BÜTIN DÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNA AGZA BOLMAGYŇ TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADYÝETINI DURNUKLY ÖSDÜRMEKDÄKI ÄHMIÝETI

BÜTIN DÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNA AGZA BOLMAGYŇ TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADYÝETINI DURNUKLY ÖSDÜRMEKDÄKI ÄHMIÝETI 

Yl­ham­ÝA­RA­ŞOW,

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Bütin dünýä söwda guramasy bilen hyzmat daşlyk bölüminiň başlygynyň w.ý.ý., ykdysady ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgär 

  Makalada Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmagynyň ykdysady taýdan getirip biljek bähbitli jähtlerine garalýar, şunda bu abraýly guramanyň düzüminde bolmaklygyň ýurdumyzy ykdysady taýdan ilerlikli ösdürmekde hem-de onuň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmakda açýan oňyn mümkinçiliklerini öwrenmek meselesine aýratyn ähmiýet berilýär. GDA-nyň beýleki döwletlerinde toplanan tejribe boýunça resmi hasabatlara salgylanmak bilen, BSG-niň düzümine girmeklik söwda işlerine köpugurlylyk häsiýetini berip, daşary ýurt maýalaryny has giňden çekmäge we institusional özgertmeleri netijeli durmuşa geçirmäge itergi berýändigini aýtmak bolar. Şeýle agzalygyň has düýpli bähbitleriniň hatarynda bazarlara çykmakda has giň mümkinçilikleri açýandygyny, söwda işleriniň öňündäki böwetleri azaldýandygyny, içerki ykdysady we söwda syýasatyny kämilleşdirmäge itergi berýändigini bellemek bolar. Munuň özi jemi içerki önümiň (JIÖ) möçberiniň durnukly artmagyna, eksportyň göwrüminiň ýokarlanmagyna alyp barýar. 

  2022-nji ýylyň fewralynda Türkmenistana BSG-niň düzümine agzalyga dalaşgäriň derejesi berlip, BSG-niň Sekretariatynyň çäklerinde degişli Iş topary döredildi. Guramanyň agzalygy ýurdumyza bütindünýä söwda giňişligine sazlaşykly goşulyşmaga strategik ähmiýetli mümkinçilikleri döredip, amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ileri tutulýan durnukly ösüş maksatlaryna has doly kybap gelmegini üpjün edýär. 

  Bu abraýly guramanyň düzümine agzalyk öňegidişlikli özgertmeleri durmuşa geçirmäge, hususan-da, hyzmatlar we maýa goýum syýasatyny erkinleşdirmäge düýpli höweslendirmeleri öňe çykarýar. 1995-nji ýyldan bäri döwürde BSG-niň düzümine giren ýurtlar boýunça maglumatlaryň seljermesine görä, dürli harytlaryň täze bazarlara eksport edilýän möçberi ep-esli artyp, şol bir wagtyň özünde çekilen daşary ýurt göni maýalaryň göwrümi düýpli köpelipdir. Bu ýagdaýy BSG-niň düzüminde kemsitmeleriň ähli görnüşleriniň doly gadagan edilendigi bilen baglanyşdyrmak bolar. 

  Ýokarda ady agzalan bähbitli taraplaryň arasynda, hususan-da, söwda syýasatynyň has köp derejede deslapdan çaklanyp bilinýändigini, ýüze çykýan jedelleri çözmek üçin niýetlenen mehanizmleriň elýeterli edilýändigini, söwda böwetleriniň azaldylýandyny görkezmek bolar. Bu oňyn şertler ykdysady goşulyşma we bütindünýä bäsdeşlik hadysalarynyň güýjemegine alyp barýar. Diýmek, BSG-niň düzümine agzalyk ýurduň içeri syýasatyny we edara ediş institutlaryny düýpli pugtalandyrmakda gurluş taýdan berk we kämil binýat bolup çykyş edýär, munuň özi bolsa halkara derejede harytlary we hyzmatlary netijeli alyşmagyň möhüm şertidir. 

  BSG-niň çäklerinde bellenilen düzgün-kadalar uly möçberli uglewodorod gorlaryna eýe bolan ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetiniň oňaýsyz täsirlerine durnukly bolmak ukybyny pugtalandyrýar, şeýle-de Hytaý, Russiýa Federasiýasy bilen köpýyllyk, deňhukukly söwda gatnaşyklaryny üpjün etmekde möhüm orny tutýar. Munuň özi köptaraplaýyn söwda ulgamynyň ykdysady ösüş üçin näderejede ähmiýetlidigini görkezýär. 

  Muňa garamazdan, BSG-niň düzümine agzalygyň öz-özünden köpugurly ösüşiň kepili bolup durmaýandygyny bellemek gerek. Bu aýdylanlar, aýratyn-da, ykdysadyýeti çig mallary satmak bilen bagly ýurtlar babatynda ähmiýetlidir, munuň şeýledigini beýleki ösüp barýan döwletleriň toplan tejribesi doly tassyklaýar. BSG-niň düzgün-kadalary tarapyndan üpjün edilýän durnuklylyk Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň netijeliligini we öndürijiligini esli derejede artdyryp, ýurdumyzyň bütindünýä söwda gatnaşyklary ulgamyna has çuňdan hem-de sazlaşykly aralaşmagyna alyp barar. 

  2025-nji ýylyň sentýabr aýy ýagdaýyna BSG-niň düzümine agza-ýurtlaryň 166-sy girýär. Gurama päsgelçilikleri aradan aýyrmaga we söwdanyň ýagdaýyny deslapdan çaklamaga mümkinçilik berýän kadalara esaslanýan mehanizmleri peýdalanmak arkaly erkin söwdany goldaýar. Dünýäniň ösüp gelýän ýurtlaryna, şol sanda Türkmenistana BSG-niň düzümine agza bolmaklyk halkara bazarlara girmegi ýeňilleşdirýär we ykdysady gatnaşyklary erkinleşdirmegiň esasynda ilerlikli ösüşi höweslendirýär. 

  Аlymlar tarapyndan geçirilen giňişleýin ylmy barlaglar BSG-niň düzümine agzalygyň ykdysady görkezijilere, aýratyn-da geçiş tapgyryndaky ykdysadyýetleriň ösüş görkezijilerine oňyn täsir ýetirýändigini görkezýär. GDA-nyň ýurtlarynyň ösüş ýoluna geçirilen seljermäniň netijeleri gatyşykly häsiýetde bolandygyna garamazdan, olary özara birleşdirýän meýilleriň bardygyny bellemek gerek. Meselem, grawitasiýa modelini peýdalanmak bilen alnyp barylýan tejribe-synag (empirik) seljermeleri BSG-niň düzümine agzalygyň dünýä hyzmatdaşla ry bilen söwda gatnaşyklarynyň artmagyna sebäp bolýandygyny görkezýär. Ermenistan we beýleki döwletler bu abraýly gurama goşulyşandan soň sebit we dünýä derejelerinde söwda gatnaşyklaryny ep-esli artdyrmagy başardylar. Russiýa we Gyrgyzystan döwletleri BSG-niň düzümine girenden soňky döwürde özüniň söwda işlerini, esasan, GDA-nyň çäklerinden daşardaky bazarlara gönükdirdiler. Munuň özi BSG-ä agzalygyň söwdany köpugurly esasda ýola goýmaga ýakyndan ýardam berýändigini tassyklaýar. 

BSG-niň düzümine 2015-nji ýylda giren Gazagystan döwleti özüniň bu gurama agzalygyny daşary ýurt maýasyny çekmegiň, energetika we oba hojalyk ugurly institutlaryny düýpli döwrebaplaşdyrmagyň işjeň guraly hökmünde netijeli peýdalandy. Täjigistan döwleti BSG-ä 2013-nji ýylda goşulyşandan soň, halkara 15 bazarlara elýeterligiň özi üçin has giňeldilmegini gazandy. Muňa garamazdan, bu ýurt özüniň milli eksportynyň haryt çäklendirmelerine sezewar bolýar. Wýetnam döwletine 2007-nji ýylda BSG-niň düzümine agza bolanyndan soň dünýä söwda giňişligine netijeli goşulyşmak başartdy: ýurduň obasenagat eksporty ýokary depginde ösdi, netijeli alnyp barlan institusional özgertmeler ýurduň maýa goýum özüneçekijiligini ýokarlandyrdy. 

Baier we Bergstrand (2007ý.) tarapyndan geçirilen seljerme barlaglarynyň görkezişi ýaly, köptaraplaýyn söwda ylalaşyklaryna gatnaşmaklyk döwletara söwdanyň göwrüminiň 40–60%-e çenli artmagyna getirip biler. Subramanian hem-de Wei (2007ý.) tarapyndan alnyp barlan derňew barlagynyň netijeleri hem muny doly tassyklaýar, ýagny olar BSG-niň düzüminde agzalygyň ösüp gelýän ýurtlarda eksportyň güýçli ösmegine oňyn täsir edýändigini tassyklady. 

GDA-nyň ýurtlary babatynda Shepotylo we Tarr ýaly alymlar tarapyndan (2012ý.) geçirilen barlaglaryň jemi boýunça, BSG-ä agzalygyň ýokary goşulan gymmatly harytlaryň eksportynyň ösmegine we söwda akymlarynyň dürlüleşmegine itergi berýändigi anyklanyldy. Şeýlelikde, grawitasiýa modeli nukdaýnazaryndan alanyňda, BSG-niň düzümine goşulyşma gy Türkmenistan üçin-de diňe bir GDA ýa-da beýleki sebit derejeli birleşmeleriniň çäklerinde däl, eýsem bütindünýä derejesindede özüniň söwda gatnaşyklaryny yzygiderli giňeltmäge oňyn mümkinçilikleri açýar. 

BSG-niň düzümine goşulyşmak Türkmenistana «aňrybaş amatly iş düzgünlerini» elýeterli edýän hukuk derejesini bermek bilen, bu abraýly gurama agza-ýurtlaryň 166-synyň bazarlaryna iň amatly şertlerde, hiç bir kemsitmelere ýol bermesiz çykmaga mümkinçilik döredýär. Munuň özi ýurdumyzyň milli eksportyny diňe uglewodorodlara esaslanmak bilen çäklenmän, beýleki pudaklaryň hasabyna-da artdyrmaga, onuň gurluş düzümini köpugurlylyk esasynda ösdürmäge mümkinçilik berer. Oňyn iş tejribesine esaslanýan maglumatlardan görnüşi ýaly, BSG-niň düzgün-kadalarynyň pugta berjaý edilmegi jemi içerki önümiň hem-de milli eksportyň göwrüminiň köpelmegine itergi berýär. Türkmenistan babatynda bu ýagdaý ikitaraplaýyn ylalaşyklara garaşlylygyň peselmegine, söwda gatnaşyklarynyň durnuklaşmagyna ýardam bermek bilen, hususy bölegiň halkara üpjünçilik zynjyrlaryna netijeli goşulyşmagyna ýardam berer. 

BSG-niň düzümine agzalyk maýa goýum syýasaty giňişliginde kemsitmeleriň islendik görnüşini aradan aýryp, Türkmenistanyň hyzmatlar we önümçilik ýaly çig mala daýanmaýan pudaklaryna daşary ýurt göni maýa goýumlarynyň netijeli çekilmegine oňyn mümkinçilik döreder. Munuň özi infrastrukturanyň elýeterliligini artdyrar, öňdebaryjy halkara hünärmenleri we bilermenleri işe çekmäge giň ýol açar, ýokary öndürijilikli tehnologiýalary ýaýratmak hem-de iş başarnyklaryny ösdürmek arkaly ykdysadyýeti düýpli döwrebaplaşdyrmaga şert döreder. GDA-nyň döwletlerinde toplanan oňyn tejribeden görnüşi ýaly, BSG-niň düzümine agzalyk daşary ýurt göni maýa goýumlarynyň çekilişini artdyrýar, olar bolsa öz nobatynda, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hasabyna umumy ykdysady ösüşe goşmaça tizlik berýär. Mundan başga-da, agzalyga girmegiň düzgün-kadalary hyzmatlar, maliýe we oba hojalyk ýaly ulgamlarda hereket edýän kanunçylygyň täzeden gözden geçirilmegini öz içine alýar. BSG-niň çäginde intellektual eýeçiligiň goralyşynyň pugtalandyrylmagy maýadarlaryň ynamyny artdyrmak bilen, innowasiýalaryň we eksporta ugrukdyrylan pudaklaryň pajarlap ösmegine itergi berer. 

BSG-niň çäklerinde bellenilen borçnamalar dolandyryş işiniň aç-açanlygyny üpjün etmäge, düýpli päsgelçilikleri azaltmaga, iş gurşawyny has-da gowulandyrmaga ýardam berýär. Munuň özi institusional esaslaryň döwrebaplaşdyrylmagyna, kanunçylyk ulgamynyň hil taýdan kämilleşdirilmegine alyp barýar. Şeýle hem ösüp gelýän ýurtlar babatynda hereket edýän aýratyn we aýry-aýry ugurlar boýunça jikme-jik bölünen (differensirlenen) iş düzgünleriniň bolmagy olara zerur bolan tehniki goldawyň berilmegini üpjün edýär we artykmaç maliýe çykdajylary etmezden düýpli özgertmeleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. 

BSG-niň düzümine agzalygyň ýokarda görkezilen bähbitli taraplarynyň bardygyna garamazdan, institusional özgertmelere uýgunlaşmak bilen bagly goşmaça çykdajylaryň, şeýle-de goragly pudaklaryň işinde gysga möhletli bökdençlikleriň ýüze çykmagyna eltip bilýändigini hem bellemek gerek. Käbir ýagdaýlarda özara gepleşikleriň düzümine «BSG+» borçnamalary hem girizilip bilner, olar giňişleýin geçiş döwürlerini üpjün etmegiň hatyrasyna strategik çemeleşmeleri talap edýär. Gazagystanyň bu ugurda toplan oňyn iş tejribesi BSG-niň düzümine girmegiň başlangyç tapgyrynda söwda işlerini alyp barmakda aýry-aý ry kadadan çykmalaryň ýüze çykýandygyny görkezip, degişlilikde goşmaça çäreleriň zerurlygyny nygtaýar. 

Türkmenistan üçin BSG-niň düzümine agza bolmaklyk söwda ýaýrawyny giňeltmegiň, daşary ýurt maýasynyň çekilişini artdyrmagyň we ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna öňegidişlikli ykdysady ösüşi gazanmaga giň mümkinçilikleri açýar. Sebit hyzmatdaşlarynyň toplan iş tejribesine bil baglamak hem-de gepleşiklere strategik esasda çemeleşmek arkaly Türkmenistan durnukly ösüşi gazanmakda özi üçin täze, oňyn mümkinçilikleri açyp biler. Geljekki ylmy barlaglar BSG-niň düzümine goşulyşmakda gazanylýan düýpli öňegidişlikleri pugta nazara almalydyr, munuň özi alnan düýpli bähbitleri seljermek we mukdar taýdan bahalandyrmak üçin möhüm bolar. 

Edebiýat: 

1. Baier, S. L., Bergstrand, J. H. (2007). Do free trade agreements actually increase members' international trade? Journal of International Economics, 71(1), 72–95. https://doi.org/10.1016/j. jinteco.2006.02.005; 

2. Subramanian, A., Wei, S.-J. (2007). The WTO promotes trade, strongly but unevenly. Journal of International Economics, 72(1), 151–175. https://doi.org/10.1016/j.jinteco.2006.07.007; 

3. Shepotylo, O., Tarr, D. (2012). Impact of WTO Accession and the Customs Union on the Bound Tariff Rates of the Russian Federation. World Bank Policy Research Working Paper. 

4. Official website of World Trade Organization, www.wto.org 

5. Official website of World Bank, www.worldbank.org 

6. Official website of Inernational Monetary Fund, www.imf.org 

7. Official website of United Nations Conference on Trade and Development www.unctad.org 

8. Davit G. Tarr, Giorgio Barba Navaretti, Handbook of Trade Policy and WTO Accession for Development in Russia and the CIS, World Bank Institute.