Habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Aşgabat, 4-nji mart (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzyň günorta böleginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler, bu ýerde görkezilen birnäçe şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle-de “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukato bilen duşuşdy. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýolunyň başlanýan ýerine geldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Köpetdagda gurlan Saglyk ýolunyň halkymyz üçin ähmiýetlidigini aýdyp, onuň merkezi belentliginde ýerleşýän Döwlet baýdagyna ünsi çekdi. Uzaklardan seleňläp görünýän Döwlet baýdagy ildeşlerimiziň ruhuny galkyndyryp, adamlaryň watançylyk duýgularyny belende göterýär diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. 

                                                                   

Saglyk ýoluna gelýänler mukaddes döwlet nyşanyna aýratyn buýsanç bilen garaýarlar. Bu görnüş her bir ynsanyň mähriban Watanymyza, döwlet nyşanlaryna bolan buýsanjyny artdyrýar diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýolundaky Döwlet baýdagynyň ýerleşýän ýeriniň töwerekleriniň hemişe arassa saklanylmagy, bu künjegiň yzygiderli abadanlaşdyrylmagy babatda Aşgabat şäheriniň häkimine degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Milli Liderimiz “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy I.Bukato bilen gürrüňdeş boldy. Ol ýerine ýetirilen we meýilleşdirilýän işler barada hasabat bermäge döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy 2024-nji ýylda Türkmenistanda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesiniň uly dabaralar bilen belleniljekdigini aýtdy. Şunda “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparyna Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde rejelemek, dizaýn-bezeg işlerini ýerine ýetirmek ynanyldy. 

                                                                   

Soňra Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde görkezilýän şekil taslamalary bilen tanyşdy. “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy I.Bukato şekil taslamalary hem-de öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz gurluşyk we bezeg-timarlaýyş işlerinde ulanylýan serişdeleriň ýokary hilli hem-de döwrebap bolmalydygyna ünsi çekdi. Bu işlerde häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribesi, täzeçil usullary milli binagärlik ýörelgeleri bilen utgaşdyrylmalydyr. Şunda ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hilli, ýerli tebigy we howa şertlerine durnukly bolmagy gurluşykçylara, bezeg işlerini ýerine ýetirýänlere bildirilýän esasy talapdyr. 

                                                                   

Medeni-seýilgäh toplumy Magtymguly Pyragynyň tutuş adamzat üçin nusgalyk şygryýet dünýäsi ýaly ajaýyp we gözel bolmalydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz alnyp barylýan işlerde hut şu ýörelgelerden ugur almagyň zerurdygyna bu ýere ýygnananlaryň ünsüni çekdi. Aýratyn-da, desgalaryň bezeginde halkymyzyň milli ýörelgelerine mahsus tejribe ulanylmalydyr, reňkleriň sazlaşygyna zerur üns berilmelidir. Şeýle hem hormatly Arkadagymyz medeni-seýilgäh toplumynda häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ulanylmalydygyny belledi. Magtymguly Pyragynyň goşgy setirleriniň dag gerişlerinde lazer şöhleleri arkaly ýagtylandyrylmagynyň zerurdygyny nygtady we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz toplumyň açylyş dabarasynda täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, onuň taýýarlygyna jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyna ýüzlenip, oňa birnäçe teklipleri aýtdy we bu künjegiň şäher ilatynyň hem-de döredijilik işgärleriniň söýgüli ýerine öwrülmelidigini belledi. Şunda toplumyň çäginde söwda hyzmatlaryny ýola goýmak babatda birnäçe görkezmeler berildi. 

                                                                   

Soňra “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedi awtomobil ýolunyň gurluşygy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, taslama laýyklykda, bu awtomobil ýoly köpzolakly bolup, olaryň çäklerinde degişli gözegçilik enjamlary, häzirki zaman sanly tehnologiýalary ornaşdyrylar. Şunda ýolagçylar we sürüjiler üçin amatly şertleriň döredilmegine, tehniki hyzmatlar ulgamynyň işine möhüm ähmiýet berler. 

                                                                   

Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedi awtomobil ýoly örän uly mümkinçilige eýe bolmak bilen, ol ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrar. Bu bolsa halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny, goňşy ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegini üpjün eder diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmagy, Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ýollaryň birleşdirilmegi, degişli düzümleriň işiniň kämilleşdirilmegi boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülmegine aýratyn üns berilýändigi bellenildi. Munuň özi, ilkinji nobatda, milli ulag birleşikleriniň umumy bähbitlerini utgaşdyrýan Halkara awtomobil ulaglary birleşigi hem-de Ýewropa Bileleşiginiň we hyzmatdaş ýurtlaryň arasynda Ýewropa — Kawkaz — Aziýa ulag geçelgesini gurmak boýunça halkara hyzmatdaşlyk maksatnamasy, tutuş dünýä boýunça ýük daşamak bilen meşgullanýan logistik guramalar bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeliligini hem üpjün eder. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň “Ýolagçy ýolda ýagşy” diýen parasatly jümlesini aýdyp, ýolagçylar üçin ýokary derejeli şertleriň döredilmeginiň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigine degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi we şunda düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi. 

                                                                   

Soňra Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygy S.Ýolamanow ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, taslamany durmuşa geçirmekde hyzmatdaş kompaniýa bilen bilelikde, awtomobil ýollarynyň ugrunda zerur bolan düzümleri döretmek hem-de sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär. Hormatly Arkadagymyz häzirki zaman ulag ýollarynda, ilkinji nobatda, sazlaşykly hereketiň üpjün edilmegine, sürüjiler we ýolagçylar üçin amatly şertleriň döredilmegine zerur üns berilmelidigini aýtdy. Şunda gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy kesgitlenen meýilnama laýyklykda alnyp barylmalydyr. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam edip, awtomobil ýolunyň ugrunda gurulýan ulag köprüleriniň köpzolakly we aýlawly bolmagynyň, şol bir wagtyň özünde, ilatly ýerlerde ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň gurulmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny aýratyn belledi. 

                                                                   

Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilen paýtagtymyzyň gün-günden özgerýän keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi, halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri, häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri, bagtyýar durmuşy öz beýanyny tapýar. Dünýäniň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda ornuny barha pugtalandyrýan ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýän Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň bezeg aýratynlyklaryna we yşyklandyryş ulgamynyň döwrebap derejede bolmagyna zerur üns berilmelidir. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda elektrik energiýasynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylýandygyny belläp, ýokary woltly elektrik bekedini gurmak bilen baglanyşykly wezipeleriň öwrenilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belläp, gurulmagy meýilleşdirilýän täze elektrik bekediniň ýerleşjek ýerini kesgitlemek, onuň taslamasyny düzmek, taslamany amala aşyrjak kompaniýany seçip almak bilen baglanyşykly meseleleri içgin öwrenmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Şeýle hem hormatly Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowa we Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowa ýüzlenip, paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň depgininiň pesdigini belledi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz şäherde durmuş maksatly desgalaryň, aýratyn-da, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanylan gurluşyklaryň haýal alnyp barylýandygyna ünsi çekip, bu ugurda ýerine ýetirilýän işlerde ýol berlen kemçiliklere kanun esasynda jogap bermeli boljakdygyny ýatlatdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri wise-premýere bu babatda alnyp barylýan işlere gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Aşgabat şäheriniň häkiminiň kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigini belläp, hormatly Arkadagymyz hususy gurluşyk kompaniýalarynyň işi döwrüň talabyna laýyk derejede guramagy üçin olaryň alyp barýan işleriniň ünsden düşürilýändigini aýtdy we häkimiň bu ugurda alyp barýan işlerine nägilelik bildirdi. Hormatly Arkadagymyz paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän “Garagum” myhmanhanasynyň ýanynda gurulýan söwda merkeziniň we Magtymguly şaýolunyň ugrunda bina edilýän ikinji bir söwda merkeziniň gurluşyklarynyň depginini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi häkimden berk talap etdi. 

                                                                   

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändigini, şunda şähergurluşyk maksatnamasynyň ýokary derejede ýerine ýetirilmeginiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitlenendigini bellemek gerek. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň wajyp şert hökmünde kesgitlenendigini belläp, suw gorlaryny saklamagyň we olary rejeli peýdalanmagyň täzeçil tehnologiýalaryny ulanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň öňdebaryjy tejribäni ulanmagy esasy ugur edinýändigi, şol bir wagtyň özünde, “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygy bellenildi. 

                                                                   

Işewür hormatly Arkadagymyza bildirýän ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, kompaniýanyň öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzyň günorta künjegine amala aşyran iş saparyny tamamlap, bu ýere ýygnananlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

06.03.2023
Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine täze başlangyçlary

Geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine mynasyp goşant goşýandygynyň, durmuşyň ähli ulgamlarynda ýokary netijeleri gazanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. 

                                                                   

27-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak, bugdaýa ideg etmek, gök-bakja ekinlerini ekmek işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümine taýýarlyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz häkimlere obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnama laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem ýazky bag ekmek möwsüminde ekiljek saýaly, pürli, miweli baglaryň, üzüm nahallarynyň ekiljek ýerlerini taýýarlamak bilen bagly degişli görkezmeler berildi. 

                                                                   

Geçen hepde-de Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan ýurdumyza hoş habar gelip gowuşdy. Bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 60-njy umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu şanly waka mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, munuň özi Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygynyň, biziň alyp barýan daşary syýasat ugrumyzyň netijelidiginiň nobatdaky aýdyň beýanydyr. Öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýetiniň hem-de möhümdiginiň tassyklanmagydyr. Şeýle-de parahatçylygy goldamak we dünýä gurluşy babatda Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite syýasy edaralarynyň ornunyň wajypdygynyň ykrar edilmegidir. Döwlet Baştutanymyz Kararnamanyň awtordaşlary bolup çykyş eden ähli döwletlere we onuň taslamasyny goldan ýurtlara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýändigini beýan edip, Türkmenistanyň bütin dünýäde parahatçylygyň, gülläp ösüşiň bähbidine Birleşen Milletler Guramasy bilen geljekde-de bilelikde ysnyşykly iş alyp barjakdygyny belledi. 

                                                                   

Şu ähmiýetli waka mynasybetli Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi — sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň, howpsuzlygyň berk binýady” atly maslahat geçirildi. Onda 15 ýyldan gowrak netijeli işiniň dowamynda sebit merkeziniň özüni häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň köpüsini çözmekde Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamyny Merkezi Aziýa ýurtlary bilen baglanyşdyrýan netijeli binýat hökmünde görkezendigi bellenildi. 

                                                                   

1-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi. 

                                                                   

Işewür döwlet Baştutanymyza alnyp barylýan işler, ýurdumyzda amala aşyrylan birnäçe möhüm taslamalar barada habar berdi. Şeýle-de özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegini maksat edinýändigini beýan etdi. Duşuşykda daşky gurşawy goramak we ekologik howpsuzlyk, ýurdumyzyň derýalarynyň suw serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berildi. 

                                                                   

2-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitine gatnaşmak maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Ýokary derejeli duşuşyga döwlet we hökümet Baştutanlary, dürli ýurtlaryň hem-de iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Halkara Migrasiýa Guramasynyň, Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň we beýlekileriň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibine sebit we ählumumy ähmiýetli möhüm meseleler, häzirki döwrüň howplaryna, wehimlerine, ilkinji nobatda, COVID-19-a garşy bilelikde göreşmek, oňyn syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmak, dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy höweslendirmek boýunça görülmeli çäreler bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy girizildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz forumda çykyş edip, koronawirus pandemiýasynyň netijeleriniň häzirki döwürde örän möhüm we düýpli meseleleriň biri bolup durýandygyny belledi. Elbetde, bu diňe lukmançylyk meselesi däldir. Ol gönüden-göni ählumumy ösüşiň syýasy, ykdysady, durmuş-ynsanperwer ugurlaryna täsir edýär. Munuň özi biziň ählimiziň duçar bolan ýönekeý bolmadyk ýagdaýymyzy ýeňip geçmek üçin döwletleriň we halkara institutlaryň özara gatnaşyklarynyň täze, birmeňzeş usullaryny gözlemegiň zerurdygyny görkezdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ugurda ilkinji nobatdaky wezipeleriň arasynda Goşulyşmazlyk Hereketine girýän ýurtlaryň ylmy-lukmançylyk ugry boýunça hyzmatdaşlygynyň ulgamlaşdyrylmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Goşulyşmazlyk Hereketiniň ýokanç kesellere garşy göreşmek boýunça ähli agzalary üçin elýeterli bolan Bitewi maglumat we usulyýet bankyny döretmegiň üstünde oýlanmak teklip edildi. Goşulyşmazlyk Hereketiniň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahatyny çagyrmak meselesini öwrenmegiň, tejribe geçýän lukmanlary, alymlary, bilermenleri, lukmançylyk bileleşiginiň beýleki wekillerini, täze howplara garşy durmaga we onuň bilen bagly ýagdaýlary ýeňip geçmäge gatnaşýan başga düzümleri hem-de edaralary çekmegi ara alyp maslahatlaşmagyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, bu forumyň gyzyklanma bildirýän beýleki döwletlerdir guramalaryň ählisi üçin-de açyk bolmalydygy nygtaldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Goşulyşmazlyk Hereketiniň we BSGG-niň arasynda, ilkinji nobatda, biziň ýurtlarymyzyň lukmançylyk birleşikleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň netijeli usullaryny ýola goýmaga hem-de gurama agza döwletleriň Hökümetlerine şeýle bilelikdäki işiň usullarynyň üstünde bilelikde işlemäge çagyrdy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň şu aşakdaky halkara we sebit gurallaryny, ýagny Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça Ýörite maksatnamasyny; öýken sowuklamasyna garşy göreşmek boýunça köptaraply guraly; Ýokanç keselleri bejermek we olaryň öňüni almak boýunça usulyýet merkezini; Merkezi Aziýa epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa sebit merkezini döretmek barada ozal öňe süren teklipleri tassyklanyldy. 

                                                                   

Şeýle hem Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýardam bermeginde we utgaşdyrmagynda derman serişdelerini we lukmançylyk enjamlaryny bu ugurda ýeterlik bolmadyk döwletlere wagtynda, bökdençsiz eltmek üçin has netijeli we adalatly ulgamy ýola goýmagyň zerurdygyna aýratyn üns çekildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz geljekki meýilnamalar barada aýdyp, geljek döwürde halkara ykdysady we söwda gatnaşyklaryny yzygiderli dikeltmegi gazanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem Baş Assambleýanyň “Ählumumy ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we berkitmekde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ornuny ýokarlandyrmak” atly Kararnamasyny işläp taýýarlamaga Türkmenistanyň taýýardygy bellenildi. Şeýle resminama bu döwletleriň bähbitlerini öňe sürmäge netijeli itergi bermäge ukyply bolar. Goşulyşmazlyk Hereketine girýän döwletleriň köpüsi degişli meseleleriň ähmiýetini we oňa düşünmegi beýan eder, dünýä jemgyýetçiliginiň olaryň çözülmegine meýillerini görkezer. 

                                                                   

Pandemiýanyň ýaramaz ykdysady netijelerini azaltmak bilen baglylykda, BMG-niň ugurdaş düzümleri, ilkinji nobatda, Ykdysady we Durmuş geňeşi bilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek teklip edildi. Bellenilişi ýaly, ösýän ýurtlaryň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramakda, halkara ykdysady gatnaşyklarda adalatlylygy hem-de deňhukuklylygy işjeň gazanmakda Goşulyşmazlyk Hereketiniň ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmek COVID-den soňky ählumumy ykdysady şertlerde bilelikdäki işimiziň örän möhüm tarapy bolup durýar. Şu meselelerde biziň maksadymyz aýdyň we dogry beýan edilmelidir: ykdysady gatnaşyklaryň dikeldilmegi ösýän ýurtlara zelel ýetirmeli däldir, olaryň hasabyna geçirilmeli däldir. 

                                                                   

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz islendik adamyň aýrylmaz hukugy, saglygynyň, kadaly ösüşiniň esasy şerti hökmünde doly derejeli iýmitlenmegi kepillendirmekde döwletleriň we sebitleriň azyk serişdelerine elýeterliligini üpjün etmek meselelerine seredilende, goşulyşmaýan ýurtlaryň garaýyşlarynyň bitewüliginiň, berkliginiň zerurdygyny belledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow COVID-den soňky dikeldiş döwrüniň ähli sanalyp geçilen wezipeleriniň diňe pugta parahatçylyk we deňhukuklylyk şertlerinde mümkindigini belläp, geljekde goşulyşmaýan ýurtlary ählumumy durnuklylygy, howpsuzlygy gazanmak ugrundaky göreşde öz birleşdirilen çemeleşmelerini güýçlendirmäge çagyrdy. Gapma-garşylyklary we dartgynlylygyň güýjemegini ýeňip geçmelidigini, döwletara gatnaşyklarda hormatlamak medeniýetini, ynanyşmagy, öňünden çaklamagy gazanmalydygyny belleýäris, häzirki döwrüň dünýä tertibiniň we howpsuzlyk gurluşynyň syýasy-hukuk binýady hökmünde halkara hukugyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň ornunyň pugtalandyrylmalydygyny nygtaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

                                                                   

Iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Baku Kongresler merkezinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy. Sebit we ählumumy gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda söhbetdeşler häzirki döwrüň möhüm meseleleri, ählumumy parahatçylygy saklamak, goldamak, halkara terrorçylygyň wehimlerine garşy göreşmek, durnukly energetika, ulag ulgamlaryny üpjün etmek, suw howpsuzlygy, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi ýaly meselelerde özara düşünişmegiň bardygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde, taraplar häzirki zamanyň şu we beýleki meselelerini sebit derejesinde çözmekde hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn görnüşleriniň döwrebap hem-de netijeli görnüşler bolup durýandygyny tassykladylar. 

                                                                   

Goşulyşmazlyk Hereketiniň halkara gatnaşyklardaky orny ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, şu sammitiň hem-de onuň çäklerinde öňe sürlen başlangyçlaryň ähmiýetine üns berildi. Söwda-ykdysady gatnaşyklar, ulag-logistika we energetika ulgamlary, şol sanda bu ugurlarda giň möçberli halkara taslamalary durmuşa geçirmek ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. 

                                                                   

3-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi. 

                                                                   

2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň makroykdysady görkezijilerine görä, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda we sebitlerde durnukly ösüş üpjün edilýär, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürmegiň möçberi 6 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň iki aýynyň jemleri boýunça bölek satuw haryt dolanyşygy, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,5 göterim artdy. Daşary söwda dolanyşygynyň möçberi eksportyň we importyň artmagynyň hasabyna 3,4 göterim ýokarlandy. 

                                                                   

2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 115,7 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,1 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 9,7 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,1 göterim artdy. 

                                                                   

Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň jemleri boýunça Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde durmuş maksatly desgalaryň we binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, suw arassalaýjy desgalaryň, inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyk işleri alnyp baryldy. 

                                                                   

Geçen iki aýda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz döwletimiziň depginli ösüşini görkezýändigini kanagatlanma bilen aýdyp, döwlet Baştutanymyz gazanylan netijeleri saklap galmak bilen çäklenmän, eýsem, olary artdyrmagyň zerurdygyny nygtady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köp çagaly enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak hakynda Permana gol çekip, hormatly adyň nyşanlarynyň, şeýle hem köp çagaly maşgalalara täze öýleriň açarlarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmalydygyny belledi. 

                                                                   

Geçen hepdede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. 

                                                                   

Mustafa Şentop 6-njy fewralda Türkiýäniň günorta-günbatar sebitinde bolup geçen güýçli ýertitreme bilen baglylykda berlen goldaw üçin hoşallygyny beýan edip, agyr günlerde duýgudaşlyk bildirmegiň, doganlyk goluny uzatmagyň türk halkynyň ruhuny ýokary götermekde örän möhümdigini nygtady. 

                                                                   

Söhbetdeşler iki ýurduň arasynda barha ösdürilýän dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, syýasy ulgamda strategik hyzmatdaşlygyň durnukly häsiýetini aýratyn nygtadylar. Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň ýolbaşçysy parlament diplomatiýasynyň möhüm ornuna ünsi çekdi we pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilen parlamentara çärelere gatnaşmaga çagyrdy. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri iki döwletiň arasynda işjeň ösdürilýän hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklar barada aýtmak bilen, ykdysadyýetiň energetika, ulag we kommunikasiýalar, maýa goýumlar, söwda, oba hojalygy, dokma senagaty, gaýtadan işleýän we nebithimiýa senagaty ýaly pudaklarynda, beýleki ugurlarda anyk taslamalary durmuşa geçirmegi teklip etdi. 

                                                                   

4-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzyň günorta böleginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler, bu ýerde görkezilen birnäçe şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle-de “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukato bilen duşuşdy. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz medeni-seýilgäh toplumynyň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgelerinden ugur alynmalydygyny, bezeg işlerinde bolsa halkymyzyň özboluşlylygyny aňladýan reňkleriň ulanylmalydygyny belledi. 

                                                                   

Soňra “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedi awtomobil ýolunyň gurluşygy barada maglumat berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşygy alnyp barylýan birnäçe desgalarda işleriň depginini güýçlendirmegiň möhümdigine, suw üpjünçiliginiň meselelerine, ýokary woltly elektrik bekediniň taslamasynyň işlenip taýýarlanylmagyna degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Gwatemala Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Haýro Dawid Estrada Barriosdan ynanç hatyny kabul etdi. 

                                                                   

Geljegi uly dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Gwatemalanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara guramalaryň, abraýly düzümleriň, parlamentara gatnaşyklaryň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygy tassyklanyldy. 

                                                                   

Türkmenistanda Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleri bellige almak tamamlandy. Tutuş ýurdumyz boýunça dalaşgärleriň 14 müň 872-si hödürlendi we bellige alyndy. Olardan milli parlamentiň deputatlygyna 258 dalaşgär bar. Dalaşgärler Demokratik partiýadan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Agrar partiýadan, raýatlar toparlaryndan hödürlenildi. 

                                                                   

Şeýlelikde, geçen hepde ähmiýetli wakalara baý bolup, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi bilen syýasy dialogyny çuňlaşdyrmak, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine ykdysady, ynsanperwer ugurly gatnaşyklary giňeltmek boýunça giň möçberli başlangyçlarynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. 

                                                                                                           

(TDH)

06.03.2023
Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz ösüş­le­re bes­len­ýär

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ös­dür­mek­de, hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek­de uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Yn­ha, şu ýy­lyň 10-njy few­ra­lyn­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de ge­çen ýyl­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça al­nyp bar­lan iş­le­riň jem­le­ri jem­le­nil­di we ýur­du­my­zyň ösüş­le­ri­niň aý­dyň ugur­la­ry kes­git­le­nil­di. Mej­li­siň do­wa­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­do­wyň Ka­ra­ry bi­len, «Ýur­du­my­zy 2023-nji ýyl­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy» ka­bul edil­di.  

                                                                   

«Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2022 — 2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da» göz öňün­de tu­tu­lan we­zi­pe­le­ri 2023-nji ýyl­da üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len ka­bul edi­len bir ýyl­lyk Mak­sat­na­ma­da hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak, dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ny we iş üp­jün­çi­lik ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek, ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösüş müm­kin­çi­lik­le­ri­ni giň­den ulan­mak, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň se­na­gat­laş­ma de­re­je­si­ni pug­ta­lan­dyr­mak ýa­ly me­se­le­ler äh­mi­ýet­li or­ny eýe­le­ýär. Aý­dyň we­zi­pe­le­riň göz öňün­de tu­tu­lyp, mak­sat­la­ýyn iş­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy özü­niň oňat ne­ti­je­si­ni ber­ýär. Şo­nuň üçin hem öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­riň äh­li­si ýur­du­myz­da Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy­ny ga­zan­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.  

                                                                   

2023-nji ýyl­da ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da göz öňün­de tu­tul­ýan esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri hem mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ry­ny we ýur­du­my­zyň se­bit­le­ri­ni dur­nuk­ly ös­dür­mek­den yba­rat­dyr. Pu­dak­la­ryň we hyz­mat­lar ul­ga­my­nyň dep­gin­li ösü­şi­ni üp­jün et­mek, ola­ra san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry giň­den or­naş­dyr­mak, ýur­duň azyk ga­raş­syz­ly­gy­ny ber­kit­mek ar­ka­ly yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny has-da pug­ta­lan­dyr­mak, se­na­gat pu­da­gy­ny in­no­wa­sion hä­si­ýet­de ös­dür­mek, je­mi içer­ki önü­miň dü­zü­min­de mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­lar ul­ga­my­nyň pa­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak esa­sy ugur­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar.  

                                                                   

Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­le­riň her bi­ri hal­kyň bäh­bi­di­ne we ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk hem ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Şun­da san­ly ul­ga­myň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ni, önüm­çi­li­giň has-da ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­ny bel­le­mek bo­lar. Bu ugur­la­ryň her bi­ri ba­bat­da mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar we mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­ne uly go­şant go­şul­ýar. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şu ýy­lyň şy­ga­ry ba­ra­da aý­dyp, onuň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­tap, «Yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­my­zy ber­kit­mä­ge, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni has-da go­wu­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­me­li­dir» di­ýip bel­le­ýär. Şo­nuň üçin hem, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy, me­de­ni we dur­muş ul­gam­la­ryn­da uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­dy. Şu dö­wür­de yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ry saz­la­şyk­ly ösüş ýo­lu­na dü­şüp, tä­ze önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry eme­le gel­di. Bu bol­sa, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ös­me­gi­ne, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň has-da ýo­kar­lan­ma­gy­na oňat ýar­dam ber­ýär. Mu­nuň özi nu­ra­na gel­je­gi­mi­ziň has-da ösüş­li bol­ma­gy­ny, ne­sil­le­ri­mi­ziň bag­ty­ýar­ly­gy­ny üp­jün ed­ýär. 

                                                                   

Be­lent mak­sat­lar aý­dyň ýo­ly kes­git­läp, gel­je­ge ynam dö­red­ýär. Şeý­le be­ýik ynam we ag­zy­bir­lik bi­len mak­sat­la­ýyn iş­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň üs­tün­lik­le­ri­ne go­şant goş­mak bol­sa bag­ty­ýar­ly­gyň ny­şa­ny­dyr.  

                                                                   

Ýur­du­myz­da şeý­le iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne yzy­gi­der­li gol­daw ber­ýän we giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li be­ýik iş­le­ri ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin! 

                                                                                                           

Ali­şer MA­MI­NOW,

                       

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Döw­let gul­lu­gy aka­de­mi­ýa­sy­nyň diň­leý­ji­si.

06.03.2023
Daglaryň alkymyndaky hazynalar mekany

Önümçilige innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleriň öndürilmegini üpjün etmäge gönükdirilen hojalyk mehanizminiň kemala getirilmegi welaýatymyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Munuň şeýledigine «Lebap» sement zawodynyň mysalynda hem göz ýetirse bolýar. Kärhanada häzirki wagtda gurluşykda örän uly islege eýe bolýan sementiň önümçiligi kämil derejede ýola goýuldy. 

                                                                   

Kärhanada işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy netijesinde 2022-nji ýylyň dowamynda 1,1 million tonna ýokary hilli sement öndürildi. Munuň özi öňňilkiden 109 müň tonna çemesi sementiň artyk öndürilendigini aňladýar. Öndürilýän sementiň ýurdumyzyň çar künjünde alnyp barylýan gurluşyklara ugradylýandygyny, şol sanda daşary döwletlere-de eksport edilýändigini göz öňünde tutsaň, döwrebap kärhananyň önümlerine islegiň has uludygyny arkaýyn aýdyp bolar. Ulanylýan esasy çig mal serişdeleriň ählisi hem özümizde gazylyp alynýar. Häzirki wagtda demir jöwher we bazalt ýaly sementiň berkligini hem-de beýleki hil sypatlaryny ýokarlandyrýan çig mallaryň hem ählisi öz tebigy baýlyklarymyza degişlidir. Bu bolsa şu ýerde öndürilýän portlandsementiň М400 we М500 hem-de duza çydamly М400 ýaly görnüşlerine islegiň artmagyny üpjün edýär. Çig mallaryň beýleki ýerleriňkä garanyňda hem hiliniň ýokarydygy, umuman, düzüminiň örän baýdygy anyklanyldy.  

                                                                   

Gurşun magdan käni şäherçesiniň golaýynda sement üçin zerur bolan çig mallaryň gazylyp alynýan 8 gektarlyk käni sement önümçiligi üçin gerek bolan çig mallary gazyp almakda esasy daýançdyr. Kärhananyň döwrebap tehnologiýalary önümleriň ekologiýa taýdan arassalygyna hem täsirini ýetirýär. 

                                                                   

Kärhana sebitde alnyp barylýan gurluşyklaryň bökdelmezligi üçin hem berk daýanç bolup hyzmat edýär. Zawodyň ýyllyk kuwwaty 1 million tonna sementi öndürmäge barabardyr. Emma onuň önümlerine islegiň köp bolmagy kuwwaty öňküsinden kem bolmadyk ýene-de bir zawodyň zerur gerekdigini görkezdi. Gündogar sebitiň sement önümçiligi üçin gerekli çig mallara baý bolmagy göz öňünde tutulan maksadyň amala aşmagy üçin hem örän amatly bolup çykdy. Hut şonuň üçin 2020-nji ýylyň tomsunda sebitde ýene-de bir sany ýylda 1 million tonna portlandsement öndürýän zawodyň gurluşygyna girişildi. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda gurulýan bu kuwwatly zawodyň gurluşygynda hünärmenleriň 650-den gowragy zähmet çekýär. Kärhana işe girizileninden soňra ozalky öndürilýänleriniň sanawynda sementiň M600 görnüşi hem peýda bolar, onuň hili has-da ýokarydyr.  

                                                                   

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ösen döwletleriň derejesine ýetirmek hormatly Prezidentimiziň syýasatynyň esasy özenini düzýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly ýörelgesini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen öňe barýan güneşli Diýarymyzda adamlaryň ýaşaýşyna eşret goşýan, durmuş amatlylyklaryny köpeldýän şertleriň döredilýändigi üçin ildeşlerimiz hem sagbolsunlaryny aýdýarlar. 

                                                                                                           

Ilmyrat DÖWLETOW.

02.03.2023
Türkmenistanyň Prezidenti “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

AŞGABAT, 1-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.

 Işewür wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň giň möçberli özgertmeler strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň “Wozroždeniýe” kompaniýalar topary bilen üstünlikli hyzmatdaşlygynyň köpýyllyk tejribesine kanagatlanma bildirdi. Ýurdumyz bilen bu kompaniýanyň arasynda ygtybarly we ynanyşykly gatnaşyklar ýola goýuldy. 

                                                                   

Duşuşygyň dowamynda dürli ulgamlarda uly kuwwata eýe bolan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, işewür ýerine ýetirilýän işleriň barşy barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar topary tarapyndan ýurdumyzda birnäçe möhüm infrastruktura taslamalary, şol sanda geçen ýylda ulanmaga berlen, paýtagtymyz üçin uly ähmiýeti bolan sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň taslamasy amala aşyryldy. 

                                                                   

Duşuşykda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine meýil beýan edildi. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde amala aşyrylýan hem-de innowasiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyny ugur edinýän giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasy bu hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şunda Türkmenistanda daşky gurşawy goramak we ekologik howpsuzlyk meselelerine aýratyn üns berilýändigi nygtaldy. Howanyň üýtgemeginiň ýetirýän täsirlerini peseltmek boýunça netijeli çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär, durmuş-ykdysady taslamalar amala aşyrylanda, ekologiýa meselesine uly ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Şeýle-de häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, suw serişdelerini gorap saklamagyň we olary rejeli peýdalanmagyň täzeçil tehnologiýalary, ylmyň soňky gazananlaryny ulanmak arkaly ýurdumyzyň ähli derýalarynda endigan suw akymyny üpjün etmegiň möhümdigi bellenildi. Şundan ugur alyp, bu meseleleri çözmekde Türkmenistan öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini ulanmagy maksat edinýär hem-de “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardyr. 

                                                                   

Işewür döwlet Baştutanymyza kompaniýa bildirýän ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, kompaniýanyň öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukato özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan we anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

02.03.2023
Pul-karz syýasaty: döwrebaplyk, ösüş we netijelilik

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barylýan düýpli özgertmeler özüniň oňyn netijelerini berýär. Munuň aýdyň mysalyny «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan 2022-nji ýylyň jemlerinden hem görmek bolýar. 

                                                                   

Geçen ýylda ýurduň ykdysady ösüşini häsiýetlendirýän esasy makroykdysady görkeziji bolan jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim boldy, şol sanda senagatda 6,3, söwdada 8,9, oba hojalygynda 5,7 göterime deň boldy. Şeýle ýokary depginli ösüşiň gazanylmagy netijesinde, ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň (býujetiň) girdeji bölegi 125,8 göterim, çykdajy bölegi 99,9 göterim ýerine ýetirildi. Gazanylan üstünlikler türkmen ykdysadyýetiniň bazar ykdysadyýeti şertlerinde üstünlikli ilerleýändigini görkezýär. Bazar, öňi bilen, ähli ykdysady gurallaryň, şol sanda pul-karz syýasatynyň döwrebaplaşdyrylmagyny, ösdürilmegini we kämilleşdirilmegini talap edýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň alyp barýan pul-karz syýasaty ýurduň ykdysady syýasatynyň düzüm bölegi bolmak bilen, durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Ýurtda pul dolanyşygyny kämilleşdirmek, pul birliginiň satyn alyş ukybynyň durnuklylygyny üpjün etmek, karz serişdeleriniň elýeterliligi, ykdysadyýete gönükdirilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmak, maliýe goldawynyň berilmegi netijesinde kärhanalaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny has-da gowulandyrmak ykdysadyýeti ösdürmekde esasy görkezijiler hasap edilýär.  

                                                                   

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, Merkezi bank tarapyndan pul-karz we walýuta syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, täze pul-karz gurallaryny ornaşdyrmak boýunça köp sanly çäreler durmuşa geçirilýär. Şu meseleleri üstünlikli çözmek üçin dünýäniň ösen döwletleriniň banklarynyň, halkara maliýe guramalarynyň baý tejribesi öwrenilýär we ýurdumyzyň bank önümçiligine giňden ornaşdyrylýar. 

                                                                   

Türkmenistanyň bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça işleriň ykdysadyýetiň ösýän isleg-talabyna laýyklykda amala aşyrylmagy pul dolanyşygynyň hereketini çaltlandyrmaga, ýokary netijeli pul-karz syýasatyny geçirmäge we milli manadymyzyň makroykdysady görkezijilere täsirini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Pul-karz syýasaty ýurduň maýa goýum işjeňligine öz täsirini ýetirýär. Çünki maýa goýumyň mukdar taýdan köpelmegi we hil taýdan täze derejä çykarylmagy milli walýutanyň durnuklylygy, karza bolan islegiň öz wagtynda, doly derejede kanagatlandyrylmagy bilen üznüksiz baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine gönükdirilýän karz serişdeleri yzygiderli artýar. 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna görä, bank ulgamy tarapyndan ykdysadyýete berlen karzlaryň galyndysy 7,6 göterim, hususy bölege berlen karzlaryň galyndysy 28,2 göterim, oba hojalyk önümlerini öndürijilere berlen karz serişdeleriniň galyndysy 1,3 esse, ipoteka karzlarynyň galyndysy 9,4 göterim artdy. Şu maglumatlardan görnüşi ýaly, ýurdumyzyň banklarynyň karz syýasaty täze derejelere çykýar we ykdysady ösüşe täsiri ýokarlanýar. 

                                                                   

Soňky ýyllarda karz edaralary tarapyndan berilýän karzlaryň düzüminde uzak möhletli karzlaryň paýy yzygiderli artýar. Munuň özi karzyň maýa goýum syýasatynda işjeňligini artdyrmak bilen, önümçiligiň ähli ugurlaryna öňdebaryjy, ösen tehnologiýany ornaşdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge we ykdysadyýeti düşewüntli dolandyrmaga zerur bolan amatlyklary döredýär. Şu ýyl ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 37 milliard 400 million manat möçberde maýa goýum goýlar, onuň 20 milliard 800 million manadyny ýa-da 55,6 göterimini önümçilik desgalarynyň gurluşygyna, 16 milliard 600 million manadyny ýa-da 44,4 göterimini bolsa durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirmek göz öňünde tutulýar. Munuň netijesinde, 3 müňe golaý täze iş ornuny döretmek, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 19,4 milliard amerikan dollaryna, jemi içerki önümiň ösüş depginini bolsa 6,5 göterime ýetirmek meýilleşdirilýär. Jemi içerki önümde (ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan) hususy pudagyň paýyny 71,3 göterime ýetirmek maksat edinilýär.  

                                                                   

Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň 10 göterim ýokarlanmagy bilen, ilatyň tölege ukyplylygy artýar, ýaşaýyş-durmuş şertleri gowulanýar. Ýurtda öndürilýän önümleriň möçberiniň yzygiderli köpelmegi, olaryň hiliniň halkara talaplara laýyk getirilmegi harytlaryň diňe bir içerki bazarda geçginliligini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä bazarlarynda hem ýokary islege eýe bolmagyny üpjün edýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň eksporty barha ýokarlanýar, importyň ornuny tutýan önümler özümizde öndürilýär we türkmen manadynyň kadaly hereketi üpjün edilýär. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ilatynyň ýarysyna golaýy oba ýerlerinde ýaşaýar. Oba ilatyna banklar tarapyndan ýeňillikli şertlerde berilýän karzlar yzygiderli artýar. Oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri gowulanýar, maşgala girdejileri ýokarlanýar. Şu ýagdaýlary göz öňünde tutup, ýurdumyzyň bank ulgamynyň işgärleri oba ýaşaýjylary bilen köpräk duşuşyklary geçirmegi, olaryň banklaryň hödürleýän hyzmatlaryndan giňden peýdalanmagyny ýola goýmagy we maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmagy öňde duran esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlediler. Bu işleriň maksadalaýyk geçirilmegi pul-karz syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrar we maksatnamalaýyn ösüşi üpjün eder. 

                                                                   

Ýurdumyzyň bank ulgamynda sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy pul dolanyşygynda serişdeleriň aýlanyş tizligini ýokarlandyrýar, hasaplaşyklary geçirmegiň, karzy resmileşdirmegiň wagtyny gysgaldýar, pul-karz gatnaşyklarynda kada-kanunyň berjaý edilişine gözegçiligi ýola goýmaga we ýokary netijeli çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik döredýär. Munuň netijesinde, banklaryň ýurdumyzyň ykdysady ösüşindäki orny barha ýokarlanýar, bäsdeşlige ukyplylygy artýar we banklar tarapyndan geçirilýän pul-karz syýasaty ykdysadyýetiň işjeň hereketlendiriji güýjüne öwrülýär.  

                                                                   

Milli ykdysadyýetde sazlaşykly alnyp barylýan giň gerimli işler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşleriniň yzygiderli ilerlemegine, ilatyň ýaşaýyş şertleriniň has-da gowulanmagyna gönükdirilendir. Ýeri gelende aýtsak, gazanylýan bu üstünlikler barada ýaşlaryň arasynda hem yzygiderli wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Ýakynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda geçirilen “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary” atly maslahatda hem bu barada giňden pikir alşyldy. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşleri ylmy taýdan esaslandyrylyp, oýlanyşykly işlenip düzülen, uzak geljegi nazarlaýan maksatnamalara daýanýar. Şoňa görä-de, anyk netijeler gazanylyp, ösüşli ýol dowam etdirilýär. 

                                                                                                           

Baýramdurdy TAÝHAROW,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professory.

01.03.2023
Sebitde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak ugrunda

Aşgabat, 28-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi — sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň, howpsuzlygyň berk binýady” atly maslahat geçirildi. Wekilçilikli forum BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän 77-nji sessiýasynyň 60-njy umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli guraldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, munuň özi ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarydygynyň, döwletimiziň alyp barýan daşary syýasat ugrunyň netijelidiginiň aýdyň beýanydyr. Öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýetiniň hem-de möhümdiginiň tassyklanmagydyr. Şeýle-de parahatçylygy goldamak we dünýä gurluşy babatda Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite syýasy edaralarynyň ornunyň wajypdygynyň ykrar edilmegidir. 

                                                                   

Nygtalyşy ýaly, halkara gatnaşyklary düzgünleşdirýän edara hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň utgaşdyryjy ornuna ýokary baha berip, Türkmenistan bu gurama bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär we ony daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. 

                                                                   

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, şu geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyz BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen netijeli gatnaşyk edýär, olar bilen bilelikde dürli ulgamlarda möhüm taslamalardyr maksatnamalar amala aşyrylýar. Hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesine daýanyp, häzirki döwürde däbe öwrülen bu gatnaşyklar özüniň çägini giňeldýär, ählumumy ösüşiň täze ugurlaryny hem-de derwaýys meselelerini, şol sanda parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly energetika we ulag, ykdysady, durmuş, ynsanperwer, ekologik meseleleri çözmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly ugurlary öz içine alýar. 

                                                                   

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk ygrarly bolan hem-de Garaşsyzlyk ýyllarynda parahatçylyk döredijiligiň uly tejribesini toplan Türkmenistan BMG üçin möhüm we uzak möhletleýin hyzmatdaş bolup durýar.  

                                                                   

Ýurdumyzyň täsin, dünýä tejribesindäki ilkinji Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek berkidilip, amala aşyrylýan daşary syýasy ugruň maksadyny hem-de many-mazmunyny kesgitledi, sebitde howpsuzlygy üpjün etmäge, içerki ösüşi hem-de milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen çalt depginlerde ösdürmek boýunça giň gerimli döwlet maksatnamalaryny höweslendirmäge oňyn täsirini ýetirdi. Häzirki wagtda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeler, has takygy, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, gyzyklanma bildirilýän ýurtlaryň, hyzmatdaşlaryň ählisi bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek, beýleki halklara, olaryň medeniýetlerine we däp-dessurlaryna hormat goýmak ýaly ýörelgeler Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynda hem-de öňüni alyş diplomatiýasynda täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. 

                                                                   

Bitaraplyk syýasatynyň sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönüden-göni ýardam edýändigini iş ýüzünde subut eden türkmen tarapynyň başlangyjy bilen 12-nji dekabryň “Halkara Bitaraplyk güni” diýlip biragyzdan yglan edilmegi tötänden däldir. Öz döwründe munuň özi BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen berkidildi. Hyzmatdaşlygyň geçen ýyllarynyň dowamynda ýurdumyz dünýä gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça beýleki Kararnamalaryň hem ençemesiniň awtory boldy. Şolaryň biri-de soňky döwürde kabul edilen 2023-nji ýyly “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamadyr. Bu resminama BMG-niň esasy maksatlarynyň we wezipeleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly ählumumy başlangyç dünýä halklarynyň parahat durmuşda we özara ynanyşmak ýagdaýynda ýaşamagynyň däplerini pugtalandyrmak, gymmatly ýörelgeleri hem-de oňyn dünýägaraýyşlary dikeltmek, parahatçylygyň, ynanyşmagyň medeniýetini halkara gatnaşyklaryň möhüm şerti hökmünde kesgitlemek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy hökmünde ykrar edilýän bu başlangyç BMG-niň Baş sekretarynyň dünýäni gurmagyň Täze gün tertibini kemala getirmek baradaky başlangyjy bilen sazlaşýar. Şol başlangyç ählumumy strategik howplary azaltmak, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga we parahatçylyk döredijilige maýa goýumlary goýmak, sebitdäki öňüni alyş çärelerini goldamak ýaly meseleleri birleşdirýär. 

                                                                   

2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasy ugrunyň goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Gurama tarapyndan işlenip taýýarlanylan syýasy-hukuk guraly nazara almak hem-de ýurdumyzyň Bitaraplygynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak bilen, bu merkeziň işi sebitiň ýurtlarynyň netijeli syýasy gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Sebit merkezi goňşy döwletleriň hem-de Howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň goldamagynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň çözgüdine laýyklykda tassyklanyldy. 

                                                                   

Şu günki maslahatyň barşynda 15 ýyldan gowrak netijeli işiniň dowamynda sebit merkeziniň özüni häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň köpüsini çözmekde Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamyny Merkezi Aziýa ýurtlary bilen baglanyşdyrýan netijeli binýat hökmünde görkezendigi bellenildi. Türkmenistanyň Hökümeti BMG-niň şu düzüminiň işine, şeýle hem onuň ähli tagallalaryna we başlangyçlaryna, hususan-da, syýasy-diplomatik gatnaşyklary ilerletmek, sebitde gapma-garşylyklaryň öňüni almak, ynanyşmak ýagdaýyny pugtalandyrmak babatdaky tagallalaryna hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Häzirki wagtda sebit merkeziniň binýadynda özara gatnaşyklaryň täze görnüşleri, şol sanda Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa döwletleriniň suw-energetika hyzmatdaşlygynyň hukuk meseleleri boýunça maksatlaýyn iş topary döredildi we üstünlikli hereket edýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly adybir Kararnamasynyň kabul edilmegi BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň kuwwatyny, onuň halkara hukuk esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetli waka boldy. Bellenilişi ýaly, sebitiň ýurtlary bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklar, yzygiderli geçirilýän duşuşyklar, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary taraplaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak boýunça halkara düzümler bilen tagallalary birleşdirmäge taýýardygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. 

                                                                   

Çykyşlarda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda, Watanymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň, toplumlaýyn ösüş maksatnamalarynyň, oňyn demokratik özgertmeleriň, Türkmenistanyň parahatçylygyň we ählumumy howpsuzlygyň esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm başlangyçlarynyň many-mazmunyny düşündirmek boýunça alnyp barylýan köpçülikleýin wagyz-nesihat işinde jemgyýetçilik guramalarynyň wajyp orny bellenildi. 

                                                                   

Maslahata gatnaşyjylar BMG-niň Baş Assambleýasynyň täze Kararnamasynyň kabul edilmeginiň sebit merkeziniň ygtyýarlyklaryny pugtalandyrmaga, öňüni alyş diplomatiýasynyň täsirli gurallaryny giňden ulanmaga hem-de Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

01.03.2023
Söwda öýleri — milli önümleri tanatmagyň meýdançasy

Söwda ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, döwrebap bazar gurallarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna onda hususy ulgamyň eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagy Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda bu ugurda amala aşyrylýan işler öz oňyn netijesini berýär. Diňe geçen ýylyň dowamynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgininiň 106,6, öndürilen önümleriň 102,6 göterime deň bolmagy hem munuň şeýledigine doly şaýatlyk edýär. Şunda döwletimiziň daşary ýurtlardaky söwda öýleriniň işiniň ilerledilmegine-de möhüm orun degişlidir. 

                                                                   

Söwda öýleri ýurtlaryň arasynda ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda, milli haryt nyşanly önümleriň söwdasyny giňeltmekde ähmiýetli orun eýeleýär. Häzirki wagtda daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyna degişli söwda öýleriniň 4-si bolup, şolaryň ikisi Russiýa Federasiýasynda, biri Belarus Respublikasynda, ýene biri Türkiýe Respublikasynda hereket edýär. Dürli ýyllarda döredilen bu söwda öýleriniň esasy maksady Türkmenistanda öndürilýän önümleri daşary ýurtlara çykarmak, harytlarymyzy mahabatlandyrmak, müşderileri türkmen önümleri bilen has ýakyndan tanyşdyrmak, dürli döwletleriň işewürleridir telekeçileri bilen ysnyşykly söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmakdan ybaratdyr.  

                                                                   

Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň söwda öýleriniň ilkinjisi Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde 2010-njy ýylyň aprelinde döredildi. Bu ýerde «Türkmenistanyň söwda öýi» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti döretmek hakyndaky başlangyç Russiýanyň paýtagtynda 2009-njy ýylyň oktýabrynda geçirilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň Teswirnamasynda beýan edildi. «Türkmendaşarysöwda» döwlet kärhanasy (paýy 80 göterim) we «Kerwen» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti (paýy 20 göterim) onuň esaslandyryjylary bolup çykyş edýär. Bu söwda öýüniň üsti bilen Russiýada uly islegden peýdalanýan taýýar we ýarym taýýar dokma önümleri, hususan-da, sütükli çalgyçlar, hammam halatlary, taýýar düşekçe toplumlary, gök we miwe önümleri eksport edilýär. Ol öz işini lomaý söwda görnüşinde alyp barmak bilen, bölek söwdany internet sargytlary esasynda eltip bermek hyzmatyny hem ýola goýdy. Şeýle-de ol häzirki wagtda Russiýanyň çäginde hereket edýän zynjyrlaýyn söwda merkezlerini türkmen harytlary bilen üpjün edýär. 

                                                                   

Russiýa Federasiýasynyň geografik taýdan giň çäkde ýerleşendigi nazara alnyp, ilatyň ýurdumyzda öndürilen önümlere islegini doly kanagatlandyrmak maksady bilen, 2020-nji ýylyň dekabrynda Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde ýene bir söwda öýi döredildi. «Türkmen söwda öýi» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti 2021-nji ýylyň mart aýynda işe başlady we Wolga derýasynyň kenaryndaky bu şäherde türkmen harytlarynyň satuwyny amala aşyrýar. 

                                                                   

Belarus Respublikasyndaky «Türkmen-belarus söwda öýi» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti hem Diýarymyzyň daşary ýurtlarda üstünlikli hereket edýän söwda meýdançalarynyň biri bolup, onuň Minsk şäherindäki dükanynda satylýan türkmen harytlary elýeterli bahasy, ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Şoňa görä-de, 2010-njy ýylyň oktýabrynda açylan bu söwda öýi şäher ilatynyň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar. «Türkmenistanda öndürilen» ýazgyly önümleri diňe bir Belarus Respublikasyna eksport etmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň beýleki goňşy ýurtlara-da iberilmeginiň ýola goýulmagy Türkmen-belarus söwda öýüniň işiniň netijeli häsiýete eýediginden habar berýär. Ol, esasan, çig, ýarym taýýar we taýýar dokma harytlarynyň, bakja önümleriniň eksporty bilen meşgullanyp, häzirki wagtda telekeçilerimiz tarapyndan öndürilýän ýokary hilli plastmassa önümlerini hem-de pomidor goýaltmasyny ýerlemek boýunça-da degişli işleri alyp barýar. 

                                                                   

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäheriniň Söwda edarasy tarapyndan 2012-nji ýylyň fewralynda resmi taýdan hasaba alnan we öz işine başlan «Türkmen-türk söwda öýi» jogapkärçiligi çäklendirilen paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen dokma önümlerini daşary ýurt bazarlarynda araçysyz ýerlemek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen döredildi. Ol häzirki güne çenli Türkiýäniň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Portugaliýanyň, Belgiýanyň, Germaniýanyň, Polşanyň we Bolgariýanyň kompaniýalary bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk esasynda ýurdumyzyň degişli kärhanalary tarapyndan öndürilýän nah ýüplükleriňdir matalaryň, taýýar öý dokmasy harytlarynyň uly möçberini ýerlemek üçin öz bazaryny we müşderilerini gazanyp, üstünlikli hereket edýär. 

                                                                   

«Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen, geljekde Ýaponiýada Türkmenistanyň söwda öýüni açmagyň meýilleşdirilýändigini aýtmak gerek. Munuň özi haryt öndürijilerimiziň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyna, daşary söwda işiniň kämilleşdirilmegine, «Türkmenistanda öndürilen» ýazgyly milli önümlerimiziň dünýä bazarlaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga giň mümkinçilik berýär.  

                                                                                                           

Saparmyrat ANNANIÝAZOW,

                       

«Türkmendaşarysöwda» döwlet kärhanasynyň söwda öýleriniň işini utgaşdyryş bölüminiň başlygy.

01.03.2023
Täze önümçilikler ýola goýulýar

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 10-njy fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» we Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyny tassyklamak hakynda degişli resminama gol çekdi. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzda senagat, durmuş we medeni maksatly döwrebap binalarydyr desgalary gurmak boýunça işler dowam etdiriler. Mejlisde döwlet Baştutanymyz gurluşyk materiallary senagatynyň önümçilik binýadyny berkitmek üçin hereket edýän kärhanalarda çykarylýan önümleriň görnüşini giňeltmek, täze kärhanalary gurmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtady.  

                                                                   

Geljekde täze zawoddyr fabrikleriň gurulmagy, şäherleriň, şäherçeleriň, obalaryň döredilmegi, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy ýurdumyzyň sarp edijileriniň senagat we gurluşyk önümlerine bolan islegleriniň artmagyna getirýär. Şunda täze gurluşyklaryň ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen üpjün edilmegi, importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek, Diýarymyzyň örän baý ýerli çig mal serişdelerini giňden özleşdirmek örän möhüm bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň gurluşyk senagaty kärhanalary tarapyndan berkligi, seýsmiki durnuklylygy, gowulandyrylan ulanyş häsiýetnamalary bilen tapawutlanýan diwarlyk paneller we armirlenen bloklar, bezeg plitalary, sement, kerpiç, keramzit, magdan däl gurluşyk serişdeleri, metal gurnamalary, ýygnama demir-beton önümleri, plastik we aýna süýümli turbalar öndürilýär. Täze sement zawodlaryny, keramiki-bezeg plitalaryny, sanfaýans önümlerini öndürmek boýunça zawodyň gurluşygy alnyp barylýar. Gurluşyk materiallary senagaty ýurdumyzda güýçli depginde alnyp barylýan gurluşyklary ýerli gurluşyk harytlary bilen üpjün etmäge, bu önümleriň importyny azaltmaga mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Türkmenistany geljek otuz ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna laýyklykda, gurluşyk materiallary senagatynyň çig mal üpjünçiligini ýokarlandyrmak we çig mal binýadyny berkitmek maksady bilen, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy geologiýa-gözleg işlerini geçirmegi göz öňünde tutýar. 2022 — 2025-nji ýyllar aralygynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndaky Gyzylgaýa meýdanynda (6-njy magdan meýdançasy) demir magdanlaryna gözleg işlerini geçirip, çig malyň çaklama serişdeleriniň P1 we C2 derejeler boýunça senagat däl gorlaryny artdyrmak bellenilýär. Russiýa Federasiýasynyň Senagat we söwda ministrliginiň I.P.Bardin adyndaky Merkezi gara metallurgiýa ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri 2022-nji ýylda Türkmenistanyň magdanyny seljermek boýunça işi tamamladylar. Şonda ýurduň metallurgiýasyny ösdürmek üçin mümkinçilikleriniň, şeýle-de baý tebigy gorunyň bardygy, Türkmenistanda dag-magdan baýlaşdyryjy zawody gurmagyň geljeginiň ýokarydygy aýdyldy. 

 Şu ýylyň 19-njy ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilişi ýaly, alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň netijesinde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän «Çagyl» ýatagynyň demir magdanlaryny baýlaşdyrmak arkaly zawodlaryň önümçiliginde çig mal hökmünde ulanylýan demir oksidini almak mümkinçiliginiň bardygy anyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu ýatagyň demir magdanlarynyň bar bolan goruny tassyklamak, taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny işläp düzmek üçin maslahat beriji kompaniýany saýlap almak boýunça halkara bäsleşigi geçirmek meýilleşdirilýär. 

                                                                   

 Alnyp barylýan ähli gurluşyklarda sement esasy gurluşyk serişdesi bolup hyzmat edýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlary «Türkmensenagat» agentliginiň we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri bilen bilelikde Tüwergyr dag-magdan sebitiniň tebigy serişdeleriniň mümkinçiliklerini öwrenip, Çagyl käninden düzüminde demir bolan çig maly gazyp almagy ýola goýmaga ýardam etdiler. Ýerli çig mal bolan demir oksidi daşary ýurtlardan getirilýän çig malyň ornuny tutdy. Demir oksidi E 172 asfalt, mozaika beton kerpiçlerini, ýodalary, bezeg plitalaryny, çerepisa we emeli mermer ýaly gurluşyk materiallaryny reňklemekde ulanylýar. Demir oksidi gurluşyk senagatynda lak-reňk materiallarynyň, reňkli aýnanyň, poslama garşy materiallaryň pigmenti hasap edilýär. Demir poladyň we çoýnuň esasy düzüm bölekleri bolup durýar.  

                                                                   

Geljekde ýerli serişdeleriň senagat taýdan işjeň özleşdirilmegi hem-de täze önümçilikleriň ýola goýulmagy ýurdumyzda alnyp barylýan dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ýokary hilli önümleriň daşary ýurtlara iberilmegini ýola goýmaga hem mümkinçilik berer. Munuň özi gurluşyk pudagynyň okgunly ösmegine, täze iş orunlarynyň döremegine, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň has-da pugtalanmagyna goşant bolar. 

                                                                                                           

Maýa KELOWA,

                       

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.

28.02.2023
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 27-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere seredildi. 

                                                                   

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatyň ekin meýdanlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleriň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär, şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde tekizleýiş we geriş çekmek işleri dowam edýär, welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümine taýýarlyk görülýär. 

                                                                   

Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly taýýar edildi. Welaýatda ýeralmanyň, soganyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edýär, ýazky bag ekmek möwsüminde ekiljek baglaryň ýerlerini taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň geljekki bol hasylyň binýady bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz welaýatda gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak, bugdaýa ideg etmek hem-de gök-bakja ekinlerini ekmek işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň gözegçilikde saklanylmagy babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnama laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi bilen baglylykda häkime degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew şu günler welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, bugdaýa ideg etmek, gowaça ekiljek ýerlerde tekizleýiş we geriş çekmek işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär, ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary möwsüme doly taýýar edildi. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişi dowam edýär, öňümizdäki bag ekmek möwsüminde ekiljek baglaryň ýerleri taýýarlanylýar, welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça zerur şertler döredilýär. 

                                                                   

Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnama laýyklykda welaýatda meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna jogapkärli hem-de toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy we häkime bugdaý ekilen ýerlerde ideg işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda geçirilmeginiň gözegçilikde saklanylmagyny tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegi babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda gurulmagy göz öňünde tutulan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işlerini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. 

                                                                   

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, gowaça ekiljek ýerleri sürmek we tekizlemek, ýuwuş suwuny tutmak, ýazky bag ekmek möwsümi boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça welaýatyň maldarlary üçin zerur şertler döredilýär, ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda gurulmagy göz öňünde tutulan dürli maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekdäki möhüm ornuna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häkime şu günler welaýatyň ekin meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleriniň, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz häkime ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda gurulmagy meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew şu günler welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan hem-de Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaýa ideg etmek hem-de şu ýylyň pagta hasyly üçin welaýatyň gowaça ekiljek ýerlerinde sürüm we tekizleýiş, ýazky möwsümde bag ekiljek ýerleri, nahallary kesgitlemek işleri alnyp barylýar. 

                                                                   

Öňümizdäki ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary doly gözden geçirildi. Ýazlyk ýeralmanyň we soganyň ekişi dowam edýär, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine, owlak-guzy möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegine taýýarlyk görülýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenilen agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň geljekki bereketli we bol hasylyň girewidigini belledi hem-de welaýatyň gowaça ekiljek ýerlerini ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça işleriň depginlerini ýokarlandyrmagyň möhümdigini aýdyp, häkime bu işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bugdaý meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň, gök-bakja ekinleriniň ekişini talabalaýyk geçirmegiň zerurdygyny belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda gurulmagy göz öňünde tutulan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak işleri, hususan-da, sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär, ýazky oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalaryň gözden geçirilişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar, ýazky bag ekmek möwsüminde ekiljek baglaryň ýerlerini kesgitlemek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. 

                                                                   

Mundan başga-da, häkim welaýatyň ak ekin meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýändigi, ýazlyk ýeralmanyň we soganyň ekişiniň dowam edýändigi, welaýatda owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça zerur şertleriň döredilýändigi barada habar berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleriniň depginini güýçlendirmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, gök-bakja ekinleriniň ekişini guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyny belläp, häkime degişli görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnama laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri alnyp barylýar, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda gowaça hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, şu günler welaýatlarda gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, hususan-da, sürüm we tekizleýiş işleri dowam edýär. Bu işler bilen bir hatarda, gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk geçirmek üçin ekiş döwründe ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny, tohumlary möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. 

                                                                   

Ýazlyk ýeralmanyň hem-de soganyň ekişi dowam edýär, ekilmegi meýilleşdirilýän beýleki gök-bakja, oba hojalyk ekinleriň ekiljek ýerlerini, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde ýazky bag ekmek möwsüminde ekiljek bag nahallaryny, olaryň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Şeýle-de wise-premýer welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy almak möwsümini talabalaýyk geçirmek, ýurdumyzda suw üpjünçiligini gowulandyrmak üçin degişli işleriň geçirilýändigini habar berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda jogapkärli möwsümiň ýetip gelýändigine ünsi çekdi hem-de şu günler alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz gowaça ekiljek meýdanlaryň, gök-bakja we beýleki ekinleriň ekiljek ýerleriniň öňümizdäki möwsüme doly taýýar edilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzda ýazky bag ekmek möwsüminde ekiljek saýaly, pürli, miweli baglaryň, üzümiň nahallaryny, olaryň ekiljek ýerlerini taýýarlamak, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak, bugdaý meýdanlarynda geçirilýän ideg işlerini, welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça işleri gözegçilikde saklamak babatda degişli tabşyryklary berdi.  

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

28.02.2023
Ýedi ýyllyk ýoluň bir ýyllyk menzili

Maksat durmuşdaky iň möhüm närseleriň biridir. Dogry saýlanyp alnan ýol bolsa maksada ýetmegiň ilkinji hem-de iň wajyp şertidir. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam edýän beýik işleriniň baş maksady halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Halkyň bagtyýar durmuşy ýurduň ykdysady kuwwaty bilen berk baglanyşyklydyr. Indi ençeme ýyldan bäri milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi çuňňur oýlanyşykly maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesidir. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 10-njy fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde beýan edilen maglumatlar ýurdumyzyň saýlap alan ykdysady ösüş ýolunyň üstünliklere beslenýändigini tassyklaýan bolsa

 Okgunly ösüşiň dowam etmegi üçin rowaçlyga uzaýan ýoldaky gadamlarymyzy birjik-de gowşatman, yhlasly zähmet çekmek gerek. Hormatly Prezidentimiz mejlisde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, 2023-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny tassyklamak baradaky Karara gol çekdi. Bu resminamada ösüşiň täze belentliklerine uzaýan ýoluň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň paýyna düşýän bölegindäki wezipeler anyk kesgitlenilýär. 

                                                                   

 2023-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda göz öňünde tutulýan esasy wezipeler: 

                                                                   

 ► Jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,5 göterime ýetirmek; 

                                                                   

 ► Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek; 

                                                                   

 ► Önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak,  

                                                                   

 ► Täze kärhanalary gurmagyň hasabyna täze iş orunlarynyň 3 müňe golaýyny döretmek; 

                                                                   

 ► Daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 19,4 milliard amerikan dollaryna ýetirmek; 

                                                                   

 ► Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek;  

                                                                   

 ► Jemi içerki önümiň düzüminde (ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan) hususy pudagyň paýyny 71,3 göterime ýetirmek; 

                                                                   

 ► Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak arkaly ilatyň girdejilerini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak. 

                                                                   

Belent maksat we oňa ýetmek üçin geçilmeli ýoluň ugry kesgitlenilensoň, ýene bir zerurlyk ýüze çykýar. Ol hem maksada ýetmek üçin peýdalanyljak serişdelerdir. Ykdysady ösüşi we halkyň abadançylygyny nazarlaýan Maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň esasy şertleriniň ýene biri-de halk hojalygynyň pudaklaryna gönükdirilýän düýpli maýa goýumlardyr. Ykdysadyýeti ekin ekilen meýdana meňzetsek, maýa goýumlary ýerden bol hasyl almak üçin sarp edilýän serişdelere deňäp bileris. Geçen ýylyň jemlerine bagyşlanan Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyny tassyklamak hakynda resminama gol çekmegi bilen, ýylyň dowamynda ykdysadyýetiň pudaklaryna goýuljak maýa goýumlaryň möçberleri hem-de gurlup, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän taslamalar bilen baglanyşykly wezipeler kesgitlenildi. 

                                                                   

 Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynda meýilleşdirilen wezipeler: 

                                                                   

 ► Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyzyň ykdysadyýetine 37 milliard 400 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary goýmak; 

                                                                   

 ► Önümçilik desgalarynyň gurluşygyna 20 milliard 800 million manat möçberde maýa goýumlary gönükdirmek (ýurdumyz boýunça maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 55,6 göterimi); 

                                                                   

 ► Durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna 16 milliard 600 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary gönükdirmek (maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 44,4 göterimi); 

                                                                   

 ► Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýaşaýyş jaýlarynyň 1 million 58,5 müň inedördül metrini ulanmaga bermek; 

                                                                   

 ► Aşgabat şäherinde 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hem-de 4000 orunlyk Medeniýet merkeziniň gurluşygyna başlamak; 

                                                                   

 ► Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumyny, «Parahat-7» ýaşaýyş toplumynda ýaşaýyş jaýlarynyň 23-sini, kuwwatlylygy 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desgany ulanmaga bermek;  

                                                                   

 ► Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň — Arkadag şäheriniň birinji tapgyryny, Gökdepe etrabynyň Köpetdag we Owadandepe geňeşlikleriniň çäginde täze obalary, şeýle hem 600 baş ahalteke bedewi üçin döwrebap athanany ulanmaga tabşyrmak; 

                                                                   

 ► Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ýokary woltly asma elektrik geçiriji ulgamlaryny, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegini, orta mekdepleriň 15-sini we çagalar baglarynyň 3-sini işe girizmek. 

  Belent maksada uzaýan aýdyň ýol kesgitlenilip, ony geçmek üçin gerekli serişdeler taýýar bolansoň, ynam, yhlas hem-de agzybirlik bilen çekiljek zähmet rowaçlyga ýetmek üçin zerur şertleriň üstüni ýetirýär. Hökümet mejlisinde Arkadagly Serdarymyzyň: «Biziň gazanan ähli üstünliklerimiz we ýeten sepgitlerimiz diňe alyp barýan syýasatymyzy halkymyzyň giňden goldamagy, durmuşymyzy gowulandyrmak boýunça geçirýän özgertmelerimize işjeň gatnaşmagy netijesinde mümkin boldy» diýen parasatly sözleri Garaşsyz döwletimiziň üstünliklerine goşant goşanlaryň ählisine tüýs ýürekden minnetdarlygy hem-de ýeňişli ýolumyzyň dowamat dowam bolmagynyň esasy şertini beýan edýär.  

                                                                                                           

Ahmet GELDIÝEW,

                       

«Watan».

, kabul edilen maksatnamalar geljekki rowaçlyklaryň binýadydyr. 

                                                                   

Geçen ýylyň makroykdysady görkezijileri halk hojalygynyň ähli pudaklarynda hem-de sebitlerde durnukly ösüşiň saklanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2022-nji ýylda jemi içerki önümiň 6,2 göterim ýokarlanmagy, hususan-da, senagat toplumynda 6,3 göterim, gurluşyk pudagynda 0,3 göterim, ulag we aragatnaşyk ulgamynda 4,5 göterim, söwdada 8,9 göterim, oba hojalygynda 5,7 göterim, hyzmatlar ulgamynda 7 göterim ösüşiň gazanylmagy ykdysady özgertmeleriň rowaçlanýandygyny görkezýär. Degişli döwürde jemi öndürilen önümiň 11 göterim köpelmegi, bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberiniň 10,8 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň ösüş depgininiň bolsa 32,9 göterim artmagy ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn netijeleriň gazanylýandygyny äşgär edýär.  

                                                                   

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet hakynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 10,4 göterim ýokarlanmagy hem-de zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň öz wagtynda maliýeleşdirilmegi «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä eýermek bilen, ykdysady ösüşiň miweleriniň halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilýändigini tassyklaýar.

28.02.2023