Новости
Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat, 30-njy iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen bagly ýerine ýetirilen işler bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň paýtagtymyzdan Türkmenbaşy şäherine tarap ugur alan uçarynyň sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň asman giňişliginden geçip barýan pursatlarynyň Milli Liderimizň ak patasy bilen açylyp ulanmaga berilýän täze şaýoluň we döwrebap köpriniň açylyş dabarasy mynasybetli guralýan toý-dabaralara gabat gelmegi aýratyn many-mazmuna eýe boldy.

Dabara ýygnanan hormatly ýaşulular arassa asmana ýaraşyk berip barýan laçyn keşpli uçary ýüzlerine sylyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolunyň ak, döwletli işleriniň rowaç bolmagyny dileg etdiler. Durmuşyň gül-gunçalary hasaplanýan şadyýan körpeleriň joşgunly ýürek sözlerinde bolsa bagtyýar günleriň göwünleri göterýän belent owazy öz beýanyny tapdy. Bu pursatlar tutumly toýuň şatlyk-şowhunyny has-da artdyryp, halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşendigini alamatlandyrdy. Juwan şäher, nurana säher, ak ýol, ak uçar ýeneki rowaçlyklaryň nyşany bolup, ajaýyp sazlaşygy döretdi.

...Birnäçe wagtdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary Türkmenbaşy Halkara howa menziline gelip gondy. Howa menzilinde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar hem-de döwrebaplaşdyrylan howa menziliniň döwlet Baştutanymyzyň ak patasy bilen işe girizilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag-kommunikasiýa pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça başlangyçlary täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ulag ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu bolsa Ýewropanyň we Aziýanyň söwda-ulag ýollarynyň wajyp çatrygynda ýerleşýän Türkmenistana üstaşyr ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy, iň täze enjamlar bilen üpjün edilmegi bu ulgamda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalaryň aýrylmaz bölegidir. Türkmenbaşy Halkara howa menziliniň täzeçil tehnologiýalaryň esasynda döwrebaplaşdyrylmagy-da munuň aýdyň nyşanydyr. Şunuň bilen bir hatarda, howa menziliniň halkara gatnawlaryň ýolagçy terminalynyň hem-de pasportlary resmileşdirmek we gözegçilik nokatlarynyň innowasion enjamlar bilen üpjün edilendigini bellemek gerek.

Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşen Türkmenistan dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen özara gatnaşyklary ýola goýup, halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny işläp taýýarlamak babatda oňyn tejribe toplady. Ýurdumyzyň ulag-logistika ýaly geljegi uly ugurda BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegi dünýä ykdysadyýetine ählumumy goşulyşmak ýagdaýy bilen baglanyşyklydyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz maslahatyň geçiriljek ýerine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow toplumyň çäginde abadanlaşdyryş hem-de foruma gatnaşyjylar üçin ähli amatlyklary döretmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, maslahata gatnaşyjylaryň oňaýly dynç almaklary, toplumyň çägindäki seýilgähde gezelenç etmekleri üçin ähli zerur şertler döredildi. Mundan başga-da, bu ýerde hyzmatlar ulgamynyň işi talabalaýyk ýola goýuldy.

Döwlet Baştutanymyz wekilçilikli forumyň ýurdumyzda geçirilmeginiň Türkmenistanyň ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändiginiň aýdyň beýanydygyny aýdyp, Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlygyň döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde bu ýokary derejeli forumyň geçirilmegi bilen baglanyşykly Kararnama kabul edildi. 57 döwlet bolsa onuň awtordaşy bolup çykyş etdi. Bu halkara maslahata deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlardan, şeýle hem Milletler Bileleşigine agza beýleki döwletlerden ýokary derejeli wekiliýetleriň, halkara we sebit guramalarynyň, parlamentleriň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 4-nji iýulynda gol çeken degişli Karary BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejesini üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda bu maslahaty guramagyň tertibi hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiren guramaçylyk döwlet toparynyň maslahatynda forumy ýokary derejede geçirmek üçin degişli meseleleriň we wezipeleriň tutuş toplumyna garalandygyny bellemek gerek. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça köp sanly çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi öňde boljak maslahatyň esasy aýratynlygydyr. Şunuň bilen baglylykda, olaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi üçin ähli zerur şertler döredildi.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň nobatdaky forumynyň ýurdumyzda geçirilmegi Türkmenistanyň BMG tarapyndan taýýarlanylan maksatnamalardan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirýändigini we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça tagallalary utgaşdyrmaga işjeň gatnaşýandygyny görkezýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar. Döwlet Baştutanymyz öňde boljak halkara forumyň ähmiýetine ünsi çekip, onuň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän medeni çäreleriň geçirilýän ýerine geldi.

Bu ýerde wekilçilikli forumyň dowamynda dürli medeni çäreleriň guralmagy meýilleşdirilýär. Soňky ýyllarda Awaza halkara derejeli duşuşyklardyr forumlaryň, konsertleriň we festiwallaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde guraljak dabaralar ýurtlaryň arasynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga, dostlukly halklaryň medeniýetinde we sungatynda gazanylan üstünlikler bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam berer. Dabaraly çäreler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda özara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolan medeni diplomatiýanyň özeninde durýan parahatçylygyň, dostlugyň, özara düşünişmegiň we ynsanperwer ýörelgeleriň halklary ýakynlaşdyrýandygyny aýdyp, bu ýerde guraljak dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda degişli görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz hemmelere işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Hormatly Prezidentimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda myhmanlary kabul etmek, olary halkymyzyň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylamak bilen bagly geçirilen işler bilen hem tanyşdy. Häzirki wagtda dynç alşyň naýbaşy mümkinçiliklerini özünde jemleýän döwrebap myhmanhanalar Hazaryň ajaýyp kenaryna bezeg berýär. Bu ýerde göwnejaý dynç almak üçin ähli şertler bar. Ýakymly howa gurşawy, deňiz tolkunlary göwünleri galkyndyrýar. Halkara foruma geljek myhmanlar bu täsinlikleriň ählisiniň şaýady bolarlar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz myhmanlary garşylamak meselesine aýratyn ähmiýet berip, oňa hemmetaraplaýyn jogapkärçilikli çemeleşmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, paýtagtymyza ugramak üçin Türkmenbaşy Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna amala aşyran iş sapary BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.

31.07.2025
Parlamentara dialog — parahatçylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýoly

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna bagyşlanan makalalar toplumynyň ozalky sanlarynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary wekilçilikli forumyň geçirilmegine döwletleriň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmakda, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk formatlaryny döretmekde ýurdumyzyň goşýan ägirt uly goşandynyň ykrar edilmesi hökmünde garaýar. Bu makalada bolsa halkara hyzmatdaşlygyň netijeli guralyna öwrülen parlament diplomatiýasyna üns çekiler.

Parlament diplomatiýasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk awgust aýynyň başynda geçirilmegi bellenilen ýokary derejeli ýedi forumyň esasy mowzuklarynyň biri bolar. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde dünýä ýurtlarynyň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda barha ösýän hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtamak zerur. Parlamentara gatnaşyklar ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlugy berkitmegiň, umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň öňe sürýän parlament diplomatiýasy häzirki wagtda parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň netijeli guraly bolmalydyr.

Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli halk parlamentarizminiň düýp mazmuny we häsiýeti barada aýdylanda, möhüm, ykbal çözüji çözgütleri kabul etmek üçin iň mynasyp, parasatly, döwleti dolandyrmakda tejribesi bolan, jogapkärli, öňdengörüji adamlary saýlamagyň halkymyzda asyrlaryň dowamynda ýörelge bolup gelýändigini bellemeli. Halk wekilçiliginiň öňden gelýän baý mirasyna daýanyp, ýurdumyzda häzirki zaman şertlerinde bu tejribäniň dowam etdirilmegi üpjün edilýär. Häzirki wagtda Mejlis häkimiýetiň diňe bir kanun çykaryjy şahasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, asyrlaryň dowamynda synagdan geçen taryhy däpleriň hem mynasyp dowam etdirijisidir. Onuň netijeli işi döwlet gurluşynyň berkararlygynyň, syýasy ulgamyň kämilleşdirilmeginiň, sazlaşykly jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň, okgunly durmuş-ykdysady ösüşiň esasy sütünleriniň biri bolup durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan döredijilikli daşary syýasat ugruna ynamly eýerýär. Şunda Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan parlament diplomatiýasynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylda bu hukuk derejäniň ykrar edilmeginiň şanly 30 ýyllygy baýram edilýär.

Soňky döwürde milli parlamentiň alyp barýan işi hil taýdan täze derejä çykaryldy. Kanun çykaryjylygyň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek bilen bir hatarda, döwletara gatnaşyklarda ynanyşmagy berkitmäge, özara düşünişmäge, dürli milletden bolan adamlaryň arasynda deňhukuklylyga hem-de hormata esaslanýan dialogy ýola goýmaga, medeniýetleriň arasynda aragatnaşyk köprülerini gurmaga gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge-de uly ähmiýet berilýär. Parahatçylyk döredijilikli strategiýa laýyklykda, dostlukly ýurtlaryň ugurdaş düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň iş gurallaryny işläp düzmek we kämilleşdirmek ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenendir. Bu babatda Türkmenistanyň Mejlisiniň alyp barýan işi dürli ugurlardaky, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy, Parlamentara Birleşik, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy ýaly iri halkara institutlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri öz içine alýar.

Parlamentara dostluk toparlarynyň mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Soňky ýyllarda Mejlisiň halkara hyzmatdaşlygynyň gerimi düýpli giňedi. Daşary ýurtlaryň 40-dan gowragynyň parlamentleri bilen ikitaraplaýyn esasda dostluk toparlarynyň hereket etmegi-de muňa şaýatlyk edýär. Şeýle düzümler hyzmatdaş döwletleriň kanun çykaryjy edaralary bilen gatnaşyklary ösdürmek üçin hemişelik meýdança bolup, olar bilen açyk we netijeli dialog üçin amatly guraldyr. Milli parlamentiň mümkinçilikleri Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy we ykdysady wezipelerinde ileri tutýan garaýyşlaryny ählumumy hem-de sebit derejesinde ilerletmekde netijeli peýdalanylýar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy hökmünde öňe sürlen “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly başlangyjy durmuşa geçirmäge möhüm ähmiýet berýändigini bellemelidiris. Mälim bolşy ýaly, bu başlangyjyň düýp manysy dünýä bileleşigi bilen parahatçylykly we ynanyşykly ýaşamak ýörelgelerini berkitmekde halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmekden, häzirki döwrüň ählumumy wehimlerini çözmek üçin dialogyň, hyzmatdaşlygyň esasynda bilelikde iş alyp barmakdan ybaratdyr. Şeýle-de ol BMG-niň Baş sekretarynyň, şol sanda ählumumy strategik töwekgelçilikleri peseltmegi, gapma-garşylyklaryň öňüniň alynmagyna, parahatçylygyň berkidilmegine hem-de sebit derejesinde öňüni alyş hereketleriň goldanylmagyna maýa goýumlary gönükdirmegi öz içine alýan parahatçylykly durmuşy gurmak üçin Täze gün tertibini kemala getirmek baradaky başlangyjy bilen gönüden-göni utgaşýar.

2021-nji ýylyň aprelinde paýtagtymyzda Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny» atly sanly ulgam arkaly duşuşygynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi bilen 2022-nji ýylyň maýynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň, 2024-nji ýylyň fewralynda utgaşykly görnüşde paýtagtymyzda geçirilen Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň “Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny” atly duşuşygynyň geçirilmegi döwletimiz tarapyndan parlament diplomatiýasyna uly ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär. Bu çäreleriň netijeleri kanun çykaryjy edaralaryň hyzmatdaşlygyň bilelikdäki mümkinçilikleriniň gerimine göz ýetirmek bilen, ony durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny görkezdi.

Parlament diplomatiýasy barada gürrüň edilende, halkara jemgyýetçiligiň ýüzbe-ýüz bolýan häzirki zaman meseleleriniň ählumumy dialogyň gurallarynyň täzelenilmegini talap edýändigini nygtamak möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, dürli formatlarda parlament alyşmalaryny ilerletmek, parlamentarileriň netijeli başlangyçlaryny goldamak döwletiň möhüm wezipeleri bolup durýar. Şunda ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmekde, hususan-da, durnukly ösüşi üpjün etmekde, howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde we beýleki ugurlarda Birleşen Milletler Guramasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde milli parlamentleriň ornunyň ýokarlandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Çünki onda parlamentarileriň işjeň orny eýelemekleri Milletler Bileleşiginiň çäklerinde döwletara ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça tagallalary has netijeli utgaşdyrmaga ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, parlament forumynyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerindäki esasy çäreleriň biri hökmünde kesgitlenilmegi-de tötänleýin däldir.

Parlament diplomatiýasy ýurtlaryň milli daşary syýasy strategiýalaryny netijeli durmuşa geçirmekde möhüm serişde, dünýä ýurtlarynyň arasynda ynanyşmagy we özara düşünişmegi berkitmekde kanun çykaryjy edaralaryň täsir etmeginiň ýörite guraly bolmaga, durnukly ösüş institutlaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Bu ugurdaky işler meseleleriň oňyn çözgüdiniň tapylmagyny, dawa-jenjelleriň öňüniň alynmagyny şertlendirýär hem-de halkara hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny emele getirip, ony has-da kämilleşdirýär. Parlament diplomatiýasy diňe bir döwletara hyzmatdaşlygyň däl, eýsem, demokratik gymmatlyklary, adam hukuklaryny, durnukly ösüşi berkarar etmegiň hem guralydyr. Häzirki zaman şertlerinde parlament institutlaryny berkitmäge gönükdirilen tagallalar ählumumy parahatçylygy we durmuş adalatlylygyny üpjün etmekde strategik ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen birlikde, milli parlament edaralary resmi we jemgyýetçilik diplomatiýasyna mahsus aýratynlyklary utgaşdyryp, döwletleriň we halkara guramalaryň syýasy garaýyşlaryny kemala getirmekde, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça dürli derejedäki anyk çözgütleri çykarmakda öz esasy iş ugurlaryndan peýdalanýarlar.

Parlament diplomatiýasynyň eýeleýän aýratyn orny onuň adamlar üçin derwaýys ugurlary ara alyp maslahatlaşmaga, garaýyşlaryň galtaşýan nokatlaryny kesgitlemäge, giň goldawa eýe bolýan wajyp teklipleri işläp taýýarlamaga şertleri döredýänliginde hem aýdyň görünýär. Sebit parahatçylygyny, durnuklylygyny we howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam bermek kanun çykaryjy edaralaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär. Şundan ugur alyp, parlamentariler ýurtlaryň arasynda garaýyşlaryň ýakynlaşmagynyň ýollaryny agtarmaga gönükdirilen täze pikirleri we çemeleşmeleri öňe sürüp, başlangyçly işlemäge çalyşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, alyp barýan işleri anyk wezipeleri çözmäge gönükdirilen parlamentara dostluk toparlarynyň özara gatnaşyklaryna hem uly ähmiýet berilýär.

Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde, şol sanda azyk howpsuzlygy, ekologiýa, daşky gurşawy goramak, lukmançylyk hyzmatlarynyň we bilimiň elýeterliligi ýaly meselelerde döredijilikli işler ýerine ýetirilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň, milli we parlamentara birleşikleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen, Awazada «Gün tertibi — 2030-da» bellenilen wezipelere ýetmekde innowasiýalar boýunça tejribe alyşmak meýilleşdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, döwletara gatnaşyklarda ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurtlar üçin möhüm zerurlyk bolup durýar. Şunda parlament diplomatiýasynyň üsti bilen gatnaşyklary ýola goýmak hem ileri tutulýan ugur bolup çykyş edýär. Hususan-da, ulag, energetika, senagat hyzmatdaşlygy ýaly strategik ugurlarda halkara hukuk goldawyny döretmek we herekete getirmek wajyp meseledir. Şoňa görä, milli kanunçylygy ýakyn ýagdaýa getirmek hem-de sazlaşdyrmak, ilkinji nobatda, hukuk bökdençliklerini aradan aýyrmak maksady bilen, döwrüň talap edýän çözgütlerini kabul etmek wezipesi parlament düzümleriniň öňünde goýlandyr. Medeni-ynsanperwer ulgam döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm bölegidir. Şunda bu ulgamda hyzmatdaşlygy berkitmek, has ýakyn medeni gatnaşyklar babatda zerur şertleri kemala getirmek, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny we taslamalaryny işläp düzmek, döredijilik, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleriniň özara alyşmalary üçin parlament gurallaryna uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, öňde geçiriljek forum bu ugurdaky hyzmatdaşlyga-da itergi berip, ony täze, netijeli pikirler bilen baýlaşdyrar.

Garaşsyz Türkmenistanyň üýtgewsiz garaýyşlary ýurtlaryň we halklaryň arasynda deňhukukly, özara hormata esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmakda dünýä giňişliginde BMG-niň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam bermekde jemlenýär. Şu nukdaýnazardan, dünýäniň birnäçe döwletleriniň parlament ýolbaşçylarynyň, ugurdaş halkara we sebit guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Awazada geçiriljek köptaraply duşuşyk ägirt uly ähmiýete eýe bolar. Sebäbi Türkmenistan dürli syýasy ulgamly we garaýyşly ýurtlaryň açyk, netijeli gepleşikleri geçirip biljek ählumumy parlament meýdançasy bolup çykyş eder. Garaşylyşy ýaly, parlament ýolbaşçylarynyň öňde boljak duşuşygynyň dowamynda häzirki zaman parlamentarizmini ösdürmek barada pikir alyşmalar geçiriler. Olarda halklaryň we döwletleriň, olaryň ykdysady, durmuş-medeni ösüşiniň bähbidine mundan beýläk-de bilelikde işleşmek üçin anyk ugurlar kesgitleniler.

Duşuşyga gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän, Watanymyzyň okgunly ösüşini üpjün etmäge, türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, dünýäniň halklary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatymyzyň üstünliklere beslenýändigine aýdyň göz ýetirip bilerler. Umuman, parlament ýolbaşçylarynyň Awaza duşuşygy parlamentara hyzmatdaşlygyň bu görnüşiniň ägirt uly mümkinçiliklere eýedigini, onuň ösüşiniň geriminiň giňdigini we dürlülige baýdygyny görkezmäge gönükdirilendir. Mundan başga-da, bu forum kanun çykaryjylygyň iň gowy tejribelerini we parlament işiniň usullaryny alyşmakda abraýly meýdançalaryň biri bolar.

(TDH)


Beýleki habarlar
30.07.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Arkadag şäheri, 26-njy iýul (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede amala aşyrylýandygynyň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulýan dürli maksatly binalaryň, aýratyn-da, döwrebaplaşdyrylan şaýoluň, köprüleriň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Häzirki döwürde tutuş ýurdumyzda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesini özünde jemleýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde Diýarymyzyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Gahryman Arkadagymyz ir bilen Gökdepe şaýolunyň ugrunda gurlan döwrebap köpriniň ýanyna geldi. Ýurdumyzda ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygyna, olaryň oňaýlylyk we uzak möhletleýinlik derejesine möhüm ähmiýet berilýär. Şol bir wagtyň özünde desgalaryň bezeg işlerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär.

Milli Liderimiz, ilki bilen, köpzolakly köpriniň aşaky gatynyň diwarlarynda ýerleşdirilen şekilleri synlap, şekillerde geçmiş bilen geljegiň özara baglanyşygynyň bardygyna ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň öz geçmişine aýratyn sarpa goýýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Diýarymyzyň nurana geljege tarap ynamly öňe barýandygyny aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri ata-babalarymyzyň bina galdyrmak, ýol çekmek, köpri gurmak ýaly asylly ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändigini nygtap, ýagşy dessurlary özünde jemleýän işleriň ýokary hil derejesinde amala aşyrylmalydygyna ünsi çekdi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy desganyň germewlerinde ýerleşdirilen şekilleri synlady. “Bu künjegiň ahalteke bedewleriniň asyl mekanydygyny nazara alyp, desgalaryň bezeginde ahalteke bedewleriniň şekilleriniň ýerleşdirilmegi ähmiýetli çözgütdir” diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu babatda öz maslahatlaryny berdi. Bu ýerde ýerine ýetirilen işler häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýär. Köpzolakly awtomobil köprüsiniň gurluşygy kesgitlenen meýilnama laýyklykda amala aşyryldy. Şeýle-de binalaryň üçeklerine goýulýan serişdeleriň, ýol ýakalarynda oturdylýan beton raýyşlaryň görnüşleri görkezildi. Bu serişdeleri ýaşaýyş jaýlaryna we beýleki binalaryň üçeklerine goýmak bellenildi. Ýurdumyzda öndürilen bu önümleriň importyň ornuny doly tutýandygy barada aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow ýurdumyzyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň hünärmenleriniň intellektual eýeçiligiň esasynda bu ýerleriň seýsmiki ýagdaýyny ylmy esasda öwrenendiklerini aýtdy. Şunda ýeriň dykyzlygyna, topragyň özboluşly aýratynlyklaryna, howa şertlerine möhüm ähmiýet berildi. Arkadag şäheriniň çäklerinde dürli maksatly desgalar hut şol çözgüdiň esasynda bina edilýär. Ýurdumyzyň telekeçileriniň bina eden desgalarynyň gurluşygynda häzirki zamanyň täzeçil usullary bilen gurluşyk babatda toplanan köpýyllyk tejribe sazlaşykly beýanyny tapýar.

Hormatly Arkadagymyz üçekleriň we ýol ýakalaryna niýetlenen betonlaryň hil babatda ýokary halkara görkezijilere, reňkiniňdir berkliginiň bolsa ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelmelidigini nygtady. Şol bir wagtyň özünde olaryň bezeg babatdaky derejesi ýokary bolmalydyr. Köpriniň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy, onuň çäklerinde ýaşyl zolaklaryň döredilmegi özboluşly binagärlik sazlaşygyny emele getirip, ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyna oňyn täsirini ýetirer.

Soňra Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde görkezilýän şekil taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa taýýarlanylan şekil taslamalary we olaryň häsiýetli aýratynlyklary barada maglumat berdiler.

Bu ýerde durmuş we önümçilik maksatly binalaryň şekil taslamalary, aýratyn-da, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işler, Gökdepe şaýolundaky döwrebap köpriniň, beýleki desgalaryň görnüşleri görkezildi.

Milli Liderimiz şekil taslamalary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Şeýle-de ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygy, şol sanda Gökdepe şaýolundaky köpzolakly köpriniň, oňa barýan ýoluň ugrundaky ýol belgileriniň talabalaýyk bolmagyna, bu ýoldan geçýän ýük ulaglarynyň kada laýyk derejede kesgitlenmegine möhüm üns berilmegi babatda birnäçe maslahatlaryny berdi. Bu ýoluň rysgal-bereketli, rowaç ýol bolmalydygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu babatda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.

Täze şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýän ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygy ýokary hil derejesinde alnyp barylmalydyr. Halk Maslahatynyň Başlygy köpzolakly köpriniň gurluşygyny ýerli telekeçileriň amala aşyrandyklaryny belläp, ýurdumyzyň telekeçileriniň häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawyndan netijeli peýdalanyp, giň möçberli taslamalary durmuşa geçirýändiklerini we olaryň bu babatda baý tejribe toplaýandyklaryny aýratyn nygtady.

D.Orazow şu ýylyň 12-nji martynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýylda 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 müň sany sanfaýans önümlerini öndürmäge niýetlenen kärhananyň açylandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyza Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň önümlerini ilkinji gezek Arkadag şäheriniň gurluşygynda ulanmak baradaky teklibi beýan etdi.

Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň gurluşyklarynda ýurdumyzyň kärhanalarynyň önümleriniň we serişdeleriniň ulanylýandygyna hem-de daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklarynyň yzygiderli döredilýändigine ünsi çekip, şunda Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň önümlerini yzygiderli ulanmak barada karara gelendigini aýtdy. Şäher gurluşygynda ulanyljak üçek örtükleri, ýol betonlary, keramika önümleri we beýleki gurluşyk serişdeleri ýokary hilli, göze gelüwli bolmalydyr. Olaryň howa şertlerine çydamlylygy, berkligi aýratyn üns merkezinde saklanylmalydyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu künjekdäki Gökdepe we Keýmir kör şaýollarynyň Arkadag şäherinde gurluşygy alnyp barylýan häzirki zaman demir ýol we awtomobil menzillerini baglanyşdyryp, döwrebap ýol-ulag düzümlerini emele getirjekdigini belledi. Munuň özi ýol-ulag düzüminiň bir bitewi ulgamynyň döredilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Gahryman Arkadagymyz köpriniň açylyş dabarasyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek babatda degişli maslahatlaryny berip, bu ýerden Keýmir kör şaýoly bilen Arkadag şäherine tarap ugrady.

“Akylly” şähere barýan ýoluň gurluşygynda häzirki zamanyň ýokary hilli gurluşyk serişdeleri ulanylyp, sanly tehnologiýalar işjeň utgaşdyryldy. Munuň özi ýurdumyzdaky gurluşyklaryň, gurulýan ýollaryň, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, hil we uzak möhletleýinlik babatda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegi ugrunda zerur tagalla edilýändigini görkezýär. Ulag-kommunikasiýa toplumy islendik döwletiň ykdysadyýetiniň möhüm düzüm bölegini emele getirýär. Ähli görkezijiler babatda ýokary hilli gurulýan awtomobil ýollary ýük we ýolagçy gatnatmak hyzmatyny amala aşyrmakda wajyp orny eýeleýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýandygyny bellemek gerek.

Türkmenistanyň döwrebap üstaşyr ulag, logistika düzümini tiz wagtda kemala getirmek nukdaýnazaryndan, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça döwletimiz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl, eýsem, tutuş sebit ösüşine-de kuwwatly itergi berýär. Çäk taýdan amatly ýerleşen Türkmenistan ägirt uly üstaşyr mümkinçiliklere eýedir. Häzirki döwürde ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmekde, döwletimiziň ulag pudagynyň mümkinçiliklerini has-da pugtalandyrmakda, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmekde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» möhüm orun degişlidir.

...Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine gelip, bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň barşynda D.Orazow döwlet derejesinde berilýän goldawlar we degerli maslahatlar üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdi. Şeýle-de ol häzirki döwürde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň gurluşyklary boýunça taýýarlanylan maksatnama, olaryň dowamynda ýerine ýetirilýän işleriň gidişi, gurluşyk, bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary, olaryň hil derejesi barada maglumat berdi.

Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň abadanlaşdyrylyşyna, olaryň bezeg aýratynlyklarynyň döwrebap talaplara laýyk gelmegine möhüm üns berilmelidigini belledi. Şunda gurluşyk serişdeleriniň hili, berkligi, uzak möhletleýinligi bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr.

Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa Gökdepe şaýolunyň ugrunda bina edilen köpzolakly awtomobil köprüsiniň sähetli gün açylmagyna ak pata berendigi üçin täze şäheriň ähli ilatynyň adyndan Milli Liderimize hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol häzirki döwürde Arkadag şäherinde ýol-ulag düzümine degişli desganyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk we beýleki ugurlar boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Häkim Arkadag şäheriniň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleriň guramaçylyk derejesi, açylyş dabarasynyň maksatnamasy hakynda aýtdy.

Hormatly Arkadagymyz ýurdumyzda tutumly toýlaryň dabarasynyň belentden tutulýandygyny belläp, ýol-ulag düzüminiň möhüm desgasynyň açylyşy mynasybetli guraljak dabaralarda türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden dünýä nusgalyk däpleriniň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi. Çünki türkmen halky bina galdyrmak, ýol çekmek we köpri gurmak ýaly sogap işlere aýratyn gadyr goýýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalar edilmelidir we bu ugurda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly ähmiýet berilmelidir diýip, Milli Liderimiz nygtady we bu babatda degişli ýolbaşçylara öz maslahatlaryny berdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäginde gurluşygy batly depginde dowam edýän desgalary, aýratyn-da, Arkadag şäheriniň metjidini synlap, bu işleriň uzak geljegi nazarlaýandygyny, olaryň halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny görkezýändigini belledi. Häzirki döwürde metjidiň gurluşygyna ýurdumyzdan we daşary ýurtlardan köp sanly adamlar haýyr-sahawat serişdelerini gönükdirip, sogap işe goşant goşýarlar. Bu bolsa ýagşy dessurlaryň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Hajy Arkadagymyz ynsanperwer ýörelgeleri ugur edinip, metjidiň gurluşygyna goşant goşýan adamlara öz minnetdarlygyny bildirdi we olaryň ýollarynyň açyk boljakdygyny, haýyr-sahawat serişdeleriniň öwezine Beýik Biribaryň rysgal-bereket eçilýändigini belledi we asylly işleriň hormatyna täze metjitde ediljek doga-dilegleriň Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagyny arzuw etdi.

Metjitler musulman dünýäsiniň özboluşly ylym we bilim merkezleridir, jemgyýetiň ruhy durmuşynyň aýdyň ýüze çykýan ýeridir. Metjidiň binasy Zeminde ýerleşse-de, senasy asmanda eşidilýändir. Ol biziň halkymyzda “Allanyň öýi” hasaplanýar. Şoňa görä-de, metjidiň gurluşygyna öz serişdeleriňden gatanç etmek örän sogaply işe dahylly bolmakdyr. Şeýle ynsanperwer, ýagşy işleriň berekedi başga bolýar.

Gahryman Arkadagymyz hemmelere alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

28.07.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 25-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumini kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Ilçi duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, öz wekilçilik edýän ýurdunda giň möçberli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de diplomat Türkmenistanyň halkara giňişlikde wajyp başlangyçlar bilen çykyş edýändigini we olaryň dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini mähirli mübärekläp, ony ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de ilçi hökmünde alyp barjak işiniň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Başlyk Si Szinpine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistan üçin iň möhüm strategik hyzmatdaşlaryň biridigini nygtady.

“Biz ähli derejede syýasy dialogyň has-da giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýäris. Ýurtlarymyzy köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýar, häzirki wagtda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk bolsa deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky syýasy dialogyň hil taýdan täze derejä çykarylandygyny kanagatlanma bilen belledi. Munuň şeýledigine özara saparlar, hökümetara gepleşikler, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça geňeşmeler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Astanada geçirilen ikinji «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitiniň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen geçiren duşuşygyna aýratyn ünsi çekdi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň hem hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge ygrarlydygy tassyklanyldy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, ykdysady ulgam ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Uzak ýyllaryň dowamynda Hytaý Türkmenistanyň esasy söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşy bolup durýar. Ýangyç-energetika pudagy-da ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Şeýle hem Türkmenistan «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasynyň we Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň mundan beýläk-de utgaşdyrylmagyny goldaýar.

Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şunda ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Şoňa görä, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk maksatnamalarynyň çäklerindäki başlangyçlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin mähirli kabul edilendigi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Hytaý Halk Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge ýardam bermek maksady bilen, jenap Szi Şumini Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Jenap Szi Şuminiň öz üstüne ýüklenen wezipäni ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynanýaryn. Ony hoşniýetli kabul etmegiňizi, Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan wezipe borçlaryny ýerine ýetirende, oňa ynanmagyňyzy we ýardam bermegiňizi Sizden haýyş edýärin.

Si SZINPIN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

26.07.2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 25-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň agzalaryna ýüzlenip, hemişe bolşy ýaly, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň günäsiniň geçilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, asylly däbe eýerip, iş kesilen 247 raýatyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz toparyň başlygyna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Soňra Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzy ykdysady, syýasy, medeni taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, döwletimiziň halkara başlangyçlaryny hukuk taýdan goldamak boýunça kanun taslamalaryny taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunlara döwrüň talabyna laýyklykda üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şeýle-de Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin kanun çykaryjylyk işiniň meseleleri boýunça okuw sapaklarynyň geçirilendigi aýdyldy. Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ermenistan Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň arasynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşyklary barada habar berildi. Mundan başga-da, Mejlisiň deputaty Hytaý Halk Respublikasynda guralan “Türkmenistan üçin Bütindünýä Söwda Guramasy barada esasy düşünjeler” atly okuw maslahatyna gatnaşdy. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk senesine, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna, onuň çäklerinde guraljak parlament forumyna taýýarlyk görlüşi barada-da aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň täze işlenip taýýarlanylýan kanunlarda öz beýanyny tapmalydygyna, şoňa görä-de, döwrüň talap edýän täze kanun taslamalaryny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow 2025-nji ýylda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynda (SPECA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde göz öňünde tutulan halkara çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, degişli meýilnama laýyklykda, noýabr-dekabr aýlarynda Aşgabat şäherinde SPECA-nyň Ykdysady forumyny, Dolandyryjy geňeşiniň 20-nji mejlisini hem-de ugurlar boýunça iş toparlarynyň duşuşyklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy, Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen bilelikde “SPECA günlerini” guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Oňa maksatnama agza ýurtlaryň ýokary derejeli wekilleriniň, Ýewropa ykdysady komissiýasynyň hem-de bu guramanyň beýleki ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, halkara bilermenleriň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ykdysady durnuklylygy üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň möhüm bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynda başlyklyk etmegiň çäklerinde göz öňünde tutulan halkara çäreleri guramaga gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ulgamlary, hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda “Galkynyş” gaz känini mundan beýläk-de netijeli özleşdirmek boýunça degişli işler dowam edýär. Aýratyn-da, bu ýerdäki önüm berýän gaz guýularynyň uzak wagtlap bökdençsiz we ygtybarly işlemegini üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz gaz guýularyndaky işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etdirmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan teklibi makullady we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem pagta ýygýan kombaýnlary, beýleki oba hojalyk tehnikalaryny, pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalaryny, ýetişdirilen hasyly daşamakda ulanyljak awtoulaglary ýygym möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizlemek, bugdaý tohumyny taýýarlamak işleri utgaşykly dowam edýär. Welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda mallary talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak, önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, mallar üçin ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek babatda degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyk geçirmegi, pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta hasylyny daşaýan awtoulaglary möwsüme taýýarlamagy, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak we ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, döwletimiziň elektroenergetika kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, sarp edijileriň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarly we bökdençsiz bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, Energetika ministrligi tarapyndan elektrik stansiýalarynda, dürli güýjenmeli asma elektrik geçiriji ulgamlarda, beketlerde meýilnamalaýyn esasda abatlaýyş işleri ýerine ýetirildi. Şunuň bilen bir hatarda, pudagyň kärhanalarynyň maddy-tehniki binýady yzygiderli pugtalandyrylýar hem-de önümçilik kuwwatlyklary artdyrylýar. Munuň özi energetika desgalarynyň bökdençsiz işlemegine ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegiň, sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýere ýurdumyzyň bar bolan elektroenergetika kuwwatyndan netijeli peýdalanmagy hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny döwlet tarapyndan hasaba almagyň Tertibini tassyklamak hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, milli taryhy-medeni mirasyň gymmatlyklarynyň aýawly saklanylmagy, döwlet tarapyndan goralmagy ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Diýarymyzda milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz milli taryhy-medeni gymmatlyga eýe bolan serişdeleri döwlet tarapyndan hasaba almak we olaryň Döwlet sanawyny ýöretmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan Karara gol çekdi we ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberip, degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa 2025-2026-njy täze okuw ýylyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şu ýylyň 23-nji awgustynda ýurdumyzyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň maslahatyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigi aýdyldy. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, bilimiň ýokary hilini üpjün etmäge gönükdirilen wezipeleriniň geçen okuw ýylynda ýerine ýetirilişini seljerip, täze okuw ýylynda ýetilmeli sepgitleri, öňde durýan wezipeleri kesgitlemek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem milli tejribä, halkara bilim standartlaryna görä, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, okuw-usuly toplumlaryny taýýarlamak, mugallymlaryň hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmak, halypa-şägirt gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň nusgalyk kitaplary esasynda ýaş nesillerde watançylyk, milli buýsanç duýgularyny terbiýelemek, sanly bilimi ösdürmek, ýaşlaryň bilim bäsleşiklerinde, olimpiadalarda üstünlikli çykyş etmegini gazanmak, olary ylmy döredijilige, hünäre ugrukdyrmak bilen bagly täze okuw ýylynda meýilleşdirilýän işlere üns çekiler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, ýaş nesle berilýän bilimiň ýokary hilini üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere 2025-2026-njy täze okuw ýylynda öňde durýan wezipelere bagyşlanan bilim işgärleriniň maslahatyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen köpugurly hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagta çenli bu gurama bilen özara gatnaşyklaryň halkara hukuk binýadyny berkitmegiň çäklerinde Türkmenistan ÝUNESKO-nyň jemi 15 sany halkara hukuk resminamasyna goşuldy. Bu resminamalardan gelip çykýan milli borçnamalara laýyklykda, milli we köptaraplaýyn hödürnamalaryň çäklerinde maddy däl hem-de taryhy-medeni, tebigy obýektleriň ençemesi ÝUNESKO-nyň abraýly sanawlaryna girizildi. Guramanyň ugurdaş düzümleri bilen hyzmatdaşlyk ulgamlaýyn esasda alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, Hökümetara okeanografiýa komissiýasy, Halkara gidrologiýa, «Adam we biosfera», «Dünýä hakydasy» maksatnamalary, Uniwersitetler kafedralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy we torlaýyn özara gatnaşygy ýola goýmak boýunça maksatnama (UNITWIN) hem-de beýleki halkara torlardyr institutlar bar. Hususan-da, “UNITWIN” maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň 2 ýokary okuw mekdebinde ÝUNESKO kafedralary açyldy hem-de degişli bilim ojaklarynda 6 sany ÝUNESKO kluby döredildi. Şunuň bilen birlikde, Diýarymyzyň orta mekdepleriniň 6-sy bu guramanyň Assosirlenen mekdepler toruna, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy Bütindünýä ýaşlar jemgyýetine, Aşgabat şäheri bolsa «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşuldy.

Sanly bilim hem-de bu ugra degişli öňdebaryjy halkara tejribeleri milli derejede ornaşdyrmak bilen bagly netijeli taslamalar Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary boýunça institutynyň arasynda gol çekilen “Ýol kartasynyň” çäklerinde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň BMG-niň çäginde öňe sürýän ynsanperwer başlangyçlaryny mundan beýläk-de iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, birnäçe teklipleriň taýýarlanylandygy bellenildi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şu ýylyň güýzünde Samarkant şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji mejlisine ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagy baradaky teklip hödürlenildi.

Ýokarda agzalan “Ýol kartasynyň” çäklerinde Türkmenistanda şu ýylyň awgustynda 5 ugur boýunça utgaşykly görnüşde halkara maslahaty geçirmek teklip edilýär. Şolaryň hatarynda sanly bilim we emeli aň; Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde emeli aňyň ähmiýeti; emeli aňy milli bilim we ylym ulgamyna ornaşdyrmakda halkara tejribeler; sanlylaşdyrmak we emeli aň tehnologiýalary arkaly bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak; milli hünärmenleriň hünär ukyplaryny ýokarlandyrmakda emeli aň tehnologiýalarynyň ähmiýeti ýaly ugurlar bar. Şunuň bilen baglylykda, maslahaty guramak boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň jogapkär edip kesgitlenilmegi teklip edilýär.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň goldaw bermeginde Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNESKO-nyň arasynda baglaşylan Çarçuwaly ylalaşyk boýunça döredilen maksatlaýyn gaznanyň çäklerinde birnäçe taslamalary bu gaznanyň hasabyna maliýeleşdirmek teklip edilýär. Şolaryň arasynda «Biziň mirasymyz»; «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk»; Türkmenistanda geoseýilgähi döretmek; gadymy Amul galasynyň goragyny berkitmek ýaly taslamalar bar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen netijeli gatnaşyklary dowam etdirmek maksady bilen taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak we olara döwrebap çözgütlere esaslanýan innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer döwlet edaralarynyň özara işiniň elektron maglumat ulgamy arkaly utgaşdyrylmagyny, sanly hyzmatlary düzgünleşdirmek, bu ugurda zerur kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmek maksady bilen, «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Elektron hökümet hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda zerur işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, Diýarymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, döwlet edaralarynyň işini döwrebap guramak, innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda «Elektron hökümet» ulgamy babatda taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu gün Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly şu aýdaky soňky mejlisiniň geçirilýändigini, 1-nji awgustdan başlap oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylaryň zähmet rugsadynyň başlanýandygyny aýtdy. Şeýle-de ýolbaşçylaryň ýurdumyzyň şypahanalarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda saglygyny berkidip, dynç alyp biljekdikleri bellenildi. “Halkara çäreleriň geçýändigi bilen baglylykda, käbir ýolbaşçylar zähmet rugsady döwründe guramaçylyk işine hem gatnaşarlar” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ýolbaşçylaryň ählisine zähmet rugsady döwründe gowy dynç almagy arzuw etdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

26.07.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna iş sapary

Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow awgust aýynyň başynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny ýokary derejede geçirmek babatda guramaçylyk döwlet toparynyň alyp barýan taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde yzygiderli ösdürilýär. Bu ýerde göwnejaý dynç almak üçin ähli şertler döredilendir. Soňky ýyllarda Awaza iri forumlaryň, halkara çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna gelýän myhmanlar, ilki bilen, Türkmenbaşy Halkara howa menziliniň ýokary amatlyklary bilen tanyşýarlar. Häzirki wagtda bu howa menzili ýolagçy gatnatmak we üstaşyr ýükleri geçirmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Türkmenbaşy Halkara howa menziline geldi we bu ýerde döredilen döwrebap şertler bilen tanyşdy.

Bu günki gün pederlerimiziň “Myhman ataňdan uly”, “Gelen — döwlet” diýen paýhasly jümlelerine eýermek bilen, ýurdumyza gelýän wekiller myhmansöýerlik däpleri esasynda garşylanylýar. Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde hem bu ugurda ähli mümkinçilikler döredilipdir. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza geljek myhmanlaryň howa menzilinde türkmen myhmansöýerliginiň däplerine laýyklykda garşylanylmagy babatda hem zerur tagallalaryň edilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy we iň täze enjamlar bilen üpjün edilmegi bu ugurda durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalaryň möhüm bölegi bolup durýar. Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Milli maksatnamasy bu ulgamda innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütleri, dünýäniň iň gowy tejribesini peýdalanmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn goldawlary esasynda paýtagtymyzda we welaýatlarda döwrebap howa menzilleri gurlup ulanmaga berilýär, öňdebaryjy öndürijileriň täze awiatehnikalarynyň satyn alynmagynyň hasabyna milli howa flotumyzyň uçarlarynyň üsti ýetirilýär. Türkmenbaşy Halkara howa menziliniň halkara gatnawlaryň ýolagçy terminalynda-da kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylan pasportlary resmileşdirmek we gözegçilik nokatlary hereket edýär. Döwlet migrasiýa gullugynyň işini kämilleşdirmek we onuň işine sanly ulgamy yzygiderli ornaşdyrmak, migrasiýa babatda ýokary hilli hyzmatlary amala aşyrmak boýunça zerur çäreler amala aşyrylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ulag-kommunikasiýa pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça başyny başlan işleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Demir ýol, awtomobil, deňiz we derýa, howa ulaglaryny ösdürmek, geljegi uly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça uzak möhletleýin strategiýa amala aşyrylyp, durnukly ösüşiň, ählumumy abadançylygyň bähbidine ulag diplomatiýasy ilerledilýär. Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşen Türkmenistan dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen özara gatnaşyklary ýola goýup, halkara hyzmatdaşlygyň düýbünden täze ugurlaryny işläp taýýarlamak babatda gymmatly tejribeleri toplady. Ýurdumyzyň ulag-logistika ýaly geljegi uly ugurda BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegi dünýä ykdysadyýetine ählumumy goşulyşmak ýagdaýy bilen baglanyşyklydyr.

...Milli Liderimiz howa menzili bilen tanyşlygyň dowamynda bu ýerde ýerleşýän söwda nokatlarynda hyzmatlaryň ýokary hiliniň üpjün edilmelidigini, myhmanlar üçin ýörite sowgatlyklaryň taýýarlanylmalydygyny belläp, öz maslahatlaryny berdi. Howa menziliniň söwda nokatlarynda türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilýän önümleriň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Ekologik taýdan arassa, ýokary hil görkezijilerine eýe bolan bu önümlere diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä bazarlarynda hem uly isleg bildirilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýalar infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmegi üstaşyr ýükleri dürli akymlar boýunça geçirmekde amatly şertleri döredýär. Munuň özi Türkmenistanyň halkara ähmiýetli ulag ýollarynyň çatrygy hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar.

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunda daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, ýaşyl zolaklaryň sanyny artdyrmak esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Bu ugurda Türkmenistan umumadamzat bähbitli başlangyçlar bilen çykyş edip, sebitde we dünýäde ekologik abadançylygyň üpjün edilmegi babatda möhüm wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirýär.

Şu günler ýurdumyzda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny ýokary guramaçylykly geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu maslahatyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilmegi hem möhüm ähmiýete eýedir. Şoňa görä, Gahryman Arkadagymyz foruma gatnaşmaga geljek myhmanlara howa menzilinde ýokary hilli hyzmatlaryň üpjün edilmegi boýunça ýerine ýetirilýän işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Häzirki wagtda myhmanlaryň Türkmenbaşy Halkara howa menziliniň pasportlary resmileşdirmek hem-de gümrük nokatlaryndan gysga wagtyň içinde geçmekleri üçin ähli zerur şertleri döretmek babatda möhüm işler amala aşyrylýar.

Milli Liderimiz howa menziliniň halkara gatnawlaryň ýolagçy terminalyna geldi we pasportlary resmileşdirmek nokadyndan geçdi. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gümrük geçiş nokadyndan geçdi we bu ýerde döredilen döwrebap şertler bilen tanyşdy.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň gümrük nokatlarynda ygtybarly gümrük gözegçiligini amala aşyrmak we olaryň işini kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenbaşy Halkara howa menziline gelip gowşan täze tehnikalaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy. Hojalyk ugrunda ulanyljak döwrebap tehnikalar ýurdumyzyň ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň barha berkidilýändigini görkezýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri tehnikalary synlap, olaryň ulanylyşyna, abatlygyna aýratyn ünsi çekdi we bu ugurda öz maslahatlaryny berdi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şeýle tehnikalar ýurdumyzyň ulag ulgamyna yzygiderli gelip gowuşýar. Olaryň halkymyza ýokary hilli hyzmatlary etmekde uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellemek gerek.

Hormatly Arkadagymyz ýokary tizlikli sport awtoulagynda howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň tekizligini, uçarlaryň uçmagy we gonmagy üçin amatlylyk ýagdaýyny hem synagdan geçirdi.

Uçuş-gonuş zolaklarynyň durkuny täzelemek işlerinde innowasion çemeleşmelerden, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden peýdalanylýar. Munuň özi uçarlaryň howpsuz uçuş-gonuşlarynyň amala aşyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sport awtoulagyny örän ýokary tizlikde dolandyrmak bilen, uçuş-gonuş zolagynyň meýdançasyndan geçdi we ýoluň tekizligini, abatlygyny, hilini gözden geçirdi. Kuwwatlylyk güýji depginli bolan sport awtoulagynyň badyny barha ýokarlandyryp, Gahryman Arkadagymyz uçuş-gonuş zolagynyň başlangyç menzilinden ahyrky menziline tiz wagtda bardy.

Diýarymyzda sport bilen meşgullanmak, aýratyn-da, awtoulag sportuny ösdürmek babatda giň mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, sportuň bu görnüşi bilen gyzyklanýanlaryň, awtoulag sporty boýunça türgenleriň sany barha artýar. Olar awtomobil sporty boýunça halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Milli Liderimiz sport awtoulagynyň tizligini artdyryp, çylşyrymly öwrümleriň birnäçesini ýerine ýetirdi. Ýokary tizlikde barýan sport awtoulagy sürüjiden erjelligi, ugurtapyjylygy, sowukganlylygy, tiz çözgüt kabul etmegi, umuman, ähli babatda taýýarlygy talap edýär. Bu ugurda ussat Arkadagymyzyň göreldesi ýaşlar, esasan-da, awtoulag sporty bilen meşgullanýan türgenler üçin özboluşly mekdepdir.

Döwletimiz sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine möhüm ähmiýet berýär. Adamlaryň saglygyny goramak, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegini üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli alnyp barylýan durmuş ugurly syýasatda ileri tutulýan wezipelerdir. Şol syýasatyň özeninde bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesi durýar.

Dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini rowaçlandyrýan, halklaryň jebisligini pugtalandyrýan döwlet syýasatynyň netijesinde Türkmenistan halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmegine-de uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, sportuň bu ugruna ýaşlary işjeň çekmek, türkmen türgenleriniň ussatlygyny artdyrmak meselesi üns merkezinde saklanýar. Soňky ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi bilen, milli awtomobil sporty uly ösüşlere eýe bolýar. Munuň özi ilatyň, ilkinji nobatda, ýaş nesilleriň berk bedenli, sagdyn bolup ýetişmeklerine hem öz täsirini ýetirýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sport ýaş nesillerde maksada okgunlylygy, erki hem-de işjeň hereketi terbiýeleýär.

Sport diplomatiýasyny we onuň mümkinçiliklerini herekete getirmegiň ýollary Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda hem öz beýanyny tapdy. Konsepsiýa laýyklykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän şu ýylda sport ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça çäreleri alyp barmak, halkara sport ýaryşlaryny, şol sanda ýurdumyzyň başlangyjy bilen öňe sürlen BMG-niň oýunlaryny guramak göz öňünde tutulýar.

...Gahryman Arkadagymyz ýolugra howa menziline barýan ýoluň özboluşly aýratynlyklaryny synlady. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän dabaraly medeni çäreleriň geçirilýän ýerine geldi hem-de bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.

Hazaryň sapaly kenarynda ýerleşýän bu ýerde wekilçilikli forumyň dowamynda dürli medeni çäreleriň guralmagy meýilleşdirilýär. Soňky ýyllarda Awazada halkara derejeli duşuşyklardyr forumlar, konsertler we festiwallar yzygiderli geçirilip, olar dünýä döwletleriniň arasynda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze derejelere çykarmakda aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Halkara foruma taýýarlygyň çäklerinde bu ýerde abadanlaşdyryş we enjamlaşdyryş işleri ýokary depginde dowam edýär. Dürli medeni çäreleriň, aýratyn-da, konsertleriň şowhunly geçirilmegi üçin ähli şertler döredilýär. LED ekranlar, köpöwüşginli interaktiw suw çüwdürimleri medeni çäreleriň guralýan pursatlarynda bir bitewi sazlaşygy emele getirip, olaryň şowhunyny has-da artdyrar. “Bu ýerde guraljak dabaralar ýurtlaryň arasynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga, dostlukly halklaryň medeniýetinde we sungatynda gazanylan üstünlikler bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam berer” diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. Parahatçylyga, dost-doganlyga söýgi döretmekde medeniýete we sungata aýratyn orun degişlidir. Sungatyň güýji ynsan kalbynda hoşniýetli arzuwlary kemala getirýär, adamlary biri-birine ýakynlaşdyrýar, dostlaşdyrýar.

Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işlere ylmy taýdan çemeleşilmelidigini hem-de türkmen halkynyň “Ýedi ölçäp, bir kes” diýlen pähiminden ugur alynmalydygyny belledi we öz maslahatlaryny berdi. Geçiriljek dabaralar foruma gatnaşmaga gelen myhmanlara ýatda galyjy pursatlary bagyşlamalydyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy maslahatyň ähmiýeti barada aýdyp, bu ýerde ýerine ýetirilýän işlere toplumlaýyn çemeleşmegiň, hususan-da, awtoduralgalaryň göz öňünde tutulmalydygyny nygtady. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz milli tagamlaryň sergisine gowy taýýarlyk görmegiň we ony ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini aýtdy. Dabaraly çäreler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda özara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga, olary dünýä ýaýmaga, giňden wagyz etmäge gönükdirilendir. Halkara forumyň dowamynda guraljak konsertler we ýerine ýetiriljek joşgunly çykyşlar hem parahatçylygyň, agzybirligiň, dost-doganlygyň waspnamasy bolar.

Gahryman Arkadagymyz jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

* * *

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňzinde gämili ýüzüşi amala aşyrdy.

Hazaryň türkmen kenaryna bezeg berip oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu gün dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar. Deňiz kenaryndaky bu täsin tebigy dynç alyş zolagynda ajaýyp şypahanalar, bejeriş-sagaldyş bölümlerini öz içine alýan myhmanhanalar, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri, maşgala bolup dynç almak üçin niýetlenen kottejler, sport toplumlary guruldy. Amatly howa şertleri, Hazar deňziniň kenar ýakasynyň baý şypahana kuwwaty, iň döwrebap tehnologiýalardan, innowasiýalardan, öňdebaryjy binagärlik hem-de inženerçilik-tehniki çözgütlerden ugur alynmagy Diýarymyzy halkara syýahatçylygyň, şypahana-dynç alşyň we sportuň ykrar edilen merkezine öwürýär.

Awazada dynç alýanlaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny, olaryň saglygyny berkitmekleri üçin ýokary derejede hyzmat edilýändigini bellemek gerek. Bu ýerde göwnejaý dynç almak babatda döredilen şertler hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatynyň rowaçlanýandygynyň aýdyň beýanydyr. Şol syýasatyň esasy maksady Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösüşini, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Bu ýerde her ýylda köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegi esasynda deňziň kenarynda tokaý zolaklarynyň çägi giňedi we seýilgähleriň sany artdy. Adamlaryň gezelenç etmegi, oňaýly dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleri özünde jemleýän dynç alyş zolagynyň şertleri häzirki zamanyň ösen talaplaryna, halkara görkezijilere doly laýyk gelýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek, Diýarymyzyň gözel tebigatyny, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, biodürlüligini baýlaşdyrmak, olary ylmy taýdan düýpli öwrenmek boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär. Awazanyň çäginde döredilen seýilgäh zolaklary, suw çüwdürimleri, bu künjegiň ýol-ulag düzümine degişli desgalar Hazaryň kenarynyň esasy bezegine öwrülen belent başly binalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň hem-de beýleki iri forumlaryň münberinden beýan eden, daşky gurşawy goramak, suw-energetika serişdelerini rejeli peýdalanmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini çözmäge, Hazar deňziniň ekologiýasyny goramagyň ygtybarly ulgamyny döretmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary halkara bileleşigiň giň goldawyna eýe bolýar.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýurdumyzyň deňiz çäklerinde, aýratyn-da, halkara forumyň geçiriljek döwründe tertip-düzgüniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrjak dürli görnüşli gämileriň aýratynlyklary barada maglumat berdi.

Gahryman Arkadagymyz gämi arkaly ýüzüşiniň dowamynda deňiz giňişliginde tertip-düzgüniň berjaý edilişini gözegçilikde saklaýan gämileri synlap, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda ähli tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Soňra Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Onda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly meselelere seredildi. Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň 4-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekendigini we onda bu forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň bellenilendigini aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki wagtda maslahata taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan degişli işleriň alnyp barylýandygyna ünsi çekdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň degişli Karary esasynda, ýakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçirmek babatda ylalaşmalar babatda Ylalaşyga gol çekilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu resminamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigi aýdyldy.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerini abadanlaşdyrmak we arassaçylyk işlerini ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirmäge zerur üns berilmelidigini nygtady. Şunuň bilen bir hatarda, myhmanhanalarda daşary ýurtly myhmanlara ýokary derejede hyzmat etmek üçin zerur şertleri döretmegiň, olarda lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrmagyň, hususan-da, «Tiz kömek» awtoulaglarynyň, söwda nokatlarynyň talabalaýyk işlemegini üpjün etmegiň wajypdygy aýdyldy.

Hormatly Arkadagymyz çäreleriň geçirilýän döwründe Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan jemgyýetçilik tertip-düzgüniniň, howpsuzlygyň berjaý edilmegini gözegçilikde saklamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy forumyň çäklerinde guraljak medeni-ynsanperwer çäreleriň, aýratyn-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleriniň hormatyna guraljak dostluk konsertiniň, milli tagamlaryň festiwalynyň guramaçylyk derejesine ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda öz maslahatlaryny berdi. Şunuň bilen bir hatarda, maslahaty we onuň çäklerinde geçiriljek çäreleri giňden beýan etmek üçin internet serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyna aýratyn üns berilmelidir.

Soňra iş maslahatyna gatnaşyjylar halkara forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda ähli gujur-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Gahryman Arkadagymyz maslahaty jemläp, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Milli Liderimiz Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, paýtagtymyza ugrady. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde resmi adamlar garşyladylar.

Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna amala aşyran iş sapary BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilýändiginiň aýdyň nyşany boldy.

(TDH)


Beýleki habarlar
25.07.2025
Dokma senagaty — milli ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň biri

Häzirki döwürde milli dokma pudagy ýurdumyzda ileri tutulýan wezipeleri we dünýäniň ykdysady giňişligine umumy goşulyşmak ýörelgelerini hasaba almak bilen, Türkmenistanyň innowasion ykdysadyýetiniň okgunly ösüşiniň aýdyň nusgasyna öwrüldi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly senesine beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan dürli görnüşli önümleriň önümçiligini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan möhüm wezipeler dokma kärhanalary tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýar. Pudakda möçber we hil babatda birnäçe ýyldan bäri gazanylýan oňyn ösüş görkezijileri dokma pudagynyň milli ýeňil senagatyň wajyp ugurlarynyň biridigine güwä geçýär.

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan giň gerimli özgertmeler syýasatynyň häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, dokma senagatynyň maddy-tehniki binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylyp, ykdysady taýdan has bähbitli täze önümçilikler gurulýar, dolandyryş-marketing işi kämilleşdirilip, önümçilige öňdebaryjy usullar ornaşdyrylýar. Milli dokma pudagynyň içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýän bu işleriň ählisi ýurdumyzyň ugurdaş kärhanalarynyň ýokary hilli önüm öndürijiler hökmünde daşary döwletlerde tanalmagyny şertlendirýär. Dokma senagatynyň ýüplük, dokma, örme we tikinçilik ýaly ugurlaryna maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Birnäçe dokma toplumlarynyň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Belgiýa, Germaniýa, Italiýa, Şweýsariýa, Ýaponiýa ýaly döwletleriň öňdebaryjy kompaniýalarynyň täze önümçilik tehnologiýalarynyň, awtomatlaşdyrylan ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy önümçiligiň möçberiniň artmagyny, harytlaryň ýokary hilini, pudagyň kärhanalarynda iş öndürijiliginiň artmagyny üpjün etdi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, öndürilýän önümleriň halkara hil ölçeglerine hem-de ekologik howpsuzlygyň talaplaryna kybap gelmegine aýratyn ähmiýet bermek zerurdyr. Kärhanalaryň öndürýän önümleri önümçiligi dolandyryş we hil gözegçilik ulgamynyň ISO 9001, daşky gurşawy goramagyň ISO 14001, zähmeti goramagyň we önümçilik howpsuzlygynyň OHSAS 18001 güwänamalar bilen sertifikatlaşdyrylandyr. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan eksport ugurly harytlaryň möçberini ýokarlandyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi toplumyň ähli düzümleriniň sazlaşykly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar. Soňky ýyllarda öňdebaryjy tehnologik enjamlar ornaşdyrylan döwrebap kärhanalar guruldy. Hereket edýän iri dokma toplumlary, pagta egriji we tikinçilik fabrikleri, piläni gaýtadan işleýän hem-de aýakgap öndürýän kärhanalar ekologik taýdan arassa çig maldan ýokary hilli önümleri öndürip, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň mundan beýläk-de pugtalanmagyna mynasyp goşant goşýar. Bu ugurdaky meselelere oýlanyşykly çemeleşmeler, ýokary hilli we elýeterli bahaly ýerli harytlaryň dürli görnüşleriniň öndürilmegi daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň möçberini düýpli azaltmaga mümkinçilik berdi. Türkmen dizaýnerleri içerki bazaryň isleglerini öwrenip, ilatyň möwsümleýin isleglerini nazara alyp, dünýä modasynyň ýörelgelerini özünde jemleýän döwrebap lybaslarydyr beýleki harytlary taýýarlaýarlar we önümçilige girizýärler.

Häzirki zaman enjamlary ornaşdyrylan Babadaýhan we Kaka dokma toplumlary daşary ýurtlarda öndürilýän harytlar bilen mynasyp bäsdeşlik edýän ýokary hilli önümleriň önümçiligini ýola goýdy. Häzirki döwürde ýokary hilli, ekologik taýdan arassa «Gala», «Ýeňiş», «Goza», «Wada», «Nusaý», «Bedew», «Bürgüt», «Akpamyk», «Merw», «Jeýtun», «Mäne» ýaly haryt nyşanly dokma önümlerine içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär. Möwsüme görä, “Mäne”, “Jeýtun” haryt nyşanly önümler hem öndürilýär. “Ruhabat” dokma toplumy boýalan we boýalmadyk nah matalaryň, ýaglyklaryň dürli görnüşlerini hödürleýär. Kärhana pagtany gaýtadan işlemek arkaly içerki we daşary ýurtlaryň dokma kärhanalarynyň önümçiligi üçin zerur bolan nah ýüplükleriň dürli görnüşlerini öndürmäge-de ýöriteleşendir.

Ýurdumyzyň dokma senagaty pagta süýüminden taýýar tikin we trikotaž önümlerine çenli eksport ugurly harytlaryň köp görnüşleri bilen tanalýar. Bu önümler paýtagtymyzda we welaýatlarda ýerleşýän dokma toplumlarynda öndürilýär. Türkmenistanyň ýeňil senagatynyň önümçiliginiň, esasan, tebigy serişdelere esaslanýandygyny bellemek gerek. Munuň özi dünýäniň ähli künjeginden buýurmalary ýerine ýetirýän belli halkara kompaniýalary özüne çekýän möhüm şertdir. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtlara iberilýän taýýar önümleriň, şol sanda öý üçin niýetlenen dokma önümleriniň, sport we jins egin-eşikleriniň aglaba bölegini “Puma”, “Wal-Mart”, “Lidl”, “Bershka”, “Pool&Bear”, “Cosco” ýaly meşhur haryt nyşanlary bilen öndürilýän harytlar düzýär.

Pudagyň ýokary tehnologiýaly ugruna goldaw bermegiň çäklerinde sintetiki süýümleri ulanmak bilen, onuň ösüşiniň täze ugry ýola goýuldy. Bu bolsa kärhanalaryň ýerli çig mallary netijeli peýdalanmaga bolan mümkinçiliklerini giňeltdi. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe dokma toplumlarynda pagta süýüminden, poliestrden garyşyk ýüplükleri, şol sanda gerekli serişdeleri goşmak arkaly alynýan emeli ýüpekden dürli görnüşli üstki eşikleri tikmek üçin matalardyr beýleki önümler öndürilýär.

Emeli süýüme bolan islegleriň artmagy dokma senagatynyň täzeçil ösüşine, tikinçilik önümçiliginiň ýokarlanmagyna giň ýol açdy. Şunda sport bilen meşgullanmak, nebitgaz toplumy, gurluşyk, ulag, jemagat hojalygy, saglygy goraýyş ýaly ulgamlarda zähmet çekýänler üçin iş we ýörite lybaslary taýýarlamakda ulanylýan, özboluşly aýratynlyklary bolan lybaslary öndürmek ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda öňe çykýar. Şeýle matalaryň önümçiligine bildirilýän talaplar ýokarlandy: yssydan we sowukdan goraýan, çyg geçirmeýän matalardan taýýarlanylýan lybaslaryň ýeňilligi, berkligi, çydamlylygy, hapa ýokmazlyk derejesi önümiň gymmatyny has-da artdyrýar. Mundan başga-da, ýüňden, garyşyk ýüňden we pagta süýüminden eşikleriň önümçiligi işjeň özleşdirilýär. Tikinçilik fabriklerinde gyş geýimleri, ýeňsizler, zenanlar üçin milli donlar we beýleki önümler taýýarlanylýar. Şeýle hem uly islege eýe bolan, hil babatda daşyndan getirilýän önümlerden pes bolmadyk joraplar öndürilýär.

Şu ýylyň fewralynda tassyklanylan «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, Dokma senagaty ministrligi boýunça gönükdirilmegi göz öňünde tutulan maýa goýumlaryň möçberi 200 million manada deňdir. Bu serişdeler önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna sarp ediler. Şunuň bilen baglylykda, ministrlik tarapyndan Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabynda nah ýüplük, nah we sütükli matalary, taýýar tikin önümlerini öndürýän dokma toplumy gurlar. Bu desganyň gurulmagy ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, daşyndan getirilýän dokma önümlerini öndürmäge we eksport etmäge mümkinçilik berip, täze iş orunlaryny döreder. Pudakda eýeçiligiň dürli görnüşlerine degişli täze kärhanalaryň döredilmeginiň maksady ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagyna, Döwlet býujetine salgyt tölegleriniň artdyrylmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, abatlanylmagy we döwrebaplaşdyrylmagy zerur bolan düşewüntliligi pes kärhanalary hususylaşdyrmak Dokma senagaty ministrligi tarapyndan ýakyn geljekde bellenen çäreleriň hataryndadyr.

Milli ykdysadyýetimizi sanly ulgam arkaly ösdürmek boýunça giň gerimli işler dokma senagaty pudagynda-da üstünlikli alnyp barylýar. Dokma senagaty ministrligi tarapyndan işlenip taýýarlanylan “Dokma” onlaýn dükanynyň hereket etmegi munuň aýdyň mysalydyr. Onlaýn platforma arkaly müşderiler ministrlige degişli dokma kärhanalarynyň, hususy önüm öndürijileriň ýüzlerçe görnüşli dokma we deri-aýakgap önümlerini sargyt edip bilýärler. Türkmenistanyň Senagatçylar we tele-keçiler birleşmesiniň agzalary ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýarlar. Olar diňe bir tebigy çig mala esaslanman, eýsem, öňdebaryjy tehnologiýalary we tejribeleri ornaşdyrmak arkaly döwrebap önümçilik toplumlarynyň döredilmegine-de işjeň gatnaşýarlar. Ýewropa ýurtlaryndan getirilen ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de netijeli işledilmegi bilen, asyrlardan gaýdýan milli halyçylyk sungatymyzy häzirki zaman senagat usullarynda has-da ösdürmäge, önümçiligiň gerimini giňeltmäge, önüme düşýän gymmaty peseltmäge mümkinçilik döredi.

Dünýäniň häzirki zaman dokma işewürliginde we pileden alynýan ýüpek çig mal bazarynda ýurdumyzyň eksportynyň möhüm ugrunyň emele getirilýändigi bellärliklidir. Ýokary hilli ýüpek süýümini, lukmançylykda, awiasiýa senagatynda, beýleki pudaklarda ulanylýan tehniki dokma önümlerini satyn almaga daşary ýurtlaryň ugurdaş kompaniýalaryndan teklipler gelip gowuşýar. Ýüpegi gaýtadan işleýän kärhanalaryň önümleri diňe bir ýurdumyzyň tikinçilik we taýýar egin-eşikleri öndürýän dokma pudagynda däl, eýsem, beýleki pudaklarda-da uly islegden peýdalanýar.

Soňky ýyllarda hususy kärhanalarda ýüpek el halylarynyň, amaly-haşam sungatynyň, şol sanda milli keşdeçilik sungatynyň önümleriniň önümçiligi barha ýokarlanýar. Bu bolsa, öz gezeginde, dürli reňkli ýüpek ýüplüginiň we sapagynyň satyn alnyşyna bolan islegleriň barha artmagyny şertlendirýär. Ýüpege nepis halylaryň önümçiliginde hem uly isleg bildirilýär. Häzirki wagtda “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalary ajaýyp ýüň we ýüpek halylary öndürip, halkymyzyň baý ruhy mirasynyň gaýtalanmajak nusgalaryny täzeden dikeldýärler. Galyberse-de, aýakgap öndürýän fabrikler, göni gaýtadan işleýän kärhanalar hem hereket edýär. “Muhammet-Balkan” hojalyk jemgyýeti, “Röwşen” hususy kärhanasy bu babatda öňdebaryjylardyr. Olar döwrebap moda usullaryna eýermek bilen, arassa deriden aýakgaplardan daşgary, dürli aksessuarlaryň nusgalaryny hem taýýarlaýarlar. Gönden önümleri öndürmekde Gökdepäniň gön zawodyna-da aýratyn orun degişlidir. Şeýle hem Dokma senagaty ministrliginiň ygtyýarynda “Altyn asyr” harytşynaslyk merkezi we başga-da onlarça ýöriteleşdirilen dükanlar hereket edýär.

Ýurdumyzda guralýan halkara sergiler milli dokma senagatynyň, şol sanda onuň ýüpekçilik we gön önümçilik pudaklarynyň ýeten sepgitlerini aýdyň görkezýär. Şu ýylyň 11 — 13-nji iýunynda Aşgabatda geçirilen “Turkmentextile Expo — 2025” atly halkara sergi-ýarmarka bu babatda özboluşly tanyşdyrylyş meýdançasy bolup hyzmat etdi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan her ýylda pagtanyň bol hasylyny ýetişdirmek bilen, pudagyň serişdeler babatdaky örän uly kuwwatyndan we bäsdeşlige ukyply önümi işläp taýýarlamak boýunça mümkinçiliklerinden dolulygyna peýdalanylmagyny ileri tutulýan wezipe hökmünde kesgitledi. Ýurdumyzyň amatly toprak-howa şertleri dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän orta we inçe süýümli pagtany senagat möçberinde öndürmäge şert döredýär. Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy dokma senagatynyň çig mal binýadynyň has-da pugtalandyrylmagyny, öndürilýän önümleriň görnüşleriniň we möçberiniň artdyrylmagyny şertlendirdi.

Milli dokma senagatynyň dünýä ýurtlaryna eksport edilýän önümleriniň gözden geçirilişine öwrülen “Turkmentextile Expo” halkara sergi-ýarmarkasy bu ugurda gazanylan üstünlikleri aýdyňlygy bilen görkezdi. Ol daşary ýurtly gatnaşyjylardyr myhmanlara pudagyň ösüş ugurlary bilen ýakyndan tanyşmaga, zerur maglumatlary almaga mümkinçilik berdi. Gözden geçirilişiň çäklerinde dürli ýurtlaryň bu pudakda iş alyp barýan hünärmenleri bilen duşuşyklar geçirildi. Munuň özi dokma senagatynyň ösdürilýän esasy merkezleriniň biri hökmünde tanalýan, bu ugra täze tehnologik işläp taýýarlamalary, öňdebaryjy enjamlary çekmäge gyzyklanma bildirýän Türkmenistanyň okgunly ösýän bazaryna daşary ýurt kompaniýalarynyň we işewürleriniň gyzyklanmasyny has-da artdyrmaga ýardam etdi.

Diýarymyzda dokma önümçiliginiň batly depginde ösdürilmegi bilen bir hatarda, özbaşdak moda senagaty hem kemala getirilýär. Munuň özi Türkmenistanyň dünýäniň medeni merkezleriniň biri hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar. Aşgabatda ösen moda ýörelgeleri esasynda taýýarlanylan lybaslar toplumlarynyň görkezilişleri yzygiderli geçirilýär. Milli çeperçilik, amaly-haşam däplerine aýratyn üns berýän milli moda hem-de dizaýn mekdebi netijeli ösdürilýär. Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi paýtagtymyzyň sebitiň medeniýet, sungat we gözellik merkezi hökmünde eýeleýän ornuny barha berkidýändigini tassyklaýar. Gözden geçirilişiň çäklerinde Italiýanyň, Fransiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Niderlandlaryň, Singapuryň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň dünýä belli dizaýnerleriniň taýýarlan täze lybaslar toplumlarynyň görkezilişleri boldy. Sergi-ýarmarka moda dünýäsiniň daşary ýurtly wekilleri bilen tejribe alyşmak üçin giň mümkinçilikleri döretdi.

Ýeri gelende bellesek, özboluşly milli usullarda taýýarlanylýan keteni, ýüpek matasy türkmen dizaýnerleriniň iň köp ulanýan serişdeleri bolup durýar. Ýurdumyzyň modelýerleri ajaýyp egin-eşik toplumlaryny döretmek bilen, Aşgabatda, beýleki ýurtlaryň paýtagtlarynda geçirilýän dürli döredijilik gözden geçirilişlerinde tomaşaçylary haýran galdyrýarlar. Türkmen zenanlarynyň lybaslarynda gadymdan gelýän milli ýörelgeler we döwrebap bezeg äheňleri sazlaşykly utgaşýar. Elde çekilen nagyşlardyr şaý-sepler zenan lybaslarynyň gaýtalanmajak bezegidir.

Döwrebap tehnologiýalar, ykdysady gatnaşyklaryň täze ugurlary boýunça dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyga açyk Türkmenistan öz toplan baý tejribesini we mümkinçiliklerini paýlaşmaga taýýardyr. Munuň özi milli dokma senagatynyň netijeli döwrebaplaşdyrylmagyny, onuň dünýäniň önümçilik ulgamyna goşulyşmagyny, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşary ykdysady gatnaşyklar babatda ykdysadyýetiň bu möhüm pudagynyň işgärleriniň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegini şertlendirýär.

(TDH)

25.07.2025
Ulag ulgamy — dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň möhüm şertleriniň biri

Şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna bagyşlanan makalalar toplumyny dowam etmek bilen, onuň çäklerinde meýilleşdirilýän syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurly çäreleriň möhümdigini bellemek gerek. Şeýle çäreler ähmiýetli gepleşikleriň geçirilmegine şert döredip, döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze binýadyny emele getirmäge goşant goşýar.

Çözülmegi oýlanyşykly we ylalaşykly çemeleşmeleri, dünýä ummanyna çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň geljek üçin garaýyşlarynyň we meýilnamalarynyň gözden geçirilmegini talap edýän, köp döwletler üçin möhüm ähmiýeti bolan meseleler boýunça BMG-niň howandarlygyndaky ýokary derejeli forumy guramagyň ähli jogapkärçiligini Türkmenistan dolulygyna öz üstüne aldy. Ýurdumyzyň bu ugurda hyzmatdaşlyk garaýşy oňa ulgamlaýyn, anyk maksada gönükdirilen häsiýet bermegiň, degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy sebit meýdançasyndan Birleşen Milletler Guramasynyň derejesine çykarmagyň zerurlygyna esaslanýar. Şu ýylyň 11-nji aprelinde Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde 57 döwletiň awtordaşlygynda “Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat” atly Kararnamanyň kabul edilmegi munuň aýdyň beýanydyr.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, sebit we halkara söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilen forumyň ýokary derejesini üpjün etmek maksady bilen, şu ýylyň 4-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekdi hem-de bu ugurda degişli işleri alyp barmak boýunça tabşyryklary berdi. Wekilçilikli forum bilen bagly meseleler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 13-nji iýulda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiren guramaçylyk döwlet toparynyň maslahatynda giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar geografik taýdan ýerleşişi sebäpli ulag, söwda, ykdysady ösüş babatdaky kynçylyklar bilen ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolýarlar. Awazada geçiriljek maslahat diňe bir diplomatik ähmiýetli çäre bolman, eýsem, 570 milliondan gowrak ilata wekilçilik edýän 32 ýurt üçin öz ösüş strategiýalaryna gaýtadan seretmäge, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge, kynçylyklary ýeňip geçmek üçin täzeçil çözgütleri tapmaga amatly mümkinçilikdir. Onuň çäklerinde ugurdaş çäreleriň, şol sanda foruma gatnaşjak ýurtlar, Türkmenistan we halkara guramalar tarapyndan ýerüsti ulag we aragatnaşyga bagyşlanan çäräniň hem geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyna hem-de BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna beslenýän 2025-nji ýylda ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmek boýunça toplumlaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasyny işjeňleşdirmegi öňe sürýär. Şunda energetika geçişi we ulag arabaglanyşygy ýaly iki ileri tutulýan ugruň durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu barada Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda hem bellenilýär. Ulag meseleleri BMG-niň aýratyn iş ugry hökmünde onuň gün tertibinde hemişelik orny eýelemelidir. Türkmenistanyň bu ugurdaky syýasaty ulag meseleleri boýunça gepleşiklere ulgamlaýyn we yzygiderli häsiýet bermäge gönükdirilendir.

Dünýä ykdysadyýetinde ýüze çykýan häzirki zaman meýilleriniň seljermesi ulag-kommunikasiýalar ulgamynyň ösdürilmeginiň has möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär. Üstaşyr ulag gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmek, çig maly we taýýar önümleri daşamagyň döwrebap üpjünçilik ulgamyny gurmak, esasan-da, deňiz terminallaryna göni çykalgasy bolmadyk döwletler üçin birleşdiriji şerte öwrülýär. Şu nukdaýnazardan, täze üstaşyr ulag merkezleriniň mümkinçilikleri örän uludyr. Olara ägirt giňişlikler, adam mümkinçilikleri çekilýär, düýpli maýa goýumlar goýulýar. Bu işleriň ählisi ýurtlar bilen sebitleriň arasyndaky ösüş depgininiň tapawutly bolmazlygyny kepillendirýär. Dünýäniň iri bazarlaryna elýeterliligiň üpjün edilmeginiň, maýa goýum işini höweslendirmegiň, söwda eksport-import amallarynyň artdyrylmagynyň, bäsdeşligiň ýokarlandyrylmagynyň, ilatyň durmuş derejesiniň gowulandyrylmagynyň esasy şerti hökmünde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag-logistika düzümleriniň ösdürilmegi hemişe üns merkezinde saklanylýan ugurdyr. Bu meseläniň çözülmegi bu ugurda yklym derejesinde köp sanly wajyp taslamalary amala aşyrmak üçin işewürlik binýadynyň berkidilmegine ýardam eder.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň esasy şertleriniň birine öwrülýän ulag ulgamyny toplumlaýyn ösdürmegiň zerurdygyna düşünmek bilen, Türkmenistan gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar — aýry-aýry döwletler, abraýly halkara guramalar bilen sebit we yklym ähmiýetli iri taslamalary öňe sürüp hem-de olary bilelikde amala aşyryp, döwrebap ulag düzümlerini döretmäge uly ähmiýet berýär.

Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça hereket edýän halkara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek hakynda Türkmenistanyň, Eýranyň, Omanyň, Kataryň hem-de Özbegistanyň Hökümetleriniň arasynda baglaşylan Ylalaşyk (Aşgabat ylalaşygy), üstaşyr ulag hyzmatdaşlygy hakynda «Lapis Lazuli» Ylalaşyk, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýol geçelgesi iň döwrebap ulag tehnologiýalaryny ornaşdyrmak babatda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek we multimodal daşamalary döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) çäklerinde-de özgertmeler amala aşyrylýar.

Ulag ulgamynda halkara guramalar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu babatda ýurdumyz Halkara raýat awiasiýasy guramasy (ICAO), Howa ulagynyň halkara assosiasiýasy (IATA), Ýewropanyň uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça agentligi (EASA), Halkara awtomobil ulaglary birleşigi (IRU), Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasy, Halkara Deňiz Guramasy ýaly düzümler bilen hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyzda ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, hereket edýän ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny giňeltmäge we täzelerini döretmäge, halkara ykdysady, söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen uzak möhletleýin maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň özi Türkmenistanyň ulag ulgamynyň halkara kommunikasiýa düzümine işjeň goşulyşmagyna, ýurdumyzda multimodal gatnawlaryň sebit boýunça utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistik merkezleriň döredilmegine şert döredýär.

Diýarymyzda öňdebaryjy usullary we inženerçilik çözgütlerini ulanmak arkaly gurulýan demir ýol, awtomobil köprüleri yzygiderli ulanmaga berilýär. Olar ýurdumyzyň üstünden geçýän hem-de Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça uzaýan sebit we sebitara ulag ugurlarynyň döredilmegine ýardam edýär. Geçen ýylyň sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metre deň bolan demir ýol köprüsiniň açylyp ulanmaga berilmegi, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşyk işlerine badalga berilmegi, “Turgundy” demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine girişilmegi ýurdumyzda bu ulgamy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýedigini tassyklaýar. Türkmenistany, Owganystany we Pakistany özara birleşdirýän Owganüsti demir ýol geçelgesiniň taslamasy Owganystana Hind ummanynyň deňiz portlaryna möhüm çykalgany üpjün edýär. Bu diňe bir ykdysady ähmiýetli taslama bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sebitiň durnukly ösüşiniň hem wajyp şertleriniň biridir.

Häzirki wagtda ýurdumyzda demir ýol ulagy pudagy meýilnamalaýyn esasda ösdürilýär. Täze kärhanalar açylyp, olara häzirki zaman tehnologik ulgamlar ornaşdyrylýar. Hereket edýän düzümlerde iň döwrebap tehnikalaryň ornaşdyrylmagynyň hasabyna önümçilik kuwwatlyklary birnäçe esse artdyryldy. Okgunly ösýän milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna uzak ýyllaryň dowamynda hyzmat etjek wagonlaryň we teplowozlaryň uly tapgyry satyn alyndy. Şunuň bilen bir hatarda, halkara howa aragatnaşygynyň işjeňleşdirilmegi üçin zerur şertler döredilip, howa gatnawlaryň çägi yzygiderli giňeldilýär. Bu işler milli awiakompaniýamyzyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pugtalandyrylmagyna goşýan goşandyny artdyrýar.

Awtomobil ýollarynyň gurluşygy hem ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar. 2024-nji ýylyň aprelinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda bu ýoluň Tejen — Mary bölegi açylyp ulanmaga berildi.

Ýokary tehnologiýaly optiki-süýümli ulgamlaryň çekilmegi bilen, aragatnaşyk düzümleriniň sany yzygiderli artdyrylýar. 2024-nji ýylda Serhetabat — Hyrat ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu taslama üstaşyr aragatnaşyk akymlarynyň möçberini artdyrmaga, Owganystanyň we Pakistanyň çäginden Hindistana çenli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny geçirmäge mümkinçilik berer.

Türkmenistan milli telekommunikasiýa infrastrukturasyny kämilleşdirmäge gönükdirilen özara bähbitli başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlyga açykdyr. Şeýle hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ägirt uly üstaşyr geçirijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga, döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryny ornaşdyrmaga, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny üstünlikli ösdürmäge ýardam berer. Şu ýylyň 4-nji aprelinde Samarkantda geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitde eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz ulag-kommunikasiýa pudagynyň strategik ugurlaryň biridigini, Gündogar — Günbatar hem-de Günbatar — Gündogar ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny döretmegiň munuň esasy bölegi bolup durýandygyny belledi.

Şunlukda, Türkmenistan häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetiniň möhüm bölegini düzýän ulag-aragatnaşyk ulgamynda halkara gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly goşant goşýar. Iri halkara forumlaryň hem-de ýokary derejedäki duşuşyklaryň birnäçesinde ulag akymlaryny artdyrmak, täze üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça teklipler beýan edildi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda 2022-nji ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat hem şolaryň hataryndadyr.

Hormatly Prezidentimiz maslahatda sanly ulgam arkaly eden çykyşynda ulag-aragatnaşyk ulgamynyň häzirki döwürde möhüm we aýgytly orny eýeleýändigini nygtady. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin strategik taýdan ähmiýetli bu ugurda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi. BMG-niň howandarlygynda ýörite iş toparyny döretmek şolaryň hataryndadyr. Bu toparyň maksady deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň bähbitlerini goramaga, bu ugurdaky işleri BMG-niň ugurdaş düzümleriniň işiniň ulgamyna, Baş Assambleýanyň “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakynda” Kararnamasynyň taslamasyna girizmäge gönükdirilendir. Nygtalyşy ýaly, şeýle resminama döwletleriň bähbitlerini öňe sürmäge netijeli itergi bermäge, degişli meseleleriň ähmiýetini açyp görkezmäge we olara düşünmäge ýardam berer, dünýä bileleşiginiň olary çözmäge eýerýändigini görkezmäge ukyply bolar.

Forumyň netijeleri Jemleýji Beýannamada berkidildi. Onda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady taýdan okgunly hem-de durnukly ösüşi üçin zerur şert bolup durýan netijeli ulag düzümini döretmekde, ulag ulgamyny ösdürmekde sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça işleri mundan beýläk-de goldamagyň zerurdygy bellenildi. Elbetde, munuň üçin degişli döwrebap düzümiň bolmagy, onuň işiniň halkara ülňülere we beýleki köp sanly görkezijilere, şol sanda multimodal gatnawlaryň talaplaryna laýyk gelmegi zerurdyr. Türkmenistan eýýäm bu ulgamda uly işleri amala aşyrdy. Soňky ýyllarda sebitiň ulag-kommunikasiýa ulgamynyň möhüm halkalary döredildi. Olaryň doly kuwwatlylyk derejesine çykarylmagy diňe bir biziň ýurdumyza we goňşy döwletlere däl, eýsem, yklym derejesinde hem uly peýda getirer.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwrebap milli deňiz söwda flotunyň döredilmegini ulag ulgamyndaky döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň häzirki zaman infrastrukturasy, düzüm bölekleri diňe bir häzirki zerurlyklary kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, geljekde ýüze çykjak islegleri hem ýokary hilli hyzmatlar bilen kanagatlandyrmaga ukyplydyr. Portuň doly kuwwatyna çykarylmagy yklymara ýük daşamalaryň logistik zynjyrlarynda düýpli özgerişlere getirer we Türkmenistanyň üstaşyr terminallary has gysga hem-de bähbitli ugurlar üçin iň amatly terminallar hökmünde bu zynjyryň möhüm halkasyna öwrüler. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleriniň doly derejede ulanylmagy Hazar deňzi sebitine uly göwrümli, agyr ýükleriň ulagyň dürli görnüşleri bilen getirilmegi, olaryň ýurdumyzyň çäklerinden Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerine üstaşyr geçirilmegi babatda hyzmatdaşlygy täze derejä çykaryp, Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyna ýardam eder.

Ýokary derejeli maslahatyň geçiriljek ýeri hökmünde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň saýlanyp alynmagy ýöne ýerden däldir. Merkezi Aziýada strategik taýdan amatly çäkde ýerleşýän Türkmenistan bu sebiti Hazar deňzi arkaly dünýä bazarlary bilen baglanyşdyrýan ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça başlangyçlary işjeň ilerledýär.

Şeýlelikde, taýýarlyk işleri batly depginde alnyp barylýan Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň gün tertibine girizilen meseleleriň oňyn çözülmegi netijeli halkara dialogda möhüm ähmiýetli çäre bolmak bilen, oňa täze itergi we mazmun berip biler.

(TDH)


Beýleki habarlar
24.07.2025
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 21-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitiň galla oragyndan boşan meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri geçirilýär. Gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişi dowam edýär. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň, geljek ýyl üçin oba hojalyk ekinleriniň hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmek işleriniň guramaçylykly alnyp barylmagynyň möhümdigini belledi we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý oragyndan boşan meýdanlary hem-de oba hojalyk tehnikalaryny indiki ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Sebitiň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, gowaçanyň ujuny çyrpmak işleri geçirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda ýeralmanyň we beýleki güýzlük gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny hem-de tohumlaryny ekişe taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginde ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň ekinlerden bol hasyl almagyň esasy şerti bolup durýandygyny aýtdy hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla oragyndan boşan meýdanlary, oba hojalyk tehnikalaryny, ýokary hilli bugdaý tohumlaryny ekişe taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, gowaçanyň ujuny çyrpmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak işleri hem-de güýzlük gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişi utgaşykly alnyp barylýar. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ideg etmek hem-de güýzlük oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek işleriniň ýokary hilli geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de häkime bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm, tekizleýiş we topragy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, ekiji gurallary möwsüme taýýarlamak üçin zerur işler ýerine ýetirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, gowaçanyň ujuny çyrpmak işleri dowam edýär. Ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, ýeralmanyň, güýzlük gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, sebitiň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işlerde kadalaryň dogry berjaý edilmeginiň bol hasyl almak bilen bir hatarda, ýer-suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga hem ýardam berýändigini belledi we häkime bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, bugdaý oragyndan boşan meýdanlary sürmek, tekizlemek, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, gowaçanyň ujuny çyrpmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň, güýzlük gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýetişdirilen gök-bakja önümleri içerki bazarlarda elýeterli bahadan ilata ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, gant şugundyrynyň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alan meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde diňe ylmy taýdan esaslandyrylan ekerançylygyň oba hojalygynyň durnukly ösdürilmegini üpjün edýändigini belledi we häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmaga görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde häzirki wagtda ekiş geçiriljek meýdanlary sürmek we tekizlemek, oba hojalyk tehnikalaryny, ýokary hilli bugdaý tohumyny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, gowaçanyň ujuny çyrpmak işleri alnyp barylýar. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň ekiljek meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmegiň binýady bolup durýandygyny, şoňa görä, innowasiýalary giňden ornaşdyrmak, serişdeleri netijeli peýdalanmak arkaly pudagyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň zerurdygyny belledi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de welaýatlaryň gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmeginiň, gowaçalaryň hatarara bejergi, ujuny çyrpmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, zyýan berijilere garşy göreş işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, welaýatlaryň bugdaý oragyndan boşan meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy, güýzlük bugdaý ekişinde ulanyljak ekijileri, beýleki tehnikalary möwsüme talabalaýyk taýýarlamagy, güýzlük ýeralmanyň, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly meýdanlarynda ideg etmek işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny gazanmak, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň ekişine gözegçilik etmek, şu ýyl welaýatlarda açylyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşyny berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz welaýat häkimlerine ýüzlenip, howanyň aşa gyzýan günlerinde ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň ýerine ýetirilişini, hususan-da, elektrik togundan, tebigy gazdan we suwdan peýdalanylyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

22.07.2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 18-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek maksady bilen, täze kanun taslamalary işlenip taýýarlanylýar hem-de döwrüň talaplaryna laýyklykda, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly geçiren maslahatynda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, şu ýylyň awgust aýynda Awazada parlament forumyny ýokary derejede guramak boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Mejlisiň wekilleri BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanasy bilen bilelikde çaganyň hukuklaryny düşündirmek boýunça okuw sapaklaryny geçirdiler, şeýle hem ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan duşuşyga gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hasabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan geçirilen işleriň netijesinde, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň käbir resminamalaryna, hususan-da, Salgyt meseleleri boýunça özara administratiw kömegi bermek hakynda Konwensiýa hem-de Ygtyýarly taraplaryň maliýe hasaplar boýunça maglumatlaryny awtomatik alyşmagy hakynda köptaraplaýyn Ylalaşyga ýurdumyzyň goşulmagynyň maksadalaýyk hasaplanýandygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli kanunçylygy kämilleşdirmek arkaly abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de Türkmenistanyň Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň degişli Konwensiýasyna we Ylalaşygyna goşulyşmagy barada taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak we işini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebit kärhanasynyň nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasynyň gurluşyk işleri tamamlanyp, täze desga ulanmaga doly taýýar edildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döredýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza nebitgaz toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan hoşallyk bildirip, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz nebitgaz pudagyny ösdürmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy we täze desganyň işe girizilmeginiň ýurdumyzda öndürilýän uglewodorod serişdeleriniň eksport edilýän möçberini artdyrmaga, olary ygtybarly ibermäge mümkinçilik berjekdigini belledi hem-de toplumyň dabaraly açylyşyna sanly ulgam arkaly göni aragatnaşykda badalga berdi.

Açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerinden göni aragatnaşyk arkaly «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Agajanow çykyş edip, hormatly Prezidentimize Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň kuwwatlylygy ýylda 2 million 60 müň tonna nebit we nebit önümlerini ýüklemäge hem-de 1 million 150 müň tonna nebit we nebit önümlerini düşürmäge mümkinçiligi bolan Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasyny işe girizmäge ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Hormatly Prezidentimiz täze desganyň işe girizilmegine ak pata berdi. Soňra dabaranyň geçirilýän ýerinde il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda toý bagy kesilýär. Täze gämi duralgasyndan nebit önümi ýangyç daşaýjy gämä guýlup başlanýar. Açylyş dabarasy aýdym-sazly, tansly çykyşlar bilen jemlendi.

Soňra mejlis Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýer ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Pagta ýygymy möwsümine görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde oba hojalyk tehnikalaryny, pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalaryny, awtoulaglary möwsüme taýýar etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak, ýerleşdirmek, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, meýdanlary, ýokary hilli bugdaý tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Welaýatlarda ýetişdirilen gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen içerki bazarlary üpjün etmek, olaryň güýzki ekiş möwsümine taýýarlyk görmek işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady hem-de wise-premýere ýurdumyzyň welaýatlarynda ýygnalan bugdaý hasylyny kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de gowaça ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyk geçirilmegini dowam etdirmek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän toplumynda, hususan-da, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň oba hojalyk pudagy üçin mineral dökünleri öndürýän zawodlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda mineral dökünleri öndürýän zawodlary netijeli işletmäge, oba hojalyk önüm öndürijilerini mineral dökünler bilen öz wagtynda üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda hereket edýän himiýa kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Türkmen-ýapon işewürlik maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen zerur çäreler görülýär. Maslahata maýa goýum, söwda, hyzmatlar, bilim ulgamlarynda, nebitgaz, senagat, saglygy goraýyş ulgamlary üçin enjamlaryň önümçiligi, gurluşyk, logistika pudaklarynda we beýleki ugurlar boýunça iş alyp barýan ýapon kompaniýalary gatnaşmaga isleg bildirýärler. Türkmen tarapyndan bolsa oňa Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, sanly ulgam arkaly ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň iri halkara çärelere yzygiderli gatnaşýandygyny, Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde hem Türkmenistanyň milli pawilýonynyň öz işini üstünlikli alyp barýandygyny belledi we wise-premýere Türkmen-ýapon işewürlik maslahatyna gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa awgust aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, geljek aýda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli maslahatlary, brifingleri, döredijilik duşuşyklaryny, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen bir hatarda, tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde çagalaryň we ýetginjekleriň wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin olaryň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreleri, dürli döredijilik bäsleşiklerini guramak meýilleşdirilýär. Awgust aýynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň Lebap we Mary welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlary, bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry hem geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ata Watanymyzyň ösüşlerini beýan edýän birnäçe dabaraly çäreleriň geçirilýändigini aýtdy hem-de wise-premýere awgust aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa söz berildi. Ol, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi. Soňra wise-premýer bu şanly sene mynasybetli geçiriljek çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýat merkezlerinde “Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasy hereketde” atly maslahatlary geçirmek, zähmetde aýratyn tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerine hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlary dabaraly gowşurmak, Milli Liderimiziň nusgalyk kitaplarynyň, surat we milli saglygy goraýyş önümleriniň sergisini, aýdym-sazly medeni çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda ynsan saglygyny goramak, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi we wise-premýere «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak çärelere gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow howpsuzlyk meselelerinde halkara guramalar bilen ýurdumyzyň hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, howpsuzlyk meseleleri Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak we bu babatda ýadro energiýasynyň ulanylyşyna gözegçilik etmek boýunça Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyz abraýly halkara guramalaryň çäklerinde bu ugurda öňe sürülýän başlangyçlary yzygiderli goldaýar. Türkmenistan 1994-nji ýylda ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk hakynda, 1998-nji ýylda ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek hakynda, 2006-njy ýylda Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakynda möhüm şertnamalara goşulmak bilen, bu ugurda öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ugurdaş halkara düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça taýýarlanylan birnäçe teklipler hödürlenildi.

Hususan-da, 2017-nji ýylda kabul edilen Ýadro ýaragyny gadagan etmek baradaky şertnama Türkmenistanyň goşulmak meselesini öwrenmek boýunça degişli işleri geçirmek teklip edilýär. 2021-nji ýylda güýje giren bu resminama şu günki güne çenli dünýäniň 94 döwleti goşuldy. Şeýle hem 2026-njy ýylda ýurdumyzda Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasy bilen bilelikde bu guramanyň Milli maglumat merkezleri üçin sebitleýin okuw maslahatyny geçirmek teklip edilýär. Oňa Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlaryndan Milli maglumat merkezleriniň utgaşdyryjylarynyň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär.

Şeýle-de Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň Halkara monitoring ulgamyna degişli bolan we ýurdumyzda ýerleşýän seýsmologiýa stansiýasynyň işini kämilleşdirmek, Halkara monitoring ulgamyndan alynýan maglumatlaryň ýurdumyzyň ugurdaş edaralary tarapyndan peýdalanylmagyny ýola goýmak, Türkmenistanyň degişli halkara resminamalardan gelip çykýan borçnamalaryny ýerine ýetirmek, Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly teklipler beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkara guramalar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz howpsuzlyk meseleleri boýunça halkara guramalar bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy berkitmek hakynda taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzyň Halkara howa menzilleriniň maddy-tehniki binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi hem-de Halkara howa menzillerinde döredilen döwrebap şertler Diýarymyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini artdyrýar. Ulag-kommunikasiýa strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan sebit we halkara derejedäki möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde öz ornuny barha pugtalandyrýar. Şulardan ugur alnyp, ýurdumyzyň howa menzilleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Halkara howa menzillerinde döwrebap şertleri döretmäge, halkara talaplara laýyk gelýän awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi we howa menzilleriniň maddy-tehniki binýadyny berkitmek bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

19.07.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna sapary başlandy

Aşgabat — Baku, 16-njy iýul (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Gahryman Arkadagymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlan, parahatçylyk söýüjilige esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda goňşy ýurtlar bilen hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenendir.

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin häsiýete eýedir. Soňky ýyllarda bilelikdäki tagallalaryň netijesinde bu gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy. Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurda amala aşyrýan şu gezekki sapary hem munuň aýdyň beýanydyr. Ýurtlarymyz syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky döwletara gatnaşyklary giňeltmäge möhüm ähmiýet berýärler. Türkmenistan hem-de Azerbaýjan Respublikasy ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy, Türki Döwletleriň Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi ýaly düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýärler. Şunda parlamentara gatnaşyklara-da aýratyn ähmiýet berilýär.

Söwda-ykdysady ulgam türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ony ösdürmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň alyp barýan işine uly orun degişlidir. Ulag ulgamy-da möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurtlarymyzyň Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşmegi ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge mümkinçilik berýär. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada aýdylanda, ol iki dostlukly ýurduň halklarynyň köpasyrlyk taryhy, medeni-ruhy umumylygyna esaslanýar.

...Biraz wagtdan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň uçary Baku şäheriniň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Belent mertebeli myhmanyň hormatyna haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy Azerbaýjan Respublikasynyň resmi adamlary, şeýle-de ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Bu ýerde Milli Liderimiz bilen dostlukly ýurduň resmi wekiliniň arasynda söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler häzirki wagtda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara ýokary baha berdiler. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň sapary iki goňşy döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin oňyn mümkinçilikleri açar.

Soňra hormatly Arkadagymyzyň awtoulag kerweni Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň “Zagulba” köşgüne tarap ugrady. Köşgüň merkezi girelgesiniň öňünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady. Bilelikde Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasyndan soňra, Gahryman Arkadagymyz bilen Prezident Ilham Aliýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Prezident Ilham Aliýew Milli Liderimizi mähirli mübärekläp, Azerbaýjana sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de iki halky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýändiklerini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjana sapar bilen gelmäge çakylyk hem-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň Prezident Ilham Aliýewe iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjana şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakdan hem-de ösdürmekden, ýetilen sepgitleri berkitmekden, täze ugurlarda taslamalary amala aşyrmaga itergi bermekden ybaratdygyny aýtdy we döwletara gatnaşyklaryň häzirki derejesiniň doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk ruhuna laýyk gelýändigini nygtady. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmen we azerbaýjan halklarynyň umumy taryhy kökleri bolup, iki halkyň aňyrsy hem oguzlardan gaýdýar. Özara gatnaşyklar berk taryhy binýada, iki halkyň ruhy-medeni gymmatlyklarynyň umumylygyna we garyndaşlygyna, hyzmatdaşlygyň strategik mümkinçiliklerine, iki ýurduňdyr olaryň halklarynyň abadançylygynyň hem-de gülläp ösmeginiň bähbidine syýasy, ykdysady mümkinçilikleri gönükdirmäge taýýarlygyna esaslanýar.

Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki döwürde iki dostlukly ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, taraplaryň tagallalary netijesinde türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň maksada okgunlylygy bilen tapawutlanýandygyny, ýokary depginler bilen ösýändigini hem-de birek-birege hormat goýmaga, açyklyga esaslanýandygyny aýtdy. “Biziň ýurtlarymyzyň arasynda özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň örän ýokary derejesi munuň esasy şerti bolup durýar. Bu bolsa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli meseleleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berýär» diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri syýasy-diplomatik gatnaşyklar barada aýdyp, dünýä we sebit meseleleri boýunça ýurtlarymyzyň garaýyşlarynyň meňzeşdigini ýa-da gabat gelýändigini belledi. Türkmenistan bilen Azerbaýjan daşary syýasatda Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna berk eýerýärler. Iki dostlukly ýurt iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň, beýleki sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli we netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky teklibini ilkinji bolup goldandygy üçin azerbaýjan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, iki ýurduň üstaşyr ulag taslamalarynyň sebit üçin möhüm ähmiýetini belledi. Özara haryt dolanyşygynyň ýylsaýyn artmagy, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigi söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklaryň hem netijeli häsiýete eýedigini görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler ýurtlarymyzyň bu ugurdaky kuwwatyny doly derejede durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-azerbaýjan döwletara dialogynyň däp bolan möhüm ugry bolup durýar. Bu gatnaşyklar iki halkyň diliniň we dininiň umumylygyna esaslanyp, häzirki wagtda has-da giňeldilýär.

Gahryman Arkadagymyz iki halkyň hem gadymdan gelýän halyçylyk sungatyny asyrlaryň dowamynda sünnäläp, şu günlere çenli ýetirip gelendiklerini belledi. Şeýle-de türkmen we azerbaýjan halklarynyň bedewlere uly sarpa goýýandyklaryna, özboluşly atşynaslyk, seçgiçilik däplerini dowam etdirýändiklerine ünsi çekdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri iki halkyň Magtymguly, Seýdi, Nyzamy, Fizuly ýaly taryhda uly yz goýan beýik şahsyýetleriniň edebi mirasynyň häzirki we geljek nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny nygtady.

Milli Liderimiz şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň arasynda duşuşygyň hem geçiriljekdigini aýtdy we onuň ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyz sport ulgamynda tejribe alyşmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Sportuň göreş görnüşi iki ýurtda-da meşhurdyr. Munuň özi bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär.

Sözüniň ahyrynda Milli Liderimiz şu saparyň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagynyň, hyzmatdaşlygyň uzak möhletli strategiýasyny durmuşa geçirmek babatda ylalaşylan çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň möhüm şertine öwrüljekdigine ynam bildirdi hem-de doganlyk Azerbaýjan topragynda hemişe bolşy ýaly, mähirli kabul edilendigi üçin azerbaýjan tarapyna ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, öz adyndan, şeýle-de döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Prezident Ilham Aliýewi özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy pursatdan peýdalanyp, türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin, Prezident Ilham Aliýewe türkmen halkynyň adyndan minnetdarlyk bildirdi hem-de oňa azerbaýjan halkynyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Prezident Ilham Aliýew çakylygy we hoşniýetli sözleri üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, azerbaýjan tarapynyň däp bolan dostlukly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady.

Gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa we Geýdar Aliýew adyndaky gaznanyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde ýadygärlik surata düşýärler.

Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerden Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisine bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny dostlukly ýurduň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa mähirli garşylady. Türkmen halkynyň Milli Lideri we Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler. Surata düşmek dabarasyndan soňra, Sahiba Gafarowa Gahryman Arkadagymyzy Azerbaýjanyň milli parlamentiniň agzalary bilen, öz nobatynda, türkmen halkynyň Milli Lideri hem Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygyny türkmen wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy.

Soňra Sahiba Gafarowa Gahryman Arkadagymyzy hem-de türkmen wekiliýetiniň agzalaryny Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň sessiýalarynyň geçýän ýeri bolan uly mejlisler zaly bilen tanyşdyrdy we degişli maglumatlary berdi. Şeýle hem ol türkmen halkynyň Milli Liderini Milli Mejlisiň muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdyrdy. Muzeý bilen tanyşlykdan soňra, Gahryman Arkadagymyz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň milli parlamentiniň ýolbaşçysynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Sahiba Gafarowa Gahryman Arkadagymyzy ýene bir gezek mähirli mübärekläp, şu günki duşuşygyň döwletara gatnaşyklary, şol sanda parlamentler derejesindäki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga itergi berjekdigine ynam bildirdi. Ol 2022-nji ýylda Türkmenistana amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy we pursatdan peýdalanyp, saparynyň dowamynda Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglanandygy üçin ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi. Şeýle hem dostlukly ýurduň milli parlamentiniň ýolbaşçysy Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini belläp, iki ýurduň halklaryny diliň, medeniýetiň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygynyň baglanyşdyrýandygyny aýtdy. Şunuň bilen birlikde, ýokary derejedäki özara saparlaryň döwletara gatnaşyklary ösdürmekdäki möhüm ähmiýetine üns çekildi.

Sahiba Gafarowa Bitarap ýurt hökmünde amala aşyrýan parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatynyň Türkmenistana halkara giňişlikde uly abraý getirýändigini belledi we öz ýurdunyň doganlyk Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýändigini aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bildirilen myhmansöýerlik we mähirli garşylanandyklary üçin türkmen wekiliýetiniň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Sahiba Gafarowanyň 2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistana bolan resmi saparynyň barşynda Aşgabatda geçirilen duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny nygtady. Şol saparyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şol sanda parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz şu günki duşuşygyň türkmen-azerbaýjan doganlyk gatnaşyklaryny, şol sanda iki ýurduň parlamentleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama laýyklykda alnyp barylýan parlament diplomatiýasy boýunça hyzmatdaşlygy berkitmäge möhüm itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda uzak ýyllaryň dowamynda ýola goýlan köpugurly gatnaşyklaryň strategik häsiýetini belledi. Şunda parlamentara dialogy ösdürmekde ýurtlarymyzyň Mejlislerinde döredilen dostluk toparlaryna möhüm ornuň degişlidigi, olaryň yzygiderli duşuşyklaryny geçirmegiň zerurdygy nygtaldy. Hormatly Arkadagymyz häzirki wagtda parahatçylygy goramakda, howpsuzlygy üpjün etmekde, hormat goýmak dialogynyň medeniýetini dikeltmekde parlamentleriň wajyp ornuny belläp, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň parlament wekilleriniň bilelikde bu maksatlara ýetmäge, häzirki döwürde ählumumy gün tertibinde duran meseleleriň üstünde işlemäge uly goşantlaryny goşjakdygyna ynam bildirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri parlamentara dialogyň, gender deňliginiň, zenanlar we ýaşlar diplomatiýasynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz azerbaýjan parlamentarilerine türkmen kärdeşleri bilen bilelikde bu ugurlarda özara hyzmatdaşlyk etmegiň usullaryny işläp taýýarlamagy teklip etdi hem-de taraplaryň üstünlikli tejribesiniň mundan beýläk-de bilelikdäki işlerde peýdalanylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn medeni, ylym-bilim hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirip, iki ýurduň parlamentleriniň howandarlygynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ýaşlarynyň ylym we bilim forumlaryny guramak mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň doganlyk döwletlerdigini, halklarymyzy diňe bir geografiýanyň däl, eýsem, umumy taryhyň, diliň, medeniýetleriň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň ýakynlygynyň hem baglanyşdyrýandygyny, bu beýik mirasy peýdalanmagyň parlament wekilleriniň gönüden-göni wezipesi bolup durýandygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri hökmünde mundan beýläk-de döwletara gatnaşyklary ösdürmek, türkmen we azerbaýjan halklaryny asyrlaryň dowamynda baglanyşdyryp gelýän gatnaşyklary berkitmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny tassyklady.

Dostlukly ýurduň parlamentiniň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzyň beýan eden teklipleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, azerbaýjan tarapynyň kanun çykaryjy edaralarynyň ugry boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini nygtady.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa hem-de iki ýurduň wekiliýet agzalary bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.

Gahryman Arkadagymyz azerbaýjan halkynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň baky aram tapan ýeri bolan Hormat meýdançasyna bardy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjanyň görnükli döwlet we syýasy işgärini hatyralap, Geýdar Aliýewiň guburyna gül desselerini goýdy. Geýdar Aliýewiň ýolbaşçylygynda Azerbaýjan Respublikasynyň okgunly ösüşi we halkara abraýynyň belende galmagy üçin berk binýat goýuldy. Ol Türkmenistanda iki doganlyk ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga uly ähmiýet beren döwlet işgäri hökmünde tanalýar. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň käbesiniň guburyna gül dessesini goýdy.

Soňra Milli Liderimiz “Ýeňiş” ýadygärlikler toplumyna bardy we öz Watany üçin janyny gurban eden Azerbaýjanyň milli gahrymanlaryny hatyralap, ýadygärlige gül desselerini goýdy. Munuň özi geljek nesilleriň abadan durmuşy üçin şirin janyny pida eden gahrymanlary hatyralamak ýaly türkmen we azerbaýjan halklaryna mahsus däpleriň dowamata atarylýandygynyň beýany boldy.

Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade bilen duşuşygy boldy.

Allahşukur Paşazade belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy we ruhy-medeni gymmatlyklary ilerletmekde şeýle duşuşyklaryň möhüm ähmiýetini belledi. Şeýle-de ol 2014-nji ýylda Aşgabatda bolanda, paýtagtymyzyň gözel binagärlik keşbiniň özünde uly täsir galdyrandygyny, Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen uly işleriň amala aşyrylandygyny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň görnükli syýasatçy hökmünde dünýäde giňden tanalýandygyny aýtdy.

Hormatly Arkadagymyz myhmansöýerligi we hoşniýetli sözleri üçin Allahşukur Paşazadä minnetdarlyk bildirdi hem-de şu duşuşygyň Azerbaýjana saparynyň möhüm we ähmiýetli bölegidigini, ikitaraplaýyn köpugurly hyzmatdaşlyk bilen baglylykda, aýratyn mana eýedigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, iki doganlyk halkyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň taryhy asyrlaryň jümmüşine uzaýar. Taryhyň, diliň, medeniýetiň, däp-dessurlaryň umumylygy iki halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň mizemez binýadyny emele getirýär. “Biz diňe bir dil babatda däl, eýsem, beýleki ugurlarda hem birek-birege örän gowy düşünýäris. Iki halkyň bir bitewi kökleri bar. Biz umumy köklere, ýakyn garyndaşlyga esaslanýarys. Bir umumy gymmatlyklara eýerýäris. Biz örän baý taryhy tejribäni häzirki döwre çenli aýawly saklap geldik. Häzir biziň ýurtlarymyz, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmegiň, uzak möhletli bähbitleriň gabat gelmeginiň zerurdygyna anyk düşünmäge, hyzmatdaşlygyň ägirt uly geljeginiň bardygyna esaslanýarlar” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Allahşukur Paşazade syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigine ünsi çekip, ýurtlarymyzyň munuň üçin ähli zerur tagallalary edýändigini, bu işde iki ýurduň din işgärleriniň, umuman, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň halklaryny birleşdirýän yslam dininiň ornuny aýratyn nygtady. Yslam dini beýik we ebedi gymmatlyklary bilen biziň gatnaşyklarymyzy baýlaşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler yslam dininiň ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde, olarda Watana, onuň taryhyna söýgi, ata-enä, maşgala ojagynyň mukaddesligine hormat goýmak duýgularyny kemala getirmekde örän uly ähmiýetini bellediler. Häzirki döwürde bu düşünjeler Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ruhy-ahlak köklerini, olaryň jemgyýetçilik, durmuş-syýasy nusgasyny emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz ýurtlarymyzda bu wezipäni ýerine ýetirmekde din işgärleriniň tutýan ornunyň uludygyny kanagatlanma bilen nygtady.

Din işgärleriniň at-abraýy, baý tejribesi ýurtlarymyzda üstünlikli döwlet gurluşynyň, parahatçylygy goramagyň we berkitmegiň, durmuş, milletara agzybirliginiň örän möhüm şertine öwrülýär. Gahryman Arkadagymyz häzirki şertlerde dinara dialogyň aýratyn ähmiýete eýedigini we derwaýysdygyny belläp, şeýle dialogyň hyzmatdaşlygyň, özara düşünişmegiň köprüleriniň biri bolup biljekdigine ynam bildirdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigine ünsi çekip, bu başlangyjyň syýasy-diplomatik çäklerden daşary çykýandygyny, onuň diňe bir ählumumy geosyýasy häsiýete däl-de, eýsem, örän giň dünýägaraýyş häsiýetine-de eýedigini aýtdy. Bu başlangyç özara hormat goýmak esasyndaky dialogy ýola goýmaga, döwletleriň we halklaryň arasynda ynanyşmaga, ýalňyş garaýyşlarydyr ideologik çäkleri ýeňip geçmäge ýardam bermäge niýetlenendir. Bu başlangyjy öňe süren ýurt hökmünde Türkmenistanyň maksady häzirki döwürdäki ýeňil bolmadyk şertlerde parahatçylyk, özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk ýollaryny gurmakdan ybaratdyr. Hormatly Arkadagymyz bu asylly maksada ýetmekde yslam dinine we onuň wekillerine, uly abraýa eýe bolan işgärlerine örän aýratyn ornuň degişlidigine ynam bildirip, Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazadäni 2025-nji ýylyň dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp, Aşgabatda geçiriljek halkara maslahata çagyrdy.

Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasatynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam berýändigini nygtady.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halklarynyň arasyndaky doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge goşýan uly goşandy üçin Allahşukur Paşazadä tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, ýurtlarymyzyň din wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ähli goldawyň we ýardamyň beriljekdigini, olaryň arasynda berk, uzak möhletli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy üçin hemme şertleriň dörediljekdigini aýtdy. Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy belent mertebeli myhmana hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasynda bu möhüm ugurdaky dialogyň mundan beýläk-de dowam etdirilmeginiň azerbaýjan we türkmen halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Şeýh-ul-islam Allaşukur Paşazadä türkmen donuny we namazlyk sowgat berdi. Ol tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, bu sowgady iki doganlyk halkyň arasyndaky hormat-sarpanyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatyna Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygynyň adyndan günortanlyk nahary berildi. Nahardan soňra, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady. Töwirde Beýik Biribardan türkmen we azerbaýjan halklarynyň arasyndaky dost-doganlygyň dowamat-dowam bolmagy, olaryň hemişe abadan durmuşda ýaşamaklary dileg edildi.

Soňra Milli Liderimiziň awtoulag kerweni “Sea Breeze” dynç alyş toplumyna bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we “Sea Breeze” toplumynyň esaslandyryjysy Emin Agalarow mähirli garşyladylar. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza şekil taslamalarynyň üsti bilen agzalan dynç alyş toplumy barada maglumat berildi.

Ýeri gelende bellesek, soňky ýyllarda türkmen topragynyň ajaýyp künjegi bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hem tanalmaz derejede özgerdi. Hazar deňziniň türkmen kenarynda ak mermerli kaşaň myhmanhanalar, kottej şäherçeleri, ýaht-klublar, çagalar sagaldyş merkezleri, sport desgalary guruldy, dynç alyş seýilgähleri, ýaşyl zolaklar, emeli derýa döredildi. Bularyň hemmesi, şol sanda ulag, inženerçilik-tehniki düzümleriň desgalary öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de gurluşyk, binagärlik we bezeg ulgamlaryndaky özboluşly çözgütleri peýdalanmak arkaly, täzeçil çemeleşmeleriň esasynda bina edildi. Häzirki döwürde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy iri işewürlik, medeni we sport merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyryp, ýokary derejedäki duşuşyklaryň, dürli halkara çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Amatly howa şertleri hem-de Hazar deňziniň türkmen kenarynyň baý şypahana kuwwaty, iň döwrebap tehnologiýalardan, innowasiýalardan, öňdebaryjy binagärlik, inženerçilik-tehniki gazanylanlardan ugur alynmagy, öňde goýlan maksatlara ýetmek babatda oýlanyşykly çemeleşmeler, eziz Diýarymyzyň “deňiz merjeniniň” halkara syýahatçylygyň, şypahana-dynç alşyň hem-de sportuň ykrar edilen merkezine öwrülmegi üçin ähli şertleri döredýär.

Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna sapary dowam edýär.

17.07.2025
Durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirip

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly Bitarap Türkmenistanyň umumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny aýdyň görkezýän möhüm wakalara beslenýär. BMG bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlyk, sebit we ählumumy gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň deňeçer çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orun eýeleýän döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty hem munuň aýdyň mysalydyr.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň şu ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen 63-nji plenar mejlisinde wekilçilikli foruma degişli Kararnama kabul edildi. 57 döwlet bu resminamanyň awtordaşy hökmünde çykyş etdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda giň gerimli maslahata toplumlaýyn taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Oňa 32 ýurtdan, şeýle hem Milletler Bileleşiginiň agzasy bolan gyzyklanma bildirýän döwletlerden ýokary derejeli wekilleriň, BMG-niň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň, birnäçe halkara, sebit guramalarynyň, kanun çykaryjy edaralaryň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 4-nji iýulynda gol çeken Karary BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejesini üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda bu maslahaty guramagyň tertibi hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 13-nji iýulda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiren guramaçylyk döwlet toparynyň maslahatynda-da oňa degişli meseleleriň we wezipeleriň tutuş toplumyna garaldy.

Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda köp sanly çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi öňde boljak maslahatyň esasy aýratynlygydyr. Şolaryň hatarynda mazmunlaýyn “tegelek stol” duşuşyklary, ýokary derejeli forumlar, gatnaşyjy ýurtlar, halkara guramalar we düzümler hem-de ýurdumyz tarapyndan geçiriljek ugurdaş çäreler bar. Mundan başga-da, ýörite sergiler, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleri, milli tagamlaryň festiwaly, medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti guralar. Daşary ýurtly myhmanlar halkymyzyň täsin taryhy-medeni mirasy, özboluşly däp-dessurlary bilen ýakyndan tanşyp bilerler. Maslahat bilen ugurdaşlykda geçiriljek giň gerimli çäreler döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, dostlukly gatnaşyklaryň, özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň berkidilmegine ýardam etmäge gönükdirilendir.

Myhmanlara Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa türkmen kenarynyň gözellikleri bilen tanyşmak mümkinçiligi hem dörediler. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy häzirki wagtda döwrebap düzümleri, baý sagaldyş kuwwatlyklaryny özünde jemleýän dünýä derejesindäki şypahana merkezine öwrüldi. Çuňňur oýlanyşykly binagärlik çözgütleri esasynda gurlan kaşaň myhmanhana toplumlary, beýleki durmuş maksatly desgalar, ýaşyl zolaklar we seýilgähler bu künjegiň tebigy gözellikleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Şunuň bilen birlikde, Awaza halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezi derejesine eýe boldy. Bu ýerde ýokary derejeli duşuşyklardyr forumlary, beýleki dürli çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredilendir. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň awgustynda bu ýerde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatynyň guralandygyny bellemek gerek.

Şol forumda sanly ulgam arkaly eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz dünýä ykdysadyýetinde agdyklyk edýän häzirki zaman ýagdaýlarynyň seljermesiniň ulag we kommunikasiýalar ulgamynyň ösdürilmeginiň has möhüm, aýgytly ähmiýete eýe bolýandygyny aýdyň görkezýändigini belledi. Üstaşyr ulag gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmek, çig maly we taýýar önümleri daşamagyň häzirki zaman üpjünçilik ulgamyny gurmak, esasan-da, deňiz terminallaryna göni çykalgasy bolmadyk döwletler üçin birleşdiriji şerte öwrülýär. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda ýurdumyzyň bu ugurdaky anyk başlangyçlaryny beýan etdi hem-de duşuşykda kabul edilen çözgütlerdir teklipleriň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlygyň binýadyny emele getirjekdigine ynam bildirdi.

Forumyň netijeleri bolsa kabul edilen Jemleýji Beýannamada berkidildi. Onda deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ykdysady taýdan okgunly hem-de durnukly ösüşi üçin zerur şert bolup durýan netijeli ulag düzümini döretmekde, ulag ulgamyny ösdürmekde sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça işleri mundan beýläk-de goldamagyň zerurdygy bellenildi. Resminamada 2016-njy ýylda paýtagtymyzda geçirilen BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatynyň dowamynda badalga berlen Aşgabat prosesini dowam etdirmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi.

Ilaty 570 million adamdan geçýän, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan 32 ýurt geografik ýerleşişi boýunça şertlenen umumy kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Bu meseleler olaryň dünýäniň beýleki ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryna oňaýsyz täsirini ýetirýär. Özbaşdak port desgalarynyň ýokdugy üçin olar üstaşyr döwletlere garaşly bolýarlar. Bu bolsa birnäçe durmuş ugurly meseleleriň ýüze çykmagyna getirýär. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty durnukly ösüş ulgamynda anyk hereketleri ara alyp maslahatlaşmak we işläp taýýarlamak, kämilleşdirilen ulag, sanly özara arabaglanyşyk arkaly ekologiýa, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, Türkmenistanyň ileri tutýan milli hem daşary syýasy garaýyşlaryna laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary ösdürmek, döwletleriň mümkinçiliklerini açmak boýunça ygtybarly meýdança öwrüler. Bu çäre deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlara berilýän ählumumy goldawlary utgaşdyrmaga, özara bähbitli döwletara, sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşant goşmaga ýardam berer.

Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryna esasy üç ugur — ykdysady, durmuş we ekologik deňagramlylygy üpjün edýän toplumlaýyn, bölünmez häsiýet mahsusdyr. Bu maksatlary milli derejede üstünlikli amala aşyrýandygyny we olaryň ýerine ýetirilişine jogapkärli çemeleşýändigini görkezmek arkaly, ýurdumyz bu ugurda BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.

Türkmenistan ählumumy abadançylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak, durnukly energetika, ulag, ekologiýa, daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça teklipleri öňe sürýär. Bu başlangyçlar Milletler Bileleşiginiň goldawyna eýe bolýar hem-de Baş Assambleýanyň degişli Kararnamalary bilen tassyklanylýar. Geçen ýylyň 21-nji martynda kabul edilen 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnama hem şolaryň hataryndadyr. 86 döwlet bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň häzir dowam edýän 79-njy sessiýasynyň wise-başlygy bolup durýandygyny hem nygtamak gerek. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň birnäçe täze halkara başlangyçlary beýan edildi.

Şeýlelikde, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahat Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açar. Onuň giň gerimli maksatnamasy ösüş üçin zerur bolan wezipeleri çözmäge hem-de uzak möhletleýin geljek üçin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kemala getirmäge gönükdirilendir. Şeýle-de bu çärä bagyşlanan ýörite makalalar toplumy çap ediler. Bularyň ählisi öňde boljak forumyň taryhy ähmiýetine ünsi çekmek bilen, Bitarap Watanymyzyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigini nobatdaky gezek açyp görkezer.

(TDH)

17.07.2025