Новости
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 17-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda hereket edýän kanunlary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda, Jenaýat, Arbitraž iş ýörediş, Jenaýat iş ýörediş, Jenaýat-ýerine ýetiriş, Maşgala, Ilaty durmuş taýdan goramak kodekslerine we başga-da birnäçe kanunlara degişli üýtgetmelerdir goşmaçalary girizmek boýunça işler geçirilýär.

Daşary döwletler we halkara guramalar bilen gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministri bilen duşuşyklaryň geçirilendigi barada aýdyldy. Duşuşyklaryň çäklerinde dostlukly hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, ýurdumyzyň parahatçylyk, ynanyşmak, ynsanperwer syýasatyny hem-de bu ugurda toplan tejribesini parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmak maksady bilen, utgaşykly görnüşde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň “Parlamentara dialog — dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly” atly ikinji duşuşygy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, 1-nji noýabrda guraljak foruma ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynyň ministrliklerinden, pudaklaýyn dolandyryş we karz edaralaryndan, ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinden wekilleriň 250-siniň gatnaşmagyna garaşylýar. Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda başlangyçlaryny we bank ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerini, milli manadyň sazlaşykly dolandyrylmagy bilen gazanylýan ykdysady üstünlikleri beýan etmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem pul-karz syýasaty, bank ulgamynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda döwrebap bank hyzmatlaryny ýola goýmak, elektron töleg ulgamyny kämilleşdirmek, halkara maliýe guramalary bilen alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli pulumyzyň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahata gowy taýýarlyk görmegiň we ony guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025” atly XXX halkara maslahaty we sergini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sergä gatnaşmak üçin isleg bildiren daşary ýurt kompaniýalaryň 70-den gowragy, ýerli kärhanalaryň hem-de hususy telekeçileriň 30-a golaýy, şeýle-de ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary sergi diwarlyklary bilen gatnaşmak üçin hasaba alyndy. Utgaşykly görnüşde geçiriljek maslahata gatnaşmaga jemi 1 müň 390-a golaý wekil isleg bildirdi. Maslahatyň çäklerinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda global energiýanyň geljegini şekillendirmek — innowasiýa, energetika geçişi we strategik hyzmatdaşlyk”, “Türkmen tebigy gazynyň artýan orny: eksport ugurlarynyň giňeldilmegi we energetika geçişine itergi bermek” atly plenar mejlisleri, möhüm ähmiýetli meseleler boýunça mowzuklaýyn mejlisleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda her ýyl geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahatyň we serginiň ýangyç-energetika toplumynyň işini kämilleşdirmäge ýardam berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara forumy ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, şu günler ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek, ýygym möwsüminde ulanylýan kombaýnlary we beýleki tehnikalary netijeli işletmek babatda zerur çäreler geçirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişi dowam edýär. Ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny öndürijilikli işletmäge aýratyn üns berilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Şeýle hem wise-premýer oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmegiň, bugdaý ekişini bellenen möhletlerde we talabalaýyk alyp barmagyň, pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky önümçilik kärhanalaryny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän täze toplumyň gurluşygyna badalga berilmeginiň taryhy wakalaryň biri bolandygyny aýdyp, bu döwrebap toplumyň gurluşygynyň düýbüni tutup berendigi üçin himiýa pudagynyň ähli işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Soňra wise-premýer hasabatyny dowam etdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň himiýa senagat desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bu işler dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar. Munuň özi kärhanalary taslama kuwwatyna çykarmaga, öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmaga hem-de hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, himiýa senagatynyň önümçilik kärhanalaryny doly taslama kuwwatynda işlemegini gazanmagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümçilik kärhanalarynyň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Germaniýanyň Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günlerini geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, forumda ýurdumyzyň nebitgaz we himiýa senagaty pudaklarynda maýa goýum taslamalary, häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalary, dokma senagatyndaky innowasiýalar, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň ösüşi, şol sanda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteri bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar. Forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň guralmagy, işewürlik hyzmatdaşlygyna degişli resminamalara gol çekilmegi meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda bu foruma gatnaşmak üçin Germaniýanyň dürli ugurlarda iş alyp barýan edara-guramalarynyň, kompaniýalarynyň 50-den gowragy hasaba alyndy.

Wise-premýer Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günlerini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, oňa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň, bank edaralarynyň, “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň, Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmaklarynyň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, Germaniýa Federatiw Respublikasynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günlerini ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň teatrlarynda geçiriljek “Hemişelik Bitaraplyk — dost-doganlyk binýady” atly hepdelige görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň dekabrynda geçiriljek hepdeligiň çäklerinde teatrlarda daşary ýurtly nusgawy awtorlaryň eserleri esasynda ozal sahnalaşdyrylan sahna eserleri bilen bir hatarda, täze sahna oýunlarynyň birnäçesiniň ilkinji görkezilişini halkymyza hödürlemek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň teatrlarynda «Hemişelik Bitaraplyk — dost-doganlyk binýady» atly hepdeligi ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa “Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň” hem-de ony tassyklamak hakynda Kararyň taslamalary barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde beren tabşyrygy esasynda şu Strategiýanyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Strategiýada, hususan-da, ýokary hünär bilimi ulgamynyň dolandyrylyşyny halkara kadalara we milli tejribelere laýyklykda kämilleşdirmek, demografik görkezijilere, zähmet bazarynyň ösüşine, ykdysadyýetiň meýilnamalaşdyrylyşyna görä meýilleşdirmegiň we dolandyrmagyň kämil gurallaryny ornaşdyrmak, okatmagyň öňdebaryjy usullary, sanly tehnologiýalar, emeli aň arkaly bäsdeşlige ukyply ýokary hünär biliminiň milli gurşawyny döretmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem döwlet we halkara akkreditasiýa amallarynyň hasabyna bilim işini düýpli kämilleşdirmek, professor-mugallymlaryň, işgärleriň we ýolbaşçylaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ylmyň, bilimiň, önümçiligiň, täjirçiligiň özara baglanyşygynyň kämil gurallaryny döretmek, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýokary okuw mekdeplerini dünýäniň öňdeligini düzýän halkara sanawlara girizmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamalaryň taslamalaryny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň alyp barýan işlerini kämilleşdirmegi dowam etmegiň möhümdigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw bermeginde şu ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty üstünlikli geçirildi. Halkara foruma gatnaşmak maksady bilen, 104 döwletden, halkara guramalaryň 46-syndan wekiliýetler ýurdumyza sapar bilen geldi. Maslahatyň çäklerinde plenar mejlisleriň 6-sy, ýokary derejeli “tegelek stol” duşuşyklarynyň 5-si, ýokary derejedäki forumlaryň 7-si, ugurdaş çäreleriň 40-a golaýy geçirildi. Olaryň dowamynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyna seredildi. Hususan-da, ylym, bilim, innowasiýalar, halkara söwdany ösdürmek, durnukly infrastrukturany döretmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumyň işi dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi. Maslahatyň netijeleri boýunça Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri bu halkara forumyň syýasy taýdan wajyplygy we onuň netijeleriniň tutuş dünýä üçin uly ähmiýeti göz öňünde tutulyp, 14-nji oktýabrda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde “Awaza syýasy Jarnamasy” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habary aýtdy. Ol pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Bitarap Watanymyzyň ählumumy parahatçylygy gorap saklamak, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda edýän tagallalarynyň bütin dünýäde giň goldaw tapýandygyny, BMG-den gelip gowşan hoş habaryň hem muny aýdyň görkezýändigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabatyny dowam edip, “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşiniň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada hasabat berdi. Mälim bolşy ýaly, bu geňeş 2024-nji ýylyň martynda döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda döredildi. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen parahatçylyk, howpsuzlyk, ykdysadyýet, durnukly ösüş, bilim, howanyň üýtgemegi we ynsanperwer syýasat boýunça hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Häzirki wagta çenli strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisleriniň 4-si geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri geňeşiň şu ýylyň 16-njy oktýabrynda geçirilen 4-nji mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi.

Mejlisiň gün tertibine möhüm meseleleriň birnäçesi girizildi. Hususan-da, “Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş çygrynda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna” gutarnykly görnüşde seredildi we ol deslapdan makullanyldy. 2005-nji ýyldan şu güne çenli ýurdumyzda jemi dört sany Çarçuwaly maksatnama amala aşyryldy. Nobatdaky maksatnama Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde milli, sebit we halkara derejede syýasy, durmuş-ykdysady, ekologiýa ugurlarynda bilelikdäki hereketleriň esasyny düzýär. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynda beýan edilen başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň ýubileý sessiýada eden çykyşynda öňe süren başlangyçlarynyň BMG-niň ýurdumyzdaky wekilhanalary tarapyndan giňden goldanylandygy hem-de olaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagy boýunça bilelikdäki tagallalary etmäge taýýardygy nygtaldy.

Mejlisde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijeleri we onuň dowamynda kabul edilen resminamalary, hususan-da, Awaza syýasy Jarnamasyny we 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça meseleleriň giň toplumyna seredildi. Şeýle-de bilelikdäki maksatnamalaryň taslamalary, olaryň çäklerinde ýaşlar syýasaty, metan zyňyndylaryny azaltmak, sanly tehnologiýalar, energetika ulgamlarynda maksatnamalaryň häzirki ýagdaýy hem-de ýakyn geljekde durmuşa geçirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiň dördünji mejlisinde öňe sürlen teklipler hödürlenildi.

Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky “Ýol kartasyny” ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, BMG-niň wekilhanalarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda okuw maslahatyny şu ýylyň oktýabr aýynyň soňky hepdesinde guramak teklip edildi. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň we BMG-niň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlaryny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki hereketleriniň Maksatnamasyny taýýarlamak, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijeleri boýunça kabul edilen resminamalary durmuşa geçirmek babatda milli “Ýol kartasyny” işläp düzmek teklip edilýär. BMG-niň ýurdumyz bilen bilelikde amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän maksatnamalaryny we taslamalaryny ulgamlaýyn esasda ara alyp maslahatlaşmak, olaryň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, pudagara utgaşdyryjy topary döretmek hem-de onuň ilkinji mejlisini şu ýylyň noýabr aýynda geçirmek teklip edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz hödürlenen teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew milli deňiz we derýa ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işleriň çäklerinde gämileri abatlamaga we olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny gowulandyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Bu babatda degişli taslamanyň durmuşa geçirilmegi täze önümçilik kuwwatlyklarynyň kemala getirilmegini, ýerli senagaty döwrebap enjamlar bilen üpjün etmegi göz öňünde tutup, milli deňiz we derýa ulaglary ulgamynyň ösüşine, gämigurluşyk hem-de abatlaýyş işleriniň kämilleşdirilmegine, ýurdumyzyň senagat kuwwatynyň artmagyna uly goşant bolar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli deňiz we derýa ulaglary pudagyny ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny aýtdy. “BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde «Awaza syýasy jarnamasy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň uly ähmiýetini ýene bir gezek tassyklaýar. BMG-ä agza ýurtlaryň köpüsiniň bu Kararnamany goldamagy, köp sanly ýurtlaryň oňa awtordaş bolup çykyş etmegi biziň üçin uly abraýdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryny gelip gowşan hoş habar — «Awaza syýasy jarnamasy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

18.10.2025
Himiýa senagaty — milli ykdysadyýetiň möhüm pudagy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze önümçilik desgasynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

Türkmenabat, 15-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň himiýa senagaty okgunly ösdürilip, ol milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Diýarymyzyň ägirt uly tebigy baýlyklary pudagy çig mal bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Diňe çig mal eksporty bilen çäklenmän, ony çuňňur gaýtadan işlemegi ugur edinýän Türkmenistan döwrebap, ýokary tehnologiýaly hem-de bäsdeşlige ukyply himiýa senagatyny kemala getirýär.

Dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça öňdäki orunlary eýeleýän ýurdumyz bu baýlygy netijeli ulanmaga gönükdirilen strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär. Tebigy gazdan dünýä bazarlarynda ýokary isleg bildirilýän önümleri öndürýän gazhimiýa senagaty bu strategiýada esasy orunlaryň birini eýeleýär. Şeýle-de, Türkmenistan iri mineral dökünleri öndüriji hökmünde halkara bazarlarda ornuny barha pugtalandyrýar. Marydaky, Tejendäki, Garabogazdaky öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap zawodlarda ýokary hilli ammiak hem-de karbamid öndürilýär. Munuň özi Türkmenistanyň oba hojalygynyň zerurlyklaryny doly kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, bu önümleri daşary ýurtlara eksport etmäge hem mümkinçilik berýär.

Gyýanlydaky gazhimiýa toplumy milli nebitgaz we himiýa senagatynyň dünýäde iň belli kärhanalarynyň biridir. Toplum turba önümçiliginden başlap, ýeňil senagat we awtomobil gurluşygyna çenli köp pudaklar üçin esasy çig mal bolan polietilen hem-de polipropilen öndürýär. Ýokary hili halkara güwänamalar bilen tassyklanan bu önümler ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmäge, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Ahaldaky tebigy gazdan ekologik taýdan arassa benzin öndürýän zawod dünýäde iň innowasion taslamalaryň biri bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzyň senagaty diňe bir diwersifikasiýalaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ekologik taýdan arassa, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagy maksat edinýändigini hem görkezýär.

Türkmenistan ýodbromly ýerasty suwlaryň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Hazar, Balkanabat, Bereket zawodlary tehniki ýody öndürýän iri kärhanalardyr. Täze maýa goýum taslamalarynyň çäklerinde goşmaça kuwwatlyklaryň döredilmegi ýurdumyzyň bu ugurdaky eksport mümkinçiliklerini has-da artdyrmaga goşant goşar. Mundan başga-da, Lebap welaýatynda kaliý dökünlerini öndürýän “Garlyk” dag-magdan toplumy üstünlikli hereket edýär. Türkmenabatdaky himiýa zawodynda goşmaça täze toplumyň gurulmagy bolsa ýurdumyzyň oba hojalygyny mineral dökünleriň ähli görnüşleri bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Himiýa senagatynyň ösüşi Türkmenistanyň durmuşa geçirýän oňyn maýa goýum syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. “Daewoo” (Koreýa Respublikasy), “Mitsubishi” (Ýaponiýa) ýaly öňdebaryjy kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk ýokary tehnologiýaly we ekologik taýdan arassa önümçilik proseslerini ornaşdyrmaga ýardam berýär. Ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň ösüşi degişli hünärmenler bilen üpjünçiligi talap edýär. Türkmenabat şäherindäki “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň tehniki orta hünär okuw mekdebi, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri döwrebap önümçilikleri dolandyrmaga ukyply hünärmenleri taýýarlaýar.

...Hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzdan ugur alan uçary birnäçe wagtdan Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Lebap welaýatynyň häkimi mähirli garşyladylar. Bu ýerde medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz dabaranyň geçirilýän ýerine bardy. Hormatly Prezidentimiz dabara mynasybetli guralan aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edenden soňra, ýörite gurnalan mejlisler zalyna bardy hem-de bu ýerde gutlag sözi bilen çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşyjylary bu şatlykly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, himiýa senagatynyň ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, pudagy ösdürmek üçin ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Uly möçberli maýa goýumlar özleşdirilip, iri taslamalar amala aşyrylýar. Önümçilige döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Häzirki döwürde Diýarymyzyň himiýa senagatynda birnäçe iri kärhanalar netijeli işleýär. Şol kuwwatly kärhanalarda öz ýerli çig mallarymyzy ulanmak arkaly ýokary hilli önümler öndürilýär we bu önümleriň möçberi yzygiderli artdyrylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri taslamalar, ulanmaga berilýän täze önümçilik desgalary ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we şol taslamalar amala aşyrylanda ekologik talaplaryň berjaý edilmegine, ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady. Şonuň netijesinde, hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde amala aşyrýan iri senagat taslamalarymyz ýokary hil derejesine, innowasion çözgütlere we ekologik talaplara doly laýyk gelýändigi barada abraýly halkara guramalaryň oňyn bahalaryna mynasyp bolýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän täze toplumyň taslamasyny Koreýa Respublikasynyň «Daewoo» kompaniýasy ýerine ýetirer. Düýbi tutulýan bu toplumyň gurluşygynda ekologik talaplary berjaý etmäge mümkinçilik döretjek innowasion tehnologiýaly enjamlar we serişdeler ulanylar. Täze toplum ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini we içerki sarp edijileri ýokary hilli fosforly dökünler bilen ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berer. Garaşsyz döwletimizde azyk howpsuzlygyny berkitmäge hem-de daşary ýurtlardan getirilýän fosforly dökünleri özümizde öndürmäge şert döreder.

Toplumda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty öndüriler. Ol ulanmaga berlenden soň, ýurdumyzyň himiýa senagatynyň kuwwatyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Döwrebap himiýa kärhanasynyň işe girizilmegi bilen, goşmaça iş orunlary dörediler. Onda zähmet çekjek hünärmenleriň köpüsi daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlanyp, olaryň işlemegi üçin ähli zerur şertler üpjün ediler.

Ýurdumyzyň himiýa senagatynda täze önümçilikleri döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar, ýagny Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumy, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyryny, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde mineral dökünleri öndürýän zawody gurmak meýilleşdirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we şeýle iri taslamalaryň amala aşyrylmagynyň himiýa senagatyny ösdürmäge uly üns berilýändigine şaýatlyk edýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda, Lebap welaýatyny hem durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini, bu ýerde kuwwatly senagat kärhanalarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilýändigini aýtdy. Häzirki wagtda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Türkmenabat şäherinde bolsa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşygy dowam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de geljekde-de ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn ösdürmek, täze, döwrebap önümçilikleri döretmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli dowam etdiriljekdigini tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüniň tutulmagy bilen dabara gatnaşyjylaryň ählisini ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiziň çykyşy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Soňra ekranda superfosfat we ammoniý sulfatyny öndürýän toplum bilen tanyşdyrýan wideofilm görkezildi.

Soňra çykyş etmek üçin Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juwa söz berildi. Ol, ilki bilen, bu möhüm taslamanyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna ynanylandygy üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu günki dabaranyň diňe bir zawodyň düýbüniň tutulmagy bolman, eýsem, Türkmenistanda abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolup durýandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşyk taslamasy ýurduň gazhimiýa senagatynyň hem-de oba hojalygynyň ösüşine uly goşant goşjak milli taslamalaryň biridir. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi täze iş orunlaryny döretmäge hem-de sebitiň ykdysadyýetini ösdürmäge mümkinçilik berer.

Işewür çykyşynyň ahyrynda bildirilen uly ynam üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, dabara gatnaşyjylara we ähli türkmen halkyna rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýaş nesliň wekilleriniň haýyşy boýunça täze desganyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazga gol çekdi hem-de ol ýörite gutujyga salyndy. Ýadygärlik ýazgy galdyrylan gutujyk ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda täze toplumyň binýadyna atyldy. Hormatly Prezidentimiz toplumyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny atýar we halkymyzyň asylly däbine eýerip, bu başlangyja ak pata berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, dabara gatnaşyjylar hem desganyň düýbüne beton garyndysyny atdylar. Soňra hormatly Prezidentimiziň adyndan çagalara sowgatlar gowşuryldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Dabara tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Şeýlelikde, şu günki dabara innowasiýalar we strategik meýilnamalaşdyryş arkaly milli himiýa senagatynyň döwrüň talabyna laýyklykda üstünlikli ösdürilýändigini görkezdi. Bu pudak ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerini durnukly ykdysady we tehnologik ösüş üçin binýada öwrüp, senagat taýdan kuwwatly ýurt hökmünde Watanymyzyň ornuny yzygiderli pugtalandyrmaga goşant goşýar.

16.10.2025
Halkymyz barada hemmetaraplaýyn alada — durmuş ugurly syýasatyň esasy maksady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenýän şu ýylda saýlap alan döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyz halkymyzyň agzybirligine daýanyp, ägirt uly sepgitlere ýetýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda başy başlanan asylly işleriň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi esasynda halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň hem-de nurana geljeginiň binýadyny emele getirýän ösüşler gazanylýar.

Häzirki wagtda Türkmenistan belent halkara abraýa eýe bolan kuwwatly, öz-özüni üpjün edýän berkarar döwlete öwrüldi. Öňdengörüjilikli syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar, abraýly halkara guramalar, sebit düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Milli ykdysadyýetiň pudaklary innowasion esasda işjeň ösdürilip, ýurdumyzyň eksport kuwwatlyklary yzygiderli artdyrylýar. Ykdysady ösüşiň durnukly artýan görkezijileri, halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir. Munuň özi tötänleýin däldir. Çünki bu işlerde döwletiň we jemgyýetiň bähbitleri biri-biri bilen özara berk baglanyşýar. Şunlukda, mähriban halkymyzyň, her bir maşgalanyň we raýatyň bagtyýar durmuşy baradaky alada alnyp barylýan durmuş syýasatynyň baş ugry boldy we şeýle bolmagynda-da galýar.

Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de beýleki döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna» laýyklykda, sebitlerde türkmenistanlylaryň ýaşaýşy we döredijilikli zähmet çekmegi üçin has amatly şertleriň üpjün edilmegini göz öňünde tutýan döwrebap durmuş-ykdysady düzümleriň kemala getirilmegine uly möçberli maýa goýumlar gönükdirilýär. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde gurlan, durmuş düzüminiň, adamlaryň oňaýly ýaşaýşynyň, ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylmagynyň ýokary ölçeglerini özünde jemleýän täze, döwrebap obalar hem munuň şeýlediginiň aýdyň mysalydyr.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň giňden bellenilen günlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik ruhunyň hakyky nyşanyna öwrülen birnäçe iri önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň dabaraly açylmagy bilen birlikde, täze obalaryň ulanmaga berilmegi halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Döwletli mekan, Kaka etrabynyň Bagtly zamana obalary hem-de Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Bitaraplyk şäherçesi şu ýylyň sentýabrynda ulanmaga berlip, olar iri gurluşyklaryň hataryndadyr. Bu obalarda we şäherçede ýaşamak üçin zerur şertler döredilen döwrebap ýaşaýyş jaýlary guruldy. Olaryň taslama işleri işlenip düzülende oba ýaşaýjylary üçin ähli amatlyklardyr zerurlyklar göz öňünde tutulypdyr. Her bir öýde hojalyk maksatly mellek hem-de awtoulag üçin ýerler, döwrebap inženerçilik ulgamlary bar. Öýleriň otaglary, aşhanasy milli we döwrebap usulda bezelip, ýokary hilli mebeller bilen üpjün edilipdir. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň ilaty ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Oba ýerlerinde ýaş nesilleriň sazlaşykly bilim we terbiýe almaklary, wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin hemme şertler döredilýär. Bilim ulgamyny ösdürmäge, döwrebap düşünjeli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýändigini hasaba almak bilen, umumybilim berýän ähli mekdepler öňdebaryjy tehnologiýalar, häzirki zaman interaktiw-multimedia enjamlary bilen enjamlaşdyrylýar. Täze mekdepleriň her birinde ýagty we giň okuw otaglary, okuwçylaryň döredijilik başarnyklaryny, zehinini açmak üçin aýdym-saz, sport we medeni çäreleri geçirmek üçin otaglar, baý kitaphana bar. Şeýle hem okuwçylaryň zähmet endiklerini özleşdirmekleri babatda zerur şertler göz öňünde tutuldy. Döwrebap çagalar baglarynda hem çagalaryň sazlaşykly ösmegi, wagtyny gyzykly geçirmekleri üçin olaryň ýaş aýratynlyklaryny göz öňünde tutýan ähli amatlyklar döredilendir.

Oba ýerlerinde adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işlerde saglygy goraýyş meselelerine uly ähmiýet berilýär. Gurlup ulanmaga berilýän, iň täze lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylan saglyk öýleri ilata saglygy goraýyş babatda dürli görnüşli hyzmatlary hödürlemäge mümkinçilik berýär. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan özgertmeler saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, öňüni alyş işleriniň has giň gerimde geçirilmegine, ýokary hilli lukmançylyk kömegine elýeterliligi ýokarlandyrmaga, oba ýerlerindäki saglyk merkezleriniň ökde hünärmenler bilen üpjün edilmegine goşant goşýar.

Azyk önümlerinden başlap, hojalyk we gündelik sarp edilýän zerur harytlaryň dürli görnüşleri hödürlenilýän döwrebap söwda merkezleriniň bolmagy täze obalara mahsus ýagdaýdyr. Olaryň tekjelerindäki haryt bolçulygy ýurdumyzda söwdanyň ösüşine, ýokary hilli önümleriň önümçilik möçberiniň artdyrylmagyna, ilatyň zerur harytlar bilen bolelin üpjün edilmegine uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Azyk önümleriniň agramly bölegi Diýarymyzda öndürilýär. Daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan döwlet maksatnamalarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde ähli welaýatlarda maldarçylyk, guşçulyk we ýyladyşhana desgalaryny özünde jemleýän oba hojalyk toplumlary döredilýär. Bularyň ählisi telekeçilik başlangyçlarynyň ösmegine getirýär. Netijede, oba zähmetkeşleriniň we edermen daýhanlaryň durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Olaryň zähmeti hem-de tagallalary bilen mähriban topragymyzda gülläp ösüş, bereket-bolçulyk dabaralanýar.

“Ýokary durmuş derejesi” diýen düşünje ekologik abadançylygy, adamlaryň netijeli zähmet çekmekleri we dynç almaklary üçin amatly şertleri öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, şäherlerdir obalary bagy-bossanlyga öwürmek, olaryň suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak babatda tutuş ýurdumyz boýunça uly işler alnyp barylýar. Serişde we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylyp, medeni-dynç alyş merkezleriniň, sport toplumlarynyň işi ösdürilýär. Täze taryhy döwrümiziň nyşanyna öwrülen döwrebap obalarda ýol-ulag, aragatnaşyk düzümleri, suw, elektrik, gaz üpjünçilik we lagym ulgamlary hem göz öňünde tutulandyr. Oňat yşyklandyrylan awtomobil ýollarynyň ugrunda ýaşyl zolaklaryň döredilmegi bu möhüm taslamalara ekologik abadançylyk nukdaýnazaryndan toplumlaýyn çemeleşilýändigini görkezýär. Bularyň ählisi döwlet Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň ähmiýetini has-da artdyrmak bilen, türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş taglymatynyň özboluşly dowamy hökmünde hormatly Prezidentimiziň öňe süren “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygarynyň iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrylýandygyny subut edýär.

Täze döwre mahsus depginli gurluşyklar uly möçberdäki maksatnamalary durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýan döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň aýdyň güwäsidir. Döwlet Baştutanymyzyň 19-njy sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda nygtaýşy ýaly, «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» esasynda ýurdumyzy ösdürmek üçin şu ýylyň ahyryna çenli 40 milliard 72 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlar özleşdiriler. Bu bolsa täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary gurmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga şert döredýär. Önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 65,6 göterimi, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy üçin hem 34,4 göterimi goýberildi. “Biziň ykdysady syýasatymyzyň baş maksady halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny yzygiderli gowulandyrmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze iş orunlaryny döretmek, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şu ýylyň ahyryna çenli täze döredilen iş orunlarynyň sany 3 müňden gowrak bolar” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi. Ýakynda kabul edilen «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem hut şu maksatlara gönükdirilendir. Bu Konsepsiýanyň esasynda täze iş orunlary dörediler, ilatyň iş bilen üpjünçiligi has-da kämilleşdiriler.

Täze ýaşaýyş jaýlarynyň, obalaryň gurulmagy, ýollaryň çekilmegi, önümçilik kärhanalarynyň açylmagy, bu işleriň netijesinde goşmaça iş orunlarynyň döredilmegi maýa goýum taslamalaryna degişlidir. Munuň özi sebitleriň ykdysady ösüşi üçin täze merkezleriň kemala gelmegine, işewürlik we maýa goýum işjeňliginiň ösdürilmegine, işçi güýjüniň, ýokary derejeli hünärmenleriň, girdejileriň ýurdumyz boýunça deň paýlanylmagyna ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň we zähmetsöýer daýhanlaryň haýyşnamalary göz öňünde tutulyp, Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda täze etraplary döretmek barada öňe sürlen teklipler möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga, oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berer. Şunda hususy kärhanalaryň — Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň sanynyň ýylyň-ýylyna artýandygyny bellemek gerek. Olar ýurdumyzda şäherleri we obalary gurmak boýunça ägirt uly taslamalara işjeň gatnaşýarlar. Işewür toparlarynyň wekilleri ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmak bilen, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna goşant goşýarlar. Halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine durmuşa geçirilýän tutumly işler ýurdumyzyň iň çetki künjeklerinde ýaşaýan raýatlaryň hem durmuşyny düýpli özgerdýär.

(TDH)


Beýleki habarlar
15.10.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Daewoo» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Aşgabat, 14-nji oktýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini hem-de şunda Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly goşandyny belledi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ähli ugurlar boýunça ösdürilýän koreý-türkmen gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykýar. Koreý kompaniýalary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri iri türkmen bazarynda, hususan-da, nebitgaz toplumynda, himiýa senagatynda netijeli işleri alyp barýarlar. Işewür häzirki wagtda Türkmenistanyň himiýa senagatynyň innowasion ösüşiň aýdyň mysaly bolup durýandygyny aýdyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň bu işe goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady.

Gahryman Arkadagymyz myhmany mähirli mübärekläp, Birleşen Milletler Guramasynyň ozalky Baş sekretary Pan Gi Muna, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň ozalky Başlygy Kim Çžin Pýo, şeýle hem Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ozalky ýolbaşçysy Li Dal Gona iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşan goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de olara mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup, özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýar. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda ykdysady ösüş maksatnamalarynyň, senagat özgertmeleriniň amala aşyrylýandygyna ünsi çekip, şunda ekologiýa ugurly “ýaşyl” taslamalara möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki wagtda gowaça çöpünden “ýaşyl” metanoly öndürmegiň mümkinçilikleriniň öwrenilýändigini aýtdy. Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän gowaça ekologik taýdan arassalygy we bu önümçilige ýaramlylygy bilen tapawutlanýar.

Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanda işewürlik üçin amatly şertleriň döredilýändigini göz öňünde tutup, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze ugurlarda ösdürmek babatda mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunda «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Daewoo» kompaniýasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda täze gurulýan desgalaryň gurluşygynda ekologik kadalaryň berjaý edilmegine, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna, taslamalaryň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.

Işewür Türkmenistanda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juwa alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.

15.10.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

Aşgabat, 13-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullini kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Russiýada Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de myhman Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ulgamda gazanýan üstünlikleriniň, türkmen halkynyň baý taryhynyň, medeniýetiniň özünde uly täsir galdyrandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny mähirli mübärekläp, Russiýanyň ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de myhmanyň şu gezekki saparynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky yzygiderli hökümetara dialogy dowam etdirmekde möhüm ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz myhmana türkmen kärdeşleri bilen gepleşikleri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisini üstünlikli geçirmegi arzuw edip, duşuşyklaryň netijeleriniň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasynda dostluk, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar ähli ugurlarda üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler özara hyzmatdaşlygyň diňe bir ikitaraplaýyn derejede däl, eýsem, köptaraplaýyn formatda hem netijeli ilerledilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Ýurtlarymyzyň BMG-niň we GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy munuň aýdyň mysalydyr. Şunda “Merkezi Aziýa — Russiýa” formatyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudyr. Köp ýyllaryň dowamynda Russiýa Federasiýasy ýurdumyzyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup gelýär. Döwletara gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunda ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ugurlary aýratyn orun eýeleýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullin iki ýurduň hem däp bolan dostlukly döwletara dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

* * *

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen we rus tarapynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary M.Husnulliniň ýolbaşçylygynda Aşgabada sapar bilen gelen wekiliýetiň agzalarynyň türkmen tarapynyň wekilleri bilen duşuşygy iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň maksat edinilýändigini görkezýär.

Taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyny ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şunda ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek, täze özara bähbitli taslamalary amala aşyrmak we bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerden doly derejeli peýdalanmak bilen bagly meselelere aýratyn üns çekildi. Mejlisiň dowamynda türkmen we rus tarapynyň wekilleri şu gezekki duşuşygyň tagallalary birleşdirmek, bilelikdäki strategiýalary işläp taýýarlamak babatda möhüm meýdança bolup durýandygyny bellediler.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin häsiýete eýe bolup, deňhukuklylyk, ynanyşmak, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Ikitaraplaýyn döwletara dialog hyzmatdaşlygyň baý taryhy tejribesine, berk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýar. Syýasy dialog, şol sanda ýokary derejedäki köpugurly hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan we Russiýa diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, köptaraplaýyn formatlarda-da netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Birleşen Milletler Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly ählumumy we sebit guramalarynyň çäklerinde öňe sürülýän halkara başlangyçlaryň hem-de teklipleriň, şol sanda Hazarýaka hyzmatdaşlyk boýunça başlangyçlaryň özara goldanylmagy munuň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ýakynda Täjigistan Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen “Merkezi Aziýa — Russiýa” ikinji sammitine we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine ünsi çekdiler.

Mejlisiň dowamynda ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de hyzmatdaşlygyň geljekki meýilnamalary kesgitlenildi. Iki dostlukly ýurduň wekilleri giň gerimli maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny tassykladylar hem-de netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek babatda anyk tekliplerini beýan etdiler. Netijeli ýagdaýda geçen mejlisiň jemleri boýunça birnäçe resminamalara — Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň 13-nji mejlisiniň Teswirnamasyna, şeýle hem bilim ulgamynda, iki ýurduň haryt-çig mal biržalarynyň arasynda, oba hojalyk we atçylyk pudagynda, gümrük gulluklarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky resminamalara gol çekildi.

Şeýlelikde, nobatdaky türkmen-rus gepleşikleri taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklady. Gazanylan ylalaşyklar boýunça gol çekilen resminamalar anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdiriler. Bu bolsa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň degişli ugurlar boýunça bar bolan uly mümkinçilikleriniň doly derejede durmuşa geçirilmegine ýardam berer.

14.10.2025
Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlary bilen giň gerimli hyzmatdaşlyga ygrarlydyr

Hormatly Prezidentimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Duşenbe — Aşgabat, 10-njy oktýabr (TDH). Şu gün Täjigistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy köptaraplaýyn dialog üçin netijeli meýdança bolup, agza döwletleriň arasynda tejribe alyşmak, tagallalary birleşdirmek we häzirki döwrüň derwaýys meselelerini bilelikde çözmek üçin köpri bolup hyzmat edýär. GDA diňe bir ykdysady birleşik bolman, eýsem, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk üçin hem giňişlikdir. Agza ýurtlar söwda amallaryny ýeňilleşdirmek, infrastrukturany ösdürmek, tehnologiýalary alyşmak boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmenistan deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde bu prosesde aýratyn orny eýeleýär. Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi sebitde ynanyşmagy, durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam berýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy diňe bir ykdysady ösüşe goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem, has durnukly we abadan giňişligi döretmäge-de şert döredýär.

Ykdysady gatnaşyklar GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ulag we logistika ýurtlaryň integrasiýasynda aýratyn orny eýeleýär. Esasy ulag geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan täze ugurlary döretmek üçin infrastrukturasyny işjeň ösdürýär. Ýurdumyzyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasy, şeýle hem täze awtomobil, demir ýollaryň gurulmagy Arkalaşygyň ýurtlaryny Hytaý, Ýakyn Gündogar we Ýewropa döwletleri bilen baglanyşdyrýar. Türkmenistanyň bu ugurdaky tagallalary ykdysady ösüşe itergi bermek bilen bir hatarda, sebitleriň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmaga-da ýardam edýär. GDA-nyň çäklerindäki energetika hyzmatdaşlygy energiýa serişdeleriniň ygtybarly eksport ugurlaryny üpjün etmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan energetika geçelgelerini döretmek boýunça başlangyçlara işjeň gatnaşmak bilen, Gün we ýel elektrik stansiýalary ýaly gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini hem ösdürýär.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk Arkalaşygyň giňişliginde umumy taryhy mirasy gorap saklamaga ýardam berýär. Türkmenistan bilim ulgamynda GDA ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleri bilen talyplary hem-de mugallymlary alyşmak babatda netijeli işleri alyp barýar. Ýurdumyzy bu gurama girýän döwletler bilen däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, taryhy-medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Türkmenistan Arkalaşygyň çäklerinde däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny görkezýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär.

Şu gezekki mejlisiň gün tertibi hem GDA-nyň giňişliginde integrasiýanyň ähli ugurlaryna degişli möhüm meseleleri öz içine alýar. Şolar boýunça degişli çözgütleriň kabul edilmegi özara gatnaşyklaryň gurallaryny kämilleşdirmäge ýardam berer.

...Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilýän ýerine — “Kasri Millat” köşgüne bardy. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady. Sammite gatnaşýan wekiliýet Baştutanlarynyň resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen duşuşyga Azerbaýjan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary gatnaşdylar. Prezident Emomali Rahmon sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Arkalaşygyň giňişliginde özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, dürli ulgamlar boýunça gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak babatda şu günki ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine girizilen meseleleriň ähmiýetini nygtady. Soňra mejlise gatnaşyjylara söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň özüni özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk formaty hökmünde görkezýändigini, Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda daşary syýasy, ykdysady, söwda, ynsanperwer hem-de beýleki ugurlar boýunça netijeli dialogyň alnyp barylýandygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, hökümetara we pudagara duşuşyklaryň gurallary ýola goýuldy, medeni hyzmatdaşlyk ösdürilýär, GDA-nyň beýleki köptaraplaýyn düzümlerdir birleşikleriň işine gatnaşmagy giňeldilýär. Bularyň ählisi halklarymyzyň bähbidine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň guraly hökmünde Arkalaşygyň uly kuwwatynyň bardygyna şaýatlyk edýär. GDA-nyň giňişliginde howpsuzlygyň, durnuklylygyň ygtybarly ulgamyny gorap saklamak bilelikdäki işimiziň möhüm wezipeleriniň biri bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Şunda Türkmenistan ähli agza döwletleriň hoşniýetli goňşuçylygyň, ylalaşygyň we özara düşünişmegiň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy häsiýetnamasy bolmalydygyna gyzyklanma bildirýändiginden ugur alýar. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň çäklerinde syýasy-diplomatik geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmeginiň wajypdygyny bellemek gerek. Olaryň dowamynda netijeli pikir alşylýar. Şeýle duşuşyklar hyzmatdaşlaryň garaýyşlaryny has gowy öwrenmäge we köp halatda özara ylalaşylan çözgütleri işläp taýýarlamaga ýardam berýär. Türkmenistan şeýle geňeşmeleriň ösdürilmegi hem-de häzirki döwrüň wehimlerini nazara almak bilen, olaryň gün tertibine girizilýän meseleleriň giňeldilmegi ugrunda çykyş edýär.

Halkara hukugyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň berjaý edilmegini GDA-nyň daşary syýasy wezipeleriniň esasylarynyň biri diýip hasaplaýarys. Türkmenistan Baş Assambleýanyň şu gezekki sessiýasynda halkara hukugy goramagyň hem-de pugtalandyrmagyň zerurdygyny anyk beýan etdi. Şeýle hem 2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda Baş Assambleýanyň “Birleşen Milletler Guramasy bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamasynyň kabul edilmegi bilen baglylykda, açylýan mümkinçilikleri doly derejede ulanmak zerur diýip hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we GDA ýurtlarynyň daşary syýasat edaralaryna BMG-de bu mesele boýunça ylalaşykly işe girişmegi, geňeşmeler mehanizmini işläp taýýarlamagy we oňa BMG-ä agza döwletleriň mümkin boldugyça köp sanlysyny çekmegi tabşyrmagy teklip etdi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk GDA-nyň çäklerinde tagallalary we mümkinçilikleri birleşdirmek üçin ileri tutulýan ulgam hasaplanýar. Häzirki geoykdysady ýagdaýlarda guramanyň ykdysady, önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak, ony beýleki ýurtlar we birleşikler üçin güýçli hem-de peýdaly hyzmatdaşa öwürmek möhüm wezipedir. Onuň çözülmegi Arkalaşygyň içinde ykdysady gatnaşyklary okgunly ösdürmek bilen bir hatarda, GDA-nyň Ýewraziýadaky ornuny pugtalandyrmaga, iri yklym, sebit we halkara taslamalara uzak möhletleýin esasda gatnaşmaga, döwrebap ulag, energetika infrastrukturasyny, senagat we tehnologik hyzmatdaşlyk guşaklyklary döretmäge mümkinçilik berer. Şunda GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüş Strategiýasy esasy ugur görkeziji bolup durýar. Türkmenistan bu Strategiýa doly derejede durmuşa geçirilmeli, ýurtlarymyzyň syýasy ýolbaşçylary tarapyndan hemişe goldanylmaly we oňa bilelikdäki ösüşiň hem-de hyzmatdaşlygyň strategik wezipesi hökmünde seredilmeli diýip hasaplaýar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga üns çekdi.

Häzirki wagtda Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ulag-logistika ulgamlary döredilýär. Olar GDA-nyň tutuş giňişligini diýen ýaly gurşap alýar. Şeýlelikde, biziň ýurtlarymyz üçin yklymüsti gatnawlaryň esasy merkezleri bolmak, bu taslamalara häzirki zaman ýörelgelerine we ölçeglerine laýyklykda gatnaşmak üçin diňe bir geografik artykmaçlyklaryny däl, eýsem, tejribesini, önümçilik, tehnologik, hyzmat kuwwatlyklaryny ulanmak üçin hem uly mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Ýewraziýada möhüm logistika merkezleri hökmünde Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitine aýratyn ähmiýet berýär. Munuň netijeli ulanylmagy GDA-nyň ähli ýurtlarynyň ykdysady, söwda, maýa goýum, logistika bähbitlerine hem-de zerurlyklaryna laýyk gelýär.

Şu ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda Hazar deňzi mowzugynyň işjeň ara alnyp maslahatlaşylmagy tötänden däldir. Maslahatda Hazar deňziniň üstaşyr-logistika kuwwatynyň ählumumy ähmiýete eýe bolýandygy nygtaldy. Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden Ýewropa we Ýakyn Gündogara, Russiýadan günorta tarapa — Eýrana, Hindistana, Pars aýlagynyň ýurtlaryna gidýän Ýewraziýa gatnawlarynyň esasy ýollary hut Hazar deňzi sebitiniň üstünden geçer. Arkalaşygyň ýurtlary Hazar logistika merkezini döretmäge doly derejede gatnaşmalydyrlar, özara bähbitlilik we ylalaşyk esasynda bu taslamada öz orunlaryny pugtalandyrmalydyrlar diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam etdi hem-de Türkmenistanyň munuň üçin ýardam bermäge, Hazar deňzindäki port infrastrukturasyny umumy bähbitlere ulanmak mümkinçiligini hyzmatdaşlar bilen ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Ýurdumyz özara söwda, Arkalaşygyň ýurtlarynyň gatnaşmagynda senagat, tehnologik zynjyrlary döretmek, bilelikdäki önümçilik taslamalaryny işläp taýýarlamak ýaly hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryna ünsi çekýär. Dünýä bazarlarynda bäsdeşligiň barha artýan şertlerinde biz — GDA döwletlerine ösüşimiziň ygtybarly we uzak möhletleýin kepilliklerini üpjün etmek, taryhy, düzümleýin artykmaçlyklarymyzy ulanmak arkaly hyzmatdaşlygyň berk we netijeli nusgalaryny döretmek zerurdyr. Tehnologiýalar we innowasiýalar GDA-nyň ykdysady ösüşiniň hem-de bäsdeşlige ukyplylygynyň möhüm şerti bolup durýar. Häzirki wagtda bu ugra aýratyn üns bermek, tehnologik hyzmatdaşlyga girişmek, bilim hem-de tejribe alyşmalary yzygiderli esasda ýola goýmak zerur diýip hasaplaýarys. Bu prosesde GDA-nyň çäklerindäki ylmy-tehniki dialoga esasy orun berýäris. Arkalaşygyň degişli düzümlerine GDA-nyň ylmy-tehniki, tehnologik ugurly edaralarynyň ornuny pugtalandyrmaga işjeň ýardam bermegi, olaryň hökümetara we pudagara dialoga gatnaşmagyny hem-de çözgütleri kabul etmegini höweslendirmegi tabşyrmaly diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Däp bolşy ýaly, medeni-ynsanperwer ulgam döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlykda aýratyn orny eýeleýär. Munuň özi birek-birege has gowy düşünmäge, ýurtlarymyzda, jemgyýetçilik aňynda esasy gymmatlyklary, sagdyn ahlak we etiki ýörelgeleri berkarar etmäge ýardam berýär. Arkalaşygyň halklarynyň medeni mirasy jemgyýetçilik, syýasy we durmuş ösüşiniň intellektual hem-de ruhy daýanjydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we Türkmenistanyň GDA ýurtlary bilen medeni, ylym, bilim, sport ulgamlarynda giň gerimli hyzmatdaşlyga berk ygrarlydygyny, şeýle gatnaşyklaryň goldanylmagynyň dowam etdiriljekdigini tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Türkmenistanyň taryhy wakany — ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýändigini aýdyp, GDA ýurtlarynyň döwletimiziň Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň gözbaşynda durandyklaryny, BMG-de, beýleki halkara guramalarda we forumlarda muňa işjeň ýardam berendiklerini nygtady hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Arkalaşygyň döwlet Baştutanlaryny şanly senä bagyşlanyp, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek dabaralara, halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmaga çagyrdy. Siziň bu ähmiýetli çärelere gatnaşmagyňyz olary üstünlikli geçirmäge möhüm goşant goşar hem-de Türkmenistanyň halkynyň ýokary bahasyna mynasyp bolar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona şu ýyl ýurdunyň GDA-da netijeli başlyklyk edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Nikolaýewiç Lebedewe Arkalaşygyň edaralarynyň işini netijeli utgaşdyrýandygy we şu gezekki sammiti geçirmäge uly goşandy üçin minnetdarlyk sözleri beýan edildi.

Soňra 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegiň Türkmenistana geçýändigi hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geljek ýylyň 9-njy oktýabrynda ýurdumyzda geçirmek baradaky çözgütler yglan edildi.

Soňra ýokary derejedäki duşuşyk öz işini giňişleýin düzümde dowam etdi. Täjigistanyň Prezidenti geljek ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegiň Türkmenistana geçýändigini aýdyp, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa söz berdi.

Döwlet Baştutanymyz 2026-njy ýylda GDA-da Türkmenistanyň başlyklyk etmegi baradaky kabul edilen çözgüt üçin minnetdarlyk bildirip, munuň ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistana bildirilen hormatyň we ynamyň nyşany, ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ösüşine goşýan goşandynyň ykrarnamasy hökmünde kabul edilýändigini aýtdy. “Biz bilelikde çözmeli wezipelerimiziň gerimine doly derejede düşünmek bilen, Arkalaşykda başlyklyk wezipesine jogapkärçilikli çemeleşeris. Ýakyn wagtda Türkmenistanyň GDA-daky başlyklygynyň Konsepsiýasy işlenip taýýarlanylar. Onda, biziň pikirimizçe, häzirki wagtda has derwaýys zerurlyklar nazara alnyp, döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň çemeleşmeleri beýan ediler. Resminama diplomatik ýollar arkaly Arkalaşygyň ýurtlaryna öz wagtynda iberiler. Türkmenistanyň bu möhüm wezipä girişmeginiň öňüsyrasynda GDA-nyň mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmek, Arkalaşygyň döwletlerini netijeli ösdürmek, ýurtlarymyzyň halklarynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermegi başlyklyk döwründe öz baş maksadymyz hasaplaýandygymyzy aýtmak isleýärin” diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we Arkalaşygyň binýadyna goýlan ýörelgelerdir maksatlara eýermegiň Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk ediji döwlet hökmünde alyp barjak işiniň möhüm häsiýetnamasy boljakdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz GDA-nyň mundan beýläk-de oňa agza ýurtlaryň hoşmeýilli erkine, deňhukuklylyga we özara hormat goýmaga, her bir ýurduň milli bähbitlerine esaslanýan hyzmatdaşlygynyň möhüm guraly bolup hyzmat etjekdigine berk ynam bildirip, hut şu ýagdaýyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny we gözýetimlerini açmaga ýardam berýändigini, halkara durnuklylygyň, howpsuzlygyň şertleriniň biri hökmünde Arkalaşygyň durmuşa ukyplylygyny üpjün edýändigini belledi hem-de kabul edilen çözgüt we bildirilen ynam üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Emomali Rahmon çykyşy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, başlyklyk döwründe Türkmenistana üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem sammitiň çäklerinde Arkalaşygyň şu ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň netijeleri seljerildi, geljek ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler anyklaşdyryldy, halkara we sebit durmuşynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy. Sammitiň jemleri boýunça birnäçe resminamalar kabul edildi.

Täjigistan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäheriniň Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammitine hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmagy Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi. Ýurdumyz umumy meseleler üçin innowasion çözgütleri teklip edip, Arkalaşykda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde öz ornuny pugtalandyrmagy dowam etdirýär.

11.10.2025
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Duşenbe, 9-njy oktýabr (TDH). Şu gün Duşenbede iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen ikitaraplaýyn duşuşygy boldy.

Dostlukly ýurduň Prezidenti belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip, Täjigistana gelendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanymyzyň şu gezekki saparynyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrjakdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz çakylyk we bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şu ýylyň awgustynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşandygy we Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin Prezident Emomali Rahmona minnetdarlyk bildirdi. Dostlukly ýurduň Lideri Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ýokary döwlet derejesindäki özara saparlaryň möhüm ähmiýetini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň dünýä we sebit syýasatynyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň köp babatda gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini belläp, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny, halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin täjik tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Nygtalyşy ýaly, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde bilelikdäki işiň oňyn tejribesi toplandy. Täjigistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistan tarapyndan teklip edilen köp sanly Kararnamalarynyň kabul edilmegini goldady we olaryň awtordaşy bolup çykyş etdi. Öz gezeginde, Türkmenistan hem Täjigistanyň halkara tagallalaryna ýokary baha bermek bilen, onuň dürli halkara düzümlerde öňe sürýän netijeli başlangyçlaryny goldaýar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Taraplar iki ýurduň bu ulgamdaky mümkinçiliklerini doly derejede peýdalanmak, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak üçin zerur çäreleri durmuşa geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler. Türkmenistan we Täjigistan medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmäge hem uly ähmiýet berýärler. Şunda ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk möhüm ugurlaryň biri bolmagynda galýar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon iki ýurduň däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

10.10.2025
Türkmenistan strategik döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammitine gatnaşdy

Aşgabat — Duşenbe, 9-njy oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Russiýa” ikinji sammitine we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady.

Merkezi Aziýa döwletleri bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk sebit syýasatynyň okgunly ösýän we strategik ähmiýetli ugurlarynyň biridir. Berk taryhy-medeni, ykdysady gatnaşyklara esaslanýan bu hyzmatdaşlyk syýasat, ykdysadyýet, energetika, ulag, ylym-bilim ýaly ulgamlary öz içine alýar. Milli bähbitlere, özara hormat goýmaga esaslanýan deňhukukly we ynanyşykly dialog hyzmatdaşlygyň durnuklylygyny üpjün edýän esasy şert bolup çykyş edýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistan bu formatda oňyn orny eýeleýär.

“Merkezi Aziýa — Russiýa” formaty alty döwletiň tagallalaryny üstünlikli birleşdirmeginiň aýdyň mysaly bolup durýar. 2022-nji ýylda Astanada geçirilen birinji sammit bu dialogyň netijeli häsiýetini hem-de dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny maksat edinýändigini tassyklady. Türkmenistan bu altytaraplaýyn formatyň ösüşine saldamly goşant goşýar. Ýurdumyz berk taryhy binýada, hyzmatdaşlygyň baý tejribesine esaslanýan özara gatnaşyklary ilerletmäge işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2022-nji ýylda Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň geçirilmegi munuň aýdyň mysallarynyň biridir. BMG-niň degişli Kararnamalary bilen berkidilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygy üpjün etmäge möhüm goşant hökmünde garalýar. Bitaraplyk ýörelgeleri Türkmenistana ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen netijeli hyzmatdaş hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berýär we giň halkara hyzmatdaşlyk üçin amatly geosyýasy hem-de geoykdysady şertleri döredýär.

Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar okgunly ösdürilip, strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykaryldy. Munuň özi taraplaryň hyzmatdaşlygy ähli ulgamlarda pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklaýar. Ykdysady hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Russiýanyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biridir. Russiýa sebitiň ýurtlarynyň iri söwda hyzmatdaşydyr. Özara haryt dolanyşygynyň düzüminde çig maldan başga-da, senagat harytlary, oba hojalyk, nebithimiýa, metallurgiýa önümleri agdyklyk edýär. Munuň özi ykdysady hyzmatdaşlygyň köpugurly häsiýetine şaýatlyk edýär.

Möhüm ulag-kommunikasiýa, energetika infrastrukturasyna eýe bolan Merkezi Aziýa ählumumy durnukly ösüşi gazanmak babatda öňdebaryjy sebitleriň birine öwrülýär. Türkmenistan gatnaşyjy ýurtlaryň ägirt uly ykdysady kuwwatyny durmuşa geçirmäge ýardam berýän köpşahaly sebit ulag infrastrukturasyny döretmäge işjeň gatnaşyp, bu ulgamda goňşy döwletler bilen iri taslamalary durmuşa geçirýär. Energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady durnuklylygyny üpjün etmegiň binýatlaýyn esasy bolup durýar. Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen energetika diplomatiýasyny işjeň ilerledýär. “Merkezi Aziýa — Russiýa” formaty tutuş Ýewraziýa yklymynda durnukly ösüşi hem-de abadançylygy üpjün etmekde möhüm orny eýeleýän köpugurly, özara bähbitli strategik hyzmatdaşlygyň mysalydyr. Medeniýetleriň ýakynlygy we taryhy gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.

...Paýtagtymyzdan ugur alan hormatly Prezidentimiziň uçary birnäçe wagtdan soňra, Duşenbe şäheriniň sammite gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Döwlet Baştutanymyzy Täjigistanyň resmi adamlary, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammitiniň geçirilýän ýerine — Kabul edişlikler köşgüne bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon mähirli garşylady. Sammite gatnaşýan döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, “Merkezi Aziýa — Russiýa” formatyndaky ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri hem gatnaşdylar.

Prezident Emomali Rahmon sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip, Täjigistana gelendikleri üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de şu günki ýokary derejedäki duşuşygyň altytaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarjakdygyna ynam bildirdi. Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, ilki bilen, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň döwlet Baştutanlarynyň şu gezekki ikinji duşuşygynyň geçirilmeginiň şeýle formatdaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli esasa geçýändigini görkezýändigini belledi. Munuň özi kanunalaýykdyr. Merkezi Aziýa we Russiýa diňe bir giň geografik giňişligi emele getirmek bilen çäklenmän, eýsem, köpasyrlyk taryhy, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar bilen hem baglanyşandyr. Hut şeýle şertleriň jemi biziň hyzmatdaşlygymyzyň mümkinçiliklerini häzirki wagtda, şeýle hem uzak möhletleýin geljekde ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmek üçin berk esas bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Merkezi Aziýada durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak babatda bilelikdäki işimiz ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de bu ulgamda sebitiň ýurtlarynyň, şeýle-de Russiýanyň baý tejribe toplandyklaryna, daşary syýasat edaralarynyň, beýleki edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geňeşmeleriň yzygiderli geçirilýändigine ünsi çekdi. Häzirki wagtda olaryň gün tertibine täze wehimlerdir howplara garşy tagallalary utgaşdyrmak, şol sanda maglumat we biologik howpsuzlygy, ýurtlarymyzyň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça meseleler girizilýär. Bular örän möhüm bolup, biz olary esas goýujy gymmatlyklarymyza, däplerimize, taryhy tejribä esaslanyp, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda bilelikde çözýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde ýurtlarymyzyň özara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyny, utgaşdyrylmagyny dünýä giňişliginde umumy wezipeleriň esasylarynyň hatarynda görkezdi. Şunda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny goramak, BMG-niň ornuny hem-de abraýyny pugtalandyrmak, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ählumumy howpsuzlygyň arhitekturasyny gorap saklamak meselelerinde bilelikde tagalla etmek zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz halkara gatnaşyklarda özara hormat goýmak dialogynyň medeniýetini, açyklygy we ynanyşmagy gaýtadan dikeltmegiň wajypdygyny belläp, bu wezipeleriň häzirki wagtda çylşyrymly bolandygyna garamazdan, Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Russiýanyň bilelikde bu maksatlary gazanmaga ep-esli täsir edip biljekdigine ynam bildirdi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen Russiýanyň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny hem-de işjeňleşdirilmegini hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hasaplaýar. Soňky ýyllarda ýurtlarymyzyň gatnaşmagynda birnäçe iri taslamalaryň başy başlandy. Ulag ulgamy bu gün aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň çäklerinden geçýän ygtybarly, durnukly, netijeli logistika ulgamynyň döredilmegi bu ugurda bilelikdäki hereketleriň esasy maksadydyr. Türkmenistan Hazar deňziniň gündogar kenarýakasynyň ugry boýunça Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň döredilmeginiň uly mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýar. Bu ulag geçelgesi ähli gatnaşyjylara uly peýda getirer. Şol bir wagtyň özünde oňa iri Ýewraziýa ulag taslamasynyň bir bölegi hökmünde seretmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we Hazar deňziniň üsti arkaly Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Russiýanyň arasynda göni ulag gatnawlaryny ýola goýmak üçin Hazar ulag-logistika merkeziniň ähmiýetine ünsi çekdi. Türkmenistan şu maksatlar üçin Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleriniň ulanylmagyny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada aýdyp, şunda ýurdumyzyň elektroenergetika aýratyn üns berýändigini belledi. Şunda hormatly Prezidentimiz döwletlerimiziň çägi boýunça elektrik energiýasyny ibermek, şeýle hem goňşy ýurtlara we sebitlere, ilkinji nobatda, günorta ugra çykmak meselesine seretmegi teklip etdi. Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak babatda-da has ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardyr. Döwlet Baştutanymyz şu barada aýdyp, ýurtlarymyzyň bilelikde toplan, şeýle-de täze tejribeleriniň, ylmy-tehniki gazananlarynyň esasynda birek-birege teklip edip biljek zatlarynyň bardygyna ynam bildirdi.

Innowasion ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýäris. Munuň özi içerki ösüş we halkara giňişlikde bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak üçin uly ähmiýete eýedir. Russiýanyň tehnologiýalar we innowasiýalar babatda giň halkara kooperasiýa gönükdirilen strategik ugruna ýokary baha berýäris. Biziň formatymyzda hem bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyna ynanýarys. Häzirki wagtda innowasion ösüş Türkmenistan üçin milli ykdysadyýeti we durmuş ulgamyny ösdürmegiň esasy hereketlendiriji güýçleriniň biri bolup çykyş edýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de ýurdumyzyň özara bähbitlilik esasynda senagat pudagyna, oba hojalyk toplumyna, şähergurluşyk, “akylly” şäherleri gurmak ulgamlaryna hyzmatdaşlaryň innowasion mümkinçiliklerini çekmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Ekologik deňagramlylygyň üpjün edilmegi Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň bilelikde köp meseleleri çözmeli ugurlarynyň biridir. Hazar deňziniň suw derejesiniň pese düşmegi, Araly halas etmek, senagatda we oba hojalygynda howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak çäreleri, daşky gurşawa zyňyndylary azaltmak bilen baglanyşykly meseleler hem-de beýlekiler şolaryň hataryndadyr.

Şu ýyl biziň ýurtlarymyz üçin aýratyn many-mazmuna eýedir. Biz Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyny bilelikde belläp geçdik. Bu waka hemişe halklarymyzy we döwletlerimizi birleşdirýän berk binýatdyr. Biz döwletara gatnaşyklarymyzda umumy taryhy mirasymyza, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, deňhukuklylyk taglymlaryna ygrarlylygymyza esaslanýarys, hemişe olaryň mizemez gymmatlyklardygyny tekrarlaýarys. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa bilen Russiýanyň arasynda ynsanperwer, ylym-bilim gatnaşyklarynyň ösdürilmegi möhüm bolup durýar. Bu gatnaşyklar hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrýar, geljek üçin berk esasy döredýär, ýurtlarymyzyň halklarynda, şol sanda ýaşlarda birek-birege hormat goýmagy terbiýeleýär. Biz bu oňyn meýilleri goldamalydyrys we höweslendirmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Türkmenistanyň hyzmatdaşlyga taýýardygyny hem-de “Merkezi Aziýa — Russiýa” ýaly hyzmatdaşlyk formatynyň möhümdigine, onuň uly kuwwatynyň bardygyna berk ynanýandygyny tassyklady.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon döwlet Baştutanymyza çuň manyly çykyşy üçin hoşallyk bildirip, çykyşda beýan edilen teklipleriň ähmiýetini belledi.

Hormatly Prezidentimiziň Täjigistan Respublikasyna iş sapary dowam edýär.

10.10.2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 8-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, ýurdumyzy ykdysady, syýasy, medeni taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, döwletimiziň halkara başlangyçlaryny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunlara döwrüň talabyna laýyklykda üýtgetmeleridir goşmaçalary girizmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Şeýle hem milli parlamentiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly ady dakmak hakynda Mejlisiň kararyny okady. Kararda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hem-de hut özüniň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny we bu ugurda kabul edilen milli maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça bimöçber işler alnyp barylýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde dünýä bileleşigi, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ykrar edilen nusgalyk işler amala aşyryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ilatyň, hususan-da, eneleriň we çagalaryň saglygy bilen bagly meselelere uly ähmiýet berilýär.

Ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda durmuşa geçirilýän işler, gazanylan üstünlikler ençeme halkara güwänamalar bilen ykrar edildi. Ýurdumyzyň paýtagtynda, sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde we welaýatlarda saglygy goraýşy halkara ölçeglere laýyklykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil, binagärlik taýdan tapawutlanýan döwrebap, nusgalyk saglygy goraýyş we bejeriş edaralarynyň, sport desgalarynyň uly toplumy gurlup ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda Aşgabat şäherinde Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezini we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezini, Arkadag şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini we köpugurly hassahanany, Balkan welaýatynda iki sany köpugurly hassahanany, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde köpugurly hassahanany we onkologiýa hassahanasyny hem-de başga-da köp sanly saglygy goraýyş edaralaryny görkezmek bolar. Arkadag şäherinde gurulýan lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlary bolsa ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny täze derejelere çykarar.

Häzirki wagtda gurluşygy ýokary depginlerde dowam etdirilýän Aşgabatdaky Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleri, Stomatologiýa merkezi, şeýle hem «Arçman» şypahanasyndaky täze goşmaça binalar toplumy milli saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üstüni ýetirer. Şeýle-de Aşgabat şäherinde köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde etrabara köpugurly hassahananyň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurluşygyna badalga berilmegi ýurdumyzda adam we onuň saglygy hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygynyň ýene-de bir subutnamasydyr.

Türkmenistanda gurulýan saglygy goraýyş edaralarynyň binagärlik babatda ýokary ölçeglere, milli äheňlere laýyk bolmagyny üpjün etmekde, şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, saglygy goraýyş edaralarynyň binagärlik-gurluşyk taslamalary işlenip düzülende dünýäde gazanylan oňyn tejribeleri, innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy inženerçilik, binagärlik, bezeg işläp taýýarlamalaryny işjeň ulanmakda, taslama we binagärlik işleri boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda, ýaşlary bu işlere çekmekde, ylmy oý-pikiriň we tehniki ösüşiň gazananlaryny peýdalanmakda alyp barýan ägirt uly işlerini, şeýle hem saglygy goraýyş babatda jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup, halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan, raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleriň esasynda, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda, Mejlisiň karary bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly at dakyldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly adyň dakylmagyny uly sylag hökmünde kabul edýändigini aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz özüne bu sylagyň gowşurylmagynyň ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda mundan beýläk-de yhlas bilen tutanýerli işlemäge borçly edýändigini belledi we pursatdan peýdalanyp, berlen şeýle ýokary baha üçin mähriban halkymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça «Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasyny» taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu resminama türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde öňde goýan wezipelerine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Strategiýada ýurdumyzda maliýe bazaryny ösdürmegiň maksatlary, wezipeleri, esasy ugurlary we ony durmuşa geçirmekden garaşylýan netijeler beýan edilýär. Resminama laýyklykda, halkara standartlary, milli bähbitleri nazara almak bilen, dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesini göz öňünde tutup, maliýe bazarynyň institusional gurluşyny hem-de Türkmenistanyň maliýe bazarynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda maliýe serişdeleriniň netijeli dolanyşygyny üpjün etmek, maýa goýumlary artdyrmak, milli ätiýaçlandyryş bazarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we bazar gatnaşyklaryna esaslanýan ykdysady gatnaşyklary giňeltmek boýunça çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda maliýe bazaryny ösdürmek we bu ugurda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz maliýe serişdeleriniň netijeli dolanyşygyny üpjün etmek bilen bagly taýýarlanylan Karara gol çekdi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň tehnologik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, konserniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik ulgamlary yzygiderli kämilleşdirilýär, olar öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylýar. Munuň özi kärhanalaryň has-da netijeli işlemegini, öndürilýän önümleriň, hususan-da, benziniň, polipropileniň, çalgy ýaglarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyna mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmak üçin degişli işleri alyp barmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň degişli desgasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taýýarlanylan teklibi goldady we wise-premýere bu ugurda zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, oba hojalyk işleriniň çäklerinde geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişi dowam edýär. Ekişde oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar. Şunuň bilen bir hatarda, ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda ýygnap almak, hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda, pagta kabul ediş harmanhanalarynda kabul etmek, gaýtadan işlemek boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda mallary talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak maksady bilen, ot we iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek babatda degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegiň we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegiň, bugdaý ekişi möwsümini talabalaýyk dowam etdirmegiň, bu işde oba hojalyk tehnikalaryny netijeli peýdalanmagyň möhümdigini belledi. Pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek, ýygnalan hasyly kabul etmek, gaýtadan işlemek boýunça hem degişli işleri netijeli alyp barmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu babatda tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, bu hünär baýramçylygy mynasybetli «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergini we maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem şanly senä gabatlanyp, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suw arassalaýjy desganyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralaryny, Türkmenbaşy etrabynda ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, toplumyň zähmetde tapawutlanan işgärlerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy we beýleki medeni çäreler guralar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek halkara sergä we maslahata gowy taýýarlyk görmegiň hem-de olary ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi we wise-premýere Balkan welaýatynda geçiriljek dabaraly çärelere gowy taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew ýurdumyzda daşary söwda dolanyşygyny artdyrmak, eksport mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan bu ugurda edilýän işlerde eksport we import edilýän önümler boýunça dünýä bazarlarynyň ýagdaýy baradaky halkara maglumat ulgamlaryndan netijeli peýdalanylýar. Şunda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda daşary söwda dolanyşygyny artdyrmak, eksport mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz eksport we import edilýän harytlaryň nyrhlaryna gözegçilik etmek boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa «Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynyň taslamasy barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, Strategiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň medeni diplomatiýasyny ösdürmekden, milli medeni mirasymyzyň, ata-babalarymyzdan gözbaş alýan ajaýyp däp-dessurlarymyzyň halkara derejede ykrar edilmegini, millilige ýugrulan, kämillige gönükdirilen ýol-ýörelgelerimiziň mynasyp wagyz edilmegini, döwletleriň arasynda uzak möhletleýin gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny gazanmakdan ybaratdyr. Strategiýa halklary jebisleşdirmekde we dostlaşdyrmakda medeniýetiň täsirini artdyryp, medeni diplomatiýanyň ornuny pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe bolar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň milli medeni mirasynyň, gadymy däp-dessurlarymyzyň dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýändigini, bu gymmatlyklarymyzyň halkara derejede giňden ykrar edilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hünär baýramçylygy mynasybetli «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergini we ylmy maslahaty ýokary derejede geçirmek, täze saglygy goraýyş desgalaryny dabaraly ýagdaýda ulanmaga bermek bilen baglanyşykly guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda döwrebap saglyk öýüniň, 300 orunlyk Mary welaýat inçekesel hassahanasynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigi aýdyldy. Wise-premýer Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahanany we Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahanany, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini gurmak hakynda, şeýle hem saglygy goraýyş işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda degişli resminamalaryň taslamalarynyň taýýarlanylandygy barada hasabat berdi we olary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli ösdürilýändigini, halkara saglyk merkezleriniň, saglyk öýleriniň, hassahanalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahanany, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahanany, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini gurmak hakynda, şeýle-de aýratyn tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak barada degişli resminamalara gol çekdi we wise-premýere tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Halkara guramalaryň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanalary hakynda Düzgünnamanyň taslamasy hödürlenildi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de beýleki dünýä, yklym we sebit derejesinde hereket edýän halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Döwlet Baştutanymyzyň parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge, tebigaty goramaga, ynsanperwer we beýleki ulgamlarda gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gönükdirilen tekliplerini durmuşa geçirmekde bu abraýly düzümler bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Ýurdumyzyň milli bähbitlerini ilerletmek we bu ulgamlarda netijeli işleri geçirmek bilen baglylykda, halkara guramalaryň ýanynda Türkmenistanyň hemişelik wekilhanalaryny döretmegiň möhümdigi bellenildi. Häzirki wagtda Türkmenistan halkara guramalaryň 54-siniň agzasy bolup durýar. Şolaryň 19-synda Türkmenistanyň hemişelik wekilleri resmi taýdan bellenildi.

Türkmenistanyň halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynyň işiniň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, ýokarda agzalan Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy. Bu resminama Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we ugurdaş kanunlaryň, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda taýýarlanylyp, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge ýardam bermäge, ýurdumyzyň olaryň çäklerindäki işlerini utgaşdyrmaga gönükdirilendir. Düzgünnama Türkmenistanyň hemişelik wekilhanalarynyň işini we ygtyýarlyklaryny, beýleki degişli meseleleri düzgünleşdirýär. Şeýle hem onda hemişelik wekilhanalaryň işiniň esaslarydyr maksatlary kesgitlenilýär. Şolaryň hatarynda degişli halkara guramalarda resmi döwletara gatnaşyklary saklamak, Türkmenistanyň we onuň raýatlarynyň hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramak, ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek, halkara guramalar bilen ulgamlaýyn esasda gatnaşyklary saklamak bilen baglanyşykly wezipeler bar. Mundan başga-da, resminamada hukuk we guramaçylyk meseleleri kesgitlenilýär, hemişelik wekiliň statusy, ileri tutulýan wezipeleridir ygtyýarlyklary bilen bagly kadalaşdyryjy düzgünler beýan edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň halkara guramalar bilen alyp barýan hyzmatdaşlygyny ösdürmek we pugtalandyrmak işlerini dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Halkara guramalaryň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanalary hakynda Düzgünnamany tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi we wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, innowasion tehnologiýalary döwrüň talaplaryna laýyklykda önümçilige ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Konsepsiýanyň esasy maksady sanly infrastrukturany ösdürmekden, döwlet edaralarynyň, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň netijeli ösmegi üçin amatly şertleri döretmekden, öňdebaryjy önümçilik tehnologiýalaryny dolanyşyga we kanunçylyga ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Konsepsiýada halkara standartlara, milli bähbitlere laýyklykda, sanly ykdysadyýet babatda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, elektron hökümet ulgamyny, sanly bilim we ylym ulgamyny, sanly lukmançylygy, maliýe tehnologiýalaryny ösdürmek, maglumat geçiriş torlaryny döwrebaplaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, maýa goýumlary çekmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini, elektron hökümet ulgamyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz innowasion, ýokary tehnologiýaly sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan resminama gol çekdi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 10-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň giňden bellenip geçiljekdigini, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny maksatnamalaýyn ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty işgärlerini bu hünär baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

***

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisi tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimize «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly adyň dakylmagy mynasybetli dabara geçirildi. Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyza «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly adyň dakylmagy hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Aşgabat şäherini ösdürmek boýunça başyny başlan şähergurluşyk maksatnamasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýar. Soňky ýyllarda Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem döwrebap şäher gurşawyny döretmek boýunça özboluşly taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy döwrebaplaşdyrylýar. Şunda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda saglygy goraýyş desgalarynyň gurulmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly adyň dakylandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, dabara gatnaşyjylary Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

09.10.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministrini kabul etdi

Aşgabat, 7-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç-Radmany kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Horwatiýanyň Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Zoran Milanowiçiň we Premýer-ministri Andreý Plenkowiçiň döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz myhmany mähirli mübärekläp, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de bu saparyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan halkara derejede ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, dünýä döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda halkara guramalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge, döwletleriň arasyndaky ynanyşmagy, özara düşünişmegi we dünýäde durnukly ösüşi ilerletmäge gönükdirilen başlangyçlary goldamaga aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ýewropa sebitiniň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny, Türkmenistan bilen Horwatiýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hem dostluk, deňhukuklylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýandygyny aýtdy. Nygtalyşy ýaly, ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar işjeň häsiýete eýedir. Horwatiýanyň Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde öňe sürýän netijeli başlangyçlarynyň awtordaşy bolmagy, Türkmenistanyň hem, öz gezeginde, birnäçe halkara guramalara saýlawlarda Horwatiýa Respublikasyny goldamagy munuň aýdyň mysalydyr.

Döwlet Baştutanymyz Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministriniň ýurdumyza saparynyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-horwat hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini, onda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, energetika, ulag pudaklarynda, beýleki ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň hem-de geljekki ösüş mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy. Şeýle-de saparyň çäklerinde iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürlik maslahaty geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu çäräniň telekeçileriň arasynda göni aragatnaşygy ýola goýmaga, bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik döretjekdigini belläp, onuň üstünlikli we netijeli geçirilmegini arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, söwda we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, ýurdumyzyň bu babatda horwat tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç-Radman birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

08.10.2025
Türkmenistan sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna iş sapary

Aşgabat — Gabala — Aşgabat, 7-nji oktýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmak maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi, abraýly halkara we sebit guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Şunda Türki Döwletleriň Guramasyna uly orun degişlidir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän uzak möhletli, özara bähbitli hyzmatdaşlyga gönükdirilen oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Gahryman Arkadagymyzyň TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky sammitine gatnaşmagy hem munuň aýdyň güwäsidir.

Türki Döwletleriň Guramasy halklary taryhy, medeni we dil umumylygy bilen baglanyşan ýurtlaryň birleşigidir. 2009-njy ýylda döredilen bu gurama türki ýurtlaryň arasynda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýär. TDG durnukly ösüşe gönükdirilen dialog hem-de hyzmatdaşlyk üçin meýdança bolup, häzirki wagtda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe, Özbegistan onuň düzümine doly hukukly agza hökmünde girýär. Türkmenistan we Wengriýa bu düzümde synçy döwlet derejesine eýedir.

Gurama ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda anyk taslamalary amala aşyrmak arkaly türki halklaryň medeniýetini ösdürmäge ýardam berýär. Şeýle hem ol Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara düzümler bilen hyzmatdaşlyk edýär. 2022-nji ýylda Türki Döwletleriň Guramasy BMG-de synçy derejesine eýe boldy. Bu bolsa onuň halkara abraýyny has-da pugtalandyrdy. Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynda synçy agza hökmünde aýratyn orny eýeleýär. Bu dereje ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan syýasatynyň beýany bolup, Türkmenistana sebit başlangyçlaryna işjeň gatnaşmaga mümkinçilik berýär.

...Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden ugur alan Gahryman Arkadagymyzyň uçary birnäçe wagtdan soňra, sammite gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Gabala şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dostlukly ýurduň resmi adamlary, şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Günüň ikinji ýarymynda Gahryman Arkadagymyz sammitiň geçýän ýerine — Geýdar Aliýew kongres merkezine geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady. Sammite gatnaşýan wekiliýet Baştutanlarynyň resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Prezident Ilham Aliýew sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip gelendikleri üçin hoşallyk bildirdi hem-de umumy taryhy, dili, medeniýeti, ruhy-ahlak gymmatlyklary bolan halklaryň arasynda raýdaşlygy pugtalandyrmakda Türki Döwletleriň Guramasynyň ähmiýetini belledi. Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, ilki bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň şu günki ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmaga çakylygy hem-de myhmansöýerlik üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu guramanyň umumy taryha, medeniýete, ruhy mirasa we dile esaslanýan dostlukly halklarymyzyň halkara guramasy bolup durýandygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, guramanyň baş maksady türki döwletleriň arasynda agzybirligi, dost-doganlygy pugtalandyrmaga, sebitleýin we halkara derejede bilelikdäki tagallalardyr hereketleri utgaşdyrmaga gönükdirilendir. Häzirki günde dünýä jemgyýetçiligi öz ösüşiniň örän çylşyrymly döwrüni başdan geçirýär. Şeýle ýagdaýda döwletlerimiziň halkara giňişlikde utgaşykly hereket etmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Biziň öňümizde duran esasy wezipeleriň biri hem halkara derejede parahatçylygy, durnuklylygy we ynanyşmagy berkitmekdir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini belledi hem-de sammite gatnaşyjylary bu şanly sene we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy.

Biz hemişe bir meseläni aýratyn nygtap geçýäris: biziň medeniýetimiz, dilimiz we däp-dessurlarymyz birdir. Bu umumylyk taryhy hakykata esaslanýar. Biziň ata-babalarymyz dünýä taryhynda uly yz galdyran döwletleri döretdiler. Medeniýetiň, söwdanyň, dolandyryş tejribesiniň ösüşine ägirt uly goşant goşdular. Olaryň arasynda oguzlaryň neslinden gelip çykan türkmenleriň syýasy mirasy hem möhüm ähmiýete eýedir. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda beýleki doganlyk halklar bilen birlikde uly taryhy ýoly geçdi. Ol diňe bir döwletlilik kadalaryny we däp-dessurlaryny ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş Ýewraziýa giňişliginde özara gatnaşyklaryň, medeni alyşmalaryň ösmegine, dürli söwda ýollarynyň döredilmegine wajyp goşant goşdy diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen birlikde, biziň döwletlerimizde ýaşaýan halklaryň asyrlaryň dowamynda birek-birek bilen syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary saklandygyny bellemek gerek. Munuň mysaly hökmünde Beýik Ýüpek ýoluny görkezmek bolar. Hytaýdan başlanýan bu ýoluň esasy ugurlary doganlyk ýurtlarymyzyň üstünden geçip, Ýewropa döwletleriniň çäklerine çenli uzapdyr. Beýik Ýüpek ýoly dürli medeniýetleri, dünýägaraýyşlary we ykdysady şertleri özara birleşdiripdir. Aziýa, Ýakyn Gündogar, Ýewropa halklarynyň arasynda ylym-bilimiň, däp-dessurlaryň, ruhy gymmatlyklaryň alyş-çalyş edilmegine mümkinçilik döredipdir.

Gahryman Arkadagymyz çykyşynda Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna girýän ýurtlar bilen köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Ýurdumyz özara bähbitli gatnaşyklary berkitmek, ony many-mazmun taýdan baýlaşdyrmak ugrunda tutanýerli tagalla edýär. Bu gatnaşyklaryň binýady deňhukuklylyga, birek-birege hormat goýmaga, strategik hyzmatdaşlyga esaslanýar. Türkmenistan şunuň ýaly asylly we uzak möhletleýin maksatlary amala aşyrmak üçin energetika, ulag-logistika, aragatnaşyk we beýleki strategik ugurlarda sebit hem-de halkara ähmiýetli iri taslamalary öňe sürýär, olary durmuşa geçirmek üçin has-da işjeň işleri alyp barýar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we türki döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň aýratyn ornuna ünsi çekdi.

Bu ugurda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk halklarymyzyň özboluşly milli aýratynlyklaryny we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamakda, ony kämilleşdirmekde, dünýä tanatmakda uly ähmiýete eýedir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we bilelikdäki medeni-köpçülik çärelerini guramak boýunça işleri güýçlendirmegi teklip etdi. Şunda, hususan-da, Medeniýet günlerini, teatr çykyşlaryny, dürli sergileri, kino günlerini geçirmek boýunça uly we köp işleriň durmuşa geçirilýändigi bellenilip, ýurtlarymyzyň bu ugurda gazanan baý tejribesini dowam etdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyna üns çekildi.

Ýakyn wagtda biz Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmegi meýilleşdirýäris. Şeýle hem iki halkyň halyçylyk we haly dokamak däplerini ösdürmek babatda tagalla edýäris. Şol bir wagtda bedew atlary, hususan-da, ahalteke we garabag atlaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça gadymy sungaty gaýtadan dikeltmek babatda işleşmegi göz öňünde tutýarys. Bu çäreleriň medeni gatnaşyklarymyzy has-da kämilleşdirmäge ýardam berjekdigine berk ynanýarys. Şunuň ýaly çäreleri beýleki doganlyk ýurtlar bilen hem guramagy maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Nygtalyşy ýaly, ylym we bilim ulgamynda akademiki alyşmalary giňeltmäge, talyp haky maksatnamalaryny ýola goýmaga, halklarymyzyň taryhyny we medeni mirasyny öwrenmek boýunça bilelikdäki işleri alyp barmaga hem aýratyn ähmiýet berilmegi zerurdyr. Sport we bedenterbiýe babatda bolsa ýurtlarymyzyň arasynda halkara ýaryşlary, türgenleşik çärelerini geçirmegi, ýaşlaryň arasynda fiziki işjeňligi wagyz edýän maksatnamalary amala aşyrmagy ýerlikli hasaplaýarys diýip, Milli Liderimiz aýtdy we ýokarda beýan edilen asylly maksatlara ýetmek, ata-babalarymyzyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky wesýetlerine eýerip, öňde duran möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna girýän ähli döwletler bilen has önjeýli we ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge hemişe taýýardygyny tassyklady.

Çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sammite gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri, türki döwletleriň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk, gülläp ösüş, asuda we bagtyýar durmuşy arzuw etdi.

Prezident Ilham Aliýew çuň manyly çykyşy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, çykyşyň dowamynda beýan edilen teklipleriň türki döwletleriň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmekde uly ähmiýetini belledi.

Sammit tamamlanandan soňra, wekiliýet Baştutanlary sanly ulgam arkaly Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde guruljak metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdylar. Prezident Ilham Aliýew Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde metjidiň gurulýandygy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem ähli türkmen halkyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi. Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, bu günüň taryhy wakadygyny, halkymyzda ýol gurmagyň, köpri gurmagyň, metjit gurmagyň sogap iş hasaplanýandygyny belledi. “Metjit — “Allanyň öýi”. Şonuň üçin bu metjitde geljekde öten-geçenler ýatlanylar, ýurtlarymyzyň asudalygy we abadançylygy üçin doga-dilegler ediler. Bu ýerde ediljek doga-dilegler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip, Milli Liderimiz sözüni jemledi.

Soňra metjidiň düýbüniň tutuljak ýerinden sanly ulgam arkaly iki ýurduň müftülerine söz berildi. Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň müftüleri Gurhandan aýat-doga okap, ýagşy dilegleri etdiler. Soňra wekiliýet Baştutanlarynyň ählisi bir wagtda ekrana basmak arkaly metjidiň gurluşygyna badalga berdiler. Şol pursatda dabaraly el çarpyşmalar astynda metjidiň binýadyna ýadygärlik ýazgy goýlan guty goýberildi hem-de beton garyndysy guýulmaga başlandy. Dabaranyň dowamynda metjit barada taýýarlanan wideoşekiller görkezildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň görkezmesi boýunça bu metjit Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna “Aga-gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan bina ediler. Fizuli şäherinde guruljak metjit ynsanperwerligiň belent nusgasyna, agzybirligi, jebisligi we asylly işlere bolan ygrarlylygy baş ýörelge edinýän halklarymyzyň haýyr işleri uly ruhubelentlik bilen amal edýändiginiň nyşanyna öwrüler. Türkmen halkynyň azerbaýjan halkyna sowgady bolan bu metjit köňül tämizliginiň binasy bolar. Bu ýerde gadymdan gelýän asylly däp-dessurlar berjaý ediler. Ol ruhy päkligiň aýdyň nyşany bolup, geljek nesillere hyzmat eder.

Azerbaýjan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz Gabala şäheriniň Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.

Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmagy Türkmenistanyň gurama agza ýurtlaryň işjeň hyzmatdaşy bolup durýandygyny we umumy taryhy kökleri, medeni, ruhy-ahlak gymmatlyklary bolan doganlyk halklaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýändigini nobatdaky gezek subut etdi.

08.10.2025
Hakyda — halkyň ruhy bitewüligi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy

Aşgabat, 6-njy oktýabr (TDH). Şu gün — Hatyra gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine gatnaşdy. Bu gün 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolanlar hatyralanylýar.

Öten-geçenleri ýatlamak, edermen Watan goragçylaryny, tebigy betbagtçylykda pida bolanlary hatyralamak däbi halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ynsanperwer ýörelgeleriniň biridir. Bu asylly ýörelge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Munuň özi ata-babalarymyzyň gahrymançylykly ýoluny häzirki nesillere ýetirmekde, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Hatyra gününde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Watan gahrymanlarynyň ruhlarynyň şat bolmagy dileg edilip, aýat-töwir okalýar, sadakalar berilýär.

...Ir bilen ildeşlerimiz Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän, milli gahrymanlarymyza çäksiz sarpanyň nyşany bolan «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna ýygnandylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy toplumyň öňündäki meýdança geldi. Bu ýerde Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Döwlet Baştutanymyz haly düşelen ýodadan ýöräp, bellenen ýere barýar.

Hatyra çäresiniň başlanandygyny alamatlandyryp, Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Soňra tebigy betbagtçylykda pida bolanlar hem-de Watanyň azatlygy ugrunda şirin janyny orta goýan gahrymanlar baradaky halk hasratynyň özboluşly senasyna öwrülen gamgyn «Keçpelek» sazy ýaňlanýar. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralap, «Ruhy tagzym» ýadygärligine gül çemenini goýdy.

Adamzadyň taryhynda iň weýrançylykly ýertitremeleriň biri bolan 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesi baradaky hasratly ýatlamalar halk hakydasynda baky ýaşaýar. Bu tebigy betbagtçylyk sähel pursatda gülläp ösýän şäheri hem-de onuň töwereklerini düýbünden weýran etdi, ildeşlerimiziň müňlerçesiniň ömür tanapyny kesip, her bir maşgala öwezini dolup bolmajak ýitgileri getirdi. Şol aýylganç gijede döwlet Baştutanymyzyň garry atasy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda gahrymançylyk görkezen, ilhalar ynsan, mugallym, tutuş ömrüni ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan Berdimuhamet Annaýewiň hem ömür tanapy kesildi. Aşgabat ýertitremesinde diri galanlar tutanýerliligiň, gaýduwsyzlygyň, synmaz erkiň belent nusgasyny görkezdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan şähergurluşyk maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, Aşgabat soňky ýyllarda dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine, bagtyýar we abadan durmuşyň mekanyna, sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň merkezine, iri halkara çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Onuň täze keşbinde ata-babalarymyzyň ýurdumyzyň ýagty geljegi, türkmen halkynyň bagtly ykbaly baradaky arzuw-umytlary öz beýanyny tapýar. Paýtagtymyzy döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan özgertmeler Türkmenistanyň ösüşine we rowaçlygyna, halkymyzyň abadan durmuşyna gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabadyň dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna, «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi, Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasynyň agzalygyna kabul edilmegi, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň yglan eden «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy tarapyndan Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär.

...Soňra döwlet Baştutanymyz faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de Watanymyzyň erkinligi, onuň bagtyýar geljegi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül çemenlerini goýdy.

Ildeşlerimiziň müňlerçesi 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň söweş meýdanlarynda mertligiň, Watanymyza çäksiz söýginiň nusgasyny görkezdi. Milli gahrymanlarymyza belent sarpa goýmak we olary ýatlamak ähli döwürlerde hem türkmen jemgyýetiniň mukaddes ýörelgeleriniň biri hasaplanýar. Watanymyzy gorap, il-ýurduň azatlygy ugrunda janyny gurban eden merdana gerçeklerimiziň, milli gahrymanlarymyzyň aldym-berdimli söweşlerde görkezen edermenligi, batyrlygy, gaýduwsyzlygy, gahrymançylygy ata Watany, il-halky söýmegiň beýik mekdebidir.

...Soňra Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gül desselerini goýdular. Ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, talyplar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem olaryň göreldesine eýerdiler.

Hakyda halkymyzyň ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegidir. Ol nesilleriň arasyndaky özboluşly arabaglanyşyk bolup, adamlaryň watansöýüjilik we agzybirlik duýgularyny ösdürýär, olary has-da jebisleşdirýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär, milli buýsanjymyzyň gözbaşynda bolsa halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri şan-şöhrata eýe bolan meşhur taryhy şahsyýetlerimiziň atlaryny ebedileşdirmegi hem-de dünýä jemgyýetçiligine tanyşdyrmagy, taryhy şahsyýetlerimiziň ömri, ýaşan döwri, galdyran mirasy barada halkara ylmy-amaly maslahatlary guramagy, türkmen halkynyň taryhy bilen bagly çeper, dokumental filmleri döretmegi, halkymyzyň taryhyna, baý edebi mirasyna bagyşlanan neşirleri taýýarlamagy teklip etdi. Munuň özi ata-babalarymyza we olaryň gahrymançylykly ýoluna goýulýan belent hormat-sarpanyň aýdyň güwäsidir.

Hormatly Prezidentimiz bu gün ýurdumyzda Hatyra gününiň geçirilip, öten-geçenleriň ýatlanylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz öten-geçenleri hatyralap gül desseleriniň goýlandygyny belläp, berilýän sadakalaryň, edilýän doga-dilegleriň kabul bolmagyny dileg etdi.

Hatyra çäresi tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz bu ýerden ugrady.

«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirilen şu günki hatyra çäresi ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.

Şu gün Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem hatyra çäreleri geçirildi.

07.10.2025