Täzelikler
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 2-nji iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň goranyş ukybyny berkitmek maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, harby gulluga çagyrmak çäresiniň netijeleri, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasy hem-de häzirki zaman talaplary esasynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe häzirden başlap gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine dabaraly harby ýörişi ýokary derejede geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Baş prokuror B.Muhamedow ýylyň başyndan bäri geçirilen işleriň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň ähli ulgamlarda kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem hukuk bozulmalaryna getirýän sebäpleri öz wagtynda aradan aýyrmak maksady bilen görlen anyk çäreler, sanly ulgamy ornaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda ýerine ýetirilen işler hakynda aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunçylyk namalarynyň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegiň, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça geçirilýän işleri yzygiderli dowam etdirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow ýustisiýanyň geňeşçisi B.Gurbangulyýewi Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary, Baş müdirliginiň müdiri wezipesinden boşatmak we bu wezipä ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi M.Sapargulyýewi belläp, ony Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň prokurory wezipesinden boşatmak hakynda degişli resminama gol çekdi.

Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini saklamak, paýtagtymyzyň, welaýatlaryň ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ilatyň arasynda, edaralarda we guramalarda ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmek boýunça düşündiriş işleriniň geçirilişine uly üns berilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hukuk tertibini, kanunçylygy üpjün etmek, hukuk hem-de düzgün bozulmalarynyň öňüni almak boýunça içeri işler edaralary tarapyndan alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz tomus möwsüminde howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýangyn hadysalarynyň ýüze çykmagynyň öňüni almak ugrunda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagyň möhüm ähmiýetini nygtap, ministre bu ugurda anyk tabşyryklary berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini işjeň ulanmak arkaly kazyýet işini kämilleşdirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem degişli maksatnamanyň ýerine ýetirilişi, kazyýet edaralarynyň işgärleriniň netijeli işlemekleri we göwnejaý ýaşamaklary üçin döredilýän şertler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletiň we jemgyýetiň bähbitlerini goramak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi hem-de Ýokary kazyýetiň başlygyna raýatlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy, kazyýet kararlarynyň ýerine ýetirilişiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda amala aşyrylan işleriň netijeleri, döwlet bähbitlerini goramak, jemgyýetde durnuklylygy üpjün etmek boýunça amala aşyrylan toplumlaýyn çäreler, ýolbaşçylyk edýän ministrligini ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, milli howpsuzlygymyzy ygtybarly üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi we ministre birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işler, Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak, serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin zerur şertleri döretmek babatda görlen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň serhediniň goňşy ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklaryň daýanjy bolmalydygyny nygtap, gullugyň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň döwlet serhedinde asudalygy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Adalat ministri M.Taganow ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek bilen bagly teklipleri taýýarlamak boýunça ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we degişli ösüş maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, bu düzüm tarapyndan milli kanunçylyk ulgamyny halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we ministre bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda amala aşyrylan işleriň netijeleri, gullugyň öňünde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde döwrebap iş usullaryny, iň täze tehnologiýalary işjeň ulanmak boýunça görülýän çäreler, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gümrük nokatlarynda ygtybarly gümrük gözegçiligini amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işleri yzygiderli kämilleşdirmegiň, gümrük işinde halkara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler, degişli ösüş maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu düzümiň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi we gullugyň ýolbaşçysyna ýurdumyzda migrasiýa kanunçylygynyň berjaý edilişini, gullugyň işini kämilleşdirmek, migrasiýa babatda ýokary hilli hyzmatlary amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we bu ugurdaky işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigini nygtady.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, halkymyzyň parahat hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

03.07.2025
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 30-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Häkim welaýatyň gallaçy daýhanlarynyň 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny ýygnap, bu ugurdaky şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy hem-de öndürijilikli zähmet çekmäge döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyk bildirdi.

Soňra häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen bugdaý hasylyny doly ýygnap almak hem-de galla oragyny tamamlamak boýunça işler batly depginde alnyp barylýar. Ýerleri indiki ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Geljek ýylyň hasylyna bugdaý tohumlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Bugdaý öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek babatda zerur çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen içerki bazarlarymyzy üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýle-de häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň gallaçy daýhanlaryny şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmekleri bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de mundan beýläk-de zähmet üstünliklerini arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz ekerançylyk meýdanlarynda galan bugdaý hasylynyň soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, gowaça meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň esasy ugurlarynyň hatarynda belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde bugdaý meýdanlaryndaky hasyly soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnap almak, orakdan boşan meýdanlary indiki ekiş möwsümine taýýarlamak, geljek ýylyň hasyly üçin ýokary hilli bugdaý tohumlaryny taýýar etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Bugdaý öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmekde zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak we bu önümler bilen içerki bazarlarymyzy üpjün etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň geljekde bol we ýokary hilli hasyl almagyň esasy şertidigini belledi hem-de ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çäreleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak boýunça işler dowam edýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, galla hasylyndan boşan ýerleri sürmek, bugdaý tohumyny taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak işleri-de ýerine ýetirilýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsümi ýokary hilli, guramaçylykly geçirmek üçin toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy hem tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde bugdaý oragyndan boşan meýdanlary indiki ekiş möwsümine taýýarlamak üçin sürüm işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Şeýle hem ýokary hilli bugdaý tohumlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Önüm öndürijileriň döwlete tabşyran bugdaý hasyly üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerinde, hususan-da, gowaça ideg etmekde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy hem tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Geljek ýylyň hasyly üçin ekiş möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek, bugdaý tohumlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Bugdaý öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de bu önümleri ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatda gant şugundyrynyň ekişi dowam edýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda ýetişdirilen bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnap almagyň, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Önüm öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan bugdaý hasyly üçin hasaplaşyklar geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň hasyly üçin meýdanlary, tohumlyk bugdaýy ekiş möwsümine taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi dowam edýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatlarda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de olary ilata ýetirmek babatda degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we pudagy döwrüň talabyna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmek üçin oba hojalyk önümçiligine ekinleriň hasyllylygyny, hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän döwrebap usullaryň we tehnologiýalaryň, öňdebaryjy tejribäniň giňden ornaşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, galla oragy möwsümini netijeli tamamlamak, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini talabalaýyk geçirmek, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak üçin zerur çäreleriň görülmelidigini nygtady we bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.



Beýleki habarlar
01.07.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Arkadag şäheri, 28-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwrüň milli binagärlik ýörelgeleriniň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendiginiň aýdyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulýan dürli maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda beýik işler amala aşyrylýar. Şunda Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň döwrüň talaplaryna laýyk derejede dowam etdirilýändigini bellemek gerek.

Gahryman Arkadagymyz ir bilen Arkadag şäherine geldi. Mälim bolşy ýaly, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalardaky işleriň depgini barha ýokarlanýar. Milli Liderimiz täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işleriň talabalaýyk ýola goýulmalydygyny, ähli desgalaryň, olaryň çäklerinde oturdyljak sütünleriň we beýleki binalaryň bezeg aýratynlygyna, uzak möhletleýinligine, serişdeleriň bezeg babatda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Soňra Milli Liderimiz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

D.Orazow häzirki döwürde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň gurluşyklary boýunça taýýarlanylan maksatnama barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäherinde gurulýan we durky täzelenilýän desgalarda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň berkligine, döwrebaplygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde D.Orazow Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli şäheriň aragatnaşyk we internet ulgamyna ýokary tizlikli 5G tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça degişli taýýarlyk işleriniň geçirilendigini we bu ýerde ozal hereket edýän 4G+ tehnologiýasynyň ornuna täze, häzirki zaman 5G tehnologiýasyny ornaşdyrmaga ak pata bermegini Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi. Bellenilişi ýaly, 5G tehnologiýasy aragatnaşygyň simsiz görnüşiniň bäşinji nesli hasaplanýar. Ol ýokary tizlik derejesine, ägirt uly geçirijilik ukybyna eýedir. Onuň tizlik derejesi, öňkä garanyňda, 20 esse ýokarydyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şäherde bina edilýän önümçilik maksatly toplumlaryň gurluşyklarynda we binalary enjamlaşdyrmakda täzeçil usullardan, ösen tehnologiýalardan netijeli peýdalanylmalydygyny belledi. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň guramaçylyk ýagdaýyna we hil derejesine jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. Gahryman Arkadagymyz ikinji tapgyrda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Aýratyn-da, Arkadag şäheriniň çäklerindäki binalarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi we desgalaryň gurluşygynyň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy möhüm talap hökmünde kesgitlenendir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň iki ýyllygy mynasybetli, bu ýerde 5G tehnologiýasyny işe girizmäge ak pata berdi. Munuň özi “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen şäheriň hukuk derejesine kybap gelýän çözgütdir. Bu tehnologiýa sanly ulgam arkaly maslahatlary geçirmekde, emeli aňyň mümkinçiliklerini ýola goýmakda, saglygy goraýyş ulgamynda bejeriş işleri geçirilýän pursatlarda maglumat alyşmagyň wagtyny tizleşdirmekde uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz ähli meýilleşdirilen işleriň ýokary derejede, kesgitlenen möhletlerde ýerine ýetirilmelidigini belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäheriň açylmagynyň iki ýyllygynyň hormatyna meýilleşdirilen çäreler, olaryň guramaçylyk derejesi barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senäniň hormatyna ýüzlerçe maşgala ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Milli Liderimiz täze şäheriň açylmagy mynasybetli meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi. Çäreler Arkadag şäheriniň häzirki döwürde ýeten derejesini, şäheriň ilatynyň bagtyýar durmuşyny, Köpetdagyň etegindäki künjekde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde amala aşyrylýan beýik işleriň ajaýyp miwelerini eçilýändigini görkezmelidir.

Soňra Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz bu ýerde täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulýan we gurulmagy teklip edilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Taslamalar barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde täze şäheriň çäklerinde Milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär. Bu ýerde “Ahalteke atlary” şaýolunyň, Arkadag şäheriniň seýilgähiniň, metjidiň girelgesiniň we onuň ýanaşyk ýerleriniň aýratynlyklaryna, seýilgähiň çäklerinde oturdyljak sütünleriň, oturgyçlaryň, beýleki serişdeleriň görnüşlerine degişli taslamalar görkezildi. Hormatly Arkadagymyz görkezilýän taslamalar, täze şäheriň dynç alyş seýilgähiniň abadanlaşdyrylyşy, onuň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň özboluşly aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki zaman talaplaryna, halkara görkezijilere doly laýyk gelmelidigine ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Ahalteke atlary” şaýolunyň gurluşygy, onuň ýanýodalarynyň aýratynlyklary barada aýtdy we ýol ýakasynda oturdyljak bedewleriň şekilleriniň döwrebaplygyna zerur üns berilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, seýilgähde adamlaryň doly derejede dynç alyp bilmekleri, çagalaryň wagtyny gyzykly, şadyýan geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilmelidir. Şunda seýilgähiň çäklerindäki ähli desgalaryň, oturgyçlardyr bassyrmalaryň arassaçylyk derejesine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we görkezilýän taslamalara birnäçe belliklerini girizdi.

Şeýle-de seýilgähiň çäginde gurulmagy teklip edilýän suw çüwdürimleri, olaryň howdanlarynyň bezeg aýratynlyklary barada hasabat berildi. Gahryman Arkadagymyz seýilgähiň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgelerine laýyk gelýän usullaryň ulanylmalydygyny, şunda häzirki zaman tejribesiniň utgaşykly özleşdirilmelidigini nygtady. Aýratyn-da, seýilgähiň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän awtoduralgalaryň amatly ýerleşdirilmegine zerur üns berilmelidir.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulýan binalaryň bezeg aýratynlyklary barada aýdyp, olarda millilige möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Aýratyn-da, täze metjidiň girelgesiniň binagärlik keşbi häzirki döwrüň ruhuna kybap gelmelidir. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzda milli senetçiligiň ýokary derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşany bolan küýzegärlige degişli önümleriň birnäçe görnüşleri görkezildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda agaç we beýleki serişdeler, olaryň bezegi bilen meşgullanýan ussalaryň milli neçjarçylyk, küýzegärlik däplerine esaslanýan usullardan netijeli peýdalanýandyklaryny aýdyp, bu ugurlaryň geljek nesiller üçin ähmiýetlidigine ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz täze şäherde öňde boljak şanly seneleriň hormatyna gelin-gyzlarymyzyň el işlerine degişli serginiň guralmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Munuň özi ýurdumyzda halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden amaly-haşam sungatyna, milli keşdeçilik usullarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilmegine we ýaşlaryň bu ugra bolan höwesiniň artmagyna ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, şäherde alnyp barylýan giň möçberli işleriň degişli derejede we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygy nygtaldy.

Gahryman Arkadagymyz hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

30.06.2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwletimiziň kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisiň nobatdaky maslahatyny geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Onda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyna seretmek we kabul etmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem maslahatyň gün tertibine “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda”, “Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda”, “Gümrük gullugy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary giriziler.

Daşary ýurtlaryň parlamentleri, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada-da aýdyldy. Ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary ösdürmek we kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Mejlisde Fransiýa Respublikasynyň Parlamentiniň senatory bilen duşuşyk geçirildi. Mejlisiň wekilleri halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň we bu ugurda netijeli işleri geçirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki ýokary okuw mekdepleriniň işini düzgünleşdirmek we ygtyýarlylandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Bilim ministrligi hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň görnüşleriniň sanawyna “Ýokary hünär bilimi” hem-de “Ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi” iş ugurlaryny girizmek maksadalaýyk hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge uly üns berilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki hünär bilimi edaralaryny ygtyýarlylandyrmak bilen bagly taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän toplumy, hususan-da, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda gazylyp alynýan gaty magdanlaryň we seýrek duş gelýän minerallaryň gözlegi boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunda kuwwatly göçme buraw desgalaryndan, tehnikalardan netijeli peýdalanylýar. Bu işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi metal önümçiliginde, elektronika ulgamlarynda ulanylýan çig mal serişdelerini üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi hem-de wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýetişdirilen galla hasylyny ýygnap almak we döwlete tabşyrylan bugdaý hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Häzirki wagtda galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak çäreleri dowam edýär. Geljek ýylyň hasyly üçin tohumlyk bugdaýlary arassalamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Lebap welaýatynda şaly ekiş möwsümi dowam edip, Mary welaýatynda gant şugundyry ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizlemek, geriş çekmek, ekiş işleri alnyp barylýar. Şeýle-de ýetişdirilen ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, bu önümleri ilata ýetirmek boýunça degişli işler dowam edýär.

Welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda mallary talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak we önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, mallar üçin ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek boýunça zerur işler geçirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak üçin welaýatlarda suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak, suw hojalyk desgalaryny abatlamak babatda degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere galla hasylyny gysga möhletde ýygnap almak, önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek işlerini berk gözegçilikde saklamagy, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda geçirilmegi göz öňünde tutulýan çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Aşgabady bagy-bossanlyga öwürmek we onuň ýaşaýjylarydyr myhmanlary üçin has amatly şertleri döretmek, baýramçylyk dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Hususan-da, medeni-durmuş maksatly binalarda we desgalarda, gök zolaklarda, seýilgählerde abadanlaşdyryş, dürli bezeg güllerini ekmek işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli paýtagtymyzda guraljak medeni çäreler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Aşgabat şäheriniň halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülendigini, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem köp sanly halkara çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere Aşgabadyň binagärlik keşbini gözelleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etdirmegi, abadanlaşdyryş we arassaçylyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew telekeçilik ulgamynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bilim we ylym ulgamynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda bar bolan kuwwatyň pugtalandyrylmagy, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagy ýurdumyzyň durnukly ösüşine, täze sepgitlere ýetmegine ýardam berýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda hem-de hususy pudagy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, telekeçilik we işewürlik gurşawy üçin hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebini döretmek hakynda degişli resminamanyň taslamalaryny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de ýokary bilimli işgärleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda Permana, täze döredilýän uniwersitetiň ýolbaşçylaryny bellemek bilen bagly degişli resminamalara gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa söz berildi.

Wise-premýer, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi. Şeýle hem ol pursatdan peýdalanyp, milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge gönükdirilen Medeniýet hepdeligini Ahal welaýatynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge döredilen mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza medeniýet ulgamynyň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra wise-premýer Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Nobatdaky Medeniýet hepdeligini 2026-njy ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu gün ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenilýändigini, milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, 2026-njy ýylda Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Karara gol çekdi. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň ýokary hünär bilimi edaralarynyň hil görkezijilerini dünýä standartlaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu ugurda netijeli we ulgamlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň dünýäniň ykrar edilen abraýly reýting sanawlarynda mynasyp orun eýelemegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Öňde goýlan wezipelere laýyklykda, öňdebaryjy tejribeler öwrenilip, ýurdumyzda ýokary okuw mekdepleriniň Milli reýting ulgamy hem-de Milli reýtingiň sanly portaly işe girizildi. Munuň özi ýokary hünär bilimi ulgamynyň hil görkezijileri boýunça oňyn ösüşleri gazanmaga ýardam etdi. Bu babatda alnyp barylýan işler bäsleşikli gurşawy döredip, her bir professor-mugallymyň, kafedranyň, fakultetiň we ýokary hünär bilimi edarasynyň hil görkezijilerini seljermek arkaly geljek üçin ösüş ugurlaryny aýratynlykda kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş nesilleri terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek boýunça giň mümkinçilikleriň döredilýändigini, bu ugurda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy hem-de wise-premýere ýokary okuw mekdepleriniň hil görkezijilerini dünýä standartlary esasynda kämilleşdirmek işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň halkara ynsanperwer işi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, dürli ýurtlar we halkara guramalar bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň Bitarap Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi.

Häzirki günde Türkmenistan 54 sany halkara gurama we ynsanperwer häsiýetli maksatnamalara, şol sanda halkara ynsanperwer hukugy boýunça köptaraplaýyn resminamalara gatnaşyjy döwlet bolup durýar. Bu resminamalaryň esasynda alnyp barylýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çäklerinde 1994-nji ýyldan bäri ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde dürli ugurlar, esasan-da, durmuş meseleleri boýunça 333 sany milli hem-de sebit taslamalary, maksatnamalar durmuşa geçirildi.

Goňşy sebitlerde bolup geçýän syýasy-strategik ýagdaýlary nazara almak bilen, döwletimiz tarapyndan möhüm ynsanperwer çäreler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň goldaw bermeginde, Türkmenistan Ýakyn Gündogar sebiti bilen araçäkleşýän ýeke-täk Merkezi Aziýa döwleti hökmünde, bu goňşy sebitde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli ynsanperwer işleri durmuşa geçirýär. Şu maksatlar bilen, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, ugurdaş düzümler tarapyndan zerur bolan toplumlaýyn işler, şol sanda daşary ýurtlaryň howa gämilerini Aşgabadyň Halkara howa menziline gondurmak hem-de olara hyzmat etmek, türkmen-eýran serhedindäki ähli gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň gije-gündizleýin işlemegini üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp baryldy. Şeýlelikde, Türkmenistan daşary ýurtlaryň müňlerçe raýatynyň ýurdumyzyň üsti bilen öz döwletlerine gitmekleri üçin ynsanperwer geçelgäni döretdi.

Häzirki wagta çenli şol geçelgeden 4 müň 640 adam geçdi. Olaryň arasynda Aziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Ýewropanyň, Afrikanyň, Amerika yklymynyň 50-den gowrak ýurdunyň raýatlary bar. Bu bolsa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine, ynsanperwer ugurda öz üstüne alan halkara borçnamalaryna berk ygrarlydygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ynsanperwer işleri ulgamlaýyn esasda amala aşyrmak üçin ýurdumyzyň dürli döwletler we halkara guramalar bilen utgaşykly işländigi bellenildi. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda, daşary ýurtlaryň ilçileri we diplomatik gulluklaryň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň wekilleri bilen yzygiderli duşuşyklar we gepleşikler geçirildi.

Döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer başlangyçlaryny mundan beýläk-de iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan birnäçe teklipler taýýarlanyldy. Hususan-da, adatdan daşary ýagdaýlarda halkara guramalar bilen utgaşykly hereket etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin 28-nji iýunda Daşary işler ministrliginde Halkara Migrasiýa Guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasy we BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy bilen bilelikde “tegelek stol” maslahatyny geçirmek teklip edilýär. Şunuň bilen bir hatarda, halkara ynsanperwerlik işi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 29-njy iýunda Daşary işler ministrliginde ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda brifing görnüşinde duşuşyk geçirmek baradaky teklip beýan edildi. Şeýle-de BMG-niň, Halkara Gyzyl Haç komitetiniň, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň halkara federasiýasynyň wekilleri bilen ynsanperwerlik işini has-da ösdürmek üçin üç ýyllyk iş meýilnamalaryny düzmek we olary tassyklamak teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary saklamaga we ösdürmäge, zerur bolan ýagdaýynda, ynsanperwerlik kömegini bermäge möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz beýan edilen teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine ýurdumyz bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary berkitmegi we giňeltmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň aprelinde «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebine Halkara raýat awiasiýasy guramasy (ICAO) tarapyndan «Trainair Plus» maksatnamasy boýunça degişli güwänama berildi. Munuň özi diňe bir ýurdumyzyň hünärmenlerini taýýarlamak bilen çäklenmän, daşary ýurtlaryň hünärmenlerini hem taýýarlamaga we bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen, mekdebiň halkara ülňülere laýyk gelýän okuw usulyýetini giňeltmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy ICAO tarapyndan bu mekdebiň binýadynda 2025-nji ýylyň dowamynda birnäçe ugurlar boýunça tapgyrlaýyn okuwlary ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň raýat awiasiýasy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamakda Halkara raýat awiasiýasy guramasy bilen ýola goýlan gatnaşyklary berkitmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň binýadynda okuwlary ýola goýmak bilen bagly taýýarlanylan teklibi makullap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe wajyp meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

28.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi24.06.2025

Aşgabat, 23-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde galla oragy guramaçylykly dowam edýär. Ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem-de galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, bu önümler bilen içerki bazarlarymyzy üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýetişdirilen bugdaý hasylynyň öz wagtynda ýygnalyp alynmagynyň, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň oba hojalyk önümçiliginde ýokary netijeleri gazanmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda ýerine ýetirilýän işleri hem gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradowa söz berildi. Ol welaýatyň gallaçy babadaýhanlary tarapyndan 80 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýygnalyp, bu ugurdaky meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi baradaky hoş habary aýtdy hem-de netijeli zähmet çekmäge döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyk bildirdi.

Soňra häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak boýunça işler dowam edýär. Bugdaý öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek babatda zerur çäreler görülýär. Orakdan boşan meýdanlary indiki ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen içerki bazarlary üpjün etmek babatda-da zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Balkan welaýatynyň gallaçy babadaýhanlaryny şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli berjaý etmekleri bilen gutlady we meýdanlarda galan bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ekerançylyk meýdanlaryndaky möwsümleýin işleriň talabalaýyk alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, sebitde şu ýyl gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada tabşyryklary berdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak, galla hasyly ýygnalan meýdanlarda sürüm işleri dowam edýär. Bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak işleri-de ýerine ýetirilýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsüme ünsi çekdi hem-de welaýatda ýetişdirilen galla hasylyny öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap almagyň, gowaça ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň möhümdigini belledi we häkime bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýylda meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatda galla oragy dowam edýär. Ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur çäreler görülýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Bugdaý öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri bilen birlikde, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly geçirilýär. Welaýatda şaly ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda agrotehniki çäreler ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de welaýatda galla oragynyň depginini güýçlendirmek, gowaça meýdanlaryndaky ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirmek, şunda oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak, bu ugurda oba hojalyk tehnikalaryny, galla kabul ediş kärhanalaryny doly güýjünde işletmek, önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, bu önümleri ilata ýetirmek babatda zerur çäreler görülýär. Gant şugundyrynyň ekişi hem dowam edýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýetişdirilen bugdaý hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, galla oragynyň depgininiň güýçlendirilmegini, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda belledi hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy hem tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Diýarymyzyň ak ekin meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Galla oragynda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ýygnalan hasyl galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul edilýär. Döwlete tabşyrylan hasyl üçin bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlary indiki ekiş möwsümine taýýarlamak üçin degişli işler geçirilýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär. Daşoguz welaýatynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Lebap welaýatynda şalynyň, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi dowam edýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, sebitlerde ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak we ilata ýetirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny yzygiderli ösdürmek, önümçilikde ýokary görkezijileri gazanmak üçin toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny belledi we wise-premýere ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň, hususan-da, galla oragynyň talabalaýyk, guramaçylykly geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, galla oragynyň batly depginde alnyp barylýandygyny nygtady we bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ýene-de bir gezek ünsi çekip, ekinlere ideg etmekden başlap, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işlerine çenli oba hojalyk önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

24.06.2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 20-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlamentiň alyp barýan işi barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýörelgeleri we ýurdumyzda kabul edilen döwlet maksatnamalary, ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda raýat-hukuk gatnaşyklarynyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak, saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmegiň we ýöretmegiň hukuk hem-de guramaçylyk esaslaryny kesgitlemek, ylmy-intellektual eýeçiligiň obýektleri döredilende we peýdalanylanda ýüze çykýan jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň hukuk esaslaryny berkitmek, wirtual aktiwleri ulanmak babatda hukuk gurşawyny döretmek, hereket edýän gümrük kadalaryny, gümrük gullugynyň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Mejlisiň wekili ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky edarasy bilen hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça geçirilen duşuşyga gatnaşmak üçin Polşa Respublikasynyň Warşawa şäherinde iş saparynda boldy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň milli kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan Beýik Britaniýanyň “Fitch Ratings” agentliginden halkara reýtingi almak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 16-njy iýunynda ýurdumyzyň bu bankyna “BB- durnukly” reýting derejesiniň kesgitlenendigi baradaky hoş habaryň gelip gowşandygy aýdyldy. Agentligiň maglumatynda Türkmenistanyň maliýe durnuklylygynyň ýokary derejesi we uly möçberde ätiýaçlyk serişdeleriniň bardygy bellenilýär. Şunuň bilen birlikde, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň maliýe-bank işjeňligi gowy bahalandyrylyp, tölege ukyplylygynyň ýokary derejesi beýan edilýär hem-de onuň maliýe serişdeleri boýunça ýurdumyzyň iri banklarynyň biridigine üns çekilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halkara maliýe derejesini berkitmek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. “Ýakynda «Fitch Ratings» agentligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna «BB- durnukly» reýting derejesiniň kesgitlenilmegi bolsa ýurdumyzyň maliýe taýdan durnuklylygyny görkezýär” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we wise-premýere döwletimiziň daşary ykdysady işini has-da ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebitgaz ýataklarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda täze açylan “Uzynada” nebitgaz ýatagyny özleşdirmek, hususan-da, ony elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça zerur işler geçirilýär. Bu bolsa täze ýatagyň elektrik üpjünçiligi bilen bir hatarda, beýleki ýanaşyk ýataklary hem elektrik energiýasynyň goşmaça möçberi bilen üpjün etmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, «Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky nebitgaz känlerinde täze ýataklary ýüze çykarmak hem-de özleşdirmek üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy hem-de täze açylan “Uzynada” nebitgaz ýatagyny elektrik energiýasy bilen üpjün etmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak, hasyly galla kabul ediş nokatlarynda kabul etmek hem-de döwlete tabşyrylan hasyl üçin bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Daşoguz welaýatynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri, Lebap welaýatynda şalynyň, Mary welaýatynda bolsa güýzlük gant şugundyrynyň ekişi dowam edýär. Şeýle-de wise-premýer 2026-njy ýylyň hasyly üçin bugdaýyň düýbüni tutmak boýunça taýýarlyk işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi dowam etdirmegiň, welaýatlarda galla oragyny guramaçylykly geçirmegiň, ýygnalan hasyly kabul etmek hem-de döwlete tabşyrylan bugdaý hasyly üçin bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek işlerine berk gözegçilik etmegiň, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara görä alyp barmagyň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bugdaý hasylyny ýetişdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, «Türkmenistanda 2026-njy ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda» Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän toplumynda, hususan-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda konsern tarapyndan dürli mineral dökünleri öndürmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi içerki sarp edijileri oba hojalyk dökünleri bilen doly üpjün etmäge hem-de olary daşary ýurtlara eksport etmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýokary hilli mineral dökünleri öndürmäge uly üns berilýändigini, bu ugurda innowasion enjamlar we tehnologiýalar ornaşdyrylan täze, döwrebap zawodlaryň gurlup ulanmaga berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde ammiak hem-de ammiak selitrasyny öndürýän zawody gurmak boýunça halkara bäsleşigi yglan etmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň iýul aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek aýyň dowamynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary, sport ýaryşlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen bir hatarda, iýul aýynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Aşgabat we Arkadag şäherleri, Ahal, Balkan, Daşoguz welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlaryny, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň açylyp ulanmaga berilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ata Watanymyzda köp sanly medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilýändigini, beýik ösüşleri beýan edýän birnäçe dabaraly çäreleriň geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere şu ýylyň iýul aýyndaky çäreleri geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini ylmy-usulyýet esasynda has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, talyplaryň döwrebap bilimleri we ylymlary özleşdirip, geljekde döredijilikli zähmetini milli ykdysadyýetimiziň binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň bähbidine gönükdirmegi ugrunda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şunda häzirki zaman tehnologiýalaryna, täzeçil tejribelere, öňdebaryjy usullara möhüm ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi we wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (MAGATE) arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde halkara howpsuzlygy, parahatçylygy berkitmekden, bu babatda ýadro energiýasynyň ulanylyşyna gözegçilik etmek boýunça işleri durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Ýurdumyz ýadro ylmyny parahatçylykly maksatlar üçin peýdalanmak, ýagny lukmançylyk, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak we suw serişdelerini dolandyrmak ýaly ugurlarda öňdebaryjy halkara tejribeleri öwrenmek hem-de amala aşyrmak boýunça MAGATE bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bu düzüm bilen gatnaşyklaryň gerimini has-da giňeltmek, ony milli we halkara tejribä laýyklykda, ulgamlaýyn esasda alyp barmak, Türkmenistanyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2025-2026-njy ýyllar üçin iş meýilnamasynyň degişli bentlerini durmuşa geçirmek maksady bilen, birnäçe teklipler taýýarlanyldy. Şol teklipler döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Şeýlelikde, Türkmenistan bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen, agentligiň 2025 — 2029-njy ýyllarda Türkmenistan üçin ýurt boýunça Çarçuwaly maksatnamasyna gol çekmek teklip edilýär. Bu resminamada geljek bäş ýylyň dowamynda ýurdumyz bilen bu düzümiň arasynda ileri tutulýan ugurlar, ýetilmeli sepgitler, ýerine ýetirilmeli işlerdir olaryň möhletleri kesgitlenilýär we düzgünleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň 1960-njy ýylda güýje giren Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň artykmaçlyklary we goraglylyklary hakynda Ylalaşyga goşulmagy baradaky teklip beýan edildi.

Şu ýylyň 15 — 19-njy sentýabry aralygynda Wena şäherinde geçiriljek Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň Baş konferensiýasynyň 69-njy mejlisine Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmagy boýunça degişli işleri geçirmek teklip edilýär. Şunuň bilen bir hatarda, agzalan mejlisiň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän suw serişdelerini dolandyrmakda atom ylmyny ulanmaga bagyşlanan foruma guramanyň Baş direktorynyň adyndan aýratyn çakylyk hatynyň gelip gowşandygy bellenildi. Suw diplomatiýasynyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini göz öňünde tutup, bu çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň halkara derejede öňe sürýän başlangyçlaryny beýan etmek teklip edilýär. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň garamagyna şu ýylyň 10 — 14-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde MAGATE bilen bilelikde ýadro we beýleki radioaktiw materiallar üçin howpsuzlyk kadalary boýunça sebitleýin okuw maslahatyny geçirmek baradaky teklip hödürlenildi. Bu maslahata ýurdumyzyň wekilleri bilen bir hatarda, Merkezi Aziýa, Kawkaz ýurtlaryndan, Aziýa sebitiniň beýleki ýurtlaryndan hünärmenleriň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Şeýle-de Türkmenistanda onkologik keselleri bejermek boýunça bilelikdäki hereketlere syn boýunça maksatnamany (ImPACT) durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýylyň 8 — 13-nji sentýabry aralygynda guramanyň wekiliýetiniň Türkmenistana saparyny guramak teklip edilýär. Bu syny Atom energiýasy boýunça halkara agentlik, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Onkologiýa barlaglary boýunça halkara agentlik bilen bilelikde amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biriniň halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň awiasiýa pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, halkara şertnamalara, Howa kodeksine hem-de Halkara raýat awiasiýasy guramasy (ICAO) tarapyndan kabul edilen halkara standartlara laýyklykda, milli raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasynyň taslamasy işlenilip taýýarlanyldy. Bu resminamada raýat awiasiýasy çygrynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hem-de ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlenilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli awiasiýa pudagyny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly agentligiň ýolbaşçysyna iberdi we degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

21.06.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşyklary bilen tanyşdy

Aşgabat, 20-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň hem-de lukman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde durmuş maksatly binalaryň, saglygy goraýyş ulgamyna degişli häzirki zaman desgalarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň üns merkezinde saklanýar. Bu bolsa saglyk edaralarynyň häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede bina edilmegine, olaryň ylmyň gazananlary esasynda enjamlaşdyrylmagyna giň ýol açýar.

Şu gün ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Stomatologiýa merkezine geldi. Bu ýerde gurluşyk işleri döwrüň talaplaryna laýyk derejede dowam etdirilýär. Şunda merkeziň bejeriş otaglarynyň, ugurdaş bölümleriniň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi paýtagtymyzda gurulýan saglyk merkezleriniň we lukmançylyk edaralarynyň lukman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan hem-de häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda bellenen wezipelere laýyklykda bina edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Gahryman Arkadagymyz Stomatologiýa merkeziniň otaglarynyň enjamlaşdyrylyşyna, binanyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna degişli şekil taslamalary, köp gatly merkeziň ugurdaş desgalarynyň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Merkeziň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşlyk çäresine tejribe alyşmak üçin ýurdumyzda saparda bolýan Germaniýanyň meşhur stomatolog lukmany Aksel Zöllner hem-de onuň ýany bilen döwrebap, sanly ulgam arkaly dolandyrylýan stomatologiýada usulyýet we bejeriş işleri boýunça işleýän kärdeşleri-de gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, merkeziň ähli bölümleri, bejeriş otaglary Germaniýa, Awstriýa, ABŞ, Ýaponiýa, Italiýa, Kanada, Hytaý, Daniýa ýaly lukmançylyk enjamlaryny öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilýär. Lukman Arkadagymyz merkeziň otaglarynyň enjamlaşdyrylyş derejesi bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy. Binalaryň gurluşygynda milli ýörelgeler bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmalydygyna ünsi çekip, Milli Liderimiz durmuş maksatly desgalaryň ýokary hil derejesinde gurulmagynyň, bellenen möhletlerde ulanmaga berilmeginiň we saglygy goraýyş edaralarynyň häzirki zaman görkezijilerine laýyk ýagdaýda enjamlaşdyrylmagynyň şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm talaby bolup durýandygyny belledi.

Taslamalar bilen tanyşlygyň çäklerinde Stomatologiýa merkeziniň lukmany J.Garlyýew täze merkeziň enjamlaşdyrylyşy barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, näsaglaryň ýatymlaýyn bejergi alyp bilmekleri üçin zerur şertleriň döredilmegi merkeziň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde dürli ýaşdaky adamlar, şol sanda çagalar üçin aýratynlykda niýetlenen bölümler bar. Alym Arkadagymyz merkeziň enjamlaşdyrylyşy bilen bir hatarda, onda işlejek lukmanlaryň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegine, degişli bölümlerde döredilýän iş we dynç alyş şertleriniň ýokary derejede bolmagyna aýratyn ähmiýet bermegi tabşyrdy.

Stomatologiýa merkeziniň gurluşygy ynanylan Türkiýäniň “GAP Inşaat” kompaniýasynyň wekili merkeziň binagärlik aýratynlyklary, onuň bölümleriniň ýerleşdiriliş tertibi, binanyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Saglygy goraýyş ulgamyna degişli binalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdeleriň ulanylmagynyň wajyp talap bolup durýandygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu işleriň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede ýerine ýetirilmelidigini belledi.

Aşgabat şäheriniň häkimi paýtagtymyzyň çäklerinde degişli arassaçylyk ýagdaýyny saklamak, saglygy goraýyş ulgamyna degişli edaralaryň çäkleriniň häzirki zaman talaplaryna görä abadanlaşdyrylmagy boýunça şäherdäki lukmançylyk edaralary bilen bilelikde degişli işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi. Milli Liderimiz Aşgabatda arassaçylyk işleriniň yzygiderli alnyp barylmalydygyny, şäheriň ekologik derejesiniň gözegçilikde saklanmalydygyny aýdyp, bu babatda bilelikdäki işleri ýokary derejede dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri paýtagtymyzdaky Indira Gandi adyndaky lukmançylyk orta okuw mekdebinde täze gurulýan Stomatologiýa merkezinde işlemek üçin degişli hünärmenleriň taýýarlanylýandygy we bu işleri dowam etdirmek üçin zerur tagallalaryň edilýändigi barada hasabat berdi. Lukman Arkadagymyz hünärmenleri taýýarlamagyň, saglygy goraýyş edaralaryna sanly ulgamy, intellektual eýeçiligi giňden ornaşdyrmagyň döwrüň möhüm talabydygyny belledi. Munuň özi bejeriş işleriniň netijeli bolmagy bilen bir hatarda, ýola goýulýan lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini-de ýokarlandyrar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy saglyk edaralarynyň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagy bilen bir hatarda, bu ugurda sanly ulgamyň talabalaýyk özleşdirilmelidigini, şunda dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmelidigini we lukmanlaryň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmalydygyny belledi.

Germaniýaly tejribeli stomatolog lukmanlardyr diş tehnikleri merkezde ornaşdyrylýan enjamlaryň dünýäde iň kämil enjamlardygyny, olaryň lukmançylyk ylmynyň öňdebaryjy gazananlarydygyny nygtap, täze desganyň enjamlaşdyrylyşynyň derejesine ýokary baha berdiler. Häzirki döwürde dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň, şol sanda Germaniýanyň degişli ugurlar boýunça baý tejribe toplan lukmanlary we hünärmenleri ýurdumyzda ýygy-ýygydan bolup, türkmen kärdeşleri bilen özara tejribe alyşýarlar. Nemes lukmanlary Türkmenistanyň nusgalyk derejede enjamlaşdyrylan saglyk merkezlerinde bilelikdäki operasiýalara gatnaşyp, tejribelerini paýlaşýarlar. Munuň özi türkmen lukmanlarynyň hünär derejesiniň yzygiderli kämilleşdirilmegine oňyn täsirini ýetirýär.

Alym Arkadagymyz lukmançylyk ylmynyň we häzirki zaman tejribesiniň görkezişi ýaly, keseli bejermekden, onuň öňüni almagyň ähmiýetlidigini belläp, dürli keselleriň, şol sanda adamlaryň dişiniň sagdynlygyna zyýan berýän näsazlyklaryň öz wagtynda öňüniň alynmagy babatda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri paýtagtymyzyň bu künjeginde Gaýragoýulmasyz “Tiz kömek”, Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş we Şikesleri bejeriş halkara merkezleri ýaly saglygy goraýyş ulgamyna degişli döwrebap merkezleriň toplumynyň emele gelendigini aýtdy. Munuň özi ynsan saglygynyň berkidilmegi ugrunda döwlet derejesinde yzygiderli alada edilýändigini görkezýär. Bu toplumda Stomatologiýa merkeziniň möhüm orny eýeleýändigini bellemek gerek. Çünki dişiň sagdynlygy adamlaryň ähli synasynyň saglyk derejesine oňyn täsirini ýetirýär. Hormatly Arkadagymyz türkmen halkynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň goşgusynda: “Tagamnyň lezzetin alar,//Dahanyňdan diş gitmek...” diýen setiriň bardygyny, türkmen halkynyň hem “Dag görki — daş, agyz görki — diş” diýen paýhasly jümläni döredendigini belledi. Bagşylar nusgawy edebiýatymyzdaky: “Zülpleriň sünbülmidir,//Dişleriň dür dänesi” ýaly jümleleri bolan goşgyny aýdym edipdirler. Şeýle hem “Gyýma galam gaşlaryň...//Hünji deýin dişleriň” ýaly setirli aýdymlary bellemek gerek. Taryhyň dowamynda türkmen halky diş syntgylamak üçin sözen ösümliginiň çöpüni ulanypdyr. Onuň bilen dişi arassalapdyrlar. Bu ösümligiň bejerijilik ähmiýeti bolup, ol dişiň köküni, syrçasyny berkidipdir. Munuň özi paýhasly pederlerimiziň dişiň sagdynlygyna möhüm ähmiýet berendigini görkezýär.

Gahryman Arkadagymyz, saglygy goraýyş ulgamynyň ähli düzümlerinde bolşy ýaly, Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynda, bu ugra degişli hünärmenleri taýýarlamakda we özara tejribe alyşmakda hem ähli meselelere hemişe möhüm ähmiýet berilmelidigini nygtady. Şunda dünýäniň öňdebaryjy saglyk merkezleri bilen ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, hünärmenleriň özara tejribe alyşmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegine üns berilmelidir.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşygy alnyp barylýan desgalarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, binalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagy we şäheriň abadançylyk derejesiniň ýokary görkezijilere laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz hemmelere öňde goýlan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

21.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 16-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde galla oragy dowam edip, ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almak, galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekilen meýdanlarynda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragynyň talabalaýyk geçirilmegini, welaýatyň gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda ýerine ýetirilýän işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde bugdaý oragyna girişilip, möwsümde däne ýygýan kombaýnlar, awtoulaglar we galla kabul ediş kärhanalary doly güýjünde işledilýär. Bugdaý öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we galla oragyna gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, gowaça meýdanlaryndaky ideg işlerini agrotehniki kadalary berk berjaý etmek arkaly geçirmek babatda degişli görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde galla oragy guramaçylykly dowam edýär. Ýetişdirilen hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur çäreler görülýär. Bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda dowam etdirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen galla hasylyny öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap almagyň, gowaça ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de häkime bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda degişli tabşyryklar berildi.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Möwsümde oba hojalyk tehnikalary, galla kabul ediş kärhanalary bökdençsiz işledilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan galla hasyly üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri bilen birlikde, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly geçirilýär. Welaýatda şaly ekişi hem dowam edýär. Şeýle-de häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almagyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmagyň esasy şertleriniň biridigini belledi hem-de häkime welaýatda galla oragyny guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz gowaça meýdanlaryndaky möwsümleýin işleriň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, sebitde bu ugurda alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, sebitde galla oragynyň depginini güýçlendirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Däne ýygýan kombaýnlar, bugdaý daşaýan awtoulaglar, galla kabul ediş kärhanalary doly güýjünde işledilýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Sebitde gant şugundyrynyň ekişi dowam edip, bu möwsümi ýokary hilli, bellenen möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada-da hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragyny guramaçylykly geçirmegiň, gowaça meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň talabalaýyk ýola goýulmagynyň, bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli peýdalanylmagynyň zerurdygyny belledi hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak boýunça işler dowam edip, orak möwsüminde oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek, ýygnalan hasyly galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek, döwlete tabşyrylan hasyl üçin bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Daşoguz welaýatynyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri, Lebap welaýatynda şaly ekişi, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi dowam edýär. Ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinler ekilen meýdanlarda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de pudagy yzygiderli ösdürmek üçin öňdebaryjy tejribäniň önümçilige ornaşdyrylmagyny, ýer-suw we tehniki serişdeleriň netijeli peýdalanylmagyny özünde jemleýän toplumlaýyn çemeleşmäniň zerurdygyny belledi we wise-premýere möwsümleýin oba hojalyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi we galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak, gowaça meýdanlarynda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.



Beýleki habarlar
17.06.2025
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 5-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, hasabat döwründe ýurdumyzyň goranyş ukybyny berkitmek, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyň barşy, harby gullukçylary watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça guralýan çäreler barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Milli goşuny maksatnamalaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine harby gullukçylaryň maddy we ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Baş prokuror B.Muhamedow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýuridik we şahsy taraplaryň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny takyk berjaý edişlerine gözegçiligi üpjün etmek maksadynda görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem prokuratura edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Kanunlaryň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň ýerine ýetirilmegi boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem dowam etmäge, hukuk düzgün-tertibini berkitmäge, düzgün bozulmalaryň öňüni almaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda Baş prokurora birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow 2025-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, içeri işler ministrine ýurdumyzda jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmek we hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew hasabat döwründe geçirilen işler, hormatly Prezidentimiziň sanly ulgamy we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak arkaly kazyýet ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli kanunçylyga laýyklykda, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň, kazylaryň hünär taýýarlygyny yzygiderli ýokarlandyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny aýtdy hem-de Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew hasabat döwründe ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy saklamak, şeýle hem ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ministre ýurdumyzyň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etmegi tabşyrdy.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda eziz Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak, serhet birikmeleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem-de harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ýurdumyzyň serhediniň dost-doganlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň serhedidigini aýtdy we onuň goragyny üpjün etmek, şeýle hem ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak boýunça işleri dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra adalat ministri M.Taganow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň barşy, bu ministrligi ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, birnäçe hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça teklipleriň işlenip taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ministre ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işleri mundan beýläk-de dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, gullugy ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi üçin zerur şertleri döretmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, gümrük nokatlarynda harytlary talabalaýyk resmileşdirmek we olary ygtybarly gümrük barlagyndan geçirmek, üstaşyr geçýän ulaglaryň hereketlerini gözegçilikde saklamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi we bu babatda Döwlet gümrük gullugynyň başlygyna birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý etmek maksady bilen, sanly ulgamyň we döwrebap usullaryň mümkinçilikleriniň ulanylyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, migrasiýa edaralarynyň işini sanly ulgam arkaly kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, şeýle hem Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu işleriň mundan beýläk-de dowam etjekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

06.06.2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 4-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyk getirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak maksady bilen, şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 8-si kabul edildi. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek we Ýük markalary hakynda halkara Konwensiýasyna degişli Teswirnama goşulmak bilen bagly kanunlar bar. Şunuň bilen birlikde, Jenaýat, Arbitraž, Raýat we Jenaýat iş ýörediş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, ýubileý medaly, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, migrasiýa bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Mundan başga-da, Mejlisiň kararlarynyň 10-sy kabul edildi.

Häzirki wagtda adam hukuklaryny we azatlyklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak, saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek, ylmy-intellektual eýeçiligi ösdürmek, wirtual aktiwler, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalyny döretmek bilen baglanyşykly täze Kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak, şeýle hem hereket edýän birnäçe Kanunlary kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Ýylyň başyndan bäri daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlarynyň 6-sy kabul edildi. Mundan başga-da, Mejlisde dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, ýurdumyzdaky daşary ýurt wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 30-sy geçirildi.

Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek meseleleri boýunça ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň halkara guramalar bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 48-sine gatnaşdylar. Halkara tejribäni öwrenmek maksady bilen, milli parlamentiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 17-si amala aşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletimiziň alyp barýan netijeli syýasatynyň, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmagyň kabul edilýän Kanunlarda öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz döwrüň talap edýän täze Kanunlaryny işläp taýýarlamak işlerini dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşi üpjün edildi we ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlandy. Hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 0,8; gurluşykda 4,7; ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,8; söwdada 9,9; oba hojalygynda 4 we hyzmatlar ulgamynda 8,6 göterime deň boldy.

2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,7 göterim artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy.

Şu ýylyň bäş aýynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 12,5; daşary söwda dolanyşygy 5,4 göterim ýokarlandy.

Hasabat döwründe Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 101,2; çykdajy bölegi 97,6 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,4 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 16,3 göterim artdy.

Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek, jemi içerki önümiň ösüş depginini ýylyň ahyryna çenli bellenen derejede saklamak üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny bellemek bilen, wise-premýere ýurdumyzy ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda 2025-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 109 göterim ýerine ýetirildi.

Bellenilişi ýaly, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 108; benzin öndürmegiň meýilnamasy 102,8; dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 101,2; çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 121,1 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmekde 102,2 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

Şeýle hem hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 102,5 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmagyň, munuň üçin önümçilik işini yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň, häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagy dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzda nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 113 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 100,7; Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 100; Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 140,2; “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 121,6; “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 108,4; “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 100,8; Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 103,3; Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 101,1 hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101 göterime deň boldy.

Hasabat döwründe oba hojalyk pudagy boýunça maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 311,8 göterim ýerine ýetirildi.

Şeýle hem wise-premýer häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, şu gün ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlary geçirilip, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda bugdaý oragyna başlanyldy. Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa orak möwsümine 11-nji iýunda başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Şunuň bilen bir hatarda, welaýatlaryň gowaça, ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen ýerlerinde agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ýetişdirilen gök ekinleriň hasylyny ýygnap almak boýunça degişli işler geçirilýär.

Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyza ussat pileçilerimiz tarapyndan ýurdumyz boýunça 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürilip, bu ugurda bellenen şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi baradaky hoş habary aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmagyň, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň oba hojalyk pudagynyň esasy wezipeleri bolup durýandygyny, şunuň bilen baglylykda, bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmegiň, ekin meýdanlarynda oba hojalyk işlerini öz wagtynda geçirmegiň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bugdaý oragynyň hem ýetip gelendigini aýdyp, wise-premýere hasyly ýitgisiz ýygnap almak işlerine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, zähmetsöýer pileçilerimiziň Watan harmanyna 2100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, şu ýylky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendiklerini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ussat pileçileri bu zähmet üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumynda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 109 göterim berjaý edildi.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 113,4 göterim amal edildi.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 114,8 göterime deň boldy.

Hasabat döwründe Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň hem-de amala aşyrylan işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 108,8 göterim berjaý edildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 105,6 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 104,8 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 111,8 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň, himiýa pudagynyň önümçilik kärhanalarynyň doly kuwwatynda işledilmegini gazanmagyň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere energetika pudagynyň kuwwatyny yzygiderli artdyrmagy, şeýle hem täze önümçilik desgalaryny gurmak we olary innowasion tehnologiýalar bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 123,1 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,7 göterime barabar boldy.

Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 108 göterim üpjün edildi. Şol sanda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüşi nah ýüplük boýunça 130,4; nah matalarda 136,7; gön önümleri babatda 124,5 göterime deň boldy.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 100,6 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan hasabat döwründe 124 birža söwdasy geçirilip, olarda 11 müň 714 şertnama hasaba alyndy.

Şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 103 göterime barabar boldy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň bäş aýynda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,2; senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 108,2 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda azyk önümleriniň hem-de zerur bolan beýleki harytlaryň üpjünçiligini üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere öndürilýän önümleriň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň möçberidir görnüşlerini artdyrmagy, şeýle hem dokma kärhanalarynyň işini döwrebap ýola goýmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, hasabatdan görnüşi ýaly, geçen bäş aýyň dowamynda dünýäniň köp sanly döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarda gowy netijeleriň gazanylandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Hormatly Prezidentimiz Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň täze düzümi bilen bagly degişli resminama gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamlarynda 2025-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň birinji mejlisi, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşigiň Aşgabat we Arkadag şäherleri, Ahal hem-de Balkan welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlary, şeýle hem “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly aýdym-sazly festiwal guramaçylykly geçirildi.

Ýurdumyzda köp sanly halkara medeni çäreler, şol sanda sergiler, konsertler, festiwal guraldy. Medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri daşary ýurtlarda geçirilen halkara medeni çärelere gatnaşdylar. Türkmen wekiliýeti Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň aramgählerine zyýarat etmek maksady bilen, Eýran Yslam Respublikasynda saparda boldy.

Şeýle hem kitaphanalar, muzeýler, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen baglylykda, medeni edaralarda we teatrlarda çagalar üçin gyzykly çäreleri guramagy, milli mirasymyzy hemmetaraplaýyn öwrenmek we ýaşlaryň arasynda wagyz etmek boýunça zerur işleri alyp barmagy, taryhy-medeni ýadygärliklerimizi aýawly saklamak boýunça zerur işleri yzygiderli geçirip durmagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe ýaş nesliň döwrebap bilim almagy ugrunda toplumlaýyn işler amala aşyryldy, okatmagyň öňdebaryjy usullary bilim işinde giňden ulanyldy, okuw kitaplarydyr gollanmalar neşir edildi. Mekdep okuwçylary, talyp ýaşlar halkara ders we internet bäsleşiklerinde jemi 711 medala we dürli derejeli diplomlara mynasyp boldular. Ýurdumyzda umumybilim berýän orta mekdepleriň uçurymlarynyň gatnaşmagynda “Soňky jaň” dabaralary guramaçylykly geçirildi.

Şu ýylyň bäş aýynda ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegine, innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagyna we halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen işler dowam etdirildi. Aspirantura, doktorantura hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige jemi 114 adam kabul edildi.

Hasabat döwründe öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak boýunça işler alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumy, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde Immunizasiýa hepdeligi, Daniýa Patyşalygynyň Kopengagen şäherinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynda Türkmenistanyň güni geçirildi.

Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça hem netijeli işler alnyp baryldy. Şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda türgenlerimiz halkara ýaryşlara gatnaşyp, jemi 349 medala mynasyp boldular. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler, bedenterbiýe-sport çäreleri, Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş guramaçylykly geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport ulgamlarynda netijeli işleri alyp barmagyň, tomus möwsüminiň başlanmagy bilen, çagalaryň we ýetginjekleriň boş wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin dynç alyş çärelerini guramagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Saglygy goraýyş ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek, ýaşlary bedenterbiýe we köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek üçin netijeli işleri alyp barmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi şu ýylyň 1-2-nji iýunynda Mongoliýa döwlet saparynyň ýokary derejede geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, Ulan-Bator şäherinde ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň barşynda köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň giň meselelerine garaldy.

Syýasy-diplomatik ulgamda netijeli türkmen-mongol dialogy barada aýdylanda, taraplaryň halkara giňişlikde, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde mundan beýläk-de özara gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy. Şunda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek ýaly möhüm meselelere aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäginde bilelikdäki işi dowam etmek göz öňünde tutulýar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda Ulan-Bator şäherinde geçirilen Türkmen-mongol işewürler forumynyň netijeli bolandygy bellenildi. Onuň barşynda maýa goýum işi, ulag we logistika, aragatnaşyk, dokma senagaty, oba hojalygy, işewür gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi, şeýle hem ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Medeni-ynsanperwer ulgamda türkmen-mongol gatnaşyklaryna uly üns berildi. Bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde Türkmenistanyň milli amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, türkmen halysynyň sergi-ýarmarkasy hem-de iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti guraldy. Şunuň bilen bir hatarda, bilim we ylym ugry boýunça hyzmatdaşlygyň giň meselelerine garaldy, degişli ylalaşyklara we ähtnamalara gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiziň Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň netijeleri boýunça jemi 14 resminama gol çekildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri soňra şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ministrlik tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek we bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, hasabat döwründe degişli işler geçirildi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz ýylyň başyndan bäri “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, “Merkezi Aziýa — Italiýa” görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparlaryny, Ýaponiýa sapary, şeýle hem Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrdy.

Hasabat döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Monako Knýazlygynda saparda boldy, şeýle hem Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna we Özbegistan Respublikasyna dostlukly saparlary, Fransiýa Respublikasyna resmi sapary we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Şu ýylyň mart aýynda Gruziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary boldy. Mundan başga-da, aprel aýynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary ýurdumyza sapary amala aşyrdy.

Hasabat döwründe daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara bolan saparlary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň okgunly ösýändigine şaýatlyk edýär. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 293-si geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanda daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň wekilleri bilen resmi gepleşikler hem-de duşuşyklar guraldy. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üsti 73 resminama bilen ýetirildi.

Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn duşuşyklar, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler yzygiderli geçirilýär. Şeýle hem ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak we giňeltmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Munuň özi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň we berkitmegiň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem halkara guramalar bilen özara bähbitli we uzak möhletli gatnaşyklary pugtalandyrmagy üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny nygtap, wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurdaky hyzmatdaşlygy dowam etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 115,3 göterime deň boldy.

Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 103,4; ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy 102 göterim ýerine ýetirildi.

Şu ýylyň bäş aýynda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 104,6; “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 110; “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 120,5; “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 113,4; “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça bolsa 120,8 göterime deň boldy.

Şeýle hem “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýolagçy we ýük gatnawlaryny artdyrmak, ýolagçy gatnatmak boýunça hyzmatlaryň ýokary hilini we howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça netijeli işleri alyp barmagyň, halkara ulag-üstaşyr gatnawlary üçin amatly şertleri döretmek arkaly ýurdumyzyň logistika mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň, olary mundan beýläk-de işjeň ösdürmegiň möhümdigini belledi we agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip: “Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär” diýip belledi.

Jemi içerki önümiň ösüşi hasabat döwründe 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýär. Ýurdumyzda kabul edilen ähli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki binalaryň we desgalaryň gurluşygy netijeli dowam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

“Biziň esasy wezipämiz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we şoňa görä-de, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň amala aşyrylyşyny hemişe berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda üç günläp, ýagny 6-njy, 7-nji, 8-nji iýunda Gurban baýramynyň bellenilip geçiljekdigini, bu mukaddes baýramyň gadymdan gelýän medeni-ruhy mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy özünde jemleýändigini aýtdy.

“Gurbanlyk günleri berýän sadakalaryňyz kabul bolsun!” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary, mähriban halkymyzy mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlise gatnaşyjylar hem döwlet Baştutanymyzy we Gahryman Arkadagymyzy mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

05.06.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen gudratynyň aýdyň nyşany hökmünde ykrar edilen we häzirki zaman binagärlik tejribesiniň nusgasyna öwrülen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary görkezildi. Mundan başga-da, Gahryman Arkadagymyz täze şäherde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan we yzygiderli tagallasyndan binýat bolan täze şäheriň durmuşynda taryhy ähmiýeti bolan beýik işler amala aşyrylýar. Häzirki zaman şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň her bir gününiň taryhy ähmiýeti bolan wakalara beslenmegini şertlendirýär. Täze şäherde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny esasy ugur edinýän netijeli işler amala aşyrylýar.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleri, aýratyn-da, Arkadag şäheriniň metjidiniň gurluşygynda ulanylýan serişdeleri synlap, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegi babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar toplumlarynyň çäklerinde oturdylmagy göz öňünde tutulýan şekiller, olaryň özboluşly aýratynlyklary barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, täze şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň abadanlaşdyrylyşyna we olaryň bezeg aýratynlyklarynyň döwrebap talaplara laýyk gelmegine möhüm üns berilýär. Şunda gurluşyk serişdeleriniň hili, berkligi we uzak möhletleýinligi bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanylýar.

Halk Maslahatynyň Başlygy görkezilýän şekil taslamalary we “Ahalteke atlary” şaýolunyň ugrunda oturdylmagy meýilleşdirilýän şekiller, duralgalar, olaryň görnüşleri hem-de ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen içgin tanşyp, bu babatda özüniň degerli maslahatlaryny berdi. Şunda täze şäheriň çäklerinde ýerleşdiriljek heýkelleriň, beýleki desgalaryň gözelligi, ykjamlygy we Arkadag şäheriniň derejesine laýyk gelmegi möhüm talap hökmünde kesgitlenendir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde “Ahalteke atlary” şaýolunyň gurluşygy, onuň ýanýodalarynyň aýratynlyklary barada aýdyp, ýol ýakasynda oturdyljak bedewleriň şekilleriniň döwrebaplygyna zerur üns berilmelidigini belledi. Şunda halkymyzyň buýsanjyna öwrülen şöhratly ahalteke bedewleriniň heýkelleriniň binýadynyň gelşikli bolmagyna zerur üns berilmelidir.

Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň bina edilmegine, aýratyn-da, häzirki zaman ýollarynyň çekilmegine möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Ýurdumyzda ýol gurmak arkaly dünýä ýol çekilýär. Şeýlelik bilen, häzirki zaman ýollary ýurdumyzyň üstaşyr kuwwatlyklaryny artdyryp, sebitiň ýurtlarynyň üçünji bir ýurda geçmegine mümkinçilik döredýär. Bu bolsa häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň üstünlikli çözülmeginde ähmiýetlidir. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow “Ahalteke atlary” şaýolunyň ýakasy bilen çekiljek welosiped ýodasynyň we bedewler üçin niýetlenen ýodanyň talabalaýyk hem-de häzirki zaman görkezijilerine laýyk gelmeginiň wajypdygyny aýtdy. Şunda atly gezelenç üçin niýetlenen ýoda düşeljek çägäniň arassalygyna, hiline zerur üns berilmelidir. Şol bir wagtyň özünde, şaýoluň ugrunda bedewler üçin dynç alyş bassyrmalarynyň we welosipedçilere niýetlenen duralgalaryň amatlylyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu işleriň ýokary derejede amala aşyrylmagyna örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

Şol bir wagtyň özünde, dürli maksatly desgalaryň milli binagärlik ýörelgelerine, bu künjegiň ekologiýa derejesine zerur üns berilmelidir. Munuň özi ýurdumyzda raýatlar, olaryň oňaýly ýaşaýşy we ýokary derejeli dynç alşy bilen baglanyşykly meseleleriň möhüm orna degişlidiginiň nobatdaky beýanydyr diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi we birnäçe görkezmeleri berdi. Täze şäheriň çäklerinde oturdyljak heýkelleriň we beýleki desgalaryň häzirki zaman amatlylyk talabyna laýyk gelmegi bilen bir hatarda, olaryň bezeg aýratynlyklaryna möhüm üns berilmelidir.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalarda alnyp barylýan işleriň häzirki ýagdaýyna we gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça işleriň derejesine garaldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow, ilki bilen, ýakynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň wekilçilikli topary bilen Saud Arabystany Patyşalygynda saparda bolmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza sagbolsun aýtdy. Bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde dostlukly ýurduň Er-Riýad şäherinde degişli düzümleriň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirilip, gurluşyk ulgamynda özara tejribe alyşmak boýunça degişli ylalaşyklar gazanyldy. Şunda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy.

D.Orazow şeýle hem täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik we durmuş maksatly binalaryň gurluşyklary we olaryň dowamynda ýerine ýetirilýän işleriň ýagdaýy, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary, olaryň hil derejesi barada hasabat berdi.

Gahryman Arkadagymyz ägirt uly geljegi bolan täze şäheriň çäklerinde ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak meselelerine, aýratyn-da, gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeleriň berkligine, uzak möhletleýinligine we bezeg babatda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegine zerur üns bermegi tabşyrdy. Şunda binalaryň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagy möhüm talap hökmünde kesgitlenendir.

Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde täze şäheriň ýokary amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleriniň talabalaýyk ýagdaýda dowam edýändigi barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde Arkadag şäherinde milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Gurban baýramy we Ylymlar güni ýaly şanly seneleriň hormatyna geçiriljek çäreleriň medeni maksatnamasynyň taýýarlanylandygy barada aýdyldy.

Halk Maslahatynyň Başlygy hasabaty diňläp, Arkadag şäheriniň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek meselelerine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini we bu işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede yzygiderli ýerine ýetirilmelidigini belläp, bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleriň hormatyna guralýan dabaralarda Arkadag şäheriniň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşiniň, şäher ilatynyň bagtyýar durmuşynyň we abadançylygynyň öz beýanyny tapmalydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bu işleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi ugrunda zerur tagallalaryň amala aşyrylmalydygyny aýtdy.

Aýratyn-da, baýramçylyk günlerinde şäheriň çäklerinde degişli tertip-düzgüniň üpjün edilmegi möhüm talap hökmünde kesgitlenendir. Şunda Arkadag şäher häkimliginiň hem-de täze şäheriň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikdäki tagallalary ýola goýulmalydyr. Munuň özi kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäherde meýilleşdirilen ähli çäreleriň guramaçylykly geçirilmegi we şäheriň okgunly ösüşiniň üpjün edilmegi ugrunda alnyp barylýan işlerde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

(TDH)

02.06.2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 29-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işleri barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryndan we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alnyp, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, adam hukuklaryny we azatlyklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak, saýlaw ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ylmy-intellektual eýeçilik gatnaşyklary, wirtual aktiwler we gümrük meseleleri bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler geçirilýär.

Şol bir wagtda abraýly halkara guramalar hem-de daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Litwa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatynyň kabul edilendigi barada aýdyldy. Şeýle hem garalýan döwürde Saud Arabystany Patyşalygynyň, Ermenistan Respublikasynyň Doly ygtyýarly wekilleri hem-de Türkmen-eýran parlamentara dostluk toparynyň agzalary bilen duşuşyklar geçirildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, olaryň dowamynda ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, milli parlamentiň ýolbaşçysy bu iş saparyny amala aşyrmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze kanunlar işlenip taýýarlanylanda döwrüň talap edýän kanun taslamalaryny göz öňünde tutmagyň we şoňa görä-de, kanunlary kämilleşdirmek işlerini mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow “Senagat howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilişine önümçilik barlagyny guramagyň we amala aşyrmagyň talaplarynyň” taslamasy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, bu resminama “Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň senagat desgalarynda howpsuzlyk talaplaryny berjaý etmegiň möhüm ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda hereket edýän önümçilik desgalarynda senagat howpsuzlygynyň berjaý edilişine önümçilik barlaglaryny guramak maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan degişli resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu ugurda zerur işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebit, nebit önümleri we gazhimiýa önümleri daşary ýurtlara ýüklenip iberilende ýük amallaryny geçirmek boýunça kadalaşdyryjy-gözükdiriji resminamalary kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, degişli döwlet edaralary bilen bilelikde bu ugurda ýerine ýetirilen işleriň netijesinde “Türkmenistanyň deňiz portlarynda we port nokatlarynda nebit, nebit önümleri we gazhimiýa önümleri daşary ýurtlara ýüklenip iberilende ýük amallaryny geçirmegiň Düzgünleriniň” taslamasy taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz nebit, nebit önümleri we gazhimiýa önümleri boýunça ýük amallaryny geçirmegiň düzgünlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarynda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda degişli ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Daşoguz welaýatynda şaly ekişi tamamlanyp, Lebap welaýatynda bu jogapkärli möwsüme taýýarlyk işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda ýeralmanyň we gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda bu ekinlere ideg etmek hem-de ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak maksady bilen zerur çäreler görülýär.

Şeýle hem hasabatyň dowamynda wise-premýer döwlet Baştutanymyza galla oragyna girişmegiň senesini belläp, bu möhüm çärelere ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek işlerini netijeli alyp barmagyň, welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek işlerini hem dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge uly üns berilýändigini, döwletimiz tarapyndan ýerden bol hasyl almak boýunça daýhanlarymyz üçin zerur şertleriň döredilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz şu ýyl hem ýurdumyzyň welaýatlarynda gallanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini kanagatlanma bilen belläp, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda şu ýylyň 4-nji iýunynda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 11-nji iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi.

Döwlet Baştutanymyz hormatly ýaşululardan galla oragyna «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş edip, zähmetsöýer gallaçy daýhanlara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmek boýunça paýtagtymyzda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bu şanly sene mynasybetli häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň şaýollarynda we köçelerinde, seýilgählerinde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri bilen bir hatarda medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş toplumlarynyň daş-töwereklerinde dürli bezeg güllerini ekmek işleri yzygiderli alnyp barylýar. Şeýle hem şäher häkimligi, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde döredijilik bäsleşikleriniň, festiwallaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň hem-de bedenterbiýe-sport çäreleriniň, aýdym-sazly dabaralaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Şonuň ýaly-da wise-premýer paýtagtymyzda “Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkeziniň täze, döwrebap binasyny gurmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny açmak, zehinli çagalary ýüze çykarmak maksady bilen, umumy meýdany 4 gektar bolan, şol sanda esasy binany, kitaphanany, sport, medeni çäreleri we oýun üçin meýdançalary, tehniki binalary hem-de desgalary öz içine alýan täze merkezi gurmak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem wise-premýer Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna merkezde ýerleşjek çagalar kitaphanasynda asman giňişligini synlamak üçin obserwatoriýa otagynyň gurnaljakdygy hem-de kitaphananyň döwrebap sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryljakdygy barada aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu merkezi gurmak hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş nesilleriň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmagy, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini, döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, bedenterbiýe-sagaldyş, dynç alyş merkezleriniň gurlup ulanmaga berilýändigini belledi hem-de wise-premýere ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli giň gerimli çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de «Aşgabat şäherinde «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkezini gurmak hakynda» Karara gol çekdi.

Öz gezeginde Ministrler Kabinetiniň agzalary hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we Gahryman Arkadagymyzy Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän toplumy tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda söwda ulgamyny kämilleşdirmek, ilata ýokary hilli söwda hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, şol sanda söwda we hyzmat ediş maksatly döwrebap desgalary gurmak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Sarahs şäheriniň çäginde täze gurulmagy göz öňünde tutulýan bazaryň şekil taslamasynyň işlenilip taýýarlanylandygyny aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň söwda ulgamyny kämilleşdirmek, ilaty ýokary hilli söwda hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny, söwda we hyzmat ediş maksatly döwrebap desgalaryň yzygiderli gurulýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Sarahs şäherinde döwrebap täze bazary gurmak bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu halkara çäräni 2 — 7-nji iýun aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek meýilleşdirilýär. Festiwalyň çäklerinde ýurdumyzyň we daşary döwletleriň tans toparlarynyň gatnaşmagynda “Küştdepdi — parahatçylyk waspçysy” atly halkara maslahaty, bu tans dessurynyň görnüşleriniň görkezme çykyşlaryny, şeýle hem tans we folklor toparlarynyň konsertini guramak göz öňünde tutulýar. Bu festiwal türkmen milli tans sungatyny we gadymy folkloryny dünýä halklary bilen tanyşdyrmaga, halklaryň arasyndaky döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara çäreleriň giňden geçirilýändigini, olaryň ýurdumyz bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da ösdürmäge ýardam berýändigini belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalyna gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary derejede geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Ylymlar güni mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara ylmy maslahatlar we dabaraly çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli 12-13-nji iýunda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahaty guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleriniň hem-de daşary ýurtly alymlaryň gatnaşmaklarynda geçiriljek bu maslahatda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen birlikde, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 11-nji iýunda “Innowasiýalar, parahatçylyk, durnukly ösüş” atly utgaşykly görnüşdäki halkara ylmy-amaly maslahaty, 12-nji iýunda bolsa Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ylmy ösüşlerini dünýä ýaýmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, halkara ylmy maslahatlary, Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow “Merkezi Aziýa — Italiýa” formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine gatnaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherine iş saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Ýewropa döwletleri, şol sanda Italiýa Respublikasy bilen hoşniýetli gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ýurt bilen diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Ýurtlarymyz syýasy-diplomatik ulgamda, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Mälim bolşy ýaly, Italiýa Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden 8 Kararnamasynyň awtordaşlarynyň biridir.

Söwda-ykdysady ulgamda, işewür düzümleriň ugry boýunça özara gatnaşyklar hem netijeli häsiýete eýedir. Italiýanyň birnäçe iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan we Italiýa medeni-ynsanperwer ulgamynda, şol sanda arheologiýa ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Häzirki güne çenli 37 resminama ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk binýadyny düzýär.

Ýokary derejedäki saparlar we duşuşyklar döwletara dialogy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy we 2019-njy ýyllarda Italiýa Respublikasyna resmi saparlaryny, 2015-nji ýylda bolsa iş saparyny amala aşyrandygy bellenildi. 2014-nji ýylda Italiýanyň Premýer-ministri Türkmenistana iş sapary bilen geldi.

Iki ýurduň Hökümetleriniň we parlamentleriniň derejesinde, şeýle hem daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklar alnyp barylýar. “Merkezi Aziýa — Italiýa” formaty netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze ugurlary açýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 30-njy maýda Astanada geçirilmegi meýilleşdirilýän sammite gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna amala aşyryljak saparyň maksatnamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Italiýa Respublikasy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda köp ýyllaryň dowamynda netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň köptaraply görnüşde hem hyzmatdaşlyk edýändigine ünsi çekip, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Italiýanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda Merkezi Aziýa — Italiýa sammitiniň möhüm ornuny belledi hem-de wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 1-2-nji iýunynda Mongoliýa boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Aziýa we Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen dostlukly dialogyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda Mongoliýa bilen netijeli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar. Ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Häzirki wagtda döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýady 11 sany resminama bilen berkidildi.

Türkmen-mongol gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde ýokary derejedäki saparlara hem-de duşuşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň 3 duşuşygy guraldy. Mundan başga-da, 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary boldy. Şeýle hem hökümetleriň derejesinde we daşary işler ministrlikleriniň arasynda gatnaşyklar ösdürilýär.

Türkmenistan hem-de Mongoliýa halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we beýleki düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edip, birek-birege goldaw berýärler. Mongoliýa Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen 16 Kararnamanyň awtordaşlarynyň biri, şol bir wagtda, ýurdumyz hem Mongoliýanyň öňe süren BMG-niň Baş Assambleýasynyň 5 Kararnamasynyň döredijileriniň biri bolup durýar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, oba hojalygy, maldarçylyk, ýeňil senagat hem-de ulag we logistika ulgamlary ileri tutulýan ugurlardyr. Özara haryt dolanyşygyny artdyrmaga, bu işe kiçi we orta telekeçiligi çekmäge aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklar hem giňeldilýär. 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Mongoliýadaky Medeniýet günleriniň we geçen ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda bilelikdäki medeni çäräniň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa boljak döwlet saparyna taýýarlyk görmek we onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin degişli işler alnyp barlyp, onuň netijesinde saparyň maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Saparyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrjak ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle hem saparyň çäklerinde Türkmen-mongol işewürler forumynyň, sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda medeni çäräniň, milli amaly-haşam sungatynyň sergisiniň we türkmen halysynyň sergi-ýarmarkasynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýändigini, ýakynda Mongoliýada geçiriljek duşuşyklaryň hem türkmen-mongol gatnaşyklaryny täze derejä çykarmakda möhüm ädim boljakdygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministrine bu döwlet saparyna gowy taýýarlyk görmegi hem-de onuň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň deňiz flotunyň maddy-tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu ugurda “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan zerur işler geçirilýär. Munuň özi gämilere hyzmat etmek işleriniň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredýär. Agentligiň ýolbaşçysy bular barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň deňiz flotunyň işini halkara talaplar esasynda ýola goýmagyň, gämileri yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň möhüm ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlary kämilleşdirmäge gönükdirilen teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

30.05.2025