Новости
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy

Arkadag şäheri, 31-nji awgust (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täzeçil tehnologiýalar esasynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäheriň çäklerinde gurulmagy hem-de durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryndaky işleriň depgini barha ýokarlanýar. Arkadag şäherinde gurulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly binalaryň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna, olaryň gurluşyk işlerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherine gelip, täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow, Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen tüýs ýürekden gutladylar we hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň şowly geçmegini arzuw etdiler.

B.Annamämmedow hem-de D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak, durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň görnüşleri barada hasabat berdiler. Bu ýerde görkezilýän şekil taslamalarynyň hatarynda “Ahalteke atlary” şaýolunyň ugrunda guruljak girelgäniň görnüşi, täze şäheriň köpugurly stadionynyň öňünde goýulmagy meýilleşdirilýän nyşanlar, açyk görnüşli suwaryş suw saklaýjy howuzlar toplumyndan suwaryş suw howuzlar toplumyna çenli suw geçiriji ulgamyň Garagum derýasynyň üstünden we aşagyndan geçirilişiniň taslamalary, “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň önümleriniň, çaga iýmitleriniň görnüşleri, Gorjaw etrap häkimliginiň binasynyň içki bezegleri, täze şäheriň demir ýol menziliniň içki bezeg aýratynlyklaryna degişli taslamalar bar. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň saglygy goraýşa degişli serişdeleriniň, çagalar iýmitleriniň, zyýansyzlandyryş sargylarynyň we diş lukmançylyk ulgamyna degişli önümleriň hiliniň halkara derejede ykrar edilmegi hormatly Prezidentimiziň intellektual eýeçiligi ösdürmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň oňyn netije berýändigini görkezýär.

Milli Liderimiz şekil taslamalaryny synlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş, önümçilik maksatly binalaryň hersiniň ähmiýetine görä, aýratynlykda ýerleşdirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Täze şäheriň girelgesiniň bezeg işlerinde Arkadag şäherine mahsus bezeg serişdeleriniň, degişli şekilleriň ýerleşdirilmegi maksadalaýyk bolar. Şunda degişli düzümler tarapyndan bilelikde tagalla edilmelidir. Arkadag şäheriniň çäklerinde guruljak täze desgalaryň taslamalary taýýarlanylanda häzirki zaman şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplarynyň göz öňünde tutulmalydygyny belläp, hormatly Arkadagymyz binalaryň gurluşyklarynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, şol bir wagtyň özünde bu künjegiň tebigy aýratynlyklaryna, ekologik ýagdaýyna ähmiýet berilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Şäheriň dürli maksatly binalarynyň gurluşygynda, bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň bu künjegiň toprak-howa şertlerine laýyk gelmegi wajypdyr. Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde alnyp barylýan we meýilleşdirilen işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede ýerine ýetirilmelidigini, görkezilen taslamalara girizilen düzedişleriň degişli derejede berjaý edilmelidigini aýtdy we binalaryň gurluşyklarynyň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy, şunda ösen tejribeleriň, täzeçil tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagy babatda öz maslahatlaryny berdi.

Gahryman Arkadagymyz taslamalar bilen tanyşlygy tamamlap, binanyň daşyna çykdy we bu ýerde dürli maksatly binalaryň üçekleriniň örtüginde ulanylýan, häzirki döwürde önümçiligi ýola goýlan üçekleriň görnüşlerini synlady. Bu ýerde olaryň dürli görnüşleri, reňk aýratynlyklary görkezildi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda täze şäherde gurulýan binalaryň üçekleriniň örtükleriniň reňkiniň her bir desganyň ähmiýetine laýyklykda seçilip alynmalydygyny belläp, olaryň milli binagärlik ýörelgelerine, häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede ulanylmalydygyna ünsi çekdi. Aýratyn-da, üçekleriň reňklerine möhüm ähmiýet berilmelidir. Munuň özi olaryň reňkleriniň binalaryň bezeg aýratynlygy, önümçilik we durmuş ähmiýeti bilen utgaşmalydygyny görkezýär. Şäheriň gurluşygynda ulanylýan bezeg we gurluşyk serişdeleriniň amatlylyk derejesine, bezeg aýratynlyklaryna, ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelmelidigini aýdyp, hormatly Arkadagymyz bu ugurdaky işleriň kesgitlenen wezipelere laýyklykda amala aşyrylmalydygyny belledi.

Umuman, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň çaltlandyrylmagy, binalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegi, gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi möhüm wezipe bolup durýar. Şol bir wagtyň özünde täze şäheriň önümçilik maksatly desgalarynyň, lukmançylyk klasteriniň binalarynyň gurluşygyna, olaryň enjamlaşdyrylyşyna häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyklykda çemeleşilmelidir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, dürli maksatly binalaryň gurluşygyny çaltlandyrmak boýunça kesgitlenen wezipeleri degişli derejede ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

01.09.2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 29-njy awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň sekiz aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlamentiň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalardan we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýörelgelerinden ugur alnyp, şeýle hem degişli ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda, şu geçen döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 15-si kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda”, “Kazyýet hakynda”, “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda”, “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Ýük markalary hakynda halkara konwensiýa degişli Teswirnama goşulmak boýunça” Türkmenistanyň Kanunlary bar. Şunuň bilen birlikde, döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, jenaýat, arbitraž, raýat we jenaýat iş ýörediş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, migrasiýa, içeri işler edaralary, gümrük meseleleri bilen baglanyşykly hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Şeýle hem Mejlisiň kararlarynyň 11-si kabul edildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça Halk Maslahaty, Ministrler Kabineti, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler, iri jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu ugurda welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam berilýär.

Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 7-sinden ynanç hatlary kabul edildi. Dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, daşary ýurtlaryň Aşgabatdaky wekilhanalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 47-si geçirildi. Şunuň bilen bir hatarda, Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen bilelikde guralan maslahatlaryň 70-sine gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 24-si guraldy. Gahryman Arkadagymyzyň, döwlet Baştutanymyzyň ýakyndan ýardam bermeginde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy guramaçylykly geçirildi we onuň jemleri boýunça Parlament ýüzlenmesi kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň sekiz aýynyň deslapky makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we sebitleriň durnukly ösüşi üpjün edilýär, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar. Görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime deň boldy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1,5 göterime, gurluşykda 7 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 11 göterime, söwdada 9,8 göterime, oba hojalygynda 4,9 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 9,9 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy.

Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 13,1 göterim artdy, daşary söwda dolanyşygy 5,5 göterim ýokarlandy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 100 göterim, çykdajy bölegi 97,4 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,9 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,8 göterim artdy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijilerini durnukly saklamak boýunça zerur işleri geçirmegiň, býujet we salgyt ulgamyny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak üçin ministrlikleriň we pudak edaralarynyň önümçilik meýilnamalaryny ýerine ýetirişini yzygiderli seljermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek boýunça şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Wise-premýer nebit we gaz kondensatyny çykarmakda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berip, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmakda ösüşiň üpjün edilýändigini aýtdy. Konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemek, benzin, dizel ýangyjyny, çalgy ýaglaryny öndürmek, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak babatda oňyn netijeler gazanylýar. Şeýle hem suwuklandyrylan gazy öndürmek, mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermek boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işini has-da kämilleşdirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere nebitgaz senagatyna degişli kärhanalaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmak üçin degişli işleri geçirmegi dowam etdirmegi, geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän toplumynda şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 110,4 göterime barabar boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 102,4 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 100,9 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 133,4 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 119,5 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 103,8 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 101,1 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 107,8 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 100,8 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 102,5 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 245,3 göterim ýerine ýetirildi.

Oba hojalyk pudagynda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde ýetişdirilen pagta hasylyny öz wagtynda ýygnap almak, hasyly kabul etmek boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp baryldy. Şunda pagta arassalaýjy kärhanalar, pagta kabul ediş harmanhanalary, pagta daşamakda ulanyljak tehnikalar taýýar edildi. Şeýle hem geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak boýunça ekiş möwsümine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Wise-premýer welaýatlarda 2026-njy ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini bellenen möhletlerde, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirmek maksady bilen, ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda bugdaý ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi hormatly Prezidentimizden haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda geçirilýän düýpli özgertmeleriň ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmaga, azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça netijeli işleri geçirmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, gallaçy daýhanlarymyz üçin möhüm we jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişiniň ýetip gelendigini, ekişi agrotehniki möhletlerde guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda 3-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berip, hormatly ýaşululardan bugdaý ekişine “bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we işleriň meýilnamasy 107,1 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 114,1 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 107,8 göterim, Energetika ministrligi boýunça 110,2 göterim ýerine ýetirildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 103,1 göterime barabar boldy. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 114 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça işleriň meýilnamasy 117,6 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumy boýunça kärhanalary taslama kuwwatyna çykarmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň, täze önümçilikleri ýola goýup, iş orunlaryny döretmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz wise-premýere şu ýyl açylyp ulanmaga beriljek binalaryň we desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 117,7 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 104,2 göterim üpjün edildi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 116,6 göterime, nah matalaryňky 122,7 göterime, gön önümleriniňki 116 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 100,2 göterim üpjün edildi. Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 194 birža söwdasy geçirilip, olarda 18 müň 884 şertnama hasaba alyndy. Şu ýylyň sekiz aýynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 105,5 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlarynyň, söwda nokatlarynyň azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini yzygiderli gowulandyrmagyň, söwda toplumynyň işini kämilleşdirmek, hususy ulgamyň önümçiliklerini artdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere eksport edilýän önümleriň mukdaryny köpeltmek boýunça maksatnamalaýyn işleri geçirmegi dowam etdirmegi hem tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli dürli medeni çärelerdir dabaralar geçirildi. Şu ýylyň 20-nji awgustynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleri jemlendi. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň milli günleri, medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertleri ýokary derejede geçirildi. Ýurdumyzyň ýaşlar kamera orkestri Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilen XI Bütindünýä orkestr festiwalyna gatnaşyp, ýokary baýraklara mynasyp boldular. Sungat ussatlarymyz halkara çäreleriň başga-da birnäçesine gatnaşdylar. Şeýle hem kitaphanalar, muzeýler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, medeni mirasymyzy giňden wagyz etmek hem-de geljek nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Wise-premýer hasabatyny dowam edip, şu ýylyň sentýabr aýynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli maslahatlary, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleri, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmegiň Tertibi barada aýtdy. Nygtalyşy ýaly, geljek aýda “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň, “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrlarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertiniň, Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasynyň, welaýatlaryň, Arkadag şäheriniň baş baýdak meýdançalarynda Döwlet baýdagynyň galdyrylyş dabaralarynyň, Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada baýramçylyk mynasybetli dabaraly ýörişiň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli sentýabr aýyndaky baýramçylyk çärelerine we Döwlet münberiniň öňünde geçiriljek dabaralara ýokary derejede taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz wise-premýere ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Bilim işinde okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy. Okuwçylar, talyplar halkara bilim bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, uly üstünlikleri gazandylar. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň göwnejaý dynç alşy üpjün edildi, halkara ylmy-amaly, okuw-usuly maslahatlar, olimpiadalar, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi.

Ylym ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işler hem meýilnamalaýyn esasda alnyp baryldy. Ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy temalaryň ýerine ýetirilişi utgaşdyryldy. Ylmyň ugurlary boýunça dalaşgärler aspirantura, doktorantura kabul edildi. Alymlyk derejesine dalaşgärler hasaba alyndy, dissertasiýalar goraldy. Şeýle hem öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullary amaly lukmançylyga ornaşdyryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli dürli çäreler, şol sanda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýat merkezlerinde “Saglyk” Döwlet maksatnamasy hereketde” atly amaly maslahatlar geçirilip, zähmetde aýratyn tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerine Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Hasabat döwründe bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça işler hem dowam etdirildi. Sportuň milli we guşakly alyş göreşi, küşt boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda halkara ýaryşlar guramaçylykly geçirildi. Bu döwürde ýurdumyzyň türgenleri 640 sany medal gazandylar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli çärelere gowy taýýarlyk görmegiň hem-de olary ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, 1-nji synpa kabul edilýän mekdep okuwçylaryna Gahryman Arkadagymyzyň adyndan döwrebap kompýuterleri sowgat bermäge taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Daşary işler ministrliginiň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde dostlukly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny we öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, hasabat döwründe degişli işler geçirildi.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmakda ýokary derejedäki saparlara hem-de duşuşyklara aýratyn orun degişlidir. Bellenilişi ýaly, ýylyň başyndan bäri hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, Gazagystan Respublikasyna iş saparlaryny, Ýaponiýa sapary, şeýle hem Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrdy. Hasabat döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygyna, Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, Fransiýa Respublikasyna, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna, Azerbaýjan Respublikasyna saparlary guraldy.

Awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, San-Tome we Prinsipiniň, Ermenistanyň Prezidentleri, Eswatininiň Patyşasy, Liwiýa Döwletiniň Prezident Geňeşiniň Başlygy Türkmenistanda saparda boldular. Şu ýylyň 22-nji awgustynda geçirilen ýokary derejeli Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan üçtaraplaýyn duşuşygyna gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ýurdumyza sapar bilen geldiler. Şeýle hem hasabat döwründe Gruziýanyň, Azerbaýjanyň, Nepalyň, Mali Respublikasynyň, Uganda Respublikasynyň Premýer-ministrleriniň, Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Türkmenistana saparlary boldy. Şunuň bilen birlikde, Eýranyň birinji wise-prezidenti, Gambiýanyň we Malawiniň wise-prezidentleri ýurdumyza sapar bilen geldiler.

Abraýly sebitara, halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýylyň başyndan bäri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Halkara sergiler býurosynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň Baş sekretarlarynyň, beýleki halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň ýurdumyza saparlarynyň bolandygy bellenildi.

Şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana, ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 386-sy geçirildi. Şeýle hem ýurdumyzda daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň wekilleri bilen resmi gepleşiklerdir duşuşyklaryň 1 müň 813-si guraldy. Ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti resminamalaryň 117-si bilen ýetirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça duşuşyklar yzygiderli guralýar. Hasabat döwründe Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeleriň birnäçesi geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili — Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hem-de halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary bilen duşuşyklar geçirildi. Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Hasabat döwründe bu ugurdaky işler hem yzygiderli dowam etdirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary yzygiderli berkitmegiň möhümdigine ünsi çekdi we wise-premýer, daşary işler ministrine abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, BMG bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy nygtaldy. Häzirki wagtda Daşary işler ministrligi tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasyna taýýarlyk görmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň halkara hem-de sebitleýin syýasy giňişlikde öňe sürýän başlangyçlary esasynda ýokarda agzalan sessiýa öňümizdäki syýasy ýyl üçin Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary taýýarlanyldy.

Bu möhüm resminama esasy ugurlaryň birnäçesinden ybaratdyr. Şunda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna parahatçylygy we durnuklylygy berkitmegiň wajyp tapgyry hökmünde garaýandygy bellenildi. Bu ugurda ýurdumyz köp ýyllaryň dowamynda BMG-niň we onuň düzüm birlikleriniň çäginde birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Şolaryň hatarynda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”, 2023-nji ýyly “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamalary görkezmek bolar. Türkmenistan tarapyndan Baş Assambleýanyň nobatdaky sessiýasynda Parahatçylyk we howpsuzlyk üçin bitaraplygyň ýörelgelerini berjaý etmek we durmuşa geçirmek boýunça ýörite gollanmany taýýarlamaga işjeň gatnaşyp, BMG-niň Parahatçylyk üçin araçylyk palatasyny döretmek maksady bilen, geňeşmeleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine ilkinji gezek “Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna” atly bent girizilip, onuň çäklerinde “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we wajyplygy”, şeýle hem döwletimiziň halkara jemgyýetçilikde araçylyk tagallalaryna goşýan goşandy hökmünde “Halkara araçylyk güni” atly Kararnamalaryň taslamalaryny hödürlemek teklip edilýär.

Dünýä halklarynyň arasynda özara ynamy berkitmek maksady bilen, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň we Siwilizasiýalar bileleşiginiň howandarlygynda “Merkezi Aziýa — parahatçylykly ýaşaýşy gurmagyň giňişligi” atly halkara forumy, şol sanda parahatçylygyň, ynanyşmagyň we birek-birege hormatyň medeniýeti boýunça bütindünýä sammitini geçirmegi teklip edýär. Bu sammitiň netijesinde ählumumy we döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygyň meselelerini bilelikde çözmek ýörelgeleriniň esasyny düzýän “Halkara ynanyşmak kodeksini” işläp taýýarlamaga çagyryş beýan ediler.

Türkmenistan durnukly ösüş, ulag, energetika ulgamlarynda-da netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlary esasynda ýurdumyz dünýä derejesinde ulag diplomatiýasynyň öňdebaryjy merkezi hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Baş Assambleýanyň ýubileý sessiýasynda 2026 — 2035-nji ýyllar üçin «BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny» yglan etmek baradaky Kararnamany öňe sürer. Bu başlangyç ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge, täze geçelgeleri döretmäge we ähli ýurtlaryň, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ulag ulgamyna elýeterliligini üpjün etmäge mümkinçilik berer. Dünýä bazarlaryny energiýa serişdeleri bilen üpjün etmek, önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşykly bolmagyny gazanmak maksady bilen, Türkmenistan “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlär. Bu başlangyç ýurdumyzyň açyk we ygtybarly energiýa akymlarynyň emele gelmegine, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň dünýä ulgamyna goşulmagyna ýardam eder. Sanly ulgamda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň parahatçylyga we ösüşe hyzmat etmegini gazanmak üçin Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Dünýä sanly integrasiýa platformasyny döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş eder.

Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri hem ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. Şolaryň esasynda ýurdumyz Merkezi Aziýada çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmegi teklip eder. Bu merkez topragyň we ekoulgamyň goragyny güýçlendirmek hem-de ýurtlaryň bilelikdäki tejribesini toplamak üçin köptaraplaýyn meýdança bolup hyzmat eder. Şeýle hem Amyderýanyň we Syrderýanyň basseýnleri boýunça sebitleýin konwensiýalaryň taýýarlanylmagy möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Bu konwensiýalar serhetara suw serişdelerini netijeli we adalatly ulanmak üçin ygtybarly halkara hukuk esasyny emele getirer.

Merkezi Aziýanyň daşky gurşaw meselelerine strategik çemeleşmegiň möhüm ädimi hökmünde Türkmenistan Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklibini iş ýüzünde amala aşyrmagy dowam eder. Mundan başga-da, Merkezi Aziýa döwletleri bilen bilelikde BMG-niň Aral deňziniň basseýni üçin Ýörite maksatnamasyny döretmek we onuň wezipelerini durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli, meýilnamalaýyn işleri alyp barmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen bir hatarda, Hazar deňziniň dünýä derejesindäki ähmiýetini göz öňünde tutup, hormatly Prezidentimiziň öňe süren “Hazar ekologik başlangyjynyň” çäginde 2026-njy ýylda ikinji Hazar ekologiýa forumyny geçirmek teklip edilýär.

Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň hatarynda beýan edildi. Döwlet Baştutanymyzyň bu ulgamdaky başlangyçlaryndan ugur alyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň çäginde «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» mowzugy boýunça halkara maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, ýaşlaryň halkara gatnaşyklarda we parahatçylykly başlangyçlarda işjeňligini artdyrmak, Merkezi Aziýanyň ýaşlar dialogynyň işini giňeltmek maksady bilen, Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynda Aşgabatda ýaş parahatçylyk gurujylary taýýarlajak sebitleýin platformany döretmek başlangyjy öňe sürler. Medeniýetleriň arasyndaky dialogy ösdürmek, BMG-niň Baş Assambleýasynyň halkara gatnaşyklarda köp dilliligi goldamak baradaky Kararnamalaryny durmuşa geçirmek üçin “Köp dilli diplomatiýanyň halkara gününi” yglan etmek boýunça başlangyjy öňe sürmek, şol sanda “Parahatçylygyň we ösüşiň esasy hökmünde Beýik Ýüpek ýolunyň medeni mirasy” atly Kararnamany taýýarlamak teklip edilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary esasynda Türkmenistan hukuk ulgamynda BMG bilen hyzmatdaşlyk babatda halkara hukugyň orny we ähmiýeti barada möhüm teklipleri yzygiderli öňe sürýär. Şolaryň biri hem 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek bilen baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz geljekki ýyllarda BMG-niň düzüminiň degişli geňeşlerinde agza hökmünde işjeň çykyş eder, şeýle hem 2031-2032-nji ýyllarda Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna we beýleki saýlawly wezipelere ýurdumyzyň saýlanmagy boýunça taýýarlyk işleri dowam etdiriler.

Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlaryny Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatyna ibermek, olary bu guramanyň agza ýurtlarynyň arasynda beýan etmek we agzalan resminamanyň mazmuny barada milli we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde maglumatlary ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, bu babatda şu ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurdumyzda işleýän diplomatik we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň gatnaşmagynda brifingi geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi we hödürlenen teklibi makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 113,6 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 101,5 göterim, ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy 103,6 göterim berjaý edildi.

Şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 105 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 111,9 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň ösüş depgini 114,4 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 107,3 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 120 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag-aragatnaşyk toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri doly ýerine ýetirmek üçin toplumyň işini döwrüň talaplaryna görä yzygiderli kämilleşdirip durmagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýolagçy we ýük dolanyşygynyň möçberini artdyrmagy, halkara üstaşyr ulag gatnawlary üçin amatly şertleri döretmek boýunça degişli işleri geçirmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalardyr binalar dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Hormatly Prezidentimiz 1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň giňden bellenip geçiljekdigini, Aşgabat şäherinde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga beriljekdigini aýtdy. Şeýle hem paýtagtymyzda we welaýatlarda orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň birnäçesi açylar.

“Ýaş nesilleri mynasyp terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek döwletimiziň alyp barýan bilim syýasatynyň baş maksady bolup durýar. Şoňa görä-de, bilim ulgamyny geljekde hem yzygiderli ösdüreris we kämilleşdireris” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz Bilimler we talyp ýaşlar gününde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň ulanmaga berilmeginiň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm waka boljakdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyza ýüzlenmek bilen, bu täze uniwersitetiň açylyş dabarasyna gatnaşmagyny haýyş etdi. Pursatdan peýdalanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlise gatnaşyjylary we bilim işgärlerini, bagtyýar ýaşlary Bilimler we talyp ýaşlar güni, täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlise gatnaşyjylar hem döwlet Baştutanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen tüýs ýürekden gutlap, il-ýurt bähbitli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

30.08.2025
Durnukly arabaglanyşyk — durnukly ösüş

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilen «Arabaglanyşyk: araçägiň daşyndaky sanly mümkinçilikler» atly çäre bu ýurtlarda ýokary ulag çykdajylary, üstaşyr geçelgelere zerurlyk we ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakda mümkinçilikleriň çäkli bolmagy bilen bagly meseleleri çözmekde sanly özgertmeleriň ornuna bagyşlandy. Çärä DÇBÖBD-niň döwlet düzümleriniň, halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, iri maliýe edaralarynyň, hususy pudagyň, raýat jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagy bu ýurtlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini ýeňip geçmek üçin ählumumy derejede tagalla edilýändiginiň güwäsi boldy.

Häzirki döwürde sanly ulgam dünýäde innowasiýalara, bäsdeşlige ukyplylyga we ykdysady ösüşe itergi berýän güýç hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Sanly ykdysadyýete geçilmegi önümçilikde, hyzmatlar ulgamynda harajatlary azaltmaga, dünýäde bolup geçýän özgertmelere çalt uýgunlaşmaga ýardam edýär. Maglumatlaryň we tehnologiýalaryň elýeterliligine esaslanýan sanly ykdysadyýet özara gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň açylmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Sanly özgertmeler bilim, saglygy goraýyş, söwda, döwlet dolandyryşy ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagynda-da möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, elektron täjirçilik, harytlar we hyzmatlar üçin onlaýn platformalar, sanly maliýe gurallary DÇBÖBD-niň dünýä bazarlaryna goşulyşmagyny ýeňilleşdirýär. Sanly tehnologiýalar bilim we hünär taýýarlygy ugurlarynda giňden ulanylýar. Onlaýn okuw platformalary dünýäniň akademiki, ylmy merkezlerine fiziki integrasiýa mümkinçilikleri çäkli bolan ýurtlar üçin öňdebaryjy bilimlere, innowasion tejribä elýeterliligi üpjün edýär. Bu diňe bir adam maýasyny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ýerli innowasion ulgamy ösdürmek üçinem zerur bolan binýady döredýär.

Döwlet dolandyryş ulgamynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti uludyr. Elektron hökümet ulgamlarynyň we sanly hyzmatlaryň ornaşdyrylmagy administratiw amallary ýeňilleşdirmäge, döwletiň, işewürligiň, raýatlaryň özara baglanyşygyny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Hususan-da, ol bilim we saglygy goraýyş ýaly möhüm ugurlarda hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulag we logistika ulgamlarynda netijeliligi ýokarlandyrmagyň esasy şerti hökmünde çykyş edýär. Bu tehnologiýalara esaslanýan öňdebaryjy dolandyryş ulgamlary söwda amallaryny ýeňilleşdirmäge, çykdajylary ep-esli azaltmaga ýardam berýär. Ählumumy derejede sanlylaşdyrmak boýunça uly ösüşleriň gazanylandygyna garamazdan, DÇBÖBD-niň aglabasy telekommunikasiýa infrastrukturasynyň ösüş derejesiniň, internetiň ýaýrawynyň pesligi, sanly hyzmatlar üçin çykdajylaryň örän ýokary bolmagy ýaly meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Şunuň bilen baglylykda, forumyň dowamyndaky çykyşlarda bu ulgamlara maýa goýumlary işjeň çekmekde, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sanly mümkinçiliklere deň elýeterliligi üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygy ilerletmegiň zerurdygyna üns çekildi.

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň düzümleýin özgertmeler, ylym, tehnologiýalar, innowasiýalar ýaly ileri tutulýan ugry sanly arabaglanyşyk bilen bagly birnäçe maksatlary hem-de borçnamalary öz içine alýar. Şolaryň hatarynda emeli aň we beýleki sanly tehnologiýalar ulgamynda ýurtlaryň arasynda deňeçer ösüşi ýola goýmak, bilim, tejribe alyşmak üçin sebitleýin sanly platformalary döretmek, täze tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak babatda çuňlaşdyrylan analitika, emeli aň, awtomatlaşdyrma tehnologiýalary ýaly ulgamlarda habarlylygy ýokarlandyrmak, sanly infrastruktura baglanyşygyny gowulandyrmak, tehnologik innowasiýalara elýeterliligi üpjün etmek arkaly deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň sanly ykdysadyýete gatnaşygyny giňeltmek, bu ýurtlar üçin milli sanly strategiýalary işläp taýýarlamakda, netijeli sanly arabaglanyşygy gazanmakda, milli kadalaşdyryjy hukuk binýadyny we amatly şertleri döretmekde goldaw bermek ýaly wezipeler bar. Şunuň bilen baglylykda, öňde goýlan wezipelere ýetmäge ýardam etmäge gönükdirilen tejribelerdir taslamalar tanyşdyryldy. Şolaryň arasynda «Partner2Connect» başlangyjy, Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň sanly infrastruktura maýa goýumlar boýunça başlangyjy, Ýewropa Bileleşiginiň käbir Merkezi Aziýa ýurtlarynda hemra aragatnaşygyny ulanmak arkaly sanly özgerişe ýardam bermek boýunça başlangyjy bar. Olaryň durmuşa geçirilmegi ählumumy hyzmatdaşlyk üçin berk binýady emele getirip, maýa goýumlary çekmek hem-de infrastrukturany ösdürmek üçin anyk mehanizmleri üpjün eder. Bu bolsa DÇBÖBD-de sanly ulgam bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge, bu ugurda tagallalary birleşdirmäge goşant bolar.

Çäräniň dowamynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda sanly integrasiýany üstünlikli amala aşyrmak üçin köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň zerurdygy bellenildi. Hususan-da, diňe tagallalary birleşdirmek arkaly DÇBÖBD-niň öz mümkinçiliklerini açyp, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetip hem-de ählumumy sanly özgerişiň artykmaçlyklaryndan doly derejede peýdalanyp biljekdikleri nygtaldy. Forumda Türkmenistanyň sanly ulgamy ösdürmekde gazanan üstünliklerine üns çekilip, bu ugurda dowam edýän işlere ýokary baha berildi. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we diwersifikasiýalaşdyrylmagy, şol sanda sanly ulgamyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, nou-haularyň işjeň ornaşdyrylmagy babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Degişli infrastrukturany yzygiderli ösdürmek bilen, Türkmenistan ählumumy sanly giňişlige işjeň goşulyşýar. Ýurdumyzda milli telekommunikasiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, internetiň ýaýrawyny giňeltmäge, jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryna ösen sanly çözgütleri ornaşdyrmaga gönükdirilen strategik maksatnamalar amala aşyrylýar. Şunda durmuş-ykdysady we durnukly ösüşe gönüden-göni goşant goşýan häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa hyzmatlarynyň ilata giň elýeterliligini üpjün etmek boýunça şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär. Bu işler ýurdumyzyň halkara söwda ulgamyna, ykdysady, ylmy we tehniki taslamalara has işjeň goşulyşmagyna ýardam berýär. Sanly ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine hem möhüm ugur hökmünde garalýar. Türkmenistan öňdebaryjy IT kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Munuň özi ösen tejribäni öwrenmäge, maýa goýumlary çekmäge, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga itergi berýär. Şeýle-de ol Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döretmäge mümkinçilik berer.

Ulag ulgamy-da deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde arabaglanyşyga bagyşlanan çäräniň gün tertibinde orun alan esasy meseleleriň biri boldy. Çünki bu ulgam islendik döwletiň ykdysadyýetiniň wajyp düzüm bölegidir. Onuň ösüş depgini köp babatda tutuş ýurduň ösüşini kesgitleýär. Häzirki döwürde ulag ulgamynyň ösdürilmegi geosyýasatyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Ol döwletlere we sebitlere uly ykdysady, syýasy bähbitleri üpjün edýän birleşdiriji kuwwatly serişde bolup hyzmat edýär, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde tagallalary birleşdirmäge ýardam edýär. DÇBÖBD-niň ýüzbe-ýüz bolýan päsgelçilikleri bilen baglylykda, bu ugry ösdürmek aýratyn ähmiýete eýedir. Şoňa görä, çäräniň dowamynda ulag infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirilen taslamalar we başlangyçlar, bu ugurda alnyp barlan işleriň üstünlikli nusgalary tanyşdyryldy. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň ulag geçelgelerini döwrebaplaşdyrmaga hem-de giňeltmäge, multimodal ulgamlary ösdürmäge ýardam berýän maýa goýumlary çekmegiň netijeli görnüşleriniň biri bolup durýandygy bellenildi. Halkara guramalaryň goldawy, iri halkara başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi bu ýurtlarda durnukly ulag ulgamlaryny ösdürmek, üstaşyr mümkinçilikleri giňeltmek üçin berk binýady döretmäge ýardam berer. Munuň özi Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň ulag ulgamy bilen baglanyşykly wezipelerini ýerine ýetirmekde, hususan-da, döwrebap, howpsuz halkara ulag infrastrukturasyny kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Maksatnamada erkin üstaşyr geçirmegiň esasynda ulagyň ähli görnüşlerinde deňze bökdençsiz, netijeli we ykdysady taýdan bähbitli çykmaga ýardam bermegiň, halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, şunuň bilen bagly beýleki çäreleri görmegiň wajypdygy nygtalýar. Şeýle hem ulag çykdajylaryny azaltmagyň, talabalaýyk üstaşyr ulag infrastruktura ulgamlaryny ösdürmegiň zerurdygy tassyklanylýar. DÇBÖBD-niň deňhukukly, köptaraplaýyn söwda ulgamyna gatnaşygyny giňeltmek bu ýurtlaryň ykdysady ösüşi, Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagy üçin möhüm ähmiýete eýedir. Maksatnamada bu ýurtlaryň dünýä bazarlary bilen baglanyşygyny ösdürmek, netijeli üstaşyr geçirmegi gazanmak, ulag çykdajylaryny azaltmak üçin ulag geçelgeleriniň ähmiýeti bellenilýär.

Forumda ulag ulgamlaryny ösdürmekde ekologik talaplara hem aýratyn üns çekildi. Şunda degişli işler durmuşa geçirilende daşky gurşawyň abadançylygynyň üpjün edilmegini nazara alýan we howada kömürturşy gazynyň derejesini peseltmäge ýardam berýän toplumlaýyn çemeleşmäniň möhümdigi nygtaldy. Bu babatda energiýa tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylmagy, ulag ulgamynyň durnukly ösüşini goldaýan kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Şeýle hem howanyň üýtgeýän şertlerinde ulag ulgamynyň bökdençsiz işini üpjün etmäge ukyply infrastrukturany ösdürmegiň möhümdigine üns çekildi.

Ulag akymlaryny dolandyrmak üçin sanly tehnologiýalary ösdürmek, ýolagçy we ýük daşamalary artdyrmak zerurdyr. Üstaşyr ýük daşamalarda döwrebap tehnologiýalaryň we sanly çözgütleriň ornaşdyrylmagy ulag ulgamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem ýardam berýär. Şunda maglumatlary alyşmak üçin elektron platformalaryň döredilmegi, gümrük amallarynyň awtomatlaşdyrylmagy, multimodal ulag ulgamlarynyň utgaşdyrylmagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda ýokarda agzalan wezipeleri durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Şeýle hem önümçilik klasterlerini, logistika merkezlerini ösdürmäge ýardam berýän durnukly ulag ulgamlaryny döretmekde sebit başlangyçlarynyň orny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda netijeli we ygtybarly üstaşyr ýük daşamalaryny üpjün etmekde esasy orny eýeleýän Hazarüsti halkara ulag ugruna aýratyn üns çekildi. Ýük daşamalaryň wagt aralygyny, çykdajylary peseltmäge ýardam berýän innowasion logistika we maglumat ulgamlaryny ulanmak arkaly bu ugry mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Bu ugur ulag ulgamynyň täzeçil usullaryna geçilýän şertlerde ykdysady ösüşi üpjün etmekde örän ähmiýetli geçelgeleriň biridir. Onuň ösdürilmegi sebitiň ýurtlarynyň arasynda ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, ýük daşamalaryň wagtyny gysgaltmaga mümkinçilik berer.

Hazarüsti geçelgäni ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere Türkmenistan hem işjeň gatnaşýar. Geçen ýyl paýtagtymyzda Ýewropa Bileleşiginiň, halkara maliýe institutlarynyň, Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynyň ugurdaş ministrlikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Munuň özi ýurdumyzda ulag-kommunikasiýalar pudagynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge möhüm ähmiýet berilýändigini nobatdaky gezek tassyklady. Diýarymyzda durnukly ösüşiň we sebit integrasiýasynyň wajyp şerti hökmünde ulag infrastrukturasynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Şoňa görä, halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň köpşahaly toruny emele getirmek boýunça anyk işler durmuşa geçirilýär. Ulag ulgamy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine kuwwatly itergi berýär we goňşy ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan bu gadymy ýoluň dünýädäki taryhy ähmiýetini gaýtadan dikeltmäge uly ähmiýet berip, ulag-kommunikasiýa ulgamynda sebitiň döwletleri, halkara guramalar bilen möhüm taslamalary amala aşyrýar.

Ýurdumyzyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasynyň mazmuny boýunça «Bir guşak, bir ýol» başlangyjyna laýyk gelýändigini bellemek gerek. Bu iki başlangyç ulag ulgamlaryny birleşdirmäge, arabaglanyşygy gowulandyrmaga, multimodal geçelgeleri ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açmaga we ykdysady ösüşi üpjün etmäge, ugurdaş infrastrukturany döwrebaplaşdyrmaga, halklaryň arasynda medeni gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde utgaşykly sebit we sebitara logistika ulgamyny döretmek, Merkezi Aziýany, Ýewropany, Hazar, Gara deňzi we Baltika sebitlerini, Orta hem-de Ýakyn Gündogary, Günorta, Günorta-Gündogar Aziýany baglanyşdyrýan döwletara üstaşyr geçelgelerini kemala getirmek boýunça hem iri taslamalar amala aşyrylýar. Bu ugurda yzygiderli işleri alyp barmak bilen, ýurdumyz sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerine özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara uly goşant goşýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini giňeldýär, halkara ulag geçelgelerini döretmäge işjeň gatnaşyp, halkara forumlarda, ýokary derejedäki duşuşyklarda ulag akymlaryny işjeňleşdirmek, täze üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça anyk teklipleri öňe sürýär. Şunda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda 2022-nji ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň geçirilendigini hem nygtamak gerek. Mundan başga-da, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly birnäçe Kararnamalar kabul edildi. Hususan-da, Baş Assambleýanyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi döwletimiziň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Umuman, bu forum BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň gün tertibine girizilen meseleleriň oňyn çözülmegine gönükdirilen netijeli halkara dialogy ilerletmekde möhüm ähmiýetli çäre hökmünde, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde DÇBÖBD-de sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, ulag arabaglanyşygyny ýokarlandyrmak, üstaşyr amallary ýeňilleşdirmek, netijede, ykdysady ösüşi höweslendirmek üçin berk binýady döretmekde wajyp ädimleriň biri boldy.

(TDH)


Beýleki habarlar
28.08.2025
Parlament forumy: ählumumy hyzmatdaşlyga çagyryş

Mälim bolşy ýaly, 4-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy geçirildi. Ol DÇBÖBD-niň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, bu ýurtlary goldamaga gönükdirilen strategiýalary we bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etdi. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda foruma gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň üstünlikli nusgalary barada pikir alyşdylar hem-de tejribelerini paýlaşdylar.

Parlament forumy halkara giňişlikde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri baradaky habarlylygy artdyrmaga hem-de bu meselelere dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmäge mümkinçilik berdi. Şeýle-de ol gyzyklanma bildirýän taraplaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin amatly şertleri döretdi. Geljekde bu gatnaşyklar howanyň üýtgemegi, bilime we saglygy goraýşa elýeterliligi giňeltmek ýaly anyk meseleleri çözmäge gönükdirilen taslamalaryň binýadyny goýar. Forumyň netijeleri boýunça geljekki hereketler üçin özboluşly “Ýol kartasy” bolan Parlament ýüzlenmesi kabul edildi. Resminamada DÇBÖBD-niň ykdysady çykdajylary artdyrýan we bäsdeşlige ukyplylygy peseldýän düzümleýin meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy bellenilýär. Munuň özi bu ýurtlarda durnukly ösüş üçin päsgelçilikleri döredýär. Bu meseleleriň ykrar edilmegi netijeli goldaw strategiýalaryny işläp taýýarlamakda möhüm ädim bolup durýar. Awazada geçirilen maslahat dünýä jemgyýetçiliginiň bu meselä düşünýändigini we hereketlere taýýardygyny görkezdi.

Resminamada deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin durnukly ösüş ýolunda bökdençlik döredýän geosyýasy durnuksyzlyk we ulgamlaýyn töwekgelçilikler aýratyn nygtalýar. Howanyň üýtgemegi, ählumumy ykdysady durnuksyzlyk, çig mal serişdeleriniň bahalarynyň üýtgäp durmagy ýaly meseleler olaryň ykdysadyýetlerine täsir edýär. Şeýlelikde, bu ulgamlaýyn töwekgelçilikleriň aradan aýrylmagy bu ýurtlarda ösüşiň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Ýüzlenmede 2014 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň Wena maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine baha berilýär we onda ileri tutulýan alty ugurda käbir öňegidişlikler gazanylan bolsa-da, umumy netijeleriň kanagatlanarly bolmandygy bellenilýär. Ylmyň, tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň mümkinçilikleriniň doly derejede peýdalanylmazlygy DÇBÖBD-niň ykdysadyýetlerini diwersifikasiýalaşdyrmaga, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga päsgelçilik döredýär; ýeterlik derejede ösmedik infrastruktura bolsa bu ýurtlaryň aglabasyna öz mümkinçiliklerini doly amala aşyrmaga päsgelçilik berýän esasy meseleleriň biri bolup durýar. Munuň özi geljekde has aýgytly we maksada gönükdirilen hereketleriň zerurdygyny mälim edýär. Şunuň bilen baglylykda, bu meselelere netijeli çözgüt hökmünde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy kabul edildi we ol BMG-niň Awaza maslahatynyň dowamynda yglan edildi. Bu resminama geljek on ýyl üçin esasy strategik meýilnamadyr. Parlamentariler Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň BMG-niň durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny aýratyn nygtaýarlar.

Agzalan maksatnama DÇBÖBD, dünýä bileleşigi, halkara guramalar we ähli gyzyklanma bildirýän taraplar üçin giňişleýin “Ýol kartasy” bolup, durnukly ösüşi gazanmak üçin ileri tutulýan anyk ugurlarydyr çäreleri kesgitleýär. 2034-nji ýyla çenli DÇBÖBD-niň dünýä ykdysadyýetine gatnaşmagyny giňeltmek, daşarky täsirlere durnuklylygyny pugtalandyrmak, olaryň ilatynyň abadan durmuşyny has-da berkitmek bu resminamanyň baş maksadydyr. Parlament ýüzlenmesinde bu ýurtlaryň aýratyn zerurlyklaryny kanagatlandyrmagyň diňe bir adaty ynsanperwer jogapkärçilik bolman, eýsem, halkara raýdaşlygyň binýat goýujy meselesi bolup durýandygy, şeýle hem ählumumy durnukly ösüşi gazanmagyň zerur şertidigi bellenilýär. Dünýäniň ilatynyň ep-esli böleginiň geografik çäklendirmeler zerarly öz mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirip bilmedik ýagdaýynda, durnukly ösüşiň umumy maksatlaryny hem gazanmak mümkin däldir. Şoňa görä-de, DÇBÖBD-ne maýa goýumlar tutuş dünýäde durnukly we abadan geljege maýa goýumdyr.

Awazadaky forumda parlamentariler ähli taraplary has ylalaşykly, utgaşykly hereketlere çagyrdylar. Hususan-da, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler içerki özgertmeleri durmuşa geçirmek, amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek, netijeli institutlary ösdürmek bilen baglanyşykly ýolbaşçylygy öz üstüne almalydyrlar. Üstaşyr geçiriji ýurtlaryň hyzmatdaşlyk etmegi, üstaşyr geçiriş amallaryny ýeňilleşdirmäge taýýarlygy, ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň, BMG-niň düzüm birlikleriniň bolsa serişde we bilermenlik goldawyny bermegi DÇBÖBD üçin möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle hem parlamentariler halkara, sebit guramalaryny, köptaraplaýyn we sebitleýin ösüş banklaryny has ylalaşykly tagallalary etmäge çagyrdylar. Olar infrastruktura taslamalaryny maliýeleşdirmekde, tehniki goldawy bermekde esasy orny eýelemelidirler. DÇBÖBD-de durnukly we hemmetaraplaýyn ykdysady ösüşi ýokarlandyrmaga ýardam bermek, bu ýurtlaryň halkara söwda amallaryna netijeli gatnaşmagyny üpjün etmek bu tagallalaryň esasy maksadydyr.

Hereketleriň Awaza maksatnamasyny doly hem-de üstünlikli durmuşa geçirmek üçin özgertmeler, hususan-da, düýpli düzümleýin özgertmeler zerur. Ýüzlenmede ähli çeşmelerden serişdeleri artdyrmagyň, maliýeleşdirmegiň innowasion mehanizmlerini ýola goýmagyň wajypdygy nygtalýar. Mundan başga-da, gyzyklanma bildirýän taraplaryň giň bileleşigini döretmek esasynda ählumumy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak teklip edilýär. Bu bileleşik hökümetleri, hususy pudagy, raýat jemgyýetini, ylmy jemgyýetçiligi, DÇBÖBD-ne ýardam berip biljek beýleki guramalary birleşdirmelidir. Şeýle toplumlaýyn çemeleşme bar bolan serişdeleri has netijeli ulanmaga mümkinçilik berer. Awazada geçirilen Parlament forumy DÇBÖBD-niň ösüşinde milli kanun çykaryjylyk edaralarynyň möhüm ornuny ykrar etdi. Parlamentler wekilçilikli, kanun çykaryjy we býujet edaralary hökmünde çykyş etmek bilen, döwlet dolandyryşynyň ähli ugurlaryna täsir etmäge ukyplydyrlar. Olar ähli derejede netijeli dolandyryşy pugtalandyrmakda, aýanlygy, hasabatlylygy üpjün etmekde esasy orny eýeleýärler. Olaryň bu işlere gatnaşmagy ykdysady, ekologiýa, durmuş syýasatynyň sazlaşykly alnyp barylmagyna, durnukly we inklýuziw ösüşe ýardam bermek üçin zerurdyr.

Parlamentler Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň milli derejede amala aşyrylyşyna yzygiderli, hemmetaraplaýyn syn berilmegini işjeň goldamalydyrlar. Bu syn ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň, şol sanda raýat jemgyýetiniň, hususy pudagyň, ýerli jemgyýetçiligiň gatnaşmagynda ýurtlaryň ýolbaşçylygynda hem-de olaryň başlangyçlary bilen durmuşa geçirilmelidir. Şeýle parlament hasabatlylygy maksatnamanyň wezipeleriniň netijeli we ilatyň ähli gatlaklarynyň bähbitleriniň nazara alynmagy arkaly ýerine ýetirilmegini kepillendirýär. Şeýle-de ýokarda agzalan ýüzlenmede parahatçylykly, adalatly we inklýuziw jemgyýeti gurmagyň zerurdygy ykrar edilýär. Parlamentler kanun çykaryjy edaralar hökmünde adalatlylyga deňeçer elýeterliligi üpjün edýän, adam hukuklaryna hormat goýmaga, kanunyň rüstemligi, ähli derejede talabalaýyk dolandyryşa esaslanýan hukuk binýadyny döretmekde esasy orny eýeleýärler. Aýdyň, netijeli we hasabatly institutlaryň pugtalandyrylmagy bolsa durnukly ösüşiň binýadydyr.

Parlamentariler ýüzlenmede zenanlaryň ösüş işinde we çözgütleri kabul etmekde möhüm ornuny ykrar edip, olaryň parlamentlerde wekilçiligini artdyrmaga çagyrýarlar. Mundan başga-da, resminamada parlamentleriň raýat jemgyýeti, hususy pudak, beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar bilen has ýakyn hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti nygtalýar. Açyk dialog we kanun çykaryjylyk işine ilatyň dürli gatlaklarynyň çekilmegi jemgyýetiň zerurlyklaryna laýyk gelýän has netijeli çözgütleri kabul etmäge ýardam berýär. Şeýle hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň parlamentleriniň wezipelerini netijeli ýerine ýetirmekleri üçin olara tehniki we maliýe ýardamy zerurdyr. Munuň özi degişli halkara guramalar tarapyndan institusional maslahatlary bermekde, serişdeleri herekete getirmekde goldawy öz içine alýar. Şeýle goldaw parlamentlere kanun çykaryjylyk işine, býujet serişdelerine gözegçilik wezipelerini has talabalaýyk ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.

Uzak möhletleýin geljekde DÇBÖBD-niň parlamentleri öz hökümetleriniň Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň çäklerinde üstüne alan borçnamalary üçin hasabatlylygy üpjün etmekde işjeň orny eýelemelidirler. Çünki parlament gözegçiligi demokratik dolandyryşyň esasy bölegi bolup, hökümet borçnamalarynyň anyk hereketlere we netijelere öwrüljekdigini kepillendirýär. Hasabatlylygyň güýçlendirilmegi diňe bir Awaza maksatnamasynyň maksatlaryny gazanmaga ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, bu ýurtlarda demokratik institutlary pugtalandyrmaga hem mümkinçilik berer.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty hem-de onuň çäklerinde geçirilen Parlament forumy DÇBÖBD-niň meseleleri boýunça halkara dialogy ilerletmekde möhüm ädim boldy. Giň möçberli çäreler bu ýurtlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini nygtamak bilen, geljek üçin “Ýol kartasyny” teklip etdi. Maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň umumy ygrarlylygyna, serişdeleriň netijeli ulanylmagyna, DÇBÖBD-niň durnukly, inklýuziw we abadan geljegini gazanmak üçin zerur bolan kanunçylyk hem-de institusional özgertmeleri ilerletmekde milli parlamentleriň işjeň, jogapkärçilikli çemeleşmesine bagly bolar. Bu wakanyň uzak möhletleýin geljegi on ýyllyk meýilnamanyň çäginden has daşary çykyp, DÇBÖBD-ne geografik çäklendirmeleri ýeňip geçmäge we olara dünýä ykdysadyýetiniň deňhukukly gatnaşyjylary bolmaga mümkinçilik berjek durnukly hyzmatdaşlygy hem-de ählumumy goldaw ulgamyny döretmekde öz beýanyny tapar. Munuň özi üstaşyr geçiriji ugurlara baglylygy peseltmek, ekologik durnuklylygy ýokarlandyrmak üçin logistikada yzygiderli innowasiýalary, sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegini, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylmagyny talap edýär.

Bu işde adam maýasynyň ösdürilmegine aýratyn üns bermek zerurdyr. Bilime, saglygy goraýşa, hünär taýýarlygyna maýa goýumlar uzak möhletleýin ösüşiň binýady bolup durýar. Döwrebap ukyp-başarnykly, ýaş we bilimli nesiller diňe bir täze tehnologiýalary netijeli ulanmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdunyň özboluşly zerurlyklaryna laýyk gelýän innowasion çözgütleri özbaşdak döretmäge-de ukyplydyrlar. Şeýlelikde, Hereketleriň Awaza maksatnamasy diňe bir ykdysady meýilnama bolman, eýsem, has durnukly, abadan jemgyýetleri gurmak boýunça hemmetaraplaýyn strategiýa hem bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, hususy pudagyň işjeň çekilmegi maksatnamany üstünlikli amala aşyrmagyň möhüm şertleriniň biridir. Döwlet maýa goýumlary we halkara goldawlar özgertmeleriň zerur gerimini hem-de tizligini ýekelikde üpjün edip bilmeýär. Amatly işewürlik gurşawynyň döredilmegi, döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi täze iş orunlaryny döretmek, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, innowasiýalary ornaşdyrmak üçin zerur bolan hususy maýa goýumlary çekmäge mümkinçilik berer.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň we onuň çäklerinde dürli forumlaryň, şol sanda Parlament forumynyň geçirilen ýeri hökmünde ýurdumyzyň saýlanyp alynmagy tötänden däldir. Gadymy söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan logistika we ulag päsgelçiliklerini ýeňip geçmekde baý tejribe toplady. Üstaşyr geçirmek mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilen syýasat bilen berkidilen bu tejribe ýurdumyzy bu ugurda anyk çözgütleri işläp taýýarlamak üçin netijeli meýdança öwürdi. Türkmenistan Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar geçelgeleri ýaly sebit we sebitara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmekde wajyp orny eýeleýär. Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň bazarlaryny baglanyşdyrmaga gönükdirilen bu başlangyçlar diňe ýurdumyza däl, eýsem, goňşy döwletlere hem geografik päsgelçilikleri ýeňip geçmäge ýardam berýär.

Şeýlelikde, Awaza forumy DÇBÖBD-niň meselelerini üstünlikli çözmekde anyk mysallar bilen tanyşdyrmaga, sebitiň üstaşyr ulag kuwwatyna ünsi çekmäge mümkinçilik berdi. Mundan başga-da, BMG-niň bu giň möçberli çäresiniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik we bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlydygynyň nobatdaky güwäsi boldy. Bitarap Türkmenistan ynanyşmak hem-de netijeli dialog gurşawyny döretmäge ukyply ýer eýesi hökmünde çykyş etdi. Häzirki geosyýasy ýagdaýlarda şeýle meýdança çylşyrymly meseleler boýunça ylalaşyk gazanmak üçin örän möhümdir. Awaza syýahatçylyk we diplomatiýa merkezi hökmünde Türkmenistanyň parahatçylykly tagallalara açykdygynyň, ählumumy meseleleri çözmäge ýardam bermäge taýýardygynyň nyşany boldy.

(TDH)


Beýleki habarlar
26.08.2025
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara

Hormatly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bagtyýar çagalygyň, iň süýji arzuwlaryň, belent maksatlaryň hasyl bolýan ýurdy bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda durmuşymyzyň gül-gunçalary bolan çagalar döwlet tarapyndan aýratyn alada bilen gurşalýar. Çagalaryň şatlykly gülküleri ýurdumyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň häzirki we ertirki gününe bolan ynamyň iň ajaýyp güwäsidir. Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasat, şeýle hem ýörite maksatnamalar çagalaryň doly derejeli okamaklaryna, dynç almaklaryna, döretmeklerine, olaryň bilimli, ylymly, beden taýdan sagdyn, Watana wepaly şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda her ýylda geçirilmegi däbe öwrülen «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy hem bu ugurda amala aşyrylýan işleriň aýdyň görkezijileriniň biridir. Ýokary guramaçylyk derejesinde, giň gerim bilen ýaýbaňlandyrylan bu sergi-ýarmarkanyň döwrebap ekspozisiýalarynda çagalar we ýetginjekler üçin niýetlenen, ösüşe ýardam berýän oýunlaryň, neşir önümleriniň, okuw esbaplarynyň, egin-eşikleriň, sport, elektron harytlaryň we beýleki ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleriň dürli görnüşleri hödürlener. Şeýle hem sergi-ýarmarkanyň çäklerinde çagalar üçin dürli ugurlarda ussatlyk sapaklarynyň, bäsleşikleriň guralmagy, innowasion işläp taýýarlamalar, täzelikler bilen tanyşdyrylmagy, ene-atalar üçin geňeşmeleriň geçirilmegi bu çäräniň ähmiýetini has-da artdyrar.

Hormatly adamlar!

Gadyrly myhmanlar!

Berkarar döwletimizde amala aşyrylýan, ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan durmuş syýasaty rowaçlyklara beslenýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap şertleri özünde jemleýän we dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen çagalar baglary, mekdepler, bedenterbiýe-sagaldyş, dynç alyş toplumlary gurlup ulanmaga berilýär. Bagtyýar çagalaryň düýpli bilim almagy, giň dünýägaraýşynyň, ýokary ahlak sypatlarynyň kemala getirilmegi üçin ähli şertler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi hem ösüp gelýän ýaş nesiller hakynda hemmetaraplaýyn alada edilýändiginiň, halkymyzyň ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk ýörelgeleriniň dabaralanýandygynyň aýdyň güwäsidir.

«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkada ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň çagalar üçin önümleri öndürýän, hyzmatlary amala aşyrýan kärhanalaryna, okuw merkezlerine, halkara guramalara öz täze innowasion işläp taýýarlamalary, ýokary hilli önümleri we hyzmatlary bilen tanyşdyrmaga ähli mümkinçilikler dörediler. Bu sergi-ýarmarka çagalar üçin özboluşly baýramçylyk çäresine öwrüler, ussatlyk sapaklaryna, bäsleşiklere gatnaşmak arkaly başarnyklaryny artdyrmak üçin gyzykly we ajaýyp meýdança bolup hyzmat eder. Bu bolsa ata-babalarymyzyň iň gowy zatlary çagalara bermek, olary aýratyn üns we söýgi bilen gurşap almak ýaly däpleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýändiginiň, ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlarynyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmeklerine, saglygyna hem-de abadançylygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň beýanydyr.

Sergi-ýarmarka gatnaşýan hormatly adamlar!

Eziz dostlar!

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwrebap sergi zalynda ýaýbaňlandyrylan «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkanyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

21.08.2025
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi

Aşgabat, 20-nji awgust (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny ýokary derejede geçirmek boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, türkmen halkynyň asylly däp-dessurlarynyň biri bolan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmagyň müňlerçe ýyl bäri halkymyzyň durmuşynda dowam edip gelýän demokratik däpleriň biridigini, häzirki taryhy döwürde bu däpleriň ýurdumyzyň ösüşiniň esasyna, ileri tutulýan wezipeleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrülendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyz Watanymyzy ösdürmek boýunça şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz tarapyndan bu mejlisde şu ýylyň sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça degişli tabşyryklar berildi diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, şeýle hem «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 15-nji we 16-njy maddalarynyň düzgünlerine laýyklykda, Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini çagyrdyk. Mejlisiň ikinji ýarymynda bolsa 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşarys diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Milli Liderimiz şu günki mejlisiň gün tertibiniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeler, Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramy mynasybetli dürli ugurlarda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, il içinde uly abraýdan we sylagdan peýdalanýan ildeşlerimizi döwlet sylaglaryna, hormatly atlara hödürlemek boýunça işleri alyp barmak bilen bagly dürli soraglardan ybaratdygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam edip, şu ýylyň sentýabrynda ähli halkymyz bilen bilelikde, agzybirlikde Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň giňden bellenilip geçiljekdigini aýtdy.

Halkymyz hemişelik Bitarap Diýarymyzyň Garaşsyzlyk toýuny uly zähmet üstünliklerine besläp, buýsanç bilen garşy alýar. Sebäbi bu sene Garaşsyz ýurdumyz hem-de agzybir halkymyz üçin aýratyn ähmiýetli, buýsançly, biziň her birimizi täze, belent maksatlara galkyndyrýan şanly wakadyr. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen, Garaşsyz döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemini jemläris. Döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, täze taryhy döwürde öňümizde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady. Gahryman Arkadagymyz şu günki mejlisde bolsa «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, mejlisiň geçiriljek senesini kesgitlemek, guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklamak hakynda degişli resminamalaryň kabul ediljekdigini aýtdy. Onda il içinde uly abraýdan peýdalanýan, öz halal zähmeti bilen ýokary zähmet üstünliklerini gazanan watandaşlarymyzy döwlet sylaglaryna hödürlemek, hormatly atlary dakmak boýunça işleriň alnyp barlyşyna serediler. Şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda sebitde we dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň orny babatda öňde durýan wezipeler kesgitleniler.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başyndan bäri geçen döwürde ähli tagallalarymyz, gujur-gaýratymyz döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň depginli ösüşini üpjün etmäge gönükdirildi. Ýurdumyzda halk häkimiýetliligini, milli demokratik institutlary ösdürmek boýunça taryhy işler durmuşa geçirildi. Biz döwletlilik, kanunylyk we milli demokratik kadalardan ugur alyp, döwlet ähmiýetli möhüm soraglary halk bilen maslahatlaşyp amala aşyrýarys. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi hem şol maksatlara esaslanýar diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Şunda döwlet ähmiýetli soraglary çözmek, ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalary ýerine ýetirmäge halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipesi bolup durýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň ählisi döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ýokary derejede ösdürmegiň, bu işleri netijeli dolandyrmagyň, kanunçylyk-hukuk üpjünçiliginiň, häkimiýet edaralarynyň guramaçylyk esaslarynyň täze, kämil gurallaryny kemala getirmäge gönükdirilendir.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» we beýleki maksatnamalar esasynda milli ykdysadyýetimizde ýokary ösüşleri gazandyk. Täze şäherdir obalaryň gurluşyklaryny ýokary depginde dowam etdirdik. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady, maliýe we maýa goýum kuwwatyny görkezýän Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy üstünlikli alnyp barylýar diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy hem-de hormatly Prezidentimiziň sebitde we halkara giňişlikde dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi üpjün etmek barada edýän tagallalarynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uly üstünliklere beslenýändigine ünsi çekdi. Bu ýyl türkmen jemgyýetinde agzybirligiň, jebisligiň höküm sürmegi, ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri, döwletimiziň dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy gorap saklamaga goşýan goşandy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurda öňe sürýän halkara başlangyçlary bilen häsiýetlendirilýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini wagyz etmek, halkara guramalaryň çäklerinde umumadamzat bähbitli başlangyçlary we teklipleri öňe sürmek ugrunda uly işleri alyp barýar. Halkara gatnaşyklarda parahatçylyk, ynanyşmak däplerini ilerledip, medeni dialogy, hoşniýetli goňşuçylygy, birek-birege hormat goýmagy berkitmek, özara ynanyşmagy pugtalandyrmak maksady bilen, netijeli işleri amala aşyrýar. Ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlary, öňüni alyş diplomatiýasy, derwaýys sebit soraglary boýunça öňe sürýän daşary syýasy başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar tarapyndan yzygiderli goldanylýar.

Türkmen Bitaraplygynyň 30 ýyllyk ýubileýiniň baýram edilýän ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi arkaly ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede üçünji gezek ykrar edilmegi hoşniýetli däplere esaslanýan daşary syýasatymyzy, şanly senäniň ähmiýetini has-da dabaralandyrdy. Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, bütindünýä bileleşiginiň hem gymmatlygydyr. Halkara derejede ykrar edilen syýasy-hukuk ýagdaýyna eýe bolan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň dünýäde deňi-taýy ýokdur diýip, Milli Liderimiz nygtady. Alnyp barylýan Bitaraplyk syýasatynyň döwletimiz we halkymyz üçin nähili möhüm ähmiýetiniň bardygyna göz ýetirmek üçin geçen 30 ýylyň dowamynda amala aşyrylan işleriň gerimine we möçberine nazar aýlamak ýeterlikdir. Şu ýyllaryň dowamynda ýurdumyz dünýä bileleşiginiň hormat-sarpasyny gazandy. Garaşsyz Watanymyz öz borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän ygtybarly, jogapkär hyzmatdaş hökmünde uly abraýa eýe boldy.

Häzirki döwürde Bitarap Türkmenistan anyk kadalara we öz maksatlaryna aýdyň düşünmäge esaslanýan, köpugurly, toplumlaýyn daşary syýasaty alyp barýar. Biz dünýä bileleşigi bilen umumadamzat gymmatlyklaryna, häzirki zamanyň ösen medeniýetleriniň öňünde durýan wezipeleriň bitewüdigine we bölünmezdigine daýanýan gatnaşyklary alyp barýarys. Gatnaşyklaryň şeýle görnüşi bolsa Türkmenistanyň saýlap alan esasy, möhüm ähmiýetli strategik ýoludyr. Biz hemişelik Bitaraplykdan gelip çykýan «Açyk gapylar» syýasatyny we giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdireris. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýäde hyzmatdaşlygy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrjak çäreleriň birnäçesini meýilleşdirdik diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň döwletimiziň milli kanunçylygynda mynasyp orun alandygyny we onuň iş ýüzünde amala aşyrylmagy üçin pugta hukuk esasynyň döredilendigini belledi.

Ýakynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Häzirki döwürde bu işleri dowam etmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmak, bu ugurda alnyp barylýan syýasaty milli kanunçylykda berkitmek üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli işleri durmuşa geçirmelidigini aýtdy. Geçirilýän işleriň çäginde Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslaryny, onuň kadalaryny, esasy maksatlaryny, öňüni alyş diplomatiýasyny, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny kanun arkaly berkitmek maksady bilen, «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy taýýarlanylsa, maksadalaýyk bolar.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäginde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» ýaly esas goýujy resminamalara laýyklykda, degişli ýolbaşçylaryň geljek ýylda ýurdumyzyň makroykdysady ýagdaýyny we maliýe, pul-karz ulgamyny durnukly saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli ösdürmek arkaly ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilmeli çäreleri seljermelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem maýa goýumlaryň esasy bölegini täze önümçiliklere gönükdirmäge, pudaklara sanly ulgamy, täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, hususy telekeçiligi ösdürmäge möhüm ähmiýet bermeli. Şoňa görä-de, maksatlaýyn, pudaklaýyn we sebitleýin maksatnamalardan ugur alyp, şeýle hem döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ykdysady, maliýe görkezijilerini içgin seljermek bilen, ykdysadyýetiň pudaklary, maglumat-kommunikasiýa, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlary, senagat, oba hojalyk we beýleki pudaklar boýunça teklipleri taýýarlamaly.

Döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň möhüm ugurlaryna degişli soraglar boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hormatly Prezidentimize degişli hasabatlary we maglumatlary bermek, şol maglumatlary seljermek bilen, geljekki ösüşlerimizi üpjün etmek üçin wajyp teklipleri işläp taýýarlamak, çözgütleriň kabul edilmegini gazanmak biziň esasy wezipelerimiziň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzy ösdürmegiň söwda-ykdysady, senagat, önümçilik, dolandyryş, kanunçylyk-hukuk, hyzmat ediş we medeni-durmuş ugurlarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler baradaky hem-de geljek üçin giň mümkinçilikleri açýan maglumatlary, şol maglumatlar esasynda taýýarlanan teklipleri gysga wagtda işläp düzüp, olary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyna bermegi tabşyrdy. Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 19-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň guramaçylyk topary bilen bilelikde alyp barmaly işlerine ünsi çekdi.

Halk Maslahatynyň agzalary, deputatlar, syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görülýän döwürde we mejlisiň jemleri boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada täsirli wagyz-nesihat çärelerini, çykyşlary, duşuşyklary giňden guramalydyr diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça işleri guramaçylyk topary bilen bilelikde meýilnama esasynda alyp barmak, Halk Maslahatynyň garamagyna soraglary taýýarlamagy we resminamalaryň taslamalaryny guramaçylyk toparynyň ýygnaklarynda deslapdan ara alyp maslahatlaşmak möhümdir. Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmekde welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek, raýatlardan gelip gowşan tekliplere, beýleki ýüztutmalara garamak, olary hasaba almak, umumylaşdyrmak boýunça işleri alyp barmak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmegiň maksatnamasyny taýýarlamak, onuň işini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek bilen bagly zerur maglumatlary taýýarlamak hem wajypdyr.

Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk işlerini Türkmenistanyň Mejlisi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlikleri, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde utgaşykly alyp barmalydyr. Türkmenistanyň Mejlisi hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmak, wagyz etmek boýunça ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri bilen alnyp barylýan işleri dowam etdirmelidir. Hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň durmuşynyň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarynda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, halk arasynda uly abraýdan we sylagdan peýdalanýan ildeşlerimizi döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara hormatly atlary dakmak boýunça alyp barýan işlerimizi hem guramaçylykly ýerine ýetirmeli. Mynasyp adamlary hödürlemek we bu işleri resmileşdirmek boýunça işleri talabalaýyk alyp barmalydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça çykyş etmek üçin Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek bilen bagly beren gymmatly maslahatlarynyň möhüm ähmiýetini belledi. Şeýle-de ol türkmen halkynyň Milli Lideriniň guramaçylyk döwlet toparynyň mejlislerinde kanunçylygy kämilleşdirmek barada beren tabşyryklaryna, gymmatly maslahatlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli taýýarlanylan «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda ýokary üstünlikleri gazanan, il içinde uly abraýdan peýdalanýan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamaga, hormatly atlary dakmaga hödürlemek hem-de resmileşdirmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek üçin Mejlisde Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Ministrler Kabineti bilen bilelikde degişli işler alnyp barylýar.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi. Ol Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilip, milli ykdysadyýet maksatnamalaýyn esasda durnukly ösdürilýär, pudaklarda oňyn netijeler gazanylyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar. 2025-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda hem ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda durnukly ösüş üpjün edilip, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň esasy guraly bolan maýa goýumlar yzygiderli artyp, olaryň köp möçberde önümçilik ulgamyna gönükdirilmegi Diýarymyzda ýokary depginli senagat-innowasion ösüşi üpjün edýär. Şeýle hem wise-premýer häzirki wagta çenli her ýyl ýurdumyzda aýlyk zähmet haklarynyň 10 göterim ýokarlanandygyny, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulaşýandygyny belledi. Halkara maliýe guramalary we reýting kompaniýalary tarapyndan Türkmenistanyň ykdysady ösüşine berilýän oňyn bahalar döwletimiz tarapyndan oýlanyşykly durmuş-ykdysady syýasatyň amala aşyrylýandygyna, netijeli döwlet dolandyryşynyň üpjün edilýändigine, ykdysadyýetiň pudaklaryny durnukly ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça çäreleriň, maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilýändigine şaýatlyk edýär.

Wise-premýer Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyp, ählihalk forumy bilen bagly çäreleri maliýeleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda habar berdi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berdi.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn durnukly ösüşini üpjün etmek, welaýatlaryň deň derejede ösdürilmegini gazanmak, senagat taýdan has-da pugtalandyrmak, döwrebap, iri önümçilikleri döretmek arkaly Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi. Ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny, dolandyryş-çäk gurluşyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak boýunça degişli işler üstünlikli dowam etdirilýär. Oba hojalyk pudagyny häzirki zaman ösüş ýoly bilen ösdürmek üçin anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Bu pudakda däneçilik we pagtaçylyk bilen bir hatarda, maldarçylyk, ýüpekçilik, bakjaçylyk, miweçilik, üzümçilik ugurlary-da işjeň ösdürilýär.

T.Atahallyýew Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagynyň dolandyrylyşyny yzygiderli kämilleşdirmek barada öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatlarda oba hojalyk önümçiliginiň guralyşyny kämilleşdirmek, ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we täze usullaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak, bugdaýyň, pagtanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümleriniň görnüşlerini, hilini we möçberini has-da artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky etraplardyr obalaryň ýaşaýjylaryndan gelip gowşan haýyşnamalar esasynda täze etraplaryň birnäçesini döretmek bilen bagly teklipleriň taýýarlanylandygyny aýtdy we olary Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hödürledi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarowa söz berildi. Ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!”, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ynsanperwer ýörelgeleri esasynda ýurdumyzda taryhy işleriň amala aşyrylýandygyny, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşy, zähmet çekmegi üçin iň gowy şertleriň döredilýändigini, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha artýandygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň şu günki mejlisde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek barada beren gymmatly maslahatlary, öňde goýan wezipeleri giň wekilçilikli forumy ýokary guramaçylykda geçirmek üçin ýolgörkeziji bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, R.Bazarow Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň Mejlisi we beýleki döwlet edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek, guramaçylyk topary bilen bilelikde işleri utgaşykly ýola goýup, degişli seljermeleri, teklipleri taýýarlamak we mejlisiň gün tertibini, onda kabul ediljek resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işleri talabalaýyk ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigini, onuň resminama-hukuk, syýasy-jemgyýetçilik, guramaçylyk usuly we üpjünçilik meselelerine degişli işleriň guramaçylykly alnyp baryljakdygyny nygtady. Şeýle-de ol Milli Liderimiziň şu günki mejlisde ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek bilen bagly öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek üçin guramaçylyk topary we welaýat häkimlikleri, beýleki degişli edaralar bilen bilelikde zerur işleri geçirjekdiklerine ynandyrdy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzy ösdürmek boýunça Halk Maslahatynyň öňünde durýan wezipelere ünsi çekdi. Halk Maslahaty Türkmenistanyň Mejlisi, Hökümeti, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikdäki netijeli işleri dowam etdirip, alnyp barylýan özgertmeler syýasatymyza öz mynasyp goşandyny goşup, Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça zerur işleri alyp barmalydyr.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, jemgyýetimizi yzygiderli demokratiýalaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň gündelik zerurlyklaryny we isleglerini kanagatlandyrmak babatda netijeli işleri alyp barmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Biz geljekde hem dürli ugurlardaky özgertmeler syýasatymyzy üstünlikli dowam etdirmek üçin agzalan ugurlar boýunça täze teklipleriň üstünde işlemelidiris. Şunda iň esasy maksat ýurdumyzyň ähli ilatynyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek, her bir adam üçin amatly ýaşaýyş gurşawyny döretmek bolup durýar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hem-de ony guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararlaryna gol çekdi. Kararlara laýyklykda, Halk Maslahatynyň mejlisi çagyrylýar, onuň geçiriljek senesi we ýeri kesgitlenilýär. Şeýle hem mejlisi ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredilip, onuň düzümi tassyklanylýar. “Şeýlelikde, biz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylykly geçirmek bilen bagly işlere resmi taýdan badalga berýäris” diýip, Milli Liderimiz aýtdy we mejlise gatnaşyjylaryň her biriniň bu möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäräni üstünlikli geçirmäge mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi möhüm wakadyr. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýyl köp sanly halkara çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini nygtady. Hormatly Arkadagymyz 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumyny hem-de beýleki çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin düýpli taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu çäreleri talabalaýyk guramak boýunça öňde duran wezipelerdir ýerine ýetirilmeli işler barada durup geçdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam edip, baýramçylyk dabaralaryny we halkara çäreleri geçirmek, paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk-gurnama, abadanlaşdyrmak, abatlamak, arassalamak we gök zolaklara ideg etmek işleriniň depginini güýçlendirmegiň, halkara maslahatyň maksatnamasyny taýýarlamagyň zerurdygyny belledi. Şeýle hem çäreleriň çäklerinde ýokary hilli, kämil aragatnaşyk hyzmatlaryny guramak, häzirki zaman internet hyzmatlary bilen üpjün etmek tabşyryldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çäreleriň geçirilýän günlerinde Aşgabadyň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmegiň, şanly senä taýýarlyk görmek bilen bagly paýtagtymyzy abadanlaşdyrmagyň, uly toýa ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady. Gahryman Arkadagymyz öňde boljak şanly toýa geljek daşary ýurtly myhmanlary halkymyzyň myhmansöýerlik däplerinde garşylamagyň, olara ýokary hilli hyzmatlary hödürlemegiň möhümdigine ünsi çekdi. Halkara çäräniň geçjek günlerinde taryhy wakalary halk köpçüligine gyzgyny bilen ýetirmek üçin köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin hem ähli zerur şertler döredilmelidir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hemişelik Bitaraplygymyzyň ajaýyp ýörelgelerine daýanýan döwletimiziň bu günki gün dünýäniň halklaryny jebisleşdirýän, ýakynlaşdyrýan, dostlaşdyrýan ýurda öwrülendigini belledi. Hormatly Arkadagymyz Bitaraplygymyzyň şanyna guraljak dabaralardyr duşuşyklaryň guramaçylyk meselesine ýene-de bir gezek ünsi çekip, bu işe hemmeleriň uly goşant goşmalydyklaryny, Watanymyzyň at-abraýynyň mundan beýläk-de belende galmagy ugrunda yhlasly zähmet çekmelidiklerini aýratyn nygtady. Şeýle-de Milli Liderimiz çäreleriň geçirilýän döwründe jemgyýetçilik tertip-düzgüniniň, howpsuzlygyň berjaý edilmeginiň gözegçilikde saklanylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli taýýarlyk-guramaçylyk işleriniň depginini güýçlendirmegiň möhümdigini, şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň bu ugurda ähli tagallalary etmekleriniň zerurdygyny aýtdy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramyna, Halk Maslahatynyň mejlisine hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler barada hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowa söz berdi. Ol paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin has amatly şertleri döretmek, baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmek boýunça şäher düzümine degişli gulluklar tarapyndan ähli zerur çäreleriň görülýändigini aýtdy.

Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesinde, söwda maksatly binalarda, olaryň daş-töwereginde abadanlaşdyryş işleri, yşyklandyryş sütünlerini çalyşmak, gök zolaklarda baglary ekmek hem-de abatlamak işleri bellenen möhletlerde ýerine ýetirilýär. Bulardan başga-da, paýtagtymyzyň ýaşaýyş toplumlarynyň çägindäki esasy şaýollaryň, köçeleriň, ähli ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň arassaçylygy bilen bagly, şeýle-de etraplaryň çägindäki edara-kärhanalara degişli köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş maksatly binalaryň daşyny abatlamak, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleri jemagat hojalygy edaralary tarapyndan gündelik alnyp barylýar. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm taryhy waka bolan Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek üçin Aşgabat şäheri boýunça degişli gulluklaryň wekillerinden ybarat topary döretmek we ähli ugurlar babatda jogapkär adamlary berkitmek meýilleşdirilýär.

Gahryman Arkadagymyz öňde boljak baýramçylyk dabaralarynyň we wekilçilikli forumyň taryhy ähmiýetini belledi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary esasynda üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde-de parahatçylygy we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýär. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýuny we oňa gabatlanan halkara ähmiýetli çäreleri ýokary derejede geçirmek wajyp wezipe bolup durýar. Bu dabaralary türkmen halkynyň myhmansöýerlik däplerine laýyklykda guramak zerurdyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz baýramçylyk çäreleri mynasybetli paýtagtymyzda bezeg işlerini talabalaýyk geçirmek hem-de dabaralara ykjam taýýarlyk görmek babatda gymmatly maslahatlaryny berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. «Hormatly Prezidentimiziň berk nygtaýşy ýaly, Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni jemledi.

21.08.2025
2025-nji ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Iýul aýynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde geçirilen maslahatlar, duşuşyklardyr gepleşikler «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän, sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly goşant goşýan Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilýändiginiň aýdyň beýany boldy.

1-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen Niger Respublikasynyň daşary işler, hyzmatdaşlyk we daşary ýurtlardaky nigerlileriň işleri boýunça ministri Bakari Ýau Sangareniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onda iki ýurduň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň we Burkina-Fasonyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, halkara düzümleriň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meselelerine garaldy.

2-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen Malawi Respublikasynyň daşary işler ministri Nensi Tembonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Taraplar dürli ugurlarda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de halkara we sebit gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary hem-de BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty bilen baglanyşykly meselelere üns çekildi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Brýussel şäherinde geçirilen Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Geňeşiniň 145-nji we 146-njy mejlislerine gatnaşdy. Mejlisleriň çäklerinde Türkmenistan bilen BGG-niň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky okuw merkezi «Bütindünýä Gümrük Guramasynyň sebitleýin okuw merkezi» diýlip resmi taýdan ykrar edildi. Bu çözgüt gurama agza döwletleriň 186-sy tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Saparyň çäklerinde Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Baş sekretary Ýan Sanders bilen duşuşyk geçirilip, onda gümrük töwekgelçiliklerini dolandyrmak, gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň Merkezi Afrika Respublikasynyň daşary işler, frankofoniýa we daşary ýurtlardaky merkezi afrikalylaryň işleri boýunça ministri Silwi Baýpo Temon hem-de Mali Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Abdulaý Diop bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşlikleriniň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

3-nji iýulda ýurdumyzyň wekiliýetiniň Azerbaýjan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Prezident Ilham Aliýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Azerbaýjanda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Abdul Gani Baradar bilen duşuşygy geçirildi. Onda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine üns çekildi. Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda dürli ugurlarda, şol sanda energetika, ulag pudaklarynda, söwda, medeniýet, ylym-bilim ulgamlarynda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi.

4-nji iýulda Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynyň Hankendi şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) “Durnukly we howanyň üýtgemegine durnukly geljek üçin YHG-nyň täze garaýşy” atly 17-nji sammitine gatnaşdy. Sammit köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, tagallalary utgaşdyrmak we durnukly, inklýuziw, deňagramly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ylalaşylan çözgütleri işläp düzmek üçin möhüm meýdança boldy. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 17-nji sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Muhammad Ishak Dar hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşdy. Taraplar döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

4-nji iýulda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Polşa Respublikasynyň Seýminiň Daşary işler boýunça komitetiniň başlygy Pawel Kowal bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda iki ýurduň halkara guramalaryň, hususan-da, Ýewropa Bileleşiginiň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň möhümdigi nygtaldy. Hökümetara, parlamentara we söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň, şol sanda Türkmenistanda hem-de Polşada sergileri guramagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, taraplar medeniýet, ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýetini bellediler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Nigeriýa Federatiw Respublikasynyň býujet we ykdysady meýilleşdiriş ministri Abubakar Atiku Bagudu bilen geçirilen duşuşygyň barşynda döwletara gatnaşyklary ugurlaryň giň toplumy boýunça netijeli ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy.

7-nji iýulda Türkmenistanyň we Lesoto Patyşalygynyň hem-de Eswatini Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlikler geçirildi. Olaryň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, halkara meýdançalardaky özara hereketleriň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Serbiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň dostlukly ýurduň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe ynanç hatyny gowşurmagy mynasybetli geçirilen dabaranyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine üns çekildi.

7-nji iýulda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda geçirilen BMG-niň sebitleýin parahatçylyk zolaklary boýunça ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy. Bu duşuşyk bar bolan sebitleýin parahatçylyk zolaklaryny ösdürmäge we täzelerini döretmäge, olaryň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, döwletler bilen sebitleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary, özara ynamy pugtalandyrmaga gönükdirildi. BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

8-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ÝB bilen ugurlaryň giň toplumy boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerine garaldy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Belarus Respublikasynyň, Moldowa Respublikasynyň, Burundi Respublikasynyň, Çad Respublikasynyň, Günorta Sudan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşlikleriniň barşynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

12-nji iýulda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stanislaw Çepurnoý bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlar boýunça netijeli ösdürilýändigi bellenildi.

14-nji iýulda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işler wagtlaýyn ynanylan wekili Çžun Hua bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna, hususan-da, onuň çäklerindäki Zenan ýolbaşçylaryň duşuşygyna taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meseleler barada pikir alşyldy.

14-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda Türkmenistan bilen Ruanda Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýanata gol çekmek dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň we Kipr Respublikasynyň, Ruanda Respublikasynyň, Horwatiýa Respublikasynyň, Botswana Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikleriň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary, şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk işleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

15-nji iýulda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameli bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlaryna, BMG-niň Awaza forumyna taýýarlyk işlerine üns çekildi.

16-njy iýulda Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň bu dostlukly ýurduň General-gubernatory hanym Sindi Kiro ynanç hatyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Şeýle hem türkmen diplomatynyň Täze Zelandiýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Ýewropa departamentiniň we protokol bölüminiň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynyň dowamynda iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga ygrarlylyk tassyklanyldy.

16-17-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynda saparda boldy. Mälim bolşy ýaly, ýurtlarymyz syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky döwletara gatnaşyklary giňeltmäge möhüm ähmiýet berýärler, şeýle hem ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy, Türki Döwletleriň Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi ýaly düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýärler. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurduň Prezidenti Ilham Aliýew, Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa, Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade bilen duşuşyklary geçirildi.

17-nji iýulda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow bilen geçirilen duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine üns berildi.

19-njy iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen Tunis Respublikasynyň daşary işler, migrasiýa we daşary ýurtlardaky tunislileriň işleri boýunça ministri Mohamed Ali Naftiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

21-nji iýulda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar ugurlaryň giň toplumy boýunça türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň möhüm ähmiýetini bellediler.

23-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen San Marinonyň daşary işler, syýasy meseleler, halkara ykdysady hyzmatdaşlyk we sanly geçiş boýunça ministri Luka Bekkariniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty bilen baglanyşykly wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

24-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda gadymdan gelýän dostlukly gatnaşyklara, ynanyşmaga, özara düşünişmäge esaslanýan hyzmatdaşlygyň ýokary derejä çykarylandygy kanagatlanma bilen bellenildi. Gahryman Arkadagymyz dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara guramalaryň, sebit düzümleriniň çäklerinde hem hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini nygtady.

31-nji iýulda Türkmenistanyň we Seýşeller Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem söhbetdeşlikde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty bilen bagly meselelere üns çekildi.

Daşary işler ministrliginde ýurdumyzda öz diplomatik işini tamamlaýan Tailand Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Apirat Sugondhabhirom bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda, şeýle hem halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini bellediler. Mundan başga-da, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirildi.

Şeýlelikde, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan guralan möhüm ähmiýetli duşuşyklardyr gepleşikler ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän parahatçylyk döredijilikli syýasaty netijesinde, ählumumy abadançylygy üpjün etmegiň bähbidine ösüşiň täze sepgitlerine ýetmek ugrunda köpugurly işiniň üstünliklere beslenýändigini aýdyň görkezdi.

(TDH)


18.08.2025
Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýaşlarynyň tagallalaryny birleşdirýär

Şu ýylyň 5 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty üstünlikli geçirildi. Maslahatyň çäklerinde guralan Ýaşlar forumy DÇBÖBD-niň ýaşlarynyň durnukly ösüş, sanly özgertmeler, howanyň üýtgemegi ýaly döwrüň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmagy üçin meýdança bolup hyzmat etdi. Forum bu ýurtlaryň ýaşlarynyň arasynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak, täze taslamalardyr başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin tagallalary birleşdirmekde möhüm ädim boldy. Munuň özi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde häzirki zaman ösüşiniň kuwwatly güýji bolan ýaşlaryň täzeçil pikir-garaýyşlaryna uly orun berilýändiginiň nyşanydyr.

Inklýuziw ösüş üçin ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen giň möçberli foruma deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýaş wekilleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň ýaşlarynyň hem işjeň gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Diýarymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýaşlar syýasaty boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda zerur tagallalar edilýär. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda döredilen Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogyny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Onuň ilkinji duşuşygy 2023-nji ýylyň oktýabrynda Arkadag şäherinde, ikinjisi bolsa şu ýylyň aprelinde BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda geçirildi. Bu duşuşyga dünýäniň 45 ýurdundan wekiller gatnaşdylar. Dialogyň duşuşyklaryna gatnaşyjylaryň ýüzlenmeleri bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji we 79-njy sessiýalarynyň resminamalary hökmünde çap edildi.

...Forumyň dowamynda DÇBÖBD-de çözgütleri kabul etmek işine ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmäge, olaryň hukuklaryny, mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geljegi üçin köprüleri gurmak» atly Ýaşlar jarnamasynyň tassyklanylmagy Awaza maslahatynyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ähmiýetini has-da artdyrdy. Ýaşlar jemgyýetiň aýrylmaz bölegi bolup, olaryň çözgütleri kabul etmäge gatnaşmagy durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Şoňa görä-de, bu Jarnama ýaşlaryň öz geljegini we ýurtlarynyň geljegine degişli strategiýalary döretmäge işjeň gatnaşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýaşlaryň nurana geljek baradaky garaýyşlary beýan edilen Jarnama olaryň 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyna hem-de DÇBÖBD-niň durnukly ösüşine goşant goşmaga ygrarlydygyny görkezýär.

Resminamada durnukly ösüşiň, abadançylygyň, özara düşünişmegiň binýady hökmünde sebitleýin hyzmatdaşlygy we ýaşlaryň arasyndaky dialogy pugtalandyrmagyň möhümdigi tassyklanylýar. Şunda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak, parahatçylyk, ynanyşmak medeniýetini ösdürmek, bilim, innowasiýalar, raýdaşlyk arkaly ýaşlaryň mümkinçiliklerini açmak üçin dialog platformalaryny döretmäge çagyryş beýan edilýär. Şunuň bilen birlikde, Jarnamada bu ýurtlarda ylmyň, tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň ulanylmagynyň gerimini giňeltmek esasynda ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmagyň, olaryň bähbitlerini göz öňünde tutýan düzümleýin özgertmeleri amala aşyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary durmuşa geçirmegiň zerurdygy bellenilýär. Senagatyň köp täze pudaklary ýaşlar tarapyndan ösdürilýär. Bu pudaklar DÇBÖBD-niň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, ýurtlaryň söwda mümkinçilikleriniň artmagyna uly goşant goşýar. Ýaşlaryň bu pudaklaryň işine gatnaşmagy deňze göni çykalgasy bolmadyk döwletleriň dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar. Bu bolsa ykdysadyýetiň has durnukly hem depginli ösmegine getirýär. Şu nukdaýnazardan, resminamada DÇBÖBD-niň ýaşlarynyň bütindünýä söwda ulgamyna goşulmagy babatda netijeli ugurlar hökmünde sanly söwdany, elektron täjirçiligi ulanmagyň, sanlylaşdyrmagyň, tehnologik innowasiýalaryň öňdäki hatarlarda bolmagy üçin olaryň mümkinçilikleriniň höweslendirilmeginiň möhümdigi nygtalýar.

Ýaşlar jarnamasynda howanyň üýtgeýän şertlerinde durnukly ulag infrastrukturasynyň, bank we ulag taslamalarynyň ösdürilmeginiň wajypdygyna, bu başlangyçlaryň ilerledilmeginde bolsa ýaşlaryň öňdebaryjy orunlary eýelemelidigine üns çekilýär. Ol ulag ulgamyny üpjün etmek üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine uly möçberde maýa goýumlary, ulag geçelgeleriniň geçirijiligini artdyrmak maksady bilen, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulanylmagyny öz içine alýar. Jarnamada ylym-bilim meselesine aýratyn orun berlip, hususan-da, kompýuter okuw merkezlerini döretmäge, ýokary bilime elýeterliligiň gerimini giňeltmäge hem-de STEM (Ylym, Tehnologiýa, Inženerçilik we Matematika) ulgamynda bilimiň pugtalandyrylmagyna çagyryş beýan edilýär. Sanly özgertmelere ýardam berilmegi, tehnologiýalaryň has giňden ornaşdyrylmagy, innowasion ekoulgamlaryň ösdürilmegi ýaşlarda geljek üçin zerur bolan maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary bilen işlemek endiklerini kemala getirmek üçin aýgytlaýjy ähmiýete eýe bolýar.

Resminamada ýaşlaryň öz pikirlerini erkin beýan edip bilýän we çözgütleri kabul etmek işine işjeň gatnaşmagyny üpjün edýän inklýuziw gurşawy döretmegiň möhümdigine üns çekilýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilen Ýaşlar forumynyň esasy maksadynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen gönüden-göni bagly bolup, onuň ählumumy ösüş strategiýalarynyň durmuşa geçirilmeginde ýaşlaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga gönükdirilendigini bellemek gerek. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny örän uludyr. Olar diňe bir geljekki ýolbaşçylar, hünärmenler bolmak bilen çäklenmän, eýsem, häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmäge-de işjeň gatnaşýarlar. Ýaşlaryň täze pikirlere has açyk bolmaklary, sanly tehnologiýalardan ýokary derejede peýdalanmagy başarmaklary maglumatlary netijeli dolandyrmaga, ählumumy meseleleri çözmekde netijeli çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga ýardam berýär.

Ýaşlar howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, ýokary hilli bilim, gender deňligi, jogapkärçilikli sarp ediş we önümçilik, parahatçylyk döredijilik ýaly ugurlarda has-da işjeňlik görkezýärler. Häzirki wagtda howanyň üýtgemegi bilen bagly mesele ekoulgamdan başlap, ykdysadyýete çenli durmuşyň ähli ugurlaryna täsirini ýetirip, ählumumy derejede gyssagly we netijeli hereketleri talap edýär. Ýaşlar ylym-bilim, tehnologiýalar arkaly Durnukly ösüşiň howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge gönükdirilen maksadyny amala aşyrmak boýunça tagallalara saldamly goşant goşýarlar, hususan-da, zyňyndylary azaltmak we «ýaşyl» ykdysadyýeti ilerletmek bilen bagly innowasion taslamalary taýýarlaýarlar. Şeýle hem olar bilim platformalaryny döretmek, bilimiň hilini ýokarlandyrmak arkaly onuň inklýuziw, elýeterli bolmagyny üpjün etmekde wajyp wezipäni ýerine ýetirýärler.

Häzirki wagtda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ilatynyň 58 göterimi 25 ýaşa çenli ýaşlardyr. Munuň özi geljek onýyllyk göz öňünde tutulanda, 140 milliona golaý adama deňdir. Bu ýurtlaryň geografik, ykdysady, infrastruktura we beýleki birnäçe päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy üçin ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryna möhüm orun degişlidir. Şoňa görä, ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak hem Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde derwaýys meseleleriň biri bolup durýar. Ýaş telekeçiler durmuş, ekologik innowasiýalaryň hereketlendirijisi bolup çykyş edýärler. Olaryň başlangyçlaryny maliýeleşdirmek gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, «ýaşyl» tehnologiýalar, durnukly oba hojalygy ýaly ugurlarda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşant goşýan işewürlik nusgalaryny döretmäge ýardam edip biler.

Döwletimiziň ýaşlaryň telekeçiligini işjeň goldaýandygyny nygtamak gerek. Ýaş telekeçilere maslahat, serişde, maliýe goldawy berilýär. Munuň özi kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge, netijede, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem ýerli, halkara derejede ýaşlar guramalarynyň we jemgyýetleriniň döredilmegi öňdebaryjy tejribäni alyşmagy aňsatlaşdyrýar. Şeýle hyzmatdaşlyk ýaşlaryň tagallalaryny birleşdirmäge, bilelikdäki taslamalaryň üstünde işlemäge we halkara giňişlikde eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga şert döredýär. Bu çemeleşmeleriň durmuşa geçirilmegi diňe bir ýaşlaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen çäklenmän, eýsem, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin inklýuziw, ösen jemgyýeti kemala getirmäge-de itergi berýär. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda Türkmenistanda alnyp barylýan işler möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyz bu maksatlary döwlet syýasatyna işjeň ornaşdyryp, şunda ýaş nesliň wekillerine uly orun berilýär.

Türkmenistan BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini kabul edip, onuň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berýär we bu işe toplumlaýyn çemeleşýär. Mälim bolşy ýaly, durnukly ösüşi gazanmaga gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy zerurdyr. Çünki durnukly ösüş geljek nesiller üçin örän wajypdyr. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgä esaslanýan, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ylmy, innowasiýalary goldamaga gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalar amala aşyrylýar. Ýaşlaryň telekeçiligine goldaw bermek, gurluşyk-senagat, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, maglumat-aragatnaşyk, logistika, oba hojalygy ýaly pudaklarda iş orunlaryny döretmek babatda giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär. Erkin ykdysady zolaklaryň döredilmegi, kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw berilmegi, hünär taýýarlygy boýunça täze ugurlaryň açylmagy ýaşlaryň mümkinçiliklerini has-da giňeldýär.

Adam maýasyna gönükdirilýän serişdeler aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan hemmeler üçin elýeterli ýokary hilli bilimi üpjün etmäge ygrarlydyr. Ýurdumyzda hemmetaraplaýyn bilim almaga, şol sanda bu ugurda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmaga uly üns berilýär. Milli bilim ulgamy döwrebaplaşdyrylýar, okuw edaralary häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilýär, okuw maksatnamalaryna bolsa innowasion usullar girizilýär. Sanly sowatlylyga aýratyn üns berilýär. Munuň özi ýaşlara diňe bir milli derejede däl, eýsem, halkara derejede-de bäsdeşlige ukyply bolmaga mümkinçilik berýär. Yzygiderli geçirilýän olimpiadalarda, bäsleşiklerde, ylmy maslahatlarda türkmen ýaşlary daşary ýurtly deň-duşlary bilen tejribe alyşýarlar. Mundan başga-da, Türkmenistan ýaşlaryň ählisi üçin ýokary hilli tehniki, hünär we ýokary bilime elýeterliligi üpjün edýär. “Maglumat tehnologiýalary ulgamynda sanly çözgütler” maksatnamasy programma üpjünçiligini, sanly çözgütleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamaga degişli ekoulgamlar döredilýär we ösdürilýär.

Türkmen ýaşlary dürli ulgamlarda Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmäge işjeň gatnaşýarlar. Olar daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan umumymilli işiň öň hatarynda durýarlar. Ýaşlaryň bag nahallaryny ekmek baradaky başlangyçlary ählumumy ekologik tagallalara goşantdyr. Häzirki wagtda türkmen ýaşlary öz şahsy saglygy üçin jogapkärçiligine has aýdyň düşünýärler. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin döwrebap sport toplumlary gurulýar. Welosipedli ýörişler, marafonlar, spartakiadalar ýaşlarda fiziki işjeňlik medeniýetini terbiýeleýär.

Suw serişdelerini netijeli dolandyrmak howanyň üýtgemeginiň täsirini azaltmakda hem-de oňa uýgunlaşmakda möhüm orny eýeleýär. Olaryň rejeli ulanylmagy Türkmenistanyň Suw hakyndaky kodeksi tarapyndan üpjün edilýär. Suwdan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýurdumyzda goşmaça suw gorlaryny döretmek maksady bilen, täze suw howdanlaryny döretmek, ozal bar bolanlaryny giňeltmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Dürli bilim maksatnamalarynyň, medeni alyşmalaryň, ýaşlar forumlarynyň netijesinde türkmen ýaşlary halklaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam edip, abadan durmuşyň üpjün edilmegine uly goşant goşýarlar. Olar ähli ulgamlarda, şol sanda bilim, tehnologiýalar we telekeçilik ulgamlarynda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalardyr taslamalara işjeň gatnaşýarlar. Bu başlangyçlar aýry-aýry taslamalar däl-de, eýsem, ýaşlaryň mümkinçiliklerini ösdürmäge has giň, toplumlaýyn milli çemeleşmäniň aýratyn bölegi bolup, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça Türkmenistanyň strategik garaýyşlaryna doly laýyk gelýär.

(TDH)


Beýleki habarlar
16.08.2025
Awaza syýasy Jarnamasynyň strategik ähmiýeti

Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleri boýunça kabul edilen Awaza syýasy Jarnamasy 2014 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň Wena maksatnamasynyň netijelerini jemleýän resminama bolup, 2024 — 2034-nji ýyllar üçin täze strategik gün tertibini kesgitleýär. Bu resminama bilelikdäki tagallalar üçin anyk ugurlary görkezip, DÇBÖBD-niň ýüzbe-ýüz bolýan düzümleýin meselelerini çözmekde halkara hyzmatdaşlygyň möhümdigine ünsi çekýär.

Awaza syýasy Jarnamasynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary durnukly ösüşiň täze derejesine çykarmaga gönükdirilen täzelenen anyk hereketler beýan edilýär. Onda Baş Assambleýa tarapyndan 2024-nji ýylda kabul edilen Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň syýasy binýady has-da berkidilip, dünýä bileleşiginiň DÇBÖBD-ne goldaw bermäge umumy erki beýan edilýär. Jarnama diňe bir üstaşyr geçirmek meseleleri bilen çäklenmän, eýsem, ykdysadyýetde düzümleýin özgertmeleri amala aşyrmakdan başlap, howanyň üýtgemegine durnuklylygy pugtalandyrmaga çenli meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar. Şeýle-de ol ähli gyzyklanma bildirýän taraplar — hökümetler, halkara guramalar, hususy pudak, raýat jemgyýeti üçin hereketlere çagyryş bolup durýar.

Jarnamada DÇBÖBD-niň öňünde durýan esasy meseleler we ählumumy özara baglanyşyk nygtalýar. Onda agzalýan geosyýasy dartgynlylyk, azyk, energetika howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi ýaly meseleler ösüşe, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga päsgelçilik döredýär, ýokary ulag çykdajylary bolsa eksport we import amallarynyň bahalaryny ýokarlandyrýar. Howanyň üýtgemegi azyk howpsuzlygyna, oba hojalyga esaslanýan ykdysadyýetlere gönüden-göni täsir edýär. Munuň özi deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň aglabasy üçin aýratyn derwaýysdyr. Jarnama deňze göni çykalganyň bolmazlygy, dünýä bazarlaryndan aradaşlyk, ýokary çykdajyly üstaşyr geçirmek amallary ýaly DÇBÖBD-niň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini anyk kesgitleýär. Munuň özi ýöne bir hakykaty beýan etmek bolman, eýsem, halkara raýdaşlyga we goldawa çagyryş üçin-de esas bolup durýar. Resminamada düzümleýin özgertmeleriň, senagatlaşdyrmagyň, ykdysady diwersifikasiýanyň zerurdygyna üns berlip, munuň özi onuň has giň ugurlary öz içine alýandygyny görkezýär.

Awaza syýasy Jarnamasynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigine üns çekilip, parahatçylygyň we ösüşiň özara baglanyşygy nygtalýar. Munuň özi durnuklylygyň, hyzmatdaşlygyň bolmadyk ýagdaýynda ösüşi üpjün edip bolmaýandygyny tassyklaýar. Parahatçylyk ykdysady ösüş, ekologik durnuklylyk üçin zerur binýady döredýär, döwletleriň arasyndaky ynanyşmak bolsa halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ählumumy meseleleri çözmek boýunça bilelikdäki tagallalary birleşdirmäge ýardam berýär. Aslynda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly dünýä jemgyýetçiliginiň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak üçin amatly şertleri döretmäge çalyşýandygynyň nyşany bolup, ýurtlary parahatçylygy, ähli derejede dialogy ilerletmek boýunça tagallalary işjeňleşdirmäge çagyrýar. Şunda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek boýunça başlangyjy öňe süren Türkmenistanyň orny aýratyn üns berilmäge mynasypdyr. Bu başlangyç ýurdumyzyň parahatçylyk we halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär. Türkmenistan bu başlangyjy öňe sürmek bilen, ählumumy howpsuzlyk we durnukly ösüş meselelerinde jogapkärçilikli, işjeň orny eýeleýändigini tassyklady.

Jarnama Hereketleriň Wena maksatnamasynda ýeterlik ösüşiň, hususan-da, maliýeleşdirmek we infrastrukturany ösdürmek ýaly ugurlarda ösüşiň gazanylmandygyny ykrar edýär. BMG-niň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibi hem-de Pariž ylalaşygy ýaly beýleki maksatnamalar bilen goşulyşýandygy Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň geriminiň giňdigini görkezýär. Maksatnama bu ählumumy başlangyçlaryň mazmun taýdan üstüni ýetirip, olaryň maksatlaryny DÇBÖBD-niň özboluşly şertlerine laýyk getirýär. Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň meýilnamasyny beýan edýän 2-nji bap Jarnamanyň esasy bölegi bolup, ol deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ösüşiniň esasy 5 ugruny kesgitleýär. Düzümleýin özgertmeler, ylym, tehnika we innowasiýalar DÇBÖBD-niň ösüşi üçin esas goýujy ugur bolup, bu ýurtlaryň ykdysadyýetlerini diwersifikasiýalaşdyrmaga, olaryň çig mal eksportyna baglylygyny peseltmäge, nyrh emele getirmegiň ählumumy ulgamyna goşulmagyna gönükdirilendir. Bu ugra ylmyň, tehnikanyň, innowasiýalaryň girizilmegi geografik çäklendirmeleri aradan aýyrmaga ýardam berýän döwrebap çemeleşmeleriň möhümdigi bilen baglydyr.

Söwda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ykdysadyýetleriniň esasy ulgamlarynyň biri bolup durýar. Ýöne ýokary çykdajylar we çylşyrymly amallar bu ulgamda ösüş gazanmagy kynlaşdyrýar. Söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmegi, sebit integrasiýasy bolsa bu päsgelçilikleri aradan aýyrmagyň iň netijeli usullary hasaplanýar. Sebitleýin söwda ylalaşyklary, umumy bazarlaryň döredilmegi DÇBÖBD-ne dünýä bazarlaryndan aradaşlygynyň öwezini dolmaga mümkinçilik berýär. Üstaşyr geçirmek, ulag we arabaglanyşyk hem bu ýurtlar üçin örän wajyp ugurlar bolmagynda galýar. Jarnamada BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygynyň agzalmagy üstaşyr geçirmek meselesiniň iň ýokary derejede ykrar edilýändigini görkezýär. Awaza syýasy Jarnamasy ýollar we portlar ýaly diňe bir fiziki infrastrukturanyň däl, eýsem, sanly arabaglanyşygyň hem ähmiýetini nygtaýar. Bu bolsa häzirki döwürde bu ýurtlar üçin maglumatlara elýeterliligiň örän möhümdigini görkezýär.

Jarnamanyň uýgunlaşmak mümkinçiliklerini pugtalandyrmak, sarsgynlyga durnuklylygy ýokarlandyrmak, howanyň üýtgemegi, heläkçilikler babatda goragsyzlygy peseltmek bilen baglanyşykly bendi häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine gönüden-göni çözgüt bolup durýar. DÇBÖBD-niň aglabasy gurak ýa-da daglyk sebitlerde ýerleşip, olar howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tebigy betbagtçylyklara has köp sezewar bolýarlar. Şunuň bilen baglylykda, bu resminama uýgunlaşmak we durnuklylygy ýokarlandyrmak üçin ýurtlaryň mümkinçiliklerini artdyrmaga çagyrýar. Jarnamanyň öňde durýan wezipeleri amala aşyrmagyň serişdelerine bagyşlanan bendinde maliýe, tehnologik, adam kuwwatyny herekete getirmegiň ähmiýetine üns çekilýär, ýagny ýeterlik derejede maliýeleşdirmek we degişli serişdeler bolmazdan, beýleki ugurlary durmuşa geçirmek mümkin däldir.

Resminamada anyk başlangyçlar beýan edilýär. Sebitleýin oba hojalyk ylmy-barlag merkezlerini döretmek başlangyjy azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, bu pudakda öndürijiligi ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Sebäbi oba hojalygy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde iň wajyp pudaklaryň biri bolup durýar. Bu merkezler DÇBÖBD-de täze “ýaşyl” özgertmeleriň hereketlendirijisi bolup, olaryň işi durnukly oba hojalygyny ilerletmäge, agroekologiýa innowasiýalaryny ösdürmäge, sebit derejesinde ylmy-barlag ekoulgamyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekologik taýdan durnukly çözgütleri işläp taýýarlamak, maldarçylyk pudagyny ösdürmek şol merkezleriň anyk wezipeleri bolmalydyr.

Şeýle merkezleriň döredilmegi diňe bir azyk önümleriniň önümçiligini ýokarlandyrmak üçin däl, eýsem, DÇBÖBD-niň ykdysadyýetlerini düzümleýin özgertmekde-de strategik ädim bolup durýar. Bu ýurtlar önümçiligi ýokarlandyryp we oba hojalyk pudagyny has ýokary girdejili ulgamlara baglanyşdyryp, çig mal eksportyna baglylygyny peseldip biler. Merkezler oba hojalygy bilen meşgullanýanlary zerur bilimlerdir tehnologiýalar bilen üpjün eder. Bu başlangyç Durnukly ösüşiň 2-nji maksadyny gazanmaga gönüden-göni ýardam edip, täze iş orunlaryny döretmäge, howanyň üýtgemegine garşy durnuklylygy pugtalandyrmaga mümkinçilik berer.

Üstaşyr geçirmegiň erkinligi boýunça ýokary derejeli bilermenler toparynyň döredilmegi DÇBÖBD üçin has möhüm meseleleriň birini — üstaşyr geçirmek päsgelçiliklerini çözmek üçin anyk maslahatlary işläp taýýarlamaga ýardam berer. Deňze göni çykalganyň bolmazlygy daşarky söwda işinde DÇBÖBD üçin üstaşyr geçiriji ýurtlaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak zerurlygyny ýüze çykarýar. Bu geografik çäklendirmeler çylşyrymly gümrük amallaryny, ýokary söwda çykdajylaryny emele getirýär. Dünýäniň söwda ulgamyna netijeli goşulyşmaga päsgelçilik berýän bu meseleler toplumy Hereketleriň Wena maksatnamasynyň ýüzbe-ýüz bolan iň esasy kynçylyklarynyň biridir. Bu meselelere çözgüt hökmünde Hereketleriň Awaza maksatnamasy erkin üstaşyr geçirmek esasynda deňze päsgelçiliksiz, netijeli we ykdysady taýdan bähbitli çykmaga ýardam bermegiň möhümdigini nygtap, üstaşyr geçirmegiň erkinligi boýunça ýokary derejeli bilermenler toparyny döretmegi teklip edýär. Üstaşyr çäklerden harytlaryň bökdençsiz geçirilmegini üpjün etmek üçin hukuk kadalaryny anyk mehanizmlere öwürmek bu toparyň esasy wezipesi bolar. BMG-niň howandarlygynda şeýle abraýly bilermenler toparynyň esaslandyrylmagy bolsa bu ugurda has işjeň hereketlere geçilýändigini alamatlandyrar.

Infrastruktura maýa goýumlary çekmek boýunça mehanizmi döretmek baradaky teklip, Jarnamada ykrar edilişi ýaly, Hereketleriň Wena maksatnamasynyň doly derejede durmuşa geçirilmegine päsgel beren serişde ýetmezçiligini çözmäge gönükdirilen iň möhüm başlangyçdyr. Bu mehanizm diňe bir serişdeleri herekete getirmäge gönükdirilmän, eýsem, hususy maýa goýumlaryň töwekgelçiligini peseltmäge hem gönükdirilendir. Bu bolsa resmi däl maýa goýumlary çekmegiň esasy şerti bolup durýar. Maliýeleşdirmegiň wajyp ornuny ykrar etmek bilen, Jarnama köptaraplaýyn ösüş banklaryny infrastruktura, şol sanda awtomobil ýollaryna, demir ýollara, sanly infrastruktura we beýlekilere goýulýan serişdeleri artdyrmaga çagyrýar.

Awaza syýasy Jarnamasynda maksatnamany durmuşa geçirmekde dürli derejedäki hyzmatdaşlygyň orny bellenilýär. Ol üstünligiň ähli taraplaryň utgaşdyrylan we ylalaşykly hereketlerine baglydygyny nygtaýar. Resminamada her gatnaşyjynyň orny anyk kesgitlenilýär. Hususan-da, üstaşyr geçiriji ýurtlara aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki olaryň bu ugurdaky syýasaty DÇBÖBD-niň ykdysady abadançylygyna gönüden-göni täsir edýär. Maýa goýumlary artdyrmak, ýeňilleşdirilen maliýe hyzmatlaryna elýeterliligi giňeltmek barada köptaraplaýyn ösüş banklaryna we beýleki maliýe edaralaryna çagyryşlar maliýe serişdeleriniň esasy çeşmelerine göni ýüzlenme bolup durýar.

Jarnamada Günorta-Günorta we üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň barha artýan orny hem ykrar edilýär. Munuň özi dünýäde ösüp barýan ýurtlaryň özara tejribe we serişde alyşmagyny giňeldýändigini görkezýär. Hyzmatdaşlygyň bu görnüşi däp bolan Demirgazyk-Günorta hyzmatdaşlygynyň ornuny tutman, eýsem, onuň üstüni ýetirýär. Şunuň bilen birlikde, resminamada maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin örän möhüm bolan ýolbaşçylyk, hasabatlylyk we monitoring meselelerine aýratyn üns berilýär. Hususan-da, Hereketleriň Awaza maksatnamasyny amala aşyrmakda milli jogapkärçilik ýörelgesi nygtalýar. Munuň özi DÇBÖBD-niň bu işe özleriniň ýolbaşçylyk etmelidiklerini hem-de maksatnamany milli ösüş strategiýalaryna ornaşdyrmalydyklaryny aňladýar. Şol bir wagtyň özünde, Jarnama institusional goldawy pugtalandyrmaga çagyrýar. Şunda BMG-niň Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler we kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň Sekretariatyna (OHRLLS) aýratyn orun berilýär. Bu düzüme ýeterlik derejede serişdeleri bermegiň zerurdygynyň bellenilmegi onuň utgaşdyrmak we syn bermek işinde esasy ornunyň ykrar edilmegi bolup durýar. Şunda OHRLLS bilen BMG-niň ýurtlar boýunça toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Geljekki işleriň we gözegçiligiň netijeli, biri-biriniň üstüni ýetirýän mehanizmleriniň agzalyp geçilmegi täze maksatnama üçin ösüşe syn bermäge ýardam etjek ulgamyň dörediljekdigini alamatlandyrýar.

Jarnamanyň soňky baby dessin hem bilelikdäki hereketlere çagyryp, Birleşen Milletler Guramasyna we oňa agza döwletlere tagallalary utgaşdyrmak haýyşy bilen ýüzlenýär. Resminamanyň ahyrynda Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna hoşallyk beýan edilýär. Munuň özi diňe bir diplomatik dessur bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ählumumy hyzmatdaşlyk, raýdaşlyk ruhuny alamatlandyrýar hem-de maslahaty kabul eden ýurduň möhüm ornuny nygtaýar.

Awaza syýasy Jarnamasy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin wajyp resminama bolup, häzirki zaman şertlerinde DÇBÖBD-ne mahsus meseleleri anyk kesgitleýär we düzümleýin özgertmeleri, sanly arabaglanyşygy, howanyň üýtgemegine durnuklylygy, maliýeleşdirmegi öz içine alýan toplumlaýyn gün tertibini göz öňünde tutýar. Şeýle hem Jarnama köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy nygtamak bilen, ähli taraplary, şol sanda üstaşyr geçiriji ýurtlary, maliýe edaralaryny we BMG-niň düzüm birliklerini hyzmatdaşlyga çagyrýar. Umuman, Awaza syýasy Jarnamasy halkara jemgyýetçiligiň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin borçnamasy bolup, anyk hereketlere gönükdirilen meýilnamadyr. Onuň netijeli durmuşa geçirilmegi geljekki onýyllykda bu ýurtlaryň ösüşini düýpgöter özgerdip biler.

(TDH)


Beýleki habarlar
15.08.2025
«Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Sizi Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýanyň güýje girmegi mynasybetli her ýylyň 12-nji awgustynda ýurdumyzda ýokary guramaçylyk derejesinde bellenilýän Hazar deňziniň güni hem-de “Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi” atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistan Hazar deňziniň sebitinde söwda-ykdysady, medeni-durmuş gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda Hazarýaka döwletleriň giň goldawyna eýe bolýan möhüm başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Birinji Hazar sammitiniň Aşgabat şäherinde geçirilmegi Hazarýaka döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde wajyp ädim boldy. Bu taryhy waka ähli ugurlar boýunça gatnaşyklaryň ilerledilmegi üçin berk binýat bolmak bilen, sebitde özara arkalaşykly hereket etmek üçin köp sanly meseleleriň çözülmegine uly badalga berdi. Bu maslahatda Hazar deňziniň sebitinde dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmekde berk binýat bolup hyzmat etjek resminamalar, şol sanda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýany we Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany taýýarlamagyň ähmiýeti ilkinji gezek ýokary derejede ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gadyrly myhmanlar!

2012-nji ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça sebitiň ýurtlarynyň degişli ministrlikleriniň, abraýly halkara guramalaryň ýokary derejeli wekiliýetleriniň, tejribeli hünärmenleriň we tanymal alymlaryň gatnaşmagynda birinji Hazar ekologiýa forumynyň geçirilmegi Hazar deňziniň sebitinde ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýurdumyzyň uly tagalla edýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Ýurdumyz sebitiň uly üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak arkaly Hazarýaka ýurtlaryň arasynda energetika, ulag-logistika, senagat we söwda pudaklarynda hem hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär. Hazarýaka döwletleriň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen guralan birinji Hazar ykdysady forumynyň hem Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma döredýän täze ugurlaryny ýüze çykardy. Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen altynjy Hazar sammitiniň dowamynda bolsa Hazarýaka döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we netijeli ösdürmek babatda täze başlangyçlar beýan edildi.

Türkmenistan 2023-nji ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Hazar deňziniň sebitindäki ekologik meseleleri çözmek bilen bagly wezipeleriň giň toplumy boýunça jikme-jik we ýokary derejede hyzmatdaşlyk etmek üçin «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. Bu başlangyjyň durmuşa geçirilmeginiň ýurtlaryň ekologik abadançylygyna gönükdirilen tagallalaryny birleşdirmekde, geljekde bilelikde has netijeli ädimleri ätmekde möhüm gural bolup hyzmat etjekdigine berk ynanýarys.

Gojaman Hazaryň türkmen kenarynda ekologik taýdan durnukly ösdürilýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy dünýäniň ähli döwletleri bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen toý-baýramlaryň, halkara maslahatlaryň, resmi duşuşyklaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ýaňy-ýakynda hut şu gözel künjekde üstünlikli geçirilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 30 ýyllyk şanly senesi giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu maslahatyň hem Hazar deňzinde parahatçylygyň, ynanyşmagyň, dostlugyň hemişe dowam etmegine gönükdirilen tagallalary birleşdirmekde ähmiýeti örän uludyr.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Hazar deňziniň güni mynasybetli geçirilýän maslahatyň, medeni we sport çäreleriniň Hazaryň baý deňiz ekoulgamyny, özboluşly biologik köpdürlüligini gorap saklamak we ylmy taýdan öwrenmek boýunça Hazarýaka ýurtlaryň hem-de gyzyklanma bildirýän halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, sebitde parahatçylygyň, dost-doganlygyň, ynanyşmagyň has-da berkidilmegine goşant goşjakdygyna ynanýaryn. Sizi Hazar deňziniň güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

12.08.2025
Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty mynasybetli dabara geçirildi

Awaza, 5-nji awgust (TDH). Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli dabara geçirildi. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygy Filemon Ýang, foruma gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýet ýolbaşçylary hem-de agzalary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýurdumyzyň resmi adamlary gatnaşdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýär. Ýurdumyz sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge jogapkärli çemeleşmek bilen, häzirki döwrüň wajyp meselelerini netijeli çözmek boýunça halkara bileleşigiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna uly goşant goşýar. Şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Bu abraýly gurama bilen yzygiderli ösdürilýän strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýurdumyzda geçirilmegi munuň aýdyň güwäsidir.

Dabaranyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz foruma gatnaşyjy ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýet Baştutanlaryny mübärekledi we olar bilen bilelikde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň resmi banneriniň öňünde ýadygärlik surata düşdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hem-de belent mertebeli myhmanlar dabaranyň geçirilýän ýerine bardylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, biz şu gün gojaman Hazar deňziniň ajaýyp türkmen kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda taryhy wakanyň şaýady bolýarys. Çünki bu gün BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin dünýäniň dürli yklymlarynda ýerleşýän onlarça döwletleriň döwlet we hökümet Baştutanlary, resmi wekilleri ýurdumyzda jemlendiler. Bu dabaramyza gatnaşýan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryny, wekiliýet Baştutanlaryny, Siziň ähliňizi bereketli türkmen topragynda hoş gördük diýip aýtdy hem-de hemmeleri güneşli we myhmansöýer Türkmenistanda tüýs ýürekden mübärekläp, şu günki maslahatyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi. Gahryman Arkadagymyz bu belent şygaryň astynda tutuş halkara gatnaşyklar ulgamynda amala aşyrylýan bilelikdäki tagallalaryň, parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrundaky giň gerimli çäreleriň hökman özüniň oňyn netijesini berjekdigine ynam bildirdi.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler geografik taýdan ýerleşişi sebäpli, ulag, söwda, ykdysady ösüş babatda aýratyn üns berilmäge mynasypdyr. Olar dünýäniň dürli yklymlarynda ýerleşmek bilen, söwda-ykdysady, senagat, maliýe we maýa goýum, ýokary tehnologiýalar hem-de ylym-bilim babatynda geljegi uly işleri amala aşyrýarlar. Şol bir wagtda-da, biziň ýurtlarymyz we halklarymyz baý medeni mirasa eýe bolup, halkara gatnaşyklaryň, sebit we dünýä syýasatynyň ynsanperwerlik mazmunyny has-da berkitmäge ukyplydyrlar diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi we üçünji gezek geçirilýän bu ýokary derejedäki halkara forumyň dowamynda gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça netijeli pikir alyşmalaryň boljakdygyna hem-de oňyn teklipleriň öňe sürüljekdigine ynam bildirdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz çykyşyny BMG-niň resmi dilleriniň biri bolan rus dilinde dowam etdi.

Gahryman Arkadagymyz hemmeleri Türkmenistanyň halkynyň adyndan mähirli mübärekledi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri foruma gatnaşyjylaryň şeýle giň wekilçilikli düzümine Türkmenistana goýulýan hormatyň, ynamyň hem-de ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki eýeleýän ornuna, hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi we ynanyşmagy ýola goýmakda edýän tagallalaryna berilýän ýokary bahanyň nyşany hökmünde garalýandygyny aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz foruma gatnaşyjylaryň ählisiniň türkmen topragynda gadyrly myhman, dünýäde parahatçylygyň, ösüşiň we abadançylygyň ýokary maksatlarynyň daşynda jebisleşen Türkmenistanyň hyzmatdaşlary hökmünde kabul edilýändigini belläp, hemmelere: “Türkmenistana hoş geldiňiz!” diýdi.

Bellenilişi ýaly, şu gezekki maslahatyň geçirilmegi kanunalaýyk we çuňňur esaslandyrylandyr. Bu maslahat biziň ýurtlarymyz tarapyndan köp ýyllaryň dowamynda alnyp barlan we ösüp barýan döwletleriň dünýä proseslerindäki ornuny ýokarlandyrmaga, olaryň meselelerine hem-de kanuny bähbitlerine ünsi çekmäge, häzirki zaman dünýä gurluşynda mynasyp ornuny üpjün etmäge gönükdirilen uly we çynlakaý işiň bir bölegi bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz munuň ösüp barýan dünýäniň ep-esli bölegini emele getirýän şu maslahata gatnaşyjy ýurtlara hem degişlidigini aýdyp, deňze çykalganyň bolmazlygy bilen baglanyşykly mesele boýunça hyzmatdaşlygyň täze netijeli we anyk çemeleşmelerini hem-de mehanizmlerini işläp taýýarlamagyň wagtynyň gelendigine berk ynam bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, şu foruma taýýarlyk görmäge we guramaga beren goldawlary üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary jenap Antoniu Guterrişe, BMG-niň ugurdaş düzümleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylaryna minnetdarlygyny beýan etdi.

Biziň pikirimizçe, bütindünýä guramasynyň ýolbaşçylarynyň bu ugurda eýeleýän orny nusgalykdyr. Munuň özi Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligiň jogapkärli agzasy hökmünde alyp barýan netijeli işiniň ykrar edilýändigini görkezýär. Biziň daşary syýasatdaky ileri tutýan ugurlarymyz berk we üýtgewsizdir, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk bolsa şolaryň esasysy we kesgitleýjisi bolup durýar. Bu strategik garaýşyň çuňňur sebäpleri bar. Türkmenistanyň uzak möhletleýin maksatlarynyň BMG-niň ählumumy Gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça wezipeleri bilen gabat gelmegi bu sebäpleriň esasyny düzýär. Has takygy, Türkmenistan dünýä giňişligindäki ähli hereketlerini, başlangyçlaryny hem-de tekliplerini BMG-niň alyp barýan işine, onuň esas goýujy çözgütlerine, maksatnamalaýyn wezipelerine laýyk getirýär diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Biziň üçin BMG köpugurly ygtyýarlyklary bolan halkara guramadyr. Biz Milletler Bileleşigine häzirki zaman dünýä gurluşynyň esasy sütüni, dünýä giňişliginde parahatçylygyň we durnuklylygyň, halkara howpsuzlygyň kepili hökmünde garaýarys. Biz häzirki täze geosyýasy ýagdaýlarda BMG-niň Tertipnamasynyň ýokary ynsanperwer taglymlarynyň hem-de ýörelgeleriniň halkara tertibiň hukuk we ahlak daýanjy bolmagynda galmalydygyna berk ynanýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, bu maslahatyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Bitarap Türkmenistanda geçirilmeginiň aýratyn mana eýe bolýandygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan BMG-ä, onuň ägirt uly döredijilik kuwwatyna ynanýar. Gurama bilen köpugurly hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugry bolupdy we şeýle bolmagynda hem galýar. Munuň özi uzak möhletleýin milli maksatlara we ähli dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerine laýyk gelýändigini subut etdi we bu gün sebit hem-de ählumumy ösüşiň möhüm netijeli şerti bolup çykyş edýär.

Gahryman Arkadagymyz şu ýyl Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmegine 30 ýyl bolýandygyny, döwletimiziň bu hukuk ýagdaýynyň şu ýyl döredilmeginiň 80 ýyllygy bellenilýän Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilendigini aýtdy we ýurdumyzyň bitaraplygynyň köp babatda tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň işiniň netijesidigini nygtady.

Biz bu hukuk ýagdaýyna hut şu nukdaýnazardan seredýäris we bitaraplygymyzy, onuň mümkinçiliklerini hem-de gurallaryny dünýäniň ähli halklarynyň hem-de döwletleriniň bähbidine ulanýarys. Biz Türkmenistanyň Bitaraplygyny özara düşünişmek köprülerini gurmak üçin şertleri, esasy ählumumy meseleler boýunça köptaraplaýyn dialog, ykdysady, ekologiýa, syýasy, durmuş, ynsanperwer ulgamlarda jogapkärçilikli hyzmatdaşlyk üçin platformany döretmäge gönükdirmegi maksat edinýäris. Şu gezekki maslahat we onuň çäklerindäki dostluk, hyzmatdaşlyk, birek-birege hormat goýmak ýagdaýy şeýle çemeleşmäniň aýdyň mysalydyr.

Biziň kalbymyz we maksatlarymyz dünýä üçin açykdyr. Munuň özi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy mazmunydyr. Türkmen halkynyň asylly häsiýetleri, beýleki halklara goýýan sylag-hormaty, ýardam bermäge, raýdaşlyk bildirmäge hemişe taýýardygy biziň halkara giňişlikde alyp barýan işimizde öz beýanyny tapýar. Munuň özi ýöne bir tejribe bolman, eýsem, Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň filosofiýasydyr. Elbetde, şeýle syýasaty durmuşa geçirmek bilen, biz öz taryhymyza, gadymdan gelýän däp-dessurlarymyza esaslanýarys. Türkmenler gadymy, baý we özboluşly medeniýeti hem-de dünýägaraýşy bolan halkdyr. Şol bir wagtyň özünde, biz adamzat ösüşine saldamly goşant goşmaga çalyşýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we häzirki wagtda Türkmenistanyň öz mümkinçiliklerini we toplan tejribesini özara hormat goýmak esasyndaky syýasy-diplomatik dialogy dikeltmek, halkara hukugy, BMG-niň eýeleýän ornuny we abraýyny pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryny hem-de BMG-niň bu giň möçberli maksatnamasynyň esasy böleklerini — ulag arabaglanyşygyny, energetika, suw, azyk howpsuzlygyny, saglygy goraýşyň, lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek, ynsanperwerlik meselelerini çözmek ýaly ugurlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly ileri tutulýan ulgamlarda işjeň ulanýandygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan hyzmatdaşlykda özara ylalaşylan çemeleşmeleriň işlenip taýýarlanylmagy ugrunda çykyş edýär. Dürli döwletleriň, halkara düzümleriň ykdysady we syýasy mümkinçilikleriniň jemine esaslanýan uzak möhletleýin strategik maksatlar, bu mümkinçilikleriň ählumumy durmuş-ykdysady ösüşiň we abadançylygyň bähbidine jogapkärçilikli ulanylmagy şol çemeleşmeleriň esasyny düzmelidir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz şu gezekki maslahatyň maksatlarynyň örän giňdigini we ählumumy ähmiýete eýedigini, bu maksatlaryň syýasy, ykdysady, söwda, medeni, ylmy hyzmatdaşlyga halkara derejede itergi bermäge we baýlaşdyrmaga gönükdirilendigini belläp, foruma gatnaşyjy ýurtlaryň bu gatnaşyklarda möhüm orun eýelemelidiklerini, hyzmatdaşlygyň başga formatlarda hem ulanyp boljak we ulanylmaly nusgalaryny ýola goýmalydyklaryny hem-de umumy abadançylygyň we tutuş adamzadyň geljeginiň bähbidine işlemelidiklerini aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz parlament hyzmatdaşlygynyň, zenanlaryň, ýaşlaryň, çagalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň, sport hyzmatdaşlygynyň möhüm ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň abraýly halkara düzümler bilen bilelikde ençeme ýyllaryň dowamynda bu ugurlarda guran çäreleriniň dünýäde möhüm wakalar bolandygyny we şoňa görä-de, maslahatyň çäklerinde dürli mowzuklaýyn mejlisleri geçirmek pikiriniň goldanylýandygyny nygtady. Şolaryň hatarynda Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygy, raýat jemgyýetiniň we hususy pudagyň forumlary, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy, şeýle hem parlament we ýaşlar forumlary bar. Häzirki wagtda parahatçylygy hem-de durnuklylygy gorap saklamak we pugtalandyrmak, halklaryň, ähli sagdyn we netijeli güýçleriň gatnaşyk etmäge, özara düşünişmäge we hyzmatdaşlyga ymtylmalaryny goldamak üçin diplomatiýanyň, şol sanda halk diplomatiýasynyň ähli mümkinçiliklerini ulanmak möhümdir diýip, Milli Liderimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyň we onuň netijeleriniň mundan beýläk-de bilelikde netijeli işlemek üçin berk binýady döretmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz bu maslahatyň oňa gatnaşyjylaryň — onlarça ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, iň abraýly halkara guramalaryň hem-de institutlaryň ýolbaşçylarynyň erkini, jebisligini hem-de netijeli dialogy yzygiderli geçirmäge we hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydygyny görkezmäge gönükdirilendigini nygtap, foruma gatnaşyjylaryň ählisine üstünlikli işlemegi we özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, umumy döredijilikli maksatlary gazanmakda rowaçlyklary arzuw etdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz çykyş etmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe söz berdi.

Baş sekretar dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, ilki bilen, şu maslahaty üstünlikli geçirmek babatda edilen tagallalar üçin Türkmenistana çuňňur hoşallygyny bildirdi.

Hut Türkmenistanyň Hökümetiniň we halkynyň tagallalary bilen bu maslahaty geçirmek mümkinçiligi boldy diýip, Antoniu Guterriş aýtdy we Kongresler merkeziniň döwrebaplygyna, oňa gönükdirilen maýa goýumlara haýran galandygyny belledi.

Antoniu Guterriş BMG-de dürli wezipelerde 20 ýyla golaý Türkmenistanyň Hökümeti bilen işleşendigini we guramanyň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissary hökmünde ýurdumyza amala aşyran ilkinji saparynda Türkmenistanyň Hökümetiniň raýatsyzlyk bilen baglanyşykly meseläni netijeli çözendigini belledi hem-de munuň üçin Türkmenistana ýene-de bir gezek çuňňur hoşallygyny bildirdi.

BMG-niň Baş sekretary şu gezekki maslahatyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler we dünýä jemgyýetçiligi üçin taryhy waka boljakdygyny nygtap, hemmelere üstünlikli işlemegi arzuw etdi.

Gahryman Arkadagymyz çuň manyly çykyşy üçin BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň bitarap döwlet we halkara jemgyýetçiligiň jogapkärli agzasy hökmünde Birleşen Milletler Guramasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berýändigini belledi.

Ýurdumyz BMG-niň durnukly ösüş, parahatçylyk we howpsuzlyk, şeýle hem ynsanperwer hyzmatdaşlyk ulgamlaryndaky esasy başlangyçlaryny işjeň goldamak bilen, köptaraplaýyn diplomatiýa we ählumumy durnuklylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň täze başlangyçlary mundan beýläk-de goldamaga we dünýä ýurtlarynyň bähbidine bilelikdäki tagallalary giňeltmäge taýýardygyny tassyklap, Antoniu Guterrişe ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz çykyş etmek üçin BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygy Filemon Ýanga söz berdi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygy Filemon Ýang dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Türkmenistanyň halkyna hoşallygyny beýan etdi.

Men dünýäniň dürli künjeklerinden gelen wekilleriň mähirli kabul edilendigine ýokary baha berýärin. Türkmenistanyň baý medeniýeti we taryhy bilen tanyşmak meniň üçin uly mertebedir. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda möhüm orun eýeläp, sebitde we dünýäde parahatçylyga hem-de durnukly ösüşe goşant goşmagyny dowam edýär diýip, Filemon Ýang aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideriniň köptaraplaýyn we öňüni alyş diplomatiýasyna möhüm goşandy hökmünde “Dialog — parahatçylygyň kepili” başlangyjyna ýokary baha berdi.

Filemon Ýang bu maslahatyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýandygyny aýdyp, bu ýurtlaryň durnukly ösüşini çaltlandyrmak boýunça toplumlaýyn meýilnama hökmünde Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň ähmiýetini belledi hem-de Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna üstünlikleri arzuw etdi.

Gahryman Arkadagymyz Filemon Ýanga minnetdarlyk bildirip, bu çykyşyň halkara raýdaşlygyň we durnukly ösüşiň möhüm ähmiýetini ýene-de bir gezek tassyklaýandygyny aýtdy.

Soňra Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, wekiliýet Baştutanlaryna, Birleşen Milletler Guramasyna we ähli gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirdi hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geografik taýdan ýerleşişine garamazdan, durnukly ösüş ugrunda uly tagalla edýändiklerini belledi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiliginiň jogapkärli agzasy hökmünde, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň özara baglanyşygyny pugtalandyrmak boýunça BMG-niň alyp barýan işini mundan beýläk-de goldamagyny dowam etjekdigini we guramanyň ägirt uly döredijilik kuwwatyna özüniň saldamly goşandyny goşjakdygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Milletler Bileleşigine agza döwletleriň, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bilelikdäki tagallalarynyň gazanylan netijeleri pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine we ösüşiň hil taýdan täze derejelerine çykmak üçin mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz adamzadyň ösüş taryhy hoşmeýilli, erkli adamlaryň ähli kynçylyklary ýeňip geçip, diňe bir öz durmuşyny gaýtadan dikeltmek bilen çäklenmän, eýsem, ozalkydan has gowy durmuşda ýaşamaga çalşandyklaryny tassyklaýar diýdi we Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki halkara hyzmatdaşlygyň häzirki we ozalky tejribesiniň umumy meseleleri çözmek üçin bilelikde hyzmatdaşlygyň has netijeli formatlaryny işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýändigini belledi. Munuň özi bize, ilkinji nobatda, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň esasyndaky dialog platformasyny giňeltmegiň zerurdygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar, bu bolsa mundan beýläk-de öňe gitmek üçin itergi berer diýip, Milli Liderimiz aýtdy we öňde boljak ýokary derejeli halkara forumyň — Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny çözmek üçin bilelikde netijeli çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga ýene-de bir mümkinçilik boljakdygyny nygtady.

Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara ýene bir gezek minnetdarlygyny beýan edip, bilelikdäki tagallalar bilen dünýäde ynanyşmagyň, durnuklylygyň we ösüşiň pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi hem-de hemmelere berk jan saglyk, rowaçlyk, alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

06.08.2025
Hyzmatdaşlyk arkaly ösüş Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň esasy mazmunyny kesgitlär

Ýene sanlyja günden Türkmenistan BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny — dürli yklymlarda ýerleşýän 32 döwletde ýaşaýan 570 milliondan gowrak adamyň durmuşyndaky özgertmeler bilen baglanyşykly dünýä ähmiýetli çäräni kabul eder. Bu ýurtlara mahsus çäk taýdan üzňeligi ýeňip geçmek, maýa goýumlara, dünýäniň ykdysadyýetine we söwda bazaryna goşulyşmaga elýeterliligi giňeltmek babatdaky meseleleri çözmek bütin adamzat üçin ýetilmeli umumy sepgitler bilen berk baglanyşyklydyr. BMG-niň her on ýyldan bir gezek geçirilýän bu maslahaty deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ösüşinde gazanylan üstünlikleri seljermek, geljek onýyllyk üçin Hereketler maksatnamasyny kesgitlemek üçin möhüm meýdança öwrüler.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar (DÇBÖBÝ) boýunça birinji maslahaty 2003-nji ýylyň awgustynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilipdi. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar bilen ösýän üstaşyr döwletleriň arasynda üstaşyr daşamalar ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin täze ählumumy çäklerde bu döwletlere mahsus zerurlyklary kanagatlandyrmak şol forumyň esasy mowzugy bolupdy. Onuň jemleri boýunça kabul edilen Hereketleriň Almaty maksatnamasy DÇBÖBÝ-niň halkara derejede ýüzbe-ýüz bolýan guryýer arkaly gurşalmagy bilen bagly we beýleki meselelerini açyp görkezdi hem-de olaryň BMG-niň ösüş babatda ählumumy maslahatlaryndaky çözgütler bilen aýrylmaz baglanyşygy bolan makroykdysady ýagdaýy gowulandyrmak üçin wezipeleri kesgitledi.

2014-nji ýylyň noýabrynda Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça ikinji maslahatynda on ýyla niýetlenen Hereketleriň Almaty maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine toplumlaýyn baha berildi. Bu forum ösüş babatda çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlara mahsus zerurlyklary kanagatlandyrmaga, olaryň öňünde duran meseleleri çözmäge ählumumy ygrarlylygy tassyklap, bu ýurtlaryň bähbitlerine laýyk gelýän çäreleri görmekde hem-de goldaw bermekde halkara bileleşigiň herekete geçmegine ýardam etdi. Şunuň bilen birlikde, ösüş üçin geljek onýyllyga niýetlenen täzelenen Çarçuwaly hyzmatdaşlyk maksatnamasy bolan 2014 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň Wena maksatnamasy kabul edildi. Ol adalatly we bäsdeşlige ukyply şertlerde DÇBÖBÝ-niň halkara söwda amallaryna gatnaşmak mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir. Bu resminama infrastrukturalary ösdürmekde, üstaşyr we söwda amallaryny ýeňilleşdirmekde, üstaşyr çykdajylary azaltmakda, täze Hereketler maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna netijeli gözegçilik etmekde dünýä bileleşigi tarapyndan berilýän kömek-goldawlary özünde jemleýär.

2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde nobatdaky üçünji forumyň şu ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegini göz öňünde tutýan «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu çözgüt Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýediginiň aýdyň mysaly, ýurdumyzyň halkara abraýynyň we dünýä ähmiýetli işlere işjeň gatnaşmagynyň ykrarnamasy boldy. Munuň özi şu ýyl BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň 30 ýyllygyny belleýän ýurdumyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar. Şol syýasat bolsa durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, hemmeler üçin adalatly we abadan geljegi gurmaga gönükdirilendir.

Ählumumy ykdysadyýetiň, söwda we maýa goýum gatnaşyklarynyň bölünmegini, dünýäniň üstaşyr ulag ulgamynyň tertibiniň üýtgemegini öz içine alýan geosyýasy durnuksyzlygyň barha ýitileşýän häzirki şertlerinde BMG-niň bu maslahaty deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň öňünde täze döreýän meselelere jogap tapmagy, olaryň ösüşi üçin ugurlary agtarmagy we dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagy üçin halkara bileleşigiň tagallalaryny işjeňleşdirmegi maksat edinýär. “Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek” öňde boljak forumyň esasy mowzugydyr. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň söwda, syýahatçylyk, maýa goýum meselelerinde köp babatda goňşularyna garaşly bolýandygy sebäpli, hyzmatdaşlyk olar üçin uly ähmiýete eýedir. Hyzmatdaşlygyň binýadynda duran ynanyşmak ýörelgesiniň parahatçylygy we ösüşi üpjün etmekdäki möhüm ähmiýeti bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul eden “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamasynda hem aýratyn nygtalýar.

Awaza forumy infrastrukturalary ösdürmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak maksady bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, tejribe alyşmaga, innowasion çözgütleri tapmaga hem-de serişdeleri çekmäge gönükdiriler. BMG-niň resmi web saýtyndaky maglumatlarda bellenilişi ýaly, bu maslahatda DÇBÖBÝ-niň mümkinçiliklerini ýüze çykarmaga ýardam bermek maksady bilen, her biriniň özbaşdak garaýşy we innowasion çözgütleri bolan dürli toparlar bilen hem işjeň çäreler alnyp barlar.

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny ýeňip geçmekde strategiýalary ara alyp maslahatlaşmaga we işläp düzmäge köp sanly gyzyklanma bildirýän taraplar öz goşantlaryny goşup bilerler. Şunlukda, BMG-niň wekilçilikli maslahatyna raýat jemgyýetiniň gatnaşmagyna ýerli derejeli subýektleriň garaýyşlaryny giň köpçülige ýetirmäge, abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde DÇBÖBÝ-niň kuwwatyndan peýdalanmak üçin bu ýurtlaryň ykdysadyýetini ösdürmäge ýardam bermek boýunça täze çäreler toplumyny kabul etmek babatda goldawlary çekmäge mümkinçilik berýän esasy şert hökmünde garalýar. Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin bazarlara elýeterliligi üpjün etmegiň ýollaryny kesgitlemäge gönükdirilen Hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine hususy pudagyň işjeň gatnaşmagy möhüm ähmiýete eýe bolar.

Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna görä, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar 570 milliondan gowrak adamy bolan ösýän bazary özünde jemleýär. Çaklamalara görä, bu görkeziji 2060-njy ýyla çenli 1 milliarddan geçer. Häzirki wagtda bu bazaryň göwrümi 836 milliard amerikan dollary möçberinde bahalandyrylýar. Bu ýurtlardaky telekeçilik işi ýerli talaplary we ýagdaýlary hasaba alyp, ykdysady mümkinçilikleri döretmäge täze itergi bermegiň çeşmesi bolup hyzmat edip biler. Transmilli kompaniýalaryň maýa goýum işine, halkara söwda amallaryna gatnaşmagy arkaly DÇBÖBÝ ählumumy we sebit önümçilik-üpjünçilik zynjyrlaryna goşulyşyp bilerler.

BMG halkara derejeli çözgütleriň işlenip taýýarlanylmagynda ýaşlaryň pikir-garaýyşlarynyň, teklipleriniň hasaba alynmagynyň möhümdigini ykrar edýär. Şunuň bilen baglylykda, Awaza forumyna ýaşlaryň çekilmegi olarda öz ýurtlaryndaky we sebitlerindäki oňyn üýtgeşmelere dahyllylyk duýgusyny oýarmaga, şeýle özgerişlikler üçin jogapkärçiligi artdyrmaga-da ýardam eder. Maslahatyň çäklerinde DÇBÖBÝ-niň parlament ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda parlament forumy geçiriler. Ol Hereketler maksatnamasyny ilerletmek üçin dialogy ösdürmäge gönükdirilendir. Onuň jemleri boýunça deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň geljek onýyllykda durnukly ösüşine ýardam bermek maksady bilen, degişli resminamanyň kabul edilmegi göz öňünde tutulýar.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň maksatnamasynyň köpçülige ýetirilen deslapky taslamasynda açylyş dabarasyndan öňinçä birnäçe çäreleriň guralmagy göz öňünde tutulýar. Hususan-da, 4-nji awgustda raýat jemgyýetiniň forumynyň hem-de ýaşlar we parlament forumlarynyň açylyş dabaralaryny geçirmek bellenilen. Hususy pudagyň forumyny hem-de ýaşlaryň arasyndaky dialogy bolsa 5-nji awgustda geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de maslahatyň çäklerinde zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy we beýleki ugurdaş çäreler guralar.

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçirmek babatda ylalaşmalar hakynda Ylalaşyga laýyklykda, BMG-niň degişli düzümleriniň gatnaşmagynda bu maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça giň gerimli işler alnyp baryldy. Döwlet Baştutanymyzyň 4-nji iýulda gol çeken degişli Karary hem şu wezipelere gönükdirilendir. Şunda 13-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda guramaçylyk döwlet toparynyň maslahatyny geçirendigini bellemelidiris. Onda giň gerimli halkara çärelere taýýarlyk görmegiň we olary geçirmegiň dürli ugurlaryna garaldy hem-de alnyp barlan işlere baha berlip, öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, maslahatyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Geçiriljek çäreler 7 sany esasy ugry, ýokary derejeli forumlary, maslahata gatnaşjak ýurtlar, halkara guramalar we düzümler, şeýle-de ýurdumyz tarapyndan guraljak ugurdaş çäreleri öz içine alýar. Ýerüsti ulag we arabaglanyşyga, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, ýaşlar syýasatyna, durnukly energetika, sirkulýar ykdysadyýete bagyşlanan çäreler; tematik sergiler, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleri hem-de medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti şolaryň hataryndadyr. 18-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde brifing geçirilip, onda bu giň gerimli çäräniň durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekde netijeli meýdança boljakdygyna ynam bildirildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 24-nji iýulda Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny ýokary derejede geçirmek babatda guramaçylyk döwlet toparynyň alyp barýan taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen ýakyndan tanşandygyny hem nygtamak gerek. Türkmen halkynyň Milli Lideri “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň köp sanly daşary ýurtly wekiliýetleri we myhmanlary kabul etmäge taýýarlyk derejesine baha bermegi Türkmenbaşy Halkara howa menziliniň döwrebap enjamlaşdyrylyşy, bu ýerde döredilen şertler we hödürlenilýän hyzmatlar bilen tanyşlykdan başlady. Howa menziliniň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak babatda geçirilen toplumlaýyn işler Awaza forumyna gatnaşyjylary türkmen myhmansöýerliginiň gadymdan gelýän däplerine laýyklykda garşylamaga mümkinçilik berýär. Halkara foruma taýýarlyk görmegiň çäklerinde Döwlet migrasiýa gullugynyň işini kämilleşdirmek, döwrebap migrasiýa hyzmatlaryny bermek üçin innowasion tejribäni yzygiderli ornaşdyrmak boýunça degişli işler geçirildi. Şunuň bilen birlikde, howa menziliniň çäklerinde ýerleşýän söwda nokatlarynda ýokary hilli hyzmatlary hödürlemek, daşary ýurtly myhmanlar üçin ýörite sowgatlyklary taýýarlamak babatda anyk çäreler görüldi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenbaşy Halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň üstki gatlagynyň ýagdaýyny hem gözden geçirdi. Uçuş-gonuş zolagy döwrebaplaşdyrylanda howa gämileriniň howpsuz uçmagynyň we gonmagynyň üpjün edilmegi üçin innowasion çemeleşmelerden, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden peýdalanyldy.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda Hazaryň türkmen kenarynda dünýä ýurtlarynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze derejä çykarmakda uly ähmiýeti bolan halkara duşuşyklar, forumlar, konsertlerdir festiwallar yzygiderli geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, guraljak dabaralar ýurtlaryň arasynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga, dostlukly halklaryň medeniýetinde we sungatynda gazanylan üstünlikler bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam bermek bilen, foruma gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak ýatlamalary galdyrar.

Milli Liderimiz maslahatyň ähmiýeti barada aýdyp, taýýarlyk işleriniň ähli tapgyrlarynda toplumlaýyn çemeleşmäniň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu babatdaky meseleler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna saparynyň çäklerinde geçiren iş maslahatynyň hem esasy özenini düzdi. Hormatly Arkadagymyz häzirki wagtda foruma taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan degişli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Maslahatda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerini abadanlaşdyrmak, daşary ýurtly myhmanlara lukmançylyk we söwda hyzmatlaryny hödürlemek üçin myhmanhanalarda zerur şertleri döretmek meselelerine-de garaldy. Şunuň bilen bir hatarda, forumy we onuň çäklerinde geçiriljek çäreleri giňden beýan etmek üçin internet serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyna aýratyn üns berildi.

Umuman, şeýle wekilçilikli forumy kabul etmek ýurdumyz üçin belent mertebedir. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hukugynyň Türkmenistana berilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň görkezijisidir.

(TDH)



01.08.2025