Новости
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 28-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwrüň talaplaryna laýyklykda, milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda iş toparlarynda degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak, hereket edýän kanunlara üýtgetmeleridir goşmaçalary girizmek işleri dowam etdirilýär.

Şeýle hem Mejlisiň Başlygy ýakynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada habar berdi. Nygtalyşy ýaly, saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň adyndan şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara foruma çakylyk haty gowşuryldy. Dostlukly ýurduň Baştutany çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, Türkiýe bilen Türkmenistanyň ählumumy we sebitleýin howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde garaýyşlarynyň gabat gelýändigini aýtdy. Şeýle hem Rejep Taýyp Ärdogan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen bagly kabul eden Kararnamasyny Türkiýäniň goldandygyny buýsanç bilen belledi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň martynda geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumyndaky çykyşynyň taryhy waka bolandygyna hem ünsi çekdi.

Saparyň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda iki doganlyk ýurduň parlamentara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam berjek parlamentara dostluk toparlarynyň, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen bilelikdäki çäreleriň ähmiýeti bellenildi. Pursatdan peýdalanyp, D.Gulmanowa ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny halkara derejede giňden wagyz etmek, türkmen wekiliýetiniň Türkiýe Respublikasynda iş saparynda bolmagy üçin döreden mümkinçiligi üçin hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

“Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan köp çagaly eneleri sarpalamak we olara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralaryna görülýän taýýarlyk barada-da aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Halkara zenanlar güni mynasybetli çärelere gowy taýýarlyk görmegiň hem-de olary ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Karz edaralary we bank işi hakynda”, “Auditorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasy hakynda Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň bank edaralarynda her ýyllyk maliýe hasabatlaryna halkara standartlar esasynda audit barlaglaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank edaralarynda her ýyllyk maliýe hasabatlaryna audit barlaglaryny geçirmegi kämilleşdirmegiň, bu işi bellenen halkara standartlar esasynda guramagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugurda zerur çäreler görülýär. Hususan-da, nebit guýularyndan uglewodorod serişdelerini çykarmak, nebithimiýa senagatyny ösdürmek babatda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda bu hyzmatdaşlygyň esasynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny çig malyň goşmaça möçberleri bilen üpjün etmek, onuň kuwwatyny netijeli peýdalanmak babatda alnyp barylýan işler munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmak boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitleriň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanda 2025-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda Kararyna laýyklykda, gowaça ekiljek meýdanlarda tekizlemek, geriş we çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak, gowaça tohumyny taýýarlamak boýunça zerur işler geçirilýär. Ýurdumyzyň ilatyny ýeralma, gök-bakja önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, welaýatlarda ýazlyk gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny möwsüme taýýarlamak işleri dowam etdirilýär.

Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça zerur çäreleriň görülýändigini aýtdy. Häzirki wagtda Daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky tokaý hojalyklarynda saýaly, pürli we çöl ösümlikleriniň nahallaryny ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek işlerini yzygiderli alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Bugdaý ekilen meýdanlara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek, gowaça ekiljek meýdanlarda degişli agrotehniki işleri öz wagtynda geçirmek, ekiş möwsümi üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamaga möhüm ähmiýet bermek, ýazlyk gök-bakja ekinleriniň tohumlaryny ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlamak, ýazky bag ekmek möwsümine gowy taýýarlyk görmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli tehnologik enjamlary bilen üpjün edilen hem-de senagat önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmäge niýetlenen täze senagat kärhanalary gurulýar. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýylda 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümleriniň 120 müňüsini öndürýän zawodyň gurluşyk-gurnama işleriniň üstünlikli tamamlanmagy hem munuň aýdyň güwäsidir. Bu täze kärhananyň işe girizilmegi ýerli gurluşyk önümlerine bolan islegleri kanagatlandyrmaga, pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda senagat önümleriniň dürli görnüşleriniň önümçiliginiň ýola goýulýandygyny, senagat kärhanalarynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlarynyň giňden ornaşdyrylýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere täze “Bäherden” keramiki önümler kärhanasyny işe girizmek boýunça taýýarlyk işlerini geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän toplumynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, telekeçilik ulgamyny ösdürmek, hususan-da, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini döretmek boýunça hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer şu ýylyň 17 — 19-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergini hem-de “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly halkara forumy guramaçylykly geçirmek üçin taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny habar berdi we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda telekeçilik ulgamynyň ösdürilmegi netijesinde milli ykdysadyýetimizde hususy pudagyň tutýan ornunyň yzygiderli artýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýere Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli göz öňünde tutulan sergini, «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem wise-premýer Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň bökdençsiz işini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümlerine içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär. Bu önümleriň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak üçin maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar, daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda ýokary hilli, ekologik taýdan arassa dokma önümleriniň öndürilýändigini, häzirki wagtda bu önümleriň içerki we daşarky bazarlarda giň orun alýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz dokma kärhanalarynyň önümçilik enjamlaryny netijeli işletmek bilen bagly taýýarlanylan teklipleri goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, mart aýynyň başynda bu baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde baýramçylyk konsertlerini, dürli maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, aýdym-sazly dabaralary, sport ýaryşlaryny, wagyz-nesihat çärelerini geçirmek, yglan edilen bäsleşikleriň jemini jemlemek meýilleşdirilýär. 7-nji martda Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyna eýe bolan zenanlara hormatly adyň nyşanynyň we şahadatnamasynyň gowşurylyş dabarasyny, bu hormatly ady alan, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren zenanlara, köp çagaly maşgalalara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabarasyny hem-de şol gün Mukamlar köşgünde baýramçylyk konsertini guramak göz öňünde tutulýar. 8-nji martda bolsa Söwda-senagat edarasynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde baýramçylyk çärelerini guramaçylykly geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa şu ýylyň 7-8-nji aprelinde saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, forumy ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde sanly ulgam arkaly geçirmek hem-de onda pediatriýanyň, onkologiýanyň, amaly lukmançylyga sanly tehnologiýalary we intellektual-seljeriş ulgamlaryny ornaşdyrmagyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Çärä Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Saglygy goraýyş ministrliginiň we öňdebaryjy klinikalarynyň professorlarynyň, ýurdumyzyň hassahanalarynyň lukmanlarynyň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Germaniýa Federatiw Respublikasynyň saglyk merkezleri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, saglygy goraýyş boýunça nobatdaky Türkmen-german forumyny geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow kiberhowpsuzlyk ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri ýurdumyzyň sanly ulgamynyň maglumat we kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekden hem-de kämilleşdirmekden ybaratdyr. Bu babatda daşary döwletler, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Şundan ugur alnyp, döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň dünýäniň tehnologik taýdan ösen ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny ýola goýmak we ösdürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hususan-da, ýurdumyzyň sanlylaşdyrmak boýunça kabul edilen konwensiýalara goşulmagy bilen bagly zerur çäreleri görmek, milli kanunçylygy halkara resminamalara laýyklykda kämilleşdirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem halkara guramalar bilen degişli okuwlary, maslahatlary yzygiderli geçirmek göz öňünde tutulýar.

«Sanly ulgamyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekde daşary ýurt döwletleri hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2025 — 2027-nji ýyllar üçin Maksatnamanyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanylýar. Bu resminamalar şu ugurda bilelikdäki işleri amala aşyrmaga, özara tejribe alyşmaga, hünärmenleriň bilim derejesini ýokarlandyrmaga, öňde goýlan wezipeleri öz wagtynda çözmäge ýardam berer. Agzalan Maksatnamada we Meýilnamada daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen degişli şertnamalary baglaşmak, döwletara gatnaşyklarda milli bähbitleri goramak, kiberhüjümler barada maglumat alyşmagyň ýollaryny kesgitlemek, halkara derejede kiberhowpsuzlyk we kiberdiplomatiýa boýunça kabul edilýän çözgütleri ýurdumyzda durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny berkitmegiň hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz kiberhowpsuzlygy üpjün etmekde daşary ýurt döwletleri hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew aragatnaşyk pudagyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzdan üstaşyr ýokary hilli we tizlikli maglumat akymlaryny geçirmäge amatly şertleriň bardygyny göz öňünde tutup, Türkmenistan bilen goňşy döwletleriň arasynda maglumat geçirijilik birikmeleriniň sanyny we maglumat geçirijilik tizligini artdyrmagyň, aragatnaşyk geçirijiligi goşmaça ätiýaçlandyrmagyň mümkinçilikleri öwrenildi. Bu babatda degişli işleriň geçirilmegi Türkmenistanyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda möhüm üstaşyr maglumat geçiriji ýurt hökmünde ornuny has-da berkitmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Diýarymyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän maglumat geçiriş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak hem-de goşmaça maglumat geçiriş beketlerini gurnamak barada taýýarlanylan teklipleri makullap, agentligiň ýolbaşçysyna degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, mukaddes maşgala ojagyny gorap saklamakda, perzentlerine mynasyp edep-terbiýe bermekde, jemgyýetimiziň agzybirligini has-da berkitmekde eziz enelerimize, zenanlarymyza uly ornuň degişlidigini belledi. Yhlasly zähmeti bilen berkarar Watanymyzyň abraýyny belende göterýän mähriban enelerimiziň Garaşsyz döwletimizde hormat-sarpasy örän ýokarydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda Halkara zenanlar gününiň giňden bellenip geçiljekdigini aýdyp, baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak we bu ada mynasyp bolan zenanlara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak çärelerini guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini belledi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe wajyp meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

01.03.2025
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti «Eu­ro­news» te­le­kom­pa­ni­ýa­sy­nyň di­rek­tor­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy­ny ka­bul et­di

Aş­ga­bat, 27-nji few­ral (TDH). Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow «Eu­ro­news» te­le­kom­pa­ni­ýa­sy­nyň di­rek­tor­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Ped­ro War­gas Da­wi­di ka­bul et­di.

Myh­man wagt ta­pyp ka­bul eden­di­gi üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ho­şal­lyk bil­di­rip, Türk­me­nis­ta­nyň äh­li ul­gam­lar­da, şol san­da hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­niň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di. Şeý­le hem ol ak mer­mer­li Aş­ga­ba­dyň gö­zel keş­bi­niň özün­de ýa­kym­ly tä­sir­le­ri gal­dy­ran­dy­gy­ny aýt­dy.

Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­ta­ny dün­ýä­de giň­den ta­nat­mak bo­ýun­ça dür­li ýurt­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri we hal­ka­ra me­dia agent­lik­le­ri bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk al­nyp ba­ryl­ýar. Şun­da Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy me­dia dü­zü­mi bo­lan «Eu­ro­news» te­le­kom­pa­ni­ýa­sy bi­len en­çe­me ýyl­la­ryň do­wa­myn­da al­nyp ba­ryl­ýan ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň oňyn tej­ri­be­si­ne üns çe­kil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­ta­nyň me­de­ni we ta­ry­hy mi­ra­sy­ny dün­ýä ta­nat­mak, sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­mek ýa­ly ugur­lar­da «Eu­ro­news» bi­len iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­me­giň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­ta­nyň sy­ýa­hat­çy­lyk müm­kin­çi­lik­le­ri ba­ra­da aý­ra­tyn bel­läp geç­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­my­zyň baý mil­li me­de­ni mi­ra­sy we ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri bar. Türk­me­nis­tan dün­ýä­niň iň ga­dy­my me­de­ni mer­kez­le­ri­niň bi­ri bo­lup, hä­zir­ki wagt­da sy­ýa­hat­çy­lyk üçin uly müm­kin­çi­lik­le­re eýe­dir. Ýur­du­myz di­ňe bir ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­re däl, eý­sem, te­bi­gy gö­zel­lik­le­re hem baý­dyr. “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy, Kö­pet­da­gyň dag etek­le­ri, Ga­ra­gum säh­ra­sy sy­ýa­hat­çy­lyk ba­bat­da uly ar­tyk­maç­lyk­la­ra eýe­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz «Eu­ro­news» te­le­kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýö­ri­te gep­le­şik­le­rin­de Türk­me­nis­tan ba­ra­da de­giş­li wi­deo­film­le­riň gör­ke­zil­ýän­di­gi­ni bel­le­di.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň de­giş­li Ka­rar­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, 2025-nji ýyl “Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly” diý­lip yg­lan edil­di. Şeý­le hem şu ýyl biz Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­ny giň­den bel­läp ge­çe­ris di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy we Ped­ro War­gas Da­wi­di 2025-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak fo­ru­my­na ça­gyr­dy hem-de onuň hal­ka­ra fo­ru­ma gat­naş­ma­gy­nyň çä­rä­niň üs­tün­lik­li geç­me­gi­ne uly go­şant bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.

Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da hal­ka­ra gün ter­ti­bi­niň mö­hüm me­se­le­le­ri, öza­ra hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de ozal ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len we gel­jek­de göz öňün­de tu­tul­ýan tas­la­ma­lar ba­ra­da-da pi­kir al­şyl­dy.

Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň gel­jek­de-de «Eu­ro­news» te­le­kom­pa­ni­ýa­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­lap, Ped­ro War­gas Da­wi­de jo­gap­kär­li işin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

28.02.2025
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň «Eu­ro­news» te­le­kom­pa­ni­ýa­sy­nyň di­rek­tor­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy bi­len du­şu­şy­gy

Aş­ga­bat, 27-nji few­ral (TDH). Şu gün türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow «Eu­ro­news» te­le­kom­pa­ni­ýa­sy­nyň di­rek­tor­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Ped­ro War­gas Da­wid bi­len du­şuş­dy.

Myh­man du­şuş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za ho­şal­lyk bil­di­rip, Türk­me­nis­ta­na il­kin­ji ge­zek gel­ýän­di­gi­ni we mu­nuň özi üçin buý­sanç­ly wa­ka­dy­gy­ny bel­le­di.

Mil­li Li­de­ri­miz Ped­ro War­gas Da­wi­di myh­man­sö­ýer türk­men top­ra­gyn­da mä­hir­li mü­bä­rek­läp, Türk­me­nis­tan­da «Eu­ro­news» te­le­kom­pa­ni­ýa­sy ýa­ly ab­raý­ly dü­züm bi­len hyz­mat­daş­ly­gy yzy­gi­der­li ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy hä­zir­ki wagt­da öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ra we in­no­wa­si­ýa­la­ra esas­la­nyp, dep­gin­li ös­ýän ha­bar be­riş ul­ga­my­nyň giň köp­çü­li­ge ýe­tir­ýän tä­si­ri­ni bel­läp, mil­lion­lar­ça to­ma­şa­çy­sy bo­lan «Eu­ro­news» te­le­kom­pa­ni­ýa­sy bi­len bi­le­lik­de Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­li­gi, dost­lu­gy, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gy, yna­nyş­ma­gy ün­de­ýän baş­lan­gyç­la­ry­ny dün­ýä ýaý­mak ug­run­da iş­le­ri mun­dan beý­läk-de iler­let­mä­ge ýur­du­my­zyň gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň top­la­nan oňyn tej­ri­be­si aý­ra­tyn nyg­tal­dy. «Eu­ro­news»-iň ha­bar­çy­la­ry­nyň 2016-njy ýyl­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Dur­nuk­ly ulag ul­ga­my bo­ýun­ça bi­rin­ji äh­lu­mu­my mas­la­ha­ty­ny, 2017-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­ny, şol ýyl ýur­du­myz­da ge­çi­ri­len Ener­ge­ti­ka Har­ti­ýa­sy­nyň Kon­fe­ren­si­ýa­sy­nyň 28-nji mej­li­si­ni, 2018-nji ýyl­da «Amul — Ha­zar» hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ni, 2019-njy ýyl­da «Аwa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­ny be­ýan et­mä­ge gat­naş­ma­gy mu­ňa aý­dyň my­sal­dyr.

Şu ýyl biz Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­lyk şan­ly baý­ra­my­ny bel­le­ýä­ris. Ge­çen döw­rüň için­de se­bit we dün­ýä äh­mi­ýet­li örän köp iş­ler edil­di. Olar hä­zir­ki wagt­da-da üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz aýt­dy we Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä­niň äh­li döw­let­le­ri­ni, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry pa­ra­hat­çy­ly­gy, dost­lu­gy, öza­ra hor­mat goý­ma­gy, yna­nyş­ma­gy pug­ta­lan­dyr­mak ug­run­da ýa­kyn­dan hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge ça­gyr­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Mil­li Li­de­ri­miz bu mak­sat­la­ry giň köp­çü­li­ge ýe­tir­mek işi­niň «Eu­ro­news» ýa­ly meş­hur, yg­ty­bar­ly we iri köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­si­niň gol­da­wy bi­len müm­kin bol­jak­dy­gy­na berk ynam bil­dir­di.

Ped­ro War­gas Da­wid ýol­baş­çy­lyk ed­ýän kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Türk­me­nis­tan bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de çuň­laş­dy­ryl­ma­gy­na uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni, bi­le­lik­de köp iş­le­ri ama­la aşy­ryp bol­jak­dy­gy­ny we hä­zir­ki wagt­da bu ugur­da ne­ti­je­li baş­lan­gyç­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny bel­le­di.

Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da nyg­ta­ly­şy ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ry, dür­li ul­gam­lar­da ýet­ýän be­lent sep­git­le­ri, baý me­de­ni mi­ra­sy, gö­zel te­bi­ga­ty dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ün­sü­ni çek­ýär. Ýur­du­my­zyň alyp bar­ýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny, yk­dy­sa­dy­ýet, me­de­ni-yn­san­per­wer, sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ryn­da bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri­ni giň­den ýaý­mak bo­ýun­ça meş­hur köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri bi­len hyz­mat­daş­ly­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şun­da «Eu­ro­news» te­le­kom­pa­ni­ýa­sy­na mö­hüm orun de­giş­li­dir. 2024-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň «Türk­me­na­ra­gat­na­şyk» agent­li­gi bi­len bu dü­zü­miň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Yla­la­şyk üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Ýur­du­myz ba­ra­da yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer hä­si­ýet­li wi­deo­şe­kil­ler ýy­lyň do­wa­myn­da «Eu­ro­news» te­le­ýaý­ly­myn­da gör­ke­zil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bu iş­le­ri gel­jek­de-de do­wam et­dir­me­giň wa­jyp­dy­gy, hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy nyg­tal­dy.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­syn­da Türk­me­nis­tan «2025-nji ýyl — Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma­ny hö­dür­le­di. Bu res­mi­na­ma 86 döw­le­tiň gol­da­ma­gyn­da bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz mu­nuň örän mö­hüm ädim bo­lan­dy­gy­ny aýt­dy.

Ped­ro War­gas Da­wid Ýer ýü­zün­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na uly go­şant goş­ýan Türk­me­nis­ta­nyň bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­si­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň giň gol­da­wy­na eýe bol­ýan­dy­gy­ny, mu­nuň bol­sa ýur­duň döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň alyp bar­ýan çuň­ňur oý­la­ny­şyk­ly stra­te­gi­ýa­sy­nyň aý­dyň ne­ti­je­si­di­gi­ni bel­le­di.

Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan­da şu ýy­lyň şy­ga­ry­na la­ýyk­lyk­da, mil­li we hal­ka­ra de­re­je­de dür­li sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer äh­mi­ýet­li çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şun­da dün­ýä Li­der­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da gu­ral­jak hal­ka­ra fo­rum esa­sy çä­re­le­riň bi­ri bo­lar. Bu fo­ru­my şu ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da Aş­ga­bat­da ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ýur­du­my­zyň bu ugur­da me­ýil­leş­dir­ýän iş­le­ri­niň Türk­me­nis­ta­nyň Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň do­wa­myn­da­ky iş­le­ri­niň we ile­ri tut­ýan ugur­la­ry­nyň Kon­sep­si­ýa­syn­da anyk be­ýan edi­len­di­gi­ni, Kon­sep­si­ýa giň köp­çü­li­ge el­ýe­ter­li bo­lar ýa­ly, onuň met­bu­gat­da hem çap edi­len­di­gi­ni aýt­dy. Mil­li Li­de­ri­miz bu res­mi­na­ma­da mag­lu­mat we ha­bar be­riş işi­ne aý­ra­tyn üns çe­kil­ýän­di­gi­ni bel­le­di we Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­na ba­gyş­la­nan dür­li çä­re­le­ri, dia­log meý­dan­ça­la­ry­ny «Eu­ro­news» bi­len hem gu­ra­ma­gy tek­lip et­di.

Şun­da san­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ulan­mak has-da ýer­lik­li bo­lar. «Eu­ro­news» te­le­kom­pa­ni­ýa­sy­nyň dür­li tor­la­ryn­da köp san­ly ula­ny­jy­la­ry bo­lan sa­hy­pa­la­ry bar. Ag­za­lan Kon­sep­si­ýa­da pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň yn­san­per­wer däp­le­ri­ni wa­gyz et­mek işi­ne ýaş­la­ryň äh­lu­mu­my çe­kil­me­gi­ni ga­zan­mak­da jem­gy­ýet­çi­lik tor­la­ry­nyň uly müm­kin­çi­lik­le­ri göz öňün­de tu­tu­lan­dyr di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz aýt­dy we ýur­du­myz­da ýaş žur­na­list­le­riň, bu ugur­da oka­ýan ta­lyp­la­ryň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga aý­ra­tyn üns be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Şo­ňa gö­rä, Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Türk­me­nis­ta­nyň bu ugur­da «Eu­ro­news» bi­len hyz­mat­daş­lyk et­mek bo­ýun­ça tek­lip­le­re ga­ra­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.

«Eu­ro­news» te­le­kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy BMG-niň yg­ty­bar­ly hyz­mat­da­şy bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň bu iri hal­ka­ra gu­ra­ma bi­len dia­lo­gy yzy­gi­der­li ös­dür­ýän­di­gi­ni, ýur­du­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry­nyň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan gol­da­nyl­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy we ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nyp ge­çi­ril­jek hal­ka­ra fo­ru­ma gat­naş­jak­dy­gy­ny aýt­dy. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, Ped­ro War­gas Da­wid «Eu­ro­news»-iň ýö­ri­te aka­de­mi­ýa­sy­nyň bar­dy­gy­ny bel­läp, bu ugur­da türk­men žur­na­list­le­ri bi­len öza­ra tej­ri­be alyş­ma­ga, teh­ni­ki hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­na ün­si çek­di. Şeý­le-de hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz Türk­me­nis­ta­nyň baý me­de­ni­ýe­ti, ta­ry­hy, sy­ýa­hat­çy­lyk üçin dö­red­ýän müm­kin­çi­lik­le­ri ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry giň köp­çü­li­ge has tä­sir­li ýe­tir­mek ug­run­da tä­ze tas­la­ma­la­ra we müm­kin­çi­lik­le­re se­ret­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.

«Eu­ro­news» te­le­kom­pa­ni­ýa­sy­nyň di­rek­tor­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy be­hiş­di ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň özün­de uly tä­sir gal­dy­ran­dy­gy­ny hem-de bu meş­hur at­la­ryň ha­ky­ky muş­da­gy bo­lan Mil­li Li­de­ri­mi­ziň şeý­le öz­bo­luş­ly be­dew­le­riň to­hum aras­sa­ly­gy­ny go­rap sak­la­ma­ga, gel­jek ne­sil­le­re ýe­tir­mä­ge ägirt uly go­şan­dy­nyň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di. Şeý­le hem ol Türk­men ha­ly­sy­nyň mil­li mu­ze­ýi­ne ba­ryp gö­ren­di­gi­ni, türk­men hal­ky­nyň dö­re­den bu aja­ýyp sun­ga­ty­ny, däp-des­sur­la­ry­ny met­bu­gat­da giň­den wa­gyz et­me­giň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän kom­pa­ni­ýa­sy üçin uly hor­mat­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow «Eu­ro­news» te­le­kom­pa­ni­ýa­sy­nyň di­rek­tor­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Ped­ro War­gas Da­wi­de alyp bar­ýan işin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

28.02.2025
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 24-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak hem-de şu ýyl gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, tekizleýiş, geriş çekmek işleri alnyp barylýar. Pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak, talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler dowam etdirilýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl sebitde açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çäreleriň, hususan-da, bugdaýa ideg etmek, gowaça ekişine taýýarlyk görmek işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belläp, häkime bu ugurda welaýatda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg işleri geçirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlary, pagtaçy babadaýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny möwsüme taýýarlamak, olaryň ekişini bellenen möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam etdirilýär. Gowaça ekişine taýýarlyk işleri, hususan-da, meýdanlarda tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak, pagta öndürijiler üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ilaty ýurdumyzda öndürilýän ýeralma, gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, sebitde bu ekinleriň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bugdaýa ideg işleriniň, ýazky ekişe taýýarlyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny toplumlaýyn esasda ösdürmek babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil we geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak işleri geçirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişini bellenen möhletlerde tamamlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini talabalaýyk geçirmäge toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we häkime anyk görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, welaýatda bu babatda alnyp barylýan işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk işleriniň çäklerinde ekerançylyk meýdanlarynda tekizleýiş, geriş çekmek, pagta öndürijiler üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök ekinleriň ekişini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, agrotehniki kadalaryň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almagyň esasy şertidigini belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýyl Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly ideg işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatlaryň gowaça ekiljek meýdanlarynda tekizleýiş, geriş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek maksady bilen, pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk gowaça çigidini taýýarlamak, olary ekiş möwsümine çenli talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýurdumyzda gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, sebitlerde ýazlyk gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak, ýeralmanyň, gök ekinleriň ekişini geçirmek boýunça degişli işler dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alyp barmagyň ekinlerden ýokary hasyl almak bilen birlikde, ýer, suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga hem ýardam berýändigini belledi we wise-premýere bu ugurdaky işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, gowaça ekişine taýýarlyk işlerine ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek meýdanlarynda tekizleýiş, çil, geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy, ekiş möwsümine çenli pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmek, ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine tohumlary we ýerleri talabalaýyk taýýarlap, ekişiň depginini has-da güýçlendirmek, pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek babatda degişli görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýylda meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

25.02.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Arkadag şäheri, 22-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen we milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylan künjegi bolan Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we şäheriň aragatnaşyk düzüminiň döwrebap derejede kämilleşdirilmegine ak patasyny berdi.

Milli Liderimiziň başlangyjyndan we yzygiderli tagallasyndan binýat bolan täze şäher ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýar. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň gurluşyk senagatynda amala aşyrylýan işler hem häzirki döwrüň talabyna doly laýyk gelýär.

Gahryman Arkadagymyz ir bilen täze şähere geldi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işler we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň enjamlaşdyrylyşy, seýilgäh zolaklarynda oturdyljak oturgyçlaryň we beýleki serişdeleriň görnüşleri barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähde oturdyljak oturgyçlaryň görnüşlerini synlap, olaryň oňaýlylyk babatda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini belledi hem-de seýilgäh merkeziniň çäginde ýerleşdiriljek desgalaryň, ekiljek baglaryň, suw çüwdürimleriniň bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini, seýilgähiň çagalar üçin ýakymly ýatlamalary bagyşlajak keşbe eýe bolmalydygyny aýtdy. Soňra Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän durmuş maksatly desgalaryň taýýarlanan şekil taslamalary, olaryň bezeg işlerine degişli serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz görkezilýän şekil taslamalaryny, aýratyn-da, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň daşky germewinde oturdyljak mermerleriň görnüşlerini synlady hem-de olaryň bezeg babatda bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşmalydygyna ünsi çekdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz “Ak han” şaýolundan “Taýçanak” aýlawly çatrygyna çenli aralykda ýol ýakalaryna ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň görnüşleri bilen tanyşdy. Şunda bu künjekde ekiljek baglaryň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelmeginiň, ýol ugrunda ýerleşdiriljek duralgalaryň täzeçil tehnologiýalar esasynda enjamlaşdyrylmagynyň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigi bellenildi.

Täze şäheriň çäginde dörediljek medeni-dynç alyş merkeziniň ähli çäklerinde desgalaryň bina edilmegine milli ýörelgelere laýyklykda çemeleşilmelidir. Şunda merkeziň daşky we içki bezeg işlerine, onuň çägindäki baglaryň görnüşlerine, merkeziň suw akabasynyň gurluşyna degişli işleriň döwrüň talaplaryna laýyk ýola goýulmagyna zerur üns berilmelidir. Şol bir wagtyň özünde merkeziň çäginde türkmen milli oýunlaryny guramak üçin ýörite ýerleriň bölünip berilmelidigi, ol ýerlerde aşyk, çilik, düzzüm, aýterek-günterek ýaly milli oýunlary guramak üçin zerur şertleriň döredilmelidigi nygtaldy. Halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden bu oýunlary ýaş nesilleriň aňyny, olaryň agzybirlik baradaky düşünjelerini ösdürmekde terbiýeçilik ähmiýetine eýedir. Şunuň bilen baglylykda, binalaryň we desgalaryň uzak möhletleýinlik talaplaryna, ýokary hil derejesine laýyk gelmegi, olaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmegi, häzirki zaman talabyna laýyk derejede enjamlaşdyrylmagy wajypdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

D.Orazow häzirki döwürde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň ýerleşjek ýerlerini kesgitlemek, gurluşyk işlerine guramaçylykly girişmek boýunça edilýän tagallalar barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde lukmançylyk klasterine degişli önümçilik toplumlarynyň gurluşyklarynyň ýagdaýy hakynda giňişleýin maglumat berildi.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz önümçilik maksatly binalaryň gurluşyklarynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we desgalaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunda ýerli çig mal serişdeleriniň netijeli ulanylmagyna, gurluşyklarda häzirki zamanyň ösen tejribesine esaslanylmagyna zerur ähmiýet berilmelidir. Gurluşyga degişli hiç bir ugur ünsden düşürilmeli däldir. Şoňa görä, Halk Maslahatynyň Başlygy şäheriň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Aýratyn-da, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň gurluşygy, olaryň enjamlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäheriň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleri bilen bir hatarda, bu ýerde milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýän şanly seneleri mynasyp garşylamak we olaryň hormatyna medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada-da hasabat berdi. Häkim Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna baýramçylyk sowgady hökmünde pul sowgatlaryny gowşurmak hakynda degişli resminama gol çekendigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza täze şäheriň ähli gelin-gyzlarynyň adyndan hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol bu şanly sene mynasybetli köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşuryljakdygyny aýtdy. G.Mämmedowa hasabatyň çäklerinde şäheriň ýaşaýjylaryndan we jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerinden gelip gowşan köp sanly haýyşlary nazara alyp, “Polatly” binasyndan “Taýçanak” halkalaýyn aýlawly çatrygyna çenli aralyga uzaýan ýoly ussat seýis Aba Annaýew şaýoly diýip atlandyrmak baradaky teklibi beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz “akylly” şäherde baýramçylyk dabaralarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ýaýbaňlandyrylmalydygyny belledi. Guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça ýeten sepgitleri öz beýanyny tapmalydyr. Milli Liderimiz şäheriň “Polatly” binasyndan “Taýçanak” binasyna çenli bolan aralykdaky ýoluň hem-de “Taýçanak” binasynyň açylyş dabaralaryna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidigini, bu ýola Aba Annaýewiň adyny dakmak baradaky teklibiň Halk Maslahatynyň garamagyna hödürlenmelidigini aýtdy.

Soňra Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirligine geldi. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew müdirligiň işine häzirki zamanyň sanly tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Ilki bilen, Arkadag şäheriniň demir ýol we awtomobil menzilleriniň şekil taslamalary görkezildi. Bellenilişi ýaly, demir ýol menzili häzirki zamanyň talaplaryna, dünýäniň ösen tejribelerine esaslanyp bina ediler. Şunda toplumyň ähli ulgamyny dolandyrmak, onuň işine gözegçilik etmek täzeçil tehnologiýalar esasynda amala aşyrylar. Şeýle hem Arkadag şäheriniň täze awtomobil menziliniň binalarynyň gurluşygy, onuň daşky we içki bezeg işleri häzirki zaman binagärlik talaplaryna laýyklykda alnyp barlar. Şol bir wagtyň özünde toplumyň merkezi binasynyň özboluşly görnüşe eýe bolmagyna, onuň bezeg aýratynlyklaryna, ýolagçylar üçin amatly şertleriň döredilmegine zerur üns berler.

Hasabatyň çäklerinde Arkadag şäheriniň demir ýol we awtomobil menzillerinde oturdyljak Gün panelleri barada aýdyldy. Gün panelleri Aziýanyň ösüş bankynyň grant serişdeleriniň hasabyna gurlar. Täze tehnologiýalary ornaşdyrmak işleri “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň hünärmenleri bilen bilelikde alnyp barlar. Bellenilişi ýaly, Gün panelleri menzilleriň dolandyryş düzümlerini we yşyklandyryş ulgamyny zerur bolan elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün eder.

Hormatly Arkadagymyz binalaryň gurluşygynda, olaryň bezeg işlerinde häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen milli binagärlik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmalydygyny nygtady. Şunda gurluşygyň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine, gurluşyk serişdeleriniň berkligine, uzak möhletleýinligine möhüm ähmiýet berilmelidir. Binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy, olarda ekologik talaplaryň berk berjaý edilmegi wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendir. Milli Liderimiz binalarda oturdyljak Gün panelleriniň derejesine, olaryň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegine we ýokary kuwwatlylyga eýe bolmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigine, şunda ylmyň gazananlarynyň, dünýäniň ösen tejribesiniň esasy ugur edinilmelidigine ünsi çekdi. Ähli ugurlarda bolşy ýaly, ulag-aragatnaşyk pudagynda-da döwür bilen aýakdaş bolmak häzirki zamanyň derwaýys talabydyr.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Gahryman Arkadagymyzdan Arkadag şäherinde synag görnüşinde gurnalan 4G+ ýokary tizlikli internet ulgamyny işe goýbermäge ak pata bermegini haýyş etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy 4G+ internet tehnologiýasynyň işine ak pata berdi. Şeýle hem bu ýerde Gahryman Arkadagymyza ilkinji gezek Arkadag şäherinde ornaşdyryljak 5G tehnologiýasynyň aýratynlyklary, onuň gurşap alýan çägi we bu tehnologiýanyň degişli düzümlerdir pudaklar üçin ähmiýeti barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde döwrebap 5G tehnologiýasynyň mümkinçiliklerini öwrenip, ony “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň düzümleriniň işine ornaşdyrmak boýunça beren tabşyrygyna laýyklykda, bu tehnologiýany Arkadag şäherinde işe goýbermäge taýýarlyk görlendigi aýdyldy.

Häzirki wagtda “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan degişli işler geçirildi. Şunda 5G tehnologiýasyny bu ýerde synag görnüşinde goýbermek üçin Hytaý Halk Respublikasynyň “Huawei” kompaniýasyndan birnäçe binýatly aragatnaşyk bekediniň gelip gowşandygy habar berildi. 5G tehnologiýasynyň maglumat geçirijiligi ýokary bolup, ol ygtybarly we durnukly birikmeleri üpjün edýär. Bu innowasion tehnologiýada bir inedördül kilometr meýdançada ýüz müňlerçe enjamy birikdirip, sazlaşykly işletmek mümkinçiligi bar. Şeýle-de hasabatyň dowamynda täze şäheriň “akylly” şäher we “akylly” öý ulgamlarynyň, önümçilik toplumlarynyň, saglygy goraýyş, bilim, senagat we oba hojalyk pudaklarynyň işini sanly ulgam arkaly dolandyrmakda 5G tehnologiýasynyň mümkinçilikleriniň artykmaçlyklaryna üns çekildi. Arkadag şäherinde degişli ýokary tizlikli internet ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen, onuň ähli künjegini 5G tehnologiýasy gurşap alar. Bu bolsa dürli ugurlar boýunça amala aşyrylýan işleriň sazlaşykly we dürs ýerine ýetirilmegini şertlendirer.

5G tehnologiýasynyň «TürkmenÄlem 52oE» emeli aragatnaşyk hemrasynyň mümkinçilikleri esasynda işlemegi ýygylyk zolagynyň işiniň degişli derejede alnyp barylmagyny üpjün eder. Bellenilişi ýaly, bu ýerde ýakyn wagtda 5G tehnologiýasynyň işi ýola goýlar. Şoňa görä, Gahryman Arkadagymyz bu babatda öz maslahatlaryny we degişli tabşyryklary berdi.

Soňra “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň 5G tehnologiýasynyň işini dolulygyna beýan edýän wideofilm görkezildi. Onda täze tehnologiýanyň aýratynlyklary, onuň gözegçilik, gorag we dolandyryş ulgamlarynyň işi, bu tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän pudaklaryň mümkinçilikleri degişli görnüşler arkaly beýan edildi.

Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirliginiň düzümlerinde ornaşdyrylýan täze tehnologiýalaryň ähli ugurlar boýunça ähmiýetli bolmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, bu işleri häzirki zamanyň talabyna laýyk derejede ýola goýmak, degişli hünärmenleri taýýarlamak meseleleriniň üstünlikli çözülmeginiň zerurdygyny belledi.

Gahryman Arkadagymyz öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

24.02.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Aşgabat, 21-nji fewral (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy.

Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmany myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekledi. Milli Liderimiz we Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan mähirli salamlaşyp, iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Belent mertebeli myhman bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Gahryman Arkadagymyza Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň hem-de ýurduň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň mähirli salamyny, Türkmenistanyň ähli halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de ol türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny ösdürmekde Milli Liderimiziň ägirt uly goşandyny aýratyn nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň Türkmenistana ýygy-ýygydan amala aşyrýan saparlarynyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň örän ýokary derejede alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýändigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Birleşen Arap Emirlikleri bilen döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar hemişe özara hormat goýmak, birek-birege goldaw bermek däplerine esaslanýar. Ýokary derejede amala aşyrylýan saparlaryň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy ony dürli ugurlar boýunça has-da ilerletmek üçin berk binýat bolup durýar. Şeýle hem medeniýet, ylym-bilim, sungat, döredijilik ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, özara Medeniýet günlerini, sergileri yzygiderli geçirmegiň wajypdygy bellenildi.

Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Bu şanly ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy giňden dabaralandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň geçiriljekdigini aýdyp, Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan üçin bu halkara foruma çakylyk hatyny gowşurdy hem-de onuň bu çärä gatnaşmagynyň uly ähmiýetini belledi.

BAE-niň wise-prezidenti Türkmenistanyň BMG-niň meýdançasynda öňe sürýän, parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny Birleşen Arap Emirlikleriniň hemişe goldaýandygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz we BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan birek-birege alyp barýan döwlet işlerinde uly üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdiler.

22.02.2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 21-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek, kabul edilýän maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda raýatlaryň hukuklaryny goramak, kazyýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek, awtomobil ulagy, ykdysadyýetiň käbir pudaklarynyň işiniň hukuk esaslaryny berkitmek bilen baglanyşykly hereket edýän birnäçe kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär.

Daşary ýurtlar, halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde Gwatemala Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi, şeýle hem Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň syýasy meseleler boýunça geňeşçisi hem-de BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň we Şertnamalaýyn edaralaryň işini üpjün etmek boýunça departamentiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyklar geçirildi. Mejlisiň deputatlary döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda gazanan üstünlikleriniň, tutuş adamzadyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmek bilen bagly geçirilýän çärelere gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, hereket edýän kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek işlerini döwrebap alyp barmagyň wajypdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, asyrlaryň dowamynda halkymyzyň maşgala gymmatlyklaryny, jemgyýetiň ahlak esaslaryny berkitmekde zenanlara uly orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň zenanlarynyň abadan durmuşda ýaşamaklary, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda netijeli zähmet çekmekleri, döwrebap bilim almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda zenan mertebesi belent tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgadyny bermek boýunça ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz Diýarymyzda mähriban enelerimize we zenanlarymyza uly hormat goýulýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgadyny bermek hakynda Buýruga gol çekdi hem-de resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz baýramçylygyň şanyna gelin-gyzlarymyza pul sowgadyny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzyň nebitgaz toplumy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak, oňa döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda zerur işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň işini döwrebap guramakda ýokary bilimli, halkara tejribesi bolan hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi we bu ugurda taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň gowaça ekiljek meýdanlarynda tekizlemek, geriş we çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak, pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we ýyly gyşlatmak, owlak-guzy, köşek almak möwsümine taýýarlyk görmek boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, suw howdanlaryna suw toplamak, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmegi, gowaça ekiljek meýdanlarda degişli agrotehniki işleri geçirmegi dowam etdirmegiň, pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak işini talabalaýyk alyp barmagyň möhümdigini belledi. Bugdaý ekilen meýdanlarda hem ideg işlerini dowam etdirmek, maldarçylyk hojalyklarynda ýetip gelýän owlak-guzy almak möwsümine gowy taýýarlyk görmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Wise-premýer oba hojalyk pudagynda täze ylmy-barlag institutlaryny döretmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny, mallaryň, guşlaryň önümliligini ýokarlandyrmak hem-de olaryň tohumçylyk işini ylmy esasda ulgamlaýyn alyp barmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada-da habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda maldarçylyk we guşçulyk pudagyny ylmy esasda ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz maldarçylyk önümlerini öndürmek, olary gaýtadan işlemek tehnologiýalaryny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa institutyny döretmek hakynda Karara gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan ýerli çig mal serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak, “Guwlyduz” kärhanasynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, konsern tarapyndan dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan, ekologik taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply önümleriň dürli görnüşlerini öndürmek üçin häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan önümçilikleri ýola goýmak babatda degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýerli çig mal serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak bilen, ösen tehnologiýalar ornaşdyrylan döwrebap önümçilikleriň ýola goýulýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Guwlyduz» kärhanasynyň çig mal binýadynda dürli görnüşli ýokary hilli duzlary öndürýän önümhanalary gurmak boýunça taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew dokma senagaty kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek babatda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, bu kärhanalaryň işini has-da ilerletmek, netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň pagta egirme hem-de nah ýüplük egriji fabrikleriniň käbiriniň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgetmek boýunça degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dokma senagaty pudagynyň önümçiliginiň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny aýtdy we dokma kärhanalarynyň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen bagly taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň mart aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, mart aýynyň dowamynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Halkara zenanlar güni we Milli bahar baýramy mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, sergileri, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Hususan-da, Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş jaý toplumynda, Büzmeýin etrabynda köp gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, mümkinçiligi çäkli we durmuş goldawyna aýratyn mätäçlik çekýän raýatlar üçin ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabaralaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de dürli maksatly desgalaryň açylmagy mynasybetli aýdym-sazly dabaralar guralar. Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna eýe bolan enelere hormatly adyň nyşanynyň we şahadatnamasynyň gowşurylyş dabarasyny, bu ada mynasyp bolan, sekiz hem-de şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren zenanlara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabarasyny, Mukamlar köşgünde baýramçylyk konsertini geçirmek göz öňünde tutulýar. 21-22-nji martda ýurdumyzda Milli bahar baýramy mynasybetli aýdym-sazly dabaralar guralar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere Diýarymyzda bellenilýän baýramçylyklar bilen bagly şu ýylyň mart aýynda geçiriljek esasy çäreleri giňden beýan etmek üçin zerur işleri alyp barmagy, ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegi, Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, milli maksatnamalara laýyklykda, ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, ylmy usullary peýdalanyp, amaly taýdan ähmiýetli wezipeleri çözmäge ukyply, döredijilik başlangyçly hünärmenleri taýýarlamak babatda ulgamlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň innowasion-pedagogik tehnologiýalary peýdalanmak, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny özleşdirmek, bilim işine ornaşdyrmak, möhüm ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak arkaly okuw işini guramak ýaly başarnyklaryny ösdürmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim ulgamynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny, bilim işgärleriniň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň hünär synagyny geçirmegiň möhüm wezipeleriň biridigini aýdyp, bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldady hem-de wise-premýere degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, bu ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça taýýarlanylan teklipler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň daşary döwletler, halkara ykdysady we maliýe guramalarydyr edaralary bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýändigi bellenildi. Bu ugurdaky çäreler bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga, hyzmatdaşlygyň maýa goýum, tehnologik, maliýe meselelerine ünsi güýçlendirmäge gönükdirilendir.

Öňde goýlan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, 38 ýurt bilen ikitaraplaýyn esasda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparlar döredildi. 2023-2024-nji ýyllarda bu toparlaryň mejlisleriniň 35-si geçirildi. Iş geňeşleriniň mejlisleri, işewürlik we maýa goýum maslahatlary, sergilerdir ýarmarkalar yzygiderli guralýar. Ýurdumyzyň daşary ykdysady işi köptaraplaýyn görnüşde hem yzygiderli alnyp barylýar. Hususan-da, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy, Ýewropa ykdysady komissiýasy, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy, Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy (SPECA), Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy, Bütindünýä Söwda Guramasy ýaly halkara düzümler bilen bilelikdäki işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem Türkmenistan halkara we sebitleýin maliýe edaralary — Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky hem-de beýlekiler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, gatnaşyklary pugtalandyrýar.

Türkmenistan ösen döwletleriň birnäçesiniň iri banklary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy saklaýar. Bu babatda giň gerimli ykdysady taslamalary durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki işler amala aşyrylýar. Şoňa görä, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly esaslaryň we mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şundan ugur alyp, Daşary işler ministrligi birnäçe resminamalary işläp taýýarlamagy teklip edýär. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasynyň” taslamasy; “Türkmenistanyň ykdysady ugurdaky halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasynyň” taslamasy, “Türkmenistanyň halkara maliýe institutlary bilen bilelikdäki işi hakynda 2026 — 2028-nji ýyllar üçin “Ýol kartasynyň” taslamasy bar. Beýan edilenleri nazara almak bilen, bu resminamalary taýýarlamak boýunça pudagara topary döretmek hem-de onuň birinji mejlisini şu ýylyň mart aýynyň ikinji ýarymynda geçirmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň daşary syýasatynyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň daşary ykdysady işiniň gerimini yzygiderli giňeltmek boýunça taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň”, “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” hem-de bu Maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu resminamalarda bellenen wezipeleri üstünlikli berjaý etmek maksady bilen, tapgyrlaýyn işler dowam etdirilýär. Hususan-da, edaralarda, kärhanalarda, guramalarda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryndan peýdalanmagyň derejesini ýokarlandyrmak, olaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we işiň täze usullaryny ornaşdyrmak, onuň işjeňligini artdyrmak, bu ugurda işleýän hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda zerur işler durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça kabul edilen degişli Konsepsiýanyň hem-de Maksatnamanyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny göz öňünde tutup, halkara tejribeden ugur alyp hem-de dünýäde sanly tehnologiýalaryň soňky gazananlaryny nazara almak bilen, ýakyn geljek üçin täze resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak maksadalaýyk hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ähli pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi we ýurdumyzda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly taýýarlanylan teklibi makullap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

22.02.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Aşgabat, 21-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň hem-de wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň mähirli salamyny ýetirdi we BAE-de doganlyk Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýany mähirli mübärekläp, Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de dostlukly döwletiň ýokary derejeli wekiliýetiniň ýurdumyza amala aşyrýan saparlaryna hemişe ýokary baha berilýändigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1995-nji ýylda ýola goýuldy. Şondan bäri ikitaraplaýyn gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, maýa goýum, energetika, ulag-logistika, medeni-ynsanperwer ugurlarda yzygiderli ösdürilýär. Ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlar we gepleşikler arkaly syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk has-da pugtalandyrylýar.

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem ilerledilýär. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda dürli ugurlarda özara söwda dolanyşygynyň möçberiniň artýandygy aýdyldy. Hususan-da, ýurtlarymyz energetika, nebitgaz, ulag, oba hojalyk pudaklarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz, energetika, gurluşyk pudaklarynda iri taslamalary durmuşa geçirýär.

Köptaraply hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy we Birleşen Arap Emirlikleriniň halkara giňişlikdäki strategik maksatlary iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşant goşýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjу esasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. “Elbetde, munuň özi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň şanly 30 ýyllygy bilen gabat gelýär” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çakylyk hatyny gowşurdy hem-de onuň bu foruma gatnaşmagynyň ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga uly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

22.02.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy

Aşgabat, 18-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Myhman wagt tapyp duşuşandygy üçin Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belent mertebeli myhmany türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Russiýanyň Liderine bagtyýarlyk, parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna eýe bolýan, ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Ýurdumyzyň özara bähbitlilige, deňhukuklylyga, hoşniýetlilige, parahatçylyk söýüjilige esaslanýan daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde türkmen diplomatlaryna möhüm orun degişlidir. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem uly goşandyny nygtamak gerek. Her ýylyň 18-nji fewralynda ýurdumyzda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni giňden baýram edilýär. Milli Liderimiziň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygynyň bu möhüm senä gabat gelmegi-de uly many-mazmuna eýedir.

Hormatly Arkadagymyz ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ähli işgärlerini hünär baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Pursatdan peýdalanyp, Rustam Minnihanow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy diplomatik işgärleriň güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de bu hünär baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde Türkmenistanda saparda bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Öz gezeginde, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow gutlaglar üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza, şeýle-de RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanyna çuňňur hoşallygyny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyzyň halklary köp asyrlaryň dowamynda ysnyşykly we dostlukly gatnaşyklary saklap gelýärler. Şol gatnaşyklar medeniýetleriň, diliň, diniň, däp-dessurlaryň meňzeşligine, birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly baha berýär. Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Geçen ýyllaryň dowamynda ykdysady, syýasy we beýleki ugurlarda köp işler amala aşyryldy. Şonuň netijesinde, ikitaraplaýyn gatnaşyklar ýokary derejä çykaryldy. Türkmen-tatar gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin dürli ugurlarda netijeli işleri alyp barýarys. Bu babatda gowy netijeleri gazanýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha artmagy özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli ilerletmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Biz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berýäris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýratyn nygtady we häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, deňhukuklylyk esasynda ösdürilýändigine kanagatlanma bildirdi.

Medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, sport ulgamlaryndaky gatnaşyklar hem pugtalandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar barada edýän aladasy üçin Rustam Minnihanowa minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigine ünsi çekip, şu ýylyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna wekilçilikli forumyň geçiriljekdigini aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri tüýs ýürekden hormatyny beýan edip, myhmany bu foruma gatnaşmaga çagyrdy hem-de Rustam Minnihanowyň oňa gatnaşmak bilen, bu iri halkara çäräniň üstünlikli geçirilmegine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda şu saparyň türkmen-tatar gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmekde nobatdaky möhüm ädime öwrüljekdigini aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň we Tatarystanyň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz we belent mertebeli myhman bilelikde Aşgabadyň Halkara howa menziline bardylar. Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bu ýerden Watanyna ugrady.

19.02.2025
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy

Aşgabat, 18-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Myhman mähirli kabul edilendigi hem-de däp bolan hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hormatly Prezidentimize mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine hem-de halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda özara bähbitleri nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Onuň netijeli häsiýete eýe bolmagynda ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklara möhüm orun degişlidir. Döwlet Baştutanymyz R.Minnihanowa beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçen ýylyň oktýabrynda guralan halkara foruma işjeň gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşler asyrlaryň dowamynda halklarymyzyň dostlukly gatnaşyklary saklap gelýändiklerini kanagatlanma bilen nygtadylar. Şol gatnaşyklar medeniýetleriň, diniň, diliň umumylygyna, däp-dessurlaryň meňzeşligine, birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýar. Tatarystanyň Baştutany Türkmenistanyň türkmen halkynyň milli däplerini, özboluşly medeniýetini saklap galmaga ygrarlydygyna aýratyn ünsi çekip, ýurdumyza ýene bir gezek gelmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.

Ynsanperwer ulgamda, şol sanda bilim, medeniýet, sungat ulgamlarynda hyzmatdaşlyk türkmen-tatar gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz türkmen tarapynyň Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde doganlyk Tatarystan bilen köpugurly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen işi mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini aýtdy. Munuň özi BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen berkidildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli wekilçilikli forum geçiriler. Hormatly Prezidentimiz Tatarystanyň Baştutanyny bu foruma gatnaşmaga çagyryp, munuň iri halkara çäräniň üstünlikli geçirilmegine saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow birek-birege berk jan saglyk, döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň hem-de Tatarystanyň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

19.02.2025
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 17-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde tekizleýiş, geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Pagtaçy babadaýhanlary welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk gowaça çigitlerini taýýarlamak, talabalaýyk saklamak boýunça degişli çäreler dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek barada öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, sebitde ýazlyk ýeralmanyň we soganyň ekişine girişilip, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini, tohumlaryny taýýarlamak işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkim welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bugdaýa ideg etmek, meýdanlary ekişe taýýarlamak işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýändigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow sebitde dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlary, ýokary hilli gowaça tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Welaýatda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny hem-de tohumlaryny möwsüme taýýarlamak, olaryň ekişini guramaçylykly geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň ýokary hilli geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlary agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işlerine girişildi. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Pagta öndürijileri gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatda medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaýa ideg etmek we gowaça ekişine taýýarlyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatyň ak ekin meýdanlaryny mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda tekizleýiş, çil we geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak işleri geçirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň tohumlary doly taýýar edilip, olaryň ekişini bellenen möhletde geçirmek babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim welaýatdaky ýaşaýyş jaýlarynyň, beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň oba hojalygyny netijeli alyp barmagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, ekin meýdanlarynyň daş-töweregini arassalamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, ekiş geçiriljek ýerlerde tekizleýiş, geriş çekmek, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişine girişilip, bu jogapkärli möwsümi öz wagtynda, ýokary hilli geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek babatda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de häkime bugdaýa ideg etmek, gowaça ekişine taýýarlyk görmek işleriniň ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýyl Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, welaýatlaryň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, geriş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Pagtaçy babadaýhanlary ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk gowaça çigitlerini taýýarlamak, ekiş möwsümine çenli olary talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatlarda ýazlyk gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny we tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak, ýeralmanyň, gök ekinleriň ekişini geçirmek babatda degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň hiliniň agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegi bilen berk baglanyşyklydygyny, şoňa görä-de, ähli oba hojalyk işlerinde, şol sanda bugdaýa ideg etmek we ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak işlerinde bu kadalaryň berjaý edilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belläp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil we geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy, ekiş möwsümine çenli pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin ähli zerur işleri geçirmegi, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine tohumlary we ýerleri talabalaýyk taýýarlap, ekişiň depginini güýçlendirmegi, welaýatlarda pagta, bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

18.02.2025
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy

Aşgabat, 15-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde iş maslahatyny geçirdi. Onda paýtagtymyzda durky täzelenilýän Bitaraplyk binasy we onuň hojalyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeginde, şol sanda paýtagtymyzda dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna we ozal bar bolanlarynyň durkunyň täzelenilmegine, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Milli Liderimiz ir bilen Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän we bu töweregiň özboluşly aýratynlyklary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýän Bitaraplyk binasynyň ýanyna geldi. Gyş paslynyň tamamlanyp barýan günlerinde dag eteklerinde ýakymly howa gurşawy emele geldi. Säheriň salkyn howasy ynsan ruhuna oňaýly täsir edýär.

Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň günorta bölegi tanalmaz derejede özgerdi. Şunda bina edilýän dürli maksatly desgalaryň bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşykly utgaşmagyna möhüm üns berilýär. Edara binalarynyň, durmuş maksatly desgalaryň seýilgäh zolaklary we şäheriň esasy bezegine öwrülen suw çüwdürimleri bilen sazlaşmagynyň taslama taýýarlaýjylara, gurluşykçylara bildirilýän esasy talaplaryň biri hökmünde kabul edilendigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu ugurdaky işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede dowam etdirilmelidigine ünsi çekdi.

Taryha ser salsak, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy hemişelik Bitaraplygymyzyň binýadyny goýdy. Bu taryhy pursat ähli türkmenistanlylaryň durmuşynda ýatdan çykmajak waka boldy. 1995-nji ýylda ilkinji gezek ykrar edilen Bitaraplygymyz halkymyzyň beýik ynsanperwer ýörelgelerinden ugur alýar. Şonda hemişelik Bitaraplygymyzy 185 döwlet goldady. Bu mukaddes gymmatlygymyzyň şanyna bolsa beýikligi 95 metr bolan Bitaraplyk binasy guruldy. Ajaýyp bina bezeg berýän bäş welaýatyň haly gölleri halkymyzyň bitewüligini, jebisligini aňladýar.

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, binanyň depesinde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň heýkelini goýmak baradaky teklibi Mejlisiň, halkyň goldandygyny we şol pursatlaryň şaýady bolmagynyň has-da guwandyryjy waka öwrülendigini ýatlady.

Taryhy binanyň düýbi tutulanda, Gahryman Arkadagymyzyň uly ornunyň bolandygyny bellemek örän ýakymly.

Halk Maslahatynyň Başlygy halkymyzda «Tagan aýagy üç bolar, biri-birine güýç bolar» diýlişi ýaly, gyş paslynyň şeýle hoştap howaly günlerinde belent maksatlara hyjuw döredýän Bitaraplyk binasynyň hem üç aýakdan ybaratdygyny aýtdy. Binanyň her bir aýagy ebedi gymmatlygymyzyň mizemezligini pugtalandyrýan dek, üç sany şanly senäni özünde jemleýär. Bu bina halkymyzy taryhy ýyllaryň ajaýyp günleriniň jümmüşine alyp gidýär. Baky Bitaraplygymyz ilkinji gezek 1995-nji ýylda ykrar edilen bolsa, 2015-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda 193 döwletiň goldamagynda ikinji gezek ykrar edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Munuň özi beýik başlangyçlaryň dünýä ýaň salandygyny, Türkmenistanyň abraýynyň barha ýokarlanýandygyny subut edýär.

Milli Liderimiziň garamagyna paýtagtymyzyň günortasynda döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary, ekiljek baglaryň we yşyklandyryş sütünleriniň degişli görnüşleri görkezildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow Bitaraplyk binasynyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, gurulýan we durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.

Görkezilýän şekil taslamalarynyň hatarynda Bitaraplyk binasynyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmagyň we bu künjekde ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň teklip edilýän görnüşleri, yşyklandyryş sütünleri, şäheriň Bitarap Türkmenistan we Çandybil şaýollarynyň aýlawly çatrygynyň, paýtagtymyzyň günortasynda sil suw akabasynyň, seýilgäh zolagynyň teklip edilýän görnüşleri bar.

Gahryman Arkadagymyz taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Aşgabadyň dürli künjeklerinde gurulýan, durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän binalaryň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň berkligine zerur üns berilmelidir. Binalardyr desgalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmakda we olaryň çäklerinde bag nahallarynyň oturdylmagynda ýerli tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmalydygyny, şunda häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň nazara alynmalydygyny belläp, Halk Maslahatynyň Başlygy bu babatda birnäçe maslahatlaryny berdi. Aýratyn-da, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygynda, olary döwrebaplaşdyrmakda täzeçil tehnologiýalar işjeň ulanylmalydyr. Bu ýerde alnyp barylýan işler döwrüň talabyna, milli binagärlikde ýetilen sepgitleriň derejesine laýyk gelmelidir.

Bitaraplyk binasynyň talabalaýyk döwrebaplaşdyrylmagyna, onda BMG-niň baýdagynyň reňkiniň öz beýanyny tapmagyna jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Arkadagymyz Bitaraplyk binasynyň töweregindäki desgalaryň gurluşygynyň, bezeg işleriniň bu künjegiň derejesine laýyklykda ýerine ýetirilmelidigini belledi. Hemişelik Bitaraplyk derejesi BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary esasynda ykrar edilen ýurdumyzda bu şanly sene mynasybetli guraljak dabaralar häzirki döwrüň ruhuna, milli toý dessurlaryna kybap derejede ýaýbaňlandyrylmalydyr. Milli Liderimiz tutumly toýlarda Watanymyzyň ýeten derejesiniň, ýurdumyzyň tutuş adamzat ähmiýetli öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň öz beýanyny tapmalydygyny hem-de ähli binalaryň bezeg işleriniň, reňkleriniň Bitaraplyk derejämize laýyk sazlaşygyny üpjün etmek boýunça zerur tagallalaryň edilmelidigini nygtady.

Tanyşlygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz bu künjekde türkmen Bitaraplygynyň taryhyna degişli maglumatlary özünde jemleýän muzeýiň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, ugurdaş düzümleriň, şol sanda seýilgähiň gurulmagyna, onda oturdyljak saýaly baglaryň görnüşleri boýunça degişli alymlar bilen geňeşmeleriň geçirilmegine zerur üns berilmelidigini aýtdy. Ynsanperwer ýörelgeleri, parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary esasy ugur edinýän hemişelik Bitaraplygymyzyň aýdyň nyşany bolan bu kaşaň binanyň döwrebaplaşdyrylmagynda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary ulanylmalydyr. Binanyň reňk sazlaşygynda oňyn Bitaraplyk ýörelgeleriniň baş mazmuny, BMG-niň degişli nyşanlary öz beýanyny tapmalydyr.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Bitaraplyk baýramyny mynasyp derejede guramagyň we dabaralary geçirmegiň maksatnamasy baradaky hasabatlar diňlenildi. Bellenilişi ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen Bitaraplyk derejesi iki gezek ykrar edilen ýurdumyzyň ähli düzümlerinde şanly senäni guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işlerine giň gerim berildi. Ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda şu ýylyň dowamynda şanly sene mynasybetli sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň, beýleki çäreleriň guralmagy meýilleşdirildi. Ähli göz öňünde tutulýan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda bilelikdäki işler zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň ediljekdigi aýdyldy. Şunda olaryň guramaçylyk işlerini maliýeleşdirmek meselelerine hem möhüm ähmiýet berilýär.

Myhmanlary garşylamak, olaryň üpjünçiligini ýola goýmak we baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän günlerinde medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak, söwda medeniýetini kämilleşdirmek, çäreleriň guramaçylyk işlerine ýaşlaryň çekilmegini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada-da aýdyldy. Gahryman Arkadagymyz türkmen Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyryljak dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine wajyp ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Şunda ýurdumyzyň ähli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, Arkadag we Aşgabat şäherleriniň häkimlikleriniň bilelikdäki tagallalary zerurdyr. Bu meselede hiç bir zadyň ünsden düşürilmeli däldigini belläp, Milli Liderimiz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralýan çärelere, halkara maslahatlara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelýän myhmanlaryň türkmen myhmansöýerligi esasynda garşylanylmalydygyny, olaryň degişli ulaglar bilen üpjün edilmegine zerur üns berilmelidigini aýtdy.

Döwletimiziň Bitaraplyk derejesiniň ähmiýetine bagyşlanan çärelerde Watanymyzyň ýeten derejesi, parahatçylyk söýüjilikli syýasatymyz, halkymyzyň bagtyýar durmuşy öz beýanyny tapmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri işjeňlik görkezmelidir, baýramçylyk çäreleriniň dünýäniň media giňişliginde giňden açylyp görkezilmegi ugrunda zerur tagallalar edilmelidir.

Bitaraplyk baýramy mynasybetli geçiriljek duşuşyklar, halkara derejeli maslahatlar, medeni-köpçülikleýin çäreler häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede guralmalydyr. Aýratyn-da, şäheriň ekologik derejesine zerur üns berilmelidir. Saýaly bag nahallary ekilende, milli bagbançylyk ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylmalydyr. Baýramçylyk dabaralarynyň geçirilmegine dahylly düzümleriň bilelikdäki tagallalaryna we olaryň sazlaşykly işleriniň üpjün edilmegine mümkinçilik döredilmelidir. Munuň üçin bolsa ugurdaş toplumlaryň işleriniň utgaşykly ýola goýulmagyna zerur üns berilmelidir. Gahryman Arkadagymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, dabaralaryň geçirilýän döwründe söwda we hyzmatlar ulgamynyň işiniň ýokary derejede ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi. Şunda halkymyzyň dünýä nusgalyk myhmansöýerlik däplerine, millilik ýörelgelerine giň ýol açylmalydyr. Şunda şanly senäniň nyşanlaryny özünde jemleýän sowgatlyk önümleriň taýýarlanylmagy möhüm talap hökmünde kesgitlenendir.

Paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň we şäheriň binagärlik keşbini döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belläp, Milli Liderimiz şäherde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň yzygiderli ýola goýulmagynyň möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy. Şunda şäheriň jemagat hojalygy gulluklarynyň işi üçin niýetlenen ýörite tehnikalaryň netijeli peýdalanylmagyna aýratyn üns berilmelidir.

Gahryman Arkadagymyz baýramçylyk dabaralaryna taýýarlygyň çäklerinde halkara derejede geçiriljek maslahatlaryň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasynyň ýörelgelerine laýyk gelmelidigini nygtady. Şol bir wagtyň özünde bu çäreleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegine zerur üns berilmelidir. Milli Liderimiz hemişe bolşy ýaly, baýramçylyk günlerinde-de tertip-düzgüniň berk berjaý edilmeginiň, ulaglaryň sazlaşykly hereketiniň ýola goýulmagynyň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini belläp, bu ugra degişli düzümleriň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.

Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň bu künjeginde ýaýbaňlandyryljak baýramçylyk dabaralarynda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara giňişlikde ykrar edilýändigini aňladýan wakalaryň, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň teklibi boýunça kabul edýän çözgütleriniň öz beýanyny tapmalydygyny nygtap, bu babatda degişli maslahatlaryny berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýeriň “Bitaraplyk binalar toplumy” diýlip atlandyrylsa, maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli hemmeleriň Bitaraplyk düşünjesiniň, onuň gymmatynyň näderejede ýokarydygyny bilmelidigini hem-de duýmalydygyny aýratyn nygtap, bu künjegiň ýaşlaryň, myhmanlaryň, syýahatçylaryň gelim-gidimli ýerine öwrüljekdigine ynam bildirdi. Milli Liderimiz: «Bu taryhy ýer uly toýuň geçjek ýeri bolar» diýip, bu babatda toparyň agzalaryna degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Arkadagymyz Bitaraplyk şaýolunyň ugrunda ýerleşýän taryhy ýerde Bitaraplyk zolagynyň döredilmelidigini, şunda BMG-niň nyşanynyň göze gelüwli edip ýerleşdirilmelidigini belledi. Bu ýerde hemişelik Bitaraplygymyzyň ykrar edilen ýyllary we şoňa degişli taryhy özgertmelerimiz bilen bagly ýazgylary ýerleşdirmek boýunça maslahatlar berildi.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde geçirilýän iş maslahatyna gatnaşyjylar şanly senäni ýokary derejede dabaralandyrmak boýunça beren maslahatlary üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdiler hem-de öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Milli Liderimiz şu ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli toýlarymyzyň goşa-goşadan gelýändigini aýdyp, şanly toýa gowy taýýarlyk görülmelidigini we onuň ýokary derejede geçirilmegi üçin hemmeleriň öz mynasyp goşandyny goşmalydygyny aýratyn nygtady.

Gahryman Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, bu gün asmandan nur ýagýandygyny, munuň bolsa rysgal-berekediň hem-de döwletliligiň nyşanydygyny aýtdy. Munuň özi ýylymyzyň uly üstünliklere, rowaçlyklara beslenjekdiginiň özboluşly alamatydyr.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işlerinde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

17.02.2025