Müňýyllyklaryň sözi

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze kitabyny okap

Söz — Hakyň ynsana peşgeşi. Söz — başlangyç. Söz — dowam. Sözüň güýji ýaşaýşyň güýjüne barabardyr. Heňňamyň çarhy hut ýolgörkeziji sözler bilen aýlanýar. 2024-nji ýylyň şygarynyň hem ýurdumyzda, hem tükel türki giňişlikde beýik söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşdyrylmagy hut şu hakykata ünsi çekmekde ymgyr uly ähmiýete eýe boldy. Heňňamlar bilen heňdeş türkmen topragynyň gadymy Änew şäheriniň şu ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi onuň üstüni ýetirip, hem ruhy, hem maddy medeniýetiň sarpasyny belende göterýär. Töwerekleýin seredeniňde, munuň özi diňe türki giňişligiň söhbedi däldir. Eýsem-de bolsa, ol ählumumy parahatçylygyň, bitewi abadançylygyň bähbitleri bilen baglydyr. Häzirki wagtda sözüň, medeniýetleriň ornuna iň uly hasapda gadyr goýmagyň ähli wajyplygy bilen öňe çykýandygy hemmä mälim. Ine, şeýle pursatlarda hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly gymmatly kitaby elimize gowuşdy.

Änew medeniýeti! Ekerançylygyň irki ojagy. Gadymy siwilizasiýanyň sallançagy. Ol ak bugdaýyň asyl mekany hökmünde belli. Dünýäde ilkinji bolup ak bugdaýy ösdürip ýetişdiren pederlerimiz bize “Bugdaý söz” diýen düşünjäni-de miras goýupdyrlar. Bugdaý söz! Ol — söz goýazylygynyň, kelam kämilliginiň gysbydan jaýdar kesgitlemesi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitaby hem ak bugdaýyň asyl watanynyň şanyna ýürekden çykan bugdaý Sözdür! Pederleriň ruhuna tagzym, häzirki nesillere ýörelgelik taglymdyr. Türkmen medeniýeti — dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi. Täze kitap bolsa şol taryhy medeniýete düşünmegiň, oňa içgin aralaşmagyň açarydyr.

***

Şu günler ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň täze eseriniň tanyşdyrylyş dabaralary giň gerimde dowam edýär. Aslynda welin, ýakynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň badalga toýunyň çäginde Ahal ýaýlasynda başlanyp, paýtagtymyzda dowam eden, biri-biriniň üstüni ýetiren halkara tutumly dabaralaryň, ylmy maslahatlaryň, söz eýeleriniň — žurnalistleriň köp sanlysyny bir döwrede duşuran mediaforumyň tutuşlygyna hormatly Prezidentimiziň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň özboluşly tanyşdyrylyşyna öwrülendigini bellemelidiris. Hut şol wakalar hem watandaşlarymyz bilen bir hatarda, ýurdumyza nesibesi çeken myhmanlaryň ýüzlerçesini gadymy Änewiň ruhunda birleşdirip, olara kitapda beýan edilýän baý mirasy gözleri bilen görmäge, şol täsin dünýäniň gurşawynda ýaşamaga, bu topragyň halal duzundan dadyp, onuň ykbalyna hemişelik dahylly bolmaga mümkinçilik berdi. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Änew topragynda minaralary göge howalanyp duran täze metjidiň açylyp, oňa hem Milli Liderimiziň başlangyjy, aksakgal ýaşulularyň makullamagy esasynda “Seýit Jemaleddin metjidi” diýlip at goýulmagy bahar berekedi siňen bu taryhy günleriň aýratyn gymmatly pursadyna öwrüldi. Munuň özi geçmişi hormatlamagyň, onuň şan-şöhratyny dikeltmegiň nusgalyk göreldesi bolmak bilen, il-halkymyzyň köňlüne kanagat gatdy. Müň aýdan haýyrly Oraza aýyndaky bu sogaply işiň sütün-sütün pederleriň ruhuny şat edip, şu günki nesilleriň mertebesini belende göterendigi hem aýdyňdyr.

Ine, şeýle wakalardan soňra, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze kitabyny eliňe almagyň täsiri has-da başgaça. «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly baplardan, birnäçe bölümlerden ybarat bolan kitap müňýyllyklaryň jümmüşine syýahata alyp gidýär.

“Uçaryň oýlanyp tapylmagy asmany Zemine duşurdy. Gäminiň oýlanyp tapylmagy kenary kenara gowşurdy. Barybir adam oglunyň iň beýik açyşy kitap bolmagynda galar. Sebäbi diňe kitap döwürleri döwürler bilen, nesilleri nesiller bilen duşurmagy başardy”. Bu sözler hut hormatly Prezidentimiziň täze kitaby hakda aýdylan ýaly. Gowy kitaplaryň aýratynlygy şeýle: sen kitaby okap oturan ýalysyň. Aslynda welin, kitap seni “okap”, duýgy-düşünjeleriňi aýdyňlaşdyryp, özüňi özüňe düşündirip barýandyr. Ine, täze eseriň gymmaty-da bizi aslymyza has-da ýakynlaşdyryp, Watan söýgüsine möwç berýänligindedir. “Bu topragyň her ädiminiň taryhdygyny”, “onuň abraýyny götermäge yhlas etseň, bu topragyň seniň at-abraýyňy iki esse belende göterýändigini” örän täsirli beýan edýänligindedir. Geçmişe daýanyp, geljegiň täze gözýetimlerini açýanlygyndadyr. Watany söýmek onuň taryhyny bilmekden, ilik-düwme öwrenmekden asla üzňe zat däldir.

Elbetde, islendik mekan-mesgeniň taryhy näçe baý boldugyça, ol hakda döredilýän rowaýatlardyr ýöredilýän pikir-çaklamalar hem köp bolýar. Hormatly Prezidentimiziň abyrsyz zähmetiniň miwesi bolan täze kitap Änewiň gatbar-gatbar taryhyna degişli dürli döwürleriň maglumatlaryny aň-akyl eleginde seljerip, bir ulgama salyp, örän ygtybarly we bitewi çeşmäni emele getirendigi bilenem wajyp ähmiýete eýedir. Şol bir wagtyň özünde-de döwlet Baştutanymyz bu işleriň heniz başlangyç tapgyrdadygyny nygtamak bilen, ylmy gözýetimleriň täze giňişliklerini açýar. Magtymguly Pyragynyň pähim ýükli setirleriniň kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçmegi ony has-da özboluşly aýratynlyga eýe edýär.

***

Kitapda bellenilişi ýaly, dünýä belli Wadim Masson, Rafael Pampelli, Wiktor Sarianidi ýaly alymlardyr arheologlar halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen bagly birnäçe açyşlary edipdirler. Gahryman Arkadagymyz olar bilen, şeýle-de olaryň nesilleri bilen işleşmekde, ýurdumyzyň dürli künjeklerine arheologlaryň saparlaryny guramakda, umuman, gazuw-agtaryş işleri bilen bagly guramaçylyk işlerini alyp barmakda hem asylly işleri amal etdi. 2004-nji ýylyň güýzünde ýurdumyzda “Türkmenistan — Änew medeniýetiniň we ak bugdaýyň watany” atly halkara ylmy maslahatyň guralyp, oňa R.Pampelliniň nesilleriniň çagyrylmagy ýaly işlerde hem Milli Liderimiziň tutanýerli tagallalary bar. Ýeri gelende aýtsak, meşhur alymyň çowlugy Luiza Pampelli Änew dabaralarynyň çäginde guralan şu gezekki halkara ylmy maslahata-da gatnaşdy. Myhman: “Änew medeniýeti adamzat taryhynda gymmatly açyşlara goşant goşmagyny dowam etdirýän baý medeni mirasy öz içine alýar. Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň bu barada giňişleýin söhbet açýan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda adamzat siwilizasiýasynyň irki ojagyny dünýä aýan etmekde uly hyzmaty bitiren garry atam R.Pampelliniň-de adynyň hormat bilen agzalmagy meni diýseň begendirdi. Şu gezekki giň wekilçilikli ylmy maslahatyň dowamyndaky çykyşlarda hem onuň alyp baran işleriniň soňky ýyllarda täze maglumatdyr açyşlar bilen üstüniň ýetirilendigine göz ýetirdik” diýip, täsirlerini paýlaşýar.

Ýeri gelende, täze kitabyň Änew dabaralaryna gatnaşan daşary ýurtly myhmanlaryň her biri üçin ajaýyp sowgat bolandygyny bellemelidiris.

— Änew diňe bir türki dünýäde däl, eýsem, tutuş Ýer ýüzünde-de öz şöhratly geçmişi bilen tanalýar. Türkmenistanyň baý taryhy bilen tanyşmakda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bu şähere «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» derejesiniň berilmegi mynasybetli geçirilýän şanly wakalaryň öňüsyrasynda çap edilen «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň ähmiýeti örän uludyr. Men eýýäm kitap bilen tanşyp başladym, onda gymmatly taryhy maglumatlar getirilipdir. Türkmenistan haýran galdyrýan baý medeniýeti, şöhratly taryhy bilen beýikdir — diýip, «TASS» habarlar agentliginiň Baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusman paýtagtymyzda guralan halkara mediaforumdan soň söhbetdeş bolanymyzda aýtdy.

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen täze kitap baradaky pikirlerini paýlaşmak bilen, Änewdäki Seýit Jemaleddin metjidinde şekillendirilen aždarhalaryň Hytaýyň şekillendiriş sungaty bilen ýakynlygyna ünsi çekýär. Bu meňzeşlik orta asyrlarda türkmen hem-de hytaý ussalarynyň arasynda gatnaşyklaryň alnyp barlandygyna şaýatlyk edýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz Änewdäki täze metjidiň açylyşynda eden çykyşynda giňişleýin durup geçdi.

...Şu pikir-garaýyşlary seriňde saldarlap, täze kitabyň halkara giňişlikde dost-doganlygy, parahatçylygy pugtalandyrmakda hem möhüm ähmiýete eýedigi barada oýlanýarsyň.

***

Islendik taryhyň ägirtligi onuň şu günki dowamaty bilen ölçenilýär. Änew topragynyň şan-şöhratynyň beýikligi, ol bu günki gün şaha ýaýyp, kök ýaýradyp, ösüşli ýoly dowam etdirýär. Ozal görlüp-eşidilmedik täze belentliklere ümzük atýar. Änew — dünýä deý giň ýurdumyzyň tutuş çäkleri ýaly, düýnüne berimsiz şu güni, şu gününe berimsiz geljegi bolan mekan! Onuň ösüşli menzilleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna ýolbaşçylyk eden ýyllarynda amal eden döwletli işleri bilen-de aýrylmaz baglanyşyklydyr. Tutuş sebite şan getiren beýik işler kitapda täsirli beýan edilýär.

Asyl-ha, kitaby okap, bu topragyň taryhy çuňluklaryna aralaşyp, beýik şahsyýetleri dünýä beren, diňe Änew galasy däl, eýsem, şöhratly Nusaýy bilen, Oguz kendi — Yzgandy bilen, Paryzdepesi, Şähryslamy, Abiwerdi bilen, gahryman Gökdepe galasy bilen, ýene-de ençe-ençe gadymy ýadygärlikleri bilen taryhy tug deýin belende göterip duran, ganatly ahalteke bedewleri bilen dünýäniň ösüşine tizlik beren gadymy Arkaçda bu günki gün Arkadag şäheri ýaly sebitde deňi-taýy bolmadyk ajaýyp şäheriň binýat bolmagynyň tebigylykdygyna göz ýetirýärsiň. Munuň özi heňňam hakydasynyň döwrüň hakykatyna öwrülmegidir. Döwrümiziň bu mizemez hakykaty bolsa hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyndaky şu jümlelerde anyk-aýdyň beýanyny tapýar: “Adamzadyň ajaýyp geljegini bilelikde gurmak üçin täze-täze pikir-taglymatlary öňe sürmek — biziň döwletimize, Gahryman Arkadagymyza mahsus ýörelge. Ol ata-baba asylly ýolumyzyň döwrebap dowamaty. Çünki ýaşaýyş hemişe täze başlangyçlaryň, täzeçe pikirleriň muşdagy. Dünýäniň iň uly genji-hazynalarynyň biri — pikir. Täze pikirler, täzeçe pikirlenmeler täze gözýetimleri açýar, täze mümkinçilikleri döredýär”.

Kakamyrat REJEBOW.

“Türkmenistan”.