Habarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 8-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň on bir aýynda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol şu ýylyň on bir aýynda milli parlament tarapyndan ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 5 maslahat geçirildi. Olaryň barşynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 49-sy, Mejlisiň kararlarynyň 51-si kabul edildi. Şolaryň hatarynda Konstitusion kanunlaryň 3-si, şeýle hem “Türkmenistanyň Mejlisi hakynda”, “Arkadag şäheri hakynda”, “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda”, “Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary hem-de halkara konwensiýalara goşulmak we Türkmenistanyň käbir kanunlaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda kanunlar bar. Mejlisde döredilen iş toparlary tarapyndan birnäçe kanunlaryň taslamalaryny, hususan-da, Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak, gidrometeorologiýa işi hakyndaky hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak işi dowam etdirilýär.

Halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG we onuň düzümleýin edaralary bilen gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Hasabat döwründe Mejlisde ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak meseleleri boýunça duşuşyklaryň 83-si geçirildi, şol sanda daşary ýurtlaryň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlarynyň 27-si kabul edildi. Dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek maksady bilen, milli parlamentiň wekilleri iş saparlarynyň 36-syny amala aşyrdylar, ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan halkara guramalar bilen bilelikde kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek we döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek meseleleri boýunça guralan okuw maslahatlarynyň 110-syna gatnaşdylar. Mejlisiň deputatlary döwlet syýasatyny, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň, gazanylýan üstünlikleriň, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň taryhy ähmiýetini wagyz-nesihat etmek we kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halkymyza düşündirmek boýunça degişli işleri alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu işleri ýerine ýetirmekde öňdebaryjy halkara tejribelerden ugur almagyň wajypdygyna aýratyn üns çekildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow 2023-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda we ýurdumyzyň sebitlerinde durnukly ösüş üpjün edilýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň 6,3 göterim artmagy hem munuň aýdyň güwäsidir. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 6,6 göterim artdy. Şu ýylyň on bir aýynyň netijeleri boýunça bölek satuw haryt dolanyşygy, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim köpeldi. Özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary ykdysady strategiýanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 96 göterim boldy.

2023-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 109,8 göterim, çykdajy bölegi 98 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Geçen on bir aýda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 52-siniň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 34-siniň, ýaşaýyş jaýlarynyň 491,1 müň inedördül metriniň, inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň gurluşyk işleri alnyp baryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýagdaýyny seljermegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Döwlet býujetiniň girdejileriniň möçberini artdyrmaga we maýa goýumlary has köp çekmek boýunça zerur işleri geçirmäge aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Nebit we gaz kondensatyny çykarmak ulgamynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler, şol sanda “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan gazanylan netijeler, nebit we nebit önümleri bilen üpjün etmek, polipropileniň öndürilişi barada aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 103 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 102,8 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 104,5 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 116,1 göterim ýerine ýetirildi. On bir aýyň netijeleri boýunça tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 107,6 göterim, “mawy ýangyjy” eksport etmegiň meýilnamasy 113,8 göterim berjaý edildi.

Soňra wise-premýer Halkara Bitaraplyk güni hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu hünär baýramçylygy mynasybetli paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, toplumda zerur işleri alyp barmagyň wajypdygyny nygtady. Nebitgaz ýataklaryny düýpli özleşdirmäge aýratyn üns bermek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we nebitiň hem-de gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça degişli işleri durmuşa geçirmegiň wajypdygyny nygtady. Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününi bellemäge düýpli taýýarlyk görmek, hünär baýramy mynasybetli bellenen ähli çäreleri ýokary derejede geçirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, oba hojalyk toplumynda önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 102,6 göterime barabar boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 102,7 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 100,1 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 102 göterime hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101,9 göterime barabar boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 227 göterim ýerine ýetirildi.

Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak üçin ähli tagallalar edilýär. Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri alnyp barylýar. Ähli sebitlerde pagta hasylyny ýygnamak, Mary welaýatynda bolsa ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm işleri geçirilýär, oba hojalyk tehnikalary we gurallary abatlanylýar. Maldarçylygy ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak, olary dok we ýyly gyşlatmak boýunça degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, bellenen möhletlerde geçirmegiň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz geljek ýylyň hasylyna taýýarlyk işlerini berk gözegçilikde saklamagyň, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça zerur çäreleri alyp barmagyň möhümdigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýere maldarçylygy ösdürmäge, mallaryň baş sanyny artdyrmaga, mallary dok we ýyly gyşlatmaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän gurluşyk we senagat toplumy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi, Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan 2023-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça işleriň meýilnamasy 111,9 göterime deň boldy. Şu ýylyň on bir aýynyň netijeleri boýunça Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasyny 110,1 göterim berjaý etdi.

Hasabat döwründe Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň, işleri we hyzmatlary amala aşyrmagyň meýilnamasy 112,6 göterim ýerine ýetirildi. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 102,7 göterime deň boldy. Şu ýylyň başyndan bäri “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan 2 milliard 176 million manatlyk önüm öndürildi we hyzmatlar ýerine ýetirildi. Geçen on bir aýda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işler we hyzmatlar boýunça meýilnama 103,7 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan 122,3 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda binalaryň we desgalaryň ýokary hilli gurlup, bellenen möhletde ulanmaga berilmegi üçin degişli işleri alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz senagat önümleriniň öndürilişini artdyrmaga aýratyn üns bermegiň, ýollaryň gurluşygyna we saklanyşyna gözegçiligi güýçlendirmegiň, gurluşyk, energetika, senagat pudaklaryna maýa goýumlary çekmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Bu pudaklara öňdebaryjy usullary hem-de täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns bermek wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 100,7 göterime, önüm öndürmegiň ösüş depgini 100,7 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah matalaryň öndürilişi 107,1 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň öndürilişi 104,5 göterime, gön önümleriniň öndürilişi 100 göterime deň boldy. Şu ýylyň on bir aýynda 444 million 974 müň manatlyk maýa goýumlar özleşdirildi. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 103,9 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan ýylyň başyndan bäri 275 sany birža söwdasy geçirilip, 27 müň 762 sany şertnama hasaba alyndy.

Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 109,9 göterime barabar boldy. Şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda 26 sergi we 78 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça hasabat döwründe oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 109 göterime, senagat önümleriniň ösüş depgini bolsa 109,4 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň uly isleg bildirýän harytlarynyň möçberini artdyrmagy dowam etdirmegiň, ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda merkezlerinde, aýratyn-da, baýramçylyk günlerinde dürli önümleriň, harytlaryň bol we elýeterli bolmagyny hemişe gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe ýurdumyzda dürli çäreler, şol sanda festiwallar, döredijilik bäsleşikleri, mediaforumlar, sergiler, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de milli senenamamyzyň şanly seneleri mynasybetli maslahatlar geçirildi.

Bellenilişi ýaly, 14 — 16-njy noýabrda “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly IV halkara teatr festiwaly üstünlikli geçirildi. Şeýle hem ýurdumyzda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri, Ýewropa medeniýetiniň günleri, Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Medeniýet günleri guraldy.

Türkmen hünärmenleriniň daşary ýurtlaryň onlarçasynda geçirilen dürli medeni çärelere gatnaşandyklary barada hem aýdyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň döredijilik toparlary Baku şäherinde geçirilen “TÜRKSOÝ” atly I halkara teatr festiwalynda, Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen GDA-nyň Ýaşlar simfoniki orkestriniň konsertinde üstünlikli çykyş etdiler. Şunuň bilen birlikde, Italiýanyň Wenesiýa şäherinde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň italýan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilendigi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklar we şanly seneler bilen baglanyşykly guralýan çäreleri giňden beýan etmek üçin ähli zerur işleri geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Halkara Bitaraplyk güni, Täze ýyl baýramy mynasybetli baýramçylyk çärelerini ýokary derejede guramaga girişmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilim işiniň hilini ýokarlandyrmak, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny kämilleşdirmek, kitaplary neşir etmek, bilim işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak ugrunda meýilnamalaýyn işler alnyp baryldy. Okuwçylar, talyp ýaşlar halkara ders, internet bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezdiler. Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda, daşary ýurtlarda halkara ylmy maslahatlar, sergiler, tanyşdyrylyş dabaralary we beýleki çäreler guramaçylykly geçirildi.

Wise-premýer milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada aýdyp, hasabat döwründe keselleriň öňüni almagyň hem-de bejermegiň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmakda oňyn tejribeleriň gazanylandygyny belledi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler geçirildi.

Hasabat döwründe bedenterbiýäni, sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi. 23 — 28-nji noýabrda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty hem-de ugurdaş çäreler ýokary derejede guramaçylykly geçirilip, halkara sport giňişliginde uly seslenme döretdi. Şu ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň türgenleri dürli halkara sport ýaryşlaryna gatnaşyp, jemi 739 medal gazandylar we ýurdumyzyň sport abraýyny täze derejelere göterdiler.

Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalary hem döwletimiziň okgunly ösmegine saldamly goşant goşýarlar. Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) ministrler derejesindäki 22-nji maslahatynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşine gender deňligini ilerletmek boýunça alyp barýan işleri üçin bu maksatnamanyň medaly we degişli güwänamasy gowşuryldy. Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatyna, şanly senelere bagyşlanan wagyz-nesihat işleri, ylmy-amaly maslahatlar geçirilip, halkara hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşdirilmegine uly orun berildi. Şu ýylyň 16 — 18-nji noýabrynda Mary şäherinde “Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy” atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy hem-de ugurdaş çäreler guramaçylykly geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere gözegçilik edýän ulgamlarynyň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegi tabşyrdy. Ähli pudaklar üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns bermek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan we onuň düzümleýin edaralaryndan, şol sanda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyndan (ÝUNESKO) gelip gowşan hoş habarlar barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň teklip eden “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” atly hödürnamasy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu çözgüt 5-nji dekabrda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Botswana Respublikasynyň Kasan şäherinde geçirilen 18-nji mejlisinde kabul edildi. Mundan başga-da, BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda ýurdumyz bu düzümiň Ilat we ösüş boýunça komissiýasyna 2024 — 2028-nji ýyllar üçin biragyzdan agzalyga saýlanyldy.

Wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimizi we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy eziz Watanymyzyň halkara abraýynyň barha artýandygyna, onuň baý taryhy-medeni mirasynyň dünýä derejesinde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýän bu şanly wakalar bilen tüýs ýürekden gutlap, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Daşary işler ministrliginiň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini we ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, hasabat döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça degişli işler amala aşyryldy.

Ýylyň başyndan bäri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna, Bahreýn Patyşalygyna, Azerbaýjan Respublikasyna, Katar Döwletine, Beýik Britaniýa, Russiýa Federasiýasyna, Täjigistan Respublikasyna, Türkiýe Respublikasyna, Saud Arabystany Patyşalygyna, Wengriýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Gyrgyz Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, Birleşen Arap Emirliklerine döwlet, resmi we iş saparlaryny amala aşyrdy. Hasabat döwründe döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň işine, sanly ulgam arkaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitine gatnaşdy.

Şu ýyl türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine, Türkiýe Respublikasyna, Germaniýa Federatiw Respublikasyna, Eýran Yslam Respublikasyna, Saud Arabystany Patyşalygyna, Täjigistan Respublikasyna, Hytaý Halk Respublikasyna we Gazagystan Respublikasyna saparlary amala aşyrdy.

Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň, Wengriýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza saparlary boldy. Hormatly Prezidentimiz birnäçe döwletiň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi.

Şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana saparlary, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara bolan saparlary hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Hasabat döwründe dürli derejede, şol sanda sanly ulgam arkaly duşuşyklar we gepleşikler geçirildi. Resminamalaryň 250-sine gol çekildi. Olar Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Ýanwar — noýabr aýlarynda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleriň birnäçesi guraldy. Ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, bilelikdäki hökümetara toparlaryň nobatdaky mejlisleri, işewürlik maslahatlary we duşuşyklar guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli bellenen çäreleri ýokary derejede, guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýylyň ahyryna çenli göz öňünde tutulan beýleki halkara çärelere hem düýpli taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 121,3 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýükleri daşamagyň ösüş depgini 103,9 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 105,1 göterime deň boldy. Hasabat döwründe “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 106,5 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 117 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 199 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 105,2 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça hem 111,5 göterime barabar boldy.

Hasabatyň dowamynda “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada-da aýdyldy. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ulag-kommunikasiýa toplumy üçin niýetlenen önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy barada hasabat berildi. Hasabatyň dowamynda daşary ýurtlar bilen ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri boýunça bilelikdäki iş toparlarynyň mejlisleriniň netijeleri barada aýdyldy. Şeýle hem agentligiň ýolbaşçysy hasabat döwründe ulag-kommunikasiýa toplumyny ösdürmäge bagyşlanyp geçirilen sergiler, forumlar we beýleki çäreler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, agentligiň ýolbaşçysyna gözegçilik edýän edara-kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi, ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň uly üstünliklere eýe bolýandygyny aýdyň görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi. Ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar, medeni-durmuş, senagat, önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda täze şäherçeleri, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, çagalar baglaryny, saglyk we dynç alyş merkezlerini, beýleki ençeme desgalary görkezmek bolar. Bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Önümçilik pudaklarynda öňdebaryjy usullar, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, indi ýylyň tamamlanmagyna az wagtyň galandygyny belledi. Şoňa görä-de, şu ýyly gowy netijeler bilen jemläp, täze — 2024-nji ýyly mynasyp garşylamak üçin degişli işleri alyp barmak zerurdyr.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we watandaşlarymyza ýüzlenip, ýakynda ýurdumyza ýene-de bir hoş habaryň gelip gowşandygyna ünsi çekdi. ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Botswana Respublikasynyň Kasan şäherinde geçirilen 18-nji mejlisinde ahalteke atçylyk sungatyny we atlary bezemek däplerini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüt biragyzdan kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz gelip gowşan ýene-de bir hoş habara ünsi çekdi. BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisinde Türkmenistan bu guramanyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlanyldy. Munuň özi Watanymyzyň her bir raýatyny abadan, bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşatmak ugrunda edilýän taýsyz tagallalaryň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Şeýle hem bu her bir güni ösüşlere beslenýän Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ynsanperwer ugurly durmuş syýasatynyň dünýäde uly goldaw tapýandygynyň ýene-de bir nyşanydyr.

Döwlet Baştutanymyz geljekde-de mähriban halkymyzyň abadan, bagtyýar, asuda durmuşyny üpjün etmek ugrunda ähli zerur işleriň amala aşyryljakdygyny belläp, watandaşlarymyzy bu waka bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

09.12.2023
Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Täze döwrüň basgançagynda

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz syýasatda, ykdysadyýetde uly ösüşlere, üstünliklere beslenýär. Şanly ýylymyzyň taryhy wakalary il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda hem ähli ugurlarda bolşy ýaly, ätiýaçlandyryş ulgamynyň ösüşleri hem uly üstünliklere, zähmet ýeňişlerine beslenýär.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy we onuň garamagyndaky döwlet ätiýaçlandyryş guramalary ähli müşderiler üçin ygtybarly hyzmatdaş bolup durýar. Töwekgelçilikler dünýäsinde ätiýaçlandyryş şahadatnamasy bilen goralmak biziň her birimiz üçin iň gowy we amatly ýoldur. Döwletimiziň ätiýaçlandyryş ulgamynda özgertmeler örän wajypdyr, sebäbi örän çalt ösýän ýurdumyz ähli pudaklarda halkara standartlaryny hasaba alýar. Biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler ätiýaçlandyryş işiniň netijeliliginiň ösmegine ýardam edýär. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy ätiýaçlandyryş babatynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek bilen fiziki we ýuridik şahslary dürli töwekgelçiliklerden goramak boýunça yzygiderli işleri amala aşyrýar. Şu maksat bilen ätiýaçlandyryşyň täze usullary ornaşdyrylýar. Döwletiň ätiýaçlandyryş syýasatyny durmuşa geçirmek, fiziki we ýuridik şahslary emläk, şahsy bähbitleriniň ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek ätiýaçlandyryş guramalarynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň, tutuş adamzadyň durnukly ösüşiniň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.

Maýsa NASYROWA.

Baýramaly şäheriniň döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş hünärmeni.

Durnukly ösüşiň kämil ugry

Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly we öňdengörüjilikli ykdysady syýasaty Garaşsyz, Türkmenistanymyzyň milli ykdysadyýetiniň belent sepgitlere ýetmegine itergi berýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda-da halk hojalygymyzyň dürli pudaklarynyň we beýleki ulgamlarynyň tehnologiki we tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmakda degerli işler durmuşa geçirilýär. Bu meselede sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Sebäbi, täze ulgam çylşyrymly önümçilik kuwwatlyklaryny dolandyrmakda, beýleki ulgamlary çalt depginlerde ösdürmekde orny uludyr. Şonuň üçinem Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu resminamada sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň tapgyrlaýyn wezipeleri kesgitlenendir.

Sanly bilim ulgamyny şu günüň talabyna laýyk ösdürmekde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze ulgamyň esasynda bilim bermek işini sanlylaşdyrmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýene bir bellemeli zat bolsa, okuw mekdepleriniň talyplara bilim bermek bilen bagly maglumatlaryň täzelenip hem-de täze maglumatlar bilen üstüniň ýetirilip durulmagy ýola goýuldy. Ylym-bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy köptaraplaýyn amatlyklary bilen tapawutlanýar. Institutymyzda kämil ulgamdan netijeli peýdalanylmagy talyplara bilim berip, hünär öwretmekde biz, mugallymlar üçinem bähbitli welin, talyp ýaşlar üçinem goşmaça amatlyklary ýatlamalydyrys. Bilim bermekde sanly ulgama geçilmeginiň giň gerime eýe bolmagy bu wajyp wezipäniň oňyn çözgüdine giň ýol açýar. Gürrüňi edilýän mesele babatdaky tagallalar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda-da rowaçlanýar.

Nazar ATAÝEW.

TDEI-niň mugallymy.

Öndürijilikli işe goldaw

Milli ykdysadyýetimiziň gaz senagaty iri pudaklaryň biri bolup, döwlet Baştutanymyz bu pudagyň durnukly ösdürilmegine uly üns berýär. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Gazçylaryň daşary ýurtlaryň ýokary öndürijilikli tehnikalary we enjamlary bilen üpjün edilmegi tebigy gazyň akymynyň artdyrylmagyna, mawy ýangyjyň gaýtadan işlenmegine bähbitli täsirini ýetirýär. Tehnologik ulaglar kärhanamyzyň işgärlerem gaz çykaryjylaryň döredijilikli zähmet çekmeklerine özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar.

Kärhanamyzyň sürüjilerdir mehanizatorlary müdirligimiziň gaz çykaryjylaryna talaba laýyk hyzmat etmekde uly işleri bitirýärler. Kärdeşler arkalaşygy guramamyz tarapyndan zähmetsöýer adamlarymyzyň tutanýerli zähmeti çekmekleri üçin ähli tagallalar edilýär. Tehniki howpsuzlygynyň we zähmeti goramagy kadalarynyň berjaý edilişine berk gözegçilik howpsuz zähmetiň gazanylmagynyň özenini düzýär. Şeýle hem sürüjiler bilen geçirilýän hereket howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen çärelerem möhüm wezipämiz. Şu tagallalarymyzyň gazçylarymyzyň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak bilen utgaşdyrylmagy gowy netijesini berýär. Işgärlerimiziň ýörite egin-eşikler, aýakgaplar bilen üpjün edilmegi ugrunda-da aladalanýarys. Zähmet adamlary hakdaky köptaraplaýyn yhlas-tagallalarymyz üstünliklere ýetirýär.

Wepa AKGAJYKOW.

“Marygazçykaryş” müdirliginiň 4-nji tehnologik ulaglar kärhanasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.

09.12.2023
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 4-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde pagtany soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli gaýtadan işlemek, kärendeçiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler dowam edýär. Welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak üçin sürüm işleri geçirilýär. Geljek ýyl oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär.

Şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli welaýatda guraljak dabaralara taýýarlyk görlüşi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň möhümdigini belledi we bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň möwsüme doly taýýar edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Welaýatyň meýdanlarynda bar bolan pagtany ýitgisiz ýygnap almak, ony bökdençsiz kabul etmek, talabalaýyk saklamak, pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli gaýtadan işlenilmegini üpjün etmek, tabşyrylan hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri dowam edýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri ýerine ýetirilýär.

Şeýle-de häkim ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk işleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, geljek ýyl gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň meýdanlarynda bar bolan pagtany iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, bökdençsiz kabul etmek, talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Pagta öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek ugrunda anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri alnyp barylýar. Oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalar we gurallar möwsüme taýýarlanylýar. Mundan başga-da, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda dowam edýär.

Şeýle hem welaýatda Halkara Bitaraplyk gününi dabaraly belläp geçmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş hem-de önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetini belledi we bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleriniň bellenilen möhletlerde geçirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga beriljek dürli maksatly binalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen pagtany iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda kada laýyk saklamak we pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Şeýle hem gowaça ekiljek ýerlerde topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak we sürüm işleri dowam edýär. Geljek ýylda oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri alnyp barylýar.

Häkim welaýatda Halkara Bitaraplyk gününi dabaraly belläp geçmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hem hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň möwsüme taýýar edilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitiň ekin meýdanlarynda bar bolan pagtany soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Geljek ýylda möwsümleýin oba hojalyk işlerini ýerine ýetirmekde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak işleri ýola goýuldy. Welaýatda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Mundan başga-da, ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak, ony gaýtadan işlemek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Şeýle-de häkim Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guraljak çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň guramaçylykly hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleriniň talabalaýyk geçirilmegini, ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamagyň depginleriniň güýçlendirilmegini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatlarda geljek ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Hususan-da, ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Welaýatlaryň gowaça meýdanlarynda pagtany soňky hanasyna çenli ýygnap almak, tabşyrylan hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm işleri dowam edýär. Oba hojalyk işlerinde ulanylmagy göz öňünde tutulýan tehnikalary we gurallary abatlap, möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak, ýygnalan hasyly talabalaýyk saklamak we gaýtadan işlemek boýunça işler dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň geljekde bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagyny, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň möwsüme talabalaýyk taýýar edilmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guraljak dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi, baýram günlerinde bazarlaryň we dükanlaryň azyk harytlary bilen bolelin üpjün edilmegi babatda degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

05.12.2023
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy we iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 2-nji dekabr (TDH). Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň ahyrynda guraljak ýaşlaryň dabaraly maslahatyna we sergisine ýokary derejede taýýarlyk görmek barada beren tabşyryklaryna laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasyna geldi.

Döwlet Baştutanymyz golaýda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde şu ýyl ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak köp sanly çäreleriň bolandygyna ünsi çekdi. Nygtalyşy ýaly, şu ýylyň ahyrynda Ýaşlaryň dabaraly maslahaty we sergisi geçiriler. Bu dabarada ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň ders olimpiadalarynda, talyplaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlaryň, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleriniň jemi jemlener.

Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz maslahat geçirdi we ýaşlar forumyny üstünlikli guramak boýunça öwüt-nesihatlaryny, tabşyryklary berdi. Oňa Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Aşgabat şäheriniň häkimi gatnaşdylar.

Ata Watanymyz Türkmenistanyň giň möçberli üstünlikleri, Diýarymyzyň barha belende galýan halkara abraýy, halkymyzyň bagtyýar durmuşy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän, ýurdumyzyň ýaşlarynyň geljegini esasy ugur edinýän öňdengörüjilikli syýasaty bilen berk baglydyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şygarynyň ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek hem-de halkara syýasy, ykdysady, medeni giňişligindäki ornuny has-da pugtalandyrmak ugrunda beýik işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň we bagtyýar ýaşlarymyzyň ady bilen baglanyşdyrylmagy jemgyýetimiziň ösüşiniň binýady bolan ýaşlara bildirilen uly ynamdan nyşandyr. Watan, ýaşlar, geljek baradaky mukaddes düşünjelerimiz bu şygaryň düýp mazmunyny düzýär. Bu ajaýyp ýylyň üstünlikleri, syýasy, jemgyýetçilik, halkara ähmiýetli wakalary ýaşlary belent maksatlara ruhlandyrýar, at-abraýy dünýä dolan Garaşsyz Watanymyza buýsanjymyzy has-da ýokarlandyrýar diýip, Milli Liderimiz belledi.

Türkmen ýaşlary halkara derejeli ýaryşlarda, dürli ugurlar boýunça olimpiadalarda üstünlikli çykyş edip, döwletimiziň at-abraýyny has-da belende göterýärler. Munuň özi ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi, ýokary hilli bilim almagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy bilen baglanyşykly meselelere döwletimiz tarapyndan möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ýaşlarynyň şu ýylyň dowamynda dürli ugurlar boýunça gazanan üstünliklerini beýan edýän ýaşlar forumynyň açylyş dabarasynyň unudylmajak pursatlara beslenmelidigine hem-de Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ajaýyp jemlenmesine öwrülmelidigine ünsi çekdi we bu babatda degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary N.Amannepesow hem-de B.Atdaýew döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda şu ýylyň ahyrynda geçiriljek ýaşlaryň dabaraly maslahatyna we sergisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, ýaş raýatlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna gadymdan mahsus bolan ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklary dünýä ýaýmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek milli strategiýanyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Kanunyň, “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň”, “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyny” amala aşyrmagyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň netijeleriniň sergide öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Şeýle-de sergide ýurdumyzda döwrebap derejede bilim almak, ylym we döredijilik bilen meşgullanmak, ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlygyny goramak, ýaş maşgalalara goldaw bermek boýunça alnyp barylýan işler açylyp görkezilmelidir.

Gahryman Arkadagymyz bu serginiň milli we döwrebap äheňde bolmalydygyny, hususan-da, bezeg hem-de dizaýn işlerine, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine möhüm ähmiýet berilmelidigini nygtady. Şunda sanly tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan, sanly ykdysadyýeti netijeli dolandyrmagy başarýan ýaş hünärmenleriň işläp taýýarlamalary şöhlelendirilmelidir diýip, Milli Liderimiz bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri ýakynda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ýaş türkmenistanlylary sport bilen meşgullanmaga höweslendirmekde uly ähmiýete eýe bolandygyny belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Adam üçin iň möhüm zadyň onuň saglygydygyny, saglygyň ruhubelentlikdigini, dünýäde iň uly baýlykdygyny, tükeniksiz hazynadygyny aýdyp, lukman Arkadagymyz «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman saglygy goraýyş edaralarynyň, kliniki we ylmy-kliniki merkezleriň bina edilendigini belledi hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň häzirki zaman türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň binýadyny emele getirýän sagdyn ýaş nesli kemala getirmekdäki möhüm ornuna ünsi çekip, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.

Sergide dünýäniň ösen binagärlik meýillerini, milli binagärligiň gazananlaryny, bu ugurda ýokary tehnologiýalary hem-de innowasiýalary ulanmak arkaly durmuşa geçirilýän we ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerindäki ýaşlaryň işläp taýýarlan binagärlik çözgütleriniň nusgalary giňden görkezilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we birnäçe tabşyryklary berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri taryhymyza, medeniýetimize, däp-dessurlarymyza gadyr goýmagy başarýan, maşgala gymmatlyklaryna sarpa goýýan, kämil, beden, ruhy taýdan sagdyn şahsyýetleri kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işleriň sergide şöhlelendirilmelidigini belläp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan oba hojalygynyň ösdürilmeginde bu ugurda iş alyp barýan ýaş alymlaryň ukyp-başarnyklary, täze gözlegleri, ylmy açyşlary giňden ulanylýar. Hormatly Arkadagymyz şular barada aýtmak bilen, sergide ýaş alymlaryň ylmy işlerine, olaryň gazanan üstünliklerine orun berilmelidigini nygtady. Şeýle-de Milli Liderimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny ösdürmekde, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleri öndürmekde, azyk bolçulygyny pugtalandyrmakda hususy pudaga uly ornuň degişlidigini aýdyp, telekeçileriň, hususan-da, ýaş telekeçileriň ýeten belent sepgitleriniň mynasyp şöhlelendirilmelidigini belläp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheridigini aýdyp, ýaşlaryň döwletimiziň beýik geljegi, şu günki daýanjydygyny aýratyn nygtady. Şunda ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäherinde döwrebap durmuş düzümleriniň döredilmeginde ýaşlaryň täzeçil tekliplerine, ukyp-başarnyklaryna uly ähmiýet berlendigi bellenilip, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygyna degişli tabşyryklar berildi.

Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzda gurlan we gurluşygy alnyp barylýan desgalarda öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütleriň, milli binagärligiň gadymy däpleriniň, häzirki zaman şähergurluşyk tejribesiniň sazlaşykly utgaşdyrylýandygyny we bu işde ýaşlaryň hem mynasyp paýynyň bardygyny aýdyp, bu ugurda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Milli Liderimiz bu ýerde ýaşlar forumyna bagyşlanyp guraljak ulgamlaýyn sowal-jogap maslahaty babatda özüniň öwüt-ündewlerini we maslahatlaryny berdi. Gahryman Arkadagymyz bu maslahatyň möhüm ähmiýeti barada aýdyp, onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleriň, döwletimiz tarapyndan ýaşlar baradaky edilýän aladanyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.

Türkmenistan ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça halkara tagallalary goldaýar hem-de häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdini, ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli ugurlaryny işläp taýýarlamak, iri sebit taslamalaryny amala aşyrmak, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek arkaly halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine saldamly goşant goşýar. Ýurdumyz durnukly ulag, energetika, ekologiýa, daşky gurşawy goramak ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyryp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň taslamalary bilen çykyş edýär we anyk teklipleri öňe sürýär. Bular barada ylmy-amaly maslahata gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlar giňişleýin maglumat almalydyrlar.

Gahryman Arkadagymyz ylmy-amaly maslahatyň geçiriljek ýeriniň bezeg aýratynlyklarynyň sanly ulgamyň we täzeçil tehnologiýalaryň mümkinçiliklerine esaslanmalydygyny, täsinligi, özboluşlylygy bilen oňa gatnaşyjylaryň her birinde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrmalydygyny aýtdy.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň ýeten belent sepgitleri, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet ulgamlarynda gazanýan üstünlikleri dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ulanmak arkaly şöhlelendirilmelidir. Munuň özi ata Watanymyz Türkmenistanyň halkara giňişlikde ähli ugurlar babatda uly abraýa eýe bolýandygynyň ýene-de bir aýdyň beýany bolar.

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olaryň arasynda ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da rowaçlandyrmak, watansöýüjiligi, raýat jogapkärçiligini, zähmete söýgini terbiýelemek, ýaşlaryň jemgyýetçilik-şahsy başlangyçlaryny ileri tutmak, goldamak we höweslendirmek, ýaşlar toparlarynyň isleglerini öwrenmek, hasaba almak, olary kanagatlandyrmak ýaly örän möhüm wezipeleri çözmek boýunça işleri alyp barýar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleriň giňişleýin wagyz edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz ýaşlar forumyna bagyşlanyp geçiriljek ylmy-amaly maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Gahryman Arkadagymyz ýakynda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýyl ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak köp sanly çäreleriň geçirilendigi baradaky aýdanlaryna ünsi çekdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerini jemlemek, ähli ulgamlarda öz hünär ugurlary boýunça göreldeli zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşandyny goşýan, halkara bäsleşiklerde, sport ýaryşlarynda öňdäki orunlary eýeläp, ata Watanymyzyň at-abraýyny belende galdyrýan ýaşlarymyzy sylaglamak bilen bagly öňde möhüm wezipeleriň durandygyny belledi.

Iş maslahatynyň barşynda degişli ýolbaşçylar şu ýyl ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda bolup geçen taryhy wakalar, olaryň dürli ulgamlarda gazanan üstünlikleri, ýaşlary sylaglamak dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabatlary berdiler.

Bellenilişi ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly Diýarymyzda ýaşlar syýasatynyň has-da dabaralanýan ýyly boldy. Döredilýän döwrebap şertleriň, giň mümkinçilikleriň gurşawynda okap bilim alýan, dürli kärlerde zähmet çekýän, ylym, döredijilik, sport bilen meşgullanýan ýaşlar uly üstünlikleri gazandylar. Şu ýyl ýurdumyzyň mekdep okuwçylary we talyplary köp sanly halkara bilim bäsleşiklerinde, internet olimpiadalarynda baýrakly orunlara mynasyp boldular. Munuň özi ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň ajaýyp miwesidir. Ýaşlarymyz medeniýet we sungat ugrundan geçirilen halkara bäsleşiklerde-de ýokary netijeleri görkezip, milli medeniýetimizi, sungatymyzy dünýä ýaýmakda mynasyp hyzmatlary bitirdiler. Olaryň sportda gazanýan üstünlikleri-de Watanymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrýar.

Häzirki döwürde türkmen ýaşlary özlerine uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesine, parasatly öwüt-ündewlerine eýerip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy, beýik başlangyçlary bilen ýurdumyzda oňyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Olar türkmen halkynyň Milli Lideriniň sargytlaryny berk berjaý edip, okamak, öwrenmek, döretmek bilen, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, häzirki bagtyýar döwrümiziň ýaşlary geljekde ýurdy beýgeltjek, türkmen döwletini gülletjek oglan-gyzlardyr. Ýaşlaryň joşgunly hyjuwy, Watana bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen geljege ynamy, dostluga, söýgä sarpasy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy täze taryhy döwrüň mysalynda öz synmaz ornuny tapýar. Şu ýyl ýurdumyzyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi babatda hem möhüm ähmiýetli taryhy wakalara beslendi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tomsunda hormatly Prezidentimiziň tassyklamagynda «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» kabul edildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzüminiň — ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň agzasy bolmagy ýurdumyzda ýaşlar ýylyny halkara üstünlikler bilen dabaralandyran nobatdaky ajaýyp waka boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bagtyýar döwrümizde ýaşlaryň täzeçil teklipleri taýýarlamalydyklaryny aýtdy we gymmatly maslahatlaryny berdi. Forumyň çäklerindäki ýaşlaryň maslahatynyň ýokary derejede geçirilmelidigi, oňa ähli ugurlarda ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlarynyň işjeň gatnaşmalydygy, umuman, ýaşlar ýylynyň jemleri bilen bagly bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigi barada aýdyp, Gahryman Arkadagymyz möhüm wezipelere ünsi çekdi.

Forumda ähli ulgamlarda göreldeli zähmet çekýän, ukyp-başarnyklaryny, ussatlyklaryny görkezýän, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşandyny goşýan, halkara bäsleşiklerde, sport ýaryşlarynda öňdäki orunlary eýeläp, ata Watanymyzyň at-abraýyny arşa göterýän ýaşlaryň, merdana ata-babalarymyzyň mertlik ýoluny mynasyp dowam etdirýän edermen ýaş Watan goragçylarynyň sylaglanylmalydygy, toplumlarda sylaglara mynasyp ýaşlary saýlap-seçmek babatdaky işleriň alnyp barylmalydygy we teklipleriň taýýarlanylmalydygy barada aýdyp, Milli Liderimiz öz maslahatlaryny berdi.

Ýaşlary sylaglamak dabarasy tamamlanandan soňra, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň ýeten belent sepgitlerini wasp edýän konsert geçiriler. Türkmen halkynyň Milli Lideri konsertiň taryhy wakalara beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň dabaraly jemlenmesi boljakdygyny belledi we onuň hemmetaraplaýyn ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny jemläp, öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.

04.12.2023
Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamlandy

Dubaý — Aşgabat, 2-nji dekabr (TDH). Şu gün agşam hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamlandy. Bu ýerde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahaty (COP28) geçirilýär.

Ozal habar berlişi ýaly, şu ýylyň 12-nji dekabryna çenli dowam etjek bu iri foruma dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly wekiller, şol sanda döwlet we hökümet Baştutanlary, ugurdaş döwlet düzümleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, bilermenler, raýat jemgyýetçiliginiň, işewür toparlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşýarlar.

Düýn BMG-niň Bütindünýä howa sammitinde çykyş edip, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň şu maslahata gatnaşmagyna özüniň howanyň üýtgemegi meselesi boýunça halkara strategiýasyny ilerletmekde tapgyrlaýyn waka hökmünde garaýandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, 2012-nji ýylda kabul edilen Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýa Türkmenistanyň ählumumy howa gün tertibine doly derejede goşulyşmagynyň ýolunda başlangyç nokada öwrüldi. Soňra ýurdumyzyň howa boýunça Pariž ylalaşygyna goşulmagy bilen baglylykda, bu Strategiýanyň täze redaksiýasy tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jogapkärli döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara we milli derejede maksada okgunly işi dowam etdirmegiň zerurdygyna düşünýändigini nygtady. Şol iş bolsa howanyň üýtgemegine we onuň netijelerine garşy göreşmekde mundan beýläk-de ösüşi üpjün etmäge ýardam berer.

Döwlet Baştutanymyz ýokary derejeli forumyň münberinden metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara tagallalara saldamly goşant goşýan ýurdumyzyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny hem-de howa meselelerini çözmek boýunça halkara guramalar, hyzmatdaş döwletler bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň howa boýunça Pariž ylalaşygyna goşulmagy bilen, birnäçe degişli milli maksatnamalar kabul edildi. Şolara laýyklykda, metanyň daşky gurşawa zyňyndylaryny azaltmaga we olaryň ýaramaz täsirlerini aradan aýyrmaga gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär. Gürrüň, ilkinji nobatda, ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy häzirki zaman tehnologiýalaryny, aýratyn-da, olary energetika, senagat we ulag pudaklaryna ornaşdyrmaga tapgyrlaýyn geçmek hem-de peýdalanmak barada barýar. Şeýle hem forumdaky çykyşynda hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 13-nji noýabrynda sebit maksatnamalaryny işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmeginiň möhüm ähmiýetini aýratyn nygtady. Şol sebit maksatnamalary howa tehnologiýalaryny Türkmenistana we Merkezi Aziýanyň döwletlerine geçirmäge gönükdirilendir. Bu resminama Türkmenistanda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini açmak baradaky meselä jikme-jik garamak üçin ilkinji ädim hem-de düýpli hukuk şerti hökmünde garalýandygyna üns çekildi.

Ýer ýüzüniň bagtyýar we abadan geljeginiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge hem-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny beýan edýän Türkmenistan ýokary derejeli köptaraplaýyn duşuşykda taýýarlanylan resminamalary, hususan-da, Howa we saglyk boýunça Jarnamany, Durnukly oba hojalygy, durnukly azyk ulgamlary we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Emirlikler Jarnamasyny, şeýle hem birnäçe başlangyçlary, şol sanda Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça belent maksatly, köp derejeli hyzmatdaşlyk üçin “COP28” koalisiýasyny döretmek hakyndaky başlangyjy goldady.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyny, Kioto teswirnamasyny we Pariž ylalaşygyny tassyklap, geçen ýyllaryň dowamynda öz üstüne alan borçnamalaryny üýtgewsiz ýerine ýetirip gelýär. Rejelenen görnüşde tassyklanan Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýa ähli pudaklarda, ilkinji nobatda, nebitgaz, ulag, elektroenergetika pudaklarynda, obasenagat toplumynda, gurluşyk senagatynda zyýanly zyňyndylaryň möçberini peseltmäge gönükdirilen yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilmegini göz öňünde tutýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly üns berilýär. Sebäbi ekologik meseleleriň çözülmegi ählumumy, sebit we milli derejede tagallalaryň birleşdirilmegini, köptaraplaýyn dialogy, her bir döwletiň bu ugurdaky hereketlerini BMG bilen utgaşyklykda alyp barmagyny talap edýär.

Şeýlelikde, BMG-niň Bütindünýä howa sammiti dünýä jemgyýetçiliginiň soňky onýyllyklarda tutuş adamzat üçin derwaýys bolan howanyň üýtgemegi bilen bagly meseläni bilelikde çözmegiň, bu wehime garşy syýasy we ykdysady çäreleri ylalaşykly durmuşa geçirmegiň zerurdygyna düşünýändigini görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu gün Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-birege hormat goýmak ýörelgesinde ýola goýulýan köpugurly türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerine garamaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz öz adyndan we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýokary wezipeli wekili Birleşen Arap Emirlikleriniň Milli güni bilen gutlady we BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana, dostlukly döwletiň ähli halkyna bagtyýarlyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.

Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň adyndan türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşan türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi, şeýle hem şu gezekki Ählumumy foruma işjeň gatnaşandygy we türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlary üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan edip, Dubaý şäherinde geçirilýän “COP28” maslahatynyň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdi. Bu maslahat şu ýylyň ähmiýetli halkara çäreleriniň biri boldy.

Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan Birleşen Arap Emirliklerinde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler ýolunda Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýandyklaryny belläp, Emirlikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz we BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri hoşlaşanlarynda birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, iki dostlukly ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler.

Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimize BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň adyndan mukaddes Gurhanyň aýatlarynyň altyn suw bilen ýazylan ýörite sowgady gowşuryldy.

Arkadagly hajy Serdarymyz sowgady minnetdarlyk bilen kabul edip, muňa depginli ösdürilýän hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan dostlukly türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň nyşany hökmünde garaýandygyny aýtdy.

Ählumumy forumyň iki gününiň dowamynda köp döwletleriň Baştutanlary we hökümet ýolbaşçylary ekologiýa, azyk howpsuzlygy, tebigy betbagtçylyklardan goranmak, “ýaşyl” energetika meseleleri, howanyň üýtgemeginiň netijelerini ýeňip geçmek üçin az ösen ýurtlara maliýe goldawyny bermek babatda öz ýurtlarynyň garaýyşlaryny beýan etdiler. Howanyň üýtgemegi bilen bagly dürli ugurlar boýunça mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini has jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak üçin “COP28” meýdançasynda plenar mejlisler bilen utgaşyklykda birnäçe beýleki çäreler geçirilýär. Şolara Türkmenistanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

2-nji dekabrda ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary tebigaty goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde ýaşlaryň orny, agyz suwuny we howany goramak boýunça çäreleri durmuşa geçirmegi çaltlandyrmak, adalatly, deňhukukly, utgaşdyrylan energiýa akymyna, hususan-da, häzirki döwürde ulanylýan energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine geçmegi çaltlandyrmak meselelerine bagyşlanan köptaraplaýyn duşuşyklara gatnaşdylar. “Saglygy goraýyş howanyň üýtgemegi boýunça gün tertibiniň merkezinde” ady bilen geçirilen duşuşyga aýratyn üns berildi. Onuň netijeleri boýunça Howa we saglyk boýunça “COP28” Jarnamasy kabul edildi. Ählumumy howa başlangyjynyň çäklerinde köptaraplaýyn dialogy dowam etdirmäge taýýardygyny hemişe beýan edýän türkmen tarapy bu Jarnamany goldady hem-de Pariž ylalaşygyny durmuşa geçirmek üçin saglygy goraýyş meselelerinde umumy tagallalara ygrarlydygyny tassyklady.

BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň möhüm çäreleriniň dostlukly döwletiň her ýylyň 2-nji dekabrynda bellenilýän baş baýramy — BAE-niň Milli güni bilen gabat gelendigini bellemelidiris.

Häzirki wagtda Ýakyn Gündogaryň ykdysady taýdan kuwwatly we depginli ösýän ýurtlarynyň biri bolan Birleşen Arap Emirlikleri bilen köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanýar. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň toplanan baý tejribesi, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Abu-Dabi şäherine saparlarynyň çäklerinde bolan duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň aýratyn netijeli häsiýete eýe bolmagy muňa şaýatlyk edýär.

Geçen ýylyň 21-22-nji noýabrynda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-emirlikler gepleşikleri iki döwletiň we olaryň halklarynyň däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde, özara gyzyklanma bildirilýän birnäçe esasy ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda täze tapgyr boldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 11-12-nji fewralynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi sapary döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm sahypany açdy. Saparyň çäklerinde geçirilen duşuşyklar we gepleşikler ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we ony häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän has ýokary derejä çykarmaga ýardam berdi.

Türkmenistanda amala aşyrylýan “Açyk gapylar” syýasaty we ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy daşary döwletleriň, şol sanda Ýakyn Gündogaryň ýurtlarynyň işewürlerini özüne çekýär. BAE-niň wekilleri milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny innowasion taýdan ösdürmäge hem-de halkymyzyň rowaçlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli taslamalara uly gyzyklanma bildirýärler.

Häzirki wagtda Türkmenistan we Birleşen Arap Emirlikleri diňe bir ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, birek-biregiň başlangyçlaryny goldap, halkara giňişlikde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň şu gezekki 28-nji maslahaty munuň nobatdaky güwäsidir.

Agşam hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Milli güni mynasybetli dabaralara gatnaşdy. BAE-niň döredilmeginiň 52 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary guraldy.

Birleşen Arap Emirliklerine iki günlük iş sapary tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Watanymyza ugrady.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde BAE-niň ilçihanasynyň wekili hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy BMG-niň Bütindünýä howa sammitine (COP28) üstünlikli gatnaşmagy, çuň many-mazmunly çykyşy hem-de onuň çäklerindäki duşuşyklaryňdyr gepleşikleriň netijeli geçmegi bilen gutlady.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, sammitde öňe sürlen başlangyçlaryň häzirki günüň derwaýys wezipeleriniň biri bolan ekologik meseleleri çözmekde wajyp ähmiýete eýe bolandygyny aýtdy. Şeýle hem saparyň dowamynda geçirilen duşuşyklaryň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrülendigi bellenildi.

04.12.2023
Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

DEPGINLI ÖNÜMÇILIK GAZANYLÝAR

“Ak altynyň” tapylgysyz baýlykdygyna Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuşa geçirilen tutumly işleriň netijesinde doly göz ýetirdik. Ýurdumyzda gymmatly çig mal bolan pagtadan ýokary hilli ýüplük, ondan dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply taýýar önümleriň öndürilmegi milli ykdysadyýetimiziň ýeňişli gadamydyr. Ýokary hilli taýýar önümi öndürmek gözbaşyny pagta arassalaýjy kärhanalaryň durnukly işinden alýar. Şeýle möhüm işe goşant goşmakda welaýatymyzdaky pagta arassalaýjy kärhanalary ýokary netijeleri gazanýarlar.

Garagum pagta arassalaýjy kärhanamyz hem şolaryň biri. Bu ýerde ýetişdirilen bol pagta hasylyny gaýtadan işlemekde uly işler bitirilýär. Kärhanamyzyň hünärmenleridir işçileri üstümizdäki Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň “ak altyn” hasylyny gaýtadan işlemekde tutanýerli zähmet çekýärler. Kärhanada pagtany guradyjy we arassalaýjy, byçgy, oklaw hem-de mehaniki-bejeriş sehleri hereket edip, olarda önümçilik ýokary depginde alnyp barylýar. Sehlerde önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanylyp, tehnologiki düzgünleriň gyşarnyksyz berjaý edilmegi gazanylýar. Tehniki howpsuzlygyň hem-de zähmeti goramagyň kadalarynyň berk berjaý edilmegine hemişe uly üns berilýär. Bu bolsa, howpsuz zähmetiň üpjün edilmegi bilen bagly meseledir.

Halypa-şägirtlik ýörelgesiniň ýol alýan ýerinde işem depginli barýar. Baý iş tejribeli halypalaryň ýörelgesine eýerýän ýaş işçileriň bilelikdäki tagallalary ýokary görkezijileriň gazanylmagyna getirýär. Kärhanamyzda häzire çenli 7866 tonnadan gowrak “ak altyn” gaýtadan işlenildi. Kärhanamyzyň zähmetsöýer adamlary şanly ýylymyzy zähmet üstünlikleri bilen jemlemek ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Kärhanamyzyň öndürýän önümleri bolsa, ýurdumyzyň dokma senagatyny gymmatly çig mal bilen üpjün edip, durnukly ösüşe saldamly goşant bolýar.

Kerwen ZYRRYÝEW.

Garagum pagta arassalaýjy kärhanasynyň tehniki howpsuzlyk we zähmeti goramak boýunça baş hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

DURNUKLY ÖSÜŞIŇ KEPILI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Garaşsyz döwletimizi ykdysady taýdan durnukly ösdürmegiň zamanasy bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ykdysady syýasaty ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklaryna häzirki zaman tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna badalga berdi. Ýurdumyzda ykdysady ösüşleriň ýokarlanmagynda sanly ykdysadyýete giň gerim berilmegem uly ähmiýete eýe bolýar.

Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň kabul edilmegi kämil ulgamyň ornaşdyrylmagynda aýgytly ädim boldy. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň sanlylaşdyrylmagy bilen sanly hyzmatlardan — elektron maglumat ulgamlaryndan, maglumat-telekommunikasiýa toplaryndan we elektron amallaryndan netijeli peýdalanylmagyna ýol açyldy. Ýurdumyzda ykdysady we wagt tygşytlylygyny gazanmakda täze mümkinçilikler peýda boldy. Sanly ykdysadyýetiň bilim ulgamyndaky bähbitli taraplar ýylsaýyn ýokarlanýar. Bu ugurda kämil ulgamdan ýerlikli peýdalanylmagy ýaş hünärmenleri ýetişdirmekde ýokary netijeleriň gazanylmagyna amatly mümkinçilikleri döredýär.

Muňa biz institutymyzyň durmuşynda doly göz ýetirip, öňdebaryjy ulgamyň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanýarys. Öňdebaryjy ulgam talyplara hünär öwretmekde biz, mugallymlara has amatly şertleri döredýär.

Ýakup ALLAMYRADOW.

TDEI-niň mugallymy.

DÖWRÜŇ TALABY ÝOKARLANÝAR

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň öňdebaryjy senagat pudagy bolan elektroenergetika pudagynyň önümçilik kuwwaty täze tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň hasabyna ýokarlandyrylýar. Muňa Mary DES-iniň senagat zolagynda işe girizilen häzirki zaman tehnologiýaly döwrebap elektrik stansiýalaryny mysal getirmek bolar. Döwrebap, çylşyrymly önümçiligi dolandyrýan energetiklere bildirilýän talabyň täze derejelere çykýandygam hakykatdyr. Bu ýagdaý institutymyzyň mugallymlarynyň çekýän zähmetine-de özüniň täsirini ýetirýär.

Häzirki wagtda ýokary okuw mekdebimizde bilim alyp, hünär öwrenýän ýaşlar geljekde ýurdumyzyň çar künjeginde hereket edýän kämil tehnologiýaly elektrik stansiýalarynyň önümçiligini dolandyrmaly hünärmenler. Munuň özi biz, mugallymlar bilen birlikde, talyp ýaşlarymyza-da ýokary talaby öňe çykarýar. Institutymyzda döredilen şertler talyplaryň saýlan ugurlary boýunça teoriýada düýpli bilim almaklaryna mümkinçilik berýär. Mary DES-iniň senagat zolagyndaky önümçilik kuwwatlyklarynda bolsa, geljekki energetikleriň tejribe okuwyny geçmekleri ýokary taýýarlykly hünärmenler bolup ýetişmeklerinde uly ähmiýete eýe bolýar. Haçan-da, şu iki usul sazlaşykly utgaşanda, işine ökde, ýaş energetikleri taýýarlamakdaky tagallalar ýerine düşýär.

Begenç ATAJANOW.

TDEI-niň mugallymy.

04.12.2023
Beýik işleriň aýdyň beýany

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:
— Berkarar döwletimiziň milli ykdysadyýetini dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda, täze tehnologiýalary, innowasiýalary we ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmakda halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti örän uludyr.

28-nji noýabrda paýtagtymyzda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Türkmenistan — 2023» atly halkara sergisi öz işine başlady.

Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Bagşy-sazandalaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlar giň gerimli çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. Olarda ýaş skripkaçylar öz zehinlerini görkezip, ýurdumyzyň meşhur tans toparlary çykyşlary ýerine ýetirdiler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi.Şu gezekki gözden geçiriliş oba hojalyk pudagynda diňe bir ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu pudakda işjeň orun eýeleýän işewür düzümleriň ägirt uly mümkinçiliklerini hem görkezdi. Ýurdumyzyň Oba hojalyk, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleri bilen bir hatarda, Azerbaýjandan, Eýrandan, Germaniýadan, Moldowadan, Niderlandlardan, Russiýadan, Türkiýeden we Özbegistandan gatnaşyjylar halkara sergide öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Olarda innowasion tehnologiýalara we nou-haulara üns çekildi. Damjalaýyn suwaryş ulgamlary, ekinleri goramak üçin mineral dökünler, tohumlaryň we önümleri gaplamagyň, olary belgilemegiň dürli görnüşleri bilen tanyşdyrýan daşary ýurtly işewürleriň diwarlyklary aýratyn gyzyklanma döretdi. Serginiň bir bölümi daşary ýurtly önüm öndürijileriň konditer önümlerine, azyk goşundylaryna we tagam berijilerine bagyşlanypdyr. Şolaryň hatarynda «Baraka», «Shirin Asal», «Dolkem», «Beyza gida» ýaly kompaniýalar bar. Serginiň diwarlyklarynda döwletimiz tarapyndan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bölünip berlen ekerançylyk ýerlerinde hem-de ýyladyşhana hojalyklarynda ösdürilip ýetişdirilen miwe, gök-bakja önümleriniň, şeýle hem hususy önüm öndürijileriň dürli görnüşli harytlarynyň köpsanlysy görkezildi. «Hasar», «Täze aý», «Mekan», «Kilwan», «Bars», «Altyn şöhle» ýaly hususy kärhanalaryň we hojalyk jemgyýetleriniň diwarlyklarynda süýji-köke önümleri, şeýle-de baýramçylyk bezegindäki çörek we çörek önümleriniň dürli görnüşleri ýerleşdirilipdir.

Umuman, şu gezekki sergi ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilen işlerde uly üstünlikleri gazanmaga täze itergi berjek möhüm ädimleriň birine öwrüldi.

«Aşgabat».

02.12.2023
Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatyna gatnaşdy

Aşgabat — Dubaý, 1-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (СOP-28) gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary bilen ugrady. Döwlet Baştutanymyzy Aşgabadyň Halkara howa menzilinden resmi adamlar ugratdylar.

Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili bilen bolan duşuşygynyň barşynda ähli ugurlar boýunça okgunly ösýän döwletara gatnaşyklaryň dostlukly, netijeli häsiýeti kanagatlanma bilen bellenildi. Nygtalyşy ýaly, biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, Dubaýda BMG-niň howandarlygynda geçirilýän, häzirki döwürde adamzady tolgundyrýan möhüm meselelere bagyşlanan ählumumy forumyň ähmiýeti bellenildi.

BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili ählumumy derejede derwaýys wezipeleriň, şol sanda ekologik meselelere degişli wezipeleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmakda Türkmenistanyň uly goşandyny nygtap, döwlet Baştutanymyza iş saparynyň hem-de “COP-28” maslahatyna gatnaşmagynyň üstünlikli bolmagyny arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Dubaýa çenli uçuşy amala aşyryp, Şeýh Maktum adyndaky Halkara howa menziline gondy. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.

Ozal habar berlişi ýaly, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahaty Dubaýda şu ýylyň 30-njy noýabryndan 12-nji dekabryna çenli geçirilýär. Bu iri forum dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly wekilleri, şol sanda döwletleriň we hökümetleriň, ugurdaş döwlet düzümleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny, bilermenleri, raýat jemgyýetiniň, işewür toparlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini, ýaşlary we beýlekileri birleşdirýär. “Dubai EXPO City” toplumynda geçirilýän “COP-28” maslahatynyň çäklerinde howanyň üýtgemegine garşy göreşmek meselelerine bagyşlanan dürli çäreler guralar. Şunda ýokary derejedäki çäreler aýratyn ähmiýete eýedir. 1-2-nji dekabrda Dubaý Bütindünýä howa sammitini kabul edýär.

Ählumumy forumyň barşynda howa boýunça Pariž ylalaşygynyň ýerine ýetirilişiniň jemleri jemlener, geljekki hereketleriň meýilnamasy kesgitlener. Dünýä bileleşigi öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin şol meýilnamadan ugur alyp biler. Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga, onuň netijelerini aradan aýyrmaga, ekologik we azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge, saglygy goraýşa, “ýaşyl” energetika, tebigy serişdeleri rejeli ulanmaga, galyndylary gaýtadan işlemäge degişli meseleler we beýlekiler gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawa ýaramaz täsir edýän zyňyndylary azaltmak möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Ählumumy metan borçnamasy bu wezipäni çözmäge ýardam etmelidir. Şunuň bilen baglylykda, ekologik meseläniň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendigini bellemek gerek. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysady we durmuş ulgamyndaky ähli giň gerimli özgertmeler maksatnamalary bu mesele bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ekologiýa we tebigaty goramak babatdaky talaplaryň ýerine ýetirilmegi ýurdumyzda iri düzümleýin we şähergurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmegiň hem esasy şerti bolup durýar. Bu babatda Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde gurlan täze “akylly” şäheri — Arkadag şäherini mysal getirmek bolar.

Ýurdumyz howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde ählumumy tagallalary utgaşdyrmak boýunça halkara başlangyçlara we ylalaşyklara işjeň gatnaşmak bilen, Pariž ylalaşygyny goldady hem-de ony 2016-njy ýylyň oktýabrynda tassyklady. Howa gün tertibi boýunça maksatlara ýetmek üçin Türkmenistan degişli kanunçylyk-hukuk binýadyny yzygiderli kämilleşdirýär. Soňky ýyllarda Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýa, 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýa hem-de “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. 2020-nji ýylda ýurdumyz BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan yglan edilen “Şäherlerdäki baglar” atly halkara maksatnama goşuldy. Şeýle hem Pariž ylalaşygy esasynda Türkmenistan Milli derejede kesgitlenen goşandyny (NDC) taýýarlady we ony tassyklady.

BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatynda ýurdumyz Ählumumy metan borçnamasy baradaky başlangyjy goldady. Şol günden bäri degişli maksadalaýyk işler geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça ýokary derejeli pudagara topar döredildi. Mundan başga-da, ýurdumyzyň 2023-2024-nji ýyllar üçin Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça “Ýol kartasy” tassyklanyldy.

Türkmenistan Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. 24-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bolsa “COP-28” maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etmek teklip edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda belleýşi ýaly, biziň ýurdumyzyň howa boýunça Pariž ylalaşygyna goşulmagy bilen, birnäçe degişli milli maksatnamalar kabul edildi. Metanyň howa ýaýramagynyň ýaramaz netijelerini azaltmak we ýok etmek maksady bilen, umumydöwlet çäreleri amala aşyrylýar. Gürrüň, ilkinji nobatda, ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy häzirki zaman tehnologiýalaryny, aýratyn-da, energetika, senagat we ulag pudaklaryna ornaşdyrmaga tapgyrlaýyn geçmek hem-de peýdalanmak hakynda barýar.

Mälim bolşy ýaly, metan atmosferada ähmiýeti boýunça üçünji parnik gazydyr. Ol kömürturşy gazyndan soňra, howanyň ählumumy maýlamagynyň ikinji çeşmesi bolup durýar. Metanyň atmosferada jemlenmeginiň artmagy howanyň gyzgynlyk derejesiniň ýokarlanmagyna we parnik täsiriniň güýçlenmegine getirýär.

Howanyň üýtgemegi baradaky meseläniň halkara gün tertibinde möhüm orun eýeleýändiginden ugur alyp, Türkmenistan bu ugurda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar we pes uglerodly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzda tebigy gazdan wodorod öndürmegiň taslamalaryny amala aşyrmaga hem “ýaşyl” ykdysadyýetiň çäklerinde geljegi uly ugurlaryň hatarynda garalýar. Bularyň ählisi Türkmenistanyň ekologik abadançylygy üpjün etmek wezipelerini çözmäge örän jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň aýdyň güwäsidir. Munuň özi ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Dubai EXPO City” toplumyna tarap ugrady. Bu innowasion şäherçäniň “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň geçirilen ýerinde gurlandygy bellärliklidir. Şol köpugurly gözden geçirilişde Türkmenistanyň pawilýony hem gurnaldy. Bu sergi Watanymyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleriniň, durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň, köptaraply halkara hyzmatdaşlyga ygrarlylygynyň, şeýle hem halkymyzyň taryhy-medeni mirasynyň özboluşly beýanyna öwrüldi. Ýurdumyzyň sergi bölümi “EKSPO — 2020-ä” gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň sergi bölüminde ekologik meseläniň hem aýdyň beýanyny tapandygyny bellemek gerek.

“Dubai EXPO City” toplumyna gelende, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş mähirli garşyladylar.

“COP-28” maslahatyna gatnaşyjylaryň bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Bütindünýä howa sammitiniň açylyş dabarasy boldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan gutlag sözünde belent mertebeli myhmanlara sammite gatnaşýandyklary üçin hoşallyk bildirdi. Onuň gün tertibine tutuş adamzat üçin aýratyn ähmiýete eýe bolan meseleler girizildi. BAE-niň Prezidenti “COP-28” maslahatynyň häzirki döwrüň esasy wehimleriniň birine garşy durmakda tagallalary birleşdirmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirip, ählumumy howa meselelerini çözmäge niýetlenen täze gaznanyň döredilýändigini habar berdi.

Soňra Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş sammite gatnaşyjylara ýüzlendi. Ol dünýä bileleşigini howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça toparlaýyn hereketleri çaltlandyrmaga çagyrdy. Ýer ýüzüniň ähli döwletlerini we halklaryny tolgundyrýan howa meselesi bilen baglanyşykly kynçylyklary ýeňip geçmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde “COP-28” maslahatynyň wajypdygy nygtaldy.

Forumda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň garaýyşlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň başynda sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryna we Hökümetine myhmansöýerlik, netijeli işlemek babatda döredilen mümkinçilikler üçin minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan şu maslahata gatnaşmagyna özüniň howanyň üýtgemegi meselesi boýunça halkara strategiýasyny ilerletmekde tapgyrlaýyn waka hökmünde garaýar. BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatyndan, soňraky iri forumlardan we Türkmenistanyň häzirki tagallalaryndan başlap, ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde dowamatlylygy, yzygiderliligi üpjün etmek bu strategiýada kesgitleýji orny eýeleýär.

2012-nji ýylda kabul edilen Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýa ýurdumyzyň ählumumy howa gün tertibine doly derejede goşulyşmagynyň ýolunda başlangyç nokada öwrüldi. Türkmenistanyň howa boýunça Pariž ylalaşygyna goşulmagy nobatdaky ädim boldy. Şunuň bilen baglylykda, 2019-njy ýylda Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýanyň täze redaksiýasy tassyklanyldy. Resminama inklýuziw häsiýete eýedir hem-de ykdysadyýetiň, durmuş ulgamynyň ähli esasy pudaklarynyň täze talaplara uýgunlaşmagy boýunça çäreleriň giň sanawyny özünde jemleýär. Ýangyç-energetika toplumyna aýratyn üns berilýär. Bu toplumda ugurdaş nebit gazynyň gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak we tebigy gaz iberilende, onuň ýitgisini kemeltmek arkaly zyňyndylary azaltmak boýunça uly işler ýerine ýetirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Jogapkärli döwlet hökmünde Türkmenistan halkara we milli derejede maksada okgunly işi dowam etdirmegiň zerurdygyna düşünýär. Şol iş bolsa howanyň üýtgemegine we onuň netijelerine garşy göreşmekde mundan beýläk-de ösüşi üpjün etmäge ýardam berer. Metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara tagallalara ýurdumyzyň goşandy möhüm meseleleriň biri bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň Glazgoda geçirilen 26-njy maslahatynda Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasy boýunça täze başlangyjy goldamak barada aýtdy we resminamany içgin öwrenmäge, ony durmuşa geçirmäge gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň maslahatlaryny nazara almak bilen, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň işjeň goldamagynda ýurdumyz howa boýunça Pariž ylalaşygy esasynda Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşandyny (NDC) taýýarlady we ony 2022-nji ýylyň maýynda tassyklady. Bu strategik resminamada 2030-njy ýylda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny, 2010-njy ýylyň derejesine görä, 20 göterim azaltmak göz öňünde tutulýar.

Şu gün bu belent münberden Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan beýan edýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz borçnamadan gelip çykýan şertleri iş ýüzünde ýerine ýetirmäge gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalar, hyzmatdaş döwletler bilen gündelik hyzmatdaşlygy dowam etdirer.

Ýurdumyzyň Merkezi Aziýada howa meselelerini çözmek boýunça köp ýyllaryň dowamynda ilerledýän giň halkara hyzmatdaşlygy bilen baglylykda, şu ýylyň 13-nji noýabrynda sebit maksatnamalaryny işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini bellemek möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Şol sebit maksatnamalary bolsa howa tehnologiýalaryny Türkmenistana we Merkezi Aziýanyň döwletlerine geçirmäge gönükdirilendir. Türkmen tarapy bu resminama Türkmenistanda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini açmak baradaky meselä jikme-jik garamak üçin ilkinji ädim hem-de düýpli hukuk şerti hökmünde garaýar. Şeýlelikde, 80 milliona golaý ilatly, täsin tebigy serişdelere, biodürlülige eýe bolan, şol bir wagtyň özünde, düýpli ekologik wehimleriň zolagynda ýerleşýän sebit üçin BMG-niň ýöriteleşdirilen merkezini döretmek baradaky ýurdumyzyň başlangyjy bu gün aýdyň mümkinçiliklere eýe bolýar.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ählumumy howa başlangyçlarynyň çäklerinde köptaraply hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge doly ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan teklip edilýän Howa we saglyk boýunça Jarnamany goldaýar we Pariž ylalaşygyny durmuşa geçirmek babatda saglygy goraýyş meselelerinde biziň umumy tagallalarymyzy, bitewüligimizi tassyklamak üçin Jarnamany goldamagy wajyp hasaplaýar.

Ählumumy azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda howanyň üýtgemeginiň täsiriniň örän uludygyny nazara almak bilen, Türkmenistan Durnukly oba hojalygy, durnukly azyk ulgamlary we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Emirlikler Jarnamasyny doly goldaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Türkmenistan howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ulgamynda milli Hökümetleriň we ýerli häkimiýetleriň arasynda utgaşykly hereketiň möhümdigini ykrar etmek bilen, Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça belent maksatly, köp derejeli hyzmatdaşlyk üçin “СOP-28” koalisiýasyny döretmek hakyndaky başlangyjy goldamaga taýýardyr.

Türkmenistanyň milli bähbitlerini nazara alyp, Emirlikler Jarnamasynyň maksatlaryna ýetmek üçin gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen oba hojalygy, ekologiýa, energetika, maliýe, saglygy goraýyş ulgamlarynda sebit we ählumumy derejede hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we çykyşynyň ahyrynda maslahata gatnaşyjylara üns berip diňländikleri üçin minnetdarlyk bildirip, hemmelere netijeli işlemegi arzuw etdi.

Plenar mejlislerde halkara hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny öz içine alýan gün tertibiniň meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalaryň barşynda sammite gatnaşyjylar dünýäniň howpsuzlygynyň we sagdyn geljeginiň bähbidine wajyp wezipeleri çözmäge ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamakda tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Şu gün “COP-28” maslahatynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) Ýerine ýetiriji direktory, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Inger Andersen bilen duşuşdy.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bütindünýä howa sammitine gatnaşmagy Bitarap Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň öňünde öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen görkezdi. Çünki Ýer biziň umumy öýümizdir. Biz ony geljek nesiller üçin aýawly saklamalydyrys. Ýurdumyz örän wajyp wezipeleri çözmekde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam bermäge çalşyp, bilelikdäki ylalaşykly hereketleri pugtalandyrmaga anyk goşandyny goşýar. Tutuş adamzadyň geljegi bolsa şol hereketlere baglydyr.

Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary dowam edýär.

***

Şu gün ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary “СOP-28” maslahatynyň çäklerinde geçirilýän we azyk üpjünçilik ulgamyny, daşky gurşawy goramagyň maliýeleşdirilmegini özgertmek, howa şertlerini nazara almak bilen, ekologik ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine bagyşlanan çärelere gatnaşdylar.

02.12.2023
Ýoly abadyň rysgaly artyk

(Publisistik ýol ýazgylary)

Heňňamlaryň gujagyna girseň, taryhyň saralan sahypalaryny dörseň, iň bärkisi, adamzat ösüşiniň soňky ýeten menzilleri hakda oýlansaň, «ýol» diýlen düşünjäniň özi ýaly uzyn hem giňdigi ap-aýdyň bolýar duruberýär.

Hany, ýada salyp görüň! «Ýodany yzarlasaň, ýola elter, ýoly yzarlasaň — ile», «Ýoly abadyň — ili abat», «Ýoluň ak bolsun, ýoldaşyň — Hak!», «Ýol baran ýere bagt barar»... garaz, sanasaň, nakyl-tymsal kändir. Ýene bir oýlanyň! Çopan ýodasy, awçy ýodasy, pyýada ýoly, araba ýoly, düýe ýoly, bazar ýoly, maşyn ýoly, kerwen ýoly... Garaz, ýol-ýoda kän. Hemmesem bir-biri bilen sepleşikli.

Ýadymda. Mundan iki-üç ýyl ozal Garagumuň içinde döwrümiziň döreden gudratyna — Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygyna baramda, bir düşlegde gabat gelen ýaşuly çopan şeýle diýipdi: «Bu gurbany gitdigim sary çägeleriň arasyndaky ýol-ýodanyň uzynlygy, lap etmäýin weli, Garagumuň özündenem giňdir». Munuň çyndygyna jedel ýok.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolsa Türkmenistan Garagumuň gujagyndaky iň uzyn, iň giň, iň döwrebap ýoly — Aşgabat — Türkmenabat awtobanyny gurýar.

Muny gör-le! Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň güýzüniň ahyrky günleriniň birinde, heniz daň ujy gyzarmanka, bu taryhy tutumyň zähmet mukamynyň ýaňlanýan ýerine tarap ýola düşjek mahalym, birden Garagum hakdaky oýlanma-pikirler beýnä dolup gitdi.

Garagum! Gözüňe söweýin, tyllaýy çägeli depeleri çöküp oturan bugra düýelere çalym edýän, ak takyrlary «tükenmez» diýdirýän, tüweleýden ýüwrük jeren-keýik gezýän alaňlary, gollary haýrana goýýan, depesinde nagmasyndan doýup bolmaýan torgaý guşlar saýraýan, baýyrlaç çulba-gyrlary gözellikden doly Garagum!

Ýer togalagynda çöl az däl. 700 million gektar meýdany tutýan Sahara çöli, şondan o diýen daş bolmadyk ýerde 193,4 million gektara ýaýylyp gidýän Liwiýa çöli, Afrika yklymynyň gujagynda 124 million gektary eýeläp ýatan Nibiýa çöli, Aziýa yklymyndaky iň uly, 105 million gektarlyk Gobi çöli... garaz, sanap oturmaly.

Parallel boýunça 800 kilometre, meridian boýunça 450 kilometre uzalyp, 35 million gektara ýaýylyp gidýän Garagum bolsa çöl däl-de, hakyt goýny hazynaly, gözel sähradyr. Seýdi şahyryň aýdyşy ýaly, pasly-baharlarda Garaguma seýil-seýrana çyksaň, jenneti-eremiň gapysyndan giren ýalydyr. Ýylyň ähli paslynda-da bu sähra ajap. Ol Aziýa yklymynda ululygy boýunça Gobi hem-de Rib-el-Hali çölünden soň 3-nji ýerde durýar.

Göz öňüne getirip görüň! Demirgazygy Sarygamyş çöketliginden gaýdyp, günortada Köpetdagyň belent gerişlerine, günorta-gündogarda bolsa Garabil, Bathyz belentliklerine ýetýän, günorta-günbatarda Balkan daglarynyň eteklerini syryp gidýän, gündogarda Amyderýanyň mele tolkunlaryna ýuwlup, uzap gidişine çal Hazaryň gomlary bilen gujaklaşýan Garagum giň, geň-enaýy, asty-üsti genji-känli mekan.

Garagumuň içinde 300 çemesi ululy-kiçili obalar bar.

Garagumuň aşagy, alymlaryň aýtmagyna görä, çaýkanyp ýatan süýji suwly linza-gatlaklardan doly. Aýdylyşyna görä, Garagumda 20 müň çemesi guýy bolup, olaryň onlarçasy «ýyldyz guýy» diýilýänden. Çölleri öwreniji, belli akademik W.N.Kunin tutuş Ýer ýüzüniň çöllerinde iň çuň guýularyň Garagumdadygyny anyk deliller bilen aýdýar. «Bu täsin çölüň içinde çuňlugy 270 metre ýetýän guýy bar, ol nädip gazylypdyr, bu haýran galdyryjy inženerçilik çözgüdi diňe çarwalaryň özüne mälim bolan syrdyr» diýip, alym ýazýar.

Atakama çölüne ýylda ýeke damja ygalyň ýagmaýandygyny, Saharanyň guraklykdan ýaňa ýalaňaç ýatandygyny ýada salyp göräýmeli.

Garagumuň taryhda «Baky güneş ýurdy» diýlen ady bar. 1 inedördül santimetr ýere ýylda 160 müň içki kaloriýa ýylylyk düşýär. Bu san öňki Soýuzyň Ýewropa böleginde 95 müňden geçmeýär.

Ylymda «Çöl — bu ýylda ygalyň 100 millimetrden az düşýän, ota-çöpe çüpre künjegidir» diýlen düşündiriş bar. Ýöne Hydyr gezen Garagumumyza ýylda 130 — 200 millimetr möçberräkde ygal düşýär. Bu san Garagumuň dünýädäki şeýle çölleriň arasynda iň bol örüli, gujagy kakly-kölli sähradygyny aňladýar.

Garagumuň ýaýylyp ýatan meýdany 35 million gektardan gowrak. Bu sähranyň ýylylyk möçberi tropiklerden pes däl, ýöne suw gytrak. Bu ýetmezçiligi bolsa indi Garagumuň gujagynda gurlan Türkmen köli belli bir derejede aradan aýrar.

Gumda 3 million gektara golaý takyr bar. Dünýäniň özüne meňzeş beýleki çöllerine seredeniňde, Garagum ösümlik dünýäsine juda baýdyr. Onuň sähra-düzlerinde, depedir gollarynda ösümlikleriň 1 müňden gowrak görnüşiniň bardygy ylmy taýdan subut edilen. Olar 3 gatlaga (ýarusa) bölünýärler:

Birinjisine sazak, çerkez ýaly uly-gabaraly ösümlikler girýär;

Ikinjisine gandym, ýylgyn, ýowşan, çogan boýalyç, selin ýaly ösümlikler degişli;

Üçünjisine bolsa biraýlyk we köpýyllyk otlar girýär.

Garagumuň iň owadan, iň syrdam ösümligi, görene «çölüň akderegi» diýdirýän sözeniň boýy 5 — 8 metre ýetip, köki çägäniň asty bilen 16 — 18 metre çenli uzap gidýär.

Garagumuň ümmülmez giňişliginde guşlaryň 220-den gowrak görnüşi duşýar. Şolaryň 60 görnüşi bu owadan hem iýmite bol sähranyň hemişelik eýeleri hökmünde höwürtgeläp, galanlary bolsa pasla laýyk uçup geçýärler.

Ylmy dilde «çöller zonasy» diýlip atlandyrylýan giňişlikde Ýer ýüzüniň esasy suwarymly ekerançylyk meýdanlary ýerleşýär.

Çöl we ýarym çöllük hasaplanýan ýerlerde bolsa dünýä ýüzündäki mallaryň ýarysyndan gowragy sonarlaýar. Takyk aýdylanda, goýunlaryň 30 göterim, geçileriň 70 göterim çemesisi şol ýerlerden agyz otuny alýar.

Garagum sähramyz ýurdumyzyň esasy maldarçylyk örüsi bolmak bilen çäklenmän, bu sahawatly sähranyň gujagynda ekerançylyk üçin ýaramly meýdanlaryň hem ýüz müňlerçe gektary bar. Şonuň üçinem oňa «Garagum — hazynaly hum» diýilýär. Özleşdirmek üçinem, ilki bilen, şaglap ýatan giň ýol çekmeli.

Ine, Türkmenistan şeýle geň hem gözel Garagumuň gujagynda öz serişdeleriniň hasabyna, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň güýji, öňdebaryjy inženerçilik çözgütleri esasynda dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän awtoban gurýar.

Muny gör-le! Daň säher çagy Aşgabatdan çykyp ugradyk. Bulutlar depäňe degäýjek bolup, ýagyş çisňeýärdi. Ulaga münenimizden, sürüjimiz Gurbanmyrat şuny aýtdy:

— Saglyk bolup dursa, Aşgabatdan Mara aňyrsy üç sagatdan baryljak günlerem indi uzakda däl.

Bihal aýdylan jümle däl. Sürüjimiz «Altyn nesil» hojalyk jemgyýetiniň işgäri. Ýüwrük ulagyň ýanynda ýoluň salymy barmy?! Tä Babadaýhan — Tejen çatrygyny bölýän köpriniň üstüne münýänçäk, ulagyň ýagyş süpürijisi durman işledi. Ine, şu aralyk awtobanyň 1-nji tapgyry, has anygy, 203 kilometr uzynlykdaky Aşgabat — Tejen bölegi. Ondan aňryk täze gurulýan Tejen — Mary bölegine mündügem weli, bärik ýeke damja düşmedik ýaly. Gaýtam, sörtük şemal öwsüp, irimçik çägeler ýüz-gözüňe degýär. Ynha-da, iki gyrasy ekerançylykly, ýaply-çilli Howuzhan düzlügi. Bärde bolsa «Tebigatyň gudratyna haýran galaýmaly» diýdirip, Gün ýagyrnyňy gyzdyryp dur.

Şatlyk — Jojukly awtomobil ýoluna ýetmän, täze gurlan trombet köprüsiniň üstüne çykýarys. Bize ýolbeletlik edýän uzynakdan hortap, işini bäş barmagy ýaly bilýäni her sözünden aňdyryp duran Serdar Ýowşanow elini gözüne kölegeledip, alyslara nazar salýar. Ol «Altyn nesil» hojalyk jemgyýetiniň ýol gurluşyk boýunça inženeri. Hanha, sag gapdalyňda Mary şäheriniň eteginde gurlan «Ak öý» salgym atyp görünýär. Dik maňlaýyňda bolsa Aşgabat — Mary, ýolçularyň dilinde aýdanyňda, «M-37» awtomobil ýoly şaglap geçýär.

Men bolsa içimi gepledýärin: «Muňa är gaýraty hem zamanabap tehnologiýalara ezberlik bilen erk edip bilmegiň gudraty diýerler. Aňňat-aňňat gum depelerini eliň aýasy ýaly edip, oýtak ýerlerini beýgeldip, ýüzlerçe ýolasty ötükleri, seretseň, telpegiňi gaçyrýan köprüleri, başga-da ýol düzümine degişli onlarça infrastrukturany gurmak, onda-da ýoluň her metri-hä däl, her garyş ýerine dünýä derejeli asfalt düşäp, 312 kilometre ýetäýmek agyzda aňsat». Şol pursat ençeme gezek duşulyp, «Arma!» aýdylan Şadurdy Gurbanýazow, Muhammetberdi Pürdekow ýaly ýigitler ýada düşüp gidýär. Hä-ä, häzir ýene sataşarys-la! Şonda Germaniýanyň iň kämil tehnologiýasyna esaslanan «FOGELE» asfalt ýazyjy enjamyna operatorlyk ediberişlerini synlaýsaň! «Günde 2 kilometr aralyga asfalt düşäbilýäs» diýerler özlerem.

Geçen gezekki iş saparymyzda Serdar Ýowşanowyň aýdan bir jümlesem gulakda berk galypdy ahyry: «Aşgabat — Tejen aralygyndaky 109 kilometre 10 million tonna çagyl, 1,5 million tonna hem asfalt düşeldi». Ine, «awtoban» diýlen ýoluň nähili üýtgeşikdiginiň gysgajyk kesgitlemesi. Umuman, awtoban — dünýä derejeli ýol gurmak üçin 20 çemesi iş görnüşleriniň bardygy ýatda dursa ýagşy. Şeýlelikde, ýol düşeginiň giňligi 34,5 metr, 6 sany ikitaraplaýyn hereket zolagy (her tarapda 3 ulag päsgelsiz ýöräp bilýär), her tarapyň hereket giňligi 11 metr 25 santimetr, her tarapyň arasyndaky howpsuzlyk üçin giňlik 3 metr 75 santimetr bolan awtoban sary çägeleriň arasy bilen uzaýar.

S.Ýowşanowyň nygtaýşy ýaly, awtobanyň Tejen — Mary böleginde esasy işler ýerine ýetirildi. Diňe az bölekde 3-nji gata asfalt düşemek, bölüji zolaklara howpsuzlyk hem-de gijeki yşyklandyryş germewlerini dikmek, ýapgytlara çagyl ýazmak işleri gije-gündiz alnyp barylýar.

...Hanhowuz düzlügine ýetäýmänkäň, ýoluň iki gyrasy aklaň, düşnükli aýdanyňda, akyp ýatan urpak çägeli tekizleç meýdana sapýar. Ynha-da, demirgazyk tarapynda guş-gumry, dürli jandarlar geçmez ýaly endigan edilen demir gözenekden aňyrrakda «mehaniki gorag» uzalyp gidýär. Ol guran gamyşlardan küşt gözenegi şekilinde 35 — 40 santimetr beýiklikde çägäniň üstüniň «dokalmagydyr». Arid zonasynda — çöl-çägeli ýerlerden geçýän awtotrassalara, awtobanlara, demir ýollara şeýle gorag arkaly çäge süýşmeginiň öňüni almak dünýäde giňden ýaýran tejribe. Bu ekologik taýdan hem, uzak ýyllara durnuklylyk taýdan hem amatly.

— Ýoluň Tejen — Mary böleginde aklaň çägeler kän bolany üçin, şu usuly ulanmak maksady bilen, ýörite topar döretdik. Has güýçli syraýan çägeleriň üstüne toprak düşän ýerlerimizem boldy. Hernä Mary töwereklerinden bu işe ussatlaram, gereklenýän gamyşlar hem tapyldy. Häzir ýoluň Mary — Türkmenabat böleginiň käbir ýerlerinde hem «mehaniki gorag» usuly ulanylýar. Sebäbi awtoban howpsuz, ýokary tizlikli, ähli tehniki kada-ölçegleri doly berjaý edilen ýol bolmaly. Tebigat bilen «dil tapyşmak» hem hökmany şertleriň biri. Aňyrsy 4-5 ýyldan ýüzüniň gaýmagy bozulan çägeler berkär, ösümlik gatlagy bilen örtüler, tebigy durkuna geler. Häzirlikçe weli şeýle gorag zerur — diýip, Serdar düşündirýär.

Mara ýetibereniňde, howalanyp görünýän kaşaň binalarda gözüň eglenýär. Olar taslama laýyk gurlan kafe, çaýhana, düşleghana, ýangyç guýujy beket, ulaglara tehniki hyzmat edýän nokat.

Ýollar, aýdylyşy ýaly, ýurduň gan damarlary. Ýol baran ýere täzeleniş, durmuş-ýaşaýyş barýar. Ýola ýanaşyk elektrik togy, suw geçirijiler, tebigy gaz, aragatnaşyk barýar. Hanha, her 20 kilometrden hellewläp görünýän maçta-diňler «Altyn asyr» öýjükli telefon-aragatnaşyk beketleriniň binýady. Binadyr desgalaryň töweregi bolsa ekilen, ekilýän agaçlardyr bezeg gülleri bilen göz baglaýar.

Abadan ilde, bagtyýar ýurtda, binýady sarsmaz döwletde — Türkmenistanda Garagumuň gujagynda gurulýan awtoban, ine, şeýledir. Ýoly abadan hem uzyn iliň rysgy artyk, kerwen barýan ýurduň bolsa döwleti-berekedi egsilmezdir. Diýmek, bu ýoluň waspy, uzynlygy ýaly, dowamly bolar, enşalla!

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,

Hormatly il ýaşulusy, ýazyjy.

02.12.2023
Ykdysady sepgitleriň badalgasy

Eziz Diýarymyzda milli ykdysadyýetimizi pudaklaýyn diwersifikasiýalaşdyrmak, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatda uly üstünlikler gazanylýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen on aýynyň makroykdysady görkezijileri milli ykdysadyýetimizi köpugurly esasda ösdürmegiň, durnukly ösüş depginlerini saklamagyň ähli wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilendigini görkezýär.

Geçen on aýyň dowamynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşiniň 6,3 göterime barabar bolandygyny turuwbaşdan bellemelidiris. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi hem 6,3 göterim artdy. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň ulag diplomatiýasynda, energetika diplomatiýasynda, suw-ekologiýa diplomatiýasynda gazanylýan üstünlikler milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Munuň özi bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçilýän döwürde ykdysady ösüşleri artdyrmakdaky işleri has-da ilerledýär.

Türkmenistan milli ykdysadyýeti çalt depginler bilen ösdürmegiň bähbidine pudaklara ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. Dünýä ýurtlarynyň wekiliýetleriniň ýurdumyza amala aşyrýan saparlary, ýurdumyzyň wekiliýetleriniň dünýä ýurtlarynda saparda bolup, tejribe alyşmaklary işleriň ýokary netijeliligini gazanmagy üpjün edýär. Munuň özi «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny», «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyny» we söwda, ykdysadyýet hem-de maýa goýumlar ulgamlaryna degişli resminamalardan gelip çykýan wezipeleridir taslamalary üstünlikli amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri has-da ilerledýär. Bu bolsa ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna, Watanymyzy mundan beýläk-de beýik ösüşlere ýetirmäge gönükdirilen uzak möhletleýin iri maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr.

Röwşen geljege rowaç gadamlar bilen barýan eziz Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan gazanýan üstünliklerini ösüşiň täze tapgyryna çykarýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri hem daşary syýasaty mundan beýläk-de üstünliklere beslensin, parahatçylygyň, abadançylygyň, durnukly ösüşiň hatyrasyna gönükdirilen beýik başlangyçlary hemişe rowaç bolsun!

Aýsenem NURYÝEWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

02.12.2023
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň MK-nyň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

Aşgabat, 29-njy noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi.

Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň hem-de Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýanyň iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Hytaýda oňyn daşary syýasat ugruny durmuşa geçirip, ösüş ýolunda ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen däp bolan dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, HHR-iň wekiliýetiniň agzalaryna hökümetara komitetiň nobatdaky mejlisiniň we türkmen kärdeşleri bilen gepleşikleriň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan edip, dürli ulgamlarda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini nygtady. Bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmakda türkmen-hytaý hökümetara komitetine uly orun degişlidir.

Duşuşygyň dowamynda komitetiň altynjy mejlisiniň gün tertibi boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, mejlise taýýarlygyň çäklerinde söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, ynsanperwer we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk babatda kiçi komitetleriň mejlisleri hem-de beýleki duşuşyklar geçirildi. Aşgabatda boljak gepleşiklerde hyzmatdaşlygyň giň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki mejlisiň netijeleriniň türkmen-hytaý gatnaşyklaryny täze derejä çykarmaga ýardam berjekdigine ynam bildirildi.

Strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary döwlet, Hökümet we ministrlikler derejesinde netijeli ösdürilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, parlament we partiýa wekilleriniň gatnaşyklary işjeňleşdirilýär. Sebitara hyzmatdaşlyk hem täze ösüşe eýe boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmekde ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň uly ähmiýeti barada aýtmak bilen, şu ýyl Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran saparlarynyň dowamynda HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen geçiren duşuşyklaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Ýakynda bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýda saparda boldy. Gahryman Arkadagymyz Pekinde “Bir guşak, bir ýol” üçünji halkara forumyna gatnaşdy hem-de Hytaýyň ýolbaşçylary, şol sanda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň MK-nyň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen netijeli gepleşikleri geçirdi. Şunuň bilen baglylykda, şol saparlaryň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň häzirki wagtda möhüm wezipe bolup durýandygy nygtaldy.

Soňky ýyllarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň täze derejä çykandygy bellenildi. Köp ýyllardan bäri Hytaý Türkmenistanyň iň iri daşary ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar. Energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy özara bähbitli gatnaşyklaryň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar. Döwletara dialogda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Köp sanly türkmen ýaşlary HHR-iň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar. Ýurdumyzyň birnäçe orta we ýokary okuw mekdeplerinde hytaý dili öwredilýär. Ýakynda Aşgabatda Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň açylyşy, şeýle hem Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumynyň geçirilmegi bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygyň anyk mysallarydyr. Türkmenistan bilen HHR sebit derejesinde we halkara guramalaryň, ozaly bilen, BMG-niň çäklerinde-de oňyn hyzmatdaşlyk edýärler.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň MK-nyň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara gatnaşyklaryň geljekde hem hemmetaraplaýyn ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

30.11.2023
Watanyň kuwwaty — halkyň daýanjy

Şu ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň 7-nji çagyrylyşynyň 4-nji maslahatynda «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garaldy we kabul edildi. Döwlet býujetiniň görkezijileri ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş maksatly ykdysady özgertmeleri maliýeleşdirmäge zerur serişdeleriň üpjün edilmegini kepillendirýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady strategiýasy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýär.

2024-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujeti girdejiler we çykdajylar boýunça 102  313,5 million manat möçberde kesgitlenildi. Şol sanda býujetiň birinji derejesi girdejileri we çykdajylary boýunça 22 096,2 million manat möçberde meýilleşdirildi.

Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti Türkmenistanyň milli maksatnamalaryny, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň we maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlaryny, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň, sebitleriň öňünde durýan wezipeleri durmuşa geçirmekde nobatdaky tapgyry öz içine alýar. Geljek ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujeti ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda, sebitlerinde 2024-nji ýylda garaşylýan netijeler göz öňünde tutulyp düzüldi. Onuň maksady ykdysadyýetiň pudaklarynda düýpli maýa goýumlary ýokary depginler bilen özleşdirmekden, ilatyň bähbitlerini goramak bilen durmuş ulgamynda we beýleki pudaklarda düýpli özgertmeleri üpjün etmekden, döwlet çykdajylarynyň netijeli ulgamyny döretmekden, raýatlaryň durmuş kepilliklerini pugtalandyrmakdan we birnäçe beýleki wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekden ybaratdyr.

2024-nji ýylda durmuş-ykdysady ösüşiň esasy strategik maksatlaryna laýyklykda öňdebaryjy tehnologiýalary, ýagny sanly ulgamy önümçilige giňden ornaşdyrmagy dowam etdirmek, senagat pudaklaryny ösdürmek möhüm wezipe bolup durýar. Bäsdeşlik amatlyklaryny işjeňleşdirmek, ýurdumyza getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri guramak we eksportyň möçberlerini artdyrmagyň hasabyna daşary söwda dolanyşygyny ösdürmek, raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmek we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin oňyn şertleri üpjün etmek göz öňünde tutulýar.

Dünýäde uglewodorod serişdelerine baý ýurt hökmünde ykrar edilen ýurdumyzyň ýangyç-energetika, senagat, ulag-aragatnaşyk pudaklarynyň ösüşine aýratyn üns degişli bolup durýar. Geljek ýylda ýurdumyzyň çäklerinde nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşynyň, elektrik energiýasynyň öndürilişiniň hem-de olaryň eksport edilýän möçberlerini artdyrmak, önümçilik pudaklarynyň kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak maksat edinilýär.

Geljek ýyl ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi mundan beýläk-de höweslendirmek we işjeňleşdirmek üçin döwlet goldawyny bermek arkaly hususyýetçiligi ösdürmek we jemi içerki önümde döwlete degişli däl eýeçiligiň paýyny (ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan) 70,4 göterime ýetirmek göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmak meýilleşdirildi. Geljek ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň, şeýle hem sebitleriň sazlaşykly ösdürilmegi, ilatyň durmuş hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyzy beýik ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli döwletli tutumlary rowaç bolsun!

Kerimguly GELDIÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.

30.11.2023