«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
Puluň gelip çykyşy we mazmuny
Halkara guramalaryň ösüş taryhy
Dolandyryş hasabynyň döreýiş taryhy
Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi
“Telekeçilik işi” adalgasynyň düýp mazmuny
Töleg ulgamlarynyň emele gelmeginiň we ösüşiniň tapgyrlary
Elektron pullaryň esasy häsiýetnamalary, olaryň görnüşleri we düýp manysy
Auditiň mazmuny, maksatlary we wezipeleri
Maliýe, onuň mazmuny we wezipeleri
Maliýe ulgamy
Pul we onuň ýerine ýetirýän wezipeleri
Ykdysady ösüş we onuň görnüşleri
Gatnaşyklary ösdüren kerwen ýollary
Türkmenistanda irki döwletleriň we Beýik Seljuk türkmen döwletiniň maliýesi
Bazar ykdysadyýetiniň türkmen milli nusgasy
Karz, onuň mazmuny we ony guramagyň ýörelgeleri
Türkmenistanda eýeçilik gatnaşyklarynyň kämilleşdirilişi
Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde pul hakynda
Ykdysady taglymatlaryň taryhy döwürleri
Buhgalter hasabynyň taryhynyň döremeginiň esaslary
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Puluň ýüze çykyş taryhy
Birža düşünjesi we onuň döreýiş taryhy
Gazna biržalarynyň emele geliş taryhy
Fýuçers söwdalarynyň taryhy we ýüze çykmagynyň sebäpleri.
Dünýä pulunyň wezipesi
Fond biržalarynyň emele geliş taryhy
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Nusaýyň senetçilik we söwda merkezleri
Statistikanyň taryhy
Seljuklaryň altyn teňňeleri
Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy
Bütindünýä bank topary
Türkmenistanda irki döwletleriň we Beýik Seljuk türkmen döwletiniň maliýesi


Biz örän ir – 5 müň ýyl mundan öň, Oguz han döwründe türkmen döwletiniň emele gelmegi bilen, maliýe gatnaşyklarynyň ýüze çykanlygyny bellemelidiris. Oguz hanyň sansyz mukdarda gaznalary (dürli), emlägi we mallary bardy. «Mal» sözi türki halklarda şol döwürlerde-de baýlyk manysyny beripdir. Emma ol döwürde pul gatnaşyklarynyň bolanlygy barada bizde ýeterlik maglumatlar ýok. 13 Soňra türkmenler dünýäde jemi 70-den gowrak döwleti döredipdirler. Ol döwletler diňe bir Türkmenistany däl, başga-da birgiden sebitleri, halklary öz içine alypdyr. Käte Türkmenistanyň özi-de başga döwletleriň düzümine giripdir. Türkmenler, mysal üçin, Osman imperiýasynyň esasyny emele getiripdir. Bu döwletde maliýe gatnaşyklary ýokary derejede ösüpdir. Biz hut öz ýurdumyzda dörän, dünýä siwilizasiýasynda uly orun alan döwletleriň maliýesiniň taryhyndan azda-kände söz açmakçy. Günorta Türkmenistanda öz döwründe kuwwatly Rim imperiýasy bilen bäsleşen Parfiýa döwleti döräpdir. Onuň iň kuwwatly, ösen döwri biziň eýýamymyzyň birinji asyryna degişlidir. Döwlet ösen derejede bolup, ol pul görnüşinde salgytlary toplap, öz gaznasyny baýlaşdyrypdyr. Mysal üçin, gara syýa bilen küýze döwükleriniň ýüzüne ýazylan hatlarda döwletiň peýdasyna üzümçilikden alnan salgytlar barasynda ýazgylar bar. Dolanyşykda pul ägirt uly hyzmat edipdir. Nusaý şäherinde teňňeler zikgelenipdir, meselem, şa Mitridatyň adyna çykarylan kümüş drahmanyň bir ýüzünde şanyň suraty, arka tarapynda bolsa häkimiýet nyşany bolan ok-ýaýyň täze hökümdara gowşurylyşy görkezilýär. Mundan başga-da, basybalyjylykly uruşlar netijesinde Parfiýa gaznasynyň üsti ýetirilipdir. Indi bolsa, biziň ýurdumyzyň çäklerinde emele gelen, hut öz halkymyzyň erki bilen döredilen Beýik Seljuk türkmen döwletiniň maliýesi barada durup geçeliň. Orta asyrlar taryhynda iňňän möhüm orun eýelän Seljuk dowleti Gündogarda ägirt uly çägi öz içine alypdyr. Mysal üçin, Seljuk döwletiniň iň ýokary kuwwatyna ýeten wagty, Mälik şa döwründe bu döwlet demirgazyk Hytaýdan (Kaşgar) başlap, Müsüre, Kiçi Aziýa, Kawkaza çenli bolan aralygy öz içine alýar, Günbatarda kuwwatly Wizantiýa imperiýasy oňa paç töläpdir, köp döwletler oňa garaşly ýagdaýda bolupdyr. 1055-nji ýylyň aýagynda Togrulbegiň goşuny Bagdada giripdir, Halyf onuň adyna hutba okapdyr. Seljuk döwleti ägirt uly, aşa ýokary derejedäki döwlet bolupdyr. Şol döwletiň çäklerinde häzirki wagtda ençeme ýüz million adam ýaşaýar. Ol birtopar ýurtlary öz içine alypdyr. Şol ägirt uly çägi dolandyrmak üçin uly edara ediş sungaty gerek hem-de döwlet diwany, salgyt ulgamy zerurdyr. Seljuk hökümdarlygy bilen olara garaşly bolan sähra taýpalarynyň 14 arasynda ýokary derejede gatnaşyk bolup, öri meýdanlaryna döwlet eýeçiligi bolupdyr. Harby gulluk edýänlere döwlet öri meýdanyny, ýer we suwy beripdir. Göçme taýpalar ýer, suw we öri meýdanlar üçin salgyt töläpdirler. Horasanda ýaşaýan türkmen taýpalary döwlete gara öýleriň ýa- -da jaýlarynyň sanyna görä salgyt töläpdirler. Her bir tiräniň özüniň tagmasy, öri meýdanlary bolupdyr. Öri meýdanlary üçin salgyt şeýle tertipde: mysal üçin, 100 ene maldan biri (käte pul bilen) alnypdyr. Göçme taýpalar käte ekin ekip gün görüpdirler. Gündogar Seljuk imperiýasynda ekerançylyk bilen meşgullanýanlaryň köpüsi hyraç we hüşür görnüşinde girdejiniň ondan birini töläpdirler. Salgytlar jykyr bilen suwarylýan ýerlerden alnypdyr. Salgyt töleýjiler feodal hem-de baý daýhan bolupdyr. Mülk eýeleri bolup durýan iri ýer eýelerini salgytdan boşadypdyrlar. Din wekilleri, şol sanda seýitler, hojalar, şyhlar salgyt ýeňilliginden peýdalanypdyrlar. Hyrajyň üç görnüşi hereket edipdir: 1. Ýeriň her ölçeginde. 2. Hasyllylygyň möçberine bagly (Mukasama). 3. Hemişelik (Mukata, Mawerennahr), iki öküz bilen sürülýän ýere bagly (Džüft-i gaw). Eýranda bolsa bir günde iki öküzde sürülýän ýer üçin salgyt tölemegiň birligi bolupdyr. Umuman, şerigat tarapyndan kesgitlenilen salgytlar (Rusum) hem-de adatdan daşary salgytlar (kysmat) girizilipdir. Salgytlar, adatça, önüm (mahsulat) hem-de gymmatlaýyn pul (nagt), käte ikisi garyşyk görnüşinde alnypdyr. Pul görnüşinde alynýan esasy salgyda MAL diýip at berlipdir (С. Г. Агаджанов. Государство селджукидов и Средняя Азия в XI–XII веках, с. 141). Maliýe adalgasy (termini) şondan gelip çykypdyr. Seljuk döwletlerinde ýene-de bir giň orun alan salgyda «mu-amala» diýlipdir. Bu, megerem, kärende haky bilen kybapdaş bolsa gerek. Ol, esasanam, döwlet eýeçiligindäki hem-de şa mülkündäki ýerlerden alnypdyr. Käte adatdan daşary salgytlar ulanylypdyr. Oňa «kysmat» diýip at berlipdir. Tölenmedik salgytlar ýörite «Da-min» tarapyndan emlägini ýazmak bilen bergidara töletdirilip alnypdyr. Salgydy esasy töleýjiler kiçi mülküň eýesi bolan daýhanlar bolupdyrlar. Daýhanlaryň ep-esli bölegi kärendeçi bolupdyr. Şonuň bilen bir hatarda umumy eýeçili- 15 ginde (obşina) ýer we suw bolupdyr. Az ýerli ýa-da ýersiz daýhanlar şa mülkünde, hususy hem-de wakf ýerlerde zähmet çekipdirler. Şol daýhanlara «barzigarlar» diýip at beripdirler. Ýokardaky sanalan salgytlardan başga-da daýhanlar goşmaça, köşgi saklamak üçin dürli salgytlary töläpdirler ýa-da sylag-peşgeş hökmünde «nezir» töläpdirler. Iktalaryň eýelerine tölenýän salgyt hem köp bolupdyr. Ikta – bu seljuk hökümdarlary tarapyndan ýurtlary, şäherleri, obalary patyşanyň neberesiniň agzalaryna, harby taýdan tapawutlanan adamlara berlen mülk. Şol döwürde ikta hökmünde mülk paýlamaklyk giň gerim alýar. Öňler esgerlere zähmet haky hazynadan tölenen bolsa, indi olaryň ygtyýarlygyna berlen ýerden – mülkden alnan girdejilerden hak berlipdir. Mysal üçin, harby esgerleriň ygtyýaryna berlen ýer daýhanlaryň arasynda paýlanypdyr. Şondan alnan salgytlaryň bir bölegi şol iktadaryň girdejisi bolupdyr. Ýa-da şol obadan, etrapdan, welaýatdan toplanýan salgytlaryň bir bölegi iktadaryň girdejisi bolupdyr, ony iktadar öz raýatlarynyň, ykdysadyýetiň we hojalygyň hajatlary üçin harçlapdyr, bu onuň mülk barada höweslenmegini mundan beýläk-de artdyrypdyr. Çünki raýatlar näçe köp girdeji alsa, şonça-da olaryň töleýän salgytlary köp bolupdyr, bu bolsa iktadaryň girdejisini artdyrypdyr. Iktadar öz gezeginde raýatlaryň güzeranyny gowulandyrmaga, suwaryş ulgamlaryny täzeden gurmaga, kerwensaraýlary, ýollary bejermäge, medresedir, okuw jaýlaryny köpeltmäge, hat-da keselhanalardyr birtopar hammamlary gurmaklyga serişdeler gönükdiripdir. Mysal üçin, Galkynyş bilen Birata etrabynyň aralygyndaky Baýhatyn diýilýän ägirt uly kerwensaraý şol wagtlarda gurlup, öz gözelligini we durkuny şu günlere çenli saklap galypdyr. Iktanyň durmuşa girizilmegi bilen esgerler ilaty talamagyny bes edipdir. Mysal üçin, Mälik şa döwründe 40–47 müň atly esger ikta hökmünde ýer alyp, şondan gelen salgydyň bir bölegini özüne alypdyrlar. Malik şa döwründe ikta hökmünde Siriýa, Ýemen ýaly döwletler öz dinastiýasyndaky uly wezipeli adamlara berlipdir. Iktadar seljuk döwründe döwlet ykdysadyýetiniň we hut tutuş döwletiň berkemegine getiripdir. Emma soňra iktadarlaryň baýlygynyň we kuwwatynyň artmagy olaryň merkezi hökümete garşy feodal-basybalyjylyk meýilleriniň ýüze çykmagyna getiripdir. 16 Bu bolsa soňra feodal hereketleriniň güýjäp, Beýik Seljuk türkmen döwletiniň dargamagyna getiren sebäpleriň biri boldy. Seljuk döwründe türkmenler ýurda köpçülikleýin göçürilip getirilipdir. Mysal üçin, Mary welaýatyna seljuk türkmenleriniň bäş ýüz müň maşgalasy göçürilip getirilip, ol ýerde öň hiç wagt bentlenmedik Murgap derýasyny bentlemek işi başlanýar. Mälik şa alty aýyň içinde 100 müňe golaý işçi toplapdyr. Bişen kerpiçden bent edilip, Murgap oazisi suwlandyrylýar. Welaýatyň oba hojalygy görlüp-eşidilmedik derejede ýokary göterilýär. Murgapda suwaryş ulgamyna gözegçilik etmek üçin on müň adam işläpdir. Seljuk türkmen döwletinde we Orta Gündogarda görnükli şahsyýet – baş wezir Nyzam-Al-Mülkdür. Ol suwaryş desgalarynyň, suwuň adalatly paýlanmagyna aýratyn üns berýär. Ol salgyt ýygnaýanlaryň özleriniň işini göwnejaý alyp barmagyny talap edýär. Mysal üçin, salgyt ýygnaýjylar (amil) kähalatlarda bellenilen derejeden ýokary salgyt alyp raýatlary horlapdyrlar. Bu ýagdaý gozgalaňlaryň turmagyna getiripdir. Şonuň üçin Mälik şa käbir salgytlary ýatyrypdyr. Mälik şa salgyt ulgamyna berk gözegçiligi ýola goýupdyr. Salgyt tölenmän galanda näme edipdirler? Şol tölenmän galan salgytlara (weksel) barat diýlipdir. Käte baratlar puluň deregine aýlyk hökmünde berlipdir. Şol baratlar hat-da bazarda alnyp-satylyp, dolanyşyga girizilipdir. Baratlary ýörite adamlar hem-de (maklerler) tahwildarlar alyp satypdyrlar, olar barat üçin alnan harydyň gymmatyny kesgitläpdirler we satypdyrlar. Ondan düşen pul baratyň eýesine töleg hökmünde berlipdir. Barat weziriň diwanynda ýazylyp çykarylyp, oňa döwletiň möhri basylypdyr (tawki), baratyň ýazgysyny bolsa (çinownikler) kätip ýazypdyr. Möhür wezir tarapyndan basylypdyr. Şeýle görnüşde düzülmedik baratlar kabul edilmändir. Baratyň başga ýüzünde (hawala) bir adamyň başga bir adama bolan bergisi tassyklanypdyr, bu resminama esasynda algy-bergi hasaplaşyk geçirilýär. Seljuk döwletinde iň ýörgünli pul rukniýa dinarlary bolupdyr. Olara elektr dinarlary (altyn we kümüşiň garyşygy) hem diýlipdir. Salgydyň şol dinarlar bilen tölenilmeýän halatlarynda arassa altyn dinardan tölemelidigini salgyt toplaýjylar talap edipdirler, bu närazylyk döredipdir. Seljuk döwletleriniň býujeti nähili bolduka? Bize gelip ýeten çeşmelere görä Mälik şa döwründe imperiýanyň ýyllyk girdejisi 215 17 mln dinara golaýrak bolupdyr. Şu ýerde bu häzirki zaman ölçeglerinden çen tutanyňda, näçeräk bolarka diýen sowal gelip çykýar. Şol döwürde altyn dinarlaryň düzümindäki arassa altyny ortaça üç ýarym gram hasap etsek, onda bir dinaryň gymmaty şu günlerde, takmynan, 35 amerikan dollaryndan gowrak bolardy. Şondan çen tutanyňda Mälik şa döwründe býujetiň girdejisi 7525 mln amerikan dollaryna barabar bolardy, bu häzirki döwrüň nukdaýnazaryndan seredenimizde-de az möçber däl. Mundan başga-da mülklerde toplanylýan salgytlar muňa girmeýär. Býujet aşakdaky ugurlara harçlanypdyr: şol serişdelerden 20 müň mysgal altyn soltanyň köşgüni saklamak üçin harçlanypdyr. Patyşanyň hususy girdejisi şa mülkünden 21000 dinar bolupdyr. Býujetiň ep-esli bölegi döwlet diwanyny saklamak we goşun üçin harçlanypdyr. Mälik şa, ylaýta-da, goşuna köp üns beripdir. Patyşanyň ilkinji gününden başlap goşuna berilýän pul serişdesi 700 müň dinar ýokarlandyrylypdyr. Bu bolsa ony goşunyň mydama goldamagyna getiripdir. Mundan başga-da, ýollary bejermek, köprüler gurmak, kerwensaraýlar, suwaryş desgalary, şäher jaýlary, galalar we berkitmeler, mowzaleýler, metjit, medreseler hem-de beýleki desgalar gurmak üçin harçlanylypdyr. Şonuň ýaly-da ilçihanalar, sylag-serpaýlar üçin serişdeler harçlanypdyr, şeýle hem dini hadymlar, ylym-bilim, sopular, gurhan okaýanlar, şahyrlar we beýlekiler üçin her ýylda 300 müň dinar harçlanypdyr. Seljuk döwletinde salgyt diwany has ösen bolupdyr. Döwletiň girdeji we çykdajy hasabyny, salgyt kadalaryny ýörite diwan – istifa alyp barypdyr. Şol diwanyň ýolbaşçysyna Mustaufy diýip at berilýär. Her bir welaýatda hyrajyň ýygylyş düzgün-kadasy bolupdyr. Istifa diwanynda salgytlaryň sanawy, algy-bergileriň hasaby, kimiň näçe töländiginiň we bergisiniň hasaby ýöredilipdir. Mustaufy üzülmän galan salgyt ýüze çykaýdygy, töleýjiniň emlägini ýa-da hasylyny hasaplap, ony döwletiň hasabyna geçirip bilipdir. Gönüden-göni salgyt almak bilen bolsa, ähli ýerde bellenilen wezipeli adam – amil meşgullanypdyr. Emeldar sözi hem şondan gelip çykan bolsa gerek. Salgytlaryň esasy görnüşi hyraç-zekat bolupdyr. Hüşür jykyr bilen suwarylýan we düme ekilýän ýerleriň hasylynyň ondan biri bolupdyr, käbir tireler her bir öýüň sanyndan ugur alyp, döwlete salgyt töläpdir. 2. Sargyt № 11 18 Tireleriň özüniň çägini alamatlandyrýan öz belligi bolupdyr. Käbirleri öri meýdandan salgyt töläpdir. Şol salgyt mal sürüsinden alnypdyr, ýagny maldarçylyk ýurtlarda şeýle edilipdir. Zekadyň möçberi käbir awtorlaryň aýtmagyna görä, şeýle bolupdyr: 5 maldan birisi, her bir düýeden bir geçi, 10–14 düýä çenli bolsa iki geçi, 25–30 düýeden bir düýe, 40 sany geçiden we goýundan bir geçi ýa-da goýun malyň 120–200 baş sanyndan iki geçi ýa-da goýun, her bir atdan bir dinar alnypdyr (С.Г.Агаджанов. Государство селджукидов и Средняя Азия в XI–XII в в. 193, 268 стр.). Soltan şa mülküniň eýesidir. Ol iň uly ýer eýesi bolup durýar. Ondan soňra patyşa neberesiniň agzalary, şäher we oba feodallary, kiçi mülküň (iň köp ýaýran) eýesi daýhanlar bolupdyr. Mülk mirasdan geçipdir ýa-da satyn alnypdyr. Mysal üçin, taryhçylaryň galdyran maglumatlaryna görä, bir mülküň hasylyndan alnan girdeji 6 müň altyn dinara barabar bolupdyr. Wakf-emlägiň, miras berlen ýeriň ýa- -da okuw jaýy, metjidiň, degirmeniň, kerwensaraýyň we beýlekileriň girdejisi wesýetnama boýunça paýlanypdyr. Hassahana we beýleki wakfy edara edýän adama Mutawelli diýilýär. Seljuklar tarapyndan ilkinji altyn dinar 1041-nji ýylda Nişapur şäherinde Togrul begiň ady bilen çykarylýar. Onuň agramy 3,35 g bolupdyr, pul çykarmaklyk 9 şäherde ýola goýulýar. Ýagny 9 şäherde pul çykarylýan zikgehanalar işe girizilýär. Nişapur, Reý, Hyrat, Yspyhan, Kumm, Hemedan, Ahwaz, Bagdad we Basra. Ýöne soňraky altyn dinarlaryň agramy 3,58–3,80-e çenli artypdyr. Iň uly altyn dinaryň agramy 5,7 g bolupdyr. Şonuň bilen bir wagtda Alp Arslanyň ady bilen kümüş dirhemler çykaryp başlapdyrlar, olaryň agramy 3,09–4,12 g aralygynda bolupdyr. Kümüş çykarylmagynyň azalmagy bilen onuň düzümine mis goşulyp başlanypdyr. Şonuň bilen bir hatarda basylyp alnan ýurtlaryň altyn dinarlary dolanyşykda hem bolupdyr. Seljuk pullarynyň satyn alyjylyk ukyby nähili bolupdyr? Bizde bu barada häzirki wagtda doly maglumat ýok, emma şol wagtlar gytçylyk döwründe, awtorlaryň aýtmagyna görä, Yspyhan bazarynda bir kümüş dirheme bir uly çörek alyp bolýan eken, şu günkä seredeniňde çöregiň bahasy örän gymmat ekeni, aslyýetinde altyn hem uly möçberdäki lomaý alyş-çalşykda ulanylypdyr, ownuk söwdada hümmeti pes bolan ownuk şaýlar ulanylypdyr. Uzak ýerden köp haryt getiren söwdagär öz harydyny zikge 19 kakýana tabşyrýar. Ol şol alnan harytlar barada dilhaty berýär. Şol çeke bolsa haryt satan bakgaldan pul alyp bilýän eken. Soňra Alp Arslan Soltan döwründe dolanyşyga ilkinji gezek elektr dinary (kümüş we altyndan goşulyp) girizilýär. Ýöne onuň 10%-i altyn eken. Elektr dinarlary dolanyşykda altyn dinarlaryň ornuny tutmaly eken, emma elektr dinarlar Gündogar Seljuk döwletiniň çäklerinde köpräk hereket edipdir. Soňra Mälik şa döwründe düzüminde altyn has az bolan dinarlar hem dolanyşykda bolupdyr. Mälik şa ýogalandan soň, bu uly döwleti Soltan Sanjar dolandyrýar. Soltan Sanjar döwründe birnäçe ýeňlişlerden soň Imperiýa pese gaçýar. 1157-nji ýylda ol ýogalandan soň Beýik Seljuk türkmen döwleti dargaýar, emma kiçiräk Seljuk döwletleri ýene-de birnäçe ýyllar dowam edýär.

Taryhy çeşmelerden