Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine döredijilik we hyzmatdaşlyk ýoly bilen

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistany bedew bady bilen ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirip, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça netijeli çäreleri amala aşyrýar, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär.

21-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan wezipeleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin degişli çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz hyzmat ediji edara-kärhanalar bilen ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnamak işlerine berk gözegçilik etmek, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň ýygymyny başlamaga gowy taýýarlyk görmek babatda aýratyn tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere gowy taýýarlyk görmegi, bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik edaralarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmegi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

23-24-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy we Kazan şäherinde geçirilen «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz sammitdäki çykyşynda halkara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini berkarar etmek boýunça birnäçe başlangyçlary öňe sürdi.

Hormatly Prezidentimiz gapma-garşylykly ýagdaýlaryň öňüni almak, olary döredýän sebäpleri aradan aýyrmak üçin Bitaraplygyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallarynyň ulanylmagynyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm bölegidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki ýagdaýlarda Bitaraplygyň esasy ýörelgeleriniň örän zerurdygyna hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň goldamagynda ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek işinde anyk peýda getirmäge ukyplydygyna ynam bildirildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň halkara strategiýasy häzirki döwrüň geoykdysady gatnaşyklaryna, häzirki zamanyň wajyp meselelerini çözmäge işjeň gatnaşmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge, ekologiýa, azyk howpsuzlygy babatda çylşyrymly ýagdaýlary aradan aýyrmaga, ýurtlaryň we halklaryň energiýa çeşmelerine, arassa suwa, howa elýeterliliginiň deňhukukly, adalatly we ygtybarly ýollaryny döretmäge esaslanýar. Muňa döwletimiz işjeň, jogapkärçilikli çemeleşýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we Türkmenistanyň ykdysadyýet, energetika, durnukly ulag ulgamlaryndaky başlangyçlaryna ünsi çekdi. Hususan-da, gürrüň Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmegiň ählumumy Çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Durnukly ulag birikmesiniň ählumumy atlasyny, Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek barada barýar.

Saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Tatarystanyň Baştutany taryhyň dowamynda kemala gelen dostlukly gatnaşyklara esaslanýan we ähli ugurlar boýunça işjeň ösdürilýän tatar-türkmen hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýetini hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideriniň saldamly goşandyny nygtady.

Duşuşykda hormatly Prezidentimizi Tatarystan Respublikasynyň «Duslyk» ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy. Döwlet Baştutanymyz bildirilen hormat-sarpa üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu sylagyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň synmazlygynyň ýene-de bir nyşanyna öwrüljekdigini belledi.

24-nji oktýabrda XVI BRICS sammitiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşler ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysy döwrüň wajyp meselelerini çözmekde başlangyçly çykyş edýändigi hem-de BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýandygy üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek işinde guramanyň möhüm hyzmatdaşy bolandygyny we şeýle bolmagynda-da galýandygyny nygtady.

25-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe meseleleri girizildi. Mejlise türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Gahryman Arkadagymyz mejlisde syýasy taýdan örän ähmiýetli we çuň mazmunly çykyş etdi. Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň çäklerinde Türkmenistanyň ýokary derejedäki ornuny belläp, “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnama boýunça pikirini paýlaşdy we halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenlerimizi sylaglamak dabarasyny geçirmek baradaky teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. Sentýabr aýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine hem-de ýakynda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma taýýarlyk görmek, bu çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk babatda köp işleriň alnyp barlandygy bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideriniň awgust aýynda zähmet rugsadyny almandygy sebäpli, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 1-nji noýabryndan başlap zähmet rugsadyna çykmagy bilen bagly meseläni goldady.

Ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, «Türkmennebit» döwlet konserniniň pudaklaýyn desgalarynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, geologiýa-gözleg işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça amala aşyrylýan işleri mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan beýleki meseleleriň hatarynda görkezmek bolar. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şu ýylyň 20-21-nji noýabrynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde özbek harytlarynyň milli sergisini hem-de Ikinji türkmen-özbek sebitara forumyny geçirmek baradaky teklip hödürlenildi. Mundan başga-da, şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň Tertibi barada hasabat berildi.

Mejlisde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri hakynda-da aýdyldy. Şunda Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede durmuşa geçirmekde ulgamlaýyn çemeleşmeleri we oňyn tejribeleri ornaşdyrmak maksady bilen, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy we ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudak edaralary bilen bilelikde taýýarlanylan «2024 — 2026-njy ýyllarda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky «Ýol kartasyna» garamak teklip edildi. Bu resminamanyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde birnäçe çäreleri guramak meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilendigini nygtady. Bu barada Gahryman Arkadagymyz hem durup geçdi. Şunuň bilen baglylykda, bu möhüm ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli 2-nji noýabrda hemmeleriň bilelikde sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, Saglyk ýolundan geçmegi teklip edildi. Şeýle-de bu çärede ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarda gowy netije gazanyp, ýaşyl tugumyzy belentde parladan türgenlerimizi sylaglamak dabarasy geçiriler.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasyndan gelip gowşan hoş habara ünsi çekdi. 24-nji oktýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Gurama agza ýurtlaryň köpüsi hem-de sebitdäki ähli ýurtlar bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu hoş habar Türkmenistanyň dünýäde «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýandygynyň güwäsi bolup durýar.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyny geçirmek, «Türkmennebit» döwlet konserniniň we Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň gaz turbina desgalarynyň, Türkmenistanda hereket edýän beýleki gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de berkitmekde daşary ýurt kompaniýalary bilen degişli şertnamalary baglaşmak hakynda Kararlara gol çekdi. Geçen hepdede gol çekilen resminamalaryň hatarynda Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakynda Karar, Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň nobatdaky ýyllyk maslahatyna we ugurdaş çärelere gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalaryny Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waşington şäherine gulluk iş saparyna ibermek hakynda Buýruk hem bar.

Hepdäniň wakalaryna syny dowam etmek bilen, Söwda-senagat edarasynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň guramagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahatyň we serginiň geçirilendigini bellemek gerek. Çäräniň baş maksady energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek boýunça sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdan, dünýäniň energetika bazaryndaky täze meýillere göz aýlamakdan we Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybarat boldy.

Sergi uglewodorod çig malyny gözläp tapmak, çykarmak, ibermek we saklamak ulgamyny üpjün etmek, çuň burawlamak, ozal hereket edýän turba geçirijileri döwrebaplaşdyrmak, täzelerini gurmak, nebiti we gazy gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary artdyrmak, guýularyň öndürijiligini ýokarlandyrmak babatda hyzmatlaryň giň toplumyny özünde jemledi. Maslahatda energetika bazarlarynyň ösüşindäki ählumumy ýagdaýlar, hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek boýunça ozaldan bar bolan nebit we gaz känlerini işläp taýýarlamak, täzelerinde gazyp almak işini işjeňleşdirmek, energetiki geçiş, innowasion tehnologiýalaryň hem-de adam maýasynyň eýeleýän orny, energetiki geçişde az uglerodly ýangyçdan peýdalanmak, metanyň, uglerodyň dioksidiniň zyňyndylaryny azaltmak, gazy ýer astynda saklamak we geotermal energiýa ýaly möhüm meselelere garaldy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan energiýa serişdelerini uly möçberde eksport edijileriň biri bolmak bilen, olary ibermegiň durnukly halkara ulgamlarynyň kemala getirilmegi ugrunda çykyş edýär.

Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary guraldy. Duşuşyklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň strategik ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçen hepdäniň ýekşenbe gününde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu waka bagyşlanyp, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi geçirildi. Foruma sanly ulgam arkaly daşary ýurtly itşynaslar hem gatnaşdylar.

Çykyşlarda müňlerçe ýyllaryň dowamynda türkmen halkynyň wepaly hemrasy hasaplanýan alabaýlaryň diňe bir kömekçi, goragçy bolman, eýsem, dost hem syrdaş bolup, nusgalyk batyrlyk we çäksiz wepadarlyk görkezendikleri bellenildi. Şeýle häsiýetleri bilen ynsanyň hemrasy bolan alabaýlar halkymyzyň medeniýetinde, sungatynda, edebiýatynda we halk döredijiliginde mynasyp orun eýeläp, umumadamzat mirasyna hem öwrüldi. Nygtalyşy ýaly, alabaýlaryň özboluşly aýratynlyklaryny, gylyk-häsiýetini hem-de wepadarlygyny dünýä giňden ýaýmak möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, alabaýlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak, dünýäde giňden wagyz etmek, welaýatlarymyzda we Aşgabat şäherinde gurlan merkezlerde türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek hem-de köpeltmek, ylma esaslanýan tohumçylyk-seçgiçilik işlerini alyp barmak, ýurdumyzda, daşary ýurtlarda türkmen alabaýlarynyň sergilerini, bäsleşiklerini guramak Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň öňünde durýan esasy wezipelerdir.

Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň iň gowy kinologlaryna «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlar dakyldy, assosiasiýanyň täze agzalaryna bolsa agzalyk şahadatnamalary gowşuryldy. Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň toplumynda «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligi bilen netijeli dialogy ösdürmäge, eziz Diýarymyzyň gülläp ösüşiniň berk binýadyny kemala getirmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga, baý medeni mirasymyzy aýawly saklamaga gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýany boldy.

(TDH)