Новости
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 24-nji iýul. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýnsy kabul etdi.

Duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy hem-de GFR-iň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň, Federal Kansleri Olaf Şolsuň hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny we ähli türkmenistanlylara bagtyýarlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz ilçini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan edip, jenap Bernd Haýnsy jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly ýokary diplomatik wezipesinde oňa uly üstünlikleri arzuw etdi.

Nygtalyşy ýaly, Germaniýa Federatiw Respublikasy Türkmenistanyň Ýewropa sebitindäki möhüm hyzmatdaşlarynyň biridir. Häzirki wagtda iki döwlet ähli ugurlarda, hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Döwlet Baştutanymyz syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň oňyn häsiýetini aýratyn belläp, Türkmenistanyň we Germaniýanyň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, köptaraplaýyn esasda hem üstünlikli hyzmatdaşlygy ösdürýändiklerine kanagatlanma bildirdi. Abraýly halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň düzümleriniň çäklerinde birek-birege berilýän özara goldaw muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu goldaw, ozaly bilen, dünýäde parahatçylygy, abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilip öňe sürülýän halkara başlangyçlara degişlidir. Soňky ýyllarda hyzmatdaşlyk “Merkezi Aziýa — Germaniýa” dialogynyň çäklerinde-de üstünlikli ösdürilýär. Şeýle görnüşde geçirilýän gepleşikler özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça netijeli pikir alyşmaga ýardam berýär.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň ýene biridir. Şunuň bilen baglylykda, senagat, oba hojalygy, bank, ulag-kommunikasiýa ulgamlary geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Döwlet Baştutanymyz German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigine ünsi çekip, GFR-iň kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine goşýan goşandyny aýratyn nygtady. Saglygy goraýyş ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan türkmen-german gatnaşyklaryny netijeli hyzmatdaşlygyň mysaly hökmünde görkezip bolar. Mälim bolşy ýaly, onuň çäklerinde dostlukly ýurduň hünärmenleri bilen tejribe alyşmak, türkmen lukmanlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň Ýewropanyň ösen lukmançylyk tejribesini öwrenmekleri üçin birnäçe alyş-çalyş maksatnamalary hereket edýär.

Oňyn ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň barşynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygy berkitmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda we medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda möhüm orun eýeleýändigi, şunda iki dostlukly halkyň bähbidine özara Medeniýet günlerini geçirmegiň, muzeý işi babatda tejribe alyşmagyň, bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da ilerletmegiň zerurdygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bernd Haýnsy Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesinde işe başlamagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, ýola goýlan netijeli döwletara dialogyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işinde oňa hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, diplomat däp bolan dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine, iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine laýyk gelýän türkmen-german hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge tarap saýlanyp alnan ugry dowam etdirjekdigine ynandyrdy.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa

Jenap Prezident!

Men jenap Bernd Haýnsy Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň şahsy häsiýetleri hem-de ukyp-başarnyklary öz üstüne ýüklenen wezipäni mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň adymdan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan ähli beýan etjeklerine doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Size üstünlikleri, Türkmenistana bolsa gülläp ösüş, abadançylyk arzuw edýärin.

Frank-Walter ŞTAÝNMAÝER,
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti.

24.07.2024
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara ýitgisiz daşamak, orakdan boşan meýdanlary sürmek, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumlaryny taýýarlamak, şeýle hem gallaçylar bilen döwlete tabşyrylan hasyly, hyzmat ediji edara-kärhanalar bilen ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen birlikde, welaýatda güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýär.

Şeýle hem häkimler Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylynyň elewatorlara we ammarlara ýitgisiz daşalmagyny hem-de ýerleşdirilmegini, önüm öndürijiler bilen tabşyrylan bugdaý hasyly üçin hem-de hyzmat ediji edara-kärhanalar bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda bökdençsiz geçirilmegini, azyklyk oba hojalyk ekinleriniň güýzki ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

22.07.2024
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

19-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi.

Hususan-da, milli parlamentiň ýedinji çagyrylyşynyň şu ýylyň 13-nji iýulynda geçirilen altynjy maslahatynyň jemleri barada habar berildi. Maslahatda Türkmenistanyň Býujet, Ilaty durmuş taýdan goramak, Sanitariýa kodekslerine, bedenterbiýe we sport, döwlet ylmy-tehniki syýasaty, ylmy edaralar, sportda dopinge garşy göreşmek, tohumçylyk bilen baglanyşykly Kanunlara we başga-da käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizmek boýunça kanun taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçynyň maglumaty diňlenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, integral mikroshemalaryň topologiýalaryny döwlet belligine almak bilen baglanyşykly hereketleriň amala aşyrylmagy üçin ýygymlary düzgünleşdirmek bilen bagly görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň suwuklandyrylan gazy saklaýan we ýükläp iberýän desgalarynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän düzümleriniň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa ýurdumyzda “Gorkut ata” atly halkara kinofestiwaly geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi. Bu çäräni hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda çykaran Karary bilen tassyklanan meýilnama laýyklykda, şu ýylyň noýabrynda guramak meýilleşdirilýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň ýygyndy toparyny şu ýylyň 26-njy iýuly — 11-nji awgusty aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda 2025 — 2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça Meýilnamany taýýarlamak meselesi barada hasabat berdi.

Şeýle hem, mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

20.07.2024
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna BMG-niň Baş sekretarynyň adyndan gelen hat

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz,

Aşgabada bolan saparym mahalynda maňa we meniň wekiliýetime bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek isleýärin. Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň bitaraplyga ygrarlylygyna mynasyp baha berilýär, men hem Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmäge, howanyň üýtgemegi hem-de parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak bilen bagly meseleleri çözmäge hut özüňiziň gatnaşýandygyňyza we liderlik edýändigiňize ýokary baha berýärin.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini ýerleşdirmekde Türkmenistanyň orny aýratyn möhümdir we sebit durnuklylygyna ýardam bermekde, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dialogy we hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigini görkezýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň ýurt topary bilen ajaýyp hyzmatdaşlygyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirmäge rugsat ediň. Birleşen Milletler Guramasynyň düzümi üçin goşmaça binany bölüp bermegiňiz biziň berk hyzmatdaşlygymyzyň ýene-de bir aýdyň görkezijisidir.

Saparym mahalynda Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny almak hormatyna mynasyp boldum. Bu abraýly sylag biziň çuňňur gatnaşyklarymyzy we gymmatlyklarymyzy alamatlandyrýar. Ol meni mundan beýläk-de Magtymguly Pyragynyň adamlaryň we tebigatyň sazlaşygy baradaky ýörelgelerine ymtylmaga ruhlandyrýar.

Men biziň hyzmatdaşlygymyza ýokary baha berýärin we bilelikdäki tagallalarymyzyň mundan beýläk-de berkemegine umyt edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Iň gowy arzuwlar bilen, Antoniu Guterriş, BMG-niň Baş sekretary

18.07.2024
Gahryman Arkadagyň adyna BMG-niň Baş sekretarynyň adyndan gelen hat

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Ýakynda ýurduňyza amala aşyran saparymyň dowamynda maňa we meniň ýanymdaky wekiliýete bildirilen myhmansöýerlik üçin Size hem-de Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna tüýs ýürekden hoşallygymy beýan etmek isleýärin.

Türkmenistanyň parahatçylyk, ynanyşmak we diplomatiýa medeniýetini ilerletmek boýunça başlangyçlary ýokary baha mynasypdyr. Şeýle hem men Türkmenistanyň Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda ulag we energetika aragatnaşygyny giňeltmek, şeýle hem howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsilerine garşy göreşmek boýunça sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda tekliplerini goldaýaryn. Türkmenistanyň parnik gazlarynyň, şol sanda metanyň atmosfera zyňyndylaryny ep-esli azaltmagy maksat edinýändigi hem aýratyn üns bermäge mynasypdyr.

Jemgyýetçilik binýadynda durmuş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek arkaly Türkmenistanda durmuş goraglylygy ulgamynyň kämilleşdirilmegine Birleşen Milletler Guramasynyň goşýan goşandyna Siziň Alyhezretiňiziň ýokary baha bermegiňiz mende uly täsir galdyrdy. Men Türkmenistanyň Hökümetini bu maksatnamany giňeltmek mümkinçiligine garamaga çagyrýaryn.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine we BMG-niň ýurt boýunça toparyna hemişe berýän goldawyňyz we hyzmatdaşlyk edýändigiňiz üçin Size hoşallygymy bildirmäge rugsat ediň. Guramanyň wekilhanasyna Aşgabatda goşmaça binanyň berilmegi üçin çuňňur hoşallygymy bildirýärin. Bu binanyň açylyş dabarasyna Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileriniň gatnaşmagy meni örän guwandyrdy.

Aşgabada saparymyň dowamynda mähirli kabul edilendigim üçin ýene-de bir gezek çuňňur hoşallygymy beýan etmäge rugasat ediň. Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna we pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn hem-de sentýabr aýynda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek Geljegiň sammitinde Türkmenistanyň möhüm orun eýelejekdigine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.

Iň gowy arzuwlar bilen,

Antoniu Guterriş, BMG-niň Baş sekretary

18.07.2024
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahaty geçirildi. Onuň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň birnäçesine garaldy we kabul edildi.

Ilki bilen parlamentarileriň garamagyna “Türkmenistanyň Mejlisiniň aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça saýlanylan deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda” Mejlisiň kararynyň taslamasy hödürlenildi.

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, deputatlaryň garamagyna “Bolgariýa Respublikasynyň, Çehiýa Respublikasynyň, Estoniýa Respublikasynyň, Horwatiýa Respublikasynyň, Kipr Respublikasynyň, Latwiýa Respublikasynyň, Litwa Respublikasynyň, Wengriýanyň, Malta Respublikasynyň, Polşa Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Sloweniýa Respublikasynyň we Slowakiýa Respublikasynyň Ýewropa Bileleşigine girendigini göz öňünde tutup, bir tarapdan Türkmenistan bilen we beýleki tarapdan Ýewropa Bileleşiginiň we oňa agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy döredýän gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga Teswirnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlendi.

Deputatlar şeýle hem “Ýabany ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwdasy hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda” Kanunyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

“Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanuna laýyklykda, Adalatçynyň her ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde maglumat bilen çykyş etmegi göz öňünde tutulýar.

Soňra “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda” Kanunyň taslamasyna garaldy. Bu kanun arkaly Türkmenistanyň Zähmet kodeksini, «Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda» we «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, milli parlamentiň deputatlary “Türkmenistanyň Býujet kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu Kanun Türkmenistanyň býujet ulgamyny guramagyň hem-de dolandyrmagyň umumy ýörelgelerini hem-de ýurdumyzda býujet işiniň we býujetara gatnaşyklaryň esasyny kesgitleýär; “Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetme girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garaldy. Bu Kanun Türkmenistanyň ilatyny durmuş taýdan goramagyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär, şeýle hem “Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem maslahatda “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda” hem-de “Ylmy edaralar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garaldy. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, ylmy-tehniki syýasat Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň düzüm bölegi bolmak bilen, bu syýasatyň maksatlaryny amala aşyrmagyň ugurlaryny, şeýle hem döwlet häkimiýeti edaralarynyň ylym we tehnika ulgamynda ygtyýarlyklaryny kesgitleýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanun taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

13.07.2024