WIRTUAL YKDYSADYÝETIŇ ÖSÜŞ MEÝILLERI WE BU UGURDA IŞ ALYP BARJAK HÜNÄRMENLERI TAÝÝARLAMAGYŇ MESELELERI

WIRTUAL YKDYSADYÝETIŇ ÖSÜŞ MEÝILLERI WE BU UGURDA IŞ ALYP BARJAK HÜNÄRMENLERI TAÝÝARLAMAGYŇ MESELELERI 

Selimberdi HOJABERDIÝEW,

Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary 

Dünýä ykdysadyýetiniň ösüş tizliginiň yzygiderli ýokarlanýan häzirki döwründe ykdysady taýdan kuwwatly döwletlerde sanlylaşdyrmak işine merkezi orun berilýär. Şeýle döwletleriň her birinde diýen ýaly milli ykdysadyýeti sanly binýada geçirmek boýunça döwlet maksatnamalary, meýilnamalar we konsepsiýalar kabul edildi hem-de tutanýerli durmuşa geçirilýär. Şunuň ýaly toplumlaýyn resminamalar Merkezi Aziýa döwletlerinde, şol sanda Türkmenistanda hem kabul edildi we netijeli durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlik li durmuşa geçirildi. Konsepsiýanyň durmuşa geçirilmegi bilen sanly önümler her bir türkmen maşgalasyna, biziň her birimiziň gündelik durmuşymy za barha giňden ornady. Ýokary tizlikli internet-aragatnaşygy, IP-telewideniýe, simsiz telefon ara bag lylygy, menzilara pul geçirimleri, elektron söwda we elektron hyzmatlar ulgamy şu günki durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şunuň ýaly barha giňden ýaýraýan sanly önümleriň biri-de wirtual aktiwlerdir. 

Sanly eýýamda dünýä ykdysadyýetinde wirtual aktiwleriň paýy barha artýar. Iň täze tehnologik işläp taýýarlamalary işjeň ornaşdyrylýan Türkmenistanda bu ugurda möhüm başlangyçlaryň başy tutulýar. Wirtual aktiwler ulgamynda döwlet düzgünleşdirmesiniň ýola goýulmagy, olaryň dolanyşygy çygrynda işleriň ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylmagy, maýning işiniň hukuk düzgünleşdirmesiniň, döwrebap inf rast rukturasynyň kemala getirilmegi, wirtual aktiwleriň emissiýasy we jemgyýetçilige hödürlenilmegi milli ykdysadyýetiň döwrebap ösüş meýillerine laýyk ösdürilýändiginiň aýdyň nyşany hökmünde kabul edilip, maýa goýumlaryň has netijeli çekilmegine, maliýe tehnologiýalaryň ösdürilmegine itergi berer, sanly hyzmatlar ulgamyn da telekeçilik işjeňliginiň depginli ösmegini höweslendirer. 

Bütindünýä bazarynyň ösüş meýillerine pug ta eýermek bilen, Türkmenistan özüniň milli kanunçylyk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmek we pugtalandyrmak ugrunda netijeli iş alyp barýar. 2025-nji ýylyň 22-nji noýabrynda «Wirtual aktiwler ha kynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilme gi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Kanun Türkmenistan da wirtual aktiwleriň döredilmegi, goýberilmegi, saklanylmagy, ýerleşdirilmegi, ulanylmagy we dolanyşy gy babatda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirip, olaryň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. 

Kanunda «wirtual aktiwler» adalgasyna hukuk kesgitlemesi berilýär, ýagny: «wirtual aktiw — pul birligi (pul), töleg serişdesi we gymmatly kagyz bolup durmaýan, paýlanan reýestr tehnologiýasyny ýa-da şoňa meňzeş tehnologiýany ulanmak arkaly döredilýän, saklanylýan we dolandyrylýan, bahasy bolan, gymmatlygyň sanly aňlatmasy bolan we (ýa-da) emläk we (ýa-da) emläkleýin däl hukukla ry tassyklaýan serişde bolan elektron-sanly görnüşdäki maglumatlar toplumy» diýip bellenilýär. Başga ça aýdanyňda, wirtual aktiwler özüniň düýp mazmuny boýunça gymmatyň sanly aňlatmasydyr. Olar söw da amallarynda, alyş-çalyşda, maýa goýumda peýdalanylyp bilinýär.Wirtual aktiwler diňe sanly görnüş de gabat gelýär. Wirtual aktiwler maddy däl bähbitler görnüşinde bolmak bilen, dürli hasaplaşyklarda ulanylyp bilinýär. Olar özbaşdak hasaplaşyk ýa-da toplaýyş serişdeleri, ýagny puluň bir görnüşi ýa-da kesgitli emläklere bolan hukugy kepillendirýän tokenler hökmünde çykyş edip bilýär. Tokenler paýnamadyr ob ligasiýalar ýaly gymmatly kagyzlar, gozgalmaýan emläk, hat-da kompýuter oýunlarynda we inter net torlarynda toplanýan utuklar görnüşinde bolup bilýär. Sanly serişdeleri dolanyşyga goýbermegiň has aňsat, olaryň kömegi bilen amala aşyrylýan hasaplaşyklaryň tiz we arzan bolýanlygyny, şunda bankla ryň araçy hökmündäki hyzmatyna zerurlygyň ýoklugyny hem bellemek bolar. 

Wirtual aktiwler takyk bellenilen gymmata eýedir. Olaryň bahasy bazar ýagdaýlaryna görä üýtgeýär, adatda ky syndan belli bir derejede gymmatlap ýa-da arzanlap bilýär. Wirtual aktiwleriň has giňden ýaýran görnüşleriniň biri-de kriptowalýutalardyr. Ola ry peýdalanmakda toplanan dünýä tejribesine garalyň. 

Elektron ulgamlaryň peýda bolmagy hem-de ýokary depginde ösmegi bilen, nagt pullaryň menzila ra tölegler üçin peýdalanyp boljak elektron nusgasyny döretmek pikiri ýygy-ýygydan öňe sürlüp başlanylýar. Ýöne bu ýagdaýda şol bir elektron pullary iki gezek harçlap bolýar, munuň özi elektron pullaryň ýaýramagyna birbada päsgel beren ýagdaý boldy. Nagt pul ulanylanda beýle ýagdaý ýüze çykmaýar, ýagny satyn alyjy özünde bar bolan nagt puly satyjynyň eline berýär, şol sebäpden hem şol bir puly ikilenç ulanyp bilmeýär. Elektron ulgamlar bolsa müşderiniň pul ýagdaýyny göçürip alyp bilýär, şol sebäpdenem müşderi öz elektron hasabynda duran şol bir pul serişdelerini dürli ugurlara gaýtadan harçlamaga mümkinçilik alýar. Munuň öňüni almak üçin ygtybarly araçylar gerek, olar müşderiniň hasabyn da durýan serişdeleriň berk hasabyny ýöredýär hem-de onuň öz hasabynda ky dan köp puly harçlamaz ýaly pugta gözegçilik edýär. Şeýle araçyllar hökmün de köplenç bank we karz edaralary çykyş edýärler. Nagt däl hasaplaşyklar ulgamynyň işi hut şeýle usulda ýola goýlandyr, ýagny olarda ynamly dellal hökmün de banklar ýa-da töleg ulgamlarynyň beýleki operatorlary özleriniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýärler. 

Dünýäde wirtual aktiwler bilen iş alyp barmak da baý tejribe toplanandygyny bellemek gerek, şol tejribäniň jikme-jik öwrenilmegi geljekde wirtual aktiwler çygrynda işiň döwlet düzgünleşdirmesini has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik berer. Wirtual aktiwler ulgamynda has giňden ýaýran tehnologiýala ryň biri-de kriptopullardyr. Bu tehnologiýa turuwbaşdan ygtybarly araçynyň kömegine daýanmazdan hereket etmegi göz öňünde tutýar, ýagny bu tehnologi ýa müşderileriň alyp barýan pul amallarynyň dürslügini tassyklaýan üçünji bir tarapyň kepil bolmagyny talap etmeýär. Pul geçirimleri baradaky maglumatlar aýry-aýry bloklara jemlenip, şol bloklaryň durnukly zynjyry (blokçeýn) emele getirilýär. Kanunda, hu susan-da: «Blokçeýn — ähli maglumatlaryň yzygiderlilikde ýazylan we bloklarda paýlanan, şunda her bir täze blok öňki blok bilen kriptografiki gol arkaly bag lanyşdyrylan paýlanan reýestr tehnologiýasynyň görnüşi» diýip bellenilýär. 

Bloklaryň yzygiderliligini saklamak üçin ola ry tertip sany boýunça belgilänoklar. Şu maksat bilen her bir nobatdaky bloguň düzümine öň ýanynda ky blogyň heş-jemi (onda saklanýan pul amallarynyň jemi möçberi) girizilýär. Şeýlelikde, bir blokda ky heş-möçberi üýtgetjek bolsaň, ondan öňdäkilere we soň ky lara-da hökman şol üýtgemäni girizmeli bolýar. Mundan başga-da, şol heş-möçberleriň ähli si takyk bellenen kadalara laýyklykda işlenip düzülýär, olary galplaşdyrmak ýa-da emeli ýasamak juda kyndyr we gymmatdyr. Aýry-aýry wirtual aktiw ulgamlarynda başga düzgün-tertip hem hereket edip biler, emma şol düzgünleriň hemmesine-de ýokary derejede çylşyrymlylyk mah sus dyr, şol sebäpden hem olary galplaşdyryp bolmaýar. 

Kriptopulda amala aşyrylan geçirimleri yzyna gaýtaryp bolmaýar, ýagny şeýle geçirimi hiç kim baglap, jedel astyna alyp, gaýtaryp bilmeýär. Geçirimi etmek üçin ýörite elektron açar (şahsy elektron parol) talap edilýär, ol bolmasa pul geçirimi edilmez. Emma kä ýagdaýda geleşige gatnaşýan taraplar özara ylalaşmak esasynda özüniň walýuta gapjyklaryny girew serişdesi hökmünde wagtlaýyn baglap ýa-da goşma ça araçy bolup çykyş etmeli üçünji tarapy geleşige çekip bilýärler, şunda geleşigi tamamlamak üçin oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň (ýa-da olaryň bellenen sanyndan az bolmadyk böleginiň) razylygynyň bolmagy hökmany şertdir. 

Kriptowalýuta diýip özüniň düýp manysynda sanly ýa-da wirtual puluň islendik görnüşine aýdyp bolar. Onuň çäklerinde amala aşyrylýan pul tranzaksiýalaryny gizlin saklamak maksady bilen çylşyrymly şifrleşdirmeleri (kriptografiýa tärlerini) peýdalanýarlar. Kriptowalýutalary dolanyşyga goýbermek ýa-da düzgünleşdirmek meselelerine garaýan we bu ugurda çözgüt çykarýan merkezleşdirilen edara ýokdur. Tranzaksiýalary ýazga geçirmek we täze pul birliklerini çykarmak üçin merkezleşdirilmedik ulgamdan peýdalanýarlar. 

Başgaça aýdanyňda, bu sanly binýatda işleýän töleg ulgamydyr. Ulgama gatnaşýanlar deň hukuklara eýedir, olaryň her biri islendik wagtda, islendik ýerden tölegleri iberip ýa-da alyp bilýändir. Şeýle tölegler diňe sanly maglumatlar görnüşinde onlaýn-maglumat binýadynda saklanylýar, şol maglumatlar takyk bellenen tranzaksiýalar baradaky habarlary özünde saklaýar. Nagt pulda amala aşyrylýan alyş-çalyşlar mu ňa degişli däldir. Pul serişdeleri geçirilende, tranzaksi ýa baradaky maglumatlar açyk sanawa ýazylýar. 

Kriptowalýutanyň pul birliklerini (şaýylary) döretmek işine «maýning» diýilýär. Kanuna ýüzleneliň: «Maýning — üznüksiz elektrik üpjünçiligi talap ed- 20 ýän, ulanyjylaryň arasynda ýerine ýetirilýän amallar barada maglumaty paýlanan reýestre (öňünden kesgitlenen düzgünlere we ýörelgelere laýyklyk da) girizmek bilen, tranzaksiýa bloklarynyň (blokçeýn) reýestriniň işlemegini üpjün edýän programma-tehniki serişdeleri ulanmak arkaly hasaplaýyş amallaryny ýerine ýetirmek babatyndaky işdir. Maýning paýlanan reýestrde ýerine ýetiren amallary tassyklandygy üçin sylag hökmünde maýningi amala aşyrýan şahsyň eýeçiligine gelip düşýän wirtual aktiwiň döredilmegi bilen ugurdaşlykda bolup biler». Şu maksat bilen kompýuterleriň hasaplama kuwwatlyklaryndan peýdalanýarlar. Kompýuter çylşyrymly matematiki meseleleri çözýär, netijede ulgam täze kriptoşaýylary döredýär. Peýdalanyjylar kriptowalýutany brokerlerden hem satyn alyp bilýärler, soň ony saklamak we sowmak üçin kriptogapjyklardan peýdalanmaly bolýar. 

Şeýlelikde, wirtual aktiw maddy obýekt däl-de, elektron açardyr, ol tranzaksiýa ýa-da kriptoölçeg birligi baradaky maglumat ýazgysyny (üçünji ara çy tarapa ýüz tutmazdan) bir şahsdan beýleki şahsa geçirmäge mümkinçilik berýär. 

Blokçeýýn tehnologiýasyny amaly taýdan peýdalanmagyň tärleri günsaýyn özgerip, kämilleşýär. Häzirki döwürde dünýäde wirtual aktiwleriň müňler çe görnüşleri bellidir. Wirtual aktiwler bilen bagly işleriň ýokary derejede töwekgelçiliklidigini bellemek gerek. Şeýle töwekgelçilikler wirtual aktiwleriň haky ky önümçilikden üzňe däldigi, olaryň döredilme gi ýokary maliýe we energiýa serişdeleriniň talap edýändigi, köplenç döwlet tarapyndan ujypsyz az derejede ýa-da düýbünden düzgünleşdirilmeýänligi bilen bag lydyr. 

Bu ugurdaky döwlet düzgünleşdirmesi ygtybarly we düýpli esasda ýola goýlan ýagdaýynda, wirtual aktiwler ygtybarly dolanyşyk we toplaýyş serişde si hökmünde çykyş edip, geljekde ykdysadyýetiň ösmegine mynasyp goşant goşup biljekdigini hünärmenler belleýärler. Şunuň bilen baglylykda, täze kanunda wirtual aktiwleriň dolanyşygynyň aýratynlyklary, wirtual aktiwler çygrynda işiň döwlet düzgünleşdirmesi, maýningiň amala aşyrylmagy, wirtual aktiwleriň emissiýasy we (ýa-da) jemagat öňünde ýerleşdirilmegi, wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijiler, kriptobirža, bu ugurda ygtyýarlylandyrylan edaralar we olaryň ygtyýarlyklary, şonuň ýaly-da wirtual aktiwler çygrynda mahabat ýaly möhüm ugurlar boýunça takyk kesgitlemeler we kadalar bellenilendir. 

Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli sanly özgertmeleriň baş maksady milli ykdysadyýe ti hemmetaraplaýyn sanlylaşdyrmakdan, ýurdumy zy dünýäniň öňdebaryjy sanly döwletleriniň hatary na goşmakdan, elektron senagatyny ýola goýmakdan hem-de ösdürmekden, adam maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna esaslanýan, ösen bazar ykdysadyýetini kemala getirmekden ybaratdyr. Bu wezipele ri üstünlikli amal etmekde döwrebap derejede bilim alan, ýokary taýýarlykly ýaş hünärmenlere uly ynam bag lanylýar. 

Ýaşlara berilýän bilimiň dünýä ölçeglerine laýyklygynyň gazanylmagy, olaryň ökde hünärmenler bolup ýetişmegi köp babatynda bilim bilen önümçiligiň ýakyn dan utgaşdyrylmagyna bagly bolup durýar. Sanly tehnologiýalar we sanlylaşdyrmak meýilleri, sanly iş endikleri, sanly medeniýet we sowat bilen bagly özbaşdak dersiň işlenip taýýarlanylmagy we ýurdumyzyň ykdysady ugurly hünär okuwy mekdeplerin de okadylmagy bu ugurda oňyn öňegidişligi gazanma ga itergi berip biler. Munuň özi, beýleki okuw derslerinde bolşy ýaly, täze okuw kitaplarynyň, okuw meýilnamalarynyň işlenip düzülmegini, ýörite şu ugurdan okatjak professor-mugallymlar düzüminiň kema la getirilmegini talap edýär. Şeýle çemeleşme döw rüň ösen tehniki mümkinçiliklerinden baş çykarýan, täzeçe, döredijilikli pikirlenmegi başarýan hünärmenleri terbiýeläp ýetişdirmäge oňyn şertleri döreder. 

Häzirki döwürde dünýäniň dürli ýurtlarynda, şol sanda Merkezi Aziýa döwletlerinde wirtual aktiwle ri peýdalanmagyň kanunçylyk, maliýe-ykdysady, tehnologik esaslary berkidilýär. Wirtual aktiwler bilen bag lanyşykly hünärmenleri taýýarlamak üçin ze rur bolan şertleriň döredilmegi ykdysadyýetiň hem me pudaklarynyň kadaly işlemegini we üstünlikli ösmegini gazanmagyň şerti, öňegidişlikli döwrümiziň aýrylmaz talaby bolup durýar.

Edebiýat: 

1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda. - A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2018. 

2. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumy zy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy». - A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2022. 

3. «Türkmenistanda 2026-2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy». – Aşgabat, 2025. 

4. «Türkmenistan» gazeti. 2025-nji ýylyň 24-nji maýy. 5. «Türkmenistan» gazeti. 2025-nji ýylyň 28-nji noýabry