr. Ýurdumyzda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede bellenilýär, şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen şygyrlaryny dünýäde giňden wagyz etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Milli Liderimiz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda akyldar şahyryň baý döredijiligini wasp edip, onuň şan-şöhratyny has-da belende galdyrdy. Bu ajaýyp şygyr ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge, ildeşlerimizi täze üstünliklere ruhlandyrmaga gönükdirilendir.

Halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak we giňden wagyz etmek, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça ýurdumyzyň başlangyçlary Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy birnäçe Kararnamalary, şol sanda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etdi. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň we tutuş adamzat siwilizasiýasynyň beýik taglymlarynyň dabaralanmagynyň bähbidine alyp barýan medeni we ylmy diplomatiýasynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.

...Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Söwda-senagat edarasyna geldi. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyz foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen döwlet we hökümet Baştutanlaryny, Parlament ýolbaşçylaryny mähirli mübärekledi. Hormatly Prezidentimiz foruma gatnaşyjylar bilen mähirli salamlaşyp, belent mertebeli myhmanlar we halkara guramalaryň wekilleri bilen bilelikde surata düşdi. Soňra mejlisler zalynda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtlardan wekilçilikli foruma gatnaşmaga gelen belent mertebeli myhmanlary mübärekläp, şu gün Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşmak baradaky çakylygy kabul eden döwlet Baştutanlaryna, Hökümetleriň, Parlamentleriň, halkara guramalaryň ýolbaşçylaryna we wekillerine, ýokary derejeli ähli myhmanlara öz adyndan hem-de Türkmenistanyň halkynyň adyndan minnetdarlyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, XVIII asyrda ýaşap geçen beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň şanly toýuna bagyşlanyp köp sanly çäreler geçirildi. Ýurdumyzda we daşary ýurtlarda onuň heýkelleri dabaraly ýagdaýda açyldy. Magtymguly Pyragy öz döwrüniň hem-de ähli döwürleriň söz ussady, beýik akyldary bolmak bilen, eserlerinde bütin adamzady parahatçylyga, agzybirlige çagyrypdyr.

Döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp geçirilýän «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumy açyk diýip yglan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, türkmen halkynyň müňlerçe ýyllyk taryhynyň dowamynda ruhy we medeni gymmatlyklary döreden halkdygyny belledi. Dünýä edebiýatynyň ägirdi, görnükli akyldarymyz Magtymguly Pyragy bütin adamzat üçin gymmatly garaýyşlary bilen dünýä medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandyr. Şonuň üçin şahyryň ömrüni we döredijiligini giňden öwrenmek bilen bagly işler abraýly halkara guramalar, dünýä döwletleri tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanýan bu günki wakanyň hem aýratyn many-mazmunynyň bardygyny nygtady.

Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň toýy bu gün dünýäniň toýuna öwrüldi. Dana Pyragynyň parasatly pikirleri asyrlarboýy halkymyz üçin, şeýle-de beýleki halklaryň wekilleri üçin hem durmuş ýörelgesine öwrülip geldi. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy bu abraýly gurama bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Bularyň ählisi türkmen halkynyň beýik söz ussadyna bolan belent sarpasyny ýüze çykarýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi. Ýurdumyzda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny örän ýokary derejede bellemek, şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen eserlerini dünýä ýaýmak baradaky başlangyçlaryny öňe sürdi. Türkmenistanly hem-de daşary ýurtly meşhur ýazyjy-şahyrlar, alymlar, edebiýatçylar, suratkeşler, sungat işgärleri beýik şahyra bagyşlap köp işleri bitirdiler, kämil eserleri döretdiler. Bu eserler söz ussadynyň baý edebi mirasyny öwrenmekde, dünýä giňden ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň gözel künjeginde, Köpetdagyň eteginde türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we medeni-seýilgäh toplumynyň gurulmagynyň Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen berk baglydygyna aýratyn ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz bu seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň hem oturdylmagynyň Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde dost-doganlygyň dabaralanýandygynyň ýene bir aýdyň nyşanydygyny, daşary ýurtlaryň birnäçesinde Magtymguly Pyragynyň heýkelleriniň oturdylandygyny belledi. Şeýle sahawatly işler halklaryň arasynda dost-doganlyk köprülerini has-da pugtalandyrýar.

Magtymgulynyň baý mazmunly beýik mirasy türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasyny kesgitledi. Onuň parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk we ähli halklara hormat goýmak baradaky düýpli pikirleri beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmenleriň milli häsiýetiniň kemala gelmeginde uly hyzmaty bitiren akyldar şahyr köp ýurtlara aýlanyp görüp, dünýä akyl ýetiripdir. Bu bolsa onuň aň-düşünjesinde öçmejek yz galdyrypdyr. Dünýägaraýşynyň kämil bolmagyna, halklaryň arasynda medeniýetleriň, bilimleriň özara baýlaşmagyna getiripdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Magtymgulynyň şygryýeti watançylyk senasydyr. Ol öz halkyny, topragyny söýen, ony goramagy we onuň gadyryny bilmegi ündän watançy şahyrdyr. Adamzada abadanlyk islän we onuň dogry ýoluny görkezen beýik akyldardyr. Şahyryň goşgulary nesillerde watansöýüjiligi, ýokary ahlaklylygy terbiýelemäge, olaryň bilimli, hünärli, il-ýurt üçin, bütin adamzat üçin haýyrly işleri amala aşyrmaga mynasyp adamlar bolup ýetişmegine ýardam edýär. Magtymguly Pyragynyň mirasy biziň üçin uly baýlykdyr. Akyldar şahyryň wesýetlerine wepaly bolmagy biz mukaddes borjumyz hasaplaýarys diýip hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de akyldar şahyryň wesýetlerine eýermek bilen, halkymyzyň agzybirliginiň, bitewüliginiň, berkarar döwletliligimiziň mundan beýläk-de berkidiljekdigini, beýleki döwletler bilen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklaryň giňeldiljekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz sözüniň ahyrynda parahatçylygyň we adamzadyň sazlaşykly ösüşiniň bähbidine öz goşandymyzy goşmaga hemişe taýýardyrys diýip aýtdy hem-de foruma gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi hem-de dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanlara söz berdi.

Ilki bilen, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian çykyş edip, beýik şahsyýet Magtymguly Pyragynyň hormatyna bagyşlanyp geçirilýän «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly möhüm medeni çärä çakylygy üçin hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ol iki dostlukly halkyň gadymy döwürlerden bäri parahatçylykda, ylalaşykda ýaşaýandyklaryny, olaryň umumy medeni mirasynyň bardygyny belledi. Biziň sebitimizde ýaşaýan halklaryň dilleriniň tapawutlydygyna garamazdan, olaryň medeniýeti şol bir çeşmelerden gözbaş alypdyr. Şoňa görä-de, ol medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň dürli ugurlarynyň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi bilen tapawutlanýar. Iki goňşy döwlet bolan Eýranyň we Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyga esaslanýan özara bähbitli gatnaşyklar häzirki wagtda syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarda depginli ösdürilýär. Eýran halkynyň taryhynyň, edebiýatynyň we medeniýetiniň möhüm bölekleri Merkezi Aziýa halklarynyň medeniýeti bilen berk baglanyşyklydyr.

Halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda alymlara, şahyrlara uly orun degişlidir. Pars edebiýatynyň Firdöwsi, Rudaky, Saady, Omar Haýýam ýaly meşhur wekilleriniň Gündogaryň medeniýetini dünýä ýaýmakda hyzmatlary uludyr. Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragy hem türkmen medeniýetini we dilini belende göteren şahsyýetleriň biridir. Ol öz manyly ömrüniň dowamynda umumadamzat gymmatlyklarynyň ösüşinde möhüm yz galdyrdy, onuň döredijiligi bolsa dünýä edebiýatyny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy. Biziň däp-dessurlarymyzyň, dilimiziň şu günki günlere çenli ýetip gelmegi şeýle beýik şahsyýetleriň tagallalary bilen mümkin boldy. Eger-de pars diliniň ösüşi Firdöwsi ýaly şahyrlaryň döredijiligine borçly bolsa, onda türkmen dili we edebiýaty hem Magtymguly ýaly beýik şahyrlaryň bitiren hyzmatlaryna borçludyr diýip, Eýranyň döwlet Baştutany nygtady.

Bellenilişi ýaly, Magtymgulynyň miras galdyran eserlerinde ahlak, syýasy, durmuş, medeni meselelere ýüzlenilýär. Bu onuň dil baýlygyna we giň dünýägaraýşyna şaýatlyk edýär. Magtymguly öz şygyrlarynda adamlary agzybirlige, jebislige, parahatçylyk söýüjilige, ylalaşyklylyga çagyrypdyr hem-de agzalalygy, ahlaksyzlygy ýazgarypdyr. Dostlukly ýurduň döwlet Baştutany çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Hökümetine bu möhüm medeni forumy gurandygy üçin ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan edip, medeni hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň, şeýle çäreleriň geçirilmeginiň biziň umumy meşhur şahsyýetlerimizi we edebi mirasymyzy dünýä tanatmakda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz çuňňur many-mazmunly çykyşy üçin Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi we Magtymguly Pyragynyň ömür ýolunyň, döredijiliginiň Eýran topragy bilen aýrylmaz baglydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz goňşy ýurduň Baştutanyna Gündogaryň meşhur şahyry Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Eýranda köp sanly çäreleriň guralandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, beýik söz ussadynyň döredijilik mirasynyň ylmy taýdan öwrenilmegine goşýan goşandyny nazara alyp, Prezident Masud Pezeşkiany «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak barada karara gelendigini aýtdy.

Soňra çykyş eden Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari türkmen edebiýatynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýan şu günki abraýly foruma gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady. Dostlukly döwletiň Baştutany Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna özara düşünişmegi, parahatçylygy, medeni dialogy ilerletmäge gönükdirilen bu halkara çäräni gurandygy üçin hoşallyk bildirip, Pakistan bilen Türkmenistany özara hormat goýmaga esaslanýan, has gowy we parahat geljegi üpjün etmäge gönükdirilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny nygtady. Pakistanyň bu maslahata gatnaşmagy iki doganlyk ýurduň arasynda netijeli gatnaşyklary, sebitiň döwletleri bilen medeni, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydygyny görkezýär.

Belent mertebeli myhman Magtymgulynyň we Pakistanyň milli şahyry Allam Muhammad Ykbalyň sufizm garaýyşlarynyň meňzeşdigini kanagatlanma bilen belläp, Magtymguly Pyragynyň diňe bir şahyr däl-de, eýsem, türkmen halkynyň öz Watanyna söýgüsiniň hem nusgasydygyny nygtady. Onuň XVIII asyrda ýazan şygyrlary häzirki wagtda hem öwrenilýär. Magtymguly çylşyrymly syýasy, durmuş ýagdaýlarynyň döwründe ýaşady we öz ömrüni türkmen halkynyň berkarar döwleti baradaky arzuwlara bagyş etdi.

Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa dana Pyragynyň döredijiligini ýaýmaga gönükdirilen forumyň guralandygy, şeýle hem sebitiň ýurtlarynyň Baştutanlary bilen pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkyny 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen gutlady.

“Men forumdaky ara alyp maslahatlaşmalaryň Magtymguly Pyraga hormat goýmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlyk üçin hem täze ugurlary açjakdygyna ynanýaryn. Milli gymmatlyklarymyza ygrarlydygymyzy tassyklamak, geljek nesillerimiziň abadançylygynyň bähbidine bilelikde işlemek üçin şu mümkinçilikden peýdalanmagy teklip edýärin” diýip, Prezident Asif Ali Zardari çykyşyny Magtymgulynyň goşgy setirleri bilen tamamlap, öz dosty, görnükli syýasatçy we alym, köp kitaplaryň awtory Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly — hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen ýene-de bir gezek duşuşmaga şatdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Pakistanyň Prezidentine manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli Pakistanda hem birnäçe ylmy maslahatlaryň, döredijilik duşuşyklarynyň geçirilýändigini, akyldar şahyryň çuň mana ýugrulan eserlerine uly sarpa goýulýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Hormatly Prezidentimiz meşhur türkmen şahyrynyň döredijiligini wagyz etmekde bitiren hyzmatlary üçin Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarini «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda karara gelendigini aýtdy we belent mertebeli myhmany bu sylag bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine söz berdi. Belent mertebeli myhman Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň häzirki döwürde möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.

Bellenilişi ýaly, onuň döredijilik mirasy dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň bölegidir. Magtymguly türkmen diliniň gözelligini doly açyp görkezen ilkinji nusgawy şahyrlaryň biridir. Onuň özboluşly şygryýet ýoly bolupdyr. Ol pikirlerini gysgaça we örän jaýdar beýan edipdir. Onuň köp setirleri atalar sözüne, nakyllara, parasatly jümlelere öwrülip gidipdir. Magtymgulynyň kitaplary mukaddeslige deňelip, aýawly saklanypdyr.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda türkmen esgerleriniň dogan-garyndaşlarynyň olara iberýän hatlarynda Magtymgulynyň goşgy setirlerini ýazyp, esgerleri watansöýüjilige, gahrymançylyga ruhlandyrandyklaryny aýratyn belledi we şahyryň «Türkmenler baglasa bir ýere bili,//Gurudar Gulzumy, derýaýy-Nili» diýen setirlerini mysal getirdi.

Magtymgulynyň şygyrlary rus diline hem terjime edildi. Şahyryň Astrahanyň etegindäki Funtowo obasynda bolandygy barada taryhy maglumatlar bar. Bu ýerde XVII asyrdan bäri türkmenler kowçum bolup ýaşaýarlar. 2019-njy ýylda ol ýerde Magtymguly adyndaky mekdep açyldy. Bu mekdep türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen guruldy. Astrahanda Magtymgulynyň ýadygärligi oturdyldy. Şu ýylyň sentýabrynda bolsa Moskwada şahyryň heýkeli dabaraly ýagdaýda açyldy diýip, dostlukly ýurduň Baştutany nygtady. Bellenilişi ýaly, öz döwründen öňe giden Magtymguly hemişe döredijilik gözleginde bolupdyr we hemişe hakykata göz ýetirmäge çalşypdyr. Ol öz zehini bilen halkynyň röwşen geljegini görmegi başarypdyr. Magtymguly öz döredijiliginde päk ahlaklylyga, adalatlylyga, deňlige çagyrypdyr. Şahyryň şygyrlarynda beýan edilýän pikirler häzirki wagtda-da adamlara ýakyn we düşnüklidir.

Şu günki foruma gatnaşýan ýurtlar hem Magtymgulynyň filosofik çemeleşmeleriniň ruhunda halkara durmuşyň yzygiderli demokratiýalaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýärler diýip, Prezident W.Putin aýtdy we ählumumy ösüşiň diňe her bir halkyň bähbidini nazara almaga, her bir döwletiň özygtyýarly ýoluna bolan hukugyna, dünýägaraýşyna, däp-dessurlaryna hormat goýmak esasynda üpjün ediljekdigine ynam bildirdi.

Russiýa giň halkara hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edip, ähli dostlary we pikirdeşleri bilen, şol sanda GDA-nyň, Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, BRICS-iň çäklerinde halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin açykdyr. Hut şulary nazara almak bilen, biz 22 — 24-nji oktýabrda Kazanda BRICS we BRICS+ sammitlerini geçirmäge taýýarlanýarys. Elbetde, biz Kazanda geçiriljek bu çärelerde biziň şu günki duşuşygymyza başlyklyk edýän Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy we şu foruma gatnaşýan beýleki döwlet Baştutanlaryny görmäge şatdyrys diýip, RF-niň Lideri aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Liderine Magtymgulynyň parasatly taglymlaryna eýerip, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy gorap saklamaga, köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşýan saldamly goşantlary üçin aýratyn hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň Baştutanyna çuň manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, beýik şahyr Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň Russiýa Federasiýasynda hem giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýändigini aýtdy. Moskwadaky Bütinrussiýa döwlet daşary ýurt edebiýaty kitaphanasynda Magtymgulynyň heýkeliniň açylmagy şanly waka boldy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we pursatdan peýdalanyp, bu işde goldaw berýändigi üçin belent mertebeli myhmana minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putini Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda karara gelendigini aýtdy. Munuň özi biziň halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň arasyndaky berk dostlugyň nobatdaky aýdyň nyşany bolar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we Russiýanyň Liderini bu sylag bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra çykyş eden Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew foruma gatnaşyjylary şanly sene — türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen gutlap, hormatly Prezidentimize çakylygy hem-de bildirilen myhmansöýerlik, forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu çäräniň biziň halklarymyz üçin aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.

Magtymguly Pyragy türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy we Gündogaryň meşhur akyldarydyr. Onuň eserleri köp dillere terjime edilip, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna girdi. Şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi dana Pyragynyň şahsyýetiniň taryhy ähmiýetiniň ykrarnamasydyr we bu abraýly halkara guramanyň Magtymgulynyň golýazmalar toplumyna diňe bir Türkmenistanyň ýazuw mirasynyň däl-de, eýsem, tutuş türki siwilizasiýanyň hem örän seýrek nusgasy hökmünde garaýandygy örän buýsançlydyr diýip, gazak Lideri nygtady.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligine türki dünýäde aýratyn sarpa goýulýar. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi munuň mysalydyr. Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň belleýşi ýaly, bu çözgüt akyldaryň döredijiligini halkara derejede giňden wagyz etmäge ýardam berer. Çylşyrymly geosyýasatyň emele gelen häzirki döwründe beýik şahyryň eserleri has-da möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şahyryň şygryýetinde ynsanperwer garaýyşlar dabaralandyrylýar, onuň goşgulary biziň hemmämize parahatçylygyň, ynanyşmagyň, özara hormatyň müdimi gymmatlyklar bolup durýandygyny ýene-de bir gezek ýatladýar.

Magtymgulynyň eserleri diňe bir geçmişde bolan wakalaryň düýp mazmunyna göz ýetirmäge däl-de, adamzadyň häzirki döwürdäki meselelerine düşünmäge-de mümkinçilik berýär. Akyldar türkmen milletiniň hem-de döwletliliginiň kemala gelmegine uly goşant goşdy diýip, gazak Lideri geçen nesilleriň şöhratly mirasyna sarpa goýmagyň her bir halkyň mukaddes borjudygyny belledi. Şeýle giň gerimli çäre Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň we ähli halkynyň geçen nesilleriniň mirasyna aýawly çemeleşýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Gazagystanyň Baştutany häzirki wagtda Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň, türkmen döwletiniň mizemez binýadynyň kemala getirilmegine gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady, syýasy özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny aýdyp, geljek ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň belleniljekdigini we doganlyk halkyň bu ýörelgä berk ygrarlydygyny nygtady. Türkmenistan bu hukuk derejesine üýtgewsiz eýermek bilen, öz milli bähbitlerini goraýar, halkara giňişlikde abraýyny barha berkidýär we dünýäde howpsuzlygyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna, Merkezi Aziýada, Hazar sebitinde köpugurly hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine uly goşant goşýar.

Birleşen Milletler Guramasy 2025-nji ýyly Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Siziň ýurduňyzyň gazanýan üstünlikleri Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet baradaky arzuw-hyýallarynyň hasyl bolandygyny görkezýär diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň kuwwatly, gülläp ösýän türkmen döwletini gurmakdaky hem-de beýik şahyryň eserlerini halkara derejede wagyz etmekde ägirt uly hyzmatlaryna ünsi çekdi. Ol şahyryň döredijiliginiň gazak halkynyň kalbynda hem orun alandygyny aýtdy we şu ýylyň maýynda Almaty şäherinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara maslahatyň geçirilendigini ýatlatdy.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti öz ýurdunda Gazagystanyň medeniýet işgärleriniň gatnaşmagynda surata düşürilen şahyr hakyndaky «Ismim düşdi ilden-ile» atly dokumental filmiň uly gyzyklanma döredendigini hem-de milli telewideniýäniň ýaýlymynda görkezilendigini aýdyp, Gazagystanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragy esaslandyrmak başlangyjy bilen çykyş edendigini belledi we munuň şahyryň baý mirasyny wagyz etmegiň, medeni diplomatiýany ilerletmegiň ýene-de bir täsirli guraly boljakdygyna ynam bildirdi.

Astanada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy iki halkyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezdigini alamatlandyrdy diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy hem-de Aşgabatdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda meşhur gazak sazandasy we kompozitory Kurmangazy Sagyrbaýulynyň heýkeliniň açylandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle-de ol hut düýn öz resmi saparynyň çäklerinde paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde beýik gazak şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň ýadygärliginiň açylandygyny buýsanç bilen belledi.

Abaý Kunanbaýewiň hem-de Magtymguly Pyragynyň eserlerini ruhy çeşmelere aýawly çemeleşmek, öz halklarynyň geljegi baradaky çuňňur oýlanmalar, ynsanperwerligiň beýik taglymaty we abadançylyga çagyryş birleşdirýär. Olaryň baý filosofik mirasy halklarymyzyň köpöwüşginli medeniýetinde aýratyn orun eýeleýär, şeýle hem tutuş adamzadyň mirasy bolup durýar diýip, gazak Lideri aýtdy. Ol biziň halklarymyzy umumy ruhy kökleriň, taryhyň, köpasyrlyk özara goldawyň baglanyşdyrýandygyny, iki döwletiň arasynda ähli derejede işjeň dialogyň ýola goýlandygyny, munuň bolsa halklarymyzyň has-da ýakynlaşmagyna, gazak-türkmen gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyna ýardam edýändigini nygtap, Türkmenistanyň doganlyk halkyna üstünlik, abadançylyk arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Kasym-Žomart Tokaýewe çuňňur manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Gazagystan Respublikasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli köp sanly çäreleriň geçirilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Astana şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy, birnäçe medeni çäreleriň geçirilmegi türkmen halky üçin uly hormatdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gazagystanyň Baştutanyna bitiren uly hyzmatlary üçin «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň gowşurylandygyny aýdyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi bu ýokary sylag bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe söz berildi. Dostlukly döwletiň Baştutany ajaýyp Aşgabat şäherinde geçirilýän «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşýandygyna örän şatdygyny aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa bu çäräniň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň edebiýaty we bilimi döwlet syýasaty derejesine çykarandygyny, olary halkara giňişlikde hoşniýetli ýörelgeleri öňe sürmek üçin netijeli gurala öwrendigini aýratyn belledi we şu günki maslahatyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, halklarymyzyň ýakynlaşmagynda, baý ruhy mirasymyzy bütin dünýäde wagyz etmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Gadymy türkmen topragynda ylym, medeniýet, sungat bilen meşgullanan ençeme beýik şahsyýetler kemala geldi. Şolaryň hatarynda Azadyny, Andalyby, Şeýdaýyny, Gaýybyny, Mollanepesi we beýlekileri görkezmek bolar. Şol beýik şahsyýetleriň arasynda döredijilik mirasy diňe bir Gündogaryň nusgawy şygryýetini däl, eýsem, dünýä edebiýatyny hem baýlaşdyran türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragy aýratyn orun eýeleýär. Beýik ynsanperwer şahyryň öçmez-ýitmez eserleri parahatçylyk we ylalaşyklylyk, ýagşylyk, adalatlylyk ýaly düşünjeleri wasp edip, umumadamzat gymmatlyklary bilen utgaşýar diýip, Özbegistanyň Baştutany aýtdy we dana Pyragynyň eserleriniň binýadynda: «Dünýäni ýagşylyk, dostluk, hoşniýetli hyzmatdaşlyk, mähirlilik, adamkärçilik halas edýär» diýen pikiriň durandygyny belledi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew özbek halkynyň hem Magtymgulynyň döredijiligine ýokary baha berýändigini, oňa uly hormat-sarpa goýýandygyny buýsanç bilen nygtady. Beýik türkmen şahyry Hywanyň Şirgazy medresesinde bilim aldy, ol ýerde dünýewi we dini bilimleri öwrendi. Magtymguly Pyragy beýik özbek şahyry Alyşir Nowaýyny öz halypasy hasaplapdyr. Özbegistanda Magtymgulynyň ajaýyp şygyrlary we olaryň esasynda döredilen aýdymlar hemişe ýaňlanýar. Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden bellemek hakynda Karar kabul edildi. Bu ajaýyp senäniň hormatyna edebiýat agşamlary, bäsleşikler, maslahatlar we beýleki çäreler yzygiderli geçirilýär. Teatrlarda sahnalar goýulýar, özbek hem türkmen kinematograflary tarapyndan beýik şahyryň ömür ýoluna, döredijiligine bagyşlanan çeper film surata düşürildi. Häzirki wagtda beýik söz ussadynyň ady özbek paýtagtynyň hem-de welaýatlarynyň köçelerine, seýilgählerine dakyldy. Daşkentde, Hywada Magtymguly Pyragynyň ýadygärlikleri oturdyldy.

Özbek Lideri şu günki günde ene topragyny tüýs ýürekden söýen, onuň parlak geljegi üçin göreşen, hakykaty, adalaty wasp eden Magtymguly Pyragynyň arzuwlarynyň hasyl bolýandygyny aýtdy we Özbegistanda biziň ýurdumyzyň okgunly ösüşine, halkara abraýynyň has-da belende galýandygyna buýsanç bilen syn edilýändigini belledi. Çykyşynyň ahyrynda Özbegistanyň Prezidenti Magtymguly Pyragy ýaly beýik şahsyýetleri dünýä beren Türkmenistanyň hemişe gülläp ösmegini, iki halkyň dost-doganlygynyň müdimi bolmagyny arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.Mirziýoýewe çuňňur manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny Özbegistanda giňden bellemek hakynda kabul edilen Kararyň esasynda dürli çäreleriň geçirilýändigini belledi. Şahyryň goşgularynyň özbek dilinde neşir edilmegi, şygyrlaryna aýdymlaryň döredilmegi, heýkelleriniň oturdylmagy, çeper filmiň surata düşürilmegi bizi örän buýsandyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we özbek Liderini Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda karara gelendigini habar berdi hem-de ony bu sylag bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona söz berdi. Ol döwlet Baştutanymyza türkmen myhmansöýerligi hem-de «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, forumyň Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ýubileýi mynasybetli geçirilýän çäreleriň, şol sanda ÝUNESKO-nyň howandarlygynda guralýan dabaralaryň dowamy bolup durýandygyny belledi. Bu dabaralar dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan türkmen halkynyň şöhratly oglunyň umumadamzat edebi mirasyna goşan mynasyp goşandynyň ykrar edilýändigini görkezýär. Biz akyldar şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna, beýik şahyryň ýubileýiniň BMG-niň bu düzüminiň şanly seneleriniň sanawyna girizilmegini mübärekleýäris diýip, dostlukly ýurduň Lideri aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Täjigistanda şu ýyl Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan halkara çäreleriň geçirilendigine üns çekildi.

Prezident Emomali Rahmon sözüni dowam edip, Duşenbe şäherinde Magtymgulynyň ýadygärliginiň oturdylandygyny we täjik paýtagtynyň gözel köçeleriniň birine onuň adynyň dakylandygyny habar berdi. Bellenilişi ýaly, 1-nji sentýabrda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu wakalar iki doganlyk halkyň dostlugynyň we döredijilikli gatnaşyklarynyň aýdyň nyşany bolup durýar.

Magtymguly Pyragy öz täsin zehini bilen Merkezi Aziýanyň halklarynyň medeniýetiniň we edebiýatynyň ösmegine saldamly goşant goşdy. Şeýle hem onuň döredijiligi täjik-pars edebiýatynyň beýik mirasy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr diýip, dostlukly döwletiň Baştutany aýtdy. Şahyryň eserlerinden görnüşi ýaly, ol öz döredijiliginde Abulkasym Firdöwsi, Omar Haýýam, Saady, Jelaleddin Balhy, Hafyz Şirazy ýaly bütin dünýäde meşhur akyldarlaryň mirasyndan ylham alypdyr. Şunuň bilen baglylykda, dana Pyragynyň döredijiliginiň täjik edebiýatçylaryny ruhlandyrýandygy bellenildi. Olar şahyryň şygyrlarynyň onlarça ýygyndysyny täjik diline terjime we neşir etdiler.

Magtymgulynyň döredijiligi dost-doganlyk, hoşniýetlilik, adamlar barada alada, ynsanyň ahlak gözelligi ýaly ýörelgelerden gözbaş alýar we medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek, ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň ýakynlaşmagy üçin köpri bolup hyzmat edýär diýip, Täjigistanyň Baştutany aýtdy we birek-biregiň däp-dessurlaryna, gymmatlyklaryna, ruhy-medeni mirasyna uly sarpa goýulýandygyna ünsi çekdi. Prezident Emomali Rahmon Täjigistan ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça bilelikde işlemek ugrunda çykyş edýär diýip belledi we ähli hyzmatdaşlar, şol sanda Türkmenistan bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ýokary derejededigi bellenildi. Häzirki wagtda bu gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir. Prezident Emomali Rahmon çykyşyny Magtymgulynyň täjik diline terjime edilen şahyrana setirleri bilen jemläp, türkmenistanlylary bu forumyň ýokary derejede guralmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz Täjigistan Respublikasynyň Prezidentine çuň manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň dostlukly ýurtda giňden okalýandygyny, goşgular ýygyndysynyň yzygiderli neşir edilýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylmagynyň halklarymyzyň dostlugyny dabaralandyrýan möhüm waka bolandygyny nygtap, Prezident Emomali Rahmony Magtymguly Pyragynyň eserlerini wagyz etmäge goşan goşandy üçin şahyryň 300 ýyllygyna bagyşlanan ýubileý medaly bilen sylaglamak baradaky karara gelendigini belledi we Täjigistanyň Baştutanyny bu sylag bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa söz berildi. Belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimize beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň işine gatnaşmaga çakylyk üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Gyrgyzystanyň Baştutany çykyşyny ajaýyp gyrgyz ýazyjysy we akyldary Çingiz Aýtmatowyň Magtymgulynyň döredijiligi barada aýdan sözleri bilen başlady: «Magtymgulynyň şahyrana sözüniň biziň günlerimize gelip ýetmegi türkmen halkynyň edermenligidir. Magtymguly Pyragynyň goşgulary türkmenleriň kalbynda, bagşylaryň aýdymlarynda saklanyp galypdyr»... Belent mertebeli myhman pursatdan peýdalanyp, türkmen halkyna paýtagtymyzdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda beýleki meşhur ýazyjylar we şahyrlar bilen birlikde, Çingiz Aýtmatowyň hem ýadygärliginiň oturdylandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Biziň türkmen doganlarymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň adamkärçiligiň, ahlak päkliginiň nyşany bolup durýandygyna buýsanmaga haklydyr. Onuň eserleri jebisleşdiriji güýç bolup çykyş edýär diýip, Gyrgyzystanyň Baştutany aýtdy. Beýik türkmen şahyry öz goşgularynda ahlak päkligine, watansöýüjilige, ynsanperwerlige, gaýduwsyzlyga çagyrypdyr. Akyldaryň bu wesýetleri biziň günlerimizde hem derwaýys bolmagynda galýar. Onuň eserleri nesilleri birleşdirýän parasatly pikirlerden doludyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi döwürleriň we siwilizasiýalaryň arabaglanyşygyny alamatlandyrýar.

Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hormatyna Gyrgyz Respublikasynyň Batken welaýat sazly drama teatrynda beýik türkmen şahyrynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan «Magtymguly Pyragy» atly sahna eseri goýuldy. Bu sahna oýny geçen ýylyň noýabrynda Türkmenistanda geçirilen dördünji halkara teatr festiwalynda hem üstünlikli görkezildi. Gyrgyzystanyň Prezidenti geçen hepdede Bişkekde ylmy-döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Gündogaryň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy» atly ylmy-amaly maslahatyň guralandygyny belledi. Onda şahyryň eserleriniň gyrgyz dilinde neşir edilen ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Gyrgyz Lideri şu günki forumyň ýurtlarymyzyň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Şeýle forumlar halklaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda ajaýyp mümkinçilikleri döredýär. Dialogy pugtalandyrmaga, ýakyn hyzmatdaşlygyň esasyny goýmaga ýardam edýär. Çünki hut medeniýet we ruhy gymmatlyklar üstünlikli halkara hyzmatdaşlygyň, durnukly parahatçylygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Çykyşynyň ahyrynda Gyrgyzystanyň Prezidenti Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmeginiň halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary ilerletmekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Medeniýet diňe bir bizi birleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, täze üstünliklere ruhlandyrýar, birek-birege has gowy düşünmäge, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan berk gatnaşyklary ýola goýmaga hem ýardam edýär. Gyrgyzystanyň Lideri foruma gatnaşyjylara netijeli işlemegi, Magtymguly Pyragy ýaly beýik akyldarlaryň mirasynyň hemmeleri mundan beýläk-de uly üstünliklere ruhlandyrmagyny arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa çuň manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň Baştutanynyň akyldar şahyryň döredijiligini öwrenmek babatda giň goldaw berýändigini, onuň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp birnäçe çäreleriň geçirilendigini kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň mirasyny wagyz etmekde bitiren hyzmatlary üçin Gyrgyzystanyň Baştutanyny beýik akyldaryň 300 ýyllygyna bagyşlanan ýubileý medaly bilen sylaglamak barada karara gelendigini aýtdy we ony bu sylag bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan çykyş edip, beýik şahyr, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralan ýokary derejeli halkara foruma gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, Magtymguly sebitiň medeni taýdan ösmegine uly goşant goşdy we Türkmenistanyň edebi hem milli özboluşlylygynda öçmejek yz galdyrdy. Onuň mirasy dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan adamlary ruhlandyrmagyny dowam edýär. Köpugurly gymmatlyklary goran ynsanperwer şahsyýet hökmünde onuň wesýetleri häzirem derwaýys bolmagynda galýar diýip, Ermenistan Respublikasynyň Baştutany aýtdy. Ermeni halky Magtymguly Pyragynyň eserleri bilen ýakyndan tanyşdyr. Munuň özi edebiýatlaryň şol döwürdäki taryhy meňzeşligini görmäge mümkinçilik berýär diýip, belent mertebeli myhman nygtady we Saýat Nowanyň täsin sazly-şahyrana döredijiligine ünsi çekdi. Onuň döredijilik mirasy ermeni halky üçin medeni şamçyrag bolup durýar. Magtymguly halklary birleşdirýän umumadamzat gymmatlyklaryna esaslanyp, “milli edebiýat” diýen düşünjäniň gerimini giňeltdi. Şunuň bilen baglylykda, şu günki waka nusgawy edebiýata akyl ýetirmek, özara hormat goýmak ýörelgesini wagyz etmek, milli edebiýatlaryň ählumumy mirasa giňden goşulyşmagynyň zerurdygyna çuňňur düşünmäge ýardam bermek boýunça möhüm başlangyç hökmünde garamak bolar diýip, ermeni Lideri nygtady.

Ol çykyşynda Magtymguly Pyragynyň filosofik setirlerini mysal getirdi. Olarda asylly işlere, bütin dünýäde parahatçylygy gorap saklamaga çagyryş öz beýanyny tapýar. Belent mertebeli myhman ertir türkmen paýtagtynda Magtymguly Pyragynyň ermeni dilinde neşir edilen eserleriniň tanyşdyrylyş dabarasynyň meýilleşdirilýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimize bu möhüm foruma gatnaşmaga çakylygy hem-de netijeli dialog we geljekki hyzmatdaşlyk üçin täze meýdançanyň döredilendigi üçin hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana çuň manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, nusgawy şahyra bagyşlanyp Ermenistanda köp sanly çäreleriň geçirilmeginiň, onuň goşgularynyň ermeni diline terjime edilmeginiň beýik akyldaryň ruhy hazynasyna goýulýan hormat-sarpanyň nyşanydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmana Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň Ermenistanda giňden wagyz edilmegine goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi we bu ugurda bitiren işlerini nazara alyp, dostlukly ýurduň Baştutanyny beýik söz ussadynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly bilen sylaglamak baradaky karara gelendigini aýtdy hem-de ony bu sylag bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuha söz berildi. Ol Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga şatdygyny aýdyp, bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we mongol halkynyň mähirli salamyny ýetirdi.

Mongol Lideriniň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýanyň halklary meşhur şahyr we akyldar, türkmen edebiýatyny esaslandyryjy, dünýä edebiýatyna, Gündogar siwilizasiýasynyň ösüşine ägirt uly goşant goşan Magtymguly Pyraga belent sarpa goýýarlar. 2023-nji ýylda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden bellemek hakynda Kararyň kabul edilmegi hem-de onuň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi söz ussadynyň dünýä derejesinde beýik şahyr hökmünde ykrar edilýändiginiň güwäsidir.

Mongoliýanyň Prezidenti sözüni dowam edip, Magtymgulynyň köp ýurtlara syýahat edendigini, olaryň medeniýetlerini, däp-dessurlaryny öwrenendigini, munuň bolsa şahyryň giň dünýägaraýşynyň kemala gelmegine täsir edendigini belledi. Beýik şahyryň öz halky üçin berkarar döwlet, parahat, abadan durmuş baradaky arzuwlary häzirki wagtda hasyl boldy. Munuň özi Türkmenistanyň halky üçin tükeniksiz buýsanç çeşmesi bolup, şahyryň eserlerinde öňe sürlen belent taglymlar Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynda öz beýanyny tapýar. Şeýle-de akyldar öz eserlerinde tebigat gözelligini, bedewleri wasp edipdir. Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, türkmenleriň hem mongol halkynyňky ýaly gadymy taryhy bar, olar ynsanyň wepaly hemrasy bolan bedewlere uly sarpa goýýar.

Şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleri häzirki türkmen döwletiniň okgunly ösüşiniň nyşany bolup durýar. Türkmenleriň öz bedewlerini milli buýsanç hasaplaýandyklary biziň halkymyza hem mälimdir. Şunda biziň halklarymyzyň mizemez ruhy baglanyşygy aýdyň ýüze çykýar. Magtymgulynyň döredijiliginde sähralyklarda mesgen tutan çarwadarlar, türkmenleriň ene topraga belent sarpa goýşy, tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak baradaky parasatly ýörelgeler beýan edilýär. Çarwadarlaryň siwilizasiýasynyň ylham çeşmesi tebigata hormat-sarpa bilen garamakdan, onuň berýän nygmatlaryny akylly-başly peýdalanmakdan, ynsan bilen tebigatyň arasyndaky sazlaşygy berjaý etmekden ybaratdyr. Munuň özi durnukly «ýaşyl» ösüşiň gözbaşydyr diýip, mongol Lideri belledi. Şu pelsepeden ugur alyp, türkmen şahyrynyň eserlerinde durnukly ösüş taglymlarynyň binýady goýlandyr, şol garaýyşlar adamzadyň ýaşaýşynyň we ösüşiniň esasyny emele getirýär. Magtymguly öz eserlerinde agzybirlik, parahatçylyk baradaky pikirlerini şahyrana setirler bilen dabaralandyrýar diýip, Mongoliýanyň Prezidenti şahyryň «Türkmeniň» atly goşgusyndan setirleri mysal getirdi.

Belent mertebeli myhman sözüni jemläp, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, durnukly ösüşiň hem-de abadançylygyň üpjün edilmegine uly goşant boljakdygyna ynam bildirip, Türkmenistana gelip görmäge çakylygy hem-de wekilçilikli foruma gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Mongoliýanyň Baştutanyna täsirli çykyşy üçin sagbolsun aýdyp, türkmen halkynyň medeni mirasyna, taryhyna goýýan hormat-sarpasy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de ony «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda karara gelendigini habar berdi we belent mertebeli myhmany bu sylag bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuşa söz berildi. Ol çykyşynyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we halkara foruma gatnaşýan döwlet Baştutanlaryny mähirli mübärekläp, wekilçilik edýän ýurdunyň adyndan dostlukly arzuwlaryny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, Magtymgulynyň goşgulary we giň dünýägaraýşy diňe bir onuň dogduk mekanynda däl, eýsem, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän ähli türki halklarda-da şamçyrag bolup şöhle saçýar. Dana Pyragy şygyrlarynda watansöýüjiligi wasp edipdir. Onuň giň dünýägaraýşy bilen baýlaşdyran eserlerinde ösen medeni-durmuşy, ruhy gymmatlyklar şöhlelendirilipdir. Ol Hoja Ahmet Ýasawynyň edebi mirasyny dowam etdirip, türki dünýäniň agzybirligi we parahatçylygy ugrunda tagalla edipdir. Magtymguly Pyragy Ýer ýüzüniň halklaryny ruhy taýdan birleşdirýän şahsyýetdir. Häzirki wagtda türkmen akyldarynyň pähim-parasadyna, baý edebi mirasyna dünýä guwanýar, ony içgin öwrenýär. Dürli ýurtlarda, şol sanda Türkiýe Respublikasynda hem Magtymgulynyň heýkeli oturdyldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilendigini hem bellemek gerek.

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň baky şöhrata beslenen ady diňe bir türkmen edebiýatynyň däl-de, eýsem, dünýä edebiýatynyň taryhyna hem müdimilik ýazyldy. Aradan üç asyr wagtyň geçendigine garamazdan, şahyryň döreden eserleri bu gün öz ähmiýetini ýitirmän, biziň öňümizde bütin beýikligi bilen örboýuna galýar, adamlary ynsanperwerlige, dostluga çagyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Numan Kurtulmuşa täsirli çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň Türkiýede giňden öwrenilýändigini, Ankara şäherinde şahyryň heýkeliniň açylandygyny, köp sanly çäreleriň geçirilendigini kanagatlanma bilen belledi. Biz ýakynda türkmen we türk halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, akyldar şahyrymyzyň mirasyny dünýä ýaýmakda bitiren hyzmatlary üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylagladyk diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysyna türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa söz berildi. Ol bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda türkmen halkynyň beýik şahyry, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli tutulýan toýlaryň toýlara ulaşýandygyny belledi. Dünýäniň çar künjeginiň dostlukly ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň, ýokary derejeli wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilýän halkara forum Gündogar edebiýatynyň ägirt söz ussady hökmünde ykrar edilen beýik şahyrymyzyň toý-dabaralaryny has-da beýgeldýän möhüm ähmiýetli wakalaryň biridir.

Bellenilişi ýaly, Magtymguly Pyragynyň nesillere miras galdyran ajaýyp eserleri indi üç asyrdan bäri halkymyzy, eziz Watanymyzy dünýä tanadyp gelýän gymmatly mirasymyzdyr. Gündogaryň beýik akyldary baryp XVIII asyrda halklary dost-doganlyga, raýdaşlyga çagyran parahatçylyk söýüji şahyr hökmünde tanaldy. Beýik şahyryň edebi mirasy hut şu günki gün hem Ýer ýüzüniň ähli döwletleriniň arasynda hoşniýetli, ysnyşykly hyzmatdaşlygy berkitmegi dowam etdirýär. Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň kalbynda-da müdimilik orun alan umumadamzat şahyrydyr. Häzirki wagtda şahyryň ömrüni, döredijiligini çuňňur öwrenmek, dünýä ýaýmak babatda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işler abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň we oňa agza döwletleriň, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň uly goldawyna eýe bolýar.

2023-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan teklip edilen Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysynyň ÝUNESKO-nyň agza döwletleriniň ýakyndan goldaw bermegi netijesinde «Dünýäniň hakydasy» atly maksatnamanyň halkara sanawyna ýurdumyzyň iň gymmatly ýazuw ýadygärligi hökmünde girizilmegi, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän halkara seneleriň sanawyna goşulmagy munuň aýdyň mysalydyr diýip, Ç.Rustemowa belledi. ÝUNESKO bu resminamalar arkaly Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini içgin öwrenip, şahyryň eserlerinde öňe sürülýän raýdaşlyk, jebislik, ahlaklylyk, deňhukuklylyk ýaly garaýyşlaryň bu guramanyň häzirki wagtda durmuşa geçirýän ynsanperwer ýörelgelerine doly laýyk gelýändigine ünsi çekip, şahyryň ösen dünýägaraýşyna ýokary baha berdi.

Nygtalyşy ýaly, Magtymguly Pyragy bütindünýä şygryýet äleminiň baýlaşmagynda çäksiz hyzmatlary bitiren beýik söz ussady, nusgawy we akyldar şahyr, halkara edebi giňişlikde öçmejek yz galdyran belent şahsyýet hökmünde adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen milli buýsanjymyzdyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli mirasymyzy gorap saklamak, onuň halkara derejedäki ornuny beýgeltmek babatda ýurdumyzda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda Diýarymyzyň taryhy, tebigy, medeni we ýazuw ýadygärlikleriniň 20-den gowragynyň ÝUNESKO-nyň halkara sanawlaryna goşulmagy, bu guramanyň medeniýet, bilim, ylym, sport, daşky gurşawy goramak we ýaşlar syýasaty ugurly halkara taslamalarynyň Türkmenistanyň çäklerinde üstünlikli durmuşa geçirilmegi ata Watanymyzyň dünýä giňişliginde eýeleýän ornuny has-da berkidýär.

Ç.Rustemowa pursatdan peýdalanyp, milli mirasymyzy gorap saklamak, Magtymguly Pyragynyň eserlerini bütin dünýä ýaýmak ugrunda edýän bimöçber tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Ç.Rustemowa manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmeginiň we onuň 300 ýyllyk ýubileýiniň ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawynda orun almagynyň beýik söz ussadyna goýulýan uly hormaty görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi we Türkmenistanyň geljekde hem ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmäge möhüm ähmiýet berjekdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz halkara forumy jemläp, bu günki maslahatda çuň manyly çykyşlaryň diňlenilendigini hem-de olarda öňe sürlen teklipleriň geljekde halklarymyzyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge, parahatçylygy pugtalandyrmaga, hyzmatdaşlygy giň gerimde ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz forumyň Magtymgulynyň adynyň we eserleriniň halklary hem-de döwletleri birleşdirýändigini aýdyň görkezendigini aýdyp, onuň özara gatnaşyklarda täze sahypany açjakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, foruma gatnaşyjylaryň ählisine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi hem-de «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň öz işini tamamlaýandygyny aýtdy. Umumy mejlisiň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.

* * *

Günüň ikinji ýarymynda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum iri halkara guramalaryň hem-de köp sanly sebit düzümleriniň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň gatnaşmagynda iki ýörite mejlis görnüşinde öz işini dowam etdi. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «Magtymguly Pyragynyň eserleriniň umumadamzat siwilizasiýasyndaky orny», Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bolsa «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly mejlisler geçirildi. Mejlisleriň işi beýik türkmen şahyrynyň baý edebi mirasynyň mundan beýläk-de wagyz edilmegine, bu ugurda ylmy barlaglaryň çuňlaşdyrylmagyna, halkara ylmy-edebi jemgyýetçiligiň akyldaryň şahyrana-filosofik döredijiligine ünsüni çekmäge gönükdirilendir. Çykyş edenler türkmen halkynyň köpasyrlyk pähim-paýhasyny we şahyrana diliniň gözelligini öz eserlerinde açyp görkezen, döredijiliginde her bir ynsana ýakyn ruhy gymmatlyklary wagyz eden Magtymguly Pyragynyň çuňňur zehine eýe bolandygyny nygtadylar. Bellenilişi ýaly, şahyryň goşgularyndaky röwşen geljek, Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik baradaky çuňňur oýlanmalar, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň hem ruhy dünýäsine laýyk gelýär. Hut şu ýörelgeler Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň many-mazmunyny emele getirýär.

Myhmanlar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdiler. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde beýik şahyryň mirasy Ýer ýüzünde dürli halklaryň dillerinde barha belentden ýaňlanýar. Mejlislerde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň jemleri jemlendi. Ýygnananlaryň pikirine görä, bu gezekki forum halkara ylmy we medeni gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly goşant boldy.

Forumyň medeni maksatnamasy daşary ýurtly myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Onuň çäklerinde Arkadag şäherine, «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna we paýtagtymyzyň muzeýlerine gezelençler guraldy, kinofilmleriň, sahna oýunlarynyň görkezilişi boldy, sirk çykyşlaryna tomaşalar we beýleki çäreler guraldy.

Häzirki günde Gündogar şygryýetiniň köpöwüşginliligini, haýran galdyryjy äheňini, çuňňur pähim-paýhasyny özünde jemlän Magtymguly Pyragynyň döredijiligi milli edebiýatlaryň, sebitiň we dünýäniň halklarynyň ruhy medeniýetleriniň ösüş ýoluna şugla saçýan şamçyrag bolup hyzmat edýär.

12.10.2024