«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
Puluň gelip çykyşy we mazmuny
Halkara guramalaryň ösüş taryhy
Dolandyryş hasabynyň döreýiş taryhy
Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi
“Telekeçilik işi” adalgasynyň düýp mazmuny
Töleg ulgamlarynyň emele gelmeginiň we ösüşiniň tapgyrlary
Elektron pullaryň esasy häsiýetnamalary, olaryň görnüşleri we düýp manysy
Auditiň mazmuny, maksatlary we wezipeleri
Maliýe, onuň mazmuny we wezipeleri
Maliýe ulgamy
Pul we onuň ýerine ýetirýän wezipeleri
Ykdysady ösüş we onuň görnüşleri
Gatnaşyklary ösdüren kerwen ýollary
Türkmenistanda irki döwletleriň we Beýik Seljuk türkmen döwletiniň maliýesi
Bazar ykdysadyýetiniň türkmen milli nusgasy
Karz, onuň mazmuny we ony guramagyň ýörelgeleri
Türkmenistanda eýeçilik gatnaşyklarynyň kämilleşdirilişi
Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde pul hakynda
Ykdysady taglymatlaryň taryhy döwürleri
Buhgalter hasabynyň taryhynyň döremeginiň esaslary
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Puluň ýüze çykyş taryhy
Birža düşünjesi we onuň döreýiş taryhy
Gazna biržalarynyň emele geliş taryhy
Fýuçers söwdalarynyň taryhy we ýüze çykmagynyň sebäpleri.
Dünýä pulunyň wezipesi
Fond biržalarynyň emele geliş taryhy
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Nusaýyň senetçilik we söwda merkezleri
Statistikanyň taryhy
Seljuklaryň altyn teňňeleri
Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy
Bütindünýä bank topary
Gatnaşyklary ösdüren kerwen ýollary


Beýik Ýüpek ýoly taryhda uly ähmiýete eýe bolupdyr. Bu ýoluň esasy ugry hökmünde Hytaý — Ýewropa gatnawy kabul edilýän hem bolsa, onuň Ýewraziýany gurşap alan we Afrika barýan şahalary bilen bilelikde, iki sany guryýer we bir deňiz üsti ugruny — bu ýoluň jemi üç ugruny görkezmek bolar. Ýewraziýanyň giňişliginde ýerleşýän ähli obalardyr şäherler biri-birleriniň üsti bilen şol üç ugra çykypdyrlar.

Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bu ýol barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Bu gymmatly eserde Sarahs şäheri barada hem giňişleýin maglumatlar, şeýle-de rowaýatlar getirilýär. Kitabyň bir bölümi «Sarahs bilen Änewiň aralygynda» diýip atlandyryp bu ýol barada: «XI-XII asyrlarda Beýik Seljuk türkmen döwletiniň düzümine gireninden soň, Sarahsyň ösüşleri has-da rowaçlanýar. Hut şu ýerde binagärçilik mekdebi kemala gelýär, onda ýetişen ussalar yslam dünýäsiniň dürli künjeklerinde özleriniň ajaýyp arhitektura ýadygärliklerini galdyrypdyrlar. Şolardan has-da bellileri Sarahs babanyň, Lukman babanyň, Ýartygümmez, Mäne babanyň aramgähleri, Jargürgen minarasy II bölümde belleýşimiz ýaly, Marydaky ady belli Soltan Sanjaryň aramgähi, Sarahsdan Nişapura gidýän ýoluň ugrundaky Rabat-Şeref kerwensaraýy we başgalar. Köne Sarahsyň galasynyň diwarynyň ýanyndaky gonamçylykda Abul-Fazlyň (Sarahs baba) aramgähi hem ýerleşip, munuň özi seljuk arhitekturasynyň iň görnükli nusgalarynyň biridir» diýip bellenilýär.

Dogrudanam, Sarahs ýer ýüzündäki ýurtlardan özüniň hoş howasy bilen tapawutlanypdyr. Halk arasynda aýdylmagyna görä, bu şäheriň ýedi sany derwezesi bolupdyr. Bu ýere dünýä ýurtlaryndan birnäçe söwda kerwenleri gelip, bazarlaryndan islän harytlaryny tapypdyrlar, şeýle-de täjirler bu şäheriň gözelligini dünýäniň çar künjüne ýaýradypdyrlar.

Edebi çeşmelerde «Sarahs», «Serah» görnüşli at ilkinji gezek orta asyryň görnükli arap taryhçylary al Belazuriniň (IX asyr), al-Ýakubynyň (IX asyr), al-Tabariniň (IX-X asyrlar) işlerinde gabat gelýär.

Araplaryň ýörişleri Horasanda we Merkezi Aziýada bolşy ýaly, şol döwürde Sarahsyň hem durmuş-ykdysady, syýasy, medeni taýdan pese düşmegine sebäp bolupdyr. Soňra Horasanda we onuň bilen ýanaşyk ýerlerde Tahyrylar döwletiniň döremegi bilen IX asyryň 30-40-njy ýyllaryndan Sarahsda ykdysady taýdan ýokary göteriliş başlanýar. Şol döwürler Nişapur Gündogar Eýranyň, Merw bolsa, günorta Türkmenistanyň iň iri söwda-ykdysady merkezlerine öwrülýär. Bu iki şäheriň aralygynda Eýrandan Merkezi Aziýa, soň Hindistana we Hytaýa barýan söwda ýolunyň ugrunda ýerleşen Sarahs aýratyn uly ähmiýete eýe bolýar. Şondan soňra Mawerannahrda, Horasanda, Samanylar nesilşalygynyň döwründe, Sarahs hem ykdysady, medeni ösüşiň has ýokary derejelerine ýetýär. Şol döwürlerde Sarahsdan söwda kerwen ýollary dürli taraplara uzalyp gidipdir. Arap taryhçysy al-Makdisi bu ýerde bolan wagtynda Sarahsyň bol harytly bazarlaryň baýdygyna, oňa gelýän daşary ýurtly täjirleriň köpdügine, şeýle hem ýerli ilatyň satuwa çykarýan harytlarynyň boldugyna haýran galyp, şeýle belläpdir: «Sarahs... Horasanyň merkezi, uly bazar ýollarynyň köpüsi şu ýerde birleşýär» diýse, taryh we geografiýa ylymlarynda meşhurlyk gazanan Ýakut Hamawy «Mugjamul — Buldan» («Ýurtlaryň sözlügi») diýen kitabynda Sarahs şäheri barada şeýle maglumatlary beripdir: «Sarahs Horasanyň bir gyrasynda ýerleşýän gadymy we uly şäherleriň biridir. Ol Merw bilen Nişapuryň arasyndaky kerwen ýolunyň üstünde ýerleşendir. Şäheriň mes topragy bolup, onuň töwerekleri köplenç öri meýdan hökmünde ulanylypdyr» diýip belläpdir. Bulardan başga-da, Sarahsyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky ähmiýetli kerwen duralgasy bolandygy barada 1113-1167-nji ýyllar aralygynda Merwde ýaşan taryhçy Abulkerim Semgany «Kitabul-ansab» («Şejere kitaby») atly kitabynda şeýle ýazypdyr: «Halbarzan Sarahsda ýerleşýän obalaryň biridir. Men ol ýerde öz obamyz Zindajana barýarkam we ondan gelýärkäm birnäçe gezek boldum» diýip belläpdir. Şäheriň gülläp ösen döwri VII-XIII asyrlardyr. Onda köpsanly guýular, uly howluly binalar, kerwensaraýlar bolupdyr. Ol ýerde gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan tapyndylaryň içinde keramiki suw geçirijileriň bölekleriniň birnäçesiniň tapylmagy şäheriň keramiki geçirijiler arkaly suw bilen üpjün edilendigi hakyndaky çaklamany öňe sürmäge esas döredýär. Bu ýerdäki ussalar nepis bejerilen dürli aýna, demir we küýze önümlerini ýasamakda hem örän ussat bolupdyrlar.

Taryhda Sarahs şäheri ylym merkezleriniň biri bolupdyr. Bu gadymy şäherde alymlar we akyldarlar gündogar ylmyny we medeniýetini ýokary derejelere göteripdirler. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky Sarahs şäherinde ylym alan, türkmen edebiýatynyň ösmegine saldamly goşant goşan, tanymal alymlarymyzdyr akyldarlarymyz hakynda ylmy çeşmelerde gymmatly maglumatlar berilýär. Olardan Ahmet Sarahsy, Hysrowy Sarahsy, Muhammet Sarahsy, Abu Fazl Sarahsy we başga-da birnäçe meşhur taryhy şahslary mysal getirmek bolar. Ilat arasynda «Sarahs baba» ady bilen tanalan Abu Fazl Sarahsy öz döwrüniň ylym dünýäsinde ussatlygy bilen meşhurlyk gazanypdyr. Orta asyrlarda binagärçilik sungatynyň güýçli depginde ösüp, sarahsly ussalaryň hem şöhratynyň bütin Orta Aziýa giňden ýaýrandygy bellidir. Şol döwürlerde sarahsly ussalar tarapyndan aýratyn binagärçilik mekdebi döredilipdir. Bu binagärçilik mekdebi birnäçe ussatlary ýetişdiripdir. Olaryň döreden binalarynyň biri-de Abu Fazl Sarahsyň ýadygärligidir. «Sarahs baba» diýlip atlandyrylan bu arhitektura ýadygärligi 1023-nji ýylda sarahsly ussalar tarapyndan onuň hormatyna bina edilipdir. Gurluşyň sadalygy, aýdyňlygy, kerpiç örüminiň ýokary derejesi bu desgany Türkmenistanyň gadymy binagärçiliginiň meşhur ýadygärlikleriniň hataryna goşýar. Aby Fazl Sarahsynyň ylymda köp şägirtleri ýetişdirendigi onuň ylymda ussatlygyny subut edýär. Şolaryň biri hem Beýik Seljuk döwletiniň düýbüni tutan Muhammet Togrul bege we Dawut Çagry bege soltanlyk üçin pata beren Abu Seýt ibn Abul Haýrdyr (Mäne baba).

Ibn Hordadbegiň ýazmagyna görä, Sarahs — Merw aralygynda ilkinji duralga Sarahsdan 3 farsah (1 farsah takmynan 7-8 kilometre deň bolupdyr) uzaklykda ýerleşýän Najaryň galasy bolupdyr. Bu ýerde geçirilen ylmy barlaglaryň esasynda, bu duralga Köne Sarahsdan 14 kilometr demirgazykdaky Gökdepäniň ýerleşen ýeri bolupdyr diýip çaklanylýar. Bu ýerdäki ýerleşýän ilatly ýeriň içinden iki sany ýap geçipdir. Ilat şol ýaplaryň suwundan peýdalanypdyr. Galanyň demirgazygynda uly kerwensaraý toplumy ýerleşipdir. Häzirki döwre çenli şol kerwensaraýyň dört burçly howlusy saklanyp galypdyr. Taryhy çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, Najaryň galasynyň ýerinde ilatly ýer VI-VII asyrlarda hem bar eken. Şol döwürde şol ýerde begzadanyň mülki ýerleşipdir. Mülküň ortasynda onuň köşgi bolupdyr. Arheolog G. Adykowyň aýtmagyna görä, Najar şol döwürdäki mülküň eýesiniň ady bolupdyr. Araplaryň ýörişinden soň, kerwen ýolunyň Sarahs — Merw aralygyndan gatnawyň kadaly ýola goýulmagy Najaryň galasynyň ýoluň esasy duralgalarynyň birine öwrülmegine şert döredipdir. IX-X asyrlarda kerwen ýolunyň halkara ähmiýetli ýola öwrülmegi bilen, onuň ugrunda ýerleşýän duralgalar abadanlaşdyrylypdyr. Arap taryhçysy ibn-Hordadbegiň belleýşi ýaly, Sarahs — Merw kerwen ýolunyň Najaryň galasyndan soňky duralgasy 5 farsah uzaklykda ýerleşýän Uşturmagak bolupdyr. Üçünji bir duralga Uşturmagakdan 6 farsah uzaklykda ýerleşýän Tilsitan bolupdyr. Arheologlaryň aýtmaklaryna görä, ol gurluş aýratynlygy boýunça Najaryň galasyna meňzeş bolupdyr. Soňky asyrlarda ony Howuzhangala diýip hem atlandyrypdyrlar. Bu ýerde ýaşaýyş VI-VII asyrlarda ýüze çykyp, XI asyrda uly ölçegli gala we kerwensaraý bina edilipdir. Ýöne XV-XVI asyrlarda bu ýerler ulanyşdan galypdyr.

Beýik Ýüpek ýolunyň Sarahs — Merw aralygyndaky Tilsitandan soňky duralga Daňdanakan bolupdyr. Daňdanakanyň adyna orta asyr ýazarlarynyň köpüsiniň işlerinde duş gelmek bolýar. Arap taryhçysy al-Makdisi: «Daňdanakan — kiçi, berkidilen şäher, onda bir derweze bar. Onda hammam, daşynda bolsa al-Zuhfa meňzeş we Dehistanyň rabatynyň golaýyndaky ýere meňzeş, rabat (rabat —şäher etegi) bar. Ol amatly ýerleşipdir, onda owadan juma metjidi hem bir adaty metjit bar» diýip ýazypdyr. Bu duralga barada Ýakut hem XIII asyryň başlarynda şu maglumatlary ýazyp galdyrypdyr: «Daňdanakan — Merw Şahyjana degişli şäher we ondan 10 farsah uzaklykda çölde ýerleşýär. Häzirki wagtda ýumrulan, onda rabatdan we minaradan başga hiç zat galmandyr. Ol Sarahs bilen Merwiň arasynda ýerleşýär. Men ony gördüm, onuň şäher bolanlygyny görkezip duran diwarlaryndan we owadan ymaratlaryň galyndylaryndan başga hiç zat ýok. Ony çäge basyp ýumrupdyr we ilatyny göçmäge mejbur edipdir».

Şeýle-de bolsa, ol ýerde XV asyra çenli ýaşaýşyň dowam edendigini geçirilen ylmy barlaglar görkezýär.

Sarahs — Merw kerwen ýolunyň iň soňky bäşinji duralgasy Ibn Hordadbegiň ýazmagyna görä, Daňdanakandan 5 farsah gündogarda ýerleşýän Ýanujir bolupdyr. Bu duralgany al-Ýakuby «Genugrid», al-Makdisi «Janujir», Kudami ibn-Jafar bolsa «Ýanujird» diýip atlandyrypdyr.

Ýakut bu duralga barada şeýle ýazypdyr: «Janujird Merwiň obalarynyň biri, ondan 5 farsah uzaklykda ýerleşýär. Ol ýerde Merw — Nişapur ýolunyň birinji kerwen duralgasy bar. Parslar ony «Genugird» diýip atlandyrýarlar. Meniň ol ýerde bolan döwrümde ol uludy, giň bazary, gowy jaýlary, owadan metjidi, üzümleri we bagy bardy. Men ony 614-nji ýylda (milady hasabynda 1217-18 ý) gördüm».

Arheologiki we taryhy maglumatlardan görnüşi ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň Sarahs — Merw aralygy hem iň gatnawly ýol bolupdyr. Bu döwür IX — XIII asyra gabat gelip, bu ugurda ýerleşýän duralgalardyr, kerwensaraýlaryň ilatly ýerleriň sany artyp, ol ýerlerde bazarlar döräpdir. Söwda kerwenleri üçin amatly şertler döredilipdir. Emma Çingiz hanyň çozuşy döwründe Beýik Ýüpek ýolunyň Sarahs — Merw aralygynyň ugrunda ýerleşen köpsanly ululy-kiçili obalar, duralgalar kerwensaraýlar ýumrulypdyr. Horasanda XV asyryň başynda Sarahsyň üstünden geçýän halkara söwda ýolunyň Sarahs — Merw bölegini dikeltmäge synanyşyk edilipdir. Şol maksat bilen ýoluň ilatsyz, boşap galan obalarynda guýular, sardobalar, kerwensaraýlar we başga-da kerpiç we dürli küýze önümleri bişirilýän ýerler gurlup, olar ilatlaşyp başlapdyr.

Orta asyrlar döwründe Beýik Ýüpek ýolunyň Sarahs — Nişapur, Sarahs — Merw ugurlaryndan başga-da Sarahs — Mäne aralygy-da bolupdyr. Ýöne bu aralyk Sarahs — Nişapur, Sarahs — Merw aralyklaryna seredenimizde, birneme gijiräk ýüze çykyp, bu barada X — XV asyrlara degişli ýazuw çeşmelerinde maglumatlara gabat gelip bolýar. Şol maglumatlara görä, irki orta asyrlar döwründe Hyrat we Nişapur tarapdan gelip, Sarahsda düşläp, Abiwerde we Nusaýa ugramakçy bolan kerwenler Sarahs — Merw aralygynyň üsti bilen Daňdanakana baryp, ýoluň ugrundaky uly duralga bolan Mänede durup geçendiklerini bilip bolýar.

Beýik Ýüpek ýolunyň Sarahs — Mäne aralygynyň duralgalary we onuň özi barada ýazuw çeşmelerinde anyk maglumatlar gabat gelmese-de, orta asyr ýazuw çeşmelerinde Horasanda bolup geçen syýasy wakalar, ykdysady we medeni gatnaşyklar bilen baglanyşyklylykda Mäne ýatlanylýar. Sebäbi Mäne demirgazyk Horasanyň belli şäherleriniň biri bolupdyr. Mänede galla bol bolup, Horasany çörek bilen eklän ýerleriň biri hasaplanypdyr.

Ýazuw çeşmelerinden ugur alsak, Beýik Ýüpek ýolunyň Sarahs — Mäne aralygynyň iň gatnawly wagty XI — XII asyrlar bolupdyr.

Geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň ahyrlarynda Mäne obasynda geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda tapylan pil şekilli möhür galyndylarynyň tapylmagy şol döwürlerde Sarahs bilen Mänäniň arasynda medeni gatnaşyklaryň bolandygyndan habar berýär.

Mäne şäheri Nişapur — Sarahs — Abiwerd söwda ýolunyň ugrunda ýerleşip, Nusaýdan, Abiwerdden Sarahsa we Merwe barýan kerwenler ol ýerde düşläp geçipdir diýmäge doly ylmy esaslar bar. Sebäbi orta asyr pars taryhçysy Mahmud Gardizi (1048-1050-nji ýyllar aralygynda ýazan) özüniň «Zeýn al-ahbar» diýen işinde Gaznaly hökümdary Emir Masudyň goşuny bilen 1039-njy ýylyň ýazynda Abiwerdden Mänäniň üsti bilen Sarahsa gelendigini ýazypdyr. Taryhy çeşmelerde bu ýollardan Mäne babanyň öziniň hem birnäçe gezek Sarahsa gelendigi aýdylýar.

Beýik Ýüpek ýolunyň Sarahs — Hyrat aralygy-da gündogar ýurtlarynda Beýik Ýüpek ýolunyň gatnawly ýollarynyň biri hökmünde tanalypdyr. Şol döwrüň belli arap taryhçylarynyň ýazmaklaryna görä, X asyryň ortalarynda bu ýerdäki gatnaw belli bolupdyr. XX asyryň 50-60-njy ýyllarynda Beýik Ýüpek ýolunyň Sarahs — Merw we Sarahs — Nişapur aralyklary G. Adykow we O. Orazow tarapyndan belli bir derejede öwrenilen hem bolsa Sarahs — Hyrat aralygyny öwrenmäge XX asyryň 90-njy ýyllarynda girişilipdir. Bu aralyk Sarahsyň günortasynda, Tejen derýasynyň sag kenar ýakasyndan geçipdir. Ondan Pulhatyn köprüsine çenli derýanyň kenary bilen, gündogar-günorta tarap öwrülip ilki düzlük, soňra dag jülgeleri bilen Hyrada tarap dowam edipdir. Ondan aňyrlygyna barýan kerwen Tejen derýasynyň sag kenarynda ýerleşýän duralgada goş ýazdyrypdyr. Sarahsyň ilaty oňy häzirki wagtda «Şirdepe» diýip atlandyrýar.

Beýik Ýüpek ýolunyň Sarahs — Hyrat kerwen ýolunyň ikinji duralgasy häzirki wagtda «Adamölen» ady bilen belli harabalyk ýerdir. Ýöne XI-XIII asyryň başlarynda bu ýer Şiraz diýlip atlandyrylypdyr. Görnükli arap taryhçysy Ýakut özüniň «Mujam al-buldan» («Ýurtlaryň sözlügi») diýen işinde şular ýaly maglumatlary getirýär: «Şiraz Sarahsyň şähere meňzeş obalarynyň biri. Ikisiniň aralygy düýeler üçin iki günlük ýol. Ol Hyrat ýoly tarapynda ýerleşýär. Onda şowhunly bazar, köp mukdarda ilat hem-de juma metjidi bar. Ýöne onuň ilaty guýy suwuny içýär. Men ol obany gördüm. Onda dürli adamlar, ýagny Muhammet ibn Omar, as Şirazy, Abu-L-Faht as-Sarahsy... dagy önüp-ösüpdir» diýip belleýär. Beýik Ýüpek ýolunyň Sarahs — Hyrat — Merw aralyklary hem iň gatnawly ýollaryň biri bolup, onuň iň şowhunly gatnawly döwri IX asyrdan XIII asyryň 20-nji ýyllaryna çenl dowam edipdir. Bu ýerdäki köp sanly ululy-kiçili obalar, duralgalar Çingiz hanyň basybalyjylykly ýörişi döwründe weýran edilipdir.

Beýik Ýüpek ýolunyň ýene bir duralgasy Sarahs — Merwerud aralygynyň bolsa, haçan dörändigi doly belli däl. Ýöne bu aralyklarda kerwen ýolunyň birnäçe duralgalary bolupdyr. Olar barada IX asyryň görnükli arap taryhçysy we geografiýaçysy al-Ýakuby 891-nji ýylda ýazan «Kitab al-buldan» («Ýurtlaryň kitaby») diýen işinde şeýle maglumat berýär: «Sarhsdan Talkana çenli 4 günlük ýol. Talkan iki uly dagyň aralygynda ýerleşýär, onuň ululygy üçin, onda her anna güni namaz okalýan iki sany juma metjidi bar. Ol ýerde talkan keçeleri taýýarlanýar. Talkandan Farýaba çenli 4 günlük ýol» diýip belläpdir. (Ýöne Hamdallah Kazwininiň ýazmagyna görä, Sarahs — Talkan aralygy 53 farsaha deň bolupdyr. Bu aralygy geçmek üçin bolsa düýeli, eşekli kerwene şol döwürde megerem 8-9 gün gerek bolan bolmaly diýilýär). Arap alymy al-Ýakuby Sarahsdan Talkanyň, Merwerudyň, Farýabyň üsti bilen Balha kerwen ýolunyň bolandygyny tassyklaýar, ýöne ol duralgalar barada agzamaýar.

X asyrda ýaşan görnükli arap syýahatçysy we alymy al-Makdisi özüniň 985-nji ýylda ýazan «Ýurtlara akyl ýetirmek üçin iň gowy bölünişik» («Ahsan at-takasim fi marifat al-akalim») diýen işinde Merweruddan Sarahsa çenli aralygyň 5 günlük ýoldugyny belleýär.

XIV asyryň taryhçysy Hamdallah Kazwini 1340-njy ýylda ýazan «Ýürekleriň eşreti» («Nuzhat al-kulub») diýen işinde al-Ýakubynyň, al-Makdisiniň Sarahs — Merwerud kerwen ýoly barada ýazanlarynyň üstüni anyk maglumatlar bilen ýetiripdir. Onuň ýazmagyna görä, Sarahs — Merwerud aralygynda 6 duralga bolupdyr. Onuň birinji duralgasy Sarahsdan günbatar tarapda ýerleşýän Zafari rabat (rabat- sözi öňem belleýşimiz ýaly daşky şäher, ýa-da şäher etegi) bolupdyr. Ikinji duralga «Mil-i-omari», üçünji duralga «Abu-Nuaým», dördünji duralga «Ab-i-şir», bäşinji «Diz-i-hinda», altynjysy bolsa Merwerud şäheriniň özi bolupdyr. Kazwininiň bellemegine görä, dördünji duralga çenli kerwen ýoly çöllükden we akar suwuň ýok ýerinden gidipdir. Şeýlelikde, Sarahs — Merwerud kerwen ýolunyň köp bölegi çöllügiň içinden geçipdir. Megerem, şondan soň kerwen ýoly Murgaba baran bolmagy mümkin diýilýär. Kazwini ýokarda belleýşimiz ýaly, iki duralganyň atlarynyň öňünden rabat sözüni getirýär. (Olar «Rabat Zafari» we «Rabat Abu-Nuaým») Bular megerem, şol döwür daşy berkidilen kerwensaraýlar bolandyr.

Günorta Türkmenistanyň Abiwerd, Nusaý, Şähryslam, Parow, Dehistan ýaly orta asyr şäherlerinden Merweruda, Balha, ondan aňry Hindistanyň şäherlerine gidýän kerwenler hem Sarahsyň üstünden geçipdir. Balhdan Günorta Türkmenistanyň şäherlerine gaýdýan kerwenlerem Sarahsda düşläpdirler. Bu-da Sarahsyň bazarlaryna diňe bir Hytaýda, arap ýurtlarynda, Ýewropada öndürilen harytlaryň düşmän, eýsem, Hindistanyň we beýleki ýurtlaryň harytlarynyň düşmegine-de şert döredipdir.

Baý­ram­bi­ke TOÝ­LY­ÝE­WA,

TYA-nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Dil, ede­bi­ýat we mil­li

 gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­ty­nyň uly yl­my iş­gä­ri

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/3076