Новости
Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň ileri tutýan strategik ugrudyr

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mejlisine gatnaşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisiniň ilkinji gününe gatnaşdy we çykyş etdi.

Türkmenistan hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen döwlet bolmak bilen, parahatçylygyň, durnuklylygyň, özara düşünişmegiň işjeň tarapdary hökmünde halkara giňişlikde möhüm orny eýeleýär. Bitaraplyk ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ähli ugurlaryndan eriş-argaç bolup geçýän esas goýujy taglymatdyr.

Ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilikli orny gapma-garşylyklaryň öňüni almaga we olary diplomatik ýollar arkaly çözmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarda öz beýanyny tapýar. Türkmenistan ynanyşmagy, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam bermek bilen, dürli döwletleriň hem-de sebitleriň arasynda dialog üçin meýdança bolup hyzmat edýär. Şeýle-de ýurdumyz durnukly ösüş, ekologik howpsuzlyk, ynsanperwer hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly başlangyçlary işjeň öňe sürýär. Munuň özi Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli tagallalarynyň möhüm bölegi bolup durýar. Döwletimiziň BMG-niň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we ekologiýa bilen bagly ählumumy maksatnamalaryna gatnaşmagy onuň bu ugurdaky tagallalara jogapkärçilikli çemeleşýändigini we dünýäde durnuklylyga, abadançylyga gönüden-göni täsir edýän meseleleriň çözgüdine goşant goşmaga taýýardygyny görkezýär.

...Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ştab-kwartirasyna bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar hem-de bilelikde surata düşdüler. Soňra plenar mejlis öz işine başlady we gatnaşyjylara söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz çykyş edip, sözüniň başynda mejlise gatnaşyjylary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň öz işine başlamagy bilen gutlady we hemmelere netijeli işlemegi arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz hanym Annalena Berbogy Baş Assambleýanyň Başlygy wezipesine saýlanylmagy bilen gutlap, ozalky sessiýanyň dowamynda Baş Assambleýanyň işine netijeli ýolbaşçylyk edendigi üçin ilçi Filemon Ýanga minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz dünýäniň häzirki ýagdaýynyň, syýasy, ykdysady, durmuş prosesleriniň häsiýetiniň we meýilleriniň döwletlerden hem-de halkara guramalardan esasy umumy maksady gazanmagyň — parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, mundan beýläk-de okgunly ösüş üçin şertleri döretmegiň, häzirki zaman dünýä gurluşynyň binýadynda goýlan hukuk esaslaryny gorap saklamagyň bähbidine utgaşykly hyzmatdaşlygy talap edýändigini belläp, Türkmenistanyň Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynyň esasy wezipelerine hut şu nukdaýnazardan seredýändigini we berk deňagramly hem-de howpsuz dünýä arhitekturasyny döretmekde oňa uly umyt baglaýandygyny nygtady.

Halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup durýar. Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde öz jogapkärçiligine düşünip, hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek ýagdaýyny, ählumumy hem-de sebit derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply esasy we kesgitleýji şert hökmünde özara hormat goýmak dialogyny döretmäge gönükdirilen anyk çäreleri mundan beýläk-de amala aşyrmaga taýýardyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we häzirki wagtda bitaraplyk ýörelgeleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň bu wezipeleri ilerletmekde hem-de ýerine ýetirmekde iň netijeli gurallaryň biridigine berk ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine “Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna” atly aýratyn bendi girizmek başlangyjyny öňe sürdi. Dünýä jemgyýetçiliginiň bitaraplygyň wajypdygyna, BMG-niň parahatçylyk döredijilikli strategiýasynda onuň mümkinçiliklerine we gurallaryna düşünýändiginden ugur alyp, ol möhüm diýlip hasaplanýar. Bu ugry dowam etdirmek bilen, Türkmenistan şu gezekki sessiýanyň dowamynda “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini üpjün etmek hem-de pugtalandyrmak işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” atly Kararnamanyň taslamasyna seretmegi teklip eder.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Baş Assambleýa tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Bu şanly waka BMG-niň döredilmeginiň ýubileýine gabat gelýär. Şu ýylyň dekabrynda Türkmenistanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp, ýokary derejeli iri halkara forum geçiriler. Bu foruma BMG-niň strategik maksatlaryny gazanmaga anyk goşant hökmünde garaýarys we oňa giň halkara wekilçiligiň gatnaşjakdygyna umyt edýäris. Döwlet çemeleşmeleriniň dünýäniň ösüş meýillerine ýakynlaşmak prosesi, ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýola goýulmagy hem-de pugtalandyrylmagy ulgamlaýyn, yzygiderli häsiýete eýe bolmalydyr diýip hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti meseleleri boýunça bütindünýä sammitini geçirmek başlangyjyny öňe sürýär. Halkara ynanyşmagyň ählumumy kodeksini işläp taýýarlamak sammitiň esasy wezipeleriniň biri bolar. Bu kodeks ýurtlaryň arasynda özygtyýarlylyga we çäk bitewüligine hormat goýmak, dünýä meselelerini bilelikde çözmek we hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda gatnaşyklary ýola goýmak üçin köpugurly esas bolup hyzmat eder.

Ählumumy parahatçylygy, özara düşünişmegi üpjün etmek meselelerine häzirki zaman ösüşiniň ugurlary, medeni we ruhy gatnaşyklary gorap saklamagyň hem-de ýakynlaşdyrmagyň zerurdygy bilen aýrylmaz baglanyşykda garaýarys. Bu babatda ýüzýyllyklaryň dowamynda Gündogar bilen Günbataryň arasynda medeni köpri bolan Merkezi Aziýa häzirki günde öz taryhy wezipesini gaýtadan dikeldip, dialog, hyzmatdaşlyk babatda dünýägaraýyşlary we gymmatlyklary ýakynlaşdyrmak üçin giňişlik bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şundan ugur alyp, Türkmenistanyň şu gezekki sessiýanyň dowamynda BMG bilen hyzmatdaşlykda hem-de sebitiň ýurtlarynyň, beýleki gyzyklanma bildirýän döwletleriň, halkara institutlaryň gatnaşmagynda “Merkezi Aziýa — parahatçylykda ýaşamagyň giňişligi” atly halkara forumy geçirmegi teklip etjekdigine ünsi çekdi. Şeýle hem Türkmenistan Baş Assambleýanyň garamagyna Halkara araçylyk gününi yglan etmek hakynda Kararnamanyň taslamasyny hödürlär. Bu Kararnama gapma-garşylyklaryň öňüni almakda we kadalaşdyrmakda diplomatiýanyň hem-de bitarap meýdançalaryň ähmiýetini nygtar.

Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gatnaşmak, onuň ulag we energetika ýaly esasy ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu mesele boýunça köptaraplaýyn dialogyň merkezleriniň biri bolmak bilen, Türkmenistan adalatly, deňagramly we inklýuziw halkara ösüş ulgamyny döretmäge ýardam bermegini dowam etdirer. Şu gezekki sessiýanyň dowamynda degişli Kararnamanyň taslamasyny hödürläp, 2026 — 2035-nji ýyllar üçin “BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny” yglan etmek başlangyjyny öňe süreris diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi hem-de munuň ulag geçelgelerini ösdürmek, olaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmak we ähli ýurtlar üçin elýeterliligini üpjün etmek üçin halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle-de ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlär.

Häzirki wagtda sanly özgertmeler ösüş gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleriniň hatarynda durýar. Bu prosesiň deňagramly häsiýete eýe bolmalydygyna, onuň ähli döwletleriň, şol sanda ösüp barýan ýurtlaryň kanuny bähbitlerini göz öňünde tutmalydygyna, syýasylaşdyrylmakdan we birtaraplylykdan azat bolmalydygyna ynanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan deňhukuklylyk, ynanyşmak we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň zyýanyna ulanylmagyna ýol bermezlik ýörelgelerine esaslanýan Sanly integrasiýa boýunça bütindünýä platformasyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etmegi meýilleşdirýär.

80-nji sessiýanyň dowamynda Türkmenistan ekologiýa we howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça işleri-de dowam eder hem-de bu meselelere howpsuzlygy üpjün etmegiň, howa, ekologiýa we tehnogen hadysalara gözegçilik etmegiň köptaraplaýyn gurallaryny döretmek boýunça binýatlaýyn çemeleşme hökmünde yzygiderli esasda garalmagyny maksat ediner. Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürýär. Şeýle merkeziň döredilmegi sebit mümkinçiliklerini birleşdirmäge, daşky gurşawy goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berer, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga, hususan-da, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, gury ýeriň ekoulgamlaryny gorap saklamak işine saldamly goşant goşar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe sürlen, Hazar deňziniň ekoulgamyny gorap saklamak üçin halkara platformany döretmäge gönükdirilen Hazar ekologik başlangyjyny ilerletjekdigini nygtady. Hazar ekologiýa forumy bu ugurda möhüm ädim bolar. Döwlet Baştutanymyz ony 2026-njy ýylda geçirmegi teklip edip, häzirki wagtda giň ynsanperwer hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin BMG-niň ornuny pugtalandyrmagyň, halklary ýakynlaşdyrmaga we olaryň arasynda özara düşünişmegi berkitmäge, ruhy-medeni gymmatlyklaryň tapawutlylygyndan gelip çykýan päsgelçilikleri aradan aýyrmaga, medeni diplomatiýanyň netijeli ýollaryny herekete getirmäge ýardam bermegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz medeniýetleriň arasynda dialogy ösdürmek we Baş Assambleýanyň halkara gatnaşyklarda köpdilliligi goldamak boýunça Kararnamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin Köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi yglan etmegi teklip etdi.

Türkmenistan hemişe ähli halkara başlangyçlaryny BMG-niň Tertipnamasyna we esas goýujy resminamalaryna, uzak möhletli maksatlaryna laýyk getirýär. BMG bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň ileri tutýan strategik ugry bolup durýandygyny hemişe nygtamagymyz tötänden däldir. Biz BMG-niň köpugurly ygtyýarlyklara eýe bolan ýeke-täk halkara guramadygyny ynam bilen aýdýarys. Birleşen Milletler Guramasy parahatçylygyň we ösüşiň kepili, ählumumy howpsuzlygyň, durnuklylygyň binýady bolmagynda galmalydyr. Türkmenistan halkara işlerde BMG-niň eýeleýän esasy ornuny pugtalandyrmak ugrunda yzygiderli çykyş etmegini dowam etdirer. Şunda halkara hukugyň berkidilmegini, halkara kadalaşdyryş binýadynyň kämilleşdirilmegini, BMG-niň konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň we beýleki köptaraplaýyn resminamalarynyň durmuşa geçirilişiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny munuň esasy şerti diýip hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de Türkmenistanyň 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürýändigini belledi we munuň parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň halkara hukuk binýatlaryny pugtalandyrmakda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Şu mejlis Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýete eýedir. 30 ýyl mundan ozal şu ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Ol ýurdumyz üçin taryhy waka bolup, Türkmenistanyň geljekki daşary syýasy we halkara işini kesgitledi. Biziň Bitaraplygymyzyň halkara derejede ykrar edilmegi daşarky amatly şertleri üpjün edip, döwletimiziň içerki ösüşini işjeňleşdirmäge ýardam berdi diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň halkynyň adyndan BMG-ä agza döwletlere, tutuş dünýä jemgyýetçiligine 1995-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen we Baş Assambleýanyň soňky iki Kararnamasy bilen tassyklanan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny ykrar etmek baradaky çözgüt üçin minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň özüne bildirilen ynamy hemişe ýatda saklajakdygyny we öz üstüne alan halkara borçnamalaryna pugta eýerjekdigini aýdyp, ähli wekiliýetleri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek gutlady we hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz Nýu-Ýorkuň Jon F.Kennedi adyndaky Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Watanymyza ugrady. Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň plenar mejlisiniň ilkinji gününe gatnaşmagy we onda çykyş etmegi diňe bir Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, halkara hukugyň esas goýujy ýörelgelerine ygrarlydygyny subut eden waka bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga goşant goşmaga hem taýýardygyny aýdyň görkezen möhüm waka boldy. Türkmenistan hemişelik Bitaraplygyň halkara giňişlikde parahatçylygy, durnuklylygy we özara düşünişmegi ilerletmek üçin netijeli gural bolup durýandygyny dünýä äşgär edip, tutuş adamzadyň durnukly geljegi üçin öz döredijilikli başlangyçlaryny işjeň durmuşa geçirmegini mundan beýläk-de dowam etdirer.

(TDH)


Beýleki habarlar
25.09.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlyk gününe görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen tanyşdy

Aşgabat, 24-nji sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Aşgabat atçylyk sport toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleri we toplumyň döwrebaplaşdyrylyşy bilen tanyşdy.

Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, olaryň dünýädäki şöhratyny belende götermek bilen bagly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Bu bolsa toý-baýramlaryň bezegine öwrülen bedewleriň halkymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýändigini görkezýär.

...Häzirki wagtda Aşgabat atçylyk sport toplumynda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyna taýýarlyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Toplumyň döwrebaplaşdyrylmagy onuň keşbine özboluşly öwüşgin çaýdy. Milli Liderimiz bu ýerde amala aşyrylan işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, olaryň baýramçylyk dabaralaryny guramaçylykly geçirmekde, at çapyşyklarynyň ýokary derejesini üpjün etmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna ünsi çekdi.

Atçylyk sport toplumynyň tutuş çägi häzirki zaman talaplaryna we ýokary ekologik derejä laýyklykda döwrebaplaşdyryldy. Şeýlelikde, ol halkara görkezijilere gabat gelýän ýokary netijeli atçylyk sport toplumyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz toplumyň ekologik ýagdaýynyň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny, bu ýerde döredilýän gök zolaklaryň ugurdaş desgalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini belledi.

Milli Liderimiz türkmen halkynyň “At agynan ýerde toý bolar” diýen paýhasly jümlesinden ugur alnyp, ahalteke bedewleriniň ýurdumyzda bellenilýän toý-baýramlaryň esasy bezegine öwrülendigini aýdyp, bu ýerde bedewlerdir çapyksuwarlar üçin bolşy ýaly, dabaralara gatnaşjak köp sanly myhmanlar, janköýerler üçin hem ähli zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi. Şunda baýramçylyk çapyşyklarynyň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy at çapyşyklary mynasybetli guraljak dabaralaryň medeni maksatnamasynyň hemmetaraplaýyn esasda taýýarlanylmalydygyny aýdyp, baýramçylyk günlerinde ýaýbaňlandyryljak çykyşlaryň halkymyzyň durmuşynda mäkäm orun alan ahalteke bedewleriniň şöhratynyň özboluşly waspyna öwrülmelidigini nygtady.

Hormatly Arkadagymyz toplumyň ýörite meýdançasynda Hanbeg atly bedewe atlanyp, aýlawyň çäginde gezim etdi, şeýle-de toplumyň çapuw ýodasynyň, oňa düşelen çägäniň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Çapuw ýodasynyň üpjünçiligi häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidir. Onda at çapyşyklaryny guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur mümkinçilikler döredilmelidir. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň seýisleriniň we atşynaslarynyň bir ýerde jemlenip, toplumyň çapuw ýodasynyň ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaklarynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Munuň özi çapuw ýodalarynyň milli atşynaslyk ýörelgeleri we köpýyllyk tejribe esasynda döwrebaplaşdyrylmagynda, olaryň ýokary halkara kadalara laýyk gelmeginde ähmiýetli bolar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara öz maslahatlaryny berdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe behişdi bedewler gaýtalanmajak gözelligi bilen dünýäde meşhurlyk gazandy. Munuň özi atşynaslaryň taryhyň dowamynda ajaýyp bedewleri ýetişdirmek ugrunda çeken yhlasly zähmetiniň netijesidir. Milli Liderimiz bu işleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilmegi babatda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda zerur tagallalaryň edilýändigini aýdyp, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi.

Gahryman Arkadagymyz türkmen atşynaslarynyň asyrlaryň dowamynda bedewleri seýislemegiň milli mekdebini döredendigini, häzirki wagtda ahalteke bedewleriniň aýratyn üns-alada bilen gurşalandygyny belledi. Ýurdumyzda ýelden ýüwrük bedewleri köpeltmek, milli atçylyk däplerini gaýtadan dikeltmek, atçylyk sportuny ösdürmek, ussat çapyksuwarlary taýýarlamak, uzak aralyklara atly ýörişleri geçirmek, päsgelçiliklerden böküp geçmek ýaly ugurlaryň netijeli ösdürilmegi babatda ähli zerur şertler döredilýär. Halkymyz gadymy döwürlerden bäri toý-baýramlarda milli buýsanjymyza öwrülen bedewleriň çapyşyklaryny gurapdyr. Häzirki döwürde at çapyşyklarynyň geçirilmegi, şanly seneleriň hormatyna baýramçylyk çapyşyklarynyň guralmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi gözelligi we ýyndamlygy bilen göreni haýrana goýýan ahalteke bedewlerine goýulýan hormat-sarpanyň aýdyň nyşanydyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabat atçylyk sport toplumynda geçiriljek baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi ugrunda bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyna ünsi çekip, baýramçylyk mynasybetli işlenip taýýarlanan maksatnamany ýokary derejede amala aşyrmakda hemmelere üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna tarap ugrady.

Häzirki döwürde Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän toplumda döwrebaplaşdyrmak işleri batly depginde dowam edýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bar bolan atçylyk toplumlarynyň we aýlawlaryň talabalaýyk derejede saklanmagyna, olarda döwrebap mümkinçilikleriň döredilmegine, toplumlaryň tutuş çäkleriniň abadanlaşdyrylmagyna, gök zolaklaryň döredilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda ýerine ýetirilýän işler hem häzirki zaman talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar.

Gahryman Arkadagymyz toplumdaky işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, bu ýerde bedewler, atbakarlaryň netijeli işiniň üpjün edilmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde behişdi bedewleriň şöhratly taryhynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilmegine mynasyp goşant goşýan atşynaslaryň zähmeti höweslendirilmelidir. Milli Liderimiz ynsan bilen bedewiň arasyndaky baglanyşygyň mizemezdigini, milletimiziň buýsanjyna öwrülen ajaýyp bedewleriň eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän toý-baýramlaryň esasy bezegi bolup durýandygyny, Watanymyzyň ösüşleriň, beýik ýeňişleriň belentliklerine tarap batly gadamlarynyň bolsa bedew badyna deňelýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bedewler we olary seýislemek, atlaryň saglyk ýagdaýyny yzygiderli gözegçilikde saklamak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Gahryman Arkadagymyz hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

25.09.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Eswatininiň Patyşasy bilen duşuşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Eswatininiň Patyşasy Mswati III bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler birek-biregi mähirli mübärekläp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň çäklerinde duşuşmaga we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlary barada pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Eswatininiň Patyşasy şu ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejesini belledi hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, bu maslahatyň Türkmenistanda geçirilmegi onuň dünýä giňişliginde durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça tagallalarynyň ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär. Bu forum deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda gülläp ösüşi üpjün etmek maksady bilen, milli, sebit we ählumumy derejede hereketleri hem-de integrasion tagallalary utgaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, Mswati III Türkmenistanyň bu ugurda eýeleýän işjeň ornuna ýokary baha berdi.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesi esasynda dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýandygyny, şunda Afrika ýurtlary bilen gatnaşyklara-da uly ähmiýet berilýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Eswatini Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnama gol çekilmegi wajyp ähmiýete eýe boldy. Munuň özi iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmek üçin möhüm binýat bolup hyzmat eder.

Taraplar iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň uzak möhletli, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin berk binýady döretjekdigine, Türkmenistan bilen Eswatininiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklaryny ýakynlaşdyrmaga ýardam berjekdigine, parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Eswatininiň Patyşasy Mswati III birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

(TDH)

24.09.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabah bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we olary ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, şu duşuşygyň netijeleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler. Kuweýtiň Mirasdüşer Şazadasy pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Kuweýt bilen deňhukukly gatnaşyklary we özara hormat goýmaga esaslanýan hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Mirasdüşer Şazada Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabaha mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Söhbetdeşler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Kuweýt Döwletiniň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn derejede, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki halkara guramalaryň çäklerinde netijeli ösdürilýär. Iki ýurduň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen bagly garaýyşlarynyň meňzeşligi ýa-da ýakynlygy hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin oňyn şertleri döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Bitarap Türkmenistanyň halkara bileleşigiň işjeň agzasy bolmak bilen, ählumumy bähbide gönükdirilen oňyn başlangyçlary öňe sürýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, ýurdumyzyň başlangyçlaryna berýän goldawy üçin Kuweýt tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Şunda Türkmenistanyň hem Kuweýtiň netijeli başlangyçlaryny goldamagyny dowam etdirjekdigi tassyklanyldy.

Söhbetdeşler ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezdiler. “Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi we baý tebigy gorlara eýe bolmagy halkara derejede iri taslamalary öňe sürmäge şert döredýär. Biz Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi ýaly iri energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk edip bileris” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.

Söhbetdeşler iki ýurduň arasynda eksport-import mümkinçiliklerini artdyrmak, özara haryt dolanyşygyny ösdürmek, ykdysady hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny bellediler we ikitaraplaýyn maslahatlaşmalaryň, dürli ugurlar boýunça sergileriň yzygiderli geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtadylar. Hormatly Prezidentimiz medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, sport we syýahatçylyk ýaly ugurlarda-da özara hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, Türkmenistanyň Kuweýt tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini, bu wakanyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigini belledi we Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabahy şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy. Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabah döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbidine ugurlaryň giň gerimi boýunça mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

(TDH)

24.09.2025
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.

Duşuşygyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyz BMG-niň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Soňra hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň baýdaklarynyň öňünde ýadygärlik surata düşdi.

Döwlet Baştutanymyz Baş sekretary BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlap, Baş Assambleýanyň işiniň mundan beýläk-de ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu ýyl dünýäde iň abraýly guramalaryň biri bolan Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygynyň bellenilýändigini aýdyp, bu şanly sene mynasybetli Antoniu Guterrişi we guramanyň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ähli işgärlerini tüýs ýürekden gutlady hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideriniň BMG-niň Baş sekretaryna iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Antoniu Guterriş Gahryman Arkadagymyza salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, şu gezekki duşuşyga Türkmenistanyň BMG bilen möhüm meseleler boýunça hyzmatdaşlygynyň özboluşly dowamy hökmünde garaýandygyny aýtdy hem-de sebit we ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdine ýurdumyzyň goşýan goşandyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz geçen 80 ýylyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça ägirt uly işleriň amala aşyrylandygyny aýdyp, bu maksatlara ýetmek üçin Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi bilen köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Bitarap döwlet bolmak bilen, Türkmenistan halkara giňişlikde işjeň syýasaty alyp barýar, BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen uzak ýyllaryň dowamynda netijeli gatnaşyklary dowam etdirýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny muňa aýdyň mysal hökmünde görkezmek bolar.

Antoniu Guterriş bu maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistana hoşallyk bildirip, forumyň we onuň dowamynda kabul edilen resminamalaryň BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň meselelerini çözmek boýunça alyp barýan işinde täze tapgyry açandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Awaza syýasy Jarnamasynyň we Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň netijeli durmuşa geçirilmegini gazanmagy maksat edinýändigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, ýurdumyz sebitiň döwletleri bilen ählumumy parahatçylygyň, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyň bähbidine hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydyr. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi tarapyndan soňky ýyllarda öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek babatda netijeli işler alnyp baryldy, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri döredildi we anyk işler durmuşa geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini, bu wakanyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigini aýtdy we Antoniu Guterrişi şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.

BMG-niň Baş sekretary çakylyk üçin hoşallyk bildirip, baý taryhy we özboluşly medeni mirasy bolan Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýada hem-de dünýä giňişliginde parahatçylyk taglymlaryny ilerletmekde möhüm ornuny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly, jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagy we giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklap, ýurdumyz bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan goşandy üçin Baş sekretara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

(TDH)

24.09.2025
Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylyk döredijilikli taglymat

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşdy

Nýu-Ýork, 22-nji sentýabr (TDH). Şu gün Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli Baş Assambleýanyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşdy.

Mejlisiň öňüsyrasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň zalynda Maýkl Tilmanyň ýolbaşçylygynda “Umyt üçin aýdym” atly ýaşlar horunyň, “Metropoliten” horunyň, pianinoçy Dewid Wotkinsiň çykyşlaryna tomaşa edildi. Konsertden soňra, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy hanym Annalena Berbok çykyş etdi. Soňra Milletler Bileleşiginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan wideofilm görkezildi.

Wideofilm tamamlanandan soň, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş çykyş etdi. Şeýle hem mejlisiň dowamynda Liberiýanyň ozalky Prezidenti hanym Elen Jonson-Serlif, Norwegiýanyň ozalky Premýer-ministri hanym Gru Harlem Bruntlan, parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi hanym Mariýa Ressa parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi we adam hukuklaryny üpjün etmekde Birleşen Milletler Guramasynyň orny barada çykyş etdiler. Parahatçylyk boýunça ilçi, şahyr hanym Marýam Bukar Hassanyň çykyşy çärä aýratyn many-mazmun berdi.

Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde parahatçylygy, durnuklylygy we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň bu hukuk ýagdaýy ählumumy howpsuzlyga işjeň goşant bolmak bilen, Watanymyzyň halkara giňişlikde öňe sürýän möhüm başlangyçlarynda öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň 19-njy sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň gymmatlygydyr. Bitaraplyk biziň parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan işlerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Bu taglymat eziz Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana halkymyza täze üstünlikleri gazanmaga güýç-kuwwat berýär. Ýurdumyzyň döwletleriň arasynda parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen başlangyçlary halkara bileleşikde giň goldawa eýe bolýar. Muňa eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üçünji gezek ykrar edilmegi hem şaýatlyk edýär. Dünýäde üç gezek ykrar edilen Bitarap ýurt eziz Watanymyz Türkmenistandyr.

Parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlary öňe sürmek Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz gapma-garşylyklaryň öňüni almaga we döwletleriň arasynda dialogy goldamaga gönükdirilen başlangyçlary işjeň ilerledýär. Bu ugurdaky tagallalar Türkmenistanyň BMG-niň ýörelgelerine ygrarlydygyny, ählumumy meseleleri çözmekde bu guramanyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýändigini görkezýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul eden Kararnamalary parahatçylyk meseleleri boýunça halkara gün tertibini emele getirmekde möhüm orny eýeleýär. 2023-nji ýyly “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýip yglan etmek baradaky Kararnama şolaryň iň ähmiýetlileriniň biri bolup, onda gapma-garşylyklary çözmek üçin netijeli dialogyň möhümdigi nygtalýar. Türkmenistanyň bu başlangyjy BMG-ä agza döwletler tarapyndan giň goldawa eýe boldy.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen ýene bir wajyp resminama 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamadyr. Bu başlangyç hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlüp, BMG-niň Baş Assambleýasynda biragyzdan goldanyldy. Bu resminamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli taglymlary ilerletmäge goşýan goşandynyň ykrarnamasy bolup, ýurdumyzyň dünýä ýurtlaryny umumy gymmatlyklaryň daşynda jebisleşdirmäge ukyply bitarap döwlet hökmünde eýeleýän ornuny alamatlandyrýar.

2025-nji ýylda iki sany möhüm sene — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bellenilýär. Bu iki ýubileý senäniň gabat gelmegi Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky taryhy arabaglanyşygy görkezýär. Ýurdumyz Bitaraplyga eýe bolan wagtyndan bäri geçen taryhy döwürde bu halkara hukuk derejesiniň parahatçylyga ýardam bermek üçin netijeli gural bolup durýandygyny subut etdi. Türkmenistan deňhukuklylyk, beýleki döwletleriň özygtyýarlylygyna hormat goýmak, içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerine esaslanýan açyk daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Bu syýasat ýurdumyza dürli döwletler, şol sanda sebitdäki goňşy ýurtlar bilen sazlaşykly gatnaşyklary alyp barmaga mümkinçilik berýär.

“Dialog — parahatçylygyň kepili” başlangyjy Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlykdaky iň möhüm başlangyçlarynyň biri bolup, ol gapma-garşylyklaryň öňüni almak, halklaryň arasynda ynanyşmagy pugtalandyrmak üçin esasy gural hökmünde dialogy ösdürmäge gönükdirilendir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy hökmünde öňe sürlen bu başlangyç dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe boldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bu başlangyjy ösmegini dowam etdirýär we Türkmenistan ony ählumumy derejede ilerletmek üçin Milletler Bileleşigi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.

“Dialog — parahatçylygyň kepili” başlangyjy diňe bir syýasy ugurlary däl, eýsem, özara düşünişmäge ýardam berýän medeni alyşmalary hem öz içine alýar. Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda dürli çäreleri geçirip, milli medeniýetimizi parahatçylyk döredijiligiň guraly hökmünde görkezýär. Munuň özi ählumumy raýdaşlygy pugtalandyryp, parahatçylygy üpjün etmekde medeniýetiň eýeleýän ornuny nygtaýar. Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistan guramanyň dürli edaralarynyň, şol sanda Baş Assambleýanyň we Howpsuzlyk geňeşiniň işine işjeň gatnaşyp, öz parahatçylyk döredijilik işi barada yzygiderli hasabatlary berýär, ählumumy gün tertibi boýunça täze pikirleri öňe sürýär. Bu hyzmatdaşlyk diňe bir Türkmenistanyň abraýyny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, BMG-niň parahatçylygy üpjün etmek boýunça maksatlaryny durmuşa geçirmäge-de ýardam berýär.

Türkmenistan bu düzümiň çäklerinde durnukly ösüş we ekologiýa boýunça Kararnamalary hem ilerledýär. Bu resminamalar howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça ählumumy tagallalaryň maksatlaryna laýyk gelip, ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilik syýasatynyň diňe bir howpsuzlygy üpjün etmäge däl, eýsem, adamzadyň umumy öýüniň uzak möhletleýin abadançylygyna hem gönükdirilendigini görkezýär.

Ýurdumyz sebitde durnuklylygy üpjün etmek boýunça başlangyçlarda işjeň orny eýeleýär. 2022-nji ýylyň 28-nji iýulynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamanyň kabul edilmegi diňe bir sebit üçin däl, eýsem, halkara gatnaşyklaryň tutuş ulgamy üçin hem möhüm waka boldy. Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen bu resminama Ýewraziýanyň merkezinde uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň we parahatçylygyň ýörelgelerini berkidýän binýatlaýyn syýasy-hukuk resminamasy bolup durýar. Halkara Bitaraplyk gününi, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyllaryny, Merkezi Aziýany parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy diýip yglan etmek baradaky başlangyçlar ýurdumyzyň çuňňur oýlanyşykly we yzygiderli daşary syýasat strategiýasynyň netijeleridir. Türkmenistan diňe bir başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň halkara giňişlikde ykrar edilmegini we iş ýüzünde durmuşa geçirilmegini gazanmaga taýýardygyny görkezýär. Şeýle yzygiderlilik ýurdumyzyň daşary syýasy ugruna ynamy has-da pugtalandyrýar.

Türkmenistanyň tejribesi beýleki döwletler üçin nusgalyk görelde bolup, bitaraplyk ýörelgeleriniň we öňüni alyş diplomatiýasynyň parahatçylygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek üçin netijeli gural bolup durýandygyny, ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki işjeň ornunyň bolsa ählumumy meseleleriň çözgüdine goşant goşmaga mümkinçilik berýändigini görkezýär.

23.09.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylary gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Maýa goýum forumyna gatnaşyjylara Gutlag hatyny iberdi. Hatda şeýle diýilýär:

“Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýän maýa goýum forumy ýurdumyzyň senagat kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlary çekmek, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan harytlaryň täze önümçiliklerini döretmek we bar bolanlarynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksatnamalary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, Awazada geçirilýän bu çäräniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sebitleri senagatlaşdyrmaga we durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmäge, pudaklara häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, sanly ykdysadyýet konsepsiýasyny işjeň durmuşa geçirmäge, maýa goýumlary çekmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn.

Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda yzygiderli amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ýurdumyzda kabul edilen döwlet ähmiýetli orta we uzak möhletli maksatnamalaryň, meýilnamalaryň, strategiýalardyr konsepsiýalaryň netijeli amala aşyrylmagyna gönükdirilendir. Daşary ýurtly maýadarlaryň, işewürleriň, halkara maliýe-bank düzümleriniň hem-de Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, telekeçileriň arasynda netijeli gatnaşyklary giňeltmekden ugur alnyp geçirilýän bu çäre durmuşyň ähli ulgamlarynda durnukly ösüş hem-de täze tehnologiýalaryň peýdalanylmagy, ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçilikleri, sanly üpjünçilik ulgamy, sanly innowasion tehnologiýalar bilen baglanyşykly meseleler babatda özara tejribe alyşmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem çärä gatnaşyjylaryň Diýarymyzyň innowasion tehnologiýalar pudagynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşmagyna, hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, öndürilýän önümleriň hilini halkara derejä ýetirmäge giň şertleri döreder. Bu möhüm ähmiýetli foruma gatnaşýan myhmanlar häzirki döwürde Türkmenistanyň ösüşiniň umumy ykdysady görkezijileri, maýa goýum strategiýasy, senagat-innowasion ösüşi, önümçilik ulgamyna ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň we iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri bilen ýakyndan tanşarlar.

Hormatly adamlar! Gadyrly myhmanlar!

Ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek, ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, döwletimiziň baý tebigy we çig mal mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagy, dürli ugurlarda hususy ulgamyň önümçilikleriniň ösdürilmegi, innowasion tehnologiýalara esaslanýan pudaklara, döwrebap senagat we önümçilik taslamalaryna goýulýan maýa goýumlaryň möçberiniň artdyrylmagy bilen bagly bolup durýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýä döwletleri, halkara guramalar, şol sanda halkara maliýe we ykdysady guramalary bilen özara bähbitli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi Watanymyzyň maýa goýum kuwwatynyň artmagyna uly itergi berer.

Hormatly adamlar! Gadyrly myhmanlar!

Sizi Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.”

17.09.2025
2025-nji ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürmek wezipesi geçen aýda geçirilen köp sanly halkara çärelerde — syýasy geňeşmelerde, işewürlik gepleşiklerinde, maslahatlarda, sanly ulgam arkaly guralan okuw maslahatlarynda, medeni çärelerde ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň alyp barýan netijeli işleriniň aýdyň görkezijileridir.

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli bu forumy geçirýän ýurduň we BMG-niň baýdaklaryny galdyrmak dabarasy boldy.

Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda bu forumyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygynyň, BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilmeginiň ähmiýetine üns çekildi.

4-nji awgustda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşyklary geçirdi. Söhbetdeşler döwletara gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de netijeli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler, şeýle hem Awaza forumynyň çäklerinde serediljek meseleleriň özara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigini bellediler.

5 — 8-nji awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty geçirildi. Oňa döwlet we hökümet Baştutanlary, 100-den gowrak ýurduň, 50-ä golaý halkara guramanyň ýokary wezipeli wekilleri, dünýä belli kompaniýalaryň 20-den agdygynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu ähmiýetli wakany giňden şöhlelendirmek üçin dünýäniň 40-a golaý ýurdundan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 160-dan gowragy Türkmenistana geldi. BMG-niň guramagynda her on ýyldan bir gezek geçirilýän bu halkara maslahat deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini gazanmak, özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we bu ugurda gazanylan üstünlikleri seljermek üçin möhüm meýdança öwrüldi. Maslahatyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda köp sanly çäreler, şol sanda Parlament forumy, Raýat jemgyýetiniň forumy, Ýaşlar forumy, Hususy pudagyň forumy, Zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy, Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygy, arabaglanyşyk boýunça çäre, DÇBÖBD boýunça milli utgaşdyryjylaryň hem-de BMG-niň hemişelik utgaşdyryjylarynyň duşuşygy, «tegelek stoluň» başyndaky ýokary derejeli mowzuklaýyn söhbetdeşlikler, ugurdaş çäreler, brifingler geçirildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygy Filemon Ýangyň arasynda geçirilen duşuşykda ýurdumyz bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, halkara we sebit meýdançalarynyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigi nygtaldy.

5-nji awgustda Awazada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar goňşy döwletleriň arasynda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Patruşew, RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýow bilen duşuşdy. Duşuşyklarda döwletara gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

5-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gabatlanan çäre geçirildi. Foruma Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Prezidentiň Diwanynyň ýolbaşçysy gatnaşdylar. Munuň özi Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha belende galýandygynyň nobatdaky aýdyň mysalydyr.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Awaza maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet sekretary Marýam bint Ali Al-Misned bilen duşuşdy. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilýär.

Awaza forumynyň birinji gününiň netijeleri boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow brifing geçirdiler.

5-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimler toplumynda dostlukly ýurtlaryň milli günleriniň açylyş dabarasy boldy. Dabara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de maslahata gatnaşýan ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýet ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Halkara forumyň çäklerinde 5 — 7-nji awgust aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Gruziýanyň, Katar Döwletiniň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Saud Arabystany Patyşalygynyň, Awstriýa Respublikasynyň, Lesoto Patyşalygynyň, Portugaliýa Respublikasynyň, Butan Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň Senagat ösüşi guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasary bilen duşuşyklary geçirdi. Taraplar halkara düzümleriň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde döwletara gatnaşyklary we özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň iýulynda kabul eden Kararnamasyna laýyklykda, 6-njy awgust «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň aýratyn zerurlyklary hem-de ösüş ulgamynda olaryň öňünde durýan aýratyn meseleler barada maglumatlary ýaýratmagyň halkara güni» diýlip yglan edildi. Bu sene indi her ýylyň 6-njy awgustynda belleniler. Şanly waka bagyşlanyp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda brifing geçirildi.

Köp sanly türkmen we daşary ýurt žurnalistleriniň gatnaşmagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemlerine bagyşlanyp, 8-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen brifingde ählumumy raýdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan durnukly ösüşe batyrgaý we inklýuziw garaýyşlaryň maslahatyň çäklerinde geçirilen pikir alyşmalaryň esasyny düzendigi bellenildi. Şol gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimler toplumynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti boldy.

10-njy awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Azerbaýjanyň gatnaşmagynda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň ähmiýeti nygtaldy. Söhbetdeşler üç ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ugurlaryň giň toplumy boýunça ilerletmek babatda uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdiler.

12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi. Baýramçylyk mynasybetli sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler, mowzuklaýyn sergi we “Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Forumyň dowamynda durnukly ösüşi üpjün etmegiň çäklerinde ykdysady, durmuş, ekologik meseleleriň birnäçesiniň çözgüdini özünde jemleýän wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

20-nji awgustda Waşingtonda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň arasynda geçirilen duşuşykda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol gün türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi. Onda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň, howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy, «C5 + 1» sebitleýin platformasynyň çäginde özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meselelerine garaldy.

22-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşykda bellenilişi ýaly, sebitiň ýurtlarynyň halklaryny köpasyrlyk dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, umumy taryhy-medeni, ruhy gymmatlyklar baglanyşdyrýar. Bu bolsa köpugurly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygyň netijeleri boýunça resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasyny kabul etdiler.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

25-nji awgustda Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Duşuşygyň gün tertibine syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri girizildi. Şeýle-de parlamentara gatnaşyklary berkitmäge, halkara we sebit düzümleriniň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma beýan edildi. Mundan başga-da, hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň ýollary, energetika, ulag pudaklarynda bilelikdäki taslamalary ilerletmek bilen bagly meseleler, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar Aziýa ýurtlary we Owganystan boýunça goşmaça sekretary Saýed Ali Asad Gillaniniň arasynda geçirilen duşuşykda döwletara gatnaşyklaryň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

28-nji awgustda Moskwada Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara dialogyň netijeli ösdürilýändigi bellenildi. Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna garadylar we geljek üçin bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de BMG-niň, GDA-nyň, Hazarýaka ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň, «Merkezi Aziýa — Russiýa» formatynyň çäklerindäki türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýeti nygtaldy. Duşuşygyň ahyrynda ministrler köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Awgust aýynda zenanlardan ybarat türkmen wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynda saparda boldy. Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary birnäçe duşuşyklary geçirdiler hem-de hytaý halkynyň milli medeniýeti bilen tanyşdylar. Hususan-da, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa HHR-iň bilim ministri Huaý Szinpen, Saglygy goraýyş işleri boýunça döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Zeng Ýisin, Sun Sinlin adyndaky gaznanyň başlygy Li Bin, Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary, ŞHG-niň Hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk boýunça komitetiniň başlygy Şen Ýueýue, Şanhaý şäheriniň häkimi Gun Çžen bilen duşuşyklary geçirdi.

Şeýlelikde, geçen aýda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar, abraýly guramalar bilen geçiren köpugurly çäreleri Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda rowaçlygyň we gülläp ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygynyň aýdyň beýany boldy.

(TDH)



11.09.2025
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 6-njy sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň sekiz aýynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işler, ýurdumyzyň goranyş ukybyny has-da pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimiziň serkerdeler düzüminiň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi, olaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin döredilýän şertler, ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerinde okuw ýylynyň başlanmagy, eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň talaplaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, döwletimiziň goranmak ukybyny has-da berkitmek, Ýaragly Güýçleri döwrebap derejede ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Baş prokuror B.Muhamedow hasabat döwründe alnyp barlan işleriň netijeleri, ähli ulgamlarda kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talabalaýyk berjaý edilişine geçirilen barlaglaryň netijeleri, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işinde sanly tehnologiýalaryň we öňdebaryjy usullaryň işjeň ulanylyşy barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwlet bähbitlerini goramak, hukuk tertibini ýokary derejede üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Içeri işler ministri M.Hydyrow jemgyýetçilik tertibini saklamak, düzgün bozulmalaryň öňüni almak, Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, Içeri işler ministrliginiň düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle-de paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda sentýabr aýynyň başyndan bäri “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde dürli çäreleriň geçirilýändigi barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň parahat we asuda durmuşyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri, hususan-da, hukuk bozulmalaryň öňüni almagyň, ýangyn, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, kazyýet edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli çözmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, kazyýet işini häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada-da aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmäge gönükdirilen kazyýet işlerini mundan beýläk hem dowam etdirmegiň, kazylaryň hünär taýýarlygyny yzygiderli ýokarlandyrmagyň wajypdygyny nygtady we Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekdi.

Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew şu ýylyň sekiz aýynda ministrlik tarapyndan ýerine ýetirilen işler hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň bu düzümiň işini kämilleşdirmek babatda öňde goýan wezipelerini talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli howpsuzlyk ministrine Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny ygtybarly goramak, jemgyýetiň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Watanymyzyň serhetleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň sanly ulgamyň mümkinçiliklerini, öňdebaryjy usullary işjeň ulanmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistanyň döwlet serhediniň dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň serhedidigini aýtdy we onuň ygtybarly goragyny üpjün etmek, serhet galalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň iş, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri üstünlikli dowam etmegiň zerurdygyny belläp, gullugyň ýolbaşçysyna degişli görkezmeleri berdi.

Adalat ministri M.Taganow ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şol sanda kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek boýunça teklipleriň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, bu düzümiň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, raýatlarymyza hukuk kömegini bermek üçin guralýan çäreler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwletimizde hukuk üpjünçiligini amala aşyrmak, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak, olary döwlet tarapyndan hasaba almak we ulgamlaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, gümrük serhedi arkaly harytlaryň geçirilişiniň tertibiniň berjaý edilişine gözegçiligi üpjün etmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hem aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gümrük nokatlarynda gümrük düzgünleriniň, hukuk kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça işleri netijeli dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi hem-de gullugyň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Ol bu düzümi ösdürmek baradaky maksatnamada kesgitlenen wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreler, bu ulgama öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmagyň hasabyna onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň barşy barada-da aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, migrasiýa kanunçylygynyň talabalaýyk berjaý edilişine gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, ata Watanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramyna gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe dabaraly harby ýörişiň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini, bu ugurda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk hem dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

08.09.2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 5-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek barada kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipleriň esasynda kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda iş toparlarynda Bitarap döwletimiziň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary, ylmy intellektual eýeçilik gatnaşyklarynyň kadalaryny, wirtual aktiwleriň dolanyşygyny düzgünleşdirmek hem-de ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan goldamak bilen baglanyşykly kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi aýdyldy. Şeýle hem hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

Halk Maslahaty, Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlikleri, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk işleri geçirilýär. Mejlisiň wekilleri ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň BMG-niň düzüm birlikleri bilen bilelikde geçiren çärelerine hem gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow “Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” hem-de bu Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamalary barada hasabat berdi. Olar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde öňde goýan wezipelerine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Bellenilişi ýaly, Konsepsiýada ýurdumyzda zähmet bazaryny ösdürmegiň maksatlary, wezipeleri, esasy ugurlary hem-de ony durmuşa geçirmekden garaşylýan netijeler beýan edilýär. Resminama laýyklykda, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alyp, bu ulgamyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmek boýunça birnäçe çäreleri durmuşa geçirmek bellenildi. Şunuň bilen birlikde, onda ýurdumyzyň zähmet bazaryny öwrenmegiň, iş üpjünçilik bilen bagly maglumatlary seljermegiň usullaryny, bu ugurda hereket edýän hasabatlaryň görnüşlerini kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek, ýurdumyzyň bu guramanyň esasy we ileri tutulýan konwensiýalaryna goşulmagy ýaly meseleleri öwrenmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda zähmet bazaryny ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz zähmet bazaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, “Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň önümçiligini has-da döwrebaplaşdyrmak, olarda täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda konserniň garamagyndaky zawodlary doly kuwwatynda işletmek, hususan-da, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin netijeli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmak üçin zerur işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň degişli desgasyny döwrebaplaşdyrmak baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, Diýarymyzda bugdaý ekişi möwsümine guramaçylykly girişildi. Häzirki wagtda bugdaý ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek, önüm öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär. Ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şeýle hem pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalaryny, tehnikalary ýygym möwsümine taýýar etmek boýunça zerur işler ýerine ýetirildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýetişdirilen pagta hasylyny öz wagtynda ýygnap almak, pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ussat pagtaçy babadaýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda pagta ýygymyna başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegini Arkadagly Gahryman Serdarymyzdan haýyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere geljek ýylyň bugdaý hasylynyň ekiş möwsümini talabalaýyk geçirmegi, bu işde ýokary hilli bugdaý tohumyndan peýdalanyp, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, oba hojalygynda örän möhüm we jogapkärli möwsüm bolan pagta ýygymynyň ýetip gelendigini aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu möhüm çäräni guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda 10-njy sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi we hormatly ýaşululardan pagta ýygymyny “bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Hormatly Prezidentimiz edermen pagtaçylara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzda täze senagat kärhanalaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda bir gije-gündiziň dowamynda 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirildi. Bu desganyň önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary hilli enjamlary ornaşdyryldy. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary hilli ýerli önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmaga, olaryň görnüşlerini giňeltmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň yzygiderli ösdürilýändigini, dünýäniň öňdebaryjy tehnologik enjamlary ornaşdyrylan senagat kärhanalarynyň gurlup ulanmaga berilýändigini, netijede, ýurdumyzda senagat önümleriniň dürli görnüşleriniň önümçiliginiň ýola goýulýandygyny aýtdy. Şoňa görä, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda täze gurlan çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň açylyş dabarasyna hem gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçiriljek «Halal Expo 2025» atly halkara sergä Türkmenistanyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu iri möçberli sergä ýurdumyzyň oba hojalyk, azyk, dokma, plastik önümleri we beýleki eksport ugurly harytlary öndürýän, ulag, logistika, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmat işlerini amala aşyrýan telekeçileriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýän halkara sergilere yzygiderli gatnaşýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz türkmen haryt öndürijileriniň Stambul şäherinde geçiriljek “Halal Expo 2025” halkara sergisine gatnaşmagy boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, zehinli aýdymçylar Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwlet derejesinde geçirilýän jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bu telebäsleşigiň jemleýji tapgyryny “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzda milli aýdym-saz sungatyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini, aýdymçy ýaşlarymyz üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýere “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryny hem ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyryny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, bu bäsleşik ýaş nesillerde sungata söýgi döretmekde, olaryň zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedir. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna Arkadag we Aşgabat şäherlerinden, ýurdumyzyň welaýatlaryndan zehinli aýdymçy çagalaryň 21-si, çagalar tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlarynyň 13-si gatnaşmaga hukuk gazandy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Diýarymyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyryny guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýetiniň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hem-de Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak maksady bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň Týanszin we Pekin şäherlerine amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, sebit we halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şolaryň hatarynda Hytaý Halk Respublikasy we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy hem bar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzy şu ýylyň 31-nji awgusty — 3-nji sentýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady.

Bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy we onuň “ŞHG+” formatyndaky mejlisinde çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda bu guramanyň Türkmenistanyň daşary syýasy ugruna, Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, halkara başlangyçlaryna hemişe oňyn garaýandygyny nygtady, şeýle hem täze köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça teklipleri beýan etdi. Hormatly Prezidentimiz ykdysady ulgamyň hyzmatdaşlygyň esasy ugry bolup durýandygyna ünsi çekip, bu babatda ulag-logistika, kommunikasiýa, elektroenergetika, senagat we söwda ulgamlaryny ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy tarapyndan yglan edilen Ählumumy dolandyryş başlangyjyny goldaýandygyny we ony iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki işleriň geçirilmegine taýýardygyny beýan etdi. Şunda bu başlangyjyň ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar babatdaky garaýyşlaryna gabat gelýändigi bellenildi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir. Saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşiklerde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhüm meselelerine garaldy we birnäçe ylalaşyklar gazanyldy. Bellenilişi ýaly, gaz pudagy özara bähbitli türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz duşuşygyň barşynda şu ulgamda hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz türkmen tarapynyň Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgeleri hakynda Baş ylalaşygy taýýarlandygyny habar berdi we geljekde bu hyzmatdaşlygyň şol resminamanyň esasynda ösdüriljekdigini nygtady.

Saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň nobatdaky mejlisini şu ýylyň noýabrynda geçirmek baradaky meselä seredildi. Saparyň öňüsyrasynda we onuň barşynda ikitaraplaýyn resminamalaryň 5-sine gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk, şeýle hem intellektual eýeçilik, ýokary bilim, muzeý işi we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnamalar bar.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň 11-si geçirildi. Saparyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere we harby ýörişe gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary depginde ösdürilýändigini we ýakynda bu ýurda iş saparynyň amala aşyrylandygyny belledi. “Saparyň dowamynda geçirilen gepleşikler, gol çekilen resminamalar hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de berkitmekde möhüm ädim bolar. Biz Hytaý Halk Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de dowam etdireris” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak we döwrebap çözgütlere esaslanýan innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Döwlet edaralarynyň özara işiniň elektron maglumat ulgamy arkaly utgaşdyrylmagyny we sanly hyzmatlary düzgünleşdirmek, bu ugurda zerur kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmek maksady bilen, “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” hem-de “Elektron hökümet hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, bu ugurdaky işleri has-da ilerletmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer degişli resminamanyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy we ony döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly iberip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

06.09.2025
Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary tamamlandy

Pekin — Aşgabat, 3-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Pekinde geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy.

Pekiniň Týananmen meýdançasynda wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, bu ýerde dabaraly harby ýöriş geçirildi. Bu dabaraly ýöriş Hytaýyň parahatçylyga, milli gahrymanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamaga ygrarlydygynyň beýany boldy.

Häzirki wagtda hemişelik Bitaraplyk Türkmenistanyň halkara giňişlikde parahatçylyk döredijilikli ornuny üpjün edýän daşary syýasatynyň binýadyna öwrüldi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen bu hukuk ýagdaýy ýurdumyza sebit we ählumumy meseleleri kadalaşdyrmakda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde çykyş etmäge ýardam berýär. Hemişelik Bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyzyň esasy sütünleri bolup durýar. Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesi beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär, öňüni alyş diplomatiýasy bolsa bu syýasatyň logiki dowamy bolup, ýurdumyzyň gapma-garşylyklaryň öňüni almaga gönükdirilen işjeň strategiýasydyr. Bu iki ýörelge özara berk baglanyşyklydyr. Bitaraplyk ynanyşmak üçin binýady döretse, öňüni alyş diplomatiýasy ony durmuşa geçirmegiň guraly bolup durýar. Türkmenistan gepleşikler üçin bitarap meýdança hökmünde çykyş edip, dialog üçin şertleri döretmäge çalyşýar.

Ýurdumyz halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG, sebit we halkara düzümleri bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Türkmenistan öz parahatçylyk döredijilikli syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ählumumy howpsuzlyga, durnukly ösüşe goşant goşýar. Şeýle çemeleşme diňe sebit gün tertibi bilen çäklenmän, eýsem, has giňişleýin halkara başlangyçlarda hem öz beýanyny tapýar. Döwletimiz ählumumy ähmiýeti bolan birnäçe esasy ugurlar boýunça teklipler bilen çykyş edýär. Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli işi diňe bir syýasy we diplomatik başlangyçlar bilen çäklenmeýär. Bu ugurda ykdysady diplomatiýa hem möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi energetika howpsuzlygy bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy ýaly taslamalar ykdysady başlangyçlaryň parahatçylyk döredijilikli maksatlara hyzmat etmeginiň aýdyň mysalydyr. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň ykdysadyýetiniň ösmegine, ýurtdaky ýagdaýy durnuklylaşdyrmaga şert döreder. Türkmenistan Merkezi Aziýany Kawkazyň üsti bilen Ýewropa bilen birleşdirýän “Lapis Lazuli” üstaşyr ulag geçelgesini döretmek boýunça taslamalara işjeň gatnaşýar. Munuň özi sebit söwdasyny we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär.

Türkmenistan ekologiýa howpsuzlygy ulgamynda-da halkara hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup durýar. Howanyň ählumumy derejede üýtgeýän we suw serişdeleriniň ýetmezçilik edýän şertlerinde ýurdumyz suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek bilen baglanyşykly meseleleri çözmek babatda tagallalary birleşdirmäge çagyrýar. Bu başlangyçlar diňe bir daşky gurşawy goramaga däl, eýsem, ýüze çykyp biljek gapma-garşylyklaryň öňüni almaga hem gönükdirilendir. Mundan başga-da, Türkmenistan ynsanperwer meseleleri çözmäge, häzirki döwrüň wehimlerine garşy göreşmäge gönükdirilen başlangyçlary işjeň öňe sürýär. Ýurdumyzyň Bitaraplygy we işjeň parahatçylyk döredijilikli syýasaty dünýä bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp bolýar. 2025-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň üçünji gezek ykrar edilmegi munuň aýdyň güwäsidir.

Häzirki wagtda türkmen-hytaý gatnaşyklary hem özara hormat goýmaga, umumy bähbitlere esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygyň üstünlikli nusgalarynyň biri bolup durýar. Bu hyzmatdaşlyk syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli ösdürilýär. Häzirki dünýä we sebit ýagdaýlary bilen baglylykda, bu gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy iki ýurduň, şeýle hem tutuş Ýewraziýa yklymynyň durnuklylygyna, ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Türkmenistan bilen Hytaý strategik hyzmatdaşlar bolmak bilen, parahatçylyk, durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlydyklaryny görkezýärler. Bu hyzmatdaşlyk özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanyp, diňe bir iki ýurduň däl, eýsem, tutuş sebitiň gülläp ösmegine-de gönükdirilendir. Şeýle ygrarlylyk ýurtlarymyzyň daşary syýasatynda, bilelikdäki taslamalarda, halkara guramalaryň çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlygynda öz beýanyny tapýar.

Iki ýurt hem halkara gatnaşyklarda deňhukuklylyk we beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerinden ugur alýar. Türkmenistan bitarap döwlet hökmünde gapma-garşylyklaryň öňüni almak üçin dialogy, diplomatik çözgütleri öňe sürýär. Hytaý hem, öz nobatynda, ählumumy wehimlere garşy inklýuziw çemeleşmäni yzygiderli ilerledýär. Ykdysady hyzmatdaşlyk iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda esasy orny eýeleýär. Energetika, ulag we infrastruktura ulgamlaryndaky taslamalar diňe bir iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň ösüşine ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, sebitde durnuklylygy pugtalandyrmaga hem mümkinçilik döredýär. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi munuň aýdyň mysalydyr. Bu transmilli gaz geçirijisi adaty täjirçilik taslamasy bolman, energetika howpsuzlygyny üpjün edýän we uzak möhletleýin ykdysady ösüş üçin binýady döredýän strategik taslamadyr.

Döwletara gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga uly üns berilýär. Özara Medeniýet günleriniň geçirilmegi, akademiki alyşmalar we ylmy hyzmatdaşlyk halklaryň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrýar. Şeýle dialog medeni gatnaşyklaryň döwletleri ýakynlaşdyrmaga ýardam berýändiginiň aýdyň nusgasydyr. Umuman, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk iki ýurduň parahatçylyk, özara düşünişmek, durnukly ösüş ýörelgeleri esasyndaky netijeli dialogynyň anyk mysaly bolup durýar. Olaryň bilelikdäki tagallalary sebitde uzak möhletli durnuklylyk we abadançylyk üçin berk binýady döredip, ählumumy meseleleriň çözgüdine saldamly goşant goşýar.

Döwlet Baştutanymyz Hytaýa şu gezekki saparynyň dowamynda giň gerimli çärä — «ŞHG+» formatyndaky ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň bu sapary Türkmenistanyň köpugurly daşary syýasatynyň pugtalanýandygyny we onuň sebitiň döwletleri bilen dialogy giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklaýan möhüm waka öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle abraýly çärä gatnaşmagy ýurdumyzyň sebitde durnukly ösüşi üpjün etmekde eýeleýän ähmiýetli ornuny nobatdaky gezek görkezdi.

Döwlet Baştutanymyzyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen geçiren ýokary derejeli gepleşikleri saparyň esasy wakasy boldy. Iki ýurduň Baştutanlary strategik ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, energetika ulgamynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edilýändigi bellenildi. Şeýle hem taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine seretdiler.

Saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ulag-logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar medeni-ynsanperwer, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Birnäçe möhüm ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi saparyň esasy netijeleriniň biri boldy. Bu resminamalar dürli ugurlary öz içine alyp, strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin berk hukuk binýadyny döredýär.

...Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow HHR-e iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Pekiniň Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady. Döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar hem-de dostlukly ýurda saparynyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Umuman, hormatly Prezidentimiziň HHR-e amala aşyran sapary türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ädim bolup, onuň strategik häsiýetini tassyklady. Gepleşikleriň netijeleri we gol çekilen resminamalar özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze gözýetimleri açyp, iki ýurduň abadançylygyna gönükdirilen giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam berer. Döwlet Baştutanymyzyň bu sapary Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ýörelgelerine laýyklykda, netijeli dialoga hem-de ählumumy meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmaga taýýardygyny görkezdi.

04.09.2025
Türkmenistanyň milli bilim ulgamynyň ösüşinde möhüm waka

Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat, 1-nji sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy geçirildi. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabat gelen bu waka milli bilim ulgamyny dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim boldy.

Ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzyň ähli künjeklerinde okatmagyň öňdebaryjy usullaryna, kompýuter tehnologiýalaryna esaslanýan döwrebap bilim edaralary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Döredilýän mümkinçilikler ösen aň-düşünjeli, ýokary tehnologiýalardan kämil baş çykarýan ýaş nesliň kemala gelmeginiň möhüm şertleriniň biridir. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga hem aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, bilim işini dolandyrmagyň umumy kabul edilen ýörelgelerini ornaşdyrmak, bilimiň, ylmy işleriň önümçilik bilen arabaglanyşygyny üpjün etmek, talyplaryň nazary bilimlerini amaly şertlerde has-da kämilleşdirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Telekeçiler bazar ykdysadyýetiniň hereketlendiriji güýjüdir. Gahryman Arkadagymyzyň kiçi we orta telekeçiligi goldamak babatda öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda gysga döwrüň içinde ýurdumyzda haryt bolçulygyny üpjün etmäge, hyzmatlar ulgamyny ösdürmäge ukyply işewürler jemgyýeti kemala geldi. Telekeçiler milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda netijeli iş alyp barmak bilen, giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýarlar. Hususy işewürleriň döwletimiziň jemi içerki önüminiň ösüşinde hem mynasyp paýy bar. Olar “Türkmenistanda öndürildi” diýen milli nyşanly harytlaryň görnüşlerini we möçberini yzygiderli artdyryp, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli önümleri bilen ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny has-da berkidýärler. Şu ýyl jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,6 göterime ýetirmek maksat edinilýär. Munuň özi Diýarymyzda telekeçiligi ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy hem hususy işewürligi ösdürmek, ýokary bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça giň möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda täze möhüm sahypanyň açylýandygyny alamatlandyrdy. Halkara uniwersitet ýokary bilimli işgärleri taýýarlamakda, gaýtadan taýýarlamakda we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda telekeçilik we işewürlik ulgamyna goldaw bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 27-nji iýunynda gol çeken Permany esasynda döredildi. Ýokary bilimiň hususylaşdyrylmagy bilim edarasyna okuw, ylmy-önümçilik işini dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryna esaslanyp özbaşdak guramakda, okuw maksatnamalaryny döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmekde giň mümkinçilikleri açýar. Paýtagtymyzda açylan täze uniwersitet Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň önümçilik toplumlary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda, milli bilim ulgamyna halkara tejribeleriň ornaşdyrylmagynda nobatdaky ädim bolar.

...Irden Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, işewürler bileleşiginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, halk köpçüligi we talyplar ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy uly şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Bu ýerde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz täze ýokary okuw mekdebiniň açylyş dabarasy mynasybetli Gutlag sözi bilen çykyş etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri dabara gatnaşyjylary mübärekläp, Berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyzyň her bir gününiň täze taryhy wakalara, toý-dabaralara beslenýändigini aýdyp, şu gün hem Bilimler we talyp ýaşlar gününde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilýändigini belledi hem-de dabara gatnaşyjylary we halkymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni, gözel paýtagtymyzyň görküne görk goşjak bu täze bilim ojagynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyzda ylym-bilimi ösdürmäge, bu ulgamy dünýä derejesine çykarmaga uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, bilim ähli ösüşlerimiziň, bagtyýarlygymyzyň we abadançylygymyzyň binýady, beýik geçmişimiziň hem-de geljegimiziň röwşen ýoludyr diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. Milli Liderimiz ata-babalarymyzyň «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň», «Okan il ozar...», «Bir — okana, bir — dokana» diýen parasatly sözleriniň bardygyny, bu pähimlerden ugur alyp, ýaşlarymyzyň bilim derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça zerur işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de berkarar döwletimiziň nurana geljeginiň şu günki ýaş nesillerimiziň aljak bilimi, terbiýesi bilen aýrylmaz baglydygyna, häzirki wagtda alnyp barylýan beýik işleri üstünlikli dowam etmegiň ýaşlaryň paýyna düşýändigine ünsi çekdi.

Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýokary hünärli, zähmetsöýer, arassa ahlakly, eziz Watanymyza wepaly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek biziň esasy maksatlarymyzyň biridir. Şoňa görä, Diýarymyzda bilim ulgamyny ösdürmek bilen bagly giň gerimli maksatnamalar amala aşyrylýar. Bu ulgamy ösdürmäge maýa goýumlar gönükdirilýär, maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Ylmyň iň soňky gazananlary, öňdebaryjy tehnologiýalar bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi hem milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy, dünýä ýurtlarynyň belli ylym-bilim merkezleri bilen ýakyndan aragatnaşyk saklanylýandygyny, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, ylym-bilim ulgamyny yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki halkara taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtady. Hormatly Arkadagymyz şu gün dabaraly açylyp ulanmaga berilýän täze ýokary okuw mekdebiniň hem ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge, ýurdumyzyň hususy pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamaga uly goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam edip, şu gün Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty üçin 2 müň talyba niýetlenen goşmaça döwrebap okuw binalar toplumynyň we 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň hem ulanmaga beriljekdigini, şu okuw ýylynda Aşgabat şäherinde, welaýatlarda köp sanly täze orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň dabaraly ýagdaýda açyljakdygyny belledi hem-de ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin 1-nji synpa gadam basan okuwçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» atly kompýuterleriň sowgat beriljekdigini aýtdy.

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ykdysadyýetiň hususy pudagyny goldamak we ösdürmek biziň döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugry bolup durýar. Garaşsyz ýurdumyzda hususy pudaga hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Kiçi we orta telekeçilik işi yzygiderli ösdürilýär. 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, 2010-njy ýylda telekeçileriň «Rysgal» gazetiniň, 2011-nji ýylda «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň, 2012-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň döredilmegi Diýarymyzda hususy pudagy ösdürmegiň ýolunda möhüm ädimler boldy. 2011-nji we 2014-nji ýyllarda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň edara binalary hem gurlup ulanmaga berildi.

Ilkibaşda türkmen telekeçileriniň ýöredýän kärhanalary kuwwatlylygy kiçiräk, ýönekeýje kärhanalardy. Döwletimiziň berýän hemaýat-goldawlaryny netijeli peýdalanyp, bu günki gün şol kiçi kärhanalar uly kuwwatly önümçilige öwrüldi. Olar dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýärler. Ýurdumyzda şeýle kuwwatly kärhanalaryň sany ýylsaýyn artýar. Häzirki wagtda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 29 müňden gowrak agzasy bar. Olar ýurdumyzda kabul edilen milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde uly işleri alyp barýarlar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ykdysady taýdan rowaçlygyny, ägirt uly mümkinçiligini görkezýän Arkadag şäheriniň gurluşygyna hem birleşmäniň agzalary mynasyp goşant goşýarlar diýip, Milli Liderimiz çykyşynda belledi we käbir maglumatlara ýüzlendi: «akylly» şäheriň birinji tapgyrynda birleşmäniň agzalarynyň gatnaşmagynda jemi bahasy 11 milliard 500 million manada golaý bolan 337 sany desga gurlup ulanmaga berildi. Onuň ikinji tapgyrynda birleşmäniň agzalarynyň gatnaşmagynda jemi bahasy 3 milliard 400 million manada golaý bolan 120 sany desganyň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary jemi bahasy 2 milliard 300 million amerikan dollaryna deň bolan, umumy uzynlygy 600 kilometre ýetýän Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny hem alyp barýarlar. Häzirki günde bu döwrebap ýoluň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär.

Gahryman Arkadagymyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen wagtyndan bäri onuň agzalary tarapyndan bahasy 97 milliard manada golaý ýa-da 28 milliard amerikan dollaryna golaý 5 müň 300-den gowrak taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilendigini, 425 müňe golaý iş orunlarynyň döredilendigini aýtdy. Munuň özi «Telekeçiler ýurdumyzyň altyn gaznasydyr» şygarynyň durmuş hakykatyna öwrülýändigini görkezýär.

Häzirki wagtda Türkmenistany senagatlaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler esasynda hereket edýän hususy kärhanalar alyp barýan işiniň gerimini has-da giňeldýärler. Olar innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan häzirki zaman kärhanalaryny gurýarlar we döwrebap önümçilikleri, täze iş orunlaryny döredýärler. Hyzmatlar ulgamyny ösdürmäge uly goşant goşýarlar. Şeýle hem içerki bazary azyk önümleri we halkyň sarp edýän harytlary bilen üpjün etmek bilen bir hatarda, olaryň artýan möçberini dünýäniň 50-den gowrak ýurduna eksport edýärler. Ine, bu gün bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi öz ýokary okuw mekdebini açýar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady hem-de Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň döredilmeginiň ýurdumyzda telekeçilik, işewürlik işini ösdürmekde we kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedigine ünsi çekdi.

Täze bilim ojagy «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan bina edildi. Uniwersitetiň binalar toplumy 9 gatly baş binany, 4 sany okuw binasyny, 2 sany her biri 300 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýyny, mejlisler zalyny, kitaphanany, naharhanany, ýapyk we açyk sport desgalaryny özünde jemleýär. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde okuwlar iki derejeli ulgam, ýagny bakalawr hem-de magistr taýýarlygynyň ugurlary boýunça guralar. Bu ýerde okuwlar türkmen we iňlis dillerinde alnyp barlar. Täze bilim ojagynyň okuw maksatnamalary esasynda ýaşlara döwrebap tejribeler, telekeçiligiň hukuk we işewürlik esaslary, sanly tehnologiýalar eýýamynyň möhüm bilimleri öwrediler. Şular barada aýtmak bilen, hormatly Arkadagymyz uniwersitetde bir wagtyň dowamynda 3 müňe golaý talybyň bilim almagy, professor-mugallymlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertleriň döredilendigini, ýakyn geljekde bu ýere sapaklary okatmak üçin daşary ýurtlardan mugallymlaryň we hünärmenleriň çagyrylmagynyň bilim bermegiň hilini halkara derejä çykarmaga ýardam etjekdigini belledi.

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň täze binalar toplumy innowasiýalara esaslanýan işewürligi ýokary bilimli kämil hünärmenler bilen üpjün etmek ýolunda möhüm ädimdir. Şoňa görä-de, bu döwrebap uniwersitetde bilim aljak ýaşlarymyzyň ýakyn geljekde ýokary taýýarlykly hünärmenler bolup, Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynanýaryn diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady hem-de hemmeleri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň binalar toplumynyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady. Gahryman Arkadagymyzyň çykyşy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi.

Dabaranyň tolgundyryjy pursady gelip ýetdi: ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow toý bagyny kesdi.

Gahryman Arkadagymyz uniwersitetiň baş binasynyň eýwanyndaky diwarlaryň ýüzünde mozaika görnüşinde ýerine ýetirilen, gadymyýetde söwda eden türkmen täjirlerini şekillendirýän, häzirki döwürde telekeçileriň dürli ugurlarda, şol sanda ylymda, bilimde, innowasion tehnologiýalar ulgamynda ýeten sepgitlerini beýan edýän surat eserini synlady. Mälim bolşy ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen türkmen topragy taryhyň iň irki döwürlerinde senetçiligiň, ekerançylygyň, söwda gatnaşyklarynyň ösen merkezi bolupdyr. Gündogardan Günbatara uzaýan kerwen ýollarynyň üsti bilen täjirler dünýä medeniýetiniň naýbaşy gymmatlyklaryny, ylmyň gazananlaryny ýurdumyza getiripdirler. Bu ýerden bolsa ussat senetçiler, zergärler tarapyndan taýýarlanylan önümler, nepis el halylary uly isleg bildirilýän gymmatly baýlyk hökmünde dünýäniň çar künjegine iberilipdir. Bu gadymy ýoluň taryhy ähmiýeti, onuň türkmen halkynyň durmuşyna ýetiren täsiri Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly iki jiltden ybarat eserinde giňişleýin beýan edilýär.

Ata-babalarymyzyň senetçilik, täjirçilik däplerini häzirki zaman usullarynda ösdürýän türkmen telekeçileri öndürilýän önümleriň görnüşlerini yzygiderli artdyryp, bu gün dünýäniň önümçilik we söwda ulgamyna işjeň gatnaşýarlar. Häzirki döwürde olaryň hödürleýän önümleri we hyzmatlary diňe bir içerki bazary kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, daşary döwletleriň sarp edijileriniň hem ýokary bahasyna mynasyp bolýar.

Uniwersitetiň eýwanynda ýurdumyzyň hususy işewürleriniň üstünlikleriniň subutnamasy bolan diplomlar we güwänamalar ýerleşdirilipdir. Açylyp ulanmaga berilýän ýokary okuw mekdebi hususy pudagyň ylym-bilim kuwwatyny artdyrmak bilen, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleri öndürmäge, täzeçil, toplumlaýyn işewürlik başlangyçlaryny işläp düzmäge hem-de durmuşa geçirmäge ukyply, ýurdumyzyň ykdysady ösüşine goşant goşýan ýaş nesli kemala getirmekde esasy merkezleriň biri bolar.

Soňra bu ýerde ýörite gurnalan monitorda uniwersitetiň desgalary, olarda göz öňünde tutulan mümkinçilikler, okuw ugurlary bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň binalar toplumynyň gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň iýulynda girişildi. Jemi 8 gektar çäkde ýerleşýän ýokary okuw mekdebiniň desgalarynyň gurluşygy «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Bu ýerde talyplaryň bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy, dynç almagy we wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertler döredilendir. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti ýurdumyzda eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşdäki ilkinji ýokary okuw mekdebi bolup, bu ýerde dil öwreniş bölümi, hünär derejesini ýokarlandyryş; işewürligiň ykdysadyýeti we dolandyryşy, oba hojalyk işewürligi; sanly tehnologiýalar; binagärlik-gurluşyk işewürligi fakultetleri, şeýle hem olaryň düzümine girýän 14 kafedra, 42 sany tejribehana hereket eder. Uniwersitet öz işini doly hojalyk hasaplaşygynda amala aşyrar.

Bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy okuw merkezleri, önümçilik we işewürlik kompaniýalary bilen bilim, ylym, önümçilik hyzmatdaşlygy, daşary ýurtly professor-mugallymlaryň, bilermenleriň sapak bermegi ýola goýlar. Okuwlar, hususan-da, amaly maksatly we tejribä gönükdirilen görnüşde alnyp barlar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň hususy pudagynda, şol sanda önümçilikde zähmet çekýän ussat işewürleriň talyplara bilim bermekleri, sapaklaryň dowamynda önümçilikde ýüze çykýan amaly meseleleri çözmegi öwretmekleri göz öňünde tutular. Munuň özi ýokary telekeçilik mekdebinde halypa-şägirt gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem ýardam eder.

Täze bilim ojagynda okuwyň umumy dowamlylygy 5 ýyl bolup, talyplar okuwa kabul edilende belli bir taýýarlyk ugruna, ýagny hünäre kabul edilmän, eýsem, bilim ulgamlarynyň ulaldylan toparlaryna kabul edilýär. Bilim ulgamlarynyň ulaldylan toparlary bir wagtda taýýarlygyň birnäçe ugurlaryny öz içine alýar. Şonuň üçin talyplar, ilki bilen, bir ýyllap türkmen we iňlis dilleri boýunça dil taýýarlygyny geçerler. Soňra birinji okuw ýylynyň dowamynda bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň birnäçe ugurlaryny öz içine alýan bilim ulgamynyň ulaldylan toparlaryna degişli hökmany we umumy dersler boýunça bilim alarlar. Şeýlelikde, talyplar birinji okuw ýylynyň ahyrynda öz isleglerine görä, bilim ulgamlarynyň ulaldylan toparlaryna girýän taýýarlygyň degişli ugruny saýlap bilerler. Ikinji okuw ýylyndan olar saýlan taýýarlyk ugruna degişli ýörite we saýlama dersler boýunça bilim alarlar. Şunlukda, talyplar ikinji, üçünji, dördünji okuw ýyllarynda taýýarlygyň belli bir ugruna ýöriteleşip, üçünji okuw ýylynyň ahyrynda ýyllyk ylmy işini, dördünji okuw ýylynyň ahyrynda önümçilige gönükdirilen diplom işini ýazyp, ony döwlet synag toparynyň öňünde goramak bilen, öz saýlan hünär ugry boýunça bakalawr bilim derejesini alarlar. Uniwersitetde okuwlaryň, esasan, amaly maksatly we tejribä gönükdirilen görnüşde alnyp barylmagy ýurdumyzyň senagat önümçiligi pudagyndaky meseleleriň öwrenilmegine hem-de oňyn çözülmegine, akademiki bilimiň, tejribäniň utgaşdyrylmagyna, ylym-bilimiň senagat hem-de zähmet bazary bilen arabaglanyşygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri döwrebap ýokary okuw mekdebiniň barlag-tejribehana otaglaryna baryp, olarda döredilen şertler we enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Ilki bilen, Gahryman Arkadagymyz uniwersitetiň halkara maliýe we birža barlag-tejribehana otagyna bardy. Täze uniwersitetiň mugallymy Milli Liderimizi mübärekläp, şu günki tejribe sapagynda dürli görnüşli maliýe amallarynyň ýerine ýetirilişi barada gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly, gymmatly kagyzlar bazarynda biržalar esasy orny eýeleýär. Şol pursatda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredilen Aşgabat gazna biržasynda hasaba alnan ýuridik taraplaryň gymmatly kagyzlary barada maglumatlar, dünýäniň ösen döwletleriniň gazna biržalarynyň hereketi hakyky wagt tertibinde görkezildi. Talyplaryň tejribehanadaky kompýuterler arkaly birža gatnaşyjysy hökmünde öwrediji hasabyň üsti bilen gazna biržalarynyň maglumatlaryny öwrenmäge, seljermäge we amallary ýerine ýetirmäge mümkinçilikleri bar.

Halk Maslahatynyň Başlygy dünýä biržalarynyň häzirki ýagdaýy bilen gyzyklandy hem-de bu ýokary okuw mekdebiniň uçurymlarynyň ýurdumyzyň gazna bazaryny ösdürmäge uly goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi. Uniwersitetiň mugallymy özleri barada edilýän alada üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri uniwersitetiň ilkinji talyby bolmak bagty miýesser eden ýaşlar bilen söhbetdeş bolup, olaryň öz öňlerinde goýan maksatlary bilen gyzyklandy. Uniwersitetiň talyby okamak we bilim almak üçin ýurdumyzda döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de öz saýlap alan ugry boýunça ýokary derejeli hünärmen bolup ýetişmek ugrunda ähli gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda bank we birža edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegine, ulgama häzirki zaman iş usullarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şundan ugur alyp, ugurdaş edaralar öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek bilen, sanly ulgam arkaly hödürleýän hyzmatlarynyň gerimini barha giňeldýärler. Bu ýerde maliýe we birža edaralarynyň işleriniň guralyşy, olary sanly tehnologiýalar esasynda ösdürmegiň ugurlary görkezme esbaplaryň, şekilleriň üsti bilen çuňlaşdyrylyp öwredilýär. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlary emeli aň, maglumat we blokçeýn tehnologiýalary boýunça taýýarlamak baradaky görkezmeleri esasynda ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde ýöriteleşdirilen okuw maksatnamalary işlenip taýýarlanylýar. Şeýle maksatnamalar bilimiň hilini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, zähmet bazarynyň talaplaryna laýyklykda hünärmenleri taýýarlamakda uly ähmiýete eýedir. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti hem sanly maliýe we birža bazarynyň häzirki zaman ýörelgelerini milli tejribä ornaşdyrmaga ukyply hünärmenleri taýýarlamak işine goşant goşar.

Soňra hormatly Arkadagymyz uniwersitetiň ekinleriň seleksiýasy we tohumçylygy barlag-tejribehana otagyna bardy. Uniwersitetiň mugallymy Milli Liderimizi bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdyrdy. Bellenilişi ýaly, bu ýerde ekinleriň ýokary hasyl berýän, toprak-howa şertlerine durnukly görnüşlerini synagdan geçirmek, olary has-da kämilleşdirmek üçin barlaglary alyp barmaga ähli mümkinçilikler bar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn, ylmy esasda ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Öňdebaryjy tehnologiýalar ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan baý ekerançylyk tejribesi bilen utgaşdyrylyp, önümçilige ornaşdyrylýar. Mugallym döwrebap mümkinçilikler bilen üpjün edilen uniwersiteti gurduryp berendigi üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Oba hojalyk ekinleriniň täze görnüşleriniň dolanyşyga girizilmegi Türkmenistanda ekerançylygy täzeçil esasda ösdürmegiň strategiýasynyň esasy ugry bolup durýar. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynda güýzlük bugdaýyň «Serdar», «Arkadag», «Pyragy» atly täze sortlarynyň döredilmegi hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Hormatly Arkadagymyz bu otagda döredilen şertleriň ýokary derejeli seçgiçi hünärmenleriň ýetişdirilmeginde möhüm ähmiýetiniň boljakdygyny belledi we talyplara okuwlarynda üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze uniwersitetiň gurluşyk materiallary we konstruksiýalary barlag-tejribehana otagynda döredilen şertler bilen tanyşdy. Bu ýerde uniwersitetiň mugallymy gurluşyk gurnamalarynyň we serişdeleriniň hil barlagyny geçirmäge mümkinçilik berýän enjamlaryň, hususan-da, Italiýanyň “Sara” kompaniýasynyň seýsmiki signallary we ýertitremeleri, geofiziki maglumatlary ýygnamaga we ýazga almaga, seljermäge niýetlenen seýsmograf enjamynyň aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly, şeýle enjamlar arkaly geçirilýän tejribeler talyplaryň nazary bilimlerini has-da ösdürýär. Munuň özi işine ussat gurluşykçylary, binagärleri taýýarlamagyň möhüm şertidir.

Soňra barlaghana otagynda uniwersitetiň talyby Gahryman Arkadagymyzy Italiýanyň “IDS” kompaniýasynyň enjamy bilen tanyşdyrdy. Nygtalyşy ýaly, bu enjam beton gurluşyklaryny barlamak, turbalary we kabelleri tapmak, betonyň galyňlygyny ölçemek üçin ulanylýar. Şeýle-de enjam betonyň içindäki boşluklary we zeperleri anyklamak bilen, gurluş bitewüligini bahalandyrmaga mümkinçilik berýär. Bu enjam diwaryň içindäki näsazlyklary, çat açmalary 3D görnüşinde görmek üçin niýetlenendir.

Uniwersitetiň talyby ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallygyny beýan etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow Gahryman Arkadagymyza talyplaryň özleşdiren bilimlerini tejribede berkitmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Milli Liderimiz ýaşlaryň gurluşyk we seýsmologiýa ugry boýunça alan bilimlerini has-da kämilleşdirmek üçin ony gurluşyk meýdançalarynda dowam etmelidigine ünsi çekdi we bu babatda birnäçe maslahatlaryny berdi.

Iňlis dili otagynda talyplaryň dil başarnyklaryny kämilleşdirmekleri üçin döwrebap tehnologiýalar we lingafon enjamlar, kompýuterler ornaşdyrylandyr. Häzirki döwürde iňlis dili halkara işewürligiň dili hökmünde dünýäde öz ornuny barha berkidýär. Tehnologik we maglumat ulgamynyň ösüşi bu diliň ähmiýetiniň artmagyny şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” çäklerinde çagalaryň we ýaşlaryň dünýä dillerini özleşdirmeklerini gazanmak ugrunda toplumlaýyn çäreler görülýär. Ýokary okuw mekdebine kabul edilen ýaşlaryň ilkinji okuw ýylynda türkmen we iňlis dilleri boýunça taýýarlyk okuwlaryny geçmegi hem olaryň geljekki okuw ýyllaryny üstünlikli dowam etmeklerine ýol açar. Şunlukda, iňlis dili boýunça taýýarlyk okuwlary geljekki telekeçileriň, kompaniýalary dolandyryjylaryň, ykdysatçylaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen göni işewürlik gepleşiklerini geçirmeklerine ýardam berip, olaryň özara düşünişmek, dialog alyp barmak medeniýetini has-da ýokarlandyrar. Şoňa görä-de, bilim ojagynda talyplara iňlis diliniň işewürlik adalgalaryny we söz düzümlerini öwretmek, gepleşikleri netijeli alyp barmak boýunça sapaklar berler.

Ýurdumyzyň telekeçileri milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak boýunça özgertmelere hem işjeň gatnaşýarlar. Olar dürli programmalary we mobil goşundylary işläp taýýarlap, sanly ulgam arkaly ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşleriniň artmagyna uly goşant goşýarlar. Uniwersitetiň sanly tehnologiýalar fakultetinde superkompýuter tehnologiýalary, serwer, kompýuter tory, maglumat goragy, mobil programma, programmirlemek boýunça barlag-tejribehanalaryň 6-sy hereket edýär. Talyplara sanly dünýä baradaky bilimleri çuňňur öwretmekde bu otaglaryň ähmiýeti uludyr.

Ýokary okuw mekdebiniň serwer barlag-tejribehana otagynda nazary bilimleri iş şertlerinde has-da çuň özleşdirmek üçin innowasion we kuwwatly enjamlar ornaşdyrylypdyr. Şeýle hem bu ýerde serwer enjamlarynyň gurluşy, görnüşleri, işleýiş aýratynlyklary öwredilýär. Serwer — munuň özi tordaky beýleki kompýuterlere maglumatlary we hyzmatlary ýetirmek üçin niýetlenen kuwwatly kompýuter hem-de programma üpjünçiligidir. Ol faýllary saklamak, buýruklary gaýtadan işlemek, web saýtlaryň, mobil goşundylaryň ulanyjylara elýeterli bolmagyny üpjün etmek wezipesini ýerine ýetirýär.

Mälim bolşy ýaly, gurluşyk pudagy we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi milli ykdysadyýetiň batly depginde ösýän pudaklarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, halkara uniwersitetde bu babatda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, ýörite fakultet döredildi. Türkmen hususy gurluşyk kärhanalary Diýarymyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli gurluşyk taslamalaryna işjeň gatnaşyp, şäherlerimiziň we obalarymyzyň keşbini düýpli özgerdýärler. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň abraýly halkara guramalaryň, kompaniýalaryň we ylym merkezleriniň hil babatda ýokary görkezijilere eýedigini tassyklaýan güwänamalaryňdyr baýraklaryň ençemesine mynasyp bolmagy milli işewürleriň gurluşykda toplan tejribesiniň ykrarnamasydyr. Binagärlik-gurluşyk işewürligi fakultetinde gurluşyk desgalarynyň we serişdeleriniň barlaglaryny geçirmäge ýöriteleşdirilen enjamlar gurnalan barlag-tejribehanalaryň 12-si hereket edýär.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow uniwersitetiň howlusynda ýaýbaňlandyrylan, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň öndürýän önümleriniň sergisi bilen tanyşdy. Sergide ýurdumyzda elektron senagatyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň önümlerine möhüm orun berlipdir. Hojalyk jemgyýetiniň sergi diwarlygynda häzirki zaman elektron önümleriniň köp görnüşleri görkezilýär. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda soňky ýyllarda elektron senagatyň önümlerini öndürmekde uly üstünlikleriň gazanylýandygyny belledi.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gurluşyk we senagat toplumyny innowasion taýdan we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we olaryň görnüşlerini artdyrmaga, gurluşyk senagatynyň önümçilik, ylmy-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça amala aşyrylýan döwlet strategiýasynda içerki bazary ýerli çig malyň esasynda öndürilýän gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek meselelerine uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, täze kärhanalary gurmaga, hereket edýän önümçilikleriň kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmaga uly möçberli maýa goýumlar gönükdirilýär.

Döwletimiz tarapyndan berilýän ýeňillikleriň we goldawlaryň netijesinde telekeçiler döwrebap tehnologiýalara esaslanýan önümçilik toplumlaryny döredýärler. Ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi kiçi we orta işewürligi ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Mundan başga-da, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak, maýa goýum işjeňligini ösdürmek, döwlet eýeçiligindäki emläkleri hususylaşdyrmak, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, bazar gatnaşyklary şertlerinde ylma daýanýan ykdysady syýasaty amala aşyrmak ýaly başlangyçlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Iri gurluşyk taslamalaryny ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna wajyp orun degişlidir. Milli ykdysadyýetimizi depginli ösdürmekde mynasyp paýy bolan telekeçiler önümçilikleri giňeltmek bilen, gurluşyk senagatynyň ösüşine saldamly goşant goşýarlar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sergide plastmassa turbalaryň, keramiki bezeg plitalarynyň we sanfaýans önümleriniň görnüşleri bilen tanyşdy.

Häzirki wagtda hususy gurluşyk kärhanalary ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan iri gurluşyk taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar. Şunuň bilen bir hatarda, gurluşyklarda ulanylýan zerur gurluşyk serişdelerini öndürmekde olara möhüm orun degişlidir. Munuň özi gurluşyk önümçiligi pudagyny döwrebaplaşdyrmak we oňa dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, importyň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleriň täze önümçiliklerini döretmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň güwäsidir. Hormatly Arkadagymyz 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döredileninden bäri hususy işewürligiň başlangyçlarynyň barha rowaçlanýandygyny, hususy bölegiň ýurdumyzda amala aşyrylýan iri döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine has-da işjeň gatnaşýandygyny belledi.

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli ýaýbaňlandyrylan sergä gatnaşýan ýurdumyzyň telekeçileri netijeli işlemek, täze önümçilikleri ýola goýmak, şol sanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek ugrunda döredilýän amatly şertler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.

Milli Liderimiz türkmen telekeçileriniň döwletimiz tarapyndan mundan beýläk-de goldanyljakdygyny aýdyp, olara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň rektoryna şanly waka mynasybetli hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgat berilýän täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçysy açylyş dabarasyna gatnaşýandygy üçin türkmen halkynyň Milli Liderine, şeýle döwrebap bilim ojagyny gurduryp berendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň, ähli işgärleriniň adyndan sagbolsun aýtdy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz uniwersitetiň sport toplumynyň binasyna bardy. Uniwersitetiň sport toplumynda dürli sport çärelerini geçirmek, bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir. Milli Liderimiz halkymyzyň “Saglyk — beglik” diýen pähimine ünsi çekip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu asylly ýörelgäniň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny aýtdy. Ýurdumyzda amala aşyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde paýtagtymyzda hem-de Diýarymyzyň beýleki künjeklerinde täze sport desgalarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi munuň aýdyň beýanydyr.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow uniwersitetiň mejlisler jaýynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli talyplaryň, professor-mugallymlaryň öňünde beýanat bilen çykyş etdi. Gahryman Arkadagymyzyň beýanaty Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň geljegi nazarlaýan, öňdengörüjilikli daşary hem-de içeri syýasatyna bagyşlandy. Türkmen halkynyň Milli Lideri talyplara ýüzlenip, şeýle ajaýyp günde olar bilen duşuşýandygyna örän şatdygyny, halkymyzyň “Toýlar goşa-goşadan gelýär” diýen sözleriniň şu gün durmuş hakykatyna öwrülýändigini aýtdy.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz şu günler Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar. Soňky ýyllarda türkmen-hytaý gatnaşyklary özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň, açyklygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Ýurtlarymyz strategik hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça yzygiderli we netijeli ösdürýärler. Türkmen-hytaý gatnaşyklary özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygyň üstünlikli mysaly bolup durýar. Bu gatnaşyklar ugurlaryň giň gerimini öz içine alýar. Taryhdan mälim bolşy ýaly, türkmen-hytaý gatnaşyklary öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Biziň eýýamymyzdan öňki 49-njy ýylda türkmen hem-de hytaý halklary “Kasam şertnamasy” diýlip atlandyrylan şertnama gol çekipdirler. Şertnamada: “Goý, biziň ogullarymyz we agtyklarymyz nesillerden-nesillere bu şertnama wepaly bolsun!” diýlip bellenilýär. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz şol “kasama” eýerip, dostlukly ýurda sapary amala aşyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň ŞHG-niň sammitine hormatly myhman hökmünde çagyrylmagy kökleri taryha uzap gidýän dostluga ygrarlylygyň aýdyň nyşanydyr diýip, Milli Liderimiz nygtady. Hormatly Prezidentimiz HHR-e saparynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy bu duşuşyklaryň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz Bilimler we talyp ýaşlar gününde özüne ýurdumyzyň talyplary bilen duşuşmagyň miýesser edendigini, 19-njy sentýabrda bolsa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljekdigini aýtdy. Munuň özi halkymyzyň “Agzybire Taňry biýr, agzalany gaňrybiýr” diýen pähiminiň dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýanydyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir! Bu bolsa halk bilen döwletiň aýrylmaz bir bitewüdigini aňladýar diýip, Milli Liderimiz nygtady.

Halk bilen maslahatlaşmak türkmençiligiň asylly däpleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisinde halkymyz bilen ara alnyp maslahatlaşyljak meseleleriň, onuň dowamynda kabul ediljek çözgütleriň ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadan durmuşyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýylyň ahyryna çenli ýurdumyzda birnäçe baýramçylyklaryň belleniljekdigini aýtdy. Hususan-da, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy giňden belleniler.

Türkmenistanyň parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary halkara giňişlikde uly goldawa eýe bolýar. Türkmenistan dünýäde Bitaraplyk hukuk derejesi üç gezek ykrar edilen ýeke-täk ýurtdur. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ykrar edilmeginiň ýubileý ýylynyň Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen gabat gelmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz bu şanly seneleriň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegi üçin ähli zerur işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Soňra Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň binalarynyň hil babatda ýokary görkezijilere eýedigini tassyklaýan halkara derejeli güwänamalar we baýraklar gowşuryldy.

Ilki bilen, Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas Demirji şu dabarada çykyş etmeginiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy hem-de Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi täze uniwersitetiň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Türkmenistanyň bilim ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Şu gün Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyp ulanmaga berilmegi hem munuň aýdyň beýanydyr.

Soňra Ilýas Demirji türki döwletlerde özboluşly binagärlik bilim edarasy hökmünde we uniwersitet-senagat hyzmatdaşlygyny ösdürýän hem-de telekeçilik we innowasiýalar ulgamyna mynasyp goşant goşýan görnükli, nusgalyk ýokary okuw mekdebi hökmünde uniwersitete ýörite baýraklary gowşurdy.

Soňra sertifikatlaşdyrmak boýunça “CERT International” guramasynyň direktory Riad Ibragimow Gahryman Arkadagymyza ýüzlenip, Türkmenistanda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde täze ýokary okuw mekdebiniň açylyp ulanmaga berilmeginiň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ykdysadyýeti yzygiderli ösdürilýär. Şunda innowasion çemeleşmelere möhüm ähmiýet berilýär. Myhman pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimizi täze ýokary okuw mekdebiniň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň okuw işlerini dolandyrmak çygrynda hil menejmentiniň ulgamlarynyň ISO 9001:2015 halkara standartynyň talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamany gowşurdy.

“Saybolt” kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi wekili D.Aganyýazow Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimizi Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda ýokary derejeli hünärmenleriň kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. “Saybolt” kompaniýasynyň wekili Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň barlaghana otaglarynyň ýerli we halkara standartlara laýyk gelýändigini tassyklaýan barlag güwänamasyny gowşurdy.

Soňra “Özlem Aydinlatma Sa. A.Ş.” kompaniýasynyň wekili Ahmet Kahraman Türkmenistanda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyp ulanmaga berilmeginiň aýratyn many-mazmuna eýedigini belledi hem-de Gahryman Arkadagymyzy we döwlet Baştutanymyzy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady. “Özlem Aydinlatma Sa. A.Ş.” kompaniýasynyň wekili Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde gurnalan POLIGHT yşyklandyryjy enjamlarynyň we şäher mebelleriniň ISO 9001:2015, ISO 14001:2015 we ISO 45001:2018 halkara standartlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanandygyny hem-de bu enjamlaryň ýokary hilini we bildirilýän talaplara laýyk gelýändigini tassyklaýan şahadatnamany gowşurdy.

Şeýlelikde, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine gowşurylan degişli şahadatnamalar we güwänamalar bu ýokary okuw mekdebiniň hil we enjamlaşdyrylyş, tehnologiýalar babatda ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýändigini alamatlandyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýokary okuw mekdebini mynasyp bolan halkara baýraklary bilen tüýs ýürekden gutlap, munuň ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň aýdyň beýanydygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bilim ulgamy tutuş dünýäde täzeçil tehnologiýalara esaslanýar hem-de kosmiki tizlik bilen ösýär. Täze uniwersitetiň gurlup ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň döwrüň talaby bilen aýakdaş ösýändiginiň subutnamasydyr.

“Durmuşda öz ornuňy tapmak üçin bilime möhüm orun degişlidir. Bilim her bir adam üçin täze-täze mümkinçilikleri açýar” diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri türkmen ýaşlarynyň gazanýan üstünlikleri barada durup geçdi. Nygtalyşy ýaly, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ýaşlarynyň pikirleriniň peýdalanylmagy gurluşyk işlerinde innowasion çemeleşmelere aýratyn ähmiýet berilýändiginiň güwäsi boldy.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, şu gün Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň açylyp ulanmaga berilmeginiň hem möhüm ähmiýetini belledi. Institutyň täze binasynda Gün panelleriniň, “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň bolmagy ýurdumyzda “ýaşyl” energetika syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Soňra bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Milli Liderimizden şanly waka mynasybetli Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň işgärleriniň hem-de talyp ýaşlarynyň adyndan ajaýyp türkmen halysyny Arkadagly Gahryman Serdarymyza sowgat hökmünde gowşuryp bermegi uly hormat bilen haýyş edildi.

Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde joşgunly aýdym-sazlaryň ýaňlanmagy şu günki dabaranyň ajaýyp jemlemesine öwrüldi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz döwrebap ýokary okuw mekdebiniň açylmagy bilen ýygnananlary ýene bir gezek gutlady we olara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.

02.09.2025