Новости
Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­si

Aş­ga­bat, 13-nji iýun (TDH). Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li bir­nä­çe me­se­le­le­re ga­ral­dy.

Il­ki bi­len, Mej­li­siň Baş­ly­gy D.Gul­ma­no­wa çy­kyş edip, ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek bo­ýun­ça ka­bul edi­len mak­sat­na­ma­lar­dan ugur alyp, döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy, sy­ýa­sy, me­de­ni dur­mu­şy­nyň dür­li ugur­la­ry­na de­giş­li ka­nun tas­la­ma­la­ry­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da mag­lu­mat ber­di. Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry da­şa­ry ýurt­la­ryň par­la­ment­le­ri­niň hem-de hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri bi­len iki­ta­rap­la­ýyn gy­zyk­lan­ma dö­red­ýän me­se­le­ler bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny alyp bar­ýar­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Se­na­ty­nyň, Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň we­ki­li­ýet­le­ri bi­len du­şu­şyk­la­ryň ge­çi­ri­len­di­gi aý­dyl­dy. Ola­ryň bar­şyn­da hyz­mat­daş­ly­gyň we ka­nun çy­ka­ry­jy­lyk işi­niň me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Mej­li­siň we­kil­le­ri döw­let eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan hal­ka­ra dü­züm­ler bi­len bi­le­lik­de ge­çi­ri­len du­şu­şyk­la­ra we okuw mas­la­hat­la­ry­na gat­naş­dy­lar, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Du­şen­be şä­he­rin­de hem-de Bos­ni­ýa we Ger­se­go­wi­na­nyň Sa­ra­ýe­wo şä­he­rin­de iş sa­par­la­ryn­da bol­du­lar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­me­gi­ni üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri do­wam et­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry H.Gel­di­my­ra­dow Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy we onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri bi­len kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Zäh­met we ila­ty dur­muş taý­dan go­ra­mak mi­nistr­li­gi bi­len BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň ara­syn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän de­giş­li se­bit­le­ýin tas­la­ma­nyň ikin­ji tap­gy­ry­nyň çäk­le­rin­de Aş­ga­bat şä­he­rin­de we we­la­ýat­la­ryň 6 et­ra­byn­da ýer­leş­ýän, şu mi­nistr­li­giň ga­ra­ma­gyn­da­ky zäh­met we ila­tyň iş üp­jün­çi­lik bö­lüm­le­rin­de okuw-mag­lu­mat mer­kez­le­ri­ni dö­ret­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da ýaş­la­ra de­giş­li hü­när okuw­la­ry­ny geç­mek ar­ka­ly ola­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mä­ge we beý­le­ki mak­sat­la­ra gö­nük­di­ri­len­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na de­giş­li tek­lip hö­dür­le­nil­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­niň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy we onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri bi­len kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Zäh­met we ila­ty dur­muş taý­dan go­ra­mak mi­nistr­li­gi bi­len BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň ara­syn­da ama­la aşy­ryl­ýan se­bit­le­ýin tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de okuw-mag­lu­mat mer­kez­le­ri­ni dö­ret­mek ba­ra­da­ky tek­li­bi ma­kul­lap, wi­se-prem­ýe­re de­giş­li iş­le­ri ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.Ama­now ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­myn­da, hu­su­san-da, “Türk­men­ne­bit” döw­let kon­ser­nin­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, kon­ser­niň Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my­nyň teh­no­lo­gik des­ga­la­ry­nyň de­giş­li aw­to­ma­tik ul­ga­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça ze­rur iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Mu­nuň özi top­lu­myň önüm­çi­lik-teh­no­lo­gik des­ga­la­ry­nyň bök­denç­siz we yg­ty­bar­ly iş­le­me­gi­ni üp­jün et­mä­ge ýar­dam be­rer. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, wi­se-prem­ýer döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na de­giş­li tek­li­bi hö­dür­le­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ne­bi­tiň çy­ka­ryl­ýan möç­be­ri­ni art­dyr­ma­gyň, ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň hi­li­ni eko­lo­gik stan­dart­la­ryň ta­lap­la­ry­na la­ýyk ge­tir­me­giň ýur­du­my­zyň ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­la­ry­nyň esa­sy we­zi­pe­le­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni­niň Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my­nyň yg­ty­bar­ly iş­le­me­gi­ni üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len tek­li­bi ma­kul­lap, wi­se-prem­ýe­re bu ugur­da de­giş­li iş­le­ri ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry T.Ata­hal­ly­ýew oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da we we­la­ýat­lar­da möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň al­nyp bar­ly­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da gal­la ha­sy­ly­ny gys­ga wagt­da ýyg­nap al­mak bo­ýun­ça iş­ler do­wam ed­ýär. Dä­ne ýyg­ýan kom­baýn­la­ryň we bug­daý da­şa­ýan aw­tou­lag­la­ryň do­ly güý­jün­de iş­le­dil­me­gi­ni üp­jün et­mek, ýyg­na­lan ha­sy­ly ka­bul et­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bir ha­tar­da, go­wa­ça eki­len meý­dan­lar­da ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ha­ta­ra­ra be­jer­gi, mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek, ösüş su­wu­ny tut­mak iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da şa­ly eki­len meý­dan­lar­da ideg iş­le­ri, Le­bap we­la­ýa­tyn­da bol­sa şa­ly eki­şi do­wam ed­ýär. Ma­ry we­la­ýa­tyn­da güýz­lük gant şu­gun­dy­ry ekil­jek meý­dan­lar­da sü­rüm, te­kiz­le­mek, ge­riş çek­mek iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Şeý­le hem ekiş ge­çi­ri­len ýer­ler­de gö­ge­riş su­wu­ny tut­mak iş­le­ri do­wam ed­ýär. Mal­dar­çy­lyk ho­ja­lyk­la­ryn­da mal­la­ry ta­la­ba­la­ýyk idet­mek, ola­ryň baş sa­ny­ny art­dyr­mak we önüm be­ri­ji­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, mal­lar üçin ot-iým­le­riň äti­ýaç­lyk go­ru­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­ýär. Eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry­nyň suw üp­jün­çi­li­gi­ni we ýer­le­riň me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak, suw se­riş­de­le­ri­ni tyg­şyt­ly hem-de ne­ti­je­li peý­da­lan­mak, su­wa­ryş, şor suw aka­ba­la­ry­ny aras­sa­la­mak iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny top­lum­la­ýyn ös­dür­me­gi do­wam et­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çek­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz wi­se-prem­ýe­re ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da gal­la ora­gy­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­me­gi, ýyg­na­lan ha­sy­ly tab­şyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re berk gö­zeg­çi­lik et­me­gi, go­wa­ça eki­len meý­dan­lar­da ideg iş­le­ri­ni ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ge­çir­me­gi do­wam et­dir­me­gi tab­şyr­dy.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.An­na­mäm­me­dow gö­zeg­çi­lik ed­ýän top­lu­myn­da, hu­su­san-da, “Türk­men­hi­mi­ýa” döw­let kon­ser­ni­niň kär­ha­na­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hä­zir­ki wagt­da bu kär­ha­na­la­ryň bök­denç­siz we yg­ty­bar­ly iş­le­dil­me­gi­ni ga­zan­mak üçin ze­rur çä­re­le­riň gö­rül­ýän­di­gi aý­dyl­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da mi­ne­ral dö­kün­le­ri­ ön­dür­ýän za­wod­la­ry ne­ti­je­li iş­let­mä­ge, oba ho­ja­lyk önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­ni mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len öz wag­tyn­da üp­jün et­mä­ge mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni aýt­dy hem-de wi­se-prem­ýe­re he­re­ket ed­ýän hi­mi­ýa kär­ha­na­la­ry­nyň mad­dy-teh­ni­ki bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek, önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny do­ly ulan­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­le­ri ge­çir­me­gi do­wam et­dir­me­gi tab­şyr­dy.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry N.Ata­gu­ly­ýew Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň eks­port ha­ryt­la­ry­nyň ser­gi­si­ni ge­çir­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ser­gi­de ýo­ka­ry hil­li, bäs­deş­li­ge ukyp­ly ha­ryt­lar bi­len bir­lik­de, ýur­du­my­zyň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­niň tä­ze mak­sat­na­ma­la­ýyn ugur­la­ry, ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry ta­nyş­dy­ry­lar. Ser­gä Türk­me­nis­ta­nyň eks­port, ma­ýa go­ýum ugur­ly pu­dak­la­ry­nyň, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry­nyň gat­naş­mak­la­ry göz öňün­de tu­tul­ýar. Mu­nuň özi söw­da-yk­dy­sa­dy, ma­ýa go­ýum, ulag-lo­gis­ti­ka we beý­le­ki ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­re­der. Şeý­le hem wi­se-prem­ýer ýur­du­my­zyň we­ki­li­ýe­ti­niň Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da ge­çi­ril­jek hal­ka­ra yk­dy­sa­dy fo­ru­ma gat­naş­ma­gy bo­ýun­ça de­giş­li iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan da­şa­ry ýurt­lar­da gu­ral­ýan iri möç­ber­li hal­ka­ra çä­re­le­riň ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni bel­le­di hem-de wi­se-prem­ýe­re Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň eks­port ha­ryt­la­ry­nyň ser­gi­si­ni ge­çir­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­le­ri alyp bar­ma­gy tab­şyr­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz dün­ýä ýurt­la­ryn­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra çä­re­le­re iş­jeň gat­naş­mak mak­sa­dy bi­len, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da ge­çi­ril­jek hal­ka­ra yk­dy­sa­dy fo­ru­ma ýur­du­my­zyň we­ki­li­ýe­ti­niň gat­naş­ma­gy bi­len bag­ly res­mi­na­ma gol çek­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.Se­ýi­do­wa Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­ni my­na­sy­bet­li şu ýy­lyň 22 — 27-nji iýu­ny ara­ly­gyn­da Ahal we­la­ýa­tyn­da Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­ni ge­çir­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hep­de­li­giň çäk­le­rin­de dür­li maz­mun­ly me­de­ni çä­re­le­ri, şol san­da Now­ruz ýaý­la­syn­da­ky “Türk­me­niň ak öýi” bi­na­syn­da Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­ny, kon­sert­le­ri, aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ry, mas­la­hat­la­ry, ser­gi­le­ri, dö­re­di­ji­lik du­şu­şyk­la­ry­ny, şyg­ry­ýet ag­şam­la­ry­ny, film­le­riň we sah­na oýun­la­ry­nyň gör­ke­zi­li­şi­ni, Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky mil­li saz­ly dra­ma teat­ry ta­ra­pyn­dan sah­na­laş­dy­ry­lan “Şa­se­nem-Ga­ryp” ope­ra­sy­nyň gör­ke­zi­li­şi­ni ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Şeý­le hem hep­de­li­ge gat­na­şy­jy­la­ryň paý­tag­ty­myz­da­ky “Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy” me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­myn­da be­ýik şa­hy­ryň ýa­dy­gär­li­gi­ne gül goý­mak da­ba­ra­sy­na gat­naş­mak­la­ry me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, wi­se-prem­ýer döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na de­giş­li tek­li­bi hö­dür­le­di.

Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň we Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­nü­ne ga­bat­lap, Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­ni ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­me­giň, onuň geç­ýän döw­rün­de Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­na ba­gyş­la­nan çä­re­le­re hem aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­me­giň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çek­di we wi­se-prem­ýe­re Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mä­ge go­wy taý­ýar­lyk gör­me­gi tab­şyr­dy.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.Oraz­dur­dy­ýe­wa 15 — 19-njy iýun ara­ly­gyn­da paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ril­jek küşt bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şa taý­ýar­lyk gör­lü­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, sport ar­ka­ly pa­ra­hat­çy­ly­gy da­ba­ra­lan­dyr­mak­da Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň mö­hüm wa­ka­sy­na öw­rül­jek bu ýa­ry­şa dün­ýä­niň köp san­ly döw­let­le­rin­den, şeý­le-de Türk­me­nis­tan­dan 8, 10 we 12 ýaş­ly tür­gen­ler gat­na­şar­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, wi­se-prem­ýer döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na de­giş­li tek­li­bi hö­dür­le­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň hal­ka­ra sport ab­ra­ýy­ny has-da ýo­ka­ry de­re­je­le­re gal­dyr­mak, türk­men spor­tu­ny ös­dür­mek ug­run­da ne­ti­je­li iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny, dür­li de­re­je­dä­ki hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry­nyň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz wi­se-prem­ýe­re Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Ýö­ri­te­leş­di­ri­len küşt we şaş­ka mek­de­bin­de spor­tuň küşt gör­nü­şi bo­ýun­ça tür­gen­le­riň ara­syn­da­ky hal­ka­ra ýa­ry­şa go­wy taý­ýar­lyk gör­me­gi we ony ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra eko­lo­gi­ýa hyz­mat­daş­ly­gy ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, dür­li döw­let­ler we hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len bu ugur­da gat­na­şyk­la­ry yzy­gi­der­li ös­dür­mek ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra we se­bit de­re­je­sin­dä­ki fo­rum­lar­da öňe sür­ýän mö­hüm baş­lan­gyç­la­ry we tek­lip­le­ri ýur­du­my­zyň eko­lo­gi­ýa ul­ga­myn­da hal­ka­ra iş­le­ri­ni yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dyr­mak üçin berk esas bo­lup hyz­mat ed­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek bo­ýun­ça taý­ýar­la­nan bir­nä­çe mag­lu­mat­lar we tek­lip­ler be­ýan edil­di.

Äh­lu­mu­my eko­lo­gi­ýa hyz­mat­daş­ly­gy ba­bat­da ho­wa, te­bi­ga­ty go­ra­mak me­se­le­le­ri­niň äh­mi­ýe­ti nyg­tal­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­syn­da­ky çy­ky­şyn­da bu me­se­le­le­re aý­ra­tyn üns be­ril­di. Şon­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin bi­te­wi eko­lo­gi­ýa stra­te­gi­ýa­sy­ny taý­ýar­la­ma­ga gi­riş­me­gi tek­lip et­di. Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 2023-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da Du­baý şä­he­rin­de ge­çi­ri­len BMG-niň Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da­ky Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­na gat­na­şy­jy ta­rap­la­ryň 28-nji mas­la­ha­tyn­da (COP28) döw­le­ti­mi­ziň ýo­kar­da ag­za­lan ugur­lar bo­ýun­ça ga­ra­ýyş­la­ry­ny dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne ýetirdi. Fo­ru­myň bar­şyn­da Türk­me­nis­tan hal­ka­ra res­mi­na­ma­la­ryň bir­nä­çe­si­ne go­şul­dy. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň de­giş­li mi­nistr­lik­le­ri we pu­dak eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan ýo­kar­da ag­za­lan res­mi­na­ma­lar­dan ge­lip çyk­ýan borç­na­ma­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, 2024-nji ýy­lyň no­ýab­ryn­da Ba­ku şä­he­rin­de ge­çi­ri­len BMG-niň Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da­ky Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­na gat­na­şy­jy ta­rap­la­ryň 29-njy mas­la­ha­tyn­da (COP29) hem 9 res­mi­na­ma­nyň ka­bul edi­len­di­gi bel­le­nil­di. Ýur­du­my­zyň bu mas­la­ha­tyň res­mi­na­ma­la­ry­na go­şul­ma­gy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne se­ret­mek mak­sa­dy bi­len, ola­ry öw­ren­mek bo­ýun­ça şu ýy­lyň 21-nji iýu­nyn­da paý­tag­ty­myz­da daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pu­da­ga­ra to­pa­ryň mej­li­si­ni ge­çir­mek tek­lip edil­ýär. Şeý­le-de hä­zir­ki wagt­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 80-nji ses­si­ýa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň ile­ri tu­tul­ýan ga­ra­ýyş­la­ry­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­myz çöl­leş­mä­ge gar­şy gö­reş ba­bat­da örän iş­jeň he­re­ket­le­ri ama­la aşyr­ýar. Bu ugur­da 2024-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da Er-Ri­ýad şä­he­rin­de BMG-niň Çöl­leş­mä gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça Kon­wen­si­ýa­sy­na gat­na­şy­jy ta­rap­la­ryň 16-njy mas­la­ha­ty­nyň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len “Bi­te­wi suw” sam­mi­ti­ne türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň gat­na­şan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Bu fo­ru­myň ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­la­nyp, Baş As­samb­le­ýa­nyň öňü­miz­dä­ki ses­si­ýa­sy­na hö­dür­le­nil­jek Türk­me­nis­ta­nyň ile­ri tu­tul­ýan ga­ra­ýyş­la­ry­na Mer­ke­zi Azi­ýa we onuň bi­len goň­şy döw­let­ler üçin çöl­leş­mä­ge gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­ni dö­ret­mek ba­ra­da­ky me­se­lä­ni goş­mak tek­lip edil­ýär. Se­bit hyz­mat­daş­ly­gy ba­ra­da aý­dy­lan­da, bu ugur­da Ha­zar hem-de Aral de­ňiz­le­ri­ni, umu­man, Mer­ke­zi Azi­ýa­da eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri bi­len bag­ly al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri bel­le­mek bo­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ha­zar se­bi­ti­niň eko­lo­gik howp­suz­ly­gy ba­ra­da­ky me­se­lä üns çe­kil­di. Şun­dan ugur al­mak bi­len, Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň du­şu­şy­gy­ny hem-de döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň no­bat­da­ky sam­mi­ti­ni ge­çir­mek bo­ýun­ça iş­le­ri iş­jeň­leş­dir­mek tek­lip edil­ýär. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, Ha­zar eko­lo­gik baş­lan­gy­jy­nyň Kon­sep­si­ýa­sy­nyň taý­ýar­la­ny­lan­dy­gy we onuň äh­li ke­nar­ýa­ka döw­let­le­riň ga­ra­ma­gy­na ibe­ri­len­di­gi aý­dyl­dy.

Türk­me­nis­tan se­bit­de 2021 — 2025-nji ýyl­lar üçin Aral bo­ýun­ça Mil­li mak­sat­na­ma­ny ka­bul eden ýe­ke-täk döw­let­dir. Şol res­mi­na­ma­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy, şeý­le hem 2026 — 2030-njy ýyl­lar üçin tä­ze mak­sat­na­ma­nyň tas­la­ma­sy­nyň taý­ýar­la­nyl­ma­gy bi­len bag­ly me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin şu ýy­lyň 27-nji iýu­nyn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pu­da­ga­ra to­pa­ryň mej­li­si­ni ge­çir­mek tek­lip edil­ýär. Mun­dan baş­ga-da, Türk­me­nis­ta­nyň 2017 — 2019-njy ýyl­lar­da Ara­ly ha­las et­me­giň hal­ka­ra gaz­na­sy­na baş­lyk­lyk eden­di­gi bel­le­nil­di. Ýur­du­my­zyň bu gu­ra­ma­da baş­lyk­lyk et­me­gi­niň Kon­sep­si­ýa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň AHHG-nyň hu­kuk we gu­ra­ma­çy­lyk dü­zü­mi­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça ta­gal­la et­jek­di­gi ba­ra­da nyg­tal­ýar. Bu ugur­da de­giş­li iş­ler do­wam et­di­ril­ýär. Şun­dan ugur al­nyp, bir­nä­çe tek­lip­ler be­ýan edil­di. Mil­li de­re­je­dä­ki eko­lo­gi­ýa hyz­mat­daş­ly­gy ba­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň Hal­ka­ra suw akar­la­ry­nyň gä­mi gat­naw­syz gör­nüş­le­ri­ni peý­da­lan­ma­gyň hu­ku­gy ha­kyn­da Kon­wen­si­ýa go­şul­ma­gy ba­ra­da­ky me­se­lä se­ret­me­giň mak­sa­da­la­ýyk­dy­gy aý­dyl­dy. Bu res­mi­na­ma de­giş­li ul­gam­da hu­kuk düz­gün­le­ri­ni kes­git­le­ýär. Bu me­se­lä­ni şu ýy­lyň 5-nji iýu­lyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Suw ho­ja­ly­gy ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­tin­de ge­çi­ril­jek pu­da­ga­ra mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne goş­mak tek­lip edil­ýär.

Mil­li de­re­je­de hal­ka­ra eko­lo­gi­ýa iş­le­ri­ni do­wam et­dir­mek hem-de ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty­ny iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, ýur­du­my­zyň ýaş­la­ry­ny hal­ka­ra eko­lo­gi­ýa hyz­mat­daş­ly­gy­na iş­jeň çek­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu iş­le­riň çäk­le­rin­de ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar, il­kin­ji no­bat­da, BMG-niň de­giş­li eda­ra­la­ry bi­len bi­le­lik­de Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­la­ry­nyň ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bo­ýun­ça baş­lan­gyç­la­ry­nyň 2025-nji ýyl üçin “Ýol kar­ta­sy” iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bu res­mi­na­ma­ny tas­syk­la­mak üçin Hö­kü­met de­re­je­si­ne çy­kar­mak tek­lip edil­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, eko­lo­gik aba­dan­çy­ly­gy ga­zan­mak bo­ýun­ça hal­ka­ra de­re­je­de öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri ber­jaý et­mä­ge mö­hüm äh­mi­ýet ber­ilýän­di­gi­ni aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ugur­da hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça taý­ýar­la­nan tek­lip­le­ri gol­dap, wi­se-prem­ýer, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­ne de­giş­li iş­le­ri ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň Baş di­rek­to­ry M.Ça­ky­ýew “San­ly çöz­güt — 2025” at­ly in­no­wa­sion tas­la­ma­la­ryň bäs­le­şi­gi­ni ge­çir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýur­du­myz­da ze­hin­li ýaş­la­ry ýü­ze çy­kar­mak mak­sa­dy bi­len gu­ral­ýan bu bäs­le­şi­gi eme­li aň, ro­bo­to­teh­ni­ka we aw­to­ma­ti­za­si­ýa, “akyl­ly” oba ho­ja­lyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, “akyl­ly” şä­her, bi­lim we elekt­ron okuw, san­ly luk­man­çy­lyk hem-de hyz­mat­lar ul­ga­my ýa­ly ugur­lar bo­ýun­ça ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bäs­le­şik­de hö­dür­le­nil­jek tas­la­ma­lar mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dür­li pu­dak­la­ry­na san­ly çöz­güt­le­ri we tä­ze iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry or­naş­dyr­mak­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, agent­li­giň ýol­baş­çy­sy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ga­ra­ma­gy­na de­giş­li tek­li­bi hö­dür­le­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek­de mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni aý­dyp, her ýyl ge­çi­ril­ýän in­no­wa­sion tas­la­ma­la­ryň bäs­le­şi­gi­ne prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi­ni iş­läp düz­ýän we in­no­wa­sion oý­lap ta­pyş­lar bi­len meş­gul­lan­ýan ýaş­la­ryň giň­den gat­naş­ma­gy­nyň bu ugur­da­ky öz­gert­me­le­riň ro­waç­lan­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz «San­ly çöz­güt — 2025» at­ly in­no­wa­sion tas­la­ma­la­ryň bäs­le­şi­gi­ni yg­lan et­mek ba­ra­da­ky tek­li­bi gol­dap, agent­li­giň ýol­baş­çy­sy­na bu ugur­da de­giş­li iş­le­ri ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.

Mej­lis­de döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li baş­ga-da bir­nä­çe mö­hüm me­se­le­le­re se­re­dil­di we olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len mej­li­si­ni jem­läp, oňa gat­na­şan­la­ra berk jan sag­lyk, maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny, ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi ug­run­da alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

14.06.2025
Söwda ulgamynyň ösdürilmegi — milli ykdysadyýeti pugtalandyrmagyň möhüm şerti

Söwda we telekeçilik ulgamyny ösdürmek halkymyzyň durmuş abadançylygynyň derejesini ýokarlandyrmaga, Diýarymyzyň azyk bolçulygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen ykdysady syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ulgamdaky özgertmeler ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň, bazar gatnaşyklarynyň ýokary netijelere beslenýändigini aýdyň görkezýär.

Söwda ulgamy milli ykdysadyýetiň möhüm bölegi bolmak bilen, býujete gelýän salgytlaryň düýpli artmagyny üpjün edip, döwletiň maliýe taýdan durnukly ösmegine ýardam berýär. Bu ugur kiçi telekeçilikde kärhanalaryň mukdary boýunça hem, şol sanda zähmet çekýän adamlaryň sany babatda hem öňdäki orny eýeleýär. 17-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geljek ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi dowam etdirmek maksady bilen, 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetini işläp düzmek hakynda resminama gol çekdi. Resminamada Döwlet býujetini düzmek üçin ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler tarapyndan berilmäge degişli hasabatlarydyr maglumatlary taýýarlamagyň tertibi we möhleti kesgitlenilýär. Geljek ýylyň býujeti we maliýe-ykdysady görkezijileri işlenip düzülende, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan”, hakyky mümkinçiliklerden, degişli hasaplama görkezijilerinden ugur almak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň makroykdysady ýagdaýyny we maliýe, pul-karz ulgamyny durnukly saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli ösdürmek, giň gerimli özgertmeleri dowam etdirmek, maýa goýumlaryň esasy bölegini täze önümçiliklere gönükdirmek bilen, olaryň netijeliligini artdyrmak, pudaklara sanly ulgamy, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, hususy telekeçiligi ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda çäreleri durmuşa geçirmek geljek ýylyň baş maksatlary hökmünde kesgitlenildi. Şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp, 4-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beýan edilen sanlar we maglumatlar milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň, şol sanda söwdanyň hem-de telekeçiligiň durnukly ösýändigini aýdyň görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, degişli döwürde Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 101,2 göterim, çykdajy bölegi 97,6 göterim ýerine ýetirildi. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 123,1 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,7 göterime barabar boldy. Bu ministrlik ýurdumyzyň önüm öndürijilerinden, zerur bolan halatynda, daşary ýurtly önüm öndürijilerden ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin elýeterli bahadan harytlaryň gerek bolan möçberini satyn almak boýunça degişli işleri alyp barýar.

Diýarymyzda söwda ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegi we döwrebaplaşdyrmagy, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply dokma we haly önümlerini, hususy önüm öndürijileriň dürli görnüşli harytlaryny dünýä bazarlaryna çykarmagy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi ugur edinýän giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýokary tehnologiýaly häzirki zaman önümçilikleri, kompýuterleşdirilen dolandyryş ulgamlaryny döretmek, öz önümlerimiziň hasabyna içerki bazaryň haryt üpjünçiligini ýokarlandyrmak, daşarky bazarlaryň isleglerini öwrenmek, geljegi uly pudaklaryň eksport mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Pagta süýüminden ýüplükleri taýýarlaýan, dürli matalary dokaýan, tikinçilik önümlerini öndürýän kärhanalar milli ykdysadyýetiň depginli ösdürilmegine saldamly goşant goşýar. Häzirki döwürde ýokary hilli, ekologik taýdan arassa «Gala», «Ýeňiş», «Goza», «Wada», «Nusaý», «Bedew», «Bürgüt», «Akpamyk», «Merw», «Jeýtun», «Mäne» ýaly haryt nyşanly dokma önümlerine içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 108 göterime, şol sanda nah ýüplügiň önümçiligi 130,4 göterime, nah matalaryňky 136,7 göterime, gön önümleriniňki 124,5 göterime deň boldy. Şunuň bilen birlikde, “Türkmenhaly” döwlet birleşigi tarapyndan milli halyçylyk sungatyny gorap saklamak we kämilleşdirmek, türkmen el halysyny dokamagyň usullaryny geljek nesillere ýetirmek, gadymy nagyşlardyr göller salnan köpöwüşginli halylary dokamak, halylaryň gadymy nusgawy görnüşlerini dikeltmek boýunça işler durmuşa geçirilýär. Hasabat döwründe “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 100,6 göterim ýerine ýetirildi.

Ösen we ýokary netijeli söwda ulgamy haryt iberijilerdir önüm öndürijilere hil babatda ýokary talaplary bildirip, sarp edijilere ýetirilýän önümleriň hiline gözegçilik edýän ulgama gatnaşyjy bolup çykyş edýär. Şeýlelikde, ol döwletiň ilatyň saglygyny goramak babatda tagallalaryna öz goşandyny goşýar. Häzirki wagtda ştrih-kodlar bilen bellemek ulgamyny ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň GSI halkara ulgamyna goşulmagy hem ýurdumyzyň halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ygtybarly we jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ykrar edilýändigini görkezýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary hilli türkmen harytlarynyň önümçiliginiň möçberiniň, olara bolan islegiň artýandygyny göz öňünde tutsak, önümler üçin ştrih kodlaşdyryş ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, harytlaryň görnüşlerini köpeltmek üçin täze mümkinçilikler açylýar.

Bazar ykdysadyýetine geçiş döwründe Türkmenistanda söwda gatnaşyklarynyň birža söwdasy ýaly görnüşleri ösüp başlady. Şu ýylyň bäş aýynda Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 124 sany birža söwdasy geçirilip, olarda 11 müň 714 şertnama hasaba alyndy. Önümleriň importyna we eksportyna täsir edýän dürli şertleri derňäp, Döwlet haryt-çig mal biržasy ýurtda importyň hem eksportyň maksadalaýyklygyny kesgitleýär, eksport edilýän harytlaryň bahalaryna gözegçilik edýär. Diýarymyzda öndürilip, birža söwdalaryna çykarylýan önümler daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri tarapyndan satyn alynýar. Bu düzüm daşary ýurtlaryň biržalarynyň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmek bilen, öz işini döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistany dünýäniň ykdysady ulgamyna üstünlikli goşmak üçin haryt bazaryny mundan beýläk-de ösdürmek, daşary söwda amallaryny höweslendirmek, harytlaryň eksport möçberini artdyrmak boýunça öňde goýan wezipeleri esasynda amala aşyrýar. Biržanyň işini kadalaşdyrýan kanunçylyk döwletiň bähbitlerine, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär.

Türkmenistana Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulýan ýurt (işjeň synçy) derejesiniň berilmegi gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly halkara guramalar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen daşary syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň güwäsi boldy. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegini, döwletimiziň daşary söwdasynyň geriminiň giňeldilmegini şertlendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 16-njy maýynda “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş sapary hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri forumdaky çykyşynda häzirki döwürde yslam dünýäsiniň öňünde duran möhüm meselelere ünsi çekip, Ýewraziýanyň bitewi energetika, ulag we tehnologik guşagyny döretmek başlangyjyny öňe sürdi. Bu guşak Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlaryna çenli strategik arabaglanyşygy üpjün etmäge gönükdirilendir. Ählumumy özara gatnaşyklaryň köprüsi bolup biljek şeýle guşak haryt-nyrh syýasatyna we dünýä ykdysadyýetiniň umumy ösüşine oňyn täsirini ýetirer.

Şu ýylyň 19-20-nji maýynda Tähran şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň 18-nji mejlisine Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy ýurdumyzyň söwda ulgamynda goňşy döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrýandygynyň nobatdaky mysaly boldy. Toparyň nobatdaky mejlisiniň jemleri boýunça degişli çözgütler kabul edilip, türkmen mawy ýangyjyny Eýrana göni ibermegiň, bu döwletiň çäklerinden üçünji ýurtlara üstaşyr geçirmegiň, şol sanda ony “swap” görnüşinde ugratmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Şeýle-de Mary — Maşat elektrik geçirijisiniň türkmen böleginiň taslamasyny amala aşyrmak, türkmen elektrik energiýasyny mundan beýläk-de Eýrana ibermek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Uzynlygy 242 kilometre deň bolan Gumdag — Etrek — Eýran serhedi awtomobil ýolunyň taslamasyna aýratyn üns berlip, iki ýurduň arasynda ulag gatnawlaryny, ýük dolanyşygyny artdyrmak babatda degişli ylalaşyk gazanyldy. Söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek, haryt dolanyşygynyň möçberini mundan beýläk-de artdyrmak maksady bilen, 2026 — 2028-nji ýyllar üçin iş meýilnamasyny taýýarlamak barada-da ylalaşyldy. Mundan başga-da, duşuşykda serhetýaka söwda zolaklaryny döretmek, bilelikdäki sergileri, işewürlik maslahatlaryny guramak, bu ugurda “Ýol kartasyny” taýýarlamak, Türkmen-eýran işewürlik geňeşini döretmek meseleleri maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 1-2-nji iýunynda Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde döwletara dialogyň täze tapgyrynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge bagyşlanan Türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi. Ulan-Batorda guralan forum iki ýurduň ugurdaş döwlet düzümleriniň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň maýa goýum hyzmatdaşlygy, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmaklary üçin netijeli meýdança öwrüldi.

Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň we maýadarlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredilýär. Munuň özi şu ýylyň 29-njy apreli — 1-nji maýy aralygynda geçirilen «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkada hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahatda-da aýdyň beýanyny tapdy. Üç günläp dowam eden foruma ýurdumyzyň döwlet, hususy düzümlerinden, daşary döwletleriň 30-dan gowragyndan wekiller gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlangyjy esasynda «Hil standart» hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýurdumyzda azyk önümleriniň howpsuzlygyna baha bermek boýunça barlaghana merkezi döredildi. Merkeziň işiniň hil derejesi ISO/IEC17025:2017 halkara standarty bilen tassyklanyldy. Türkmen kärhanalarynyň mynasyp bolan ISO we HACCP halkara güwänamalary olaryň öndürýän azyk önümleriniň ýokary hillidigine, ekologik taýdan howpsuzdygyna şaýatlyk edýär.

Senagat we oba hojalyk pudaklaryny ösdürmek, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan eksport ugurly önümleri öndürmek, ykdysadyýetiň hususy bölegini, kiçi we orta telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamak boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwlet maksatnamalarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň möçberi we gerimi düýpli artdy. Bu, öz gezeginde, milli haryt öndürijileriň eýeleýän orny barha pugtalanýan içerki bazarda isleg bildirilýän önümleriň artmagyna getirdi. «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyna» laýyklykda, milli söwda nyşanly harytlaryň täze görnüşlerini öndürmek we olary daşary ýurtlarda giňden ilerletmek boýunça möhüm wezipeler öňde goýuldy. Türkmenistan halkara jemgyýetçilikde harytlary öndürmek ulgamynda uly kuwwata eýe bolan döwlet hökmünde tanalýar. Milli haryt öndürijileriň önümleriniň ýokary hiliniň, ýurdumyzyň halkara abraýynyň artmagynyň özboluşly nyşany bolan “Türkmenistanda öndürilen” haryt nyşanynyň döwrüň talabyna laýyklykda döredilendigi mese-mälim ýagdaýdyr. Dürli ulgamlarda, şol sanda daşary söwda işinde ýetilen belent sepgitler munuň aýdyň güwäsidir.

Döwletimiz tarapyndan söwda we hyzmatlar ulgamyny ösdürmäge gönükdirilýän iri maýa goýumlar häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ykdysady nusgany döredýär. Bu bolsa ýurdumyzyň maýa goýumlar üçin özüne çekijiligini, halkymyzyň ýokary durmuş derejesini üpjün edýär. Şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 103 göterime, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,2 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 108,2 göterime deň boldy. Içerki bazary zerur önümler bilen üpjün etmek, halkyň sarp edýän harytlarynyň öndürilýän mukdaryny artdyrmak babatda alnyp barylýan işler bilen bir hatarda, ýeňil we azyk senagatynyň önümçilik kuwwatlyklary berkidilýär, hyzmatlar, söwda ulgamynyň ösdürilmegine iri maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Aşgabat, Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň sebitlerinde gurlan köp sanly döwrebap söwda merkezleri, dükanlar, bazarlar, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary ilata, daşary ýurtly myhmanlara hödürlenilýän hyzmatlaryň ýokary hilini üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 25-nji aprelinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde döwrebap bazary gurmak boýunça teklibi makullady. Döwrebap bazaryň çäginde dükanlar, ammar jaýlary, her biri 700 orunlyk gök-bakja ýerlenilýän bazar, halkyň sarp edýän senagat harytlary ýerlenilýän bazar, 150 orunlyk awtoulag satylýan meýdança, 200 orunlyk awtoduralga gurlar.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» ýaly esas goýujy resminamalaryň möhüm ugry hem-de ösen döwletleriň derejesine ýetmegiň, bilimlere, innowasiýalara daýanýan durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň esasy şerti milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Sanly ulgama geçmekde söwda ulgamyna-da möhüm orun degişlidir. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda internet arkaly söwdany ösdürmäge, ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, bu ulgamda-da sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny, sanly ekoulgamyň, innowasion işewürlik nusgasynyň emele gelmegini nazara almak bilen, netijeli hukuk binýady döredilýär we yzygiderli kämilleşdirilýär.

Häzirki döwrüň sarp edijileri amatlylyga, ekologik taýdan arassalyga uly üns berýär, wagtyny tygşytlamaga çalyşýar, özüne aýratyn çemeleşmäni talap edýär. Olar maglumatlary almak üçin sanly tehnologiýalardan, dürli çeşmelerden işjeň peýdalanýarlar. Şeýlelikde, Türkmenistanda söwdany sanlylaşdyrmak ulgamynda esasy iki ugry görkezmek bolar: olar häzirki zaman tehnologiýalaryny işjeň ulanmakdan we müşderileri içgin seljermekden ybarat. “Alyjylaryň hukuklaryny goramak hakynda”, “Söwda işi hakynda”, “Türkmenistanda internet ulgamynyň we internet hyzmatlarynyň ösüşini hukuk taýdan kadalaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň esasynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan harytlary uzak aralykdan ýerlemegiň Düzgünnamasy işlenip taýýarlanyldy hem-de ornaşdyryldy. Oňa uzak aralykdan söwdany ýola goýmak, şol sanda harytlary mahabatlandyrmak, şertnamalary baglaşmak, harytlary sarp edijilere eltip bermegiň tertibi boýunça umumy düzgünler girizildi. Şeýle-de onda sarp edijiniň ygtyýarlyklary we beýlekiler kesgitlenilýär.

Aşgabatda döwlet söwda kärhanalaryny sanlylaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň durmuşa geçirilmeginde Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Kompýuter tehnologiýalary merkezi” tarapyndan esaslandyrylan “Agzybirlik tilsimaty” kärhanasynyň hünärmenleri “Hengsheng Lianhua Investment Management Co., Ltd.” hem-de “Tongfang Hongkong Limited” ýaly öňdebaryjy hytaý kompaniýalary bilen bilelikde işleýärler. “Agzybirlik tilsimaty” haryt nyşany bilen öndürilýän enjamlar, şol sanda sensor ekranly kompýuterler, çek-printerler, ştrih-kod printerleri, skanerler söwdanyň guralyşyna awtomatik ýagdaýda gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen bir hatarda, hyzmat etmegiň häzirki zaman görnüşleri we usullary ösdürilýär, söwda edaralarynyň işini guramagyň tehnologiýasy, söwda nokatlarynyň önümleriň dürli görnüşleri bilen üpjün edilmegi babatda halkara standartlara geçmek işi işjeň dowam etdirilýär. Munuň özi döwletiň ykdysady taýdan abadançylygynyň iň gowy görkezijisi bolup durýar we islendik ýurduň ösüşiniň özboluşly nyşany bolup hyzmat edýär.

Şeýlelikde, söwda edaralarynyň işiniň döwrebaplaşdyrylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda haryt bolçulygyny has-da giňeltmäge, netijede, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

(TDH)


Beýleki habarlar
10.06.2025
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 5-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, hasabat döwründe ýurdumyzyň goranyş ukybyny berkitmek, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyň barşy, harby gullukçylary watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça guralýan çäreler barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Milli goşuny maksatnamalaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine harby gullukçylaryň maddy we ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Baş prokuror B.Muhamedow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýuridik we şahsy taraplaryň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny takyk berjaý edişlerine gözegçiligi üpjün etmek maksadynda görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem prokuratura edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Kanunlaryň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň ýerine ýetirilmegi boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem dowam etmäge, hukuk düzgün-tertibini berkitmäge, düzgün bozulmalaryň öňüni almaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda Baş prokurora birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow 2025-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, içeri işler ministrine ýurdumyzda jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmek we hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew hasabat döwründe geçirilen işler, hormatly Prezidentimiziň sanly ulgamy we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak arkaly kazyýet ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli kanunçylyga laýyklykda, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň, kazylaryň hünär taýýarlygyny yzygiderli ýokarlandyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny aýtdy hem-de Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew hasabat döwründe ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy saklamak, şeýle hem ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ministre ýurdumyzyň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etmegi tabşyrdy.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda eziz Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak, serhet birikmeleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem-de harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ýurdumyzyň serhediniň dost-doganlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň serhedidigini aýtdy we onuň goragyny üpjün etmek, şeýle hem ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak boýunça işleri dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra adalat ministri M.Taganow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň barşy, bu ministrligi ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, birnäçe hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça teklipleriň işlenip taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ministre ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işleri mundan beýläk-de dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, gullugy ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi üçin zerur şertleri döretmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, gümrük nokatlarynda harytlary talabalaýyk resmileşdirmek we olary ygtybarly gümrük barlagyndan geçirmek, üstaşyr geçýän ulaglaryň hereketlerini gözegçilikde saklamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi we bu babatda Döwlet gümrük gullugynyň başlygyna birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý etmek maksady bilen, sanly ulgamyň we döwrebap usullaryň mümkinçilikleriniň ulanylyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, migrasiýa edaralarynyň işini sanly ulgam arkaly kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, şeýle hem Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu işleriň mundan beýläk-de dowam etjekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

06.06.2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 4-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyk getirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak maksady bilen, şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 8-si kabul edildi. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek we Ýük markalary hakynda halkara Konwensiýasyna degişli Teswirnama goşulmak bilen bagly kanunlar bar. Şunuň bilen birlikde, Jenaýat, Arbitraž, Raýat we Jenaýat iş ýörediş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, ýubileý medaly, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, migrasiýa bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Mundan başga-da, Mejlisiň kararlarynyň 10-sy kabul edildi.

Häzirki wagtda adam hukuklaryny we azatlyklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak, saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek, ylmy-intellektual eýeçiligi ösdürmek, wirtual aktiwler, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalyny döretmek bilen baglanyşykly täze Kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak, şeýle hem hereket edýän birnäçe Kanunlary kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Ýylyň başyndan bäri daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlarynyň 6-sy kabul edildi. Mundan başga-da, Mejlisde dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, ýurdumyzdaky daşary ýurt wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 30-sy geçirildi.

Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek meseleleri boýunça ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň halkara guramalar bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 48-sine gatnaşdylar. Halkara tejribäni öwrenmek maksady bilen, milli parlamentiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 17-si amala aşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletimiziň alyp barýan netijeli syýasatynyň, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmagyň kabul edilýän Kanunlarda öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz döwrüň talap edýän täze Kanunlaryny işläp taýýarlamak işlerini dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşi üpjün edildi we ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlandy. Hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 0,8; gurluşykda 4,7; ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,8; söwdada 9,9; oba hojalygynda 4 we hyzmatlar ulgamynda 8,6 göterime deň boldy.

2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,7 göterim artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy.

Şu ýylyň bäş aýynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 12,5; daşary söwda dolanyşygy 5,4 göterim ýokarlandy.

Hasabat döwründe Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 101,2; çykdajy bölegi 97,6 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,4 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 16,3 göterim artdy.

Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek, jemi içerki önümiň ösüş depginini ýylyň ahyryna çenli bellenen derejede saklamak üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny bellemek bilen, wise-premýere ýurdumyzy ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda 2025-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 109 göterim ýerine ýetirildi.

Bellenilişi ýaly, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 108; benzin öndürmegiň meýilnamasy 102,8; dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 101,2; çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 121,1 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmekde 102,2 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

Şeýle hem hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 102,5 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmagyň, munuň üçin önümçilik işini yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň, häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagy dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzda nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 113 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 100,7; Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 100; Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 140,2; “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 121,6; “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 108,4; “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 100,8; Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 103,3; Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 101,1 hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101 göterime deň boldy.

Hasabat döwründe oba hojalyk pudagy boýunça maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 311,8 göterim ýerine ýetirildi.

Şeýle hem wise-premýer häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, şu gün ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlary geçirilip, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda bugdaý oragyna başlanyldy. Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa orak möwsümine 11-nji iýunda başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Şunuň bilen bir hatarda, welaýatlaryň gowaça, ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen ýerlerinde agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ýetişdirilen gök ekinleriň hasylyny ýygnap almak boýunça degişli işler geçirilýär.

Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyza ussat pileçilerimiz tarapyndan ýurdumyz boýunça 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürilip, bu ugurda bellenen şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi baradaky hoş habary aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmagyň, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň oba hojalyk pudagynyň esasy wezipeleri bolup durýandygyny, şunuň bilen baglylykda, bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmegiň, ekin meýdanlarynda oba hojalyk işlerini öz wagtynda geçirmegiň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bugdaý oragynyň hem ýetip gelendigini aýdyp, wise-premýere hasyly ýitgisiz ýygnap almak işlerine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, zähmetsöýer pileçilerimiziň Watan harmanyna 2100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, şu ýylky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendiklerini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ussat pileçileri bu zähmet üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumynda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 109 göterim berjaý edildi.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 113,4 göterim amal edildi.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 114,8 göterime deň boldy.

Hasabat döwründe Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň hem-de amala aşyrylan işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 108,8 göterim berjaý edildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 105,6 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 104,8 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 111,8 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň, himiýa pudagynyň önümçilik kärhanalarynyň doly kuwwatynda işledilmegini gazanmagyň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere energetika pudagynyň kuwwatyny yzygiderli artdyrmagy, şeýle hem täze önümçilik desgalaryny gurmak we olary innowasion tehnologiýalar bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 123,1 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,7 göterime barabar boldy.

Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 108 göterim üpjün edildi. Şol sanda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüşi nah ýüplük boýunça 130,4; nah matalarda 136,7; gön önümleri babatda 124,5 göterime deň boldy.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 100,6 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan hasabat döwründe 124 birža söwdasy geçirilip, olarda 11 müň 714 şertnama hasaba alyndy.

Şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 103 göterime barabar boldy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň bäş aýynda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,2; senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 108,2 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda azyk önümleriniň hem-de zerur bolan beýleki harytlaryň üpjünçiligini üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere öndürilýän önümleriň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň möçberidir görnüşlerini artdyrmagy, şeýle hem dokma kärhanalarynyň işini döwrebap ýola goýmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, hasabatdan görnüşi ýaly, geçen bäş aýyň dowamynda dünýäniň köp sanly döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarda gowy netijeleriň gazanylandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Hormatly Prezidentimiz Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň täze düzümi bilen bagly degişli resminama gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamlarynda 2025-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň birinji mejlisi, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşigiň Aşgabat we Arkadag şäherleri, Ahal hem-de Balkan welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlary, şeýle hem “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly aýdym-sazly festiwal guramaçylykly geçirildi.

Ýurdumyzda köp sanly halkara medeni çäreler, şol sanda sergiler, konsertler, festiwal guraldy. Medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri daşary ýurtlarda geçirilen halkara medeni çärelere gatnaşdylar. Türkmen wekiliýeti Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň aramgählerine zyýarat etmek maksady bilen, Eýran Yslam Respublikasynda saparda boldy.

Şeýle hem kitaphanalar, muzeýler, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen baglylykda, medeni edaralarda we teatrlarda çagalar üçin gyzykly çäreleri guramagy, milli mirasymyzy hemmetaraplaýyn öwrenmek we ýaşlaryň arasynda wagyz etmek boýunça zerur işleri alyp barmagy, taryhy-medeni ýadygärliklerimizi aýawly saklamak boýunça zerur işleri yzygiderli geçirip durmagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe ýaş nesliň döwrebap bilim almagy ugrunda toplumlaýyn işler amala aşyryldy, okatmagyň öňdebaryjy usullary bilim işinde giňden ulanyldy, okuw kitaplarydyr gollanmalar neşir edildi. Mekdep okuwçylary, talyp ýaşlar halkara ders we internet bäsleşiklerinde jemi 711 medala we dürli derejeli diplomlara mynasyp boldular. Ýurdumyzda umumybilim berýän orta mekdepleriň uçurymlarynyň gatnaşmagynda “Soňky jaň” dabaralary guramaçylykly geçirildi.

Şu ýylyň bäş aýynda ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegine, innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagyna we halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen işler dowam etdirildi. Aspirantura, doktorantura hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige jemi 114 adam kabul edildi.

Hasabat döwründe öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak boýunça işler alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumy, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde Immunizasiýa hepdeligi, Daniýa Patyşalygynyň Kopengagen şäherinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynda Türkmenistanyň güni geçirildi.

Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça hem netijeli işler alnyp baryldy. Şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda türgenlerimiz halkara ýaryşlara gatnaşyp, jemi 349 medala mynasyp boldular. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler, bedenterbiýe-sport çäreleri, Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş guramaçylykly geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport ulgamlarynda netijeli işleri alyp barmagyň, tomus möwsüminiň başlanmagy bilen, çagalaryň we ýetginjekleriň boş wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin dynç alyş çärelerini guramagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Saglygy goraýyş ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek, ýaşlary bedenterbiýe we köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek üçin netijeli işleri alyp barmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi şu ýylyň 1-2-nji iýunynda Mongoliýa döwlet saparynyň ýokary derejede geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, Ulan-Bator şäherinde ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň barşynda köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň giň meselelerine garaldy.

Syýasy-diplomatik ulgamda netijeli türkmen-mongol dialogy barada aýdylanda, taraplaryň halkara giňişlikde, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde mundan beýläk-de özara gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy. Şunda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek ýaly möhüm meselelere aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäginde bilelikdäki işi dowam etmek göz öňünde tutulýar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda Ulan-Bator şäherinde geçirilen Türkmen-mongol işewürler forumynyň netijeli bolandygy bellenildi. Onuň barşynda maýa goýum işi, ulag we logistika, aragatnaşyk, dokma senagaty, oba hojalygy, işewür gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi, şeýle hem ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Medeni-ynsanperwer ulgamda türkmen-mongol gatnaşyklaryna uly üns berildi. Bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde Türkmenistanyň milli amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, türkmen halysynyň sergi-ýarmarkasy hem-de iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti guraldy. Şunuň bilen bir hatarda, bilim we ylym ugry boýunça hyzmatdaşlygyň giň meselelerine garaldy, degişli ylalaşyklara we ähtnamalara gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiziň Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň netijeleri boýunça jemi 14 resminama gol çekildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri soňra şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ministrlik tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek we bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, hasabat döwründe degişli işler geçirildi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz ýylyň başyndan bäri “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, “Merkezi Aziýa — Italiýa” görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparlaryny, Ýaponiýa sapary, şeýle hem Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrdy.

Hasabat döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Monako Knýazlygynda saparda boldy, şeýle hem Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna we Özbegistan Respublikasyna dostlukly saparlary, Fransiýa Respublikasyna resmi sapary we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Şu ýylyň mart aýynda Gruziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary boldy. Mundan başga-da, aprel aýynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary ýurdumyza sapary amala aşyrdy.

Hasabat döwründe daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara bolan saparlary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň okgunly ösýändigine şaýatlyk edýär. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 293-si geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanda daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň wekilleri bilen resmi gepleşikler hem-de duşuşyklar guraldy. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üsti 73 resminama bilen ýetirildi.

Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn duşuşyklar, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler yzygiderli geçirilýär. Şeýle hem ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak we giňeltmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Munuň özi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň we berkitmegiň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem halkara guramalar bilen özara bähbitli we uzak möhletli gatnaşyklary pugtalandyrmagy üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny nygtap, wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurdaky hyzmatdaşlygy dowam etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 115,3 göterime deň boldy.

Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 103,4; ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy 102 göterim ýerine ýetirildi.

Şu ýylyň bäş aýynda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 104,6; “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 110; “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 120,5; “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 113,4; “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça bolsa 120,8 göterime deň boldy.

Şeýle hem “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýolagçy we ýük gatnawlaryny artdyrmak, ýolagçy gatnatmak boýunça hyzmatlaryň ýokary hilini we howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça netijeli işleri alyp barmagyň, halkara ulag-üstaşyr gatnawlary üçin amatly şertleri döretmek arkaly ýurdumyzyň logistika mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň, olary mundan beýläk-de işjeň ösdürmegiň möhümdigini belledi we agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip: “Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär” diýip belledi.

Jemi içerki önümiň ösüşi hasabat döwründe 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýär. Ýurdumyzda kabul edilen ähli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki binalaryň we desgalaryň gurluşygy netijeli dowam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

“Biziň esasy wezipämiz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we şoňa görä-de, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň amala aşyrylyşyny hemişe berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda üç günläp, ýagny 6-njy, 7-nji, 8-nji iýunda Gurban baýramynyň bellenilip geçiljekdigini, bu mukaddes baýramyň gadymdan gelýän medeni-ruhy mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy özünde jemleýändigini aýtdy.

“Gurbanlyk günleri berýän sadakalaryňyz kabul bolsun!” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary, mähriban halkymyzy mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlise gatnaşyjylar hem döwlet Baştutanymyzy we Gahryman Arkadagymyzy mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

05.06.2025
Bütindünýä welosiped güni — sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Aşgabat, 3-nji iýun (TDH). Şu gün ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Bu halkara baýram mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli senenamamyzda mynasyp orun alan Bütindünýä welosiped güni ildeşlerimiziň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezmek bilen, raýdaşlyk ruhuny dabaralandyrýar.

Köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketi kuwwatly, jebisleşdiriji güýje eýe bolup, ilatyň beden we ruhy taýdan saglygyny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Bu hereketiň çäklerinde dürli ýaşdaky we kärdäki adamlar umumy maksadyň daşynda birleşýärler. Şeýle çäreler jemgyýetde özara düşünişmegi we dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge, watansöýüjilik, jogapkärçilik ýaly häsiýetleri terbiýelemäge, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge, sport medeniýetini ösdürmäge, şeýle hem milli jebisligi berkitmäge ýardam berýär.

Halkymyzyň abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn alada Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Şunda ilatyň saglygyny goramaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge aýratyn üns berilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak ugrunda ýurdumyzda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän hem-de dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini rowaçlandyrýan, halklaryň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrýan döwlet syýasatynyň netijesinde, ýurdumyz halkara sport çäreleriniň geçirilýän mekanyna öwrüldi.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen, 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, şeýle hem Aşgabat şäherinde üstünlikli geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň degişli Çözgüdine laýyklykda, Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzda sporty ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň halkara jemgyýetçiligiň ykrarnamasyna eýe bolýandygyny görkezýär.

Sport diplomatiýasyny we onuň mümkinçiliklerini herekete getirmegiň ýollary Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda hem öz beýanyny tapdy. Konsepsiýa laýyklykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenýän şu ýylda sport ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça çäreleri alyp barmak, halkara sport ýaryşlaryny, şol sanda ýurdumyzyň başlangyjy bilen öňe sürlen BMG-niň oýunlaryny guramak göz öňünde tutulýar.

...Baýramçylyk mynasybetli guralýan welosipedli ýörişiň badalga alýan ýeriniň — paýtagtymyzdaky Saglyk ýolunyň sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde möhüm ähmiýetini bellemek gerek. Bu ýere Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar. Ýörişe daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri hem gatnaşýarlar. Bu ýere ýygnananlaryň hatarynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň, umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary, Türkmenistanyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleri, talyplar, jemgyýetçilik wekilleri-de bar.

Hemmeler uly ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mübärekleýärler.

Ýurdumyzyň sungat ussatlary Watanymyzy, sporty, sagdyn durmuş ýörelgelerini, ajaýyp zamanamyzy wasp edýän aýdym-sazly kompozisiýalar bilen çykyş edýärler.

Soňra döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi.

Hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, hemmeler ak mermerli paýtagtymyzyň Arçabil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry bilen ýola düşdüler.

Häzirki wagtda welosportuň dünýädäki muşdaklarynyň sany barha artýar. Ýurtlary we halklary jebisleşdirýän baýram bolan Bütindünýä welosiped güni hem sportuň bu görnüşiniň giňden wagyz edilmegine, jemgyýetde ekologik medeniýetiň ilerledilmegine ýardam berýär.

Welosipediň esasy ulag serişdesi hökmünde ulanylmagy daşky gurşawa kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmaga ýardam berýär. Bu bolsa, öz gezeginde, ekologik abadançylygy üpjün etmäge ýardam edýär. Howanyň üýtgeýän häzirki şertlerinde ulagyň ekologiýa taýdan arassa görnüşlerine geçmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, welosiped ulagyň iň netijeli we elýeter görnüşleriniň biri bolup, birnäçe artykmaçlyklara eýedir.

Welosport fiziki işjeňligi arassa howada dynç almak bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berip, syýahatçylyk üçin täze gözýetimleri açýar. Sportuň bu görnüşi ähli ýaşdaky adamlar üçin elýeterlidir. Welosport bilen yzygiderli meşgullanmak ýürek we gan aýlanyş ulgamyny, bedeniň umumy çydamlylygyny berkitmäge ýardam berýär.

Welosiped sporty hem-de welosipedli gezelençler maşgala ýa-da dostlar bolup dynç almak üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Ol ýylyň islendik wagtynda arassa howada wagtyňy hoş geçirmäge amatly şertleri döredýär.

Welosiped sürmek çagalaryň sagdyn ösüşine-de oňyn täsirini ýetirýär. Ol çagalaryň durmuşa uýgunlaşmagyna, bilelikde gezelenç edip, ondan galan täsirleri paýlaşyp biljek täze dostlary tapynmaklaryna şert döredýär.

Türkmenistanda çagalaryň saglygyny berkitmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Hususan-da, döwlet goldawyna mätäç ýaşajyk raýatlarymyz uly üns-alada bilen gurşalýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bu babatda giň gerimli işleri alyp barýandygy bellenilmäge mynasypdyr.

Welosiped diňe bir ulag serişdesi bolman, eýsem, durnukly we ekologiýa taýdan arassa durmuş ýörelgesiniň nyşanydyr. Onuň yzygiderli ulanylmagy daşky gurşawa ýetirilýän zyýany azaltmaga we ilatyň saglygyny berkitmäge mümkinçilik berýär. Ählumumy ekologiýa wehimleri bilen baglylykda, ulag serişdesi hökmünde welosipede geçilmegi hemmeler üçin has arassa, howpsuz we sagdyn geljegi döretmegiň ýolunda möhüm ädim bolup durýar. Şeýle köpçülikleýin çäreler welosporta we ekologiýa meselelerine ünsi çekmek bilen, adamlary ulagyň bu netijeli we peýdaly görnüşini saýlap almaga ruhlandyrýar.

Türkmen halky asyrlaryň dowamynda tebigata aýawly çemeleşmegiň, onuň bilen sazlaşykly ýaşamagyň özboluşly ýörelgelerini kemala getiripdir. Her ýyl geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek çäreleriniň netijesinde, paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda ýaşyl zolaklaryň çägi barha giňelýär. Döredilýän seýilgählerdir seýilbaglar, tokaý zolaklary ýerli howa ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirýär.

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça asylly başlangyçlarynyň häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, Watanymyzyň tebigatyny we onuň gözelligini aýawly saklamak, daşky gurşawy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Milli hem-de ählumumy derejede ekologik abadançylygy üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda toplumlaýyn we uzak möhletleýin Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Onda senagat düzüminiň, ulag-kommunikasiýa ulgamynyň okgunly ösmegi, şäherleriň we täze ilatly ýerleriň geriminiň giňelmegi bilen baglylykda, ýaşyl zolaklaryň, tokaýlaryň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Soňky ýyllarda Diýarymyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda paýtagtymyzyň töwereginde köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek asylly däbe öwrüldi. Halk köpçüliginiň işjeň gatnaşmagynda ýaz hem-de güýz pasyllarynda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralarynyň dowamynda her ýylda millionlarça düýp bag nahaly ekilýär.

Türkmenistan ekologiýa babatda halkara hyzmatdaşlygy hem işjeň ösdürýär. Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulyşan ýurdumyz durnukly ösüş babatda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde durýan meseleleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşýär.

...Bellenilen ugra görä, welosipedçileriň kerweni öz ýoluny paýtagtymyzyň giň şaýollary bilen dowam etdi. Ir säheriň jana şypaly howasy, Köpetdagyň dag etekleriniň gözel görnüşleri, Aziýanyň merjen şäheri hökmünde tanalýan, dünýäniň ýaşamak üçin iň amatly we gözel şäherleriniň biri bolan Aşgabadyň ajaýyp binagärlik keşbi welosipedli ýörişe gatnaşýanlaryň ruhuny belende göterýär.

Sport bilen meşgullanmak adamlara wagtyny has netijeli peýdalanmaga ýardam berýär. Beden maşklary adamyň aňyna, pikirlenmek ukybyna we ýatkeşligine oňyn täsir edip, tutanýerlilik, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýeleýär. Saglyk diňe bir adam däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin hem uly gymmatlykdyr.

Sport Watanymyzyň geljegi bolan sagdyn ýaş nesli kemala getirmekde uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan şeýle giň gerimli sport çärelerine hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy olaryň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Ýörişiň dowamynda hormatly Prezidentimiz, hemişe bolşy ýaly, ýokary beden hem-de sport taýýarlygyny görkezdi.

Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegi döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanyp, ildeşlerimize görelde bolýarlar. Munuň özi türgenleri halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanmaga ruhlandyrýar. Olaryň üstünlikleri ýurdumyzda bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeli häsiýete eýedigini tassyklaýar hem-de Türkmenistanyň halkara sport giňişligindäki abraýyny pugtalandyrýar.

Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine hem möhüm ähmiýet berýär.

Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlaryny häzirki döwrüň Olimpiýa hereketini esaslandyryjy Pýer de Kuberteniň «Sporta waspnamasyndaky» meşhur sözleriniň aýdyň beýany hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Bu senada parahatçylygyň, döredijiligiň, ösüşiň, şatlygyň we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň maksatlary, ýaşlygyň, ýeňşe bolan ymtylmanyň ruhy «Eý, sport! Sen — parahatçylyk!» diýen sözler bilen wasp edilýär. Olimpiýa oýunlarynyň «Bilelikde has çalt, has ýokary, has güýçli» diýen şygary sportuň adamlaryň arasynda raýdaşlygy, dostlugy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini tassyklaýar.

Aşgabatda Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy türkmen sportunyň hil taýdan täze derejä çykmagyna goşant goşdy. Hut şu ýerde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirilip, milli sportuň taryhynda täze sahypany açdy. Bu waka Türkmenistanyň ýokary derejeli ýaryşlary gurap bilýän ýurtlaryň hatarynda orun alandygyny alamatlandyrdy, şeýle hem ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň bähbidine durmuşa geçirilýän sport diplomatiýasynyň üstünligini görkezdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, türgenleriň ussatlygyny artdyrmak, sebit we dünýä derejesinde sport çärelerini geçirmek üçin baý tejribä eýedir.

Taryhy-medeni ýadygärlikleri, gözel tebigaty bilen meşhur Türkmenistanyň syýahatçylyk babatda uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellemek gerek. Özboluşly binagärlik keşbi bilen haýran galdyrýan Aşgabat köp sanly daşary ýurtly jahankeşdeleri özüne çekýär. Timarlanan seýilgählerdir seýilbaglar, suw çüwdürimleri türkmen paýtagtynyň bezegi bolup durýar.

Welosipedli ýörişiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewe, ýurdumyzda ekologiýa ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, uzak möhletleýin wezipeleri öz içine alýan Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Ýolugra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabady ösdürmegiň konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, şäher infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, paýtagtymyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, şäher ýaşaýjylary üçin amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz welosipedli ýörişi tamamlap, paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgüniň ýanyndaky pellehana bardy. Bu ýerde welosipedli ýörişe gatnaşyjylar Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 3-nji iýunyny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda kabul edilen Kararnamanyň ähmiýetini bellediler hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Soňra döwlet Baştutanymyz Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp geçirilen köpçülikleýin sport çäresine gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, hemmelere berk jan saglygyny, üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýlelikde, Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun alan bu halkara baýram mynasybetli geçirilen şu gezekki welosipedli ýöriş jemgyýetimizi umumy maksadyň daşynda jebisleşdirip, Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdudygyny ýene bir gezek äşgär etdi.



Beýleki habarlar
04.06.2025
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy bilen duşuşygy

Ulan-Bator, 2-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet saparynyň çäklerinde Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalan bilen duşuşdy.

Mongoliýanyň parlamentiniň ýolbaşçysy belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyň giňden ösdürilmegine gönükdirilen döredijilikli, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Ulan-Batorda geçirilen hem-de döwletara dialogda täze möhüm tapgyry açan ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň ähmiýeti nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz mähirli kabul edilendigi üçin Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalana minnetdarlyk bildirip, şu gezekki duşuşygyň biziň döwletlerimiziň arasynda, şol sanda kanun çykaryjy edaralaryň çäklerinde özara düşünişmegi ösdürmäge hem-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýola goýmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, geçen ýyl Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrdy. Bu saparyň çäklerinde Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda döwletara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakynda Bilelikdäki Beýannama gol çekildi hem-de gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen, 2025-2026-njy ýyllar üçin “Ýol kartasy” işlenip taýýarlanyldy.

Döwlet Baştutanymyz parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň iki ýurduň arasyndaky syýasy hyzmatdaşlygyň örän möhüm ugurlarynyň biridigini belläp, Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda ýola goýlan syýasy-diplomatik gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamak hem-de ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň işini guramak maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisinde Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huraly bilen parlamentara dostluk toparynyň döredilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz parlamentara dostluk toparlarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagy, olaryň iş saparlaryny guramagy we ýaş parlamentarileriň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagy hem-de parlamentara gatnaşyklarda zenanlaryň ornuny işjeňleşdirmegi esasy ugurlaryň hatarynda görkezdi. Ugurdaş komitetleriň arasynda kanun çykaryjylyk işi boýunça tejribe alyşmagy, şeýle hem Parlamentara Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy ýaly iri halkara guramalaryň maslahatlarynda Türkmenistanyň we Mongoliýanyň öňe sürýän başlangyçlaryny, döwletara gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamagy hem-de dünýä jemgyýetçiligine ýetirmegi hem parlamentara gatnaşyklary ösdürmekde ileri tutulýan ugurlar hökmünde belledi. Munuň bu ugurdaky gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirildi.

Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy hormatly Prezidentimiziň beýan eden möhüm teklipleri üçin hoşallyk bildirip, bu duşuşygyň mongol-türkmen gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen parlamentara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin täze gözýetimleri açýandygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Mongoliýanyň ýokary kanun çykaryjy edarasynyň ýolbaşçysy türkmen we mongol halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary, özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup çykyş edýän bu ugurdaky özara hyzmatdaşlygy goldamaga we ösdürmäge iki ýurduň hem taýýardygyny tassykladylar.

03.06.2025
Türkmenistan we Mongoliýa özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegi ugur edinýändiklerini tassykladylar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi

Ulan-Bator — Aşgabat, 2-nji iýun (TDH). Şu gün Ulan-Batorda hormatly Prezidentimiziň Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Ir bilen hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Mongoliýanyň Döwlet köşgüne geldi. Köşgüň öňündäki Suhe-Bator meýdanynda belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy.

Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh türkmen kärdeşini mähirli garşylaýar. Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Baştutanlary dostlarça salamlaşýarlar.

Bu ýerde milli mongol lybasly gyzjagaz hormatly Prezidentimize türkmen dilinde “Hoş geldiňiz!” sözleri bilen ýüzlenýär hem-de gül dessesini gowşurýar. Soňra döwlet Baştutanlary dostlukly ýurduň ýaş nesliniň wekili bilen bilelikde ýadygärlik surata düşýärler.

Soňra Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Uhnaagiýn Hurelsuh ýörite münbere barýarlar.

Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Döwlet senalary ýaňlanýar.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Uhnaagiýn Hurelsuh Mongoliýanyň goşun tugrasyny sarpalaýarlar we Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler.

Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly ýöriş bilen geçýärler.

Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary Türkmenistanyň we Mongoliýanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşýarlar, şeýle hem Mongoliýada işleýän diplomatik we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny mübärekleýärler.

Dabara tamamlanandan soň, Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Uhnaagiýn Hurelsuh Mongoliýanyň Döwlet köşgüne barýarlar. Köşgüň eýwanynda döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda çäkli düzümde ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.

Dostlukly ýurduň Baştutany belent mertebeli myhmany mongol topragynda mähirli mübärekläp, Mongoliýa döwlet sapary bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Uhnaagiýn Hurelsuha bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, mongol kärdeşine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Mongoliýanyň Prezidentiniň geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana amala aşyran döwlet saparyny we onuň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma işjeň gatnaşandygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mongoliýa bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi we giňeltmegi ugur edinýändigini tassyklady. Döwlet Baştutanymyz bu saparyň ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze itergi bermäge gönükdirilendigini aýdyp, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde bu ugurdaky maksatlara ýetiljekdigine ynam bildirdi.

Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh geçen ýyl Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň ähmiýetini belläp, onuň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim bolandygyny belledi we mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan etdi.

Ynanyşmak we işjeňlik ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda, uzak möhletli geljegi hasaba almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary anyklaşdyryldy. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Uhnaagiýn Hurelsuh şeýle hem söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin köpugurly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, iki ýurduň halklarynyň has-da ýakynlaşmagyna ýardam berýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň möhümdigini aýtdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdirildi.

Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy we Türkmenistanyň wekiliýet agzalaryny ýene bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp, Mongoliýanyň Türkmenistan bilen ýola goýlan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem ähli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge we ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady. Şunda ýokary derejedäki özara saparlaryň iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

Soňra döwlet Baştutanymyza söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuha ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, şu duşuşygyň Mongoliýanyň Prezidentiniň geçen ýylyň güýzünde Türkmenistana amala aşyran döwlet saparynyň barşynda geçirilen gepleşikleriň özboluşly dowamydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen-mongol gatnaşyklarynyň ulgamlaýyn we yzygider häsiýete eýe bolýandygy hem-de durnukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk derejesine çykýandygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz şu gezekki ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine syýasy, ykdysady, söwda, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek meseleleriniň giň toplumynyň girizilendigini hem-de resminamalaryň uly toplumyna gol çekiljekdigini aýtdy.

Türkmenistan bitaraplyga esaslanýan daşary syýasy ugruny hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde öňe sürýän halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin mongol tarapyna minnetdarlyk bildirýär. Öz gezeginde, ýurdumyz mundan beýläk-de Mongoliýanyň halkara ähmiýetli tekliplerini goldar.

Soňky ýyllarda parlament diplomatiýasy halkara giňişlikde aýratyn orny eýeleýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mongoliýa bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi we ep-esli giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklap, häzirki döwürde bu ugurda hyzmatdaşlyga güýçli depgin we köpugurly häsiýet bermek üçin ähli şertleriň bardygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şu günki gepleşikleriň jemleri boýunça hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ulgamlaýyn ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara topary döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, bu ugurda tagallalary birleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ýurtlaryň ençemesiniň çäklerini öz içine alýan utgaşdyrylan ulag-logistika geçelgelerini döretmek boýunça iri taslamalary durmuşa geçirmegi maksat edinýän «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» başlangyjyny öňe sürdi. Bu taslamalar deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň meseleleri bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Şu ýylyň awgust aýynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda Döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň derejesinde Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçiriler. Bu maslahat «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» atly şygar bilen geçiriler diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mongoliýany bu maslahatyň işine gatnaşmaga çagyrdy. Bu ugurda Türkmenistanyň mongol tarapy bilen bir maksada gönükdirilen dialogyň dowam etdirilmegine bil baglaýandygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, Türkmenistanyň şu ýylyň aprel aýynda «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Halkara barlag merkezini döretmek hakynda köptaraplaýyn ylalaşyga» resmi taýdan goşulandygyny belledi hem-de türkmen tarapynyň Ulan-Batorda ýerleşýän bu merkez bilen işjeň özara hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow energetika pudagynyň hyzmatdaşlygyň ýene-de bir ugrudygyny belläp, Türkmenistanyň bu ugurda anyk özara hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri görýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz mongoliýaly hyzmatdaşlaryň tekliplerine seretmäge, telekeçileriň göni gatnaşyklaryny ýola goýmakda goldaw bermäge, özara söwda amallaryny amala aşyrmak üçin amatly hukuk şertlerini döretmäge taýýardyr.

Döwlet Baştutanymyz medeni-ynsanperwer ulgamda hem bilelikde iş alyp barmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Mundan başga-da, syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sporty hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitläp, Mongoliýanyň 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Aziýa oýunlaryna gatnaşyp, üstünlikli çykyş edendigini belledi hem-de sport alyşmalar däbini dowam etmek teklibini öňe sürdi.

Şu ýyl Türkmenistan üçin aýratyn ýyldyr. Şu ýyl ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilýär. Şeýle hem 2025-nji ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu wakalaryň şanyna şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda halkara forum geçiriler diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhy bu dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyz sözüniň ahyrynda netijeli gepleşikler, hoşniýetlilik we iki halkyň hem-de döwletiň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge taýýarlyk üçin, Prezident Uhnaagiýn Hurelsuha we mongol wekiliýetiniň ähli agzalaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Mongoliýanyň Baştutany çykyş edip, gepleşikleriň netijeli bolandygyny, olaryň barşynda döwletara gatnaşyklarda ýetilen sepgitleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy. Şeýle hem Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh ykdysady ugurlara ünsi çekmek bilen, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine hem-de ileri tutulýan ugurlaryna garalandygyny belledi.

Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň beýan eden ähli tekliplerini goldap, Mongoliýanyň we Türkmenistanyň Hökümetleriniň hem-de ugurdaş düzümleriniň arasynda gol çekiljek resminamalaryň möhüm ähmiýetini nygtady. Şunda gepleşikleriň dowamynda türkmen-mongol gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, şeýle hem söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň many-mazmunyny baýlaşdyrmak we giňeltmek barada ylalaşyk gazanylandygy bellenildi.

Şunuň bilen birlikde, ulag gatnawlaryny hem-de logistikany ösdürmek maksady bilen, Awtomobil ulagy boýunça bilelikdäki komitetiň, şeýle hem oba hojalygy, weterinariýa hem-de maldarçylyk boýunça degişli komitetleriň döredilmeginiň möhümdigi nygtaldy.

Mongoliýanyň Baştutany özara söwda dolanyşygynyň hem-de harytlaryň görnüşleriniň artmagy bilen baglylykda, ýeňil senagat pudagynda taslamalary we maksatnamalary bilelikde durmuşa geçirmek hakynda gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýetini belledi.

Şunuň bilen birlikde, bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň ugry boýunça, ýokary derejeli işgärleri taýýarlamakda Mongoliýanyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga taýýardygy beýan edildi.

Dostlukly döwletiň Baştutany şeýle hem Türkmenistan bilen halkara we sebitleýin guramalaryň çäklerinde mundan beýläk-de işjeň hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Bu ugurda biziň ýurtlarymyz birek-biregiň tekliplerini we başlangyçlaryny özara goldaýarlar.

Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh Mongoliýanyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Halkara barlag merkezini döretmek hakynda köptaraplaýyn ylalaşyga» goşulandygy üçin Türkmenistana tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Sözüniň ahyrynda dostlukly döwletiň Baştutany Mongoliýanyň ýurdumyz bilen köpugurly netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi ugur edinýändigini ýene bir gezek tassyklady.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh ýygnananlaryň el çarpyşmalary bilen Bilelikdäki Beýannama gol çekýärler.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda:

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça topary döretmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Mongoliýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2026-2027-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Çarçuwaly Ylalaşyga; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda söwda, ykdysady we maýa goýumlar babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda 2026 — 2028-nji ýyllar üçin orta möhletli Maksatnama; Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Mongoliýanyň Azyk, oba hojalygy we ýeňil senagaty ministrliginiň arasynda ýeňil senagat babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Mongoliýanyň Bilim ministrliginiň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Mongol milli lukmançylyk ylymlary uniwersitetiniň arasynda bilim we saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Mongoliýanyň Milli uniwersitetiniň Syýasy ylymlar, halkara gatnaşyklary we jemgyýetçilik dolandyryşy mekdebiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Aşgabat şäher häkimligi bilen Ulan-Bator şäheriniň merliginiň arasynda Aşgabat şäheriniň we Ulan-Bator şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen Mongoliýanyň milli muzeýiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Mongol ylymlar akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Mongoliýanyň Milli telewideniýesiniň arasynda teleradioýaýlymlar babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) bilen «MONTSAME» Mongol milli habarlar agentliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilýär.

Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Mongoliýanyň Prezidenti çakylygy kabul edip, sapar bilen gelendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň özara saparlary dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan umumy maksadyň aýdyň beýanydyr. Iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlanyndan soň geçen döwrüň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň dostlukly ýurda amala aşyran ilkinji döwlet sapary Mongoliýanyň we Türkmenistanyň gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açýar.

Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet saparynyň dowamynda Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana 2024-nji ýylda amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde gol çekilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meselelere hem-de ýurtlarymyzyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garalandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh şu günki geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekilendigini belledi hem-de bu resminamanyň hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlejekdigine, özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Mongoliýanyň Prezidentiniň geçen ýyl Türkmenistana amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda howa we halkara awtomobil gatnawlary hakynda hökümetara Ylalaşyklara, Maldarçylyk pudagy, weterinariýa boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga, şeýle hem ulag-logistika, syýahatçylyk, oba hojalyk pudaklarynda hyzmatdaşlygyň esasyny düzýän beýleki resminamalara gol çekildi.

Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa döwlet saparynyň dowamynda söwda-ykdysady, ýeňil senagat, ylym-bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen 14 resminama gol çekilendigi bellenildi.

Mongoliýanyň Baştutany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dostlukly döwletara dialogy ösdürmäge hem-de giňeltmäge goşýan şahsy goşandyna, tagallalaryna ýokary baha berdi we pursatdan peýdalanyp, tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, gepleşikleriň barşynda Mongoliýa we Türkmenistan BMG-niň hem-de beýleki halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýändiklerini tassykladylar. Şu ýyl BMG tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmegine 30 ýyl bolýandygy bellenildi. Pursatdan peýdalanyp, Mongoliýanyň Prezidenti döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy hem-de dostlukly türkmen halkyny bu şanly sene mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Mongoliýanyň Baştutany iki ýurduň, olaryň halklarynyň abadançylygynyň, gülläp ösüşiniň bähbidine döwletara dialogyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we giňeldiljekdigine, dostluk gatnaşyklarynyň berkidiljekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Mongoliýanyň wekiliýetleriniň arasynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň jemlerini beýan edip, olaryň dostlukly, ynanyşmak ýagdaýynda geçendigini aýtdy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Biziň ýurtlarymyz bütin dünýäde we sebitde parahatçylygy, durnuklylygy gorap saklamakda we berkitmekde bilelikdäki işleri dowam ederler. Türkmenistan we Mongoliýa Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, şeýle hem ekologiýa we azyk gün tertibi, energetika howpsuzlygy, özara ulag baglanyşygy boýunça hyzmatdaşlyk ederler.

Mongoliýanyň Türkmenistanyň Bitaraplygyny, ählumumy howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarymyzy goldaýandygy, döwletara gatnaşyklarda ynanyşmak dialogyny ilerledýändigi üçin, jenap Prezidente minnetdarlyk bildirdim diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

Gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga ileri tutulýan orun berildi. Şunda Aziýadan Ýewropa çenli halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça bilelikdäki işlerde iki ýurduň tagallalaryny birleşdirmegiň geljeginiň uludygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» boýunça başlangyjynyň ähmiýetini belledi. Energetikada we kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin şertleriň bardygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şeýle hem gepleşikleriň dowamynda parlamentara hyzmatdaşlyk meselelerine hem garalandygyny aýdyp, bu gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygyň sütünleriniň biri bolmalydygyny belledi we medeni-ynsanperwer, ylym, bilim, sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda ylalaşyklaryň gazanylandygyny habar berdi.

Bellenilişi ýaly, gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow duşuşyklaryň we gepleşikleriň dowamynda bildirilen açyklyk, hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlyk üçin, Prezident Uhnaagiýn Hurelsuha hem-de mongol wekiliýetiniň ähli agzalaryna minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistan we Mongoliýa uzak geljegi göz öňünde tutup, gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegi we berkitmegi berk maksat edinýändigini tassykladylar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we mümkinçilikden peýdalanyp, Mongoliýanyň dostlukly halkyna parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow saparyň çäklerinde Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalan bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Mongoliýa döwlet saparyny tamamlap, Ulan-Bator şäheriniň “Buýant-Uhaa” Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.

Birnäçe sagatdan soň, döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar mähirli garşyladylar.

* * *

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa döwlet saparynyň çäklerinde şu gün Türkmen-mongol işewürler forumy geçirildi.

Şu gezekki duşuşyk döwletara dialogyň täze tapgyrynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge, maýa goýum hyzmatdaşlygynyň we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmaga bagyşlandy. Foruma Mongoliýanyň we Türkmenistanyň ugurdaş döwlet edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Mongoliýanyň Milli Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda geçirilen duşuşyga gatnaşyjylar, ilki bilen, Türkmenistanyň milli amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we türkmen halysynyň sergi-ýarmarkasy bilen tanyşdylar. Halkymyzyň milli senetleriniň özboluşly we dürli görnüşli önümleri, çeper elli halyçylar tarapyndan dokalan ajaýyp halylar Mongoliýanyň wekillerinde ýurdumyzyň täsin medeni mirasyna uly gyzyklanma döretdi.

Mongoliýanyň Milli Söwda-senagat edarasynyň wekili hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet saparynyň çäklerinde Ulan-Bator şäherine gelen türkmen myhmanlaryny mähirli garşy aldy.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň täze ösüşi başdan geçirýändigini hem-de anyk netijelere gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler.

Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda resminamalaryň birnäçesine gol çekilmegi, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa häzirki döwlet sapary taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga taýýardygynyň aýdyň güwäsidir.

Uly monitorda iki ýurduň ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri barada wideofilm görkezildi. Onda iki ýurduň maýa goýum ýagdaýy, kanunçylygy we döredilýän ýeňillikler barada giňişleýin maglumat berilýär.

Mongol hyzmatdaşlar şu gezekki duşuşygyň hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak we netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin amatly mümkinçilikleri döredýändigini bellediler. Merkezi Aziýanyň ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň biri, baý tebigy baýlyklara we uly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistan daşary ýurtly, şol sanda mongol işewür toparlary üçin uly gyzyklanma döredýär. Ýurdumyzyň daşary ýurtly maýadarlar üçin hödürleýän amatly ýeňillikleri bu gyzyklanmany has-da artdyrýar.

Mongoliýanyň işewür toparlary Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary hem-de bu babatda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn maksatnamalar we özgertmeler bilen tanyşdyryldy. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän bu giň gerimli özgertmeleriň ýurdumyzy senagat-innowasion taýdan ösdürmegi, önümçilik pudagyna ylmyň, tehnikanyň gazananlaryny we ösen tehnologiýalary ornaşdyrmagy maksat edinýändigi bellenildi.

Soňra forumda dürli pudaklarda ýöriteleşen mongol we türkmen kompaniýalarynyň birnäçesiniň wekilleri çykyş etdiler. Türkmenistanda hususy telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamak we işewürligi höweslendirmek üçin amatly gurşawyň hem-de degişli kanunçylyk-hukuk binýadynyň döredilendigi bellenildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan işewür toparlar täze iş ugurlaryny üstünlikli özleşdirýärler, innowasion önümleri we hyzmatlary döredýärler. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň giňeldilmegine ýardam berýär, söwda dolanyşygyny işjeňleşdirmek we eksport-import amallarynyň möçberlerini artdyrmak üçin täze mümkinçilikleri döredýär.

Mongol işewür toparlarynyň wekilleri türkmen hyzmatdaşlary bilen göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, wekiliýetleriň alşylmagynyň, ugurdaş forumlaryň, sergileriň we beýleki çäreleriň yzygiderli guralmagynyň möhüm ähmiýeti bellenildi.

Foruma gatnaşyjylar iki dostlukly döwletiň hem netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýändigini tassyklap, bu hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Bu ugurlar türkmen-mongol söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerine bagyşlanan sessiýada ara alnyp maslahatlaşyldy.

Günüň ikinji ýarymynda iki ýurduň döwlet düzümleriniň we hususy bölegiň wekilleriniň arasynda gepleşikler geçirildi, olaryň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň hem-de gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen resminamalaryň möhümdigi we resminamalar toplumynyň dürli ugurlarda bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine ýardam berjekdigi nygtaldy.

Işewürler forumynyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Işewürler forumyna gatnaşyjylar şu gezekki duşuşygyň türkmen-mongol ykdysady gatnaşyklaryna täze itergi berjekdigine ynam bildirip, bilelikdäki şeýle çäreleri geçirmek tejribesini dowam etdirmegi teklip etdiler.

* * *

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa döwlet saparynyň çäklerinde Ulan-Batoryň Opera we balet döwlet akademiki teatrynda iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy. Bu köpöwüşginli döredijilik konserti döwletlerimiziň we halklarymyzyň däp bolan dostlukly we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary üçin Mongoliýanyň Milli muzeýine gezelenç hem guraldy.

03.06.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen gudratynyň aýdyň nyşany hökmünde ykrar edilen we häzirki zaman binagärlik tejribesiniň nusgasyna öwrülen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary görkezildi. Mundan başga-da, Gahryman Arkadagymyz täze şäherde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan we yzygiderli tagallasyndan binýat bolan täze şäheriň durmuşynda taryhy ähmiýeti bolan beýik işler amala aşyrylýar. Häzirki zaman şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň her bir gününiň taryhy ähmiýeti bolan wakalara beslenmegini şertlendirýär. Täze şäherde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny esasy ugur edinýän netijeli işler amala aşyrylýar.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleri, aýratyn-da, Arkadag şäheriniň metjidiniň gurluşygynda ulanylýan serişdeleri synlap, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegi babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar toplumlarynyň çäklerinde oturdylmagy göz öňünde tutulýan şekiller, olaryň özboluşly aýratynlyklary barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, täze şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň abadanlaşdyrylyşyna we olaryň bezeg aýratynlyklarynyň döwrebap talaplara laýyk gelmegine möhüm üns berilýär. Şunda gurluşyk serişdeleriniň hili, berkligi we uzak möhletleýinligi bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanylýar.

Halk Maslahatynyň Başlygy görkezilýän şekil taslamalary we “Ahalteke atlary” şaýolunyň ugrunda oturdylmagy meýilleşdirilýän şekiller, duralgalar, olaryň görnüşleri hem-de ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen içgin tanşyp, bu babatda özüniň degerli maslahatlaryny berdi. Şunda täze şäheriň çäklerinde ýerleşdiriljek heýkelleriň, beýleki desgalaryň gözelligi, ykjamlygy we Arkadag şäheriniň derejesine laýyk gelmegi möhüm talap hökmünde kesgitlenendir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde “Ahalteke atlary” şaýolunyň gurluşygy, onuň ýanýodalarynyň aýratynlyklary barada aýdyp, ýol ýakasynda oturdyljak bedewleriň şekilleriniň döwrebaplygyna zerur üns berilmelidigini belledi. Şunda halkymyzyň buýsanjyna öwrülen şöhratly ahalteke bedewleriniň heýkelleriniň binýadynyň gelşikli bolmagyna zerur üns berilmelidir.

Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň bina edilmegine, aýratyn-da, häzirki zaman ýollarynyň çekilmegine möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Ýurdumyzda ýol gurmak arkaly dünýä ýol çekilýär. Şeýlelik bilen, häzirki zaman ýollary ýurdumyzyň üstaşyr kuwwatlyklaryny artdyryp, sebitiň ýurtlarynyň üçünji bir ýurda geçmegine mümkinçilik döredýär. Bu bolsa häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň üstünlikli çözülmeginde ähmiýetlidir. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow “Ahalteke atlary” şaýolunyň ýakasy bilen çekiljek welosiped ýodasynyň we bedewler üçin niýetlenen ýodanyň talabalaýyk hem-de häzirki zaman görkezijilerine laýyk gelmeginiň wajypdygyny aýtdy. Şunda atly gezelenç üçin niýetlenen ýoda düşeljek çägäniň arassalygyna, hiline zerur üns berilmelidir. Şol bir wagtyň özünde, şaýoluň ugrunda bedewler üçin dynç alyş bassyrmalarynyň we welosipedçilere niýetlenen duralgalaryň amatlylyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu işleriň ýokary derejede amala aşyrylmagyna örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

Şol bir wagtyň özünde, dürli maksatly desgalaryň milli binagärlik ýörelgelerine, bu künjegiň ekologiýa derejesine zerur üns berilmelidir. Munuň özi ýurdumyzda raýatlar, olaryň oňaýly ýaşaýşy we ýokary derejeli dynç alşy bilen baglanyşykly meseleleriň möhüm orna degişlidiginiň nobatdaky beýanydyr diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi we birnäçe görkezmeleri berdi. Täze şäheriň çäklerinde oturdyljak heýkelleriň we beýleki desgalaryň häzirki zaman amatlylyk talabyna laýyk gelmegi bilen bir hatarda, olaryň bezeg aýratynlyklaryna möhüm üns berilmelidir.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalarda alnyp barylýan işleriň häzirki ýagdaýyna we gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça işleriň derejesine garaldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow, ilki bilen, ýakynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň wekilçilikli topary bilen Saud Arabystany Patyşalygynda saparda bolmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza sagbolsun aýtdy. Bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde dostlukly ýurduň Er-Riýad şäherinde degişli düzümleriň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirilip, gurluşyk ulgamynda özara tejribe alyşmak boýunça degişli ylalaşyklar gazanyldy. Şunda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy.

D.Orazow şeýle hem täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik we durmuş maksatly binalaryň gurluşyklary we olaryň dowamynda ýerine ýetirilýän işleriň ýagdaýy, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary, olaryň hil derejesi barada hasabat berdi.

Gahryman Arkadagymyz ägirt uly geljegi bolan täze şäheriň çäklerinde ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak meselelerine, aýratyn-da, gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeleriň berkligine, uzak möhletleýinligine we bezeg babatda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegine zerur üns bermegi tabşyrdy. Şunda binalaryň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagy möhüm talap hökmünde kesgitlenendir.

Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde täze şäheriň ýokary amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleriniň talabalaýyk ýagdaýda dowam edýändigi barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde Arkadag şäherinde milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Gurban baýramy we Ylymlar güni ýaly şanly seneleriň hormatyna geçiriljek çäreleriň medeni maksatnamasynyň taýýarlanylandygy barada aýdyldy.

Halk Maslahatynyň Başlygy hasabaty diňläp, Arkadag şäheriniň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek meselelerine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini we bu işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede yzygiderli ýerine ýetirilmelidigini belläp, bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleriň hormatyna guralýan dabaralarda Arkadag şäheriniň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşiniň, şäher ilatynyň bagtyýar durmuşynyň we abadançylygynyň öz beýanyny tapmalydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bu işleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi ugrunda zerur tagallalaryň amala aşyrylmalydygyny aýtdy.

Aýratyn-da, baýramçylyk günlerinde şäheriň çäklerinde degişli tertip-düzgüniň üpjün edilmegi möhüm talap hökmünde kesgitlenendir. Şunda Arkadag şäher häkimliginiň hem-de täze şäheriň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikdäki tagallalary ýola goýulmalydyr. Munuň özi kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäherde meýilleşdirilen ähli çäreleriň guramaçylykly geçirilmegi we şäheriň okgunly ösüşiniň üpjün edilmegi ugrunda alnyp barylýan işlerde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

(TDH)

02.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Astana, 30-njy maý (TDH). Şu gün «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki sammite gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Jorja Meloni bilen duşuşdy.

Hormatly Prezidentimiz we Premýer-ministr Jorja Meloni birek-biregi mähirli mübärekläp, bu duşuşygyň türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýewropa ýurtlary, şol sanda Italiýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge we pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany hökmünde Italiýa amala aşyran resmi saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Italiýa tarapyndan öňe sürlen «Merkezi Aziýa — Italiýa» formatynyň ýurtlarymyzyň arasynda berk özara gatnaşyklary ýola goýmagyň netijeli usuly hökmünde möhüm ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň onuň üstünlikli ösdürilmegine goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady.

Premýer-ministr Jorja Meloni iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli we uzak möhletleýin esasda ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyz halkara giňişlikde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Bitaraplygyna we halkara başlangyçlaryna berýän yzygiderli goldawy üçin italýan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, halkara düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiriljek halkara forumyň ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli meýilleşdirilýän çäreleriň esasylarynyň biri boljakdygyny aýtdy we Premýer-ministr Jorja Melonini bu foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Premýer-ministr çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga goşýan goşandyna ýokary baha berdi hem-de Türkmenistanyň bu ugurda öňe sürýän başlangyçlaryny Italiýanyň goldaýandygyny we goldamagyny dowam etjekdigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk nebitgaz pudagynda, ulag, dokma senagaty ulgamlarynda we işewür düzümleriň ugry boýunça yzygiderli ösdürilýär. Özara haryt dolanyşygynyň ýylsaýyn artmagy munuň aýdyň güwäsidir.

Döwlet Baştutanymyz energetika we himiýa senagaty, demir ýol üpjünçilik ulgamlarynda, ekologiýa, oba we suw hojalygy ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň italýan tarapynyň tekliplerine garamaga taýýardygyny belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ulgamlaşdyrmak maksady bilen, hökümetara topary ýa-da işewürlik geňeşi görnüşinde bilelikdäki mehanizmi döretmegi teklip etdi.

Premýer-ministr Jorja Meloni döwlet Baştutanymyzyň tekliplerini goldap, Italiýanyň bu ugurdaky hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan etdi.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw we orta mekdeplerinde italýan diliniň öwredilmegi, köp ýyllaryň dowamynda arheologiýa babatda özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi munuň aýdyň mysallarydyr.

Söhbetdeşligiň barşynda dostlukly ýurduň Premýer-ministri hormatly Prezidentimizi özi üçin islendik amatly wagtda Italiýa sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Jorja Meloni birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa mundan beýläk-de parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler.

31.05.2025
Umumy abadançylygyň bähbidine dialog

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Italiýa» sammitine gatnaşdy

Aşgabat — Astana — Aşgabat, 30-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Ýurdumyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan, parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukuklylyga esaslanýan daşary syýasy strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Dünýäniň gyzyklanma bildirýän ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlyk bu strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmagy munuň aýdyň güwäsidir.

Häzirki wagtda Italiýa bilen Türkmenistanyň arasynda syýasy-diplomatik gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de beýleki halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Italiýa Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen köp sanly Kararnamalaryň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Şunuň bilen birlikde, Italiýa Türkmenistanyň Ýewropada möhüm söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy ösüş depgini bilen tapawutlanýar. Iri italýan kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda netijeli iş alyp barýarlar.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk türkmen-italýan gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär. Iki ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda dürli medeni çäreler yzygiderli geçirilýär.

Tebigy serişdeleriň baý gorlaryna, depginli ösýän ykdysadyýete eýe bolan we geografiýa taýdan amatly ýerleşen Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk taraplara öz mümkinçiliklerini has netijeli durmuşa geçirmäge ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, bu hyzmatdaşlygyň sebitiň ýurtlaryna öňdebaryjy tehnologiýalara, maýa goýumlara we senagat, energetika hem-de infrastruktura ulgamlaryndaky tejribä ýol açýandygyny bellemek gerek.

«Ýaşyl» ykdysadyýet, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, durnukly ösüş we sanlylaşdyrmak ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu görnüşdäki dialog durnukly ykdysady ösüş we medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri açyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli guraly bolup durýar hem-de ählumumy derejede ynanyşmagy pugtalandyrmaga we umumy bähbitleri ilerletmäge ýardam berýär.

...Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe wagtdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde «Merkezi Aziýa — Italiýa» sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy.

Soňra hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni ýokary derejeli duşuşygyň geçirilýän ýerine — «Garaşsyzlyk» köşgüne bardy.

Köşgüň eýwanynda döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady.

Sammitiň öňüsyrasynda bu ýerde hormatly Prezidentimiz Italiýanyň Premýer-ministri hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, wekiliýet Baştutanlary mejlisler zalyna bardylar. Bu ýerde «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammit geçirildi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen sammitiň işine Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Jorja Meloni, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew belent mertebeli myhmanlary mübärekläp, şu günki sammitiň işine gatnaşýandyklary we şu görnüşdäki hyzmatdaşlygy goldaýandyklary üçin hoşallyk bildirdi. Gazagystanyň döwlet Baştutany sammitde söwda, maýa goýumlary, energetika, ekologiýa, ulag, logistika, ylym-bilim ýaly ulgamlara degişli möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýdyp, munuň netijesinde anyk çözgütleriň kabul ediljekdigine ynam bildirdi.

Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, foruma çakylygy hem-de myhmansöýerlik we işlemäge döredilen şertler üçin Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammiti geçirmek baradaky başlangyjy üçin Italiýa Respublikasynyň Ministrler Geňeşiniň Başlygy Jorja Melonä minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz bu duşuşygyň Merkezi Aziýa döwletleriniň we Italiýanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirip, geljegi uly bolan bu görnüşiň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýändigini we ony ösdürmäge goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Merkezi Aziýa döwletleri sebitiň durnukly we depginli ösüşini üpjün etmek üçin şertleri döretmek maksady bilen, öz aralarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Astanada 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda geçen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça gol çekilen Bilelikdäki Beýannama we «Merkezi Aziýa — 2040» atly sebit kooperasiýasynyň Konsepsiýasy oňa şaýatlyk edýär. Olar uzak möhletli döwür üçin Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Sebit hyzmatdaşlygynyň häzirki döwürdäki has möhüm ugurlarynyň hatarynda syýasat we howpsuzlyk, ykdysadyýet, ulag, howa, suw serişdeleri ulgamyndaky özara hyzmatdaşlygy bellemek bolar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz howpsuzlyk ulgamyna ünsi çekip, Türkmenistanyň bu möhüm ugra onuň bitewüligi we bölünmez häsiýeti nukdaýnazaryndan seredýändigini aýtdy hem-de munuň halkara gatnaşyklaryň dünýä gurluşynda düýpli öňe gitmeleriň häzirki döwründe aýratyn möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, biz durnukly howpsuzlygy üpjün etmegiň ýeke-täk hemmetaraplaýyn usulynyň Birleşen Milletler Guramasy ulgamy bolup durýandygyna ynanýarys. Şu garaýyşdan ugur alyp, Türkmenistan 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklip bilen çykyş etdi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2024-nji ýylyň mart aýyndaky Kararnamasy bilen makullanan bu başlangyjy goldan taraplaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Bitaraplygyň mümkinçiliklerini ulanmaga aýratyn üns bermegi möhüm hasaplaýandygyny aýdyp, Bitaraplygyň öňüni alyş diplomatiýasynyň düzüm böleklerini we işjeň parahatçylyk döredijilik işini öz içine alýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp halkara forumyň geçiriljekdigini, onda dünýä gurluşy, Ýer ýüzüniň döwletleri bilen syýasy dialogyň medeniýetini ösdürmek, ynanyşmak gatnaşyklaryny berkitmek babatda esasy meselelere serediljekdigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, sammite gatnaşýan döwlet we hökümet Baştutanlarynyň ählisini bu foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz sebit howpsuzlygy baradaky meselä geçip, Owganystandaky ýagdaýa aýratyn üns çekdi we Türkmenistanyň bu ýurduň häzirki häkimiýetleri bilen halkara dialogy ýola goýmak boýunça netijeli işleri geçirmegi dowam etmegi möhüm hasaplaýandygyny aýtdy hem-de durnukly we ykdysady taýdan ösýän Owganystanyň bütin halkara bileleşigiň bähbitlerine laýyk gelýändigine ýurdumyzyň ynanýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamy, owgan ugry boýunça demir ýollaryň gurluşygy ýaly iri sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň mundan beýläk-de zerur tagallalary etjekdigi, şeýle hem owgan halkyna ynsanperwer kömegi bermek boýunça tagallalaryň işjeňleşdirilmegini zerur hasaplaýandygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerine ünsi çekip, energetika, ulag, senagat, maliýe we hususy pudaklary özara hyzmatdaşlygyň däp bolan möhüm ugurlarynyň hatarynda, sanly ulgam, «ýaşyl» tehnologiýalar we emeli aň ýaly ulgamlary bolsa hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň hatarynda belledi.

Hormatly Prezidentimiz energetika meselesini aýratyn belläp, Türkmenistanyň tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, ony halkara bazarlara ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek syýasatyny durmuşa geçirýändigini hem-de türkmen tebigy gazyny Ýewropa ugruna çykarmaga gönükdirilen taslamalara möhüm ähmiýet berýändigini belledi.

Wodorod energetikasy bilelikdäki işiň ýene-de bir geljegi uly bolan ugry hökmünde bellenildi. Mälim bolşy ýaly, tebigy gaz ýakyn onýyllyklarda wodorody almagyň esasy çeşmesi bolup galar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýurdumyzyň bu ugurda italiýaly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz ulag özara baglanyşygy baradaky meselä geçip, Türkmenistanyň Aziýa — Ýewropa ugry boýunça hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hazar sebitiniň üstünden geçýän «Orta geçelge» Ýewropa taslamasynyň geljegi uly taslamalaryň biridigine ünsi çekdi.

Hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri-de ekologiýa we howa bolup durýar. Bar bolan senagat kuwwatlyklarynyň energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, sebitde suwdan rejeli peýdalanmak, «ýaşyl» we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşiniň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna öwrülip biler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Howa tehnologiýalarynyň sebit merkezini döretmek boýunça başlangyjy öňe sürendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa bilen Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň medeni-taryhy ugruna ünsi çekip, bu köpugurly hyzmatdaşlygyň tejribesiniň iki müň ýyldan gowrak wagta uzalyp gidýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, Gadymy Rim bilen Parfiýa şalygynyň arasyndaky gatnaşyklar hem taryhda uly yz galdyrdy. Parfiýanyň paýtagtlarynyň biri häzirki Türkmenistanyň paýtagtynyň golaýynda ýerleşen Nusaý şäheri bolupdyr. Şeýle hem XIII asyrda Merkezi Aziýa gelen we hakykatda biziň sebitimizi beýleki Ýewropa ýurtlary üçin açan wenesiýaly Marko Polonyň işleri uly taryhy gymmatlyga eýedir.

Hormatly Prezidentimiz Beýik Ýüpek ýolunyň gülläp ösen döwründe Hytaýyň Sianyndan gaýdyp, Rime we Wenesiýa çenli baran bu ýoluň Merkezi Aziýanyň çäginden geçendigini aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, biziň halklarymyzyň şeýle özboluşly taryhy mirasynyň aýawly saklanylmaga we doly öwrenilmäge degişlidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda eýýäm otuz ýyldan gowrak wagt bäri italiýaly arheologlaryň netijeli işleýändiklerini hem-de özara ylmy hyzmatdaşlyk işine möhüm goşant goşýandyklaryny uly kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz türkmen tarapynyň Rimde «Medeniýetleriň gülläp ösüşi: bürünç zamanyndaky Margiana we Parfiýa şalygy. Türkmenistandaky arheologik açyşlar» atly arheologik sergini guramagy maksat edinýändigini belläp, bu serginiň halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna örän uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Bilim ulgamy hyzmatdaşlygyň ýene-de bir geljegi uly bolan ugry hökmünde bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky we akademiki hyzmatdaşlygy goldaýandygyny tassyklady hem-de Türkmenistanda italýan dilini öwrenmäge, italýan medeniýetine we sungatyna uly gyzyklanma bildirilýändigini aýdyp, bu işe mundan beýläk-de ýardam ediljekdigini belledi.

Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Italiýa Respublikasy bilen hemmetaraplaýyn özara hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn derejede hem, «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşiniň çäklerinde hem mundan beýläk-de berkitmäge we giňeltmäge eýerýändigini ýene-de bir gezek tassyklady.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hormatly Prezidentimize çuň many-mazmunly çykyşy we beýan eden anyk teklipleri hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk baradaky oňyn garaýyşlary üçin hoşallyk bildirdi.

Sammitde çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa gadymy döwürlerden bäri Gündogar bilen Günbatary birleşdirýän köpri bolmak bilen, sebitara dialogy ösdürmekde möhüm orny eýeleýär. Häzirki wagtda sebitimiz hoşniýetli goňşuçylyk we ählumumy ösüş ýörelgelerine berk ygrarly bolup, halkara gatnaşyklaryň möhüm agzasy hökmünde öz ornuny yzygiderli pugtalandyrýar.

Açyk we netijeli häsiýetde geçen dialogyň dowamynda sammite gatnaşyjylar Merkezi Aziýa döwletleri bilen Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyp, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň, maýa goýumlary çekmegiň, telekeçiligi goldamagyň, energetika, suw serişdeleri, durnukly oba hojalygy, saglygy goraýyş we ulag arabaglanyşygy ýaly ulgamlarda netijeli çözgütleri işläp taýýarlamak üçin tejribe alyşmagyň möhümdigini bellediler hem-de «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşiniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdiler.

«Merkezi Aziýa — Italiýa» birinji sammitiniň jemleri boýunça Bilelikdäki Jarnama kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.

Birnäçe wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Şeýlelikde, «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki sammit sebitiň ýurtlary bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy we halkara dialogy ösdürmekde möhüm tapgyr boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu sammite gatnaşmagy Türkmenistanyň durnukly ösüşiň we abadançylygyň bähbidine köptaraply halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.

* * *

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Ortaýer deňzini we Gündogary öwreniş halkara assosiasiýasynyň (Italiýa) arasynda arheologiýa barlaglary babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygy; şeýle hem Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Turiniň Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynda gazuw-agtaryş işleri we arheologiýa barlaglary boýunça merkeziniň (Italiýa) arasynda arheologik barlaglar babatynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek hakynda Ylalaşygy özara alyşmak dabarasy boldy. Munuň özi iki ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda yzygiderli ösdürilýän gatnaşyklaryň täze derejä çykarylýandygynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi.

31.05.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Astana, 30-njy maý (TDH). Şu gün Gazagystan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.

Dostlukly ýurduň Baştutany hormatly Prezidentimizi mähirli mübärekläp, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistan bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryna we köpugurly hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmaga çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, bu ýokary derejedäki duşuşygyň we onuň çäklerinde kabul ediljek çözgütleriň sebitiň ýurtlary bilen Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de ýakynda Türküstan şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyza bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan etdi.

Dostlukly ýurduň Prezidenti sammite gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýokary derejesini belledi.

Şeýle hem Prezident Kasym-Žomart Tokaýew türkmen halkynyň Milli Lideriniň şu ýylyň aprel aýynda Gazagystana amala aşyran dostlukly saparynyň gazak-türkmen gatnaşyklaryny täze derejä çykarandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşler sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri, hususan-da, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, durnukly energetikany we ulag ulgamyny üpjün etmek, suw serişdelerini peýdalanmak, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ýaly meselelerde Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmegi bilen baglylykda, Türkmenistanda goňşy ýurtlaryň gatnaşmagynda birnäçe iri çäreleriň geçiriljekdigini aýtdy. Şu ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara forum olaryň iň esasysy bolar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentini «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana çagyrdy.

Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyzyň iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde birek-biregi goldamagy asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin Gazagystan tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Öz gezeginde, Türkmenistan hem Gazagystanyň halkara giňişlikde öňe sürýän tekliplerini goldaýar.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri boýunça pikir alyşmagyň dowamynda söwda, energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi.

Söhbetdeşler özara haryt dolanyşygynyň netijeli häsiýetini belläp, söwda ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin iki ýurduň hem uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtadylar.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär. Iki ýurtda festiwallaryň we Medeniýet günleriniň geçirilmegi, döredijilik we ylmy işgärleriň yzygiderli gatnaşyklary medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam berýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew şu gezekki duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga täze itergi berjekdigine ynam bildirip, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

31.05.2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 29-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işleri barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryndan we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alnyp, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, adam hukuklaryny we azatlyklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak, saýlaw ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ylmy-intellektual eýeçilik gatnaşyklary, wirtual aktiwler we gümrük meseleleri bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler geçirilýär.

Şol bir wagtda abraýly halkara guramalar hem-de daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Litwa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatynyň kabul edilendigi barada aýdyldy. Şeýle hem garalýan döwürde Saud Arabystany Patyşalygynyň, Ermenistan Respublikasynyň Doly ygtyýarly wekilleri hem-de Türkmen-eýran parlamentara dostluk toparynyň agzalary bilen duşuşyklar geçirildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, olaryň dowamynda ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, milli parlamentiň ýolbaşçysy bu iş saparyny amala aşyrmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze kanunlar işlenip taýýarlanylanda döwrüň talap edýän kanun taslamalaryny göz öňünde tutmagyň we şoňa görä-de, kanunlary kämilleşdirmek işlerini mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow “Senagat howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilişine önümçilik barlagyny guramagyň we amala aşyrmagyň talaplarynyň” taslamasy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, bu resminama “Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň senagat desgalarynda howpsuzlyk talaplaryny berjaý etmegiň möhüm ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda hereket edýän önümçilik desgalarynda senagat howpsuzlygynyň berjaý edilişine önümçilik barlaglaryny guramak maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan degişli resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu ugurda zerur işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebit, nebit önümleri we gazhimiýa önümleri daşary ýurtlara ýüklenip iberilende ýük amallaryny geçirmek boýunça kadalaşdyryjy-gözükdiriji resminamalary kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, degişli döwlet edaralary bilen bilelikde bu ugurda ýerine ýetirilen işleriň netijesinde “Türkmenistanyň deňiz portlarynda we port nokatlarynda nebit, nebit önümleri we gazhimiýa önümleri daşary ýurtlara ýüklenip iberilende ýük amallaryny geçirmegiň Düzgünleriniň” taslamasy taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz nebit, nebit önümleri we gazhimiýa önümleri boýunça ýük amallaryny geçirmegiň düzgünlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarynda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda degişli ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Daşoguz welaýatynda şaly ekişi tamamlanyp, Lebap welaýatynda bu jogapkärli möwsüme taýýarlyk işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda ýeralmanyň we gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda bu ekinlere ideg etmek hem-de ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak maksady bilen zerur çäreler görülýär.

Şeýle hem hasabatyň dowamynda wise-premýer döwlet Baştutanymyza galla oragyna girişmegiň senesini belläp, bu möhüm çärelere ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek işlerini netijeli alyp barmagyň, welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek işlerini hem dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge uly üns berilýändigini, döwletimiz tarapyndan ýerden bol hasyl almak boýunça daýhanlarymyz üçin zerur şertleriň döredilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz şu ýyl hem ýurdumyzyň welaýatlarynda gallanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini kanagatlanma bilen belläp, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda şu ýylyň 4-nji iýunynda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 11-nji iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi.

Döwlet Baştutanymyz hormatly ýaşululardan galla oragyna «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş edip, zähmetsöýer gallaçy daýhanlara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmek boýunça paýtagtymyzda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bu şanly sene mynasybetli häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň şaýollarynda we köçelerinde, seýilgählerinde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri bilen bir hatarda medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş toplumlarynyň daş-töwereklerinde dürli bezeg güllerini ekmek işleri yzygiderli alnyp barylýar. Şeýle hem şäher häkimligi, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde döredijilik bäsleşikleriniň, festiwallaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň hem-de bedenterbiýe-sport çäreleriniň, aýdym-sazly dabaralaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Şonuň ýaly-da wise-premýer paýtagtymyzda “Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkeziniň täze, döwrebap binasyny gurmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny açmak, zehinli çagalary ýüze çykarmak maksady bilen, umumy meýdany 4 gektar bolan, şol sanda esasy binany, kitaphanany, sport, medeni çäreleri we oýun üçin meýdançalary, tehniki binalary hem-de desgalary öz içine alýan täze merkezi gurmak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem wise-premýer Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna merkezde ýerleşjek çagalar kitaphanasynda asman giňişligini synlamak üçin obserwatoriýa otagynyň gurnaljakdygy hem-de kitaphananyň döwrebap sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryljakdygy barada aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu merkezi gurmak hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş nesilleriň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmagy, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini, döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, bedenterbiýe-sagaldyş, dynç alyş merkezleriniň gurlup ulanmaga berilýändigini belledi hem-de wise-premýere ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli giň gerimli çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de «Aşgabat şäherinde «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkezini gurmak hakynda» Karara gol çekdi.

Öz gezeginde Ministrler Kabinetiniň agzalary hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we Gahryman Arkadagymyzy Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän toplumy tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda söwda ulgamyny kämilleşdirmek, ilata ýokary hilli söwda hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, şol sanda söwda we hyzmat ediş maksatly döwrebap desgalary gurmak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Sarahs şäheriniň çäginde täze gurulmagy göz öňünde tutulýan bazaryň şekil taslamasynyň işlenilip taýýarlanylandygyny aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň söwda ulgamyny kämilleşdirmek, ilaty ýokary hilli söwda hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny, söwda we hyzmat ediş maksatly döwrebap desgalaryň yzygiderli gurulýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Sarahs şäherinde döwrebap täze bazary gurmak bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu halkara çäräni 2 — 7-nji iýun aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek meýilleşdirilýär. Festiwalyň çäklerinde ýurdumyzyň we daşary döwletleriň tans toparlarynyň gatnaşmagynda “Küştdepdi — parahatçylyk waspçysy” atly halkara maslahaty, bu tans dessurynyň görnüşleriniň görkezme çykyşlaryny, şeýle hem tans we folklor toparlarynyň konsertini guramak göz öňünde tutulýar. Bu festiwal türkmen milli tans sungatyny we gadymy folkloryny dünýä halklary bilen tanyşdyrmaga, halklaryň arasyndaky döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara çäreleriň giňden geçirilýändigini, olaryň ýurdumyz bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da ösdürmäge ýardam berýändigini belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalyna gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary derejede geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Ylymlar güni mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara ylmy maslahatlar we dabaraly çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli 12-13-nji iýunda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahaty guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleriniň hem-de daşary ýurtly alymlaryň gatnaşmaklarynda geçiriljek bu maslahatda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen birlikde, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 11-nji iýunda “Innowasiýalar, parahatçylyk, durnukly ösüş” atly utgaşykly görnüşdäki halkara ylmy-amaly maslahaty, 12-nji iýunda bolsa Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ylmy ösüşlerini dünýä ýaýmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, halkara ylmy maslahatlary, Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow “Merkezi Aziýa — Italiýa” formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine gatnaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherine iş saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Ýewropa döwletleri, şol sanda Italiýa Respublikasy bilen hoşniýetli gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ýurt bilen diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Ýurtlarymyz syýasy-diplomatik ulgamda, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Mälim bolşy ýaly, Italiýa Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden 8 Kararnamasynyň awtordaşlarynyň biridir.

Söwda-ykdysady ulgamda, işewür düzümleriň ugry boýunça özara gatnaşyklar hem netijeli häsiýete eýedir. Italiýanyň birnäçe iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan we Italiýa medeni-ynsanperwer ulgamynda, şol sanda arheologiýa ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Häzirki güne çenli 37 resminama ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk binýadyny düzýär.

Ýokary derejedäki saparlar we duşuşyklar döwletara dialogy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy we 2019-njy ýyllarda Italiýa Respublikasyna resmi saparlaryny, 2015-nji ýylda bolsa iş saparyny amala aşyrandygy bellenildi. 2014-nji ýylda Italiýanyň Premýer-ministri Türkmenistana iş sapary bilen geldi.

Iki ýurduň Hökümetleriniň we parlamentleriniň derejesinde, şeýle hem daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklar alnyp barylýar. “Merkezi Aziýa — Italiýa” formaty netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze ugurlary açýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 30-njy maýda Astanada geçirilmegi meýilleşdirilýän sammite gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna amala aşyryljak saparyň maksatnamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Italiýa Respublikasy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda köp ýyllaryň dowamynda netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň köptaraply görnüşde hem hyzmatdaşlyk edýändigine ünsi çekip, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Italiýanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda Merkezi Aziýa — Italiýa sammitiniň möhüm ornuny belledi hem-de wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 1-2-nji iýunynda Mongoliýa boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Aziýa we Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen dostlukly dialogyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda Mongoliýa bilen netijeli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar. Ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Häzirki wagtda döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýady 11 sany resminama bilen berkidildi.

Türkmen-mongol gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde ýokary derejedäki saparlara hem-de duşuşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň 3 duşuşygy guraldy. Mundan başga-da, 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary boldy. Şeýle hem hökümetleriň derejesinde we daşary işler ministrlikleriniň arasynda gatnaşyklar ösdürilýär.

Türkmenistan hem-de Mongoliýa halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we beýleki düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edip, birek-birege goldaw berýärler. Mongoliýa Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen 16 Kararnamanyň awtordaşlarynyň biri, şol bir wagtda, ýurdumyz hem Mongoliýanyň öňe süren BMG-niň Baş Assambleýasynyň 5 Kararnamasynyň döredijileriniň biri bolup durýar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, oba hojalygy, maldarçylyk, ýeňil senagat hem-de ulag we logistika ulgamlary ileri tutulýan ugurlardyr. Özara haryt dolanyşygyny artdyrmaga, bu işe kiçi we orta telekeçiligi çekmäge aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklar hem giňeldilýär. 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Mongoliýadaky Medeniýet günleriniň we geçen ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda bilelikdäki medeni çäräniň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa boljak döwlet saparyna taýýarlyk görmek we onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin degişli işler alnyp barlyp, onuň netijesinde saparyň maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Saparyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrjak ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle hem saparyň çäklerinde Türkmen-mongol işewürler forumynyň, sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda medeni çäräniň, milli amaly-haşam sungatynyň sergisiniň we türkmen halysynyň sergi-ýarmarkasynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýändigini, ýakynda Mongoliýada geçiriljek duşuşyklaryň hem türkmen-mongol gatnaşyklaryny täze derejä çykarmakda möhüm ädim boljakdygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministrine bu döwlet saparyna gowy taýýarlyk görmegi hem-de onuň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň deňiz flotunyň maddy-tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu ugurda “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan zerur işler geçirilýär. Munuň özi gämilere hyzmat etmek işleriniň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredýär. Agentligiň ýolbaşçysy bular barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň deňiz flotunyň işini halkara talaplar esasynda ýola goýmagyň, gämileri yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň möhüm ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlary kämilleşdirmäge gönükdirilen teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

30.05.2025