SAZLAŞYKLY ÖSÜŞLERDEN TÄZE BELENTLIKLERE
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň ykdysadyýeti diňe bir daşky täsirlere durnuklylygyny saklaman, eýsem, hil taýdan täze derejä çykýar. 13-nji fewralda hormatly Prezidentimiziň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlar, seljerilen maglumatlar, öňde goýlan wezipeler hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň täze nusgasynyň kemala gelýändigini tassyklaýar. Jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterim derejede saklanmagy ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga, importyň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmäge, hususy başlangyçlary goldamaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň kanunalaýyk netijesidir. Ykdysadyýetiň pudaklarynda gazanylýan görkezijiler diňe bir sanlar däl, olaryň her biriniň arkasynda täze durmuş kepillikleri, infrastrukturanyň kämilleşmegi, raýatlaryň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy ugrundaky tagallalar durýar.
Makroykdysady durnuklylyk we durmuş ugurly ösüş
Geçen ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanda öndürilen önüm, 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 10,2 göterim artdy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde durmuş ulgamyna aýratyn ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda Döwlet býujetiniň uly bölegi bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, ýaşaýyş jaý üpjünçiligi ýaly durmuş ugurly ulgamlara gönükdirilýär.
Ilatyň girdejileriniň artmagy makroykdysady durnuklylygyň ýene bir möhüm görkezijisidir. 2025- nji ýylda ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet hakynyň 11,9 göterim ýokarlanmagy, 7 müňe golaý iş orunlarynyň döredilmegi hem durmuş ugurly syýasatyň rowaçlanýandygyny aňladýar. Şol iş orunlarynyň esasy böleginiň ýokary tehnologiýalar bilen bagly pudaklarda we gaýtadan işleýän senagatda döredilendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberiniň 13,2 göterim artmagy bolsa ilatyň satyn alyş ukybynyň ýokarlanýandygyndan hem-de içerki bazarda önüm bolçulygynyň üpjün edilýändiginden habar berýär.
Ýangyç-energetika toplumy: berk binýat we täze özgeriş
Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde ýangyç-energetika toplumy strategik ähmiýete eýe bolan kerwenbaşy pudakdyr. Dünýä bazarlaryna edilýän eksportyň we ýurduň girdejileriniň uly bölegi, şeýle hem ilatyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, esasan, hut şu toplumyň paýyna düşýär. 2025-nji ýylda ýurdumyzda 76,5 milliard metr kub möçberinde tebigy gazyň,şeýle hem 8,3 million tonna barabar nebitiň öndürilmegi pudagyň kuwwatyny görkezýär. Çig malyň eksportyndan taýýar harytlaryň önümçiligine tarap özgeriş bolsa pudagy döwrebaplaşdyrmak ugrundaky işleriň netijesidir.
Uglewodorodla rdan taýýa r önümleri öndürýän pudagyň ösmegi raýatlaryň durmuş abadançylygyna gönümel täsirini ýetirýär. Benziniň, dizel ýangyjynyň we polimer önümleriniň öndürilişiniň artmagy içerki bazarda serişde bolçulygyny üpjün edip, ilat üçin ulag hyzmatlarynyň bahasyny we harytlaryň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge mümkinçilik berýär. Uglewodorod serişdeleriniň daşary ýurtlara eksport edilmeginden girýän girdejiler bolsa ilaty elektrik energiýasy we gaz bilen amatly bahalardan üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Senagatyň ösüşi we galkynýan gurluşyk
Ykdysadyýetiň gurluşyk we gurluşyk önümçiligi pudagynda 2025-nji ýylda ýokary depgindäki ösüşler gazanyldy. Gurluşykda 7,9 göterime barabar ösüş, esasan, sebitde ilkinji «akylly şäher» konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi we täze ilatly ýerleriň, döwrebap obalaryňdyr şäherçeleriň gurulmagy bilen baglanyşyklydyr. Esasy gurluşyk serişdelerinden sementiň öndürilişiniň 40,9 göterim, armatur, demir önümlerini öndürmegiň 22,3 göterim ýokarlanmagy pudagyň importa baglylygyny peseldip, gurulýan desgalaryňdyr binalaryň her inedördül metriniň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge mümkinçilik berýär. Täze ýaşaýyş jaýlarynyň golaýynda mekdepleriň, çagalar baglarynyň we saglygy goraýyş merkezleriniň gurulmagy bolsa ilatyň durmuş derejesini gowulandyrmaga, ýaşaýşyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen işleri äşgär edýär.
Agrosenagat toplumy: azyk bolçulygy
Geçen ýyl ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda, 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 7 göterim ösüş gazanyldy. Bütin dünýäde azyk harytlarynyň bahasynyň durnukly bolmadyk şertlerinde bu görkeziji Türkmenistanyň ilat üçin iň zerur önümleriň uly topary babatda azyk garaşsyzlygyny üpjün etmekde uly öňegidişlikleri gazanýandygyny alamatlandyrýar. Gök-bakja önümleriniň we maldarçylyk hojalyklarynda taýýarlanylýan harytlaryň öndürilişiniň ynamly artmagy içerki bazary ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümler bilen üpjün etmäge şert döredýär. Üstünlikli amala aşyrylýan agrosenagat özgertmeleriniň netijesinde, ýurdumyzda ýetişdirilýän pomidorlar, dürli miweler dünýä bazarynda islegli harytlara öwrülýär. Bu bolsa kiçi we orta daýhan hojalyklaryna girdejilerini artdyryp, pudagyň ösüşine mynasyp goşant goşmaga mümkinçilik berýär.
Hususy pudak: ösüşiň täze hereketlendirijisi
2025-nji ýylyň esasy öňegidişlikleriniň biri hem ykdysadyýetiň düzüminde hususy pudagyň paýynyň artmagy bilen bagly boldy. Bu bolsa milli telekeçiligiň ynamly gadamlarynyň, barha artýan tejribesiniň görkezijisidir. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny, döwrebap önümçilik kärhanalaryny gurýarlar,sanly tehnologiýalary we innowasiýalary işe ornaşdyrýarlar. 2025-nji ýylda ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň önümleriniň eksport möçberleriniň 15 göterim artmagy milli harytlarymyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň berkeýändigini tassyklaýar.
Ilatyň sarp edýän önümlerini öndürýän we hyzmatlary hödürleýän hususy düzümleriň köpelmegi olaryň hiliniň ýokarlanmagyna, bahalarynyň amatly bolmagyna ýardam edýär. «Ýaşyl» tehnologiýalary we sanly hyzmatlary ornaşdyrmakda hem hususy pudaga esasy orun degişlidir. Diwersifikasiýalaşdyrylan we kuwwatly hususy pudaga daýanýan ykdysadyýet daşky täsirlere durnukly bolup, ilatyň iş orunlarynyň saklanyp galmagynda we uzak geljek üçin girdejileriň artdyrylmagynda örän ähmiýetli şertleriň biridir.
Maliýe-bank ulgamy we sanly özgeriş
Geçen ýylyň jemleri boýunça maliýe hyzmatlarynyň ilata elýeterliliginiň ýokarlanandygyny görmek bolýar. Döwlet býujetiniň girdeji we çykdajy bölekleriniň sazlaşykly ýerine ýetirilmegi ýurdumyza iri infrastruktura taslamalaryny kesgitlenen şertlerde maliýeleşdirmäge mümkinçilik berdi. Hususy pudaga berlen karzlaryň möçberiniň artmagy hem önümçiligiň gerimini giňeltmekde möhümdir. Ilata berilýän karzlaryň möçberiniň hem ýokarlanmagy raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrundaky tagallalaryň görkezijisidir. Bank hyzmatlarynyň sanlylaşdyrylmagy nagt däl hasaplaşyklaryň möçberiniň ýokarlanmagyny şertlendirýär. Täze çözgütleriň, mobil goşundylaryň, galtaşyksyz töleg ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy ilat üçin uly ýeňillikleri döredýär.
Ulag we aragatnaşyk: geljege uzaýan köpri
Ýurdumyzda ulag we aragatnaşyk toplumynda 9,8 göterim ösüş gazanylmagy Türkmenistanyň yklymlary baglanyşdyrýan halkara ulag geçelgelerini ösdürmek ugrundaky tagallalarynyň aýdyň miwesidir. Bu pudagyň ösdürilmegi ykdysadyýetiň beýleki ulgamlarynyň, ilatly ýerleri birleşdirýän ýollaryň gurulmagy hyzmatlar ulgamynyň ösüşine-de täsir edýär, ýagny ýol ugrunda naharhanalaryň, myhmanhanalaryň, söwda nokatlarynyň, logistika merkezleriniň döredilip, köp sanly täze iş orunlarynyň açylmagyna getirýär. Aragatnaşyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy ýokary tizlikli internetiň elýeterliligini ýokarlandyrýar. Bu bolsa telekeçilik, söwda we hyzmatlar, bilim ýaly ugurlaryň ösmeginde ähmiýetlidir.
2026-njy ýyl: maksatlar we wezipeler
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» tassyklamak barada Karara gol çekdi. Maksatnamada şu ýyl jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterim derejesinde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalaryny doly güýjünde işletmek bilen baglanyşykly wezipeler kesgitlenýär. Şeýle hem şu ýyl ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 41,2 milliard manada golaý maýa goýumlary gönükdirmek, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 5 müň 300-e golaý täze iş ornuny döretmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 72,9 göterime ýetirmek meýilleşdirilýär. 2025-nji ý yl y ň n etij el eri Türkmenistanyň tebigy serişdeleriň baý gorlaryna, halk hojalygyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça öňde goýlan wezipelere esaslanyp, ykdysady ösüşi hil taýdan täze derejä çykarmaga ugur alýandygyny tassyklaýar. 6,3 göterim derejesindäki ykdysady ösüşiň aňrysynda täze bilim ojaklaryny, häzirki zaman saglygy goraýyş edaralaryny, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, giň gerimli taslamalary amala aşyrmak, umuman, raýatlaryň abadan durmuşyny üpjün edip, ýagty geljege ynamyny berkitjek işleriň rowaçlanmagy durýar. Döwlet maksatnamalarynyň oýlanyşykly işlenilip taýýarlanylmagy, ykdysadyýetiň pudaklaryndaky ösüşler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagynyň binýadyny berkidýär.
Selimberdi HOJABERDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.